Latin

Alhimik - 5

Süzlärneñ gomumi sanı 3729
Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1938
32.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
46.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
54.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
ads place
täze bir ýyldyzyň peýda bolşy ýaly, diňe bir pursatlyk ýylpyldynyň önümi bolsa,
onda dolanyp geleňde eliňe ilen zat bolmaz. Ýöne göz gamaşdyryjy nuruň şaýady
bolandygyň hakdaky pikir bilen köňlüňe basalyk berip bilersiň. Şonuň ýaly bir
pursady başdan geçirmegiňem belli bahasy ýok ahyryn.
Onuň gepiniň äheňi alhimiýa barada gürrüň edýäniňkä meňzeýärdi, ýöne
aýdanlarynyň Patmaly meselä kakdyrýandygyny Santýago gowy bilýärdi.
54
Yzyňda galanlar barada pikir etmezlik aňsat däl. Çölüň üýtgewsiz keşbi
ýatlamaga, arzuw etmäge iterýärdi. Hurma agaçlary, guýular, söýgülisiniň ýüzi heniz
hem Santýagonyň göz öňünde durdy. Eli himiki amallary geçirmek üçin niýetlenen
çüýşe gaply iňlisi hem ýadyndan çykarmak başardanok. Ine-de, danalygyndan
bihabar bolsa-da, hakyky danadygy şübhesiz bolan düýekeş. «Alhimik hiç haçan
söýüp görmedik bolsa gerek» diýip, Santýago içini gepletdi.
Alhimik bolsa bu wagt biraz öňräginden atyny gorgunyna sürüp barýardy.
Onuň egninde oturan laçyn çölüň diline örän gowy düşünýärdi. Olar atlarynyň
jylawyny dartan batlaryna, laçyn aw agtarmak üçin howa göterilýärdi. Ol birinji gün
bir towşany, ikinji gün bolsa awlan iki sany guşuny alyp geldi.
Gijelerine olar ýatjak ýerlerine düşek düşeýärdiler. Çöl gijesiniň sowuk
bolýandygyna, Aýyň kiçelmegi bilen barha garalýandygyna garamazdan, ot
ýakynmaýardylar. Saparlarynyň birinji hepdesinde olar üýtgeşik bir gürrüň etmediler.
Käte özara atyşýan gepleri-de, diňe söweşýän tireleriň bolýan ýerleriniň üstünden
barmazlygyň alajy baradady. Uruş dowam edýärdi — ýel käte ganyň süýjümtik
ysyny alyp gelýärdi. Söweşiň gidip duran ýeri şu töwereklerdedi. Ýel bolsa gözleriň
synlap bilmeýän zady barada habar bermäge mydama taýýar bolan Yşaratlar Diliniň
bardygyny ýetginjege ýatladyp durdy.
Saparyň sekizinji gününde Alhimik adatdakylaryndan biraz ir düşlemek
kararyna geldi. Laçyn asmana göterildi. Alhimik içi suwly mytarany ýetginjege
uzatdy.
— Seniň syýahatyň tamamlanyp barýar — diýip, ol söze başlady. — Mübärek
bolsun. Sen Öz Ýoluňdan sowulmadyň.
— Şony bilip durkaň, ýolboýy dymyp gelmäň näme? Öz bilýän zatlaryňy maňa
öwredersiň öýdüpdim. Maňa alhimiýa boýunça kitaplaryň eýesi bilen çöl ýoluny
külterlemek eýýäm miýesser bolupdy. Ýöne şol kitaplardan düşünen zadym bolmady.
— Akyl ýetirmegiň ýeke-täk ýoly — hereket etmek. Eden syýahatyň gerekli
zatlaryň hemmesini saňa öwretdi. Diňe bir zady bilmek galdy — diýip, Alhimik
seslendi.
Santýago ýene nämäni bilmeginiň gerekdigini sorady, ýöne Alhimik gözlerini
asmana dikip oturyşyna sesini çykarmady — ol asmandan laçynyny gözleýärdi.
— Saňa Alhimik diýmekleriniň sebäbi näme?
55
— Çünki men Alhimigiň hut özi-dä.
— Altyn gözlegine çykyp, ony tapmadyk beýleki alhimikler nähili ýalňyşlyk
goýberdiler?
— Olar diňe altynyň bir özüni gözläp ýalňyşdylar. Olar Ýoluň üstünde gizlengi
hazynany tapjak boldular, ýöne Ýoldan sowlup geçdiler.
— Onsoň maňa näme ýetenok? — diýip, Santýago başky soragyny gaýtalady.
Alhimik heniz hem asmana tiňkesini dikip otyrdy. Tiz wagtdan awlan awyny
penjesinde saklap, laçyn hem dolanyp geldi. Olar çägede ojak gazyp,
töwerekdäkileriň oda gözleri düşmez ýaly, şonuň içinde ot ýakdylar.
— Hakykatdanam, alhimik bolanym üçin maňa Alhimik diýip ýüzlenýärler. Bu
ylymyň syry maňa atamdan miras galdy. Atam hem ony atasyndan öwrenipdir.
Şeýde-şeýde, bu ylym sapagy dünýäniň ýaradylan wagtyna çenli uzap gidýär. Şol
wagtlar bolsa onuň beýany zümerret daşynyň bir tarapjygyna ýerleşipdir. Ýöne
adamlar ýönekeý zatlaryň ähmiýeti-de bardyr öýtmeýärler. Şonuň üçinem olaryň
käbirleri pelsepeli eserleri ýazyp başlapdyrlar. Olar haýsy tarapa gitmelidigini diňe
özleriniň bilýändigini, beýlekileriň bolsa mundan bihabardygyny aýtmagy
çykarypdyrlar. Ýöne Zümerret Skrižal häzirem bar.
