Latin

Ýere gaçan ýyldyzlar - 32

Total number of words is 3616
Total number of unique words is 2092
31.7 of words are in the 2000 most common words
45.3 of words are in the 5000 most common words
52.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Gala dolanyp getirilen aýal-gyzlar, çagalar gyşyň uzak hem çapgyn şemally
sowuk gijesini galanyň bir burçunda çugdamlanyşyp, geçirdiler. Üşemezlik üçin
biri- birlerinie berk gyslyşdylar, çagalaryny bagyrlaryna basdylar. Barymyzy
gyrarlar, diýen gorky olary hasam ejizletdi. Şonuň üçinem käte aýry-aýrylykdaky,
käte bolsa bilelikdäki çykýan iniňi tikeneklediji agy sesleri tä daňdana çenli
garaňky gijäniň tümlügini böwsüp baryp soldatlaryň gulaklarynda ýaňlandy durdy.
Gije galanyň içine patrullar iberildi. Ýöne, soldatlaryň bu ýumşa aňsat-aňsat
gidesleri gelmedi. Sebäbi, entegem tümlerden ýa gara öýlerden tekeleriň eli
ýaragly galan-gaçanlary duş gelýär. Oklary, tüpeňleri bolsa atyşýarlar, bolmasa-da,
gylyçlaryny syryp çykýarlar-da, gözleri ýok ýaly soldatlaryň üstlerine topulýarlar.
363
Iň bolmanda pyçak, gyrkylyk, palta ýa teşe bilen hüjüm edýärler. Juda bolmasa
ýalaňaç ellerini öňe uzadyp, penjelerini ýaýyp özlerini soldatlaryň üstlerine
zyňýarlar. Dagy alaç tapmasalar, bir çemini tapyp özlerini öldürýärler. Tümden el
göterip ýa «aman» diläp çykýany ýok. Şonuň üçinem, şol gije soldatlar özlerini
örän ätiýaçly alyp barmaly boldular.
Söz berşi ýaly, şol günüň ertesi, Skobelew Hajymyrady kabul etdi. Özi üçin
ýörite gurlan gara öýüň töründäki tegelek, kiçeňräk stoluň aňyrsynda aýaklaryny
biri-biriniň üstüne atyp oturşyna, terjimeçi arkaly galanyň içinde soňky günlerde
nämeleriň bolup geçendigi barada sorady. Ýarasynyň berýän yzasyndan ýaňa
ýüzüni çytyp oturşyna Hajymyrat:
─ Siziň bilen gepleşik geçiren günüm bolan maslahatda hanlar, işanlar iň
soňuna çenli söweşmekligi karar etdiler. Olar siz gala girmäge milt edip
bilmersiňiz öýtdüler. Çozsalar öz ajallaryna el buladyklary bolar, barysyny
gyrarys, diýdiler. Şol pursatdan başlap ýekeje adamam galadan çykarylmady. –
diýdi.
General sakgalyny sypalap, gaşlaryny gerdi.
─ Näme, öň galadan çykyp gidenlerem boldumy?
─ Boldy. – Hajymyrat az-kem dymdy. Böwrüni diňledi. – Dogrusy galanyň
gabawsyz tarapyndan girim-çykym hemişe-de bolýardy. Her kim bir iş ýa tabşyryk
bilen gidýärdi, gelýärdi, ýöne, soňky günlerde barjamly, ulaglary gurat adamlar
özleri gaýdyp gelmekligi wada berip, maşgalalaryny, emläkleini guma göçürip
başladylar.
─ Dolanyp geldilermi?
─ Ýok, gelmediler. Sebäbi, gijeki çozuşlaryň iň soňkusynda uçursyz köp
ýitgi çekildi. Diňe Marydan gelen kömekçilerden iki ýüz adam öldi. Şondan soň
adamlaryň ýeňşe bolan ynamlary gaçdy. Dürli bahanalar bilen gidýänleriň lapyny
keç etdi. Şonuň üçinem, şol günki maslahatdan soň hiç kimi galadan
goýbermediler. Galanyň diwary ýarylandan soň welin bu olara başartmady. Çagaçuga, aýal-ebtat bilen bilelikde goraýjylaryňam aglabasy, demirgazyk derwezä
tarap bosdy. Gädilen diwar ugrundaky söweş gazaply boldy. Dört häkimiň biri
Hezretguly hanyň bir aýagy şol ýerde ýolundy. Orazmämmet han, Hanmämmmet
atalyk ýaly başdanaýak uruşmazlygyň tarapdary bolan adamlaram şol ýerde
ýogaldylar. Dykma serdaryň ogly Akberdi hanam şol ýerde wepat boldy.
364
─ A Dykma serdaryň özi?
─ Ony men bilemok. Sebäbi, soňky wakalardan men bihabar.
─ Näme üçin gaçmadyň? Ýa meniň düýnki beren sözüm üçin galdyňmy?
─ Ýok, gaçara ýagdaýym nolmady. Çünki, men ýumrulan diwar ugrundaky
söweşde ýaralandym. Şeýle-de bolsa, köpçülige galadan çykyp gitmäne maý
bermek üçin, özüm ýaly ýigitler bilen gädigi goradym. Soňabaka ýagdaýym has
agyrlaşdy. Bukyrak bir ýerde gizlenäýmekden başga alaç galmady. Soldatlara
görnen bolsam atardylar. – Hajymyrat azajyk ikirjiňlendi. – Elbetde, siziň beren
wadaňyzam ýadymda...
