Latin

Ýere gaçan ýyldyzlar - 24

Total number of words is 3610
Total number of unique words is 2229
28.3 of words are in the 2000 most common words
40.2 of words are in the 5000 most common words
47.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Şondan soň ol gazany otdan düşürýär-de, içine gönezligi atyp mynçgalaýar.
Süýt bilen garýar. Gum üýşürip gazany şonuň üstünde goýýar. Ana, şol pursat
ýene-de Iwaşowyň gol kömegi gerek bolýar. Onuň etmeli işi: gazanyň daş
töweregine ýalaňy odunlardan üýşürip ot ýakmaly. Ýöne, gaýnatmaly däl.
Gyzdyrmaly. Şondan soň Baýramgül tebip gazany ertire çenli basyryp goýýar.
Uýadýar. Ertir ýene-de ojaga atarýar we Iwaşowa tä gaýnaýança ot ýakmaklygy
buýurýar. Ep-esli gaýnandan soň goýalyp edil süzme ýaly bolýar. Kem-kemdenem
saralmak bilen bolýar. Şondan soň sargan taýýar. Iýibermeli.
Elbetde, ondan ilkinji bolup diýen ýaly Iwaşow datýar. Ýöne, çeýnände
«jygyl-jygyl» ses edýändigi üçin Iwaşow ony birhili görýär. Iň ýamanam şony iýen
wagty dişi gamaşýar-da, birhili gyjygy tutýar, gökje gözleri ýyldyrap, akja
kirpiklerem üznüksiz gyrpyldap başlaýar, şol bolşy bilenem tüňňi maňlaýynyň
aşagyndan mölerilip Baýramgül tebibiň ýüzüne seredýär welin, onuňam muňa
gahary gelýär. Ozaldanam garrygyz gawunyň paçagy ýaly ýygyrt-ýygyrt ýüzüni
hasam kürşeýdip:
─ Näme Soltan Söýüniň aty ýaly ýüzüme seredip syrtarylyp otyrsyň, sallat?
Ýa meň ýüzümde Aý barmy – diýýä welin, Iwaşowyň ýüzi gaýnadylyp daşy
ardylan gyzyl şugundura dönýä. Derrewem erinlerini bir ýere ýygnap turmak bilen
bolýar.
Şonuň üçinem, ol Baýramgül tebibiň ýanynda sargan iýmekden
saklanaýanyny kem görenok. Juda iýesi gelse-de, körpejiň içine girip ýa-da agylyň
aňyrsyna duwlanyp hiç kimiň ýok ýerinde iýýäýär.
268
Ýazlaga gelenleriň arasynda özlerinde mal ýok-da, barly adamlaryň
goýunlaryny sagyp berip, iş haky hökmünde hem her anna günündäki sagymy
özlerine alýan gelin-gyzlaram bar. Olara «annaçylar» diýýärler.
Sagym işleri sabaşyp, ara birneme böwşeňlik düşenden soň, annaçylar bir
gün maý tapyp, sähra seýrana çykdylar. Ýuwa, ýelmik, tapdyrsa kömelek köwlär
ýaly eline kimsi kiçiräk orak, köneräk keser, kimsi bolsa ýasyrak demren aldy.
Olara öz goýunlaryny sagýan gelin-gyzlardanam goşulanlary boldy.
Çäş wagtlary topar tutuşyp goşdan saýlandylar. Niýetleri gaty bir daşa
gitmegem däldi welin, her niçik hem bolsa hersi bir iş bilen gümra bolşup ýören
ýazlagçy erkekleriň gözünden daşlaşmak üçin bir ýapy, ýarym ýapy aşaýanlaryny
kem görmediler. Ýöne, oýun-oýun bilen telim ýapy aşanlarynam bilmän galdylar.
Goýnuna ýaş juwanlaryň dolanyna göwni göterildimi, nämemi, tebigatam
şol gün şeýle joşdy welin, tüýs däli-porhan boldy. Aşyklyk derdinden ýaňa
bagyrlaryna dogabitdi gara gan öýen gyzyl gülälekler gyzlaryň akja hem pes
ökjelerine çolaşdylar, ogryn-ogryn bakyşdylar, şemalyň ugruna yranyşdylar,
çopantelpekler ýigitleriňkä meňzäp duran owadan, ak telpeklerini bulaýlaşdylar,
titrewükmamalar «daşa gitmäň, mundan buýany gorkuly» diýýän ýaly garaçynlary
bilen saňňyldaşdylar. Hemmesi birigibem, baý gyzynyň ýap-ýaňyja geýen
sowsanysy deý müň dürli öwşün atdylar. Aňňat-aňňat gum depeleriniň arasyndaky
tekiz meýdanlar bolsa her dürli gülleriň we gök otlaryň salan nagyşlaryndan ýaňa
bir, döwletli öýüň törüne düşelen nepis hala meňzediler. Şol gözel görnüşiň
üstünden ötüp barýan ýaşyl ýaz şemaly bolsa özüniň elwan reňkli roýmaly bilen
gyz-gelinleriň ýüzüni ýeke-ýeke ýelpedi.
Birdenem gyşla tarapdan ýel öwüsdi. Yz ýanyndanam gara bulut geldi.
Maýdaja ýagyş çiňsedi. Muňa göwünleri göterilen gyz-gelinler bir ýere üýşdülerde:
─ Ýag ýaganagym!
─ Guý guýanagym! – diýşip, birenaýyja saýraşdylar.
Ýaz ýagmyry olary irikgä etmedi. Ýagdy. Özem gaty güýçli ýagdy.
