Latin

Ýere gaçan ýyldyzlar - 43

Total number of words is 3613
Total number of unique words is 2061
30.6 of words are in the 2000 most common words
43.3 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gyňraldy. Gara Ýowşan sesini çykarmady. Oňa çenlem ekabyrlar ara düşdüler, bu
wagt birek-birege igenmekligiň wagty däldigini aýdyp, Agdar hany köşeşdirdiler.
Göçi bir bukyrak ýere eltip, onuň daşyny goramaklygy maslahat berdiler.
Hut şeýle hem edildi. Esgerleriň töwerekden edýän hüjümlerini serpikdirdiler.
Ýöne, asmandan arlaşyp gelýän samolýotlara welin kär edip bilmediler.
Dogry, samolýotlar gözýetimde görnüp ugranlaryndan atly ýigitler orta çykýarlarda, jylawlaryny eýeriň gaşyna ildirip, tüpeňlerini ellerine alýarlar, «par-par-par»
edip gelýän demir ganatly ajal göçüň üstünden ölüm oklaryny sepeläp udrandanam
çiň-arkan gaýyşýarlar-da, tüpeňleriniň ujuny asmana tarap, «Göçjaýdyşyp» başlybarat atmaga başlaýarlar. Ýöne, tüpeň bilen samolýoda zeper ýetirmek kyn. Şeýlede bolsa şol gün ýigitleriň biri olaryň biriniň perinden urdy. Şondan soň ol
samolýodyň uçubam, atybam weji bolmady. «Patyr-putur, tatyr-tatyr, park-purk»
edip, iki baka ýaýkanjyrap allaowaralarda gözden ýitdi. Ýöne, ýykylmady.
Her gezek depelerinden ok ýagyp ugranda bosgunlaryň düşýän ýagdaýyny söz
bilen beýan eder ýaly däl. Çöp-çöňürleriň arasy bilen ätmerleşip, gan eňreşip
barýan gyz-gelinleriň çagalaryň, gojalardyr-kempirleriň al ganlaryny akdyryşyp, ak
sägäniň üstünde kakynyşyp ýatyşlaryna, kimdendigini özlerem bilmezden haraý
isläp dumly-duşa ellerini serişlerine, ok degip ýaralananlarynyň bolsa ganlaryny
sarkdyryşyp ýatyşlaryna, samolýodyň hüjüminden goranmak üçin, birneme
howpsuzrakdyr öýden ýerlerine tarap kä ýanyn, kä ýüzün süýşenekläp, käte bolsa
arkan ýatyp, aýaklary bilen däbşenekläp gidişlerine, eýýäm jan teslim eden
çagalarynyň üstünde kükreklerini gerişip oturan, kürteli ýaş gelinleriň aýalaryny
491
asmana serip: «Waý, ganym! Waý, zalym! Waý kapyr! Gidu-uw, gidu-uw! Balama
degme-u-uw, degme-uw!» – diýip çirkin-çirkin gygyryşdylaryna gözi düşende
üstünde maşala agzalary oturan düýesini çekip gelýän Ruhy batyryň ýüregi
agzyndan, gözleri hanasyndan çykara gelýär. Ýöne, dişsiz galan kentlewügini
gysyp ahmyr çekmekden başga edibilýan çäresi ýok. Öňküleri ýaly ýagynyň üstüne
at debsiläp gylyç syrmaga bolsa rowgaty ýok. Şeýle-de bolsa, şondan artyk çydam
etmäge karary ýetmedi. Nobatdaky hüjümleriň birinde ol düýäniň owsaryny
Enehakydanyň eline berdi, özem ok degip jan beren ýigitleriň biriniň tüpeňini
garbap aldy-da kä samolýotlara, kä yzlaryndan süssenekleşip gelýän esgerlere
tarap atyp başlady.
Gojalaryň başga-da birnäçesi onuň hereketine eýerdiler. Wepat bolan ýigitleriň
ýaraglaryny ellerine alyp, olaryň orunlaryny eýerlerdiler.
Asmandan inýän ajal oklary bolsa ýeke bir adamlary däl, mal-garalary-da bir
ujundan guma garyp gidip barýar.
Enehakydanyň agtyklary bilen münüp barýan düýesem itgisiz galandygyndanmy,
nämemi, daş-töwerekdäki goh-galmagaldan, tüpeň seslerinden ýaňa ilk-ä nirä
gitjegini bilmän başyny o ýan, bu ýan silkäp, duran ýerinde telim öwrüm etdi,
soňam sakga saklandy-da, göçüň barýan ugruna tarap höküdikläp ugrady. Onuň
duýdansyz alan badynyň leňňerine indi howudyň gapdalyndan alnyp «ýürekde
ýerleşdirilen Oglanhakyda göwresini dikeltdi-de, gözlerini mölerdip ilk-ä
Arzuwuň, soňam enesiniň ýüzüne seretdi. Olaryň ikisem ýerli-ýerden: ─ «Gorkma,
Alla bardyr, içiňden doga okaber, özüňem howutdan berk ýapyş» diýdiler.
Özüniňem ejizländigini jigisine bildirmezlik üçin, Arzuw ýüzüni bir tarapa sowdy,
Enehakyda-da, gaça-teze atyşyp gelýänleriň içinden ogly Umydy, ýanýoldaşy
Ruhy batyry gözledi. Emma garma-gürmeligiň içinde olaryň hiç birinem saýgaryp
bilmedi. Oňa çenlem yzlaryndan «söltüldäp» gelýän üsti «ýürekli» başga bir düýä
ok degdi-de bir gapdala «gürpüldäp» ýykyldy. Şol ýatyşyna-da: armanly galdymow, diýýän ýaly boýnuny galdyryp göçüň yzyndan seretdi. «Bar-bar» bagyrdy.