─ Tekeler nirä ýygnanarlar öýdýäň?
─ Megerem, «Ilek» guýusyna ýygnansalar gerek?
─ Näme üçin?
─ Ol ýerde ýeterlik agyz suwy bar. Onsoňam...
─ Howwa?..
─ Onsoňam ol ýerde Ruhy batyr barmyşyn.
─ Guşly batyrmy?
─ Howwa. Elbetde, ol bir ýerde uzak eglenýän däldir, ýöne, iň bolmanda
häzirlikçe-hä şol ýerdemişin. Halk oňa öz hossary hökmünde garaýar.
─ Sen näme üçin maňa onuň salgysyny berýäň?
─ Sebäbi, indi uruş gutardy.
─ Sen nähili pikir edýäň, ol halky täzeden aýaga galdyryp bilermi?
─ Biler, eger-de halk islese.
─ Halk islärmi?
─ Ýok.
─ Näme üçin?
─ Ol ysgyndan gaçdy. Halys egbarlady.
─ Egerde halk islese, Ruhy batyram olary aýaga galdyrsa, senem olara
goşularmyň?
─ Goşulmaly bolaryn. Sebäbi, bu meniň bojum. Men öz ykbalymy halkyň
ykbalyndan aýra tutup bilmen.
─ Sen nähili pikir edýäň, türkmen halky ruslary ýigrenermi?
─ Elbetde. Bu gyrgynçylyk türkmenleriň aňyndan bäri-bärde çykmaz.
365
─ Sen örän batyr ýigit, Hajymyrat. Umuman, türkmenleriň hemmesem
batyr. Hormata mynasyp halk. – Skobelew az-kem dymdy. – Türkmenler ýesir
alnan maşgalalarynyň yzyndan gelerlermi?
─ Gelerler. Öz maşgalasy üçin türkmen özüni dowzaha urmalam bolsa urar.
─ Boýunam bolarmy?
─ Bolar.
─ Nädip bilýäň?
─ Sebäbi, indi başga ýol ýok... Ol ýeňildi. Utuldy. – Hajymyrat generala
Hakyda mollanyň gurt hakyndaky hekaýatyny aýdyp berdi. – Gurt gapana düşdi.
Ol indi syňragyndan sim geçirseňem ýüzüňe gaýrylyp bakmaz. Skobelew ajy
ýylgyryp başyny ýaýkady.
─ Gör nähili ýowuz hakykat.
─ Ýöne, ruhy taýdan, ol hiç haçan hiç kime boýun bolmaz.
Aňynyň aňyrsynda bir ýerde ekinlige bolan islegini hemişelik saklar.
Skobelew tekeler Tejende ýa Maryda, iň bolmanda gum içindäki guýularyň
birinde ýygnanarlar, özlerini dürsäbem garşylygy gaýtalarlar öýdüpdi. Hajymyrat
bolsa, «garşylyk bolmaz» diýip, diýseň, ynamly gürleýär.
Şol wagt ýene bir türkmeniň lagere gelendigini habar berdiler.
General kesgitli gürledi.
─ Getiriň.
Goňrumtyl selçeň sakgally, solgun ýüzi menek-menek, keselbentdigi
daşyndanam bildirip duran, elli ýaşlaryndaky hortaň bir kişini alyp geldiler. Ol
yzyny üzmän üsgürýär. Skobelew onam Hajymyradyň ýanynda oturtdy.
─ Adyň näme?
«Has-has» edip, iki çigninden dem alyp oturan ýaşuly ilk-ä generalyň,
soňam näme üçindir Hajymyradyň ýüzüne seretdi.
─ Adym Öwezdurdy. Öwezdurdy han... – Üsgürmekden ýaňa sesi
gyrylandygy sebäpli ol her sözünde diýen ýaly uzyn-uzyn ardynjyramaly bolýar.
Üstesine-de aljyraýar. – Men öz gyňyr tirämiziň baştutany... Üh-he, üh-he... Häzir
däl, öň. Ýarawsyzlygym zerarly Dykma serdar meň ýerime bogaja tiresinden
Mämmetguly hany belledi.
─ Sen şol mesele boýunça geldiňmi?
─ Ýok, men muny maglumat üçin aýdýan. – Gelmegimiň sebäbi... –
Ýaşulynyň indiki sözi Hajymyradyň ýap-ýaňyja aýdan sözüni tassyklady.
366
Bogajalaryň köpüsi gumda oturardy. Ýöne obada oturýanlaram bar. Bosan
wagty olaryň obada oturýan bölegem gumdaky garyndaşlarynyň üstüne bardy.
Biziň gyňyrlarymyzam şol ýere bardylar. Indi şolaryň ikisem maşgalalaryny alyp
öz obalaryna dolanyp barmagy isleýärler. Men ine, şolaryň şol haýyşyny size
ýetirmek üçin geldim.
─ Bu olaryň öz isleglerimi?
─ Howwa. Hemmesi üýşüp maslahat etdiler-de, meni siziň ýanyňyza
iberdiler. Men şuny sizden uly towakga edýärin.
─ Näme üçin olar seň ýeriňe saýlanan täze hanlaryny däl-de, seni iberdiler.
─ Sebäbi indi Mämmetguly han ýok. Ol öldi. Entek galadakak ýogaldy.
─ Ol diýýän adamlaryňyz häzir nirede?
─ Aşgabat bilen «Ýegen gazak» guýusynyň aralygyndaky gyşlagymyzda.
