Latin

Annanyýaz Artyk - 24

Süzlärneñ gomumi sanı 3756
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2109
33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
53.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
durandygyny gördüm. Atamyrat diňe bir Eset molladan däl, kakasyndanam sapak
alýar. Ol kakasy ýaly arap, pars dillerini suwara bilýärmiş, ol kakasy bilen bir gün
arap dilinde, başga bir gün pars dilinde gürleşýärmiş diýip gürrüň edýärler. Men bu
gürrüň bir dili şemallynyň gürrüňi bolaýmasyn diýen pikir bilen olaryň ýanyna
ýakynlaşdym. Dogrudanam, çyn eken. Atamyrat bir düşnüksiz dilde nämedir bir
zatlary aýdyp dur, aýdyp dur. Annanyýaz baý baş atyp mirasdüşeriň sözlerini
makullaýar. Goşgy okaýan bolaýmasyn diýsem, arasynda Annanyýaz baýam bir agyzýarym agyz gürleýär. Olara päsgel bermezlik üçin Seýitliniň ýanyna bardym. Bu öýde
Seýitli bilen Nepes joş gürleşip, ony-muny aýdyşyp bolýan adamlar. Galanlarynyň
ýüzüne közdenem beterräk zat degsin, ylaýym. Durdy kalaý diýlen adam-a adam däl.
Haýwanam ondan bäş-alty esse gowudyr. Onuň haýsy tarapyndan barjagyňy biler
ýaly däl. Ýanynda Annanyýaz baýa degşibem bir zat diýer ýaly däl. Seniň ýakaňdan
tutmasy, maňlaýyňdan naganyny tüsseledip goýbermegi eşekden palan alança-da
görjek adam däl ol. Özem ol ähli kişä müňkürlik bilen seredýär. Eger kakasy o
dünýäden direlip gelip, «Men Annanyýaz baý bilen salamlaşmakçy, hal-ahwal
soraşmakçy» diýse, lap edip aýtdygym däl, walla, kakasyny hem boýdan-başa barlap
goýberjek adam ol. Ol hiç kime ynanmaýar. Ol, walla, ýanyndaky Rejep bilen Allanada ynanýandyr öýdemok. Janpenalaryň içinde diňe Allanda adamtüýi bar,
galanlarynda – Durdy bilen Rejepde adamtüýem ýok. Rejep diýilýän-ä oglanka-da
garadangaýtmazdy. Ýaka görse, aslyşasy geler durardy. Oglanlykda onuň taýak
254
iýmedik güni barsa bardyr, ýöne ol gün bir-ikiden-ä kän däldir. Men-ä şular gije
ýatýandyrlaram öýdemok. Garaňkyda ýat adamyň gelenini ilki it bilen atlar bilmeli
diýersiňiz, ýöne Durdy başlyklaýyn, üç janpena itden öň tebil tapýar. Bu üç janpena
ýöne-möne adam däl, bularda it duýgurlygy, at syzgyrlygy bar. Bir zat sähel şygyrt
etse, gözlerini bäşatara öwrüp, dessine şol şygyrdy çykan ýerdedirler. Olaryň eline
düşen özüň bolma. Ýalbaryberseň, haýwanlaryňam ýürekleri eziler, geçirimlilik eder.
Ýöne ol üç tüýkesmeden geçirimlilige garaşma. Annanyýaz baý her näçe ýaramazam
bolsa, onda zalymlyk ýok. Ol gahar-gazap bilen, rehimsizlik bilen bir iş bitirmeli
bolsa, onda onuň başarjak zady ýok. Towugyň damagy çalynsa-da, ýüregi üzümüzüm bolýar onuň. Bäşatar göterip ýörse-de, adam atan ýeri bardyr öýdemok onuň.
Eline bäşatar berip, «Ine, şu adam duşman, şuny öldürmeli ýa özüňi öldürjek» diýseň,
ol duşmanyň ornuna baryp durjak adam. Onuň tüpeň atmasy awdan aňry geçmez. Aw
awlamagy welin enuwalla gowy görýär. Ol göwünlerini awlamaga, gürlemäge ökde,
adamlaryň içini bilmäge ökde. Seniň bilen bir çäýnek çaýy bölüşip içensoň, ol seniň
içiňi bäş barmagy ýaly bilip oturandyr. Ol gözüme seredip, mendenem bir zatlar aňjak
bolýar. «Seniň göwünjeňligiň, seniň ýürekdeşligiň mende, näme üçindir, şübhe
döredýär...» diýip, ol maňa-da başda o diýen ynanmady. Menden gaça durmaga
çalyşdy. Ýöne men ant içip, awy ýalap duramsoň, ol kem-kemden maňa ynanmaga
başlady. Onuň ynamyna girmek üçin onuň janpenalarynyň ýanynda has yhlasly
boldum. Annanyýazy öwmek öwdüm. Meniň öwgülerim janpenalara ýarady, olar
meni öz ýanlaryna barmagyma ýol berdiler. Olar, megerem, men hakda baýyň
ýanynda aýdan bolsunlar gerek. Onsoňam men gara zähmetden gaçmadym. Yhlas
bilen işledim. Awa gidilende janpenalaryň etmeli işlerinem özüm etdim. Nepes joşuň
käsesine çaýyny guýup berdim. Durdy nirede oturjak bolsa, ylgap baryp ýassyk ýa
güpjek eltip berdim. Men onuň tirsekläp ýatmagy gowy görýändigini bildim.
Annanyýaz baýa edilýän hyzmat barada gepem ýok, gürrüňem ýok. Asyl onuň –
dogrym – jadysy bar. Onda gep bilen düşündirip bolmaýan özüne çekiji jady bar.
