Latin

Annanyýaz Artyk - 14

Süzlärneñ gomumi sanı 3834
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2099
32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
55.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
owadan zenan özüni güjeňläp gidip barýan ýaly. Adam hem şol owadan zenana el
ýetirmek üçin ýüwrüp ömrüni geçirýär. Dünýä çapuw meýdany. Mundan ýöräp däl,
adam ogly ylgap-çapyp geçýär. Bir pursatlyk ömürde adamyň etmek isleýän işlerem
kän, juda kän. Adam munda kän-kän mal-mülk edinmek isleýär. Adama kän gerek,
dünýä doýsa-da adam ogly doýmaýar. Allanyň sygan dünýäsine bendesi sygmaýar.
Annanyýaz duýgulara gark bolup, hyýallar deňzinde ýüzüp, gijesi-gündizi goşa
gara meňli gyz bilen jilwe taşlaşyp Gypjaga geldi.
4.
Artyk han Nyýaz sapara ugrajak bolanda zynharlap-zynharlap: «Tumary ýanyňa
algyn, ogul, başyňa bir çykgynsyz iş düşende kömege ýetişer» diýdi. «Aý, kaka,
barjak ýerim belli, etjek işim belli. Hiç hili gorkuly zat ýok, meni alada etmäň. On-on
bäş günden gelerin, nesip bolsa» diýip, Annanyýaz kakasyny köşeşdirmäge çalşypdy.
«Nyýaz, sen maňa gulak goý, tumary ýüksünme, onda agram ýok, meniň ýüregim bir
näsazlygyň boljagyny syzýar» diýipdi. Nyýaz hezil edip, kakasynyň örtenmesine
gülüpdi, tumary ýany bilen äkitmäge söz beripdi. Söz berse-de, oglunyň tumary ýany
bilen äkitmändigini Artyk han duýdy. Özem Nyýaz giden gününiň ertesi duýdy.
Tumary Annanyýazyň goýan ýerinden kösenmän tapdy. Şonda onuň dünýäsi
gapyşdy: özüni ogly bilen ebedilik hoşlaşmaga mejbur bolan dek duýdy, oglunyň gara
gana bulaşyp ýatan keşbi gözatuwynda janlandy. Başy hyr berip aýlanyp, ýanyny ýere
berdi. Öňem bir o diýen saglygy bolmadyk Artyk han beýik Biribardan oglunyň aman
gelmegini dileg etdi. Gijesine-de gözüne uky gelmedi.
Graf Koşmannyň paýtunyny görende aňynda pelesaň urýan pikirleriniň dogry
çykanyna has-da ynandy. Ol paýtunyň ýanyna nädip towsup baranyny özi-de duýman
galdy:
«Nirede? Näme bolupdyr?»
«Aý, bolmajasy bir iş-ä bolupdyr, Artyk han! Bir çykalga tapmasag-a boljak
däl...»
«Wah, wah-heý, ýalňyz oglum!» diýip, Artyk han bir ah urdy. Artyk hanyň
ýüzüne sereden Koşmannyň haýýaty göçdi:
«Aý, Artyk han, bolşuň nähili seniň? Beýdip ýaka ýyrtaryň ýaly ogluňa çalan
döw ýok ahyryn!»
Artyk han sesini-üýnüni çykarman, lampa aşak oturdy.
Graf Koşmann Artyk hanyň ýerinden turaryna esli salym garaşyp durdy.
Koşmann özüni gaty oňaýsyz ýagdaýda duýdy, çykalga gözledi:
«Ogluňy Astrahanda rewolýusionerdir öýdüp saklapdyrlar. Onuň jany sag, ýöne
ony alyp gaýtmaly».
143
Artyk han birden ýerinden galdy. Ol Koşmannyň sözlerine ynanmaýan ýaly
seretdi durdy. Türkmen salykatlylygy oňa ýol bermedi, ýogsam ol Koşmanny garsa
gujaklajakdy. Ol agraslygyny saklap dymdy.
«Astrahandan telegramma geldi. Olar ogluň hakda maglumat, häsiýetnama
soraýarlar. Men häsiýetnama ýazyp bereýin welin, ogluňy alyp gaýtmaly».
«Heý, onuňam bir gürrüňi bolarmy? Men ony depäme göterip alyp gaýdaryn.
Heý, onuňam müşgili bolarmy?! Ony ýüksinmerin, derrew giderin, başga kişä
ynanmaryn. Iň esasy zat, jany sag bolsa bolýar maňa».
«Ýok, ýok, sen gitme. Ýelli baýy ugradyp bolmazmy?»
Olar şol gün Ýelli pary hat-petekli Astrahana ugradypdylar.
Ýelli par gidensoňam Artyk han rahatlanyp bilmändi, gününi sanap geçirýärdi,
ne iýip, ne içip bilýärdi. Haçan görseň, aýbogdaşyny gurap, doňan dek otyrdy.
Nyýaz gelse, berk käýemeli diýen pikire geldi. «Aý, ýok, gelen ýeri bolýar»
diýip, Artyk han öz-özüne garşy çykdy. Özem içiňi ýakmak isleýän ýaly, gündiziň
günortany Abdylla iki gezek oba geldi.
Özem egninde Durdy kalaýyň beren çäkmeni.
Annanyýazyň beren ýabysy, bäşatary bilen hiç hili müýni ýok ýaly bolup, obaň
içinden peýwagtyna geçip gidendigini eşidende, hernäçe ýarawsyzam bolsa, Artyk
han bir böküşde ata mündi. Gitdi diýlen tarapa, iňlis bäşataryna ok sürüp, ok bolup
gitdi.
