Latin

Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 10

Süzlärneñ gomumi sanı 3060
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1718
29.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
41.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
48.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
nyşandyr. Olaryň teleýaýlym arkaly aýdýan buýsançly
söz­lerini diňlemegem ýakymly:
—Ýurdumyzdaky ýadygärlikleri ýakyndan synlamak,
olar baradaky gyzykly gürrüňleri, rowaýatlary diňlemek,
öten-geçen är-pirleriň ruhuna degsin-töwir etmek köňüllere
nur çaýýar. Hormatly Prezidentimize ýürek arzuwlarymyzy
wysal etmäge döreden mümkinçilikleri üçin buýsanjymyzyň
çägi ýok. Goý, beýik Taňry ony öz penasynda aman saklasyn!...
Ine, olaryň dillerinden çykýan sözler.
Türkmen topragy gadymy ýadygärlikleriň mesgenidir. Geçen müňýyllyklaryň dowamynda biziň taryha baý,
şöhratly halkymyz dünýä medeniýetine we ylmyna uly
goşant goşan halkdyr. Türkmenistan Mesopotamiýa we
Müsür, Hindistan we Hytaý ýaly ýurtlar bilen bir hatarda
dünýä siwilizasiýasynyň bäşinji merkezidir. Bu taryhy hakykaty dünýä jemgyýetçiligi we ylym ykrar etdi.
Hawa, goja taryhyň gatlarynda gadymy Merw bilen
baglanyşykly galdyrylan ýazgylar az däl. Ine, olardan biri:
251
Geçmişden galan binalar
«Eger-de mongollaryň talaňçylygy sebäpli Mary weýran
edilmedik bolsa, men bu ýerden ömrümiň ahyryna çenli
gitmezdim. Marynyň adamlary girim-çykymly, sypaýy we
mylakatly. Bu ýerde ylmyň köp pudaklaryny jemleýän köp
kitaphanalar bar. Kitaplaryň lezzeti sebäpli olara bolan söýgi maňa şeýle bir täsir etdi, hatda şolara gyzygyp aýalymy
we çagalarymy ýatlamaga-da wagt tapmadym. Dünýäniň iň
saýlantgy geografiýa sözlügini men Marydaky kitaphanadan
tapdym. Men Marydan çykyp gaýdan wagtymda, onda uly
kitaphanalaryň on sanysy bardy. Men bütin dünýäde şular
ýaly uly we gowy kitaphanalary görmändim...» diýip, XIII
asyryň belli geografy Ýakup ibn Hamawi ýazan eken.
Üns beriň, dünýäde «şular ýaly uly we gowy kitaphanalary görmändim» diýýär. Diýmek, türkmen medeniýeti, siwilizasiýasy şol döwürde hem dünýäni haýrana goýupdyr.
Hawa, şeýle iri medeni ojaklaryň - kitaphanalaryň ga­
dymy Ürgençde hem bolandygy bize aýan.
Ýeri gelende aýtsak, ýaşuly nesliň - türkmen zy­ýa­
ratçylarynyň syýahaty-sapary Daşoguz welaýatyndan, ýagny
gadymy Köneürgençden başlandy. Bu ýeri 360 pir­leriň mekany. Şeýle hem bu gadymy toprakda Nejimeddin Kubranyň,
Soltan Alynyň, Aşyk Aýdyň piriň we beýleki gudratly
pirleriň aramgähleri bar. Olara sygynmak köňlüňe giňlik çaýmakdyr.
Mundan birnäçe ýyl öň Nejimeddin Kubranyň aram­gähine
baranymyzda maňa şeýle bir rowaýaty gürrüň beripdiler.
Ürgençde özüni iň baý adamlaryň biri saýýan, maly-mülki ýere-göge sygmaýan bir adam uzak ýurtlaryň birine
täjirçilik etmäge gidipdir. Baran ýerinde onuň ürgençlidigini
bilip, ondan Fahreddin Rzany sorapdyrlar.
— Sen, näme, ony tanaýaňmy? — diýip, ýaňky baý
geňirgenipdir.
— Ony ylym dünýäsinde tanamaýan barmy? Dogry,
özüni göremzok, ýöne kitaplaryny okaýas, adyna aşna bolup
ýörüs...
Bu jogap ýaňky baýy ör-gökden getiripdir. Uzak bir ýurtlarda iýjek çöregini tapman ýören alymyň adynyň tutulmagy,
254
onuň tanalmagy baýyň degnasyna degipdir we ol hem kitap
ýazmagyň kül-külüne düşüpdir. Netijede, «Akylnama» atly
bir küti kitap ýazyp, onuň daşyny gymmat bahaly mata bilen
jezwerläpdir.
