Latin

Ýere gaçan ýyldyzlar - 36

Total number of words is 3675
Total number of unique words is 2121
32.3 of words are in the 2000 most common words
45.5 of words are in the 5000 most common words
52.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
geçmek we «Kakguýudan» daşlaşmak bilen boldular. Sözüni soňlaryna mähetdel,
komandirleriniňem ellerini serip at üstünden arkan gaýdanyny görenlerinden soň-a
söweş meýdanyndan söweşsiz çykmajak bolup henizem jeň edip ýören esgerlerem
gaçyp barýan ýoldaşlarynyň yzyndan eňdiler.
Esli ýere çenli kowgy giden ýigitler gök asmanyň ýüzündäki «şapyrdap», aşyr atyp
ýören ak kepderä gözleri düşenden soň yzlaryna öwrüldiler. Olaryň iň soňkusynyň
Ruhy batyryň huzuryna gelmegi bilen, akja kepderi hem gelip, eýesiniň egnine
gondy.
Elbetde, hernäçe aljyran hem bolsalar, soldatlaram az iş bitirmändiler. Ak çägäniň
üstünde demsiz-düýtsiz serlip ýatan ýigitleriňem sany edil soldatlaryňkyça
bolmasa-da, garaz ep-esli-hä bardy.
Olary howul-hara ýere duwlanlaryndan soň, diri galanlaryň barysy «patyputularyny» ýygnaşdyrdylar-da, «Hakguýa» tarap ýola düşdiler.
Şeýlelikde, Ruhy batyr Garagum atly tomsuna gyzgyn, gyşyna sowuk diwarlary
ygyp ýatan ürgün, kä ýeri ak, kä ýeri gyzgylt, kä ýeri bolsa goňrumtyl görünýän,
gyrkylyk yzly çägeden ybarat berk galanyň içinde ornaşdy.
Iberen otrýadynyň masgaraçylykly ýagdaýda gaçyp gelmegi özüni türki halklaryň
piri hasap edip ýören general Skobelewi dälilik derejesine ýetirdi. Otrýad
komandiriniň wepar bolanyny eşidib-ä hasam gazaplandy. Hut ertiriň özünde öňkä
görä has köp soldat bilen Guşly batyryň gözlegine gitmekligi we bu iş üçin
islendik usuly ulanmaklygy islendik serişdäni gaýgyrmazlygy gerek bolsa
söweşijileriň dogan-garyndaşlaryny, ilen-çalanlaryny, juda bolmasa obadaşlaryny
tussag edip, girew hökmünde saklamaklygy, onda-da boýun egmeseler, girew
alnanlary jezalandyrmagy öz ofisserlerinden talap etdi. Egerde, olaryň hiç biri
başarmajak bolsa, onda bu işiň ugruna hut özüniň çykjakdygyny mälim etdi.
Ertesi dogrudanam toply-tophanaly agyr goşun güýçli saz astynda guma tarap
ugrady. Ýöne, düýnki söweş bolan ýerden olar Ruhy batyryň ýigitleriniň özlerin-ä
däl, hatda yzlarynan tapyp bilmediler. «Hakguýa» gidýän ýoly bolsa olar
bilmeýärdiler. Aslynda şeýle guýunyň bardygynam, Ruhy batyryň şol ýere
gideninem bilmeýärdiler. Çünki, o-da Kakguýy ýaly irden bäri ulanylman ýatan
taşlantgy guýularyň biridi we hiç ýerde bellikde durmaýardy.
Bu ýagdaý generaly öňküdenem beter kejikdirdi. Çünki, Garagumyň giňdigini,
şony penalap garşylykly söweşe geçibilseler türkmenleriň özüne hiç haçanam
ynjalyk bermejekdiklerini, ol ýagşy bilýär. Egerde, Ruhy batyryň bu göreşiniň
412
gerimi giňäp oňa Hywa, Buhara, Balkan, Mary belki-de, Türkmensähraly, Etrekli,
Gürgenli türkmenlerem goşulaýsalar-a gazanylan ýeňşiň bütinleý elden gidäýmegi
hem mümkin. Eger şeýle bolsa, onda baryp-ha beýik Pýotr tarapyndan düýbi tutlan
Orsyýet – Hindistan atly ägirt uly taslama ýene-de kagyz ýüzünde galar. General
munam gowy bilýär. Ýöne, uzak garaşdyrman Ruhy batyryň ýene bir gezek hüjüm
etjekdigi barada welin pikirem edenok. Asla oýuna-da getirenok. Birneme güýç
toplamak özüni tijemek üçin ol entek-entekler eglener, bäri-bärde gara bermez
öýdýär.
6. Şowsuz çozuş.
Ýöne, ine, ýokarky wakadan on günem geçmänkä, süýr günortan, Ruhy batyr öz
ýigitleri bilen indi ikinji gezek ors goşunlarynyň Gökdepedäki lagerine çozdy.
Ýöne, bu gezekki çozuş şowsuz boldy. Çünki, ors ofiserleri indi türkmenleriň
söweş tärlerini mazaly öwrenipdiler. Esasanam olar bilen «garjaşma» söweşine
girmezligi, hemişe arany açyk saklamaklygy, gerek bolsa top, raketa ulanar ýaly
mümkinçilikleri döretmekligi özleriniň kiçi çinli komandirleine berk
tabşyrypdylar. Türkmenleriň partizançylyk urşuny has giň ýaýbaňlandyrmaklarynyň ahmaldygyny göz öňüne tutup, birnäçe gezek, täze taktikaly, goşmaça
okuw-türgenleşik işlerini hem geçiripdiler. Iň bir esasy zadam olar gumdan gelýän
ýollaryň ählisine gözegçi goýupdylar.
