Latin

Ýere gaçan ýyldyzlar - 41

Total number of words is 3628
Total number of unique words is 2134
32.9 of words are in the 2000 most common words
46.6 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
etdirjekdigi baradaky imrindiriji habarlar eşidilmedi.
Şeýdip gumlularyň iň soňkuja umyt uçgunjyklaram öçdi. Daş-töweregi, elhenç bir
ümsümlik gurşap aldy.
Öňde bolsa, türkmen halkynyň galanja ysgyn-mydarynam bedeninden sykyp
çykarjak, ýurtda ululy-kiçili birnäçe nägileçilikleriň, gozgalaňlaryň turmagyna
sebäp boljak «kollektiwizasiýa», Ruhy batyr, Jüneýit han ýaly il ogullarynyň
öňden görüjilik bilen aýdyşlary ýaly, ilkinji türkmen döwletiniň başynda duran
Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakoe, Halmyrat Jumaýew, Halmyrat
Sähetmyradow ýaly birnäçe türkmen ýigitleriniň başyna ýetjek, sowet
häkimiýetiniň hakyky keşbini bütin dünýäniň öňünde açyp görkezjek tutha-tutluk
ýyllary adamhor aždarha deý agyzlaryny açyşyp ýatyrdylar.
20. Täze hökümediň halka „hossarlyk“ edişi.
Howwa, aňyrdan gelýän däp-dessurlarynyň, durmuş ýörelgeleriniň dürlidürlidigine garamazdan, sowet häkimiýeti SSSR-iň düzümine girýän
respublikalaryň ählisinde öz düzgünlerini ornaşdyrdy. Hä diýmän Hakguýyda hem
«ýer-suw reformasy», «kolhoz» diýen ýaly geň-taň sözler eşidilip başlady. Ol
sözleriň manysyny kimler: «Baýlaryň ýerini, suwuny mallaryny ellerinden alyp,
garyp-pukaralara paýlajakmyşynlar», diýip düşündirse, başga biri: «Hemmeler
birigip bir hojalyk bolmalymyşyn, ähli zat mal-mülk ortalyk bolmalymyşyn» diýip
düşündirdi.
Muny baýu-garyp, asyrlarboýy öz hojalygyny özüçe ýöredip gelen halk ýokuş
gördi. Aralarynda nägilelik döredi. Olar baknalyga boýun bolupdyrlar, patyşa
hökümetiniň tertip-düzgünlerine kaýyl gelipdiler ýöne, ellerinden mal-mülkleriniň
alynmagyna welin razy bolup biljek däldiler.
Sowet hökümedi welin olaryň razylygyny sorabam durmady. Üstesine-de ýeke bir
mal-mülkli baýlaryň ýa han-begleriň däl, eýsem az-owlak ýeri, suwy bolan
daýhanlaryň, birlän-ikilän düýesi ýa iş ýabysy, sygry, öküzi, iň bolmanda bäş
oýnam goýundyr-geçisi bolan orta daýhanlaryň hem ýakasyndan ebşitläp tutdy.
Hatda ýer urup ýerde galan garyp-gasyrlara, ýoksullara hem «kontrakt» görnüşinde
et, ýumurtga, ýag ýaly azyk salgytlaryny saldy. Raýkomlaryň, podraýkomlaryň,
oba sowetleriniň GPU-nyň işgärleri «gyzyltaýaklylar» diýlip atlandyrylýan
goranyş otrýadlarynyň agzalary at tezegini guratman, günüň-gününe, ýeke bir
obalara däl, eýsem has uzakdaky guýulara çenli baryp ýetýärdiler, mal eýelerini
469
ähli emläkleri bilen bilelikde kolhoza girmäne çagyrýardylar, öwüt-ündew, wagyznesihat geçirýärdiler. Aýdan-diýenleriniň ýol almadyk wagtynda güýje
daýanjakdyklaryny, mallarynyň, ýerleriniň ellerinden zor bilen alynjakdygyny
özleriniň bolsa tussag edilip, Sibir ýaly sowuk ýurtlara sürgün ediljekdiklerini
ýaňzytýardylar. Şol hereketlerini käte iş ýüzünde amala aşyrmak arkaly özleriniň
oýun etmeýändiklerini bildirýärdiler, halkyň gözüni gorkuzýardylar.
Şol gorky, şol howp, süri-süri mallary bolmasa-da, indi ençeme ýyl bäri çöl içinde
günamalaryny aýlap oturan ýeňilmediklerdenem sowa geçmedi. Ruhy batyryň
birwagtlarky diýeni dogry bolup çykdy. Sowet hökümeti patyşa hökümeti ýaly: sen
maňa degme, menem saňa degmäýin, diýip oturybermedi. Munuň şeýledigi onuň
wekilleriniň Hakguýuda peýda bolan güni belli boldy.
Öz hasaplaryna görä Hakguýa göre gündiz gelmelidiler. Ýöne, ýolda maşynlary kä
bozulyp, kä guma batyp eglenendikleri zerarly il ýatyp it uklansoň geldiler.
