Latin

Ýere gaçan ýyldyzlar - 37

Total number of words is 3611
Total number of unique words is 2084
32.6 of words are in the 2000 most common words
45.8 of words are in the 5000 most common words
52.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
─ Bu wagt olar guýunyň başyna-ha däl, tutuş Garaguma-da sygýan däldirler.
Janlaryna jaý, özlerini urara ýer tapýan däldirler. Olaryň häzir oba-ha baraslary
gelýän däldir, bu ýere gelýän ýoly bolsa biz ýapdyk. Üçünji bir ýoluňam
haýsydygyny entek kesgitläp bilýän däldirler. Belki-de, şonuň maslahatyny edip
oturandyrlar.
Ruhy batyryň inçesagat uzynak göwresi adaja ýel degen çynar ýaly çalaja yraň
atyp gitdi.
─ Eýle bolsa men olaryň ýanlaryna baraýyn, iň soňky gezek sözleşeýin, göwünlik
bereýin, ýagdaýy ýene bir gezek düşündireýin, ýola salaýyn... Ugradaýyn...
─ Menem bile gidäýeýin?..
─ Ýok, sen gitme. Sen şu ýerde gal.
Hemişe bolşy ýaly, Enehakyda bu gezegem adamsyna iki aýtdyrmady. Onuň
razylygyň alamaty hökmünde baş atanyny Guşly batyr garaňkyda görmese-de
duýdy. Baryp atyny eýerledi. Atlandy. Diňe şondan soň, henizem yzyna düşüp
ýören aýalynyň garaňka çala sudur bolup görünýän göwresine bakyp:
─ Ýa ýeke özüň galmana gorkýäňmy? – diýdi.
Enehakydanyň sesi merdemsi çykdy.
─ Ýok, gorkamok, arkaýyn gidiber.
Ruhy batyr atyny çalarak debsiledi. At öňe okduryldy. Sähelçe wagtdanam garaňka
siňip gitdi.
Enehakyda ýene-de Aýsyz gijäniň garaňkysynda golaýda ýaly bolup görünýän
sansyz-sajaksyz otlaryň ýylpyldysyna nazaryny dikdi. Ruhy batyryň ýigitler bilen
näme hakda gürleşip biljekdigi barada oýlandy. «Elbetde, Jandurmaz ahunyň
aýdanlaryny gaýtalar. Gidiň, obaňyza baryň, ekin ekiň, çil çekiň, däriniň ysyny
unudyň, diýer», diýip öz ýanyndan pyşyrdady. Aşakdan bolsa Guşly batyryň
kepderileriniň pessaýja «gummurdylary» eşidildi durdy. Ol ses şol wagt
«jyrlawuklaryň» nireden gelýändigi belli bolmadyk inçejik hem ejizje, üznüksiz
jyrryldysy» bilen garyşyp Enehakydanyň gulagyna şeýle bir hoş ýakdy welin,
egerde gün ýaşaly bäri bir ýana ýitirim bolan saryala köpek bir ýerden peýda
bolaga-da, «has-has» edip durşuna sop-sowujak temegini gulagyna degirmedik
bolsady, onda öz pikirine gümra bolup oturan Enehakydanyň şol oturşyna
ymyzganaýmagam ahmaldy. Köpek ilk-ä guýrugyny bulaýlap, ýüz-gözüni
ýalymjyradyp, göwresini buruljyradyp Enehakydanyň ýüzüne seretdi, ondan hoş
423
söze, mylakata garaşdy, özüne üns berilmeýändigini aňansoňam: näme bar-a şo
ýanda, diýýän ýaly boýnuny süýndirip ot ýanýan tarapa seretdi. Bir zat aňdymy ýa
eýesiniň göwni üçinmi, çalarak çyňsady. Ahyram onuň gapdalynda süýndi-de,
ýanyny ýere berdi ýatyberdi. Enehakyda ýene-de gözlerini içi ýylpyldydan doly
tümlige dikdi.
Gijäniň ýarymdan agmagy bilen otlaryň gabaralary kiçelip başlady. Soň sany
seýrekledi. Kem-kemdenem öçdi. Dünýe-älem gara perdä bürendi. Enehakydany
ömründe ilkini gezek gorky basdy. Egerde gapdalynda saryala köpek bolmadyk
bolsady, onda onuň «zöwwe» ýerinden galaga-da: «Ruhy-y-y! Sen nirede-e!
Basymrak ge-el, men gorkýa-a-an!.. « diýip gygyrybermegi ýa onuň giden ugruna
tarap ümdüzine tutdurybermegem juda ahmaldy.
Zulmat gyzaryberende günbatar tarapdan at aýagynyň ýumşak çäge basýan tutuksy
sesi eşidildi. Başyny dyzyna goýup ýaňy bir irkiljiräp ugran Enehakyda syçrap
ýerinden galandanam at burnuny «parryldatdy». Eýesi bilen deňine galan köpegem
ses gelen tarapa üşerildi. Oňa çenlem atlynyň sudury saýgartdy. Ärini tanan ýaş
gelin ylgap öňünden çykdy. Baryp atyny jylawlady. Onuň ýüzüni tutuksy görüp
howpurgady. Gözlerini balkyldadyp:
─ Şolar ekenimi? Sen olary gördüňmi? Gürleşdiňmi? – diýeninde elwan dodaklary
«titir-titir» etdi.
Ruhy batyr atdan düşdi. Ýüzüni iki baka sypajakladyp durşuna gussaly gürledi.