Şol döwrüň düzgünine, kada-kanunyna görä kitaby
çykartmak üçin degerli ýerinden reşat-ygtyýar almaly eken.
Ine, şeýle haýyş bilen ol Nejimeddin Kubranyň ýanyna barypdyr. Alym «okap göreýin» diýip, kitaby alyp galypdyr.
Aňsat ýerden şöhrat gözleýän baý ýene-de Kubranyň
huzuryna gelipdir.
— Siziň kitabyňyz reşata mynasyp däl. Munyňyz dürüşde
ýaly bir zat, suw gysymlan ýaly, boş. Many-mazmun ýok...
— Siz ony nädip subut etjek? — diýip, baý gatyrganypdyr.
— Ony häzir subut edip beräýerin—diýip, alym eline iki
sany kitap alypdyr-da, baýy yzyna tirkäp köle tarap gidipdir.
— Şu kitap kimiňki?!
— Ibn Sinanyňky.
— Dogry, ynha, bu kitap bolsa siziňki — diýip, Nejimeddin Kubra olaryň ikisini hem köle oklapdyr.
Hawa, Ibn Sinanyň kitaby şol bada suwa çümüpdir,
baýyň kitaby bolsa suwuň ýüzünde gaýyp ýörüpdir. Suw —
durmuş. Diýmek, durmuş ony kabul etmändir...
Şeýlelik bilen Kubranyň köli gadymy Ürgençde ylmyň
ösmegine, çig-çarsy zatlaryň durmuşa aralaşmazlygyna
sebäp bolanmyş.
Elbetde, ýurdumyzyň zyýaratçylary Diýarymyzyň dürli
künjeklerinde bolup, şolar ýaly rowaýatlardyr hekaýatlaryň
ençemesini öz gulaklary bilen eşidendir. Gadymdan galan
nusgalary-ýadygärlikleri nebsewürlik bilen synlandyrlar,
pirleriň, keramatly ärleriň aramgähine sežde edip, aýat-töwir
okandyrlar, ýagşy dilegler edendirler...
Gurban baýramy mynasybetli başlanan bu sogap iş
zyýaratçylarda uly täsir galdyrdy. Olar Balkan welaýatyndaky
gumuň içinde ýerleşýän Gözli ata, gadymy Dehistan, Şibli
baba, Parawbibi ýaly keramatly ýerlerde bolup, öz ruhy
dünýälerini baýlaşdyrdylar.
255
Ýaşulular edep mekdebidir
17*
Mary, Lebap, Ahal welaýatlary hem özleriniň taryhy
ýadygärlikleri bilen göreni geň galdyrýar. Elbetde, olaryň hersi barada aýry-aýrylykda gürrüň edip durmagy biz özümize
maksat edinmedik.
Ýöne, Türkmenistanyň geçmişdäki beýik medeniýetiniň
syrlar dünýäsini açyp görkezýän we onuň hakyky keşbini beýan
edýän Marguş barada kelam agyz aýdylsa ýagşy. Hormatly
Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ýeri dünýäniň iň gadymy dini
bolan zorastrizmiň-otparazlygyň dörän ýeridir we dünýäde
ilkinji ekerançylygyň merkezi hökmünde äleme aýandyr...
Ine, bu we beýlekiler barada zyýaratçylarymyz, paýhasdan
doly janly kitap hasaplanýan ýaşulularymyz ýaşlaryň arasynda
bolup, olar bilen söhbetdeşlik ederler, Altyn asyryň altyn neslinde Watana, il-ýurduna, Prezidentine bolan söýgini, buýsanjy
artdyrar. Goja taryhyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazyljak
bu çäre nesilleriň arasyndaky jebisligi has-da berkider.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
ýaşululara goýýan hormatyndan öwrenere, sapak edinere
zat kän, onuň aňyrsynda düýpli durmuş ýatyr. Milli Liderimiz şeýle diýýär: «Men welaýatlarda, etraplarda iş saparynda
bolanymda ýaşulular bilen duşuşýan pursatlarymda olara
salam berip, saglyk-amanlyk soraşanymda ajaýyp duýgulary
başdan geçirýärin, olaryň parasatlylygyny, giň göwrümliligini,
keramat-keremli ýürek ýylysyny duýýaryn. Çünki, ýaşulular
köp zady bilýär, durmuşyň ajysyny-süýjüsini, ýagşysyny-ýamanyny görüp, her zada anyk baha kesýär, olaryň sözi dür,
kelamy pähimdir».
