Latin

Ýere gaçan ýyldyzlar - 05

Total number of words is 3730
Total number of unique words is 2240
32.0 of words are in the 2000 most common words
46.3 of words are in the 5000 most common words
53.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gelibem bilmezdiler. Özleri bilen deň derejeli döwlet hökmünde gepleşikler
geçirerdiler. Hindistana Owaganystana gidip söwda edesleri gelýän bolsa adam
46
şekilli rugsat sorardylar. Haýyş bilen resmi suratda ýüz tutardylar. Iňlisleriň
gelerinden gorkýan bolsalar, onda olaryň garşysyna özümiz bilen bilelikde
göreşmekligiň çärelerini agtarardylar. Emma olar beýdenoklar. Sebäbi ýurduň
döwlet däldigini, halkyň harby taýdan ejizdigini, üstesine-de agzybir däldigiklerini
bilýärler. Öňlerinden taýaklaryny galgadyşyp çykjak bäş sany tekäniň aňyrsynda
ähli türkmen taýpalarynyň döş direşip durmajakdyklaryna düşünýäler. Iň bärkisi
ine, Mary bilen bir hanlyk bolup oturansyň welin, ertir şondan näçeräk mukdarda
goşun geljekdigini aýdybiljegiňiz ýokdur. Baş-başdaklyk, dagynylyk zerarly
ýomutlaryň nä günlere düşendiginem bilýäňiz, bir çeti Hywada, bir çeti Eýranda.
Biri-birinden habary ýok. Salyr bilen sarygyňam hersi bir derede enäp-tenäp ýör.
Ärsarylar Buhara emirliginiň penjesinden sypyp bilenok. Şoň üçinem, bir zady bek
belläň: Şu, öňümizde duran uruş ors-türkmen urşy däl-de, ors-teke urşudyr. Has
takygy ahalteke urşudyr. Teke bolsa ýekedir. Diýmek, bu uruş bir güýçli pälwan
bilen on iki synasy düzüw däl adamyň gurjak bolýan darkaşy. – Orazmämmet han
kükregini dolduryp uludan demini aldy-da, ellerini ýaýdy. – Ine, meniň-ä aýtjak
zadym şulardan ybarat, adamlar.
Ýene-de birmeýdan dymyşlyk boldy. Berdimyrat han: «Başga-da söz
sözlejek bamy» diýen manyda oturanlaryň ýüzüne ýeke-ýeke garap çykdy. Nazary
ýaş batyrlaryň oturan böwrüne düşendenem Garabatyr söz sorady.
Adyna görä özem garaýagyz, eginlek, çeýeden gelen daýaw göwreli, yhlas
bilen gyrdalandygy sebäpli çürüje eňeginiň sakgal ýeri göm-gök bolup duran,
ortasy açyk inçejik murty edil galam bilen çyzylan ýaly nepis, ullakan ala gözleri
jalahlap duran bu ýigidi ýaş batyrlar öz serdarlary hasap edýärler. Şonuň üçinem,
ol geplemäne hyýallanandan gapdalyndakylaryň barysy birden leňňer atyşdylar.
«Bir, çöp döwlen ýaly etsene» diýen manyda ýumruklaryny düwmek bilen oňa
yşarat etdiler, gaýra-gaýra gaýşyşyp, ýüzüne buýsançly seredişdiler.
mi, ganam dökeris – diýip, Garabatyr çürtkesik gepledi. – Jepasyny çekdikmi, wepasynam görkezeris. – Ol Berdimyrat hana
tarap tutuş göwresi bilen ümzük atdy. – Han! Sen öz egindeşleriňe aýt! Goý, olar
ýaga boýun sunmak, raýat bolmak barada pikirem etmesinler. Ol gürrüňlerini
goýsunlar. Siz bizi Gazawat urşy bilen gorkuzjak bolýaňyzmy, emma honha, raýat
bolup orslardan hazarýaka ýomutlary näme gördi? Olar indi düşen ýagdaýlaryndan
nädip synjaklaryny bilmän gan eňreşip ýörler. Düýelerini degerli bahadan alan
bolup, başda olaram özlerine imrikdirdiler, soňundan bolsa müňläp-müňläp
düýelerini ellerinden zor bilen aldylar. Gaňryp aldylar. Mugt aldylar. Ýa-da ine,
geçen ýylky Hojagalany ýykan-ýumran, ilinem zir-zowran edişlerini ýadyňyza
salyň. Hojagalanyň hojalary näme, olaryň bakjasyna girip zamçalaryny
ogurlapmydy? Ýa-da ine, Japarbaý ýomutlarynyň hany Kyýat hanyň ykbalyny alyp
47
göreliň. O bende otuz ýyllap orslardan raýatlyk sorap gezdi. Almadylar. Ahtyram
Tiflisiň zyndanynda gözleri kör bolup dünýäden ötdi. Ogly Ýagşymämmet bolsa
Orsyýediň Woronež diýen şäherinde tussaglykda çüýredi. Sebäbi, Türkistana aýak
basan günlerinden başlap olaryň jyny türkmenlerde düşdi. Her zat etmeli welin öňi
bilen şulardan dynmaly, şularyň gözleriniň oduny almaly diýen düşünjä geldi.
Çünki, türkmenlerden başga hiç kimden garaw görmejekdiklerini aňdylar. Muňa
olar Buharany alanlarynda-da, Hywany alanlarynda-da göz ýetirdiler. Ikisinde-de
olara esasan, şol ýeriň türkmenleri garşylyk görkezdiler. Türkmenler bolsa köp.
