Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17

Il numero totale di parole è 3577
Il numero totale di parole univoche è 2005
32.6 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
46.7 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
52.9 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
Nataşa dyzady, rugsat aljak boldy. Bolmady. Emma
Nataşa Nuryny görmän gitjekmi?! Penjire tarapa
geçip, üçünji gata bakyp gygyryp başlady. Nury
penjiräni açdy. Nataşa aglap sözleýär.
─ Ýanyňda kim bar ?
─Oglanlar.
─Ýalan, ýalan! Sen menden dönýäň.
─Ynha, seret, Nataşa jan, şular oglana meşzeýär
dälmi?─Penjireden iki kelle boýnuny süýndürip
görnüp gitdi.
─Otagy gözüm bilen görmesem bolmaz.
─Nataşa, gördüň-ä, barlag bar.
─Men otagy görmän gitjek däl.
─Özüm ýüp sallap düşsem näme?
─Ýok, ýok. Men seniň sesiňden duýýan. Sen
meni söýmeýäň, sen biwepa. Hökman ýanyňda bir
gyz bardyr.
─Onda garaş.
Nury ony nädip ynandyrjagyny bilmedi.
Onsoň otagdaky prostynlary bir-birine pugta daňyp,
bir ujuny aşak sallap başlady. Oglanlar garşy boldy.
―Özüňem,
sallanmarsyň,
gyzy-da
ýokary
çekmersiň. Biz siziň ölümiňize şaýat bolasymyz
gelenok‖. Garşy bolsalar-da Nurynyň häsiýetini
hem bilýärler: ýüregine düwenini bitirmän goýmaz.
383
Çekeleşikden soň, Nury öňi-soňy prostynlary birbirine daňyşdyryp sallady. Bir ujuny hem penjire
agajyna daňdy.
─Ynha, Nataşa, ýa men düşeýin, ýa seni çekip
alaýyn.
─Meni çek. ─ Nataşa hiç gorkusyz prostyna
topuldy-da kiçijik halka edip, iki goşaryny ondan
geçirdi. ─Çek, çek.
Oglanlar: ―Seni Nataşa däliredipdir‖ diýşip, bu
pajyga şaýat bolmajak bolup otagdan çykdy. Nury
çemesini tapdy-da Nataşany çekip başlady. Aşaky
dodagyny çeýnäp tiz çekdi. Munuň şeýle ýeňil
bolşuna özem haýran galdy. Nataşa otaga
düşenden, Nury ony garsa gujaklady. Gujaklaşyp
durkalar, oglanlar otaga kürsäp girdiler.
─ Rektor gelýä!
─Nataşa tiz çyk, rektor aýlanyp ýör.
─Otagda ýat gyz barlygy bilnäýse, işimiz
gaýdar.
Nury Nataşanyň elinden çekip, aşaky gata
ylgady. Gapy sakçysy garry aýal Nataşany görende
gözi dört boldy.
Nury otaga gaýdyp gelende, barlagçylar
dördünji gata çykypdyrlar. Oglanlar Nurynyň
Nataşany nädip çekip bilişini, arkaýynçylykda
maslahatlaşyp başladylar. Nury bolsa krowatynda
384
gözüni potologa dikip ýatyr. Bu bolan wakanyň
nädip beýle tiz bolşuna onuň öz akly hem ýetmeýär.
Ertir bütin konserwatoriýa Nurynyň üçünji
gata gyz çekişi hakda gep edýärdi. Bu waka Nura
uly reklama boldy. Şondan soň gyzlar Nura, edil
janly Romeo bakan ýaly, bakyp başladylar.
Gürrüňleriň bir ujy Nurynyň mugallymy
Aleksandrowa-da ýetdi. Ol bir gün sapakdan soň,
ikiçäk otyrkalar mylaỳym ýylgyryp dillendi.
─Sen hakda
rowaýatmy?
aýdylýan
hakykatmy,
ýa
Nury az salym dymdy. Ýüzünde hiç bir
üýtgeşme duýulmady.
─Hakykat.
Aleksandrow Nura baka eglibräk sözledi.
─Ol şeýle owadanjamy, batyrjamy?
─Hawa.
─Bilip goý, sazdan beýik, sazdan çylşyrymly
diňe bir zat bar. Söýgi bar, söýgi-i!
*
385
*
*
Ykbala badak atan bir söz
Bir gün talyplar üýşüşip ondan-mundan
söhbet edişip otyrkalar, bir polýak ýigidi Şopenden
söhbet açdy. Onuň şeýle watansöýerligi hakda,
wesýetine görä ýüreginiň bir ýerde, göwresiniň
başga ýerde jaýlanyşy hakda gürrüň berdi.
─Men Şopeniň göwresiniň jaýlanan ýerine-de,
ýüreginiň jaýlanan ýerine-de zyýarat etdim.
Bir ýanda oturan Nuryda bu söhbet uçilişede
okaýan döwründen bäri ýüreginde höwürtge edinen
arzuwyny oýardy. ―Kompozitorlaryň doglan ýerini,
ýaşan ýurduny, elleri degen saz gurallaryny
görsem. Olaryň oturan oturgyjynda otursam‖.
─Men-ä okuwy gutaramsoň, ilkinji etjek zadym,
köpük-köpük
ýygnap,
ilki
Ýewropadaky
kompozitorlaryň watanyny görjek. Şeýle göresim
gelýär. Göwnüme bolmasa, şolaryň ýörän
topragyndan saz ýaňlanyp duran ýaly.
