Latin

Gyrmyzy bägüller - 12

Totaal aantal woorden is 3669
Totaal aantal unieke woorden is 2057
31.3 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
42.6 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
49.1 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
On ýyl diýlende atamyň sesi mahal-mahal ýitip ugrapdyr. On birinji ýylda
asla ses almak kynlaşypdyr. Käte sese derek diňe «iňňildi» eşidilipdir. «Birnäçe
gün ses alybilmän ýaýdanyp gezýädik... ― diýip, Gurt aga bokurdagyny dolduryp,
dommarylyp oturyşyna zordan gepledi. ― Ind-ä ölen bolsa gerek, diýişýärdik.
Käbirleri bolsa: «Hälem köp çydady bende. Ýöne, indi ony nädip adam şekilli
jaýlap boljakdygy barada pikir etmek gerek» diýýärdi. Bu barada naçalnik bilen
gürleşip görmekligiň aladasyny edýärdik.
Şolar ýaly alasarmyk ýagdaýda gezip ýörkägem birden bir «iňňildi»
eşidilýärdi welin, edil Mämmediň özüni gören ýaly bolýardyk. Begenýärdik.
Haýalladygyça, onuň özem näme üçindir ses çykýan ýeri agaç germewe
golaýlaşýady.
Ýene bir golaýlaşýan zat bardy, o-da Mämmediň oturmaly möhletini
dolduryp, öýüne gitmeli wagtydy...»
Şonuň üçinem, Gurt aga bilen Reşit aga ikisi ahyrsoňy göwünlerini bire
baglapdyrlar-da, atamyň soňky ahwalatlaryny Baçinskä birin-birin habar
beripdirler. Ony ol ýerden çykarmaklygyň amatly pursadynyň gelendigini, asyl
onuň özüniňem şol niýet bilen germewe golaýlan bolmagynyň ahmaldygyny,
sanalgysynyň azalandygyny özüniňem duýan bolmagynyň mümkindigini, indi
onuň gözlege baranlardan gaçmajakdygyny, bukulmajakdygyny, asla onuň indi
eýdere ýagdaýynyňam ýokdugyny häzir ony diňe alyp gaýdybermekligiň
galandygyny düşündiripdirler.
Olaryň bu teklibini Baçinskiý ikelläp goldapdyr. Ýeke bir goldamagam däl,
eýsem «garaçyny bilen begendipdir». Çünki, ol Mämmedi mugyra getirmek
pikirinden bir wagtlar el çekipdi we öli bolsun, diri bolsun, tapawudy ýok, oňa indi
Mämmet gerekdi. Ol onuň ýa özüni ýa maslygyny görmelidi. Diňe şondan soň
ynjalyp biljekdi.
«Bu onuň nijembir ýyl bäri ýetip bilmez arzuwy, alyp bilmez awudy» diýip,
Gurt aga Baçinskiý bilen bolan şol gürrüňçiligi dädem ikimize aýratyn bir höwes
bilen, nygtap-nygtap aýtdy.
Şondan soň Baçinskiý şahta konwoýlaryň täze bir tapgyryny ýollamaklygyň
aladasyny edip ugrapdyr.
112
Ýöne, ol Gurt aga bilen Reşit aganyň özlerinem konwoýlar bilen bile
gözlege ibermegini sorap eden haýyşlaryny welin kanagatlandyrmandyr. «Öň
biriňizden agzym bişdi, besdir! Indi men ol oýny gaýtalap biljek däl ― diýipdir.
Soňam şo-ol, gadymkyja endigi boýunça ysgynsyzlyk bilen ýer depipdir. ― Maarş! ― diýende sesi ondanam beter ysgynsyz çykypdyr.
***
Gurt aganyň bize gürrüň berşi boýunça, bendileriň arasynda atamyň ykbaly
bilen beýlekilere görä-de has içgin gyzyklanýan iki adam bar ekeni.
Olaryň birä moskwaly, milleti jöhit, käri boýunça-da ýazyjymy, žurnalistmi,
merkezi gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda, neşirýatlarynda köp işlän, özüniň
şapbat ýalyjak ilkinji kitaby üçin ýygnalyp, sekiz ýyl basylan, sakgally-murtly
ýüzi-gözi,hatda syrdam boýam Isa pygamberiň gadymy, ýewropaly hudožnikler
tarapyndan çekilen kartinalaryndaky keşbine meňzäp duran, haýaljakdan, ýöne,
diýseň siňňitli gürleýän adamy ýa familiýasymy, Gurt aga ony ýadyna salyp
bilmedi, hemmeler tarapyndan Arntols diýlip ýüzlenilýän kyrk bäş, elli
ýaşlaryndaky kişi ekeni.
Ikinjisi bolsa hünäri boýunça hakykatdanam wraç bolansoň, gelen gününden
bäri Lazaretiň öňki wraç däl baş wrajynyň ornunda işläp ýören, kärine ökde bolsada, kimdir birine eden şowsuz operasiýasyndan soň, içigara kärdeşleri tarapyndan
ýamanlanyp, sud edilen we on ýyl alyp gelen, atam dagy bilen deň-duşrak, arassa
ors bora çemeli, jyrk sary, ýüzüne künji sepilen ýaly menek-menek, çypar adam
ekeni. Ady Oleg, familiýasy Çumak. Odessada önüp ösendiginden şeýle hem
familiýasyndan çen tutup, oňa ukraindir öýdýänlerem bar ekeni. Özünden sorasaňa: «Aý, kakaýa raznisa...»diýip, elini silkip goýberäýýän ekeni.
