Latin

Gyrmyzy bägüller - 13

Totaal aantal woorden is 3653
Totaal aantal unieke woorden is 2181
31.6 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
44.1 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
50.4 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
bilmeýän ýok. Goja türkmen baradaky rowaýatlary Sloweskiniň beýleki
lagerlerinde-de bilmeýän ýok.
Şonuň üçinem, iň ähtibarly çözgüt: utulanyňy boýnuňa almaly-da, ony
sessiz-üýnsüz öýüne goýberäýmeli.
Baçinskiý esli wagtlap, şu pikiriň üstüne işläpdir. Dynsa kaýyl bolandyr-da,
gutulanyndan soňam atamy ýanyna-da çagyrmandyr, käýejek ýa uruşjaksögüşjegem bolmandyr, işe çyksyn, namaz okamasyn diýen ýaly görkezmelerem
bermändir-de, möhleti dolýança sanawa çyksa bolýa, diýip, özi onuň
resminamalaryny taýynlamak bilen boluberipdir.
Ýöne «Gorkana goşa görner» diýlişi ýaly, öňem telim ýyl bäri içini gepledegeplede «was-was» bolan adam, atamyň tümde oturan ýyllarynyň üsti açylaryndan
gorkup, ýene-de çykalgalar gözläp başlapdyr.
Gorkmaz ýalam däl. Çünki, lagerde onuň özünden başga-da ýolbaşçy kän
ahyry. Özlerem biri dost bolsa, ikisi duşman. Içleri kitüwli. Maý tapdyklary
ýeňsäňden tüpeňlejekler.
Şonuň üçinem, bendiler hakda-ha gürrüňem ýok, olara ýa ynanarlar, ýa
ynanmazlar, ýöne ine, ýaňkylaryň birinden-biri ýazaýsa welin, ýene ýüz ýyldanam
bolsa yzyňdan ýetmän goýmazlar. «Sen şu zatlary döwletden gizläpsiň» diýip,
külüňi göge sowrarlar.
Şu hili agyr-agyr oýlaryň aşagynda bäş-on gün ýegşerilip gezensoň
Baçinskiý öz ýanyndan: «Ähli zady boýnuňa almaly. Bar zady bolşy-bolşy ýaly
122
edip, ýokarlaryk düşündiriş ýazmaly. Sebäbi hökümetiň erbet görýäni özüni aldap,
günäsini bukan adam. Ak ýürekden boýnuna alanyň welin, edil geçmese-de, garaz,
günäsini ýeňledýär. Menem gowusy şeýdeýin, belanyň amatly tarapyna
ýapyşaýyn...» diýipdir.
Ýöne, ätiýaç üçin bu işiň gyrasynda özünden başga-da garam-guramyň
bolaryny isläpdir. Şonuň üçinem, esasyraklary kabinetine ýygnapdyr-da:
«Nazarowyň oturmaly möhleti dolup barýa. Ýöne, ol şonuň tas hemmesini diýen
ýaly tümde geçirdi. Biz bolsak sanawlarda onuň adyny ýöretdik. ― Baçinskiý
«biz» diýen söze hasam agram salyp aýtdy. ― Onuň zonada ýokdugyny
ýokarkylardan bukduk. Ýagdaýy bolşy ýaly edip, wagtynda habar bermedik. Egerde, şu meselede çoçgara çolaşaýsak, onda, hemmämizem bilelikde günäkär borus...
Nätmeli... ― diýipdir. Özüniň iň soňky gelen netijesi bilen tanyşdyrypdyr. ―
Oýlana-oýlana men-ä şondan başga ýol tapmadym. Galannam näme... Kimde
nähili teklip bolsa aýdybersin... Bile etdik, bile-de... ― Baçinskiý «bile-de
çekeliň» diýmek islän bolsa gerek, ýöne käbirleriniň ýüzündäki syrly ýylgyryşlary
görüp, ol pälinden el çekipdir ― ... bile-deçözeliň...»
Öňi bilen onuň orunbasary turupdyr-da: «Aý, bile-hä edilen däldir, Mark
Lwowiç, biz bir ýumuş oglanlarydyrys. Ýöne, gelen netijäňiz dogry. Öň bassyrýussur etdik, tapylar, çykar, bar zat ýerli-ýerine barar öýtdük. Indi welin, haýsy
tarapyňa ýykylsaňam: «Onda näme...», «onda näme üçin...» diýen ýaly soraglar
üstüňe ýagar durar. Ýaňky diýeniňiz edilse welin, köp zady tasa getirmek mümkin.
Esasy zadam hiç zat gizlemedik adam borsuňyz. Şonuň üçin, men-ä siziň gelen
netijäňizi goldaýan...»
Başga-da geplänler bolupdyr. Ýöne, ýamanlyk üçinmi ýa entegem başlyk
bolup oturan lagerden gaçdy we özüni gurruk şahta atyp, şol ýerde gizlendi. Biz
ony köp gözledik, ele salmak üçin dürli çäreler geçirdik. Emma, ötlem-ötlem hemde eleme-deşik şahta ony bizden berk gorady. Gizlendi. Ýöne, barybir biz onuň şol
ýerdedigini bilýärdik. Çünki, açyk gepleşibilmesek-de, ol öz obadaşy Gurt
Esenowyň sesine hemişe ses berýärdi.
