Latin

Altynjan hatyn I - 07

Süzlärneñ gomumi sanı 3741
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1970
31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
Altynjan bu pikirini ejesine aýtdy.
Hajar hatyn oňlamady.
Sadylla-da, Kabyl-da, Habyl-da, Anuşirwan-da bu pikiri oň­
lamady:
– Ar almak biziň işimiz, erkek kişiniň işi. Sen goşulma!
7*
97
Omar gürrüňi jemledi:
– Häzir öýe gaýdalyň. Nesip bolsa, Abdylmälik han ýörişden
– jihatdan geler. Ana, şonda onuň bilen näme etmelidigimizi
maslahatlaşarys.
Şu gürrüňden soň Altynjan ar almak hakda hiç kimiň ýa­
nynda dil ýarmady, içini hümledip gezdi ýördi.
Altynjanyň aňynda doganlarynyň: «Ar almak biziň işimiz,
erkek kişiniň işi. Sen goşulma!» diýen sözleri zol-zol gaýtalandy.
Ol bu sözleri kemsitme hökmünde gördi, kemsidilen adam
hökmünde ýanyp-bişdi. «Siziň erkek bolaýşyňyzy!» diýip, do­
ganlaryna içinden pitjiň atdy. Şol bir wagtyň özünde hem ar
almagyň ýollaryny gözledi.
Hajar hatyn doganynyň kyrky berlensoň, çagalaryny Za­
mahşara ugratmagy makul bildi. Altynjan başda ejesiniň ýa­
nynda galmakçydy, ýöne, niçik, atlar ýola düşdi welin, ol hem
Zamahşara gidermen boldy.
– Ene, men oturmakdan ýadadym. Wagtymy ýolda geçireýin,
Zamahşara gideýin. Öýde bir aý-ýarym aý bolup, soň geläýerin.
– Ýok, ýok, soň geljek bolup oturma – diýip, Hajar hatyn gyzyna
garşy çykdy. – Menem bu ýerde uzak eglenmän bararyn. Babaň hem
tiz geler.
Altynjan ata atlandy.
Ýolda Habyl Altynjana ýüzlendi:
– Daýymyň Anuşirwan üçin saňa beren tyllalary biçak köpmi?
– Nähili tylla?! – diýip, Altynjan mönsüredi.
– Daýym aýtdy ahyryn Anuşirwana: «Seniň ömrüňe ýeter
ýaly baýlygy Altynjana berendirin» diýip.
– Waý-weý-la, daýym näme üçin beýle diýdikä?! – diýip,
Altynjan ör-gökden gelen boldy. Sebäbi ol bu sowal bilen diňe
doganlarynyň däl, eýsem Anuşirwanyň-da gyzyklanýandygyny
aňýardy, ýok, takyk bilýärdi. Şonuň üçin ol bu gürrüňi
mönsüräp hiç zat bilmeýänden, hiç zada düşünmedikden bo­
lup, ünsden düşürmek isledi. – Daýymyň aýdan sözlerine teý
düşünip bilmedim. Ol bize hiç zat berenog-a?!
Altynjanyň bu sözüne doganlary-da, Anuşirwan-da ynanmady.
Omar­dyr akgyzy-da ynanmady. Sebäbi Tümen daýynyň Altynjan
98
bilen nämedir bir zadyň hyşy-wyşysyny edendigini olaryň ählisi
diňe bir ýa iki gezek däl, ençe-ençe gezek gördüler ahyryn! «Bular
nämäniň gürrüňini edýärkäler?» diýip, olaryň köpüsi öz-özlerinden
birnäçe gezek sorapdylar. Bir esasy bolmasa, onça wagtlap hyşy-wyşy
edilmez, onsoňam öljek wagty ýalňyz ogluna: «Men seniň ömrüňe
ýeter ýaly baýlygy Altynjana berendirin» diýmez. Ol näme üçin Ab­
dylmälige ýa-da Sadylla berdim diýmän, diňe Altynjanyň adyny
tutdy. Tümen Altynjana hökman köp mukdarda tylla beren bol­
maly, ýöne Altynjan bu hakykaty boýun almak islemeýär.
Altynjanyň her bir hereketini yzarlamaly – ine, Sadylla
dagynyň Anuşirwana niýetlenen köp mukdardaky baýlygy tap­
mak babatda gelen pikirleri.
6.
Arsahuşmisenden gelenlerinden soň Altynjanyň gyr-jyny
neçjar Haýdar boldy. Ol howla girip-girmänkä onuň üstüne
gygyryp ugrady.
Haýdar işine ussatdy. Çaga-çugasy, maşgalasy ýokdy. Sopbaş
ýeke ýaşaýardy. Näme buýrulsa, gepsiz-gürrüňsiz ýerine ýetir­
ýärdi. Bir aýby bardy: işden soň boza içmegi gowy görýärdi.
– Biz-ä hasrat çekýäris, bu nejisem muhammar14 bolup ýör.
Ýok bolsun! Gözüme görünmesin!
Mansur hasratly günde Altynjanyň raýyny ýykmady: Haý­
dary galadan çykaryp kowup goýberdi.
Altynjan daýysy ýogalandan bäri rahat ýatyp bilenokdy.
Haýdar neçjaryň galadan kowulmagy-da oňa teselli berip bil­
medi. Gijelerine daýysyny öldüren ganhoruň tokaýyň içinden:
«Men Togrul Seljukly! Men entek gözüňize görkezerin!» diýip,
wagşyýana gygyrmasy gulagynda ýaňlandy durdy.
«Näme üçin ol özüniň kimdigini aýtdy?» diýip, Altynjan
Mansur poladan sorady.
