Latin

Annanyýaz Artyk - 23

Süzlärneñ gomumi sanı 3811
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2035
32.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
47.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
54.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
mekdeplerden işden kowdy. Şonda Gaýgysyz Bäherdende, men Aşgabatda
mugallymdym. Öň oklukirpä öwrülen türkmeni ak patyşa, bu gün bolsa wagtlaýyn
hökümet araba bilen awlaýar. Türkmeniň taryhynda deňsiz-taýsyz gahrymançylyk
görkezen beýik ärler kän, juda kän. Ýöne biz ol beýik ärler hakda däl-de, Keýmiriň
alamançylyk gahrymançylygy hakda bilýäris. Munuň aňyrsynda Dorreriň inçe
syýasaty ýatyr. Dorrerler türkmeniň dilini gysga etjek «milli gahrymanlary»
bilgeşleýin döredýärler. Graf Dorreriň ýolbaşçylygynda türkmenleri agzala bolar ýaly
etdiler. Maksatlaryna ýetdiler, türkmeniň biri-birine göwni ýetmez ýaly, her türkmene
ulumsylyk, men-menlik lybasyny geýdirdiler. Graf Dorrer türkmeniň asgyn ýerini
birkemsiz öwrenip, şol asgyn ýerinem bela-betere öwürdi. Indi türkmeni jemlemek
kyn düşýär. Möjegiň sürüsi ýok, ýöne ýaga topulmaly bolanda birleşýärler. Bize-de
birleşmek, her kimiň başarjak işini etmegi...
Annanyýaz baý sözüni soňlamady. Onuň aýtjak zatlary kändi. Ol ýüregini bire
baglapdy: ol bägül deýin açylmakçydy, ýüreginde berçin baglan pikirleriň baryny
aýtmakçydy. Ýöne Annanyýaz baý garşysynda oturan Eziz hanyň dünýäsiniň öz
dünýäsine bap gelmeýändigini aňdy. Ol giden bir sowuklyk ummanyny duýdy. Eziz
han şol ummanyň içinde gark bolup barýar. Ýöne ol halas bolmak üçin asmandaky
Aýa el uzadýar. Ol häzir Annanyýaz baýy diňlänok. Ol öz dünýäsi bilen başagaý. Hut
şonuň üçin hem ol Annanyýaz baýyň sözüni soňlaryna garaşmady. Daýaw göwresine
muwapyk bolmadyk ýeňillik bilen garysyna galyp, ýangynly gürledi:
– Kimiň-kimdigi başa iş düşende belli bolýan eken. Bu gün diňe seniň ýa meniň
däl, külli türkmeniň başyna iş düşdi. Näme etmeli? Meniň aňymda mundan başga
pikir ýok. Daşymda ynamdar dosty-ýarym köp ýalydy. Ýöne az eken. Duzak syrygyp
toýnaga ilende adam hasam hüşgär bolýan eken, mizan terezisine köp bakýan eken.
Ýüzüň diýdigim däl, meniň saňa hormatym bar. Ikimiz tas obadaş diýen ýaly. Atababalarymyz ýakyndan gatnaşypdyrlar, biri-birini goldaşypdyrlar. Gezek bize ýetdi.
Şu agyr günde janymy kime ynanyp biljekdigim, ýüregime iň wepaly kişiniň kim
243
bolup biljekdigi hakda oýlanamda, ýüzüň diýip aýtdygym däl, sen ýadyma düşdüň.
Öten agşam hem men sen barada kän oýlandym. Seniň bolşuň özgeleriňkä meňzänok.
– Nämäm özgeleňkä meňzänok meniň?
– Ähli baýlygyň towsa göteriljek bolup dur. Gyzyllar gelip bizi tuwmaýak
goýmakçy bolýarlar. Seniň bolşuň bu gelýän betbagtçylyk akymyndan aman galjaga,
bu betbagtlyk ylla saňa dahylly däle meňzeýär. Bu diňe bir meniň pikirim däl. Bu
pikiri maňa üç-dört adam aýtdy. Olaryň sözi meniňki bilen deň geldi. Onsoň
«Annanyýazy arkaýynlandyrýan bir gowy gädik bar bolaýmasyn? Eger bar bolsa,
haýyş edeýin, goý ol menem ýanyna alsyn» diýip pikir etdim.
– Eziz, mende gädik-de ýok, gaçybatalga-da. Alla bizi synaga salýar...
4.
Daşda goh-gowurdy eşidildi. Eziz han gapa tarap gulagyny aýlap diňşirgendi.
Çaky, hyzmatkär öýe goýbermejek bolýar, kimdir birem zor bilen girjek bolýar.
Ol şeýle-de boldy. Gapyda gülüm-ýalym bolup, yrzaýyp Ýelli baý dur, özem
eplem-büklem bolup bir-de Eziz hana salam berýär, bir-de Annanyýaza.
Del adamyň gelmegi Eziz hana ýaramady. Üstesine, üstlerine girilmegi, onda-da
haýsydyr bir söwdagäriň girmegi onuň mertebesine degdi. Ony Annanyýaz
çagyrandyr öýdüp, Annanyýazyň ýüzüne bakdy. Annanyýaz Ýelli para garap:
– Sen bu ýerde näme işläp ýörsüň? – diýdi.
– Ýegen jan, seň Eziz han bilen oturanyňy eşidip geldim, hyzmatym gerekdir
öýdüp geldim. – Soňra ol gülüm-ýalym bolup hana bakdy: – Han aga, päkize gyzgelin bar, keýp etseňiz diýip geldim...