─ Howwa, şolar ekeni. Ýöne, men olar bilen gürleşip bilmedim.
─ Näme üçin?
─ Sebäbi, ýanlaryna baryp bilmedim.
─ Näme üçin ahyry?
─ Men olaryň ýüz-gözlerini iňňän tutuk gördüm-de, bir zaman bärde durup
gürrüňlerini diňledim. Seniň diýşiň ýaly, özleriniň bu ýerden gitmeli
bolandyklaryny, has beterem göreşi bes etmeli bolandyklaryny olar örän ýokuş
görüpdirler. Çünki, olar: «Ruhy batyr ýeriň diregi däl, göreşi biz onsuzam dowam
etdirip bileris, gylyjymyzy gynyna salmarys, bize goşuljaklar entegem köpdür...» –
diýen ýaly gürrüňler etdiler. Ýanlaryna bardygym ýene-de özlerine baş
bolmaklygymy towakga ederler, yrarlar öýdüp gorkdum. Çünki, maňa indi yza ýol
ýok. Sebäbi, men Jandurmaz ahuna söz berdim. Lebiz etdim. Onuň aýdýanlary
bilen bolsa senem razylaşdyň. Ine, şonuň üçinem, men olaryň ýanyna baryp
bilmedim. Ogurlyk etjek ýaly buky ýerde durup hersi bilen aýry-aýrylykda,
gaýybana hoşlaşdym. – Ruhy batyr atyny gazyga iltäp durşuna ahmyrly seslendi. –
Dogrumy aýtsam baranyma puşman etdim. Ýöne... Oňa çenlem at ýatakaga
ýetdiler. – Ruhy batyr öýe girdi. Iç işikde duran küýzeden bir susak suw içdi.
424
─ Ýöne, olaryň indiki ykballarynyň nähili boljakdygyna welin akyl ýetirip
bilemok.
Adamsynyň yzysüre öýe giren gelin gamgyn hem howlukmaç gürledi.
─ Näme üçin beýtdiň, Ruhy. Sen olar bilen ýene bir gezek gürleşeýin, ýagdaýy
ýene bir gezek düşündireýin, diýip gitdiň ahyry...
─ Howwa, şeý diýip gitdim. Ýöne, men ony başarmadym.
─ Olaryň özlerini oda urmaklary göni baryp ajalyň agzyna girmekleri mümkin
ahyry.
─ Bu hakda menem pikir etdim, ýöne...
─ Oňarmansyň, Ruhy. Aýdyşyňa görä olar indi tä, gyrlyp gutarýançalar göreşi bes
etmejege meňzeýärler.
─ Hut şeýle şol.
─ Durdy näme diýdi. Sen onuň aýdanlaryny eşitmediňmi?
─ Ýok, eşitmedim. Ol sesini çykarmady. Şo-ol, aşak bakyp başyny ýaýkady
oturdy.
─ Onda bir zat edeli... – Enehakyda dodaklaryny ýalap howlukmaç gepledi. –
Nemedeli... Derhal atlanaly-da, olaryň ýanyna gideli. Jandurmaz ahunyň öňünde
beren sözlerini, ähti-peýmanlaryny orta ataly, garaz, raýlaryndan gaýtaraly.
Özbaşdak hereket etmezliklerini towakga edeli. Ýogsam olar heläk bolarlar.
Ruhy batyr henizem sag elinde saklap duran agaç susagyny howada sallarlap
aýalynyň ýüzüne seretdi.
─ Dogrudanam şeýdäýsekmikäk?
─ Başga alaç ýok, Ruhy. Özümizem, howlugaly. Sähelçe haýal-ýagallyk etsek
amatly pursady elden gideräýmegimiz ahmal. Onuň öwezini bolsa soň hiç zat bilen
dolup bolmaz.
─ Ýör, onda, gitdik.
Edil şol wagtam daşardan at aýagynyň dükürdisi eşidildi. Guşly batyr susagyň
sapyny tärimiň gözenegine gysdyrdy-da, bir bökende bosagadan daş çykdy.
Guýunyň daş-töweregini gallaşyp duran atlylaryň dek düýnüň özünde özleri bilen
hoşlaşyp giden ýigitlerdigine olaryň ikisem ynanmajak boldular. Ýigitleriň ýüzleri
welin, dünkilerindenem agyr.
Enehakyda atylyp öňe çykdy-a uzak wagtlap görmedik hossarlaryna duşan ýaly,
gollaryny giňden gerdi.
─ Doganjyklarym-m!..
Ýekeje sözden ybarat, ýöne dünýe malyna degýän şol ses tamam bolmanka,
ýigitleriň barysynyň ýüzi açyldy. Derrewem güpürdeşip atdan agdylar. Gelip,
Enehakyda bilen däp boýunça, ýeke-ýeke, gol uzadyp, görüşdiler. Ruhy batyr bilen
425
bolsa hoşlaşandakylaryndan hem has yhlasly gujaklaşdylar. Soň atlaryny duşaklap
örä goýberdiler-de, öňküje çalmarlarynyň aşagyna üýşdiler.
─ Hany aýdyň, bu neneňsi ahwalat – diýip, şondan soň çalmaryň ortarasynda
ýazylan gök palasyň üstünde Enehakyda bilen ýanaşyk oturan Ruhy batyr ýigitlere
ýüzlendi. – Nä hyýala mündüňiz?