Ine, şol zatlar hem Ruhy batyryň bu gezekki çozuşynda özüniň oňyn netijelerini
berdi. Gala ýetmäne esli aralyk galandan olaryň gelýändikleri barada habar düşdi.
Öňden taýýarlanan meüilnama boýunça otrýadlaryň hersi öz ornuny eýeledi. Atym
aralygyna gelenlerindenem ýigitleri ýerli-ýerden, ýöne, diýseň tertiplilik bilen oka
tutup başladylar. Golaýlaryna barmadylaram, golaýlaryna getirmedilerem. Ýigitler
welin şonda-da at başyny yza öwürmediler. Gaýtam, ýagmyr deý ýagýan gyzgyn
gülleleriň arasy bilen soldatlaryň gür ýerine tarap at goýdular. Şondan soň olaryň
üstlerine top oklaram ýagyp başlady. Ýigitler iňňän kyn ýagdaýa düşdüler.
Aljyradylar. Atlar top okunyň düşen ýerinden göterilýän tot-tozandan ýaňa nirä
gitjeklerini bilmän duran ýerlerinde «pyr-pyr» aýlanyşdylar. Art aýaklarynyň
üstüne galyp, öň aýaklary bilen howany peşediler. Haýkyryşdylar.
Ruhy batyr elini goltugyna sokanynam bilmän galdy. Oňa çenli dumanam
sowuldy. Akja kepderiniň «pasyrdap» asmana göterilenini gören ýigitler wepat
bolanlaryň jesetlerini jeň meýdanynda galdyryp, gelen yzlaryna bakan rowana
boldular.
413
Soldatlar olary tä gözden ýitýänçäler raketa okuna tutmak bilen ugratdylar.
«Wazyrdaşyp» barýan gyzyl otlaram ýigitleriň ençemesini at üstünden agdaryp,
gum yzarlamana, Garagumyň jümmüşine aralaşmana welin het edip bilmediler.
7. Jandurmaz ahunyň töwellasy
Ruhy batyr duşmany biynjalyk etmekligiň başga çärelerini agtaryp başlady. Ýöne,
Skobelewem eýýäm onuň üçin iň bir aýylganç çäräni – girewli meseläni saýlap
alypdy. Şonuň üçinem, günleriň birinde ýanynyň bäş-alty sany ýaşulysy bilen,
Hakguýa Ahalyň tanymal adamlarynyň biri Jandurmaz ahun geldi. Ömrüni
dünýäniň mekru-allaryna, dawa-jenjellerine baş galdyrman, diňe hat-sowat
öwrenmek, ylym almak, öz alan ylmyny ýaş oglan-gyzlara öwretmek bilen geçiren,
hakykatçyl, dogry sözli, ortadan pesräk boýly, eti-gany ýerinde, kä ýerlerine gyraw
düşen gür gara sakgally, ullakan ala gözleri hemişe gussaly görünýän, ýüzi ýaňy
bir ýygyrt atyp ugran, bokurdagyny «hyjyrdadyp», howlukman gürleýän, mylaýym
sesli, altmyş bäş ýaşlaryndaky, çalaja-da ynjygrak bu adamy Ruhy batyr köpden
bäri tanaýardy. Sylanýan adam hökmünde ol ähli maslahatlara çagyrylýardy. Ýöne,
aýdan sözi ýer tutmasa gaty görýärdi. «Etmejek bolsaýyz sorap nätjekdiňiz»,
diýýärdi-de, ýa-ha usullyk bilen ýerinden turýar gidiberýärdi, ýa-da «Onda özüňiz
ýagşy bilýänsiňiz, siz näme diýseňiz bizem şoňa razy», diýýärdi-de, aşak bakyp
oturşyna elindäki gyzyl monjukly tyesbisini ýetişibildiginden sanaberýärdi.
Aýdýan zatlary welin galapyn dogry bolup çykýardy. Gala urşunyň öň ýanyndaky
uly maslahatda-da ol Dykma serdar, Orazmämmet han, Hanmämmet atalyk ýaly
adamlar bilen bir hatarda ekabyrlara ant içmezligi, Kurandan ätlemezligi, asyl-ha
uruşmazlygy, urşulaýanda-da beýdip, gala bukulyp däl-de, arkalaryny Garaguma,
Tejene, Mara diräp uruşmaklygy teklip edipdi. Gepi ýer almandan soň bolsa
Gökdepeden çykyp gidipdi we şondan üäri Etekdäki obalaryň birinde çaga
okutmak bilen meşgul bolup ýördi.
Galanyň synanyny welin uly yza hem gam-gussa bilen garşy alypdy. Dogry, Ruhy
batyryň söweşi dowam etdirýändigini eşidip begenipdi, ýöne, güýjüniň azdygy
sebäpli, aňyrsynda uly döwlet duran agyr goşuna uzak garşylyk görkezip
bilmejekdigini göz öňüne getirip gynanypdy. Her namazyň, edýän aýattöwürleriniň soňunda deň bolmadyk güýç bilen göreşýän bu batyr ýigide Alladan
güýç, kuwwat rowaçlyk diläpdi.
