Latin

Gyrmyzy bägüller - 09

Totaal aantal woorden is 3669
Totaal aantal unieke woorden is 2116
31.7 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
43.1 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
48.9 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
gün bermezler. Asla üstüňe «blatnoýlary» küşgürip ýöreniňem naçalnigiň
özüdigini sen näme bileňokmy? ― diýipdir. ― Şol küşgürmese olaryň seň bilen
işem bolmaz. Men olar bilen gürleşerin. Olar indi saňa degmezler. Ýöne, özüňem
özüňe bek bol. Ýaňky aýdanlarymy ýadyňdan çykarma...»
***
Reşit aga atam barada «blatnoýlar» bilen hakykatdan-da gürleşipdir. «Goja
türkmene azar bermäň, ol öz ygtykaty bilen gümra. Başga zat bilen işi ýok. Öz
derdi özüne ýetik. Düýnki hereketine ol halys etinden ötüp süňňüne ýetenden soň
eden bolmaly. Siziňkiler oňa çekip-çydap bolmajak derejede yza beripdirler. Indi
ol oýnuňyzy goýuň, ýogsam iş ula gider» diýipdir. Muzd hökmünde ýartygulaga
az-owlak pul berip biljekdiklerini aýdypdyr. «Blatnoýlar» razylaşypdyrlar.
Göräýmäge mesele çözülen ýalam bolupdyr. Pulam ýygnap başlapdyrlar.
Ýöne...
...Şondan ylaýyk üç gün geçenden soň, Gurt aga işden gaýdyp gelende
atamyň öňküsindenem has agyr halda «iňläp» ýatanyny görüpdir.
Bu gezek bolan işi «hyk-çok» atamyň özi gürrüň beripdir. Gündiz
ýartygulagyň ýeke özüniň gelendigini we özüni urup-urup, keýpden çykyp
81
gidendigini aýdypdyr. Elinde çakgysy bar ekeni. «Gulagyňy kesjek, arymy aljak,
maňa siziň muzdyňyzam gerekgä, beýlekiňizem» diýipdir. Hälem barakda üç-dört
sany adam bar ekeni. Olar araky şaýat ýaly gorkak däl ekenler, aralapdyrlar...
Gurt aga bu gezek atamyň ýüz-gözüni ýuwmak üçin eglenmändirem-de,
egnine göterip göni «Lazarete» alyp gidipdir. Urýanlar «blatnoýlar» bolsa-da,
urgynyň Baçinskiý tarapyndan gelýändigini öňem-ä aňman duranok ekeni-de, şol
gezek ol muňa hasam magat göz ýetiripdir. Onuň şol pikirini subut etmekçi bolýan
ýaly «Lazeretdäkiler» atama öňküje edýän emjagazlarynam etmändirler.
Umumanam, ol ýerde «wraç» diýlip goýlan adam aslynda wrajam däl-de,
inženermi, mehanikmi başga bir kärdäki adam bolup, häki bir boş durmazlyk üçin
şol wezipä şony goýaýan ekenler. O-da onsoň «şolmuşyn» diýip, haçan görseň şo
ýerde çişip otyrmyşyn. Şeýle-de bolsa, bendi görgüliler nätsinler, başga-da bir
barara ýerleri bolmansoň, maňlaýlaryny şoňa diremeli bolýan ekenler.
Ol ýerde işi bitmänsoň, Gurt aga arkasyna göterip atamy ýene-de yzyna alyp
gidipdir. Baraga eltip ganyny ýuwupdyr, köne-küşül, eline ilen zat bilen, bolşuna
görä ýaralaryny daňypdyr. Eşiklerini çalşypdyr. «Ýöne, işiň ulusy entek öňdedi ―
diýip, gürrüň şol ýere ýetende Gurt aga az-kem saklanyp uludan demini aldy. ―
Men her zat etmelidim welin, Mämmediň aryny almak üçin meýdan sorap
«blatnoýlaryň» üstüne gidäýmelidim. «Ýartygulak» meniň üçin mesele däldi. Men
ony bir penjäm bilenem zyňyp-gapyp, mynjyradyp bilýädim, dilimiň aşagyna atyp,
ýuwdup goýberäýenimde-de bolman durjak däldi, ýöne olar garap durmazlar,
hemmesi birigip üstüme çozarlar, diýen gorkymam bardy. Şeýle-de bolsa,
ursamam, urulsamam, asla öldürýänem bolsalar şony men şeýdäýmelidim.
«Ýoldaşyny süýndürip gidenlerinde-de baragyndan çykyp bilmedi, türkmenler
bigaýrat, binamys, gorkak ekeni» diýen ada galmaly däldim. Özümem ýeke
barmalydym. «Hökman bize aýt» diýip, hernäçe sarganam bolsa, Reşide-de, onuň
şägirtlerine-de aýtmaly däldim. Hiç kime syrtymy diremeli däldim.
Dogrusy, Mämmedem bir «gitjek» diýip, dyzap aldy. Ýöne, men oňa çürtkesik garşy çykdym... «Otur» diýdim. Sebäbi, dogrusyny dogry aýtjak, aýakbagy
bolaýmasa onuň maňa edibiljek kömegi ýok...»
Şeýdibem Gurt aganyň ýeke özi gidipdir. Onuň nirä, näme üçin
barýandygyny aňandyrlar-da, barakdakylaryň barysy onuň yzyndan garap
galypdyrlar.
Öwrümde gözden ýitenindenem kimdir biri barakdan atylyp çykypdyr-da,
KWÇ-ä tarap ýeldirilipdir.