Şu ýerde: «Eýse ol şonça ýyllap aç-suwsuz nädip oňupdyr», diýen sorag
ýüze çykýar. Şahtany öňem suw basan. Ol ýerde häzirem suw bar. iýmit barada
aýdylanda bolsa, biz sowet hökümetiniň, onuň ähli ýeňişleriniň guramaçysy we
ruhlandyryjysy bolan kommunistik partiýanyň, şeýle hem parasatly serdarymyz
bolan Iosif Fissarionowiç Staliniň adam baradaky ynsanperwerçilikli syýasatyndan
ugur alyp, üstesine-de Nazarowyň şol ýerden çykyp, hiç ýana gidip bilmejekdigini,
şahtanyň bolsa, biziň öz elimizdedigini iru-giç onuň ol ýerden diri çykyp, adyl
sowet sudunyň öňünde sömelmeli boljakdygyny göz öňünde tutup, oňa aram-aram,
iýer ýaly aşhananyň galan-gaçan zatlaryndan oklap durduk. Açlyk çekmekligi,
açlykdan ölmekligi gadagan etdik. Umuman, ol biziň elimizdedi,
garamagymyzdady, golastymyzdady. Şonuň üçinem, biz ony şahtadan çykarman
berk sakladyk.
Şu ýagdaýda on bir ýyl geçdi. Halys tapdan düşüp, gözden, dilden galandan
soň, çak edişimiz ýaly hem-de iňňän sabyrlylyk bilen garaşyşymyz ýaly, ol
123
ahyrsoňy bizden aman sorap, ýokary çykarmagymyzy haýyş etdi. Ýalňyşyny
boýnuna aldy. Özüne nähili jeza berilse-de kaýyldygyny aýtdy.
Ýöne, ol o ýerden çykarylan wagty çalajandy. Egbardy. Şeýle-de bolsa biz
ony «Lazeretde» saklap bejertdik.
Indem onuň oturmaly möhleti doldy? Nätmeli? Goýbermelimi? Tümüňem
özümize degişlidigine görä şol ýyllaram onuň lagerde geçirdigi hasap etmelimi?
Ýa gaçgak hökmünde sud edip täzeden ýyl kesmelimi?
Elbetde, biziň her bir işi adalatly çözýän, inçeden işlenen
kanunçylyklarymyz we Konsttitusiýamyz bar. Ýöne, biz şu agyr meselede
kynçylyk çekýäris we çözgüdini tapmaga ýardam bermegiňizi Sizden ullakan
haýyş edýäris...»
Baçinskiniň goly.
Gowuşmaly salgysy: Moskwa. SSSR Içeri işler ministrligi. Ministriň hut öz
eline.
Hat bukja salnyp, agzy ýelmenenden soň, kimdir biri örän wajyp meseläni
orta atypdyr: «Biz Mämmet Nazarowy on bir ýyllap hasapda sakladyk. Ýaňky
hatda bolsa, şonça ýyl tümde oturdy, diýdik. Bu mantyga laýyk gelenok. Tümde
oturan bolsa ol nädip sanawlara gatnaşyp, KWÇ-ä gatnap bilýämişin, diýen sorag
ýüze çykýar. Ýa haty ýatyrmaly, ýa-da lagerdäki resminamalary düzetmeli...»
Her kim bir zat diýipdir. Köplerem şonuňkynyň dogrudygyny
tassyklapdyrlar. Ahyram: «Haty ýatyrsak günämizi bukdugymyz bolýar, hernämede bolsa haty ibermeli-de, resminamalary düzetmeli. Nazarowy şol ýyllaryň
hasabatlaryndanam, hasabyndanam, sanawlaryndanam öçürmeli. Şol döwrüň
senesi bilen, ýaňky hatda aýdylyşyna dogry geler ýaly Nazarowyň tümde
gizlenýändigi, ýöne biziň oňa iňňän berk gözegçilik edýändigimiz barada raport
ýazmaly. Birden barlag bolaýanda-da, hemme zat hakykat ýüzünde bolup geçişi
ýaly bolmaly. Bizden tapyljak bar günä ― şony biziň şol wagtlar ýokaryk habar
edip aýtmadygymyz bolar... Egerde häzirem aýtmasak, birdenem üsti açylaýsa
welin, egerde Mark Lwowiçiň başda aýdyşy ýaly, hemmämiz bilelikde jogap
bermeli bolsak, günämiz hasam agyr bolar...» diýip, maslahaty çugdamlapdyrlar.
Hat haýal etmän, barmaly ýerine ugradylypdyr.
***
Ylmy-barlag işlerini geçirer ýaly laboratoriýa, dürli enjamlar, abzallar
hakda-ha gürrüňem ýok, ýönekeýje medisina gurallaryňam ýokdugyna
garamazdan, diňe öz ukybyna, höwesine, öň alan ylmyna we tebigy üşügine we öz
iş tejribesine, şeýle hem bejergi döwründe eden synlaryna, ýönekeýje barlaglaryna,
ýöreden gündelik ýazgylaryna esaslanyp, Çumak şol iki aralykda-da atama degişli
ylmy iş taslapdyr. Gelejekde peýdaly tablisalar bolup biläýjek birnäçe medisina
çyzgylaryny çyzypdyr, suratlar çekipdir. Erkinlige çykandan soň şol zatlaryň özi
üçin önjeýli iş bolup biljekdigini, ullakan bir açyş edäýmeginiňem ahmaldygyny
124
aýdypdyr we şol maglumatlaryny boşap gidýänçä öz öýünde saklap bermegini
Tamaradan haýyş edipdir.
Tamara onuň ol haýyşyny uly höwes bilen ýerine ýetiripdir.
Ät galan diňe Arntols bolupdyr. Ol gutulyp gidenden soňam atamdan hiç zat
alyp bilmändir. Gözaýdyňa gelendir öýdendir-dä, näme sorasa-da atam göwni bir
ýaly: «Aý, şükür. Şükür alhamdilylla. Taňryýalkasyn. Allahu akbar» diýip, ellerini
ýüzüne sylyp, oýkanjyrap oturypdyr.
