Latin

Ýere gaçan ýyldyzlar - 27

Total number of words is 3613
Total number of unique words is 2131
31.4 of words are in the 2000 most common words
44.9 of words are in the 5000 most common words
51.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Hoşladylar. Tilkiçi şahyr ýolboýy Orazmämmet hanyň aýdyp beren tymsaly
barada oýlandy. Tymsal örän ýerliklidi we uly urşuň öňisyrasynda han-begleriň
ýerliksiz ýere, agyzlaryny birikdiribilmän, hanlygy dargadyşlaryna, türkmen
taýpalarynyň ykbalyna diýseň meňzeşdi.
Howwa, Orazmämmet han Orazmämmet hojanyň, ýagny, Tilkiçi şahyryň
çagalyk dostudy. Bu ikisini şol wagtlaram halkyň ykbalyna degişli uly meseleler
gyzyklandyrýardy. Şol pikir – duýgular hem ikisini dostlaşdyrýardy. Pikirleriniň
köplenç deň gelmegi dostluklaryny hasam çuňlaşdyrýardy.
303
Bu gezegem şeýle boldy. Hoşlaşyp gaýdandygyna garamazdan tä, öýüne
ýetýänçä Tilkiçi şahyryň ýene-de yzyna dönesi, dosty bilen bir zatlar barada
maslahatlaşasy geldi durdy.
8. Gabaw.
...Howwa, tekeler kömek sorap köp ýerlere habar ýolladylar. Emma,
garaşylyşy ýaly diňe Marydan kanagatlanarly jogap geldi.
Garşy durmaklygyň ykbaly tekeleriň diňe öz gara güýçlerine bagly bolup
galdy.
Harby taýdan üpjünçiligi orta asyrlaryňkyça-da bolmadyk, sada hem
dagynyk halkyň üstüne çalt hem-de uzaga atýan tüpeňlerini, raketalaryny, tyl
tarapdan üznüksiz üpjün edilýän oklaryny, put-put därilerini hasap etmäniňde-de,
76 sany paýhynlaýjy topy bolan güýçli goşun 1880-nji ýylyň dekabr aýynyň
başlarynda, telim aý bäri taýýarlyk görüp ýatan bukusyndan çykyp, daglaryň
ýüzünden inýän nägehan il kimin Gökdepä tarap «şaglap» gaýtdy.
Bu – ýüz sany tüpeňli adam bilen bir sany tüpeňsiz adamyň başabaş söweşe
çykyşyna meäzedi.
Ahal ilatynyň ählisiniň bir galanyň içine ýygnanmaklary Skobelewiň ýetip
bilmeýän arzuwlarynyň biri. Iň islemeýän zady bolsa, tekeleriň galadan uruşsyz
çykyp gitmekleri ýa-da söweşsiz boýun egmekleri. Şonuň üçinem, olaryň galadan
çykyp gitjekdikleri baradaky myş-myşlary» ol uly howsala bilen garşylaýar. Ýöne,
bardy-geldi gala göreşsiz boýun egäýendede, onuň ilatyny barybir gyrjakdygyny,
galany ýumurjakdygyny hiç kimden gizläbem duranok. Çünki, bu hakda ol entek
Petrburgdaka arzuw edipdi. Özüniň bu aýylganç niýetini ol häzirem otrýadyň baş
hekimi Geýfelder bilen häli-şindi geçirýän gürrüňçiliklerinde açykdan-açyk aýdyp
ýör.
Şolar ýaly gürrüňçilikleriň birinde ol hekime şeýle diýdi:
Uruşam edil duel ýaly gutulgysyz bir zatdyr, doktor. Ol bize öz şahsy
bähbitleriniň, islegleriniň ugruna gidip, watanyň bähbitlerini ýadyndan çykarýan
ýalta hem biweç raýatlarymyzy gaflat ukusyndan oýarmak üçin, rus halkyny has
uly ýeňişlere belent maksatlara galkyndyrmak üçin gerek. Biz hiç haçan uruşsyz
oňup bilmeris.
Howwa, Skobelew öz durmuşyny uruşsyz göz öňüne getiribem bilenok.
Hywada, Kokantda, Ferganada, Bolgariýanyň çäklerinde bolup geçen ors-türk
304
urşunda gazanan şöhratam entek ony doly derejede kanagatlandyranok. Ol urşa
edil, küşt oýny ýaly bir zat hökmünde garaýar.
Henize çenli hiç kime boýun egmedik erkin teke seniň hele-müçük
ýeňşiňi – ýeňiş hasap etmez. Olar diňe doly derbi-dagyn edilenlerinden soň,
ruhlary öldürilip, hakydalary biziň soldatlarymyzyň dolaklary bilen aňlaryndan
süpürilip aýrylandan soň gutarnykly boýun bolarlar. Men olary hut, şeýle güne
salaryn. Müdimilik mugyra getirerin. Ýene müň ýyldanam meni ýatlaryndan
çykarmazlary ýaly, ýüreklerinde dag goýaryn. Tagma basaryn. Içlerine dogmaz
oglan salaryn. Ýeke bir şu günki nesilleri däl, eýsem indiki önüp-ösjekleriniňem
ors ýaragyndan eýmenerleri ýaly, türkmen aýallarynyň ýene ýüz ýyldanam öz
aglak çagalaryny: goý sesiňi, ýogsam atly kazak geler, diýip gorkuzarlary ýaly
derejede aňlaryna zeper ýetirerin, ruhlaryny öldürerin. Hakydalaryny taryhyň
sahypasyndan öçürerin...– diýip, gaýtalamany hasam gowy görýär. Öňde duran
ganly çaknyşygyň basym başlanaryna garaşýar. Howlugýar. Hyruç edýär. Şol
wakadan soň özüniň harby şöhratynyň artjakdygyna öňünden begenýär.