Çyralaryň ýiti şöhlesini juda uzakdan gören Hakguýuly ýetginjekleriň biri ylgap
gelip, indi kyrk bäş ýaşdanam geçen Umydy turuzdy. Obanyň gyrasyndaky alaňa
çykaryp goşa çyrany görkezdi. Soň bu ikisi gidip garrylykdanam beter soňky
döwürlerde birneme syrkawlyk tapynan, Durdy batyry turuzdylar. Ruhy batyry
turuzjaklaryny ýa turuzmajaklaryny bilmän ýaýdanyşdylar. Durdy batyr çürt-kesik:
─ Turuzmaň – diýdi. – Garry a-adamy biderek bimaza etmäň. Bu-bu gelýän şo-ol
m-maşyn diýilýänidir. Otludan parhly ýeri b-bu demir ýolsuzam ýöräp bbilýämişin. Ony täze höküwmediň a-adamlary münüp gelýändirler. Şeýdip olar
öňem k-kän ýerlere barypdyrlar. Hatda Täçgök serdaryň ogly Gaýgysyzam Jüneýit
hanyň ýanyna b-baranda şoňa m-münüp b-barypdyr. Siz gowusy üç-dört sany
oglany ýaraglandyryň-da, öňlerinden çykaryň. Goý, maşynyň g-gözünden atsynlar.
Gözi k-kör bolsa ý-ýöräbilmez. – Şeý diýdi-de, Durdy batyr «kühhä-kühhä» edip
öýüne girip gitdi. Umydyň iberen ýigitleri guýynyň ilersindäki kakdan geçibilmän
eýläk-beýläk zowzullap ýören maşynyň öňünden çykdylar-da, sen-men ýok, ok
atyp iki gözünem kül-pagyş etdiler. Häliden bäri «gür-gür» edip ýürege düşen
maşynyň sesi tapba ýatdy. Ýigitler: «Beh, dogrudanam kör bolansoň ýöräp
bilmeýän ekenow bi», diýip, syrtarylyşdylar-da, tüpeňlerini eginlerine atyp
yzlaryna dolandylar.
Maşynyň üstündäkilerde-de ýarag bardy. Hatda ýanlarynda iki sany ýaragly
esgerem bardy. Ýöne, howpuň nireden gelýänini, hüjüm edýänleriň kimlerdigini,
sanlarynyň näçedigini bilmeýändikleri üçin gohuň güýçlenerinden, köpçülik bolup
çozarlaryndan ätiýaç edip hiç hili jogap okuny atmadylar, hatda seslerinem
çykarmadylar. Elleri ýaragly hersi bir tarapa bakyp, tä daňdana çenli goranyş
ýagdaýynda oturdylar.
Ýigitler gelip Durdy batyra bolan işi habar berdiler. Ol üsgürip durşuna:
470
─ Aýtdym-a men, gözüni alsaňyz gelibilmiýa diýdim-ä, baryň indi gidiň-de
arkaýyn ýatyberiň – diýdi.
Ýigitler-ä gidip ýatdylar welin, şondan soň Durdy batyryň özi uklabilmedi. Bolan
işi Ruhy batyra aýtmasa köňli karar tapman, içi byjyklady durdy. Daň ataryna
zordan garaşdy. Daň tilkiguýruk bolup ugrandanam dostunyňka tarap yrgyldap
ugrady. Ýöne, bu barmanka Ruhy batyryň özi daş çykdy. Täret etmäne barýan
bolsa gerek, eli kündükli, donam egnine ýelbegeý atylan. Ol Durdy batyra gözi
düşenden bary-ýogy alty aýlyk kiçidigine garamazdan, ömürboýy edip gelen
endigine görä salam berdi.
─ Agşam uzynly gije töwerekde gaplaň «hyrlaýan» ýaly boldy durdy. Göwnüme
bolmasa golaýda bir ýerde «tark-turkam» bolaýan ýaly boldy. Sen-ä hiç zat eşiden
däldiň...
Durdy batyr bar zady birden aýtmakçy bolýan ýaly agzyny hatap kimin açyp
ugrandam welin, obanyň ýokary çetindäki alaňdan bir mayn «güwläp» aşak indi.
Oňa gözi düşen Durdy batyryň bar bady gaçdy. Ruhy batyram ony gyssap
durmady-da: «Beh şu eken-ow, asyl şol... » – diýip, maşynyň gelýän ugruna tarap
ýöredi, Durdy batyra-da onuň yzyna düşübermekden başga alaç galmady.
Iki gözi çym-pytrak bolan maşyn gelip göni Guşly batyryň gapdalynda saklandy.
Ondan yzly-yzyna böküşip düşen alty adam üstleriniň çaňlaryny kakyşyp,
ardynjyraşyp duruşlaryna zoraýakdan diýen ýaly salamlaşdylar. Soň agşamky
bolan wakany agzadylar.
─ Kimem bolsa şu töweregiň adamy bolmaly – diýip megerem, GPU-nyň ýa
milisiýa işgäri bosa gerek, gaýyş papakly, gapdaly naganly bir ýaş ýigit eýýämhaçan ýygnanyşyp ugran Hakguýulylaryň ýüzüne ýeke-ýeke seretdi.
Duranlaryň arasynda hakykatdanam agşamky ok atyp maşyny «kör eden» iki ýigit
bardy. Olar maşynyň gözlerinden gözlerini aýrybilmän, onuň gözsüzem şu ýere
ýöräp gelendigine haýran galyşyp, ýöne seslerini çykarybilmän durdular.
Şondan soň Ruhy batyr myhmanlary öýüne saldy. Çaý-çörek berdi. Naharlady.
Günortanyň öň ýany myhmanlar Hakguýynyň ähli ilatyny Ruhy batyryň işigine
üýşürdiler.
