Latin

Ýere gaçan ýyldyzlar - 30

Total number of words is 3707
Total number of unique words is 2061
32.3 of words are in the 2000 most common words
47.5 of words are in the 5000 most common words
54.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
diwaryň partladyljak ýerinden sowmak üçin, Skobelew, polkownik Gaýdarowa öz
bölümi bilen, galanyň günbatar ganatyna hüjüm etmekligi buýurdy.
Onuň hasaby dogry çykdy. Hüjüm başlanan badyna, goraýjylaryň köpüsi şol
tarapa yňdy. Han-beglerem şol ýere ýetmäge howlukdylar.
339
Gijeki çozuşlaryň birinde orslardan olja alan berdankasyny egninden asyp,
Tilkiçi şahyram il deňinde hüjüm edilýän diwara tarap ugrady. Ugramazyndan öň,
iç işikde gulaklaryny atyşygyň gelýän tarapyna gerip, gözlerini gap böwürde iňläp
ýatan on iki ýaşyndaky ýaraly ogly Geldimyrada dikip durşuna:
─ Ogulaý, nesip bolsa şu gün bir täzeje çörek bişirsene. Geldimyrat janyňam
dişine köpden bäri gyzgyn çörek degen däldir. Bäşim daýymyň çagalaryna-da
dadyr. Olarda-ha ne ata, ne ene hiç kim galmady. – diýip aýalyna ýüzlendi. ─
Özüňem öýden çykma. Geldimyrat jana göz-gulak bol. Daňysyny täzele. Çörek
bişirmäne ýetişmeseňem içi ýylar ýaly bu günlükçe bir okarajyk bulamak bişiräý.
Çöregi ertir bişirseňem bor...
Ärini ugratmak üçinmi ýa eýýäm onuň sargydyny berjaý etmek üçinmi,
Ogulaý derhal ýerinden turdy.
─ Alla ajala sabyr berse ikisinem ederin, Orazmämmet. Sen arkaýyn gidiber.
Ilden gijä galma.
Geldimyrat üç gün mundan öň, galanyň içinde ok çörläp ýörkä, golaýynda
top oky ýaryldy-da, aýagyndan ýaralandy. Esli wagtlabam idegsiz ýatdy. Iň
ýamanam gan köp gitdi. Iki ýana urnup ýatyşyna, oglan aşagyndaky gumy gan
bilen garyp alan hamyra dönderdi. Ahyram bir garryja aýal onuň üstünden geldi.
─ Heý-weý, jany bar ýaly-la, bu çagaň – diýip, gapdalyna çökdi. Kellejigini
ýerden göterdi. Gynanç gatyşykly ysgynsyz ses bilen: – Kim sen... – diýdi. –
Kimiň ogly? Adyň näme?
Oglan esli wagtdan soň, zordan jogap berdi.
─ Men Geldimyrat. Orazmämmediň ogly.
─ Orazmämmediň? Haýsy Orazmämmediň? Orazmämmet hanyňkymy?
─ Ýok, Orazmämmet hojanyň...
─ Wiý, Tilkiçi şahyryňmy? Wah, wah, sen-ä meň öz ýegenjigim ekeniň.
Tanamaýşymy diýsene... – Kempir Geldimyrada goltgy berip ýerinden turuzjak
boldy. Emma, mydary ýetmedi. – Azajyk garaş, guzym, men häziriň özünde
öýňüze baryp kakaňa ýa ejeňe aýdaýyn.
Çaga ähli yzalaryny unudyp, uly adam ýaly gepledi.
─ Öýde adam ýokdur, daýza. Kakam-a diwaryň üstündedir, ejemem
ýaralylary daşaýandyr.
Şol wagtam bir ýaralyny söýgetleşip barýan üç sany aýal peýda boldy.
Olaryň biri Ogulaý bolup çykdy. Ol kempir bilen baş atyp salamlaşdy. Birdenem
onuň goltuklap oturan ýaralysyna gözi düşdi-de:
340
─ Waý, balam! – diýip, bäri gaýtdy. Gelşi ýalam özüni çagasynyň üstüne
zyňdy. Kempiriň elinden aldy. Bagryna basdy. – Waý, ganymlar! Waý, ýer
ýuwutmyşlar! Meniň çagajygymy nädäýipdirler...
Çaga şol aralykda-da ejesini köşeşdirjek boldy.
─ Gorkma eje, meň ýaram agyr däl. Men basym gutularyn. Ýene-de ok
çöpläp başlaryn.
Ogulaý bilen Tilkiçi oňa çenlem urşuň şarpygyny az datmandylar. Ilk-ä
uluja gyzlaryny aldyrdylar. Ol birnäçe gijeki çozuşlaryň birinjisinde, yzky
hatarlarda, ýaralylara kömek edip ýörkä, soldatlaryň öňdäki hatarlardan atan
oklarynyň birine uçrap heläk boldy. Ýap-ýaňyja diri çykan derwezesinden öli halda
girdi. Soň uluja ogullary Gutlymyradam gitdi. Ol galanyň içinde oňa-muňa kömek
edip ýörkä, snarýadyň okundan ýogaldy. Ol neresse özüniň entek ýaşdygyna
garamazdan, ok çöplemek, çoýun böleklerini ýygnamak ýaly ownuk-uşak işler
bilen meşgullanmaklygy özüne namys bilýärdi, şonuň üçinem, ýaraly daşamak,
olara em etmek, mergenlere çörek, suw daşamak ýaly işlere baş goşýardy. «Sen
entek ýaş, bu zatlary görseň ýüregiň süýşer» diýselerem: «Bolmanda näme görmän
ýörüsmi o zatlary» diýip, köpi gören, tejribeli adamlar ýaly jogap berýärdi.
