LatinElke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.
Gyrmyzy bägüller - 05
Totaal aantal woorden is 3700
Totaal aantal unieke woorden is 2169
31.8 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden
45.1 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden
52.5 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
gözüm bilen göresim gelýärdi.
...Soň ejemiň gürrüň bermegine görä, biz çykyp gaýdanymyzdan soň,
atamyň gözi iç işikdäki hatarlanyşyp duran, içi bägülli küýzejiklere düşüpdir.
Ýerinden turup, olaryň ýanyna barypdyr. Daşlaryndan sypalaşdyrypdyr. Bägülleriň
ülpüldeşip duran ýaprajyklaryny ysgapdyr. Soň eneme tarap söýünçli garap:
«Özümiziňkilerdenmi... ― diýip, sorapdyr. Enem başyny atandan soňam: ―
Senden tamamam şeýledi, Ännewül» diýipdir.
Şondan soň ol ýene-de öňki ýerine geçipdir-de, saçak sorapdyr. Enem ol
ajygandyr öýdüpdir. Ejemem şeýledir öýdüpdir. Şonuň üçinem, ikisi iki ýerden:
«Wiý, men guraýyn-da ― men guraýyn bolşup» ýerlerinden turupdyrlar. Ejem
eneme: «Siz oturyberiň, men özüm getirerin» diýipdir-de, göz açyp-ýumasy
salymyň içinde o jaýlaryň birinden saçak alyp gelipdir. Atamyň öňünde goýupdyr.
«Häzir men biş-düşüň ugruna çykaýyn» diýip, ugraberjek bolanyndanam atam oňa:
«Otur» diýen manyda eli bilen yşarat edipdir-de, saçakdaky gülbüreşip duran melemyssyk nanlaryň iň üstkisini alyp, maňlaýyna, didelerine, dodaklaryna degripdir,
41
«Bissimillä» diýip, ujundan bir dişlem döwüp alyp, agzyna atypdyr. «Kümşüldäp»
oturşyna ujundan gädilen nany saçaga salypdyr. Burçlaryny ýapyşdyryp, oňa-da
tagzym edipdir. Ellerini degrip ýüzüne sylypdyr.«Bosagamdan ätläp öýüme
girsem, ojagyma tagzym etsem, törde, maşgalamyň arasynda oturyp, ýekeje gezek
«Bissimilla» diýip, saçagyma elimi ursam, içindäki çörekden ýekeje dişlemini
datsam, ölsemem armanym ýok, diýip arzuw ederdim. Hudaýa ýüz-müň şükür, şol
diýenim-ä boldy. Allahu-akbar...» diýipdir.
Sözüni soňlaryna mähetdel, ejem o jaýdan öň niýetläp goýan täzeje gök
donuny getirip, atamyň egnine atypdyr, başyna iňňeden çykma akgaýma tahýa
geýdiripdir. «Nesip etsin» diýip, pyşyrdapdyr.
Ejemiň gaýyn atasyna eden şeýle hormaty üçin, atamyň özündenem beter
begenip oturan enemem şeý diýipdir.
Enemiň ýene bir oňaran zady, köpçülik ýygnanyşmanka boşlagrak jaýlaryň
birinde suw gyzdyrypdyr-da, atamy şol ýere eltip, mazaly ýuwundyrypdyr,
eşiklerini çalşyrypdyr, sakgal-murtuny timarlary ýaly eline aýna, darak beripdir.
Öýe salansoňam aşagyna galyň körpençe ýazypdyr, gapdalynda öz tiken
ýassyklaryndan goýupdyr. Egnine ejemiň beren gök donuny atyp, tahýajygynam
geýdiripdir welin, atam gyzyl aşyk ýaly «ýigit» bolupdyr duruberipdir.
...Men gaýdyp gelenimde atamy tanamajak boldum. Ony köpçülige öňki
durşuna görkezmändigi, şeýle gyssagarada hem şol zatlary etmäge ýetişendigi, asyl
şeýtmelidigini kellesine getirip bilendigi üçin men enem pahyrdan henizhenizlerem minnetdar bolup ýörün.
Men şonda Sünnetden irräk özem dädemi tapman gelipdim-de, eýýäm
atamyň gapdalynda «gormaýylyp» otyrdym.
Omar kakamyň aýaly Gülnäz gelnejemiň gapydan ýeňen goşunyň baýdagy
ýaly «parlap» gireni şu günki ýaly ýadymda. Onuň gyňajyndan ýapyşyp, indi
mazaly göze görnen gyzy Maralyň bosagadan ätläp durşunam ýyllar aňymdan
öçüribilmändir. Hojanazar ol wagt obada ýokdy, Aşgabatdaky tehnikumlaryň
birinde okap ýördi.Gülnäz gelnejem dik duran ýerinden begenç hem agy gatyşykly
ses bilen: «Waý, enesi, gözüňiz aýdyň, atasynyň geldigi bolsun, beýlekilerimizem
gelsin» diýip-diýmänkä Osman kakamyň maşgalasy Dürli gelnejemem awa salnan
algyr bürgüt dek, ganatlaryny gerip gapydan girdi. Gülnäz gelnejemiň sözlerini
gaýtalady. Ikisem baryp, atam bilen dessur boýunça görüşdiler. Maral atam bilen
gujaklaşyp görüşdi. Oňa çenli ýalňyşmaýan bolsam şol wagt on alty ýaşyny
dolduryp ýören Şeýda-da kebelekläp gelip, atamyň üstüne howala boldy.
Aňyrdan top tutup gelen bolsalar gerek, olaryň yzy süre Şanazar daýymyň
aýaly Şemşadam özüniň on sekiz ýaşly gyzy Mähegiň elinden tutup, gapydan
girdi.
