Latin

Ýere gaçan ýyldyzlar - 17

Total number of words is 3653
Total number of unique words is 2081
30.1 of words are in the 2000 most common words
43.6 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
soldatlaryň serine dirilik şemaly bolup çaýyldy. Ýaşaýyşa bolan umyt
uçgunjyklaryny oýardy. Şonuň üçinem, olar bu sözi biri-birlerine söýünçli habar
hökmünde uly dabara we bilniksiz şatlyk duýgusy bilen geçirdiler. Şeýle hem şol
buýrugy beren adama müň mertebe minnetdar bolmak bilen yza çekildiler. Ýöne,
assa-ýuwaş, söweş bilen, gaýduwsyz garşylyk görkezmek ýagdaýynda çekildiler.
Käte yzlaryna dönük, söbüklerini sydyryp gelýän ýigitleri naýza bilen sançsalar
käte ellerindäki tüpeňleriniň gundagy bilen ýelmediler. Maý tapdyklaram sähelçe
sägindiler-de, ýigitleriň gapak ýaly ýap-ýasy, watana bolan hyjuwdan doly
döşlerinden tüpeňlediler we eýýämhaçan özlerinden arany açmana ýetişen
ýoldaşlarynyň yzlaryndan ylgadylar.
Ýöne, kowgunçylaram olaryň yzlary bilen gury söltüldeşip geläýenoklar.
Olaram ýetişibildiginden okam atýarlar, çapýarlaram, ellerine ilen zat bilen
urýardylaram. Şonuň üçinem, ýitgi sanynyň artmagy bilen gaçyp barýanlaryň
hatarlary seýrekledi, kowgunçylaryň sany bolsa, galadan gykuwlaşyp çykýanlaryň
hasabyna gitdigiçe köpeldi. Çünki, Berdimyrat han bu wagt pursada garaşyp duran,
garjaşmadan başga urşa ukypsyz bolan, elleri sowuk ýaragly ýigitleri hem
hüjümçilere goşmaça güýç hökmünde iberipdi. Olar ýaraly ýa dem-düýtsiz ýatan
soldatlary we türkmen ýigitlerini basmazlyk üçin üstlerinden böküşip,
uçganaklaşyp baryşlaryna hä diýmän özleriniňkileriň yzlaryndan ýetdiler,
olardanam ozup, gaça söweş edip barýan soldatlaryň saplaryna aralaşdylar we
pyçaklaryny, syrygyň ujuna daňlan gyrkylyklaryny, maňňaldyr – keçgert
oraklaryny ezberlik bilen işledip başladylar.
188
Soldatlaryň abat galanlary indi hiç hili garşylyk görkezmezden,
ýaralylaryny, ölülerini taşlaşyp gaçdylar. Ölülerden-ä ses-üýn ýok welin,
alagüpürdi bolşup barýan türkmen ýigitleriniň aýak tozlarynyň arasynda ýüzlerini
çaňjardyşyp, ýerlerinden galybilmän ýatan ýa-da bagyrlary bilen süýşüşip, dyzlary
bilen dyzanaklaşyp barýan ýarawly soldatlar eýýämhaçan allaowaralara ýeten
ýoldaşlaryna tarap sesleriniň ýetdiginden gygyryşdylar, kömege çagyrdylar.
Käbirleri bolsa özlerini galadan çykan ýeriňdäki çuň garymyň içine atdylar. Çünki,
ol ýeri asuda. Maslykdan ýa çalajanlardan başga hiç kim ýok. her kim gaçha-kow
bilen ber-başagaý.
Börmäniň batyr ýigitlerine baş bolup, bireýýämden bäri jeňiň orta gürpünde
gylyjyny bir saga, bir sola salgap ýören Hanberdi han garymyň deňinden ep-esli
geçenden soň, gaçyp barýan bir ofiseriň dolanyp özüne topulanyny gördi. Ofiser
tüpeňiniň ujundaky naýzany Hanberdi hanyň edil, bokurdagyna gezedi. Ýöne, ýaş
hanyňam gylyçly goly eýýäm howadady. Şonuň üçinem ol çeýe göwresine gelşip
duran çaltlyk bilen bir gapdala sowuldy-da, göz açyp-ýumasy salymyň içinde
gylyjyny ofiseriň boýnundan saldy. Tygy tene degendenem gylyjyny şeýle bir
ussatlyk bilen özüne bakan dartdy welin, çypar kelle edil sapagyndan tänen sary
erik ýaly «patlap» ýere gaçdy-da, «geläý indi senem» diýýän ýaly, henizem üstüne
howala bolup duran göwrä tarap gözlerini ýyltyldadyp seretdi. Göwre bir
pursatlykça yraň atyp durdy-da, birdenem herekete geldi. Entirekläp birnäçe ädim
ýöredi. Elindäki naýzany öňe ülňedi. Soňam öwrülip gelip kelläniň üstüne,
ýykyldy. Göwresine gowuşan sary kelle mawy gözlerini ymykly ýumdy. Şondan
soý olaryň hiç birindenem hiç hili, gymyldy-hereket bolmady. Göwräniň
aşagyndan syzyp, çykýan al gan topragyň ýüzi bilen onuň aýak ujuna tarap akyp
ugrady.