— Onuň ýüzüne näme ýazylypdyr? — diýip, ýetginjek gyzyklandy.
Alhimik bäş minut çemesi çägäniň ýüzünde bir zatlary çyzyşdyrdy. Santýago
bolsa onýança şäher meýdançasynda goja şa bilen bolan duşuşygyny ýatlamaga
ýetişdi. Onuň göwnüne şol günden bäri kän-kän ýyllar geçen ýalydy.
— Ine, onuň ýüzüne ýazylan zat — diýip, çägäniň ýüzüne çeken şekilini
tamamlan Alhimik seslendi.
Santýago golaý gelip, çägäniň ýüzündäki şekilleri synlady, olary okamaga
synandy.
— Munuň bir şifr ahyryn! — diýip, ýetginjek lapykeç halda gygyryp goýberdi.
— Bu iňlisiň şekiller kitabyndaky ýazgylara meňzeýär!
— Beýle däl. Bu gyrgylaryň asmanda uçuşlary ýaly bir zat: oňa akyla daýanyp
düşünip bolmaýar. Zümerret Skrižal — Jahanyň Kalbynyň ýollan hatydyr. Biziň
ýaşaýan dünýämiziň jennete meňzedilip ýaradylandygyna dana kişiler birmahal akyl
ýetirdiler. Şu dünýäniň bolmagynyň özi başga bir, has kämil dünýäniň barlygynyň
56
kepilidir. Biribar ony adamlaryň daş görnüşiň aňyrsyndaky ruhy başlangyjy görüp
bilmegi we öz akylpaýhaslarynyň keramatyna geň galmagy üçin ýaradypdyr. Meniň
hereket diýýänimem şol-da.
— Diýmek, men Zümerret Skrižaly okamagy başarmaly-da?
— Sen şu mahal Alhimigiň barlaghanasynda bolanyňda, oňa düşünmegiň has
gowy ýoluny öwrenip bilerdiň. Ýöne sen häzir çölde gezip ýörsüň, diýmek, çölüň
ruhuna aralaşmakdan başga alajyň ýok. Ol Ýeriň ýüzündäki zatlaryň ählijesi ýaly,
saňa dünýä düşünmäge kömek eder. Tutuş çöle akyl ýetirmegiň geregi ýok —
Ýaradylyşyň ähli keramatlaryny bir çäge zerrejiginde synlamak mümkin.
— Men çölüň ruhuna nädip aralaşmaly?
— Öz kalbyňa diň sal. Ol jahandaky bar zada düşünmäge ukyply. Çünki onuň
Jahanyň Kalby bilen ýakynlygy bolup, haçanda bolsa bir wagt oňa baryp goşulmaly.
Olar ýene iki günläp sessiz-üýnsüz ýol aşdylar. Alhimik diýseň eserdeňdi: olar
iň bir aýylganç söweşleriň gidýän ýerine golaýlapdylar. Ýetginjek bolsa kalbynda
näme barlygyna düşünjek bolup çyr-çytyrdy.
Onuň hötjet kalby bardy: öňler ol nirädir bir ýerlere gitsem diýip towsan bolsa,
indi her edip, hesip edip yza dolanmaga ymtylýardy. Kalby oňa käte ýagty gussa
eýlenen wakalar barada sagatlarça gürrüň bermäge ýaltanmaýardy. Käte bolsa ol
dogup gelýän Güni synlap, şeýle bir heýjana gelerdi welin, Santýago sessiz aglamaga
başlabererdi. Kalby hazynadan söz açanda tolgunardy. Ýetginjek uç-gyraksyz çöle
nazaryny aýlan mahaly bolsa ol doňup galardy.
— Kalba diň salmak nämämize gerek? — diýip, Santýago bir ýerde
düşlänlerinde sorady.
— Kalbyň nirede bolsa, hazyna-da şol ýerdedir.
— Meniň kelesaň kalbym bar — diýip, ýetginjek zeýrenjek ýaly etdi. — Ol
arzuw edýär, tolgunýar, çöl gyzyna tarap owsunýar, mydama nämedir bir zatlar
isleýär, Patmany ýatlaýsam dagy gijäni çirim etmän geçirmegime sebäp bolýar.
— Şo gowy-da. Diýmek, heniz onuň jany bar. Oňa diň salmagyňy dowam
ediber.
Şondan soňky üç günüň dowamynda olara urşujylar gabat gelip başlady. Olar
gözýetimde-de gaýda-gaýmalaşykdy.
57
Santýagonyň kalby gorkudan söz açdy. Ol hazyna gözlemäge çykyp, ony
tapmagy başarmadyk adamlar barada gürrüň bermäni çykardy. Käte ol hazynany
tapmagyň oňa-da nesip etmejegini, çölde ölüp galaýmagynyňam mümkindigini
aýdyp, ýetginjegi dowla düşürse, käte-de haýyrdan başga haýryň ýokdugyny, onuň
eýýäm söýgülisiniň, altynynyň bardygyny, şolardan gowusyny islemegiň dogry
däldigini şol tekrarlar durardy.
— Kalbym maňa ikilik edýär — diýip, ol atlaryna dynç bermek üçin
saklananlarynda Alhimige ýüzlendi. — Ol meniň mundaň aňry gitmegimi islemeýär.