Gitdigiçe-de güýjerledi. Soňy dola, «şatyrdyly» jöwenege ýazdy. Gatbar-gatbar
bulutlaryň welin, barybir gatlary ýukalmady, gaýtam gitdigiçe galňaýdy. Aşaky
gatynyň etegi ýere degäýjek-degäýjek boldy. Howa garaldy. Gözýetim golaýa
geldi. Kyrk-elli ädimden aňryny saýgarar ýaly bolmady. Bulutlaryň üstünde iki
ýana at salyp, golundaky gürzüsini çar tarapa aýlap ýören Burkut babanyň nagrasy
269
dünýe-älemi endiretdi. Egrem-bugram naýzasyny kä saga, kä sola ülňäp, käte gyzgelinleriň dik-depelerinden inderip, asmanda ot sowrup ýören ýyldyrymyň
derdinden ýaňa gögýň ýüzi çat açyp, gümmezi darka dört bölünene döndi.
Töwerek suw-sil boldy. Ýöne, alaňlaryň arasyndaky takyrrak ýerler bolaýmasa,
müňlerçe ýyl bäri suwdan ganman ýatan teşne gum depeleri şeýle bol suwy hem
goýnunda uzak saklamadylar. Doýmaz-dolmaz garynlaryna birsyhly sordular
ýatdylar.
Başda begenenem bolsalar, annaçylar bu hala birhili aljyrajak boldular.
Hatda düşelgäniň haýsy tarapdadygynam unutdylar. Şonuň üçinem, ýagyş
goýýança ýaglyklaryny başlaryna pena edinişip bir duran ýerlerinde butnaman
durdular. Eginleri ýuka bolansoň özlerini mazaly ezen ýaz ýagşynyň çigregine döz
gelibilmän digdenekleşdiler. Eňeklerini şakyrdatdylar. Şonda olaryň öl
köýnekleriniň aşagyndan mese-mälim bildirýän, uçlary dürteişip duran ter
mämeleri tezlik bilen ilk-ä bir taýzarylyşdylar, soňam birgeňsi titreşdiler.
Ýagyş birden başlaýşy ýaly birdenem diňdi. Garynlaryny ýere berip ýatan
garry göherde meňzeş mähnet gara bulutlar uçmana hyýallanýan düýeguş ýaly bir
gobsunanlarynda örklerini ýerden üzdüler-de, asman sary göterildiler. Agyzlary
alardymy, nämemi baryşlary ýalam para-para bölündiler-de, ötegçi durnalar deýin
boýunlaryny süýndirişip hersi bir ugra bakan yňdylar ötägitdiler.
Gözýetimde bir ýerlerde, ilerki daglardanam aňyrda henizem her daýym bir
ýyldyrymyň çakýandygyny, gögüň gübürdeýändigini nazara almasaň tupan
annaçylaryň başyndan sowuldy. Asmanyň ýüzi bilen ümdüzlerine tutduryp barýan
hälki ak-ala bulutlaryň ýyrtyk ýerlerinden parran geçen Gün şöhlesi peýkam bolup
ýere sanjyldy. Ýaýsyzam bir peýkam bormy diýýän ýaly, asman gümmeziniň
ýüzünde şol dem ýalpyldap Esen-Söýüniň ýaýy göründi. Oňa gözleri düşenden
annaçylar ýerli-ýerden atylyşyp, gum depelerine dyrmaşdylar. Älemgoşara tarap
gollaryny bulaýlaşyp, ýaşajyk guzular deý bökjekleşdiler.
─ Gyzyly meňki-i!..
─ Sarysy meňki-i!..
─ Ýaşyly meňki-i!.. – diýşip, şadyýana gygyryşdylar, o ýan, bu ýan
ylgaşdylar. Ak, sary, goňur ýa melewşe reňkli kebelejikler bolsa, daşlarynda
perwaz urdular. Dik depelerinde çogdum bolşup gaýmalaşdylar. Kä öňlerine
düşdüler, kä yza galdylar, soň gelip ýene-de tegelek, ak tegmillije ganatlary bilen
gyzlaryň çygjaryp duran ýaňaklaryny ýelpediler.
Gyzlaryň welin bu wagt bar ünsleri älemgoşarda. Olar ilk-ä onuň düýbüne
baryp, näzik hem inçe barmaklary bilen kirişlerine kakdylar. Zarňyldysyna
270
guwandylar. Soňam hersi ýaýyň bir dinine mündüler-de ok bolup asmana
atyldylar.
Olaryň bu oýna şeýle bir kelleleri gyzdy welin, soňabaka has
şadyýanraklary-ha duýgularyna bäs gelip bilmän ýüwrüp bardylar-da, her ujy
älemiň bir burçuna sanjylgy älemgoşaryň bäri çetinden münüp, ýokarlygyna
dyrmaşdylar, bir demde çür depesine çykyp, ýerde duran joralaryna gol
bulaýlaşdylar, uzak säginmänem aňry ýüzünden otyrlaýyn tyýpyp aşak düýdüler.
Dolanyp gelip ýene-de şol hereketlerini gaýtaladylar. Has şahandazraklary bolsa,
älemgoşaryň üstünde aýaklaryny sallaşyp ýanyn oturdylar. Läle kakdylar. Soň
ýerlerinden turdular-da, aşakda gül ýygyşyp ýören joralary bilen «Gülgapdy»
oýnaşdylar. Aşakdan zyňylýan owadan gülleri sag elleri bilen gapyp, sol elleri
bilen ýene-de aşak okladylar. Şonda, üznüksiz aýlanýan gül çemenlerinden ýaňa
howanyň ýüzünde ullakan bir aýlawly halka emele geldi. Ol ýerde oýnap
ýadansoňlar ýere düşübem oýnadylar. Kebelekler ýaly gülden-güle gonup,
depeden-depä aşyp baryşlaryna goşdan ep-esli daşlaşanlarynam duýman galdylar.