─Eger Polşa gelseň, meni tapgyn. Bileje
aýlanarys. Ýöne gözel polýak gyzlaryny görseň,
sen şobada aşyk bolarsyň. Olary üçünji gata prostyn
bilen çekmek gerek däl. Özleri uçup girerler.
─Şeýle owadan bolsalar, öýlenäýmeli bolar-da.
386
Soňra söhbet Nurynyň üçünji gata gyz çekişine
syrykdy, başga-başga gürrüňlere geçildi.
Şol söhbetdeşligiň ertesi güni Nury umumy
ýaşaýyş jaýyndan çykyp barýarka, bir erkek kişi
onuň bilen salamlaşdy-da bile ýöräp başlady.
─Sen Nury dämi?
─Hawa.
─Men saňa Ýewropa syýahata gitmäge kömek
edesim gelýär. Gidesiň gelýär dämi?
─Şeýle gidesim gelýär.
--Biz ýene duşuşarys. Maňa Iwan Iwanowiç
diýýärler.
Nury hiç bir ýamanlygy göwnüne getirmän
hoşlaşdy. ―Düýnki oglanlaryň biriniň tanyşydyr‖.
Emma özi hakda bireýýäm açylan gizlin
papkada täze bir gara sahypa ýazylanlygyny Nury
otursa-tursa aklyna getirip bilmeýärdi. Gara
sahypada: ―Nury Halmämmedowyň daşary ýurda
gaçmak isleýänligi hakda habar tassyklandy. Ol
Ýewropa gidip şo taýdan Eýrandaky doganlarynyň
ýanyna geçmekçi bolmagy mümkin.‖ diýlen
ýazgyny Nurynyň özi okasa ýüregi ýarylardy. Nury
öz atasy Baýlynyň ruslara garşy Gökdepe
goranyşynda jarçy bolanyny hem şol ýazgyny
okamasa bilmejekdi. ―Uly jenaýatkär we Watan
dönüginiň ogly Nury Halmämmedow her ädimde
387
jenaýat edip biler‖ diýen ỳazgyny okasa dagy
Nurynyň başy aýlanyp ýykylmazmydy?!
Köneje we özüne giň bolýan paltosynyň
ýakasyny galdyryp, gara saçyna ak gar ýagdyryp
konserwatoriýa barýan Nurynyň başynda häzir
sazdan başga pikir ýokdy. Özi hakda gelejekki
ömründe-de
galyň-galyň
gara
sahypalar
ýazyljakdygyny, bu sahypalaryň ony daşary ýurda
gezelenje gitmeg-ä däl, ýurt içinde öz hakyny
almakdan hem goýjakdygyny Nury gümanam
etmeýärdi. Ol häzir beýnisini gyjyklaýan bir heňi
gaýtalap, barmaklaryny pianino çalýan ýaly
hereketlendirip, aşaky dodagyny çeýnäp barýardy.
*
*
*
Dünýä Daýnadan başlanýar
Nury soňky wagtlar tutuşlygy bilen saza
çümdi.
Onuň
ýüz-gözündäki
görünmeýän
damarjyklaram saz kirşi ýaly tirpilläp başlady. Ol
beýnisinde ýaňlanýan saz hazynasyna begenebegene, o sazlary özi diňleý-diňleý heziller edinýär.
Bu dünýäni unudyberdi. Nury başyndaky sazlary bu
dünýäden has uly, has giň, has möhüm saýyp
başlady. Onuň bir adam bilen gepleşip otyrka,
388
birden
dymmasyna
ýa-da
sessiz-üýnsüz,
sagbollaşman zym-zyýat bolmasyna köpler
düşünmedi. Onuň gijäniň ýarynda ukynyň iň süýji
wagty oýanyp, nota depderine bellikler edip
oturanyny gören otagdaşlar Nura düşünseler-de bir
gün däl, bir gezek däl, ýöne gaýtalanyp duran
ahwalatdan bireỳỳäm irdiler. Nury bolsa biperwaý,
parhsyz. Ol diňe sazy bilýär, galan zatlar onuň üçin
gaty uzak, gaty daş.
Ol bir gün gaty ir oýandy, garaňkyda geýindide otagdan çykyp gitdi. Gitdi, emma gapyny
ýapmalydygyny unutdy. Sowuk Moskwanyň
köçeleri ony biraz özüne getirdi. O salkynlyk, o
şemaljyk Nura gaty lezzet berdi. Ylgap-ylgap gidesi
geldi. Şeýle bagtly pursatlarda adamlaryň öý
howasyna demigip ýatyşlaryna nebsi agyrdy. Ol hiç
bir maksatsyz, ýöne bir ýöräp barýanyna begenýär.
Birdenem başga bir uly köçä sowulyp gitdi. Ýörediýöredi ýadamady. Bir baksa hemişelerem gelip
ýören binasyny gördi – Türkmenistanyň
Moskwadaky wekilhana jaýy. Ol Türkmenistandan
gelen
adamlaryň
ýüz-gözünden,
sesinden
Türkmenistanyň ysyny alasy geldi. Näçe wagt bäri
Türkmenistana zar boldy ahyry. Türkmenjikleriň
güne gaýzygan, aňňaş-taňňaş ýüzlerini görmegem
bagt ahyry. Olaryň gödekleç ellerini iki eliň bilen
gysmagyň özi nämä degmeýär?!
Nury uly gapyny kakdy.
389
─Hä-ä ýene kim geldi? Bu gije ýatuw bolmady.
Kim? Türkmenistandan Moskwa döküläýdiler-dä.
─Garry aýalyň gapyny açýarka zeýrenji eşidildi. ─
Ýer ýok, ýer ýok.
─Bu men, Nury, Tanýa daýza.