Gurt aga ara düşüp kömek etjek bolupdyr, o-da bolmandyr. Asyl ol tüm
barada Gurt aganyň özüne-de zat aýtmandyr. Juda eçilen wagty: «Aý, näme,
tümdir-dä! Garaňkylyk-da! Töwerek-daşyň gum-gukluk-da» diýýämişin, bolmasada olam ýok. Diňe Çumak: «Isleseň meniň maglumatlarym esasynda makala
ýazaý» diýeninden soň Arntolsam az-kem köşeşipdir. Ýöne, çeper eser ýazmak
baradaky höwesi welin kalbyndan çykmandyr.
Asylam-a geplemsek ýa alçak adam däl welin, tümde oturyp çykansoň-a
atam hasam dymma, garasöýmezräk bolupdyr.
Şol wagt oňa düşünýän bir adam bar ekeni, o-da Reşit aga. Ol: «Şuny
gepletjek bolup azara-da galyp oturmaň. Ol o ýerde uly bir baýlygyň üstünden
barypdyr-da, onam indi hiç kim bilen paýlaşasy gelenok. Gysganýa. Kimdir biri
bilen alyşýan her bir sözi onuň şol baýlygyna talaň salýa, ujundan kemýä...» diýýär
ekeni.
Elbetde, onuň nähili baýlyk barada gürrüň edendigine bendiler
düşünendirler. Gurt aganyň bize aýdyp beren pursady dädemem düşünendir, ýöne,
men welin düşünmändim. Men oňa soň-soňlar, atamyň öz agzyndan eşiden üzlemsaplamrak gürrüňlerinden çen tutup düşündim. ― Şyh Mustapa daňyň
golaýlandygyny ýa entek oňa çenli wagtyň bardygyny bilmek üçin penjiräniň
öňüne bardy. Maňlaýyny aýna diräp daşaryk seretdi. Ýene-de ýerine geçip oturdy.
Ýüzüme soragly seredip, syrly ýylgyrdy.
― O baýlygyň nämedigini senem aňansyň-la, Hümmi akga?
― Weý, elbetde, elbetde ― diýip, men howlukmaç jogap berdim.
― Howwa, aradan iki aý gowrak wagt geçip-geçmänkä, iberilen hata jogap
gelipdir. Onda-da kimden? Ýoldaş Staliniň hut özünden. Sebäbi, Gurt aganyň:
«Biziňk-ä Mustapa beg eşitmiş, gözümiz bilen gören zadymyz ýok» diýip, aýdyşy
ýaly baran hata minstrlikdäkilerem jogap tapyp bilmändirler. Her kim garamat öz
boýnuna düşer öýdüp gorkupdyr. Ahyram ministriň hut özi ony öz eli bilen
Staliniň kitaphanasyna eltip tabşyrypdyr.
Öňem-ä gije-gündiz ýatuw ýok ekeni welin, Gurt aganyň lagere ýaýran
agzeki gürrüňlerden çen tutup aýtmagyna görä, şondan soň Stalin üç-dört gije dagy
bassyr ýatman, hata jogap gözläp geçiripdir. Köp oýlanypdyr. Köp-köp hadysalary
degşirip görüpdir. Ahyram serkerdelerini çagyrypdyr-da, olary hatyň mazmuny
bilen tanyşdyrypdyr. Özem kabinetiň içinde şybygyny tütedip, iki-baka gezmeläp
ýörşüne: «Siz hiý şeýle ýagdaýa gabat gelipmidiňiz?» diýip, sorapdyr. «Ýokdaýok» bolşupdyrlar. Stalin: «Hany aýdyň, şu mesele barada siziň pikiriňiz nähili?»
diýipdir.
125
Staliniň özi bir zat diýmezden ozal, öz pikirini aýtmaga hiç kimiň bogny
ysmandyr. Ýagdaýyna düşünen Staliniňem olary uzak gynasy gelmändir. «Şonça
ýyl şol ýerde oturyp, ondanam ölmän çykan bolsa, galan ömri özüne nesip etsin,
halaly bolsun, diýjek men-ä. Siz näme diýýäňiz...» diýipdir.
Stalin şeý diýensoň kim näme diýsin? «Dogry aýdýaňyz, ýoldaş Stalin, tüýs
şeýle şol. Bizem şoňa goşulýas» diýşip, oturan ýerlerinde «goňkda-goňk»
bolşupdyrlar.
O-da ýerine geçäge-de, öňünde ýatan hatyň ýokarky sag burçuna gyzyl
syýaly galam bilen: «Sam sebe nakazal, otpustit» diýip, ýazypdyr. Gol çekipdir.
Yzyndanam: «Egerde bir bendi ýeriň astyny üstünden ýeg saýyp, şol ýerde şonça
ýyl ýatan bolsa, onda şol lageriň ýagdaýy dowzahdanam ýaman bolmaly,
naçalnigem dowzahyň naçalniginden ibaly bolmaly däl. Ol terbiýelemekden geçen
gaýtam bendilerde sowet hökümetiniň garşysyna ýigrenç döredýän bolmaly» diýip,
«myhmanlarynyň» ýüzüne täzeden seredipdir.
Onuň eýýäm nähili netijä gelendigini, özlerinden nähili söze
garaşýandygyny ýüzünden aňyp oturan generallaryň biri: «Lageriň soňky on
ýyllykdaky işlerini jikme-jik barlamaly, naçalnigini jogapkärçilige çekmeli, ýoldaş
Stalin...» diýipdir.
Stalin makullaýjylyk bilen baş atypdyr.