«Ýa Togrul Seljuklynyň özüne aşa göwni ýetýär hemem öz
garşysyna çykylmagyny, darkaş gurulmagyny isleýär ýa-da kim­
dir biri Togrul Seljuklynyň adyna duwlanýar».
99
«Men bilýärin, Tümen daýymy Togrul Seljukly öldürdi.
Ol babam bilen darkaş gurmak isleýär. Ol Altyndaş bilen bir
adammyş. Olar babamyň garşysyna dil birikdirendirler. Ynha,
görersiň, meniň aýdanlarym çyn bolup çykar».
«Sen daýyňy kimiň öldürendigini gözüň bilen görmediň.
Tokaýda kimiň gygyrandygy belli däl. Belki, ol gygyran kişi Tü­
men begiň başga bir duşmanydyr?! Sebäbi seniň daýyňyň
Sel­juklylar bilen hiç hili duşmançylygy ýokdy».
«Daýymyň bir duşmany bardy. Ol duşmany hem Seljukly
kynyk­lar. Daýym ölmezinden burun maňa bu hakda gürrüň be­
ripdi. Togrul Seljukly Arsahuşmiseniň gündogarynda bir oba
akyn salypdyr. Şonda daýym olaryň üstünden barypdyr. Olar
gaçmakçy bolupdyrlar. Şonda iki tarap darkaşypdyr. Darkaşda
Togrul Seljuklynyň atlylaryndan dördüsi, daýymyň atlylaryndan
hem ýedisi wepat edipdir, ýigrimi töweregi atly agyr ýarala­
nypdyr. Daýym söweşjek bolmandyr, ýogsam olaryň ählisinem
öldürip biljek eken. Ol diňe ýesir alyp, kaza tabşyrmakçy eken.
Kynyklar bolsa, ýesir düşmezlik üçin, bigünä atlylary öldürip ga­
çyp gidipdirler. Soňundan öz maslyklaryna-da eýe çykmandyr­
lar. Olary daýym depin edipdir. Şol darkaşdan soň kynyk­lar
daýymy güpbasdy etjek bolup, mydama ony garawullap, amatly
pursada garaşyp gezipdirler».
«Altynjan, men kynyklary, aýratynam seljuk kynyklaryny
gowy tanaýaryn. Olar merdana adamlar: jesetlerini herhili ýowuz
ýagdaý bolanda-da meýdanda galdyrmazlar. Şu ýerde bir gümür­
tiklig-ä bar...» diýip, Mansur Altynjanyň pikiri bilen ylalaşmady.
Şunuň bilen gürrüň gutardy, ýöne ol wagtlaýynça gutaran
eken.
7.
Altynjan Zamahşarda gününi boş geçirmedi: ikiýana ylgady.
Habyly-da, Anuşirwany-da dek oturtmady, hersini günüň do­
wamynda birnäçe gezek, birnäçe ýumuş buýuryp, birnäçe ýere
ugratdy. Oňa ýok diýýän ýokdy, asyl onuň garşysyna çykmak ba­
rada hiç kimde hiç hili pikirem ýokdy. Mansur onuň bolşuny
100
göz astyndan synlady, haçan-da ol çiltenleri hem Habyl bilen
ejesiniň ýanyna gitmekçidigini aýdanda çürt-kesik garşy çykdy.
– Ýok, ýok, hiç ýerigem gitme. Men rugsat beremok.
– Rugsat beremok?! Kim sen rugsat bermez ýaly?
– Men Abdylmälik hanyň naýyby, hajyby, işigagasy, gapydany!
– Gepleme! Men näme diýsem, şonuň bilen boluber. Men
gitjek diýdimmi, giderin!
– Ýok, sen hiç ýerik gitmersiň! Siziň garamatyňyza Abdylmälik
hanyň öňünde men jogap berýärin. Ol her gezek ýörişe gitjek bo­
landa bizi ýygnap bu hakda aýdýardy. Onuň aýdanlaryny sen eýýäm
unudaýdyňmy?
– Mansur daýy, siz näme üçin meniň derdimiň üstüne
dert goş­ýarsyňyz? Men-ä sizden teselli, goltgy hantama, siz bolsa
meni dört diwaryň içinde saklajak bolýarsyňyz.
– Altynjan, sen menden hiç zat gizleme, ýüregiňdäkini açyk aýt!
– Men Arsahuşmisene – enemiň ýanyna gitjek.
– Sen ýalan sözlemegi başaraňok, Altynjan. Men seniň nirä
gitmekçi bolýandygyňy, nähili mojuk hyýala münendigiňi gaty
gowy bilýärin.
– Nähili mojuk hyýala münüpdirin men?
– Sen kynyklaryň ýaşaýan Gauhor etrabyna gitmekçi bolýarsyň.
– Nirä, nirä?
– Altynjan, mönsüreme! Näme, Mansur şu howluda
ýaşap, seniň näme gürrüň edýäniňi eşidýän däldir, näme pikir
edýäniňi bilýän däldir öýdýärsiňmi? Belki, men hiç zat bilýän
däldirin, ýöne şu howluda, Zamahşarda bolýan ähli zady welin
bilýärin. Men seni synladym, sen Togrul Seljuklyny öldürip, Tü­
men begiň hununy almakçy bolýarsyň? Hun beýdip alynmaýar.
– Eýsem nädip alynýar?
– Hun eden etmişi boýnuna goýlup, soňundan alynýar. Sen
galp­lyga duwlanyp barjak bolýarsyň. Eger şeýtseň, seniň daýyňy
öldüren ganhordan tapawudyň näme? Senem Tümen daýyňy
öldüren ganhor ýaly ganhor bolýarsyň?
