Latin

Ýere gaçan ýyldyzlar - 46

Total number of words is 2158
Total number of unique words is 1428
38.0 of words are in the 2000 most common words
50.5 of words are in the 5000 most common words
57.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
haýsynyň kime näme diýendigi baradaky sorag bilen ýanyna gelýänleriň yzy
üzülenok. Çünki, kino gidip duran wagty ony saklap düşünmedik zadyňy sorap
bolanok.
Dogry, şonça ýyl Sibirde bolup gelendigi sebäpli orsçany Oglanhakyda hem şol
oglandan kem bilenok. Ýöne, onuň ol kinolarda görkezilýän wakalaryň beýan
edilişine syny oturanok. Mazmuny maňzyna batanok. Ony hususan-da basmaçylar
baradaky kinolar kejikdirýär. Jüneýit han, Eziz han ýaly öz ýurdy, il-halky üçin
ata çykan, janyny orta goýan merdana adamlaryň, olaryň yzyna düşen gerçek
ýigitleriniň “basmaçy” diýlip atlandyrylyşyny, duşman hökmünde görkezilişini
ýüregine sygdyryp bilenok. Şolar ýalyda onuň entek kino gutarmanka synyny
silkip turup gidýän wagtlaram az bolanok.
Şonuň üçinem, Oglanhakyda gije-gündiz nädende halka hakydany hakyky
görnüşinde ýetirip boljakdygy barada pikir edýär. Oýlana-oýlana ol ahyry çykalga
tapdy: Ýazmaly! Ras, aýdyp bolanokmy, ýazmaly! Ýazyp goýmaly! Bar zady
bolşy ýaly kagyz ýüzüne geçirmeli. Çünki, baky zat ýok. Sibirde bile oturan
dostlarynyň aýdyşlary ýaly ahyr bir gün sowet hökümediniňem soňy geler. Bu gün
gelmese ertir, ertir bolmasa birigün geler. Ana, şol gün halk Hakykaty bilmeli.
Şeýdip ol hakyda kitabyny ýazmaga girişdi.
Iş başlandy. Her gün agşam gündizki hysyrdylardan soň ol çaý-çöregini iýýär-de,
iş başyna geçýär. Hakyda ýazýar. Türkmen taryhynyň başdan-aýak, ýekeje
524
sahypasynam sypdyrmazlyga jan edýär, beýnisine agram salýar, käte uçursyz
ýadaýar, ýöne, ýazmasyny bes edenok.
Şeýle ýagdaýda üç ýyl geçdi. Oglanhakyda kyrk alty ýaşady. Hakguýuda oturanlar
ony äri urşa gidip gelmedik, kyrk üç ýaşlaryndaky Aýnabat atly dul aýala
öýlendirdiler.
Önüp-öser diýen umytdan daşda bolsa-da, Oglanhakydanyň bagtyna ol aýal oňa bir
ýyldan soň ogul dogrup berdi. Oglanhakyda özüniň garry atasyny ýatlap, onuň
adyna Mollahakyda goýdy. Soň bir gyzy boldy, onuň adyna Enehakyda goýdy.
Özüne öwredilişi ýaly olara-da hakyda öwretmekligi özüne borç edip goýdy.
Aýaly bilen agzybir ýaşady. Ömründe ilkinji gezek öýüň, ojagyň mährini duýdy,
taýyn çaý içdi, nahar iýdi. Her gün irden turanda täret suwunyň ýylap duranyny
görüp begendi. Hakyda ýazmagyny öňküdenem has uly hyruç bilen dowam etdirdi.
Dogry, hökümet şol döwrem köneçilleri, molla-müftini, namaz-täreti gowy
görenokdy. Ýöne,
edil, otuzynjy ýyllardaky ýaly “güpür-tapyram” edip
baranokdy. Garaz, oňuşmazça däldi.
Bir günem Hakguýuda oturan çopan maşgalalarynyň biriniňkä Oglanhakydadan
on-onki ýaş ulurak, ak sakgaly döşüni ýapyp duran süňki irimçek, ýüzi-gözi
nurana, ýylgyryp gepleýän bir adam geldi.
Guýuda oturanlaryň bir däpleri bar, ýagny, kimiňkä myhman gelse-de, ol hökman
söwüş soýup goňşularynyň ählisini öýüne çagyrýar. Myhmany bilen tanyşdyrýar.
Ol adam öň gelip-gidip ýören bolaýanlygynda-da düzgün üýtgänok.