Hawa, ula hormat goýmak halkymyzyň gadymy ýörelgesi bolup, ol häzirki Beýik Galkynyş eýýamynda has-da
rowaçlanýar. Sebäbi, maşgala däbine eýerýän, atalaryň arzuwyny amala aşyrýan Agtyk — çuňňur hormatlanylýan
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak sakgally
gojalarymyzyň ýol-ýörelgesini görelde mekdebi hasaplaýar,
olar toýlarymyzyň hem öýlerimiziň bezegi bolup durýar.
Şeýle adamlara bolsa hemişe ak ýollar garaşýandyr. Sözi
dür, kelamy pähim ýaşulularymyzyň zyýaraty kabul bolsun!
Noýabr, 2009-njy ýyl.
258
22. Şa gadamynyň
düşen ýeri şatlykdyr
ýa-da Döwletlä
döwran dolandy
E
rtekä çalymdaş bu hakykaty öz gözüň bilen görmeseň,
onuň janly şaýady bolmasaň, walla, ynanar ýaly däl.
Ozalky tozap ýatan ýerde, aňyrsy-bärsi görünmeýän
uçsuz-gyraksyz çöllükde etrap merkezi peýda bolupdyr. Özi
hem bary-ýogy iki ýylyň içinde. Elbetde, iki ýyl diýilýän möhlet taryh üçin hiç zat däl.
Döwletlä döwran dolandy. Döwletli gurulýar, Döwletli
ösüp-örňeýär, özgerýär. Muňa Beýik Galkynyş eýýamynyň
gudraty diýip aýtmak bolar. Muňa hormatly Prezidentimiziň
Gahrymançylykly gadamynyň netijesi diýmek bolar.
Men metbugatda çap bolan («Türkmenistan» gazeti, 7.10.
2009 ýyl) «Baky Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18
ýyllygynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çäreleriň tertibi»
bilen tanşyp otyryn. Olaryň sany kän, togsana ýetýär.
Elbetde, men ol wagtlar özümiň hem şol çäreleriň käbirine
gatnaşmaly boljakdygymy bilemokdym. Emma, şeýle bagt
maňa-da garaşýan eken.
Hawa, şol meýilnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, 21-nji
oktýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýur-
259
Esenguly – Beýik Galkynyş eýýamynyň etraby
Ruhubelent – türkmeniň gurmak gudratynyň mysaly
Döwletli – bolçulygyň mekany
dumyzda iň kuwwatly pagta egriji fabrigiň açylyş dabarasy
boldy. Oňa hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagy
bu çäräniň at-abraýyny artdyrdy, derejesini beýgeltdi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu fabrigiň ýyllyk kuwwaty 19 müň 400 tonna pagta süýümini işlemäge, netijede, 17
müň 700 tonna nah ýüplük öndürmäge ukyplydyr. Munuň
özi 500-den hem gowrak täze iş orunlaryny döreder. Fabrik
dünýä derejesine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilipdir.
Elbetde, bu fabrik hakynda köp gürrüň edip bolardy. Ýöne,
bu baradaky söhbetimi sozup oturman, Döwletli dogrusyndaky gürrüňe dolanasym gelýär.
2007-nji ýylyň awgustynda Jeýhunyň sag kenarynda,
Bataş hem-de Ýylgynagyz düzlüklerinde Döwletli etrabynyň
düýbi tutulypdy, oňa ak ýollary arzuwlap ak pata beren hem
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
hut özüdi. Milli Liderimiz täze etrabyň düýbüniň tutulmagyna badalga berip, şeýle diýipdi:
«Indi welaýatyň ekerançylyk meýdanlary köpeler. Bu ýerde
maldarçylygy ösdürmek üçinem şertler bar. Adamlara iş ýerleri
dörär. Müňlerçe maşgala täze ýerlere göçüp gelip, oturymly bolar. Şu gün biz täze etrabyň merkeziniň düýbüni tutarys.
Meniň ilkinji goýjak şertim — bu ýerde adamlaryň ähli
amatlyklary bolan şertlerde ýaşamaklary üçin, ähli häzirki
zaman hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmekleri üçin häzir­
den alada etmeli».
Ine, görşümiz ýaly, adam hakdaky alada öň hatara çykýar.