Ikisiniňem baranyna şol wagt ýaňy bir üç ýyl dolan ekeni. Geleli bärem
atamly mesele bilen gyzyklanyp, günde-günaşa diýen ýaly Gurt aga bilen duşuşyp,
pikir alşyp durýan ekenler. Asyl her günde bir maglumatjagaz almasalar ynjalybam
bilmeýän ekenler.
Sebäbi, Arntols-a atam bilen dirilikde duşuşyp, özi bilen ine-gana gürleşip,
ol hakda gyzykly bir eser ýazmaklygy, Çumak bolsa şeýle geň ykbally adamyň
beden taýdan beýle durnuklylygyny barlap, öwrenişip, medisina degişli ylmy bir iş
ýazmaklygy arzuw edýän ekeni.
Atamyň gözlegine konwoý iberjek bolýandygyny eşidip, atamyň şolar ýaly
egbar ýagdaýda tapylyşyny onuň şol wagtky halyny gözi bilen görmek üçin, olaryň
ikisem Baçinskiniň ýanyna ylgapdyrlar. Özlerinem konwoýlaryň ýanyna
goşmagyny ondan haýyş edipdirler.
Indi birneme jany ara girip ugran Baçinskiý Arntolsyň ýüzüne «hüžžerilip»:
«Gapdalyňdak-a wraç, muňk-a düşnükli, galamyňy çoçjaýdyp saňa näme gerek?
Onsoňam maňa goşmaça alada gerek däl. Kimi ibermeli, kimi ibermeli däl, onam
özüm gowy bilerin, baryň, gaýdyberiň...» diýipdir.
Umuman, ol ikisiniňem haýyşy ret bolupdyr. Şonda Çumak: «Isleseňiz,
Mark Lwowiç, ýöne, wraç hökmünde meniň iki agyz aýtjak sözüm bar:
113
«Konwoýlar ätiýaçdan ýanlary bilen köne-de bolsa, arassa mata-marlyk alyp
gitsinler. Eger-de, Nazarow diri bolsa, her gatyny galyňdan tutup, ýedi gat mata
bilen daňsynlar. Sebäbi, şonça ýyl şol ýerde Gün görmänýatan bolsa, gözi
gidendir. Birden ýagtylyga çyksa zaýalanar. Kör bolar. Soň bejerip bolmaz. Şeýdip
getirsinler, galanynam görübereris...» diýipdir.
Baçinskiý birmeýdan aşak bakyp, böwrüne diň salyp durupdyr-da, razylygyň
alamaty hökmünde başyny atypdyr.
28.
Baçinskiniň özi ýörite edipmi ýa gabat gelipdirmi, atamyň gözlegine
gidilmeli gün ýekşenbä düşüpdir.
Şonuň üçinem, on-on iki ýyl mundan öň o dünýä giden adamyň ýagty
ýalança dolanyp gelşini öz gözleri bilen görmek, bendileriň tas, hemmesine diýen
ýaly miýesser edipdir.
«Şu günki ýaly ýadymda ― diýip, geçmişde galan şol kyn pursatlary ýatlap
oturşyna Gurt aga iki çigninden dem aldy.― Müň dokuz ýüz kyrk dokuzynjy
ýylyň tomsy tamamlanyp, tebigat ýaňy bir güýzäp başlapdy. Howa bulaşygrak.
Guşlukdan bäri çisňäp duran howa owunjak gara öwrüldi. Sähelçe, sepeledi-de,
derrewem diňdi. Bulutlar paralanyp Gün çykdy. Gök asmanyň ýüzündäki
lemmerlenip ýören ala bulutlaryň haýsynyň haýsy tarapa barýanyny biler ýaly
bolmady.
Bendiler topar-topar bolşup, onda-munda, hersi bir zatlara güýmenişip ýa
özara gümür-ýamyr edişip ýörler. Hemmesiniňem gözi «Lezozawod» tarapdaky
derwezede. Çünki, konwoýlar Mämmediň gözlegine şol ýerden çykyp gitdiler, şol
ýerdenem yzlaryna dolanyp gelmeli. Olar bäş sany. Mämmedi olar ýüp bilen alyp
çykýalarmy ýa merduwan bilen, ony biz bilemzok. Merduwanlary ýüpden bolsada, başga bir usullary baram bolsa bilemzok. Ýöne, gören gözleriň aýtmaklaryna
görä, konwoýlaryň gapdalyna erkin işgärlerdenem-ä iküç sanysy goşulaýan ekeni.
Biz Reşidiň şägirtleri bolup şolaryň çykmaly derwezeleriniň agzynda
garaşyp durus. Reşit Mämmediň ýaşlygy, onuň bilen bile işleýşi, iňňän owadan
hem akylly dor atynyň bolandygy barada gürrüň berýär.
Birdenem, zonanyň Günbatar ganatynda top tutup duran bendileriň barysy
sime tarap ylgaşdylar, baryp oňa ýalaňaç elleri bilen ýapyşdylar, bagyrlaryny
berdiler.
Görsek, baýyrlyklaryň üstündäki gök salşyp oturan agaçlaryň arasyndaky,
şo-ol, birwagtky biziň gelen, edil ak ýylan ýaly towlanjyrap aşak inýän ýolumyz
bilen, edil biz ýaly aýdym aýdyşyp, ellä golaý bendi ýadaw halda lägire ýetip
gelýä.
Bizem göwünli-göwünsiz eňdik şo tarapa.