Şol gezegem ol topbak tutup, özara gürleşip duran gojalaryň üstüne snarýad
düşüp, barysynyň külüni asmana sowrulanyny, hersiniň, her tikesiniň «pat-pat»
edip bir ýere düşenini gözi bilen gördi. Biriniň-ä elindäki hasasy ýokary göterildide, şol ýerde esli mahal «hyz-hyz» edip pyrlandy durdy, soňam aşaklap gaýtdy-da,
ep-esli aralykdaky gara öýüň gapdalynda başyny dik ýokary tutup, bagyryp duran
gara erkegiň böwrüne «patlap» degdi. Başga biriniň bolsa uzyn ak sakgally çal
kellesi togalanyp gitdi-de, baryp, beýleräkdäki tümüň garalyp duran agzyna
gapgaryldy, tigirlenip içine girdi. Erbet gorkan bolsalar gerek, daşarynyň öli
kelleden has hatarlydygyna garamazdan, göz-açyp ýumasy salymyň içinde
«waýda-waý» bolşup, tümden birtopar gyz-gelin çykdy. Indi nirä gaçsakkak
diýýän ýaly daş-töweregine keýerjekleşip durkalaram, «güwläp» gelen top oky
olaram ýer bilen egsan etdi. Şolardan diňe, çykyşy ýaly yzyna kürsäp uran ýaş
gelin aman galdy. Tüme girip barýarka, onuň ýaşyl kürtesi edil baýdak deý
pasyrdady.
Kime näme kömek etmelidigini takyk bilmese-de, Gutlymyradam ulularyň
edişi ýaly: «Ýa, Alla!..» diýip, şol tarapa ylgady. Aralykda şyr ak takyr bardy, ana,
şonuň ortarasyna barandanam, ed-dil öň ýanynda ýarylan top okunyň ýelginine
çiň-arkan gaýtdy. Çaga birbada ýerinden turup ylgaýjak ýalam etdi, ýöne, ýaryk
garnyndan «hölp» edip dökülen iç goşunyň agramyna ilk-ä iki dyzynam ýere urdy,
341
soňam ellerini öňe uzadyp ýüzün ýykyldy. Janhowluna birki gezek agdaryldy. Her
gezek agdarylanda-da, guma garylan içegeleri daşyna çolaşdy gitdi oturdy.
Ony şol ýatan ýerinden ertesi tapdylar, çünki, ol ýere soňam yzly-yzyna
birnäçe snarýad üşdi-de, jesetleriň köpüsini guma gardy, käbirlerini bolsa
tutuşlygyna gömdi. Gutlymyradyňam birýan ýüzünden gaýry ähli ýeri gömülen
ekeni. Ony öň özi bilen bile ululara kömekleşip ýören ekabyrrak oglanlaryň biri
tanady. Derrewem Tilkiçi şahyra habar berdi.
Egerde, Geldimyratjygam şu ýarasyndan ýa başga bir emgek sebäpli
gidäýse, onda, Tilkiçi şahyr dünýeden nyşansyz ötäýmeli. Ýöne, onuň iň soňkuja
balasam ajala aldyraýasy gelenok. Şonuň üçinem, ony ýaraly bolan gününden bäri
goraglap ýör. Kä öýde saklaýar, kä öýden çykaryp tüme salýar, soň onda-da
ynjalybilmän daşary çykarýar, ýene-de öýe salýar, garaz, bir ýerde karar tapanok.
Häli-şindi aýalyna ony gözden salmazlygy sargaýar.
«Bolmasa bulamak bişiräý», diýse-de, äriniňem, oglunyňam asyl özüniňem
täzeje çörege göwünlidiklerini bilip duran mährem zenan adamsy öýden çykyşy
ýaly kendirige ýapyşdy. Ony öýüň ortarasyna ýazdy. Hasyr-husur hamyr ýugurdy.
Soň Geldimyrada bir okarajyk bulamak bişirip berdi. Çaga hezil etdi. Derledi.
Birhili, dünýesi giňän ýaly boldy. Esli mahal ejesi bilen gürleşip oturdy.
─ Eje, sen adamlara kömekleşmäge giderin diýseň gidiber, meň ýagdaýym
gowy – diýdi.
─ Ýok, oglum, men entek çöregem bişirmeli. Ind-ä alanam bolsa ahmal. –
Ogulaý ýerinden turdy-da, hamyrly kerseniniň ýanyna bardy. Üstüni açdy. Aýasy
bilen kakyp gördi. – Buw-w... Asyl tas kersenden çykaýan eken-ä bi...
Ogulaý öýünden on ýigrimi ädim aralykdaky tekiz meýdanda gurlan
tamdyra ot goýbermäge gitdi. Geldimyrat gapa golaý gelip galanyň içindäki
ibirtde-zibirtlige syn etmäge başlady.
...Ho-onha, Gulbatyr serdar bäş-alty sany nökeri bilen aýaklary zynjyrly pars
ýesirlerini bir ýana sürüp barýar. Ýesirler galanyň hüjüm edilýän diwaryna tarap
howsalaly seredişýärler, özara pyşyrdaşýarlar.