Ir wagtdan bäri gowy görşüp ýörensoň, az-kem sakawlaýandygyna garamazdan
Ruhy batyr bilen gürleşmegi, düşünişmegi ýigitler şoňa öňünden tabşyran bolsalar
gerek, ýoldaşlary ýerli-ýerden özüne tarap üşerileşenden, Durdy batyr özüne
mahsus bolan çakganlyk bilen bütin göwresini herekete getirdi-de:
─ Biz agşam o-ojarly oýda düşledik – diýip, söze başlady. Ruhy batyr şol dem
tasdanam: «bilýän, bilýän» diýip gygyrypdy. Emma saklandy. Durdy batyr dowam
etdi. ─ Uzynly gije ma-aslahat etdik. Daň agayberende-de şeýle netijä geldik: ─ Ol
Ruhy batyra tarap çiňerildi. Şol tarapa zarp bilen sag goluny uzatdy. Süýem
barmagyny çommaltdy. Bir salym dodaklaryny titredip, eňegini mürşeýdip
durandan soň: ─ Sen düýn bize: «Siziň h-hemmäňiz ýeňilmediklersiňiz» diýdiň...
– Durdy batyr gözlerini çerreltdi. – D-Diýdiň gerek?
Ruhy batyr köp garaşdyrmady.
─ Howwa, diýdim.
─ Diýen bolsaň indi şeýle: Biz häzir o-oba bardygymyz, islesek-islemesek at-ýaýaraglarymyzy tabşyrmaly bolarys. Tabşyrmajak bolsagam t-tabşyrdarlar.
Orsyýediň raýatlygynam, öz kada-kanunlarynam boýnumyza dakarlar. Şol
zatlardan soň ýeňilmedikler hökmünde bizde näme galýar? Hiç zat. Bu biziňem
ýeňilendigimizi gürrüňsiz boýun aldygymyz bolar. Biziň bolsa s-siziň bilen bir
hatarda, ýeňilmedikleriň hatarynda, ýeňijilerden üzňelikde bolasymyz gelýär. –
Durdy batyr aýtjak sözüni wagtynda aýdybilmedik pursaty edişi ýaly, ellerini
başly-barat hereketlendirdi. – S-s-sen bizi ýeňilenleriň arasyna iberip h-h... h-h... hhata iş etdiň. B-b-biziň hemmňmiziň ykbalymyz bir. Bir ýerde hem bolmagymyz
gerek. Bir gün bile bolup, ýene bir gün aýrylyşmak b-bize ýaraşmaz. I-ine, hut
şonuň üçinem biz m-m-mynda geldik. Egerde, sen kabul e-etmeseňem, biz başga
bir taşlantgy guýy taparys-da, şonuň başynda b-b-bolubereris. Täzesini gazmanada ýaltanyp durmarys. Gerek bolsa onusynam gazarys. Mal-gara-da edineris,
güzeranymyzam göreris. Ýöne, erkinligimizi elden gidermeris. Basybalyjylara
bakna bolmarys.
Düýnki suslugyndan indi birneme açylyşyberen Ruhy batyr ýigitleriň ýüzüne ýekeýeke garady.
─ Garaz, siz niýetiňiz gumdan çykmazlyga düwüpsiňiz-dä...
─ H-h-howa, biz niýetimizi şoňa düwdük... – diýip, Durdy batyr sag aýagy bilen
ýer depdi. – Biziň indiki g-galamyz şü. Garagum! Ata-babalarymyzy ençeme b426
belalardan goran bu çöl bizem gorar. Biz bolsa, kim bilýär, birdenkä gerek bolaýan
ýagdaýynda d-duşmanyň garşysyna galkynar ýaly taýyn g-güýç bolup durarys.
Baky baknalyk bolsa Enehakydanyň aýdyşy ýaly taryhda öňem bolmandyr, belki,
indem b-bolmaýady-da, ─ Durdy batyr uludan demini aldy. ─ Indi bolsa s-söz
senden, Ruhy batyr. Has takygy, Enehakyda ikiňizden. Siz näme diýseňiz ş-şol
bolar. Galyň diýseňiz-ä şu ýerde galýas, g-gidiň diýseňizem häziriň özünde beýleki
guýularyň birine tarap g-göterilýäs...
Ruhy batyr inçejik, owadan murtuny sag eliniň süýem barmagynyň ujy bilen o ýan,
bu ýan sypalady.
─ Be-e... Nätsekkäk janlarym – diýende, sesinde igenç ýa nägilelik däl-de, begenç,
guwanç duýgulary duýuldy. Düýnden bäri ilkinji gezek ýylgyrdy. – O
diýeniňizem-ä bolman durmaz welin, ýene bir zat bar. Siz indi öý-işigem bolmaly,
nesilem öndürmeli... Galan ömrüňizi köne guýunyň başynda müjerret geçiribem-ä
bilmersiňiz.
─ Onda nädeliň diýseňizläň – diýip, ara düşen böwşeňlikden peüdalanyp
Enehakyda söze goşuldy. – Ruhy batyryň aýdyşy ýaly bu ýerde gum ýassanyp
ýatsaňyz hasylsyz agaja dönersiňiz. Şonuň üçinem, belli bir bölegiňiziň-ä şu ýerde
bize goňşy bolup galmagyňyz, galanlaryňyzyňam böleklere bölünişip, gum
içindäki guýulara dargamagyňyz, şol ýerde ýurt tutunmagyňyz, öý-ojak
edinmegiňiz, maşgala bolmagyňyz gerek. Şeýtseňiz öňi bilen-ä ine, hä diýmän,
Garagumyň gerişleriniň arasynda ýeňilmedikleriň birgiden obalary, sanlyja
ýyldanam tutuş bir täze nesli, emele geler. Türkmeniň içinde size höwes bilen gyz,
gelin berjekler bolsa az dälmikä diýýän. Gumlularyň size garap gaş
çytmajakdyklaryna bolsa men ynanýan. Olar bize gala urşunda arka durdular, bu
günem arka durarlar. Ýükürgenmezler. – Ol başyny dik tutup ýigitlere hyjuwly
garady. Az-kem sesini gataltdy. – Şu söz makulmy?