Ol ýol hiç haçanam boş bolanokdy. Ýa aňryk, ýa bärik hereketsiz wagty
azdy. Sebäbi, Sloweskiniň lägirleri köp bolansoň, bendiler dürli sebäplere görä
ondan-oňa, mundan-muňa geçirilip durlar. Sürgüne, katorga iberilýänlerem
köplenç biziň üstümizden geçip gidýärdiler. Bir ýa iki, käte bäş-üç günlük düşläp
114
geçýän wagtlaram bolaýýardy. Şonda olar özlerem bilmezden Baçinskiniň gazanç
çeşmesine öwrülýädiler. Ýagny, ol olara öňden erkin, hakyna tutma işgärler üçin
niýetlenilip goýlan turba gömer ýaly çukurjagazlary gazdyrýadylar, ýapjagazlary,
çiljagazlary çekdirýädiler, başga-da lägiriň birnäçe ownuk-uşak, görner-görünmez
işjagazlaryny etdirýädiler-de, hakyna tutmalara etdirilen hökmünde hak ýazyp, öz
jübülerine urýardylar.
Egerde düşleseler, onda bu gelýänleriňem biziň naçalniklerimiziň
ryzklarynyň artmagyna ýardam edäýmegi ahmal.
...Biz welin olary her gezegem şeýdip, uly gyzyklanma bilen garşylaýadyk,
üns bilen synlaýardyk, çünki, her birimiziň olaryň arasyndan tanyş ýüz tapmak,
obadaşlarymyza duşmak tamakinçiligimiz bardy.
Şol umyt-islegler ýeke bir bizde däl, sallam-sajakbolşup, bu ýere soguşyp
gelýänlerde-de bardy.
«Saratawdan adam barmy?»
«Rýazandan kim bar?»
«Piterliň ýokmy?»
― diýen ýaly sözler edil doly gelen ýaly bäş-üç minut, iki tarapdanam başlybarat gaýtalanandan soň, şowhun sowulýar.
Bu gezegem şol bir hereketler gaýtalandy. Ine-de, «etapçylar» bir wagtky
biziň giren derwezämizden, edil biziň girişimiz ýaly, töwereklerine alakjaşyp,
geçip gitdiler. Ondan bäri matasy telim gezek täzelenen, ýöne, manysy şol durşuna
duran şygara seredip bir zatlar diýişdirdiler-de, zonanyň törüne tarap, «alagüpürdi»
bolşup gitdiler...»
Nämä garaşyp durandyklary ýatlaryna ýaňy düşen ýaly, şondan soň
barysynyň nazary ýene-de zonanyň Günbatar ganatyna gönügipdir.
Görseler, atamyň gözlegine giden konwoýlar «Lezozawodyň» öňünden
geçip, tikenekli simiň derwezesine ýetip gelýän ekenler.
Konwoýlaryň iň öňdäkisi elinde gundagly çaga meňzeş, ak mata dolangy bir
zady göterip gelýär ekeni.
Onuň adamdygyna hiç kimde, hiç hili, şek-şübhe galmandyr.
Gurt aga şol konwoýyň öňünden ylgap çykypdyr-da, sojap durşuna: «Žiwoý,
da?» diýip, sorapdyr. Gurt aganyň özündenem daýaw konwoý her ýerden bir
basyp, däbşenekläp barşyna, badynam gowşatman: «Po moýemu da...» diýipdir-de,
ýoluny dowam etdiriberipdir. Gurt aga-da onuň gapdaly bilen «golt-golt» edip
ylgaberipdir. Oralgy matanyň daşyndan sypaň-sermeň edipdir. «Mämmet,
Mämmet» ― diýip, birki ýola yralapdyr. ― Sen meni eşidýäňmi?..»
Şol wagt ýetip gelen Reşit aga-da öz türküsinde atamdan bir zatlar sorapdyr.
Ýöne, oňa-da hiç hili jogap bolmandyr. Asla, bolup ýatyşyny göreniňde ondan şol
wagt hiç hili jogap hantama bolar ýalam däl ekeni.
Baraklara golaýlaberenlerinde «Lazaret» tarapdan atylyp, Çumak çykypdyr.
O-da gelşi ýaly konwoýa Gurt aganyň soragyny beripdir. Degerli jogap alandan
soňam ony derhal «Lazarete» eltmeklerini haýyş edipdir. «Yzym bilen geliberiň»
diýip, öňlerine düşüpdir. Haladynyň syýlaryny galgadyp, ýortup barşyna Gurt aga
115
bilen Reşit aganyň ýüzüne-de seretmän: «Sizem ýörüň, men naçalnik bilen
gürleşdim...» diýipdir.
Şol wagt tümden gelen konwoýlaryň başga biri daşyna köne-küşül mata
oralan bir zady Gurt aganyň eline tutdurypdyr. Gyrak-bujaklaryny açyp görse, şool, birwagtky tüme oklan Kurany Kerimleri ekeni. Hemmeleri geň galdyran zat ―
şonça ýyl şol ýerde ýatanam bolsa, mukaddes kitap hatda mizemändirem.
Konwoýlardan sorag-ideg edip çykaran netijelerine görä, hemmeleriň çak
edişleri ýaly, ölüminiň golaýlanyny aňyp, atam hakykatdan-da bukudan çykyp,
germewe golaýlapdyr. Soňabaka-ha gözläýenlerinde-de, idäp wagt ýitirmezleri
üçin, halys uçudyň düýbüne dykylaýan ekeni.Şonuň üçinem, konwoýlar ony edil
düşen ýerlerinden, ýokardan oklanan, zir-zibile dönüp giden üýşmegiň içinden
tapypdyrlar. Soňky «iňňildiler» ana, hut şol ýerden çykýan ekeni.
Elleri ýiti çyraly konwoýlar üstünden baranlarynda atam Kurany Kerimi
bagryna basyp, tükge düşüp ýatyr ekeni. Çyrasyny, ýag beňkesini we beýleki
goşjagazlarynam süýräp şol ýere elten ekeni.