Şeýle-de bolsa onuň keşbinde il-gün üçin geçmişde gaýrat görkezen az sanly
ençeme ýigitleriň keç ykballaryny görüpdi. Şonuň üçinem, ony aňyrsy görünmeýän
bu kyn ýoldan sowmaklyga synanyşyk etmekligi ýüregine düwüpdi. Skobelewiň
414
täze gelen karary onuň bu niýetini hasam tizleşdirmeklige itergi berdi. Hut, şol
niýet bilenem bu gün ol şu ýere geldi.
─ Sen mamla, batyr, seňki dogry... – diýip, köneräk gögümtil palasyň üstünde
çöküne düşüp, çaý içip oturan Jandurmaz ahun esli wagta çeken mesaýy
gürrüňçilikden soň esasy meselä geçdi. – Ýöne, hakykatyň ýüzüne dogry seredeli.
Sende uly maksat bar, emma güýç ýok. Barjaňam gün-günden azalmasa
köpelenok. Mundan buýana-da şeýder gider oturar. Çünki, her gezekki söweşde
çekýän ýitgiň hele-müçük däl. Halk bolsa halys ysgyndan gaçdy. Eňki agdy.
Dyzyna çökdi. Eňegini ýere berdi. Utulanyny boýnuna aldy...
─ Ortada şert bar ahyry, ahun aga... – diýende, Guşly batyryň sesi çalaja
sandyrady. – Ony nirä aýyrjak? Nädip ýuwutjak? ...
Jandurmaz ahun ýüreginden syzdyryp gepledi.
─ Ol saňa degişli däl, ogul. Sebäbi, sen ant içmediň. Şertem etmediň. Kurany
kerimdenem ätlemediň. Göreşi bes edeniň bilen sen ähtinden dänen adam bolaňok.
─ Ýöne, men öň şert edip, indem şol şertine görä tä iň soňky demine çenli duşman
bilen gidişmekligi ýüregine düwen adamlaryň öňüne düşüp ýörün. Biziň
hemmämiziň maksadymyz badyhowalyk bilen içilen antyň, şertiň yzynda
nämeleriň ýatandygyny subut etmek.
─ Sen ony subut etdiň. Ýöne, barybir halky ýaňadan aýaga galdyryp bilmersiň.
Onuň häzir gözi ýerde. Gara toprakda. Ol bu gün ekin ekip ýör, ertir bolsa hasyl
almaly, çagasyny açlykdan alyp çykmaly. Ajyň bolsa aňy bolmaýar, batyr. Bir
tetäriklik gara zagara bu wagt oňa bar zatdan beter zerur. Şonuň üçinem pendimi
al-da senem garşylyk görkezmäňi goý. Özüňem, ýigitleriňem ajalyň agzyna
itekleme. Ol nägehan bir gün siziň baryňyzy dolap alyp öz holtumyna dykar. Seniň
ýigitleriň öz obalaryna başlaryny dik tutup baryp bilerler. Hiç kim olara tarap
barmagyny çommaldyp bilmez. Çünki, olar öz borçlaryny berjaý etdiler. Özüňem
parahat durmuşa dolan... – Jandurmaz ahun aýdýan sözleriniň täsirini ýüzünden
aňmakçy bolýan ýaly Guşly batyra tarap tiňkesini dikip köp oturdy. Ahyry çalarak
ardynjyrady-da, sesini gyryljyradyp sözüni dowam etdirdi. – Sen Dykma
serdardanam gaty görme. Özüň bilýäň, başda o-da ant içmäniň tarapdary däldi.
Ýöne ol köpçüligiň çözgüdine razy bolmaly boldy. Özüniň gorkak ýa namart
däldigini, nähili usul bilenem bolsa watanyny goramana taýýardygyny subut etmeli
boldy. Subut etdem. Gala synaly bäri ol Haweran çölünde oýlanyp köp gezdi.
Arasynda meniň ýanyma-da baryp gaýtdy. Maslahatlaşdam. Men oňa-da şu, saňa
berip oturan maslahatymy berdim. Çünki, başga ýol ýok. Şertimde tapylaýyn
diýäge-de, gyljyňa sanjylyp öläýmegem aňsat däldir, batyr. Çünki, jan süýji,
üstesine-de amanat. Ony diňe eýesi alyp biler. Hiç kimiň amanat zada kast etmäne
haky ýokdur. Ony Garabatyryňky ýaly: «me saňa» diýäge-de duşmana bereniň
415
bilenem utýan zadyň ýok. Senem, bu ýigitlerem öz janlaryny indiki maksatlar üçin
aýap saklamaly, nesil öndürmeli, ýurt üçin baş goýanlara derek merdana ogullary,
namysjaň gyzlary ýetişdirmeli... Siziň halkyň öňündäki borjuňyz häzir ana, şol!
Onsoňam... – Jandurmaz ahun oturan ýerinde arkan gaýşyp daş-töweregine göz
aýlanda ýaşyp barýan Günüň şöhlesi düşüp gözüni ýaşartdy. – Onsoňam, bu
garşylyk zerarly aýrysakal indi halkyň ýakasyndan ýapyşdy. Hususanam, ilençalanlaryňyzyň, obadaşlaryňyzyň, daşyna geçdi. Köpüsini ýygnady. Ol häzir olary
girew saklaýar, ýöne, sen üstüne sürnüberseň onuň olary has ýowuz günlere
salaýmagam ahmal. Üstesine, özüne tabyn bolan türkmen ýigitlerinden goşun
düzüp üstüňe süräýerem daş däl. Şeýle adamlar tapylmazam öýtme, batyr.