Elbetde, Allahyň özi kuwwat berýändir-dä, Gurt aganyň garaçyny bilen,
ýüreginden syzdyryp aýtmagyna görä, egerde bir zady yhlas bilen ýüregine berk
düwse, şol wagt adama bir ýerden şeýle bir güýç, gaýrat, batyrlyk gelýä diýýä,
gorky-ürki, ölüm diýlen zat dagy asla ýadyňa-da düşenokmyşyn. Edil dostuňka
oturylyşyga ýa oba arasynda biriniňkä toýa barýan ýaly kalbyň joşgunly a-arkaýyn
gidip barýamyşyň.
Gurt aganyňam öz içki güýji, gujur-gaýraty şonda şolar ýaly derejä ýetendirdä, bärden başyny dik tutup barşy ýaly «blatnoýlaryň» gapysyny bat bilen
depipdir. Zarba gören işik serpilip açylypdyr. Baragyň ortarasyndaky boşlagrak
82
ýerde goýlan ýasama, agaç stoluň başynda kimsi kart, kimsi şaşka, kimsi narda
oýnap, çilim tüssesinden ýaňa alaburugsy bolşup oturan «blatnoýlaryň» barysynyň
ýüzi gapa tarap gönügipdir. Gurt aga gözleri düşendenem, «gürre» örüpdirler.
Hatda naralaryň üstünde arkan düşüp, garynlaryny sypalaşyp ýatanlara çenli
«gürpde-tarp» böküşip aşak düşüpdirler-de, Gurt aganyň daşyna halkalaýyn
aýlanyşypdyrlar. Yzynda-da adam bar bolaýmasyn, diýen gorky bilen,
boýunlaryny süýndürişip, Gurt aganyň üsti aşyry şemalyň badyna henizem «jy-ykjy-yk» edip, hallan atyp duran gapa tarap, gözlerini tegeleşip seredişipdirler. Hiç
kimiň ýokdugyny bilenlerinden soňam birneme ekizlenipdirler-de, haýalýagalraga-da hereket geçip ugrapdyrlar.
Gurt aga olardan «Ýartygulagy» sorapdyr. «Ýöne, ol menden ejiz. Şonuň
üçinem, üstüme şolar ýalydan ýene-de üçüsini goýberseňizem men kaýyl ―
diýipdir. Ellerini açyp görkezipdir. ― Ýaragym ýok. Üýşüp çozsaňyz welin
namartladygyňyz bolar».
Olar şonam edibilmändirler. Bileleşip hüjüm etmek üçin halkany barha
gysypdyrlar. Şol gelişlerine-de, elleri bilen naralaryň üstündäki düşekleriň
gatlaryny sermeleşip pyçakmy ýa şoňa meňzeş bir zatlarmy gözleýän ekenler.
Merde-mert diýmek gerek, öň atam babatda nähili namart hereketler edenem
bolsa, şol gezek Ýartygulak özüni merdemsi alyp barypdyr. Uklap ýatyr ekenimi
ýa bir söý bilen Gurt aganyň geleninden bihabar galypmy, birdenkä tördäki
naralaryň birinden onuň «Degmäň! Ol meniň üçin gelendir. Siz aýrylyň! Çekiliň
bir gyra! Goşulmaň! Özüm çözlüşerin...» diýen sesi eşidilipdir. Sesiniň yz ýany
özem görnüpdir. Uruş wagty oýlanara-öwrülere maý bolar ýaly tese-tese ortadaky
boşlagrak ýere golaýlan Gurt aganyň çat maňlaýyna geçibem iki elini bykynyna
urup durşuna: «Men höwün ikiňize-de aýtdym dämi, siz maslyk, diýip? Şol
diýenimi ederinem ― diýipdir. Garşydaşynyň howuny basmak üçin sowuklaç
ýylgyrypdyr. ― Bolsa-da batyr kişi ekeniň, gorkman ýeke özüň geläýipsiň... ― Ol
bir ädim öňe süýşüpdir. Gara dagyň bölegi ýaly üstüne abanyp duran Gurt aganyň
alkymyna dykylypdyr. Daraklygyna galyp, süýem barmajygyny onuň köşegiňki
ýaly balkyldap duran ullakan, gara gözlerine tarap çommaldypdyr ― Tebe hana!..
Nireden çykdy, kimden çykdy, belli däl, göz açyp-ýumasy salymyň içinde
onuň elinde şo-ol öňküsi ýaly, ýöne başga bir tros peýda bolupdyr. Hä diýmänem,
ujy ýumruk ýaly tommaý gurşun «şuw-şuw» edip Gurt aganyň depesinde
aýlanmaga başlapdyr.
Gurt aga mähnet penjeleri bilen ýüzüni-gözüni gorapdyr. Entek iş bitirip
ýetişmänkä Ýartygulagyň trosly elinden tutaga-da, «güjürdedip» tirseginden
towlapdyr. Eýesi «waý» diýip ýetişmänkä, tros «pat» edip ýere gaçypdyr. Gurt aga
pursady sypdyrmazlyk üçin ilk-ä girdenegiň içine çöwüpdir, iki büklen bolup
aňyrsyna öwrülendenem türresine depipdir, ýumrugyny goşalandyrybam
çüwdesine r-ras bir ýelmäpdir welin, Ýartygulak guran gurbaga ýaly gol-gol, butbut, ýere ýazylyp ýatyberipdir. Gurt aga şondan soň hüjüm etmesini goýaýjagam
bolupdyr-da, atamyň bolup ýatyşy göz öňüne gelip: «Gel-aý, şuňa dözmezçilik
etmäýin-le» diýipdir. Baryp, ýüzin ýatan girdenegiň boýnunyň çykan ýerinden
ädikli aýagy bilen basyp, agyr ökjeleri bilen towlap, mazaly mynjyradypdyr.