Aýry-aýram bolsa, dagynygam bolsa köp. Türkmenden ýaňa çölüň içine edil gurt
düşen ýaly. Bu bolsa olara ýakanok. Şonuň üçinem, olar indi seni raýat bolsaňam
gyrarlar, bolmasaňam gyrarlar. Hemmäňi uçdantutma gyrmasalaram köpüňizi
gyrarlar. Iň bolmanda gözüňi gorkuzmak üçin, ruhuňy öldürmek üçin şeýderler.
Şeýdere bahana-da taparlar. Gazawatly ýomutlaram salgyt bahanasy bolmadyk
bolaýanda-da başga bir bahana bilen gyrardylar – Garabatyr gaýşarylybraga-da
Orazmämmet hana tarap seretdi. – Güýjümiziň deň däldigine, ok-ýarag
srrenjamlarymyzyň olaryňkydan kän pesdigine biziňem gözümiz ýetmän duranok,
han aga. Ýeňiläýmegimiziň ahmaldygynam aňýas. Ýöne, biziňem olardan
artykmaç taraplarymyz bar, o-da hupbulwatanlygymyz. Biz öz topragymyzyň
üstünde durus. Ýüreklerimiz ýolsa Watan, ar-namys diýip urýa... şonuň üçinem,
ölmeli bolaýanlygymyzda-da, biz şolara ana, şony görkezip. Gurt oýnuny görkezip
öljek. Gurban ediljek goýun ýaly gassabyň öňünde sessiz-üýnsiz güýlünip ýatjak
däl-de, gurt ýaly göreşip öljek. Bu çölüň boş däldigini, türkmeniň öňýetene özüni
basgyladyp ýören halk däldigini subut edip öljek. Şu topragy orslara göreşsiz
bermändigimizi indiki nesilllerimiziň bilmegi üçin göreşip, uruşyp, söweşip öljek.
Gara batyra golaý ýerde on dokuz ýaşlaryndaky, ezýaka ak köýnegiň
üstünden gyrmyzy don geýnen, gök tirme guşakly, gara ädikli, buýralary seçelenip
duran päkize ak telpekli, akýagyz, dodaklarynyň üstündäki ýumşajyk hem seýrek
murty timarlanan, görmegeý ýigit otyrdy. Ol her gezek ara maý düşende söz aljak
bolup çemeleşýärdi-de ýene-de gezek ýetmän galýardy. Ýöne, Garabatyr şu ýere
ýetende welin ol durup bilmedi. Hatda sözem soramady-da, Garabatyryň egnine
elini goýup:
plediň, Garabatyr. Ýöne bir soragym
bar – diýdi.
Garabatyr ýigidiň ýüzüne söýünçli garady.
ýeňilseňem olaryň bar tamakin zatlary: sadaka, aýat, gurhan. Egerde ýeňsek, onda
48
diri galanlaryňkam düşnükli. Ölüsine aýat okadyp, ýeňiş toýuny toýlabermeli.
Ýöne, egerde ýeňilsek, özümizem ölmän galsak, şonda nätmeli bor.
Garabatyryň jogaby nagt boldy.
-ä ýa alaryn ýa ölerin. Egerde
ýeňilsek bir sebäp bilenem diri galsam, onda tä ölinçäm söweşi dowam erdirerin.
Ýeňlenimi boýnuma alman.
Duşmanyň hyzmatyny etmen. Gullugynda durman. Arkamy Garaguma
dirärin-de men diýen ýigitlerim bilen bilelikde gaça urşa başlaryn. Ýoldaşsyz
galsam ýeke özüm urşaryn.
Ruhy batyr Garabatyryň egninden elini aýyrdy.
hormatly
adamlaryň pikirlerine-de düşünmän duramok diýip, Garabatyr sözüni dowam
etdirdi. – Olary gorkakdyr ýa namartdyram öýdemok. Beýle adamlar däldiklerini
olar öz ömürleri bilen subut etdiler. Bize görelde görkezdiler. Käbir gyzma
adamlaryň aýdyşlary ýaly dönükdirler ýa satlykdyrlar diýen düşünjedenem daşda.
Olaryň iki zyýanyň has bähbitlirägini saýlap aljak bolýandyklaryna-da düşünip
durun. Ýöne, biziňem öz pikirimiz bar. Onam ýaňy aýtdym. Biz şol ýoly saýlap
aldyk. Kynam bolsa aldyk, aňsadam bolsa aldyk. Siz unasaňyzam aldyk, biz şo
ýoly unamasaňyzam aldyk. Onsoňam biz ýeke däl. Bizi goldaýanlar kän. Şonuň
üçinem meniň pikirimçe uruş bolar.
Berdimyrat han Gara batyra tarap gyýalap garady.
Han hälki owadan geýimli, görmegeý ýigide tarap ýapyryldy.
aýdaýyn bäş-üç agyz söz.
– diýip, Ruhy batyr görmegeý
keşbine gelşip duran sypaýyçylyk bilen söze başlady. – Biz şolar bilen öz
maslahatymyzy etdik. Netijesinem size aýdýas. Biz ýurdy goramaklygyň
tarapynda. Duşmanyň ýurda goýberilmegine biz garşy. Ýap-ýaňyja Garabatyryň
aýdyşy ýaly, güýjümiz asgyn gelip ýeňiläýen ýagdaýmyzda-da biz duşmana boýun
bolmarys. Gaça uruşlar bilen göreşi dowam etdireris. Ýaňy şol soragy Garabatyra
berenimem şonuň üçin. Özümiz ýaly şol pikire gelenler başga-da barmy ýa ýokmy,
bileli, diýdik. Bildigem. Şu meselede biz Garabatyr bilen pikirdeş bolup çykdyk.