Birleşen atly ýigitlerimiz bolsa Bogaja guýusynda bolmaly. Olar Gökdepeden
demirgazyk tarapda ýerleşýän «Ýerbent», «Mämmetýar ýanyk», «Gutly aýak»
guýularyndaky talaňçylardan goraýarlar.
─ Bogaja guýusy nirede?
─ Gökdepeden demirgazyga tarap eşeklä ýarym günlik ýol.
─ Talaňçylyk edýänler kimler?
─ Sallatlar... – Öwezdurdy han aýtmasyz sözi aýdandygyny duýup sesini
«tapba» kesdi. Ardynjyrady. Üsgünjiredi. – Parslar, kürtlerem häli-şindi bizar edip
durlar...
General onuň ýagdaýyna düşündi. Şonuň üçinem, ýeňijiniň dabaraly görnüşi
bilen diýseň parahat gürledi.
─ Arkaýyn boluň, soldatlar mundan buýana siziň mallaryňyzy talamazlar.
Parslardyr, kürtlere-de talatmazlar. Sebäbi, o mallar indi olaryň özleriniňki. Öz
baýlyklary. Onuň Aly Hezretleri Beýik Imperatoryň hazynasyna degişli. Mundan
buýana siziň mallaryňyzam, özüňizem, mülküňizem, ýurduňyzam şoňa degişli.
Bu sözleriň aňyrsynda nämeleriň ýatandygyna Hajymyradam, öwezdurdy
hanam örän gowy düşündi. Çünki, bu gulçulyga düşülendiginiň, erk-ygtyýaryň
elden giderilendiginiň alamatydy. Ýöne, hiç haýsy sesini çykaryp bilmedi. Sebäbi,
olar ol wagt baknalygyň başlanandygy baradaky hakykat bilen ýüzbe-ýüz durdylar.
Myhmanlarynyň içinde gopýan harasadyň näderejededigine gözi ýetip duran
general Öwezdurdy hana:
─ Siziň haýyşyňyzy kanagatlandyrarys. Obadaşlaryňa aýt, arkaýyn
gelibersinler. Biz olara öňki mülklerinde ornaşmaga rugsat bereris. Geljek diýseler
367
– gumlularyňya-da rugsat bereris. Ýer-suwam bereris. – Ol Hajymyrada tarap baş
atdy. – Bu ýigit gidenleriň hemmesi öz maşgalalarynyň yzyndan gelerler, diýýä.
Sen şony tassyklap bilermiň.
Hälki agzyndan sypan söz üçin gep eşitmekden geçen gaýtam özüne sala
salynýandygyna begenmekden ýaňa Öwezdurdy han arkan-ýüzün gaýyşdy.
─ Bilerin! Tassyklap bilerin. Sebäbi, olar eýýäm siziň rugsadyňyza garaşyp
otyrlar. Çünki, tomus ýetip gelýär. Jöwza düşse onça adam gumda saklanyp
bilmez. Maryda bolsa artykmaç ýerem ýok, suwam.
─ Hanlar, serdarlar, işan-mollalaram şolaryň arasyndamy?
─ Ýok. Olar gaçdylar. Gizlendiler. Haýsysynyň nirededigini bilýän ýok.
Dykma serdaryň, Orazmämmet han, Gurbanmyrat işan dagy bilen Mara giden
bolmagy mümkin. Çünki galadan çykjak wagty onuň şeý diýenini eşiden adamlar
bar.
Şonuň bilen sorag-jogap tamamlandy.
Haýyşy bitirilen Öwezdurdy han ýerinden ýeňillik bilen gopdy we generala
köp-köp minnetdarlyk bildirdi. Haýal etmänem, obadaşlaryny hoş habar bilen
begendirmek üçin ýola düşdi.
Skobelewiň tabşyrygy boýunça Hajymyrat sanitar bölümine eltdiler. Düýnki
daňysyny täzeletdiler we gowy gutulandan soň islän ugruna gidip biljekdigini
aýtdylar.
Howul-hara gaçmak bilen, tekeler öýlerindäki we tümlerindäki zatlaryň
ählisini diýen ýaly taşlap gitdiler. On iki müňdir diýlip çaklanylan gara öýleriň
hersinden üç-dört çuwal däni duşmana olja düşdi. Her çuwaldaky dänäniň agramy
ýedi-dokuz put. Şeýle-de, künji, un, jöwen, saman, haly, palas, keçe, şaý-sep, ýüň,
ýüpek, matam dokma enjamlary, oba hojalyk gurallary, gazan, tagan, gap-çanak,
ýüňden, ýüpekden dokalan haltalar, çuwallar taşlanyp gidildy. Ýarag az. Gabaw
döwri huruşlyk üçin soýlandygy sebäpli iri şahly mallar az. Ýük urlup ýa münülip
gidilen bolmaly, at, düýe ondanam az. Alynan ähli olja alty million çiwe diýlip
hasaplanyldy.
Şu zatlaryň barysy resmi suratda ýeňijiniň hukugy oljasy diýlip yglan edildi.
Un we saman goşuna paýlandy. Bugdaşyň hem un bilen birlikde alty müň
adama bir at oňňut bolarlyk mukdary goşun intendantynyň haýryna geçirildi. Galan
bugdaý we jöwen öňki ýerlerine gaýdyp geljeklariň has garybyraklaryna ekin
ekmek üçin paýlap bermeli edildi.