– Hä, Eziz han bilen Annanyýaz han haramylyk etmelimi? Sen terezikeş, seni
kim iberdi?.. – diýip, Eziz han gazaplandy.
– Hiç kim, üstümde Alla bar!..
– Tüket, seniň ýalyň üstünde-de bir Alla bormy? Kim iberdi? Annanyýaz han, ýa
sen çagyrdyňmy?
– Eziz han, men han däl, öz hyzmatymy özüm edýän men!
Eziz han Annanyýaza nämedir bir zat diýmekçi boldy, ýöne dymdy. Ýelli pary
gözleri bilen dalap, ornundan turdy, dürre gamçysyny alyp Ýelli paryň peträp barýan
garagyna gezedi:
– Dogryňdan gel, köpeýogly, seni kim iberdi? Sen nädip biziň şu ýerde
oturanymyzy bilýäň?
– Weý, hanlarynyň oturan ýerini bilmezdenem bir adam bormy? Özüm bildim,
Eziz han, Hudaý ursun!
– Hudaý däl, häzir özüm uraryn seni!
– Siz, näme, myhman gelmegindenem heder edýäňizmi ýa buky bir...
– Gör, bu köpeý oglunyň tapýan gepini! Seniň ak patyşaňdan gorkmaýan Eziz
han gel-gel haram terezikeşden gorkarmy?
– Agam, jan agam, günämi geç! Jan ýaly ýegenime...
244
– Jan ýaly ýegeniňe ozalam gyz-gelin tapyp berýärmidiň?
– Ýok... – Ýelli par elewräp, naýynjar halda Annanyýaza bakdy.
– Syddyh! – diýip, Eziz han gygyrdy. Hyzmat edýän ýaş ýigit saňňyl-saňňyl edip
içeri girdi: – Sen muny näme diýip goýberdiň?
– Jan ýaly ýegenime aýtmaly habarym bar diýdi.
Ýelli par:
– Jan Annanyýaz jan, meniň gara başymy gutar! – diýip sakawlady.
Eziz han Syddyha:
– Syddyh, hany munuň ýüzüne-gözüne siňe seret. Bu duran jeset ýaly-la.
– Jeset, han aga, jeset!
– Ýogsa-da ýolbarsyň sürenine giren şagalyň başy ölümli bolar! Bar, muny
öňüňe sal, gyz-gelnini alyp gelsin. Bir agyz geplese ýa gözi-gaşy bilen düşündirjek
bolsa, gysganman, tarhanlyk edip, bäşataryň bäş okuny hem döşünden geçir!
Düşdüňmi!
– Lepbeý, han aga!
– Han aga, men size ýagşylyk etjek boldum. Üzümiň suwy ýaly perizady
huzuryňyza getirdim. Perizat gerek däl diýseňiz, men gaýdyberjek. Men bir söwdagär
adam. Göni gelen perizadyň iki gözünden başga näme aýby bolsun?!.
– Hany perizadyň?
– Gyzlar daşarda, howlynyň daşynda dur – diýip, Ýelli par elewredi.
Bäş minut geçip-geçmänkä Syddyh iki sany aýal maşgalany, Ýelli pary öňüne
salyp girdi. Eziz han içki gapydan boýnuny uzadyp, Rozany çagyrdy.
– Roza, bu iki urkaçynyň ähli ýerini barla, şübhe döredýän nämesi bar bolsa,
tapyp gel!
Eziz hanyň çaky dogry bolup çykdy. Gelen gelinleriň biriniň ýanynda bir
gutujykda zäher bar eken.
Zäherli gutujygy gören Ýelli paryň haýýady göçdi, ol dilden-agyzdan galyp, iki
goluny elewredip, agzyny açyp, jan berip barýar. Ol jaýda Syddyh bilen Roza
gelinlerden sorag etdi, Ýelli par bolsa sorag etdirmesiz aýdyp berdi.
– Ýomut hanyň attutary aýtdy: iki sany gowy maşgala bar, bar agaňa eltip ber,
Eziz han hatamtaý handyr, bir penje altyn eçiler diýdi... Bala-çagamdan tapaýyn bu
gelinleri tanaýan bolsam, men bulary tanamasam-bilmesem...
Gelinlerem gutujykdaky zäheri bilmeýän eken. Olara ol uky derman diýlip
berlipdir: baý adamlar bilen aýşy-eşretde bolup, soňam puldur baýlygyny talarsyňyz
diýlipdir.
Eziz han Syddyha görkezme berdi:
– Iki jelebi bir jaýa sal, bu nekgendäni başga bir jaýa sal-da gulpla! Biziň
gürrüňimize päsgel bermesinler...
Ýelli par elewredi...
– Han aga, han aga...
– Ýene bir ýola jyňkyny çykarsa, at-da, zibilhana zyňyp gaýt!
Agyr dymyşlyk boldy, ahyry Annanyýaz içki howsalasyny daşyna çykardy:
245
– Baý-ba, ynha türkmeniňem baryp ýeten derejesi!
– Annanyýaz, men saňa iň esasy aýtmakçy pikirimi aýdamok entek.
– O nähili üýtgeşik pikir ol?!
– Ol gaty üýtgeşik pikir. Ol ýurduň ykbalyny ymykly çözmek pikiri. Ine, şu
pikiri seniň bilen maslahatlaşmak isleýän men. Özem mesele gutarnykly çözülýänçä
bu gürrüňiň hiç ýere ýaýramazlygyny isleýän.
– Ynanmaýan bolsaň, aýtma.