Ýaňky ilki geplän, ýany mauzerli ýigit öňe çykdy:
─ Şu çaka çenli çet-çemerlerde ygyp-tozup, horluk çekeniňiz besdir, indi sizem ile
goşulyň, kolhoza giriň, mal-garalaryňyzam şoňa tabşyryň, mundan buýana
daýhanlara-da, çarwalara-da sowet hökümediniň özi hossarlyk etjek...
Şol wagt kimdir biriniň:
─ Beh, görýän welin, bu hökümet bu golaýda gitjege meňzänog-ow – diýen sesi
eşidildi.
471
Iňňän ýuwaş geplänem bolsa, onuň aýdanlaryny hemmeler eşitdi. Myhmanlaryň
arasyndan haýsy milletdendigi belli bolmadyk, tegelek jozzuk gyzyl ýüzli, gözleri
göm-gök atyňky ýaly uzyn sary dişleri somalyşyp duran, eginlek, boýy ortadan
sähelçe ýokarrak gaýyşdan tikilen gara kurtkaly, gögümtil galife balakly, ýalpyldap
duran, ýumşak gara ädikli bir adam kurtkasyna meňzeş, uzyn gaşly gara papagyny
ýeňsesine süýşürdi-de, ses çykan tarapa seredip:
─ Kim şol! Kim şony aýdan? – diýip, gygyrdy.
Ol hiç kim boýnuna alybilmez öýden borly, bir daýanykly ýaşulynyň:
─ Şony diýen-ä men, ýagşy ýigit – diýip, ýaýkanjyrap öňe çykanyny gördü-de, bu
guýunyň başynda ýaşaýanlaryň kimlerdigi ýadyna ýaňy düşen ýaly sesiniň badyny
peseldip düýbünden başga terzden gopdy. – Sowet hökümedi hemmäni gowy
durmuşda ýaşatmak isleýär. Ol bizi kommunizme alyp barýar. Bu, Leniniň ýoly –
diýdi. Soň ol kommunizmiň nämedigi barada uzakdan-uzak söz sözledi. Iň
soňunda-da: ─ Biz ýöne öňürti sosializm gurmaly, oňa-da siziň kömegiňiz gerek –
diýdi.
Başga birem türkmen-ä däl Ruhy batyryň kepderi saklaýan keteginiň ýanyna
bardy-da, ýap-ýaňyja sepilen dänäni çokaşyp, «gummurdaşyp» ýören kepderilere
tarap barmagyny çommaltdyp.
─ Şonuň üçin sen bularyňam ýok etmeli borsuň, sebäbi sen şular zerarly Guşly
batyr adyny alan adam, şonuň üçinem, bularyň halkyň aňynda söweşjeňlik ruhuny
oýarmagy mümkin. Sowet hökümedi bolsa parahatçylygy söýýär. Ganly
söweşleriň gaýtalanmazlygyny isleýär.
Ruhy batyryň şonda näler: «Siziň hemmäňizem şeý diiýäňiz. Öňürti halky
gyrýaňyz, ýurdy tozdurýaňyz, ilatynam gul edýäňiz-de, Soňundanam: geliň, indi
gowy bolalyň parahat ýaşalyň, diýýäňiz. Gandan doýan soň aýrysakgalam şeý
diýipdi. Sebäbi siz öz eden işiňiziň telekdigini, halkyň özüniňizden nägiledigini
bilýäňiz, şonuň üçinem ondan gorkýaňyz“, diýesi geldi, ýöne, «ýeriň däldir ak
taýak» diýenlerine eýerip saklanmaly boldy. Çünki, sähelçe kejine gaýtdygyň,
olaryň eliňi arkaňa baglap näbelli bir tarapa alyp gidäýmekleri ýa alaňdan aşyryp
atyp gidibermekleri jyda ahmaldy.
Howwa, Ruhy batyr şol gezek dişin-ä gysdy welin, ýöne has ýokuş gören zady
ýaňky adamyň kepderiler babatdaky aýdanlaryny goldanlaryň arasynda eşiklerine
çenli şonuňka meňzedilip duran türkmenleriňem, hatda Gökdepe urşuna gatnaşan
adamlaryň ilen-çalanlaryňam bardygy boldy. Şol ýagdaý henizem erkinlik
baradaky umyt-arzuwlaryndan el üzmän ýören garry batyry agyr oýa batyrydy.
«Molla hakydanyň aýdyşy ýaly dogrudanam gurduň gurtlygy gutaraýdymyka?
Syňragyndan sim geçäýdimikä? Jynsy üýtgäp gyzyljagurda ýa porsujagözene
öwrüläýdimikä? Enehakyda ikimiziň şunça wagtlap edip gelen arzuwlarymyz puç
472
bolaýdymyka?» diýip, ol sowet häkimeýetiniň wekilleri gidenlerinden soňam esli
wagtlap oýlanyp gezdi. Öz erkine tabşyrmasa mallarynyň barybir elinden zor bilen
alynjakdygyna, özüniňem sowuk ýurtlara sürgün ediljekdigine doly düşündi. Muňa
ýene bir onuň özi däl, aýaly Enehakyda-da, ogly Umydam, agtygy Arzuwam,
Durdy batyram, Hakguýynyň başynda oturan beýleki çarwalaram doly düşündiler.
21. Halk täzeden aýaga galýar.
Sowet hökümediniň şolar ýaly diýdimzorlukly hereketleri netijesinde oba
daýhanlarynyň we çöl çarwalarynyň nägileçilikleri hasam artdy. Arly-namysly
ýigitler ýene-de gazap atlaryna atlandylar. Ýaraga ýapyşdylar. Hökümede güýç
bilen garşylyk görkezip başladylar.