Şonuň bilenem maslahat tamam bolupdyr. Nijem bir ýyl bäri Sloweskiniň iň
ýowuz lagerleriniň birinde, sada, goja türkmen bilen naçalnik Baçinskiniň arasynda
dowam edip gelýän başa-baş söweşiň soňy ine, şeýdip, Kremliň içinde, ýoldaş
Staliniň hut öz goly bilen, bir garyp bendiniň peýdasyna tamamlanypdyr.
***
Gurt aganyň aýdyşy ýaly o zatlar hakykatdan-da bolupmy ýa lagerdäki
bendileriň öz göwün-isleglerine görä, döreden rowaýatlarymy, ol belli däl, ýöne,
Baçinskiniň ýazan hatyna gelen jogabyň yzysüre, lagere Moskwadan barlag
toparynyň gelendigi, olaryň ur-tut Baçinskini işinden aýryp, gözegçilik astyna
alandyklary, daşyny konwoýlap, aýratyn bir kamerada saklandyklary, işiniň bolsa
suda geçirilendigi gyssagly suratda derňew, sorag-ideg işleriniň başlanandygy-ha
çyn.
Wagty dolan hem bolsa, «derňew tamamlanýança» diýip, esasy şaýat hem
ejir çeken hökmünde atamam saklapdyrlar.
Ýöne, Arntols bilen bolşy ýaly, atamdan olaryňam çolpularyna ilen zat
bolmandyr. Baçinskiý bilen ýüzbe-ýüz oturdyp: «Şu adam saňa azar berdimi?»
diýenlerinde-de: «Aý, hakyň kandadygyny Hak biler, Allahu akbar...» diýipdir.
Oňa hiç kim düşünmänsoň ýene-de Gurt agany kömege çagyrmaly bolupdyrlar. Ol
terjime edipdir.
Muňa derňewçilerden beter, Baçinskiniň özi geň galypdyr. Çünki, bütin
derňewiň dowamynda-da onuň esasy garşydaşlary atam däl-de, näçe ýyllap bile
işleşen, arak içişen, çörek iýişen adamlary bolupdyr. Şolaryň iň höweseklerem goja
türkmeni gynamaklygy özi buýrubam, şol iş üçin ýene-de özüni konwoýlykdan
126
çykarandygy üçin Baçinskiden kine edip ýören Saşok bolup çykypdyr. Şu
meselede berk dursam ýene-de konwoýlygyma, belki ondanam gowy işe geçirerler
diýen tama bilen, ol şaýatlaryň hataryna goşulypdyr we Baçinskiniň atama eden
sütemleriniň hemmesini, gözli şaýat hökmünde ýeke-ýeke aýdypdyr. «Şahta-da
Nazarowy Baçinskiniň özi taşlatdy. Ol gaçmadam, gaçmaga synanyşygam edenok,
ony konwoýlar iki golundan tutup zyňdylar. Hemmesiniňem aňyrsynda Nazarowy
mugyra getirmek islegi ýatyr...» diýipdir.
Maddy-maliýe meselesinde hem birnäçe kemçilikler ýüze çykarylypdyr.
Ahyram geçirilen barlaglaryň esasynda sud edilmegi üçin, Baçinskini
Moskwa alyp gidipdirler.
«...Oňa näçe ýyl kesilendigini, nirä iberilendiginä bilip bilmedik. Ýöne,
suduň jaýyndan çykyp barýarka: «Etdim-etdim, öz-özüme kast etdim. Egerde, hiç
ýere hat ýazman, «gaçdy» edip goýberen bolsam, belki, bu güne düşmezdim.
Ýöne, her niçik hem bolsa hakykatyň hatyrasyna aýdaýyn, goja türkmen ýagşy
adam ekeni. Onuň arkasynda duran Güýç meniň arkamda duran güýçden kän
güýçli ekeni. Men güýjüme daýanyp özümden kän güýçli güýç bilen synanyşan
ekenim. Wo istine Allah akbar... diýenmişin»gürrüň welin, tä men gaýdýançam
lagerde dilden düşenokdy ― diýip, Gurt aga şol gezek dädem ikimize goşmaça
maglumat hökmünde aýtdy. Soňundan ýene-de lageriň içki ýagdaýlaryna dolanyp
geldi. ― Ýöne, Baçinskiniň bir wagtlar Saşogy «samoohrankadan» aýrany bilen
hiç zadyň düzelmeýşi ýaly, nökerleri bilen bilelikde Baçinskiniň ýygnalany, olaryň
ýerine täze-täze adamlaryň belleneni bilenem lageriň tertip-düzgüninde üýtgän
zad-a bolmady. Tertip-düzgünem öňküsinden beterleşmese gowulaşmady. Täze
bellenen ýolbaşçylaram bir bada göz üçin gowy-gowy zatlary söz berenem
bolsalar, barybir öňküleriň ýazylmadyk, ýöne däp bolup gelýän kada-kanunlaryny
ýöretdiler. Öňküleriň goýberen ýalňyşlaryny gaýtalamazlyk üçin däl-de, bendileriň
«dişlerinde et galdyrmazlyk» üçin, beýnilerinde: «Berkine tutsaň bularyň
özlerinem şeýdip boljak ekeni» diýen düşünjäniň döremezligi üçin, aşaklyk bilen
olara öňkülerindenem has ýowuz daradylar. Saşogy bolsa alty aýdan soň: gaçmaga
synanyşdy diýen meşhur bahana bilen atdylar.
Olar diňe Mämmede hiç zat diýip bilmediler. Derňew gutarandan soň ony
derhal ugratmak bilen boldular. Çünki, oňa çykarylan netijäniň aşagynda Staliniň
hut öz goly bardy.