Agtyklary bolsa gerek, bir ýaşuly her eli bilen biriniň golundan tutup, iki
sany ýedi-sekiz ýaşlaryndaky uzyn donly, başlary ak üaglyk bilen daňylan
gyzjagazlary nirädir bir ýana howlukmaçlyk bilen, idirdedip barýar. Onuň yz ýany
bilen bäş-alty sany oral aýalam daýaw çal eşege goşulan, üsti goş-golamlardan,
342
gap-gaçlardan doly ullakan iki tigirli Hywa arabasyny şol tarapa «şakyrdadyp»
geçdiler. Ýene bir araba geçdi, onuň üstünde goş-golamdan başga terslin-oňlyn
ýatan üç-dört sany ýaralam bar. Olaryň biri zol-zol başyny galdyrýar-da, galanyň
içine göz aýlaýar. Ellerini salgap, kimedir birine, bir zatlar diýip, gygyrýar.
Gulbatyr serdaryň nökerlerinden biri at darydyp geldi-de, eglip, şol
ýaralynyň ýüzüne seretdi. Bir zatlar diýdi. Ýaralynyň özüne uzadan elini mähirli
gysybam, yzyna dolandy.
Ine-de birtopar gyz-gelin, ýetginjek ýaralylary söýgetleşip alyp gidip
barýarlar. Olara gözi düşenden, Geldimyradyňam ylgap baryp şolara goşulaýasy,
kömekleşesi geldi. Şol niýet bilenem, gobsunyp, ýerinden turjak boldy, ýöne,
galybilmedi.
Honha-da onuň ejesi tamdyra ot goýberip dur. Tamdyrdan çykýan goýy,
gara tüsse asman sary uzap barýar. Tüssäniň düýbi gyzyl ot. Ýalyn. Soňabaka tüsse
bütinleý sabady-da, tamdyryň agzyndan «gübür-gübür» edip diňe sary ýalyn
dillerini ýalmandyrdy durdy.
Eli işde bolsa-da, Ogulaý daş-töweregindäki alas-gopaslykdan gözüni aýryp
bilenok. Ony esasanam hüjümiň gidip duran ýerinden göterilýän goh-galmagal
haýykdyrýar. Käte-de yzyna gaňrylyp, içinde ýarawsyz ýeke dikrary ýatan öýüne
tiňkesini dikýär. Şu ýagdaýda-da özüniň şeýdip durşuna öten-geçenlerden
müýnürgejek bolýar.
Birdenem, onuň bäş-üç ädim öň ýanynda elhenç bir «gümpüldi» peýda
boldy. Tozan asmana göterildi. Bir salym Geldimyrada ne tamdyr, ne ejesi, hiç zat
görünmedi. Ol «zöwwe» ýerinden galanynam bilmän galdy. Ýöne, başy aýlanyp
derrew aşak çökdi. Oňa çenlem duman sowuldy. Görse, tamdyryň ýarysy ýok.
Ejesiniňem başaşaklygyna ýarpy göwresi onuň içine süsdürilipdir. Ol aýaklaryny
däbşenekledýär. Çykjak bolup urunýar, ýöne Geldimyradyň göwnüne bolmasa
urundugy saýy aşak gidýän ýaly bolup dur.
Geldimyrada indi öýde durarlyk galmady. Ol emedekläp gapynyň agzyna
bardy. Yraň-daraň ýerinden turdy. Bosagadan daşaryk ätledi. Tamdyra çenli bolan
aralygy ýykyla-sür'e zordan geçdi. Barşy ýalam ejesiniň alaburugsy bolup duran
göwresine ýapyşdy. Bilinden tutup çekdi. Bolmady. Üstesine indi ejesiniň
hereketem haýallady. Aşakdan köwsarlap ugran ýalyn indi onuň bütin göwresini
gallap aldy. Yzyna dyzamasy galdy. Şol wagt tamdyryň abat galan bölegem
ýykyldy-da, Ogulaýyň göwresi öz –özünden ýokary galdy. Dim-dik boldy. Ol kä
ýeri durşuna ýalyn, kä ýeri gara köýük, ýene bir ýeri gyzyl jižžik bolup duran
gollaryny dik ýokary göterip bärisine öwrüldem welin, Geldimyrat uly ili bilen
«wägirip», özüni arkan zyňdy. Çünki, Ogulaýyň ýüzünde ýüze derek kä ýerinde
343
ýiti közüň gyzgylt uçgunjyklary köräp duran ullakan, gara tegelek kebap
«jyzyrdap» durdy. Şol kebabyň eteginde bolsa eýämhaçan golamtanyň howruna
sap-sary bolan üsti dodaksyz iki hatar diş syrtarylyp dur. Geldimyrada şol wagt hut
kakasynyň özi gelip: «Gorkma oglum, bu seniň ejeň“, diýse-de, kes-kelläm
ynanmajakdygy çyn. Üstesine-de tanap etdimi ýa entek çykmajak janyň enelik
duýgusy öz hökmüni ýöretdimi, gyzyl ot bolup duran göwre şol dem otly kesindi
ýaly barha alowlap barýan ganatlaryny gerip Geldimyradyň üstüne howala boldy.
Berdimyrat öňküsindenem beter çirkin gygyryp ümdüzine gaçdy. Ýöne, ýanýan
göwräniňem ony aňsat sypdyraýasy gelmedi. Şeýle-de bolsa uzak gidip bilmedi.
Tapdan düşüp ýykyldy. Esli wagtlap çabalandy, togalandy. Soňam hereketden
galdy-da, edil üstüne ýag guýlan gury agaç ýaly «gübürdäp» ýanmaga başlady.