368
Hajymyrat Öwezdurdy han bilen bolan gürrüňçilikden soň, Skobelew
galanyň günbatar çetine, hüjüm wagty Gaýdarowyň kolonnasynyň harby
hereketleri alyp baran ýerineaýlanyp gördi. Şol ýerler hem, galanyň ähli ýerlerinde
bolşy ýaly adam maslyklaryndan ýaňa leýs bolup ýatyrdy.
Skobelew 1879-njy ýylyň 28-nji awgust güni general Lomokiniň
ýolbaşçylygynda ors goşunlarynyň hereket eden ýerine hem aýlanyp gördi. Ondan
soň gala dolandy we özüne şeýlekin şöhratly ýeňşi bagş edendigi üçin, Biribara
mynajat etdi. Geçen hem şu gezekki uruşda wepat bolan soldatlaryň ruhlaryna
bagyşlap doga okalyş dabarasyny gurnady.
Şol gün ol galanyň içinde öeňiş paradyny hem geçirdi. Ondan sow galadaky
bäş ýüz sany pars ýesirlerine dumly-duşda pytraşyp ýatan, eýýäm ynjap ugran
maslyklary ýere duwlamaklygy öz golastyndakylara tabşyrdy.
Ýokanç kesellerden goramak, şeýle-de porsap ýatan maslyklaryň ýüreklerini
bulamazlygy üçin, Skobelew bu işe öz soldatlaryny çekmedi.
─ Ýöne, soldatlara berk sargaň, pars ýesirleri bilen özlerini oňşukly alyp
barsynlar gödek daraşmasynlar, paýyş söz aýtmasynlar – diýip, ol öz ofiserlerine
tabşyrdy. – Sähel zat üçin eýran döwleti bilen aramyza tow düşäýmesin.
Mylakatdan gahara geçmek aňsat ýöne, gahardan mylakata geçmek kyndyr. Bir
samsyk kişi guýa daş atar welin, on akylly bolubam çykaryp bilmezler.
Galanyň diwarlaryny ýykyp, gumuny pars ýesirleriniň üstüne ýükledi.
Çünki, ýeňişden soň, onuň öňden bäri edip gelýän iň belent arzuwlarynyň biri.
Şondan soň has aýylganç zat; ýagny, dört günlik rugsatly talaňçylyk –
Baranta yglan edildi. «Ýöne, aýal-gyzlara el garmaly däl. Namysyna degmeseň, bir
boýun bolandan soň bu halk galan zadyňa çydar. Biz merdana hem batyr halk bilen
iş salyşýarys». Bu, Skobelewiň öz soldatlaryna we ofiserlerine dilden beren
görkezmesi.
Namysyna degilmese-de, talaňçylyk maksady bilen aýal-gyzlara jebir bary
welin berildi. Olaryň gulakhalkalarynyň eti bilen, bilezikleriniň gollary bilen,
ýüzükleriniň barmaklary bilen çapylyp alnan gezeklerem az bolmady.
Bu pajygaly işleriň soňy özboluşly baýramçylyga öwrüldi. Galanyň
düýbünde bazar açyldy. Niredendir bir ýerlerden peýda bolan ermeniler haýdanhaý söwda başladylar. Soldatlar galadaky öýlerinden, tümlerinden tapan zatlaryny
– halylaryny, şaý-sepleri geýim-gejimleri, gap-çanaklary daşadylar. Degerinedegmezine berip ýene-de yzlaryna ugradylar. Ýüz manada durýan halylary bäş-üç
manada, käte bir manada, käte bolsa ýekeje bulgur araga çalşyp giden gezeklerem
boldy. Hä diýmän olar ýene-de şolar ýaly gymmat bahaly harytlardan ýüklenip
geldiler we ýene-de itiň mugtuna berip gitdiler.
369
Bu habar ýyldyrm çaltlygynda Ilek guýusynyň başyna ýygnan bosgunlara-da
baryp ýetdi. Olara hossarlyk edip oturan Ruhy batyryň we onuň ýigitleriniň
gazabyny joşdurdy. Olar haýal etmän, duşmana entek urşuň gutarmandygyny,
ýeňiş toýuny toýlardan, Ahal topagynda beýle eden-etdilikli hereketlere başlardan
irdigini, garşylygyň entek-entekler dowam etdiriljekdigini derhal duýdurmaklygy
makul bildiler. Şol maksat bilenem, bazaryň ikinji güni öýlänaralar Ruhy batyr öz
ýigitleri bilen galanyň günorta burçunda, düýbünden duýdansyz ýagdaýda peýda
boldy we ur-tut, köpüsi serhoşlygyndanam açylybilmän, ýüzlerini agdarlan tezek
ýaly edişip ýören elleri ýaragsyz talaňçy soldatlaryň üstüne döküldi.
Soldatlar birbada erbet aljyradylar. Söwdegär ermeniler bolsa zatlaryny
taşlab-a gaçyp bilenoklar, goranmaga bolsa ýaraglaram ýok, oňa ukyplaram ýok.
Ellerini gala tarap galgadyşyp bir zatlar diýýärler, o-da orsçamy ýa ermençemi,
bilýän ýok. Arasynda ýarym-ýalta türküleýänlerem bar. Her niçik hem bolsa Ruhy
batyryň ýigitleri esasan soldatlara hüjüm etdiler. Türkmen ýigitleriniň uly hyruç
bilen salgaýan ýalaw ýaly gylyçlaryndan olar ýalaňaç elleri bilen goranjak
bolýarlar, aýaklaryny gerýärler, dyzlaryna çöküp ýalbarýarlar.Egerde, galanyň
demirgazyk burçunda gorag hökmünde goýlan sakçy soldatlar gelip ýetişmedik
bolsalarm onda «bazarçylar» barysyny türkmen ýigitleriniň gylyçlaryndan
geçiräýmekleri ahmaldy.