─Tanýa daýzaň ölmedi, bu azaplardanam
dynmady. Nury, daňdan näme ygyp ýörsüň? Wah,
wah-e-eý, aýajygym!
─Türkmenistandan
salamlaşaýjakdym.
gelenler
bilen
─Hanha, biçäreler, ýer bolmany sebäpli uzak
gijäni sowuk mermeriň üstünde geçirdiler.
Koridoryň garaňky böwründe haltalaryna,
çemodanlaryna arka berip bir-birege ýaplanyşyp,
uzak gijäni oýaly-ukuly geçirenleri gördü-de Nury
olaryň ýanyna bardy. Bir ýaşuly inçejik, çirkin sesli
sözledi.
─A-how, inim, şu aýaly tanaýan bolsaň aýtsana,
bir jaýjagaz bersin, biz-ä gawun berdigem weli,
etmedi.
─Alarys, agam, alarys.
Nury ýylgyrdy, olaryň ýüzlerini görsegörmese, uzan elleri yhlasly gysyp, salamlaşyp
başlady.
─Essalawmaleýkim!
390
─Waleýkimessalam. Inijigim, gurgunjamysyň?
Bärlerde okaýamyň-işleýämiň?
Nury hem jogap berýärdi, hem elleri gysyp
ýördi. Şonda sary ýüzli uzyn ýigit Nurynyň uzadan
ellerini iki elläp gysdy-da goýbermedi.
─Agam, ýalňyşmasam siz Nury Halmämmet
bolmaly.
─Hawa, men.
─Onda ikimiz garyndaş bolýas. Men Daýnadan
geldim.
Hälki çirkin sesli sözledi.
─Daýna diýlen ýer nire bolýarka?
─Daýna dünýäň başlanýan ýeri bolýa, agam ─
Nury mylaýym sözläp, beýlekiler bilen elleşip
ýaňky ýigidi ýanyna aldy-da bir gyra çykdy.
─ Adyň näme?
─Işanguly. Men Hojagulynyň ogly. Bagşy
Atalardan.
─Hä-ä, şeý diýsene. Daýna ýerindemi?
─Nurynyň ýüz-gözi üýtgewsiz bolsa-da, sesi rahat
çyksa-da, içinde gowga bary gopup başlady. Ýüz
müň soragy birbada aýdasy geldi: Howalar nähili?
Sumbar şu mahal joşýan däldir-le? Diňlideredäki
hozlar bamy? Oglanjykkak
ogurlap iýerdik.
Baýlynyň armydyny bilýänsiň-ä? Ana, şo biziň
391
atamyzyň mellegi-dä. Bäherdene haýsy ýoldan
gatnaýarlar? Ýelligaýa owadandyr-a.
Sen näçinji ýylda doglan? O-ow, kyrk altyda
bizi ýetimhana alyp gaýdypdylar. Nedirguly dagy
bilen Bäherdende bolupdyk. Ýaşulylardan kimler
galdy?
Nury sorag berip ýetişse, garşysyndaky
jogabyny berdi. Aralygynda Işanguly hem sorag
berdi.
─ Baýly agalara Bäherdene gelip gidýäniňi
eşidýäs. Daýna gel ahyry. Dünýä inenje öýňüzem
dur. Munça ýyllap Daýnany görmän nädip oňýaň?
Nury jogap bermedi. Şol naýynjar, zaryn
gözlerini Işangula aýlap, ýene ýere bakdy. Uludan
dem aldy. Işanguly beren soragyna ökünip, özüni
saýgylap ugrady. Ol Nura göz astyndan utanjaň
bakyp goýberdi weli, Nurynyň şeýle nebsiňi
agyrdyjy görnüşini duýup, hasam özüne käýindi.
Ahyry, Nury ýuwaşja sözledi.
─Ýör, aşak ineli, saňa saz çalyp bereýin.
Nury öňden tiz ýöräp, ýerzemindäki sowuk,
çygly otaga girdi. Barşyna pianinonyň oturgyjyna
çökdü-de gözlerini ýumup, çalyp başlady. Nurynyň
öz düzen sazylygyny, özem henize çenli pianinoda
eşidilmedik täze sazlygyny Işanguly şobada duýdy.
Nury bu dünýäni unudyp, öz dünýäsine syýahata
gitdi, örän uzaga gitdi. Ejesi pahyr bilen, doganlary
392
bilen, Sumbar bilen, torraňňylar, serwiler, olaryň
şahasynda şemalyň badyna hiňňillik uçýan guşlar
bilen duşuşdy. Ol bu gezek ho-ol birmahallar
Dänegulyň depesine çykyp, durna seçen pursatyny,
durnasynyň asmandan kelemenläp gaýdyşyny
gördi.
Dogrusy, Nury bu zatlary hakykatda görenem
bolsa, munça duýga batmazdy.Sazyny tamamlap,
ýerinden turdy. Duýgudan ýaňa gozganybilmän
oturan obadaşynyň arkasyny ýumşak sypap
goýberdi.
─ Dünýä Daýnadan başlanýar doganjygym!
*
*
*
“Sen bu dünýä öz asyryňdan ir gelipsiň”
Moskwa konserwatoriýasynda okan bäş ýyly
Nury üçin, üstünden guş uçan ýaly bolup, tiz geçdi.
Moskwanyň aňzak gyşynda titräp, köneje
paltosynda ýygrylyp gezeni geçipdir, sowuk-sowuk
ýagyşlarda buýup, uzyn saçlaryndan suwuň
şorruldap akany geçipdir. Stipendiýa göz dikip,
günüň tizräk ýaşyp, tizräk dogaryny dilän günleri
geçipdir. Şöhratlar, el çarpmalar, söýgüler, öýkekineler, gözýaşlar-- bary geçipdir. Diňe saz
galypdyr.