Şol gezegem şeýle boldy. Ýaşulynyň düşen öýi mal soýup goňşy-golamlaryny,
Ýaşulylary öýüne çagyrdy. Oglanhakydanam çagyrdy. Beýlekileriň öň
tanaýandyklary sebäpli öý eýesi ony ýaşuly bilen ýörite tanyşdyrdy.
– Bu ýaşuly meň kakam. Ady Halnepes – diýdi. Soň kakasyna ýüzlendi. – Kaka,
bu adama Ogalanhakyda diýýärler, iňňän gürrüňçil adam. Özem taryh ýazýa...
Meşhur Ruhy batyryňam agtygy.
Ogly şeý diýenden Halnepes aga:
– Aý, ýog-a?.. – diýip, ýerinden turdy. Oglanhakyda bilen täzeden görüşdi.
Gujaklaşdy. Kakasy bilen ýakyn aragatnaşykda bolandygyny aýtdy.
Umuman ýaşulynyň Oglanhkydany turuwbaşdan sulhy aldy. Gowy gördi. Içgin
sözleşdi. Ýazýan zatlary bilen gyzyklandy. Oglanhakyda üçin iň gyzykly ýerem
Halnepes aga şo-ol dabarasy dag aşan “ýeroýlanduz” wakasyna başdanaýak
gatnaşan adam bolup çykdy.
– Be-e... şol waka döwründe düýäň howudyna daňyldy oglan-ow sen – diýip,
öňküsindenem has geň ýylgyrdy. – Ýöne, men gädikden geçip bilmedim. Soňky
söweşleriň birinde ýeňiliräk ýaradar boldum-da, gyzyl goşuna ýesir düşdüm. Ilki
525
Guşga soň Mara, ondanam Aşgabada eltdiler. Şol ýerdenem birnäçe baý adamlar
bilen birlikde Özbegistanyň Ketdegorgan diýen ýerine sürgün etdiler.
Şondan soňky beren gürrüňlerine görä Halnepes aga Hruşewiň maýylganlygy
döwründe Türkmenistana gaýdyp gelipdir. Ol bosgunlrdan kimiň nirede galanyna,
haýsy söweşiň haýsy ýerde bolanyna çenli jikme-jik aýdyp otyr. Tutuş
maşgalasynyň şol ýerde ýogalandygyny, Ketdegorganda täzeden öýlenip , şu,
şýünde oturan oglunyňam şol ýerde doglandygyny, iki gyzynyň bardygyny
aýdanda ühli zat aňynda täzeden janlanan ýaly gözlerine ýaş aýlandy.
Tä gijäniň birwagtlaryna çenli bolan wakalary ýätlaşdylar. Ýygnananlaram edil
gorkunç erteki diňleýän ýaly seslerini çykarman, ünslerini başga hiç zada sowman,
olaryň ýüzlerine jüýjerilişdiler oturdylar. Bular ýaly wakalaryň bolandygyndan
bihabardyklaryny aýtdylar.
“Minaraly” diýen ýerdäki söweşde wepat bolan Annaguly hanyň mazarynyň soň
gyzyllar tarapyndan tapylandygyny, gazylyp alnyp kellesiniň Aşgabatdaky uly
komandirlere eltilip berlendiginem Oglanhakyda şunça ýyldan soň, şol ýaşulydan
ilkinji gezek eşitdi. Oglanhakydanyň Ýeroýlanduz wakasy barada hem
ýazýandygyny bilip, ýaşuly diýseň begendi.
– Dogry edýäň, ýaz! Goý, nähak gan ýerde ýatmasyn. Bigünä bendeleriň ruhlary
“Ýeroýlanduzyň” şepbeşik, şor topragyna garylyp gitmesin. Hakykat bilinmän
galmasyn- diýip, agyr göwresine gelişmeýän ýeňillik bilen, oturan ýerinde ellerini
galgdyp edil çaga ýaly bökejekledi, “ýyrş-ýyrş” etdi. ─ Dogrusyny aýtsam men şol
wakanyň haçanam bolsa bir wagt ile äşgär bolaryndan tamamy üzekirläberipdim.