Şol barmana-da, öňlerinden öňkülere görä birneme beýigräk gum alaňy
çykdy. Olar oňada dyrmaşdylar. Nazarlary bilen goşy, ýazlagçylary iň bolmanda
haýsam bolsa bir goýun sürüsini gözlediler. Emma hiç kime, hiç zada gözleri
düşmedi. Dumly-duş şol birmeňzeş gülälekli meýdan, ýaşyl gum depeleri.
Gözýetimde bolsa gözden ýitip barýan ýagyş, ýyldyrym, sesi çala gelýän
«gübürdi»... Bu ýagdaý gyzlaryň kalbyna wehim saldy. Bir apatyň gopjakdygyny
öňünden duýan dek, häliden bäri şatlykdan ýaňa uçganaklap duran gözleriniň
öňüni gorky örtdi, joş urup duran ýüreklerine howsala aralaşdy.
Birdenem...
Birdenem, edil ýerden çykan ýaly bolup, ýeňse tarapdaky uzyn hem aýlawly
alaňyň aňyrsyndan bir bölek goýun sürüsi peýda boldy. Yzynda çopan-çolugam
bardyr, olar bize goşy salgy bererler, diýip, gyzlar muňa begenişdiler, hatda
sürüniň kimiňkidiginem tanadylar.
Olar ýalňyşmandyrlar. Süri hakykatdanam ýazlagçylaryňkydy. Ýöne, onuň
yzyndan: «Haýtda-haýt» bolşup gelýän gyssanmaç atlylar welin düýbünden başga
adamlardy. Bu olaryň bolup gelişlerindenem egin-eşiklerindenem, gepsözlerindenem bildirip dur. Özlerem on-oniki atly dagy bar. Diýmek, olar
alamançylar. Çopan-çoluklaryny öldürip, sürünem oljalap barýan bolmaly.
Ýüzlerem ilerki daga tarap.
Gyzlara gözi düşenden, megerem, alamanbaşy bolsa gerek, inçeden gelen
uzyn hem tüňňi burunly, murtlary iki erniniň gyrasyndan aşak gaýdýan, süňňi
irimçek, çala çyzylýan gözleri almalygynyň töründe zordan görünýän biri saýry
271
dilde bir zatlar diýip, «madyrdady» welin, iki sanys-a öňküleri ýaly sürüni
sürmeklerini dowam etdirdiler, galanlaram «gykuwlaşyp» gyzlara tarap gaýtdylar.
Gelişleri ýalam alaňyň daşyna halkalaýyn aýlandylar. Öňki oljalarynyň üstüne
ýene-de olja duşandyklaryna begenmekden ýaňa «ýyrş-ýyrş» edişip biri-birleriniň
ýüzlerine seredişdiler. Baş atyşdylar. Göz gypyşdylar. Süýem hem başam
barmaklarynyň ujy bilen murtlarynyň çowuna tow berişdiler. Alamanbaşynyň
annaçylara tarap gamçysyny çommaldyp bir zatlar diýmegi bilen, alamançylaryň
üç-dört sanysy «patda-pat» bolşup atdan düşdüler-de, alaňa dyrmaşmaga
başladylar. Iki gözlerem gyzlarda. Ygyp ýatan ürgün ak çäge olaryň hereketlerini
kynlaşdyrdy. Şeýle-de bolsa emedekleşip diýen ýaly çykdylar. Arkasy durşuna tüý
bolup duran ullakan, gara penjelerini gerip, tez maral kibi titreşip duran gyzgelinlere topuldylar. Zähreleri ýarylara gelen annaçylar dyr-pytrak boldular-da,
ýazlagçylara eşitdirmek niýeti bilen:
─ Waý, gyzylbaşlar çozdy!
─ Dat ýetiň!
─ Halas ediň!
─ Aý, il-günu-u-uw-w!.. – diýşip gygyryşdylar. Henizem ellerinde saklap
duran güllerini näbelli ugurlara tarap bulaýlaşdylar. Birdenem «Şeýtsek birimizden
birimiz-ä gaçyp gutulaýsak gerek», diýen pikir bilen, hersi bir tarapa gaçmak üçin
depeden aşak indiler.
Ýöne, olaryň bu hereketleri özleri üçin däl-de, aşakda duran atlylar üçin
amatly boldy. Olar annaçylaryň ýere düşenini garbap alyp, atyň öňüne keseleýin
basdylar durdular. Megerem, alamanbaşydan buýruk şeýle bolan bolsa gerek,
awuny ele salanam ur-tut at başyny daga tarap öwürmek bilen boldy. Ýöne, gyzgelinleriňem olara aňsat «ýal» bolaýaslary gelmedi. Ras, gaçyp bilmedikmi,
söweşip bir öleli, diýen pikir ählisiniň aňyna birden doldy. Söweşiň başyny
garagyýçak, togalajyk, dolmuş ýüzlüje gaýtarma başlady. Ol özüni atyň öňüne kese
basan gajaryň bilindäki hanjaryny sogrup aldy-da, böwründen «suhlap» goýberdi.
Beýle garşylyga garaşmadyk gajar «hyk» etdi-de, bykynyny tutup atdan agdy.