– Mansur daýy, maksadyň meni goýbermezlikmi?
– Sen maňa dogry düşünipsiň.
– Bolýar, gitjegem däl. Kabyl, Ýatmaz, Akgaýa, Çyrlak,
eşidiň, biz hiç ýerik gidemzok.
101
Mansur Altynjanyň sözüne ynanmady, onuň her bir ädimi­
ni özüne habar berip durmaklary üçin on sany jandar goýdy.
Galanyň derwezesini ýapdyrdy. Derbanlara derwezeden Altyn­
jany, Kabyly, Habyly, Anuşirwany çykarmaly däldigini aýdyp,
berk görkezme berdi. Diňe görkezme bermek bilen çäklenmän,
ol gije derwezäni garawullap, şol ýerde ýatdy.
Mansur gapydan ýok – Mansur müňkür bilen bolan
gürrüňden soň, Altynjan ar almaga gitjek diýip dyzap durmady.
Naýybyň talabyna boýun sunýan ýaly ýuwaşady.
Özüni atylan ok hasaplan Altynjanyň birden mugyra gel­
mesi, ýuwaşamasy, gitjek bolmazlygy Mansur müňküre şübheli
göründi. Herhal, ätiýajy elden bermedi.
Altynjan Mansur müňküriň hiç ýerik gitmeli däl diýip
tabşyrmasyndan soň diňe Habyl bilen iki gezek gürleşdi. Ga­
lan wagtlarynyň galabasyny şebistanynda oturyp-ýatyp geçirdi.
Bir gezek daşary çykyp, elguşlaryň saklanýan külbesine bardy.
Şahynyny eline alyp, ony sypady, oňa iým berdi. Soň Akgar
bedewiniň ýanyna bardy. Bagyň içinde biraz aýlandy, soň ýene
hareme dolandy.
Bu ahwalat iki gün gaýtalandy. Üçünji gün Altynjan Mansur
müňküriň tamasyny ödedi.
Gülýüzli ylgap geldi:
– Melike ýok.
– Aty-da ýokmy?
– Akgar dur.
– Anuşirwan bilen Habyl barmy?
– Anuşirwan ýatyr, Habyl ýok! Kabyl-da ýok!
– Ol saňa hun almaga, ar almaga gitjek diýip, heý, ýaňzyt­
madymy?
– Ýok, ol maňa hiç zat aýtmady. Siziň bilen gürleşensoň, ol
aglamak aglady.
– Näme üçin aglady?
– «Mansur daýymyň göwnüne degdim, ony kemsitdim»
diýip aglady.
– Bar, ýeriňde oturyber.
– Eý, tagsyrym, Altynjan niredekä? Jany beri sagmyka onuň?
– diýip, Gülýüzli gözüne ýaş aýlady. – Indi men Hajar hatyna
102
näme diýeýin? Indi men Abdylmälik hana näme diýeýin? Olar
meni öldürer, hökman öldürer.
– Öldürseler, bu dünýäniň azabyndan dynarsyň.
– Ölesim gelenok meniň.
– Ölesiň gelmeýän bolsa, dowul turuzma. Bar ýeriňe! Hiç
zat bolmadyk ýaly, rahat otur!
– Melikämizi alyp gaçandyrlar. Men bilýärin, ol günsaýyn
owadanlaşýar. Ony ogurlandyrlar. Bir bela-beteriň gopjagyny
ýüregim syzdy meniň, pikir edişim ýaly-da boldy.
– Haý, meniň aamlygym gursun, sowan demir egrel­
meýär ahyryn – diýip, Mansur müňkür özbaşyna ahmyr bilen
hüňürdedi. – Men bolsa ony mugyra gelendir öýtdüm.
– Näme diýdiňiz, tagsyrym?
– Belanyň sapy! – Mansur müňkür derwezä bakan gaty-gaty
ýöräp gitdi.
Üçünji hekaýat
KÖP PIKIR ASTYNDA AJAL BAR
1.
O
l ähli zady öňünden diňe ýedi ölçäp däl, müň ölçäp
bir kesipdi, maksadyna ýetjegine ynanýardy. Şol ynam
hem onuň çiltenler bilen ýola düşmegine sebäp bolupdy. Onuň
özüne zol-zol gaýtalaýan ýeke-täk öwüdi bardy, ol hem howluk­
mazlykdy, sabyr bilen maksada ýetmekdi. Şeýle-de bolsa, ol mak­
sadyna ýetmäge – hun almaga şeýlebir howlugýardy, hiç bir ýer­
de hiç bir zatdan karar tapyp bilenokdy, ony rahatlandyryp biljek
ýeke-täk zat – hunuň alynmagydy. Habyl birki gezek oňa: «Soňy
nähili bolarka?» diýip sorag berdi.
Altynjan ýüregindäkini aýtdy:
«Soňy nähili bolanda näme?!»
Bu pikir başdansowma pikir däldi. Altynjan hakykatdan
hem şeýle pikir edýärdi. Hun alnandan soň ykbalynyň nähili
boljakdygy ony birjik-de gyzyklandyranokdy. Ol, asyl, maksady­
104
na ýetenden soň ölmäge razydy. Çünki Tümen beg – daýysy
ölenden soň onuň üçin ýaşaýşyň manysy gaçypdy. «Näme üçin
ýaşamaly?» diýip, ol oýlanýardy. Ýaşaýyşda gyzyk, lezzet gör­
meýärdi.
Ol hyýalynda ençe gezek hundaryny öldüripdi, içini so­
wadypdy. Arman, hyýaldady.