Ýigitler irbada sakçy soldatlar bilenem çaknyşyp aldylar. Şol wagt galanyň
daşyna çoguşyp çykan ýesir aýal-gyzlaryň barysy birden:
─ Alla-a!.. Şol ýigide kuwwat ber! Oňa kömek et! Gylyjyny ötgür et!
Musurmanyň nähak ganyny ýerde goýma-a!.. – diýşip, gygyryşdylar. Ýöne, aç
garna bolabsoň bu dileg, bu nalyş juda assa hem ysgynsyzçykdy. Şonuň üçinem,
onuň ýetmeli ýerine baryp ýetmedik bolmagy hem mümkin.
Galanyň ähli derwezelerinden çykyp, sakçylara kömege gelýän kazaklaryň
sanynyň artmagy bilen türkmen ýigitleriniň gabawa düşäýmeginiň ahmallygyýüze
çykdy. Şonuň üçinem Ruhy batyr ýigitlerine assa-ýuwaş yza çekilmegi buýurdy.
Ýigitler onuň aýdyşy ýaly etdiler. Ýöne, ýüzleriniň ugruna ýene bir gezek bazara
degip geçmekligi hem unutmadylar. Mugt düşen gymmat bahaly harytlaryny at
goşulan paýtunlaryna ýükläp, eýýämhaçan nirädir bir ýana ugramakçy bolup duran
ermeni söwdegärleriniň ikisini öldürdiler. Galanlary bilen tutaklaşyp durmana wagt
bolmady. Duşmanyň gysyşy güýçlendi. Guşly batyryň ýigitleriniň biri ugramana
hyýallanyp duran bir söwdegäriň ýanyna bardy-da, gylyjynyň ujy bilen
paýtunynyň içindäki halylary görkezip:
─ Bulary eneň dokadymy? –şoňka alyp barýaňmy? – diýdi.
370
Söwdegär bir zatlar diýip, samradyd-a, gylyjyň hä diýmän öz depesinden
inäýerinden howatyr edip, paýtunyň aşagyna sümüldi.
Şol wagtam Ruhy batyr guş uçurdy. Ýigitler duran-duran ýerlerinden gelen
yzlaryna bakan at goýdular.
Ýigitleriň üç-dört sanysyna ýeňil-ýelpaý ýara düşdi diýäýmeseň, hiç-hili
ýitgi çekmediler.
Ýesirler olaryň yzlaryndan garap galdylar, geleniň guşly batyrdygyny
bilenlerinden soň-a hasam ekezlendiler. Kalplaryny umyt uçgunjyklary gaplap
aldy. Şol gijäni olar: «Ruhy batyr ýeke däldir, entek Dykma serdar, Gurbanmyrat
işan, Magtymguly han dagam guma siňen goşunlary jemleşip ýörendirler, işalla
ine, indiki gezek şolaram Ruhy batyr bilen goşulyp gelerler welin, bu hanybaşgalar
nirä girjeklerini bilmezler...» diýen ýaly umytlandyryjy, süýji arzuwlar bilen
geçirdiler. Birek-birege göwünlik berdiler. «Ýene-de azajyk gaýrat etsek, biziňkiler
yzymyzdan gelerler, hemmämizi halas ederler, obamyza äkiderler...» diýdiler.
Guşly batyryň bu hereketi, indi tekelerden gaýtawul bolmajakdygyna
Hajymyratdyr Öwezdurdy han bilen bolan gürrüňçilikden soň berk ynanan
Skobelewi serpmeden ýykylan ýaly etdi. Olaryň aýdyşlarynyň çyndygyna şübhe
döretdi. Olaryň ikisinem tapdyryp, ýalan sözlänleri ýalňyş maglumat berendikleri
has takygy aldandyklary üçin jezalandyrasy geldi. Ýöne, basym ol pälinden el
çekdi. Bäş oýnam atlynyň turzan oýny üçin, ynamdar adamlara müňkürlik etmek
bolmaz diýip, öz-özüne göwünlik berdi. Guşly batyr öňem halk bilen däldi, indiden
soň-a halk oňa asylam goşulmaz, yzyna düşmez diýdi.
Ýöne, ätiýaç üçin galanyň daş-töweregini welin berkitdi. Sakçylaryň sanyny
artdyrdy. Galadan ep-esli daşlykda gözegçilik nokatlaryny döretdi.
Şol zatlar bilen birlikde Baranta gutarandan soň, çapara girew saklanýan
aýal-gyzlary, çagalary azyk bilen üpjün etmek meselesi hem ýüze çykdy, açlykdan,
horlukdan ýaňa eňki agan köpçüligiň arasynda kesel ýaratmak howpy hem döredi.
Bu barada goşunyň baş wrajy Geýfelder haýal etmän Skobelew bilen gürleşdi.
General onuň teklibini kabul etdi.
Dogry aýdýaňyz, doktor. Bi bulara öz gazabymyzy, görkezdik, indi bolsa
rehimdarlygymyzy, görkezmegimiz gerek.