Mahlasy, hemme ýerde, hatda erkinlikde-de bolşy ýaly, tutuş ulgam, syýasat
üýtgemese ýalňyş ýol bilen barýan uly döwletiň içindäki haýsydyr bir edaranyň
ýolbaşçylaryny çalşanyň bilen hiç zady üýtgedip bolmaýandygyna, bendiler ýenede bir gezek göz ýetirdiler...»
31.
Atamyň azapdan dynyp, boşap gaýdandygy, sag-aman öýüne gowuşjakdygy
üçin, bendiler hem-ä begenipdirler, hemem şeýle geň ykbally adamyň aralaryndan
sogrulyp gidýändigi üçin gynanypdyrlar. Baçinskiniň hatyna jogap geleli bäri:
127
«Goja türkmen gitse lageriň gyzygy gaçar, içimiz gysar...» diýşip ýörenleriňki
dogry bolup çykypdyr.
Atam gaýdan gününiň agşamsy bütin lager özüni sus alyp barypdyr.
Baraklaryň birindenem, hatda «blatnoýlaryňkydanam» goh-galmagal çykmandyr.
Hemmeler hemişekilerinden ir ýatypdyrlar, kyn turupdyrlar, sanawlara-da, işe-de
ýaltalyk bilen çykypdyrlar, haýal-ýagal işläpdirler, hatda owkatlarynam göwünligöwünsiz iýipdirler.
Şondan soňky ýekşenbe üýşmeleňlerinde-de näme hakda gürrüň etjeklerini
bilmän, biri-birlerinden ýüzlerini sowşup, ýeňselerini tüňňerdişip ýörüpdirler.
KWÇ-niň dagy telim günläp gapysyndanam barmandyrlar.
Şu zatlary bize gürrüň berip oturan Gurt aganyň özem, Reşit aga-da, onuň
şägirtlerem, hatda Çumakdyr ― Arntols dagam şol halda bolupdyrlar.
Gurt aganyň kemsinipler, belki-de, bilniksiz gabanjaňlyk bilen aýtmagyna
görä, Tamara-ha: «Görgüli goja, gör, nähili ejir çekdi. Şol horluklardan soň indi ol
erkinlikde-de uzak ýaşap bilmese gerek...» diýip, aglapdyram. Çumak bolsa: «Ýok,
şol horluklardan ölmän çykan adam entegem köp ýaşar» diýipdir.
Howwa, atam babatda lagerdäkileriň hersi bir duýgyny başdan geçiripdir.
Ýöne, susluk uzaga çekmändir. Hatda ähli duýgulary könelişdirýän, azym-azym
şäherleri, beýik-beýik binalary ýumurýan, daglary eredip, derýalary guradýan,
wagt atly hökmürowan närse hem goja türkmen baradaky ýagşy ýatlamalary
bendileriň aňlaryndan aýryp bilmändir.
Ol gürrüňler soň rowaýata öwrülip, dilden-dile, agyzdan-agza geçip, lageriň
durmuşynda ýaşamagyny dowam etdiripdir. Her kimiň şoňa meňzäsi, Hudaýa
golaý durasy, soňky gelenler öňki oturanlardan eşidipdirler, gidenler baran
ýerlerinde gürrüň edipdirler, netijede onuň taryhy Sloweskiniň ähli lagerleriniň,
bütin GULAG-nyň çäginden çykyp, tutuş soýuza ýaýrapdyr.
«Ony entegem ýatlaryndan çykarmandyklaryna, mundan bu ýana-da
çykarmajakdyklaryna, hatda bir sebäp bilen şol lager ýapylaýanda-da, döwletiň,
belki-de, dünýäniň dürli künjeklerinde, bir döwür, bir ýerlerde, hudaýhon, jany
berk bir türkmen gojasynyň bolandygy baradaky rowaýatyň dowam etjek
ýörjekdigine, men edil, ertir Günüň dogjakdygyna ynanyşym ýaly ynanýan ―
diýip, Gurt aga şol gezegem aýtdy, asyl soň-soňlaram, biz ýigit çykanymyzdan
soňam gabat gelen ýerinde gaýtalady ýördi.
Howwa, şol gezek Gurt aga sözüni tamamlan şekilde «öwhüldäp» uludan
demini aldy-da, häliden bäri durşy bilen gulaga öwrülip oturan dädemiň ýüzüne
çiňerildi. «Howwa, Mustapa beg. Şolar ýaly boldy bu zatlar. Gözüň bilen
görmeseň yananar ýalam däl. «Adam başy daşdan gaty» diýleni çyn ekeni.
Ýetmese özüňi ajalyň eline eltip berip bolanok ekeni. Mämmediňkem şeýle boldy.
Görmedigi görde galdy. «Ahyret azaby diýilýänem şondan aýylganç dälmikä
diýýän...» diýdi. ― Içini mazaly egsen adam hökmünde arkan düşüp, ýeňsesini
goşa ýassyga berdi. Tüsseden ýaňa garalyp giden, üç sany egri-bugry ýogyn agajyň
üstüne atylan ýylgyn kepbelerden ybarat petige seredip ýatyşyna çiginlerini
tisgindirip ýene bir gezek uludan sowuk demini aldy-da, başdaky haýyşyny
gaýtalady. ― Ýöne, wagty gelip, özünden-özi dil ýaraýmasa, ýaňky zatlar barada
128
ýanynda agzaýmaň. Soraýmaň. Halamaz. Menden eşidendiňiz-ä, asylam aýtmaň.
Gaty görer...»
Režissýor ýerinden turdy. Gerinjiredi. Otagyň içinde iki ýana gezmeläp
ýörşüne elleri bilen maşk etdi.