Döwürdir-düzgüniň üýtgemegi bilen adamlaram üýtgeýändirler. Dek düýnüň
özünde duşman bolup, garşysyna göreşen adamlary bilen eýýäm, saçakly gatnaşyp
ýörenleriň barmak basyp sanardan kändigini özüňem görüp dursuň. Olar eýýäm
Orsyýediň raýatlygyny kabul etdiler, owsarlaryny şolaryň ellerine berdiler.
Onsoňam aýrysakalyň seni bahanalap ir döwürden bäri gumda oturan çarwalara-da
azar bermegi mümkin.
Ruhy batyr gözüniň gytagyny bir çetde aşak bakyp, çep eliniň aýasyny ýere diräp,
sag eliniň süýem barmagy bilen aşagyndaky keçäniň gülüni dyrmalap oturan
Enehakyda tarap aýlady. Enehakyda gyssagara näme diýjegini bilmän kösendi.
Elbetde, onuň ýüregi Guşly batyryň göreşi dowam etdirmegini isleýärdi. Bu ýere
gelende-de hut şol maksat bilen gelipdi. Ýöne, häzir welin aňy ony Jandurmaz
ahunyň aýdanlaryna tarap çekýär. Çünki, bu göreşiň garaşylan netijäni
bermejekdigi indi äşgär boldy. Soňky günlerde Enehakydayň özem bu barada az
oýlanmaýardy. Guşly batyr bilen çynlakaý maslahatlaşmsk üçin kän gezekler
çemeleşipdem, ýöne, hiç çemine salyp bilmändi. Ine, häzir welin şoňa maý döredi.
─ Dek-düýnüň özünde: sen bir göreşi bes edäýme, diýip, duran halyma bu gün bes
edäýsene senem şuny, diýmek maňa ölümdenem agyr, Ruhy, - diýip, ol kynlyk
bilen, ýuwduna-ýuwduna dil açdy – Ýöne, aýtmanam durup biljek däl. Bu sözüň
saňa agyr degjekdiginem bilýän. Menem ahun aga bilen pikirdeş. Çünki, ol boljak
işi aýdýa. Üstesine-de aýrysakal şeýle namart pirime baş uran bolsa... Emma bu
diýildigi saňa bar-da, duşmana boýun eg, atyňy-ýaragyňy tabşyr, ýeňileniňi
boýnuňa al, diýildigi däl. Ony hiç kim saňa diýibem bilmez. Bu diňe: artykmaç
hem netijesiz pidalardan el çek, diýildigidir. Ahun aganyň aýdyşy ýaly sen öz
borjuňy berjaý etdiň, biz öz borjumyzy mundan buýana-da berjaý ederis.
Ýeňilenimizi boýnumyza almarys. Biziň erkanalygymyz ugrundaky göreşimiz tä,
ölýänçäk, şu guýunyň başynda ýüregimiziň töründe dowam eder. Ýöne, öz
boýnumyza alan kynçylygymyzyň azaryny özümiz çekeli. Biziň odumyza özgeler
ýanmasyn. Artykmaç pida bolmasyn.
416
─ Men başda Garagumyň giňligine bil baglapdym... – diýip, Ruhy batyr
Enehakydamy, Jandurmaz ahunamy ýa töwereginde oturan ýigitleremi , haýsyna
degişlidigi belli bolmadyk äheňde söze başlady. – Gala synandan soň guma
siňenleriň barysy gelip daşymyza üýşerler, Dykma serdar, Magtymguly han ýaly
dolanyp gelmeklige söz beren adamlaram yzlaryna agyr goşun tirkäp gelerler, soň
bize beýleki sebitlerdenem gelip goşulanlar bolar, tutuş ýurt boýunça galkynyş
dörär, şeýlekin ägirt uly güýje öwrülibem öz garaşsyzlygymyzy gaýdyp alarys, bir
bitewi döwlet dörederis, dünýä döwletleriniň arasynda bizem bir san bolarys, diýip,
umyt etdim. Emma o diýenim bolmady. Maňa indi siziň maslahatyňyzy kabul
edäýmekden başga alaç ýok. Üstesine biz zerarly halkam azar görjek bolsa...
olaram ynjydyljak bolsa. Öz ýigitlerimiz üstümize sürüljek bolsa... birek-birege
tarap ok atjak, birek-biregi gyrjak bolsak. – Ruhy batyr uludan demini aldy –
Ýöne... Enehakyda hak aýdýar, bu biziň ýeňildigimiz ýa boýun egdigimiz däldir.
Göreşi bütinleý bes etdigimizem däldir. Ol göreş biziň ömürýoldaşymyz bolar... –
Batyr ýigit daş-töweregindäki ýüz-gözlerini çytyşyp, käbiri gum ýassanyp, käbiri
dik oturan ýerinde özara, nägile sypatda, «hümi-sümi» edişip oturan nökerlerine
tarap göz aýlady. – Şeýle-de bolsa bu barada meniň öz ýigitlerim bilenem
maslahatlaşmagym, pikirlerini bilmegim gerek.
Jandurmaz ahun oturan ýerinde oýkanjyrady.
─ Dogry aýdýaň batyr. Olar bilenem gürleş, pikirlerini bil.
Ýigitleriň arasynda tolgunşyk emele geldi. Tirsekleşip ýatanlar dikeldiler, dik
oturanlar ör turdylar, aýak üzre duranlar «öwhüldeşip» aşak çökdüler. Böwediň
agzyna gelen çişgin suw ýaly iki baka çaýkanyşdylar-da, birdenem agyzlaryndan
ak köpük saçyşyp böwet üzre aşaklygyna tarap yňdylar.