Munuň özi ýurt Baştutanymyzyň «Döwlet adam üçindir!»
diýen esasy ýörelgesiniň, şygarynyň iş ýüzündäki durmuşa
geçmesidir.
Belli bolşy ýaly, zähmet adamsyna şert döretseň, onuň
almajak galasy, ýetmejek menzili ýok.
Geliň, ýekeje bir mysala ýüzleneliň. Döwletli etraby
geçen —2008-nji ýylda guş gursak ak bugdaýyň 12 müň tonna golaýyny Watan harmanyna tabşyran bolsa, onda onuň şu
ýylky hasyl harmany iki esse artdy.
Welaýatyň dürli künjeginden bu ýere göçüp gelýänleriň
sany barha we barha köpelýär. Olaryň arasynda ýaşlaryň bolmagy has-da buýsançlydyr.
266
Bu ýerdäki özgerişleri, ösüşleri göz öňüne getirmek üçin
hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şol günki açylan
täze desgalary diňe bir sanap geçmegiň özi hem ýeterlik bolsa gerek:
Döwletli etrabynyň häkimliginiň göreniňde gözüňi dokundyrýan ajaýyp binasy.
200 orunlyk Medeniýet merkezi. Bu ýerde zähmet
adamlarynyň gyzykly dynç almak we köpçülikleýin çäreleri
geçirmegi üçin ähli şertler döredilipdir.
Bagtyýar çagalaryň 90-sy üçin niýetlenip gurlan çagalar
bagy.
320 okuwçy orunlyk täze mekdebiň jaýy. Täze mekdep
ähli taraplary boýunça halkara ölçeglerine laýyk gelýär. Bu
ýerde okuwlar multimedia tehnologiýalary esasynda alnyp
barlar. Umuman, täze mekdep okatmagyň beýleki döwrebap
serişdeleri bilen üpjün edilen. Şeýle hem mekdebiň kaşaň
sport zalynyň bolmagy okuwçylaryň sporta bolan höwesini
artdyrar.
Täze şäherçede häzirki zaman lukmançylyk edaralary — 30
näsagy kabul etmäge niýetlenen Saglyk öýi we 50 orunlyk etrap
hassahanasy ulanylmaga tabşyryldy. Bu ýerdäki kabinetleriň
her biri häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen.
Bu ýerde eýýäm iki gatly kottež görnüşli ýaşaýyş
jaýlarynyň 20-den gowragy gurlupdyr.
Ýeri gelende aýtsak, etrap merkezinde gazgeçirijileriň
ulgamynyň, energiýa ulgamlarynyň gurluşygy tamamlanypdyr. Diýmek, zähmet adamlarynyň ýaşaýşy üçin ähli şertler
döredilipdir.
Şäherçede aragatnaşyk kärhanasynyň administratiw-tehniki binasynyň gurlup gutarmagy bolsa, indiden beýläk
Döwletli etrabynyň ýaşaýjylaryna telefon aragatnaşyklarynyň
we Bütindünýä Internet ulgamynyň döwrebap hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.
Hawa, şeýdip, sanasaň sanap oturmaly. Tarp ýerde, iki
ýyl mundan öň hem tozap ýatan çöllükde dörän bu şäherçäni
synladygyňça synlasyň gelýär. Gyralaryna bag oturdylan
oklaw ýaly göni köçeler, gijäni gündizlige öwürýän elektrik
yşyklary keýpiňi göterýär.
267
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
aýdan ajaýyp sözleri hakydama gelýär.
«Biz Lebap welaýatynda oba adamlarynyň durmuşyny
özgertmek işine hut şu etrapdan başlarys. Täze etrabyň açylmagy ýurt üçinem, welaýat üçinem ähmiýetli waka».
Milli Liderimiz müň kerem mamla. Hak söz. Munuň
özi gahrymançylykly iş. Şeýle bir hakykaty meniň aýratyn
nygtasym gelýär. Ýurt Baştutanymyzyň her bir aýdýan sözi
hiç wagt işden aýra çykanok. Biziň hemmämiz onuň janly
şaýatlary bolup ýörüs.
Ýaňy iki ýyly arka atan Döwletli etrabynda bolup geçýän
bu özgerişlerdir ösüşler Beýik Galkynyş eýýamynyň döredýän
gudratydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly pähiminden
kemal tapan gudratdyr.
Döwletlide çaý başynda otyrkak ak sakgal gojanyň aýdan bir sözi ýüregime jüňk boldy.