― Dädem ikimiz Gurt aga bilen hoşlaşyp, öýe ugranymyzda ýaňy bir daň
saz beriberen ekeni. Sabanyň serginine digdenekleşip barşymyza öýe
golaýlaberenimizde ― elbetde, oglanlyk edip agzyndan sypdyraýmasyn, diýendirdä ― dädem sag eliniň aýasyny şyrdaklyja kelläme goýdy-de: «Ýaňky eşiden
zatlaryňy ataňa aýdaýmagyn, bomy» diýdi. Onam az görýän ýaly garaçyny bilenmi
ýa meni birazajyk gorkuzmak üçinmi soňundanam bäş-üç agyz sugşurdy. ― Beýle
gizlin saklaýan bolsa bir emmasy bardyr. Hökümetiň gadagançylygy bilen bagly
bolmagam ahmal...»
Ol wagtlar elbetde, uly-kiçi hemmäniň kalbynda düýn-öňňinjik başlaryndan
gara ýel ýaly geçip giden tutha-tutluk ýyllarynyň salan gorkusy entek-entekler
bardy. Gögele çagadygyma garamazdan, şol duýgy mende-de bardy. Şonuň
üçinem, dilime buýrup bilmän, atamy ýene-de bir belanyň üstünden eltäýmäýin,
diýen pikire uýdum-da: «Bor däde» diýdim.
Şyh Mustapa ýerinden turdy-da, ellerini her ýan gerip, aýaklaryny abşardyp,
uzynly gijäni şöwür çekip geçiren adama mahsus ýadawlyk bilen, göwresiniň ähli
agzalaryny herekete getirip, hatda ýüz-gözüne çenli üýşürip-çaşyryp, uzyndanuzyn, süýjüden-süýji pallady. Şonda onuň üstüni ösgün murt basan agzy
çaýyrlygyň içinde möjege gurlan gapana meňzedi. Şondan soň ol ýene-de ýerine
geçip oturdy. Arzan bahaly myhmanhananyň çüýleri gowşan, abatlandyrylyşa
mätäç agaç krowadynyň «jygyldysyna» gulak asyp, oýkanjyrap oturyşyna ýüzüme
seredip «ýyrş» etdi.
O ýüzüne seret:
Men elbetde ýadapdym. Onuň özem ýadapdy. Ikimizem uky bürüp alyp
barýady. Ýöne, Şyh Mustapanyň gep salgyna görä, gürrüňçilik entek doly
tamamlanmandy.
Şonuň üçin menem gaty bir inçe bolmadyk göwrämi kak towlan ýaly
oňurgamyň daşyna oram-oram etdim-de, agzymy onuňkudanam giň açyp, uly
lezzet bilen palladym. Agzymy-burnumy ýerli-ýerinde goýup ýetişmänkämem:
― Aýdyber, aýdyber. Munça bolanyna görä yzynam eşideli. Gürrüniň
guýrugynda pyçak döwmäli ― diýip, tutuş göwräm bilen «hababaýlap» oturyşyma
aýtdym.
32.
― Aýtsam, o zatlar-a şeýle bolupdyr. Nesibesi çekibem atam öýüne gaýdyp
gelipdir. Aýdyp geçişim ýaly bizem ataly bolduk, öýümiz ýaşulyly boldy. Atam
öňküsi ýaly uly iliň ýagşysyna-ýamanyna ýarap ugrady. Ýöne, onuň ýurdy, halky,
şolar ýaly galynmaz güne salan sowet hökümetine, döwlet ýolbaşçylaryna bolan
garaýşy, şolar babatda özüni alyp barşy welin gaty düşnüksizdi ― diýip, Şyh
Mustapa sözüni dowam etdirdi. ― 1953-nji ýylyň 5-nji martynda Stalin ýogaldy.
129
Hemmeler agladylar.
Atamam aglady.
Biz-ä o wagtlar oňa sorag bererden entegem oglanrakdyk welin, ýöne,
dädem durup bilmän: «Iliňk-ä düşnükli welin, sen näm-ä aglaýaň? Ol seni nähak
türmä basdy, şonça ýyl lagerde oturtdy, diýdi. Atamyň jogaby nagt boldy. «Gerek
bolandyr, basandyr. Basandyram, çykarandyram».
...Şondan soň Staliniň ornuna Hruşew geçdi. Dört-bäş ýyldan soň onuň
şahsyýet kultuny paş etdi. Köp adamlar muny ýokuş gördüler. Atamam şolaryň biri
bolup çykdy. «Häý, bigaýratlar, dirikä-hä murtunyň bir gyly gymyldanda girere
deşik tapanokdylar, indem... Häý, dünýe, dünýe...» diýerdi.
Hruşew welin Stalini tankytlany bilenem oňmady-da, ähli ýerden onuň
suratlaryny, adyny, ýadygärliklerini aýyrtdy, içinde onuň keşbi bolan pýesalary,
kinofilmleri ýatyrtdy.
Moskwada başlanan şol medeni ýykgynçylyklaryň bir ujy bir gün biziň
şäherçämize-de gelip ýetdi.
Mekdebimiziň öňünde ir döwürden bäri Staliniň Lenin bilen gürleşip oturan
heýkeli bardy. Bir gün agşamaralar goltugy gaýyş bukjaly üç-dört adam ýüzlerini
garaňka tutup geldiler-de, ýanlary bilen alyp gelen işçilerine buýrup, Stalini
boýnundan syrtmaklatdylar. Şolar bilen deňine diýen ýaly ýetip gelen Torruk
aganyň «pyt-pyt» traktoryna süýredibem ýykdylar. Stalin çiňarkan gaýtdy.