Bu ýerde bolsa näme üçindir şol meselä garalmaýar... – Ruhy batyr sesini kesdi-de,
49
jogaba garaşýan terzde märekä göz aýlady. Bu soragyň jogabyny eýýäm beren
Garabatyr-a arkaýyn, murtuny sypalady oturdy. Onuň ýigitlerem özlerini juda
arkaýyn duýdular. Ýöne, ine, han-begler, dini hadymlar üçin welin bu soragyň
garaşylmadyk hem iňňän kyn bolandygy bildirdi. Olar hatda biri-birleriniňem
ýüzlerine-de seredibilmän, aşak bakyp ellerini owkalaşdylar oturdylar. Ruhy batyr
bu ýagdaýdan özüçe many çykardy. – Düşnükli... – diýip, ol täzeden söze başlady.
– Diýmek, bu mesele maslahata goýulmandyr. Emma haýp! Goýulmaly ekeni.
Çünki, esasy zat şol. Gelen gün-ä öňünden ýaragly çykan bolup, gylla ýaryňy
gyrdyryp ýeňileniňden soňam onuň gullugynda durjak bolsaň, onda dogrudanam
şumatdan ylalaşyga geleniň ýagşy. Iň bolmanda birtopar adamyň janyn-a halas
ederdiňiz. Häzirem bolsa bir pille, kimde şeýle hyýal bar bolsa, baýdak götersin-de
duşman bilen ýaraşyga çykybersin. Uruşly tarapyny biz Garabatyr ikimiz oňararys.
Her kim başarjak zadyna ýapyşsa ýagşy.
– diýip, Garabatyr hyjuwly dillendi.
Ýigitlerine ýüzlendi: - Oňararys gerek?
egi şol!
Ruhy batyryň ýigitleriniňki bolsa gerek, şolar ýaly makullaýjy sesler
daşardanam eşidildi.
len siziň galaly meseläňize-de garşy –
diýip, ýigitleriň sesi birneme kiparlandan soň Ruhy batyr buýsanç bilen aýtdy. –
Kim girse-de biz oňa girmeýäs.
Häliden bäri: «Tüweleme ýaşlar zor. Hyjuwly. Görýäňmi ediberişlerini»,
diýip, Kerimberdi işanyň gulagyna öwran-öwran pyşyrdap oturan Gurbanmyrat
işanyň ýüzi birdenkä üýtgedi. Gözleri ulaldy.
, işan aga.
Gurbanmyrat işan tirseklerini iki dyzyna goýup, Ruhy batyra tarap
ýapyryldy.
-ä borsuňyz gala.
Gurbanmyrat işan Garabatyra ýüzlendi.
50
Garabatyr başardygyndan parahat gürlemäne çalyşdy.
-a menem Ruhy batyryň aýdanyny goldaýan, işan aga. Bu teklibi
Orazmämmet hanam aýtdy. Özem juda jaýdar aýtdy. Maşgalalarymyzy Mara,
Tejene ugradyp, özümiz gaça uruş edeliň, diýdi. Ýöne, näme üçindir siziň köpüňiz
gala girmekligi ündeýäňiz. Şonuň üçinem, egerde köpçülik şo tarapa ýykgyn etse,
men gala girerin. Menem gierin, ýigitlerimem girer. Çünki, Ruhy Batyryňky ýaly
erkinlik mende ýok. Men tutuş, atly goşuna jogap berýän.
- diýip, Ruhy batyr
täzeden söze goşuldy. – Taryha belet kişiler bilýändirler, sorasaňyz muny Hakyda
molla hem tekrarkap biler, ýagny, henize bu güne çenli galasynda bukulyp ýagyny
gaýtaran halk ýok. Gala girmek ejizligiň ejizligiňi boýnuňa almaklygyň alamaty.
Sebäbi, galadakynyň güzerany azyk-suwlugy gutarýançadyr. Ajygan, suwsan güni
çykar, «aman» sorap, iki elinem göteräge-de. Daşyndakynyň welin, azyksuwlugam, ok-ýaragam geler durar yzyndan. Sebäbi onuň arkas-a açyk meýdan
aňyrsynda bolsa dag ýaly döwlet dur. Şonuň üçinem, biz gala girmekligi hiç kimede maslahat bermeýäris... –Ruhy batyr uludan demini aldy. – Men aýdyp boldum,
adamlar.
– diýende, Gurbanmyrat işanyň sesi gyryljak
çykdy. – Maslahat karar etse-de girmezmiň gala?
a. Sebäbi, ýaňky aýdyşym ýaly, ýurt gala girip
goralmaýar. Ýaraga, serenjama daýanyp goralýa. Biziň galamyz Garagum. Şol gala
ata-babalarymyzy gorandyr, bizem gorar...
Gurbanmyrat işan henize çenli Ruhy batyry ýakyndan görmedik borly,
«ziňk» edip, Kerimberdi işanyň ýüzüne bakdy.
-äý bi?
-ä Guşly batyr diýsene... Häý, galtaman diýsänim.
... 1858-nji ýylda bolup geçen Garrygala urşundan bir ýyl soň ýüz beren
meşhur Nyýazdepe gyrgynçylygynda hossarlygyny ýitirip ýetim galan Ruhy batyra
Gurbanmyrat işanyň «galtaman» diňmeginiň özüne ýetik sebäbi bar.