Ýöne, “kasas kyýamata galmaz” diýenleri çyn ekeni. Sen ýazsaň ol ertir kitap
bolup çykar. Hökman çykar. Ir çykmasa giç çykar. Şu wagt hökümediň ylmy
edaralary il içinden dessanlaryň, nusgaýy şahyrlaryň goşgularynyň asyl
nusgalaryny, hatda agzeki görnüşlerini hem ürç edip ýygnaýarlar, çap edýärler,
olar barada ylmy işler ýazýarlar. Ýogsam ir döwürler şolaryňam köpüsi
gadagandy. Bir gün geler, seňkem gereklener bu wagty gadagançylygyň doňy
çözler. Üstüňe gelip alyp giderler. Ile ýaýarlar. Molla hakydanyň, Enehakydanyň,
Ruhy batyryň, Umydyň, Arzuwyň çeken zähmetleri ýerine düşer... – Ýaşuly
gobsunjyrap ileri omzady-da, Oglanhakydanyň ýüzüne jüýjerildi. – Hiý, şondan
soň şol ýere baryp gördüňmi?
– Nirä?
– Ýeroýlanduza.
– Ýok, baryp göremok. Dogrusy barmaga gorkýan. Barsam şol ahy-nalalar ýene-de
gulagymda gaýtalanaýjak ýaly bolup dur...
– “Ýaly däl-de, hut şeýle şol! Oýa indigiň şehitleriň, esasanam çagajyklaryň “suww, su-uw...” diýip yzlaşýan sesleri gulagyňa gelip ugraýar. Iň elhenç ýerem şol
526
yzlaşygyň arasyndan tanyş sesler eşidilýär... – Halnepes aga Oglanhakydanyň
ýüzüne çiňerildi – Bu gündiz şeýle. Agşam düşýärem welin, çekip-çydap bolmajak
ahy-nala , dady-perýat başlanýar. Ana, şol nalalaryň arasynda welin, öz sesiňem
eşitmek bolýar. – Ýaşuly birmeýdan böwrüni diňläp oturdy. – Biler bolsaň inim,
men mundan on ýyl ozal, bir iş bilen Ketdegorgandan Daşkende gezmäge
gelenimde myhman ýerimiň myhmanyndan şol waka bilen baglanyşykly bir gürrüň
eşitdim. Ol adam şol gyrgynçylygyň birnäçe gün yz ýany, bir sebäp bilen şol oýuň
üstünden barypdyr. Görse, bir çaga heniem emedekläp, daşyny çöp-çalam basan
ullakan ýylgynyň arasyna sümüp-çykyp ýör ekeni. Golaýyna baryp siňe seredipdir
welin, ýylgyn şahalarynyň arasynda bir ýaş gelniň jesedi ýatyrmyşyn. Göwresiniň
ýarysy daşarda bolansoň, ýaşyl ketenesiniň bilinden aşagy Güne solupdyr.
Göwşülläpdir. Sary gaçypdyr. Asyl ap-ak bolup dur diýýä. Galan ýeri welin
mizemändirem. Edil täzeligindäki ýaly ýalpyldap durmuşyn. Eme çagasyna bolan
yhlas gelniň ömrüni birnäçe güne çenli uzaldan bor-a çemeli, görgüli jan teslim
edibilmän telim günläp çalajan ýatypdyr. Ýöne, entek doly tapdan düşmänkä
süýrenjiräp özüni çöpüň içine atan bolmaly. Çagada näme, ara-çola enesini emip
oňandyr-da. Şol adam baranda gelniň endamy buzgarakesege dönen ekeni. Çaga
welin şonda-da sokjap ýatyr diýýä. Ol adam gelni jaýlap, çaganam alyp gaýdypdyr.
Töwerek-daşda başga-da iki-ýeke jeset bar ekeni, ýöne, olaryň golaýyna-da barar
ýaly däl diýýä. Elbetde, erbet keselleriň tutaşmazlygy üçin hökümet howul-hararak
hem bolsa öz soldatlaryna ýogalanlaryň meýitlerini hatda ölen mallara çenli ýere
duwladypdyr, ýöne, meýidem, mallaryň maslyklaram çöpläp çykardan juda kändi
ahyry.
– Howwa-da... Onsoňam bosgunlaryň ýaýrawam giňdi-dä...– diýip, ýaşulynyň
beren gürrüňiniň täsirinden çykybilmän agyr oýa batyp, oturan Oglanhakyda
başyny ýaýkap, ýadaw halda seslendi. – Janhowuljyna özüni çete çekýänem,
gaçyp-tezip has oýmurrak ýerlere atýanam ýok däldi. O gelniňem şolar ýalynyň
biri bolaýmagy ahmal...
