Latin

Üç nokadyň biri - 14

Total number of words is 3822
Total number of unique words is 2086
31.5 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
egindeşiniň biriniň Bagdatdan gelen ymam Selman bolandygyna
garamazdan, onuň özem bagdatlylardan gorkýan bolmaga çemeli.
Gülnesibäniň gürrüň bermegine görä, ilkibadalar oňa uly hormat bildiren
täze emir soňabaka ondan sowaşany bilenem çäklenmän, daşgynrak
gulakdan oňa ýurduna göçüp gitseler gowy boljakdygyny aňdyrypdyr.
Hany gyssanmaly, Allahyň özi bir ýoly salgy berer». Içini gepledip
güýmenip ýörşüne iki düýp üzümi kesip bolup, Gülnesibäniň getiren
çaýyny içmäge oturdy. Ibn Kahhar ondan Bagdatdan göçüp gaýdyşlary
hakynda sorajak boldy. Emma gönüläp soramagam birhili görüp:
— Samat häli gelýärkäk siziň öýňüz diýip başga bir gapydan bardy-la?
- diýdi.
— Ol başga gapy däldir. Biz öň şo taýda ýaşaýardyk. Soň Marala-da,
maňa-da ýeke bolmak aňsat däl diýip ol howlyny satdyk-da, bärik göçüp
geläýdik. Näme-de bolsa, biri-birimize höwür bolduk.
— Ony oňarypsyňyz.
— Jaýyň pulunam Samat janyň gözlegine harçlarys diýip saklap
ýördük. Ony etmäňem ugruny tapmadyk. Ýogsa ol Bagdada gidendir diýip
men çakam edýärdim. Oňam özi geldi, gowy bolaýdy.
— Howlyny näçä satypdyňyz?
Gülnesibe howlularyny satan bahasyny aýtdy. Ibn Kahharyň ýüzi
ýagtylyp gitdi. Emma Gülnesibäň pikirini bilmänsoň birbada syr bermedi.
— Ol howly mundan ulumydy?
— Ýok-la, bu howly köşk emeldarlarynyň howlularyna girýär. Bu oň
iki esse bahasynam çykarar. Ýöne, muny satsak, Gara Durmaz gynanar
diýdik.
— O bendäni çykarmaga-da mendäki pul azajyk ýetenok-da.
— Näçe ýetenok?
Ibn Kahhar ýetmeýän puluň möçberini aýtdy.
— Wiý, oňa biziň howlymyzyň puluny goşsak boljag-a.
— Ol pul häzirem durmy?
— Ujundan azajyk alnan bolaýmasa. Meň tebipligim bize günümizi
dolarlyk ýetdi.
— Olar ýaly bolsa, Gara Durmazy çyaryb-a bilýäs.
— Men Maraly begendireýin.
— Ýuwaşrak boluň, Samady turuzaýmaň. Belki olara häzir degmeris?
Goý ýatsynlar.
— Ýok, Maraly habarly etmesek bolmaz.
Maral Samady bagryna basyp, rahat uka gidipdir. Samadam bir günäsiz
bäbek ýaly ejesiniň gujagynda uklapdyr. Olar oýarmaga dözer ýaly
däldiler. Şeýle biri-birine mährem, arassa duýgular bilen diňe pyntygyň
içinde ýapraklar ýatýan bolsa gerek. Olaryň bu ýatyşlarynda birini turuzyp,
birini turuzmazlyk mümkin däldi. Olar uzak azaplardan soň ahyry arzyly
pellä ýeten bir bütewilik ýalydylar. Gülnesibe näme etjegini bilmedi. Olary
turuzmalymy? Gara Durmaz sebäpli turuzmalymy? Gülnesibe Samady
oýarmakdan hasam gorkýardy. «Turuzmasam bolmaz» diýip jaýa girenem
bolsa, göwnündäkini edip bilmän daş çykdy. Ibn Kahhar:
— Maňa puly beriň-de, gowusy sizem galyň. Meň özüm alyp geleýin.
Oňa geýdirer ýaly abadrak eşik berseňiz. Men gelinçäm belki özleri turar.
Kim bilýär, birden puluna-da goýberjek däl diýip dursalar Samadam,
ejesem erbet gynanar.
— Gara Durmaz sizi tanamaz Gowusy, siz bilen gideýin.
— Alyp çyksalar tanşarys. Siz bärde gerek. Samat oýansa, şu dermany
içiriň. Ejesem içäýsin, zyýanly zat däl. Men derrew gelerin. Allah ugruna
etse, Gara Durmazy alyp gelerin.