Hanberdi han ondan ünsüni sowup ýetişmänkä, üç sany dagystanlynyň gylyç
syryp, öz üstüne howala bolşup gelýändiklerini gördi. Olar bilen urşa girişenem
şoldy welin, bir ýerden ýene-de iki sany soldat peýda boldy. Megerem,
ofiserleriniň aryny almaklygy ýüreklerine düwen bolsalar gerek, şol wagt agzyny
hatap ýaly açyp yzdan gelýän bir inçemik, uzyn boýly, iňňän ýaş görünýän başga
bir soldatam olara goşuldy. Hanberdi han öz tenine tyg degirmän olaryň altysynam
ýaralady. Altysam ganlaryny sarkdyryşyp gaçmak bilen boldular. Şondan soň
togalak kelleli, ýeňsesi gassabyň çapgysy ýaly, her gezek dem alanda gönümel
burnunyň ganatlary ýellenip gidýän başga bir dagystanly ýerden çykan dek
duýdansyz geldi-de, gylyjyny göterip Hanberdi hanyň üstüne howala boldy.
Hanberdi han bu gezegem çaltlyk bilen öwrüm etdi-de, ýokary galan eli aşak
inmänkä duşmanyň kibtini kesip taşlady. Şol wagtam gaçyp barýan soldatlaryň biri
onuň arkasyna aýlandy. Elindäki sapançasy bilen Hanberdi hanyň ýeňsesinden
189
atdy-da, hiç zat bolmadyk ýaly öňki ugruna tarap ylgady ötägitdi. Ok Hanberdi
hanyň çep kebzesinden girdi. Ýöne, ol gyzgynyna özüni atan soldatyň yzyndan
ýetip, gylyjynyň ujuny ýagyrnysyndan sançmaga üetişdi. Soldat iki elini göge serip
yzyna dolandy. Entirekläp gelýän Hanberdi hanyň gujagyna doldy. Özünden gidip
barýan Hanberdi hanyňam gollary onuň daşyna dolandy. Şol duruşlaryna-da
ýykyldylar. Ýöne, olar beýdip uzak ýatmaly bolmadylar. Hanberdi hany
ýigitleriniň üç-dört sanysy götergiläp gala alyp gitdiler.
Öýlerine eltenlerinde Hanberdi hanyň ýagdaýy eýýäm gowy däldi. Gözleri
süzülip, gabaklary börtülip ugrapdy. Sesi haýallapdy. Geplemesi kynlaşypdy.
Bir ýerden Mämmedoraz tebibi derhal tapyp geldiler. Ol oňa em etmek
bilen boldy. Şol ikiaralykda-da Hanberdi hany getiren ýigitlerden urşuň ýagdaýyny
sorady. Duşmanyň gaçýandygyny eşidip begendi.
... Kowgy welin hakykatdan-da dowam edip gidip otyr. Duşmanyň lagerine
golaýlaşýar.
Türkmenleriň ýeňiş gazanaýmagyndan ätiýaç eden Lomakin rezerwiň
baştutanyny maýor Şaufusy ýanyna çagyrdy.
– Haýal etmän Şirwan batalýonyny hüjüme iberiň! Her edip, hesip edip
duşmany yza serpikdiriň!..
«Ur-ra-a...» diýşip, bir gapdallaryndan çykan şirwanlylary hem ýigitler
aranyň entek daşdygyna garamazdan gyzgyn gülleler bilen garşy aldylar. Öňi
bilenem batalýonyň baýdak göterijisi öldürildi. Aýak astyna düşen baýdagy başga
bir soldat ýerden galdyrdy. Ýaňy bir ylgap ugrady welin, türkmenler onam atyp
öldürdiler. Şondan soň ýa-ha döwtalap tapylmady, ýa-da garabaşyna gaý bolup hiç
kimiň eli ýetmedi, garaz, baýdak eýesiz galdy. Maýor Şaufusyň:
– Zna-amýa!.. Rebýata, znamýa-a!.. – diýen howsalaly sesem hiç kimiň
gulagyna ilmedi. Ahyram onuň özi ylgap bardy-da, baýdagy eline aldy. Dabara
bilen ýokary galdyrdy. Birdenem ýapyryldy-da, baýdagyny pasyrdadyp öňe
ylgady. Bir demde diýen ýaly batalýonyň öňüne geçdi. Oňa çenlem türkmen
ýigitleri bilen aralyk golaýlady. Ýigitleriň atýan oklarynyň biri baryp maýoryň
döşünden girdi. Ol bir säginen ýaly etdi-de, ýene-de ýoluny dowam etdirdi.
Entirekledi. Baýdagy elinde saklajak bolup dyrjaşdy. Durup-durup ýene-de ýöredi.
Ahyram tapdan düşüp ýykyldy. Baýdak ýene-de ýere gaçdy.
Otrýadyň türkmenler bilen garjaşmagy netijesinde ýeňiş ýene-de ýigitleriň
tarapyna geçdi. Duşman ýene-de ýeňse berdi. Şirwanlylary görüp öňki gaçyp
barýan soldatlaram yzlaryna dönüpdiler. Emma soňky ýagdaý olary ýene-de öňki
ugurlary bilen gaçmana mejbur etdi.
Şeýle gaýduwsyzlyk görkezip gurban bolan komandirlerini şirwanlylar jeň
meýdanyndan alyp çykdylar.
190
Baýdak galdy. Oňa tekeler eýe çykdylar. Bu tutuş Merkezi Aziýa eden
basybalyjykly ýörişleriniň bütin dowamynda patyşalyk goşunyň ilkinji gezek öz
baýdagyny aldyryşydy.