Onuň ýanyndan aýrylasym gelenok. Oňa hyzmat edesiň, sagboluny alasyň gelýär. Ol
sagbol diýse, ganatlanan ýaly bolýarsyň.
Öýe gaýtmanym gowy bolupdyr: namazşam Hanguly baý geldi. Aý, onuň at
üstünde gaýşarylybraga-da oturyşam özüne göwnüniň ýetýändigini aýdyp otyr. Ýüzi
mydama ýylgyryp dur. Hanguly Annanyýaz baýyň ýanyna gelende abraýly, baý
adam, ýöne herrikgalalylar-a Hangulyny beýle bir hormatlanoklar. Onda üýtgeşik
baýlyk-engam ýok diýýärler, dört-bäş sany kel toklusyndan başga hiç zady ýok
diýýärler. Gör, ony, Gypjaga gelip özüni tütjar baý ýaly alyp barýar. Annanyýaz baý
hakyky baý, ýöne Hangulynyň özüni alyp öarşy ol-a Gypjak eken, külli Kesearkajy
satyn alyp biljek baýa meňzeýär ol. Bu iki kişini nämäniň ýakynlaşdyrýandygy barada
näçe oýlansam hem, teý akyl ýetirip bilemok. Hangulynyň ýylgyrmaýan, gülmeýän
pursadyna men-ä gabat gelmedim. Men ony diňe Annanyýaz baýyň ýanynda görýärin,
Annanyýaz baýyň ýanynda-ha Hangulynyň astky-üstki dodaklarynyň tapyşan
wagtyny görmedim. Onuň bolşy gülküden eýlenen ýaly. Doglanda-da aglap
doglandyr diýseň ynanar ýaly däl.
255
Annanyýaz baý Hanguly baý gelende çaga ýaly ýazylyp-ýaýraýar. Onuň bilen
saz çalyp, aýdym aýdýar. Annanyýaz baý köp gülmeýär, onuň ýüzi agyr däl, şonda-da
ol Hanguly ýaly jak-jaklap gülüp, ýer sarsdyryp ýören adam däl. Ýöne Hanguly bilen
oturanda şeýle bir gülýär, şeýle bir gülýär, gözlerinden syrygýan ýaşlary sylybam
ýetişip bilenok.
Annanyýaz baý bilen Hanguly baý myhmantama girdi. Men olara çaý eltip
bermegiň ugruna çykdym. Maksadym olaryň näme gürrüň edýändigini eşitmek. Men
içeri girenimde Hangulynyň sesini eşitdim:
– Bä, onda olar Hywadyr Buharada-da belli adamlar-ow.
– Halmyradyň Moskwada işläp ýörenini sen nä bileňokmy?! Haý, Hanguly,
ikimiz piliň gulagynda uklap ýörüs, olar Moskwada-da tanalýan adamlar. Moskwada
sala salynýar olara.
– Şeýle bolsun-da.
Annanyýaz baý meni görüp geňirgendi, adymy tutup şeýle diýdi:
– Walla, sen öýüňden-maşgalaňdan bizar öýdýän. Ertir gitsek, nesip bolsa, bir
aýdan bärde dolanmarys. Keýwanyň bir käse çaýyny iç. Tabşyryklar ber. Hojalyga
gerekli zat barmy, ýokmy, şony bil. Ýetmeýän zadyň bolsa, gelip menden alyp git.
Men pursatdan peýdalanmak isledim:
– Hudaýa şükür, siziň saýaňyzda kem zadymyz ýok. Bir zadymyz gutarsa, siziň
ýanyňyza ylgaýas...
– Aýby ýok, aýby ýok, aýdyber.
– Huruşlygymyz kemräk...
Annanyýaz baý loh-loh edip güldi:
– Ine, dünýäden, öýüňden bihabarlygyň şü. Hany, bar öýüňe, şonda huruşlygyň
kemmi-kem dälmi, bilersiň.
Öýe gidäýmekden başga alaç galmady. Ana, şol sebäplem olaryň gürrüňlerini
diňläp bilmedim. Men daş çykdym-da, Durdy kalaýyň gapdalynda oturdym. Durdy
kalaý meniň oturmagymy, içerä diň salmagymy islänok. Gapy ýapyk bolansoň,
içerdäki gürrüňler doly eşidilenok. Men özüme şübhe döretmezlik üçin öýe gitmeli
boldum. Gelsem, Hanguly eýýäm gaýdypdyr. Men bu adamyň keýpine gelmändigine
ynanýaryn. Herrikgalaň adamlary ondan hemem Jelaleddin baý diýilýän gadymçydan
ýaňa gan aglaýarlar. Eziz han dagy Tejene göçüp gidensoň, Hanguly özüni obada
hasam erkin tutýarmyş. Jelaleddin gadymçynyň nirede näme diýmelidigini okadýan
Hanguly diýýärler. Ýöne Hanguly – jezitçi1 Annanyýaz baý hem jezitçi. Men muny
takyk bilýärin. Herrikgalada hiç kim Hanguly jezitçiniň towugyna tok diýip
bilmeýärmiş. Hanguly hakdaky pikirim: men Hanguly baýyň gowy adam däldigini,
jemgyýetiň agzybirligi üçin howply adamdygyny göz öňünde tutup, bu baýa berk çäre
görülse, gowy boljak diýip pikir edýärin. Soňky söz siziňki, meniňki wagtynda habar
bermek.
Indi bolsa Annanyýaz baýyň eden işlerini gürrüň bermegi dowam etdireýin.