393
Nury soňky ýylda özüni büs-bütin saza berdi,
sazyň içinde ýaşap başlady. Ol şeýle bir sazyň içine
çümdi weli, saz haýsy, Nury haýsy-biler ýaly
bolmady. ―Eger Nurynyň agramy ýetmiş kilo bolsa,
onuň altmyş dokuz kilosy sazdyr‖ diýäýmeli boldy.
Ol konserwatoriýany gutaryş diplom işi hökmünde
―Türkmenistan‖ simfoniki sýuitasyny ýazdy. Şol
saz bilen gümra günleriniň birinde Türkmenistanyň
wekilhanasynyň bir işgäri umumy ýaşaýyş jaýyna
geldi-de Nuryny alyp gitdi.
─Nirä gidýäs?
─Bir uly adam seniň bilen gepleşmekçi. Saçyň
bejeriksiz, jalbaryň bu ýyl ütük görmändir. Men-ä
seni o adama görkezmäge-de utanýan.
Nury aýak çekdi.
─Utanýaň bolsaň, bar sen özüňi görkezäý. Men
gitjek däl, meniň saçym-sakgalym bilen hiç kimiň
işi bolup bilmez. Özüme özüm patyşa. Başga
patyşalaryň betbagt halyna gülesim gelýär.
Düşnüklimi ?!
─Ýuwaşrak ho-ow, seň bilen adam ýaly gepleşip
bolmaýa. Ýör, ýör, maňa getir diýdiler, başga
mesele bilen işim ýok.
Wekilhananyň başlygy Nuryny gowy garşy
aldy.
─Nuryjan, ýagdaýlaryň gowudyr-la. Näme
ýetmeziň bar bolsa, göni maňa aýdybermelidir.
394
Häzir seň bilen Türkmenistan komunistik
partiýasynyň Merkezi Komutetiniň Ideologiýa
bölüminiň müdiri gepleşmekçi. Häzir ýygnakdan
gelýär. Nuryjan, düşünýäň dämi, näme diýse
ünslüje diňle, sypaýyja gepleş. Gaty gowy
adamdyr.
─Ýaşuly, men birinji klasa gidemok, öňem adam
gördüm.─ Wah, Nuryjan, sen dogry diýýäň. Ýöne
adamçylyk-da. Olam uly wezipeli bolansoň...
Hawa-la, gül ýaly bolar, gül ýaly bolar.
Wekilhana başlygy şundan soň, kagyzlara
güýmenip başlady. Nury hem başyny sallap otyr.
Uzak garaşmaly boldy. Birden turup, kabinetden
sessiz çykdy-da, göni ýerzemine baka ylgap diýen
ýaly indi. Pianinoly otaga girdi.
Çalyp başlady. Uzak çaldy. Ahyry, orta boýly,
tegelek ýüzli sypaýy bir kişi emaý bilen gapyny
açyp girdi-de, assaja ýöräp, pianinonyň beýle
ýanyndaky oturgyçda oturyp saz diňläberdi. Nury o
kişini ilkinji gezek görýär. Sazyny böljegem
bolmady. Ýene gözlerini ýumup ep-esli wagt çaldy.
Gelen kişi saz tamamlananda ýerinden turup
Nurynyň elini gysdy.
─Nury, ýagdaýlar ýagşymy?
─Hawa.
─Ýör, bileje garbanaly. Ýaňky sazlaryňy öň
eşitmändik, täze ýazdyňmy?
395
─Hawa, ýazylýa-da.
─Gowy gördüm.
--Seň gowy göreniň ỳeterlik däl, sazyň özi
gowy bolmasa bolmaýada.Ýaňky çalanlarymda
kem barlygyny bilýän, ýöne tapmaly-da.
─Ýuwaş-ýuwaş kämilleşdirersiň.
─Bar bela şonda. Ýazmany hemmeler başarýa,
kämilleşdirmek, sünnälemek başga mesele. Ýaşuly,
gaty uzaga gitmäli. Men ýene gelmeli boljak.
─Bolýa, bolýa. Gel şu kafe giräýeli, adam azrak
ýaly-la.
Olar ýönekeýje nahar aldylar. Ondan-mundan
gürrüň edip oturdylar. Nura o kişi ýarap başlady.
Sypaýylygy,
tebigylygy
gowy.
Türkmenistandan gelenleriň köpüsi nahara alyp
gidýär. Gymmat restorana eltip, dürli araklar,
konýaklar içirjek bolşup jan edýäler. Özüniň
pulludygyny görkezesi gelýär. Bu oturan
mugallymdyr ýa garypja alymdyr, pukaraja
kitaphanaçy bolmagy-da ahmal.
─Onsoň konserwatoriýany tamamlap, näme
etmekçi?
─Göreris-dä.
─Ermenileri,
azerbaýjanlary,
tatarlary,
ýewreýleri synlasaň-a güýçli bolsa, merkezde
396
galýa. Has güýçlenýä, dünýä çykýa. Soň Watana
gidesi gelse gidiberýä.
Nury sypaýy ýaşulynyň sözüni böldi.
─Wah, ol aýdýanyň dogry weli, men
Türkmenistansyz oňup bilmen. Türkmençe
gepleşmesem, ýüregim ýarylyp barýa. Şu mahal
ikimiz türkmençe gepleşip otyrys weli, bä-äý,
lezzet-lä.