– Ynanmadyk bolsam, men seni çagyrmazdym. Men saňa ynanýan. Ýöne aýtjak
sözlerimiň gizlindigini şeýlekin bir düşündirmek isledim. – Eziz han oýkanjyrap kän
oturdy. Ol birki ýola ýuwdundy. Soňundan käsesindäki çaýy başyna göterdi: –
Aýtsam, Annanyýaz, ýagdaýlar şeýle: men iňlisler bilen gürrüňdeş boldum. Olar bilen
köp zatlary düşünişdimem. Käbir işlerem etdim. Bu barada bahym eşitmegiň mümkin.
Güni synyň bilen ýapyp bolmaýar ahyryn. Biler bolsaň, dogan jan, iňlisler bize bal
kölüni, şambalany1 wada berýärler. Olar bilelikde ýurt gurmagy teklip edýärler. Olar
biziň topragymyza orsuň gelmegini kes-kelläm islänoklar. Olardan size hiç zat ýok
diýýärler. Orsuň özi garyp, öz-özüni ekläp bilenok diýýärler. Özüni oňarmaýan ýurt
nädip sizi eklesin diýýärler. Iňlisler bolsa dünýädäki ýeke-täk iň baý, ýeke-täk iň
güýçli döwlet diýýärler. Ýöne olaryň döwletimize şärik boljagyny teý oňlap bilemok.
Eger şärikli döwlete razy bolmasak, onda ýurdumyz başybitin orsa tabyn bolmaly
boljak. Başybitin tabyn bolandan şärikli bolan kem däl ýaly. Ä? Sen nähili görýäň?
Meniň öz isleýän döwletimi-hä ýaňy saňa aýtdym. Döwleti iki tapgyrdan ybarat
ýagdaýda gurmaly.
Uzak gürleşildi. Gürrüňiň arasynda:
– Annanyýaz, men birigün ýene iňlisler bilen duşuşmaly. Mende häzir güýç bar.
Häzirki döwürde Tejen meniň elimde. Adamlar meni goldaýarlar. Maňa alkyş
aýdýarlar. Ygtyýarymdaky esgerlerimiň sany gün-günden köpelýär. Ähli halk eline
ýarag alyp, maňa hyzmat etmek isleýär. Ýöne men türkmenleriň birleşmeginiň
zerurlygyny günsaýyn äşgär duýýaryn. Bize birleşmek gerek. Iňlisler goý bize ýarag
kömegini bersinler, ýöne biziň bilen halkymyza şärikli hanlyk etjek bolmasynlar.
Iňlisler bilen birigünki duşuşygymda ine şuny aýtmak isleýän.
Eziz han gürlände titreýärdi. Ýüzünden buz ýaly der akýardy, yzly-yzyna
ýüzüniň derini süpürýärdi.
1
Şambala – hyýaly jenneti mekan.
Annanyýaz baý Eziz hanyň ýüzünden ajalyň alamatlaryny gördi. Ýok, ýok diýip,
Annanyýaz baý öz-özüne garşy çykdy. Eziz hana hiç zat bolmaz. Hanyň goragy
ýeterlik. Güýji köp. Arkasynda iňlisler dur. Onsoň kimiň Eziz hana dişi ötsün?!
5.
246
Ykbal – tapmaça. Ertirki gün saňa näme garaşýandygyny bendesi bilenok, diňe
Haktagala bilýär. Eziz han hem iki günden özüniň bagtynyň ýatjakdygyny, iňlisleriň
allaowarra äkidip atjakdygyny näbilsin?!
Ýöne onuň etsem-petsemleri kändi. Ol Jüneýit han bilenem egri oturyp, dogry
sözleşmek isleýärdi. Onuň özünden başga hiç kime ynanmaýandygy duýulýardy. Otuz
ýaşy arka atan, durşuna dogum-gujur Eziz han Annanyýazy Ahala han bolmagy üçin
däl-de, özüniň külli türkmen iline han bolmagynda Annanyýazyň ýardamyna,
kömegine hantama bolup çagyrypdy.
Annanyýaz ýassynlar gaýdarmandy, gürrüň uzaga çekdi, bir pikirde saklanmak
üçin müň pikiriň başy agyrdyldy. Şeýle-de bolsa, meniňki bolsun diýer ýaly pikir
tapylmady. Gije ikilerde Annanyýaz baý Eziz han bilen allaýarlaşyp, Ýelli pary alyp
ýola düşdi.
Annanyýaz janpenalary bilen atly, Ýelli par pyýada.
– Sen meniň Eziz hanyňkydadygymy nireden bildiň? – diýip, Annanyýaz baý
esli aralyk geçenlerinden soň Ýelli para ýüzlendi.
– Wah, ýegen, siz bir dünýäden bihabar adamlar. Bu mahal ady kethuda, ady
han-beg bolan, baý bolan adamyň yzynda adam bar... Pul berilýär, pul! Bu mahal
harydyň ýüzüne köz degdi. Bu mahal pul maglumat-da!
– Onda adam satýarsyň-da!
– Ýok, ýok, Hudaý bar... Bilip ber diýilýär, pul berilýär, bilip bermeli bolýar!
Puluň öňünde durup bolýarmy näme? Puluň öňünde aleýhyssalam hem durup biler
öýdemok.
– Sen tetellä imansyz diýilýär – diýip, Annanyýaz ýigrenç bilen aýtdy.
Ýelli baý ýakymsyz gürrüňlerden başyny sowmak üçin sag bolsunyna başlady.
– Annanyýaz jan, ata-babaňa sadaga bolaýyn, meni ölümden gutardyň...