Annanyýaz baý gije ýatmady diýseňem boljak. Ol öz adamlaryna anyk görkezmeler
256
berdi, aýratynam Annam mirap bilen köp gürleşdi. Men olaryň gürrüňini doly diňläp
bilmedim, ýöne gürrüňiň Ilmyrat salgyt bilen
1
Musulmançylyk-hidaýat ýoluny döwre görä kämilleşdirip, özgerdip peýdalanmagy öňe sürýän akym.
baglanyşyklydygyny aňdym. Megerem, Ilmyrat Annam miraba nähilidir bir görkezme
beripdir. Onuň görkezmesem Annanyýaz baýyň gaharyny getirýän bolarly.
Annam mirap kölegesinden gorkup ýören adam. Ol ýolbaşçy adamlary gowy
görýär, olara ýaranjaňlyk edýär. Barybir, ol ähli ýolbaşça ýaranyp bilenok.
Ýaranjaňlygy sebäplem mydama taýak iýýär.
Annam mirap Gypjakçaýyň eýesi. Ýöne onuň melleginde ýandakdan başga zat
bitenok. Haý, türkmen bolaýşyňdan seniň! Bagyryň, Gökjäniň, Yzgandyň, Babarabyň
miraplaram hakyt Annam mirap ýalymyş. Mellekleri ýylyň ähli pasly boşmuş. Öňüne
hum çäýnegi çaýdan dolduryp goýup, näme diýse, hawa diýip baş atyp otursaň, suw
hakda, suwuň peýdasy, haýsy ekini haçan ekmelidigi, haýsy ekine nähili idi
etmelidigi, haýsy ekinden näçeräk peýda galjakdygy hakda bir gije-gündiz saňa nutuk
okap biljek pekge. Annam miraba näçe käýeseň käýäber, edil çägä suw goýberen
ýalydyr, siňer durar, peýdasy ýokdur, üýtgejek gümanam ýokdur. Annanyýaz baý-a
oňa käýäp dur, olam: «Sag-aman gidip geliň, biz size sabyrsyz garaşarys.
Ýoklugyňyzy bildirmejek bolarys» diýýär. Artyk hanam Annam mirap bilen işleşdi.
Ony Hojaberdi murtam işden kowjak bolmady.
Meniň bar pikirim Annam mirapda däl-de, daňdan geljek iki nätanyşda. Men
Annam mirabyň üýtgeşik hiç zat aýtmajakdygyny aýnada gören ýaly bilýärin.
Men garaşan nätanyşlarym daňdanyň alagaraňkysynda geldiler. Olar üçünji aty
ýanlary bilen getirdiler. Üçünji ata ýol goşlaryny ýükläpdirler. Özem nätanyşlary
tanar ýaly däl. Olaryň eginlerinde o günki geýimleri däl-de, milli türkmen eşikleri.
Olara seretseň, täjirlerdir öýdýärsiň. Olaryň täjir däldigini bolsa men magat bilýärin.
Bir aýa çeken ýörişe doly gatnaşyp bilmedim. Annanyýaz meni, näme üçindir,
Wasdan yzyma ugratdy. Barybir, men olar bilen bile bolan günlerimiň dowamynda
nätanyşlary, olaryň näjüre adamlardygyny, maksatlarynyň nämedigini doly bildim.
Elbetde, bu maňa aňsat düşmedi, ýolda gören görgülerimiz hem kän boldy, ýöne
ol görgülerimiz hakda gürrüň edip durmaýyn. Esasy edilmeli gürrüň nätanyşlar kim
we ýörişiň maksady näme?
Ýörişiň maksady:
Ähli türkmen etraplaryna baryp, ýerli han-begler bilen gürleşmek. Ýerli hanbegler bilen duşuşyp, olary azat bütintürkmen döwletini döretmäge çagyrmak.
Ýerlerdäki ýagdaýlar bilen tanyşmak. Ähli türkmenleriň gelmişeklere ynanmazlygy
we bütintürkmen birligi. Merkez Aşgabat şäheri bolmaly.
Barylmaly esasy ýerler: Ýerbent Ýylanly – Tagta – Dörtgül – Hywa – Buhara
– Çärjew – Kerki – Antguýy – Garşy, Mary.
257
Biz jemi dokuz adamdyk. 1. Annanyýaz Artyk ogly; 2. Gaýgysyz Atabaý; 3.
Halmyrat Sähetmyrat; hyzmat edýän topar: 4. Men; 5. Annanyýazyň atbakary –
Seýitli; 6. Nepes joş; 7. Durdy kalaý; 8. Rejep; 9. Allan.
Agşam Annanyýaz baýyň öýüne gelenler Gaýgysyz Atabaý bilen Halmyrat
Sähetmyrat eken. Ol ikisi bilen Annanyýaz baýyň etjek bolýan zatlary akylyňa sygar
ýaly däl. Men olarda beýle uly tutum bardyr öýtmändim. Ýöne olaryň ýöne-möne
adamlar däldigin-ä aňypdym.