Onuň üstündäki «ýürekden» paýraşyp dökülen dört sany oglanjygyň ikisi çöpçöňürleriň üstüne ýüzün ýykyldylar. Ýerlerinden galanlaryndan soňam kiçijik
ýumruklary bilen gana boýalan ýüz-gözlerini owkalaşyp oturdylar. Beýleki ikisi
welin ýere düşüşleri ýaly «hasanaklaşyp» turdular-da, näme üçindir hersi bir tarapa
tutdurdylar. Oňa çenli beýlekilerem aýak üstüne galdylarda, çep tarapa gaçyp
barýan oglanjygyň yzyna düşdüler.
Bu zatlary synlap oturan Oglanhakyda olaryň üç bolup gidenleriniň-ä basym
gözden ýitirdi, dördünjileri welin uzak gidip bilmedi. Ýagyrysyndan giren ok ony
ýüzünligine tüwdürip goýberdi. Şyrdaklyja kiçijik kellejigi baryp küpürsäp ýatan
boz topragy, süsdürildi. Hossarymy ýa dälmi, başga bir düýeden syrylyp düşen
492
aýal barşy ýaly çaganyň biline guşak hökmünde oralan iki garyş çemesi
uzynlykdaky çöpür ýüpden mäkäm tutaga-da ony gumdan sogrup aldy. Gujaklap
ýerden göterdi. Duran ýerinde «patanaklap» duran düýesini çökerip çagany
«ýüregiň» içine saldy. Ol ýerde oturan oral aýal bilen bir ýaş gyz ojagazy gujaklap
hünübirýän aglaşmaga başladylar. «Hany beýlekiler» diýýän ýaly boýunlaryny
süýndirişip çagadan bir zatlar soraşdyrýardylar. Oglanhakyda ol ýagdaýa şondan
artyk çydap bilmän ýüzüni bir gapdala sowdy. Şonda onuň gözi göçüň ileri
ganatyny syryp barýan mal-garalaryň gözgyny keşplerine düşdi.
Olar garym-gatym. Sygyrmy, öküzmi, goýunmy ýa geçimi saýgarar ýaly däl.
Üstlerinden samolýot geçýärem welin, käte öňündäkilerden, käte yzdan
gelýänlerden, käte orruk ortalaryndan bäş-on sanysy edil palaç ýatyrylan ýaly bir
gapdala agyp gaýdýar-da janhowulçlaryna aýaklaryny kakyşyp, urnup başlaýarlar.
Şeýle bolanda abat galan mallar kürtdürişip durýarlar-da, yzdan gelýänleriň
öňlerine böwet bolýarlar, netijede aýylganç güpes-tapaslyk, basa-baslyk emele
gelýär. Iň soňky deminde gygyryşýan mallaryň gorkunç sesleri töwerek-daşda
bolup geçýän hadysanyň howsalasyny hasam artdyrýar. Diri mallar öli mallaryň kä
üstlerinden böküp, kä daşlaryndan aýlanyp geçýärler we ýene-de ýollaryny dowam
etdirýärler. Gözlerini agdar-düňder edişip, kakynyşyp ýatan ýaraly goýunlar,
sygyrlar şonda olaryň yzlaryndan ahmyrly garaýarlar. Turjak bolup dyzaýarlar.
Ahyram boýunlaryny ýere goýýarlar-da, «hyrk-hyrk» edişip jan berýärler.
Şolar ýalyda abat galan mallaryň käbiriniň sürülýän ugra däl-de, düýbünden başga
tarapa tazykýan wagtlaram bolýar. Şonda sürekçiler kyn güne galýarlar. Gökden
inýän güllelerem, yzlaryndan gelýän kowgynam unudyp bar küý-köçelerini
mallary toplamaklyga berýärler. Çünki, ol olaryň rysgaly, çöregi, puly. Şolary sagsalamat eltmeli ýerine eltibilseler, mal eýeleri olara şertleşişleri ýaly berjek diýen
haklaryny bererler. Eltibilmeseler welin...
Oglanhakydanyň gözi birdenem çöp-çalamlaryň arasynda agdarylan pyşbaga ýaly
däbşenekläp arkan ýatan garry mama düşdi. Daşyndan seredeniňde ol ýarala-ha
meňzäok. Özem Oglanhakydamy, Arzuwamy, Enehakydamy ýa olaryň
üçüsinedemi elini serýär-de, bir zatlar diýýär. Ýöne, Ogalnhakyda ony eşidenok.
Düýe bolsa öz ugruna diýen ýaly gidip barýar. Enehakyda owsary silkin, çeksin ýa
o ýan – bu ýan bursun, piňine-de däl. Garaz, saklanara, düşere, geň suratda ýatan ol
garryja mama kömek edere mümkinçilik ýok. Muňa mamanyň özem düşündi
öýdýän, kömege çagyrmasyny goýdy-da, o ýerini, bu ýerini sermeläp başlady.
Birdenem bagy boýnundan keseleýin asylan ýarysy ýanan hekelini «hyk-çok» edip
açdy-da, içinden ok geçip ikä bölünen kiçiräk kitap çykardy. Oňa siňe-siňe seretdi.
Soňam ony indi mazaly golaýyna gelen Ogalnhakyda daga tarap uzatdy.