Abdylla edil ýere giren ýalydy. Durdy kalaý Allandyr Rejep bilen obaň golaýgoltumyny barlap geldiler. Ýaşyldepäň töwereklerine aýlandylar. Sebäp Abdyllanyň
Ýaşyldepäň ýanyndaky guýudan suw içip duranyny birki gezek gören adamlar bardy.
Abdyllanyň görünmegi Artyk hanyň hasam kejebesini daraldýardy. Şol
alasarmyk pikir bilenem wokzala ugrady.
Otly ýer sarsdyryp geldi.
Ýeriň sarsgynynamy, ýa intizar garaşan perzendini görjekligi üçinmi, Artyk
hanyň ýüregi sarsdy.
On altynjy wagondan üç-dört ýolagçydan soň ýylgyrjaklap düşen ýalňyz didesini
gören Artyk hanyň dodagy tirpildedi, ýüreginiň gürsüldisi artdy. Garrap ýüreginiň
sary gidipmi-nämemi, ol özüne erk edip bilmän elewräp dur. Ol şeýle intizarlyk bilen
garaşan ogluna bakan howlugaýmaly ýalydy, ýöne özüne erk edip bilmese nätsin!
Onuň ýanyndakylar, hana, eýýäm onuň bilen salamlaşyp, daşyny gallap durlar. Hana,
ogluna käýejek Artyk han bolsa, ýeke ädimem öňe ädip bilmän galpyldap dur.
Meger, Annanyýaz kakasynyň nirededigini soran bolsun gerek, üm bilen Artyk
hana bakan seretdiler. Annanyýazyň nazary bilen Artyk hanyň nazary duşuşdy. Artyk
han endiräp-endiräp gitdi. Ol hyrra yzyna öwrüldi-de, atyny goýup gaýdan tarapyna
bakan gönükdi. Ol yzyndan ýalňyz dikrarynyň intizarlyk bilen gelýändigini, biynjalyk
edeni üçin ötünç soramak isleýändigini bilse-de, yzyna birem garaman zut gaýtdy.
Goý, ötünç soramaga ram etmesin. Ol Taňryguly batyryň agtygy ahyryn!
Ýalňyz ogly gaýdyp gelen Artyk han supra ýazyp, oba toý berdi.
144
Türkmeniň gylygy-da bu, bahana tapsa, toý eder, ile zyýapat berer, saçak ýazar,
ili-güni bilen iýer. Gypjagyň ýerden ýöräni, goňşy obalardan Artyk hanyň
gatnaşýanlary, atly adamlary gelýärdi, aýdym-saz edilip, şagalaň asmana göterilýärdi.
Annanyýaz utanýardy, ol gala hem alyp gelmändi, ol Kap dagyndan geçip Agaýunus
hüýri hem alyp gelmändi, döwler bilen söweşip, hazyna hem getirmändi.
5.
Aýnabat eje ogluny adamyň azyrak ýerine çekip:
– Annanyýaz jan, ejeň-ä bir iş edip oturyberendir. Men guraýyn, saňa sala
salman, maslahat-geňeş etmän, Bäherdenden bir ýer bilen guda bolaýandyryn. Özem
atly-abraýly maşgala. Gadam pälwan diýip ogullaram bar eken. Sen ol pälwan bilen
Akdaşaýakda göreşem tutanmyşyň...
Annanyýazyň depesinden gaýnag suw guýuldy, ol kalbyndaky sarsgyny ejesine
bildirmejek bolup, özüne zor salyp ýylgyrdy, emma ejesiniň aýdan sözleri ene sözleri
däl ýaly bagryny, jigerini gyýym-gyýym edip gitdi. Annanyýaz gepläýse, syryny
ejesiniň duýjakdygyny bildi, ýöne, hany, uçutdan kelemenläp, ýeriň teýine gidip
barýarkaň tap-da gep tapýan bolsaň. Barybir, özünden rüstem geldi:
– Kakama bir sala saldyňmy, eje? – diýip, ol ýylgyrdy.
Aýnabat eje aýasy bilen oglunyň gerdenini sypap durşuna:
– Kakaň-a «Biz bir ata-ene borjuny bitireli, biziň halanymyzy halamasa, soň özi
ýene öýlenibersin! Allanyň resuly hem oňa rugsat berýär» – diýdi.
– Aý, bolupdyr, eje! Ikiňiziň halanyňyz maňa-da bolar.
Duýgur ene ýüregi oglunyň öz raýyny saklap, ene hatyrasy üçin söz
urýandygyny dessine duýup, elewräp başlady:
– Wah, balam, özümem beýle-beýle bolar öýtmändim. Daýyň Babahanlaryňka
bardyk. Wah, gudaçylyk niýetimde-de ýokdy. Bar zat birden boldy. Bir hoşsurat
maşgalany görüp, sypdyrasym gelmedi. Söz aýtmasam dünýä baýlygyny elden
gidiräýjek ýaly duýdum. Ynan, gyzy görüp, oglum, nädip guda bolanymam bilemok.
Kakaň guda bolanymy eşidip, başda gaty gaharlandy... Nädeýin, balam, şeýle boldy...
Ykbalyňdandyr-da... Sen nähili gelin isleýändigiňi aýtmadyň. Jemeje-hä gyz agtarýan
diýdi. Onuňam sözüne pitiwa bermedim. Özüm-ä o gyzy bir görenimden haladym.