Ýaşlygynda bolup geçen şol wakany ol ýyllar geçse-de unudyp bilenok.
Ýatladygam, edil şu günki ýaly ýeke-ýeke gözüniň öňünden geçip dur...
...Şol günem ol hemişekisi ýaly dosty Durdy sakaw dagy bilen tä sütüni
süýnýänçü kepderi oýnapdy. Agşam öýlerine gelip kakasydyr – ejesi bilen degişip,
gülüşip çaý içipdi. Şol iki mähriban adamyň gürrüňlerine diň salybam uka gidipdi.
Sag-aman ýatyp tursa, ol ertirem Durdy bilen kepderi oýnamalydy.
51
...Gijäniň bir mahallary gopan goh-galmagal, tüpeň sesleri gylyçlaryň
«jarkyldysy» ýeke bir süýji ukuda ýatan Ruhyny däl, bütin obany örüzdi. Güýzüň
çigrekli gijesidigine garamazdan, aýal-erkek, oglan-uşak, barysy aýak-ýalaň, baş
açyk ylgap daş çykdy. Birbada nämäniň-nämedigini bilmezden iki ýana
elewreşdiler. Çagalar çykylyklaşdylar, aýllar gykylyklaşdylar. Ruhy hem
goltugyna bäbegini alyp daşaryk ylgan ejesi Nargüliň eteginden aslyşyp şol haýsy
tarapa ylgasa kelte tirkelen ýaly ylgady ýördi. Nargüliň üç gün mundan öň
Gökdepeden myhmançylyga gelen jigisi Gyzylgülem aýy-güni ýetik garnyny
gujaklap agyr ädimler bilen olaryň yzyna düşdi. Tärimden asylgy duran tüpeňini
kakyp alyp, özlerindenem öň bosagadan böküp çykan kakasy:
yň! – diýenden hemmesi bilelikde sürlenişip
yzlaryna girdiler.
Şol wagtam gara öýüň gapdalyndan ylgaşlap barýan biriniň:
–diýen
howsalaly sesi eşidildi.
Nargül Ruhyny ýatdan çykaran ýaly elindäki çagany bir sallançaga saldy, bir
çykardy, bir bagryna basyp gapa tarap ylgady, soň ýene-de yzyna döndi. Birdenem
eli bilen tärimden aslyşyp, bir eli bilenem garnyny penjeläp duran jigisine gözi
düşdi. Onuň eýýäm biynjalyk bolup ugranyny aňandanam, çagasyny sallançaga
saldy-da:
–diýip, oňa tarap topuldy. Şol
wagtam adamsynyň «tark-turklaryň», «park-purklaryň» arasy bilen:
-da, Nyýazdepä tarap
gaçyň! – diýen sesi gulagyna geldi. Ol Gyzylgüliň golundan tutup süýrekläp
ugrady.
– Nargül ýüzugra sallançakdaky çagasyny garbap
aldy. Goltugyna gysdy. Oňa çenli goh-galmagal hasam golaýlaşdy. Nargül
Ruhynyňam öz yzynda elewräp ýörenini diňe şondan soň bilip galdy. – Ýör oglum,
Nyýazdepä gideli!..
Entek öýden çykmankalar kimdir biri «ah»çekdi-de, gapynyň daş ýüzüni
dyrmalap aşak çökdi. Onuň badyna gapy çalarak açyldy. Işigiň iç ýüzündäki eňsini
şemal göterdi. Saçy ýaňyja syrylan kelle bosagadan içerik gülçüldäp gaýtdy. Kellä
sähelçe ilişip duran göwre-de onuň yzy bilen gaýtdy. Ol tisginýärdi. Henizem sag
elinde saklap ýatan gylyjyny ülňejek bolup biderek azara galýardy.
Muny görüp Ruhynyň gözleri hanasyndan çykara geldi. Dili tutuldy.
Allaniçiksi bolup ejesiniň ýüzüne seretdi. Gözünden welin ýekeje damjada
çykmady.
52
-la bi – diýip, çagasyny ýene-de «hasyr-husur» sallançaga
salaga-da – özüni indi bütinleý hereketsiz galan jesediň üstüne zyňan ejesiniň
çirkin sesi bolsa onuň galanja deramatynam aldy.
Oňa çenlem meýdiň üstünden ätmerläp üç sany gajar öýüň içine döküldi.
Olaryň biri adamsyny bagyrtlap ýatan Nargüliň ýeňsesinden penjeläp galdyrdy-da,
sürrekläp dula geçirdi. Ýene biri henizem tärime ýapyşyp duran Gyzylgüle
topuldy. Gelin tärime gysdyrylgy duran dokma keserini garbap aldy-da ullakan ala
gözlerini boýnundaky gymmat bahaly şaý-seplerine dikip gelýän pişge murt,
durşuna tüý bolup duran gajaryň damarlak boýnundan gyýaladybraga-da okardan
aşaklygyna tarap syhap goýberdi. Diýseň naýynjar halda duran, näzik bedenli,
ejizje naçardan beýle garşylyga garaşmadyk gajar, henizem gözlerini gelniň
boýnundan aýrybilmän, ellerini uzadyp durşuna «hyrk-hyrk» etdi-de,
sermagallakdan gaýtdy.
Bu ýagdaý ikinji gajaryň huşuny başyndan göçürdi. Ol derhal gylyjyny
syryp Gyzylgüliň üstüne topuldy. Nargül özi bilen hasanaklaşyp ýören gajaryň
elinden sypdy-da, Gyzylgüliň öňüne howala boldy. Gollaryny gerdi.