Bary-ýogy on minuda golaý dowam eden şol çaknyşykda şirwan batalýony
komandirleri bilen iki ofiseri hasap etmäniňde, öz urşujylarynyň segsendenem
gowragyny ýitirdiler. Bu bolsa batalýonyň umumy sanynyň ýarysyndanam köp.
Türkmenleriň uly bolmadyk atly topary artilleriýa batereýasyna tarap hüjüm
etdi. Ýöne, grenaderler top okuna tutmak bilen olary birsyhly yza serpikdirdiler
durdular. Şonuň üçinem, galadan ep-esli bolup çykan türkmen atlylaryndan,
batareýanyň golaýyna barýançalar sanaýmalyjasy galdy. Muňa garamazdan
ýigitleriň birem yza dönmäne meýil etmedi. Gaýtam, her kim topçularyň ýanyna
barjak bolup jan etdi. Käbir gözsüz batyrlara-ha ajalyň üstünden ötüp, şol arzyly
ýere ýetmek başartdam. Ýöne, başda, pyýadalardan gaçyp baryp, indem demlerini
dürsemäne ýetişen soldatlaryň bir bölegi toplanyşyp geldiler-de, daşlaryna
aýlandylar we olaram okdan geçirdiler.
Şeýlelikde, artilleriýa hüjüm eden ýigitlerden birem gala dolanyp barmady.
Bu ýagdaý olary diwaryň üstünden synlap duran Berdimyrat hanyň
gazabyny joşdurdy. Duşmana göz görkezesi geldi. Şol niýet bilen sekiz ýüz atlyny
yzyna tirkäp galadan çykdy-da, toplaryň duran ýerine tarap, öňki atlylaryň giden
ugry bilen at goýdy. Tutuş bir batalýonyň we iki topuň öz üstlerine üznüksizlik
bilen ok ýagdyrýandyklaryna garamazdan olar batlaryny gowşatman ýollaryny
dowam etdirdiler. Toplara golaýlaşdyklarysaýam at üstünden agyp gaýdýanlaryň,
atlary bilen bilelikde tüwdürilip gidýänleriň, haltadan dökülýän jöwen däneleri deý
pytraşyp topraga garylýanlaryň sany artdy. Bularyň ykbalyna-da öňki atly toparyň
gününe düşmek howpy abandy. Hä diýmänem ýigitleriň sany ýüze, soň ellä geldi.
Iň soňky çykan «gümmürdi» bolsa ojagaz sanam ona golaýlatdy. Ana, şol on adam
hem kiçijik tüweleý kimin tozan turzup bardy-da, toplary işledip duran
artilleriýaçylaryň depesinde gylyçlaryny oýnadyşyp başladylar.
Depelerinden inýän ýalmawuz ýaly ýiti gylyçlaryň salýan ölüm howpy
birbada aljyradan hem bolsa, topçular basym özlerini ele aldylar we gylyçlaryny
syryşyp, naýzalaryny ülňeşip ýigitlere erjellik bilen garşylyk görkezdiler. Hä
diýmänem olara kömege gelýänleriň sany artdy. Türkmen ýigitleriniň ýagdaýy
ýaramazlaşdy. Berdimyrat hana agyr ýara düşdi. Ýigitler ony goraglap yza
çekildiler. Emma täzeden ýaňlanan top sesi olaryňam barysyny ýere ýazdy. Üçdört sany çalarak ýaralanan at ümdüzine tutdurdy. Ýöne, uzak gidibilmediler.
Töwerekden ylgaşlaşyp gelýän soldatlar olary oka tutdular. Altyn ýally bir mele at
bolsa snarýad ýarylandan «haýkyryp» çarpaýa galdy-da, «gürpüldäp» bir ýana
ýykyldy. Ak sekilli toýnaklaryny titredip aýaklaryny kakdy. Tutuş göwresi bilen
191
silkindi. Ýerinden turjak bolup birnäçe gezek dyzady. Urundy. Ahyram usurgap
ýanyny ýere berdi. Kellesini ýere goýdy. Burunlaryny ýellendirip: «par-par»
etdirdi. Bokurdagy harlady. Uzyn sary dişleriniň arasyndan syzyp çykýan ak
köpürjik gitdigisaýy ýellendi, çişdi, köpeldi, iki erninden akyp ýere döküldi.
Agdar-düňder bolup duran gözleriniň şöhlesi ýitendenem, birki ýola tisgindi-de jan
berdi.
Berdimyrat han aty bilen bilelikde ýykyldy. Artky sag aýagy harap bolan dor
at birdenkä zeper ýetiräýmezlik üçin ýörite edýän ýaly agynap eýesinden ep-esli
daşlaşdy. Tot-tozanyň batareýa tarapdandygyndan peýdalanyp, Berdimyrat han
telpegini eline aldy-da, gala tarap bulaýlady.
Hanyň diridigine gözi ýeten ýigitleriň täze bir tapgyry galadan çykyp
gaýtdy. Top we tüpeň oklaryna tutup, soldatlar olaryňam sanyny mazaly
seýrekletdiler. Berdimyrat hanyň duşman eline düşmek howpy döredi.
Edil şol wagtam gum tarapdan Berdimyrat han üçinem, orslar üçinem
garaşylmadyk ýagdaýda, otuz-kyrk sany atly peýda boldy. Toplarynyň nilleri
özlerine tarap öwrülip ýetişmänkä-de olar gylyçlaryny dalawladyşyp geldiler-de,
topçulary ýüzleriniň ugruna gylyçdan geçirdiler. Derrewem Berdimyrt hany bir boş
ata ataryp gala sary depdiler.