Annanyýaz baý Ýelli paryň jöwlan urmasyny diňläp barşyna, Eziz hanyň başa
agyr iş düşende kimiň-kimdiginiň tanalýandygy baradaky sözlerini ýatlady.
Annanyýaz baý Eziz hana düşündi hem gyýyldy: Eziz hanyň başyna düşen kysmat
onuň içki dünýäsini daşyna çöwürdi.
Gije bilen gündize öwrenişip gidipdiris. Ýöne, seredip otursaň, gijäniň
gündizligi, gündizligiň hem gijeligi bar. Çünki gündiz, göräýmäge, ähli zat görnüp
dur, açyklyk, ýagtylyk. Ýöne gündiz sen adamyň daşky sypatyny görseňem, içki
dünýäsini görüp bilmeýärsiň, adamyň içki dünýäsi saňa garaňkylyk bolup galýar.
Niçik, adamyň başyna agyr kysmat düşýär welin, adamyň içki dünýäsi – garaňkylyk
ýagtylyga öwrülýär. Muny gündizligiň gündizligi diýmän, eýsem başgaça nähili
atlandyrjak?! Gije garaňkylyk pynhanlyk. Gije adam ýüregini açmaga ýakyn bolýar.
Diňe Eziz hanyň däl, gaty köp adamlaryň perdeleri sypyryldy. Adamlary
tanamak aňsatlaşdy. Ähli zatlar gülala-güllük, bolçulyk bolanda adamlary tanamak
kynlaşardy: garaňkylyk örtülip, köp-köp zatlary görüp bolmazdy. Gijäniň-gündiziň,
agyr günüň – elpe-şelpelikli günüň öz aýratynlyklary, öz gije-gündizleri bar. Gijegündiziň hem öz gündiz bilen gijesi bar: Allatagala ähli zady jübüt-jübütden
ýaradypdyr, jübüt-jübütligiň hem öz jübüt-jübütligi bar.
247
Ine, agyr gün Ýelli paryň kimdigini aýyl-saýyl etdi.
Agyr gün Eziz hanyň hem kimdigini belli etdi.
Başyna agyr gün düşmedik bolsa, ol heý iňlislere arka dirärmidi? Diremezdi. Ol
çykalga tapmak üçin urunýar, Annanyýaz baýyň ýanynda mertebesinem saklajak
bolýar. Ol Annanyýazyň öýüni tapman-bilmän ýörenlerden däl. Ýaşka ol, gör, näçe
gezekler barypdy. Olar iki gezek hepdeleýin awa-da gidipdiler. Ýöne häzir Eziz
hanyň ýagdaýy Annanyýazyňkydan gowy bolmaly. Baýlygy köp bolmaly. Olar
Herrikgaladan Tejene diňe baýlyk üçin göçüpdiler ahyryn. Bu gün Eziz han şol hars
urup, gije-gündiz ýatman ýygnan baýlyklaryny ýitirmekden gorkýar. Ol janynyň
ýitmek gorkusyndanam bäş beter baýlygyny ýitirmekden gorkýar. Ol bu gün her
kimden delalat isleýär. Suwa gark bolanyň hyşadan tamakin bolşy ýaly bir zat bu. Ol
Annanyýazdan başga-da, gör, näçe adamy ýanyna çagyrandyr. Ýöne ol hiç kimde
baýlygyny gorap berip biljek güýji gören däldir. Annanyýaz baý Eziz hany göz öňüne
getirip, ikisiniň arasynda gorpuň – boşlugyň bardygyna düşündi. Bu günki duşuşyk
Annanyýaz baýda Eziz hana sowuklyk döretdi.
Baýlygyň oýnuny görsene! Baýlyk men-men diýen kişileriňi wagşy ýyrtyjy
edýär, baýlyk men-men diýen kişileriňi aýagasty binamysa öwürýär. Baýlykdaky bar
gudrat Hudaýda-da ýok bolsun gerek. Ýa baýlyk Hudaýmykan? Ýa baýlyk Hudaýyň
näletimikän? Ýa baýlyk – şeýtanmykan? Bir zad-a belli: bu panyda şeýtan tas ähli
edýän işlerini baýlyk atly guraly bilen edýär. Baýlyk şeýtanyň tommakaýly taýagy
bolmaly.
Annanyýaz baý birden Hangulyny ýatlady. Özem onuň soňky gezek
duşuşykdaky dört tyllany bölüşini ýatlady.
– Sen dört tyllany üç adama nädip deň bölmelidigini bilýäňmi?
Hangulynyň bir zat aýtjak bolýandygyny aňyp, Annanyýaz baý ony ugruna
kowdy:
– Ýok, bilemok, hany, özüň aýt.
– Iki adama iki tylladan paýlajak.
– Üçünji adama näme berjek?
– Üçünji adama hiç zat ýok.
– Näme üçin? Hany deňlik?
– Başga ýerde ýok zat hökman üçünji adam üçin bolaýmalymy?
Durmuş bu, ähli kişi gowy bolubermeýär, arasynda hökman Ýelli par tetelli hem
bolýar.
– Haý, Ýelli baý, Ýelli baý, beýdip ýöreniňden öleniň abraý bolaýmasa, diýip,
Annanyýaz baý jylawy silkip atynyň sagrysyna çalaja gamçy degirdi.
Uzyn gije eýesine garaşyp sabry suw bolan, indem öýe barýanyny bilen janawer
tüweleýläp ümdüzine gitdi...
Ýelli baý tümlügiň içindäki tümlük bolup galyberdi...