—Amyderýanyň sag kenaryndaky çöllükleri özleşdirmek
baradaky gürrüň geçen asyryň 80-nji ýyllarynda hem bolupdy. Ýöne, ol boş gürrüň bolup galdy, iş bilen berkidilmedi, döwlet tarapyndan kör köpük goýberilmedi. Bu ýerde
ýaşaýyş-durmuş jaýlaryny gurmak barada asla pikir hem
edilmändi. Adamlary gatnadyp möwsümleýin iş alyp barmak hiç hili netije bermedi. Gaýtam, ekin meýdanlary ot-çöpe basdyryldy, ene toprak zaýalandy. Ýeri harlasaň, ol seni
horlaýar.
Hormatly Prezidentimiz juda öňden görüji adam. Ol
ýurt başyna geleninden «Döwlet adam üçindir!» diýip, öz aýdan parasatly pähimlerini anyk iş bilen berkitdi. Şeýle aladaçyl döwlet Baştutanyň barka alynmajak gala ýokdur. Beýik
Taňrym onuň ömrüni uzak etsin!
Bu ýagşy dilegler diňe bir gojanyň däl-de, eýsem tutuş
halkymyzyň ýürek küýsegi. Köpüň dilegi bolsa köl bolýandyr.
Çöl içinde dörän bu şäherçäni synlap durşuma milli
Liderimiziň «Beýik Galkynyş eýýamynyň her ýyly, her aýy,
her hepdesi, her güni ýeňişlere, üstünliklere beslenýär» diýip,
aýdan parasatly sözlerini ýatlap, onuň hakykatdygyna göz
ýetirýärin, ýurt Baştutanymyzy alkyşlaýaryn.
271
Döwletlide edilen döwletli gürrüňler soňra aýdym-saz
merkezinde dowam etdi. Garaşsyzlygymyzyň şanly 18 ýyllygy mynasybetli guralan baýramçylyk konsertinde sungat
ussatlarynyň eden çykyşlary bu ýere ýygnananlarda uly
joşgun, hyjuw döretdi. Artistleriň çykyşlaryny diňläp oturan
hormatly Prezidentimiziň nurana ýüzündäki şatlygyň çeniçaky ýokdy. Ol edermen halkyna, halk bolsa öz milli Liderine
guwanýar, buýsanýar. Şeýle jebislikden dörän Döwletli etrabyna döwran dolandy.
Ýoluň ak bolsun, Döwletli!
Umuman,
hormatly
Prezidentimiz
Gurbanguly
Berdimuhamedowyň atalyk aladasy netijesinde beýik
Galkynyşy başdan geçirýän Garaşsyz, baky Bitarap
Diýarymyzyň şäherdir şäherçeleri, oba-kentleri öz keşbini
özgerdýär, ösýär, örňeýär.
Hawa, Esengulydan başlanan Şa gadamy Diýarymyzyň
dürli künjeklerine şatlyk paýlaýar.
Noýabr, 2009-njy ýyl.
272
SÖZSOŇY
ýa-da jemleýji
jümleler
B
u dabaraly pursat diňe bir yzgantlylary ýa-da gadymy Gökdepäniň ilatyny däl-de, eýsem, tutuş türkmen
halkyny ganatlandyrdy, buýsandyrdy.
Hawa, goja taryha Oguzkent ady bilen giren gum etegindäki Yzgant obasynda ol gün toýlar uludan tutuldy. Bu
dabara gatnaşan adamlaryň ýüzündäki şatlyk alamatlaryny
duýmak üçin olaryň ýanynda bolmak hökman däldi, olary
teleýaýlym arkaly synlamak hem ýeterlikdi.
Bu ýerde Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp
gadymy köşki-eýwanlara gaýra dur diýýän orta mekdebiň
hem-de çagalar bagynyň täze binasy ulanylmaga berildi. Üç
gatly 400 orunlyk 27-nji orta mekdebe şu obada ýaşan hem-de özüniň bütin manyly ömrüni magaryfa, ýaş nesli terbiýelemäge bagyşlan, beýik adamkärçiligiň ýokary nusgasyny
görkezen, öz işiniň ussady, edermen esger, Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň ady dakyldy.
Munuň özi mugallymdan başlap mekdebiň direktoryna çenli zähmet ýoluny geçen we ýokary döwlet sylagyna
– “Hormat nyşany” ordenine mynasyp bolan Berdimuhamet
Annaýewiň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösmegine önjeýli
goşan goşandynyň ykrarnamasydyr.