Hyýaly hakykata öwürmelidi. Nädip? Altynjan ýanyndaky çil­
tenler1 bilen her bir ädilmeli ädimi, her bir edilmeli işi jikme-jik
maslahatlaşdy, maslahatda makul görlen pikir boýunça olar at­
laryny-da çalşypdylar, Altynjanyň ady indi Agaýunusdy, Habylyňky
Genjimdi. Beýleki ýigit­leriň atlary üýtgedilmändi. Muňa zerurlyk
hem ýok hasap edilipdi, çünki olary Zamahşardan gaýry ýerlerde
hiç kimse tanamaýardy.
Agaýunus ýanyndaky ýigitleriň ählisine janyny ynanýardy,
çünki ol olary ençe gezek agyr-agyr synaglardan geçirip görüpdi.
Ol ýigitler Agaýunus üçin özleriniň şirin janlaryndan geçmäge
taýýar ýigitlerdi. Aýratynam Ýatmaz, Akgaýa, Çyrlak diýen ýigit­
ler ýanyp duran otdular, olar Altynjanyň jandarlarydy. Olaryň
hersi on haşymyň serkerdesidi. Üçünji onlugyň serkerdesi Ha­
byldy. Deňi-duşlarynyň arasynda onuň ýörgünli ady Ýekegözdi.
Altynjan olara käteler kakasyndan, ejesinden, doganla­
ryndan ogryn hak-heşdek töleýärdi. Sebäbi olar nämedir bir
zadyň hasabyna eklenmeli ahyryn! Olar uzynly gün Altynjanyň
goragynda, hyzmatynda (Aslynda galada ony goramagyň zerur­
lygy-da ýokdy) bol­ýardylar. Bu üç ýigit – Ýatmaz, Akgaýa, Çyrlak
beýleki ýigitleriň arasynda güýç, batyrlyk, daýawlyk, garadan­
gaýtmazlyk babatda görnetin tapawutlanýardylar.
Çiltenleriň, diňe bularyň däl, ähli zamahşarly ýigitleriň
arasynda-da Altynjanyň gyz maşgaladygy köplenç halatda ýat­
dan çykýardy. Ähli ýigitler ony özleriniň serkerdesi hökmünde,
erkek kişi hökmünde aňlaryna siňdiripdiler. Gaty seýrek halat­
larda onuň gyzdygy ýatlaryna düşýärdi.
Altynjan erkek kişi ýalydy: erkek kişi ýaly gürleýärdi, erkek
kişi ýaly dogumlydy.
Gidip baryşlaryna seljuklylaryň ýanynda aýtjak sözlerini
maslahatlaşýardylar. Seljuk düşlegine ýetilýänçä edilmeli işleri,
aýdylmaly sözleri öz aralarynda telim ýola gaýtaladylar.
105
Olar gazanç etmek maksady bilen Müňgyşlakdan Maweran­
nahra barýarkalar, bir dili senaly kişi soltan Mahmyt Gaznalynyň,
häzirem Masudyň uly ynamyna, uly sylag-hormatyna mynasyp
bolan Seljukly diýen neberäniň bardygy hakda eşidip, Gauhora
gelipdirler. Olaryň maksady bir halal kişä gulluga durup, birki
ýyllap bigaýgy maşgala eklär ýaly gazanç etmek. Hoşamaý sözler
bilen seljuklylaryň göwün kirişlerinde mylaýymdan mylaýym,
hoşamaýdan hoşamaý owaz edip, göwün töründen orun almak
we ornaşmak, amatly pursat dörände rehimsizlik bilen ar almak.
Seljuklylar Agaýunus perini görüp, elbetde, onuň kimdigi
bilen gyzyklanarlar. Hyrydar çykmaklary-da mümkin. «Mümkin»
diýip sypaýyçylyk etmek nämä gerek, hökman hyrydar çykarlar.
Göwher hyrydarsyz bolmaýar. Türkmen ähli babatda mert-de,
sabyrly-da bolsa, zenan babatda durumsyz. Kynyklaram – türk­
menler. Owadan gyz görseler, garrysam, ýaşam galkyjaklaberer.
Türkmenler haýsy ýerini teshyr etseler, hazyna hökmünde ýyg­
naýan esasy oljasy – gyz-gelin. Beýleki halklar uzak-uzak ýurtlary
akyn edip, harwar-harwar altyn-jowahyr, lagly-göwher getirer,
oguz welin, süri-süri edip, owadandan-owadan gyz-gelin getirer.
Nähili bolar?! Altynjanyň öňden oraşan çaky boýunça, ine,
hakyt şeýle bolar. Kynyk serkerdeleri Agaýunusy açgözlülik bi­
len synlarlar-da, toparyň serdary Genjim bege sowal bererler:
«Eý, ýagşy ýigit, bu gyz kim?»
«Bu gyz meniň uýam, ady Agaýunus. Agaýunus harby til­
simlere ezber».
Genjim sözüni soňlap-soňlamanka ikinji sowal berler:
«Äri barmy?»
«Äri ýok».
«Sen uýaňy maňa ber».
«Agaýunusyň bir şerti bar».
«Bir däl, goý, iki şert goýsun!»
«Ol şert – üç aýlap, siziň araňyzda bolup, däp-dessuryňyz bilen ýa­
kyndan tanyşmak, ysnyşmak. Üç aýda kimiň-kimdigi aýyl-saýyl bolar».
«Makul gep. Biz üç aý garaşarys».
Oguz beg hak aýdypdyr: almany Asmana zyň, ýere düşýänçä
ýa Pelek! Üç aýda – nämäniň näme boljagyny, üç aýdan soň
Agaýunusyň haýsy ýerde boljagyny diňe Pelek biler!