— Şo gowy-da — diýip, Alhimik aýdanyny gaýtalady. — Diýmek, ol doňňara
daşa öwrüläýmändir. Eýýäm gazanylan zady arzuwa çalyşmagyň oňa gorkuly
görünmeginde men-ä geňlär ýaly zat göremok.
— Onda oňa gulak asmagyň näme geregi bar?
— Sen, barybir, ony dymmaga mejbur edip bilmersiň. Sen oňa gulak
asmaýandan bolup görünmek isleseňem, ol, barybir, gursagyňy terk edip gitmez,
ýaşaýyş, dünýä barada edýän pikirlerini gaýtalar durar.
— Maňa ikilik etmegini hem goýmazmy?
— Ikilik etmek diýýän zadyň garaşmadyk bir urgyňdyr. Öz kalbyňa düşünýän
bolsaň, saňa ikilik etmek oňa başartmaz. Çünki sen onuň ähli arzuw-isleglerini bilip
dursyň ahyryn. Şonuň üçinem onuň hötdesinden gelmek saňa kyn düşmez. Öz
kalbyndan gaçyp gutulmak bolsa henize çenli hiç kimiň başaran işi däl. Şonuň
üçinem oňa diň salanyňdan gowusy ýok. Şeýtseň, garaşylmadyk urgudan zyýan
görmersiň.
Olar ýene çöli külterläp ugradylar. Santýago kalbynyň näme diýýänine
düşünjek bolup jan edýärdi. Tiz wagtdan onuň geňsi gylyklaryna, ýeserliklerine bäş
barmagyna belet bolşy ýaly belet boldy, onuň başga hili bolmagyny arzuwlamagyny
bes etdi. Kalbyndaky gorky-da bir ýere zym-zyýat bolup, yza dolanmak pikirinden
doly ýüz öwürdi. Aslynda yza dolanmaga eýýäm gijä-de galypdy. Onsoňam kalby-da
bar zatdan razydygyny syzdyryp durdy. «Men kämahal zeýrenýänem bolsam, nätjek,
adamyň kalby-da — bolşum şeýle. Iň bir mukaddes arzuwymyzy amala aşyrmaga
hemmämizem çekinýäris: ýa özümizi oňa mynasyp hasap edemzok, ýa-da ony amala
aşyrjagymyza ynamymyz kemterlik edýär. Baky jyda düşýän aşyk-magşuklar,
aslynda bagtly bolmaga mynasyp. Ýöne magşugyňdan aýrylmaly bolmaýanyňda-da,
gum depeleriniň astynda mydamalyk gizlengi hazynalar baradaky pikiriň bir özi-de
58
adamyň kalbyna gorky salmaga ukyply. Çünki eden işiň tersine bolup çyksa, ol ejir
çekýär».
— Kalbym ejir çekmekden gorkýar — diýip, Santýago bir gije gap-garaňky,
Aýsyz asmana garap durşuna Alhimige söz gatdy.
— Sen oňa ejir çekmekden gorkmagyň ejiriň özünden has erbet zatdygyny aýt.
Öz arzuw edýän zatlarynyň gözlegine çykýan kalplaryň biride ejir çekmeýär, çünki
şol gözlegleriň dowam edýän her bir pursadynda Hudaý we Bakylyk bilen ýüzbe-ýüz
bolunýar.
«Her pursat — bu duşuşyk pursady — diýip, Santýago öz kalbyna ýüzlendi. —
Meniň öz hazynamy gözläp geçiren günlerimiň baryna jadyly nur çaýylan ýalydy,
çünki men sagatsaýyn öz arzuwymyň amala aşjak pursadyna golaýlaýandygymy
bilýärdim. Çopanlaryň nesibi däl ýaly bolup görünýän zadyň tagamyny datmaga het
etmedik bolsam, hiç haçan arzuwlamazlygyň hem ahmal bolan härselere duş
gelermidim. Hazynamyň gözleginde gezip ýörkäm bolsa, ýolboýy şonuň ýaly zatlar
garşymdan çykdy bardy».
Kalby ony agşamara biynjalyk etmedi. Gije-de arkaýyn ýatyp, ukusyny aldy.
Oýanmagy bilen bolsa kalby oňa Jahanyň Kalby barada gürrüň bermäge başlady. Ol
Hudaýdan bir pursadam daş düşmeýän adamyň bagtlydygyny, bagtyňy Alhimigiň
gürrüňini eden çäge zerrejigindenem tapyp boljagyny, çünki şol zerrejigi kemala
getirmek üçin Äleme milliardlarça ýylyň gerek bolandygyny aýtdy.
«Ýeriň ýüzünde ýaşaýan her bir kişä öz hazynasy garaşýar — diýip,
ýetginjegiň kalby dek durmady.
— Ýöne olaryň kalby dymmaga endik edýärler, çünki adamlar öz hazynalaryna
eýe çykmak islemeýärler. Biz diňe çagalara bu barada gürrüň berýäris, soňra bolsa
durmuşyň her kimi öz Ykbalyna tarap ugrukdyrýandygyna syn edýäris. Ýöne
gynansagam, özlerine niýetlenen Ýola seýrek kişiler eýerýärler. Beýlekileriň kalbyna
dünýä gorky salýar we şol sebäpli-de ol, hakykatdanam, gorkunç görünýär. Ine, şeýle
bolanda, adamlaryň kalby seslerini kemkemden pessaýladýarlar. Olar lal-jimem
bolaýmaýarlar, ýöne özlerini eşitmezligi üçin jan edýärler: adamlaryň özlerine diň
salmandygyny ýatlap, ejir çekmegini islemeýärler».