Tüýs maňa gerek maşgala. Göwnüme, hakyt bir güman gitdi: eger guda bolman
gaýtsam, ol gyzy başga kişi kejebeläp äkidäýjek ýaly duýuldy. Gijä galaýmaýyn diýip
guda boldum. Jan balam, görüp dursuň, kakaň hem ýaradar, ýarpy adam-da... Agtyk
söýüp, gelne-ogla buýsanjak zamanamyz geldi-dä, oglum... – diýip, Aýnabat eje
gyňajynyň çowy bilen gözüne dolan ýaşlary sylmaga durdy.
Ata gözleri dagda, ene gözleri deňizde ýerleşýär!..
Ene gözleri Hazar deňzi ýaly ajy deňze gark boldy. Annanyýaz ejesiniň egninden
gujaklap:
145
– Eje, eje, sen gözýaş etmeli eje dälsiň, goý! Goý, men özüm aýdaýyn diýip
ýördüm, meniň aýagymy duşaýmasaňyz, gaçyp giderin diýip... Heý, ogluna guda
bolan adamam bir hapa bormy, eje! Seniň halan maşgalaň maňa bolýar, bolýar, eje!..
Annanyýaz ejesini köşeşdirýärdi, ýöne gursagynda turan tupany, harasady kim
köşeşdirsin, kim?
Ol tupan aslynda köşeşjek tupan däldi.
6.
Annanyýaz adamlaryň gözüni güýdüşdirip, ikindi şamy garalyp ugrandan atyna
atlanyp zut gitdi, onuň niräk gidenini, kim bilen gidenini hiç kim – Durdy kalaý hem
görmän galdy. Ol garaňkylygyň ruhy ýaly bolup gitdi, ol içinden öz-özi bilen
gürleşýärdi, ýok, dogrusy samrap barýardy.
Hol öňde bolsa dört örüm saçlaryny owsundyryp, gaşlaryny pelpelledip, giň
maňlaýly, çowly kirpikli, jady gözli, goşa meňli gyz ýylgyryp Annanyýazy
çagyrýardy. Ol gyz üçin garaňky-da ýokdy, adamlaryň gaflatly dünýäsi-de. Ol göýä
daňyň sazyndan ýasalan ýaly päkizedi, çeşmäniň owazyndan ýasalan ýaly näzenindi,
hyýaldan ýasalan ýaly, bir-de asmanda gaýyp ýördi, bir-de Zeminde, bir-de golaýyna
gelip, Annanyýazy jadysy bilen mežnun edýärdi. Annanyýaz gaýypda bolan gyzyň
dem alşynam eşidýärdi, gyzgynynam duýýardy, ýüreginiň gürsüldisini bolsa öz
gursagynda duýýardy.
Ol hyýalynda ýaşaýan goşa meňli gyz bilen hoşlaşmaga gidipdi, emma ýene
duşuşyp, hyýal deňzinde ýüzüp, süýjülikden eräp, aýlanyp-dolanyp aýdym-sazyň
owazy asmana ýetýän öýlerine geldi.
Gaýypdan gelýän gyz onuň bilen hoşlaşmady. Ol gyz: «Men seniň ýüregiňde
baky ýaşaryn. Goý, sen isleseň, bäherdenli gyza ýa tejenli gyza öýlen, men barybir,
seni söýerin. Men seni ýadymdan çykarmaryn. Ýöne sen hem meni hergiz ýadyňdan
çykarmagyn» diýip, birenaýy ýylgyryş bilen Annanyýaza ýüzlenýärdi. Annanyýaz
onuň bu sözlerini makullaýardy, unutmazlyga söz berýärdi.
Annanyýazyň jiger-bagrynyň awusy ýüregini, tutuş göwresini sarsdyryp
lorsuldaýardy. Gyz elden gidip barýardy, alaçsyz, ardurja!..
Annanyýazyň göz atuwynda Mommak baýyň toýunda talap bildirip, ortadan
aýlanan Gadam pälwan janlandy. Diňe Gadam pälwan däl, ýaňagy goşa meňli
owadan gyz, mähelle, göreş... Ähli bolup geçen wakalar birin-birin göz öňüne geldi.
«Eger uýasyna öýlensem, Gadam pälwan bilen hem gatnaşyk saklamaly bolaryn.
Her sapar ony görenimde bolsa, şol ýaňagy goşa meňli owadan gyzy ýatlaryn. Eý,
Hudaý, maňa ol gyzy hyýalymdan büs-bütin çykaryp taşlamak miýesser etmejek
öýdýän» diýip, Nyýaz içini gepletdi.
Dagaran Gypjakçaýyň boýuna gelip saklandy. «Essalowmaleýkim, suw aga!»
diýip, Annanyýaz köne türkmen edehädine eýerip, akar suwa salam berdi. Türkmen
ynanjyna görä, bimahal suw başyna barmaly däl, barsaň hem salam berip barmaly.
Beýik Taňry älemi ýaratjak bolanda, ilki bir dür ýasaýar. Ana, şol dürden hem suwy,
146
suwdan hem älemi, ýeri ýaradýar. Taňry ilkinji derýany ýaradanda suw Taňrynyň
didaryny görüpdir. Şonuň üçin hem suw mydama: «Hakyň didaryny ýene bir görsem»
diýip, asman şekilini bagryna basyp, şol akar durarmyş.
Annanyýazdan hiç hili hereket-alamat bolmanyndan soň, bedew şildiräp akyp
ýatan buz ýaly suwdan teşneligini gandyrmaga durdy. Annanyýaz-da ýanyp-lowlap
duran ýüregine delalat gözläp, atdan düşdi-de, uzynlygyna süýnüp, kellesini buz ýaly
suwa çümürdi, tä teşneligi ganýança şypakerdem suwdan içdi.