83
Agzyny ýer garbadypdyr. Gan diýeniň dagy burnundan «zogdurylyp» akypdyr.
Hernäçe dyrjaşsa-da, biline urlan gaýyň ýaly ýerinden galyp bilmändir. Hä
diýmänem hereketden galypdyr.
Gurt aga-da diňe şondan soň öz hüjümini bes edipdir. Girdenegiň üstüne
abşarylyp durşuna, «blatnoýlaryň» ýüzlerine ýeke-ýeke seredip: «Ýene kim?»
diýipdir.
«Şol wagt şol sözem men hökman aýdaýmalydym ― diýip, Gurt aga ýenede wakanyň arasyny kesip, dädeme düşündiriş berdi. ― Aýtmadyk bolsam, onda
özümi etmeli işimi doly ýerine ýetirmän gaýdan adam hökmünde duýardym.
...Ýaňky sözi aýdaýdan soň Gurt aganyň üstüne «blatnoýlaryň» dördüsi
birden gaýdypdyr. Göze görnüp duran uly bir şikes ýetirip bilmese-de, garaz,
çarwa urşuny edip Gurt aga olaryň dördüsinem yza-ha serpikdiripdir.
Şol wagtam Ýartygulak özüne gelipdir. Zordan boýnuny galdyryp: «Degmäň
― diýipdir. ― Ol mert uruşdy. «Goý, gitsin. Goýberiň...»
Ol ýene-de özünden gidipdir.
«Blatnoýlar» assa-ýuwaş gaýra-gaýra çekilişipdirler.
Gurt aga gitmäge hyýallanandanam ýokarky naralaryň birinden kimdir biri
gaty hem agyr zat bilen çignine «gülçüldedip» bir ýelmäpdir welin, öz-ä: şol
kibtim gaçandyr öýtdüm, diýdi.
Urgy ikinji gezegem gaýtalanypdyr. Ýöne, onuň niresine degenini, haýsy
tarapdan gelenini bilenok. «Bir-ä ellerimi serip, öňe tarap entirekläp barýanymy,
birem gapynyň «jarka» açylyp, birtopar adamyň ala-goh bolşup içeri girenlerini,
maňa tarap süssenekleşip gaýdanlaryny bilýän, megerem ölýän bolsam gerek, diýip
pikir edenimem bilýän, başga zat bilemok...» diýmek bilen, Gurt aga şol gezek
özüniň uruşly gürrüňini tamamlady.
...Ol gijäniň bir wagtlary, öz baraklarynda özüne gelipdir. Gözüni açsa
gapdalynda Reşit aga özüniň üç-dört sany şägirdi bilen gümür-ýamyr edişip otyr.
Başujunda-da atam. Ýetişibildiginden doga okaýamyşyn. Essinden gidip
barýaka gapydan «güpürdeşip» girenleriň Reşit aga dagy ekendiklerinem Gurt aga
şondan eşidipdir.
***
...Şol günüň ertesi ýene-de «razborka» bolupdyr. Gelnen netije şeýle:
Ýartygulak ― onuň çyn adyny Gurt aga ýadyna salybilmedi ― günäkär. Çünki,
şondan üç-dört gün öňki çignem onuň özi çöşüpdir. «Naçalnikler meni
«perekowkaçy» hökmünde wagtyndan öň öýüme goýbermekligi wada berip
durkalar men siziň bäş manat muzduňyzy başyma ýapaýynmy? Gowusy
gitmänkäm arymy alyp, içimi bir sowadaýyn» diýipdir-de, hiç kime gulak asman
atamyň üstüne gidiberipdir. Şeýdibem bulaşdyrypdyr. Galan zat öňki-öňkülik.
Gerek diýse gulak üçin muzd tölenjek. Gurt Esenow ikinji gezek, nähak ýenjilen
Nazarowyň aryny almak üçin gelipdir. Hiç haýsam degmedige degen adam däl.
Mejbury urşanlar...
84
Şondan «blatnoýlar» naçalnikleriň görkezmesi boýunça-da hiç kime, ilkinji
nobatda-da Mämmet Nazarowa azar bermezlige söz beripdirler. «Hudaýyň
gullugynda gezip ýören adama yza bermeklik Hudaýyň garşysyna gitmeklikdir»
diýen düşünjäni özlerine ýörelge edinipdirler.
Şeýle ylalaşykdan soň, Ýartygulagam «muzdly» meseleden ýüz öwrüpdir.
Naçalnikleriň gepine gidendigini, ýalňyşandygyny boýnuna alypdyr.
Olar biri-birleri bilen elleşip, dostlarça hoşlaşypdyrlar.
Gaýdyp gelýärkäler Reşit aga Gurt aga ýüzlenip: «Men ýene-de aýdýan,
özbaşdak hereket etme. Gyzza-gyzza gelende ýolbaşçylaram olaryň arkasyny
alarlar. Bolgusyz zat üçin sud edip, ýylyňy köpelderler. Sebäbi bular şolaryň
buýrugyny berjaý edip ýörler» diýipdir.
Şol günüň ertesi hakykatdanam: «urşupsyň, düzgüni bozupsyň» diýen
bahana bilen, Gurt agany on günlük «izolýatora» salypdyrlar. Üstesine trosam
şonuň boýnuna atypdyrlar.
Atamy bolsa «Ýartygulagyň» özi şikaýat etmedigem bolsa, «Sen bir adamyň
gulagyny goparypsyň. Iýipsiň. Sen adamhor» diýip, «izolýatordanam kän esse
aýylganç «karsere» dykypdyrlar.
Ikisine-de: «Sud edip, oturmaly möhletiňizi uzaldarys» diýipdirler. Ýöne,
«Ýartygulagyň» sözünde berk durup, hiç hili arza-şikaýat ýazmandygy sebäpli, o
diýenlerini edip bilmändirler.