– Mümkin. Garas-aý, şo zeýilli zadyň üstünden bardym, diýip şol adam şonda
gürrüň-ä berdi. Şojagaz çaga-da oglanjyk ekeni. Ol ony edil, öz çagasy ýaly
saklapdyr, ösdürip ulaldypdyr. «Hudaýa şükür, şol oglan şu wagt gol doly
maşgalanyň eýesi bolup otyr, maňa dagy öz kakasy däldirin öýdenok” diýdi, diýip,
Halnepes aga sözüniň soňunda endigine görä ýene bir gezek hoşroý ýylgyrdy...
Şol gürüňçilikde Oglanhakyda özüni otuz ýyl gowrak wagt bäri biynjalyk edip
gelýän bir soragy bermän durup bilmedi.
– Men Owganystandakamam, soň Sibirde bolan döwürlerimdenem şu hakda kän
pikir edip gezdim. Ýagny, şol gezek serhede tarap bosup barýarkak düýeler,
sygyrlar, goýunlar-a gidip baryşlaryna tapdyklaryndan çöp-çalam iýip oňýadylar
527
welin, atlara berer ýaly otam ýokdy, otladara maý hem ýokdy. Olaram edil adamlar
ýaly uruşýardylar, dönüp-dönüp söweşýärdiler. Siz ine, şolara näme berýärdiňiz?
Ýaşuly göz astyndan Oglanhakyda tarap biparh garap ep-esli oturdy-da, basyk,
ýadaw ses bilen:
– Öz iýjek gowurgalarymyzy berýädik – diýdi.
...Halnepes aga şol günüň ertesem guýuda boldy-da, birigüni ir bilen ýolagçy
maşynlaryň birine münüp oba gitdi. Ýöne, ol şondan soňam Hakguýa kän geldi.
Özem öňkülerine görä has ýygy-ýygydan geldi. Muny Oglanhakyda ýaşulynyň öz
ogly aýtdy. “Seň bilen tanşaly bäri kakam gelmesini ýygjamlatdy”, diýdi.
Bir günem o bende ýurduny täzeledi. Ýöne, nesibesi çekip aýdyp beren gürrüňi
welin, Oglanhakydanyň Hakyda kitabynda galdy.
26. Täze öwüşgin.
...Wagt geçdi. Oglanhakyda bir kem ýetmiş ýaşady. Şol ýylam ýurt başyna SSSRiň ilkinji hem iň soňky Prezidenti Mihail Sergeýewiç Gorbaçew geçdi. Ol ilkinji
bolup, Sowet soýuzynda aç-açanlygy, demokratiýany yglan etdi. Ýurtda üýtgedip
gurmak döwri başlandy. Dürli pikirlilige ýol açyldy. Köp partiýalylyk ulgamy
emele geldi. Ozal gadagançylyga düşen, hatda daşary ýurtlara giden ýa kowulan
ýazyjylara şahyrlara çenli ak meýdana getirildi. Onlarça ýyl bäri tussaglykda ýatan
kitaplar çap edildi. Taryha täzeden, dogruçyl çemeleşmek baradaky pikir orta
atyldy. Gazawat, Gökdepe, Garrygala, Mary, Sarahs söweşlerine we başga-da öňlisoňly bolup geçen pajygaly wakalaryň ählisine hakyktçyl baha berildi. Şol
uruşlarda şehit bolanlary hatyralap, ýurtda “Hatyra güni” bellenildi. Olaryň
hemmesine “halk gahrymanlary” diýlip hasaplamaklyk karar edildi. Sowet
häkimiýetiniň, onuň başynda duran Leniniň, Staliniň eden işlerine täzeden
seredildi. Nyrh kesildi. Halnepes aganyň aýdyşy ýaly çaň ýasyp ýatan ençeme
taryhy hem edebi kitaplar bilen bir hatarada Oglanhakydanyň ýazan hakydasy hem
halka ýetirildi. Oguz handan başlap “Ýeroýlanduz” nalasyna çenli möwriti öz
içine alýan Hakyda kitaby halkyň aňyna täze bir röwüş çaýdy. Kitabyň
sözbaşysyna Hakyda mollanyň, Enehakydanyň, Umydyp, Arzuwyň,
Oglanhakydanyň atlaryny saldylar. Olaryň hatyrasyna minnetdarlyk sözlerini
aýtdylar.