***
«Lazaretiň» garaňkyrapduran jaýlarynyň iň törkisine eltipdir-de, Çumak
atamy göterip gelýän konwoýa uly bolmadyk, ýöne, demir gözenekleri juda berk
penjiräniň öňündäki krowada tarap ümläpdir.
Konwoý elindäki gundagy emaý bilen görkezilen ýerde goýupdyr. Edil şol
wagt eli kagyz-galamly Arntols hem gelip ýetişipdir. Çumak «gunaly» ýatan
syrkawy görkezip: «Entek senlik iş ýok» diýeninden soň, ol bir gyra çekilipdir.
Gözlerini welin, atamdan aýryp bilmändir.
Baçinskiniň buýrugy bilen bolsa gerek, şol wagt birwagtky «jyrtbizzik»
gelinleriň ýerine Çumak bilen bir döwürde diýen ýaly alnan, otuz ýaşlaryndaky
Tamara atly dolmuş, topuklary tekiz, aýaklary top ýaly, butlary çogup duran, gara
saçly, garagözelek sanitar gelnem gapydan giripdir-de, hyzmata taýyndygynyň
alamaty hökmünde Çumaga golaý barypdyr-da, duruberipdir.
Ony bendileriň hemmesem tanaýan, hemmesem hormatlaýan ekeni. Ol öň
adamkärçiligi, ahlak taýdan durnuklylygy bilen özüni sylatmagy başarypdyr. Ol
bäş-üç ýyllykda zona adamsynyň yzyndan gelipdir-de, barjak ýerlerinde-de gaty
bir garaşyp oturan degerli hossarlary bolmansoň, adamsam: gel, şuny şeýdäýeli-le
diýip, ykyrganyp duransoň maslahatlaşypdyrlar-da, ýerli poçtadanmy ýa başga bir
edaradanmy, amatly iş tapyp, boşandan soňam şol ýerde, goňşy posýolakda
galyberipdirler.
Tamara gözi düşen bendi, özüni dertden ýeňlän ýaly duýýarmyşyn.
Gurtaganyň ýarym degişme bilen aýtmagyna görä-hä, syl, görenden açylyp
gidiberýänem bar ekeni. Şonda dädem: «Ýüzi sargyly bolmadyk bolsa, biziň
ýaşulymyzam açylarmydy» diýip, onuň degişmesine görä sorag berdi. «Aý, ýok,
Mämmet açylmazdy. Sebäbi onuň bar yşky Allahda. Başga zada onuň söýgüsi
joşmaýa. Ine, onuň ýerine men bolan bolsam welin» diýip, çyndanmy,
ýalandanmy, bilemok, ýüzüni iki-baka sypajaklatdy.
116
Adamkärçiliginiň gowy bolşy ýaly, Tamaranyň görki-görmegem zyýada
ekeni. Şonuň üçinem, Gurt aganyň ýüzüni sypajaklatmasy megerem, ýöne ýere däl
bolsa gerek. Kalbynyň töründe bir üýtgeşik duýgy galan bolsa gerek, Gurt aga oba
gelesoňam ony ýygy-ýygydan ýatlardy. Lager hakda gürrüň açdygy bir ýerine
şonuňam adyny sokaýasy geler durardy. Agyzdyraksyz atyňky ýaly ullakan agzyny
hatap deý açyp, uludan demini alardy. Özem dert-azar, şonuň derdini çekýändigini
bildirmejek bolýardy.
...Howwa, Çumagam şondan soňky hereketlerini Tamara bilen bilelikde
dowam etdiripdir. Ýöne, Gurt aganam, Reşit aganam atamyň ýakyn hossarlary
hökmünde jaýdan çykarmandyr. Hatda Arntolsa hem «git» diýmändir. Şonuň
üçinem, olaryň üçüsem durmuşda juda seýrek duşýan hadysanyň iň bir gyzykly
pursatlarynyň gözlüje şaýatlary bolupdyrlar.
Işe başlamazdan burun, Çumak öňi bilen Tamara ulurak legen getirdip,
içine-de ýyljak suw guýdurypdyr. Şondan soň ikisi atamyň gözündäki sargylara
degmän, daşyna oralan matalary emaý bilen aýryşdyrypdyrlar-da, özüni suwly
legene salypdyrlar. Margansowka tapylmansoň suwuň içine bir bölejik kir sabyn
atypdyrlar. Şondan soň edil ýaňy bolan çaga ýaly atamy usullyk bilen ýuwup
başlapdyrlar.
Gurt aganyň sözleri bilen aýtsak, şol wagt atamyň endam-janyna gözüň
gyýyp garar ýaly däl ekeni. Edil, entek enesini emibem ýetişmedik, bagana üçin
soýumaly içdençykdy guzujygyň soýlan jyrrygy ýaly gyzyl etene ekeni.
Gabarasam tazynyň taşlantgysyndan uly däl diýýä. Şol bolşy bilenem ýaradan ýaňa
bedeni gyzyl-žizzik bolşup, suwjaryşyp, şybyljyraşyp durmuşyn. O-da nijembir
ýyllap endamyna siňen kömür bilen garyşyp gap-garamy, göm-gökmi, eýmenç bir
erbet öwüsýämişin welin, şol ýuwlup duran zat altmyşdan geçen ullakan adamdyr,
özem diridir, diýseň ynanar ýaly dälmişin. Sakgal-saç, murt diýeniň dagy
ösübilenini ösüp, islän tarapyna ýaýrap, çaýyr ýalyýüzüni-gözüni basyp gidipdir.