Enem dik duran ýerinde ýygnak edýän başlyk ýaly ellerini salgap, atamy
olar bilen ýeke-ýeke tanyşdyrdy.
Başda biziň bilen bolup geçen begençli pursatlar olar bilenem birin-birin
gaýtalandy.
***
42
Dädem bilen Sünnet ikisi «güpürdeşip» gapydan girenlerinde gara öýüň içi
eýýäm aýalu-erkek gözaýdyňa gelenlerden ýaňa hyryn-dykyndy.
...Aglaýamy ýa begenjine hiňlenýämi, bilibilmedim, dädem bosagada
köwşüni çykarmanam unudyp, bir bökende özüni töweregindäkiler bilen «hä-hüm»
alşyp oturan atamyň üstüne zyňdy. Atam hatda ýerinden turmaga-da ýetişmedi.
Ýöne, dädem dyzyna çökensoň oňa turmak geregem bolmady. «Mustapa jan, bu
senmisiň oglum» diýdi-de, boýnundan aslyşdy. Öwran-öwran ogşady.
Aglabilmeýändigini köpçülige bildirmezlik üçin ýüzüni iki-baka sypajaklatdy.
Ýöne, soň görüp otursak bu onuň aglamadygy däl-de, aglaman aglady ekeni.
Hemişe-de onuň özüne derek ýüregi aglaýan ekeni...
...Şondan soň gara öýi aýallara goýup, adamlary beýleki üç jaýa böldüler.
Atamy başda enem ikisine niýetläp guran jaýlaryna saldylar.
Ol ýere baranymyzdan soňam men atamyň gapdalyny eýeledim. Dyzyny
ýassanyp ýatyşyma açyk gapydan syn etdim welin, ondan-mundan ýegdekleşip
gelýänleriň entegem hetdi-hasaby ýok ekeni. Şonuň üçinem, howanyň
sowukdygyna garamazdan, Günüň «ýyldyrap» durandygyny tutaryk edinip,
enemiň eden haýyşy boýunça, ejem gapynyň agzyndaky takyrlaç ýerleri
çalgylaşdyryp, edil täze bolmasa-da, üç-dört sany syrdambitinräk keçe ýazdy.
Gelen adamyň daş işikden habarlaşyp, aýak üstünden yzyna getiribermezi
ýaly o-da bir oýlanyp tapylan gowy zat bolaýdy.
Atam bilen salamlaşyp, üç-dört agyz soraşanlaryndan soň aýal-erkek her kim
jaýdan ýer tapmasa şol ýere barýar-da, çugutdyryp oturyberýä. Garaz, dyz epmän,
bir käse çaý içmän gidýän ýok. Duz dadyp, toý töwirini galdyryp gitseler-ä hasam
gowy.
Şol wagtlar uzaga çeken uruşdan, kyrk bäşinji ýylyň uly açlygyndan soň,
halk ýaňy bir aýaga galýardy. Özem galýardy, galyşy ýaly öz bokurdagyndan
alýandygyna garamazdan, «kontrakt», salgyt, «zaýom» diýen ýaly närseler bilen
döwletem galdyrýardy. Göze görnüp duran baý, mally-hally hojalyklar ýok
diýerlikdi. Mahlasy, alyp barýan açlygam ýokdy, gaty bir doklugam däldi.
Şeýle-de bolsa, begenen günüň gazanyň gulagyny gyzdyrar ýaly dowar maly
tapdyrýardy. Özüňde bolmasa seniň begenjiňi öz begenji hasap edip, dogangaryndaşlaryndan ýa başga bir barlyraklaryň biri, iň bolmanda kolhoz, döwlet
edaralarynyň biri, garaz duýman durkaň gapyňa getirip mal ýykýanlar tapylýardy.
«Pylany pylan günki aladasynda gan çykardybilmändir» diýdirmeýärdiler.
Özümizden bitdimi ýa kömek etdilermi, şol gün biziň gapymyzda-da mal-a
soýuldy. Şolar ýaly-da edilmeli aladalaryň barysy ýerine ýetirildi.
...Atamyz az hem assa gepleýändigi, soraglara «pert-pert» jogap berip
bilmeýändigi, käbirlerine bolsa asla jogap bermeýändigi üçin, gürrüňçilik gaty bir
gyzyşybermeýärdi. Şonuň üçinem: «Ýat gider, garyndaş galar» diýlişi ýaly, ýakyn
garyndaşlarymyzdan öňňeleri, turmak bilen bolýadylar.
Soňky döwürde birazajyk ýarawsyzlyk tapynandygyna garamazdan
Atanepes kakam tä ýarym gijeden agýança oturdy, soňam oturan ýerinde gyşardyda, uklap galdy.
43
Gurt aganyňkylar-a tä, daňdana çenli oturan bolaýmaklaram ahmal.
Esasanam onuň uly ogly, Amangeldi dädesi barada söz açar öýdüp, atamyň
alkymyna dykyldy oturdy. Ahyram özi soramaly boldy. «Ýazan hatlarymyza gelen
jogaplarda ikiňiziňem bolýan ýeriňiz bir ýalyrak ekeni» diýdi. Atam barybir ony
gönendirmedi. «Howwa... Bar... Şo ýerde şolam... Basym ger... Ýagdaýlaram
gowy... Hemmäňize dogaýy salam aýtdy...» diýdi-de, oňaýdy.
Onuň bu sözleri Amangeldi mugallymy kanagatlandyrmakdan geçen,
gaýtam göwnüne güman getirdi. Aladasyny artdyrdy. Atam özünden bir zatlary
gizleýändir öýtdi. Şonuň üçinem ol örän tutuk, sus halda turup gitdi.