493
─ Wah, ýezitler, kelamyllany zer-zaýa edäýen ekenler-ä – diýibem gözüni süzdi.
Kitaply eli şalkyldap aşak gaýtdy. Onuň ýatan ýeriniň gandan ýaňa jork
bolandygyny Oglanhakyda diňe şondan soň görüp galdy.
Enehakyda:
─ Waý! – diýip, ýüzüni tutdy. – Hiý, beýle-de bir naýynsaplyk bolarmy!..
Hä diýmänem olaryň «loňkuldap» barýan düýeleri mamadan ep-esli arany açdy.
Bolup geçýän pajygaly wakalary aklyna sygdyrybilmedimi, nämemi, başyny tutup
ümdüzine ylgap barýan bir gelin ur-tut aşak oturdy-da, hasyr-husur aýagyndaky
çukur, gyrmyzy köwüşlerini çykardy, ýerinden turup olaryň ikisinem üstüne
howala bolan samolýoda tarap «wazyrdadyp» zyňdy, soňam ak ökjesi bilen ak
çägäniň ýüzünde oýmur-oýmur yz galdyryp, hiç kimiň «gaýt-gaýdyna-da» gulak
asman göçden ep-esli saýlandy we düýbünden ters tarapa tutdurdy. Bir aýlaw berip
ýaňadandan gelen hälki samolýot köwüş bilen «atyndygy» üçin ar aljak bolýan
ýaly bu gezek göçüň üstünden ok sepelejegem bolmady-da, ganatlaryny gyşardyp,
göni şol gelniň gaçyp barýan ugruna tarap gönükdi. Ýeri gyratlap bardy-da,
üstünden o ýan, bu ýan öwrüm etdi. Pulemýodyň agzyndan çykýan tapgyr-tapgyr
oklar bolsa seçelenip baryp, gelniň daş-töweregini tikeç urlan petir ýaly bezedi.
Gelin käte kürtdürip durdyr-da, ýene-de samolýody «atar» ýaly zat gözledi. Hiç zat
tapmansoň ýerden gyzym-gysym çäge alyp şoňa tarap sowurýar. Oňa kär
edibilmeýändigine gözi ýetenden soňam eteginiň ujuny dişleýärdi-de, ýene-de
gözýetimi nazarlap gaçyp başlady. Soňabaka ol kürtesinem taşlady, gyňajyny gösgöni edip barşyna samolýotdan sowuljagam, bukuljagam, goranjagam bolmady.
Birdenem, ok degdimi ýa bir zada büdredimi, Oglanhakyda ony takyk bilenok,
gelin birdenkä birküç ýola üçürdikleýän ýaly uzyn-uzyn bökdü-de, ýüzünligine
ýazylyý gitdi. Agzy bilen gum garbady. Badyna üç-dört ýola dagy togalandy.
Sähelçe salym hiç hili hereketsiz ýatdy. Soň nägeräk eýle ýerinden galdy-da, ýenede, ýöne öňküsine görä mejalsyz halda, maýtyklap, gaçmagyny dowam etdirdi.
Emma uzak gidip bilmedi, gandan ýaňa bir ýany öl-myžžyk bolan ýanbaşyna
ýelmeşen gyrmyzy köýneginiň abat tarapyny ýele ykjadyp barşyna kä ýüzün, kä
arkan, käte bolsa gülle giren bykynyny tutup ýanyn ýykyldy. Emedekläp galyp
ýene-de gaçmaga synanyşdy. «Git indi, gelme, men halys boldum», diýýän
manyda akja golunyň öz ganyna boýalan penjelerini samolýoda tarap ýaýdy.
Derlän maňlaýyna ýelmeşen tar-tar zülpleri, hanasyndan çykara gelen ullakan ala
gözleri, titräp duran dodaklary, ýanbaşyny tutup ýantaklap barşy onuň gözgyny
keşbini hasam perişan görkezdi.
Ahyram ol ysgyndan gaçdy. Saklandy. Dik duran ýerinde yraň atdy-atdy-da,
arkanlygyna tarap agdarylyp gaýtdy.
494
Uçarmanyň: bol, tur, gaç, ylga, näme ýatyrsyň, diýýän manyda oňa tarap elini
salgaýanyna bir zatlar diýip gygyrýanyna, agzyny hatap ýaly açyp «haha-haýlap»
gülýänine çenli Oglanhakyda görüp otyr.
Gelniň ýerinden galmajakdygyna gözi ýeten uçarman bir gezek öwrüm edip geldide, ýene-de göçüň üstüne howala boldy. Ok ýagdyrdy. Esgerler bilen söweşip
gelýän ýigitleriň käbirleri bu gezegem oňa tarap yzly-yzyna tüpeň atdylar, ýöne hiç
hili zyýan ýetirip bilmediler.
Ganatly ajallaryň üznüksiz hüjümleri esgerler yzarlamalaryny bes edenlerinden
soňam dowam etdi. Olar diňe gün ýaşyp garaňky gatlyşandan soň bosgunlaryň
başlaryndan sowuldylar.
Samolýotlaryň peýda bolan ilkinji pursalaryndan başlap, üýtgeşik bir geň wakanyň
ýüze çykandygyny aýtmak gerek, ýagny, «zakyja garga» diýilýän meýdan guşy
şonda bosgunlara iňňän uly kömek etdi. Her gezek samolýodyň öz-ä däl, entek
sesem gelmänkä şol guşlar pasyrdaşyp asmaga galýarlar-da, ganatlaryny kakyşyp,
howsalaly gygyryşmaga başlaýarlar. Şol aralykda bosgunlara düýelerini
çökermäge, özlerine-de amatlyrak ýerde gizlenmäne, söweşe taýýarlyk görmäge
az-kem mümkinçilik bolýar.