─Düşünýän. Ýöne sen Türkmenistanyň ýagdaýy
bilen içgin tanyşsaň, soň belli netijä gelseň gowy
bolar. Meniň Moskwada gaty gowy dostlarym bar,
olar saňa eýelik ederler. Menem elimden gelen
kömegi ederin. Türkmenistanda pagtany hem,
medeniýeti hem şol bir terezide çekýärler, o taýda
seni çeýnäp-çeýnäp taşlarlar. Ikimizde pulam ýok,
garyndaşam ýok. Seni batga batyrarlar. Men saňa
gaty köp zady aýdyp bilmeýän, sen şo zatlar hakda
oýlan. Saňa Moskwadan bir jaýjagaz almaga ýol
taparys. Men rektoryňyz bilen gepleşdim, sen
hakda gaty uly umytda. Sen diňe saz ýazmaly, saz
ýazyp ýeňmeli. Saňa sabyr gerek, diňe sabyr gerek.
Sen türkmeniň abraýyny dünýä ýetirip bilersiň.
─Ýaşuly bagyşla weli, men seni tanamadym-la.
─Men Ýazguly. Ideologiýa işgäri.
Nurynyň garşysynda oturan sypaýy kişi
Türkmenistan
Kompartiýasynyň
Merkezi
Komitetiniň ideologiýa bölüminiň müdiri bolup
işläp ýören bolsa-da häzir ony Merkezi Komitetiň
397
sekretary
wezipesine
hödürlemek
üçin
söhbetdeşlige
çagyrypdylar.
Ýazguly
Hudaýberdiýew ýene ýigrimi günden Aşgabatda
geçjek partiỳa ỳygnagynda sekretar boljagyny
bilýärdi. O döwür bu wezipe Türkmenistanda
üçünji adam diýmekdi.
Nury bilen Ýazguly Hudaýberdiýew sowuk
hem pukara kafede gije çenli gürrüňleşip oturyp,
dünýäniň derdini gozgadylar.
Gelejekki dört ýylda ikisiniň ýakyn dost
boljagyny, Moskwada galmak teklibini kabul
etmänsoň, Nura Aşgabatdan ýaşaýyş jaýyny
edinmäge kömek berjegini, Nuryny esgerlikden
alyp galmaly boljagyny, Nurynyň aýagyndan
ýazylýan golsuz arzalara ýol bermejek bolup
kösenjegini Hudaýberdiýew güman etmese-de,
kynçylygyň az bolmajagyny bilýärdi. Ol gelejekde
Gara Seýitli Medeniýet ministri bolup ýadaşanda,
şonda Nuryny Medeniýet ministri wezipesine
bellemegi planlaşdyrýardy.
Dogrusy, Türkmenistanyň uly ýolbaşçylarynyň
arasynda Nuryny çyndan goraýjy, goldaýjy
Ýazguly
Hudaýberdidi.Ol
Nurynyň
sadalygyny,çekinjeňligini, öz hakyna kaỳyllygyny,
şonda-da ony gaty köseỳändiklerini göre-göre:
‖Nury, sen bu dünỳä öz asyryňdan ir gelipsiň‖
diỳer.
1966-njy ýylyň noýabrynda Özbegistanda
awtomobil
heläkçiliginde
Ýazguly
398
Hudaýberdiýewiň wepat bolanyny eşidenden,
gözýaşlaryny boýur-boýur döküp, pianino başyna
geçen Nury bolupdy. Klawişlere barmaklar däl,
gözýaşlar urýardy. Ýüregiň agysy – ―Elegiki
prelýudiýa we fuga‖ atly meşhur saza öwrüldi.
Nury bu sazy wepat bolan dosduna bagyşlapdy.
Ýazguly Hudaýberdiýew diri bolan bolsa,
Nurynyň şahsy ykbaly başgaça bolardy. Nury ýany
bilen o dünýä äkiden genial sazlaryny, belki, ýazyp
ýetişerdi. Muny Nurynyň özi syzan bolmagy bolup
biljek zat.
Her niçik bolsa-da dostdan aýra düşmegiň
awusy Nurynyň soňky demine çenli köşeşmez.
*
*
*
Dag ýykyldy ─ dogan gitdi
Nury
Çaỳkowskiỳ
konserwatoriỳasyny
tamamlap, köneje goşlaryny, notalaryny göterip
Moskwadan Bäherdene gelende uly dogany
Baýlynyň ýüzi gülmeýärdi. Ol Nuryny görüp,
özüne zor berip, açyk ýüzli görünmek isledi.
Duýgur Nury muny şobada duýdy. Salam-selimden,
çaý-nahardan soň Nury gönüledi.
─Baýly,
aýtsana!
näme
boldy?
399
Menden
gizlemän
Baýly az salym dymdy, soň ýuwdundy-da
gamly gepledi.
─Aşyrberdijan gitdi.
─Habar geldimi?
─İlki Gürgen radiodan aýdymy kesildi.
Garaşdyk, soň sesi çykmady. Bir gün Daýna baryp,
araçägiň aňyrsyna habar iberdim. Habaram, näme,
aýdym aýdylan ýaly edip, ―Aşyrberdi Hanmämmet
oglundan habar barmydyr
ho-o-ow‖ diýip
gygyrmaly-da. O taýdan biri iki günden soň
gygyryp habar beräýdi. ―Patasyny alyberiň,
gidenine dört aý boldy‖ diýdi. Aşyrberdijan...
Aşyrberdi...—Baýlynyň
damagy
dolup
gepläbilmedi.
Nury hälden bäri gözýaşlaryny süpürip otyr.