Soň görüp otursam ol wagt atamyň öz aladasam Amangeldi
mugallymyňkydan agdyk bolmasa pes däl ekeni.
Şunça bolup özleri gara bermänsoň, enem dagydanam belli bir habar
alybilmänsoň, ol Omar kakamyňam, Osman kakamyňam, Begnazar daýymdyr
Şanazar daýymyňam şol gidişleridigini, biriniňem gaýdyp gelmändigini, nähilidir
bir habar geläýenliginde-de gaty bir köşeşdiriji-hä däldigini aňypdyr. Ýöne, ýapýaňy, enem bilen nazary arkaly sözleşişi ýaly, köpçüligiň sabaşaryna garaşyp
oturan ekeni.
Ine-de özi-özümiz bolup galdyk. Şondan soň ol soragam özünden-özi orta
çykdy. Atam ilki enemiň, soňam dädemiň ýüzüne seretdi.
Dädem uruşdan soň, ýagny, bolaýsa bir ýyl, ýyl ýarym mundan öň ýazan
hatlary, olara gelen jogaplar barada atama jikme-jik gürrüň berdi. Käbirlerini okap
berdi. Daýylarymyzyň patalarynyň alnandygyny, agalaryndan welin entek
umytlaryny üzmändiklerini aýtdy. «Galanynam özüň bil, däde» diýibem sözüni
soňlady.
Şondan soň ol esli wagt aşak bakyp, böwrüni diňläp oturdy-da: «Beren
sadakalaryňyz kabul bolsun. Habar gelensoň şeýdipsiňiz, dogry edipsiňiz. Omar
bilen Osman barada takyk jogap gelmedik bolsa, entegem garaşara umyt bar.
Ýöne, öňümizdäki juma güni bir janly tapyň-da, sag-salamat gelsinleri üçin
hudaýýoly beräýiň...» diýdi.
Muny hemmeler makulladylar. «Olaryňam patasyny alaýyň» diýäýerinden
gorkup, galpyldap oturan enem, egninden agyr ýük aýrylan ýaly ýeňillik bilen dem
aldy.
Şonuň bilenem maslahat tamamlandy. Gün dogýança gözümiziň awusyny
almak üçin biz-ä Atanepes kakamçylap oturan ýerimizde gyşardyk. Gelnejelerim
bilen Şemşat daýzam dagy bolsa enemiň yzyna düşüp, gara öýe girdiler.
***
Ertesi turup, çaý başyna ýygnanyşanymyzda atam: «Ýatanym-a iki sagat
welin, on üç ýylyň ukusyny alan ýaly boldum» diýdi.
Şondan soň hemişe men-ä atamyň sag goltugynda, Sünnet bolsa çep
goltugynda ýatdyk.
Biz şeýdip öň enemiziň goltugynda ýatardyk. Sebäbi, ol wagt atamyz ýokdy.
Ýaňky aýdyşym ýaly onuň bir ýerlerde bardygyndanam bihabardyk.
44
Gujagyny beýle basym taşlandygymyz üçin enemem bizden gaty görüp
durmady. «Dönüklikde» aýyplamady. Gaýtam, atamyz bilen şeýle çalt
dostlaşandygymyz üçin begendi. «Erkek adamyň ulusynyň-kiçisiniň endamynda
ezraýyl tüýi bolarmyşyn, şonuň üçinem olaryň jynlary çalt jyňkyryşýamyşyn»
diýip, daşymyzdan guwandy ýördi.
Elbetde, eneli, ejeli, dädeli bolmaklygyň gowy zatdygyny biz öňem bilýädik,
ýöne, ataly bolmaklygyň lezzetini welin, Sünnet ikimiz diňe şondan soň bilip
galdyk.
Sebäbi, ata olaryň hemmesiniň ornuny tutýan ekeni. Iň bir gowy ýerem
beýleki hossarlaryň ýaly onuň işi ýok. Mydama öýde. Seniň bilen kärdeş. Bir ýere
gidäýse-de: «Ýör oglum» diýip, senem bile alyp gidýä.
Biz öň ataly çagalary görsek kemsinerdik. Sadakalarda süňk paýlananda,
toýlarda nahar çekilende: «Biziňem atamyz bolsa süňk äbererdi, nahar iýdirerdi»
diýip, mugryljyrardyk.
Ine, indi bizem ataly bolduk. Birneme dymmarak diýäýmeseň ata kemi ýok.
Ataň eliňden tutup eltensoň, ortarasynda oturanam bolsaň seni märekeden
kowybilýän ýok. Hatda, haçan görseň eli çybykly ýa çaga kowalap ýören Çary
Çakanam demini çykarybilenok. Gaýtam: «Mämmet şyhyň agtygymy-aý bi? Häý,
tüweleme...» diýip, dylym-dylym edýä. Içiniň tütäp durandygy welin bildirip dur...
― Şyh Mustapa tarsa ýerinden turdy-da, stoluň başyna geçdi. Hälki basyryp goýan
çäýneginiň üstündäki polotensäni aýyrdy. Kemsiz demini alan çaýdan käselere
guýuşdyrdy. «Şirp» etdirip öz käsesinden sähelçe owurtlady. ― Baý-ba-a... Bal
ýaly bolupdyr. Gel, geç Hümmi akga, gürrüňçiligi şu ýerde dowam etdiribereli...
― diýibem, maňa tarap eňegini ülňedi. ― Nirede durdum-aý men ýaňy?.. Hä-ä...
Howwa... Ine, onsoň atamyň diýen güni Hudaýýoly berdik. Aşgabatdan
Hojanazaram geldi. Atam gidende ol dört ýaşlarynda ekeni. Şonda-da tanady.
«Dükana äkidip kemput äberýäni ýadyma düşýä» diýdi. Birki gün bolubam yzyna
gitdi.