Ýigitler oturan ýerlerinden gobsunyşdylar. Oňa-da kanagat etmän ör turdular.
Telpeklerini ellerine alyp howada galgatdylar.
─ Makul!
─ Rast söz!
─ Biz razy!
─ Aýrylyşmasak bolýa!
─ Bar-da, duşmana boýun eg, ýaragyňy tabşyr diýmeseňiz bolýa...
Şol gün olar günuzyn kimiň kim bilen, nirä gitmelidigi baradaky meseläniň
üstünde kelle döwdüler. Ýigitleriň ýigrimä golaýy Hakguýuda, Guşly batyryň
ýanynda galarman boldy. Olaryň arasynda elbetde, Durdy batyram bar. Galanlaram
barjak guýularynyň suw mümkinçiliklerine görä ondan-onbäşden, käbirleri
ýigrimiden, otuzdan bölünişdiler.
427
Garagumyň içi elbetde, hiç haçanam adamsyz bolmandy, häzirem boş däl. Hatda
suw ýetmezçiligi zerarly ir döwür guma gaýdan mülkamandyr-bogaja tirelerinden
öňem tekeler Merkezi Garagumyň üsti bilen Eýran tarapdan ýagy goýbermezlik
barada Hywa hanlary, hatda Horezm şalary bilenem şertnama baglaşyp «zastawa»
hökmünde oturypdyrlar we bu ýagdaý tä, Sarahsda Gowşut han tarapyndan Hywa
hany Mädemin han öldürilip onuň hanlygy, syndyrylýança dowam edipdi. Ana, şol
döwür serhet hökmünde ulanylan guýularyň hetdi-hasaby ýok. Olaryň köpüsi
göçüp gidenem bolsalar, entek ýaşap oturanlary hem ýok däl. Guşly batyr häzir
ana, şolar barada aýdýar. Olaryň ýeňilmediklere doganlyk goluny
uzatjakdyklaryna, goltgy berjekdiklerine ynanýar.
Bu hakykatdanam şeýle boldy. Ýeňilmedikleriň barysy guma siňdi. Şeýdip,
Garaguma täzeden jan girdi. Güne göýdük bolan guraksy damarlarynyň içinde gan
aýlanyp başlady.
9. Hakguýudakylar bar zatdan habarly.
Ýeňilmedikleriň dabarasy Ahal iliniň ähli ýerine ýaýrady. Olar barada her dürli
rowaýatlar ýaýarady. Şonuň il-gün üçin iň ýakymlysy Ruhy batyryň gum içinde
ummasyz köp goşun ýygnaüandygy, iň soňunda patyşa goşunlarynyň üstüne
çozup, gelmişekleriň ählisini ýurtdan kowup çykarjakdygy, türkmen topragyna
erkinlik äberjekdigi baradaky rowaýatdy. Oňa ynanýanam bardy, ynanmaýanam.
Ýöne, her niçik hem bolsa ynanýan kändi. Iň bolmanda her kimiň şol habara
ynanasy gelýärdi. Şonuň çyn bolup çykmagyny isleýärdi. Bu – halkyň islegidi,
arzuňydy. Çünki, at-ýaragyny tabşyranlaryň arasynda-da ýüreginiň töründe bir
ýerde ýeňilendigini boýnuna almadyk, haçanam bolsa bir gün öňki erkinligine eýe
bolmak umydyny elden bermedik kändi. Asla ähli halkyň ýüreginde şoldy. Şonuň
üçinem, täze dörän gumlulara ýerli-ýerden huruşlyk ownuk mal azaldyr, künde
şolara goşar ýaly öküz, düýe, aş gatyklar ýaly saglyk sygyr kömeginem etdiler.
Enehakydanyň aýdyşy ýaly olaryň öý-işik, maşgala meselelerem gaty bir müşgil
bolmady. Tanyş-biliş, garyndaşlyk, halkyň il ogullaryna bolan söýgüsi öz
wezipesini berjaý etdi. Gapdalynyň ak öýi, maly-garasy, goş-golamy bilen gyz
berenlerem boldy. Bu meselede hususan-da gumda ir döwürden bäri oturan barly
adamlar erjellik görkezdiler. Ýarpasyna bakyp bererleri ýaly üstlerine bir bölek,
ýarym bölek goýun sürenlerem boldy.
428
Umuman halk özi üçin janlaryny orta goýup, ýagy bilen iň soňky pursata çenli
göreşen ýigitleriň gadryny bildi. Özlerini gowy tutýançalar çöl içine ogryn-dogryn
azygam daşadylar, iýmişden-geýimdenem hor etmediler. Ýeňilmediklerem öňki
gumlular ýaly söwda-satyk gatnaşyklaryny esasan Daşhowuz taraplary bilen ýola
goýdular.
Şeýlelikde, öý-işik, maşgala bolmaga-da, nesil öndürmäge-de, ekin-ekip hasyl
almaga-da mal köpeltmäge-de olaryň hemmesi üçinem doly mümkinçilik döredi.