Buýsanýar. Gökdepeli meseläni eýýäm çözdüm hasap edip, indiki etjek işleri,
ätjek ädimleri barada oýlanýar. Hyýalynda iňlislerden Hyrady, Kabuly alýar,
ondan soň ak atyny säpjedip Hindistanyň bir çetinden girýär. Ors ýaragynyň
şöhratyny dünýä meşhur edýär. Käte bolsa ýaňadandan yzyna, Ýewropa dolanyp
barýar. Goňşy döwletleriň harby işlerine goşulyşmak bilen, Onuň aly hezretleri
Beýik Imperatoryň has uly hem tutumly harby tabşyryklaryny ýerine ýetirýär.
Orsyýediň çäklerini giňeldýär, dostlaryny köpeldýär.
Şolar ýaly oý-pikirlerini ol bir gün goşunyň içinde ýören meşhur ors
suratkeşi Wereşagine şeýleräk beýan etdi.
Meni knýaz Battenberg Bolgariýa harby ministrlik wezipesine çagyrýar.
Ol aňry gitse iki ýyldan türkler bilen urşa başlamaklygy wada berýär. Öz sözüne
görä, ol urşa Orsyýedem çekjekmişin. Diýmek, ýene-de uruş boljak.
Howwa, generalyň gözlegi uruş. Ol gan küýseýär. Gandan öşhrat gözleýär.
Adam maslyklary, ýumrulan galalar onuň üçin wezipä barýan ýol. Ol şol zatlarsyz
oňup bilenok. Hut şonuň üçin Gökdepe galasynyňam, onuň halkynyňam ykbaly
uruşdan kän öň çözüldi. Gala barybir ýumrulmalydy. Halk gyrylmalydy. Garşylyk
görkezse-de gyrylmalydy, görkezmese-de gyrylmalydy. Şol bir keç ykbal olaryň
başyndan haýsy ýoly saýlap alanlarynda-da inäýmelidi. Bir adamyň harby
şöhratynyň hatyrasyna tutuş il jansyz jesede öwrüläýmelidi. Ýurdunda ýumurtga
togalanaýmalydy.
Ahal ilaty welin, bu urşuň soňunyň näme bilen gutarjakdygyna entek doly
akyl ýetirip bilenok. Akly ýetýänleriňkä bolsa gulak asýan ýok. Öňki ýeňişden
305
ruhlanan ýaş batyrlaryň dagy ýaraşyk barada asla pikirem edesleri gelenok. Bu
barada dil ýarýanlary diňlemegem islemeýärdiler. Gepleşik üçin häli-şindi ilçi
iberip durandyklary üçin ekabyrlara-da nägilelik bildirýärdiler. Özleriniň bu
gezegem ýeňjekdiklerini aýdyşyp heşelle kakyşýardylar.
Urşuň näme bilen gutarjakdygyny diňe Tilkiçi şahyr bilýär, ýöne ol ony
aýdyp bilenok. Çünki onuňky düýş bilen bagly. Düýş bolsa hakykata laýyk
gelmeýär. Oýalykdaky işleriňi düýşe baglap amala aşyryp bolmaýar. Şonuň
üçinem ol dymýar. Dymmaly bolýar. Hernäçe içine sygmasa-da, çekip-çydap
gezmeli bolýar. Käteler iň bolmanda içini dökmek üçin çete çykaga-da,
rowaýatdaky ýaly agzyny gurruk guýynyň agzyna tutup aýdaýasam gelýär, ýöne,
onam ot-çöpleriň gögerçinleriň eşidip ile ýaýradaýmakdan gorkup goýbolsun
edýär.
Halkyň bolsa göwni bir ýaly urşa görülýän taýýarlyk bilen garabaşynagaý
bolup ýör. Sebäbi, oňa «uruşmaly» diýildi. Kim ýene-de öňki ýaly tüm gazyp ýör,
kim öňki ýumrulan tümüni täzeläp ýör. Her kim güýjüniň ýetdigine görä
ýaraglanyp ýör. Ýaragsyzlar bolsa ýene-de syrygyň ujuna gyrkylyk daňýarlar,
pyçaklaryny çalýarlar, gylyçlaryny gaýraýarlar. Abdylla ussa bilen Ahally bolsa,
ýene-de mis topuň ýanynda öňki orunlaryny eýelediler.
«Barybir özümize ýal bolar degme ýygnasynlar», diýip oýlandylar-da, her
niçik hem bolsa, ekinler ýygnalýança duşman garaşyk etdi.
1880-nji ýylyň dekabr aýynyň başlaryna, goşun Gökdepäniň golaýyndaky
Ýegenbatyr galasyna dykylyp geldi.
11-nji dekabra geçilýän gije Marydan iki müň atly goşun kömege geldi.
Muňa göwünleri joşan ahally ýigitleriň birnäçesi ur-tut Ýegenbatyr galasyna tarap
at goýdular we ses ýetim ýerde at bökdürip duruşlaryna:
E-eý, jany başgalar! Hoş habar bar, eşidesiňiz gelýämi? Onda diňläň:
Marydan kömek geldi. Biline urlan mar ýaly buruljyrap ýatmaň-da, geliberiň , biz
taýýar! .. – diýip, duşman sary haýkyryşdylar.