Ýadygärligiň düýbüne düşelen betona degip, onuň kellesi çym-pytrak boldy.
Leniniň ýeke özi somalyp galdy. Näme hakda gürleşip oturandyklaryny-ha
öňem bilýän ýokdy welin, indi kim bilen gürleşip oturanam belli däl.
Ol wagt mekdepde okuw-a ýokdy welin, barybir ondan-mundan okuwçam
ýygnandy, uly adamlardan geleni boldy. Bu ýagdaýa hemmeler geň galdylar.
SSSR ýaly uly döwleti özüniň atamyňky ýaly kiçijik gysymynda saklan, Gitler
ýaly ganhoryň hötdesinden gelibilen adamy ine indi nädip ýörler.
Edil şol wagtam tötändenmi ýa eşidip geldimi, ýerden çykan ýaly bolup
atam peýda boldy. Bolan hadysany görüp, onuň ýüzi duw-ak boldy. Özem durşy
bilen saňňyldy.
Men ylgap baryp onuň syýnyndan ýapyşdym. «Ýör, ata, gideli» diýdim.
Ol maňa ünsem bermedi. Hemmeler dagaşýançalar bir çetde içini tutup,
ýüzüni çytyp oturdy. Soňam ýuwaşlyk bilen ýerinden turdy-da, ýadygärligiň ululykiçili, çaşyşyp ýatan bölejikleriniň arasyna girdi. Seýikläp täzeden dikeltmekçi
bolýan ýaly, ýeke-ýekeden eline alyp sallarlap, biri-birine sepläp gördi. Oturyp bir
zatlar okady. Ahyram Staliniň bir taý murtuny eline aldy-da: sesini sandyradyp
maňa ýüzlendi: «Ýör oglum, gideli...».
Şol wagt men on bäş ýaşlarymdaky ýigdekçedim. Hemme zada akylym
ýetýädi. Ýöne, özüne şeýle zulum eden adamyň ýeke bir ölümine däl, eýsem
ýadygärliginiň ýumrulmagyna-da şeýdip, gynanyp durşuna welin, ýene-de düşünip
bilmedim.
***
130
Bilşiň ýaly Staliniň yzyny tekizlemek çäreleri onuň bilenem çäklenmedi.
Galan zatlary bir ýüzli edensoňlar, jynlary onuň kitaplaryna düşdi.
Tomusky rugsat döwri bolsun gerek, günortanyň tüp yssysynda, hemişekije
endigimize görä, atam ikimizem dädemiň soňky salan täze jaýynyň iň törki
otagynda içerini garaňkyradyp süýji uka gitdik.
Giç öýlänler mazaly ukymy alyp turdum. Görsem atam ýok. Herimiz bir
dulda süýnendigimiz üçin, men onuň turup gideninem aňmandyryn. Ilk-ä o
jaýlaryň birinde namaz okaýandyr öýtdüm, namazlygynyň ýerindedigini görübem,
aýak ýoluna çykandyr, häzir geler, diýdim. Ýöne, ol geler ýerde gelmedi. Menem
gury gorsanyp ýatanymdan daş çykaýanymy kem görmedim. Bosagadan ätleýşim
ýalam burnuma tüssäniň, haýsydyr bir ýanygyň ysy urdy. Bir ýerlerden
gykylyk,galmagal eşidilýän ýaly boldy. Daş-töweregime garanjakladym. Enem
dagam salkynrak jaýlaryň birine girip ýatan bolsalar gerek, howluda hiç kim ýok.
Onsoň diňşirgendim. Ysyrgandym.
Görsem, mellegimiziň aýagynda bir üýşmejik kitap burugsap dur. Ýöne,
ýalynlanok. Golaýyna barsam köpüsiniň gyrasy ýanypdyr. Garalypdyr. Sähelçe
şemal öwüsse-de, köräp, gyzaryp gidýä, töweregine owunjak uçgunjagazlar
syçradýa.
Birdenem eşidilýän galmagal güýjerledi. Köneje, özara gelen netijämiz
boýunça basym bütinleý täzelenmeli haýatymyzyň üstüne çykyp seretsem, ses
Medeniýet öýi tarapdan gelýä. Lemmerlenip göterilýän ullakan, gara tüsse-de, äpet
aždarha dek towlanjyrap, dik asmana göterilýä.
Şol ýerde etrap kitaphanasam bardy. Men şony ot alandyr öýtdüm. Haýatyň
birneme beýigräk ýerine çykdym welin, tüsse kitaphananyň içinden däl-de,
gapysynyň agzyndan çykýa. Ýöne, ony öçürýän ýok. Ýangyn söndüriji
maşynlaram görnenok. Gaýtam, Medeniýet öýüniň garawuly hem bagbany bolup
işleýän Şiri agamyka diýdim, bir adam eli çarşakly aýagaldygyna ody gorjaýa,
ölçerýä, köräberse öwdäp-öwdäp, biri-biriniň üstüne sowurýa-da, tutaşdyryp
goýberýä.
Daş-töweregem tomaşakärlerden doly. Hemmesiniňem ýüzi açyk. Şadyýan.
Belki, atamam şol ýerdedir, diýen pikir kelläme gelendenem, böküp ýere düşdümde, şol ýere gitmek maksady bilen öýe girip köwşümi geýip çykdym. Ýolugra
kölegede duran setilden alyp, bir jüňňül suwam içdim. Howludan çykmaga
hyýallananymdanam haýatyň aňry ýüzi bilen, girelgä tarap içi bir zatlardan doly
köneräk kendir halta göýä howadan barýan ýaly süýşüp gelýä. Özem alaburugsy.