─ Ýok! Biz göreşi bes etmekçi däl!
─ Gerek bolsa biz girew alnanlary boşadybam bileris.
─ Janyňa ýakýamy diýäge-de özlerindenem girew alyp bileris.
─ Hut şeýtmek gerek.
─ Guşly batyr yza tesme!
─ Beýtjek bolsaň öň bizi ýygnamaly däl ekeniň-dä!
─ Juda bolmasa göreşi özümiz dowam etdiribereris!
─ Serkerde-de taparys!
─ Dogru-da walla!
─ Päheý-dä, welin...
Şondan soň Jandurmaz ahun olar üçinem gürrüňçilik geçirmeli boldy. Köp zatlaryň
başyny agyrtdy. Her hili tymsallar, öwrümler arkaly, juda kynlyk bilenem bolsa,
her – hal edil «bolýa» diýdiribilmese-de garaz köşeşdirdi. Iň soňunda-da:
417
─ Obaly – obaňyza baryň-da, maşgalalyňyz – maşgalaňyza goşulyň,
maşgalasyzyňyz – maşgala ediniň, öý-işik boluň, nesil öndüriň, ajy däriniň ysyna
derek yzgar topragyň ysyndan ganyň, gylyjyň dessesine derek iki gulakli piliň
sapyndan tutuň, şu ýagdaýda şondan başga ýol ýok – diýdi.
Kükrekleri ýarylyp barýan hem bolsa, ýigitlerden ses çykmady. Olaryň barysynyň
şeýdip, dymyp oturmaklaryny Jandurmaz ahun razylyk almaty hökmünde kabul
etjeginem, narazylyk hökmünde kabul etjeginem bilmedi. Şeýle-de bolsa,
hemmelere rowaçlyk, ak ýol diläp aýat okady. Täze parahat durmuşa pata berdi.
Janlarynyň sag bolmagyny arzuw etdi.
Ýigitler şol bir agraslyklary bilen, ýüzlerini sallaşyp, sus halda dagaşdylar.
Nijembir wagt bäri içinde ýatyp-turup ýören giň çalmarlarynyň içine girdiler. Biribirleri bilen sözleşmäge-de rogwatlary ýok ýaly, ýerli-ýerlerine geçip süýndiler.
Çäkmenleriniň syýnyny ýüzlerine çekdiler. Ýöne, uklap bilmediler. Bir eýlelerine,
bir beýlelerine agdarylyşyp, gorsandylar ýatdylar, aram-aram «öwhüldeşip»
galdylar-da, esli wagt böwürlerini diňleşip dik oturanlaryndan soň uludan
demlerini alyp ýene-de çiňarkan gaýtdylar.
Ertesi guşlyk wagtlary Jandurmaz ahun ýanynyň adamlary bilen ýola düşdi.
Ugramzyndan öň çalmara girip, henizem hersi bir çüňkde küçen ýaly eplenişip
ýatan ýigitler bilen ýeke-ýeke hoşlaşdy. Öz sözüne pitiwa edip, beren akylyny
alandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Ýene bir gezek doga okady. Soň
Enehakydanyň ýanyna bardy.
─ Seniň aklyňam, sowadyňam meniňkiden kem däl, gyzym. Saňa nähili
ýaşamalydygyny öwretmäne çakym ýok. Hukugymam ýok. Isleýşiňizçe ýaşaň.
Islän ýeriňizde ýaşaň. Ýöne, mundan buýana gan dökülmesin. Meniň sizden etjek
iň soňky haýyşym ine, şü. – Ol sözüni boldum eden ýaly şekilde haýallyk bilen
aňyrsyna bakdy. Derrewem öwrüldi. – Howwa, ýene bir zat: çetýer-ow, diýäge-de
çagalaryňyzy kör goýaýmaň. Hat-sowat öwrediň. Bildigiňizden öwrediň,
galanynyň bir alajy bolar. Has zehinliräklerini oba iberiň. Soň gerek bolsa biz olary
has uly medreselere-de iberiň bileris.
Ol Ruhy batyra-da şony aýtdy. Şeýdibem hoşlaşdy.
8. Ýigitler hoşlaşmak islemeýärler.
Ruhy batyr bilen Enehakyda ikisi myhmanlary esli ýere çenli ugratdylar. Guýa
gaýdyp gelenlerinde çalmardan çykyşyp guýunyň daş-töwereginde ukuly gözlerini
pökgerdişip köwejekleşip ýören ýigitler olary ýüzlerini ýerden asyşyp, sowuk
418
garşyladylar.
Kese-kese
bakyşdylar.
Iki-ýeke
eşidiler-eşidilmez
«hüňňüldeşenlerem» boldy.
Ruhy batyr olaryň ýagdaýyna düşünip durdy. Şonuň üçinem sesini çykarmady. Hiç
birinden gatam görmedi. Enehakyda-da gaty görmedi. Gaýtam şon deýin
merdanadyklary üçin, söweşiň tamam boljakdygyny eşidenlerinden: «Häý,
bolaýdy, şüý-ä» diýşip, ýerli-ýerden oba tarap jünäbermändikleri üçin guwandy.
Watanperwerdiklerine buýsandy.