Emma sowuk tygyň ujy eýýäm Gyzylgüliň gyzgyn garnyna giripdi. Gajar
gylyjynyň ujyny hasam aňyrrak iterdi. Towlady. Zarp bilen yza çekdi. Gylyç bilen
bilelikde aýy-gýni ýetik çaga-da birgiden gan gatyşykly suwuklyk bilen bilelikde
patlap ýere gaçdy.
Gyzylgül oňa seredip:
– diýdi-de, özem şalkyldap şonuň üstüne ýykyldy.
Nargül ylgap baryp ojagyň başynda duran mis kündügi eline aldy-da, ýaňky
gajaryň depesinden inderdi. Ýöne, kündük nyşananyň golaýyndanam barmady.
Gajaryň çignine gyltyzrak kakdy-da, hiç hili zeper ýetiribilmän, «taňkyldap» ýere
düşdi. Gajar bärsine öwrülip gorkunç bir syrtaryldy-da, Nargüli nazarlap gylyjyny
dik ýokary göterdi. Nargül şol ikiortada häliden bäri tärime gysmyljyrap, doňan
ýaly bolup durAN Ruhynyň egninden tutaga-da, südenekledip gapynyň ýanyna
eltmäge, eňsini serpip, ony işikden çykarmaga ýetişdi.
ňem durman gaç. Yzyňa garaman
gaç! – diýibem, äriniň heniz sowabam ýetişmedik jesediniň üstüne egildi. Onuň
gapdalynda ýatan gylyjyny garbap alyp yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýalam üstüne
abanyp gelýän gajaryň ýazzy maňlaýyndan saldy. Ullakan, burunlak, gap-gara ýüz
darka ikä bölündi. Ýöne, arkadan hasanaklap gelen üçünji gajaryň gylyjy Nargüliň
iki kebzesiniň arasyndan girdi-de, göwreden parran geçip, döşünden çykdy. Gylyç
arkadan girenem bolsa, Nargül näme üçindir kellesinde erbet agyry duýdy. Edil,
süýr depesinden biri daş bilen uran ýaly beýnisi gurşup barýar. Gitdigiçe-de
53
agralýar. Öýüň içem agdar-düňder. Gana boýalan Gyzylgülem ýatan ýerinde «pyrpyr» aýlanýar. Tärimem, uklaram, tüýnügem, hatda onuň aňyrsyndan görünýän
ýyldyzlaram aýlanýar. Asyl jümle-jahan hereketde. Kem-kemdenem garalyp gidip
barýar. Şonuň üçinem, ol gajaryň öz bedeninden «şowurdadyp» sogrup alan
gylyjyny baryp sallançakda ýatan bäbejiginiň üstünden inderenini görmedi.
Gylyç welin çagany sallançagy bilen bilelikde iki bölüp taşlady. Bäbek
düýäniň üstünden oklanan iki bölek et ýaly «pat-pat» edip honda düşdi.
Bu elhenç suraty Nargül görmese-de, söýerlerini taşlap Näzdepä gidibilmän
öýüň daşynda köwejekläp, tärimleriň arasyndan jyklap duran Ruhy gördi. Ejesiniň
bir ýerde, daýzasynyň bir ýerde, kakasynyň ýene bir ýerde gana bulaşyp ýatyşy, iki
bölünen jigisiniň ýokarky bölegindäki akja eljagazlarynyň hamala özi bilen
hoşlaşýan ýaly galgapjyk durşy onuň ýaş beýnisine ömürlik ýazyldy. Ejesi bilen
daýzasyny öldüren iki gajaryň keşbem aňynda hemişelik surat bolup galdy.
Ol diňe şondan soň, ejesiniň iň soňky buýrugyny berjaň etmek üçin Näzdepä
tarap ylgady.
Oba adamlarynyň eli ýarag tutany duşman bilen döwüşip ýör. Aýal-gyzlar,
garry-gurtular, ýetginjekler bolsa azyk-suwluklaryny, gerek-ýarak öý goşlaryny
Näzdepäniň üstüne daşaýar. Mergenler depäniň gap bilindäki atyşhana üçin
gazylan garymlarda ýerleşipdirler. Soňabaka oba arasynda uruşýanlaram çekileçekile depäniň düýbüne üýşdiler. Güýç deň däl, üstesine-de üstlerini gapyllykda
basdyransoňlar Näzdepelileriň köpüsi gyryldy. Ýigitleriň gyltyzrak ýaralananlary
depäniň üstüne çykyp howul-hara ýaralaryny daňdyrýardylar-da, gylyçlaryny
bulaýlaşyp ýene-de aşak inýärler. Wepat bolanlaryň sanyny artmagy bilen,
soňabaka garry-gurtularam, aýal-abtatlaram urşa girdiler.
Söweş tä, daň atýança dowam etdi. Ol diňe goraýjylaryň barysynyň gyrlyp,
ähli baýlyklaryň duşman eline geçmegi bilen tamamlandy. Az ýitgi çekip köp olja
gazanan alamançylar ýesirleri öňlerine salyp daga duwlananlaryndan soň,
Näzdepäniň üstündäki we daş-töweregindäki maslyklaryň arasynda aňkasy aşan
ýaly, saçlaryny ütüşip, ýakalaryny tutuşyp, sessiz-üýnsiz dodaklaryny
gymyldadyşyp ýören, eşikleri sal-sal aýallardan, mähribanlaryndan aýrylyp
beýnileri doňan, ýaş başlaryna durmuşdan şeýle ýowuz sapak alan, bir säwlik bilen
diri galan Ruhy, Durdy ýaly ýaş çagalardan başga janly-jemende galmady. Ertesi
Gökdepeden, Bamydan we beýleki galaly obalardan Nurberdi han, Dykma serdar
ýaly Ahalyň iň bir atly-abraýly adamlary geldiler. Bolan işe gynandylar. Haýal
etmän alamançylaryň yzyndan kowga gitmekligi, ýetip bilmeseler öwezalaman
etmekligi karar etdiler.