— Nämüçin adamyň kalby oňa arzuwyny amala aşyrmaga batyrlyk etmegi
salgy beräýenok? — diýip, Santýago sorady.
— Şeýdäýse, özi ejir çekmeli bolardy, kalp bolsa ejir çekmegi halanok.
59
Ýetginjek şol günden başlap, öz kalbyna düşünmäge başlady. Şonuň ýaly-da,
mundan beýläk öz arzuwyny sähelçe ünsden düşüräýse, gysylyp, agyryp, howsala
düşübermegini ondan haýyş etdi we şol howsalany duýan badyna Öz Ýoluna gaýdyp
gelmäge söz berdi.
Şol gije Santýago Alhimige içini dökdi. Ol bolsa ýetginjegiň kalbynyň Jahanyň
Kalbyna tarap öwrülendigine göz ýetirdi.
— Men mundan beýläk näme etmeli?
— Piramidalary nazarlap gidibermeli. Onsoňam yşaratlary gözden salmaly däl.
Seniň kalbyň hazynanyň niredeligini salgy bermäge ukyply hala gelen ýaly.
— Diýmek, mundan öň maňa diňe şu zat ýetmändir-dä?
— Saňa ýetmezlik eden zat bu däl. Nämä mätäç bolanyňy düşündirjek bolaýyn
— diýip, Alhimik jogap berdi-de, sözüni dowam etdi:
— Adamyň arzuwy ýaňy bir hasyl bolmakçy bolanda, Jahanyň Kalby öz beren
sapaklarynyň hemmesini onuň özleşdirendigini barlap görmek isleýär. Arzuwymyzyň
hasyl bolmagy bilen birlikde, ýolda özümize berlen bilimlere-de eýe çykmagymyz
üçin ol bu işe baş urýar. Ine, şu ýerde-de adamlaryň köpüsi namartlaýar. Çölüň
dilinde muňa «Jülge gözýetime çenli golaý gelen mahaly teşnelikden heläk bolmak»
diýýärler. Gözlegler mydama Şowly Başlangyçdan gözbaş alýarlar we şu synag
bilenem tamam bolýarlar.
Santýagonyň ýadyna watanynda ýörgünli bolan köne nakyl düşdi: «Gijäniň iň
garaňky wagty — daň atmazynyň öň ýanyndaky pursat».
Ertesi gün hakyky howpuň alamatlary göze ilip başlady. Ýolagçylaryň ýanynda
üç atly peýda bolup, olaryň bu ýerde näme işläp ýörenlerini sorady.
— Laçyn bilen aw edýärin — diýip, Alhimik jogap berdi.
— Ýanyňyzda ýaragyňyzyň ýokdugyna göz ýetirmegimiz gerek — diýip, üçüň
biri seslendi.
Alhimik howlukman atyndan indi. Santýago hem onuň göreldesine eýerdi.
— Ýanyň bilen munça puly götermek nämäňe gerek boldy? — diýip,
ýetginjegiň goştorbasyny dörüp duran urşujy sorady.
— Pul maňa piramidalara çenli baryp ýetmegim üçin gerek.
60
Alhimigi barlagdan geçirip duran arap onuň ýanyndan içine haýsydyr bir
suwuklyk guýlan jäç çüýşejigi, towugyň ýumurtgasyndan biraz uly görünýän
sarymtyk aýnadan ýasalan ýumurtgany tapdy.
Ol:
— Bu näme boldugy? — diýip sorady.
— Bulara Pelsepe Daşy we Dirilik Suwy diýýärler. Bular alhimikleriň oýlap
tapan iň uly Zatlary. Dirilik Suwundan içen adam kesel diýen zadyň nämedigini-de
bilmeýär. Şu daşyň ownujagy bolsa islendik metaly altyna öwürmäge ukyply.
Alhimigiň jogabyny eşiden atlylar wahahaýlaşyp gülmäge başladylar. Alhimik
hem olara goşuldy. Olar berlen jogaby örän gülkünç hasaplap, hiç hili azar
bermezden, bu iki kişiniň öz ýollaryna gitmeklerine rugsat berdiler.
Atlylar ep-esli daşlaşanlaryndan soň, Santýago hemrasynyň ýüzüne soragly
bakdy:
—Aklyňdan azaşdyňmy? Bu näme etdigiň boldy?
— Munuň sebäbini bilesiň gelýämi? Men muny dünýäniň ýönekeý bir
kanunyny saňa görkezmek üçin şeýtdim. Biz öňümizde nähili baýlygyň serlip
ýatandygyna düşünmeýäris. Onuň sebäbini bilýäňmi? Çünki adamlar hazyna diýilýän
zadyň barlygyna asla ynanmaýarlar.
Olar ýola rowana boldular. Gün geçdigiçe, Santýagonyň kalby dymanyny kem
görmän başlady: indi onuň geçmiş bilenem, geljek bilenem işi ýokdy. Ol çöli
synlamak, ýetginjek bilen birlikde Jahanyň Kalbyndan syzyp çykýan çeşmeden
ganmak bilen kanagatlanýardy. Bu ikisi hakyky dostlara öwrülip, mundan beýläk biri
beýlekisine ikilik edip bilmejekdi.