Hüjüme başlananda tekeleriň guma tarap uruşsyz gaçaýmaklaryndan heder
edip ýören Skobelew general Petrusewiçi bir bölek otrýad bilen, şol ugurda
ýerleşen Juma gala iberdi.
Emma, Skobelew hüjüme başlamazyndan öň, ýagny, 23-nji dekabrda
tekeleriň özleri Juma gala zabt etdiler. Söweş örän gazaply boldy. Oňa öz ýigitleri
bilen Ruhy batyram gatnaşdy. Olar söweş pursatynda «gykuwlaşyp» duşmanyň
garaşman duran ýerinden çykdylar we agyr zarbalar urdular. Bu türkmenleriň
özleri üçinem garaşylmadyk ýagdaý boldy. Güýçlerine-güýç goşulmagy olary
306
hasam hyjuwlandyrdy. Netijede duşman ýeňse berdi. Olaryň gaçmagy bilen Ruhy
batyram, onuň ýigitlerem gelişleri ýaly zym-zyýat boldular. Birdenem gözýetimde
akja kepderi peýda boldy. Derrewem dik göterildi-de, gök asmanyň ýüzünde
gaýdyrylyp, oýun etmäge başlady. Kem-kemdenem daşlaşdy. Gözden ýitdi.
Şol söweşde Juma galadaky otrýada ýolbaşçylyk edip ýören general
Petrusewiçiň özem öldürildi.
Ýolbaşçysyz galan duşman otrýady sallam-sajak bolup öz lagerine tarap
ugrady.
Gele-gelmäne bir generalyny ýitiren Skobelewiň gazaby öňküdenem beter
artdy. Ol goşuny derhal Gökdepe galasynyň edil alkymyna eltdi we haýal etmän
galany topa tutup başlady. Atylýan snarýadlaryň ýekejesem sowa geçmedi.
Hemmesi galanyň içinde ýaryldy.
Edil birinji uruşdaky ýaly bu gezegem ol ýerde ber-başagaýlyk,
aljyraňňylyk, şol bir gorkunç hereketler, aýylganç wakalar başlandy.
Galany goraýjylar duşmana hiç-hili garşylyk görkezip bilmeýärdiler. Diňe
Ruhy batyr ozalkylary ýaly özüniň sanlyja atlylary bilen duşmanyň garaşman
duran ýerlerinden gelýärdi we olary birnäçe ýitgilere sezewar edip, ýene-de gürümjürüm bolýardy. Ýigitleriniň sanynyň juda az bolmagy duşman bilen uzak
dikleşmäge oňa mümkinçilik bermeýärdi. Galanyň içindäki müňlerçe goraýjylar
welin düýbünden hereketsiz durdylar. Barysy birigip Ruhy batyrça iş bitirip
bilmeýärdiler.
Ine, hut şunuň özi hem Ruhy batyryň saýlap alan ugrunyň dogrudygyny,
ekabyrlaryň saýlap alan uruş tärleriniň bütinleý ýalňyşdygyny, galanyň içine
ýygnanmaklygyň hakykatdan-da duşmana kömek etmekden başga hiç züat
däldigini görnetin subut etdi. Muňa soňabaka gala girmekligiň esasy
tarapdarlarynyň biri bolan Gurbanmyrat işanyň özem göz ýetirdi. Ýöne indi giç.
Gala daşyndan gabalgy. Goluňy göterip çykaýmakdan başga alaç ýok. Ýöne,
duşmana o-da gerek däl. Skobelew indi diňe üç zatdan heder edýär: Hakyda
mollanyň hakydasyndan, Ruhy batyryň akja kepderisinden hemem Garasähet
jarçynyň sesinden.
Oňa entek Ýegenbatyr galadan çykyp Gökdepä ugramazynyň öň ýany habar
bermeklerine görä, Hakyda molla birsyhly hakyda aýdyp berip halkyň ruhuny
göterýärmişin. Göreşe galkyndyrýarmyşyn. Halk ondan güýç, kuwwat alýarmyşyn.
Ruhy batyryň bir gije hut öz çadyryna hüjüm etmäge het edendigini-hä ol
hiç, aklyna sygdyryp bilenok. Soldatlar wagtynda ýetişmedik bolsadylar, onda ol
çozuşyň näme bilen gutarjakdygyny Hudaýdan başga bilýän ýok.
307
Göz açyp-ýumasy salymyň içinde, daş işikde duran janpenalary öldürilen
Skobelew şonda çadyryň içinde Ruhy batyr bilen ýübe-ýüz galdy. Megerem diri
tutup äkitmekligi ýüregine düwen bolsa gerek, ýogsam, Ruhy batyr şonda ýaragsyz
duran generaly ýüzüniň ugruna gylyçdan geçirip bilýärdi. Oňa çenlem çadyryň
içine alty sany soldat döküldi. Olar bilen bilelikde diýen ýaly Ruhy batyryň
nökerlerindenem üç sanysy gylyçlaryny dalawladyşyp geldiler we soldatlaryň
altysynam ýüzleriniň ugruna gylyçdan geçirdiler. Skobelew stoluň üstünde duran
ýaragyna topuldy. Emma ýigitler ony ýaragyna ýetirmän sakladylar. Gollaryndan
ýapyşdylar. Ýöne, çar tarapdan çadyryň etegini galdyryşyp, onlarça soldat sümüldi.
Ruhy batyryň özem, ýigitlerem zordan gaçyp gutuldylar. Gijäniň garaňkylygyna
duwlanyp, lagerden arany açdylar.