Muny görüp beýleki gyz-gelinlerem «haý-waýlaryny» goýdular-da, aýgytly
herekete geçdiler. Kimsi öz ganymynyň burnunyň deşiklerine barmagyny sokup
gaňyrdy, kimsi-kimsiniň ernini ýirdi. Ýene biri süýem barmayny çommaldyp
duşmanyň gözüne sokdy. Garagyýçak gaýtarma bolsa atdan agdarylyp düşdi-de,
ylgap baryp elindäki hanjary at üstünde bir gyz bilen tutda-bas bolup oturan ikinji
bir gajaryň budundan «garçyldadyp» sokdy. Sokuşy ýalam yzyna sogrup aldy.
Gajaryň budundan zogdurylyp gan akdy. Gaýtarma böküp bir gyra çekildi-de,
elindäki hanjary depesinde dalawladyp durşuna:
272
─ Gorkmaň, gyzlar! Ine, hä diýmän biziň ýigitlerimiz geler! Oňa çenli siz
bularyň bokurdaklaryny çeýnäberiň! Eliňizdäki keserleriňiz, demrendiroraklaryňyz bilen garynlaryny silkiň-de, içegelerini çöşläberiň! – diýip,
joralarynyň ruhlaryny göterdi.
Ellerinde oraklarynyň, demrenleriniň bardygam annaçylaryň käbirleriniň
ýadyna diňe şondan soň düşdi. Garşylyk güýçlendi.
Garagyýçak gaýtarma ýaňky sözden soň ýazlagçylar görer diýen umyt bilen
ýene-de depä dyrmaşmaga başlady. Emma ýokarsyna çykmaga ýetişmedi. Onuň
dogumly hereketlerinden elhederalan alamanbaşy öňürti şundan bir dynaýyn, diýen
karara gelen dek ýapynyň ýarpy biline-de barmanka at debsiläp yzyndan ýetdi-de,
ýalaw ýaly ýiti gylyjyny gelniň sag gerdeninden saldy. Onuň bilenem kanagat
etmän, janhowuljyna gum üstünde däbşenekläp, kakynyp ýatan gelniň ýüzünigözünem çapym-çapym etdi. Beýleki gyz-gelinleriňem eýýäm iki nökeriň
damagyny çalyp, beýlekilerinem gyra-ýana tutup üörendiklerini görüp, olaryň
agşam, dag içinde düşlän wagtlary berjek zowky-sapalaryndanam, satylyp görüljek
peýdalaryndanam geçdi-de, üzeňňä galyp öz dilinde bir zatlar diýip gygyrdy. Onuň
näme diýendigi düşünmeýäne-de düşnükli boldy. Çünki, gözlerine gan öýen
garakçylar şondan soň gyz-gelinler bilen tutaklaşmalarynam goýdular-da,
gollaryndaky gylyçlary bilen kerçäp başladylar. Kimsiniň göwsi kesildi, kimsiniň
gollary çapyldy ýene biriniň goşa örümli uzyn gara saçlary bilen bilelikde ürgün
çägäniň üstüne kellesi «patlap» gaçdy, böwürlerinden, inçe billerinden,
boýunlarynyň çykan ýerinden gylyç sokulanlaram kükrekleri ýarylanlaram,
kelleçanaklary pytrap beýni ýülükleri çoganlaram az däl.
Annaçylaryň içinde iň ejizi Jäjek. Üstesine göwresinde ýaňy bir düwünçek
bolan çagajygam bar. Düşelgeden gaýdylaly bäri: «Gyzlar, goşdan daşlaşaýmalyň,
azaşaýmalyň» diýip, birsyhly özelenip gelenem şol. Ýüregi bir zat syzan ýaly ol
ýaňy gyzlaryň oýunlaryna-da goşulmady, hatda «gülgapdam» oýnamady. Şo-ol, bir
zady sangy edýän ýaly bir çetde kibtini gysyp, mugruljyrady oturdy.
Onuň adamsyna Garadöwlet diýýärler. Ol dogumly, edepli, arly-namysly
ýigit. Annaçylar bilen gaýtjak bolanda ol Jäjegi goýbermejek bolup kän dyzady.
«Ýaramarsyň, üstesine ýagdaýyňam şeýle. Galyberse-de Garadöwlet ýarawsyz
gelnindenem iş hantama, diýip, gürrüň ederler» diýdi. Emma dogabitdi
göwniçökgün ulalan gelniň aňynda ýazlagdan ýadawlyk däl-de, göwnihoşluk
hantamaçylygy bardy. Şonuň üçinem ol: «Gidäýeýin-le, hem-ä göwnüm açylar,
hemem hezil edip turşy – şordan doýaryn» diýip, şo-ol, özelendi durdy. Şeýdibem,
adamsyny yrdy. O-da goýberse-de goýberdi welin, ynjalyp bilmedi. Şujagaz
döwrüň içinde-de, yzyndan iki gezek dagy gelip gitdi. Ýöne, obada öz ekin-dikin
işlerem ýetik bolansoň uzak eglenip bilmedi.
273
...Şol zatlary ýatlap durşuna Jäjek ilk-ä daş-töweregindäki bolup geçýän
zatlary aklyna sygdyrybilmän, gözlerini tegeläp, agzyny açyp aňkaryldy durdy.
Joralarynyň göreldesine eýerip urşa girmek barada-ha pikirem etmedi. Hiç zada
goşulman duranlygyndan bolsa gerek, garakçylaram oňa esli wagtlap hüjüm
etmediler. Asla, barmysyňam diýmediler.