Ýeňilmedikleriň ilkinji nesillerinden bolan, ençeme wagt bäri Tejen sebitlerindäki
guýularda otlap-suwlap ýören, Orazgeldi hanyň hem-de Ýüzbaýyň
ýolbaşçylygynda Tejen ilatynyň turzan gozgalaňy şol döwrüň iň bir häsiýetli
wakalarynyň biri boldy we hökümediň täze, ykdysady syýasatyna agyr zarba urdy.
Ýöne, 1931-nji ýylyň awgust aýynda sowet hökümedi tarapyndan guma iberilen
82-nji atly polk bilen bolan çaknyşykda Orazgeldi hanam, Ýüzbaýam öldürildi.
Şondan soň gozgalaňçylaryň aman galan bölegine maşgalalary bilen bilelikde
ýolbaşçylyk etmekligi öň şol toparyň içinde bolan Annaguly han hem-de Garry
molla ikisi öz üstlerine aldylar. Olaryň niýetleri gozgalaňy dowam etdirmekdi we
ony mümkingadar ýurduň ähli sebitlerine ýaýratmakdy. Olar öňi bilen Hakguýa
habar ýolladylar, hertaraplaýyn taýýar bolup durmaklaryny haýyş etdiler.
Hakguýudakylar bu haýyşy höwes bilen kabul etdiler we beýleki guýulara-da çapar
üstüne çapar ýolladylar. Ýaşy ýetmişden geçen Ruhy batyr bolup biläýjek hereket
wagtynda ýeňilmediklere ýolbaşçylyk etmekligi ogly Umyda tabşyrdy. Bu barada
ýeňilmedikleriň arasynda maslahat geçirip razylyklaryny aldy. Umyt hem öz
gezeginde aşaklyk bilen, birwagtky Jüneýit hanyň ýanyna ikinji gezek gitmek üçin
görülşi ýaly taýýarlyk görüp başlady. Ýigitleri bölüşdirdi, hersine ekabyr belledi.
Soň beýleki guýulara gidip şolar ýaly taýýarlyk işlerini geçirdi.
Ýöne, köp wagt geçmänkä, Annaguly hanyňam daşary ýurda aşmaklygyň
aladasynda gezip ýörendigi eşidildi.
Çünki, ol wagt söwet häkimeýet SSSR atly, özüni dünýä möçberinde ykrar etdiren,
bir çetinde gije, beýleki çetinde gündiz bolup duran ägirt uly döwlete öwrülipdi, öz
çäginde hereket eden «kontrrewolýusion» güýçleriň ählisinden üsyün çykypdy we
kiçijik, aýry-aýry toparlar bolup garşysyna göreşerden has berkäpdi. Muňa
Annaguly han basym düşündi. Ýene bir gezek guma hüjüm etdigi sowet
473
otrýadlarynyň özünem Orazgeldi handyr Ýüzbaýyň gününe saljakdyklaryna magat
göz ýetirdi. Şonuň üçinem ol Garry molla bilen gyssagly maslahatlaşdy-da, malyny
baýlykygyny alyp bu ýerden başyny gutarmak üçin özi ýaly göçermenler bilen
birleşip, üsti ýükli ýigrimi düýeden ybarat kerweni kemsiz ýaraglanan kyrk atlynyň
goragy astynda Owganystana geçirmekligi ýüregine düwdi. Göçmäge höwes
bildirýänleriň galan bölegini soň gelip äkitmeli edildi.
Emma sowet işgärleri onuň bu niýetini bada-bat duýdular we ur-tut geçjek
ýollaryny bagladylar. Serhetden aşmana mümkinçilik bermediler. Görkezen
garşylyklary netijesiz bolansoň, göç şol ýerden Eýrana geçmäge mejbur boldy.
Annaguly hana diňe birnäçe aýdan soň Eýrandan Owganystana geçmek başartdy.
Şol ýerde ol bu ýere mundan üç ýyl öň gelen Jüneýit han we onuň ogly Eşşi bilen
birnäçe gezek duşuşdy. Gozgalaňçylaryň we göçermenleriň galan bölegini hem
Owganystana getirmeklige ýardam bermeklerini sorady.
Annaguly han bilen Garry molla Eýrana geçenlerinden soň gozgalaňçylaryň gumda
galan bölegine Ilaman beg hem-de Agdar han ýolbaşçy bolup galypdy. Gum içinde
guýudan-guýa aşyp, ga çakçylyk edip ýörkäler olar Ahmet begiň
ýolbaşçylygyndaky Daşhowuzly gozgalaňçylara sataşypdylar we şolara
goşulypdyrlar.
Bu ýagdaýdan Jüneýit hanam habarly ekeni. Şonuň üçinem ol şol gezekki
duşuşyklarynda Tejenli gozgalaňçylaryň galan bölegi bilen bilelikde Ahmet begiň
toparynam alyp gaýtmaklygy Annaguly handan haýyş etdi. Ahmet bege öz
adyndan çakylyk hatyny ýazyp berdi. Şeýle hem Hydyr diýen adamyň
ýolbaşçylygynda alty adamdan ybarat ýaragly topary kömek hökmünde ýanlaryna
goşdy. Adamlaryny bolsa iňlis ýaraglary, uly möçberde ok bilen üpjün etdi.