Bu waka şeýle bir täsin boldy welin soldatlaram, Skobelewiň özem pikir
ede-ede aňyrsyna ýetip bilmedi. Köpler Ruhy batyr öz ýigitleri bilen soldat
eşiginde gelendirler, diýen çaklamany orta atdylar, ýöne, çadyra girenlerinde
olaryň öz eşiklerindediklerini soldalaram, Skobelewiň özem gördi ahyry.
Umuman, täsin zat täsin bolýar. Gahrymanlaryň gahrymançylykly
hereketleri bolsa hemişe-de syrly bolýar we syrlygyna hem galýar, şeýdibem hiç
haçanam, her hili ýagdaýda-da hiç hili gorkuly zadyň, bitirip bolmajak işiň
bolmaýandygyny ol zatlar üçin hemişe-de diňe batyrgaýlygyň ýetmezçilik
edýändigini, ýürek edip topulsaň başartmajak işiň ýokdugyny subut edýär.
Her niçik hem bolsa, şondan soň Skobelew gijelerine arkaýyn ýatyp bilmedi.
Garasähet jarçynyň jaýryk-jaýryk, içiňden geçip barýan eýmendiriji sesem
üstesine. Ol gijäniň bir wagtlaram diwaryň ýa Diňlidepäniň üstüne çykýar-da, bir
zatlar diýip, gygyryberýär. Şonda general ýüregi ýarylan ýaly zöwe ýerinden
galýar, başujynda duran ýaragyna topulýar, dik durup daş-töweregine
garanjaklaýar diňe öz lageriniň imisalalykdygyna göz ýetireninden soň ynjalýar
we ýerine geçip ýatýar.
Goşun başlygyny bar zatdan beter eýmendirýän närseler ana şolar. Ine, hut
şonuň üçinem, ol ozaldanam hassa ýatan Hakyda mollanyň öýüniň ortarasynda
otyrka top okundan heläk bolmagyny, Garasähet jarçynyň bolsa Diňlidepäniň
üstünde gygyryp durka çoýun gyýçaklaryň biriniň baryp bokurdagyny kesmegini
Hudaýdan dileýär. Ruhy batyr barada aýdylanda bolsa, ony hut öz eli bilen, görene
göz edip jezalandyrmak isleýär. Käte bolsa oturyp pikir edýär-de: «Ýok, men ony
öldürmäýin. Ýesir alaýyn. Lagerde saklaýyn. Goý, ol öz halkynyň meniň öňümde
dyza çöküşini, galasynyň ýumrulşyny, aýal-ebtatlaryň, çagalaryň, gyz-gelinleriň
yzanda-çuwan boluşlaryny gözi bilen görsün, ahy-nalalaryny gulagy bilen eşitsin»
diýen netijä gelýär.
308
Hudaý generalyň dilegini eşitdimi ýa gojanyň öz sanalgysy doldumy, garaz
galanyň gabawda duran günlerinde Hakyda molla hakykatdanam öz öýüniň
ortarasynda, açyk tüýnükden asmana göz dikip, top sesine diň salyp ýatyrka, öz
ajalyna jan teslim etdi.
Soňky günlerde ol has haýallapdy. Şol gün-ä hasam egbarlady. Şonuň üçin
Enehakyda hiç ýana gitmedi. Atasynyň başujyny aldy oturdy. Yzly-yzyna Allany
çagyrdy. Baryndan em-ýom eden boldy. Emma indi goja hiç zat täsir edenok.
Üstesine daşardaky galagoply seslerem howuny basdymy, nämemi, goja gyssanyp
başlady. Enehakyda «zöwwe» ýerinden galdy-da, näme üçindigini özem bilmezden
ur-tut daşaryk ylgady. Öýünde ýokdugyna gözi ýetip duranam bolsa, baryp
Baýramgül tebibiň gapysyny açdy. Kürsäp içerik girdi. Soňam: «Şu wagt tebip
adam öýde oturarmy diýsene», diýip maňlaýyna urdy-da, dazlap, daş çykdy. Näme
üçindigini özem bilmezden, adamy iň köp üýşýän ýeri bolan Diňlidepä tarap
ylgady. Gaty bir uzak gitmänem saklandy. Yzyna öwrüldi. Ylgap baryp gapyny
açdy. Atasynyň üstüne howala boldy. Ulyili bilen gygyrdy.
Ata-a-a!..
Goja bir zat bolanyny hemmeden öňürti samanhanayň gapysyndan gözüni
jüýjerdip daşardaky «heýýalessalany» synlap duran Iwaşow aňdy. Çünki,
Enehakyda hiç haçan atasynyň adyny beýdip, çirkin gygyryp tutmaýardy. Asla ol
hiç haçanam beýle gorkunç gygyrmaýardy. Diýmek, goja bir zat bolupdyr.
Iwaşowyň ýakyn dosty, hossary, hojaýyny hem mugallymy Hakyda mlla gaýdyş
edipdir.
Iwaşow bir bökende samanhanadan çykdy-da, gara öýüň gapysynda häzir
boldy. Işigi serpip açdy. Girdi. Görse goja demsiz-düýtsiz, çiň-arkan düşüp ýatyr.
Enehakyda öýüň içinde iki-baka urnup aglap ýör.
Iwaşow baryp gojanyň entek sowabam ýetişmedik jesediniň gapdalyna
çökdi. Şol aralykda bir ýerlerden sykylyklap gelen bir bölek çoýun öýüň bir
böwründen girdi-de, Iwaşowyň ýagyrnysyny ýalap o böwürden çykyp gitdi. Ýöne,
ullakan zeper ýetirip bilmedi. Çalarak sypjyrtdy, çalaragam ganjartdy.