Oralan matalaram ýaralaryna ýelmeşip ýetişen bolmaly, her oramyny aýranlarynda
atam tisginip-tisginip gidýämişin. Çalaragam iňňildeýämişin.
Muňa Çumak begenipdir. «Horoşo, horoşo. Ras, çuwstwuýet bol, znaçit
žiwoý...» diýipdir.
Suwdan çykaranlaryndan soň, atamyň endamyny süpürmändirler-de,
arassaja mata oraýypdyrlar. Tämizje düşegiň üstünde ýatyrypdyrlar. Jaýyň içini
garaňkyradanlaryndan soňam, gözüniň bir daňysyny aýrypdyrlar.
Şondan soň Çumak Gurt aga bilen Reşit aga ýüzlenip: Men şu wagt şunuň
gözüniň bir daňysyny aýyrdym. Ýene-de alty gaty galdy. Her gije-gündizdenem
birini aýyrmaly. Sekizinji günüň bize näme sowgat etjekdigini entek belli däl.
Galanynam soň görübereris. Şol gün men sizem çagyraryn» diýipdir.
Şeýdibem, şol günlükçe hoşlaşypdyrlar.
Ýolda gidip barýakalar,Gurt aga Tamaranyň işleýşini göz öňüne getirip, ony
uly toýlarda ýeňini çyzgap hyzmat edýän, bilekleri çomuç ýaly türkmen gelinlerine
meňzedipdir.
***
117
Çumagyň şol diýen güni ýene-de ýekşenbä gabat gelipdir. Söz berşi ýaly ol
Gurt aganam Reşit aganam, Arntolsam çagyrypdyr. Tamara olary güler ýüz bilen
garşylapdyr.
Iş başlanypdyr. Çumak jaýyň içini garaňkyradyp, ölügsije yşygyň ýagtysyna
atamyň gözündäki sargylary aýryp başlapdyr. Iň soňky daňyny aýyrjak bolanda
hemmesi atamyň üstüne howala bolupdyr. Aýrypdyram welin...
...Barysy birden içlerini çekip, arkan serpilipdirler. Tamara-ha tas, özünden
gidip ýykylan ekeni. Reşit aga ýetişibildiginden doga okap başlapdyr. Gurt aga
bolsa näme etjegini bilmän, ikibaka elewräp ýörmüşin...
Çünki, atamyň gözleriniň her owasyna bir apbasy goýlan ýaly dym-ak ekeni.
Gurt aga atamyň üstüne eglipdir-de, adyny tutupdyr.
Ol çalaja «iňläpdir». Çalaja-da dodaklaryny gymyldadypdyr. Çumak muňada begenipdir. Hatda birgeňsi ýylgyrypdyram. «Slawa bogu, slawa bogu» diýip,
aýak üstünden Hudaýa çokunypdyr. Şonda ol Gurt aganyň gözüne hasam owadan
görnüpdir. Çumak oňa seredip: «Saňa jogap berdigi şol. Diýmek, aňam ýerinde.
Oňa indi diňe kuwwatlanmak, özüni tutmak gerek ― diýipdir. Azajyk oýlanyp
durandan soňam: «Galan iş meniň bilen...» diýip, atamyň gözüni ýapmak, sargy
etmek bilen bolupdyr.― Galan iş meniň bilen... Gerek bolsaňyz men özüm size
habar ederin...».
29.
Çumak şondan soň «Lesozawodyňkylardan» haýyş edip, tagtadan içine atam
sygaýar ýaly edip kersen ýasadypdyr. Daşyndan seredeniňde ol çagany suwa
düşürilýän kiçijik legene meňzäpdir. Onam owunjak agaç ýonuşgasyndan
doldurypdyr-da, garaňkylykda atamy şonuň içine gömüpdir. Dem alary, şeýle hem
ýüzüne-gözüne agzyna-burnuna ýonuşga girmezi ýaly faneramy ýa karton
bölekleri bilenmi kellesiniň töwereklerini gümmezekledip, üstüni ýene-de ýonuşga
bilen ýapypdyr. Özünem şol, başky salan palatasynda goýupdyr-da, her gün
daňdanaralar daş çykaryp, gözündäki daňyny aýrypdyr. Howa ýagtylypýagtylmanka-da, täzeden daňyp, ýene-de öňküsi ýaly ýonuşga gömüpdir. Şol
aralykda-da, edil içegeleri guraýmaz ýaly bir owurtjyk çorbamy, suwmy, kaşamy
garaz kiçijik çemçe bilen tapanja zadyndan agzyna guýupdyr. O-da tamşansa-ha
tamşanypdyr, tamşanmasa-da içine gideni gidipdir, gitmedigem galyberipdir.
Üstüne dökülipdir. Şonuň üçin Çumak oňa Tamaradan haýyş edip «agyz
suwlujagam» ― ýagny, «kirligem» tikdirdipdir. Süýt-gatyk meselesinde-de,
Tamara kömek edipdir. Posýolakdaky mally hojalyklardan satyn alypmy ýa
şeýlemi getirip beripdir. «Şu hemme süýtlerdenem ýokumlymyşyn» diýip, ol bir
gezeg-ä bir käse ýaly geçiň süýdünem getiräýipdir.
Lazaretde bolup geçýän täsin hysyrdylary daşyndan gözegçilik edip ýören
Baçinskiý, soňabaka ol ýere terjimeçi hem atamyň obadaşy hökmünde Gurt agadan
başga hiç kime, hatda Reşit aga-da barmaklyga ygtyýar bermändir.
118
Ýene bir bellemeli gyzykly zat ― atam lagerdäkiler üçin şol wagt üýtgeşik
bir muzeý tapyndysyna dönüpdir.