18*
273
Hormatly Prezidentimiziň kakasy
Mälikguly Berdimuhamedow
Täze mekdebiň açylyş dabarasyna milletiň Lideriniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa, oba
adamlarynda aýratyn buýsanç duýgusyny döretdi.
Ýeri geleninde Mälikguly aganyň özi barada hem kelam
agyz aýdylsa ýagşy. Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuş
ýoly mugallymçylykdan başlanýar, aslynda, onuň öz aýdyşy
ýaly, ol pedogoglar maşgalasyndan. Onuň iki ýokary biliminiň
bolmagy ähli işlän ýerlerinde oňa ýokary hünär ussatlygy
bilen zähmet çekmäge mümkinçilik döredýär.
Ol ýokary çinli ofiserlik derejesine ýeten adam. Harby
işgär, taryhçy, bilimi boýunça pedagog hormatly dynç alşa
gidenden soň hem özüniň işjeň zähmetini Mugallymlary
kämilleşdiriş institutynda we ýurdumyzyň beýleki bilim edaralarynda dowam edýär.
Hawa, täze mekdebiň açylyş dabarasyna gatnaşyp, ýaşyl
len­tany kesen hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly
Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara gutlag sözleri bi­
len ýüzlenip, bu şanly wakanyň özünde uçursyz şatlyk duýgusyny döredendigini aýtdy we şeýle mümkinçilik üçin
obadaşlaryna özüniň hoşallygyny bildirdi. Mälikguly aga
şeýle hem öz çykyşynda ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky
galkynyşlar barada, ýetilen sepgitler dogrusynda gyzykly
gürrüňler berdi. Mälikguly agany diňlän her bir adam onuň
söz ussatlygyna, akyl-paýhasyna haýran galdy.
Ýagşy adamyň ady ýerde ýatmaýar. Berdimuhamet Annaýewiň adyny uly buýsanç bilen göterýän bu
mekdebiň täze binasynda ýaş nesle döwrebap terbiýe
bermek üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Mälikguly aga
oba ýaşululary bilen mekdebiň göreniňde gözüňi dokundyrýan täze binasyna aýlanyp görüp, ýurdumyzda ýaş
nesil üçin edilýän atalyk aladanyň has aňyrdandygyna
göz ýetirdiler.
Şu ýerde şeýle bir aýratynlyga okyjynyň ünsüni çekesim
gelýär. Berdimuhamedowlaryň maşgalasynda ulyny syla­mak,
oňa hormat goýmak ata-baba öňden gelýän asylly däpleriň
biridir. Görşümiz ýaly, Mälikguly aga hem obanyň ýaşululary
bilen kakasynyň ady dakylan täze mekdebe aýlanyp, olar
bilen ýürekdeş söhbet etdi, pikir alyşdy.
275
Hormatly Prezidentimiziň özi hem welaýatlarda iş sapary bilen bolanynda hemme zatda öňürti ýaşulular bilen
görüşýär, saglyk-amanlyk edýär, hal-ahwal soraşýar. Elbetde,
munuň özi döwletlilikden nyşan. Aslynda, ata-babalarymyz
aýtmyşlaýyn, ulusyny sylan beg bolýandyr.
Giň we ýagty otaglar, ähli döwrebap, häzirki zaman
enjamlar bilen üpjün edilen informatika, himiýa, fizika
kabinetleri okuwçylaryň ygtyýaryna berildi. Bu mekdepde
aýdym-saz we heýkeltaraşlyk dersleri üçin hem ýörite otaglar bar. Çagalaryň saglygyny berkitmek üçin ähli amatly
şertler döredilipdir.
Okalga zaly bolan ajaýyp kitaphana okuwçylaryň hyzmatynda bolup, ol çagalaryň kitap bilen dostlaşmagyna
ýakyn­dan ýardam eder.
Ülkäni öwreniş muzeýiniň mekdebiň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüljekdigi jedelsiz hakykatdyr. Ol ýerde
ýerleşdirilen dürli eksponatlar bu gadymy ülkäniň taryhy
bilen baglanyşyklydyr.
Bu obanyň körpeleri şol gün belent mertebeli Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan 160 orunlyk ikigatly
çagalar bagyny hem sowgat aldylar.