Atam welin, karserden gelensoňam öňküje hereketlerini dowam etdiripdir.
Oňa hatda Reşit aganyň ýalbar-ýakarlaram kär etmändir.
22.
Muňa uçursyz kejigen Baçinskiý, atam üçin, lager şertlerinde, hatda
türmelerde hem ulanylmaýan, asla ulanylmasy gadagan, diňe SIZO-larda, güman
edilýänleriň günälerini boýunlaryna goýmak üçin, onda-da bikanun ýagdaýda,
aşaklyk bilen, gizlinlikde ulanylýan, öňkülerine görä has ýowuz, beden taýdan yza
beriji, gynaýyş çärelerini ulanmaklygy ýüregine düwüpdir.
...Şol wagtlar atam dagy indi Sibiriň ikinji gyşyny gyşlap ýör ekenler.
Zonanyň günorta çetindäki zir-zibil taşlanýan, hiç kimiň aýak sekmeýän ýerinde
bir gün Baçinskiý konwoýlara bir, çepiksije adam dikligine, onda-da zordan
sygaýar ýaly çukur gazdyrypdyr. Agşam bendileriň ýatar wagty bolandanam,
Saşogy iberip, atamy şol ýere eltdiripdir. Özi barmandyr. Görünmändirem.
Saşogyň ýanyna ýene bir konwoý goşup, olara etmeli işlerini düşündiripdir.
Konwoýlar atamy hatda elem gymyldamaz ýaly ýagdaýda, eginlerinden basa-basa,
zor bilen diýen ýaly çukuryň içine dykypdyrlar. Ýagny, sowuk toprak bilen
gundapdyrlar. Boýy kelte bolansoň, gazan çukurlary uzynrak bolupdyr-da,
görgüliniň hatda kellesem görünmändir.
Saşok dagy ony tä ertire çenli garawullamaly bolupdyrlar. Uzynly gije,
aram-aram, çukuryň içinden atamyň güňleç sesi eşidilip durupdyr. «Allahuakbar...» Ýöne, ol ses gitdigiçe peselmek bilen bolupdyr.
85
Atamyň düşen gününden Gurt aga bihabar galypdyr. «Soraga çagyrdylar»
diýensoň gijiräge çenl-ä gaty bir gaýgam etmändir, şondan soň welin gijäni çirim
etmän geçiripdir. Ýene-de «izolýatora» ýa «karsere» äkidendirler diýen gorkam
kellesine gelmän durmandyr.
Ertesi irden, konwoýlaryň Saşokdan beýlekisi gelip, oňa: «Seni naçalnik
çagyrýa» diýipdir. Özi bilen gitmegini talap edipdir.
Emma, konwoý ony naçalnigiň ýanyna däl-de, düýbünden başga tarapa alyp
gidipdir. «Gyşyň güni, üstesine-de daňdan bolansoň howa şeýle bir sowuk, eşiklem
bolsaň çydar ýaly däl. Hakyt bagryňdan geçip barýa... ― diýip, Gurt aga şol elhenç
güni gözi bilen gören adam hökmünde öz agzy bilen suratlandyrdy. ― Baraklara
çekilen simler dagy burjy baglaşyp, ululy-kiçili, ujy çiş buzemjekler sallanyşyp
durlar. Tilagaçlaryň ýüregedüşgünç «hüňňüldileri» töweregiň içgysggynç
görnüşini bolşundanam beter has gussaly görkezýär. Ýer doň. Şol ýagdaýda-da bir
janly adam topraga gömülgi. Gözüň görmese ynanar ýalam däl. Görsem,
görgüliniň kellesinde gulakjynam ýok ekeni. Çukura saljak wagtlary gaçypdyr-da,
şonam alyp kellesine geýdiräýmändirler. Gapdalynda gyraw baglap ýatyr.
Saşogam tüpeňiniň ujuny Mämmediň depesine çenäp bir zatlar diýýä. Haýbat
atýa... Gyssaýa. Soň görüp otursam: «Çukurdan çykarsaňyz gaýdyp namaz
okaman» diýdirjek bolýan ekeni. Çünki, Baçinskiý oňa: «Şeý diýse göni meniň
ýanyma eltäýiň» diýen ekeni... ― Şol waka hut şol wagt bolup geçip duran ýaly,
Gurt aganyň ýüzi-gözi erbet çytyldy. Gorkunç görnüşe girdi. ― Şeýle bir gaharym
geldi welin, Mustapa beg, ynansaň süňňümi saklap bilmän saňňyldap durun.
Gepläbem bilemok. Dogry, biz her hili naýynsapçylyklary görýädik, ýöne, olar
ýaly edrenç jeza görmändik. Birdenem dilim açyldy-da, hem orsça, hem
türkmençe, bildigimden agzyma gelenini aýtdym. Sökdüm. Konwoýlaryň welin-ä
piňlerine-de däl. Mämmediň halyna gynanmakdan geçen, gaýtam Saşok dagy:
«Uzynly gijäni daşyndan aýrylman ukusyz geçirip, halys doňduk. Dawaý, sprosi,
on budet eşýo sowerşat namaz?.. Pust skažet «net» i wsýo wmeste poýdýom...»
diýip, öz aladasyny edýä.
Men bardym-da, Mämmediň kellesiniň ýüz tarapynda çommaldym. Görsem
gözleri ýumuk. Ölendir öýtdüm. Dagrymy aýtsam onuň şol wagtky görýän
tükeniksiz azaplaryndan ölüp dynaýanyny kem görmedim. Ýöne, ol meni uzak
begendirmedi. Aýazdan ýaňa jaýryk-jaýryk bolan dodaklaryny gymyldatdy.