Dürli nokatlardan iberilen otrýadlaryň barysynyň birigip hem gury ýerden, hem
howadan hüjüm edýändiklerine garamazdan, şol günüň ertesem gyzyllara
bosgunlary derbi-dagyn etmeg-ä däl, hatda olary ýollaryndan sowmak ýa
eglemegem başartmady. Ýigitler ol gün söweş üçin, düýnkilerindenem has amatly
usuly saýlap aldylar. Göçi öňe goýberdiler-de, özleri kowgyny sakladylar. Eline
ýarag alan Ruhy batyr kimin gojalar bolsa ätiýaç üçin göçüň yzyny goraglap
gitdiler.
Samolýotlar bir bada söweş edip ýören ýigitleriň üstünemi, ýa göçüň özünemi,
haýsyna hüjüm etjeklerini bilmän, «war-war» edişip telim wagtlap howada boş
aýlandylar-aýlandylar-da, ahyram göçüň yzyndan gitdiler.
Agyr ýitgiler, uly kynçylyklar bilenem bolsa ol günem ýigitlere gyzyl goşuny
saklamak başartdy. Göç diňe samolýotlar zerarly ýitgi çekdi.
Söweş bu günem edil düýnki ýaly howanyň garalmagy bilen tamam boldy. Ýigitler
wepat bolan ýaranlaryny howul-hararak hem bolsa ýere duwladylar we göçüň
yzyndan gitdiler. Gijäniň bir wagtlary düşlejeklerinem ýa ýörişi dowam
etdirjeklerinem bilmän, serimsal bolup, duran göçüň üstünden bardylar. Gara
Ýowşan düşlemekligi, adamlara-da, mallara-da dem-dynç bermekligi teklip etdi.
Emma, onuň bu teklibi hatda öz tiredeşleri tarapyndanam goldanylmady. Köpler
her niçik hem bolsa öňe süýşmek, bir ädimem bolsa serhede golaýlamak baradaky
pikiri goldady.
495
Ok-ýaraglarynyň azalandygy, adamlaryň bolsa uçursyz ýadandyklary, üstesine-de
aç-hor suwsuzdyklary sebäpli, Meret tentek bilen Agdar han ikisi at üstünde
barýarkalar gara Ýowşandan beýleki ekabyrlaryň ählisini daşlaryna üýşürdiler-de
kömek sorap Owganystana Jüneýit hanyň ýanyna adam ibermek barada gürrüň
gozgadylar. Muny hemmeler goldady. Şol maksat bilenem, iň gowy, demgir atlara
atarylan alty adam kemsiz ýaraglandyrylyp ýola ugradyldy.
Ýöne, olaryň üçüsi entek serhede ýetmänkäler ýoly aňtap ýören bäşdir-üçdir
esgeler tarapyndan tutuldylar. Beýleki üçüsi welin gutuldy.
Bu meselede özüne sala-salynmandygy üçin Gara Ýowşan ekabyrlardan kinedar
boldy. Ýüzüni küssertdi. Ekabyrlaryň hiç biri bilenem gepleşmezlige çalyşdy.
Sähel zada-da hüňňürdedi ýördi. Beýlekileriňem onuň gepleşesleri gelip, gözlerigaşlary çekip durmady.
25-nji fewral güni, gyzyl goşuna kömek üçin Marydan ýene-de iki, şol bir wagtyň
özünde Guşgudanam iki samolýot iberildi.
Bosgunlaryň ýagdaýy hasam agyrlaşdy. Adamlaryň bedenlerindäki ýadawlyk,
ukusyzlygam ol zatlaryň üstesine. Diňe jigirdek ýa gowurdak bilen owkat edip
gelýändikleri sebäpli suwsuzlygam ýetjek derejesine ýetdi. Mahlasy uly-kiçi, aýalerkek hemmesi surnukdy. Olaryň şondan soňraky hereketleri adamzadyň tebigy
mümkinçiliklerinden daşarda bolup geçdi. Köpleriň kalbyny edil gala urşy
döwründäki ýaly: «Menem bir ölüp dynsamdym», diýen duýgy gaplap aldy. Muny
hemmeden öň Enehakyda, Ruhy batyr ýaly köp gowgalary gören adamlar aňdylar.
Bosgunlaryň göwnüne giňlik salmagyny Alladan dileg etdiler. Ýaş çagalaryň:
«Suw-w-w, suw...» diýip yzalşýan sesleri bolsa syzalaryň «yzzyldysyna» goşulyp
olaryň ýaraly ýüreklerini öňküdenem beter para-para etdi. Gidip barýarkalar uklap
göçden galýanlaryň, hatda samolýodyň hüjümi wagtynda hem oýanybilmän heläk
bolýanlaryň sany barha artdy. Samolýotlaryň köpelmegi bilen wepat bolýanlaryň
sany hasam köpeldi. Söweşiji ýigitler göz-görtele azaldy. Şonuň üçinem, entek eli
tüpeň tutup görmedik gyz-gelinlere-de gyssagra atmany, nyşana urmany öwredip
başladylar. Soňabaka gala urşundaky ýaly wepat bolanlaryň eşikleri bilen
köpçülikleýin howul-hara jaýlananlary-da az bolmady. Şeýtle-de bolsa şol döwrüň
bütin dowamynda jynazasyz jaýlanan ýok. Özem merhumyňlaryň hersine
aýratynlykda jynaza okaldy. Jynaza wagty jynaza durýan işan-mollalaryň,
ahunlaryň daşyny atly-ýaragly ýigitler gurşap alýardylar we olary hem hüjümden,
hem ok däriden goraýardylar.