Gaýgysyz (1887 ý.) baradaky pikirim: Ýalňyşmasam, onuň asly Ginsburg
wolostyndan1 bolmaly. Onuň maksady bütintürkmen döwletine patyşa bolmak. Ol bu
maksadyna ýetmek üçin hiç bir wagşylykdan hem gaýtjak däl. Ol orslara arka
diremek isleýär. Olaryň kömeginden peýdalanmaly. Soňam «Biz azat döwlet» diýseň,
olar ýurtdan çykyp gider öýdýär. Ol bu pikirini köp sanly ors adamlarynyň adyna
salgylanyp esaslandyrýar. Türkmençiligi gowy görýär. Çaýy özi gaýnadyp,
demlemekden lezzet alýar. Çölde bir gezegem aýagyna ädigini geýmedi. Ol:
«Türkmen türkmeniň howasyna, tebigatyna uýgun bolmaly» diýip, bäş-alty gezek
gaýtalady. Ors dilini suwara bilýär. Oduň başynda iki sany ors aýdymyny aýdyp
berdi. Soňam: «Bu aýdym çigrekli howanyň, tokaýly sähranyň aýdymy. Bu çöle
«Garybym», «Bibijan» ýaly aýdymlar gelişýär» diýip, «Gelmezmä» gygyrdy.
Annanyýaz baý derrew dutaryny düzüp oňa berdi. Görüp otursam, Gaýgysyzam,
Halmyradam saz çalyp, aýdym aýdyp bilýän ekenler. Olaryň boluşlaryny synlasaň,
olarda saz çalyp, aýdym aýdara wagt ýok ýaly, ýöne elleriniň kakuwyny görüp,
haýranlar galdym. Olaryň barmaklary mydama perdäň üstünde oýnan ýaly juda ezber.
Elleri gelşip barýar olaryň. Dogrymy aýdaýyn, şeýle garadangaýtmaz kişä saz çalyp,
aýdym aýtmak gelşenok. Onda içki güýç bar. Men içki güýç diýenimde onuň
dogumyny, haýbatyny göz öňünde tutýaryn.
Onuň bilen ýüzbe-ýüz bolsaň, awa goýberiljek tazy ýaly köwejekläberýärsiň.
Endam-janyňa sandyrama aralaşyp, depe saçyň syh-syh bolýar. Sebäp onuň gözleri
içiňden parran
1
Ginzburg wolosty – Kaka etraby (red. belligi).
geçip, derrew ygtyýaryňy eline alýar. Oňa duşmanam bolsaň ýok diýmäge het eder
ýaly däl.
Gözünden ot çykýar.
Gadamyndan ot çykýar.
Ýüregindäkini bassyr-ýussursyz göni aýdýar. Beýle adamlar jemgyýet üçin
howply. Şonuň üçin hem ony ýoklandan gowusy ýok. Özi durşuna haýbat, murty
ikinji haýbat.
Gaýgysyz bilen Annanyýaz baýy ysnyşdyrýan bir maglumatyň üstüni açdym.
1912-nji ýylda ak patyşanyň tabşyrmagy boýunça magaryf ministrliginiň basylyp
alnan ülkelerdäki mekdeplerde ýerli halkdan mugallymlar bar bolsa, ählisini
258
mugallymçylykdan çykaryp kowmaly diýen buýrugy çykýar. Şol döwürde Annanyýaz
baý Aşgabatda, Gaýgysyz bolsa Bäherdende mugallymçylyk edýän ekenler. Ol ikisi
bir karar esasynda işden boşadylýar. Şonda olar ilkinji gezek duşuşypdyrlar. Olar
işden kowluşlaryny birnäçe gezek süýjülik bilen ýatlaşdylar. Gaýgysyzda jezitlere
duýgudaşlyk duýulýar.
Halmyrat kim we ol hakdaky pikirim: 1898-nji ýylda Gäwersde batragyň
maşgalasynda doglan. Şol ýyl kakasy dogduk mekany bolan Köşä göçüp gelýär.
Halmyrat ilki iki ýyl köne usul musulman mekdebine, soň oba hojalyk mekdebine
gatnady. 1914-nji ýylda Daşkendiň mugallymçylyk okuwyna girýär. Obadaşlary oňa
pul kömegini edip durdular. 1917-nji ýyldan 1920-nji ýyla çenli Halmyrat
mugallymçylyk etdi. Geçen ýyl Aşgabat uýezdiniň magaryf bölüminiň müdiri boldy.
Mundan üç ýyl öň RK(b)P-ä agza boldy. Şu ýyl gyşyň soňky aýynda Moskwa
jogapkärli işe – Türküstan respublikasynyň Moskwadaky wekiliniň orunbasarlygyna
iberildi. Indem Aşgabada işe gelipdir ýa-da geljek-geljek bolup ýör. Bir zady anyk
aýdyp biljek: bu sapara Moskwanyň görkezmesi bilen gidilenok. Özleriniň ýörişe
gidýändigini ol-a Moskwa eken, kimdir biriniň bilmeginden hem gorkýarlar.
Moskwanyň tabşyrygy bilen ýörişe gidýän bolsalardy, onda beýle gorkmazdylar.
Halmyrat görmegeý, sypaýy. Tüýs dogan okaşaýmaly ýaş ýigit. Mydama
ýylgyryp dur. Onuň gözlerinde gam-gussa bar. Onuň ýüzünde gamgynlyk bar. Ony
göreňde ýaňy-ýakynda iň ýakyn adamy ölendir diýip pikir edýärsiň. Onuň sesinde-de
gamgynlyk bar. Onuň ýylgyrmasy welin, Hanguly baýyňka meňzeýär. Şeýle nurana
diýýän adamyň gaharlananda hiç bir zadyň çeni-çaky däl eken, Hudaý saklasyn!