Tamşanan ýalam etdi. Geplejek boldumy nämemi aňyrsyndan «hyjyr-hyjyr» ses
çykdy. Adyny tutdum welin, «iňledi». Çalaja çyzylan gözlerini ümezledip: «Guurt, şulara aýt, ýüzümi kybla tarap öwürsinler-le, ýogsam namazymy ters tarapa
bakyp okamaly bolýan...» diýdi.
Konwoýlara, onda-da Saşoga gepimiň ötmejegini-hä onsuzam bilýädim
welin, ýöne şol ýagdaýda-da şeý diýip duransoň onuň özüne näme diýjegimi
bilmän kösendim. Çünki, şol çaka çenli men oňa aýtjak zatlarymyň hemmesini
aýdyp bolupdym. Men indi onuň her bir sözüme näme jogap berjegine çenli
bilýädim.
86
Şeýle-de bolsa, her zat etmelidim, gerek bolsa ýalan sözlemelidim welin, iň
bolmanda, şol gezeklikçe ony halas etmelidim, çukurdan çykarmalydym. Baraga
eltmelidim. Nädibem bolsa aýaga galdyrmalydym.
Şonuň üçinem men Mämmet bilen birki agyz gümür-ýamyr eden boldum-da,
Saşoga: «Büý-ä siziň diýýäniňize razy» diýdim.
Gurt aganyň bu sözüne konwoýlaryň ikisem begenipdir. «Da? serýozno?
Wot ty, Kurd molodes» diýip, Saşok dagy duran ýerinde «diriň-diriň» böküpdir.
Ikisi iki ýerden «alahasyrdy» bolşup, atamy çukurdan çykarypdyrlar.
Atam Gurt aganyň kömegi bilen, çukurdan çykarylan tümmejik gumuň
üstünde çommalypdyr. Ýöne, uzak oturybilmändir. «Hudaýa şükranalyk getirip
ýetişmänkä essi aýylypdyr-da, bir tarapa agyp gaýdypdyr.
Gurt aga ony bu gezek çaga göteren ýaly goltugyna alyp gidipdir. «Edil
harsaň göteren ýaly. Buzgarakesek. Ondan göterilýän sowuk tebte men şonda
howanyň aýazyndanam beter üşedim...» diýip, Gurt aga gürrüňiniň şol ýerini
aýratyn tekrarlady.
«Hoş habary» basymrak buşlamak üçin Saşok şol ýerden göni Baçinskiniň
ýanyna ylgapdyr. Ýoldaşy dagy ýykylyp-sürşüp, käte emedekläp, onuň at
gaýtarym yzyndan barýa diýýä.
Naçinskiý Saşoga: «Aýak üstüne doly galandan soň, Nazarowy terjimeçisi
bilen bilelikde meniň ýanyma alyp gelersiň..» diýipdir.
***
...Şol gün Gurt aga-da işe çykmandyr. Gelen döwürleri, «perekowkaçy»
bolmak maksady bilen pullaryndan galan bäş-üç manatlyk «bony» bar ekeni.
Naharhanadan şoňa düşdügine görä, gyzgynjak, etli nahar, çaý getirip atamy
naharlapdyr.
Elbetde, ençeme wagt bäri ezýet çekip ýören aç göwrä o zatlar gurp beripdir,
ýöne yzgar gum, gyşyň aňzakly gijesem etjegini eden ekeni. Öýländen soň atamyň
gyzgyny galyp ugrapdyr. Samrapdyr. Bir wagtlar ölüp giden dogangaryndaşlarynyň, atasynyň, dädesiniň, ejesiniň adyny tutupdyr. Hudaýy
çagyrypdyr. «Allahu akbarynam» ýadyndan çykarmandyr. Birdenem: «Ennewül,
Ennewül... Mustapa... Omar... Osman...» diýip, gykylyklap başlapdyr. Kimdendir
birinden Şanazar daýymy, Begnazar daýymy sorapdyr... «Gu-urt, Gu-urt» sen
nirede? Sen bir çyk-a çukurdan...» diýipdir. Laky-tak durandan soňam güllerini,
dor atyny ýatlapdyr. Ahyram özi ýadap özi goýupdyr. Usurgapdyr...
Gurt aga tamakinçilik bilen ýene-de «Lazerete» gidipdir. Iň bolmanda
ýekeje düwür gyzgyn gaýtaryjy derman bermeklerini haýyş edipdir. Ýekeje
«bony» galan ekeni, hatda şonam hödürläpdir, bolmandyr. «Hiç zat ýokdan» başga
söz eşitmändir.
Egerde, Reşit aganyň şägirtleriniň arasynda Gaalbaatyr atly bir tibetli, tebip
ýigit bolmadyk bolsa, onda atamyň şol gezek ähli azaplardan dynaýmagam ahmal
ekeni.
87
Gaalbaatyrda-da üýtgeşik bir üýşüp ýatan däri-derman-a ýok ekeni, ýöne,
garaz, galan-gaçan ot-çöpleri, owkalamak, maşk etdirmek usullary arkaly alyp
çykypdyr.
Bir hepdä golaý ýatansoň atam özüni dürsäpdir. Ýarawsyzlygy zerarly
sypdyran namazlarynyň kazasyny okapdyr.
Bu ýagdaýy Saşok günübirin Baçinskä ýetiripdir. Ol öň sargap goýşy ýaly,
atamy Gurt aga bilen bilelikde alyp gelmekligi buýrupdyr.
...Barypdyrlar. Gapydan girişleri ýalam ýüzüni ýerden galdyrman oturan
naçalnik atama degişli edip, bilniksiz dostanalyk we ylalaşyga geliji äheňde: «Ýeri,
bendi Nazarow, nähili? Işe çykýaňmy? Omalak-çomalagyňy goýýaňmy?» diýipdir.