Gedimyrat bolsa henizem ulyili bilen gygyryp, onuň daşyndan aýlanyp ýör.
Öz ejesidigini bilse-de, oňa batyrynyp bilenok. Batyrynaýanda-da edibiljek zady
ýok.
Ahyry onuň özem laky-tak durdy. Oturdy. Göwresine erk edibilmänem
ýüregini tutup bir gapdala ýykyldy. Şondan soň ondanam hiç hili gymyldy, hereket
bolmady.
Töwerek-daşdan ylgaşyp gelenleriň çakyna görä ejesiniň düşen halyny
görüp Geldimyradyň ýüregi ýarylan bolmaly. Sowandan soň Ogulaýyň jesedini
öňden üýşürilgi duran aýal jesetleriniň arasyna eltdiler.
Geldimyradyňkyny eltip erkek adamlaryň jesetleriniň arasynda goýdular.
Tilkiçi şahyryň indi bu dünýäde ýekeje-de söýeri galmady.
Galanyň günbatar ganatyna hile hökmünde edilýän hüjümi gaýtarmak üçin
duşman bilen jan dalaşyna giren goraýjylaram, asla, galanyň içindäkileriň
hemmesinem günorta tarapdan çykan elhenç zenzele aňka-taňka etdi. Ol aýgytly
hüjüme geçen duşmanyň kanonadasynyň sesidi.
Sussuňy basyp, özüňi ýere sokup barýan hopukdyryjy gopgun çar tarapa
elewreşip ýören aýallary, çagalary öňküdenem beter howsala saldy. Olar bu edrenç
gopgunyň nämedigini, nireden gelýändigini, özlerini nirä urjakdyklaryny, haýsy
tarapa gaçjakdyklaryny bilmän aljyradylar.
Sagat on birden geçiberende bolsa, galanyň günorta çünkünden öňküdenem
has aýylganç, elhenç bir «gümmürdi» eşidildi. Şonuň bilen birlikde-de, köp-köp
yhlas we köp-köp umytlar bilen bina edilen galanyň galyň diwarynyň otuz ädimine
golaý ýeri aňyňa sygmajak halda asmana göterildi. Galanyň üstünde duran
goraýjylaram diwar bilen bilelikde kül bolup asmana sowruldylar. Kanonadanyň
sesinden imany göçen halk bu ahwalaty seljerjegem bolmady. Seljermäne
mümkinçiligem bolmady. Beýniler doňdy. Urgy şeýle bir güýçli boldy welin, olar
344
hatda özleriniň düýşdediklerini ýa huşdadyklarynam bilip bilmediler. Ruhy
sarsgyna sezewar bolan halkyň birbada hiç zada aňy ysmady.
Ýöne, ýigitler özlerini basym dürsediler we duran-duran ýerlerinden galanyň
ýumrulan bölegine tarap topuldylar. Günbatar diwardaky irki hüjümi gaýtaryp
ýören urşujylaram şol tarapa eňdiler. Elhenç tutluşyk başlandy. Hä diýmänem
tekeler galanyň ýarylan gädigini eýelediler we dykylyp gelen Şirwan polkunyň 10njy rotasy bilen garjaşma söweşine girdiler. Siwinsonyň hüjüm edýän kolonnasyny
hem güýçli ok atmak bilen serpikdirdiler.
Tekeleriň gaýduwsyzlyk bilen garşylyk görkezýändiklerini görüp, soldatlar
ýaýdanyşdylar. Yza çekiljek boldular. Muny duýan Skobelew Şirwan polkuna
degişli 3-nji batolýany hem şol ýere sürdi. Olaram güýçli garşylyga sezewar
bolanlaryndan soň, elli sany pyýada ural kazaklary hüjüm edýän soldatlary ot
açmak arkaly penalap, öňe süýşdiler. Popuçik Lemkulowyň ýolbaşçylygyndaky
Şirwan polkuna degişli 9-njy rota we podporuçik Weropanowyň awçylar
komandasy goragçylar tarapyndan hasam güýçli garşylyga sezewar boldular.
Şeýle-de bolsa, ýarag taýdan doly üpjün bolmadyk türkmen ýigitleri assa –
ýuwaş yza çekilmeli boldular.
Diwaryň partladylan ýeriniň dardygy sebäpli, soldatlar merdiwanlar arkaly
diwara dyrmaşdylar we şol ýerden hem oka tutmak, hem raketalardan
peýdalanmak arkaly, galanyň ortasyndaky goraýjylara kömege gelýän türkmen
ýigitlerini paýhynlamaga başladylar.
Bu garma-gürmelikden peýdalanyp, Skobelew iki kolonnany ýumrulan
diwaryň garşysyndaky diwara tarap iberdi. Bu kolonna şol diwardan aşyp geçip,
garşylyk görkezýän toparlaryň arkasyndan gelmelidiler.
Olar hut şeýle hem etdiler. Diwardan aşyp gelýän soldatlaryň sanlarynyň
artmagy bilen türkmen urşujylary hakykatdanam gabawa düşdüler we ýumrulan
diwary taşlap, galanyň ortasyndaky meýdança tarap çekilmeli boldular.