Aşyrberdi bilen bileje oýnan günleri göz öňünde
janlanyp, Aşyrberdiniň radioda aýdýan aýdymlary
gulagyna ýaňlanyp , Nury hasam gama batdy. Gam
gamy oýardy. Aşyrberdi şo-ol oglanjyk şeklinde
Nurynyň göz öňünde galdy.
Ýat ilde öleniň, ah-ah,
Gözi ýumulma-a-az.
Gabry gazylma-az.
Wah-wah, eý ja-an-e-eý.
400
Ýene dokuz ýyldan Baýlynyň özi hem
ýurduny täzelär. Ana, şonda Nuryny has uly
Ýalňyzlyk bogup başlar.
* * *
“Şükür bagşy” – duýdansyz gelen bagt
Çärjewde önüp-ösüp, şo taýda sazçylyk
mekdebini tamamlan Bulat Mansurow soňra
Bütinsoýuz döwlet kinematografiýa institutynda
okaỳarka, öz gutardyş diplom işi hökmünde
Nurmyrat Saryhanowyň ―Şükür bagşy‖ powesti
esasynda kino döretmegi niýet edinýär. Bu kinoda
baş gahryman Şükür bagşy bolany üçin kino sazyna
hem gaty köp ähmiýet berýän režissýor Bulat
Mansurow kompozitorlar bilen, olaryň saz
döredijiligi bilen ýakyndan tanşyp, öz isleýän
kompozitoryny tapasy gelýär. Ahyry, oňa Nury
Halmämmedi salgy berýärler. Beýik režissýor Bulat
Mansurow o günleri şeýle ýatlaýar:‖Biziň ―Şükür
bagşy‖ filmimiz ilkinji gezek Orta Aziýa we
Gazagystan kinematografiýaçylarynyň 1964-nji
ýylda Frunzede (Bişkekde) geçen festiwalynda iň
oňat film diýlen baha alypdy. Şonda filme ýazylan
saz üçin aýratyn baýrak döredilip, oňa Nury
401
Halmämmet
mynasyp
bolupdy.
Baýrak
gowşurylanda ol çekinjiräp: ―Bu meň işim däl. Bu
halkyň, Şükür bagşynyň sazy. Men diňe öwrendim,
saz döretmedim, men halky diňledim. Bu baýragy
türkmen sazyna goýlan hormat hökmünde kabul
edýärin‖ diýipdi. Men 26 ýaşly ýigidiň şeýle zat
aýdyp bilendigine entegem haýran galýaryn...
...1961-nji ýylda biz ―Şükür bagşy‖ filmini
almaga başladyk. Aktýorlary, hudožnikleri
gözleýärdik, ýöne saz meselesi has-da biynjalyk
edýärdi. Halk sazynyň ruhunda, şoňa mynasyp sazy
ýazyp biljek kompozitory nireden tapsa bolar?! Bir
gün biziň ýanymyza bir ýaş ýigidi getirip, ine
kompozitor, Moskwa konserwatoriýasynyň talyby
diýip tanyşdyrdylar. Ol utanjaňlygy zordan ýeňip,
biziň haýyşymyza görä, roýalyň başyna geçdi.
―Dutaryň owazy‖ diýen sazyny çalyp başlady.
Surata alyş meýdançasyndakylaryň ählisi haýran
galyp bakdylar hem-de gözleýän adamymyzyň
biziň öňümizde oturandygyna göz ýetirdiler...
...Ýene bir duşuşyk. Biz Moskwadan uçjak
bolýardyk. Uçar gijä galýardy. Ikimiziňem halymyz
teňdi, ýadapdyk. Men ondan işleri barada soradym.
Ol şonda: ―Hiç zat başa baranok. Orkestr düzjek
boldum, meniň ynanan sazandalarym bolsa dagady.
Moskwa gitmegi, simfoniýa ýazmagy ýüregime
düwdüm. Bu ýerde-de bir dil tapmadyk.
Göräýmäge gaty gowy dirižýor, sazandalaram
ökde, ýöne meň diýýänim bolanok. Opera, balet
402
ýazasym gelýär, gowy libretto tapyp bilemok‖ diýip
jogap berdi.
Men öz maksadyna ýetip bilmeýän uly
ussadyň alaçsyzlygyny, zerur materialyny tapman
heläk bolýandygyny gördüm. Ol meniň ýadymda
şeýle galypdyr, şondan soň ony görmedim. Häzire
çenli hem oňa kömek edip bilmändigime
gynanýaryn.
Her hili zatlar bolan bolsa-da, oňa päsgel
berip, badak atanam bolsalar, umuman alanyňda,
ykbal oňkyny ugruna edipdi. Onuň çeken
jebirleriniň ählisiniň sebäbi başga zatda...‖
Beýik režissýoryň ―Şükür bagşy‖ filmi we
oňa saz ýazan Nury Halmämmedow diňe baýraga
däl, ömürlik şöhrata hem eýe boldular.
Filmiň
filosofiki
mazmuny
Nury
Halmämmediň çuň filosofiki sazy bilen garyşypgatyşyp ajaýyp bir eser orta çykdy. Mundaky saz
filmiň özündenem has kämildi, has beýikdi.
Şol kino festiwalda dünýä meşhur ỳazyjy
Çingiz Aýtmatow Nury Halmämmediň sazynyň
belentligini şobada duýdy we gyzgyny bilen uly bir
makala ýazdy. O makala tutuş SSSR möçberinde
medeniýet babatda iň uly gazet bolan ―Sowetskaýa
kultura‖ gazetinde çap edildi: ―Şükür bagşy‖ birküç
gezek tomaşa etmek gerek... Eger kompozitor Nury
Halmämmedowyň sazy bolmadyk bolsa, film şeýle
derejede çykmazdy. Bu şeýle tebigy dörän saz
403
türkmen halkynyň saz medeniýetine şan-şöhrat
getirýär.‖
1964-nji ýylda Çingiz Aýtmatow özüniň
―Jemile‖ powesti bilen dünýäni sarsdyrýan
ýyllarynda, dünýäniň birinji ýazyjysy hökmünde
onuň her bir setiri gapylyp alynyp okalýan
ýyllarynda Nury Halmämmet hakda belent söz
aýtmagy Nury üçin garaşylmadyk bagt boldy.