Her kimiň ony gözi bilen göresi gelipdir. Şonuň üçinem, dynç güni we
agşamlaryna «Lazaretiň öňi ony görjeklerden ýaňa hyryn-dykyn bolýan ekeni.
Tamara eýgertmänsoň, olary Çumagyň özi çykyp kowýan ekeni. «Onuň bu wagt
görer ýaly ýeri ýok. Bar ýeri saralgy. Üstesine-de, ýonuşga gömülgi. Ine, gutulyp
aýak üstüne galaw welin, göre-göre bizaram bolarsyňyz» diýse-de, aňsat-aňsat
gidesleri gelmeýän ekeni.
Şonuň üçinem, Çumagyň haýyşy boýunça Baçinskiý ol ýere ýörite konwoý
goýupdyr.
Bendiler welin, şonda-da Lazeretden aýak çekmändirler. Olaryň köpüsi
jübülerine salyp ýa gysymlaryna gysyp kelem ýaprajyklaryny, şugundyr ýa
kartoşka gabyjaklaryny getirýän ekenler-de konwoýa: «Sen gaýrat et-de şuny
Nazarowaber. Ol o ýerde on iki ýyllap diňe şu zatlary iýip oňupdyr. Küýseýän
bolmagy mümkin... Bişen naharlary onuň aşgazanynyň entek-entekler kabul
etmezligi mümkin...» diýýän ekenler.
Baçinskiniň özi bolsa gije ýa gündiz, hiç kimiň ýok wagty gelip, atamy
daşyndan synlap-synlap gidýän ekeni. Ýonuşgaly kersene tarap baş atyp:
«Şundamy şol? Şonuň içindemi? Bamy özi? Barlap görýäňmi-i?..» diýip,
Çumakdan çintgäp-çintgäp soraýan ekeni. Berk saklamagyny, gaçyraýmazlygyny
haýyş edýän ekeni.
Girizilen gadagançylyga hemmeden beter Arntols gynanypdyr. «Wah,
emgejigim köýdi-ow! Göwün islegim daşa urlan aýna dek çym-pytrak boldyow...» diýip, ol edil çaga ýaly jibrinýän ekeni.
Gurt aganyň oňa näler: «Sen gardaş beýdip ýörme, sebäbi, ol daýanyp
gidenden soňam saňa hiç zat aýtmaz, aýtsa-da gönendirmez, sebäbi onuň ýasawy
şeýle, men oňa belet» diýesi gelýän ekeni-de, onuň höwesini puja çykarmazlyk
üçin hiç zat diýmändir.
Gurt aga welin, dynç günlerä ertirden-agşama, iş günlerem agşamlyk tä ýatar
wagtyna çenli atamyň ýanyndan aýrylanok ekeni. Şonda ol damagyny dolduryp,
gözlerine ýaş aýlap durşuna kemiş-kemiş edýän ekeni. «Çünki, men gözümiziň
öňünde öli dogan çaga ýaly, ak ýüplük deý süýnüp ýatan gowuşgynsyz göwräniň
birwagtlarky dor atyny uçganakladyp, şäherden obadaşlaryna bägül daşaýan,
onuňam iň gowusyny söýgülisine gowşurýan, otly bilen çapyşýan, hatda sirkde
çykyş etmekligem başaran, maýmyn ýaly çalasyn Mämmetdigine ynanyp
bilemokdym... ― diýip, özüniň şol wagtky halyny Gurt aganyň özi beýan etdi. ―
Biziň daşynda jöwlan urup ýören gundaglyja kişimiz, dogrusyny aýtsak hakyky
Mämmet däl-de, şonuň sudurydy. Özi däl-de, temasydy. Şol tema boýunça indi
ondan Mämmet çykmalydy... Bizem:«Şundan-a Mämmet çykaýsa gerek» diýen
umyt bilen ony edil ýap-ýaňyja dürterip çykan iki gulak gämik dek mäjerleýärdik.
Ony ýagty ýalança gaýtadan dolap getirmek üçin jan edýärdik. Şu meselede
Çumak bilen Tamaranyň eden yhlaslaryny welin, hiç zat bilen deňeşdirip bolmaz.
O-da şol ikisiniň yhlasyna jogap edip, kem-kemden bäri bakýady.
Hakykatdan-da ýagty ýalança dolanýady. Dogulýardy. Ol indi hakykatdanam
119
täzeden dogulmalydy, täzeden gözi gara düşmelidi, täzeden ses çykarmalydy,
gürläp başlamalydy, ýörjen-ýörjen bolmalydy. Soňam haçandygy belli däl, indi
ikinji gezek, ýöne garaçyny bilen, hemişelik ölmelidi. Ol şol döwür ölüm bilen
ýaşaýşyň arasynda döwtalaplylyk bilen, ylaýyk bir öwrüm edipdi. Şol wagt ol bu
dünýä öňem bir gezek gelip giden, indem munda galdyryp giden haýsydyr bir
gymmatbahaly zadyny alyp gitmek üçin ugurdaş ulaglaryň birine münüp, yzyna
gaýdyp gelýän ýolagçy merhuma meňzeýärdi.
***
Kyrk günden soň atamözüne gelip başlapdyr. Ilk-ä daňdanara ýonuşgadan
çykarylyp iýmitlendirilende öňkülerine görä birneme işdämenräk tamşanypdyr.
Bokurdagyndan bir çemçe, ýarym çemçe çorbajyk geçiripdir. Sese-ses, üýne-üýn
berip ugrapdyr. Gapdalynda durup gürleşiberseler ýatan ýerinde gorsanypdyr.