Elbetde, hemişe bolşy ýaly, gozgalaňçylaryň galan bölegini, şeýle hem dogangaryndaşlaryny alyp gitmek üçin Annaguly hanyň Türkmenistana gaýdyp
geljekdigindenem «GPU»-nyň işgärleri habarlydylar. Şonuň üçinem, olar
ätiýaçdan Annaguly hanyň kakasyny we iki sany doganoglanyny tussag etdiler,
onuň geçip biläýjek serhedini berkitdiler.
O zatlara garamazdan, 1932-nji ýylyň 5-nji ýanwar güni Annaguly han we Garry
molla özleriniň altmyşdan gowrak atlylary bilen Guşgy sebitlerindäki serhedi
böwsüp Türkmenistanyň çägine geçdiler. Ýanwar aýynyň 20-sine bolsa Daşajy
guýysynyň başynda gozgalaňçylaryň Ilaman begiň hemde Agdar hanyň
ýolbaşçylygyndaky galan bölegi bilen duşuşdylar.
Olaryň arasynda Ahmet begiň ýokdugyny görüp Annaguly han gynandy. Görüp
otursa, tejenli gozgalaňçylar bilen duşuşandan soň Ahmet beg olara haýal etmän
serhede tarap hereket etmekligi we basymrak ondan aşmaklygy teklip edipdir.
Emma Annaguly hanyň gaýdyp gelmegine garaşýan tejenli gozgalaňçylar onuň
474
bilen ylalaşmandyrlar. Netijede Ahmet beg öz adamlaryny alyp aýdan tarapyna
ugrapdyr. Gyzyl goşunyň otrýadlary ony entek serhede ýetmänkä gabapdyrlar we
1932-nji ýylyň 19-njy ýanwar güni ählli topary bilen bilelikde derbi-dagyn
edipdirler.
Munuň hakykatdanam şeýledigini Ahmet begiň toparyndan aman galyp, yzyna
gaýdyp gelen üç-dört sany ýigit hem tassyklady.
Şondan soň Annaguly han göçi çaltlandyrmak barada gozgalaňçylara görkezme
berdi. Şeýle hem döwtalaplary ýygnamak üçin dumly-duşa ululy-kiçili toparlary
iberdi. Has degerliräk ýerlere bolsa özi gitdi. Şondan soň Türkmenistanyň dürli
sebitlerinden göçe bolan taýarlygyň güýçli depginde alnyp barylýan ýeri bolan
«Daşajy» hem-de «Siňrenli» guýysyna gelýänleriň sany gün-günden köpeldi gitdi
oturdy.
Annaguly han ýolugra ençeme guýylara degenden soň, Ruhy batyr bilen duşuşmak
üçin ýüzüni Hakguýa tarap öwürdi. Ol henize çenli duşuşyp görmedik hem bolsa
Ruhy batyryň gala söweşinden bäri şol ýerde öz erkinligini saklap oturandygyndan
habarlydy.
Onuň geçen ýoly, edermençiligi, taryhy barada hem köp zatlar eşidipdi. Türkmen
hakydasynyň şol adamyň ojagynda saklanýandygynam bilýärdi. Ýetmiş ýaşdan
geçendigine garamazdan entek-entekler aňynyň ýitidigi, guýydakylaryň
hemmesiniň ony ýaşuly, gowgaly günleriň diri şaýady hökmünde
sylaýandyklarynam eşidipdi. Şonuň üçinem, ol tutuş Garagumyň içine ýaýran bu
aýgytlaýjy pursatda onuň bilen ýüzbe-ýüz bolman, sözleşmän, maslahatlaşman
biljek däldi.
...Ter gara sakgally, başyna ak ýaglyk daňynan, kyrk ýaşlaryndaky, daýanykly,
ýüzi-gözi mähirli, mylaýymlyk bilen ýuwaşja gürleýän, durşuna dogum bolup
duran bu adamy Ruhy batyryňam göreneinden sulhy aldy. Gadyrly salamlaşdy,
görüşdi. Tejen ilatynyň başyna düşen pajygaly wakalardan habarlydygyny,
Annaguly hanyň özi barada hem köp-köp zatlary eşidendigini aýtdy. Araky
çakylygyndan soň, kömege gitmek üçin gum içinde uly taýýarlyk görülendiginem
gürrüň berdi. Öz ýanyna maslahatlaşmaga gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Söwüş soýdy. Ýeke özüni aýratyn bir öýe salyp hezzetledi.
Annaguly hanyňam Ruhy batyra syny oturdy. Guşly batyr barada oglanlygyndan
bäri rowaýat şekilli gyzykly gürrüňleri eşidip gelendigini, henizem özüni
ýeňilmedik hasaplap çöl içinde hem bolsa erkinligini elden bermän, ors
baýarlaryna-da, ant içip ähtinden dänen ýerli baýarlara-da bakna bolman
oturandygy üçin ony özüniňem, uly iliňem sylaýandygyny aýtdy. Bolup ýören şu
heläkçilikleriň hemmesiniň aňyrsynda türkmen tire-taýpalarynyň dagynyklygynyň
475
bir döwlet däldiginiň ýatandygyny aýdanda aňyrsynda ot ýanyp duran ýaly
«öwhüldäp» dem aldy. Sözüniň soňunda bolsa:
─ Elbetde, o ýere baranymyzdan soň bar zat gülala-güllük bolar, diýip, öňünden
aýdybiljek däl. Hiç ýerde-de elpe-şelpelik ýa mugt gazanç ýokdur. Gaýry ýurduň
Watan ornuny tutup bilmejekdigem aýdyň. Ýöne, iň bolmanda öz şahsy
erkinligimizi saklap bilmegimiz üçin bizde şundan başga alaç ýok. Bular bu gün
biziň elimizden ýerimizi, malymyzy alarlar, ertir aňymyzy alarlar, garaz, erksiz
adamyň düşjek güni şoldur. Baknalyk hiç haçan baýnatmaz. Gazananyň baýaryňa
gider durar. Ölmez-ödüňi berer, ýöne onam öz hyzmatyny etdirmek üçin, gulsuz
galmazlyk üçin berer...