Ol özüni dünýädäki iň parasatly adamlaryň biri hasaplaýar. Şonuň üçin ol
bütintürkmen döwletine özüniň patyşa bolmagyny isleýär. Asyl ol gürlände eýýäm
bütintürkmen döwletiniň patyşasy hökmünde gürleýär. Gaýgysyzy gabanýandygyny
duýýaryn. Özem ol mydama howlugýar. Ol dünýä inende-de howlugyp, ýedi aýlykka
inipdir. Ol nahar iýende-de howlugyp iýýär, gürlände-de howlugyp gürleýär, şonuň
üçin onuň käbir sözüne düşünibem bolanok. Oňa ähli zat haýal görünýän ýaly, ol
atlaryň ýörişindenem, biziň arkaýynlygymyzdanam nägile. Göýä biz möhüm bir
zatdan gijä galyp barýan ýaly. Ol ýerli han-begler bilen ýazylyp-ýaýrap hemsöhbet
bolmagy halanok. Ol halamaýandygyny ýaşyrjagam bolup duranok. «Biziň öňümizde
gaty uly, gaty derwaýys meseleler dur. Biz entek ýene gaty köp adamlar bilen
duşuşmaly. Ähli türkmeniň bir gulakdan gopmagy bize bagly. Şonuň üçinem, bize
süýrenjeňlik etmek halkymyza hyýanat etdigimiz bolar. Alla türkmene mümkinçilik
döredip berdi. Allatagala öňümizde bagt jamyny goýdy. Şol bagt jamynyň daşyna
egele oturyp bilmesek, günä bizde, günä türkmeniň saý ýigitlerinde. Bu il-gün bähbitli
tutumda siz meni goldaň, menem sizi goldaýyn, bagtly türkmen döwletini gurup
bereýin».
Gaýgysyz bilen Halmyrat uzak giderler öýdemok. Ýalňyşmasam, olar biri-birini
öldürerler. Olardan ölüniň ysy gelýär. Hakyt şeýle, olardan ölüniň ysy gelýär.
Annanyýaz baý baradaky pikirim: Onda bütintürkmen döwletini gurmak
maksady bar, ýöne şol döwlete patyşa bolmak maksady ýok.
259
Bu üç kişini – Gaýgysyzy, Halmyrady, Annanyýaz baýy birleşdiren güýç näme?
Annanyýaz baýyň olardan tapawudy – ol Bagdatda sowadyny çykyp gelen adam.
Onuň bilen haýsy kazyň, haýsy müftiň, haýsy dindaryň, haýsy hanyň ýanyna
barsaňam ýüzüň gyzarjak däl, onsoňam işiň bitjek. Halmyrat bilen Gaýgysyz
kulhulalladan, tewärik çykmakdan aňry geçip bilenoklar. Annanyýaz baý bolsa her
hili dindaryňy din ugrundan ompa oturdyp biljek. Bu bir. Ikinji bir tarapam bar:
Halmyratdyr Gaýgysyz bilen deňeşdireniňde, Annanyýaz baýyň dili şireli. Duşmanam
Annanyýaz bilen bir çäýnek çaý içimlik salym gürleşse, öz ýassanyp oturan
ýassygyny uzadar. Annanyýaz ýüregiňi ýag deýin eretmegi başarýar. Asyl oňa ýok
diýer ýaly däl. Özem onuň bilen gürleşeňde köp zatlary öwrenýärsiň. Annanyýazyň
gaty sowatly, köp okan adamdygyna düşünýärsiň.
Ýalňyşmaýan bolsam, Halmyrat bilen Gaýgysyz Annanyýaz baýyň, ine, şu iki
artykmaçlygyndan peýdalanmak islän bolmaly. Men şu pikirimiň dogrudygyna
ýerlerde bolanymyzda açykdan-açyk göz ýetirdim.
Gaýgysyz bilen Annanyýaz baýyň arasynda döwleti nädip dolandyrmalydygy
barada jedel döredi. Jedelde Gaýgysyz Makiawelli diýen bir ýewropaly akyldaryň
pikirleriniň türkmenler üçin juda jaýdar gelýändigini, ol akyldaryň: «Halkyň dogabitdi
bigadyrdygyny bilýäris. Uzak wagtlap halka ýagşylyk edip, bir gezek gowşatsaň, ol
eden ýagşylyklaryň ählisini unudar, size garşy çykar», şeýle hem: «Halky gorkuzyp
saklamaly. Sebäbi halk gorkýan adamsyna we söýýän adamsyna örän gowy hyzmat
edýär. Söýginiň bagty görýän peýdasy bilen çäklenmeýär. Peýda bolmasa, söýgi
gutarýar. Şonuň üçin hem gorkynyň örän zerur güýçdügini ykrar etmeli» diýen
pikirleriniň dogrudygyny, bu pikiri türkmeniň beýik akyldary Ýusup Has-Hajybyň
«Bilimnama» atly kitabynda nygtandygyny, aýratyn hem onuň hökümdaryň,
dolandyryjylaryň halk bilen ýakyn gatnaşykda bolmaly däldigi, halkyň ýeke-täk
aladasynyň garnydygy, eger garny dok bolmasa, öz hökümdaryndan ýüz öwürjekdigi
hakdaky pikirlerini ýatlap, gaýtalap, halk bilen belli bir çäk saklap ýurdy
dolandyrmalydygyny öwran-öwran gaýtalady. Annanyýaz baý öz gezeginde Ýusup
Has-Hajybyň hökümdary halka kömek etmäge jogapkär hasaplaýandygyny, halka
kömek etmegiň iň gysga ýolunyň bolsa adalatly bolmakdygyny, garny üçin alada
edýän halkyň adalata mätäçdigini, halk bilen gatnaşyklarda akyl-paýhas bilen hereket
etmelidigini, patyşanyň halkyň pygamber-hudaý derejesinde görýän adamy
bolmalydygyny, berk düzgün-tertibiň, kada-kanunyň bolmalydygyny, olaryň berk
berjaý edilen ýurdunda bolçulygyň, bereketiň dolup-daşjakdygyny, türkmeniň bir
patyşa biten ýerinde utandygyny we utjakdygyny aýdýar. Platonyň pikirine görä,
döwleti dolandyrýan patyşa «pygamber donuny geýen Eflatun» bolmaly. Annanyýaz
baý Platony, Farabyny ýatlap, täze döwlet gurlan dessine bilime aýratyn üns
bermelidigini, Aşgabatda ýokary okuw mekdeplerini gurmalydygyny, ýaşlary daşary
ýurtlarda okamaga ibermelidigini tekrarlaýardy.