Däri-derman, sargy edýän wagtlary Çumagyň, Tamaranyň elleriniň ýylysyny
duýupdyr. «Takyr-tukura» tisginipdir. Edil agzy sary etene guşuň kem-kemden per
baglap, gün-günden kemala gelşi ýaly, ilki aýaklarynyň, elleriniň barmaklaryny
gymyldadypdyr, soň süňklerini hereketlendiripdir, iň bir esasy zadam, ýonuşga
salýançalar halynyň ýetdiginden ol egninden bu egnine agdarylyp başlapdyr.
Ýaňyja dil biten çaga ýaly, üzlem-saplam gepläpdir. Ilkinji aýdan sözem: «Allahuakbar...» bolupdyr.
Çumak diňe şondan soň onuň sakgal-murtuny, saçyny ilk-ä gaýçy bilen
gyrkypdyr, soňam emaý bilen syrypdyr. Şondan soň atam azajyk özüne meňzäpdir.
Köp wagt geçmänkä-de, aram-aram özüne gelip, ýene-de huşundan gitmäni
çykarypdyr. Bir gezek daňdanaralar, sargysyny aýyrýan wagty özüne gelipdir-de,
elbetde, ýanynda durandygyny sesinden aňandyr-da: «Gu-urt, sen şu ýerdemi...»
diýipdir. Gurt aga jogap berip ýetişmänkä-de, özünden gidipdir.
Şeýlelik bilen, goja türkmeniň hä diýmän dirileriň hataryna goşuljakdygyna
hemmeler ynanypdyrlar. Bu üstünligi ajal bilen jan dalaşyna giren Çumagyň ýeňşi
hasap edipdirler. Çumak bolsa: «Ýok, ýok, bu asla meň ýeňşim däl, bu goja
türkmeniň öz ýeňşi. Bedeni şolar ýaly kynçylyklardanam baş alyp çykmany
başaran bujagaz, ejizje göwräniň şeýle çydamlylygynyň sebäbini ylmy derejedäki
ullakan, medisina, barlaglary düşündirip biläýmese, men-ä näme diýjegimi
bilemok...» diýipdir.
Şol wagt bolýan işlere tolgunmakdan ýaňa bir gyrada owsunjyrap duran
Tamara: «Eto ot boga...» diýipdir. Çumak onuň bilen ylalaşypdyr. «Ýa tože tak
dumaýu...»
Atam olary ýalançy etmändir. Ynamlaryny ödäpdir. Indiki gezek özüne
gelende Gurt aga bilen bolşuna görä bäş-üç agyz söz alşypdyr. Özüniň
nirededigini, näme üçin gözleriniň saralgydygyny sorapdyr.
Gurt aga bolşy ýaly edip, birin-birin aýdyp beripdir. Diňläp bolandan soň
atam: «Hudaýa şükür. Allahu akbar...» ― diýipdir. Soňam diňşirgenipdir: ― Näçe
wagt geçdi?» «On bir ýyl» diýip, Gurt aga jogap beripdir. «Ýa rebbin-Alla-a...»
120
...Uzaklaşdyrmanam aýaklaryny, ellerini ýazyp-büzmäni, düşegiň üstünde
dik oturmany, ondan soň krowadyndan aýagyny sallap oturmany, Çumagyň
kömegi bilen ädimlemäni öwrenipdir.
Jemi üç aý diýlende-de, ap-ak bolup duran bäbenekleriniň içinden
garaçjyklary görnüp başlapdyr. Uzaklaşdyrmanam agy-garany saýgarypdyr.
Muňa Çumak çaga ýaly begenipdir. Duran ýerinde ellerini çarpyp,
bökejekläpdir. Bir zatlar diýip şadyýan gygyrypdyr. Çumak welin onuň bilenem
oňman, gapdalynda özündenem beter begenip duran Gurt agany, Reşit agany
gujaklapdyr, Tamaranyň bolsa hakyt «şapladyp» ýaňagyndan ogşapdyr.
Sanlyja günden soňam atamyň gözleriniň agy-garasy doly ýerine gelipdir.
Göreçleriň görgürligi dikelipdir. Diňe şondan soň Çumak atamy ýonuşgadan
çykarypdyr, gözleriniň sargysyny ymykly aýrypdyr. Edil başdakysy ýaly, Tamara
bilen bilelikde ony legene salyp ýuwundyrypdyr. Geýindiripdir.
Şondan soň atam özüne meňzäpdir. Sudurdan hakykatdan-da Mämmet
çykypdyr.
Entek-entekler saňa dynç gerek diýip, Çumak şondan soň atamy ýerinde
ýatyrypdyr.
Başlan gümürtik işleriniň garaşylyşyndanam has şowly çykandygy
mynasybetli Tamara Çumak bilen Gurt agany öz kabinetine çagyryp, hersine elli
gram spirt beripdir. Şolar ýaly bir zady ýüregi syzan Reşit aga bolsa ümdüzine
çykyp gidipdir.
Şo gezek Tamara Gurt aga ýüzlenip: «Siz örän gowy adam, obadaşyňyzy
gözden salaňzok» diýipdir.
Bu söz Gurt aga şeýle bir hoş ýakypdyr welin, «Şol gelin şol gün maňa şeý
diýäýdi-dä» diýip, soň-soňlar, oba gelenden soňam, oturan-turan ýerinde aýdar
ýörerdi.
«Elli gramdan» soň dolanyp gelipdirler welin, indi atamyň özi begenjinden
ýaňa ýatan ýerinden turupdyr-da, gybyrdyklap baryp ilk-ä Çumagy, soňam Gurt
agany gujaklapdyr. Taňryýalkasyn aýdypdyr. Olara Allahdan rehnet diläpdir. Şol
zatlary ol Allahdan Tamara-da diläpdir, oňa-da minnetdarlyk bildiripdir.