Soldatlar ilk-ä olara tarap ok atdylar. Birnäçesini atdan agdardylar,
birnäçesini bolsa ýaraladylar. Soňam yzyndan kowjak boldular. Emma ýigitler
Berdimyrat hany alyp barýan topary öňe goýberdiler-de, özleri yza dönüp olar
bilen urşa girdiler. Kem-kemdenem guma tarap çekildiler. Berdimyrat hany alyp
barýan toparyň sag-aman gala girenini görübem urşy bes etdiler-de, at başyny
guma tarap ymykly öwürdiler. Ilkinji gerişden aşyşlary ýalam gözýetimden asmana
tarap bir akja kepderi göterildi.
Berdimyrat hany äkiden atly toparam haýal etmän galadan çykdy we ak
kepderiniň oýnap ýören ugruna tarap rowana boldy.
Berdimyrat hanam Mämmetoraz tebibiň ýanyna eltdiler. Onuň halynyň
agyrdygyny görüp, Gurbanmyrat işan, Kerimberdi işan, Hanmämmet atalyk we
beýleki ekabyrlar gyssagara maslahatlaşyp, urşa ýolbaşçylyk etmekligi
Orazmämmet hanyň üstüne ýüklediler.
Gurbanmyrat işan Biribardan Berdimyrat hanyň sagalmagyny diläp doga
okady.
Duşmanyň ilkinji hüjüminiň yza serpikdirilmeginden gylaw alan
Orazmämmet han ajal oklaryny çep ganatdan sowurýan dag toplarynyň üstüne
hüjüm etmek barada buýruk berdi.
192
–Şolardan dynmasak bize gün ýok – diýip, ol maňlaý derini sag eliniň süýem
barmagy bilen sylyp, gyzgyn topraga joralandyryp durşuna aýtdy. – Bar güýji şol
tarapa gönükdiriň.
Şondan soň häliden bäri esasy güýji yza serpikdirip barýan ýigitler:
─ Alla-a!..
─ Alla-a!..
─ Ur-ha!.. – diýşip, ýüzlerini çepden atýan artilleriýaçylara tarap öwürdiler.
Yzly-yzyna edilýän hüjümlerden, esasy güýjüň bolsa bütin front boýunça
yza çekilip barşyndan howpurgan goşunbaşlygy çep ganatdaky toplaryň üstüne
hüjüme geçen türkmenleriň garşysyna dragunlaryň täze toparyny iberdi. Raketa
batereýasyna-da raketalaryny goýup, şolara goşulmaklygy buýurdy.
Türkmen ýigitlerine garanda sanlarynyň azdygyna garamazdan, at üstünde
bek oturan dragunlar öňe tarap örän batyrgaýlyk bilen topuldylar. Atlaryny ýüzün
salyp baryşlaryna ýigitleriň arasyna kürsäp girdiler. Ýöne, bular ýaly, «garjaşma»
gezek gelende özlerini edil, öýlerinde ýaly arkaýyn duýýan türkmen ýigitleri olary
egri gylyçlary, şeýle hem käbiriniň ujy gaňyrçakly, käbiriniňki göni çişli naýzalary
bilen atdan agdarmaga, ýeke-ýeke sançmaga başladylar.
Dragunlardan biri örän erjel söweşdi. Onuň ýigitleri bir ujundan gyra-ýapa
tutup barýanyny gören Garly gaýşak atyny debsiläp oňa golaý bardy. Çat
maňlaýyna geçdi. Batyr dragun onuň ýüz-keşbine geň galýan ýaly çalaja ýylgyrdy.
Onuň özüni başa-baş söweşe çagyrýandygyny aňandanam üzeňňä galaga-da,
gylyjyny aýlap saldy. Dogabitdi çaşylygy zerarly islendik zada tüňňi burnunyň
üstünden gyýalap garaýan hem bolsa Garly gaýşak söweş hünärlerini hiç kimden
kem bilenok. Batyrlykda, edermenlikde hiç kimden kem oturanok. Ol häzirem
eýmenmän dragunyň uran urgusyny özünden sowdy. Soň özi gylyç saldy. Emma
dragun ondan ökde çykdy. Ol bir tär bilen çalasyn hereket etdi-de, gylyjy bilen
Garly gaýşagyň ýüzüni edil etden et kesen ýaly sylyp aldy-da, bir gapdala üzüp
taşlady. Kellesi ýüzsüz galan göwre at üstünde oturybilmedi. Elindäki gylyjyny
birki ýola eýläk-beýläk ülňedi-de, usullyk bilen arkanlygyna gaýtdy, atyň syrty
üzre syrylyp aşak düşdi. Ahalyň iň bir gany gyzgyn batyr ýigitleriniň biri bolan
Garly gaýşak üçin Gökdepe söweşi tamam boldy.
Batyr draguny atdan agdarjak bolup beýleki ýigitlerem gaty kän dyrjaşdylar.
Emma edibilen zatlary bolmady. Ol öz üstüne edilýän hüjümlerden her gezek
ökdelik bilen sowuldy. Gylyjyny ussatlyk bilen işletdi.
Dragunlaryň başga biri kellesiniň gyzgynyna türkmenleriň has gür ýerine
aralaşdy. Ýüzüniň ugruna bir ýigidiň gylyçly goluny kesip taşlady, biriniň yzyndan
ýetip gylyjynyň ujuny iki kebzesiniň ortarasyndan sokdy, ýene biriniň çüwdesini
193
deşdi, gapyrgalaryny döwdi, başga biriniňem kellesini kesdi-de, ýere gaçmanka
garbap aldy we eli gany sarkyp duran gara kelleli sag-aman yzyna dolanyp bardy.