Şondan soň diwaryň üstündäki soldatlaram ýere düşdüler we ajalyň gözüne
göni seredip, gazaply söweşler bilen yza çekilýän türkmen ýigitlerini ýakyn
aralykdan oka tutup başladylar. Şol pursatda ýigitleriň çykýän ýitgilerini söz bilen
beýan eder ýaly däl. Galanyň ýumrulan ýeri, diwarlarynyň düýpleri, ortadaky takyr
meýdança, eýýäm biri-birlerine kaklyşyp, terslin-oňlyn ýatan jansyz we sansyz
jesetlerden doly.
Soldatlar birbada galanyň oçindäki hatar-hatar edilip, iňňän çür dikilen gara
öýleren geçmek kyn bolar, şol ýerde garşylyk has-da zabun bolar öýdüpdiler.
Egerde ýagdaý hakykatdan-da şeýle bolaýsa, onda Skobelewiň öňünden belleýşi
ýaly, böwsülen diwary ulanmalydylar we tekeleriň hüjümlerini şol ýerden yza
345
serpikdirmelidiler
aralaşmalydylar.
hem-de,
kem-kemden
hüjüme
geçip,
galanyň
içine
Emma bu beýle bolmady. Ilki kanonadanyň ýürek ýaryjy eýmenç sesinden,
soň partlaýyşyň heýýalessalasyndan zähreleri ýarylan aýal-gyzlardan, garry
gurtulardan, çagalardan ybarat halkyň köpüsi hamala şol ýere barsalar halas
bolaýjak ýaly gyssanmaçlyk bilen Diňlidepä tarap bosmana başladylar, ýigitlerem
agyr ýitgili söweşler arkaly olary goraglap şol tarapa süýşmeli boldular.
Galanyň günbatar tarapyny has berkitmek maksady bilen, Skobelew ştabskapitan Foka öz kolonnasy bilen şol ýere gitmekligi buýurdy. Ýöne, Fok ol ýerdäki
gara öýlerde ýygnanan çagalar, aýallar, garrylar üçin aldym-berdimli söweşýän
ýigitler tarapyndan iňňän uly garşylyga duçar boldy. Ýigitler gözleri ýok ýaly
özlerini göni okuň öňüne tutýardylar, ot açyp duran soldatlaryň üstüne elleri egri
gylyçly topulýardylar. Ýagdaýyň öz haýryna däldigini duýan ştabs-kapitan kömek
sorap Skobelewe çapar ýollady. General onuň yzyndan ýüz sany pyýada kazagy
bilen, podpolkownik Gulýaýewi ugratdy.
Netijede, garşylyk gowşady. Köp adamyň eýýäm çaga-çugalary bilen
galadan çykyp ugrandyklaryny görüp,türkmen ýigitlerem garry-gurtulary,
naçarlary, çagalary goraglap, uly iliň bosýan tarapyna çekilip başladylar.
Şondan soň Skobelew iň soňky aýgytly hüjüme geçmek barada buýruk
berdi. Şol maksat bilenem, maýor Stiwenson iki rota bilen, Diňlidepä tarap göni
ugur boýunça iberildi. Aýgytly hüjüme ätiýaçdan üç sany top hem goşuldy.
Hüjüm patyşalyk regulýar goşunyň düzgünine laýyklykda, uly tertip bilen,
söweş sazyny çalmak, deprek kakmak, aýdym aýtmak we baýdak göterip gitmek
ýaly harby çäreler arkaly hasam şowhunlandyryldy.
Skobelewiň ähli güýjüni Diňlidepä tarap gönükdirendigini görüp, beýleki
diwarlarda urşup ýören ýigitlerem şol ýere kömege geldiler.
Bu wagt galanyň içinde urşup ýörenler, ýa-ha partlama pursatyndan bäri
başlaryny galdyrman, gelýän gaýduwsyzlardy, ýa-da akyl-huşuny gahar-gazaba
bütinleý aldyran garadan gaýtmazlardy. Ine, şolaryňam çaga-kowa, kem-kemden
gelip ýeňselerini Diňlidepä diremekleri bilen galanyň, has dogrusy tutuş Ahalyň,
belki-de külli türkmen iliniň ykbaly çözüldi. Çünki, ol ýerde şu çaka çenli tutuş
söweşe ýolbaşçylyk edip gelen serdarlar, han-begler, işan-mollalar durdy. Yslamyň
ýaşyl baýdagam şol ýerdedi. Iň soňky daýanç nokady şoldy.
Ekabyrlaryň başly-barat depeden düşmekleri, baýdagyň bir özüniň çolaryp
galmagy, has geň ýerem onuň indi parlamazlygy pasyrdamazlygy galanyň
goraýjylaryna «gaç teke» oýnunyň başlanandygyna duýduryş bolup hyzmat etdi.
346
Munuň gutarnykly ýeňlişdigi, baknalygyň
başlanandygy indi hemmeler üçin äşgär boldy.
ilkinji
pursatlarynyň
Şeýlelikde, 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwar güni, sagat birlerde, Diňlidepäniň
üstündäki ýaşyl tug ýatyryldy. Onuň ornuna Şirwan polkuna degişli 3-nji
batalýonyň baýdagy dikildi.
Şol wagt galanyň demirgazyk diwarynda bu zatlardan bihabar, entegem
gazaply, «garjaşma» söweşini dowam etdirip ýörenler bardy. Olar az, şeýle-de
bolsa her biri on soldatyň garşysyna söweşýär. Ýagdaý iňňän dartgynly. Daşyndan
seredeniňde olar akyllaryndan azaşana meňzeýärler. Birdenem olardan biriniň gözi
Diňlidepäniň üstündäki ýat baýdaga düşdi. Ol ýagdaýa düşündi we
─ Ýigitle-er! Biz ýeňildik! Ýöne, gaçmaň! Uruň! Öldüriň! Soň ölülerini
sananlarynda biri köp çyksa bir peýda! – diýip, ulyili bilen gygyrdy. – Biziň indi
bar edibiljek zadymyz şu!