Annaguly han sözüne dyngy bererine mähetdel Ruhy batyr oňa sorag bilen
ýüzlendi.
─ O ýere baran adamlaryň ýer-suw, mülk, öri ýagdaýlary nähili bolar?
Mysapyrçylyk çekip bu ýerdäkisindenem has kyn güne düşäýmezler-dä, hernä?
─ Owganystanda bolan wagtym men Jüneýit han bilen gürleşdim. Ol sizem
tanaýan ekeni. Görseň köp-köp salam aýt, diýdi.
─ Esen bolsun... Salam iberenem, getirenem sag bolsun.
─ Şonda ol özüniň Owgan döwletiniň ýolbaşçylary bilen gürleşendigini, egerde,
göçüp geljek türkmenleriň sany köp bolsa, özbaşymyza welaýat edip bermekligi
wada berendiklerini aýtdy. Şonuň üçinem, biz näçe köp adam ýygnasak, şonça-da
gowy. Ýöne, zorluk üok, goý, her kim näme etmelidigini özi çözsün...
Annaguly hanyň «özbaşdak welaýat» diýen sözi Ruhy batyra hemme zatdan beter
hoş ýakdy. Göwün maksadyny oýardy. Şonuň üçinem ol garry göwresine
gelişmeýän ýeňillik bilen gürrüňdeşine tarap pwsun atanynam bilmän galdy.
─ A belki özbaşdak döwlet bolmana ýardam ederler?
Köp zatlary aňynda aýlap, köp zatlary içinden ölçerip-döken bolsa gerek,
Annaguly han uzak wagtlap aşak bakyp dymyp oturdy. Ahyram Ruhy batyra dälde, öýüň ortarasyndaky ojakda ýanyp duran oduň ýiti ýalnyna seredip gürledi.
─ Eýle bolsa-ha hasam gowy bordy, batyr aga... Ýöne, hakykatyň ýüzüne dogry
seretmek gerek. Hiç döwlet öz döwletiniň içinde gaýry bir döwlet döretdirmez.
Döretdiräýse-de şu wagtky şura hökümediniň edişi ýaly özüne garaşly, öz
döwletiniň içindäki kiçijik döwleti döretdirer. Ýöne, o-da ikimiziň garaşýan
döwletimiz bolmaz. Onsoňam ýene bir zat, batyr aga: Watandan gaýry, Watan
bolmaz. Biz barybir iru-giç öz watanymyza dolanmaly bolarys. Erkinligimizi öz
elimize almaly bolarys. Ýurdy başybitin eýesiz kesekiniň ygtyýarynda goýup gidip
bolmaz. Şonuň üçinem, biziň bu wagtky bosgunçylygymyzy wagtlaýynça diýip
düşünmeli. – Annaguly han diňe şondan soň başyny galdyryp Ruhy batyryň
476
ýüzüne seretdi. – Indi bolsa aýt, batyr aga, bu meselä seniň özüň nähili garaýaň?
Gidýäňmi? Galýaňmy? Bu hakda pikir etdiňmi? Belli bir netijä gelibildiňmi?
─ Maňa puruja ber, han. Men özümiňkiler bilen mashatlaşyp göreýin. Beýle uly
meseläni ýeke çözmäýin. Sebäbi, biziň hemmämiziň ykbalymyz bir.
Annaguly han ýerinden turdy.
─ Bolýa, batyr aga. Maslahatlaşyň. Bu iş dogrudanam ýöne-möne iş däl. Watany
terk etmek hiç kime-de aňsat düşmez. Ýöne, ýagdaýy düşündirjek boluň. Egerde,
bardy-geldi maslahatyňyz göçli tarapa syryksa, onda, haýal etmän Akmolla
guýusyna barybermeli. Esasy ýygyn şol ýerde hem Daşlyjada boljak. Siňreklä
ýygnanýanlaram bar. Soň hemmesini Hanguýa ýygnarys-da, Alla ýol berse
lükgämiz bilen şol ýerden göterilibereris.
─ Bor han.
─ Hoş onda, sag oturyň.
─ Saglykda görşeliň.
Sowetleriň gum içinde edýän soňky hereketlerinden nägilediklerini göz öňüne
tutup, göçli meseläni ýeňilmedikleriň hemmesiniňem goldaýmagynyň
ahmaldygyny Ruhy batyr çak edýärdi. Şeýle-de bolsa, Annaguly han gidenden soň
ol bu barada öňi bilen öz maşgala agzalaryna sala saldy. Mundan bäş ýyl öň
durmuşa çykarylan Arzuwam şol wagt atasy öýündedi. Şonça wagtyň içinde onuň
çagasy bolmandy, üstesine adamsam köne guýularyň birini gazyp ýörkä ýokardan
depesine daş gaçyp ýogalypdy. Şondan soň gaýynlaram yzly-yzyna ýurtlaryny
täzeläpdiler-de ine, indi bir ýyla golaý ol şu ýerde. Ruhy batyr onam, on üç ýaşly
Hakydajygam, ogly, aýaly bilen deň hatarda gapdalynda oturtdy. Şol maslahata ol
özüniň ömürlik dosty Durdy batyram çagyrardy, ýöne, ol ýok, onuň dünýeden
gaýdyş edenine entek bir aýam bolanok. Maşgalasy, çagalary bolsa başga bir guýa,
garyndaşlarynyň golaýyna göçüp gitdiler.