Käte söweşe böwşeňlik aralaşýar. Ýangyçlary gutarýan bolsa gerek, samolýotlar
edil gelişleri ýaly birdenkä gürüm-jürüm bolýarlar. Şol pursat gyzyl goşunyň,
otrýadlaram bosgunlaryň üstüne hüjüm etmeklerini bes edýärler. Bes
496
etmeýänlerinde-de, samolýot gelmese olar esgerlere per berenoklar. Muny
soldatlaryň özlerem aňýarlar we özbaşdak gaty bir sürünibermeýärler.
Şolar ýalyda ýagdaýdan peýdalanmak üçin gozgalaňçylar göç bilen birlikde öňe
tarap haýdap başlaýarlar. Edil şol wagtam düýeleriň üstünde oturan ýaşu-garry
naçarlaryň barysy birden ellerini öwşüşip, saçlaryny ýaýyşyp, ýüz ýyrtyşyp, dadyperýada başlaýarlar. Ol yzlaşyga ýerden ýöräp barýan, elleri sowuk ýaragly
gyzlaram goşulýarlar. Kim ýap-ýaňyja ýere duwlanan agasyny, kim inisini ýa
uýasyny, ýene birleri atasydyr-kaksyny, ejesidir-enesini, mamasyny, eziz balasyny,
umuman her kim öz ölüsini ýatlap nala çekýär. Aglara ölüsi bolman ugruna eňräp
barýanam bar. Ýerden göterilýän perýadyň bir ujy baryp asmandaky bulutlara
direýär. Şolar ýalyda, hususan-da, garaňky düşenden soň ekabyrlar olaryň
ýanlaryna baryp:
─ Goýuň uýalar! Goýuň jigiler! Eneler! Mamalar! Goýuň! Gaýrat ediň-de goýuň!
Aglamaň! Beýtseiz duşmana kömek etdigiňiz, göçüň barýan ugruny salgy
berdigiňiz bolar – diýip, ugralaly bäri aýdyp gelýän şol bir sözlerini ýene-de bir
gezek gaýtalaýardylar. Ýalbar-ýakar edýärdiler, ýagdaýy düşündirýärdiler.
Şondan soň daş-töweregi elhenç ümsümlik gurşap alýar. Esli wagtlap mallaryň
aýak seslerinden, çöp-çalamlaryň «şygyrdysyndan» gury hem ýogyn gara
çöňürleriň «şatyrdysyndan» başga ses eşidilenok. Daşyndan seretseň, içi garamguramdan, gymyldy-hereketden doly, edil ertekilerdäki aždarha ýaly äpet uzyn
gara kölege günorta tarap süýşüp barýar.
23. «Ýeroýlanduz»
Ertesi daňa golaý halys surnugan bosgunlar aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän,
«Ýeroýladuz» çöketliginiň bir gyrasyndan indiler. Şonda Oglanhakydanyň
gulagyna: «Ind-ä owgan daş däl bolmaly, şu gün ýöresek gije barmaly ýerimize
baraýsak gerek» diýen sözler eşidildi. Birdenem daş-töweregi goýy, çal duman
gaplap aldy. Muňa bosgunlar begendiler. Çünki, bu ýagdaý iki tarapyňam söweşe
meýil bildirmejekdigini aňladýardy. Ýöne, ýöräre-de ýagdaý ýok. Ýol-ýoda
saýgarar ýaly däl. Şonuň üçinem bialaç düşlemeli boldular. Näçe günüň
ýadawlygy, aç-suwsuzlygy, adamlar düýelerini çökerişdileri ýaly howutlara
ýaplandylar-da, dünýäni unudyp uka gitdiler.
Duman welin wagty bilen sowulmady. Şonda ekabyrlar: «Her niçik hem bolsa ýoly
dowam etdirmek gerek, serhetden aşmak üçin şundan amatly pursat bolmaz,
samolýolar-a uçubilenoklar, soldatlaram hiç zat görenoklar» diýşip özara maslahat
etdiler.Göçi dürs ýol bilen alyp gidibiljek adam gözlediler. Muňa Gara Ýowşandan
başga hiç kim döwtalap bolmady. Çünki ol asylam Eýran, Owgan ýoluna belet
497
hasap edilýärdi. Söwda-satyk bilen öňem bu ýollary kän söküpdi. Şonuň ýçinem,
ekabyrlar hernäçe ikirjiňleseler-de onuň teklibini kabul etmeli, göçüň ykbalyny
şoňa ynanmaly boldular.
Göç ýerinden gozgandy. Oňa çenli garaňkam düşdi. Bu ýol ýagdaýyny öňküdenem
beter kynlaşdyrdy. Şeýle-de bolsa ýöremelidi. Indi ekabyrlaram, bosgunlaram,
hatda mal-garalaram gapdallarynda biri-birleriniň bardyklaryny diňe duýgulary
arkaly aňýardylar. Gapdalyňdan biri barýandyr öýtdýgiň eliňi uzadyp barlaýmasaň
görjek gümanyň ýok. Göwnüňe hiç kim ýöremän, duran ýerinde «dähedem dessemläp», duran ýa-da gözüni ýumup barýan ýaly.