Ol ýerdäki uruş şondan soň hasam güýjerledi.
Soldatlar şol ýerde örän köp ýitgi çekdiler. Ýöne, olaryňam indi, uruş
gutarandan soň öläýesleri gelmeýärdi we aralarynda gaçgalaklaýanlaram
tapylýardy.
Ahyram olaryň biri ýoldaşlaryndan saýlandy-da:
─ Doganjyklar! Tekeler bilen garjaşmaň! Aralaşmaň! Olarda tüpeň ýok,
hemmäňiz yza çekiliň, soň daşda durup barysyny tüpeňläliň – diýip, gygyrdy.
Şo-da ýigitleriň tepbedini okady. Ýöne, birem namartlamady. Tä, ýykylyp
galýançalar gylyçlaryny gollaryndan gaçyrmadylar. Gaýtam şol ýagdaýda-da,
elindäki gylyçlaryny dalawladyp zyňmak bilen duşmanyň käbirlerini ýaraladylar,
öldürenleri hem boldy.
Diwar partlan mahaly, Dykma serdar, Gulbatyr serdar, Orazmämmet han
dagylar galanyň günbatar künjünde, daňdanky hüjümiň serpikdirilişine
ýolbaşçylyk edip ýördüler. Kanonadanyň sesi, yz ýanyndanam, diwaryň
partlamagy birbada olaryňam aňkalaryny aşyrdy. Nämäniň nämedigine göz
ýetirenlerinden soň Dykma serdar:
─ Hä, käpir namartlady-ow – diýdi-de, Gulbatyr serdara az sanly ýigitleri
bilen şol ýerde galmaklygy tabşyrdy, özi bolsa Orazmämmet hany we urşujylaryň
agramly bölegini alyp, böwsülen diwara tarap at goýdy.
347
Olar barýançalar diwaryň ýumrulan ýerini eýýäm soldatlar eýelän ekenler,
ýigitler bolsa çykalgany nazarlap söweş bilen yza çekilip barýarlar. Ýöne,
çekilmän söweşýänlerem az däl. Olar ýoldaşlarynam tesmezlige, tä iň soňky
demlerine çenli söweşmeklige, iň bolmanda maşgalalarynyň galadan çykyp
gitmegine maý bermeklige çagyrýarlar. Olar dogabitdi mertler we ölümlerini
boýnlaryna alan merdanalar. Olaryň beýnilerinde içen antlary, eden şerleri dur. Şol
şerte görä, olar ýa ölmeli ýa-da ýeňmeli. Üçünji bir ýol ýok.
Orazmämmet han barşy ýaly atdan düşdi-de Dykma serdaryň «haýt-haýtynada» garaman, agyzlaryndan ak köpük saçyp, bokurdaklaryny «harladyşyp», içine
gan öýen gözlerini petreýdişip, gylyçlaryny kä saga, kä sola salgap ýören şol
ýigitlere tarap ylgady. Barşy ýalam gylyjyny hamala söýünji habary bar ýaly
öňünden tüpeňini çoçjaýdyp çykan soldatyň çigninden saldy. Kibtine ýara düşen
soldat tüpeňli goluny galgadyp ýanyn ýykyldy. Edil şol wagt başga bir soldat
niredendir bir ýerden peýda bolan Sapar aganyň ýazzy maňlaýyndan çüýledi. Sapar
aga bir zat diýjek bolýan ýaly Orazmämmet hanyň ýüzüne çiňerildi-de, onuň
aýagynyň aşagyna «gürpüldäp» ýykyldy. Orazmämmet han ony eglip ýerden
göterjek boldy. Sapar aganyň welin indi turarlygy ýok. Onýança Orazmämmet
hanyň öz ýagyrnysam gyzyp gitdi. Arkasyndan ýyly suwuklygyň akyp ugranyndan
ýaralanandygyny duýdy. Yzyna öwrüldi. Ikinji gezek atjak bolup duran soldata
tarap gylyjyny ülňedi. Gylyç «şarkyldap» tüpeňiň demir niline degdi. Niliň
agzyndan çykan gyzyl ot hanyň çat maňlaýyna çabrady. Oňa çenli tozanyň içinden
ýüzüni çaňjardyp çykan başga bir soldatam ony yzly-yzyna iki gezek atdy.
Orazmämmet han ýykylyp barýarka biriniň nirelerdendir bir ýerlerden gelýän:
─ Orazmämmet. Orazmämmet. Wah! – diýen sesini eşitdi. Han ol sesiň
kimiňkidigini tanady. Ýöne, oňa tarap öwrülip ýetişmedi. Bäş ädim beýlede
aýaklaryny giň açyp oňa tarap ellerini serip duran adam Hanmämmet atalykdy.
Gaçyp barýan ýigitleri yzyna gaýtarjak bolup iki ýana hars urup ýören Dykma
serdar ony dolap getirmek üçin Orazmämmet hanyň yzyndan iberipdi.
Ýöne, Hanmämmet atalygyň özem ajalyny şol ýerde tapdy. Ony üç soldat üç
ýerden hezil edip atdy. Endam-jany para-para bolan Atalyk entirekläp gelip
Orazmämmet hanyň gapdalyna ýykyldy.