Ýöne gana bulaşyp ýatan, gyzlaryň jansyz jesetlerine, entegem söweşip
ýören annaçylaryň urgularyndan ýaňa gajarlaryň «arlaşyp» atdan agyşlaryna,
atlaryň howsalaly «haýkyryşmalaryna» Jäjek uzak seredip durup bilmedi. Başy
ymykly çaşdy. Öz ýanyndan bir zatlar diýip, pyşyrdady. Sag eliniň süýem
barmagyny çommaldyp ilk-ä öli ýatan annaçylary, soňam aýak üstünde
entirekleşip ýören alamançylary sanady. Şonda onuň gözleri şeýle bir ulaldy welin,
şol wagt gören bolsa ony öz mähriban ejesem, hatda Garadöwlediň özem
tanamazdy. Ol palaç ýatyrylan ýaly ýapynyň ýüzünde pytraşyp ýatan joralaryna
ýene birlaý göz aýlady-da, birhili gorkunç halda gülüp goýberdi. Yzyndanam
çirkin gygyrdy. Işletmedigem bolsa, düşelgeden gaýdaly bäri gysymynda saklap
ýören ujy döwük, sapsyzja oragynam bir gapdala zyňyp goýberdi-de, etegini dişläp
günorta tarap zut gaçmak bilen boldy. Bir aýasam garnynda. Ýöne, özüň şol
ýagdaýdakaň ýyndam atlaryň aldyndan sen nädip gutuljak?
Orta ýaşlaryndaky, agajeträk, boýy ortadan sähel ýokarrak, neşe çekýän
bolsa gerek, gözleriniň agy sargylt, maňňalburun, çat maňlaýy nohut çemesiräk
meňli bir gajar entek bir alaňam aşmanka Jäjegiň yzyndan ýetdi-de, ýeňsesinden
penjeläge-de öňüne çekdi. Özem: «Maňa şundan başga olja gerek däl», diýýän ýaly
ýoldaşlarynyň yzyndanam, sürüniň yzyndanam gitmedi-de, göni ilerligine tarap
tutduryberdi.
Ýoldaşlary onuň yzyndan bir zatlar diýip, gykuwlaşdylar. Gygyryşdylar. Iki
sanysy onuň yzyndan kowmaga synanyşdy. Atlaryny debsileşip ugranlaryndanam
galtamanbaşy olara «haýkylyk» atdy. Olar kelteräk öwrüm edip yzlaryna
dolandylar. Şondan soň olaryň hemmesi bir topbak bolup, öň sürüp barýan
sürüleriniň yzyndan kowdular.
Annaçylaryň arasynda olardanam bäş läş galdy. Olar öz ölülerini äkidib-ä
bilmediler, jaýlamak üçin eglenmäge bolsa, gelin-gyzlary gözläp ýazlagçylaryň
gelerinden gorkdular. Sürülip gaýdylan sürüniňem hä diýmän gözlegine
çykyljakdygyna söz ýok. Mahlasy: duran-tutular, gaçan – gutular.
Ýap-ýaňyja ýagşyň ýagandygy sebäpli, ne sürüniň ne atlylaryň
toýnaklaryndan tot-tozan göterilenok. Şonuň üçinem, garalary ýitenden soň yz
çalaýmasaň olary ser salyp tapjak gümanyň ýok.
274
...Annaçylar wagty bilen gelmänlerinden soň ýazlagçylaryň arasyna
birahatlyk aralaşdy. Ilk-ä aýallar-gyzlar ikibir-üçbir «hyşy-wyşy» edişdiler, soň
toparlanyşyp howsalaly gürleşdiler, ahyram öz içlerinde dörän harasady erkeklere
aýtdylar.
Hernäçe merdemsireşselerem, giden gyzlary erkekleriň özlerem esli wagt
bäri ünji edip başlapdylar. Ýöne, aýallara syr bildirmezlik üçin seslerini
çykarmandylar. Ine, indi olaryň özleri dillendiler welin, bujagyň agzy çözülene
döndi. Köpçüligiň aladaly gowrunyň guzudyr-owlaklaryndan aýrylan goýundyrgeçileriň ahy-nalalaryna goşulmagy bilen, ýaýlanyň içi edrenç bir görnüşe girdi.
Annaçylaryň arasynda ýakyn hossary barlar-a hakyt ses edip agladylar.
Hern-ä erkekleriň arasyndan has köpi görenräkleri tapylyp, ýagdaýyň
beemçiligini öz üstlerine aldylar. Köpçülikden, hususan-da aýallardan howsala
düşmezligi haýyş etdiler. Derrewem, ätiýaç üçin göç bilen gorag hökmünde
gaýdan bäş-alty sany atly-ýaragly ýigidi gözlege iberdiler. Palaňly, ýabysyna
ataryp, Baýramgül tebip Iwaşowam olaryň ýanyna goşdy. Sebäbi, annaçylaryň
arasynda onuňam daşkyrak garyndaşlaryndan biri bardy.
Ýarym sagat ýaly o ýan, bu ýan at gorduranlaryndan soň, gözlegçiler
gyzlarynyň yzlaryny tapdylar. Ýagyşdan soň düşen yzlar öl çägäniň ýüzünde
oýmur-oýmur bolup dur. Şol oýmurlardanam bir toplum yz aýryldy-da, tirkeştirkeş bolup ileriligine tarap gitdi. Soňra hersi bir ýana pytrady. Soňundan ýene
birikdiler-de, yzçylary gana boýalan depäniň üstünden eltdiler.