Ibn Kahhar zyndanyň nirededigini salgy alyp çykyp gitdi. Gaty kyn
günleri başyndan geçiren Ibn Kahhar ömründe birinji gezek ýürek
urgusynyň üýtgänini syzdy. Ol gaty kän dertli bendeleriň sagalyp
gitmegine sebäp bolupdy. Emma şol sagalanlaryň haçanam bolsa bir gün
ýene-de derde, hiç kimiň gutaryp bilmejek derdine uçarjakdygyna gözi
ýetip durany üçinmi, nämemi, näsäg sagaldy diýip beýle bir begenip
durmazdy. Ol özüni näsagy dert belasyndan halas etmän, ony sagaldyp
ýene-de bir gezek agyr derdi çekmäge ýagdaý döredip berýän ýaly
duýardy.
Häzir welin ol Gara Durmaza elini uzadyp garaňkylykdan ýagtylyga
çekip çykaryp biljek güýje öwrülipdi. Ol gurruk guýuda galan adamyň
depesinden sallanyp gelýän halasgär tanap mysalydy. Bu duýgy ony
ganatlandyrýardy. Emma ol guýynyň aşagyndan umydygär gözlerini
asmana dikip oturan bende tanapa ýapyşyp guýudan çykdym-çykdym
diýende ýüp üzülip, bar azaplaryň gütüläp guýynyň düýbüne düşmek
ähtimallygyndan gorkýardy. Bu gorky onuň ganatlaryny baglaýardy,
ýüregine howul salýardy. Zyndanyň gapysyndan barandan arzy diňlenip,
tölegi tölense Gara Durmazyň goýberiljekdigini eşidende, özüni
hakykatdanam, bir biçäräni gurruk guýudan halas edip barýan ýaly duýdy.
Ýagtylyga barha golaýlaşyp, arassa howa ýüzüne urup ugranda ýüpüň
üzülmek howpam şonça artýan ýaly aljyrajak boldy. Bilinden çözen
haltajygyndaky pullaryny iki gezek sanap, dogry çykaryp bilmedi. Ahyry
bar puluny zyndanyň başlygynyň öňüne döküp, «Özüň sanada al» diýdi.
Zyndanyň hojaýyny olary sanamaga durdy. Ibn Kahhar onuň nebsewürlik
bilen pul sanaýşyny synlap durşuna geň duýgulary başdan geçirdi. «Häzir
bu adam pullary sanap alar. Soň bolsa özi ýaly iki aýaklyň birini iberip,
zyndanda ýatan başga bir bendäni getirder. Soňam «Sen boş» diýip ony
boşadar goýberer. Şu sözi eşitmek o bende üçin uly bagtdyr. Bu adama
bolsa ony diýmek hiç zadam däl. Eger adamzada biri-birine gezek gelende
şeýle hökmürowanlyk berlen bolsa, Beýik Allatagala bizi nädip biler?!
Keremiňe duçar edewergin, ýa Allah…»
Hakykatdanam, pul sanalyp bolnandan soň, sähel salymyň içinde Gara
Durmazy Ibn Kahharyň beren geýimlerini geýdirip alyp geldiler hem oňa
«Sen boş» diýdiler. Gara Durmaz boş sözüni eşidip tisginip gitdi. Ol hol
beýlede gara der, aňka-taňka bolup duran Ibn Kahhara seretdi. Emma ony
kime meňzetjegini bilmedi. Ol jellatka kellesini alan adamlaryndan birine
meňzeýän ýaly boldy.
— O nähili boş?
— Hol adam siziň hunuňyzy satyn aldy.
Gara Durmaz görkezilen adama dikan-dikan seretdi. Ol tanamaýan
adamsynyň özüni boşatmaga gelşine haýran galdy. Çala gorkjak ýalam
etdi. Emma zyndandan daşynyň arassa howasy ony käkilik awçylarynyň
albaýy ýaly özüne çekýärdi. Ýöne bir çekmegem däl, sorup barýardy. Ibn
Kahhar saglyk-amanlyk soraşyp, özüni tanatjak boldy. Emma Gara
Durmaz, onuň aýdýanlaryna hernäçe düşünjek bolup yhlas etse-de, hiç
düşünip bilmeýärdi. Ol Ibn Kahhary diňläp düşünip bilmänsoň, ony özüçe
çen atyp tanajak bolýardy. Kellesini alan adamlarynyň birinň ýakynydyr,
onuň ganyny ýerine salmaga gelendir diýse, beýle adam bada geljek ýaly.