Şeýdip, Hakyda halka ýetirildi. Okuw kitaplaryna girizildi. Hakydasyny bolşy ýaly
öwrenmäge halkda mümkinçilik döredildi. Taryhyň keşbi öz bolmaly derejesine
çenli dogruçyl dikeldildi. Oglanhakyda ýaly otuzynjy ýyllarda Staliniň repressiw
syýasatynyň çoçgaryna çolaşyp, ömürleriniň köp bölegini lagerleriň çekip-çydap
528
bolmajak agyr şertlerinde geçiren adamlaryň ählisi, öli-diri diýmän uçdantutma
aklanyldy.
1985-nji ýylda dörän demokratiýanyň zarbyna yraň atan SSSR 1991-nji ýylyň
güýzünde dargady. Gorbaçýowyň kürsüsine göz diken Ýelsiniň başda durmagynda
emele gelen çemeçiller topary öz beren demokratiýasyny ulanmak arkaly ony ýurt
başyndan çetleşdirdiler. Netijede, Orsyýet, Ukraina, Belorus ýaly kerweniň öňüni
çekip gelýän respublikalar özlerinden yzdaky wagonlary hiç kimden soraşmazdan
tirkegden aýyrdylar-da, “siz sag, biz salamat” diýşip, gykuwlaşdylar ötägitdiler.
Şeýlelikde, kiçijik kürsüniň hatyrasyna ullakan döwlet dargadyldy. SSSR ýok
boldy. Türkmen halkynyň başyndan towky bolup inen baknalyk ahyrsoňunda
şeýdip, öz-özünden tamam boldy.
Ýöne, on dokuzynjy asyryň ikinji ýarymynda, ak patyşanyň Gazawatdaky,
Gökdepedäki eden gyrgynçylyklary üçin, sowet hökümediniň Ýeroýlanduzda we
rewolýusiýanyň ady bilen başga-da ençeme ýerlerdäki eden ýykgynçylyklary,
sütemdir-zorluklary üçin, halkyň hakydasynyň ýoýlup, düýbünden ters ýola
gönükdirilendigi üçin hiç kim hiç kimden ötünç soramady. Gaýtam: «Biz ýetmiş
ýyllap şonça respublikalary eklemeli, saklamaly, ylym-bilim bermeli, terbiýelemeli
bolduk, Hudaýa şükür indi şol aýakbagylardan dyndyk” diýşip merkezdäkileriň
özleri ezilenlerden beter dat etdiler. Şeýlelik bilen, kimiň jepalar çekip, kimiň
pidalar berendigi, kimiň bolsa sütem edendigi, gelende boş gelip gidende ýüküni
tutup, ýerli halky gedaý galdyryp gidendigi ýene-de belli bolman galdy.
Elbetde, birwagtlar Enehakydanyň ýigitleriň öňünde bagryny paralap aýdyşy ýaly
bu hemişe-de şeýledi, şol gezegem şeýle boldy. Ýöne, mundan bu ýana bir beýle
bolmasyn. Çünki, hakydanyň şaýatlyk etmegine görä, güýçli halk ejiz halkyň
üstüne islän wagty sürnüp gelýär, gyrýar basyp alýar, ony gul edinýär, aga bolýar,
höküm sürýär, ezýär, geregini edinýär, islän wagtam taşlaýar gidiberýär. Çünki,
şondan soň onuň oňa geregi ýok. Ýeňijilere, güýçlülere bolsa sud edilmeýär.
Jogapkärçilige çekilmeýär. Olaryň şol wagtky aýdýan zatlaram dogry, öňki
aýdanlaram, indiki aýtjaklaram dogry. Edýän işleri, hereketleri babatda-da şeýle.
Çünki, “Agzy gyşygam bolsa baýyň ogly geplemeli”. Depesinden urup dursalaram
garamaýaga: “Boýun oňurgam agyrýa ýa kelleçanagym çat açýa” diýmek bolanok.
Ol diňe çakdanaşa çydamlylyk görkezen ýagdaýynda gowy görülýär.
Ýöne, herki zat, “bähbit bolsun” diýleni. Nähili matlap, nähili maksat bilen
edilenem bolsa, SSSR-iň dargamagy dünýä syýasaty möçberinde alanyňda-da,
gowulyga tarap ädilen edim boldy. Onuň düzümine giren respublikalaryň
hemmesi, şol sanda Türkmenistan respublikasy hem özbaşdak döwlete öwrüldi.
Türkmen halky iňňän köp garaşan arzuwyna ýetdi, garazsyzlyga eýe boldy.