Şeýlelikde, ol ýesirleri olaryň hut öz azyklary bilen iýmitlendirmek barada
buýruk berdi. Şeýle hem goşunyň «gyzyl haç» bölüminde girew saklaýan aýalgyzlaryň, çagalaryň, garry adamlaryň ýaralananlaryna sereder ýaly, ýörite bölüm
açdyrdy.
371
Bu çäreler ähli türkmenleriň aňynda Skobelewiň pikir edişi ýaly orslara
bolan minnetdarlyk duýgularyny oýarmalydy we gaçyp gidenleriň öz
maşgalalarynyň yzyndan basymrak dolanyp gelmeklerine ýardam etmelidi.
Diwr partladylan wagty Skobelewiň duran ýeri bolan «Welikoknýažesk»
pozisiýasynyň ýaynda girew saklaýan türkmen maşgalalary üçin lager açyldy we
olar ol ýerde erkin, ýöne gözegçilik astynda saklanmly edildi. Gala gidip azyk,
odun, geýim-gejim getirmeklige rugsat berildi. Ýöne, olar o zatlary getirmekden
birbada boýun towladylar. «Ertir başymyz alynjak bolnup durka zady başymyza
ýapalymy», diýip, aglaşdylar.
Ýöne, «baş daşdan gaty» diýleni. Soldatlar-a olary öldürmediler, özlerem
açlykdan ölesleri gelmedi. Şonuň üçinem, açylanyna üçünji gün diýlende lagerde
hereket başlandy. Döwlet ganasyna we soldatlara gerek däl, diýlip hasap edilen
zatlar, şol sanda iýmit hem aýallara geregiçe, ölçenmän berildi.
Asylam, ol wagt lagerdäki aýallaryň we çagalaryň takyk sanyny bilmek
berilýän zatlary olaryň sanyna görä ölçemek mümkin em däldi. O zatlary aýylsaýyl edere eli boş adamam ýok. Soldatlaryäam, ofiserleriňem hersiniň öz aladasy
özüne ýetik. Şonuň üçinem, öldürilmejekdiklerine gözi ýeten aýallar indi galadan
göteribilen zatlaryny lagere alyp getirýärdiler. Skobelewiň pikiriçe, bu hem
türkmenleriň ýüreginde orslara bolan söýgi döretmelidi. «Gör bular nähili ýüregi
ýuka hem mähriban adamlar ekenler. Biziň hanlarymyz bolsa bular bilen
uruşdylar, bizi nähak gyrgyna berdiler» diýdirmelidi. Aýallaryna, çagalaryna
garaşyk edilýändigini, Öwezdurdy han ýaly ýüz tutup göni barybilseň generalyň iç
kimi
jezalandyrmaýandygyny günälerini geçip, her kimi öňki
obasyna
goýberýändigini eşidip, gaçgynlar günübirin yzlaryna dolanyp gelmelidiler.
Minnetdarlyk bildirmelidiler. Düýn duşman hasaplap ýören adamlaryny indi
özlerine hossar saýmalydylar.
15-nji ýanwar güni Arçmanly Durdymyrat diýen orta ýaşlaryndaky,
daýanykly, bir adamyň galada peýda bolmagy, Skobelewiň şol pikiriniň
tassyknamasy ýaly bolup göründi.
Biziň ýigrimi öýlümiz bar. Bize lükgämiz bilen öz obamyza barmaga
rugsat edip. Ýogsam gyşdan çykybilmeris. Başga gidere ýerimiz bolsa ýok – diýip,
Durdymyrat gelşi ýaly öz haýyşyny beýan etdi.
Skobelewiň jogaby nagt boldy.
Bolýa! Obaňyza baryň. Ekin ekiň. Hasyl alyň. Isledigiňizçe ýaşaň. Biz
sizi gorag astyna alarys. Öňki ýaly Eýran tarapdanam, Hywa, Buhara tarapdanam
size azat beren bolmaz. Hiç kim siziň üstüňize alaman etmez. Ýöne, özüňizem şol
zatlardan gaça duruň. Çünki, şu günden şeýläk siz Orsyýediň raýaty. Diniňiz,
372
ygtykadyňyz, Allaňyz, pygamberiňiz bilen işimiz ýok. Siz diňe her ýylyk alan
hasylyňyzdan hökümete salgyt tölemeli blarsyňyz. Orsyýediň kada-kanuny bilen
ýaşamaly borsuňyz.
Bor, baýar... – Durdymyrat üstünde özüni diýseň bisereşgen duýup oturan
oturgyjyndan turdy – Men badaşlaryma şeý diýip aýdaryn. Olar muňa razy
bolarlar.
Sen özüň razymy şoňa? Meniň aýdanlarym bilen özüň bir ylalaşýaňmy?
Ylalaşýan,
razylaşýanam.
baýar,
ylalaşýan.
Ikelläp
ylalaşýan.
Ylalaşýanam,
16- njy ýanwar güni soldatlar Skobelewiň ýanyna ýene-de üç sany türkmeni
alyp geldiler. Olaryň ikisi teke, üçünjisi Hywaly söwdegär. Tekeleriň biri
Aşgabatly ýaş ýigit, ikinjisi Pendi ýolundaky Gümmezliniň golaýynda ýaşaýan,
ýaşy duruşan adam. Ady handurdy.
Öňi bilen beýlekilere görä birneme alçagrak hem çakgan görünýän söwdegär
Skobelewe özi barada gysgaça maglumat berdi.