Suw Annanyýazy kökerdi: göýä suw ondan: «Näme hasratyň bar, aýt, belket,
kömegim-hemaýatym deger?!» diýen ýaly, onuň janyna hoş geldi. Özem bu düşünje
oňa kimdir biri tarapyndan aýdylýan ýalydy. «Allatagala näme arz aýtmak isleýän
bolsaň, suwa aýt, seniň arzyňy Allatagala bahym ýetirip biljek ýeke-täk gudrat –
suwdur» diýip, kakasynyň aýdan sözleri hakydasynda köwsar urdy. Suw –
Allatagalanyň ýerdäki wekilidir.
Annanyýaz şol gözel gyza aşyk bolan iki ýylynyň içinde bu güzere gaty köp
gezekler gelipdi. Her gezegem suwa öz arzyny aýdypdy.
Näme üçin aýtmasyn?! Suw – ata, ýer – ene. Onsoň oňa ýagşylyk etjek bolsa,
ilki bilen, atasy hem enesi etmeli...
Ýöne üýtgeýän zat bolmady. Oňa atasy hem, enesi hem kömek etmekden ejiz
geldi.
Buz ýaly dury suwdan Annanyýaz teşnelik bilen içdi. Suw göýä şeker-nabatly
ýaly süýjüdi. Içiň ýangynyny egisýärdi.
Şildiräp akyp ýatan Gypjakçaý Annanyýazyň iň ýakyn syrdaşydy.
Annanyýaz kakasynyň her bir halkyň keşp-keşmeri, içki dünýäsi, edimgylymlary ýaşaýan ýerlerindäki derýalaryň, çaýlaryň, ýaplaryň suwlaryna meňzeşdir.
Halky derýalaryndaky suwlary boýunça tanapdyrlar. Soň halky her obasyndaky
tamdyrlarynyň sany boýunça tanapdyrlar. Haýsy obada tamdyr köp bolsa, şol oba
agzaladyr. Haýsy obada tamdyr az bolsa, şol oba agzybirdir. Haýsy obada guýy köp
bolsa şol oba agzaladyr. Haýsy oba bir guýudan, bir çeşmeden suw içýän bolsa, onda
şol obaň adamlary bitewi bir synadyr.
Gypjakçaýyň kenary uçmahy lezzet berýär. Bu ýeriniň howasy-da jana ýakymly.
Suw Annanyýazyň deňinden oba bakan zymdyrylyp barýar. Annanyýaz kakasynyň:
«Oýlanmak isleseň, çeşmäň kenaryna baryp oýlangyn, dürs jogaby, ana, şonda
taparsyň» diýen sözlerini ýatlady. Ýeri, Gypjakçaýyň kenary şol gözel gyzy tapyp
berjekmişmi? Haý, Annanyýaz, Annanyýaz! Giň bol. Birahat dünýäde rahat ýaşap
bilmejegiň düşnükli zat, ýöne birahat dünýäden rahatlyk gözleme-de, birahat ýaşaýşa
ram etjek bol, Annanyýaz. Bar, öýüňe!
7.
Ýelli paryň aýaly Jemeje ertesi başarmadyk işi üçin Sankt-Peterburgdan getirilen
ajaýyp sowgady alyp, Gypjaga sygmady. Töwerek-daşky obalara sygmady, Aşgabada
gitdi, Aşgabada-da sygmady.
147
Barly adam-da. Artyk hanyň toýy soňky hepdä çenli sowulmady. Ýakyn-daşdan
gelen boldy durdy, garaz, üç-dört sany uly gazan Hudaýyň beren güni ataryldy. Anna
güni Artyk han ata-babasyny ýatlap, olaryň hormatyna sadaka berdi, yzy hem toýa
sapyp gitdi.
Toý golaýladygysaýy Annanyýazyň dünýäsi daralýardy, dem almaga howa
ýetmeýärdi. Ol ýüreginiň kenara zyňylan balyk ýaly urunýandygyny duýýardy. Aşykmagşuklar munuň ýaly yşka düşende jeýhun bolup däliräp çöle çykyp gidýärler.
Hakyň yşkyna düşen derwüşler «hüw» diýip, diwana bolup ýurtdan çykyp gidýärler.
Şahyrana, şahandaz Annanyýaz hem dünýä sygmaýardy, emma ol Gypjakçaýyň
kenaryndan özge hiç ýerik gidip bilmeýärdi, sebäbi onuň beg gany bardy.
Gursagyndan hanjar dikilende «wah» diýýänden beg bolýarmy?
Lowlap duran gyzyl oda atylanda «wah» diýýänden beg bolýarmy?
Ol-a söýgüsimiş, hyýalynda jadylan gyzmyş, Annanyýaz gursagyny iki ýaryp
jigerini, bagryny sogrup alanlarynda hem «wah» diýjek ýigit däldi, beg ýigitdi, ol bir
gyz diýip akylyny ýitirse, ondan beg bolarmy?
Emma ol akylyny ýitiripdi, huşundan jydady, näme edip, näme goýup ýörenini
bilmeýärdi. Günleriň bir güni daglara gidip şerapdan doýup, nagra dartyp ýaradar
gaplaň ýaly uwlaýynam diýip gördi.
Emma!..
Emma ol Artyk hanyň ogly ahyry! Ýekeje adamyň ýanynda syr berse,
bolmajagyny ol bilýär ahyry!.. Dünýä deýin beýik, giň daglara syryny aýtmaga
Annanyýaz ejap etdi.
Göwün diýip bir zat bar, ol jady gözli goşa meňli gyz diýip ýetim çaga ýaly
hünügirýan aglaýardy. Hatda mahal-mahal Annanyýaz bagyryp aglaýan jigeriniň
sesini özgeler eşidýän bolaýmasyn diýip tisginip gidýärdi.