Şu ýagdaýda uzynly gije ýörediler. Daň saz beriberende duman az-kem sabady.
Adamlar ýeňillik bilen dem aldylar. Her kim dagyň aňyrsy owgan serhedi bolup
gidýän gädigini görmek üçin tiňkesini öňe dikdi. Çünki, «Ýeroýlanduza» inileli
bäri her kimiň gürrüňi şol gädik hakdady. «Şondan geçibilsek bize zowal ýok»
diýýärdiler. Gädigiň agzyna gelendiklerini enesine, uýasyna ilden öňürti bulamak
üçin ýüregiň içinde irkiljiräp oturan Oglanhakyda hem il deňinde boýnuny
süýndirip şol tarapa seretdi. Emma görübilmedi. Gaýtam gulagyna erkek
adamlaryň gaharly, sögünçli sesleri eşidildi.
Görlýp oturylsa göç şo-ol, agşamky ugran ýerinde dur. Muny adamlar düýnki
düşleg wagty galdyran-gaçyran zatlaryndan, daş-töwerekdüki seňňerlerden,
ulgamlardan aňdylar. Esasy alamatam «Ýeroýlanduza» inilen ýer. Diýmek, uzynly
gije bir duran ýerlerinde aýlanyp durupdyrlar.
Bu ýagdaýy köp adamlar öz maňlaýlaryndan, nesibe takdyrlaryndan gördüler.
Aýallar bolsa: «Owalebetde maňlaýymyza ýazylany şudur, indi bize bu
nägehandan gutulma ýokdur», diýşip aglaşdylar.
Baýram bukawly diýilýän, Meret tentek dagy bilen ugranlary bäri göçe ekabyrlyk
edip gelýän adam ýüzüni aktam edip durşuna:
─ Jojuklydaky ýaly munda-da dönügiň eli bardyr – diýdi.
Ol sözüni soňlara mähetdel Meret tentek:
─ Asyl şo-da, şüýem bir adamyň işidir – diýip, gaharly seslendi. Birdenem üzeňňä
galdy-da daş-töweregine seretdi. – Hany Gara Ýowşan? Ahow adamlar, gara
Ýowşany gören barmy? Nirede şol? Kerweniň başyny çeken şol ahyry!...
Edil şol wagtam bir ýigit atyny debsilüp geldi-de , agzyny ak köpük edip:
─ Gara Ýowşan ýok. Ol gije gaçypdyr – diýdi.
─ Wah, edeniň bar bol-a, – diýip, Meret tentek sag elindäki gamçysynyň sapyny
çep aýasyna «şapyldadyp» urdy. – Asyl goýny gurda tabşyraýan ekenig-ä...
Bolan işe özi günäkär ýaly, Baýram bukawly ýüzüni bir gapdala sowdy.
498
─ Nätjek-dä, başga çykalga-da bolmady-da... Şol ýagdaýda ýoly diňe şol tapyp
biljekdi-dä...
Köpçüligiň depesinde gowur tolkun atdy. Her kim bir zat diýdi. Köpler gara
Ýowşana nälet okady. Onuň daşkyrak garyndaşlary, guda ugurlary bolsa näme
diýjeklerini bilmän dymdylar. Ýüzlerini aşak salyşyp gurak-gurak
ýuwdundyyşdylar. Onuň öz maşgalasy bolsa bu göçüň içinde ýokdy. Bir sebäp
bilen ol ony boljagy-bolmajagam näbelli indiki göçe galdyrypdy. Ýöne, onuň
sebäbi ine, şu ýerde hemmeler üçin düşnükli boldy.
Dumanyň düýpgöter dagamagy bilen, «Ýa, Alla...» diýip, göç ýola düşdi.
Günortana çenli ýöränlerinden soň Owganystana geçilýän gädik görýndi. Şol bir
wagtyň özünde kowgy gelýän goşunyňam öňi göründi.
Meret tentek üzeňňä galdy-da, sag golundaky gamçysyny dik ýokary çommaltdy.
─ Adamlar! – Soňam öňe uzatdy – Gädige tarap! Çaltrak!
Ertirden bäri gyrmyldap gelýän göçüň hereketi artdy. Ýöne duşmanam ahmal däl
ekeni. Öňde-de olaryň bosgunlara garaşyp duran birnäçe toparlary bar ekeni. Olar
göçi güýçli ot açmak bilen garşyladylar. Yza serpikdirjek boldular. Emma Meret
tentek tiz wagtyň içinde ähli urşujylary şol tarapa sürmek bilen duşmany ýoldan
sowulmaga mejbur etdi. Ýaňy bir ýola düşüp ugranlaryndanma yzdan gelýän
kowgy ot açyp başlady. Meret tentek indi urşujylary şol tarapa geçirip, göçi öňe
sürdi. Ony goramaklygy gyz-gelinlere Ruhy batyr ýaly gojalara tabşyrdy.
─ Gaýrat ediň, indi gädige golaýladyk, sähelçe saklanybilsek howpdan gutulýas –
diýip, olara göwünlik berdi.
Ýöne, yzdan kömegiň gelenini aňyp, goşunyň öňdäki topary hem öwrülip, täzeden
gapdallaýyn hüjüme geçdi, iki tarapdan gysylan göç ugruny üýtgetmeli boldy.
Ýene-de birnäçe otrýadyň gyzyl esgerlere kömege gelmegi bilen bosgunlar
bütinleň gabawa düşdüler. Urşujylara göçüň daşyny gallap, duşmana garşy ok
atybermekden, gabawy böwüsmek üçin gözleri ýok ýaly öňe dyzabermekden başga
alaç galmady.