Dogrusy, ony şol wagt Iwaşowyň öz-ä duýmadam. Ol dik duran ýerinden:
Ata... Molla ata... – diýip, gygyrdy. Gözünden boýur-boýur ýaş döküp,
ýüregi bilen aglady. Bir başujynda, bir aýak ujynda çökdi. Soň turup ýene-de
daşyndan aýlandy. – Aý, ata, molla ata, sen nätdi, sen näme etdi, näme üçin beýle
boldy.
309
Şol wagtam ýene bir snarýad gyzyl ot bolup tüýnügiň üstünden «wazyrdap»
geçdi-de, golaýda bir ýerlerde ýaryldy. Derrewem şol tarapdan «haý-waý», «gykbak», «çyr-çykylyk», agy sesleri eşidilip başlady.
Dagy näderini bilmedik, entek bular ýaly zady görmedik ýaş gyz garaz
birini çagyrmak niýeti bilen bolsa gerek Iwaşowyň duşundan «dazyrdap» geçdide, daş çykdy. Çykyşy ýalam Baýramgül tebip bilen pete-pet gabat geldi. Nädip
bilenleri, kimden eşidenleri beli däl, Baýramgül tebibiň yz ýany Ahallam, ýene-de
birnäçe adam ylgaşlaşyp geldiler. Tutuş bir halkyň Hakydasyny özünde jemlän
yssy mähirli göwre bolsa jansyz, sowuk jesede öwrülip ýatyr. Şu günüň özünde
ony özüniň iň eý gören topragyna tabşyrarlar. Şol ýerde ol baky uka gider. Ýöne,
ol ölse-de hakyda ölmez. Ony onuň agtygy, Enehakyda dowam etdirer.
Howwa, türkmenler duşmana hiç hili garşylyk görkezip bilenoklar. Birinji
uruşda soldatlar gelişleri ýaly hüjüme geçdiler. Çozdular. Uruşdylar. Merdimeýdanalyk bilen döwüşdiler. Garşylyk görkezere güýç synanyşara maý berdiler,
mümkinçilik döretdiler, bular welin onam edenoklar. Şo-ol, bir menzilden durup,
toplaryny işledişip otyrlar. Ýerli halk oturan ýerinde günsaýyn ýüzlerçe pidalar
çekýär. Wagtyň geçmegi bilen pidalaryň sany müňlerçä ýetdi. Hiç hili alaç edip
bilmezlik, çäresizlik halky hasam aljyratdy, göwnüni çökerdi. Umytsyzlyk döretdi.
Bir işjeň çäre tapylmasa halk hiç kime gulak asman, ümdüzine galadan çykyp
gidäýerli göründi.
Ahyram Gurbanmyrat işan han-begler bilen maslahatlaşyp, duşmanyň
üstüne gije, has takygy daňdanlar çozuş etmeli, diýen teklibi köpçüligiň
garamagyna goýdy.
Teklip hemmeler tarapyndan goldanyldy. Ýaş batyrlar-a muňa diýseň
begendiler. Çozuşa ýolbaşçylyk etmeklik Dykma serdara tabşyryldy.
Çozuşa çyplaň gitmeli – diýip, ol ähli ýüzbaşylary daşyna ýygnap
oturşyna ýeke-ýeke görkezme berdi. – Hem-ä ýeňňilik üçin, hemem ümüştamyşlykda duşmanyň saýgarmazy ýaly. Üstesine, tutluşmaly bolaýanda-da,
duşmanyň eline zat ilmez ýaly. Sowuk ýaraglylardan diňe döwtalaplylar gatnaşsyn.
Hiç hili zorluk ýok. Egerde razy bolsalar, alynan oljalary göterişer ýaly, ýaralylara
kömek eder ýaly ýaş-ýuş gelinler, gyzlar, ýetginjek oglanlaram gatnaşyp bilerler.
Ýöne, olar öňe gitmesinler. Urşa garyşmasynlar. Gidende yzdan gitsinler,
gaýdanda öňden ýöresinler.
Ilkinji çozuş 1880-nji ýylyň 28-nji dekabry gijesine bellendi. Oňa
gatnaşmaklyga Marydan gelen döwtalaplaram isleg bildirdiler. Meýletinçileriň
sany jemi dört müň adama ýetdi.
310
Bellenen gije taýýarlyk işleri tamam bolandan soň, galanyň içinde toplumtoplum bolşup üýşdiler, çaşdylar, ondan-mundan gürrüňler edişdiler,
maslahatlaşdylar, ýaşulular çozgunlara iň soňky tabşyryklaryny aýtdylar. Dykma
serdar bolsa, çozuşyň güýçli sykylyk bilen başlanjakdygyny mälim etdi.
Daňdanyň öňisyrasy galanyň daş ýüzündäki garymyň içi çozgunlardan ýaňa
gyrma boldy. Galadan çykyşyp gelýänleriň bolsa entegem yzy üzülenok. Kömekçi
gelin-gyzlar, ýetginjekler bolsa, diwaryň iç ýüzünde, duýduryşa garaşyp durlar.
Birdenem, diwaryň üstünden gulagyňy deşip barýan, inçejik, uzyn sykylyk
eşidildi. Sykylygyň bir ujy galanyň üsti bilen garaňkylyga siňip gitdi-de, baryp,
duşmanyň tranşeýalarynyň düýbüne sanjyldy. Müňlerçe gursakdan: «Alla-a!..»
diýip çykan seslerem galanyň düýbünden göterilip, duşmanyň lageri üstiaşyry
gum gerişlerine tarap tolkunlap gitdi. Çozgunlar böwedi böwsen sil kimin,
duşman üzre eňterildiler.