Howwa, Ruhy batyr çagalaryna düýnki myhmanyň näme maksat bilen gelendigini
aýtdy. Göçli meseläniň matlabyny düşündirdi.
─ Häzirki hökümediň täze syýasaty bilen ylalaşman, ýurdy terk etmekçi
bolýanlaryň sany juda känmişin. Diýmek, ýeke bir gum içinde däl, oba arasyndada ýeňilmedikler az däl ekeni. Halk özüniň iň soňky – öz saçagyna özüniň erk edip
bilmek mümkinçiligini elden beresi gelenok. Bizem şol ýagdaýda, Rysk bilen
watan bir terezä mündi. Biz indi näme etmeli?
477
Umydam, Arzuwam, hat-da Hakydajygam bir wagtyň özünde diýen ýaly
Enehakydanyň ýüzüne seretdiler. Ol esli mahal böwrüni diňläp oturandan soň
uludan demini aldy-da:
─ Görýän welin bu hökümet dogrudanam has uzak wagtlyk gelene, bäri-bärde
başymyzdan sowulmajagam meňzeýär – diýip, söze başlady. – Çak edişime görä
bu hökümet adamlaryň maly-mülküni elinden alany, ganyny sorany bilenem
kanagatlanmaz. Iň ýamanam olar dini, Allany ret edýärlermişin. Metjit-medreseleri
ýapdyryp, olaryň ornuna öz mekdeplerini açdyrýarlarmyşyn. Olarda okaýan
okuwçylary hatara durzup: «Ogşukly, torumly gumdaky baýlar, az galandyr AýGünüňiz batmana» diýip, aýdym aýtdyrýarlarmyşyn. Oba içindäki baýlaryň
mallaryny mülklerini ellerinden alyp, özlerinem maşgalalary bilen bilelikde
Özbegistana, Täjigistana sürgün edýärlermişin. Şolary bir ýüzli edip bolansoňlar
olar biziňem daşymyza geçerler. Mallarymyzy elimizden alyp, bizem barybir bir
ýanlara göçürerler. Sürgün ederler. Iň bärkisi çagalarymyzy öz mekdeplerinde
okamaga mejbur ederler. Başgaça okudarlar. Şol maksat üçin mekdeplerini şu
guýynyň başyna getirmäne-de ýaýdanmazlar. Şondan soň: «Hudaý ýok diý», diýip,
çagalarymyzyň kellesine urarlar. Hakydany çepbesine çöwrüp, taryha ters baha
bererler. Ýaş nesliň hüý-häsiýetini görüm-göreldesini üýtgederler, olary öz ataeneleriniň garşysyna goýarlar, netijede hakyky erkinligiň nämedigini bilmeýän,
baknalyk bolsa-da garnynyň doýanyny özüne bagt saýýan, öňüni-soňuny, ýagşynyýamany seljermeýän, ata-babasynyň däl-de, öz üstünden agalyk edýän baýarynyň
şöhratyna buýsanýan, öz diline, sungatyna, milli däp-dessurlaryna sarpa
goýmaýan, bu günkülere düýbünden meňzemeýän başga bir nesil emele geler.
Hakyda ýatdan çykar. Ine, şonda halka halkyň hakyky hakydasyny ýatladybiljek
hakydaçyl adamlar gerek bolar. Şol adamlary taýýarlamak şol gün aýawly
saklamak bolsa bize bagly. Şonuň üçinem mal-mülkümiziň hatyrasyna däl-de, iň
bolmanda halkyň hakydasyny gorap saklamaklygyň hatyrasyna bulardan arany
açmagymyz gerek. Ras, erkinligimizi gorap bilmedikmi, hakydamyzy bir goralyň.
Bize diňe şol ýol galýar. Şol borjy ýerine ýetirip bilsek, indiki nesliň öňünde uly iş
etdigimiz bolar. Watana bolsa biz iru-giç dolanyp geleris. Biz gelibilmesegem
nesillerimiz geler. Olar bilen bilelikde bu ýere onuň hakydasam dolanyp geler.
Enehakydanyň: «Iň bolmanda hakydamyzy halas etmegimiz gerek» diýen
tolgundyryjy sözleri maşgala agzalarynyň ählisine iňňän uly täsir etdi. Kalplaryny
lerzana getirdi. Çünki, olaryň hemmesi aňlarynda halkyň hakydasyny göterip
ýördüler. Enehakyda atasyndan öwrenen hakydasyny ogly Umyda öwredipdi, soň
ol ikisi birigip ony ýaş Hakyda öwredipdiler. Olar ony oňa häzirem öwredip ýörler.
Ol welin garaşylyşyndanam has ezber, ýatkeş, tüýs öz adyna mynasyp ogul bolup
ýetişdi. Öwredilýän zatlaryň ýekeje sözünem sypdyrman ýat tutdy. Gije-gündiz
478
dynman gaýtalady. Aňynda aýlady. Berkitdi. Mahal-mahal bolsa hem kakasynyň,
hem uýasynyň synagyndan geçdi.