Kalby oňa diňe ümsümligiň özünde galdyrýan täsirinden kösenýän wagty
ynamyny güýçlendirip, täze gujur-gaýrat bermek üçin söz gataýmasa, zat diýmeýärdi.
Kalby ilkinji gezek onuň gowy häsiýetlerinden: öz dowarlaryny terk edip gaýtmaga
ýürek edişinden, dükanda yhlas bilen işleýşinden gürrüň gozgady. Ol Santýagonyň
söbügini sydyrdyp gelen howplar barada-da habar berdi. Ýetginjek bu howplar
bardyram öýtmändir. Kalby oňa birmahal kakasyndan soraşman alan tüpeňini hem
ýatlatdy — ol şonda özüni ýaralap, hatda tüpeňläp hem biljekdi. Bir gezek bolsa açyk
meýdanda ýetginjegiň birden ýüregi bulanmaga başlap, iýenlerini gaýtarypdy we
soňra bagryny ýere berip uklap galypdy. Şol wagt sergezdanlyk edip ýörenleriň ikisi
61
onuň geçjek ýoluny garawullaýardy. Olaryň niýeti onuň özüni öldürip, dowarlaryny
sürüp gitmekdi. Santýago wagty bilen gara bermänsoň, onuň başga ýola
sowlandygyny güman eden garakçylar öz ýollaryna gidipdiler. Kalby şu zatlardanam
habarly bolsa nätjek.
— Kalby adama mydama-da ýardam berýärmi? — diýip, ol Alhimikden
sorady.
— Kalp diýilýän zat diňe öz Ykbalyna eýe bolanlara, çagalara, serhoşlara, ýaşy
gaýdyşanlara kömek edýär.
— Diýmek, olara hiç hili howp abananok-da?
— Bu diňe olaryň kalbynyň bar güýjüni tijeýändigine şaýatlyk edýär.
Bir gün olar biri-birlerine duşman tireleriň biriniň urşujylarynyň goş ýazdyran
mekanynyň golaýjygyndan geçmeli boldular. Nirä baksaň, eginleri bezemen ak
ýapynjaly urşujylara gözüň düşýärdi. Olar nargiläniň tüssesini demlerine dartyşyp,
söweşler barada söhbet edişip otyrdylar. Santýagodyr Alhimige olar barmysyňam
diýenokdylar.
Düşelgäniň deňinden geçip, esli ýere gidenlerinden soň, ýetginjek:
— Bir howpdan-a gutulaýdyk öýdýän — diýip seslendi.
— Kalbyňa ynansaňam ynan welin, ýöne çöldedigiňem hiç haçan unutma!
Adamlaryň biri-biri bilen söweşýän wagty, jeňiň goh-galmagaly Jahanyň Kalbyna
çenli baryp ýetýär. Ýer-gögüň arasynda bolup geçýän zatlaryň täsirini duýmaýan bir
kişi-de ýok bolsa gerek.
Alhimigiň sesinde gahar-gazap äheňi eşidilip giden ýaly boldy.
«Bar zat birigip, bir bitewüligi emele getirýär» diýip, Santýago içini gepletdi.
Şol pursat hem, goja Alhimigiň aýdanlaryny tassyklaýan ýaly bolup,
yzlaryndan kowup gelýän iki atly göründi. Olaryň biri deňlerine ýetip:
— Mundan aňry gitmäge rugsat berilmeýär. Bu ýerde uruş gidip dur — diýdi.
— Barjak bolýan ýerimiz indi onçakly daşda däl — diýip, Alhimik onuň
gözüniň içine çiňerilip seretdi.
Urşujylar bir pursatlyk doňup galan ýaly boldular. Soňra bolsa olara gitmäge
rugsat berdiler. Santýago haýranlar galdy.
62
— Muňa bir seretsene, sen olary garaýşyň bilen duşaklap goýaýdyň!
—Adamyň garaýşy onuň ruhy güýjüni görkezýär — diýip, Alhimik oňa jogap
gaýtardy.
«Bu hut şeýle bolmaly». Ýetginjek harby düşelgäniň deňinden geçip
barýarkalar, urşujylaryň biriniň olara tarap uzak waglap seredip durandygyny ýatlady.
Onuň bilen aralyk ep-eslije bardy, hatda ýüzüni saýgarmagam mümkin däldi. Ýöne,
barybir, Santýago onuň hut özlerine tarap garap durandygyny bütin durky bilen
duýupdy.
Ine-de, olar gözýetimiň öňüni gabsap duran daga dyrmaşyp ugranlarynda,
Alhimik piramidalara çenli iki günlük ýoluň galandygyny aýtdy.
— Aýrylyşmaly wagtymyz golaý gelen bolsa, şoňa çenli maňa alhimiýaň
nämedigini öwret.
— Saňa indi öwrenip oturasy zat ýok. Sen bu ylymyň Jahanyň Kalbyna
aralaşyp, şol ýerden özüň üçin niýetlenen hazynany tapmakdan ybaratdygyna düşünip
dursuň.
— Men başga zadyň gürrüňini edýän. Men gurşuny nädip altyna
öwürmelidigini biljek bolýan.
Alhimik çöl ümsümligini mundan buýana bozmak islemedi, diňe düşlemek
üçin atdan düşeninde ýetginjegiň hälki sözlerine jogap berdi.