Ýöne, üstünlik entegem türkmenleriň tarapyndady. Soldatlat ädimme-ädim
yza süýşýärdiler. Egerde raketaçylar batereýasynyň urşujylary gelip ýetişmedik
bolsadylar, onda dragunlaryň birem aman sypmazdy. Emma, gapdaldan gelen
raketaçylaryň çalt hem uzaga atýan tüpeňlerinden çykýan oklar türkmen ýigitlerini
sansyz ýitgilere sezewar etdi. Şondan soň ýagdaýyň büs-bütin başga tarapa
öwrülmegine sebäp bolan esasy zadam, türkmenleriň üstünlik gazanan ýerlerinde
ölen we ýaralanan soldatlaryň tüpeňlerini, oklaryny, göze ýaramly beýleki
zatlaryny almaklyga güýmenip giň meýdana ýaýramaklary, arkaýynlaşmaklary,
şonuň netijesinde bütewi bir güýç bolup hereket etmek ukyplaryny ýitirmekleri
boldy. Mundan ors goşunynyň tejribeli komandirleri ussatlyk bilen peýdalandylar.
Goşunyň ähli ganatlaryna garşylyklaýyn hüjüme geçmek barada buýruk berdiler.
Rezerwdäki goşunlaryň iň soňkusyna çenli sürdüler. Netijede, türkmenler ýaňy bir
aňyrsy görnüp ugran ýeňişli ýoly taşlap, gala çekilmek bilen boldular.
Tüýs, Görogly begiň: «Dünýäň agyp dönmesi bir pursatlykdyr» diýeni
boldy. Ýap-ýaňyja-da duşmanyň söbügini sydyrdyp gelýän türkmenler indi ýeňse
berip gaçyp barýarlar, ýap-ýaňy tüwdürilip gaçyp barýan soldatlar bolsa indi
türkmenleri öňlerine salyp kowalap barýarlar. Ýöne, «garjaşma» ýol bermezlik
üçin, aralygy saklaýarlar, türkmenler dursalar durýarlar, gaçsalar yzlarysüre gala
girmek üçin kowgyny dowam etdirýärler, üstlerine topuljak bolsalaram edil çabga
ýagan deý gür oka tutup, derhal yzlaryna dolanmaga mejbur edýärdiler.
Ine-de olar sözanda-guýruk bolşup gala golaýladylar. Ýigitleriň ýüzgözlerini eňşedişip, duşmany yzlaryna tirkäp gelişlerini görmeklik, söweşi galanyň
daş ýüzünden synlap duranlar üçinem galanyň içinde, derwezäniň iç ýüzünde
dykyn alşyp duranlar üçinem kyýamat bilen ýüzbe-ýüz durmakdan enaýy bolmady.
Ýagdaý şol gidişine gitse, ýene-de sanluja minutdan öňürt-ä ýigitler yzlary bilenem
gylyçlaryny bulaýlaşyp, tüpeňlerini çoçjaşdyşyp gelýän soldatlar gala kürsäp
girmelidiler. Bu hyýaly surat içindäki, köpüsi aýal-ebtatlardan,çagalardan,
garrylardan ybarat mähelläniň ählisiniň aňynda, bir wagtyň özünde janlanan bolsa
gerek, olar edil öňden dilleşip goýan ýaly bir ýere toplandylar-da, ullakan janly
akyma öwrülip derwezäniň agzyna tarap yňdylar. Oňa çenlem ýigitleriň öň hatary
ala-tozan turzup galanyň derwezesine golaýlaşdylar.
Aýallaryň gykylygy asmana göterildi.
─ Waý, utançsyz bihaýalar! Nirä süssenekleşip gelýäňiz?
─ Haý, namartlar diýsänim!.
─ Waý, bigaýratlar!.
─ Näme, biziň etegimize bukuljak bolýaňyzmy?
194
─ Şolara ýal etjek bolsaňyz bizi bu ýere ýygnap nätjekdiňiz?
Özi ýaly bäş-üç ýaşuly bilen Diňlidepe tarapdan ýegdenekläp gelýän
Gönübek sazanda hem galanyň içinde yzanda-çuwan bolşup ýören aýal-gyzlara,
gojalara garap:
─ Adamlar! Zenanlar! Allany çagyryp, barymyz bilelikde gerçeklerimiziň
öňünden çykalyň! Olara kömek edeliň! Duşmany gala goýbermäliň! Ýa, Alla!.. Ýa
Perwerdigär-ä!.. – diýip, gyryljak sesiniň ýetdigine görä gygyrdy-da, galanyň
günbatar derwezesine tarap ylgaşlap ugrady. Galanyň bir ýerinde gyrmyldy bar
bolsa şol tarapa eňdi. Soňabaka olara çagalaram goşuldylar.
Ak öýüň kölegesinde, agyr halda ýatan atasyna bolup geçýän ähli wakalary
birin-birin gürrüň berip oturan Enehakyda hem köpçüligiň derwezä tarap yňanyny
görüp, «zöwwe» ýerinden galdy. Atasyny bimaza etmezlik üçin:
─ Ata, men häzir gelýän – diýdi-de, işiklerinde gazylan tümden çykan yzgar
guma sanjylgy laý kepjäni garbap alyp, gojalardyr-aýallaryň barýan tarapyna
ýöneldi. Ürken keýikler kimin bir çetde üşerilişip, näme etjeklerini bilmän duran,
elleri synnydyr-keserli gyzlaryň deňine barandanam azajyk sägindi-de:
─ Ýörüň, gyzlar, şolaryň eline düşenimizden-ä ölenimizem gowudyr – diýdi.