106
***
Ähli zatlar Agaýunusyň pikir edişi ýaly bolaýmalydy, ýöne
bolmady. Sebäbi ganojak Muhammet Togrul düşlegde ýok
eken. Asyl ol, görlüp oturylsa, Zamahşaryň deňinden geçip, Jür­
janiýa – Altyndaşyň ýanyna giden eken.
Herhal, olary Kelan ýabgu diýen äpet bir kişi garşy aldy.
Genjim begiň öňden ýat tutan nutugyny mukytlyk bilen diňledi.
Soňam Agaýunusa tiňkesini dikdi:
– Bu gyz kim?
– Bu gyz meniň uýam, ady Agaýunus. Agaýunus ýaşlykdan
harby tilsimleri öwrendi. Ol men-men diýen on esgere taý gelip
bilýär. Gylyçlaşmakda ökde.
– Söweşmek, gylyçlaşmak arwat işi däl...
– Dogry, ýöne Agaýunus meni ýeke goýbermek islemedi. Çün­
ki onuň menden başga hiç kimi ýok. Menem ony Müňgyşlakda
ýeke goýup gaýtmakdan gorkdum. Agaýunus uýam bize bike, ol
biziň tikin-çatynymyza seredýär hem nahar-şor taýýarlaýar.
– Äri barmy?
– Äri ýok.
– Beýle owadan arwat ärsiz bolsa, türkmene aýypdyr. Şu
güne çenli siziň araňyzda bu arwada eýe çykan tapylmadyk bol­
sa, biz oňa eýe durarys. Uýaňy hiç zada hor-zar etmeris.
– Agaýunusyň bir şerti bar.
– Aýt şertini.
– Ol şert – üç aýlap, siziň araňyzda bolup, däp-dessuryňyz,
adamlaryňyz, arwatlaryňyz, talaplaryňyz bilen ýakyndan tanyş­
mak, ysnyşmak. Üç aýda ähli zat aýyl-saýyl bolar.
– Makul gep, biz üç aý garaşarys. Goý, ol biziň hatynlarymyzyň
arasynda ýaşabersin.
Ylalaşyk şu ýere gelende birtopar atly geldi. Ol atlylaryň
öňün­däki Mansur müňkür bilen Abdylmälik hanyň ýegana raz­
dary Keski Kelewdi.
107
2.
Altynjan kakasy Tahyr Afrasýaba gynanç bildirmek üçin
Arsa­huşmisene giden wagty müňbaşylaryň, ýüzbaşylaryň bir­
näçesi bilen ikiçäk duşuşdy, olaryň ählisine şol bir sowaly berdi:
«Saňa syr ynanyp bolarmy?»
«Gep ol syryň nähilidiginde».
«Men Togrul Seljukly diýen nejisden Tümen daýymyň
aryny almak isleýärin. Kim daýymyň aryny alyp berse, men şol
kişä bir müň dirhem berjek».
«Bu işi hana aýtman edip bilmerin».
«Müň dirhem berjek-how».
«Ýüz müň dirhem berseňem, hana aýtman hiç iş edip bil­
jek däl. Han aýtsa, bu işi bir dirhem berilmese-de ederis».
«Men ýalbarýaryn...»
«Ýok, ýok, Altynjan, gürrüň şundan aňry geçse, men hana
hökman habar bermeli bolaryn. Sebäbi men onuň öňünde des­
terhana hem Gurhana elimi goýup, wepadarlyk kasamyny iç­
dim. Wepadarlygyň gutaran ýerinde türkmen gutarýar».
Altynjan iň soňunda Şadranç müňbaşy bilen ikiçäk duşuşdy.
«Şadranç daýy, saňa syr ynanyp bolarmy?»
«Melikäm, maňa syr ynanyp bolmaýan bolsady, onda Ab­
dylmälik han meni özüne müňbaşy edinmezdi».
«Meniň häzirki aýtjak pynhan gürrüňimi hiç kim, babamda bilmeli däl».
«Seniň syryňy babaňa aýtmak zerurlygy döremese gerek.
«Aýtma» diýseň, aýtmaryn».
«Men Togrul Seljuklydan Tümen daýymyň aryny almak is­
leýärin. Kim daýymyň aryny alyp berse, men şol kişä müň dirhem
berjek».
«Müň dirhem?!»
«Kim Togrul Seljuklyny öldürse, men şol kişä müň dirhem
berjek».
«Onça dirhem saňa kim berer? Abdylmälik han berer
öýdýär­siňmi? Sen bu işi babaň bilmezligini isleýärsiň-ä».
108
«Şu işi bitirip biljek adamy tapyp berseň, men saňa-da müň
dirhem berjek».
«Sen onça dirhemi nireden aljak?»
«O näme üçin men iki-üç müň dirhemi kimdir birinden
almaly? Men ony hiç kimdenem aljak däl. Diýen dirhemimi
men kimdir birinden soramaly, almaly däl. Olar meniň özüm­
de bar. Saňa meniň sözüm ýeterlikmi ýa-da dirhemlerini gör­
kezmelimi?»
«Görkezseň-ä gowy bolar».
Altynjan şol günüň ertesi ýene Şadranç müňbaşy bilen iki­
çäk duşuşdy. Oňa iki sany düwünçek berdi:
«Şu düwünçekleriň hersinde ýüz dirhem bar. Heriňize
ýüz dirhemi öňünden berýärin. Ine, iki müň dirhem! – diýip,
Altynjan dirhemli düwünçegi müňbaşynyň öňüne taşlady. – Bu
dirhemleri iş bitensoň berjek. Men muny görmegiň, bardygy­
na ynanmagyň üçin görkez­ýärin. Iş bitireniňizden soň galanyny
bererin».