— Älemdäki zatlaryň hemmesi mydama ösüşde bolup, bir zat beýleki bir zada
öwrülmek bilen bolýar. Danalaryň pikirine görä bolsa, altyn öz ösüşiniň barşynda
beýleki zatlara garanda has öňe gidipdir. Onuň sebäbini sorama — ony özümem
bilemok. Men diňe dünýäde şunuň ýaly bir kadanyň bardygyny bilýärin.
Ýöne adamlar danalaryň aýdýanlaryna ters düşünipdirler. Şonuň üçinem altyn
ösüşi alamatlandyrman, agzalalygyň nyşanyna öwrülipdir.
— Bizi gurşap duran dünýä köp dilde gürlemegi başarýar — diýip, ýetginjek
söz nobatyny aldy.
— Öňler düýäniň çalaja pyşgyrmasy meniň üçin gury owazdan enaýy däldi.
Soňra ol gulagyma abanýan howpuň duýduryşy bolup eşidilip ugrady. Ahyrynda
bolsa ýene gury owaz bolup ýaňlanmaga başlady.
63
Santýago sözüniň şu ýerine ýetende, bu zatlaryň Alhimige öňdenem
mälimdigini aňynda aýlap, tapba sesini kesdi. Indi söz gezegini Alhimik aldy:
— Men hakyky alhimikleri tanaýardym. Olaryň bir topary özüni
barlaghanalarynda kiltläp, altyn mysaly ösüşe eýe bolmaga çalyşdy — şeýdibem
Pelsepe Daşyny açmagy başardy. Çünki olar bir zat ösüşe eýe bolan wagty, şol zady
gurşap duran zatlaryňam üýtgeýändigine göz ýetirdiler.
Başgalary Daşyň üstünden tötänden bardylar. Olaryň üýtgeşik bir zehini bardy,
olaryň kalby beýleki adamlaryňka garanda has duýgurdy. Ýöne munuň ýaly
ýagdaýlary hasaba alyp oturmaly däl. Olar örän seýrek duşýar.
Üçünji birleri bolsa diňe altyn gözlemek bilen meşgul boldular. Şeýdibem, bu
syrdan bihabar galdylar. Olar gurşunyň, misiň, demriň özlerine mahsus Ýollarynyň
bardygyny ýatlaryndan çykardylar. Başga biriniň Ykbalyna garyşýan kişiniň bolsa, öz
Ykbalyna eýe bolup biljek gümany ýok.
Alhimigiň soňky sözleri nälet bolup eşidildi. Soňra ol öňe eglip, ýerde ýatan
balykgulagy eline aldy-da:
— Birmahallar bu ýerler deňziň düýbi bolupdyr — diýdi.
— Ony özümem aňypdym — diýip, ýetginjek jogap berdi.
Alhimik balykgulagy gulagyna tutup görmegi ondan haýyş etdi. Santýago
çagalykda-da balykgulagy diňlemegi halardy. Häzirem onuň gulagyna deňziň sesi
eşidilip gitdi.
— Deňiz henizem şu balykgulagyň içinde tolkunyp dur, çünki ol öz Ykbalyny
elden berenok. Şu çölde gaýtadan deňiz çaýkanaýmasa, ol balykgulagy terk edip
gitmez.
Olar atlaryna atlandylar-da, müsür piramidalaryna tarap ugradylar.
Santýagonyň kalby howsala düşmäge başlanda, Gün ýaşmaga meýillenýärdi.
Olar şol wagt äpet çäge depeleriniň arasyndan barýardylar. Santýago nazaryny
Alhimige tarap aýlap goýberdi, ýöne ol üýtgeşik bir zady aňşyrmaýana meňzeýärdi.
Şondan bäş minut geçeninden soň, ýetginjek öňde iki atlynyň suduryny aýyl-saýyl
saýgardy. Ol heniz agzyny açyp ýetişmänkä, iki atly on boldy, on atly ýüz atla
öwrüldi, soňra-da çäge depeleriniň ýüzi urşujylardan ýaňa myg beräýdi.
64
Atlylar mawy egin-başlydy. Olaryň selleleri inçejik gara mata bilen guşalandy,
ýüzlerini bolsa tä gözlerine çenli mawy reňkli mata örtüp durdy. Bu gözleriň ruhuň
güýjüni äşgär edip, ýolagçylara ölüm wada berýändiklerini daşdan hem saýgarmak
kyn däldi.
Santýago bilen Alhimigi harby düşelgä alyp gelip, bir çadyra südürläp saldylarda, serdaryň öňünde gögertdiler. Ýetginjek munuň ýaly üýtgeşik çadyry öň görmändi.
Serdaryň töweregini serkerdebaşylar gallap durdylar.
— Bular jansyzlar — diýip, ýesirleri alyp gelenleriň biri aýtdy.
— Bu beýle däl. Biz adaty bir ýolagçy ahyryn.
— Sizi üç gün mundan ozal duşmanlarymyzyň harby düşelgesinde görüpdirler.
Siz şol ýerde urşujylaryň biri bilen-ä söhbet edipsiňiz.
— Men çöl ýollaryna belet, ýyldyzlary okamagy-da başarýaryn.
Duşmanlaryňyzyň sanynyň näçedigini, olaryň haýsy tarapa hereket edýändikleri
barada bolsa hiç zat bilemok. Men diňe siziň harby düşelgäňize çenli öz dostuma
ýoldaş boldum.
— Bu kim bolýar? — diýip, serdar sorag berdi.
— Ol — alhimik. Ol tebigatdaky bar güýçlerden habarly, özüniň täsin
başarnyklaryny görkezmek isleýär — diýip, Alhimik jogap berdi.