54
Şeýle hem boldy. Öwezalaman gurnaldy. Ýesirlerini, mal-garalaryny yzyna
gaýdyp aldylar. Ýöne, obasyny, maşgalasyny gorap ömrüni pida eden adamlaryň
öwezini welin hiç kim, hiç zat bilen dolup bilmedi.
Ýaşajyk Ruhynyň ýadynda bolsa, şol elhenç gije ömürlik tagma bolup galdy.
Gözleriniň ýaşyny bulduradyp, gurak-gurak ýuwdunyp durşuna ol iki sany
palasdyr iki sany bilezik, çaprazdyr-çaňňa üçin, kakasyny, ejesini, jigisini,
daýzasyny, onuň göwresindäki heniz dünýä inmedik çagasyny öldürip giden
alamançylary iru-giç tapyp, aryny almak barada öz ýanyndan kasam etdi.
Şol wakadan soň ýetim galan çagalaryň hersine biri hossarlyk etdi. Ruhyny
daşkyrak garyndaşlary, Gökdepeli Hakyda molla ýygnady. Çünki, Hakyda
mollanyňam garamagynda şol wagt Ruhy bilen deň-duş agtygy Eneden başga hiç
kim ýokdy. Enäniň ejesi ýaş üstünde ir ýogaldy. Kakasam agyr derde uçrap onuň
yz ýany ýurduny täzeledi. Hakyda mollanyň öz aýaly bolsa ony baryp-ha jahyl
döwründe taşlap bakyýa gitdi. Hossarsyz galan ataly-gyza hern-ä goňşulary
Baýramgül tebip garaşyk etdi. Ýeke özi bolansoň onuňam öz işi özüne ýetikdi.
Ýöne, ol şonda-da olary ýük görenokdy-da, gaýtam Hakyda molla ýaly sylagly
adama hyzmat etmekligi özüne bagt bilýärdi. Galan zatlaryna-da il-gün kömek
etdi. Ruhynam ýanyna alansoň-a obadaşlary oňa bolan ünslerini hasam
güýçlendirdiler. Hä diýmänem Ene ýetişdi. Işe ýarady. Öýüň biş-düşüni, kirkimirlerini Baýramgül tebibiň elinden aldy. Şol ykbala görä Ruhy Ene bilen tä,
kasasyny berjaň etmek üçin ata çykýança bir öýden girip çykdy. Şol öýde ösdi,
ulalady. Olar edil iki dogan deý biri-birlerine mährem boldular. Hakyda molla
Ruha-da agtygy bilen deň garady. Ondan artyk görmese kem görmedi. Saýry
saýmady. Gijeden – gijä edil Enä öwredişi ýaly, oňa-da hakyda öwretdi. Ýöne,
Ruhynyň bar ünsi at bilen gylyçda boldy. Ol baýlaryň, han-begleriň, serdarlaryň
atlaryna uly söýgi bilen serederdi, söweşlerde batyr ýigitleriň gylyç salyşlaryny
görmekligi höwes ederdi. Dessançy bagşylar Görogludan, Döwletýardan, ÝusupAhmetden aýdanlarynda tä, daň atýança, turman diňlärdi.
On dört, on bäş ýaşalryna ýetende ol Enäni doganlyk duýgusyndanam başga
bir süýjümtik duýgy bilen gowy görýändigini aňdy. Uzynly gününi bir öýden bileje
girip-çykyp, bir öýüň işini edip geçendigine, häzirem onuň şu öýüň o böwründe
üstüne ýorgan çekip ýatandygyna garamazdan, ýerine geçdigi gözleriniň öňünde
Enäniň keşbi janlandy. Wagty bilenem aýrylmady. Tä uka gidýänçä gaýmalaklady
durdy.
Ahyram ol şol duýgunyň söýgüdigini bildi. Ýöne, şunça ýyllap öýünde
penalan adamyň gyzyna, tas, dogan deý bile ösýp ulalan maşgalasyna söýgi
bildirmekligi aýp hasap etdi. Emma söýgi-söýgi bolýar. Oňa erk edip bolmaýar.
Wagt bolsa geçip dur. Onuň ata çykmaly, gandarlarynyň gözlegine gitmeli wagtam
55
golaýlap gelýär. Bir ol ýola çykansoňam haçan gelinjegem belli däl. Asla geljegiňgelmejegiňem gümana. Şonuň üçinem, ol hernäçe kyn bolsa-da, gyza
ýüregindäkini aýtman durup bilmedi. Aýdyşy ýalam ondan bar zatdan beter
gorkýan, şeý diýer-ow şü, diýip, garaşýan sözüni eşitdi.
Gyz şonda şeýle bir mähribanlyk hem hoşroýlyk bilen şeý diýdi:
görýän. Sebäbi, ençeme wagtlap bir gapydan girip çykdyk, bir atanyň terbiýesini
aldyk, bir saçakdan duz iýdik. Şundan soň men seň bilen doganlyk gatnaşygynydan
başga bir gatnaşygy göz öňünede getirip bilemok... – Ol birdenkä boz-ýaz boldyda, gyýalap ýere bakdy. – Onsoňam... Onsoňam gaty görme, Ruhy, maňa eýýäm
başga biri söz aýtdy. Menem oňa söz berdim. Şonuň üçinem...