Birbada hiç kim öz gözüniň görýänine ynanmajak boldy. Ýapynyň dumlyduşam, orta bilem, üstem, düýbem, demsiz-düýtsiz ýatan gyzlardan, gelinlerden,
şeýle hem gajar maslyklaryndan ýaňa leýs. Kimsi bir goluny ýassadyp ýanyn ýatyr,
kimsi gulaç saçlaryny iki ýana ýaýyp çiň arkan ýatyr. Käbirleri gollaryny gerip
ýüzin ýatyr. Gözleri açyk. Ellerinde bolsa gana boýalan köneje demrenleridir
keserleri.
Bular ýaly gyrgynçylygy geçen uruşda göre-göre tenleri gatan, ýürekleri
daşa dönen ýigitler-ä ýarym-ýaşsyraşan bolup wagtam ýitirmediler-de, ýalta
ýabysyny gamçylap ýaňy bir ýetip gelen Iwaşowy ýazlagçylara habar ber, diýip,
yzyna ugratdylar, özleri bolsa garakçylaryň yzyndan kowgy gitdiler.
Emelsiz ogry tarapyndan akan-dökän edilen öý goşlary ýaly dyr-pytrak
bolup ýatan gyzlaryň gözgyny keşpleri düşelgä tarap at loňkuldadyp barýan
Iwaşowyň göz öňünden gitmedi. Ol olary köp synlamady, ýöne, ýadynda welin
ömürlik galdy. Şol gysga pursadyň içinde ol asyl olaryň käbirlerini manamaga-da
ýetişdi. Käbirlerini welin gan-kokdan ýaňa Iwaşow-a däl, hatda öz hossarlaram
275
tanar ýaly däl. Durmuşyň çetinden ýaňy giren, entek ýaňaklarynyň reňkem
solmadyk, açyk gözlerini asmana dikip, ýatan gyzlaryň, gelinleriň hemmesi birden:
«Görýäňmi, sallat! Sizsizem biziň ýagymyz ýetikdir, derdimiz çohdur...», diýýän
ýalydylar.
Annaçylaryä bu perişan hallaryna duýgudaşlyk edýän ýaly, şol wagt howada erbet dymdy. Ýap-ýaňyja-da däli-porhan bolan giň sähra içre çöp başy
gymyldamady. Akja bulutlaram ýüzlerini sallaşyp bir duran ýerlerinde durdular.
Gyzyl gülälekler çar-para bolşup, ýere döküldiler. Çopan telpekler başlaryny aşak
egdiler. Gyzyl çigillemler saraldylar, sarylary agardylar, aklary soldular,
süllerdiler. Ýylaklar «pyssarylyşdylar-da», ýanlaryny ýere berdiler.
Nädip barjagyny, näme diýjegini bilmän ýaýdanyp barýan Iwaşowyň goşa
golaýladygysaýy howsalasy artdy. Baransoňam esli wagtlap, bolan işi aýdybilmän:
«O taýda... şo taýda...» diýip, sakawlady durdy. Bir ýanlara elini salgady.
Birdenem ýabysyndan syrylyp düşdi-de, maňlaýyny ýere goýup möňňürmäge
başlady.
Bir belanyň gopandygyny aňan ýazlagçylar ony goltuklap ýerinden
turuzdylar. Baýramgül tebip onuň çat maňlaýyna geçdi-de, dözümli gepledi.
─ Bol, mün ýabyňa-da, düş adamlaryň öňüne! Nirede näme bolan bolsa
görkez!
Ony götergiläp diýen ýaly ýabysyna mündürdiler. Ýöne, onuň indi ýabysyny
debsilemäge-de, «çüw» diýip, jylawyny silkmäge-de ýagdaýy ýok. Ol aglaýar.
Onda-da çiginlerini silkip, içigip-içigip aglaýar.
Kim ulagly, kim pyýada, uly-kiçi, aýal-erkek, barysy yzlaşyp onuň yzyna
düşdüler. Bilini göwşüllän şal guşak bilen mäkäm guşan Baýramgül tebibem «Ýa,
Alla» diýip, ýola düşdi.
Nämeleriň gopandygyny özlerine aýtmandyklary üçin öýkelän ýaly, häliden
bäri her kimiň ýüzüne bir seredip, köpçüligiň gyrak-bujagynda aýlanyşyp ýören
üç-dört sany, ululy-kiçili, dürli reňkdäki itlerem seňkildeşip olaryň yzlaryna
düşdüler.
Wakanyň bolan ýerine baranlarynda ýazlagçylaryň barysy birden «ah»
çekdiler. Has beterem aýallar heläk boldular. Çünki, läş bolup ýatan, näzik bedenli
bu jananlaryň biri kimdir biriniň gyzy, biri gelni, ýene biri uýasy söýgülisi, gelni,
gelinligi, gelnejesi, ýa baldyzy. Iň bolmanda obadaşy. Günde-günaşa görşüp ýören
işdeşi. Jorasy.
Elhenç görnüşden ýaňa beýnilerine sarsgyn düşen ýazlagçylar birbada
eňremekden, eňşemekden başga bir hereket etmelidirem öýtmediler. Erkeklerem
276
belli bir karara gelibilmän, erewde-berew, iki ýana elewreşdiler ýördüler.
Aýallaryň-a hersi öz ölüsiniň başujyny alyp, agysyny aglap otyr. Baýramgül
tebibem garyndaş gelniniň aýagujynda: «Waý, men indi seň söýerleriňe näme
jogap bereýin-aý...» diýip, ellerini öwsüp dur. Iwaşowam bir çetde, gyzyl saçly
ullakan kellesini çep çignine ýaplap, gözlerinden «boýur-boýur» ýaş döküp dur.