Nurynyň sazlarynyň reklamasy üçin gaýtalanmajak,
iň uly pursat boldy. Sazsöýerler diňe ―Şükür
bagşynyň‖ sazy bilen däl, eýsem Nurynyň öňki
ýazan sazlary bilen içgin gyzyklanyp başladylar.
―Dutaryň owazy‖ hem-de
―Türkmenistan‖
simfoniki sýuitasy başgaça diňlenip, başgaça, has
ýokary baha mynasyp görlüp başlandy.
―Şükür bagşy‖ kinosynyň sazy Nuryny täzeden
açdy, ony dünýä meşhur etdi we ägirt uly şöhraty
Nurynyň egnine ýükledi. Bilşiňiz ýaly, iň agyr ýük
şöhrat ýüki, ony köpler göteribilmän maýrylýar.
Şöhrata çydam etmek uly mesele bolup durka, o
şöhrat göripleriň Nura duşmanlygyny
hem
artdyrdy. Ýigrimi alty ýaşlyja ýigidiň öz sazy bilen
älemi gümmürdetmesi ondan ep-esli ýaş uly,
tejribeli we ylmy ýokary, wezipesi beýik türkmen
kompozitorlarynyň käbirine ýaramady. Düýn
burnuny sykyp ulaldan oglanyň şöhraty bu gün saňa
kölege berýän bolsa, begenmäni diňe mertler
başarýar.
404
Nury şöhrat atyna mündi, bu güne çenli şagal
uwlaýan jübüsinde pul barlygyny hem duýdy.
Şobada Nurynyň dosty köpeldi. Nury olara parh
goýman gatnaşyp, tirkeşip başlady. Diňe göripligi
ýüzüne çykyp duranlary golaýlaşdyrmady, başarsa
olaryň üstünden gülmek isledi ýa-da olaryň
göripligini hasam artdyrjak oýunlar etdi, gysgajasy
göripleri gyjyklady. ―Maňa geniý diýýärler weli,
kabul etsemmikäm – etmesemmikäm?‖ diýýär.
―Çygylyp-çygylyp bir zat ýazypdyr weli, hernäçe
çygylsamam diňläp bilmedim‖.
Kinoda ilkinji galam haky, soňra köp
görkezilenligi üçin galam haklary berilýär. Onsoň
köp pul gören Nury o pullary saga-sola sowrup
başlady. Dostsyraşyp ýörenler ony gije-gündiz
ýalňyz goýman bizar etdiler.
Hakykatda-da oňa sen geniý, sen ýeke-täk
diýip başladylar.
Nury şu mahal özüni gaty gowy duýýar. Öz
şöhratyna içinden guwanýar. Diňe içinden
guwanýar. Ony entek öwgi-mahabat bilen
sarsdyryp bilenoklar.
Nurynyň ykbalyna ummasyz uly täsir eden
kinorežissýor Bulat Mansurow soňky kinolaryna
Nuryny çagyrmandyr. Munuň sebäbi hakda oýlansa
bolar. Şeýle şowly çykan ―Şükür bagşy‖ filminiň
sazyny Moskwada kinematografiýa döwlet
simfoniki orkestri çalmaly, lenta geçirmeli bolanda
Nury zym-zyýat bolupdy. Onuň nirä gürüm-jürüm
405
bolanyny Alladan başga bilýän ýokdy. Kino
topary, näçe studiýa, simfoniki orkestriň bir süri
sazandasy, hut baş režissýor Bulat Mansurowyň özi
Nura garaşýardy. Nuryny her ýerden gözleýärdiler.
Asyl, onuň ölüdigi-diridigi belli däldi.
Howpurgaşyp, her tüýsli gorkunç pikirler edip
başladylar. Bu ullakan şäherde, dünýäniň adamsy
üýşen ýerde her zat bolup bilerdi.
Nura garaşma uzak dowam etdi. Bulat
Mansurow Nura garaşa-garaşa halys surnukdy. He
aglara, ne gülere sebäp bar.
Ahyry, başga bir kompozitora gyssagara saz
ýazdyralyň diýşip ýörkäler, goltugy notaly
kagyzdan doly Nury göründi. Onuňam durky gaty
naýynjar. Çekgesi çekgesine ýapyşyp, gözleri
bürüşip, ysgynsyzlykdan ýaňa aýak üstünde zordan
durýar. Ol: ―Şu notalary dirižýora beriň. Özi
düşüner. Gül boldy, gül. Men näçe gije uklamok,
iýgi-içgi ýatdan çykdy. Bir salym uklap bilsem
uklaýyn‖ diýip holodilnikden bir bölejik kolbasa
alyp, bir stakan aragy içip krowada özüni goýberdi.
Notalary dirižýora eltseler, ol göz gezdirip:
―Brawo, brawo! Nuryşka geniý. Nuryşka klassik!‖
diýip, begenjinden uçaýjak bolýar.
―Şükür bagşy‖ kinofilminiň sazy, ynha, şeýle
ejirler bilen döredi, şeýle ejirler bilen halka ýetdi.