Ruhy ol ýigidiň kimdigini sorajagam bolmady. Ýöne, çak etdi. Egerde çaky
çyn bolup çyksa, onda ol ýigit Ahally bolmaly.
Ol Hakyda mollanyňka kän gatnaýardy. Hakyda diňleýärdi, ir zamanlarda
bolup geçen taryhy wakalar bile ngyzyklanýardy. Özem öwrenýärdi, ýat
bekleýärdi. Käte dutaryny alyp gelýärdi, Hakyda molla saz çalyp berýärdi. Ruham
ony erbet görmeýärdi, ýöne, saz çalan wagtam, hakyda diňläp oturan wagtam bir
gözýniň gyýgyny Enä tarap aýlap goýberişini welin halamaýardy. Enäniňem oňa
biperwaý bakmaýandygyny duýanda bolsa, ýüreginiň üstüne ot basylan ýaly
bolýardy. Her gezegem Ahallynyň, Eneden alty-ýedi ýaş dagy uludygyny ýatlap
öz-özüni köşeşdirmäne çalyşýardy. «Ýok, ýok, beýle zat bolup bilmez, men
ýalňyşýandyryn şeýtanyň ugruna gidýändirin, ol uly ahyry...» diýip
ýetişibildiginden pyşyrdaýardy.
Şol gezek welin ol Enäniň diýýän ýigidiniň Ahallydan başga hiç kim
däldigine öz-özüniň ynandyrmaly boldy. Çünki, Ene onuň adynam aýtdy. «Soň
syr gizläpdirsiň diýme».
Şondansoň Ruhynyň öýde eglenesi gelmedi. Çagalykdan bäri göwnünde
besläp gelýän arzuwyny amala aşyrmak üçin ata çykdy. Söýgüniň ýalançy
humaryna melul bolup şo çaka çenli eglenendigi üçin öz-özüne igendi. Egerde Ene
hoş söz beren bolsa, onda bu niýetinden el çekäýmegemiňem ahmal ekendigini
ýatlanda bolsa, özüne bolan gazaby hasam artdy. «Söýgi adamyny ardan-namysdan
aýyrýandyr» diýleni çyn ekeni-ow», diýip dodagyny dişledi.
Agyr hem kyn ýola düşmezden ozal Hakyda molla bilen mähriban ata deý
hoşlaşmany welin unutmady. Niýetini gizlemän aýtdy. Ak pata sorady.
Hakyda molla onuň bu pikirini oňlamady. Ýeke bir ýoluň hatarly, howply
bolany üçinem däl-de, bu işiň uly iliň parahatçylykly durmuşyna zyýan ýetirip
biljekdigi üçin oňlamady. «Bu pikiriňden el çek, oglum. Men indi seni
öýlendirmeli, öý-işik etmeli, göz öňümde saklap saňa guwanmaly» diýdi.
56
Ruhynyň saýlap alan ýolyny Ene hem oňlamady. O-da atasynyň aýdanyny
aýtdy. «Öňem az bolmadyk alamanlaryň, öwezalamanlaryň sany öňküsindenem
artar, gyrgynçylyk köpeler. Nyýazdepe üçin öwezalaman şol günüň ertesi edildi.
Ar ýerine salyndy. Seň munyň şahsy, diňe öz talapyň bolýa, bu ýalňyş» diýdi.
Emma olaryň ikisiniňem aýdany ýer tutmady. Ruhy olary diňledi-diňledi-de:
«Aýdýanyňyz bilen ylalaşýan. Ýöne, menem öz ýüregimiň emrine garşy gidip
bilemok. Meniň kalbymda iki maksat bardy, olaryň bir-ä köýdi, öçdi, ýöne, ýaş
başymdan beýnimde galan şo-ol, pajygaly suraty welin men öz gylyjymyň ujy
bilen öçürmesem öçmez...»
Şeýdibem Ruhy olar bilen hoşlaşdy. At-ýarag edindi. «Ýa, Alla» diýibem
ýola düşdi.