Santýago sesini çykarman, gorky bilen onuň aýdýanlaryna gulak gabardyp
durdy.
— Çet ýurtlynyň biziň ülkämizde nä köri bar? — diýip, serkerdebaşylaryň biri
sorady.
— Ol siziň tiräňize niýetläp, ýany bilen pul alyp geldi.
Ýetginjek heniz bir zat diýmek üçin agzyny açyp ýetişmänkä, Alhimik onuň içi
pully gapjygyny serdara tarap uzatdy.
Ol sesini çykarman, altynlary kabul edip aldy — oňa ep-esli ýarag satyn alyp
boljakdy.
— «Alhimik» diýmek nämäni aňladýar? — diýip, serkerdebaşylaryň ýene biri
sorady.
65
— Tebigata, dünýä akyl ýetirýän adamy şeýle atlandyrýarlar. Eger ol islese,
diňe ýeliň güýjüniň kömegi bilen siziň şu düşelgäňizi derbi-dagyn edip biler.
Araplar gülümsirediler. Olar urşuň güýji bilen öwrenişipdiler, ýeliň adamy
öldürip biljegine ynanmaýardylar. Ýöne gorkudan ýaňa olaryň ýürekleri mynçgalyp
giden ýaly boldy. Olar çöl adamlary bolansoňlar, jadygöýlerden öler ýaly
gorkýardylar.
— Men munuň oňa nädip başartjagyny synlamak isleýän — diýip, serdar
seslendi.
— Bize üç gün möhlet beriň. Ine, şondan soňra ýoldaşym ýele öwrülmek bilen
öz güýjüni görkezer. Eger bu oňa başartmasa, biz sessiz-üýnsüz jan bermäge razy.
— Eýýäm bize degişli bolan zady ikinji gezek nädip berjegiňize haýran —
diýip, serdar tekepbirsiredi.
Her näme-de bolsa, ol üç gün garaşmaga razylyk berdi.
Santýago eýmenç gorkudan ýaňa elini-aýagyny ýitirene döndi. Alhimik ony
goltuklap diýen ýaly çadyrdan alyp çykdy.
— Gorkýandygyňy olara bildirmejek bol. Bu gaýduwsyz adamlar gorkaklary
ýigrenýärler.
Ýöne bu wagt Santýagonyň oňa jogap bermäge-de mejaly ýokdy. Olar düşelge
bilen erkin ýöräp barýardylar — araplar diňe olaryň atlaryny ellerinden alypdylar.
Gojaman dünýä köpdillidigini ýene bir gezek subut etdi: öňler çäksiz, erkana bolan
çöl şindi gaçmaga hiç hili ýol goýmaýan zyndana öwrülipdi.
— Sen olara bar pulumy berdiň oturyberdiň — diýip, ýetginjek öýkeli seslendi.
— Şol pullar ömürboýy toplan barja baýlygymdy.
— Öleniňden soňra saňa puldan ne peýda? Olar saňa, iň bolmanda, üç gün
artyk ýaşamaga puryja berdi. Adatça pul ölümi bir pursadam yza tesdirip bilmeýär.
Ýöne örän gorkandygy sebäpli, Santýagonyň munuň ýaly dana gürrüňlere
gulak germek höwesi ýokdy. Ol ýele öwrülmegiň ýoluny bilmeýärdi — ol alhimik
däldi ahyryn.
Alhimik bolsa çaý getirip bermegi urşujydan haýyş etdi, düşnüksiz sözleri
samyrdap, getirilen çaýyň birnäçe damjasyny ýetginjegiň bilegine damdyrdy. Oglan
özüni howsalanyň terk edendigini şobada duýdy.
66
— Lapykeç bolma — diýip, adaty bolmadyk mylaýym sesi bilen ýetginjege
ýüzlendi. — Sen diňe öz kalbyňa geňeşip görmändigiň üçin aljyraýarsyň.
— Ýöne men ýele öwrülmegi başaramok ahyryn.
— Öz Ýoly bilen barýan kişi hemme zady bilýärem, başarýaram. Arzuwlaryň
hasyl bolmagyna diňe bir zat — şowsuzlyga uçrarmykam diýen gorky päsgel berýär.
—Men şowsuzlyga uçramakdan asla gorkamok. Men diňe ýele nädip
öwrülmelidigini bilemok.
— Öwrenmeli bolarsyň-da. Diri galmagyň diňe şoňa bagly bolup dur.
— Muny başarmasam näme?
— Onda ölmeli bolarsyň. Ýöne öz ýoluňa eýerip öleniň, şonuň ýaly bir Ýoluň
bardygyny hem güman etmeýän müňlerçe adamyň ölşünden-ä has gowy bolmaly.
Ýöne howsala düşüp oturma. Golaý gelen ölüm, adatça, ýaşamaga bolan höwesiňi,
duýgurlygyňy artdyrýar.
Birinji gün yzda galdy. Çölde uly bir çaknyşyk ýüze çykdy. Düşelgä ýaralylary
alyp geldiler. «Öleniň bilen üýtgejek zat ýok» diýip, Santýago oýa batdy. Hatardan
çykanlaryň omuny başgalary doldurýardy, ýaşaýyş ýene dowam edýärdi.
— Sen biraz soňrak — uruş tamamlanandan soňam ölüp bilerdiň — diýip,
urşujylaryň biri jansyz ýatan ýoldaşyna ýüzlendi. — Ýöne iru-giç ölümden gutuljak
gümanyň ýok.