Gurt aga terjime edipdir. Atam egnini gysyp, gözlerini gypyrjakladyp
oturyşyna: «Men işden basylamok, girižžan neçennik. Namazyma, namazlygyma
degmeseler işe-de çykaryn, işärinem...» diýipdir.
Gurt aga onam bolşy-bolşy ýaly terjime etmeli bolupdyr.
Baçinskiý birdenkä üýtgäpdir. Gözleri bolşundanam beter çerrelipdir.
«Hany, höwün konwoýlara neme diýipsiň-ä... eto samoýe... gaýdyp ýemetmen
diýipsiň-ä... ― Ol usullyk bilen ýerinden turupdyr. ― Ýa aldadyňmy? Ýalan
sözlediňmi? Şu wagt bir sypaýyn, soňunam görübiris, diýdiňmi? ― Soň ol
allaniçiksi bolup Gurt aga seredipdir. ― Ýa seň tapyp ýören pyrryldaklaryňmy
bi?»
Gurt aga gyssanjyna: «Çykar, çykar, Mark Lwowiç, çykar. Işe-de çykar,
namazynam goýar. Ýöne, bu wagt birneme ýarawsyzrak. Düýnkide erbet üşäpdir.
― Gurt aga syýasat üçin düýnki wakany konwoýlardan görýän hökmünde
gürläpdir. Konwoýlara aýdyň, gaýrat etsinler-de, indikide beýtmesinler. Özüňizem
azajyk maý beriň... Gowy gutulandan soň...»
Bolan işi özünden görmeýändikleri üçin Baçinskiý Gurt agadan «hoş»
bolupdyr. Ýöne: «Egerde şol zatlaryň menden ýetýändigini bilmese Nazarow
gorkmazam, namazynam goýmaz» diýen pikirem beýnisinde döräpdir-de, hiç
ynjalyk bermändir.
Şonuň üçinem ol ilk-ä Gurt aga tarap owsun atypdyr, soňam tigirlenip
gaýdypdyr-da, onuň çat maňlaýynda saklanypdyr. Atama bakan baş atyp
ýüregindäkini dile getiripdir. «Maňa seň mynyň işe çykany ýa çykmany
gyzyklandyranok! Çüýrük kartoşka kaýyl bolsa çykman geçsin! Maňa muň
namazyny goýany, dini terk edip dogry ýola düşeni gerek! Sen oňa aýt: goý, ol
Hudaýa däl-de, kommunizme ynansyn! Kurana däl-de, markizme uýsun! Haýsydyr
bir «şarlatan» Muhammedi däl-de, Lenini, Stalini özüne pir saýsyn. Kommunistik
partiýanyň ideýalaryna sežde etsin... ― diýip, ulyili bilen gygyrypdyr. ― Men indi
onuň bilen düýbünden başgaça gepleşerin! Öňki gören görgüleri dagy gözüne
gülzarlyk bolup görner ýaly ederin. ― Şondan soň ol keltejik aýaklary bilen ýer
depipdir. ― Indi bolsa güm boluň ikiňizem şu ýerden! Perewediş potom... No,
smotri, toçno perewedi!..».
Sag-aman sypandyklaryna şükür etdigidir-dä, gapydan çykyşlary ýaly atam:
«Allahu akbar...» diýip, pyşyrdapdyr.
88
«Şonda Mämmediň bolup ýörşüne meniň ilkinji gezek, onda-da juda erbet
gaharym geldi...» diýip, Gurt aga gürrüňiniň arasyny kesip, bize garaçyny bilen
şikaýat etdi. ― Lägiriň içinde musurman kändi, ýöne, onuň ýaly beýdip,
amanadyny orta goýup, kiçijik göwresi bilen ullakan döwletiň garşysyna gidip
ýören ýokdy. Her kim ýagdaýa görä bolýardy, sag-aman yzyna dolanyp
barmaklygyň aladasyny edýärdi. Bu bolsa... ― Gurt aga aşak bakyp esli wagt
dymyp oturandan soň başyny ýaýkap, ahmyrly ýylgyrdy. ― Ýöne ine, indi-indi
pikir edip otyryn welin, şuňky dogry ekeni. Tihomirowyň aýdanlary rast ekeni. Şol
ors ýaşulysy iňňän akylly adam ekeni. Uly il şol wagt diňe şol günki gününiň
aladasyny eden bolsa, bu görgüli kyýamatynyň, ahyryýetiniň aladasyny eden
ekeni. Şol güni üçin däl-de, kyýamaty üçin göreşen ekeni. Beýle adamlar bolsa
hemişe az bolýa. Mämmediň çeken azaplaryny çekmejek bolup, ýurduň aglabasy
«tilkä» döndi. Ýalançy, kezzap boldy. Hudaýdan daş düşdi. Imanyndan aýryldy.
Negözel gyzyl mugallymlar okuwçylaryny gara tagtanyň öňüne çykaryp: «Hudaý
ýok diý!..» diýip, ýakasyndan silterledi. Diýmese her eline ýarty kerpiç berip
burçda duruzdy. Galyň adam wezipesinden aýrylmajak bolup, atasyny, enesini
jynazasyz jaýlady, öwlüýä gidip söýeriniň üstüne bir pil gum sürmäni özüne kiçilik
bildi. Mämmet gör, ine, nämeleriň garşysyna göreşen ekeni? Özüni gör,
nämelerden goran ekeni?.. Meniň bir gorkýan zadym bar, o-da: wagt geler,
hökman geler, döwür, syýasat üýtgär, ine, şonda Mämmedi şolar ýaly güne salan
adamlar Mämmetdenem öňürti üýtgärler. Aňlary üýtgemez, ýöne özleri, daşkeşpleri, hüý-häsiýetleri üýtgär. Täze syýasatyň çür başynda ýene-de şolar
«hekgerişip» oturarlar.