Ýöne, barybir olaryň ikisiniňem ýigitler bilen gürleşip ugurlary bolmady. Asyl
gürleşjek bolsalaram olardan gaty bir ýüz tapmadylar. Haýsyna näme diýselerem
belli bir jogap bermediler-de, düňderildiler ötägitdiler. Esli ýere barýança
«hoňňuldaşdylar». Umuman, şol gün günuzyn guýunyň başynda tukat bir
ümsümlik, suslyk höküm sürdi. Näme üçindir hemişeki häli-şindi hinlerinden
çykyp, adamlaryň ýüzlerine jikgerişip, ýürege düşýän, sähelçe gondalaw
tapdyklaram sümlüp gidýän alakalaram gara bermediler. Itler iki-baka ylgaşyp,
çyňsaşyp ýa «waňkyrşyp» adamlary bizar etmediler, gaýtam hersi bir sazagyň
düýbüne sümüldi-de, biri-birlerine tarap nazaram aýlaman, meýmireşdiler ýatdylar.
Atlar näme, olar-a asylam adam ýaly syzgyr bolansoňlar, eýeleriniň perişan
hallaryna duýgudaşlyk edýän ýaly duran-duran ýerlerinde, başlaryny aşak sallaşyp
durdular, gapdallaryndan geçip barýandyklaryny görselerem eýelerine bakyp
«hokranyşmadylar», aýaklary bilen ýer peşäp başlaryny atyşmadylar.
Enehakydadyr Ruhy batyryňam biri-birleri bilen gürleşip ugurlary bolmady.
Ikisiniňem gulagynda Jandurmaz ahunyň aýdan sözleri ýaňlanyp, gözleriniň
öňünde ýigitleriň sus hem nägile keşpleri gaýmalaklady durdy.
Mahlasy, Hakguýunyň başyndaky yns-jyns janly-jandar ertirki günüň ara saljak
aýralygynyň gaýgysy bilen ýaşady. Her kim öz öňünde garalyp duran gara dag
gördi. Ol dag olaryň howuny basdy, howpurgatdy. Aýylganç düýş ýaly üstlerine
abanyp duran şol gara güýji böwsüp geçer ýaly her kim Alladan özüne kuwwat
diledi.
8. Ýigitler bilen hoşlaşyk.
Daňyň atmagy bilen guýunyň başynda gaýmalaşyk başlandy. Ruhy batyr öýkeden
ýaňa henizem ýüzleri çaňjaryşyp duran ýigitlerini bir ýere jemledi.
─ Siziň her biriňiz özüňiziň Ahalyň merdana hem batyr ogullaryndandygyňyzy
subut etdiňiz. Men siziň hemmäňizi gahrymanlar diýip yglan edýärin. Siz şoňa
mynasypsyňyz. Çünki, beren sözüňizde berk durduňyz. Ýöne, indi ýagdaý üýtgedi.
Biz hoşlaşmaly, göreşi bes etmeli bolduk. Ýöne, bek belläň: siziň hemmäňiz
ýeňilmediklersiňiz. Ine, hut şol belent ruhy hem siz indiki önüp-ösjekleriňize-de
419
geçirmelisiňiz. Ýetirmelisiňiz. Şeýtseňiz iru-giç ýurdy erkinlige çykarjak nesil
siziň biliňizden öner. Ýene bir zat: özümiz aýrylyşanymyz bilen ýüreklerimiz
aýrylyşýan däldir. Nirede bolsaňyzam men siziň bilendirin. Heran-haçan gerek
bolsam meni şu ýerden, Hakguýunyň başyndan tapyp bilersiňiz. Egerde, siz maňa
gerek bolsaňyz, men siziň islendigiňizi islendik ýerden taparyn.
Ruhy batyryň damagy doldy. Şonuň üçinenem, ol sözüni tamamlandygynyň
alamaty hökmünde aşak bakyp bir ädim yza tesdi. Ýigitleriň hemmesiniň nazary
häliden bäri onuň gapdalynda baýdak deý pasyrdap duran Enehakyda gönükdi. Her
kim onuňam bir zat diýerine garaşdy. Muny Enehakydanyň özem duýdy. Ýaşa
dolan gözlerini balkyldadyp durşuna ol erkek adam ýaly «pert-pert» hem merdemsi
gürledi:
─ Türkmen halkynyň başyna düşen pajygaly wakany gözüňiz bilen gördüňiz,
başyňyzdan geçirdiňiz. Içinde gaýnap bişdiňiz. Nirede bolsaňyzam siz şony ýatdan
çykarmaly dälsiňiz. Ruhy batyryň ýaňky aýdyşy ýaly, gören eşidenleriňizi bolşybolşy ýaly edip ogul-gyzlaryňyza, agtyk-çowluklaryňyza ýetirmelisiňiz. Öz
gezeklerinde olaram şeýderler. Şeýlelikde, bolup geçen gyrgynçylygam, halkyň
görkezen gahrymançylygam biziň nesillerimiziň ýadynda galar. Galaram hiç mahal
ýadyndan çykmazam. Hakydalaryndan öçmez. Ruhlaryny pese gaçyrmaz. Şuny
diňe siz – ýeňilmedikler başararsyňyz. – Enehakyda ýüzüne sylmak üçin aýalaryny
goşalandyrdy. – Baryň, doganjyklarym, men sizi bir Allaha tabşyrdym. Heranhaçan hakyda diňläsiňiz gelse menem şu ýerden, Ruhy batyryň Hakguýudaky
ojagynyň başyndan tapyp bilersiňiz...