Garyndaşlyk gatnaşyklary ygtybarlyy bolansoň, ýurt içinde bolup geçýän
wakalaram, täzeliklerem gum içinde dörän täze obalara birsydyrgyn geldi durdy.
Habarlar welin dürli dürlidi. Biri-birinden ýakymsyzdy. Mysal üçin, gyrgynçylyk
ýylynyň tomsunda Dykma serdar, Magtymguly han ýaly birtopar türkmen
ekabyrlarynyň Peterburga, ak patyşanyň huzuryna salama gidendikleri, Dykma
serdaryň on ýaşly ogly Orazy ak patyşa «ogullyk» goýup gaýdandygy, baranlaryň
hemmesiniň ors hökümeti tarapyndan dürli derejedäki harby çinler, gymmatbahaly
serpaýlar bilen sylaglanandyklary hakyndaky habar gelip gowuşdy. Mämmetoraz
şeýtmek bilen ak patyşa özüniň türkmenler babatda, gowy syýasat alyp
barjakdygyny subut etmek isleýärmişin. Munuň şeýledigine asyl han-begler eýýäm
ynanypdyrlaram. Şolaryň içinde iň yhlaslysam eşidilişine görä Magtymguly
hanmyşyn. Ol Tejen uýezdiniň başlygy wezipesine bellenipmişin. Özem Marynyň
Orsyýede hiç hili garşylyksyz birikdirilmegi üçin elinde baryny edýärmişin. Şol
mesele boýunça Mary hany Güljemal han bilen birsyhly gepleşikler alyp
barýarmyşyn. Bu meselede Dykma SERDFARAM Magtymguly handan gaýra
durmaýarmyş. Gulbatyr serdaram ýer-suw boýunçamy, nämemi, bir toparyň-a
agzasymyşyn. Başga-da köp adam täze baýarlaryň gullugyndamyşyn,
hyzmatlaryny edýärmişin.
Ýeňilmedikleriň ýüreklerinde dag goýan ýakymsyz habarlaryň ýene biri gum içine
Gökdepe galasynyň synan ýylynyň aýaklaryna ýaýrady. Ol habarda türkmenleriň
özlerine sala salmazdan, türkmen topragynyň esli böleginiň Eýran hem-de ors
hökümedi tarapyndan bölüşilendigi, Etrek derýasyndan ilerisiniň, hususan-da
Türkmensähranyň, Gürgeniň Eýrana düşendigi, köp sanly türkmenleriň, şolar bilen
birlikde külli türkmeniň söýgüli şahyry, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň we
onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň mazarlarynyň-da şol ýerde galandygy,
asla indi öňki ýaly Ahal, Arkaç, Kesearkaç, Etek diýen ýaly ata-baba
türkmeniňkidigini aňladýan ýer-ýurt aňlatmalarynyň ulanylmaýandygy, ors
diwanyndaky resmi hatlarda bolsa, külli türkmen topragynyň «Kaspiniň
aňyrsyndaky oblast» diýlip atlandyrylýandygy barada aýdylýardy.
Şeýle hem ähli kazylyk işlerine ors baýarlarynyň seredýändigi, diwan işleriniň ak
patyşanyň kada-kanunlary esasynda alnyp barylýandygy, häki bir göz üçin goýlan
429
ýerli kazylaryň bolsa öz baýarlaryna ýaranmak üçin, halka olaryň özlerindenem
has zabun daraýandyklary, sähelçe günä üçinem agyr jezalar berýändikleri, käte
olaryň berýän jezalary üçin utanyp orslaryň özleriniň şol jezany ýumşadýandyklary
barada ýangynly gürrüňler eşidilýärdi.
Şolar ýaly habarlar Ruhy batyra-da, Enehakyda-da, umuman, gum içinde mesgen
tutan ýeňilmedikleriň ählisine-de iňňän ýokuş degýärdi. Çünki, bu indi ýurduň
ymykly elden gidendigini, mertleriň namart, namartlaryň mert bolandyklaryny, ähli
umyt-arzuwlarynyň puja çykandygyny, halkyň indi hiç haçan göreşe
galkynmajakdygyny aňladýardy. Şonda olaryň bir ýere, hususanda Ruhy batyryňka
üýşüp, gelip ýeten habarlar, bolup geçýän wakalar barada pikir alyşmakdan,
maslahatlaşmakdan, mundan bu ýana nämeleriň bolup biljekdigi barada
oýlanyşmakdan başga alaçlary bolmaýardy.
Üýşmeleňler käte has uly we giň möçbere eýe bolýardy. Oňa ähli guýulardan
gelýärdiler. Şonda gürrüňçiligiň soňy hökman Enehakydanyň aýdyp berýän
hakydalary bilen tamamlanýardy.
─ Hiç zat täzedenem döränok, ýitibem gidenok. Diňe bir görnüşden başga bir
görnüşe geçýär – diýip, şolar ýaly üýşmeleňleriň birinde Enehakyda aýtdy –
Onsoňam, adamzat hiç haçan özüniň öňki ýalňyşlyklaryny gelejek üçin sapak
edinmeýär. Egerde, edinýän bolsady, onda bu gyrgynçylyklaryň tozgunçylyklaryň,
basybalyjylykly ýörüşleriň birem bolmazdy. Sebäbi, basybalyjylaryň döreden giň
hem uly döwletleriniň henize çenli synman, dargaman galany ýok. Orsyýediňkem
şeýle bolar. Bu gutulgysyz zat. Ýöne, munuň üçin biziň ähli türkmenler bolup bir
döwlet döretmelidigimizi hiç haçan unutmazlygymyz gerek. Iru-giç bizi bu
baknalykdan alyp çykjak zat ana, şoldur.