«Melikäm, men bu töwekgellige dirhem hantamaçylygy bi­
len girmezdim. Maňa siziň hiç zadyňyz gerek däl. Öz hatynyň
hem onuň maşgalasynyň mertebesi üçin men özümi oda at­
maga-da taýýar. Ine, şu maksat bilen saňa razylyk berdim. Sen
ýalňyşýan-a dälsiň-dä?»
«Ýok, ýalňyşamok!»
«Eger siziňki hak bolsa, han sizi beýle ýowuz jezalandyr­
mazdy ahyryn?»
«Sen etjekmi ýa akyl berip çäklenmekçimi?!»
«Men düşünmek isleýärin, seniň hem düşünmegiňi isleýärin.
Hanyň degişli adamlary bu jenaýaty derňäp, öwrenip ýörler. Ýene
biraz tagapyl eýle, ähli zat belli bolar, jenaýatçyny-da taparlar».
Şadranjyň sözüne Altynjanyň biçak gahary geldi:
«Sen gorkak! Bar, babama meni sat!»
Altynjan Habyl bilen Kabylyň ýanyna bardy. Bu mahal olar
düşekde ýatyrdylar. Abdylmälik han olary ýowuz jezalandyrypdy.
Has takygy, hersi ýigrimi gamçy urlupdy. Şol urgular zerarly
olar düşege baglanypdy: ýerlerinden galyp, ýöräp bilenokdylar.
109
Altynjan olaryň daşyndan ot-elek bolup aýlanýardy, aňyn­
dan ar almak baradaky pikir aýrylanokdy. Mansur gapydan bi­
len Keski Kelewe öz ýanyndan nälet okaýardy.
Ruhdan düşmezlik barada öz-özüne göwünlik berýärdi, ar
alma­gyň täze ýollaryny gözleýärdi.
Ar almak onuň ömrüniň manysyna, maksadyna öwrülipdi.
Özdiýenli hem özerkli adam hökmünde ol muny amal etmän
ýaşap biljek däldi. Şu maksadyna ýetmek üçin, ol hatda şeýtan
bilen dogan okaşmaly bolsa-da taýýardy.
Ähli güýçli adamlar ýaly, ol diňe öz pikiriniň amal bolaryny
bil­ýärdi. Şuňa garşy gelýän bolsa, ol ähli garaýyşlary, ynançlary, des­
surlary ýere çaljakdy, gerek bolsa, olaryň daşyndan aýlanyp geçjek­
di. Ol öz maksady üçin urulmaga, ýenjilmäge-de, gaýry hupbat­
lara-da kaýyldy. Esasy zat – ar almaly! Öýkeläp gaýdan hem bolsa,
ol ertir ýene Şadranç müňbaşynyň ýanyna barmakçydy. Sebäbi ol
häzirki wagtda özüne kömek edip biljek ikinji adamy görmeýärdi.
Eger erkek adam hatynyň Hudaýy bolýan bolsa, Altynjan bu
Hudaýa öz aryny ýerine salmak baradaky talaby bildirmekçidi. Bu
talabyň berjaý bolmagynyň deregine ol diňe bir erkini däl, eýse,
janyny-da bermäge döwtalapdy. Ar – onuň mertebesidi, eýse, ýa­
nyndaky Hudaýy onuň mertebesiz bolmagy bile razylaşyp biler­
mi?! Gulunyň mertebesizliginde Eýesi üçin nähili maza hem many
bolup biler?! Mertebesini ýokary götermek üçin edýän bolsa, goý,
ursun, goý, ýençsin! Mertebesini gögertmejek, aryny alyp bilme­
jek bolsa, ol erkegiň hudaýlygyny ykrar edip biljekmi?! Ýok! Onda
diňe bir zat – hudaýlyk hökmürowanlygyny Altynjanyň öz üstüne
almagy galýar! Onda ol dünýäniň kada-kanunlaryny, durmuşyň
däp-dessurlaryny oýlanman çepbe çöwrüp biljekdi, dünýäge,
durmuşa başga kadalary hem dessurlary bermäge-de häzirdi! Diňe
dünýämi, diňe durmuşamy?! Ol ary üçin, hatyn bolsa-da, erkeklik
ýüküni üstüne alyp biljekdi.
Dowam edýän durmuş kadalary adamyň dogumyny göterip
bilmese, dogumly adam ol kadalary syndyrmakdan gaýtmaz. Ol
öz niýetini amal edäýmelidir, ol bu ýolda hiç bir zada gulak ga­
bartmaz. Ony hiç bir güýç saklap bilmez. Ol öz hakykatyny ykrar
eder, köpçülik onuň hakykatyna boýun bolar. Şeýdip, Allatagala
111
öz edermen hem dogumly, hyjuwly hem hyruçly saýlantgylarynyň
üsti bilen dünýäni, ýaşaýşy, heňňamy täzeläp durýar. Şeýdip,
başda görkezilen garşylyk soňra makullanma öwrülýär. Şeýdip,
düşünjeleriň hem gymmatlyklaryň orny çalyşýar.
3.
Juma güni Abdylmälik han sadaka berdi, gaýynenesine, Tü­
mene degsin edip Gurhan okatdy. Altynjan kakasyna nägileligi­
ni ýaňzytdy:
– Daýymy wagşylyk bilen öldürdiler, biz ar almaga derek,
aýat-töwir edýäris.
Abdylmälik han gyzyna gyňralyp seretdi.