Kerimberdi işan bilen Gurbanmyrat işanyň hersi derwezäniň bir çetinde
durup, olara ak pata berdiler.
Öň hatardaky tranşeýalaryň içinde ýerleşen atyjy soldatlar türkmenler
howul-hara oka tutup başladylar. Howa garaňky bolsa-da, çozgunlaryň biçak
gürlügi sebäpli, soldatlaryň hatda gözlerini ýumup atýan oklaram sowa geçenok.
Kim çirkin gygyryp arkan ýykylýar, kim «wah», diýip ýanyny ýere berýär. Sessizüýnsiz elini öňe uzadyp ýüzün düşýänem, ep-esli ýere çenli, entirekläp gidip, soň
«şalkyldap» arkan gaýdýanam, tüwdürilip barşyna maňlaýy bilen ýer süsýänem
bar. Garaz, ajalam hemmäni birmeňzeş garşy almaýan ekeni. Ýöne, kim ölüp
ýykylýa, kim ýykylansoň jan berýä, kimler ýaradar bolýa, o wagt ony seljerýänem
ýok, seljermek mümkinem däl.
Atyşyk bolsa barha güýjerleýär. Soldatlaryň tüpeňleriniň agzyndan çykýan
otlardan ýaňa daş-töwerek ýagtylyp gidýär. Şonda tranşeýalaryň gyralary,
çozgunlaryň howsalaly ýüzleri göz açyp-ýumasy alymlyk göze kaklyşýar-da, ýitip
gidýär. Yzdan barýanlar käte öňlerindäki jesetlere ýa-da ýaraly ýatanlara
büdreýärdiler we esli ýere çenli düwdenekleşip gidýärler, soň ýene-de galyp öňe
tarap okdurylýarlar.
Türkmen ýigitleriniň öň hatarlardaky tranşeýalara aralaşmaklary builen,
tüpeň sesleri galdy.
Bu–olaryň soldatlary çapyp ugrandyklarynyň alamaty. Diýmak garjaşma
urşy başlandy. Şular ýaly başa-baş söweşde özlerini türkmenlerden has asgyn
duýýan soldatlar ýigitleriň urýan agyr zarbalaryna döz gelibilmän, yza çekilmäge
başladylar.
311
Skobelew diňe tranşeýalardaky atyjylaryna tä, iň soňky demlerine çenli
söweşmekligi tabşyryp, galan goşunlaryna lükgesi bilen yza çekilmekligi buýurdy.
Ol özüni duýdansyz gelen uly bir apy-tupanyň içinde ýaly duýdy. Deňsiz-taýsyz
ýeňişe bolan umydyndanam tas, elini üzeňkirläberdi diýen ýaly. Bolup biläýjek
masgaraçylygyň berjek biabraýçylygyndan gaýybana gorkup başlady. Garaňkylyk,
garjaşma, şeýle hem başly-baratlyk, aljyraňňylyk zerarly ol toplaryny işledibem
bilmedi. Has beterem türkmenleriň beýle ugurtapyjylyklaryna, batyrlyklaryna geň
galdy.
Tranşeýalardaky soldatlaryň köpüsi çapyldy, diri galanlary bolsa goşun
başlygynyň beren buýrugyna garamazdan, ýaraglaryny taşlaşyp goşunyň yzy bilen
«loňkuldaşyp» gitdiler. Çarylan soldatlaryň tranşeýalaryň içinde terslin-oňlyn
ýatandyklaryny garaňkylyk bolsa-da saýgarmak bolýar. Olaryň arasynda çukurdan
çykmak üçin dyrmaşýan ýaly ýarpy göwresi içinde, galan ýarysy daşynda çykman
üçin dyrmaşýan ýaly, ýarpy göwresi daşynda, ýarysy içinde germesatan bolşup
ýatanlaram bar. Çykanlaryndan soň çapylyp, arkan gaýdan bolsalar gerek, çukuryň
içine arkanlaýyn, dikbaşak sallanyşyp gözlerini petreýdişip ýatanlaram, garymyň
düýbünde ýüplik ýaly süýnüşip ýa guýlunyşyp, düwdek halda ýatanlaram göze
ilýär. Käbirleri çukuryň daşynda iki elini giň serip, asmana seredip çiňarkan ýatyr.
Ine-ine turaga-da, müňedekläp gidiberjek ýaly aýaklarynyň birini ýygryp,
beýlekisini uzadyp, ýüzün ýatanlaryň dagy hetdi-hasaby ýok. Bir soldat kimdir
birini kömege çagyrýan ýaly, bir elin-ä gapdala uzadyp, agzynam giňden açyp
ýatyr. Kelle çanagy pytrandygy sebäpli beýnisiniň ýülügi çogana-da, goly ýa aýagy
çapylana-da, boýny egnine sähelçe ilteşip durana-da, nädip beýle bolýandygy belli
däl, öz kellesini goltugyna alyp ýatana-da duş gelmek bolýar. Türkmen ýigitleri
bilen gujaklaşyp, biri-birlerine kaklyşyp ýa üsti-üstüne müngeşip ýatanlaram ýok
däl. Olaryň arasynda ölmän «iňňildeşip» ýatanlaryňam sany-sajagy ýok.