Şondan soň Enehakyda türkmenler üçin döwlet bolmaklygyň gaty bir ýat zat
düldigi, olaryň ir döwür özleriniňem ençeme döwletler gurandyklary köp-köp
ýurtlary basyp alyp, uly imperiýalar döredendiklerini ýöne, agzalalyk zerarly şol
döwletleriň ählisiniňem ýeke-ýeke synandyklary barada gürrüň berdi. Şonda ol
hususan-da, baryp-ha miladynyň bäşinji, ýedinji asyrlarynda dörän, başynda
türkmenleriň ata-babalary bolan oguzlar duran gündogar hem günbatar türk
hanlyklary, olaryň mongol, hytaý sebitlerinde, Sibir töwereklerinde eden
gahrymançylykly hereketleri soň olaryň öz döwletlerini öz agzalalyklary zerarly
syndyryşlary barada rowaýat etdi. Şonuň bir ýerinde ol şol döwrüň iň uly
hanlarynyň birini gepledip: «Eý, türki halkym! Hiý, seni daşyňdan gelip dargadan
adam boldumy? Ýat biri gelip döwletiňi ýykdymy? Hemmesine seniň öz
agzalalygyň sebäp boldy ahyry» diýdi.
Bu gürrüň diňleýjilere iňňän güýçli täsir etdi.
430
─ Şol han dogry aýdypdyr. – diýip, Durdy batyr şonda özüniň sakawlygynam
unudan ýaly köstsüz gepledi. – Ähli türkmenler bolup bilelikde göreşen bolsadyk,
onda orslar bizi şu gezegem alyp bilmezdiler. Diýmek, ata-babalarymyzyň
döwletini ençeme gezek dargadan agzalalyk şu günki günem öz güýjünde doly
işleýär.
─ Howwa, işleýär... – Enehakyda Durdy batyra gussaly seretdi. – Ýöne, biz ýeke
bir ata-babalarymyzy şo günlere salan agzalalyk barada däl-de, eýsem, olaryň
şonça döwletleri gurmagyna ýardam eden agzybirlikleri barada hem
oýlanmalydyrys. Olaryň iň gowy taraplaryny sapak edinmelidiris. Şol agzybirlik
uzak bolmadyk gelejekde biziňem dadymyza ýetişer. Biz ine, şol umyt bilen
ýaşamalydyrys...
Enehakydanyň sözüni tamamlaryna mähetdel, şol gezek gumlularyň barysy birden
uludan, sowuk-sowuk dem aldylar. Başlaryny ýaýkap «öwhüldeşenlerem» boldy.
Olar assa-ýuwaşdan, ýerlerinden turdular, seslerini çykarman, biri-birleri bile
ümsüm halda hoşlaşdylar.
Şolar ýaly ynjyk gürrüňçilikleriň ýene birem 1884-nji ýylda, Marynyň Orsyýede
uruşsyz birigendigi baradaky habaryň gum içine ýaýran pursaty bolup geçdi. Ol
habar halkara syýasatynda Orsyýet bilen Angliýanyň arasyndaky onlarça ýyl bäri
türkmen topragy üçin barýan bilniksiz göreşiň ahyrsoňunda Orsyýediň peýdasyna
çözülendigini, ýeňilmedikler üçin bolsa indi külli türkmen topragynyň tutuşlygyna
elden gidendigini aňladýardy. Şonuň üçinem, olar bu gezek öňküdenem has sus
halda Hakguýa ýygnandylar. Bolan waka barada biri-birleri bilen sowuklaç pikir
alyşdylar. Soňra soragly nazarlaryny Ruhy batyra tarap dikdiler. Onuň bir zat
diýerine garaşdylar.
─ Biz bu barada siz gelmeziňizden öňem Enehakyda bilen maslahatlaşdyk. Gelen
pikirimizi ol size mendenem has aýdyň görnüşde aýdyp berer – diýip, Ruhy batyr
sözi şoňa geçirýändigini aňladýan manyda häliden bäri gabarylyp duran garnyny
myhmanlardan gizlemekçi bolýan ýaly bir gapdala burlup, ýanyn oturan gelnine
seretdi.
Enehakyda oturan ýerinde çalaja gozganjyrady. Çalaragam ardynjyrady.
─ Hernäçe gynansagam, urşuň netijesizdigini gala söweşi görkezdi. Başda
uruşmazlygy, ant içmezligi, Kurandan ätlemezligi teklip eden adamlaryň aýdanlary
dogry bolup çykdy. Mary ýaşulylarynyňam, Güljemal hanyňam şol zatlary sapak
edinip şol ýoly saýlap alandyklaryna men ynanýan. Bu gorkaklyk ýa namartlyk
däl-de, göze görnüp gelýän ajalyň agzyndan sypmaklygyň, iki belanyň has
bähbitlirägini saýlap almalygyň täri. Ilki ant içip, ýeňilenlerinden soňam duşmana
gulluga duran adamlaram başda şu ýoly saýlap alan bolsadylar, onda halkam
gyrylmazdy, bular ýaly masgaraçylygam bolmazdy. Şonuň üçinem, biz Mary
431
ilatyny günäkärläp bilmeris. Oňa hakymyzam ýok. Ýöne, barybir olaryň arasyndada ýürekleriniň töründe şol syýasat bilen ylalaşmaýanlaryň, baknalygyň
mejburydygyny jan-tenleri bilen duýýanlaryň, ony boýnuna almaýanlaryň,
mahlasy, özüňiz ýaly ýeňilmedikleriň, erkin durmuşyň haçanam bolsa bir gün
geljekdigine ynanýanlaryň, onuň gelerine uly umyt bilen garaşýanlaryň kändigine
men şübhelenemok. Biziň garaşýan arzyly günümiziň geljekdiginem duýýan.