Özi öljek bolup ýörkä, pul çykaryp häzir ony kim satyn alsyn? Bu akyla
sygjak zat däl. «Name bolsa şo bolsun-la, ýagty jahany görenim maňa bes».
Daşarynyň ýiti ýagtysyna Gara Durmazyň gözi garaňkyrap gitdi. Dünýe
öňem şeýle ýagtydymyka? Soň onuň burnuna ýaz gününiň tämiz
howasynyň ýumşak ysy urdy. Bilbilleriň, horazlaryň, mal-garalaryň sesi
akylyňy çaşyryp barýardy. Ýoluň gyrasynda gonup oturan, deňine
ýetenlerinde uçup giden serçejigem onuň gözüne ýakymly, bu dünýäniň
göwünaçyjy oýny ýaly bolup göründi. Göze dürtülip duran bu ýagtylygyň,
bu hoştap ysyň, başyňy aýlaýan sesleriň şu güne çenli görmedik, eşitmedik
zady ýaly bolup eşidilişine, görünşine Gara Durmaz geň galdy. Ýaşajyk
ýapraklary, dünýäniň ýaşyllygyny, geçip giden atlylary görüp, dikräk
ýörejek boldy. Bu indi maňa başardanok diýýän ýaly, tutuş göwresi
saňňyldap, birdenem üsgürmäge başlady.
Dört ýylyň içinde zyndan Gara Durmazdan adam sypatyny aýrypdyr
diýen ýalydy. Eginler gysylyp, göwrede garyn-gasyk galmandyr. Beýikden
ýykylanyň güni kyn bolýar eken. Mydama geýip ýören, onda-da
owdanyndan owadanyny saýlap geýen hülle donuny zyndanda geýilýän,
nah matadan tikilen gara dona çalyşmak Gara Durmaza agyr degipdi. Ol
bütin ömründe hiç kimden pes ýaşamajak bolup eden yhlasynyň gara donly
adyna getirenine namys edipdi. Toýda-tomguda eline suw akydyp berip,
hyzmatynda duranlaryny özlerine dereje bilen adamlar onuň şol ellerine
zynjyr urupdylar. Yzyndan kikirdeşip gülüpdiler. Zyndanyň şurruk
çorbasyny öňünde goýup: «Aşpezimiz gaty ökdedir. Doýmasaňyz tanyşlyk
üsti bilen ýene bir guýdurdyp bilersiň» diýen bolardylar. Gara Durmazdan
başga işleri ýok ýalydy, dogrusy olaň başga işi ýokdam: «Zyndana düşeniň
aýalynyň-a bagty getirýä. Yzynda näme iş etse-de, haýt diýjek ýok»
diýerdiler.
Zyndanda ýatanlaram oňa «Daşynda näme iş etdiň?» diýip gününe
goýmaýardylar. Tas gaharyna Gara Durmaz «Kelle çapdym» diýipdi.
Hernä Allah sowdy. «Köşkde ýazuw işlerini ýöretdim» diýende-de, diňe
köşkde işläni üçin günäkärläp zyndanyň goçylary oňa her gün zyndanyň
içini arassaladardylar. «Daşynda ili özüňe hyzmat etdirip, ýaşapsyň. Hany,
senem ile hyzmat edip gör, hoş ýakarmyka?» diýipdiler. Ýöne Gara
Durmaz hyzmatkärlige uzak çydamady. Ol sähel salymyň içinde iňňä
sapaýmaly horlandy.
«Aýalyň bilen bile bolasyň gelenokmy how seň? Baýragymyzy
aýalyňdan alyp berseň duşuraly» diýenlerinde «Ýok» diýip jogap beripdi.
Daşynda Marala «Adamyň görüşmek islemeýär» diýenlerinde aýaly ozüni
günäkärläp gaýdardy. Maralyň «Adamym iýsin« diýip bary-ýoguny berip,
et-ýag alyp, bişirip getirýän naharlarynyň üçüsinden biri Gara Durmaza
ýetäýse boldugydy. Ol naharlary, köplenç, zyndan garawullary ýolda alyp
galardylar. Olardan artanynam zyndanda özüni hojaýyn hasaplaýan ogryjümriler iýerdiler. Setanda-seýranda özüne berlenlerem Gara Durmaz
bokurdagyndan geçirip bilmezdi. Bu azaplar onuň gündizlerine görýän
azaplarydy.