Ölen soldatlaryň eginlerindäki eşiklerini, aýakgaplaryny, ýaraglaryny
sypyryp almak üçin tranşeýalaryň içinde hars uruşyp ýören birnäçe ýigitler
özlerem bilmezden, çozuşdan ep-esli yza galdylar. Käbirleri bolsa ýaralylara
kömek etmek üçin eglendiler. Netijede, hiç zada güýmenmän, eli ýalaňaç gylyçly,
duşmanyň söbügini sydyrdyp barýanlaryň sany göz-görtele azaldy.
Gyz-gelinler, ýetginjekler olja alnan ýaraglary odun çykan ýaly edip
daňýarlar-da, eginlerine alyp ýa arkalaryna atyp gala tarap ýelk ýasaýarlar.
Äkidenlerini eltip ýene-de gaýdyp gelýärler. Soň ýene-de şol bir hereketlerini
gaýtalaýarlar. Onda-munda ýaralylary goltuklaşyp, belki, öz söýerleridir, jeset
süýreşip barýanlaram görünýär. Garaz, giden bir erewde-berewlik. Daňdanyň
ümüş-tamyşlygynda bu ýagdaý juda gorkunç görünýär. Ondan-mundan gümürýamyr, hümür-sümür eşidilýär, ýöne, kimiň kim bilen gepleşýäni, kimiň-kime
312
näme diýýäni belli däl. Adamlar edil düýşde görünýän ýaly. Birgiden sudur bolşup,
aýlanyşyp ýörler. Käbirleri ikindiniň kölegesi ýaly has uzyn, inçe görünýär, iniňi
tikenekledýär.
Duşman bolsa yza çekilip gidip otyr. Şonuň bilen birlikde olaryň başagaýlyk
bilen gygyryşýan aljyraňňy seslerem daşlaşýar.
Enehakyda hem ilki yzdan gelýän gyz-gelinleriň, ýetginjekleriň arasyndady.
Tranşeýalara aralaşmaklary bilen, olaryňam topbagy dargady. Hersi bir tarapa
pytrady. Kim özi toplady, kim toplap bereniňkini aldy, garaz, oljadan ýüküni
tutany gala tarap ýegşerilişip ugramak bilen boldy. Ýetginjeklerem iki baka «daz»
ýasaşyp, olardan kem galanoklar.
Ikinji gezek galadan gaýdyp gelýärkä, dirimi, ölümi, belli däl düňderilişip
ýatan bir göwrä büdredi-de, Enehakyda tüwdürilip gitdi. Düwdenekläp baryp ýer
garbady. Ýüzüni-gözüni çöp-çalamdan goramak üçin iki elinem öňe serdi. Ýere
basandanam sag eliniň aýasyna «garç» etdirip, barmak boýy gara çöňür çümdi. Ol:
«Eý, wä-äk!..» diýdi-de, hasyr-husur dikejegine galdy. Gözüni ýumup ýüzüni
çytdy. Çep eli bilen mäkäm tutup, çöňüri aýasyndan çekip çykardy. Çöpüň çykan
ýerinden gan zogduryldy. Enehakyda «jarladyp» eteginden dilkawja mata ýyrtyp
aldy-da, ýarasyny gowşagraga-da daňdy. Onuň bilenem gany durmansoň saç
bagyny çözüp alyp, daňynyň daşyndan çekibräk sorady. Diňe şondan soň ýerinden
galdy. Iliň yzyndan gitjek boldy. Emma rowgaty çatmady. Ýaranyň yzasy artyp
kem-kemden beýnä urdy. Ýüregine düşdi. Ol ulyili bilen gygyraýmakdan zordan
saklanyp, aşak çökdi. Daş-töweregine garanjaklady. Birdenem gözi garaňkyrady.
Ysgyny gitdi. Iki ýana buruljyrady-da, ýaraly elini göwsüne gysyp, şonuň üstüne
ýykyldy.
...Howanyň az-kem ýagtylmagy bilen, eýläk-beýläk ylgaşlaşyp ýören
adamlaryň sudurlary birneme aýdyňlaşdy. Soldatlaryň gurt gören goýun sürüsi
ýaly südenekleşip baryşlary açyk göründi. Onda-munda topar-topar, iki-ýeke
atyşyp, gaçyşyp-kowuşyp ýörenler göze ilýär. Urşa kelleleri gyzyp yza galan,
indem oklary gutaran soldatlar käte bäşdir-üçdir, alagüpürdi bolşup, garymlardan
çykýarlar-da, «Bratsy-sy!.. Ne ostawlýaýte na-as!..» diýşip, özleriniňkilere tarap
gol bulaşyp gygyryşýarlar. Yzlaryndan ylgaşýarlar. Ýöne, çyplaň geýnen, käbiri
bütinleý diýen ýaly ýalaňaç, ýeňil aýakly ýigitler iki ätdirmän olaryň yzlaryndan
ýetýärdiler we daňdanyň alagaraňkysynda käte bir sowuklaç ýalpyldap gidýän
gylyçlaryny çagyrylmadyk myhmanlaryň depelerinden inderýärdiler.
313
Howanyň doly ýagtylmagy hem-de, aralarynyň has açylmagy bilen, soldatlar
yzlaryna öwrülip, atyp başladylar. Ýöne indi türkmenleriň ýaýrawy mazaly giňäpdi
we uzakdan, çen bilen atylýan oklar olara kän bir zeper ýetirip bilmeýärdi.