Gürrüňdeşlikde Annanyýaz baý esasy adam: ol gürrüňi başlaýar, ol pikirini
esaslandyrýar, ol ynandyrýar, ol gürrüňi jemleýär. Halmyrat bilen Gaýgysyz
260
geplemeýär diýip bolmaz, olar geplemek gepleýärler. Şeýlekin seretseň, ol ikisiniň
sözi kömekçi söz.
Iki adamyňky düşnükli, eýsem bu ýörişden Annanyýaz baý nämä garaşýar?
Onuň maksady näme?
Annanyýaz baý bu ýörişde ähli türkmen gardaşlaryny birlige çagyrýar,
bütintürkmen döwletini edara etmegi Halmyradyň, Gaýgysyzyň oňarjakdygyna güwä
geçýär. Bir söz bilen aýdylanda, Annanyýaz bütintürkmen döwletiniň wagyzçysy.
Halk gadymçylara, aýratyn hem jezitçilere ynanýar, olara aýratyn sarpa goýýar.
Meniň Annanyýaz Artyk babatda düşünmeýän bir zadym bar. Annanyýaz baý
sahy adam. Biri gapysyndan gözýaş döküp gelse, ol gelene dünýäň zadyny berip
goýberýär. Onuň gapysyna delalat isläp, kömek sorap, gözýaş döküp gelýäniň bolsa
yzy üzülenok. Annanyýaz baý garyba kömek edýärmiş diýip eşidenem tanasatanamasa onuň gapysyndan barýar. Ýöne her näçe ile baýlyk paýlasa-da, onuň
baýlygy kör garganyň saçagyna meňzeýär, bereketi hiç egsilenok. Annanyýaz baý ol
elaçyklygy bilen balaksyz jüt galmalylaryň biri ol. Men bolsa onuň jüt galjak gününe
günümi sanap garaşýaryn. Haýran, onuň baýlygy gutaranok. Şu ýerde bir gudrat-a
bar. Elbetde, oňa girdeji girmesine girýär. Ýöne arçynlygyndan-a çykdajy bolaýmasa,
girdeji oňa ýok. Bagyndan oňa gaty köp gelýän bolmaly. Nyşapurdan, Maşatdan,
Yspyhandan hem gelip onuň kişdesinden, kişmişinden kerwen-kerwen äkidýärler.
Annanyýazyň ekýän gök-sögünden üýtgeşik girdeji ýok. Oňa harazyndanam
girýän girdeji ýok. Juwazyndanam görýän peýdasy ýok. Aşgabatdaky dükanlaryndan
näçe peýda görýändigini aýdyp biljek däl. Aşgabatdaky baýlygyň – dükanlaryň
hojaýyny Guwak batyr bolmaly. Birden adygyp ötägitdi ol, walla. Öň-ä itde san
bolsa-da, onda san ýokdy. Aý, hawa-da, ony batyr eden Annanyýaz baýyň baýlyklary
bolmaly. Gör-ä, şarňyldap duran dört otagly jaý gurundy. Onuňky ýaly öý Ýalkap
baýda-da, Gündogdy baýda-da ýok. Onsoň onuň depseň deprenmez baý boldugy
dälmi? Ynha indem iki ýüz sany ýigide baş bolup ýör.
Ugradyk.
Ymam Kasymdan geçen ýerimizde öňümizde dur birgiden atly. Alagaraňkyda
zähräm ýaryldy. Halmyrad-a ýazzyny berýärdi, Annanyýaz baý «Öz ýigitlerimiz olar»
diýmedik bolsa. Titir-titir edýär.
Hakykatdanam öz ýigitlerimiz eken. Gypjagyň men diýen ýigitleri. Olar
Annanyýaz baýy ugratmaga çykypdyrlar. Elbetde, obaň içinde adamlaryň ünsüni
çekmäli, bimaza etmäli diýendirler-dä?
Guwak baý hakyt Görogly bege meňzäp dur, zaluwat. Hiç hili gorky-ürküsi ýok.
Özüni han duýýar, soltan duýýar. Biziňem depämizden seredýär ol. Onuň ýanyndaky
akýagyz ýigidi her näçe ýiti-ýiti seretsemem teý tanap bilmedim. Ähli kişi diýen ýaly
sakgally-murtly, ol ýigitde sakgal-da ýok, murt-da.
Ýakyn baranymyzda tanadym men ol ýigidi: ol nätanyş diýýänim, görüp
otursam, Annanyýaz baýyň dogmasy Atamyrat eken.
Allatagala çozgunlaň neberesine göwre-hä berýär. Ýaňy sünnet edilen oglanoglanjykdyr öýtmersiň. Boýy esli bar häzirem. Meniň boýumdan-a kem däl oň boýy.
261
Gepi-sözem uly adamyňky ýaly, öwrediläýdimikä öýdýäň. Ýöne oňa öňünden hiç zat
öwredilmedigini bilýän men. Ol bolsa: «Kaka jan, sag gidip, aman gel. Yzyňy alada
etme. Geleriňe günümizi sanap garaşarys» diýýär, zaňňar.