Şonda sizem, olaram, hazarýaka, hywa, buhara türkmenlerem bir ýere birigeris, bir
güjje öwrüleris, şeýdibem maksadymyza ýeteris. Esasy zat ana, şol! Ähli türkmen
halkynyň kalbynda ýatan arzuw-islegleriniň birligi. Hemmesiniňem şoňa
ymtylýanlygy. Baknalyga kaýyl bolman, arzyly günüň gelerine garaşýan
adamlaryň köplügi.
Enehakydanyň bu sözleri köp wagtdan bäri sus gezip ýören ýigitleriň ýüreklerine
az-kem teselli berdi. Göwünlerine giňlik saldy. Geljege bolan umytlaryny artdyrdy.
Galkyndyrdy. Hyjuwlandyrdy. Munuň hakykatdanda şeýledigini Ruhy batyr olaryň
özi bilenem, biri-birleri, bilenem öňki gezekdäkilerine görä has açyk ýüz bilen
hoşlaşandyklaryndanam aňdy. Öz gürrüňleri bilen olary şeýlekin hoş hala
salandygy üçin, Enehakydadan hoşal boldy.
Marynyň ors raýatlygyny meýletin kabul etmegi netijesinde Ýolöten, Pendi
sebitlerinde oturan saryklaryňam, Eýranyň Zurabat diýen ýeri bilen gadymky öz
oturymly ýerleri bolan Sarahs, Mary aralygynda ençeme ýyl bäri enäp-tenäp ýören
az sanly salyrlaryňam ykbaly çözüldi.
Durmuş welin, dowam edip gidip otyr. Her niçik hem bolsa onuň, bagtyýar
günlerem bolman duranok. Az sanly şol süýji günler käte ýeňilmedikleriň has uly
aladalarynam serlerinden çykaryp goýberýär. Köşeşdirýär.
Ruhy batyr bilen Enehakyda babatda hem şeýle boldy.
Myhmanlar soňky gezek gelip gidenlerinden bir aý gowrak soň, ýagny, 1884-nji
ýylyň bahar aýlarynyň başlarynda, gije ýarymdan agyberende Enehakyda gyssanyp
başlady. Hernäçe azar bermejek bolsa-da, ahyry ärini turuzmaly, oňa ýagdaýyny
aýtmaly boldy.
Entek ukudan doly açylyp ýetişmedik Ruhy batyr birbada gelniniň «gyssanýan»
sözüne düşünmedi. Düşünenden soň bolsa:
─ Aý, ýog-a... – diýip, edil çaga ýaly birgeňsi ýylgyrdy. – Çynyňmy?
Enehakyda çalaja ýylgyrdy. Dodagyny dişläp aşak bakdy.
Ruhy batyr ýerinden turdy. Näme üçin beýdýändigini özi-de bilmezden gapy bilen
gelniniň arasynda ençeme gezek gatnady. Ahyram içini tutup buruljyrap oturan
gelniniň üstüne abandy.
─ Bu jelegaýlarda kempir-sempir-ä ýokdur welin, men onda goňşy gelinleriň birini
alyp geleýin...
432
Enehakyda ärine tarap owsun atdy. Gör indi näçenji gezekdir, ýüzüni ynjyly çytdy.
─ Näzigi çagyraý.
Näzik Durdy batyryň gelni. Ol goňşy guýularyň birinde ir döwürden bäri oturan
mally-döwletli adam hasaplanýan Hantöreli aganyň gyzy. Durdy batyr ony gowy
görýär. Ondan on-oniki ýaş kiçidigine garamazdan gelnem ony juda eý görýär.
Ruhy batyr howul-hara geýindi. Bosagadan böküp diýen ýaly daş çykdy. Hataryň
ortarasynda, Durdy batyrlara tarap delmuryp durşuna ýüreginiň töründe henize
çenli özüne mälim bolmadyk, üýtgeşik bir süýjülik duýdy. Ol duýgy ine-ine dünýä
injek çaga bolan atalyk duýgusymy ýa çaga dogurmak, ene bolmak ýaly kyn hem
mukaddes pursatyň öňünde duran ýanýoldaşyna bolan duýgudaşlyk duýgusymy,
ýa şolaryň ikisemmi, ol ony gyssagara bilip bilmedi.
Mahlasy, şol gün uly iliň guwanjy, buýsanjy arka daýanjy bolan Ruhy batyra
Enehakyda ogul dogrup berdi. Ol – ene, Ruhy batyr – ata boldy. Olar toý tutdylar.
Toý birnäçe günläp dowam etdi. Oňa ýeke bir Garagumyň dürli künjeklerinden,
ähli guýularyndan däl, eýsem uzakdaky obalardanam, Gökdepedenem gelenler
boldy.
Ähli umyt-arzuwlarymyz hasyl bolsun diýip, ýaş ene-ata çagalarynyň adyna Umyt
goýdular.