Enehakyda ellerini ýüzüne syldy. Hemmelerem şeýtdiler. Agyr-agyr söweşlerde-de
duşmanyň öňünde ejizlemedik batyr ýigitler şol wagt öz serkerdelerine, onuň ýan
ýoldaşyna: «Hoş galyň», diýmäge-de göwrelerinde gurp tapmadylar. Bu ýagdaýy
aňan Guşly batyr ýigitleri bilen ýeke-ýeke mähriban ata deý, dogan deý gujaklaşyp
hoşlaşdy. Soňam gara öýüň gapdalyndaky gandymdyr-sazagyň şahalaryndan örüliý
ýasalan ketegiň ýanyna bardy. Agzyny açdy. Elini sokup akja kepderisini çykardy.
Bir alaňçak ýere çykybam elini ýokary göterdi. Aýasyny açdy. Guş uçdy. Käbir
ýerlerinde tüýdüm-tüýdüm akja bulutlar gaýyşyp ýören arassa, gök asmanyň
ýüzünde «alaşapyrdy» bolup oýnamaga, tans etmäge başlady.
Bu – hemişe bolşy ýaly söweşiň tamamlanandygyny aňladýardy. Ýöne, bu gezek
onuň şu günlükçe däl-de, hemişelik tamamlanýandygyny Guşly batyram,
Enehakyda-da, ýigitlerem ýagşy bilýärdiler. Şonuň üçinem olaryň hemmesi uzak
wagtlap kepderiden gözlerini aýryp bilmän durdular. Olaryň öňünde iň soňky sapar
tans edýändigili aňýan ýaly, kepderi hem şol gezek öňkülerine görä has köp hem
uzak oýnady. Onuň baryp keteginiň üstüne gonmagy bilen ýigitleriň arasynda
gymyldy, hereket emele geldi. Ruhy batyryň ýuwduna-ýuwduna, zoraýakdan, ýene
420
bir gezek «Hoş, onda, ýigitler...» diýmegi bilen,her kim atly-atyna tarap ugrady.
Ýöne, ýüzugruna atlanyp gidibereni bolmady. Barysy edil, dilleşen ýaly kä ýere, kä
asmana bakyp oýurganyşdylar durdylar. Ahyram ýüzlerini sallaşyp, göwünligöwünsiz atlandylar we assa-ýuwaşdan Günbatara tarap rowana boldular.
Ýigitler üçin erkinligiň iň soňky Güni şol wagt öýländen agypdy. Ertir onuň
baknalyk bilen dogjakdygyna ýasdan çykan ýaly ýüzlerini sallaşyp, Hakguýudan
kem-kemden daşlaşyp barýan ýigitleriň hemmesiniňem gözi ýetýär. Ýöne, onuň
näçe wagta çekjekdigini welin bilýän ýok. Şonuň üçinem olaryň barysynyň lapy
keç. Ýeňlişden soňam ýeňilendiklerini boýunlaryna alman, şunça wagtlap duşmana
garşylyk görkezip gelen ýigitleriň hiç biriniňem bu agyr ykbal bilen ylalaşasy
gelenok.
Bu ýagdaý Durdy batyra hasam ýokuş degdi. Şeýle-de bolsa düýnki maslahatda-da
ol syr bildirmezlige, köne dost hökmünde Guşly batyra ony goldamaga çalyşdy.
«Bu zatlaryň barysy kysmatdyr hiç kimden görmäliň, maňlaýymyzdan göreliň»,
diýip ýigitlere-de göwünlik berdi. Ýöne, barybir onuňam göreşi bes edesiniň
gelmeýändini bu aýralyga dişini berk gysmak bilen zordan döz gelýändigini Ruhy
batyr duýupdy. Süňňi bilen syzypdy. Ýaňky hoşlaşyk pursatam ol Ruhy batyryň
ýanyna telim gezek gelip, hemmesinde-de gepläbilmän, dodaklaryny titredip
durupdy-da, elini silkip yzyna öwrülip gidipdi. Atlanandan soňam üç sapar dagy at
başyny öwrüp Ruhy batyr bilen Enehakydanyň duran ýerine gelipdi we
daşlaryndan aýlana-aýlana, ahyram ýekeje agyzam sözläbilmän atyny gamçylap
ýoldaşlarynyň yzy bilen ümdüzine tutdurdy.
Ruhy batyr welin hüzir ýeke bir ony däl, eýsem, ähli ýigitlerem ýeke-ýeke
ýatlaýar. Entek ýarymja günüňem geçmändigine garamazdan olaryň barysyny çyn
ýüregi bilen küýseýär. Çalmaryň içine, ýigitleriň at daňýan ýerlerine, türgenleşik
geçýän ýerlerine aýlanýar, sansyz ojaklaryň arasyndan geçýär. Ýeke olar
däl,Hakguýunyň daş-töweregindäki iň bir ownuk zatjagazlar hem oňa ýap-ýaňyja
hoşlaşyp giden ýigitlerini ýatladýar. Käbir ýerlerde dagy entek gurabam
ýetişmedik at tezekleri bugaryşybam dur. Durdy batyryň toý güni bir ýerlerden
tapyp getiren çalamydar dutary bolsa daş işikde, öýüň gamyşyna söýelgi dur. Ruhy
batyryň dutar çalmaýandygyny bilse-de, ol ony goýup gidipdir. Dutara gözi
düşenden Guşly batyryň ýüregi jigläp gitdi. Usullyk bilen ýöräp, ýanyna bardy.
Emaý bilen eline aldy, eýlesine-beýlesine seretdi. Çöl şemaly jaýryklaryndan girip,
kädisiniň içinde köwsarladam welin, dutardan «iňňildä» meňzeş ýürekgysgynç bir
owaz çykdy. Soň «hüňňüldedi». Bu Ruhy batyryň ýüregini öňküdenem beter
awatdy. Gam-gussasyny artdyrdy. Beýnisini sarsdyrdy.