Oňa çenli kowgy giden ýigitlerem sürülerini öňlerine salyp gaýdyp geldiler.
Aýdyşlaryna görä gaçyp barýan garakçylaryň sany ýedi ekeni. Onuňam ikisi
bularyň garasyny görenden sürüni taşlap gaçmak bilen bolupdyrlar. Beýlekileri
oljalaryny bermejek bolup urşa girişipdirler. Ýagdaýlarynyň gowy däldigini
bilenlerinden soň gaçjak bolupdyrlar, ýöne, ýigitler olaryň birinem diri
sypdyrmandyrlar.
Diňe şondan soň, wepat bolan annaçylaryň arasynda Jäjegiň jesediniň
ýokdugy aýan boldy. Kowguçylaram garakçylaryň hatda gaçyp giden ikisiniňem
ne alnynda, ne ardynda hiç kimi görmändiklerini aýtdylar. Ony dumly-duşdan,
hatda has uzagrakdaky alaňlaryň aňyrsyndanam gözlediler. Emma derek tapyp
bilmediler.
Şeýdip, Jäjegiň ykbaly gümürtik bolup galdy.
Uzaga çekmedik maslahatdan soň, şehit bolan naçarlaryň hemmesini şol
alaňyň üstünde jaýlamaly etdiler. «Ajallary şu ýere çekipdir, goý, şu ýerde-de
ýatsynlar, bu ykbaldyr» – diýdiler. Hossarlaryna, han-beglere habar ýetirmek üçin,
derhal oba adam iberip, özleri şehitleri «myhman» aldylar. Ep-esli adam uzynly
gijäni ot ýakyp, jesetleri sakladylar. Galanlary düşelgä gitdiler we kimiň işi azrak
bolsa ertesi irden ýene-de gaýdyp geldiler.
Çäş galyberende oba tarapdan sozanda-guýruk bolşup gelýän uly mähelle
göründi. Oturanlar ör turdular, dik duranlar höre-köşe etmek üçin olara tarap ýöriş
etdiler. Hersiniň öňünden çykyp: «Pelek işidir, özüňizi horlamaň, mert boluň»
diýdiler, giden bir mähelläniň «bor-da-bokulyk bolup gelşini görüp, düýnden bäri
bir gyrada, ol çägäniň üstünde boýnuny sallap oturan Iwaşow «zöwwe» ýerinden
galdy-da, içini tutup bir gyra çekildi. Onuň şol wagt ulyili bilen möňňürip aglasy
geldi. Emma dide-de ýaş görünmedi. Ýürek aglasa-da göze nem gelmedi. Çünki,
nem gutardy. Şonuň üçin bolsa gerek, ol sesiniň ýetdiginden «bögürip» ögemäne
başlady. Ilki dik duran ýerinde, soň dyzyna çöküp, ondan soň ýüzin ýatyp, giň
maňlaýyny çägä oýkap, düýnki ýagmyryň badyna eýýäm ep-esli boý alan sähra
ýylaklaryndan ýapyşyp ögedi. Kimdir biri usullyk bilen onuň ýanyna bardy,
çigninden tutup galdyrdy. Köpçülikden daşraga çekdi. Özbaşyna otlap ýören
ýabysynyň ýanyna eltdi. Egilip gerimi giňden tutulan duşagyny çözdi. Henizem
içigip duran soldatyň arkasyna kakdy. «Bar, sen ýabyňa mün-de, goşa gaýt, ol
277
ýerde-de kömek gerekdir» diýdi. Bu wagt onuň ýaba münmägede mejalynyň
ýokdugyny aňandan soň bolsa germesatan edip eýere atardy. Jylawy eline berdi.
Ýabynyň ýüzüni düşelgä tarap öwrübem şapbady bilen sagrysyna bir kakdy welin,
ýagdaýyň juda agyrdyny aňan ýaly ýaby janawer ömür etmedigini edip
«loňkuldady» ötägitdi.
Köpçüligiň ýerli-ýerden topulmagy bilen merhumlary jaýlamak işi
günortana golaý tamam boldy. Olaryň hemmesini alaňyň üstünde hatara goýdular.
Şeýdip, dek-düýnem gül-pürçege bürenip oturan owadan depäniň üstünde ýene-de
on sany kiçijik depe emele geldi. Dek-düýnem şu depäniň üstünde aga-ýana
oýnaşyp ýören ýaş juwanlaryň bu gün özleri şol ýerde tümmege öwrüldiler.
Depäni bolsa şondan soň il arasynda: «Ganly depe» diýip, atlandyrdylar.
Dogry, başda oňa iki ýeke «Şehitli depen» diýenlerem boldy, ýöne, ol at kemkemden galyşdy. «Ganly depe» ady has ýörgünli boldy.
Adamçylyk pähimine eýerip adamlar gajarlaryň jesetlerinem ýere
duwladylar. Ýöne, «Ganly depede» daşrakda jaýladylar. Üstlerini
tümmeklemediler.
Ýazlagçylar haýdan-haý göçmek bilen boldular.
Oba gelenlerinden soň, üýşüp bu waka barada ýörite maslahat geçirmekligi
han-beglerden haýyş etdiler. Ýygnananlaryň bir topary:
─ Muny bu durşuna goýmak bolmaz, beýtsek olaryň dişlerinde et galar, ertir
baryp öňküleri ýaly ahmalrak ýerde oturan obalarymyzam çaparlar. Biz hökman
öwezalaman etmeli diýdiler.