Iki sany garpyşyp duran it möjek görende uruşmalaryny, harçaňlaşmasyny
goýup, agzybirlik bilen möjege topulýarlar, ýogsam möjegem it ahyryn. Ýöne,
elbetde, ýabany bilen eldeki itler öz aralarynda parh goýýandyrlar-da. Hany,
248
türkmenler başa iş düşende – duşman-möjek gelende agyzlaryny bir edip
bilýärlermi?!
Başa iş düşende, agyr günde adam tanalýar. Diňe bir Annanyýaz baý däl,
adamlar agyr günde Annanyýaz baýy-da has içgin tanaýarlar. Adam ýagşylyk görerin
öýden gapysyna barýar. Agyr günüňde tekge berjek gapy köp bolmaýar. Annanyýaz
baýyň gapysynyň gije-gündiz adamly bolmagyna çekip-çydap bilmän ýörenlerem bar.
Gabanyp ýörenlerem, göriplik edýänlerem bar. Annanyýaz baý bu ýagdaýa agyr-ýeňil
bolanok. Onuň üçin dünýäniň bärisem, aňyrsam bir ýaly. Allatagala her kimi bir
röwüşde dünýä inderipdir. Meger, Allatagala iki adam üçin niýetlän giňligini
ýalňyşyp Annanyýaza berip goýberäýen ýalydy.
1921-nji ÝYL
Bäşinji bap
TAMDA GULAK BAR
Gizlin
Bukja 875
Habarçy 24
HABAR 682
14.05.1921 ý.
Düýn, ýagny aýyň 13-ne giç öýlän sagat bäşlerde Aşgabatdan demirýoluň
gapdalyndaky Büzmeýine gidýän ýoldan Gypjak obasyna Annanyýaz Artyk oglunyň
öýüne iki sany atly adam geldi. Ol iki adamy men, Alla kessin, öň görmändim.
Ýogsam men Annanyýaz baýyň öýüne gelip-gidýän adamlaryň tas hemmesini diýen
ýaly tanaýaryn.
Ýöne bu gelenleriň gaty möhüm habar bilen gelendiklerini takyk aýdyp biljek.
Özem bir opuryşlyk etjek bolýanlara meňzeýär, hut şonuň üçinem, size habar
berýärin. Pälleri gowy däl. Gelenleriň ikisem ýokary wezipeli harby adamlara
meňzeýär. Olaryň aýaklarynda ofiser ädigi bar, ikisiniň ädigem lowurdaýar.
Başlarynda gara gaýyş papaklary; biriniň egninde gara gaýyş penjek, beýlekisinde
goňur ýüň penjek bar. Ikisiniň köýnegem çal reňkli ilikli ors köýnegi. Olaryňky ýaly
köýnegi Annanyýazlara köp gelýän asly herrikgalaly Hanguly baý geýýär.
Gelenleri öýdençer Seýitli garşylady, atlaryny saklady. Gelenler biten adamlar,
hakyt pilmahmyt, elleri sandal ýaly uly, bulara duşman bolmakdan hudaý saklasyn.
249
Şeýle daýawam bolsalar, gorkulary ýeterlik: meniň bilen salamlaşyp duruşlaryna
gözleri ýalt-ýult edip töwereginde. Men olara myhmantama baryberiň diýdim. Olaryň
ikisiniňem türkmendigini, biriniň otuz ýaşlaryndaky, beýlekisiniň ýigrimi
ýaşlaryndaky adamlardygyny anykladym. Gelenleriň biriniň burnunyň aşagynda bir
oýnam murty bar eken. Gözleri hüwiniň gözleri ýaly ullakan, içiňden geçip barýar.
Ikinji kişiniň keşbinde ýatda saklar ýaly aýratynlyk ýok. Sypaýy, bugdaýreňk kişi.
Üst-başyna aşa üns berýäne çalym edýär. Gelenler: «Biz geçip oturmaly. Siz, iň
gowusy, Annanyýaz baýy şu ýerik çagyryň! Habarlaşaly» diýip, ýüzi nurana, sypaýy
murtsuz ýigit menden haýyş etdi. Olaryň ýanyna Durdy janpena geldi.
Durdy iki nätanyş bilen göýä ýitirip-tapan ýaly gadyrly salamlaşdy, hal-ahwal
soraşdy. Durdy gelen sypaýyçylykly, pyşyrdap diýen ýaly gürleşýän adam bilen
öňden tanyş bolarly, onuň bilen has içgin gürleşdi.
– Geljek diýeniňden soň günortandan bäri halypa size garaşyp otyr – diýip,
Durdy janpena sypaýy kişä aýtdy.
Men olaryň öňüne düşüp, myhmantamyň gapysyny açdym.
Gelenler ýaraglaryny Durdy janpena tabşyrdylar. Murtly kişiniň bilinde mauzeri,
egninde iňlis bäşatary bardy. Sypaýy murtsuz kişi penjeginiň her iç jübüsinde bir
nagan saklaýan eken. Olar ellerini ýuwup, içeri girdiler.
Durdy janpena hiç hili kömek gerek däl diýip, meni içeri goýbermedi. Ýöne men
içeri goýberilmesemem, ol ýerden gaýtmadym. Teblehananyň gapdalynda öýdençer
Seýitliniň ýanyna baryp oturdym.