«Pylan obada goşa meňli gyz bar eken, ýöne boýy jürdegiň boýy ýaly, pylan
obada goşa meňli gyz bar eken, ýöne gözleri mawy eken» diýip, Ýelli paryň aýaly oňa
otuza golaý gyzyň adyny berdi, ýöne gyz-gelinlerden bir garyş saýlanyp duran dört
örüm saçlary dyzyndan geçip ýören gyzy weli tapmady. Wah, owadan-owadan gyzlar
Kesearkaçda kän, juda kän. Ýöne olaryň köpüsinde meň ýok. Meňi baryňkam iki dälde, bir. Jemeje şol arzyly gyzy tapyp bilmändigine gynanmak gynandy. Ýöne nätsin?!
Ynha, ol sowgady alyp gideli bäri görnenok. Durdy kalaý Jemeje hökman şol gyzyň
gözlegine çykandyr diýip dostuny köşeşdirjek bolýar. Ýelli paryň aýaly bolsa bu
mahala dogup-döräp gulagyna dakyp görmedik ummasyz gymmat bahaly
gulakhalkasyny dakynyp, oba-oba aýlanyp, haryt satdyrýan öýlerinde ysyrgasyny
güjeňleýärdi.
Annanyýazyň gursagynda bolsa şindizem bir inçejik tama bardy, ýöne ol tama
hem öli tamady. Ýelli baýyň aýaly ol gyzy tapaýanda-da boljak iş bolupdy, indi etjek
alajyň ýokdy...
148
8.
Ruhgüni irden toý başlady.
Öýlänara ençe paýtun bolup şäherden uýezd naçalnigi we onuň işdeşleri sowgatserpaýly toýa geldiler. Olary düşege geçirdiler. Uýezd naçalnigi Artyk han bilen uzak
söhbetdeş boldy...
Aýdym aýdyldy, saz çalyndy, gelnalyjy geldi, ýaglyga towsuldy, aýlaw bilen
göreşi bolsa ertire goýupdylar...
Artyk han hanlara mynasyp toý tutdy. Gatnaşygy giň, tanyş-bilşi köp adam-da!
Şagadamdan, Marydan, Tejenden, Lebapdan gelen myhmanlaram köpdi. Ençeme
ýerde bagşylar aýdym aýdýardy. Her kim islän bagşysyna barybermelidi.
Annanyýaza Esedulla ahun nika gyýmaga başlady.
Ahunyň her gapdalynda bir pyýada kazy. Ol pyýada kazylaram ýöne-möne
adamlar däl. Olaryň biri Esedulla ahundan göwresi iki esse uly bolan, mapraç
ýüzünden ýag damaýjak bolup duran, ýüzi-gözi nurana Döwlet ahun. Ikinjisem
ahunlar ýaly geýnen, gyrçaw ak sakgal-murty ýüzüne gelşip duran deşli Bäşim
hojady. Bu üç goja Artyk hanyň ýegre dostlary.
Elbetde, nikany mollalaram gyýyp bilýär, ýöne Artyk han ýalňyz oglunyň
nikasyny Allanyň hemem türkmeniň nazar salan nazarkerde adamlarynyň gyýmasyny,
pyýadakazylyk etmegini yrym edýärdi.
Annanyýazyň özi-de dört-bäş toýda nika gyýypdy. Şonuň üçin nika gyýyş
dessurynda edilmeli, aýdylmaly ähli zatlary Annanyýaz bäş barmagy ýaly bilýärdi.
Durmuşyňyz şu suw ýaly süýji bolsun diýen yrym bilen bir pyýalada süýjüli
süýjülik suwuny berdiler.
Süýjülik suwundan ilki öýlenýän ýigit üç owurt içmeli.
Annanyýaz üç owurt içdi.
Haýran galdy.
Onuň ýadyna öýden atly çykyp gidip Gypjakçaýdan ýüzün ýatyp içen suwy
düşdi.
Onuň häzirki üç owurt içen suwy şol Gypjakçaýdan ganyp içen suwy ahyryn.
Süýji. Bu suw näme üçin şol suw içişligi ýatlatdykan?!
Bu käseden Annanyýazdan soň gelin hem üç owurt süýjülik suwuny içmeli.
Wepalylyk, agzybir ýaşamak, bagt, döwletlilik arzuw edilip uzadylan süýjülik
suwuny çatynjalar bir käseden içmeli.
Bu bitewilik suwy!
Bu ysnyşdyryş suwy!
Bu suwy içensoň, biri-birini tanamaýan bolsalar-da, ysnyşyp gidiberýändirler.
Munda süýjülik suwunyň gudraty bar.
Süýjülik suwunda Esedulla ahunyň, pyýadakazylaryň güwä geçmegindäki dilegarzuwlary bar.
Annanyýaz gapdalynda oturan gyza imriner gider. Bu ata-baba bolup gelýän zat.
Dünýä – damja.
149
Damjaň ýer şaryna meňzemesi ýöne ýere däl. Bu Allatarapyn ähli zatlaryň
damjadan başlanýandygynyň alamaty.
Annanyýaz bu pursatda aňynda peýda bolan pikirlere geň galdy.
Ol bar ünsüni Esedulla ahuna gönükdirmäge çalyşdy.
Nika gyýyldy.
Annanyýaz jaýyň içindäkileriň şagalaňynda öýe Aý bolup dolan gelnine ädigini
çykartdy. Guşagyny çözdürdi.