Gyzlar seslerini çykarman onuň yzyna düşdüler.
Çar tarapdan derwezä tarap yňyşyp gelýänleriň barysy birigip ägirt uly
tolkuna öwrüldiler we öňdenem derwezäniň agzyny alyp duran aýal-gyzlara,
gojalara goşuldylar. Gaçyp gelýän ýigitleriň biri öňündäkileriň üstaşyry olara
gygyrdy.
–Aýrylyň! Gaçyň! Aňryk gaçyň! Aňyrlygyna gidiň!..
Ýene birem:
–Siz nirä sokjarylyşyp gelýäňiz? Ýa ajalyňyza howlugýaňyzmyy-y!. – diýip,
gygyrdy. Başga-da ýumulyp-açylan agyz köp boldy, ýöne suwsapdyrlarmy,
nämemi, köpüsiniň sesi içinden çykmady.
Mähelle welin saklanmady. Saklanmadam, saklatmadam. Gaýtam
köpçüligiň içinden bir aýal maşgala gyňajyny başyndan sypyryp aldy-da, dyzaşyp
gelýän ýigitlere tarap zyňdy.
–Haý, bisyratlar! Nirä gaçýaňyz? Alyň, ondan-a meň gyňajymy başyňyza
oraýyň! Geliň, biziň arkamyzda bukulaýyň! Aýuw, gelinler, beriň şulara
gyňajyňyzy, goý, orslardan ýaşynsynlar!
Edil şol wagt gelip ýeten Gönübek sazandanyňam gyryljak sesi eşidildi.
─ Duruň! Duruň diýýän men size! Ol ýerde siziň aýallaryňyz, çagalaryňyz,
ata-enelerimiňiz bar ahyry! Olary duşmana berip ýaşaljak ömür siziň nämäňize
gerek!. – Ýigitler welin onuň bu sözüne batlarynam gowşatmadylar. Şondan soň
195
garry sazanda olary ýeke-ýekeden, eli bilen tutup saklajak boldy. – Aý, köşekler!
Beýtmäň! Gaçmaň! Duşmany gala goýberiň!
Ýigitleriň yz ýany bilen soldatlaryňam «güpürdeşip» gala girenini gören
Gönübek bu ýagdaýy doly ýeňliş hökmünde kabul etdi. Bu güni türkmençiligiň iň
soňky güni, bar zadyň gutardygy, ýurduň elden gitdigi hasap etdi. «Ah» çekip aşak
çökdi. Şol erewde-berewligiň arasynda iki dyzynam ýere urup, maňlaýyna
ýumruklady, içegeleri «şarta-şarta» ýolnup, ýüregi çat açan ýaly içinde elhenç bir
agyry peýda boldy. Ysgyny gaçdy. Damagy gurady. Şol oturşyna-da henizem
galanyň içine girjek bolup dyzaýan ýigitlere garap bir zatlar diýjek boldy. Emma
indi dili diýen etmedi. Içinden: «Häý, türkmen bagtyň ýatdy» diýmäne welin
ýetişdi. Gözleriniň öňünde bolsa namyslaryny basgylamak üçin türkmen
gyzlaryny, gelinlerini kowalaşyp ýören soldatlaryň bihaýa keşpleri peýda boldy.
Hakydanyň ýiterinden howpurgady. Dutary aýak astynda, kirişsiz, gulaksyz, iň
ýamanam sessiz, owazsyz göründi. Hemişe at üstünde boýunlary dik, başlaryny
belent tutup oturýan ýigitleriň gollary bukawly aýaklary gandally, boýunlary
kündeli, eginleri gysyk göründi.
Ol çök düşüp oturşyna dyzanaklap kybla öwrüldi. Gyssagara teýim etdi. «Ýa
Alla! Ýa, Hudaý! Şu boljak masgaraçylyklary maňa bir görkezme! Amanadyňy
al!..» diýip, pyşyrdady. Gözlerinden paýrap çykan ýaşyny gum bolan aýasy bilen
süpürip, maňlaýyny ýere goýdy. Şol goýuşam goýşy boldy. Gaýdyp galmady.
Dilegi kabul boldy. Amanat eýesine gowuşdy. Gören düýşi oraşan geldi.
Enehakydanyň ýorgudy çyn bolup çykdy. Ýöne, onuň bu düşen ahwalatyny hiç
kim aňmady. Çünki, ol wagt gana bulaşyp ýatan jeset, ýaradar adam bir ýa iki däl.
Geňem däl. Ol bir häki, bolaýmaly bir zat ýaly.
Ýöne, Gönübek azajyk howlukdy. Duşmanyn bir ujy derwezeden girenem
bolsa, gala giribilmedi. Daş-töwerege ýaýrap-ýaýramanka, derwezäniň öňünde
ýaý berip duran mähelle olaryň daşyna halkalaýyn aýlandy-da, derrewem gysyp
başlady. Galanyň dumly-duşundan sap-sap bolup gelýänleriň hasabyna halka has
galňady. Arka atdy. Duşmany ýigitler bilen bilelikde yza tarap leňňerledip ugrady.