Olar öz beren sözlerinde tapyldylar. Watan üçin mert durup ölmäni
başardylar. Iň soňky deme çenli söweşmek barada Kurandan ant içenleriň köpüsi
welin bu wagt eýýäm jeň meýdanyny taşlap, ýüzlerini galanyň çykalgalaryna
bakan öwrüpdiler.
Dykma serdar olary saklajak bolup soňam kän dyrjaşdy. Tä, derwezä
barýançalar kä öňlerine geçip gollaryny gerdi, käte yzlaryndan ýetip guşaklaryndan
348
dartdy, etekleriden aslyşdy, içen antlaryny, eden şertlerini ýatlatdy, käbirleriniň
ýaňagyna şapbat çaldy, agyr sözler aýtdy, ýöne, jan süýji, ajal bolsa ýetip gelýär,
giň ýerde bir sözi ýere gaçmadyk serdary ol wagt hiç kimiň diňläsem gelmedi.
Asyl oňa barmysyňam diýmediler.
Derwezäniň agzy bolsa gitdigiçe hümer bolup barýar. Çykmak kyn. Şol
wagtam balalaryny beladan goramak üçin asmandan «şaglap» inen ene bürgüt ýaly
bolup, Enehakyda peýda boldy. Ol özüni köpçüligiň içine urdy-da, dar geçelgede
durup, gollaryny ýokary göterdi.
─ Duruň! Duruň, adamlar! Galany taşlamaň! Siz Kurany kerimden ant
içdiňiz ahyry!
Bir ýerden ýektaýynyň syýlaryny galgadyp gelen Kerimberdi işanam, bosup
barýan aýal-gyzlaryň içinden tasap çykan Baýramgül tebibem gelip oňa
goşuldylar, gaýra çekilmezligi, berk durup, duşmanyň güýjüni yza serpikdirmekligi
goraýjylardan haýyş etdiler.
Ýöne, yzlaryndan ýagdyrylýan oklardan ýaňa sekuntsaýyn saýyn seýrekläp
gelýän urşujylar Dykma serdara gulak asmaýyşlary ýaly, olara-da gulak asmadylar.
Üstesine çawup gelýän oklaryň biri Kerimberdi işanam iki bükdi. Ol içini tutup
aşak oturdy. Dyzyna çökdi. Iki tarapyndan okkessirme geçýän elleri ýalaňaç
gylyçly, tüpeňli ýigitlere, ýakynlap gelýän soldatlara, henizem ýigitleri saklajak
bolup iki baka hars urup ýören Dykma serdara, bir ýerlerden at derledip ýetip gelen
Magtymguly hana, gözünden ýaş döküp ýigitlere ýalbar-ýakar edip ýören
Enehakyda, horja ellerini galgadyp soňky wagtlarda öňküdenem beter mürşeýen
gasyn-gasyn ýüzüni haýbatly çytyp, içinden zordan çykýan sesi bilen: «Haý
namartlar! Haý, bigaýratlar! Duruň! Öýüňizi taşlap nirä barýaňyz!», diýip, iki ýana
ylgsşlap ýören Baýramgül tebibe seretdi. Olara tarap elini uzadyp bir zatlar diýjek
boldy. Oňa ýadaýy ýetmänsoň, içinden gysgajyk doga okady, ýüzüni kybla
tutubam usullyk bilen özüni ýere goýberdi. Az salym dyzyna çöküp oturdy. Soňam
ýykyldy, sag egnine agyp jan teslim etdi.
Ony ylgap gelýän üç-dört sany ýigit ýüzleriniň ugruna götergiläp alyp
gitdiler.
Magtymguly hanyň yzysüre ýetip gelen Gurbanmyrat işan atyny debsiläp
Dykma serdaryň ýanyna bardy. At «haýkyryp» art aýaklarynyň üstüne galdy.
Gurbanmyrat işan howlukmaç gepledi.
─ Öwezmyrat! Mün atyňy-da, çyk galadan! Gideliň! Biz utuldyk!..
─ Ant-şert nähili bolar, işan aga?
─ Giň ýeriň gürrüňini etme Öwezmyrat! Bu wagt jan pyçaga geldi.
349
Däbşenekläp duran atlaryň aýaklarynyň arasynda pyrlanyp ýören Enehakyda
agzyna burnuna girýän tot-tozandan ýaňa üsgürinjiräp, ýörşüne Dykma
serdardanam öň dillendi.
─ Kurany Kerimden içilen ant şemalyň ugruna aýdylyp goýberilen söz
däldir, işan aga. Eden şertiňize görä siz ýa ýeňmeli ýa şu ýerde ölmeli. Galany
taşlap gitmäge hakyňyz ýok.
Gurbanmyrat işanyň sesi gamly çykdy.
─ Dogry aýdýaň gyzym. Emma uruş entek gutaranok, ýüreklerimizdäki
umytlarymyz öçenok. Biz entek göreşeris.
─ Çynyňyzmy, işan aga? Siz göreşi dowam etdirermisiňiz?..
─ Elbetde. Onsoňam halk häzir başly-barat bosup barýa. Oňa hossar gerek.
Iň bolmanda guma siňýänçäler olary goramak gerek. Ýogsam bu naýynsaplar
olaryň baryny gyryp gutararlar.
Enehakyda eýýämhaçan atlanan Dykma serdaryň üzeňňisinden aslyşdy.