Şeýle hem Yzgant obasynyň ilaty bu dabaraly günde
atalaryň arzuwuny amala aşyrýan Agtygyň — hormatly
Prezidentimiziň adyndan gowşurylan awtoulaglary çäksiz
söýgi bilen kabul etdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriň ilatynyň
durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň çäklerinde
ýurdumyz boýunça 161,5 müň orunlyk 328 mekdebiň, 428
sany çagalar bagynyň ulanylmaga beriljekdigi bagtyýar
türkmen halkynda uly buýsanç duýgusyny döredýär.
Munuň özi geljekde Diýarymyzyň ähli mekdepleriniň we
çagalar baglarynyň täze binalar bilen üpjün ediljekdigini
aňladýar.
Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenilip geçilen Bilimler
we talyp ýaşlar güni, megerem, türkmeniň taryhyna altyn
harplar bilen ýazylsa gerek. Hut şol günüň özünde ýokary
okuw mekdepleriniň hem täze binalarynyň ençemesi ulanylmaga berildi.
278
Hawa, şeýle ajaýyp baýramçylyk gününde paýtagtymyzda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň
täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu binanyň
açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň hut özi gatnaşdy we ak pata berdi. Yurt
Baştutanymyz ol ýerde çuň manyly çykyş edip, simwoliki
lentany kesenden soň, okuw korpuslaryny, ýörite tejribehanalary synlady. Institutyň professorlaryna, mugallymlaryna
netijeli işlemegi, talyplara bolsa berilýän bilimleri üstünlikli
özleşdirmegi arzuw etdi.
Täze okuw ýylynyň öň ýanynda hormatly Prezi­
dentimiziň ak patasyny alan okuw jaýlarynyň ýene-de
biri Türkmenistanyň goşun generaly S.A. Nyýazow adyn­
daky Polisiýa akademiýasynyň täze binasydyr. Şeýle hem
şol gün Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby
akademiýanyň binalar toplumynyň ikinji nobatdakysynyň
açylyş dabarasy boldy.
Ýurdumyzda ulanyşa berilýän bilim edaralarynyň
ählisiniň häzirki zaman kompýuterler, enjamlar, multimedia
tehnologiýalary bilen üpjün edilýändigini we ol binalaryň
hemmesiniň hem internet ulgamyna birikdirilýändigini bellemek gerek.
Belent
mertebeli
Prezidentimiz
Gurbanguly
Berdimu­hamedowyň öz sözleri bilen aýtsak, “Türkmen döwleti bilim, ylym ulgamyny ösdürmek üçin mundan beýläk-de
serişde gaýgyrmaz. Ylymly, bilimli nesil kemala getirmek
halkyň geljekki bagtyýar, mynasyp durmuşynyň kepilidir”.
2009-njy ýylyň 15-nji awgusty ýurdumyzyň bilim, ylym
ulgamynyň işgärleriniň hakydasynda ebedilik galar. Çünki şol
gün hormatly Prezidentimiz “Bilim hakynda” hem-de “Ylym
işgärleriniň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna gol çekdi.
Şeýle möhüm Kanunlaryň kabul edilmegi Beýik Galkynyş
zamanasynyň talaby bolup, ol tutuş jemgyýetiň ösmegi,
özgermegi üçin iň zerur zatlaryň biri bolup durýar. Bilimsiz
ösüş ýok, ol ähli özgerişleriň altyn açarydyr. Milli Liderimiziň
279
“Bi­limsiz öý — otsuz ojak ýalydyr” diýip, aýdan parasatly
pähimi şolbada dilden-dile geçip, halk nakylyna öwrüldi.
Mähriban Prezidentimiziň turuwbaşdan ylym, bilim ul­
gamyna aýratyn ähmiýet bermeginde hiç hili tötänlik ýok,
onuň aňyrsynda durmuş hakykaty ýatyr. Asmandan inýän
ýagyş-ýagmyryň, suwuň zemini janlandyryşy ýaly, ylym, bi­
lim hem adam kalbyny baýlaşdyrýan, tutuş jemgyýeti galkyndyrýan gudratly güýçdür.
“Eşretli hem bagtyýar durmuşyň gözbaşy ylmyň we
bilimiň kämilleşmegi bilen aýrylmaz baglydyr… Biziň köp
ugurly ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimiziň
üstünlikli amala aşyrylmagy, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň
düýpli gowulanmagy köp babatda bilim we ylym pudak­
larynda amala aşyrýan özgertmelerimiziň çuňlugyna, onuň
netijeliligine baglydyr” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Ylym we bilim täze
Galkynyş eýýamynda” atly halkara sergisine hem-de “Täze
Galkynyş eýýamynyň ylmy we bilimi dünýäniň ylym-bilim
ulgamynda” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara
iberen Gutla­gynda nygtaýar.