Aýal-gyzlaryň düýäniň üstünde oturanlaram, haýdaşyp pyýada barýanlaram,
atyşyp ýörenlerem ýerli-ýerden:
─ Ýa, Alla! Ýa, Hudaý! Ýa, Biribar! Özüň kömek et! Duran ýerimizde janymyzy
al welin, jany başgaň eline berme! Gül ýüzli ýigitlerimiziň ýüzüni ýere salma!
Atalarymyzy namysa goýma! – diýýän janagyryly sözleri duşman tarapdan atylýan
pulemýotlaryň «tatyrdysyna» ok degip ölýänleriň iňňildisine, ýaralanýanlaryň
«hyrkyldysyna», mal-garalaryň ýürek gyýdyryjy seslerine garyşyp, eýýämhaçan içi
däri gatyşykly tüsseden dolan oýuň ap-ak, kebir baglap duran şor topragynyň
kesmeklerine siňip gidýär.
499
Iki agtygy bilen düýäniň üstünde oturan Enehakydanyň gözi urşujylaryň arasynda
duşmana tarap ok atyp, göç bilen bilelikde ädimme-ädim öňe süýşüp barýan
Umyda düşdi. Edil ejesiniň nazary düşerine garaşyp duran ýaly, Umyt şol pursadyň
özünde ellerini serdi-de, çiň-arkan gaýtdy. Şalkyldap ýere ýykyldy. Enehakyda:
─ Waý, balam!.. – diýip, jynsyz gygyrdy-da, düýäniň owsaryny dartdy. Saklady.
Çökerdi. Ysgynsyz göwresini howutdan aşak goýberdi. Ýere düşdi. Emedekläp
diýen ýaly oglunyň ýanyna bardy. Arzuw bilen Oglanhakyda hem eneleriniň yz
ýany bilen hasanaklaşyp geldiler. Enehakyda özüni oglunyň üstüne zyňdy.
Agtyklaram onuň hereketini gaýtaladylar.
─ Kaka-a!..
─ Kaka jan!..
─ Oglum! Oguljygym... Balam...
Nädip gördi, nädip gabat geldi, belli däl, oňa çenli Ruhy batyram gelip oglunyň
üstüne howala boldy. Oturyp ýüzüni-gözüni sypalady... Hamsygyp oturşyna bir
zatlar diýen ýaly etdi, ýöne, ony hatda gapdalynda oturan aýalam eşitmedi.
Umytdan welin ses-üýn ýok. Gözünem açanok. Oglunyň göwresiniň sowap
barýandygyny duýan Enehakyda äriniň ýüzüne delmuryp bakdy.
─ Umydymyzdan aýryldyk, Ruhy...
─ Mert bol, Enehakyda... – Ruhy batyr ogluny bir bukyrak ýere çekmäge
hyýallandy. Emma güýji ýetmedi. Aýaly bilen bilelikde süýşürmäge synanyşdy,
onda-da bolmady. Diňe gan eňreşip ýanlaryna gelen Arzuw bilen Oglanhakydanyň
kömegi arkaly olara Umydy amatlyrak bir ýerre çekmek başartdy. Ruhy batyr öz
donuny çykaryp oglunyň üstüne ýapdy. – Bar, Enehakyda, Arzuw bilen
Ogalanhakydanam al-da, düýäňe mün. Her zat et welin şu ikisini alyp çyk. Bular
bir-ä ölmeli däldirler, birem duşmanyň eline düşmeli däldirler. Ölseler – hakyda
ýiter, ele düşseler bolsa hakyda ýoýular... Hüjümi serpikdirenimizden soň Umydy
men gelip öz elim bilen jaýlaryn.
─ Hüjümi serpikdirip bilmek näme?
─ Onda başga biri jaýlar, meýit ýerde ýatmaz. Onsoňam bu wagt meýdanda ýatan
jeset az däl.
Şeý diýgeç eline tüpeňini aldy-da, Ruhy batyr aýalyndan jogaba-da garaşman öňki
gelen ýerine, söweşijileriň arasyna siňip gitdi.
Enehakyda kakalarynyň üstüne kökenek bolup, ýüz-gözlerini ajy gozýaşa ýuwup
duran agtyklaryny zor bilen diýen ýaly henizem çöküp oturan düýäniň gapdalyna
getirdi. Onuň ýüzugra turup, «patanaklap» gidibermändigine şükür etdi.
Agtyklaryny mündürensoň:
500
─ Çüw, janawer – diýip, daş-töwerekden çykýan zenzeläniň zarbyna onsuzam
gobsunyp ugran düýäniň owsaryny silkdi. Düýe ilk-ä bir aýylganç «bagyrdy»,
soňam leňňerläp ýerinden galdy. Tumşugyny dik-ýokaryk tutup birki ýola
öňküsindenem has elhenç «bagyrdy-da», göçüň barýan ugruna tarap ýelkildäp
ugrady.
Iki tarapynam deňläp, ölüm diýlen zady bütinleý ýatlaryndan çykaran bosgunlaryň
urýan zarbalary, görkezýän gaýtawullary gyzyllaryň çak edişlerinden kän çökder
bolup çykdy. Gün öýleden agyberende gozgalaňçylar göç bilen bilelikde gabawdan
çykdylar.