Enehakyda bolsa guýynyň başyndaky gum gerişleriniň üstüne çykyp ýigitleriň
giden ugruna garap otyr. Ol käte bir adamsyna tarap nazar aýlaýar içki aladalaryny
421
ýüregi bilen duýmakdan ýaňa oňa nebsi agyrýar. Ýanyna baryp göwünlik beresi,
derdini paýlaşasy gelýär, emma näme üçindir ýerinden gozganyp bilenok,
baraýanda-da näme diýjegini, nämeden söz açjagyny aňyna getirip bilenok. Çünki,
bu wagt onuň öz halam adamsynyňkydan gowy däl. Erkinlik ugrundaky göreşiň
bes edilmegi onuň maksadynyň öňüne böwet goýdy. Ähli umyt-arzuwlaryny ýele
sowurdy. O-da edil Ruhy batyr ýaly, halkyň başyndan inen bu musallatyň, mundan
buýana gün-güzeranyň nähili boljakdygy barada oýlanýar. Elden giden erkinligiň
«ahyny» çekýär, kalbynda çuňňur çökgünlik yza duýýar. Baknalygyň gaty bir
uzaga çekmejekdigine, bir ýerden bir ylahy güýjüň peýda bolup, ony ýene-de
halkyň özüne dolap berjekdigine ynanasy gelýär. Ymgyr çöl içinde diňe adamsy
bilen geçjek durmuşy göz öňüne getirjek bolýar. Hyýalynda ýanyna Baýramgül
tebibi çagyrýar. Oňa-da gapdaljagazyndan öý dikip, öňküsi ýaly goňşy oturasy
gelýär.
Ine-de Gün ýaşdy. Garaňky düşdi. Ruhy batyr agşam namazyny okamak üçin bolsa
gerek, öýüne tarap ýöneldi.
Agşamlyk namazyny Enehakyda hem okamalydy. Şonuň üçin o-da kynlyk bilenem
bolsa ýerinden turmaga hyýallandy. Edil şol wagtam günbatardaky gum
gerişleriniň arasyndan bir ýylpyldy göründi. Soň ol ullakan oda öwrüldi. Kemkemdenem köpeldi. Häliden bäri hut şoňa garaşyp oturan ýaly Enehakyda syçrap
galdy-da, entegem öýe giribilmän daş işikde ýaýdanjyrap duran adamsyny ýanyna
çagyrdy. Gelerine howlugyp, ylgaşlap aşak indi, öňünden çykdy. Elinden tutup
ýene-de alaňa dyrmaşdy. Alyslardan elesläp görünýän sansyz alowlara tarap elini
uzatdy.
─ Oňa seret, Ruhy! Olara seret!
Ruhy batyr geň galdy. Esli wagt sdesini çykarman, gelniniň görkezen tarapyna
seredip durdy. Ahyram:
─ Bular bizi gözläp gelen soldatlardyr, kimdir biri bolýan ýerimizi salgy berendir.
Golaý gelenlerini bilibem, ertir irden çozmak niýeti bilen düşländirler.
Nökerlerimiziň dagandyklaryndan, urşy bes edendigimizden bolsa bihabardyrlar.
– diýdi.
─ Dogry, bihabardyrlar. Jandurmaz ahun entek o habary olara ýetirip ýetişen
däldir. Ýöne, meniň pikirimçe, bular soldatlar bolmaly däl. Egerde şolar bolan
bolsadylar, onda olar gün ýaşmanka biziň ýigitlerimize duşardylar. Garpyşardylar.
Onsoňam olar biziň üstümize gelýän soldatlar bolsalar beýdip, gijäniň içi, edil
alkymymyza gelip uçursyz köp ot ýakmazdylar. Asla-da ot ýakmazdylar. Özleriniň
şeýle golaýa gelendiklerini beýle seresapsyzlyk bilen ňşgär etmezdiler.
─ Onda kimlerdir öýdýäň?
─ Meniň pikirimçe bular biziň öz ýigitlerimiz bolmaly.
422
─ Öz ýigitlerimiz?
─ Howwa, öz ýigitlerimiz.
─ Beýle golaýda düşlejek bolsalar, onda, bu gijänem şu ýerde geçirip gidäýmeli
ekenler-dä...
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýere gaçan ýyldyzlar - 37
  • Parts
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 01
    Total number of words is 3553
    Total number of unique words is 2010
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 02
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2235
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 03
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2251
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 04
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2035
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 05
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 2240
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 06
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2074
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 07
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2300
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 08
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2079
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 09
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2182
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 10
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2186
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 11
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2086
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 12
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2156
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 13
    Total number of words is 3614
    Total number of unique words is 2180
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 14
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2068
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 15
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2124
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 16
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 2185
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 17
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2081
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 18
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2137
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 19
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2131
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 20
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2275
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 21
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2183
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 22
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2217
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 23
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2219
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 24
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2229
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 25
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 26
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 2253
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 27
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 28
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 29
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2145
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 30
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2061
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 31
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2165
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 32
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2092
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 33
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2078
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 34
    Total number of words is 3624
    Total number of unique words is 2126
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 35
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2120
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 36
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2121
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 37
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2084
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 38
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1980
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 39
    Total number of words is 3783
    Total number of unique words is 2052
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 40
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 41
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2134
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 42
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2129
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 43
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2061
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 44
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2153
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 45
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2197
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 46
    Total number of words is 2158
    Total number of unique words is 1428
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.