***
Entek ýaz çykmanka, atam işigimizdäki öz ekip giden bägüllerini çyrpdy,
düýbüni agdardy. Meýdanyny giňeltdi. Könelişen düýplerini täzeledi.
Şeýdip, adaty, gowy günler başlandy.
10.
Indi biziň bilýänlerimizden gaýdyp gelmedik diňe Gurt aga diýseňem boljak.
Ýöne, atam: «Basym geler» diýip, hernäçe köşeşdirse-de, ol hossarlaryny ýene-de
ýyl ýarym dagy garaşdyryp, ýagny 1952-nji ýylyň ýaz aýlary, atamyň bägülleriniň
bark urşup oturan wagtlary, üstesine-de ýa-ha Birinji maý, ýa-da Ýeňiş güni
gaýdyp geldi. Megerem, soňkusy dogry bolsa gerek, çünki, ol gün Birinji maý
baýramçylygyndaky ýaly adamlar, ak eşikli däldiler.
45
...Onuň şol gün çäş wagtlary demir ýol duralgasynda otludan düşenini biri
görüpdir-de, Amangeldi mugallyma buşlamak üçin göni mekdebe eňipdir.
Ol gün okuw-a ýokdy welin, megerem baýramçylyk dabarasyny geçirmek
üçin, mugallymlaram, okuwçylaram mekdebe üýşüpdirler. Bizem şol ýerdedik.
«Dädeň geldi» habaryny eşidip Amangeldi mugallym şeýle bir begendi
welin, men-ä ol ganat baglap uçar öýtdüm.
Zymdyrylyp barşyna Gurt aga entek öýüne-de ýetmänkä öňünden çykyp
garsa gujaklapdyr. Onuň yzy bilen «güpürdeşip» barýan mugallymlaram dag ýaly
bolup duran Gurt aga bilen şol ýerde, ýeke-ýeke, kimsi gol berşip, kimsi
gujaklaşyp görşüpdirler.
Sürlenişip, bizem olaryň yzlaryndan bardyk. Mugallymlarymyzyň
hereketlerini gaýtaladyk. Gurt aga bizi edil öz çagasy ýaly ýeke-ýeke bagryna
basdy, ogşady, adymyzy, kimiň çagasydygymyzy sorady. Menem öz gezegimde:
«Mustapanyň ogly» diýdim welin, «Mämmet şyhyň agtygymy» diýip gygyrdy. ―
Bar onda ataňa aýt, Gurt aga geldi, diý...».
Men öýe gaýtdym. Amangeldi mugallym bolsa ähli kärdeşlerini şol ýerden
göni öýüne alyp gitdi.
Gurt aganyň gelenini eşidip atam begendi. Ýöne, içinden begendi. Daşyndan
welin syr bildirmedi. Gaty gülmeýşi, batly geplemeýşi ýaly onuň begenenini ýa
gynananyny bilmegem kyndy. O zatlaryň barysy onuň içinde bolup geçýärdi, şol
ýerde hem köräp, kül bolup gidýärdi. Şojagaz göwrä şonça agyr ýüküň nädip
ýerleşýändigine men haýranlar galýardym.
Şol gezegem ol: «Sen-ä gowy habar getiripsiň oglum» diýdi-de, ýerinden
turdy. Köýneginiň jübüsinden çykaryp bir manat pul berdi. Soňam elimden tutup:
«Ýör» diýdi. Öýden çykyşy ýalam daş işikde söýä gysdyrylgy üzüm gaýçyny aldyda, ep-esli gül ýygdy. Gowy edip timarlady. Tirdi. Ullakan, owadan çemen
ýasabam elime tutdurdy. «Al, oglum, Gurt daýyňa berersiň».
Şol wagtam, Gurt agalara gidip barýarkagam men atamyň tolgunmakdan
ýaňa bütin süňňi bilen saňňyldaýanyny, elleriniň titreýändigini, aýaklaryny
öňkülerindenem beter süýräbräk alýandygyny duýdum. Ýaramajak bolýamyka,
diýip, assyrynlyk bilen ýüzüne seretdim. Emma hiç zat aňyp bilmedim.
Oňa çenlem Gurt agalara baryp ýetdik. Howa maýyl bolansoň, adamlar
Amangeldi mugallymyň işiginde ösüp oturan, Gurt aganyň baryp-ha jahyl wagtlary
öz eli bilen oturdan söwüt agajynyň saýasynda üýşüşip oturan ekenler. Düşek
atmazdan öň ol ýeriň suwlanyp, ondan soň syrylyp-süpürilendigi üçin, bärden
barşyň ýaly yzgar topragyň öljümek hem ýylymsy ysy burnuňa urýar. Geljekleriň
entegem köpeljekdiklerini göz öňüne tutup, düşekleri giňeldip gidip otyrlar.
Goňşy-golamlardanam goltuklaryna gysyşyp körpenje, keçe, ýassyk ýaly zatlary
getirýänler az däl. Birki sany jahyl eginleri haltaly eýýäm oba arasyndan çemçeçanak çöplemäne gitjek bolup durlar. Amangeldi mugallymyň gaýny, Oraş aga
bolsa gözi gyzyl, kejirräk bir çebişi «lägirdip» süýräp gelýä.
Amangeldi mugallymyň jaý sany ýeterlik, ýöne, her kim açyk howada
oturaýanyny kem görenok. Galyberse-de, üýşmeleňde jaýy aýallara bermek
türkmeniň edähedi.