Mahlasy, mähelleden ýaňa indi gala girere maý galmady. Giden bir meýdan
zynç. Edil, tikeç urlan ýaly. Tüýs, «alma atsaň ýere düşjek däl», diýleni. Gaçyp
gelýän ýigitler bilen kowup gelýän soldatlar soňabaka şeýle bir garjaşdylar welin,
gol boýna salşyp, biri-birleriniň ýüzlerine jüýjürilişip durlar. Uruşmakdan geçen
aýrylyşybilmän heläk. Mähelle bolsa gysyp alyp barýar. Ümzügem daşaryk.
Ahyram olaryň yhlasy ýerine düşdi. Soldatlaryň arka tarapy ýukalyp başlady.
Diýmek, gaçha-gaçlyk başlandy. Yzky hatary gowşan soldat öwrülip gaçmak bilen
boldy. Köpçülik bolsa henizem olary özüniňkiler bilen bilelikde gysyp gidip otyr.
196
Topsuz, tüpeňsiz, diňe gara güýjüňe bagly bolan tutluşykda her biri telim
duşmana taý gelibilýän, ozalam ölümden däl-de, okdan gaçyp, tutluşman ölmäni
özlerine namys bilip gelýän türkmen ýigitleri başlaryndan agyr masgaraçylygyň
sowlandygyna müňde bir şükür edip, täzeden döwüşe girdiler. Ellerinde hiç zady
bolmadyklaram penjelerini ýaýyp çagyrylmadyk duşmanlaryň üstlerine topuldylar,
hekirtmeklerinden, ýapyşdylar.
Dünýe ýene-de bir gezek agyp döndi. Pelek ýene-de bir gezek eýlesine
aýlandy. Bar zat ýene-de çepbesine çöwrüldi. Bir dem mundan öňem Ahalyň
buýsançly galasyna girmekligi höwesläp, ýigitleriň derçiräp duran ýasy
ýeňselerinden höwes bilen çüýleşip gelýän soldatlar şu günüň içinde indi ikinji
gezek yzlaryna gaçdylar. Häliden bäri ýeňselerinde ýaňlanyp, ýigitleriň bizarpeteňini çykaran «Ur-ra-a...» sesleri indi düýbünden ýatdy-da, diňe: «Alla-a!..
«Alla-a!.. diýýän sesler eşidildi. Oňa çenli öz saplaryndaky duşmanlary yza
serpikdiren Orazmämmet han, Gulbatyr serdar, Hanmämmet atalak dagam at
segredip ýetip geldiler. Olar bilen bile gelen ýigitlerler bolsa, gaçyp barýan
duşmanyň gapdalyndan hüjüm etdiler. Orazmämmet han eýeriň üstünde oturan
ýerinden gylyjyny bulaýlap:
–Uruň, ýigitler! Alla bizdendir! – diýip, ýigitleri urşa ruhlandyrdy. Aýalebtatlara, çagalara, garrylara yza dolanmagy, gala girmekligi buýurdy.
Garrylar ýerine ýetirselerem onuň o diýenine hut öz göreldeleriniň
netijesinde ýüz beren ýeňşiň höwesinden ruhlanan ýaş gelinler, gyzlar, aýallar
gulak asmadylar. Asla asmagam islemediler. Olar indi özleriniňem ýigitler bilen
bir hatarda durup urşup biljekdiklerini, ýeňşe-de şolar bilen deň-derejede öz
goşantlaryny goşup biljekdiklerini bildiler. Şonuň üçinem, gulak asmag-a däl,
gaýtam şol buýrugy berendigi, «Gyzlar, gelinler! Gaýrat ediň! Sizem biziň bir
golumyzsyňyz! Uruň duşmanlary tä, ýurtdan çykyp gidýänçäler!» diýmändigi üçin
Orazmämmet handan gaty gördüler.
Edil şol wagtam diwaryň üstünde Gurbanmyrat işan peýda boldy we batly
ses bilen Kuran okamaga durdy. Soň oňa Kerimberdi işanam goşuldy.
Howwa, üstünlik şeýdip ýene-de türkmenleriň tarapyna geçdi. Urşuň
hereketem, söweşiň ugram, manysam üýtgemedi. Soldatlar bu gezek öňküleri ýaly
gaça uruşam etmediler-de, duran tutular, gaçan gutular» edip, sözanda-guýruk
bolşup gaçdylar.
Çepekli aýagy gan-gabarçak bolan Aleksandr Iwaşow hem şol gaçýanlaryň
arasynda. O-da ýoldaşlary ýaly şu ýoly indi şu günüň içinde ikinji gezek geçýär.
Hudaý halap ol heniize çenli hatda gyltyzragam ýaralanmady. Ýöne, özüniň atyp
öldüreni, ýaralany näçe, o-da belli däl. Dagy näme? Bir mäşäni gysyp goýbereňsoň
baryp kime degdi, kimi ýaralady, ol ok gelip saňa hasabat berenok. Nyşana bolsa
197
ýer gurtlan ýaly. Atyp bilseň sowa geçjek gümany ýok. Galanyň içinde we daşynda
münder-münder bolup ýatan maslyklar muňa şaýat. Iwaşowam tekeleri öldürmäge
döwtalap bolmasa-da, tüpeňini asmana-ha ataýanok. Oňa onuň hakam ýok. sebäbi
ol soldat. Ak patyşanyň hemişelik hereket edýän goşunynyň hatardaky esgeri. Ol
buýruga boýun bolaýmaly. Buýrugy ýerine ýetiräýmeli. Ýukaýüreklilige bolsa
uruşda rugsat berilmeýär, ýukaýürekliler halanmaýar. Üstesine bu wagt onuň
ýoldaky ýaly pikir öwürmäge, ölçerip dökmäge wagtam ýok. Galyberse-de
maňlaýyňa tüpeň çenäp duran ýa gylyjyny depäýden inderip gelýän adama: «Dur,
gardaş, düşünişeli şular bilen gelenem bolsam meniň niýetim erbet däl», diýip
bolanok. Diýäýeniňde-de diňlenmejekdigi görnüp dur. Asla ol akly ýerindäki
adamyň şol ýagdaýda aýtjak sözem däl. O wagt her kim öz janyny gutarmaly.