Beýlekileri edişi ýaly gujaklamaga welin milt edibilmändir. Batyrynybilmändir.
Oňa derek birazajyk kellesi göçen Tamaranyň özi üstüne howala bolupdyr-da: «Bu
dünýä hoş geldiň» diýip, ony ilk-ä gujaklapdyr, saklanybilmänem ogşapdyr.
Orsça bilmänsoň onuň näme diýýänine-hä düşünmändir, ýöne
gujaklandygyny, üstesine ogşandygam üçin atam şeýle bir utanypdyr welin, şol
pursadyň özünde yzyna gidäge-de, özüni ýaňadandan tüme taşlaýasy gelipdir.
Şondan soň tä, gaýdýança Tamarany görse gaçaklapdyr ýörüpdir. Hatda oba
gelenlerinden soňam, käte Gurt aga oýunlyga salyp şol wakany ýatlatsa atam pahyr
burç ýaly gyzarardy, uly gyz ýaly uýaljyrap aşak bakardy-da, süýem barmagynyň
ujy bilen keçäniň gülüni dyrmalap oturyşyna çalarak burnuny çekerdi-de: «Ýa,
senem-ä Gurt; Ennewül eşidäýse nätjek...» diýerdi.
***
121
Çumak ony ahyry Lazaretden çykarmaly bolupdyr. «Gowy öwrenişýänçäň
güýçli ýagtylyga seretme, Günüň aşagynda gezme, hat okama, ýazma...» diýipdir.
Lazaretde ýatan döwri atamyň endamyndaky agyr, bitmesi kyn ýaralaryň
aýrylyp gitmeginde Gaalbaatyryňam hyzmatynyň az bolmandygyny Gurt aga kän
aýdardy.
30.
Atam barakda-da bir aý gowrak bolup özüni gowy dürsänden soň,
Baçinskiý: «Indi Nazarowy nätmeli?» diýen meseläniň üstünde kelle döwüp
başlapdyr.
Tas, on iki ýyllap ol lagerde bolmady. Ýeriň aşagynda ýatyr. Sanawda welin
ady bar. KWÇ-ä hem gatnady. Kitaphanadan kitap alyp «okady». Henizem «okap»
ýör. Bu onuň bir günem hiç ýana gitmedigini aňladýar.
Egerde şunça ýyl gaçgak boldy, indem ele salyndy, diýjek bolsaň, onda onuň
hiç ýerde ady bolmaly däl. Gördüm-bildimem bolmaly däl. Wagtynda hemme
ýerlere habar ýetirilen, bütinsoýuz gözleg yglan edilen bolmaly. Diňe şol
sebäpdenem ony: «Gaçdy, indem tutuldy» diýip, sudam edip bolanok, goşmaça ýyl
kesibem bolanok.
Bir zat edip bolýa: ýagny, ony ataga-da: «Birki günlükde gaçdy, tapybam
atdyk» diýäýmeli. «Gaçmaga synanyşanda atdyk», diýseňem bolup dur. Ýöne,
atam ol ýerde şeýle bir meşhurlyk gazanypdyr welin, onam edip bolanok. Çünki,
onuň şahta-da şonça ýyl oturanyny bendilerden başlap tä, öz orunbasarlaryna çenli
Je hebt 1 tekst gelezen van Turkmeens literatuur.
Volgende - Gyrmyzy bägüller - 13
  • Onderdelen
  • Gyrmyzy bägüller - 01
    Totaal aantal woorden is 3602
    Totaal aantal unieke woorden is 2264
    29.6 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    41.0 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    48.9 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 02
    Totaal aantal woorden is 3645
    Totaal aantal unieke woorden is 2074
    29.8 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    43.2 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    49.3 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 03
    Totaal aantal woorden is 3604
    Totaal aantal unieke woorden is 2179
    30.6 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    42.9 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    49.6 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 04
    Totaal aantal woorden is 3641
    Totaal aantal unieke woorden is 2271
    30.7 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    43.8 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    50.2 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 05
    Totaal aantal woorden is 3700
    Totaal aantal unieke woorden is 2169
    31.8 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    45.1 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    52.5 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 06
    Totaal aantal woorden is 3611
    Totaal aantal unieke woorden is 2212
    29.8 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    42.6 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    48.9 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 07
    Totaal aantal woorden is 3628
    Totaal aantal unieke woorden is 2142
    30.3 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    42.3 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    49.2 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 08
    Totaal aantal woorden is 3631
    Totaal aantal unieke woorden is 2100
    30.1 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    43.0 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    49.8 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 09
    Totaal aantal woorden is 3669
    Totaal aantal unieke woorden is 2116
    31.7 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    43.1 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    48.9 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 10
    Totaal aantal woorden is 3540
    Totaal aantal unieke woorden is 2078
    30.2 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    42.3 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    48.0 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 11
    Totaal aantal woorden is 3648
    Totaal aantal unieke woorden is 2026
    30.0 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    42.8 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    49.8 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 12
    Totaal aantal woorden is 3669
    Totaal aantal unieke woorden is 2057
    31.3 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    42.6 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    49.1 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 13
    Totaal aantal woorden is 3653
    Totaal aantal unieke woorden is 2181
    31.6 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    44.1 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    50.4 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 14
    Totaal aantal woorden is 3690
    Totaal aantal unieke woorden is 2262
    30.0 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    44.0 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    50.0 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 15
    Totaal aantal woorden is 1835
    Totaal aantal unieke woorden is 1305
    36.0 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    48.0 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    55.0 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.