Ine, indem telim ýyldyr, ol gözlegde. Ilki-ilkiler-ä dagyň ileri ýüzüne
alamançylyklara goşulyp gatnady. Baran ýerlerinde-de beýlekiler baýlyk, pul, mal
gözlese ol öz «ýitiklerini» gözlerdi. Meňzeş görüp başga bigünä biriniň ganyna
galmazlyga jan etdi. Kent-kent, oba-oba aýlandy. Emma tapyp bilmedi. Şondan
soň ol ýekelikde-de, ýanyna bäş-üç sany dost-ýaryny alyp olar bilen bilelikde-de
kän gitdi. Gözlenýändiklerini bilip ol iki gajar başga ýurda göçüp gidäýen
bolmagynyň ahmaldygynam oba adamlary aradan aýyrmaýardylar. Alamany bes
etmegini Ruhy batyrdan haýyş edýärdiler. Emma, Ruhy tä, aryny ýerine salýança
öz ýolundan dänmejekdigini aýdýardy. Ýöne, ol köpçülik bilen gitse-de, ýeke ýa
öz ýakyn ýoldaşlary bilen gitse-de, talaňçylyk etmeýärdi, gyz-oglany, ýaş-ýuşy ýa
garry-gurtulary gorkuzyp, mal-garany ürküzip ýörmeýärdi. Gaýtam öz
ýigitlerinden käbiriniň özünden bidin talan mallaryny yzyna eltdiren gezeklerem az
bolmady. Soňabaka goňşy döwletiň oba adamlary, hususan-da türkmenler bilen
goňşy welaýatlaryňkylar, Näzdepe gyrgynçylygynyň taryhyny eşidip Ruhy batyry
özleriniňki saýyp başladylar. Gynandylar. Iki tarapyňam talaňçylaryna,
alamançylaryna nälet okadylar. Ruhy batyryň gözleýän adamsyny gördükleri
günübirin habar etjekdiklerini aýtdylar. Gelenini, gidenini bildirmek üçin ol her
gezek goltugyndan çykaryp, asmana akja kepderi uçurýardy. Şonuň üçinem oňa ol
ýerde Guşly batyr diýip at goýdular. Şol hereketlerini ol öz ýurdunda-da
gaýtalaýardy. Şoňa görä ol öz obadaşlarynyň arasynda-da Guşly batyr diýen ada
eýe boldy. Soňabaka ol gözlegini ýekelikde dowam etdirip ugrady. Çünki,
alamançylar bilen gitse barybir oňa-da gara ýokýardy. Şondan soň onuň
töweregine çagalyk dosty Durdydan başlap ikiden-üçden ýigitler ýygnanyp
başladylar we tiz wagtyň içinde otuza golaýladylar. Olaryň arasynda kimdir
birinden ganly bolup obasyndan gaçanlaram, ar-namys üçin ata çykanlaram bar.
Alamançylyk maksady bilen gelip goşulmak islänleri ol kabul etmeýär.
57
Ol hemişe ejiziň tarapynda. Kimdir biri güýjüne ýa baýlygyna baýrynyp
pukara jebir etse, hökman arkasyny tutýar, aryny alyp berýär. Kazy-kelanlaryň
çözüp bilmedik meselesinem Ruhy batyryň çöp-döwlen ýaly edip goýberýän
gezekleri az bolanok...
Şonuň üçinem, ony uly il sylaýar. «Siz bizi eklemeli, sebäbi, biz sizi
goraýas» diýip, halka azar berenok. Agram slanok. Özlerini eklär ýaly ýersuwlaram, mal-mülklerem, şol zatlara sereder ýaly adamlaram bar. Mekany
Gökdepeden uzak bolmadyk ýerde, gum içindäki guýularyň biri. Hemmesem
öýlenmedik jahyllar. Maslahatyň içinde häzir onuň ýeke özi. Ol edil özüniň ak
guşy ýaly. Hiç kime boýun egenok. Hiç kimi özüne boýun egdirjegem bolanok.
Onam özüne boýun egdirjek bolanok.
Kimiň näme diýýändigine garamazdan, Ruhy batyr gözlegini togtatmady.
Häzirem togtadanok. Ýitigini tapyp, aryny ýere salmak baradaky umydyndan
entegem el üzenok. Uruşly mesele ara düşmedik bolsady, ol häzirem bu ýerde
beýdip ýazylyp, ýaýrap oturmazdy.
Ýaňy bir on dokuz ýaşyna gadam basandygyna garamazdan, il içinde şolar
ýaly meşhurlyk gazanan, Guşly batyr adyna eýe bolan Ruhy batyryň ruhy ahwalaty
gysgaça aýdanyňda ine, şulardan ybarat. Häzir bolsa ol çemenzarlygyň ortasynda
ýeke biten çynar ýaly geňeşe ýygnananlaryň arasynda howalanyp otyr. Onam bu
ýere beýleki abraýly adamlar bilen deň-derejede çagyryp getirdiler. Hormat bilen
söz berdiler. O-da hiç bir basyr-ýussursyz, öz sözüni çekinmän aýtdy. Ýöne,
bilşimiz ýaly onuň aýdan sözleri Gurbanmyrat işana ýakmady. Şeýle-de bolsa ol
häli: «hä, galtaman diýsänim», diýen sözünem ýigrenç bilen däl-de, gepiň
gerdişine görä aýdyp goýberdi.
Şonuň üçinem, ol şondan soň Ruhy batyr bilen çekeleşjegem bolmady-da:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýere gaçan ýyldyzlar - 06
  • Parts
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 01
    Total number of words is 3553
    Total number of unique words is 2010
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 02
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2235
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 03
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2251
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 04
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2035
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 05
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 2240
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 06
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2074
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 07
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2300
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 08
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2079
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 09
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2182
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 10
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2186
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 11
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2086
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 12
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2156
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 13
    Total number of words is 3614
    Total number of unique words is 2180
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 14
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2068
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 15
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2124
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 16
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 2185
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 17
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2081
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 18
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2137
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 19
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2131
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 20
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2275
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 21
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2183
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 22
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2217
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 23
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2219
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 24
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2229
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 25
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2204
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 26
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 2253
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 27
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 28
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 29
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2145
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 30
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2061
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 31
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2165
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 32
    Total number of words is 3616
    Total number of unique words is 2092
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 33
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2078
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 34
    Total number of words is 3624
    Total number of unique words is 2126
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 35
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 2120
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 36
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2121
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 37
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2084
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 38
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1980
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 39
    Total number of words is 3783
    Total number of unique words is 2052
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 40
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2157
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 41
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2134
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 42
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2129
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 43
    Total number of words is 3613
    Total number of unique words is 2061
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 44
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2153
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 45
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2197
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýere gaçan ýyldyzlar - 46
    Total number of words is 2158
    Total number of unique words is 1428
    38.0 of words are in the 2000 most common words
    50.5 of words are in the 5000 most common words
    57.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.