«Iki aýakly iki günde» diýleni. Hä diýmän Umytjygyň gözi gara düşdi. Soň oturdy.
Emedekledi. Ör turdy. Ýöredi. Dil açdy. Özüniň şadyýan «jedirdisi» bilen ataenesiniň göwnüni göterdi. Gam-gussasyny egisdi.
Ýedi ýaşyndan soň Enehakyda oňa hat-sowat öwredip başlady. On ýaşdan soň öz
ata-enesinden öwrenen hakydasyny öwretdi. Gökdepe galasynda bolup geçen
pajygaly wakalaram jikme-jik gürrüň berdi. Gumlularyň taryhyny aýdyp
bermekligem ýadyndan çykarmady.
Şeýdip on sekiz bahar geçdi. Umyt eginleri terezilenip duran, kakasy ýaly uzynak,
at ýüzli, ers-mers, ýigit bolup ýetişdi. Ony ilkinji gezek görenlerem Ruhy batyryň
ogludygyny soraman tanadylar. Enehakydadan bolsa oňa sary meňizlik, goýun
göz, dilewarlyk geçdi. Ol ýeke bir hakyda däl, goňşy-golamlarynyň içindäki, goňşy
guýulardaky aýdyjy-sazandalardan aýdym aýtmany, dutar çalmanam öwrendi.
Toýlarda göreşem tutdy. Bagşy hökmünde-de, pälwan hökmünde-de ady ile
ýaýrady. Ýigrimi ýaşyna ýetende bolsa Ruhy batyr oňa gumlularyň abraýly
adamlarynyň biriniň Dünýä atly gyzyny alyp berdi. Üç ýyldan soň Umydyň gyzy
boldy. Uly iliň arzuwy hasyl bolsun diýip, adyna Arzuw goýdular. Onuň doglan
433
senesi milady hasaby boýunça 1903-nji ýylyň güýz paslynyň ortaky aýyna gabat
geldi.
Şu döwrüň içinde çaga, ýeke bir Ruhy batyryň çatmasynda däl, gumlularyň
ählisinde-de yzly-yzyna boldy durdy.
Şeýdip, ýeňilmedikleriň täze nesli döräp başlady.
Gökdepe söweşiniň tamamlananyna ýigrimi ýyldan-da gowrak wagt geçdi. Onuň
ýüreklere salan ýarasy welin entegem köşeşenok. Ol birsyhly awap dur. Dogry,
Jandurmaz ahunyň ara düşen pursadyndan soň ors baýarlaryndan Guşly batyry
aňtap, Garaguma goşun çekip gelen bolmady. Aýrysakal-a işini bitirenden soň
uzak eglenmän Orsyýede gitdi, daş gulakdan eşidilşine görä ol şo ýerde, Orsyýediň
şäherleriniň birinde ölüpmi ýa öldürilipmi, garaz Hudaýyndan tapypdyr, Gökdepe
galasynda gyrlan bigünä adamlaryň ahy tutupdyr, onuň ýerine gelenlerem özlerine
garşylyk görkezmän, gum içinde itenek-çomanak öz güzeranlaryny özleri dolap
ýören adamlaryň üstüne sürünjegem bolmadylar. Olar esasan, türkmen ülkesinde
ak patyşanyň tertip-düzgünlerini ornaşdyrmak bilen boldular.
Gumlular welin gitdigiçe köpeldiler. Umyt bilen deň-duş oglanlaryň hemmesi ýigit
çykdy, gyzlar ýetişdi, öz gezeklerinde olaram öý-işik düzetdiler. Nesil öndürdiler.
Enehakydanyň hakydasy ýeke bir öz çagalaryna däl, eýsem gumlularyň ählisine-de
geçdi. Jandurmaz ahunyň aýdyp gidişi ýaly gumlular öz çagalaryny bolşuna görä
hat-sowadam öwretdiler. Ol borjy Hakguýuda ilki Enehakydanyň özi, soň Umyt
ýerine ýetiren bolsa, beýleki guýularda-da çagalara hat-sowat öwredibiljek adam
tapyldy.
Erkinlik getirjek arzyly gün welin ýeňilmediklerden barha daşlaşýan ýaly. Ak
patyşa ýeke bir türkmen topragynda däl, eýsem külli Türküstanda ymykly kök
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýere gaçan ýyldyzlar - 38
  • Parts
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 01
    Total number of words is 3553
    Total number of unique words is 2010
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 02
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2235
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 03
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2251
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 04
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2035
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 05
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 2240
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 06
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2074
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 07
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2300
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 08
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2079
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 09
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2182
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 10
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2186
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 11
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2086
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 12
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2156
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 13
    Total number of words is 3614
    Total number of unique words is 2180
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 14
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2068
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 15
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2124
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 16
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 2185
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 17
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2081
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 18
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2137
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 19
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2131
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 20
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2275
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 21
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2183
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 22
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2217
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 23
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2219
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 24
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2229
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 25
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 26
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 2253
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 27
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 28
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 29
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2145
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 30
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2061
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 31
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2165
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 32
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2092
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 33
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2078
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 34
    Total number of words is 3624
    Total number of unique words is 2126
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 35
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2120
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 36
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2121
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 37
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2084
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 38
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1980
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 39
    Total number of words is 3783
    Total number of unique words is 2052
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 40
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 41
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2134
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 42
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2129
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 43
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2061
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 44
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2153
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 45
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2197
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 46
    Total number of words is 2158
    Total number of unique words is 1428
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.