Seýitli biçak sada ýigit. Özem güp ynanjaň. Onuň aňyrsynda hiç zat ýok. Ondan
islän gerekli habaryňy alyp bolýar. Ondan habar almagyň öz syry bar. Näme hakda
bilmek isleseň, şol hakda bilýänden bolmaly. Soňundanam «Aý, Annanyýaz baý bir
giň adam-da, gowy adam-da. Ol geçirimli. Men bolsam-a geçirimlilik etmezdim»
diýäýmeli. Ana onsoň Seýitli käbir kişileriň Annanyýaz baýyň geçirimliliginden,
sahylygyndan peýdalanýandyklaryny janygyp-janygyp gürrüň bermäge başlaýar.
Men Seýitliniň ýanynda oturyşyma gelenleriň kimlerdigini nädip sorajakdygym
hakda oýlandym. Ýöne soramagyň usulyny tapman, onuň bilen ondan-mundan gürrüň
etdim. Seýitliniň gürrüňlerinden onuň bu gelenleri tanamaýandygyny aňdym.
Meniň çakym-çak bolsa, bu gelen adamlar keýpine gelen adamlar däl. Men
atyljagam bolsam, hakykaty ýüz görmän aýdýan, hökümete wepadar hyzmat edýän
adam.
Ýöne wepadarlyk babatda meniň Annanyýaz Artyga şübhäm bar. Elbetde, meniň
bu pikirde bolmagyma esas döredýän birgiden zatlar bar. Men aşakda şolaryň diňe
käbirini aýdaýyn, aýdanlarym esasynda özüňiz netije çykaryp bilersiňiz.
1. Annanyýaz Artyk ogly Gypjak obasynyň arçyny. Ony ak patyşa arçyn
saýlady, ak patyşa ony hormatlady, mertebeledi. Ol bolsa, özüne bildirilen hormata
hormat bilen jogap bermeýär. Men onuň adamlaryň arasynda gürlände ýeke gezegem
ak patyşany öwenine gabat gelmedim.
250
2. Annanyýaz arçyn bolşewiklerem, menşewiklerem halamaýar. Ol garypgasarlar, halk kösenýär diýip örän köp gaýtalaýar. Ol türkmenler hiç ýere garaşly
bolmaly däl, özbaşdak döwletli bolmaly diýýär.
3. Ak patyşa obadaky atlaryň sanawyny alanda obanyň atlarynyň dörtden üç
bölegini gizlemegi gurnady. Bu gün atlaryň sanyny gyzyllardanam gizleýär.
4. Ak patyşanyň wekilleri obadaky pälä ýa-da urşa gatnaşyp biljek adamlaryň
sanyny soranda hut Annanyýaz arçyn obaň söweşe ýaramly adamlarynyň dörtden
üçüsini gizlemegi gurnady. Bu gün adamlaryň anyk sanyny gyzyllardanam gizleýär.
5. Annanyýaz arçyn Garagum çölünde Işanajy guýusynda bakdyrýan iki süri
goýnuny Aşgabadyň mal bazarynda gyssagly satdyrdy. Şol satdyran goýunlarynyň
puluna Eýrandan gelen iňlislerden bäş ýüzden gowrak bäşatar we köp mukdarda ok
satyn aldy. Iňlislerden alnan bäşatarlar Guwak serdaryň (oňa soňky döwürlerde
Guwak baý däl-de, Guwak serdar diýip ýüzlenýärler) ýolbaşçylygynda Annanyýaz
baýa uýýan gypjakly, gökjeli, bagyrly ýigitleriň arasynda paýlandy. Iňlislerden alnan
bäşatarlaryň iňlislere ok atmajakdygyna ynanýaryn. Onda ol ogryn satyn alan
bäşatarlarynda kimi atmakçy bolýar? Gyzyllarymy? Gyzyllar oňa näme ýamanlyk
edipdir?
6. Annanyýaz her anna güni ýanyna janpenalaryny, Annam miraby alyp, paýupyýada oba aýlanýar. Şonda ol gurply adamlaryň öýüne baranok. Esasan,
garamaýaklaryň öýüne aýlanýar. Näme üçin? Annanyýaz baý ähli adamlaryň öz
tarapynda bolmagyny isleýär. Şonuň üçin garamaýak adamlaryň öýlerine baryp,
käbiriniň öýünden bir käse çaý içip, süýji-süýji gürrüň edýär. «Baky zat ýok. Nesip
bolsa, öz elimiz, öz ýakamyz bolar. Türkmen sabyrly halkdyr, şonuň üçinem «Sabyrly
gul dura-bara şat bolar» diýýändir. Bizem nesip bolsa, bolçulyga ýeteris. Türkmen
geçmişde kän şatylary gördi. «Öňüm gelenden, soňum gelsin» diýilýändir. Türkmeniň
soňy geler». Bu sözleriň näme manysynyň bardygyny düşündirmegiň zerurlygy ýok.
Möjek çagasy ekdi bolmaýar. Türkmenem möjek çagasy. Türkmeniň aňyrsy möjek.
Annanyýaz baý hem täze hökümete boýun bolmagy özüne kiçilik bilýär.
7. Mundan dört-bäş ýyl öň goňşusy Tebip babadan salgyt almaga baranlarynda
Annanyýaz baý: «Ak patyşa şu Tebibiň puluna göz gyzardýan bolsa, onda ol halys
gedaý düşen bolmaly» diýipdi. Annanyýaz baý bu sözi diýende Annam mirap, Guwak
baý, Annanyýaz baýyň janpenalary Durdy, Rejep, Allan, Geldi baý, Eset molla jakjaklaşyp gülüşdiler. Men gülmedim. Dine men gülmedim. Illew gubernatyram güldi.