Eý, Hudaý! Bu nä boluş?! Ogul perzent hökmünde ezizläp
ýören gyzy bu gün tam doly adamyň arasynda kakasyna hykarat bil­
dirýär! Gyzyndaky edepsizlige, tekepbirlige Abdylmälik hanyň biçak
gahary geldi. Köpçüligiň içinde gyz maşgala gürlemeli däl. Altynjan
welin kakasyna hakyt hykarat-nägilelik bildirýär. Kakasyndan, Man­
surdan rugsatsyz hun aljak diýip, Gauhor etrabyna gitmesine näme
diýjek munuň? Asyl, eden telek işi üçin özünde müýn duýanok ol.
Iki dogany onuň üçin hyklaşyp ýatyr. Munuň üçin müýnürgänok ol!
Iň erbedem, ine, şu. Abdylmälik han Altynjany dergähine çagyryp:
«Bu nä etdigiň?» diýip soranda ol gyzynyň ýüzünde jinnek ýaly-da
müýn görmändi, gaýtam, ahmyry bardy onuň: «Baba, daýymyň huny
ýerde galmasyn!» diýip elewreýär. O mahal käýäniň gulagyna iljek
däl onuň. Emir ogullarynyň kyrk zamahşarly ýigit bilen Altynjanyň
yzyna düşüp, etmişi anyklanmadyk Togrul Seljuklyny öldürmek
üçin Gauhora gitmekleriniň sebäbine teý düşünip bilenokdy.
Gyzy näme diýse, ogullary onuň aýdanyny etjek bolup ylgap
ýörler. Näme üçin? Näme üçin: «Ýok» diýmeýärler? Emir özüni
giňlige salmaga çalyşdy: «Gyzyň erkekpisint, garadangaýtmaz bol­
magyny özüň islediň-ä. Ine, olam isleýşiň ýaly bolup ýetişdi. Indi
onuň hokgalaryna kaýyl gel. Näme etjek bolsaň, başda etmeli. De­
mir sowansoň egilmeýär. Altynjan indi taplandy, indi muny üýt­
getmek başartmaz. Ýöne munuň diýýän zatlary nädogry ahyryn.
Ýeri, kimdir biriniň tokaýyň içinde: «Men Togrul Seljukly» diýip
112
gygyrandygyna esaslanyp – bir günäsi anyklanmadyk kişini öldür­
melimi? Öldürmek, iň soňky gürrüň. Öldürmekden bärde-de zat
kän ahyryn. Ilki bilen, ähli zady anyklamaly. Şol günki gygyran,
Tümeni öldüren hakykatdanam Muhammet Togrulmy?
Abdylmälik han boş oturanok, ol öz adamlaryna anyk görkez­
meler berdi. Onuň adamlary Muhammet Togrulyň şol gün nirede
bolandygyny, Tümen bilen aralarynda nämeleriň bolup geçendi­
gini öwrenip ýörler.
Şol gün Togrul Seljukly Jürjaniýada – Altyndaşyň dergähinde
bolan eken. Onsoň onuň Arsahuşmisen tokaýlygynda bolmajak­
lygy köre hasa. Näme, han özüniň edip ýören işi hakynda gyzyna
hasabat bermelimi?
Abdylmälik han gyzynyň köpçüligiň içinde aýdan sözüni eşit­
medikden boldy. Ýagşydan-ýamandan jogap bermedi. Bu näme
boldugy diýen terzde Hajar hatyna seretdi. Hajar hatyn başyny
aşak saldy.
***
Altynjan soňky günler köp wagtyny ejesiniň ýanynda geçir­
ýärdi, onuň gürrüňlerini diňleýärdi. Hajar hatyn gyzyna daýysy,
onuň ölümi, ar almak hakda oýlanmazlygyny, Allatagalanyň ýaz­
gydyndan gaçyp gutulyp bolmaýandygyny, şalygyň adamlarynyň
ganhorlary, alamanlary hökman tapjakdygyny we hökman jeza­
landyrjakdygyny ýantgylap-ýantgylap aýtdy:
– Öleniň yzynda ölüp bolmaýar. Tümeniň wepatyna hemmä­
miz örtenýäris, ýöne Eýesine gerek bolsa, biziň elimizden gelýän
zat ýok. Beterinden özi saklasyn. Ýamanlyk, etmiş ýerde ýatmaz.
Kim ýamanlyk, etmiş etse, pälinden tapar. Sen gama batyp ýör­
män özüň, ertirki günüň hakda oýlan. Hudaýtagalanyň erkegi sö­
ýüşiniň, hormatlaýşynyň çeni-çaky ýokdur. Hudaýtagala erkekle­
re edeniňizi edip, erkana ýaşaň diýendir. Erkekler biziň ýerdäki
Hudaýymyzdyr. Erkekleriň eden işlerine: «Bu edeniň nädogry»
diýmäge hatynlaryň jinnek ýaly-da haky ýokdur. Sen ýaşlykdan er­
keklere nämeleriň ýaraýandygyny, nämeleriň ýaramaýandygyny
öwrenmelisiň, gyzym. Ata-enesiniň öýi gyz üçin öýlänçi geçýän­
8*
113
çä az pursatlyk penalanylýan düşelgedir. Gyz maşgala kämil
çykyp, başga maşgala goşulýandyr. Başga maşgala baranyňda hiç
zat başarmasaň: «Bu gyza enesi hiç zat öwretmändir» diýerler.
Seniň oňarmaýan zatlaryň – meniň ýüzümiň garasy bolar. Seniň
başarjaňlyklaryň meniň yhlasymyň miwesi bolar. Baran ýeriňde
gyzy köp synlaýandyrlar, gyzym. Öý işlerini bäş barmagyň ýaly
bilmelisiň...