Olar bizi esli aralyga çenli ugratdylar.
Annanyýaz baý ýola düşende ýeterlik azyk-owkat alýardy, ýöne bu sapar azyk
ýüküniň ýokdugyna men geň galdym.
Halmyrat dagyň üsti owkatly aty gözüme ýakymly görünýär. Ýa olar Annanyýaz
baýa: «Sen azyk-owkat aladasyny etme. Ýanymyz bilen gitseňiz bolýar»
diýäýdilermikä? Eger şeýle diýen bolsalar, olaryň ýanlaryna alanlary hem şo atyň
üstündäki bolsa, ony-ha ýeke özümem iýip gutararyn. Şäherli adamlar ýol tutumyny
näbilsinler diýsene. Dogrymy aýdaýyn, Ýerbende barýançak meniň hiç mazam
bolmady. Aç kösenjekdigimiz hakdaky howatyr teý aňymdan aýrylmady. Haçanda
Ýerbende Berdimyrat batyryň öýüne baranymyzda tanyş adamlary – Nepes joşy,
Rejebi, Allany görüp hemem iki düýe azyk-owkadyň bardygyny görüp, dünýäm
giňedi. Begenjime hakyt gygyryberesim geldi. Birinji, ýok, ikinji gezek Annanyýaz
baý gözüme ýakymly göründi. Ol birinji gezek maňa öý dikip berip öýerende – toý
tutup berende gözüme şeýle gowy görnüpdi. Soň görüp otursam, Annanyýaz baý
Nepes joş dagyny bir gün öňünden ugradan eken.
Ýene şeýle boldy: biz-ä Berdimyrat batyrlarda düşledik, Nepes joş dagam ýola
düşdüler.
Men Berdimyrat batyry görenimde haýran galdym: ol hakyt ertekilerdäki deňsiztaýsyz gahrymanlara meňzeýär. Gaýgysyzam, Halmyradam, Annanyýaz baýam
süňňiri, deşli adamlar, Berdimyrat welin olardanam has bitginli kişi eken. Batyr
diýseň, batyr. Ol baga bakylan daýaw öküziňi emgenmän egnine alyp biljek adam.
Dogrusy, olaryň ýanynda men özümi çagajyk ýaly duýdum. Sesi dagy bäş-on putluk
boş küýzäniň içinde ýaňlanýan ýaly, köwsarlap-köwsarlap çykýar. Ata-babalarymyz,
meger, has süňňiri halk bolan bolsun gerek.
Men ýörişiň dowamynda iliň öňüne men handyryn, men begdirin diýip çykan
adamlaryň içinde ejizini görmedim. Daýawlaryň içinde bolsa Berdimyrat bilen
Abdyhekim Gulmuhammet diýilýän kişi meni haýrana goýdular.
Meni haýrana goýmak kyn. Men bu dünýäň agyp-dönmesine juda
öwrenişipdirin. Ýöne meni Jüneýit hanyň aglamagy hem haýrana goýdy. Adam
öldürmegi siňek öldürençe görmeýän ganhor, jellat Jüneýit hanyň bir köşegiň öleni
üçin aglanyny hakyt gördüm.
Jüneýit han bize Akýaýyr guýusynda garaşýandygy barada habar iberipdir.
Habar getiren ýolbelet bolup öňümize düşdi.
Ýolbelet bilen baranymyzdan soň, bizi barlap-kösäp durman guýa goýberdiler.
Barsak, bir inen çägä bagryny oýkap şeýle bir bagyrýar, şeýle bir bagyrýar, depe
saçyň syh-syh bolýar.
Gurbanmämmet serdaryň bar ünsi şol inende. Özem şol inene seredip aglap dur.
Biz onuň aglaýşyny görüp, birhili gelşiksiz ýagdaýa düşdük.
262
Dört-bäş sany men diýen kişi ineniň ýüpünden çekip, guýudan biraz aňry
äkitmekçi bolýar. Çeke-çeke inen jeneweriň erinlerini iýrip, gara gan edipdirler. Ýöne
inen erin awusy­ny duýmaýan bolarly. Gurbanmämmet serdar:
– Äkidiň ahyryn aňyrrak! Äkidiň! – diýip, azymly gygyrdy.
On-on bäş kişiniň hersi ineniň bir tarapyndan baryp göterip ugradylar.
Inen hötjetlik etdi. Patanaklap, ýanyndaky adamlaryň birini gapdy, ýene birini
depdi, garasaý, sähel salymyň içinde bäş-alty adamy heläkledi.
– Han aga, bu inen guduzlady, muny ataýaly?
– Ýok, ýok, atmaň janaweri! Öňküsini az görýäňizmi?
Gurbanmämmet serdar bizi görüp, oňaýsyz ýagdaýa düşdi. Ol aljyraňňylyk bilen
gözleriniň ýaşyny sylyp, biz bilen gadyrly salamlaşdy.
Biz Gurbanmämmet serdaryň yzyna düşüp kabulhanasyna bardyk.
Içerde jaýlaşykly oturanymyzdan soňam ineniň ýüregi para-para edýän zaryn
bagyrmasy üznüksiz ýaňlandy durdy. Gurbanmämmet serdar başga çykalga tapan
däldir-dä, uludan demini alyp, gynançly, pessaý gürledi:
– Aý, nätjek-dä, bolmasa, o janawere kömek edäýiň, goý ol bagyr awusyndan
halas bolsun!