Komandir tarapyndan: «Ine, duşman şu, şuny ýok etmeli», diýlip buýruk berildimi
ataýmaly. Öldüraýmeli. Şony etmeseň sen gorkak. Dönük! Satlyk! Ýedi puştuňa
çenli ysnat getiren adam. Onda seni özüňkileriň tama söýäp ataýmaklaram, harby
tribunala tabşyraýmaklaram mümkin.
Ýykylyp-sürşüp, kä ýerde omadaklap barýan Iwaşow ed-dil çüwdesine
degen güýçli urgudan ýaňa sakga-saklandy-da, dim-dik boldy. Soňam diň-gögüne
garap yzyna öwrüldi. Ellerini serip howany sermeledi. Öz öňünde eli gitara meňzeş
bir zatly galgap duran gara göwräni saýgarjak bolup gözlerini petreýdi. Ýöne, ýüzi
kessir degen ikinji urgy oňa ol garanyň özüniňem, onuň elindäki guralyňam
nämedigini, kimdigini seljermäge maý bermedi. Az mahal yraň atyp duransoň ol
ullakan mawy gözlerini çaşardyp, aşak çökdi, hurmaýy gyzyl saçlary buýr-bulaşyk,
ýarysy gana boýalan ullakan kellesini öňünde elilaý kepjeli duran sarymeňiz,
owadan gyzyň gyrmyzy köwüşli aýaklarynyň arasyna goýdy.
Enehakyda onuň üstünden ätläp geçdi-de, elindäki kepjesini duşundan
höküdikläp barýan başga bir soldatyň ýagyrnysyndan indermek üçin ýokary
göterdi. Şol wagtam beýleräkde ýatan bir ýaraly soldat oňa tüpeňini gezedi. Emma
atyp ýetişmedi. Gala tarapdan alakjap gelýän ak köýneklije, başy köneje tahýaly,
on-on iki ýaşlaryndaky oglanjyk özüni onuň üstüne zyňdy. Elindäki sapy döwük
posly demreni ýokary göterdi. Birdenem ýaralynyň ysgyndan gidip, tüpeňini ýere
gaçyranyny gördi-de, demreni taşlap şoňa ýapyşdy. Nädip ulanjagyny bilmän
eýlesine-beýlesine seredip durka-da, geçip barýan ýigitleriň biri: «Getir bärik»
diýip, elinden kakyp aldy-da, öz ugruna gidiberdi.
Oglanjyk ýene-de öňküje gök demrene ýapyşdy. Ýene-de ýarala çenendi.
Emma ýaragsyz galan, üstesine-de ysgyndan giden ýarala tyg çekmäge dözmedi.
Şol wagtam onuň üstüne kölege düşdi. Seretse, nätanyş eşikli äpet bir göwre
abanyp gelýär. Ullakan gyzyl ýüz, pişigiňki ýaly, tegelek mawy göz, sallanyşyp
duran sary murt, şol murtuň aşagyndaky jaýryk-jaýryk çal dodak, maşşyk burun
198
oglanjygyň gözüne iňňän gorkunç bolup göründi. Onuň ýene bir görüp ýetişen
zady gök dyrnakly barmaklaryny öz bokurdagyna tarap ýaýyp gelýän goşa penje.
Oglanjyk şol wagt şol penjäniň arka ýüzündäki sary gyllaryň düýbünde
bulduraşypjyk duran der damjalaryna çenli gördi. Ol göwräniň ýüz-gözüniňem,
elleriniňem öz obasynyň adamlarynyňka meňzemeýändigi üçin ol gyssagara: «Beh,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýere gaçan ýyldyzlar - 18
  • Parts
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 01
    Total number of words is 3553
    Total number of unique words is 2010
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 02
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2235
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 03
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2251
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 04
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2035
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 05
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 2240
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 06
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2074
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 07
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2300
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 08
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2079
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 09
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2182
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 10
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2186
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 11
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2086
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 12
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2156
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 13
    Total number of words is 3614
    Total number of unique words is 2180
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 14
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2068
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 15
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2124
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 16
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 2185
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 17
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2081
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 18
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2137
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 19
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2131
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 20
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2275
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 21
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2183
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 22
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2217
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 23
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2219
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 24
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2229
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 25
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 26
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 2253
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 27
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 28
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 29
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2145
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 30
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2061
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 31
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2165
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 32
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2092
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 33
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2078
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 34
    Total number of words is 3624
    Total number of unique words is 2126
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 35
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2120
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 36
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2121
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 37
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2084
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 38
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1980
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 39
    Total number of words is 3783
    Total number of unique words is 2052
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 40
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 41
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2134
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 42
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2129
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 43
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2061
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 44
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2153
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 45
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2197
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 46
    Total number of words is 2158
    Total number of unique words is 1428
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.