...Şol gezek welin tä baraga barýançak Mämmet ikimizdenem ses-üýn
çykmady. Gaty gaharymyň gelenini aňandyr-da, telim günläp golaýyma
gelibilmedi. Baçinskiniň aýdanlarynam men oňa birnäçe günden soň terjime edip
berdim. Jogabynam eşitdim: «Allahu akbar...»
***
Söz berşi ýaly, Baçinskiý atama jeza bermekligiň täze bir, has ýowuz
çäresini oýlap tapypdyr.
Şaýatlaryny köpeltmezlik maksady bilen, ol ýene-de Saşok bilen onuň öňki
ýoldaşyny ýanyna çagyryp, bir wagtlar içine duzlanan hyýar salnyp naharhana
getirilen, indem onuň howlusynda haňlaşyp ýatan agaç çelekleriň birini araky
çukur gazan ýerlerine eltmekligi, ujuny iç tarapyna edip diwarlaryna tikejiňki ýaly
ýygy-ýygydan çüý kakmaklygy buýrupdyr. Taýýar bolandan soňam: «Ertir ir
bilen, bendiler işe giderlerem welin, Nazarowy şol ýere eltiň-de, tä, garaňky
düşýänçä çelegiň içine salyp, togalaň, ýöne, häzir boluň bir-ä ölmesin, birem hiç
kim görmesin. «Toba gelýän» diýdigem maňa habar ýetiriň» diýipdir.
Saşok öz hojaýynynyň buýrugyny bu gezek öňküsindenem has döwtalap, uly
höwes bilen ýerine ýetiripdir. Çünki, şol gün Baçinskiý ony öňki gezekkisi ýaly
ýoldaşy bilen deň hukukly däl-de, onuň üstünden seredýän, ýagny, «starşiý» edip
belläpdir.
89
Beýle uly derejäni Saşok entek ömründe görmän ekeni.
Elbetde, şonuň üçin bolmaly, Saşok çelege turuwbaşdan yhlasly çemeleşip
başlapdyr. Agzyny dagy şeýle bir berk çüýläpdir welin, soň açmalydyram
öýtmändir. Togalanda-da çelegi özüne alypdyr we aýagy bilen depip, has büdürsüdür, opbul-topbulrak ýerlerden sürüpdir. Siltäpdir. Galtapdyr.
Beýleki konwoýyň ady Ýura ekeni. Ol çukura salnanda-da atama nebsi
agyryp tas aglan ekeni. Ol bu gezegem Saşoga ýuwaşrak togalamaklygy haýyş
edipdir. «Beýtme, içinde janly adam bar ahyryn» diýipdir.
Saşok onuň bu sözüne gülüpdir. «Aý, akmak! Şeýtseň bu agyrysyna
çydaman basym gaýtmyşym eder, bizem işden basym dynarys-da irgözindenjik
baragymyza gideris, hemem naçalnigiň öňünde iş bitiren adam borus. Üstesine, bu
basurmanyň özüne-de bähbit bor, basym azapdan dynar. Ýuwaş togarlasaň welin,
sallançak üwrän ýaly meýmiräp uklap galar, soň turuzybam bolmaz. Ine, onsoň
ikimiziňem elimizden ýaragymyzy alarlar-da ýa-ha şahta salarlar, ýa-da tokaýa
sürerler...» diýipdir.
Onuň aýdanlary göwnüne jaý görnendir-dä, Ýura böwrüni diňläpdir. «Birine
ýagşylyk etjek bolup, özüňi zyýana goýmak dogrudanam akmaklyk bolaýmasyn»
diýip, oýlanypdyr. Saşa ýaly o-da şeýtanyň alyna gidip ugrapdyr.
Ýöne, zandyňa guýlan häsiýetden gaçyp gutulyp bolýamy näme? Ýene-de
adamçylyk üstün çykypdyr. Ol öz gezeginde çelegi ýuwaş tigirläpdir. Özem Saşok
ýaly aýagy bilen däl-de, eli bilen, onda-da emaý bilen togarlapdyr. Ýaşuly
«çykaryň» diýip gygyrýan bolaýmasyn, diýen umyt bilen arasynda çelegi
saklapdyr, gulagyny goýup diňläpdir.
Nobat ýene-de Saşoga ýetipdir. Ol ýene-de çelegi «haýdadyp» başlapdyr.
Göterip-göterip ýere uraýasam gelýän ekeni-de, güýji ýetmeýän ekeni.
Hä diýmänem, çelegiň içinden «hykgyldy» eşidilip başlapdyr. Her gezekki
«toňkuldydan» soňam atamyň bütin lagere ýaýran, şol bir meşhur sözi eşidilipdir.
«Allahu akbar».
Ýuranyň gözlerine ýaş aýlanypdyr. Gaşlaryny çytyp, ýüzüni bir gyra
sowupdyr. Saşok bolsa içiniň ýangynjyna çelegi öňküsindenem beter güýçli depip
başlapdyr.
Birdenem çelegiň yşlaryndan gan görnüpdir. Toprak üzre yz galdyrypdyr.
Bu ýagdaý hatda Saşogam üýşendiren borly, ol Ýura garap bir zatlar diýişdiripdirde, göni Baçinskiniň oturýan ýerine tarap ýumlugypdyr. Sähelçe wagtdanam ony
yzyna tirkäp gaýdyp gelipdir. Ölendir öýdendir-dä, gelende Baçinskiniň ýüzi
Saşogyňkydanam howsalaly ekeni. Diňe çelegiň gapagyny aýyrdyp, atamy
çykaranyndan soň kanagatlanma bilen uludan demini alypdyr. «Lazarete eltiň,
häzir menem barýan» diýipdir-de, özi bir ýana sumat bolupdyr.