Men ineni bagyr awusyndan nädip halas edip boljakdygy hakda oýlandym, ýöne
belli bir pikire gelip bilmedim. Meniň aňymdaky dürüşdeligi daşarda ýaňlanan tüpeň
sesi aýyl-saýyl etdi oturyberdi.
Biziň ýüzümize seredip çykan, Gurbanmämmet serdar şeýle diýdi:
– Myhmanlar, aýyplaşmaweriň. Ýaňky inene nebsim agyraýdy. Bir aý mundan
öň bu ineniň köşegine atdanlykda ok degipdi. Soň ony ýaňky bagryny oýkaýan ýerine
gömüpdik. Ineni ýaňy guýa getirdiler. O janawer köşeginiň gömülen ýerini
unutmandyr, üstündäki ýüküni zordan düşürip ýetişipdirler. Biz muňa haýwan diýýäs,
haýwanam bolsa bagyr awusyny unudanok. Onda-da, görüň-ä, nähili bagyrýar. Düýä
seredip, ýatan ýeri ýagty bolsun, ejem neressäni ýatladym1...
– Haýwan janawer söýende-de adamçarak söýýär, adamçarak ýigrenýärem.
Ýigrenjinden-ä Hudaý saklasyn – diýip, men gürrüňe goşuldym. Wah, gürlemän
oturmaly ekenim. Meni derrew daşaryk çykardylar. Şoň üçinem olaryň eden
maslahatlaryny-gürrüňlerini eşitmän galdym. Ýöne edilen gürrüňleri çen bilenräk
aýdyp biljek.
– Eý, Gurbanmämmet serdar, hemmämiziň maksadymyz bir: bütintürkmen
döwletini döretmek. Sen Wasda türkmen döwletini döretdiň. Seniň döreden türkmen
döwletiň iki ýyl (1918–1920 ý.) dowam etdi. Atyňy ýeke çapanyň sebäpli, döwletiňi
eliňden aldyrdyň. Indem gözgyny ýagdaýda gezip ýörsüň. Mundan mydar bolmaz.
Ähli türkmenler bir wagtda aýaga galmaly, gelmişekleri gelen hinine dykmaly,
ýogsamam öz topragymyzdan olara orun bermeli. Aýallary erkeklerden
Gurbanmämmet serdar (1860 – 1938 ý.) ömri paýawlanda Watan ahyny çekip, şu inenli wakany
ýatlapdyr. «Men ölsem, meni Jeýhun derýa oklaň. Maslygym ahyry meni dünýä inen topragyma
ýakynlaşdyrar. Ýa-da meni köşekli inene ýükläp serhetden aşyryň. Obamyzyň mazarlygyna eltibem, meni
ineniň köşegi bilen bile jaýlaň. Soňundan hem meniň mazarymy ýer bilen deň edip tekizläň. Goý, meniň
1
263
mazarym ýitsin. Ýogsam bolşewikler meni mazarymda-da rahat ýatmaga goýmazlar» diýip, Jüneýit han
aýdypdyr. Ýakynlary onuň bu sözüni geňläpdirler: «Mazaryňy tekizlesek, soň biz ony nädip taparys?».
«Zamana parahatçylyk bolansoň, siz şol inen düýäni mazarlyga goýberseňiz, ol derrew jiger awusy bilen
köşeginiň gömlen ýerini tapar. Inen nirä baryp döşüni oýkap-oýkap, aýylganç-aýylganç bagyryberse, şol
ýerini gazyberiň!..» diýip, Jüneýit han wesýet edipdir.
bir depim aşakda jaýlaýan bolsak, gelmişekleri aýal depimindenem aşakda jaýlamaly.
Wessalam. Döwlet gurmakda, goşun düzüminde sende tejribe bar, seniň tejribeleriňi
ýerlerde peýdalanmak gerek.
Gurbanmämmet serdaryň sözi nagt:
– Ýigitler, türkmen üçin ölüme gitmelem bolsa meniň ikirjiňlenmäm bolmaz.
Men indi aýlawa giren adam. Tä gelmişekleri ýurtdan çykaryp kowup, türkmen
döwletini gurýançam säginmäm bolmaz, şu niýetimden meni bir ölüm saklap biler,
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Annanyýaz Artyk - 25
  • Büleklär
  • Annanyýaz Artyk - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3693
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2100
    30.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3752
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2154
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3820
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2097
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3839
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2008
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3848
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2016
    34.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3789
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2063
    35.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3775
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2027
    33.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3680
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2068
    33.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3654
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2067
    30.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3729
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2007
    32.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3834
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2076
    34.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3859
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2156
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3706
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2001
    34.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3834
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2099
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3785
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2117
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3744
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2037
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3704
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2076
    31.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3750
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2077
    32.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3658
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2124
    31.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 3762
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2143
    32.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3884
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2023
    33.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3785
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2068
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3811
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2035
    32.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3756
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2109
    33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3772
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2065
    33.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 3676
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2097
    32.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 3753
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1851
    34.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 28
    Süzlärneñ gomumi sanı 3771
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2014
    33.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 29
    Süzlärneñ gomumi sanı 3723
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2175
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 30
    Süzlärneñ gomumi sanı 3798
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1980
    34.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 31
    Süzlärneñ gomumi sanı 3626
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2029
    31.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 32
    Süzlärneñ gomumi sanı 3667
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2026
    30.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 33
    Süzlärneñ gomumi sanı 3707
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2053
    32.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 34
    Süzlärneñ gomumi sanı 3793
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2092
    33.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 35
    Süzlärneñ gomumi sanı 2148
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1314
    38.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    58.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.