Duşman wagtlaýynça yza döndi. Merhumlaryny ýere duwlanlaryndan soň
gozgalaňçylar ýene-de gädige tarap ýöneldiler. Şonda olaryň hatary öňkülerine
görä has selçeň göründi. Enehakyda düýäniň üstünde oturan ýerinde yzyna, ýapýaňyja söweş bolan ýere seredende «Ýeroýlanduz» çöketliginiň gyrawlap duran çal
toprakly şor meýdany sansyz mazarlardan ýaňa alabeder göründi. Enehakyda
olaram ýere gaçan ýyldyzlara meňzetdi. Ýöne, ap-ak şor-kebir üzre ýatan ýyldyzlar
bu gezek onuň gözüne ak däl-de gara reňkde göründi.
Gädik has golaýlady.
Gozgalaňçylaryň barysy birden ýeňillik bilen dem aldylar.
Birdenem zakyja gargalar ala-goh bolşup asmana göterildiler-de, o ýan, bu ýan
pelesaň urmaga başladylar. Hä diýmänem göçüň yz tarapyndan serhedi nazarlap
gelýän dört sany samolýot göründi.
Sähelçe hereket etsek gädige ýeteis, diýen umyt bilen göçegçiler bu gezek
saklanjak ýa mal-garalaryny bir ýere bukjagam bolmadylar-da: «Ýa, Alla!: diýşip
gadamlaryna bat beriberdiler.
Meret tentek, Agdar han, Baýram bukawly ýaly başdanaýakgöçe ýolbaşçylyk edip
we edermenlik görkezip gelen batyrlar bu gezegem ýerli-ýerden üzeňňä galdylarda, gollaryny bulaşyp aýallary, çagalary gorkmazlyga, aljyramazlyga, her niçik
hem bolsa ýoly dowam etdirmeklige, söweşip ýören ýigitleri, gyz-gelinleri
merdana bolmaklyga, iň soňky katra ganlaryna çenli göçi goramaklyga çagyrdylar.
Özlerem ur-tut atlarynyň jylawlaryny eýerleriniň gaşyna ildirdiler we
arkalaryndaky tüpeňlerini kakyp alyp, eýýämhaçan göçüň üstüne howala bolan
samolýotlardan çenäp atmaga başladylar. Ol ýerden pulemýotlaryň «tatyrdaşyp»
ugraryna garaşdylar.
Emma, «gyrgyrlaryň» ýüki bu gezek başga zat ekeni. Olar gelişleri ýaly birgiden
bigünä çagalaryň, aýal-gyzlaryň, çal saçly gojalaryň, eneleriň üstünden
ýetişibildiklerinden bomba zyňyp başladylar. Her samolýodyň üstünde iki adamyň
agyr-agyr bombalary elleri bilen aşak taşlap oturandyklaryny ýüregiň içinde
ýygrylyp oturan Oganhakyda öz gözi bilen gördi.
501
Geçip gidensoňlar olar aňyrrak baryp öwrüm edýärdiler-de, dolanyp gelip ýene-de
göçüň depesinden bomba inderip başlaýardylar.
Yzly-yzyna gaýtalanyp duran bu ýagdaý, onsuzam öler ýaly ýadaw, aç-suwsuz
hem ukusyz gelýän bosgunlary öňküdenem beter kyn ýagdaýa saldy. Göç pytrady.
Her kim bir tarapa gaçdy. Mallar duw-dagyn boldy. Samolýotlaryň hüjümlerini
ýeterlik hasap eden otrýad komandirleri artykmaç pida çekmezlik üçin soldatlaryna
aýak çekmekligi buýurdylar.
Meret tentek bilen Baýram bukawly ikisi ýerli-ýerden:
─ Gädige tarap! Adamlar, gädige tarap gaçyň! Pytramaň! – diýip, gygyryşdyrlar.
Bosgunlaryň ýüzi ýene-de gädige tarap gönükdi.
Ruhy batyr bir ýerlerden höküdikläp geldi-de, üstünde aýaly bilen iki agtygy
oturan düýäniň owsaryna eline alyp iliň bosan tarapyna ýegdenekläp ugrady. Ýöne,
gädige golaýladyklarysaýy samolýotlaryňam, asmandan inýän bombalaryňam sany
köpeldi. Gyrgynçylyk görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi. Taşlanan bombalaryň sany
ýüze golaýlady. Enehakyda öz ýanyndan bu gyrgynçylygy Gökdepe
gyrgynçylygyndanam has aýylganç hasap etdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýere gaçan ýyldyzlar - 44
  • Parts
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 01
    Total number of words is 3553
    Total number of unique words is 2010
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 02
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2235
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 03
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2251
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 04
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2035
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 05
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 2240
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 06
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2074
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 07
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2300
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 08
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2079
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 09
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2182
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 10
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2186
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 11
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2086
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 12
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2156
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 13
    Total number of words is 3614
    Total number of unique words is 2180
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 14
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2068
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 15
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2124
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 16
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 2185
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 17
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2081
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 18
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2137
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 19
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2131
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 20
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2275
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 21
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2183
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 22
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2217
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 23
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2219
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 24
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2229
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 25
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 26
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 2253
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 27
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 28
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 29
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2145
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 30
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2061
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 31
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2165
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 32
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2092
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 33
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2078
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 34
    Total number of words is 3624
    Total number of unique words is 2126
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 35
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2120
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 36
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2121
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 37
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2084
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 38
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1980
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 39
    Total number of words is 3783
    Total number of unique words is 2052
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 40
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 41
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2134
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 42
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2129
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 43
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2061
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 44
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2153
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 45
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2197
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 46
    Total number of words is 2158
    Total number of unique words is 1428
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.