– Wiý-ý, enemi. Ene, men äre baryp hyzmatkär bolaýynmy?
Öý işlerini hyzmatkärler eder-ä!
– Seniň barjak öýüňde hyzmatkär bolmasa nätjek?
– Hyzmatkär saklamaga güýji ýetmeýän äriň ýanynda meniň
nä körüm bar?!
– Herhili ýagdaýyň bolmagy mümkin.
– Ene, meni gorkuzýarsyňyz, şonsuzam ertirki günüm hak­
da köp pikirlenýärin.
– Gyzym, sen pikir etmejek bol. Köp pikir astynda ajal bar. Alla
pikiri erkeklere berendir. Goý, olar pikirlensin. Hatyn bu dünýä­
de hiç zadyň pikirini etmän, bigaýgy ýaşamalydyr. Hatynyň pikiri
erkege diňe zyýandyr. Hatyn ärinden näme üçin urulýar? Diňe
oýlanýandygy üçin urulýar.
– Oýlanýan bolsa, gowy-da şol.
– Gyzym, gowy zat üçin urmaýarlar.
Dördünji hekaýat
AGA GARA TIZ ÝOKAR
1.
A
bdylmälik han gyzyny galadaky mekdebe – Razzak
damul­la1 okuwa beripdi. Aslynda, Altynjan damullanyň
öwred­ýän zatlaryndan köp bilýärdi. Muňa ol biçak buýsanýardy.
Muňa Abdylmälik han hem buýsanýardy. Ogullaryny hem
gyzyny belli bir döwürde damulla bermesi diňe syýasat üçindi:
«Goý, Zamahşaryň adamlary meniň çagalarymyň juda sowat­
lydyklaryny, üç dilde suwara gürleýändiklerini görsünler, goý,
damulla meniň çagalarymyň ýanynda özüniň az bilýändigine
göz ýetirsin, çykgynsyz halda galsyn, ähli kişiniň meniň çaga­
laryma gözleri gitsin» diýip, pikir ýöredýärdi. Ol öz çagalarynyň
galanyň çagalaryndan artykmaç bilimlidiklerini, artykmaç hu­
kuklydyklaryny, artykmaç başarnyklydyklaryny we özleriniň
begzada neslindendigini duýmaklaryny, bilmeklerini, muňa
öwrenişmeklerini isleýärdi. Abdylmälik han käteler mekdebe
barardy, çagalaryň okaýyşlary, ýagdaýlary bilen gyzyklanardy.
Damulla bilen arap dilinde gürleşerdi. Iki türkmeniň düşnüksiz
dilde gürleşmekleri çagalar üçin biçak geňdi.
Han çagalaryň özüne geň galyp, gözügidijilik bilen seret­
melerini gowy görýärdi. Bu onuň üçin lezzetleriň iň gowusydy.
115
2.
Altynjan Hudaý hakda köp zatlar bilmäge çalyşýardy. Diňe
bir Hudaý hakda däl, pygamberler, Muhammet alaýhyssalam,
dört çagyrýarlar, Omar bilen Alynyň darkaşlary hakda düýpli bil­
mek isleýärdi.
– Biziň häzirki ýaşaýan topragymyzda öň şeýtanlar ýaşapdyr.
Soň Perwerdigär şeýtanlary kowup, bu ýeri adamlara beripdir.
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Altynjan hatyn I - 08
  • Büleklär
  • Altynjan hatyn I - 01
    Süzlärneñ gomumi sanı 3649
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2038
    28.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 02
    Süzlärneñ gomumi sanı 3682
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2065
    30.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 03
    Süzlärneñ gomumi sanı 3774
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2119
    30.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 04
    Süzlärneñ gomumi sanı 3686
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2117
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 05
    Süzlärneñ gomumi sanı 3743
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2102
    30.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 06
    Süzlärneñ gomumi sanı 3768
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2037
    33.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 07
    Süzlärneñ gomumi sanı 3741
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1970
    31.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 08
    Süzlärneñ gomumi sanı 3711
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2111
    30.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 09
    Süzlärneñ gomumi sanı 3789
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2067
    32.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 10
    Süzlärneñ gomumi sanı 3775
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1951
    30.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 11
    Süzlärneñ gomumi sanı 3765
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1875
    31.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 12
    Süzlärneñ gomumi sanı 3727
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2076
    31.8 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 13
    Süzlärneñ gomumi sanı 3732
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2010
    31.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 14
    Süzlärneñ gomumi sanı 3816
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2051
    30.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.2 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 15
    Süzlärneñ gomumi sanı 3787
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1968
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.4 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 16
    Süzlärneñ gomumi sanı 3763
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1914
    32.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 17
    Süzlärneñ gomumi sanı 3728
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2001
    30.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 18
    Süzlärneñ gomumi sanı 3709
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2070
    30.6 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 19
    Süzlärneñ gomumi sanı 3579
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2077
    28.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    40.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    48.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 20
    Süzlärneñ gomumi sanı 3697
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2196
    30.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 21
    Süzlärneñ gomumi sanı 3615
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1961
    31.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    44.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 22
    Süzlärneñ gomumi sanı 3737
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2108
    32.0 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    52.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 23
    Süzlärneñ gomumi sanı 3754
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2030
    29.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    43.6 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    51.8 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 24
    Süzlärneñ gomumi sanı 3687
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1984
    32.1 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    45.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 25
    Süzlärneñ gomumi sanı 3686
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2069
    29.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    42.0 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 26
    Süzlärneñ gomumi sanı 3417
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1991
    27.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    41.5 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Altynjan hatyn I - 27
    Süzlärneñ gomumi sanı 102
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 82
    36.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    50.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.