Annanyýaz gelni ädik çykarýarka-da, guşak çözýärkä-de göz astyndan synlady.
Göýä onuň bolşy şu gyssagarada gelnini synlap ýetişmese, soň synlamaga wagt asla
bolmajak ýalydy. Alagaraňkylykda gelniň ak hynaly gollary Annanyýazyň hoşuna
geldi. Diňe gelniň ellerimi? Ýok, gelniň uzyn boýy-da, dogumlylyk bilen ädik
çykaryşy-da, aňsatlyk bilen guşak çözüşi-de Annanyýazyň hoşuna geldi.
– Annanyýaz, hany, gelniň ýüzünem bir bize görkez. Belki, gelniň bir gözi
kördür.
– Gelniň ýüzüni göreli. Hany, nähili gelin aldyňkaň, oglan.
– Bir gara mürşük gelin alan bolaýma, oglan.
Garasaý, Annanyýazyň deňi-duşlarynyň hersi bir zat diýýärdi. Wah, gelniniň
nähili ýüzüniň bardygyny Annanyýazyň özüniňem göresi gelip böwregi böküp dur.
Ýöne özgeleriň ýanynda gelniniň ýüzüne seredip durmagy gelşiksiz gördi. Gyzgelinler üçin bolsa, ol gelniniň atynan kürtesini galdyryp, görkezdi. Özem üç ýola
dagy görkezmeli boldy. Garry-garry daýzalara näme diýersiň, ana, şolaram gelip
gelniň ýüzüni görmesem, jaýyňdan çykjak däl diýşip durlar. Ýeri, olara nädip ýok
diýersiň.
Annanyýazyň özi görmese-de, gelniniň ýüzüne seredenlerden çen tutup, owadan
gyza öýlenendigini aňdy. Elbetde, ejesi ogly üçin hele-müçük gyza guda bolmaz.
Gelniň ýüzüne seredenleriň ýüzlerinde gözügidijilik alamatlaryny Annanyýaz duýupgörüp dur.
– Tüweleme, tüweleme, hakyt peri diýilýänleri ekeni bu gyz-a.
– Aýnabad-a ylgap-ylgap ahyr bir perigatançla duşupdyr, gyz. Allanäme, göz
degmesin.
– Hudaý diýen ýeriň bar eken seniň, Annanyýaz.
Türkmeniň parasadyna telpek goýaýmaly. Ine, gyz durmuşa çykanda türkmen
onuň üstüne kürte atýar. Näme üçin?
Kürte atynmak – syrlylyk. Mukaddesleşmek!
Kürte atynyp, ähli gyzlar deňleşýär.
Owadan bolmadyk gyzlar hem ömürlerinde bir gezek iň owadan gyzlar bilen
deňleşýär.
Kürtäniň astynda ähli gyzlar owadan!
Kürtede gyzyň ýüzi görnenok.
Görksüzräk gyzlaram juda owadan bolup – kürte atynyp durmuşa çykýarlar.
Kürte – türkmeniň pähim-parasady.
150
9.
Bir salymdan gelinli, Annanyýazly jaýyň gapysy açylyp, Annanyýaz ilkinji
duşan aýala ejesini çagyrtdy. Bu geňlikdi, jahan ýagtylman gelniň jaýyndan çykmaly
däldi. Oglunyň özüni çagyranyny eşiden Aýnabat eje içinden Hudaýyna ýalbaryp,
birde doga okajak bolup, birde pirlere ýykylyp, elewräp, elewreýäninem ile
bildirmejek bolup ýetip geldi. Ejesiniň aýak seslerini eşiden Annanyýaz dessine
gapyny açyp ejesini içeri saldy.
Aýnabat ejäniň janynda jan galmandy. Ol öz saýlan gyzy Annanyýaza ýaran
däldir diýip dälirärlidi.
Annanyýaz ejesini gujaklady, göterip üç-dört ýola daşyndan aýlady. Şindi başy
gupbaly, ýöne hülle ýaglyk atylyp, ýüzüne ýukajyk şal çekilen gyz gyýk garap
ýylgyryp otyrdy.
Annanyýaz:
– Eje, eje jan! Janym-jigerim, ejem! Sen Hydyr atamyň, ýa ýagşyzadamyň, eje,
ýa Allanyň keremi barmy sende, eje? Bu gyz bilýärmiň, kim? Meniň düýşümde gören
gyzym! Bu gyz bilýärmiň kim? Akdaşaýakda göreşe çykamda gözleri bilen jadylan
gyz! Eje, men muny ýitirip, iki ýyl bäri aglap ýördüm, sen muny nädip tapdyň, eje?!
Bu meniň bagtym, eje!
Annanyýaz ejesini ýerde goýup, gelnine seretdi:
– Hanha, ýaňagy goşa meňli, gözleri jadyly gyz! Bu gyz bilen meni Hudaýym
Mommak baýyň toýunda duşurdy, şol toýda hem jyda düşürdi. Gör, Allanyň
gudratyny, ynha munam sen tapyp gelipsiň, eje jan! Men bagtyýar, eje!
Aýnabat eje öýden ganat baglap uçup, al-asmana ýedi öwrüm edip, bagtyýar
ojagynyň depesinde uçdy ýördi, uçdy ýördi...
Dokuzynjy bap
ÝARYSY SÜÝJI,
ÝARYSY AJY DÜNÝÄ
1.