Meň aslym Hywaly. Tagtabazara söwda geldim. Ol ýerdenem... – Ol
«Gümmezliden» gelene tarap baş atdy. – Ol ýerdenem ine şoň bilen Ahala
gaýtdym. Ol meniň myhman ýerim. Bu ýerde uruş bolanyndan ikimiziňem
habarymyz ýok. Gelsek ýagdaý şular ýalyrak ekeni. Ýoda... – Ol indi Annaberdä
tarap baş atdy. – Ýolda-da ine şulara duşduk. Muň ady Annaberdi. Bular menden
özleri bilen bu ýere bile gaýtmagymy haýyş etdiler. Her niçik hem bolsa Hywa
Orsyýediň raýaty, belki seň bilen gowy gepleşerler diýdiler. Men gözüm bilen
gördüm, halkyň ýagdaýy agyr. Rehim etmeseň bolar ýaly däl. Olar menden size
şony ýetirmegimi haýyş etdiler. – Ol ellerini egnindüki Hywa donunyň ýeňine
sokup durşuna Annaberdä tarap eňegini ülňedi. – Galanynam ine, ýigidiň özi
aýdar.
Howwa, howwa, rehim etmeseňiz bolar ýaly däl. – diýip, Annaberdem
ony alyp göterdi. – Ýalan sözläp biljek däl, men özümem urşa gatnaşdym. Hüjüm
güni galadan halk bile nbile çykyp gitdim. Ählisi garamaýak halkdan bolan
atlylaryň köp bölegi häzir Maramy, Hywamy, nirä gitjeklerini bilmän, Ýerbent
guýusynyň başynda goş basyp ýatyrlar.
Ol ýerde hanlardan kimler bar?
Hanlaryň birem ýok. Şonuň üçinem, halk meni iberdi. Näme
etmelidiklerini sizden soramaklygymy haýyş etdiler, eger Siziň aly jenaplaryňyz
rugsat berseler, olaryň barysy öz obalaryna dolanyp barjaklar.
373
Skobelew «gümmezliden» gelen Handurdynyň näme haýyşynyň bardygyny
sorady. Handurdy Ahala hakykatdanam Hywaly söwdegär bilen gaýdandygyny,
çünki, onuň öz myhmanydygyny, bu ýere-de şonuň bilen bilelikde, köpçüligiň
haýyşy boýunça Annaberdä ýoldaş bolup gaýdandygyny aýtdy.
Skobelew Aşgabatlylaryň öz obalaryna dolanyp barmak isleglerini
kanagatlandyrdy. Hywaly söwdegäre myhman ýeri Handurdy bilen bu ýerde
söwda etmäne ygtyýar berdi. Patyşa goşuny tarapyndan adalatly kada-kanunyä
ýöredilýändigini gaçgaklaryň ählisine ýetirmeklerini haýyş etdi. Halk arasyna
ýaýratmaklary üçin ellerine ýaňky ýaly
mazmundaky
proklamasiňalary we talap hatlaryny berdi. Şol hatlarda boýun egýänleriň
Aşgabada barmalydyklary barada aýdylýar. Çünki, ol galada öz ýerine polkownik
Arşisewi galdyryp, özi bu gün-erte Aşgabada ugramakçydy.
Biz bu ülkäni tozdurmana däl-de, asudalygy berkitmäge, ösdürmäge
geldik, biz size diňe ýagşylyk etmek isleýäris – diýip, ol sözüniň soňunda aýtdy.
Şeýle hem şu pikiri baran ýerlerinde köpçülige mümkin boldugyça çalt
ýaýratmaklygy,wagyz etmekligi töwellaçylardan ýene bir gezek towakga etdi.
Onuň sargytlary ýerine ýetirildi. Hat üsti bilen eden çagyryşlary ýyldyrym
çaltlygynda gum içine ýaýrady. Çakylyga ilkinjileriň biri bolup, Gyzylarbat hany
häzir öz adamlary bile n»ilek» guýusynyň golaýynda garaşyp ýatan Sopy han we
Hudaýberdi han seslendi. Olar özleriniň doly suratda boýun egýändiklerini ak
kagyzyň ýüzünde gara hatlar bilen teswirläp, Skobelewe iberdiler. Olaryň
ýazmaklaryna görä, bosgunlaryň aglaba bölegi Ilek guýusynyň daş-töweregine
jemlenipdir we generalyň çykarjak netiesine garaşýarlarmyşyn.
Bu wagta çenli eýýäm Aşgabada gelip ornaşmna ýetişen Skobelew olaryňam
haýyşlaryny kanagatlandyrdy. Olar geldiler. Ýöne, Sopy han ol ýerde entegem köp
adamyň aýgytly bir netijä gelibilmän ýaýdanyşyp ýörendiklerini mälim etdi.
Şondan soň aman sorap Aşgabada gelýänleriň sany hasam köpeldi.
Skobelew olaryň hemmesinem gowy kabul etdi. Has belliräk adamlary sylaglady,
aýratyn serpaýlar ýapdy. Käbirlerine bolsa ilkinjileriň hatarynda medal gowşurdy.
22-nji ýanwar güni, Gökdepede müň adamdan ybarat bosgun peýda boldy.
Olar galanyň golaýynda ýak çekdiler we öz aralaryndan dokuz adamy töwellaçy
edip gala iberdiler. Olary Arşisew kabu letdi, gürleşdi we her on adamdan birini
sýlap Aşgabada, Skobelewiň ýanyna iberjekdigini aýtdy. Galanlary bolsa okýaraglaryny tabşyrmaly we tä jogap gelýänçä hiç ýana butnaman, soldatlaryň
gözegçiligi astynda garaşyp ýatmaly.