Hawa, hawa, hakyt Illew güldi. Onuň meslekdeşi Gurban taýlagam güldi. Meniň
nygtajak bolýan zadym, Annanyýaz baý assyrynlyk bilen gypjaklylary ak patyşanyň
garşysyna öjükdirdi. Annanyýaz baý bu gün obadaşlaryny täze döwlete – bolşewikler
döwletine garşy öjükdirýär. «Ak patyşa baýam bolsa, mydama eli serigli boldy. Indi
garyp-gasyr döwlet gurdy. Bu döwlete-hä salgyt hasam köp tölemeli bolar.
Gazananymyzy, barymyzy-ýogumyzy bolşewiklere bermeli bolarys» diýip gülýär.
Gyzyllary her edip, hesip edip masgaralamaga çalyşýar. Garyplar diňe arzuwynda baý
bolup bilerler diýýär.
251
8. Annanyýaz baýyň öýüne bolşewiklerden öýkeli ýaramaz adamlar soňky
döwürde hasam köp gelip ugrady. Men ol samsyklara bolşewiklerden näme üçin garşy
durjak bolýandyklaryny teý akylyma sygdyryp bilemok.
Şu günki öýüne gelen adamlaryň täze hökümeti ýykmak isleýändiklerine birjikde şübhäm ýok. Ol iki kişi garaňky gatlyşyberende gaýtmak üçin ýerlerinden turdular.
Şonda men olaryň atlaryny gapynyň ýanyna idip eltdim.
Iki nätanyş Annanyýaz bilen ýylgyrjaklap hoşlaşmaga durdy.
Annanyýaz baý:
«Oglanlar, sag-aman baryň!» diýdi.
Nätanyş ýigitler baş atyp sagbollaşdylar. Şonda sypaýy kişi: «Onda biz birigün
daňdan geleris» diýdi.
Annanyýaz baý:
«Arkaýyn bolaý, Hally jan, biz birigüne çenli ýol şaýymyzy taýýarlap goýarys»
diýdi.
Öten agşamky şu gürrüňden çen tutup, olaryň ertir ir bilen nirädir bir ýerik
gitmekçidiklerini aýdyp biljek. Bir günlük ýol üçin Annanyýaz baý ýol şaýyny
tutmaýar. Rast, ýol şaýy öňünden tutulýarmy, diýmek, ol nirädir bir uzak ýere birnäçe
günlük gitmekçi bolýar. Nirädigini bilmeýärin. Hudaý ursun, bilmeýärin.
Şu aýdan zatlarymyň hakdygyna, üstüne ýekeje zadam goşmandygyma Alladan
ant içýärin.
Habary ýazga geçiren
Rezerbaum W.I.
Gizlin
Bukja 875
Habarçy 24
DÜŞÜNDIRIŞ 6841
9.06.1921 ý.
Tabşyryk bereniňizden soň, men öýe-de barman, göni Annanyýaz baýyň ýanyna
ugradym.
Annanyýaz baý bagynda eken. Dogrusyny dogry aýdaýyn. Annanyýazyň bagyna
girseň, hakyt jennete girendirin öýdersiň. Men alabaharda Annanyýazyň bagyny
hasam gowy görýärin. Ähli miweli daragtlar gülläp, şeýle bir öwüşgin tapýarlar welin,
onuň ýaly reňkleriň hiç ýerde-de ýokdugyny magat bilýärin. Älemgoşar Annanyýazyň
bagyna gaçaýdymyka öýdýärsiň.
252
Annanyýaz her düýp agajyň ýanynda durup, ony içgin synlaýar. Meger, ol her
düýp miweli agajyndan näçe hasyl aljagyny bilýändir. Annanyýaz baý, eger
ýalňyşmasam, daragtlary bilen gürleşýär, daragtlaryny öz perzentleri ýaly görýär.
Şahalary sypaýşyny gözüm bilen gördüm. Alla kessin! Bag hasyla duranda obaň
adamlary gelip, hakyna işleýärler. Adamlar görgüliler nätsin, işlemeseler,
Annanyýazyň berýän ölmez-ödüligem ýok. Men Annanyýaz baýyň haky köp
684-nji düşündiriş aýratyn bir bukjada saklanýar. 229 sahypadan ybarat bolan düşündirişden saýlap, ähmiýetli
hasaplan böleklerimizi aldyk.
1
bermeýändigine güwä geçip biljek. Annanyýaz baý mylaýym sözi bilen adamlaryň
uguny ýekelemäge ökde. Ol adamlaryň uguny ýekelemek üçin haýsy tarapyndan
barmalydygyny bilýär. Ol öz bagynda işleden adamlaryna gaýtjak wagtlary
«çagalaryňyz iýer» diýip miwe-de berip goýberýär. Ana, onsoň Annanyýaz baý beren
şol ujypsyzja zady bilen adamlaryň gözlerini güýdüşdirmegi başarýar. Onsoň adamlar
iki adamyň başy birikse, Annanyýaz baýa alkyş okandan bolýarlar, göýä ol iki alma
däl-de, iki kerwen ir-iýmiş berip goýberen ýaly.
Men baranymda Annanyýaz on-on bäş sany daýhan bilen gürleşip duran eken.
Ol meniň gelenimi görüp, çala baş atyp, gürrüňini dowam etdirdi. Ol her kime etmeli
işini aýdýan eken. Annanyýaz daýhanlara etmeli işlerini tabşyryp bolandan soň, maňa
barmysyňam diýmän gidip barýar. Näme üçin ol äsgermezçilik edýär? Sebäbi
düşnükli: ol-a baý, menem garyp. Şonuň üçinem ol meni özüçe görenok. Meni basyp
giden yzyça-da görenok.