Keremli Allatagala älemini, dünýäsini, asmanyny, Zeminini ýaradyp, öz
perzendi bolan Adam ogluny bagtyýar etmek isläpdir. Ajaýyp jahanyň gözelligini
döredipdir. Bu gözellikden meniň ýaradan perzendim lezzet alsyn, şu gözelligiň
gujagynda erkana ýaýnasyn diýipdir. Üsti ak garly, jülgeleri dumanly daglara başyňy
aýlandyrman seredip bolýarmy näme? Gara bulutlardan şaglap-şaglap ak ýagyşlaryň
ýagşy ne gözel! Ýazlaryň ýaşyl maýsa bolup dünýä sygman joş urşy ne gözel!
Ýelleriň mylaýymlyk bilen boýunlara oralyşyna maýyl bolman, dünýäniň gözelligine,
duýgularynyň sazlaşygyna maýyl bolman seredip bolýarmy näme?
151
Bagtdan sorapdyrlar:
– Bagt, näme sen?
Bagt aýdypdyr:
– Gidenimden soň bilersiň?
– Gideniňden soň biljek bolsak, sen nämä gerek?
– Onda dünýä seret, il-ulsa seret, özüňe seret!
– Seniň nähili hikmetleriň bardyr?
– Men gelemde ýazlaryň gelşi ýaly dünýä sygman gelerin, çabgalaryň gelşi ýaly
däli sillere atlanyp gelerin. Körler meniň şuglamy görer, kerler meniň owazymy
eşider, lallar meniň dilim bilen gürlär, aýaksyzlar meniň gudratymdan ylgar,
ganatsyzlar meniň ganatym bilen uçar. Mende Allatagalanyň keremli möhüri bardyr.
Annanyýazyň gelnalyjysy bedibagtlyk getirmäge gidipdi, çünki Annanyýaz sag
ýaňagy goşa meňli gyzy ýitirip, dünýäde başga bagtyň ýokdugyna ynanýardy. Emma
gelnalyjy onuň ýitiren bagtyny tagty­rowana salyp aldy geläýdi!
Annanyýaz bagtdan ýaňa al-asmanda uçup ýördi, Artyk hanyň, ýüz ýaşy arka
atan Sülgün enäniň, perişde ýaly ejesiniň ýanynda salyhatly ýigit bagtyýardygyny,
uçup ýörendigini bildirmejek bolup derde galýardy, emma heý, gudratly bagt yşk
bilen bile geler-de, bildirmän bilermiň?
Annanyýaz asman bilen Zemin arasynyň bagtdan, yşkdan lummurdap, enwer
ysyny kükedip, şirwan perdesiniň datly sazyny ýaýradyp, beýhuş edip barýanyny
bilýärdi, ol bagt gizlederden uludy, bukardan şuglalydy!
Ahala toý beren döwletli maşgala has bagtlydy. Annanyýazyň bagtyny ene
süňňi, kalby bilen syzýan, görýän ejesi-de, kakasy Artyk han-da bagtyýardylar.
Annanyýazyň takdyryndan ýyldyz bolup dogan bu ýaş gelin – goşa meňli gyz
Gypjagyň döwletli maşgalasyna örän uly bagt getiripdi, özem bagtdan ýaňa asman
bilen Zemin arasynda uçup ýördi.
Annanyýaz toýdan on-on bäş gün geçenden soň ýene Gypjakçaýyň kenaryna
bardy.
Annanyýaz suwa seredip haýran galdy.
Hakyt haýran galdy.
Şildiräp akyp duran Gypjakçaýyň ýüzi ownujak-ownujak tolkunjyklardan hakyt
bägülüň keşbini çekäýipdir.
Suwuň ýüzi durşuna güle meňzäp akyp ýatyr.
Towlanyp-towlanyp akýan suw gül-gunçalaryň keşbini çekip, Annanyýazy bagty
bilen mübärekleýän ýalydy.
Hakyt şeýledi!
Suw şildir-şildir edip gülýärdi, begenýärdi.
Annanyýaz suwy ýüzüne syldy.
Annanyýaz suwa tagzym etdi.
152
2.
Adam ogly dostuna-doganyna, ýagşy görenine «Hernä, ýüz ýaşasyn-da!» diýip
arzuw edýär. Ak gyňaçly Sülgün ene bolsa ýagşy adamlaryň dileg edýän ýüz ýaşyna
ser urupdy, emma uzak ýaşyny ýük bilmän düňküldäp, ähli işiň bir gyrasynda bardyr.
Pişege bat berip, güp ýaýyp ýörendir bir görseň, bir görseň, düýe ýa sygyr sagyp
ýörendir, bir görseň, saýgyç alyp ýüň saýyp oturandyr. Artyk han ejesini işletmejek
bolup, goňşy-golam aýallara öý işine kömek edersiňiz diýip, hakyny artykmajy bilen
berýärdi. Sülgün ene galyp duran iş ýok bolsa-da, galdaw adam iş tapynýar. Ol:
– Keremli Alla jan ýeke söz diýse asmanam, Zeminem dörejek, emma ony hiç
kime ynanman, elin özi ýaradypdyr ahyry! Dünýäniň bezegi işdir, iş edýän adam
ýagşydyr, sagdyr, mähribandyr, iki dyzyny gujaklap oturan adamdan Hudaý saklasyn
– diýerdi.
Sülgün ene dek oturyp bilmeýärdi. Toýuň apyla-sapylasy sowlup, gelen-giden
azalansoň Annanyýazyň gelnine sapak berip başlady:
– Senem meniň balamsyň, Annanyýazam meniň balamdyr. Seniň gelen şu öýüň
seniň öz öýüňdir. Mähirlije, mylakatlyja, işlije bolsaň, garylyp-gatylyp gidersiň –
diýip, öwüt bererdi hem gelni özüni akmak hasaplaýandyr öýdäýmez ýaly,
sypaýyçylygy ýetirerdi: – Saňa ejeňem öý işini, el işini öwretme kemini goýan däldir!