Birdenem, galadan türkmen ýigitleriniň birnäçe atly toparlary çykyp, duşmanyň
üstüne hüjüme gitdiler. Ýöne, pyýada soldatlaryň erjellik bilen, ýagdyrýan
gülleleriniň zarbyna döz gelip bilmän, yzlaryna öwrüldiler.
Üstesine, indi duşman toplarynam işledip başlady. Güwleşip gelýän top
oklarynyň haýsynyň nirede ýaryljagyny bilmän, çozgunlar giň meüdanyň içinde o
ýan, bu ýan zowzullaşdylar. Kem-kemdenem, barysynyň ýüzi gala tarap öwrüldi.
...Çozuşyň bütin dowamynda öň hatarlarda bolandygyna garamazdan,
Ahallynyň endamyna çalaja çyzygam düşmedi. Duşman döwüşerden birneme daş
gidenden soň, o-da hemmeler ýaly olja ýygnady we gyz gelinlerden,
ýetginjeklerden ep-esli ýarag ugratdy.
Häzirem onuň goltugy ýaragdan doly. Bagryna basyp barýan täzeje
berdankalarynyň mähri gursagyny Enehakydanyň mährinden kem ýylydanok.
Howlukmaçlyk bilen höküdekläp barşyna ol aram-aram goltugyndaky ýaraglara
söýünçli seredýär. Nazary bilen şolaryň içinden iň gowusyny özi üçin saýlaýar.
Galanlaryny bolsa öz hyýalynda ýaragsyzlara paýlaýar. Egnine atylgy boýnundan
asylgy okly hatarlary bolsa ol orta goýar-da, soň hemmeler bilen deň-derman
paýlaşar.
Birdenem onuň gözi öň ýanynda, içini tutup, buruljyrap ýatan gyza düşdi.
Badyny gowşadyp onuň ýanyna bardy. Siňe seretdi. Şonda-da tanamansoň
egninden ýüküni düşürdi-de, aňry bakyp oturan gyzyň ýüzüni usullyk bilen bäri
öwürdi. Birdenem tisginip gitdi.
─ Enehakyda-a?! – Onuň ýüzi aktam boldy. – Saňa näme boldy? Ýa
ýaralandyňmy?
Enehakyda ony sesinden tanady. Gözüni zordan açyp saralgy elini görkezdi.
─ Ine, şü...
Ahally duşundan ýegdekläp geçip barýan, eli boş ýigdekçäni saklady. Oňa
öz ýüküni görkezdi.
─ Bar, şolary gala elt...
Ýigdekçe ýaraglara gyzyl tapan ýaly topuldy. Garbap alyp egnine atdy-da,
«ýyrş-ýyrş» edip gala tarap loňkuldap ugrady.
Ahally Enehakydany arkasyna «hopba» etdi. Gyz ilki ejap etjek boldy.
─ Dur, dur, Ahally, beýtme – diýip, çalaja pyşyrdady.
314
Ýigit welin oňa gulagam asmady. Çünki, top oklarynyň arasy
ýygjamlaşypdy. Atyjylar bolsa ýene-de golaýa gelipdiler. Basymrak gala
ýetmelidi. Çozgunlaryň köpüsi özlerini ol ýere bireýýäm atypdylar. Diňe
derwezäniň agzynda, diwarlaryň üstünde durup, Ahally ýaly yza galanlara bakan
telpeklerini bulaýlaşyp bir zatlar diýip, gygyryşýan adamlaryň bölek-bölek
üýşmekleri görünýär.
Halys surnugan Ahally derwezä golaýlaberende, arka ýüzünde snarýad
ýaryldy. Çoýun gyýçagy gulagynyň düýbünden «juwlap» geçip gitdi. Daş-töweregi
tot-tozan gaplap aldy. Özem çalarak entirekledi. Ol bir gapdala gaňrylyp:
─ Enehakyda, saňa hiç zat bolmady dämi – diýdi.
Gyz:
─ Ýok – diýip ysgynsyz jogap berdi. – Meni indi ýere düşüräý, Ahally. Men
indi özüm ýörärin.
Şeý diýip, ol Ahallynyň arkasyndan syrylyp ýere düşdi. Aşak çökdi. Abat
elini ýere diräbem ýanynlygyns oturyberdi.
Onuň ýagdaýyny aňan bolsalar gerek, derwezäniň agzynda üýşüp duran
ýigitleriň arkasyndan iki sany daýaw gelin ylgaşlap çykdy-da, Enehakyda bilen
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýere gaçan ýyldyzlar - 28
  • Parts
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 01
    Total number of words is 3553
    Total number of unique words is 2010
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 02
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2235
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 03
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2251
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 04
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2035
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 05
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 2240
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 06
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2074
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 07
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2300
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 08
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2079
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 09
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2182
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 10
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2186
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 11
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2086
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 12
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2156
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 13
    Total number of words is 3614
    Total number of unique words is 2180
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 14
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2068
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 15
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2124
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 16
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 2185
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 17
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2081
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 18
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2137
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 19
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2131
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 20
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2275
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 21
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2183
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 22
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2217
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 23
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2219
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 24
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2229
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 25
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 26
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 2253
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 27
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 28
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 29
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2145
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 30
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2061
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 31
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2165
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 32
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2092
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 33
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2078
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 34
    Total number of words is 3624
    Total number of unique words is 2126
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 35
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2120
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 36
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2121
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 37
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2084
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 38
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1980
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 39
    Total number of words is 3783
    Total number of unique words is 2052
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 40
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 41
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2134
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 42
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2129
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 43
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2061
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 44
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2153
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 45
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2197
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 46
    Total number of words is 2158
    Total number of unique words is 1428
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.