374
Jogap köp garaşdyrmady. Ilçiler giden günleriniň ertesi gaýdyp geldiler.
Generalyň hemmelere öňki oturan ýerllerinde ornaşmaklaryna ygtyýar berendigini
aýdyp özlerini garaşyp ýatan bosgunlary begendirdiler.
Gelýänleriň sanynyň has artmagy bilen, Skobelew bosgunlary Arşisewiň
özüniň Gökdepede kabul etmegine we olary öz obalaryna ibermeklige ygtyýar
berdi.
Bu çüre-de gowy netije berdi. Türkmenler dumly-duşdan, öňküdenem köp
mukdarda gelip başladylar. Olaryň köpüsi garamaýaklar. Daş görnüşleri gözgyny.
Aç. Gelişleri ýaly, öňi bilen «aman» dileýärler, ondan soň garynlarynyň
doýrulmagyny haýyş edýärler.
Halkyň tizara ýer sürüp ekin ekmelidigini, hasyl almalydygyny, mallaryny
köletmelidigini göz öňüne tutup Skobelew ýaza çenli Ahal ülkesini tutuşlygyna
boýun egdirmekligi ýüregine düwdi. Bu işiň has çalt we wagtynda amala
aşyrylmagy üçin, ol, ekin meýdanlarynda galadaky pars ýesirlerini hem ýarpasyna
işletmekleri üçin, ýerli daýhanlara rugsat berdi. Öz buýrugyny hat üsti bilen
berkitdi.
Men ýerli halk bilen çaltdan-çalt ylalaşyga gelinmegini, on ikinji ýanwar
güni çykan tüpeň sesiniň şu ülkede iň soňky gezek bolup galmagyny isleýärin.
Türkmenler ak ýürekli, sada, merdana we batyr halk. Biz bulary sylamalydyrys.
Öňümizden duz-çörek bilen çykmandyklary üçin içimizde öç saklamaly däldiris.
Bu olaryň özlerini halk hökmünde sylaýandyklarynyň, ýurtlaryny gözleriniň göreji
ýaly goramaklygy başarýandyklarynyň alamatydyr. Hiç bir namysjaň halk üstüne
ýarag çekip gelen halka öz ýurduny meýletin bermez. Egerde, şeýden bolsalar,
onda bizde bu halka beýle uly hormat döremezdi. Biz olara gorkak, nadan halk
hökmünde garardyk. Sylamazdyk. Şonuň üçinem, kim bilen iş salyşýandygyňyzy
unutmaň. Ýeňdig-ow, diýip, kalbyňyzdaky olara bolan hormatyňyy
kemmäň...diýip, Skobelew Aşgabatdaka öz ofiserleri bilen geçiren uly
üýşmeleňleriniň birinde aýtdy.
Şondan soň ol bosgunlaryň entegem ikirjiňlenýänleri bilen gepleşik
geçirmegi üçin, Kuropatkini kiçiräk otrýad bilen Ilek guýusyna iberdi .
Kuropatkin ol ýere 27-nji ýanar güni bardy. Goly dolduryp oturan adamlar
olara gözleri düşenden «gürre» ördüler. Biri-birlerine gorkuly seredişdiler. Hatda,
gaçmaga synanyşanlaram, ýaraga ýapyşanlaram boldy.
Kuropatkiniň öňi bilen gözüne ilen zat, bosgunlaryň köpüsiniň erkek
adamlardan ybaratlygy. Aňal-gyz az. Olaram bir çetde çugutdyryşyp otyrlar.
Olaryň arasynda Enehakyda bilen baýramgül tebibem bar.
375
Şu ýere gelneli bäri köpçülige kethudalyk edip ýören, Ýagmyr pälwan atly
daýaw, ak sakgaly döşüni ýapyp duran ýaşuly öňe çykyp, iki elinem ýokary
galdyrdy.
Duruň. Köşeşiň. Bular biziň bilen gepleşige gelen bolmaly...
Şondan soň ol agras ädimler bilen Kuropatkine tarap ugrady. Bary
psalamlaşdy. Atdan düşmeklerini haýyş etdi. Kuropatkin mürehede mähetdel
otrýada ýüzlendi:
Düşüň...
Hemmeler
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýere gaçan ýyldyzlar - 33
  • Parts
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 01
    Total number of words is 3553
    Total number of unique words is 2010
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 02
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2235
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 03
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2251
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 04
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2035
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 05
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 2240
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 06
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2074
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 07
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2300
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 08
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2079
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 09
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2182
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 10
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2186
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 11
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2086
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 12
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2156
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 13
    Total number of words is 3614
    Total number of unique words is 2180
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 14
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2068
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 15
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2124
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 16
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 2185
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 17
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2081
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 18
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2137
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 19
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2131
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 20
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2275
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 21
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2183
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 22
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2217
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 23
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2219
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 24
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2229
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 25
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 26
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 2253
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 27
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 28
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 29
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2145
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 30
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2061
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 31
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2165
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 32
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2092
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 33
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2078
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 34
    Total number of words is 3624
    Total number of unique words is 2126
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 35
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2120
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 36
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2121
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 37
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2084
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 38
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1980
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 39
    Total number of words is 3783
    Total number of unique words is 2052
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 40
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 41
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2134
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 42
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2129
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 43
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2061
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 44
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2153
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 45
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2197
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 46
    Total number of words is 2158
    Total number of unique words is 1428
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.