Diňe girelgäniň agzynda pete-pet gabat gelenimizden soň, men haltanyň
aşagynda atamyň bardygyny görüp galdym.
Pahyryň burny ýere degäýjek bolýa. Maňlaýyndan joralanyp akýan deriň
galdyrýan öljümek yzyny yzarlasaň, göni oduň ýanýan ýerine barjakdygyny şekşübhe ýok. Arkasy bişýämi ýa has ornaşykly goýjak bolýamy, aram-aram durýada, «liňk» edip, haltasyny silkip goýberýä.
Howla girişi ýaly ol ýüzüme-de seretmän: «Turduňmy oglum?» diýdi-de,
saga sowuldy. Aýakdaky tüsseleşip ýatan kitaplaryň ýanyna bardy-da, arkasyndaky
haltanam düşürip, şolaryň üstüne silkdi.
131
Köýneginden çykýamy ýa tenimi, bir görsem ýagyrnysam tüssäp dur. Ýüzigözi dagy edil tümden çykandakysyndanam eýmençmikä diýdim men-ä. Edil,
tagma basylan ýaly dag-dag. Besse-besse. Aýalary, elleriniň arkasy, barmaklary,
goşarlary sypjyryk-sypjyryk. Döşünden çykyşyp duran sarymtyl çöpürler,
bileklerindäki tüýler, gaşlary, hatda kirpiklerine çenli çirkizilipdir-de, uçlary
towlanjyraşyp durlar. Bolup durşundan dogrusy men-ä birazajyk gorkdumam.
«Ata, bolup gelşiň nähili? Näme boldy? bular näme?» diýdim. «Kitap» diýdi.
«Kitapdygyny görýän. Bulara näme boldy? Kim ýakdy? Ýa ýangyn boldumy?»
diýdim. «Ýok, ýangyn bolanok. Özleri ýakýalar». «Näme üçin ýakýalar». «Sebäbi
bulary Ysdalyn ýazanmyşyn. Kim ýazanda-da kitap ― kitap bor-a...»
Tüsseläp ýatan kitaplara gözümiň gytagyny aýlasam, olaryň käbiriniň daşy
doly ýanyp ýetişmändir. Gyzyl liderin bilen sahaplanan göwrümli kitaplaryň
ýüzüne dogrudanam basma bürünç harplar bilen: «I.W.Stalin, Saýlanan eserler...
pylanynjy tom» diýlip ýazylan ekeni.
...Soň eşidip otursam, atam menden öňräk oýanypdyr-da, ýazylyp gelmek
üçin daş çykypdyr. Çykyşy ýalam kitaphana tarapdan gelýän gyk-bagy eşidipdir,
tüssäniň ysyny alypdyr, onuň dik asmana tarap göterilenini görüpdir-de, «Ýa,
Allah!» diýip şol tarapa ugrapdyr. Tom-tom kitaplaryň ýanýanyny görübem,
kimiňkidigini, nähili kitapdygynam soramandyr-da: «A-how, hiý kitabam bir
ýakylarmy» diýip, urupdyr özüni oduň içine. Hä diýmänem ýarysy ýanan, ýarysy
ýanmadyk, ýa daşy ýanyp içine doly geçmedik birnäçe kitaby goltuklap çykypdyr.
Olary bir gyrada goýup, ýene bir tapgyryny alyp çykypdyr. Hemmesini bilelikde
ýektaýynyň syýnyna salybam arkasyna atypdyr-da, öýe tarap ýegdekläp
You have read 1 text from Turkmeens literature.
Volgende - Gyrmyzy bägüller - 14
  • Onderdelen
  • Gyrmyzy bägüller - 01
    Totaal aantal woorden is 3602
    Totaal aantal unieke woorden is 2264
    29.6 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    41.0 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    48.9 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 02
    Totaal aantal woorden is 3645
    Totaal aantal unieke woorden is 2074
    29.8 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    43.2 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    49.3 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 03
    Totaal aantal woorden is 3604
    Totaal aantal unieke woorden is 2179
    30.6 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    42.9 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    49.6 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 04
    Totaal aantal woorden is 3641
    Totaal aantal unieke woorden is 2271
    30.7 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    43.8 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    50.2 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 05
    Totaal aantal woorden is 3700
    Totaal aantal unieke woorden is 2169
    31.8 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    45.1 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    52.5 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 06
    Totaal aantal woorden is 3611
    Totaal aantal unieke woorden is 2212
    29.8 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    42.6 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    48.9 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 07
    Totaal aantal woorden is 3628
    Totaal aantal unieke woorden is 2142
    30.3 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    42.3 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    49.2 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 08
    Totaal aantal woorden is 3631
    Totaal aantal unieke woorden is 2100
    30.1 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    43.0 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    49.8 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 09
    Totaal aantal woorden is 3669
    Totaal aantal unieke woorden is 2116
    31.7 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    43.1 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    48.9 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 10
    Totaal aantal woorden is 3540
    Totaal aantal unieke woorden is 2078
    30.2 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    42.3 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    48.0 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 11
    Totaal aantal woorden is 3648
    Totaal aantal unieke woorden is 2026
    30.0 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    42.8 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    49.8 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 12
    Totaal aantal woorden is 3669
    Totaal aantal unieke woorden is 2057
    31.3 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    42.6 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    49.1 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 13
    Totaal aantal woorden is 3653
    Totaal aantal unieke woorden is 2181
    31.6 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    44.1 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    50.4 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 14
    Totaal aantal woorden is 3690
    Totaal aantal unieke woorden is 2262
    30.0 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    44.0 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    50.0 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 15
    Totaal aantal woorden is 1835
    Totaal aantal unieke woorden is 1305
    36.0 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    48.0 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    55.0 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.