Başga çykalgam bolmandan soň, men onuň yzyna düşmeli boldum. Ol meniň
yzyndadygymy aňyp saklandy. Ýylgyrmak islemese-de, ýylgyrjaklap, meniň bilen
hal-ahwal soraşdy.
– Annanyýaz, meniň-ä içim gysýar, seniň Gypjagyňa sygamok men – diýip, men
onuň özüniň bir zatlar diýerine, has takygyny aýtsam, ertirki gidiljek ýörişe senem
äkideýin diýerine garaşýan. Eger-eger aýdanok.
– Bä-ä, onuň çykalgasy ýokmy? Belki, onuň çykalgasyny bilelikde taparys? –
diýip, Annanyýaz meni gepletjek bolýar. Özem ýüzüme müňkürlik bilen seredýär.
Menden gep aljak bolýar ol. Heý, men atymy oka bererinmi? Asyl hiç zatdan
habarym ýok ýaly gürleýän, çynymy etmesem, galjakdygymy aňdym:
– Baý aga, göwnüm-ä daga awa gidilse diýýär. Ýeke özümiň aljak galam ýok.
Bolsa-ha siziň howandarlygyňyzda gidäýsem. Öz-ä köp wagt bäri gideňzok.
Annanyýaz adymy tutup, şeýle diýdi:
– Häzir awuň döwri däl-ä. Özüň bilýäň-ä bu zatlary.
– Bilmesine bilýän, ýöne meniň göwnüm bilenok ony. Birki günläp, iň gowusyha birki hepdeläp elkin ýatyp, göwün solpyňdan çykyp gel diýýär.
– Onuň ýaly bolsa, seniň göwnüň göwnüni tapmasak bolmaz. Sen namazşam ýol
şaýyňy tutup öýe gel, gije bärde ýatarsyň, daňdanam seni ýörişe äkideýin. Ýeliňi
çykarmak meniň bilen – diýip, Annanyýaz baý güldi.
253
– Ine, buý-a bolaýdy, Hudaý diýenimi Hudaý eşitdi – diýip, men begenenden
boldum. – Nirä gidýäs?
– Nirä gideniňde saňa tapawudy näme?
– Maňamy? Tapawudy ýok, seniň bilen Yssambyla gitmelem bolsa, ýeriň aňry
ujuna gitmelem bolsa giderin.
– Men saňa ynanýan, sen meniň öz ýigidim.
– Baý aga, bäşatarymy alaýynmy?
– Gereg-ä çykar öýdemok, ýöne ätiýaçdan alaý. Türkmen ýaragyny egninden
asanda, gyr bedewe atlananda türkmen bolýandyr. Egniňde ýaragyň bolmasa,
dokuzyň düzüw däl ýaly bolar durar. Gerekli zatda agram bolmaýar.
Men ýörişe taýýarlygyň alamatlaryny görmedim. Adatça, Annanyýaz uzak bir
ýere gitjek bolsa bir gün öňünden dört-bäş goýun soýlup, gowrulýar. Aýallar ýol üçin
külçe bişirip ugraýarlar. Üç-dört ýyllykda Annanyýaz Wasa bugdaý äkidende üç
günläp aýallar çörek bişiripdir. Nepes joş başlyklaýyn, ýedi-sekiz dowar öldürilip
gowurma edilipdir.
Bu gün Annanyýazyň öýünde imisalalyk. Meger, Annanyýaz ol iki nätanyş bilen
uzak ýere gitjek däl bolarly. Belki, Tejene ýa-da Bäherdene gitmekçi bolsa näbilýäň.
Annanyýaz baý öýüňe gidip taýýarlyk gör diýse-de, men hiç ýerik gitmedim.
Maňa taýýarlyk görmek zerurlygy ýok. Birlaý eşigimi ýanyma almak üçin bolsa maňa
köp wagt gerek däldi. Mende başga ýanyma alara zadym ýok. Iýmek-içmek ugruny
Annanyýaz baýyň kem etmejekdigini men bilýärin.
Men uzakdan on-onki ýaşlaryndaky mirasdüşeriň kakasyna garaşyp
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Annanyýaz Artyk - 24
  • Büleklär
  • Annanyýaz Artyk - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3693
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2100
    30.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3752
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2154
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3820
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2097
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3839
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2008
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3848
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2016
    34.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3789
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2063
    35.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3775
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2027
    33.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3680
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2068
    33.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3654
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2067
    30.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3729
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2007
    32.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3834
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2076
    34.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3859
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2156
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3706
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2001
    34.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3834
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2099
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3785
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2117
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3744
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2037
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3704
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2076
    31.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3750
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2077
    32.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3658
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2124
    31.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 3762
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2143
    32.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3884
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2023
    33.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3785
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2068
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3811
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2035
    32.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3756
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2109
    33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3772
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2065
    33.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 3676
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2097
    32.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 3753
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1851
    34.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 28
    Süzlärneñ gomumi sanı 3771
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2014
    33.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 29
    Süzlärneñ gomumi sanı 3723
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2175
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 30
    Süzlärneñ gomumi sanı 3798
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1980
    34.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 31
    Süzlärneñ gomumi sanı 3626
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2029
    31.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 32
    Süzlärneñ gomumi sanı 3667
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2026
    30.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 33
    Süzlärneñ gomumi sanı 3707
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2053
    32.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 34
    Süzlärneñ gomumi sanı 3793
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2092
    33.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 35
    Süzlärneñ gomumi sanı 2148
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1314
    38.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    58.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.