Han-begler bu pikire garşy çykdylar. Olaryň adyndan Nurberdi han gürledi.
Ol hususan-da şeý diýdi:
─ Mallar gaýtarylyp alyndy, garakçylar öldürildi, jezalandyryldy. Ar ýerine
salyndy. Şonuň üçinem, şu gezeklikçe şu işi tamam hasap etmeli. Indiden soň tutuş
Eýrany çapaýanymyzda-da, şol biçäreleri dolap getirip bilmeris. Onsoňam bu wagt
biziň gajarlardan başga-da ýagymyz ýetik. Öňümizde uly urşuň agyr aladalary dur.
Üstesine-de, orslar bilen boljak ikinji uruş üçin ok-ýarag, azyk kömegini
etmeklerini sorap olara adam iberip ýörüs. Geçen uruş zerarly tapdan düşen halky
gurplandyrmak üçin, olar bilen söwda, alyş-çalyş etmekligiňem kül-külünde gezip
ýörüs. Alamançylyk meselesinde bolsa biz öňdenem ýaman atly. Galyberse-de,
bolup geçen şu waka ýetip gelýän duşmanyň hilesidir, aňyrsynda şolar durandyr,
goňşularymyz bilen aramyza agzalalyk saljak bolýandyrlar, diýen şühbämizem ýok
däl. Häli görseň düýnki wakanyň bolanyndan Eýran şasynyň-a däl, hatda gala
hanlarynyňam habarlary ýokdur. Olar üstümize sürnüp gelýän duşman tarapyndan
hakyna tutulan bir bölejik garakçylardyr. Egerde, biz häzir alaman gurnasak, onda
278
tutuş Eýran döwletini öz elimiz bilen özümize garşy goýdugymyz bolar.
Duşmanyň atan okunyň nyşana degdigi bolar. Netijede, biziň Eýran babatdaky
edýän meýillerimiziň barysy bulaşar.
Şondan soň Dykma serdaram şol terzde söz sözledi.
Göräýmäne Nurberdi hanam, Dykma serdaram beýleki han-beglerem, dogry
aýdýardylar. Gaharyň ugruna gidip ownuk zat üçin tutuş ýurduň, halkyň bähbidine
zyýan ýetirmek dogry däl. Şonuň üçinem, maslahata ýygnananlaryň köpüsi, hatda
başky alaman etmekligiň tarapynda durýanlaram olaryň gelen netijeleri bilen tas
ylalaşyberipdiler. Ýöne, ine, meseläni çözdüm edip ses sanamaklyga
hyýallandylaram welin, häliden bäri bir çetde yzly-yzyna ýuwdunyp, tüýküligine
düwnüp oturan Garadöwlet ardynjyrap oturşyna söz sorady-da, tolguna-tolguna:
─ Atyny ýeke çapýa, diýip, menden gaty görmäň, adamlar. Egerde şol
depäniň üstünde meniň maşgalamyňam iň bolmanda mazary bir ýatan bolsady,
onda menem siziň aýdanlaryňyz bilen ylalaşardym. Emma meniň ýagdaýym
başgarak. Meniň düşen günümiň siziň syýasatyňyza-da, döwlet işine-de dahylly
ýeri ýok. Siz: namys-ar ýerine salyndy diýýäňiz. Onyňyza-da ýok diýjek däl.
Umuman alanyňda şeýle ýala. Ýöne, o-da maňa degişli dül. Meniň arymam gitdi,
namysymam. Törüm boş galdy. Maşgalam garakçylaryň eline düşdi. Bu
ýagdaýdakam men başym telpekli obaň içinde ýaýkanyp gezip bilmen. Şonuň
üçinem, men-ä sizden gaty göremok, sizem menden gaty görmäň, meni saklajagam
bolmaň.
Şeý diýgeç, ol hiç kimiň jogabyna-da garaşman, towsup ýerinden turdy-da,
batly gadamlar bilen çykyp gitdi.
Öýüne barşy ýalam işiginde naýza dikdi. Bu onuň «öwezalamana» gitmäge,
döwtalap ýigitleri çagyrýandygynyň alamatydy.
Ertire çenli onuň naýzasynyň gapdalyn-da ýene-de ellä golaý ýigit naýza
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýere gaçan ýyldyzlar - 25
  • Parts
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 01
    Total number of words is 3553
    Total number of unique words is 2010
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 02
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2235
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 03
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2251
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 04
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2035
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 05
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 2240
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 06
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2074
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 07
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2300
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 08
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2079
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 09
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2182
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 10
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2186
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 11
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2086
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 12
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2156
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 13
    Total number of words is 3614
    Total number of unique words is 2180
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 14
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2068
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 15
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2124
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 16
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 2185
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 17
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2081
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 18
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2137
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 19
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2131
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 20
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2275
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 21
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2183
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 22
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2217
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 23
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2219
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 24
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2229
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 25
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 26
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 2253
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 27
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 28
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 29
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2145
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 30
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2061
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 31
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2165
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 32
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2092
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 33
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2078
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 34
    Total number of words is 3624
    Total number of unique words is 2126
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 35
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2120
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 36
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2121
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 37
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2084
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 38
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1980
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 39
    Total number of words is 3783
    Total number of unique words is 2052
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 40
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 41
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2134
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 42
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2129
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 43
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2061
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 44
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2153
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 45
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2197
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 46
    Total number of words is 2158
    Total number of unique words is 1428
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.