Ýetginjek agşamara Alhimigiň gözlegine çykdy.
— Men ýele öwrülip bilmeýärin — diýip, Santýago onuň ýüzüne bakdy.
— Meniň saňa näme diýenimi ýadyňa sal: dünýä — Hudaýyň diňe göze
görünýän bir sypaty. Alhimiýa bolsa ruhy kämilligi maddy dünýäde şöhlelendirýär.
— Sen näme bilen meşgul?
— Laçynymyň garnyny doýurýan.
— Onuň näme geregi bar? Men ýele öwrülip bilmesem, bizi öldürjekler
ahyryn.
— Bizi däl, seni — diýip, Alhimik jogap gaýtardy. — Meniň üçin-ä ýele
öwrülmegiň kyn zady ýok.
67
Ýetginjek ikinji gün düşelgäniň golaýynda seleňläp duran gaýanyň gerşine
çykdy. Sakçylar ony yzyna gaýtarjagam bolmadylar: olar ýele öwrülmegi başarýan
jadygöýüň peýda bolandygyndan eýýäm habarly bolup, ondan daş duranlaryny kem
görenokdylar. Onsoňam çöl iň gowy zyndandy.
Santýago uzak gününi çöli synlap geçirdi. Ol öz kalbyna gulak asýardy. Çöl
bolsa onuň gorkusyny diňleýärdi.
Olar bir dilde gürleýärdiler.
Üçünji gün gelip ýetende, serdar iki gelmişegi, öz serkerdebaşylaryny ýanyna
çagyrdy.
— Ýetginjegiň ýele öwrülişini synlaýsak neneň bor? — diýip, ol seslendi.
— Görmeli bolsa, göräýeris — diýip, Alhimik oňa jogap berdi.
Santýago serdarlary düýnki uzak günläp oturan ýerine alyp bardy. Soňra bolsa
oturmaklaryny haýyş etdi-de:
— Garaşmaly bolsa gerek — diýdi.
Serdarlar:
— Biziň howlugýan ýerimiz ýok. Biz bir çöl adamy — diýişdiler.
Ýetginjek gözýetimi synlady. Uzakda daglar, çäge depeleri, gaýalar göze
ilýärdi. Halas bolup galmaklary asla mümkin bolmadyk ýerde ülpüldeşip oturan
ösümlikler ýere ýazylyp ýatyrdylar. Onuň öňünde giň çöl ýaýlyp, ony birnäçe aýlap
sökendigine garamazdan, sähelçejik bir ülşüni tanap ýetişipdi. Ol ýol aşyp gelşine,
iňlis bilen tanyş boldy, geçip barýan kerwenleri synlady, tire-taýpa uruşlarynyň
şaýady boldy, elli müň düýp hurma agajy ösüp oturan we üç ýüz guýusy bolan
jülgäniň üstünden geldi.
— Ýeri — diýip, çöl oňa soragly bakdy, — saňa şindi näme gerek? Eýsem biz
düýn birek-biregi synlama keýpinden çykmanmydyk?
— Seniň goýnuňda meniň söýgülim ýaşaýar. Saňa nazar aýlan mahalym, şonuň
keşbi göz öňümde janlanýar. Men onuň ýanyna dolanyp barasym gelýär, munuň üçin
bolsa seniň kömegiň gerek. Men ýel bolup öwüsmeli — diýip, aşyk ýigit jogap berdi.
— «Söýgi» diýýäniň nähili zat?
68
— Söýgi — seniň üstüňde ganat ýaýyp uçup ýören laçyndyr. Onuň üçin sen
ýaşyl öleňlik bolup görünýärsiň. Ol hiç haçan yzyna awsyz dolanmaz. Oňa seniň
gaýalaryň, depeleriň, daglaryň tanyş. Sen hem ondan zadyňy gysganmaýarsyň.
— Laçynyň çokjasy meni tüýdüm-tüýdüm edýär. Onuň awlajak awuny men
ýyllarboýy goýnumda besleýärin, onsuzam gyt suwumdan gandyrýaryn, oňa gamyny
doýrup biljek ýerini salgy berýärin. Soňra bolsa ýaňy bir depelerimiň arasyndaky
Sez Türkmän ädäbiyättän 1 tekst ukıdıgız.
Çirattagı - Alhimik - 6
  • Büleklär
  • Alhimik - 1
    Süzlärneñ gomumi sanı 3696
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2037
    32.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.4 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    53.0 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Alhimik - 2
    Süzlärneñ gomumi sanı 3801
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1965
    34.2 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.8 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.7 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Alhimik - 3
    Süzlärneñ gomumi sanı 3785
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 2009
    33.9 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    47.1 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.9 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Alhimik - 4
    Süzlärneñ gomumi sanı 3836
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1997
    35.7 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    49.3 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    56.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Alhimik - 5
    Süzlärneñ gomumi sanı 3729
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1938
    32.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.7 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.5 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Alhimik - 6
    Süzlärneñ gomumi sanı 3775
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 1966
    33.3 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    46.9 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    54.6 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.
  • Alhimik - 7
    Süzlärneñ gomumi sanı 170
    Unikal süzlärneñ gomumi sanı 144
    46.4 süzlär 2000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    55.2 süzlär 5000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    63.3 süzlär 8000 iñ yış oçrıy torgan süzlärgä kerä.
    Härber sızık iñ yış oçrıy torgan 1000 süzlärneñ protsentnı kürsätä.