Hakyda mollanyň, Enehakydanyň, Ruhy batyryň, Umydyň, Arzuwyň,
529
Oglanhakydanyň umuman alanyňda ýeňilmedikleriň ählisiniň: “Ol gün geler”
diýip, uzak wagtlap, umyt bilen garaşan günleri geldi, Oglanhakydanyň Sibirdäki
dostlarynyň aýdanlary boldy. Halkyna Allanyň adyny kiçi harp bilen ýazdyran
sowet hökümedi özüniň ýetmiş ýyllap höküm süren kommunistik ideýasy bilen
bilelikde adamlaryň başyndan sowuldy.
Şol zatlar baradaky habarlaram, ondan soňky we öňki habarlaram bütin dünýä
ýaýraýşy ýaly, Hakguýa hem ýyldyrym çaltlygynda gelip ýetýär. Çünki, ol indi
öňküsi ýaly daşky dünýäden negada bir habar gelýän, ilatly ýerden üzňe, çola guýy
däl. Hatda, altmyşynjy ýyllardakysy ýalam däl. Ol indi güýçli tok bilen
elektrikleşdirilen, hojalyklary dünýäden habar berip duran çanak antennalary
bolan, telewizorly, radioly, şeýle hem göni köçelerde seteran oturan, üsti şiferlenen
döwrebap ýaşaýyş jaýlary, on ýyllyk mekdebi, kluby we başga-da kitaphana, sport
zaly diýen ýaly birnäçe medeni ojaklary bolan, dünýäniň ähli künjeklerinden
günüň-gününe içi täze habarlardan, geň-taň täzeliklerden doly gazaetdir-žurnallary
alyp oturan, “Watan” atly ýurda belli ullakan oba. Has takygy kiçiräk şäher.
Şäherçe.
Onda ýaşaýanlaryň hemmesi ýeňilmedikleriň nesilleri. Molahakyda hem-de
Enehakyda atly iki çagany ösdürip kemala getiren Oglanhakyda hem şolaryň biri.
Uly il bilen bilelikde ol hem indi erkinligiň hözürini görüp ýör. Mahal-mahal,
hususanam “Ýeroýlanduz” çöketligindäki gyrgynçylygyň bolan günlerine gabatlap,
hem ata-enesiniň hem şol ýerde heläk bolanlaryň, hemmesiniň şeýle hem iki gezek
bolup geçen Gökdepe söweşinde gurban bolanlaryň, enesi Enehakydanyň aýdyşy
ýaly ýere gaçan ýyldyzlaryň hatyrasyna uly sadaka berýär. Her gezek namazdan,
töwürden soň olaryň jaýlarynyň jennetden bolmagyny dileýär. Agşamlaryna heniz
gatlaryndan ysam gitmedik Hakyda kitabyny elinde saklap, sahypalaryny agraslyk
bilen agdaryşdyryp oturşyna şol kitabyň dowamynyň nahili boljakdygy barada
oýlanýar. Her niçik bolsa-da, kim tarapyndan ýazylsa-da, onuň mundan buýana
beýle gussaly, ganly, gowgaly hem pajygaly bolmazlygyny, nalasyz, ölümýitimsiz, gyrgynçylyksyz, has takygy gyzyksyz bolmagyny isleýär. Çünki, akyllybaşly adamlaryň aýtmaklaryna görä, haýsy halkyň taryhy gyzyksyz bolsa, şol halk
şonça-da bagtly hasap edilýär.
Soňy
2008-2010 ýý.
530
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 01
    Total number of words is 3553
    Total number of unique words is 2010
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 02
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2235
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 03
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2251
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 04
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2035
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 05
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 2240
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 06
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2074
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 07
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2300
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 08
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2079
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 09
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2182
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 10
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2186
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 11
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2086
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 12
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2156
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 13
    Total number of words is 3614
    Total number of unique words is 2180
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 14
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2068
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 15
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2124
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 16
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 2185
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 17
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2081
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 18
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2137
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 19
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2131
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 20
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2275
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 21
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2183
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 22
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2217
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 23
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2219
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 24
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2229
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 25
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 26
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 2253
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 27
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 28
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 29
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2145
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 30
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2061
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 31
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2165
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 32
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2092
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 33
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2078
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 34
    Total number of words is 3624
    Total number of unique words is 2126
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 35
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2120
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 36
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2121
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 37
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2084
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 38
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1980
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 39
    Total number of words is 3783
    Total number of unique words is 2052
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 40
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 41
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2134
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 42
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2129
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 43
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2061
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 44
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2153
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 45
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2197
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 46