46
Söwüdiň aşagynda oturanlaryň biri: «Ana, Mämmet şyham geldi»
diýeninden, Gurt aga: «Hany» diýip, töweregine ýaltaklady. Bize gözi düşendenem
ýerinden turdy-da, märekäniň arasy bilen ätmerläp gaýtdy. Awuny peýläp gelýän
dag bürgüdi ýaly ganatlaryny gerip gelşine ilk-ä atamyň üstüne howala boldy,
soňam garbap aldy-da, gujagyna gysdy. Bagryna basdy. Hamsykdy. Gözlerinden
ýaş akdyryp durşuna märekä garap, atamyňka düýbünden meňzemeýän batly ses
bilen: «Adamlar! Ine, döw şü! Göwresiniň kiçijikdigine garamaň, munuň başyndan
geçiren muşakgatlyklaryna, gören görgülerine adam çydamaz...» diýdi.
Atamyň: «Goý, Gurt, goý! Beý diýme. Agzama o zatlary. Geçen-geçdi,
bolan-boldy» diýenlerini menem-ä doly eşidibilmedim welin, märeke-hä asylam
eşiden däl bolsa gerek.
Men elimdäki çemeni Gurt aganyň eline tutdurdym.
Ol güli aldy-da, işdämenlik bilen ysgady, soň atamyň ýüzüne seretdi: «Seň
byjagazyň bilen men eýýäm tanyş. Ol meni senden öň garşylady».
Ol ikimiziňem elimizden tutup, özüniň öňki oturan ýerine eltdi. Öňünden
taýynlap goýan düşekçesiniň üstünde oturtdy.
Atam adatça, üýşmeleňlerde edilişi ýaly, daş-töweregine haýallyk bilen göz
aýlap, oturanlaryň ählisi bilen ýeke-ýeke, baş atyşyp salamlaşdy. Hal-ahwal
soraşdy. Amangeldi mugallyma we Gurt aganyň beýleki hossarlaryna pyşyrdap
diýen ýaly: «Gözüňiz aýdyň» diýdi. O zatlary boldum edeninden soňam adamlara
toý töwirini edip berdi. Diňe şondan soň Gurt aga tarap ýaplandy we onuň bilen
has içgin gürrüňçilige başlady.
Daşyndan geň görülýän bolmagam ahmal, men Gurt agadan gözümi
aýramokdym. Çünki, bu meniň ony ilkinji görşümdi. Ol ― süňkleri iri, garaýagyz,
burunlak, ullakan ala gözleri peträp duran, goňur aýynyňky ýaly mähnet
penjeleriniň arkasyndaky, boýnundaky damarlarynyň her biri urgan ýaly, «warwar» edip batly gepleýän, alçak, şadyýan adam ekeni. Onuň öz göwresine görä,
çekge süňkleri çykyşyp duran, ullakan, süýnmegräk kellesem bar. Il içinde-hä şolar
ýaly kellä «eşekkelle» diýilýär. Ýöne, meniň olar ýaly adamyň, onda-da atam bilen
bir ýerlerde, ençeme ýyl bile oturyp gelen adamyň kellesine içimdenem bolsa beý
diýesim gelmedi. Onsoňam bütin etrap boýunça-da, ol gelmezindenem öň onuň
adynyň «eşekkelle» diýlip tutulanyny, ýa-da Amangeldi mugallyma «eşekkelläniň
ogly» diýlenini ýa-da ertirden bäri kimdir biriniň: «Eşekkelle gelipdir» diýip,
çyndan-ýalandan dilinden gaçyranyny eşidemok. Ýeri, onsoň men nädip oňa
içimdenem bolsa «Gurt aga eşekkelle» adam ekeni» diýeýin. Ine, «at kelle», «at
ýüz» diýsem welin, göwnüme tüýs şaplaşaýjak ýaly boldy durdy. Ýöne, oýlandymoýlandym-da, ahyram: «Bu adama «nerkelle» diýmeli» diýen netijä geldim.
Umuman, şolar ýaly daýaw göwreli, irimçik, ýüzi bereketli, göreni
eýmendirýän algyr gözli adamy men şondan öňem göremok, soňam görmedim.
Eger-de, öňde-soňda döwli kino alan bolsadym, onda men döwüň rolunda
hökman Gurt agany oýnadardym.
Ýeke bir daş görnüşi däl, eýsem hüý-häsiýetem atamyňkydan düýpgöter
tapawutly. Gaty bir syýasata ýa Staliniň hut özüne degişli bolaýmasa, atam ýaly
aşak bakyp, ýüzüni sallap oturanok. Berilýän soraglary jogapsyz galdyranok.
47
Aslynyň mugallymdygyndanmy, nämemi, syýasatdanam başy gowy çykýa,
geplemänem oňarýa. Aýtmasyz zatlaram aýtjak bolup, göze-başa düşübem
baranok.
Şonuň üçin bolsa gerek, bu gezek adamlar atam gelendäki ýaly duz dadyp
turmak bilen bolubermediler. Tä daňdana çenli, Gurt aganyň özi ýadap oturan
ýerinde irkiljiräberýänçä «sakyrdaşyp» oturdylar.
Iliň öýünde aňsat ynjalybilýän däldir welin, şol gün atamam şol ýerde, tä
soňuna çenli oturdy. Düýn öýländen başlap, tä ertirki ir namazyna çenli şol ýerde
okady. Diňe zulmat gyzaryp, hemmeler turandan soň Gurt aga bilen hoşlaşdy.
Menem edil uly adamlar ýaly Gurt aga bilen elleşip hoşlaşdym.
***
Boşap geleli bäri,nirä gitse-de menem kelte tirkelen kimin atamyň yzyndan
galamokdym. «Aşyk», «para», «çilik» ýaly oýunlar dagy ýatdan çykdy gitdi.
Okuwdan gelip bukjamy ýerinde goýdugym atamyň bolýan jaýyna barýan.