Diýmek, Diýarymyzyň Beýik Galkynyş eýýamynda
ýeten sepgitleri, ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň
hataryna goşulmagy gönüden-göni ylym-bilim ulgamynyň
kämilleşmegi bilen baglanyşyklydyr.
Bu gün Beýik Galkynyşyň nurana baýdagy döwrüň
depesinde parlaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşyň ähli babatyndaky gazanylýan ösüşlerdir
özgerişler dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni Türkmenistana
gönükdirýär.
Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtygyň – hormatly Prezi­
dentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly,
“Beýik Galkynyş eýýamynyň her ýyly, her aýy, her hepdesi,
her güni ýeňişlere, üstünliklere beslenýär.”
Bedew bady bilen okgynly öňe barýan Diýarymyza
üstünlik hemişe hemra bolsun!
280
MAZMUNY
Hormatly okyjy!........................................................................................................ 6
1. Peder kesbi.............................................................................................................. 9
2. Ruhy baýlyk – baş baýlyk................................................................................... 24
3. “Kitap okan gullar manydan dokdur”............................................................. 36
4. Goý, parlasyn, parahatlyk Baýdagy!................................................................. 48
5. Ol iň soňky deminde-de...................................................................................... 59
6. Hekaýat hakykata öwrülýär............................................................................... 66
7. Türkmen aga, telpegiňi göge zyň!..................................................................... 83
8. Bedewiň asly behiştden....................................................................................... 96
9. Adam sylamagy Berdimuhamet
mugallymdan öwreneliň!..................................................................................... 109
10. Milli medeniýetimiziň medetkäri.................................................................. 118
11. “Awazanyň” owazasy dag aşýar .................................................................. 135
12. Edebi gatnaşyklar ebedi gatnaşyklara öwrülýär......................................... 148
13. Aý dogsa Älem görýär.................................................................................... 157
14. Gökdepäniň taryhy – türkmeniň taryhy ..................................................... 171
15. Garagum çölünde suw tolkun atdy.............................................................. 180
16. “Saglygyň gadyryn bilgil...”........................................................................... 193
17. Sungat, sen niçik gudrat?!............................................................................... 207
18. Ýoluň ak bolsun, awtoralli!............................................................................. 217
19. Doganlyk-dostlugyň datly miwesi................................................................ 225
20. Sport — saglygyň serweri ýa-da bu
ýeňiş Mälikguly mugallymyň ýeňşi.................................................................... 234
21. Zyýaratyňyz kabul bolsun, adamlar!............................................................ 250
22. Şa gadamynyň düşen ýeri şatlykdyr
ýa-da Döwletlä döwran dolandy......................................................................... 259
SÖZSOŇY ýa-da jemleýji jümleler...................................................................... 273
Täçmämmet Jürdekow
ATA ARZUWYNY AMALA AŞYRÝAN AGTYK
Jogapkär redaktor W. Hramow
Redaktorlar




Teh.redaktory
Suratçy
Kompýuter bezegi
S. Jumurow,
B. Orazdurdyýewa,
Ş. Myratgulyýewa,
N. Halymowa,
J. Amanowa
O. Nurýagdyýewa
B. Şyhlyýew
M. Papanow
Ýygnamaga berildi 20.08.2009. Çap etmäge rugsat edildi 08.12.2009.
A-42552. Ölçegi 70x1081/16. Ofset çap ediliş usuly.
Şertli çap listi 24,5. Şertli reňkli ottiski 99,41.
Hasap neşir listi 14,33. Çap listi 17,625. Sany 15 000. Sargyt № 2034.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy.
744004, Aşgabat, 1995-nji köçe, 20.
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezi.
744004, Aşgabat, 1995-nji köçe, 20.
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
  • Büleklär
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3526
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1900
    31.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3526
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1999
    29.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 3569
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1971
    31.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 4
    Süzlärneñ gomumi sanı 3553
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2053
    30.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 5
    Süzlärneñ gomumi sanı 3542
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1966
    31.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 6
    Süzlärneñ gomumi sanı 3516
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1933
    28.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 7
    Süzlärneñ gomumi sanı 3498
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1844
    28.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 8
    Süzlärneñ gomumi sanı 3446
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1848
    29.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 9
    Süzlärneñ gomumi sanı 3399
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1837
    26.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    38.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3060
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1718
    29.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.