406
Bulat Mansurow hem özüne, hem Nura beýle
ejir bermejek bolup, soňraky kinolarynda Nura ýüz
tutmadyk bolmagy mümkin.
Eger ―Şükür bagşy‖ kinosy bolmadyk bolsa
ýa-da o kino üçin Nurynyň sazy ýazylmadyk bolsa
Bulat Mansurowyň, filmiň we Nury Halmämmediň
ykbaly başgaça bolardy. Bu jedelsiz hakykat.
Her niçik bolsa-da, ahyrda, ―Şükür bagşy‖
kinosy özüniň genial sazy bilen taryhda uly orun
eýeledi.
“Aýgytly ädim” – beýikleriň aýgytly ädimi
Alty Garly, Nury Halmämmet bu filmiň iň
kuwwatly sütüni boldy. Berdi Kerbabaýewiň
―Aýgytly ädim‖ romany esasynda surata alnan bu
kino türkmen ykbalynyň bir sahypasyny çuň
görkezmegi başardy. Bu görünýän, beýan edilýän
wakalar hakda şeýledi. Emma filmiň sazy, ondaky
aýdymlar, hüwdi tutuş türkmen taryhyny saz arkaly
diňleýjä ýetirmegi başardy. Türkmeniň bütin ömri
boýy bagty, betbagtlygy bu sazlarda şeýle bir çuň,
şeýle bir giň we şeýle bir pelsepeli berildi weli, o
sazlar her bir türkmeniň ýüregine şobada siňdi
gitdi. Sazlary çöldäki çarwa-da, ömrüni ylym –
bilim toplap geçiren alym-da ýürekden söýüp
diňleýär. Indi türkmen durmuşyny Nury
Halmämmetsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. O
407
sazlary dünýä diňleýär, dürli milletler diňleýär,
emma Türkmen bolup diňlemegiň beýik bagty bize
miýesser etdi.
Nury Halmämmedi Türkmen bolup
diňläýseň.
―Şükür bagşy‖ kinosyna saz ýazandan soň,
Nuryda beýik dagdan inen sil ýaly kuwwat, beýik
energiýa
toplana-toplana,
―Aýgytly
ädim‖
kinosynda jadyly saz bolup ýaňlandy. Saza örän
çuň düşünýän beýik režissýor Alty Garlynyň bu
sazlardan alýan lezzetini başga hiç zat bilen deňär
ýaly däldi. Alty Garly heziller edindi. O saz Alty
Garla: ―Nurynyň sazy ýaňlananda, sözüň geregi
ýok. Ol ähli zatdan güýçli‖diýdirip bildi.
―Aýgytly ädim‖ kinosyna saz ýazmaga Alty
Garlynyň Nury Halmämmedi saýlap almagy bu
kinonyň iň uly utuşy boldy. Edil ―Şükür bagşyda‖
Hai letto il testo 1 da Turkmeno letteratura.
Avanti - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
  • Parti
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Il numero totale di parole è 3654
    Il numero totale di parole univoche è 2143
    23.9 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    32.1 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    37.8 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Il numero totale di parole è 3376
    Il numero totale di parole univoche è 2136
    22.4 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    32.9 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    38.5 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Il numero totale di parole è 3669
    Il numero totale di parole univoche è 2163
    29.5 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    42.1 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    48.5 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Il numero totale di parole è 3704
    Il numero totale di parole univoche è 2143
    29.9 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    41.7 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    48.7 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Il numero totale di parole è 3670
    Il numero totale di parole univoche è 2140
    30.1 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    42.6 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    50.0 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Il numero totale di parole è 3646
    Il numero totale di parole univoche è 2242
    28.5 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    40.1 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    47.1 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Il numero totale di parole è 3721
    Il numero totale di parole univoche è 2130
    28.4 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    39.0 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    45.5 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Il numero totale di parole è 3607
    Il numero totale di parole univoche è 2242
    26.5 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    38.1 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    44.6 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Il numero totale di parole è 3579
    Il numero totale di parole univoche è 2123
    25.9 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    37.1 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    42.6 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Il numero totale di parole è 3560
    Il numero totale di parole univoche è 2085
    24.4 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    34.0 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    38.8 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Il numero totale di parole è 3488
    Il numero totale di parole univoche è 2187
    26.8 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    38.9 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    45.3 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Il numero totale di parole è 3539
    Il numero totale di parole univoche è 2131
    30.3 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    43.5 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    51.2 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Il numero totale di parole è 3692
    Il numero totale di parole univoche è 2022
    31.4 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    45.6 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    53.0 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Il numero totale di parole è 3678
    Il numero totale di parole univoche è 2012
    31.3 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    45.5 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    52.7 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Il numero totale di parole è 3704
    Il numero totale di parole univoche è 1919
    32.5 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    46.2 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    53.2 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Il numero totale di parole è 3591
    Il numero totale di parole univoche è 2006
    32.3 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    46.0 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    53.1 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Il numero totale di parole è 3577
    Il numero totale di parole univoche è 2005
    32.6 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    46.7 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    52.9 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Il numero totale di parole è 3505
    Il numero totale di parole univoche è 2029
    30.6 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    43.9 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    50.1 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Il numero totale di parole è 3571
    Il numero totale di parole univoche è 2101
    31.4 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    44.0 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    50.9 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Il numero totale di parole è 3226
    Il numero totale di parole univoche è 1789
    28.4 delle parole sono tra le 2000 parole più comuni
    40.4 delle parole sono tra le 5000 parole più comuni
    48.0 delle parole sono tra le 8000 parole più comuni
    Ogni riga rappresenta la percentuale di parole su 1000 parole più comuni.