Çaýymy-çöregimem şol ýerde onuň bilen bile iýip-içýän. Ýa-da naharyny mensiz
iýenok. Mekdepden gelýänçäm garaşýa. Men asyl ir bilen örenimde-de şonuň
ýanyndan örýän. Atamyň käte meni mekdebe çenli ugradýan, günortan garşy alýan
gezeklerem bolýardy.
Bary-ýogy iki ýaş tapawudymyzyň bardygyna garamazdan, Sünnet Atanepes
kakam ýaly irimçek görünýärdi, men welin atama çekendirin-dä, ownugrakdym.
Şonuň üçinem, ol basym atamyň gujagyny terk etmeli boldy. Şondan soň
gujaklaryň ikisem meniňki boldy. Islesem çepinde, islesem sagynda ýatýan. Bu
bolsa meni atam bilen hasam ysnyşdyrýardy.
Dogry, gyzykly gürrüňler bilen özüne çekýädi diýsem-ä ýalançy, ýöne,
atamda birhili göze görünmeýän mähir, yssylyk bardy. Seýrek geplese-de manyly,
maňzyňa batnykly sözleýärdi. Gowy ýol salgy berýärdi.
Özüni şeýle horluklara sezewar eden hökümetdenem nalamaýardy, kine
saklamaýardy. Tutha-tutluk döwürleri ähli kitaplaryny özündenem öň tussag
edendiklerini hernäçe ýokuş görenem bolsa, şol kitaplarynyň ýokdugy üçin henizhenizlerem kösenip ýörenem bolsa, «şeýtdiler-ow» diýip, ýuman agzynam
açmaýardy. Ähli zatda Hudaýa sygynýardy. «Şeýle boldumy, diýmek, şeýle hem
bolmalydyr, Allahu-akbar» diýýärdi.
Ana, hut şol häsiýetlerem meni özüne çekýärdi, dert-azar oňa meňzäsim,
öňki kelç-külçräk häsiýetimi taşlap, agras geçirimli, az sözli bolasym, özümi
parasatly alyp barasym gelýärdi.
Atamyň şol häsiýetleriniň assa-ýuwaşhakykatdanam maňa geçýändigini
mahal-mahal enem pahyr uly guwanç bilen aýdýardy.
Gündizlerine biz köp wagtymyzy bägüllerimize seretmek, howlumyza
serenjam bermek bilen geçirýärdik.
Daşyndan seredeniňde sähelçe meýdany tutup duranam bolsa, ol güller
atamyň göwün islegini kanagatlandyrmaga ýetýärdi. Çünki, ol birini ýa ikisini
48
ýolanyňdan gutarardan kändi. Edil, Allahyň sahawaty ýaly aldygyňça bereketi
artyp gidip otyrdy.
Atam olardan ýolup alyp, her gün ir bilen işe barýana-da, agşamlyk işden
gelýäne-de, oglan bolsun, gyz bolsun, ýaş ýa garry bolsun, tanyşu-nätanyş
gapdalymyzdan geçýänleriň hemmesine iň bolmanda ýekeje gülden berip
goýberýärdi.
Şeýtmek bilen ol baryp-ha on alty ýaşyndaka obadaşlaryna gül paýlap alýan
lezzetindenem has artyk humarlanýardy. «Huda şükür, şu güne-de ýetdim. Allahuakbar» diýýärdi.
Ýöne, uly ile paýlanylýan her günki hasylyň iň peýwendi welin, şo-ol,
birmahallarky ýaly ― enemiňkidi.
Käte bazaryň gülçüleri gelip: «Satyp bereli» diýýärdiler. Atam başyny
ýaýkaýardy. «Çörek bilen güli satyp bolmaz».
Gerek diýene öz eli bilen ýygyp berýärdi. Ýöne, pul almaýardy.
Bir ýyl öňünden duýdursalar, ekjek diýen üçin gyşyna gyrkýan, wagty iň
sagdyn çybyklardan saýlap-saýlap gömüp goýýardy. Nahal taýýarlaýardy. Ekiş
wagty gelendenem sogrup alyp, sargan bendä berip goýberýärdi.
Şol usul bilen ýylyň-ýylyna alyp ekip Amangeldi mugallym mekdebiň
howlusyny gülden doldurdy.
Ondan görelde alyp raýkomyň, raýispolkomyň, şäher hassahanasynyň, harby
komissarlygynyň we etrap merkezimizdäki ownukly-irili başga-da birnäçe
edaralaryň işgärlerem öz howlularyny atamyň gyrmyzy bägüllerinden doldurdylar.
Atamyň ýene bir häsiýeti bardy, o-da namazdan-töwirden başga, her gije
ýatmak üçin ýerine geçenden soň, uklamazynyň öň ýany, ine, şular ýaly üýtgeşik
bir dileg edýärdi.
Ýatgaýymyz ýa Allah,
Turgaýymyz inşallah,
Ýatsak, eger galmasak,
Iman bersin bir Allah.
Iman bilen gitgeýin,
Yslam bilen ötgeýin,
Köpdür meni günähim,
Apu etgin, ylahym.
Başym ýassyga goýdum,
Göwnüm Allaha berdim,
Garaňky törüm ýagtylsyn,
Tamug işigim beklensin...
Munuň yzyndanamkelemeýi ― şahadaty okardy. Maňa düşündirmegine
görä, eger-de adam pahyr bir söý bilen ajaly ýetip, ukudaka jan teslim edäge-de,
ertesi öli çykaýanynda-da, şol dileg bilen «keleme» oňa «iman» bolarmyşyn. Iman
49
bilen ýaşan adama bu dünýäden imansyz gitmek bolsa musurman bendesi üçin
gaty ýaman iş hasap edilýämişin.