Oňa ýeke bir öz hossarlary däl, eýsem ýeňilmedikleriň ählisem guwanýardylar.
Halkyň hakydasynyň hiç haçan ýerde ýatmajakdygyna begenýärdiler.
Buýsanýardylar. Ýaşlygyny göz öňüne tutup soňabaka oňa Oglanhakyda diýip
başladylar. Bu at oňa hasam gowy gelişdi. Muny onuň özem gowy gördi. Käteler
agyr märekäniň içinde özüniň inçejik, sesi bilen hakyda aýdyp oturan çagany
daşyndan synlamak her kim üçinem ýakymlydy. Onsoňam, halkyň hakydasynyň
indiki sahypalaryny aňyna ýazmagam Oglanhakydanyň paýyna düşüpdi.
Dabarasy dag aşan ýaş hakydaçyny diňlemek üçin ýeke bir goňşy guýulardan däl,
eýsem uzak-uzak ýaýlalardan obalardan, şäherlerdir-kentlerdenem hatda başga
sebitlerden, welaýatlardan gelýänleriňem sany-sajagy ýokdy. Olaryň içinde
garrysam, ýaşam, aýalam, erkegem bar. Gojalar hakydanyň soňky sahypalarynyň
arasynda özlerini görüp geçmişleine buýsanýan bolsalar, bolup geçen elhençlikleri,
wepat bolan deň-duşlaryny, dost-ýarlaryny, has beterem elden gidirilen ýurtlaryny
ýatlap gynanýardylar, gözýaş dökýärdiler. Ýaşlar bolsa öz ata-babalarynyň
görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylyklary barada eşidip öz-özlerinden
hyruçlanýarlar, joşýarlar.
Umuman, şol döwür «Guşly batyryň guýusy» diýen ikinji ada eýe bolan Hakguýy
türkmen halkynyň hakyda mekdebine öwrülipdi. Çünki, ol mekdepde «okadylýan»
hakyda ýeke bir ahal ýa teke türkmenleriň däl, eýsem külli türkmen halkynyň,
gadymy tur – oguz taýpalarynyň, galyberse-de, bir ujy baryp ähli türki halklaryň
taryhy gözbaşlaryna direýän hakydady. Halkyň ruhy iýmitidi, milli guwanjydy,
arka daýanjydy, akyl söýenjidi.
Ýöne, ak patyşanyň dikmeleri gaty bir üns bermedik hem bolsalar, merkezden has
alysda, syýasatdan sowa ýerde ýerleşen bu «mekdep» sowet häkimiýetiniň «ýiti
gözli» Ge-Pe-U-şnikleriniň nazaryndan sypmady. Olar bu mekdebiň sapaklarynda
özleri üçin örän uly howp duýdylar. Haýdan-haý onuň öňüni almaklygyň ugruna
çykdylar. Agyr hem sowuk ýüzli, şo-ol, bir wagtky gelip, Guşly batyryň
kepderilerine tarap barmagyny çommaldan adamyňky ýaly egni gara gaýyş
kurtkaly, şon deý papakly, ädikli, balakly, eginlerindenem dört burç gaýyş sumka
asylan adamlaryň käte özleri gelip maşgalabaşy hökmünde Ruhy batyrdyr –
Enehakyda bilen şol tema boýunça gürrüňçilik geçirýärdiler, käte bolsa olary telim
günlik ýola äkidip edaralarynda sorag edýärdiler. «Olar ýaly bolgusyz zatlar bilen
çagalaryňyzyň beýnisini bulaşdyrmaň, aňlaryny zaýalamaň, gaýtam oba iberiň,
özüňizem göçüp geliň, goý, olar täze açylan ak mekdeplerde okasynlar,
kommunistik terbiýe alsynlar, Beýik Leniniň ideýalaryndan ruhlansynlar,
dünýädäki iň kuwwatly döwletleriň biri bolan SSSR atly Watanymyza wepaly
479
bolsunlar» diýýärdiler. Öz şübheleriniň ýerliksiz däldigini subut etmek üçin käte
olary käbir adamlar bilen ýüzleşdirýärdiler. Ýöne hiç kim: «Şularyň özlerinden ýa
çagalaryndan nähilidir bir üýtgşik zat eşitdik», diýmeýärdi. Ýüzlerine durmaýardy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýere gaçan ýyldyzlar - 42
  • Parts
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 01
    Total number of words is 3553
    Total number of unique words is 2010
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 02
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2235
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 03
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2251
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 04
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2035
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 05
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 2240
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 06
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2074
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 07
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2300
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 08
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2079
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 09
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2182
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 10
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2186
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 11
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2086
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 12
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2156
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 13
    Total number of words is 3614
    Total number of unique words is 2180
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 14
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2068
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 15
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2124
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 16
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 2185
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 17
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2081
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 18
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2137
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 19
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2131
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 20
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2275
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 21
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2183
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 22
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2217
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 23
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2219
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 24
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2229
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 25
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 26
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 2253
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 27
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 28
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 29
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2145
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 30
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2061
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 31
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2165
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 32
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2092
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 33
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2078
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 34
    Total number of words is 3624
    Total number of unique words is 2126
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 35
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2120
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 36
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2121
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 37
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2084
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 38
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1980
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 39
    Total number of words is 3783
    Total number of unique words is 2052
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 40
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 41
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2134
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 42
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2129
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 43
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2061
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 44
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2153
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 45
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2197
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 46
    Total number of words is 2158
    Total number of unique words is 1428
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.