Konwoýlar endam-jany eleme-deşik bolan atamy süýrekläp «Lazarete»
eltenlerinde, Baçinskiý eýýäm onuň öňündäki agaç basgançaklaryň üstünde aýagy
bişen ýaly iki ýana zowzuldap» ýör ekeni. Atam barada görkezme berýän bolsa
gerek, ol barmagyny baş wrajyň maňlaýyna diräp bir zatlar diýýän ekeni. Öň
ýekeje düwür derman bermeýän, asla gapysyndanam goýberilmeýän adam, gözi
90
düşenden atama tarap ylgap gaýdypdyr. Konwoýlara kömekleşipdir. Içeri
salşypdyr. Aýratyn bir palatada ýerleşdiripdir.
Garaz, buýruk ýokardan bolansoň, ýaralaryna çalar ýaly çalgam, sarar ýaly
sargam, içer ýaly dermanam tapylypdyr.
Hiç kime ýüz bermän, diňe naçalnikler bilen «hikirdeşip» ýören iki sany
«jyrtbizzigräk» şepagatçy uýalaram ellerinden zat gelse-gelmese gaýmalaşyp,
atamyň daşyndan aýrylmandyrlar. Bir garyp görgülä näme üçin beýle elmaýyşlyk
edýändiklerine welin özlerem düşünmändirler.
Hysyrdylar doly tamamlanýança, Baçinskiý olaryň ýanlaryndan
aýrylmandyr. Gitjek wagtam baş wraja şeý diýipdir: «Aýak üstüne galdyrmaly!..
Kim sorasa-da: «Endamyna, düwürtik örýä...» diýmeli. Tä, gutulyp çykýança
ýanyna adam goýbermeli däl!.. Ýasno! Wsýo!»
Elbetde, Baçinskiý üçin atamyň gutulanynyň ýa jan bereniniň parhy ýok! Ol
onuň üçin çekinenok. Ýöne, başda öz öňünde maksat edip goýşy ýaly, ol ony
öldürmeli däl-de, ýeňmeli. Mugyra getirmeli. Şonuň üçinem, atam oňa «lepbeý»
diýip, duran halda, diri gerek. Şeýle hem, eger-de bendilere nähak azar berýändigi
barada üstünden arza düşse ýa ýokardan barlagçy gelende şikaýat edilse,
naçalnikleriň özleriniňem jogapkärçilige çekiläýdikleri bolýan ekeni. Ine, şondan
welin, ol az-küş çekinýän bolmaly. Şonuň üçinem ol atam babatdaky ähli
hereketlerini ogryn edýän bolmaly.
Emma, şolar ýaly gizlin, dowzahy çärelerini hernäçe güýçlendirse-de, atam
oňa: «Näme diýseň kaýyl boldum, meni mundan artyk gynama» diýmändir.
Bu bolsa Baçinskini hasam kejikdiripdir. Hasabyny bulaşdyrypdyr. Täzetäze jeza çärelerini oýlap tapmaklyga hyjuwlandyrypdyr. Atama bolan ýigrenjini
Je hebt 1 tekst gelezen van Turkmeens literatuur.
Volgende - Gyrmyzy bägüller - 10
  • Onderdelen
  • Gyrmyzy bägüller - 01
    Totaal aantal woorden is 3602
    Totaal aantal unieke woorden is 2264
    29.6 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    41.0 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    48.9 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 02
    Totaal aantal woorden is 3645
    Totaal aantal unieke woorden is 2074
    29.8 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    43.2 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    49.3 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 03
    Totaal aantal woorden is 3604
    Totaal aantal unieke woorden is 2179
    30.6 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    42.9 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    49.6 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 04
    Totaal aantal woorden is 3641
    Totaal aantal unieke woorden is 2271
    30.7 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    43.8 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    50.2 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 05
    Totaal aantal woorden is 3700
    Totaal aantal unieke woorden is 2169
    31.8 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    45.1 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    52.5 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 06
    Totaal aantal woorden is 3611
    Totaal aantal unieke woorden is 2212
    29.8 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    42.6 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    48.9 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 07
    Totaal aantal woorden is 3628
    Totaal aantal unieke woorden is 2142
    30.3 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    42.3 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    49.2 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 08
    Totaal aantal woorden is 3631
    Totaal aantal unieke woorden is 2100
    30.1 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    43.0 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    49.8 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 09
    Totaal aantal woorden is 3669
    Totaal aantal unieke woorden is 2116
    31.7 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    43.1 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    48.9 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 10
    Totaal aantal woorden is 3540
    Totaal aantal unieke woorden is 2078
    30.2 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    42.3 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    48.0 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 11
    Totaal aantal woorden is 3648
    Totaal aantal unieke woorden is 2026
    30.0 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    42.8 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    49.8 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 12
    Totaal aantal woorden is 3669
    Totaal aantal unieke woorden is 2057
    31.3 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    42.6 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    49.1 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 13
    Totaal aantal woorden is 3653
    Totaal aantal unieke woorden is 2181
    31.6 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    44.1 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    50.4 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 14
    Totaal aantal woorden is 3690
    Totaal aantal unieke woorden is 2262
    30.0 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    44.0 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    50.0 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
  • Gyrmyzy bägüller - 15
    Totaal aantal woorden is 1835
    Totaal aantal unieke woorden is 1305
    36.0 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
    48.0 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
    55.0 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
    Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.