Howwa, ol örän ygrarly, ygtykatly, imanly adamdy. Ýöne, ne maňa, ne
Sünnete, ne dädeme, ne-de gaýry birine, ýaňky Gadyr Hanow ýalylaryň edişleri
ýaly soralsa-soralmasa: «Eýdiň-beýdiň, eýtseňiz eýle bor, beýtmeseňiz beýle bor»
diýip, azar bermezdi, dilini degirmezdi. Gaýtam: «Her kimiň ybadaty ýüregindedir.
Gözýaşyň ýürekden çykmalydyr. Göz üçin, döwre ýaranmak üçin ýalandan eden
ygtykatyň ýol almaz. Günde ýüz gezek eglip galanyňda-da, kiçi dilden bärde bolsa
okan namazyň ýol almaz. Hak ony kabul etmez. Çünki, ony aldap bolýan däldir.
Beýtjek bolsaň onda ol seni eýder goýberiberer. Hudaýy razy etjek bolsaň, öňi
bilen Onuň bendelerini razy etmek gerek. Bendesiniň göwni Hudaýyň öýüdir.
Biregiň göwnüni ýykmak, Azady mollanyň aýdyşy ýaly «Käbäniýykan ýalydyr...»
diýerdi.
Onuň şol diýenleriniň dogrudygyna men soň-soňlar, öz durmuşymda ençeme
gezek göz ýetirdim.
Ýöne, ol özüniň tussaglykda oturan ýyllary barada welin ýuman agzynam
açmaýardy.
Aňyrsynyň boş däldigini welin biz barybir bilýärdik. Ahyr bir gün
açylyşaýmagynyň ahmaldygynam aňýardyk, ýöne haçandygyny welin
bilemzokdyk.
Her niçik hem bolsa biz ol näbelli güne uzak garaşmaly-ha bolmadyk.
Özünden eşidibilmesegem Gurt agadan eşitdik. Edil, dagdan mumyýa tüpeňlän
ýaly görgi baryny görüp eşitdik welin, eşitdik.
11.
...Näme üçindigi ýadyma düşenok, agtyklarynyň biriniň elini halallanam
bolsa ahmal, gelenine bäş-alty aý diýlende Gurt aga bir üýşmeleň-ä etdi. Özem
güýzüň soňragydy. Çünki, howa çigrek bolansoň myhmanlaryň gysylyşyp, jaýyň
içinde oturandyklary ýadyma düşýä.
Güýz şemaly süňňüni sarsdyryp, ýarawsyzlyk tapdymy ýa şol gün gülleriniň
düýbüni agdarypdy-da, ýadawlyk basmarladymy, garaz, şol gezek atam toý
ýerinde uzak oturmady. Gurt aga: «Otur» diýip, hernäçe özelense-de etmedi. «Äý,
men gidäýin-le, birhili Ennewüliňem ugry ýok ýalydy ýaňy...» diýip, boýnuny
burdy durdy.
Şeýdibem gitdi.
Öz aramyzdaky däp bolup galan düzgüne görä, menem onuň bilen
gitmelidim, ýöne, ýüregim bir zat syzan ýaly, dädem bilen galaýasym geldi durdy.
Dädemem şol gezek bärden baranda, Gurt agadan atam barada soramaklygy
ýüregine düwüp baran bolmaly, gopar ýerde gopmady. Gurt aga dünýäň gürrüňini
edip «lahy-tak» durandan soňam, adamlar dargaşanlaryndan soňam, alkymyna
dykylyp, sorag yzyna sorag berdi oturdy. Aýlap-öwrübem ony atam bilen oturan
ýerlerine, ýyllaryna eltdi. Ahyram gönüledi: «Gurt aga tüweleme ine, seňň-ä
ýüzüňem açyk, diliňem açyk, bilenjäňden, görenjäňden gürrüň edýäň welinim,
50
ýöne, ine, biziň ýaşulymyz-a beýle däl. Göwnüme bolmasa, ol içinde bir zatlar
saklaýan ýaly. Dogry, onuň dogabitdi häsiýetem şeýleräk, ýöne, ol bolup ýörşi
häsiýetdenem başgaçarak. Edil sen ýaly bolmasa-da, garaz, aram-aram
açylyşaýmaly ýaly... Şunça ýyl bile bolupsyňyz, belki, bu barada siz bir zatlar
aýdarsyňyz?..» diýdi.
Gurt aga arkan gaýyşdy-da, dädemiň ýüzüne seretdi. Soň öňki kaddyna gelip
aşak bakdy. Şol oturyşyna dodagyny dişledi, başyny ýaýkady. Usullyk bilen
başyny galdyryp, ýene-de dädemiň ýüzüne seretdi. «Seň ýaşulyň içinde Mustapa
beg, bir zatlar däl-de, kän zatlar ýatandyr. Ýöne, dogry aýdýaň, aýdýan däldir.
Aýdaýanda-da, doly düşündiribilmez. Ol düşündiräýeninde-de, siz düşünmersiňiz.
Başyndan geçen ahwalatlaryna ynanybilmersiňiz. ― Gurt aganyň bereketli ýüzi
eňşäp gitdi. ― Şol adam o dünýä gidip, on ýyldan soňam gaýdyp geldi, diýsem
ynanarmyň? ― Dädem sesini çykarman esli wagt Gurt aganyň ýüzüne çiňerilip
oturdy. Iner çöken ýaly abşarylyp oturan ýaşulynyň göwresi leňňer atyp gitdi. ―
Ana, gördüňmi? Ynanmadyň gerek? Ynanaňok gerek? Elbetde ynanmadyň.
Özüňem atam bize syryny açanok diýýäň, maňa bolsa atam barada gürrüň ber,
diýýäň...