─ Sizem göreşi dowam etdirjekdigiňize söz berýäňizmi, serdar aga?
─ Kim dänse-de, Dykma serdar ähtinden dänmez, gyzym... Meniň elim
hemişe duşmanyň bokurdagynda bolar.
Gurbanmyrat işan atynyň başyny çykalga btarap öwürdi.
─ Öwezmyrat howluk!...
Dykma serdar gidip barşyna Enehakyda garap şeý diýdi:
─ Biz häzir bosgunlary gorap guma çekileris. Soň olary Tejen
töwereklerinde ýerleşdirip, özümiz Mara gideris. Maryny aýaga galdyrarys. Ýöne,
senem indi bu ýerde durma. Duşmanyň eline düşme. Sebäbi sen biziň esasy
baýlygymyz! ─ Soň ol at üstünde alakjap oturan Magtymguly hana ýüzlendi. –
Ýör!..
Şondan soň Enehakyda az-kem köşeşdi. Oňa çenlem diwar ýumrulaly bäri
çykalgany nazarlap, söweş bilen yza çekilip gelýän ýigitlerem derwezä
golaýladylar. Ho-ol, aňyrrakdan bir bölek atla baş bolup, gelýän Gulbatyr serdaram
göründi. Dykma serdar dagynyň yzyndan ýetmekçi bolan bolsa gerek, ol säginmän
gapydan çykyp gitdi.
Bukjasyny goltugyna gysyp duran Enehakyda hem:
─ Ýa, Alla, özüň medet ber – diýdi-de, yzanda-çuwan bolşup, çykalga tarap
barýan gyz-gelinlere goşuldy. Häliden bäri gapdalynda mugruljyrap duran
Baýramgül tebibem onuň yzyna düşdi.
350
Eýýämhaçan bir ujy guma siňip ugran bosgunlaryň yzyndan galanyň daş
ýüzi bilen kowup ýetip, kerçäp başlan soldatlar birdenkä bir zatdan tebil tapan ýaly
kürtdürdiler-de yza serpildiler. Çünki, yzdan gelýän Dykma serdar şol wagt öz
nökerleri bilen olaryň bir çetinden girip ugrapdy. Soldatlar ähli güýçlerini şolara
gönükdirdiler. Ýöne, Gulbatyr serdaryňam öz atlylary bilen gelip goşulmagy
netijesinde türkmenleriň sany artdy. Üstesine şol wagt öňdenem bir bölek atly
peýda boldy.
Bosgunlaryň arasyndan:
─ Guşly batyr!
─ Ruhy batyr! – diýen ýaly sesler eşidildi.
Soldatlar indi iki oduň arasynda galdylar. Yzda Dykma serdar bilen
Gulbatyr serdar, öňde bolsa Ruhy batyr. Olara indi öz gelen ýollary bilen,
gaçybermekden başga alaç ýok. Ýöne, Guşly batyryňam olary aňsat sypdyraýasy
gelmedi. Ýollaryny kesmek üçin gyýalady. Ýigitleriniň birinden Dykma serdara
habar gönderdi: «Siz bosgunlary penalap guma çekilip, men bulary özüm
saklaryn» ol hut şeýle hem etdi. Bosgunlaryň agramly bölegi gözden ýitýänçä
soldatlar bilen gaça uruş edip ep-esli güýmedi. Gysaçdan sypandyklaryna gözleri
ýeten soldatlaram soňabaka gaçmalaryny goýdular-da, yza dönüp söweşe girdiler.
Üstesine galanyň daş ýüzi bilen, lagerden çykyp özlerine kömege gelýän kazaklara
gözleri düşdi-de, hasam ekezlendiler. Şonuň üçin indi Guşly batyram mazaly arany
açan bosgunlary nazarlap yza çekilmeli boldy.
Galadan çykyşlary ýaly bosgunlara tarap at goýýan soldatlaryň welin sanysajagy ýok. Soňra olar galanyň daş ýüzi bilen gelýän otrýadlara goşuldylar-da
ullakan güýje öwrüldiler. Ýagdaý gitdigiçe agyrlaşdy. Galany doly eýelän goşun
indi goşunbaşlygynyň: «Erkek adamlary ýesir amaly däl, barysyny gyrmaly»
diýen, buýrugyny berjaý etmäge girişdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýere gaçan ýyldyzlar - 31
  • Parts
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 01
    Total number of words is 3553
    Total number of unique words is 2010
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 02
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2235
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 03
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2251
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 04
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2035
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 05
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 2240
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 06
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2074
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 07
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2300
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 08
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2079
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 09
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2182
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 10
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2186
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 11
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2086
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 12
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2156
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 13
    Total number of words is 3614
    Total number of unique words is 2180
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 14
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2068
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 15
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2124
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 16
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 2185
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 17
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2081
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 18
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2137
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 19
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2131
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 20
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2275
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 21
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2183
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 22
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2217
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 23
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2219
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 24
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2229
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 25
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 26
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 2253
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 27
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 28
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 29
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2145
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 30
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2061
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 31
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2165
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 32
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2092
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 33
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2078
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 34
    Total number of words is 3624
    Total number of unique words is 2126
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 35
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2120
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 36
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2121
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 37
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2084
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 38
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1980
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 39
    Total number of words is 3783
    Total number of unique words is 2052
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 40
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 41
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2134
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 42
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2129
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 43
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2061
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 44
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2153
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 45
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2197
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 46
    Total number of words is 2158
    Total number of unique words is 1428
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.