Bilýänsiň, bilýäniňi bilip durun, ýöne bilýän diýmeli däldir, öwrenibermelidir. Bu
dünýäniň işini bilip tükederden köpdür. Hanha, Hudaýym saklasyn, döwletli öýde
adyny hem tutmaly däldir. Ýelli paryň aýaly ökde, oba-oba gezip söwda et diýseň,
gybat et diýseň, öňüne adam düşürmez, emma nahar diýip bişirýänini Annanyýazyň
tazylary Garagulagam, Ýolbarsam iýmez! Ýelli param, özem pul diýip hallan atyp,
sermenişip ýörler, emma baýlykdan ne peýda, datlyja nahar-şor iýmejek bolsaň,
baýlykdan ne peýda, öýüň malýatagy ýaly bolsa! – Sülgün ene öýüň rysgaly hakda,
nahar-şor hakda, tapanjaňy päkize, tagamly edip iýmek hakda sapagyny dowam
etdirýär: – Akylly myhman derwezäňe ýetmänkä öýde nähili adamyň, kimiň
ýaşaýandygyny biler. Öýi-öwzary, hojalygy päkize kişiniň kalbam päkizedir, nahary
süýjüje maşgalanyň rysgalam artykmaçdyr. Gazana tapan etiňi atanyň bilen nahar
bolaýanok. Nahara eliň tagamam, kalbyň tagamam, mähriňem siňmelidir...
Ondan soň Sülgün ene guda boljak ýeri «Geliberiň» diýensoň gelni Aýnabadyň
yzyna düşüp özüniňem gidendigini, gelniň ejesini ýanyndan goýbermän
oturdandygyny, ony ýönelige etmän, geljekki gelniň nahar edip bilşini biljek bolup
ýörite şeýdendigini aýdyp hezil edip güldi. Annanyýaz:
– Sen onda, ene, gelniňi ençeme ezmaýyşdan geçiren ekeniň-ow, assyrynlyk
bilen – diýip, lah-lah güldi.
– Weý, ýogsam näme. Gördüm, balamyň haly çitip, dokma dokaýşynam, nahar
bişirip, öýüne seredişinem gördüm. Men saňa bir zat aýdaýyn, Annanyýaz jan, aýalda
utulan adamyň depesinden gyzyl guýup dursaňam bagtly edip bilmersiň, aýaldan
bagty çüwen adamy depesinden külpet ýagyp dursa-da, bedibagt edip bolmaz!
153
3.
Jemejäniň yzyndan gybatyny-gürrüňini ederligi ýok. Kim gürrüňini etse,
soňundan ökünmeli bolýar. Sebäbi gybatyny etseň, özi üstüňe geläýýär. «Pylanynyň
adyny tutma, geler» diýýän yrym bar. Şu yrym Jemeje babatda dörän yrym bolsun
gerek. Adynyň tutulanyna bir käse çaý içer salym geçenok, hana, gürrüňler süýjäp
baly akýan çagy moýmul-moýmul edip, Ýelli baýyň aýaly Jemeje geldi. Onuň
döşünde Annanyýazyň ýat ýurtdan getiren gülýakasy, gulagynda tylla gulakhalkasy
bar. Ol Annanyýazyň gelni üçin iň köp jepa çeken adam hökmünde günde wagt
tapdygy gelip gidýärdi. Maşgalanyň ýanynda başga adamyň ýokdugyny bilip, keýpi
göterilen Jemeje hoş bolup:
– Sülgün ene, Annanyýaz jany bagtly etjek bolup meniň gören görgülerimi bir
gören bolsadyň, meniň toýnagymdan başlap kekejime çenli gyzyldan ederdiň – diýip,
depderini açdy. Sülgün ene haýsydyr bir hasap-hesibi bardyr öýdüp çaklady, ýöne
Ýelli paryň aýaly bilen olaryň hasabam bolmaly däldi, hesibem. Jemeje
Annanyýazdan rugsat alyp, bolan wakalary bir çetinden gürrüň berdi. Annanyýazyň
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Annanyýaz Artyk - 15
  • Büleklär
  • Annanyýaz Artyk - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3693
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2100
    30.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3752
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2154
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3820
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2097
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3839
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2008
    34.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3848
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2016
    34.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3789
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2063
    35.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3775
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2027
    33.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3680
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2068
    33.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3654
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2067
    30.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3729
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2007
    32.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3834
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2076
    34.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3859
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2156
    32.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3706
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2001
    34.5 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    57.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3834
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2099
    32.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3785
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2117
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3744
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2037
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3704
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2076
    31.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3750
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2077
    32.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3658
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2124
    31.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 3762
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2143
    32.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3884
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2023
    33.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3785
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2068
    33.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3811
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2035
    32.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3756
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2109
    33.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3772
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2065
    33.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 3676
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2097
    32.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 3753
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1851
    34.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 28
    Süzlärneñ gomumi sanı 3771
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2014
    33.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 29
    Süzlärneñ gomumi sanı 3723
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2175
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 30
    Süzlärneñ gomumi sanı 3798
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1980
    34.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 31
    Süzlärneñ gomumi sanı 3626
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2029
    31.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.1 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 32
    Süzlärneñ gomumi sanı 3667
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2026
    30.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 33
    Süzlärneñ gomumi sanı 3707
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2053
    32.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 34
    Süzlärneñ gomumi sanı 3793
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2092
    33.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Annanyýaz Artyk - 35
    Süzlärneñ gomumi sanı 2148
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1314
    38.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    58.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.