Gurt aganyň aýdyp oturanlaryna dogrudanam ynanar ýaly däldi. Şonuň
üçinem dädem oňa: «Aý, Gurt aga, gaýrat edip, birneme açygrak aýdaýmasaň
ýaňky diýýänleriňe-hä dogrudanam akyl ýetirer ýaly däl. O dünýä diýdiň, bu
dünýä diýdiň...
Gurt aga atam barada gürrüň bermejek bolup kän dyrjaşdy. «Ýok, ýok, ol
bolmaz, men oňa söz berdim, hiç kime aýtman diýdim» diýip, şo-ol, arkan gaýyşdy
oturdy. Ýöne, dädemem ondan kem oturmady.
«Bolmajagyna gözi ýetendir-dä, «Görýän welin Mustapa beg, sen meni ataň
syryny açdyrman gaýtjak däl-ow» diýip, Gurt aga ahyry ýan berdi. ―
Mämmetçilik-dä, ýogsam o ýerde gahrymançylykdan başga aýtmaz ýaly aýyp zada ýok... Onsoňam döwrüň öz atalarynyň başyndan inderen muşakgatlyklaryny
soňky nesiller bilmeli ahyry... Men, Mustapa beg, taryhçy. Mugallym. Wagtyň
geçmegi bilen islendik döwrüň, islendik syýasatyň üýtgäp, äpet-äpet döwletleriň,
imperiýalaryň synyp, dargap gidendikleriň, mundan buýanakylaryňam şeýle
boljakdyklaryny men bilýän. Häzirki döwrüňem möwritini ötüren güni dargap, öz
ornuny başga bir syýasata berjekdigine-de akylym çatýa. Şonuň üçinem, düýnöňňinki bolup geçen syýasatyň çarhyna çolaşyp, özümi-hä agzabam oturmaýyn
welin, Mämmet ýaly hunabalar ýuwudan adamyň başyndan geçiren, şol döwrüň
ýüzüni açyp görkezýän kysmaty wakalary nämälim bolup galmasa gowy. Ol zatlar
geljekki döwürler üçinem, nesiller üçinem sapak bolmalydyr.
― Režissýor soňky demlenen çaýyňam düýbüni syrkyryp içdi. ― Garaz,
Hümmi akga, eýtdi-beýtdi, Gurt aga atamyň biz üçin düýbünden nämälim bolan,
eger-de, özi gözlüje şaýat bolmadyk bolsa, onda şol nämälimligine hem galmaly
taryhyny gürrüň berdi.
Munça bolanyna görä, gel, men saňa onam gürrüň bereýin.
12.
51
― Bizem-ä çekdik welin, Mämmediň çeken jebri biziňkiniň çeki-çaky
bolmady. Öz ygtykatyndan dömezlik üçin, ol sözüň doly manysynda ölüp-direldi...
― diýip, Gurt aga gürrüňe başlady.
Aýtmaklaryna görä, şol gije NKWD-niň etrap bölümine ilk-ä onuň özüni,

You have read 1 text from Turkmeens literature.
Volgende - Gyrmyzy bägüller - 06
- Onderdelen
- Gyrmyzy bägüller - 01Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.Totaal aantal woorden is 3602Totaal aantal unieke woorden is 226429.6 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden41.0 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden48.9 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
- Gyrmyzy bägüller - 02Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.Totaal aantal woorden is 3645Totaal aantal unieke woorden is 207429.8 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden43.2 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden49.3 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
- Gyrmyzy bägüller - 03Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.Totaal aantal woorden is 3604Totaal aantal unieke woorden is 217930.6 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden42.9 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden49.6 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
- Gyrmyzy bägüller - 04Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.Totaal aantal woorden is 3641Totaal aantal unieke woorden is 227130.7 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden43.8 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden50.2 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
- Gyrmyzy bägüller - 05Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.Totaal aantal woorden is 3700Totaal aantal unieke woorden is 216931.8 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden45.1 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden52.5 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
- Gyrmyzy bägüller - 06Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.Totaal aantal woorden is 3611Totaal aantal unieke woorden is 221229.8 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden42.6 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden48.9 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
- Gyrmyzy bägüller - 07Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.Totaal aantal woorden is 3628Totaal aantal unieke woorden is 214230.3 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden42.3 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden49.2 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
- Gyrmyzy bägüller - 08Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.Totaal aantal woorden is 3631Totaal aantal unieke woorden is 210030.1 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden43.0 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden49.8 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
- Gyrmyzy bägüller - 09Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.Totaal aantal woorden is 3669Totaal aantal unieke woorden is 211631.7 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden43.1 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden48.9 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
- Gyrmyzy bägüller - 10Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.Totaal aantal woorden is 3540Totaal aantal unieke woorden is 207830.2 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden42.3 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden48.0 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
- Gyrmyzy bägüller - 11Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.Totaal aantal woorden is 3648Totaal aantal unieke woorden is 202630.0 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden42.8 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden49.8 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
- Gyrmyzy bägüller - 12Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.Totaal aantal woorden is 3669Totaal aantal unieke woorden is 205731.3 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden42.6 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden49.1 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
- Gyrmyzy bägüller - 13Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.Totaal aantal woorden is 3653Totaal aantal unieke woorden is 218131.6 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden44.1 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden50.4 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
- Gyrmyzy bägüller - 14Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.Totaal aantal woorden is 3690Totaal aantal unieke woorden is 226230.0 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden44.0 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden50.0 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden
- Gyrmyzy bägüller - 15Elke regel vertegenwoordigt het percentage woorden per 1000 meest voorkomende woorden.Totaal aantal woorden is 1835Totaal aantal unieke woorden is 130536.0 van de woorden behoren tot de 2000 meest voorkomende woorden48.0 van de woorden behoren tot de 5000 meest voorkomende woorden55.0 van de woorden behoren tot de 8000 meest voorkomende woorden