Gijesi-gündizi zordan saýgardýan alagaraňky zyndanyň gijeleri Gara
Durmaz üçin has uzaga çekerdi. Kimsi hor çekip, kimsi iňläp ýatan
bendileriň arasynda, zyndanyň bir böwründe gözüne uky gelmeýän Gara
Durmaz hakydasynda ogly bilen, aýaly bilen, hatda bireýýäm ölüp giden
kakasy bilenem gürleşip çykardy. Gözi ýumlup uka gitdigem gara basmaga
başlardy. Basyrganman geçirip bilen gijesi Gara Durmaz üçin zyndandaky
ýeke-täk ýeňilligidi. Hakykatdanam, beýikden ýykylanyň güni kyn bolýar.
Üstesine-de, oňa inçekeselem ýokuşdy. Keseli beterledigiçe,
gutulgysyz ölüminiň haçan ozüne nesip etjegini göz öňüne getirýärdi.
Heniz öýlenmedik ýigitkä toýunyň nähili geçjegini aňynda janlandyrjak
bolup yhlas edişi ýaly, häzir zyndanda ölşüni görjek bolýardy. Ol öz
ölümini göz öňüne getirmäge-de edil ýigitliginde toýuny öňünden görmäge
höwes edişi ýaly höweslidi. Çünki ol bu dünýede görýän azaplaryny o
dünýäniň dowzahyna çalyşmaga kaýyldy. Şeýle günleriň birinde-de oňa
bir nätanyş adamy görkezip: «Şu adam seniň hunuňy satyn aldy, sen boş»
diýlenine ynanyp bilmän gelýärdi. Ýok, ol häzir öňüne düşüp barýanyň
elinden ölmäge gorkmaýardy. Onuň ölüp bilse armany ýokdy. Ol
zyndandaka göz öüne getirşi ýaly, zyndanyň garaňky burçunda, ýeke özi
hiç kime görünmän, ölenem birki günden soň bilner ýaly ölmek isläpdi.
Häzir bolsa bu nätanyş adam ony aýylganç arzuwyndan el çekdirip alyp
barýardy.
Gara Durmazyň dünýä haýran bolşy ýaly, dünýe hem oňa haýran bolup
bakýardy. Onuň reňk-petsiz ýüzüne, salgym ýaly bolup gelýän hor
göwresine biparh garap geçmek mümkin däldi. Onuň üsgülewigi Ibn
Kahhary gorkuzdy. Tüýküligindäki gany görüp, Ibn Kahhar başyny
ýaýkady.
Üsgülewigi galyp demi ýerine gelen Gara Durmaz:
— Näme başyňy ýaýkadyň, beren puluňa gynandyňmy? Degmedik
bolsaň, özümem öljekdim - diýdi.
— Zyndanda öleniňden arassa howadan dem alyp, ýagty jahany görüp
öleniň gowy dälmi?
— Kelläň çüýrük, ýüregiň çüýrük, öýkeniň çüýrük bolsa, ýagty jahanyň
nämesini görjek?
Onuň bu sözleri janýangyjyna aýdýandygyna Ibn Kahhar düşünýärdi.
— Allaha şükür ediň. Size ogluňyz Samat garaşýar.
— Samady sen nireden tanaýaň?
— Bagdatda tanyşdyk.
Gara Durmaza bu jogap ýaňsa alynmak ýaly göründi.
— Sen Selmanam tanaýaňmy?
— Bendäni görmändim. Gülnesibäni tanaýan.
— Sen Gülnesibäň nämesi?
— Hiç zadam däl. Ony şu gün gördüm. Gara Durmaz, sen menden
nämeleri soraýaň? Samady soraňok, aýalyňy soraňok.
Gara Durmaz sakga durdy. Gürrüňdeşiniň ýüzüne göni garap bilmedi.
Ganyny ýerine salmak üçin meni satyn alandyr diýen pikiri kellesinden
şobada uçup gitdi. Özüni häliden bäri mylaýym görkezmäge çalyşýan Ibn
Kahharyň niýetiniň gowudygyna düşündi. Emma ol özüne beýle ýagşylyk
etjek adamyň kim bolup biljekdigini hiç akylyna sygdyryp bilmeýärdi.
Ertir kellesi alynjaklaryň arasyndan ala-böle özüniň öldürilmän
goýulmagyna-da düşünip bilmedik Gara Durmaz, bu günem nätanyş
adamyň yzyna düşürip zyndandan çykaryp alyp gaýdylşyna - bu zatlaryň
hemmesine Allahyň özüne göz görkezmesi diýip düşündi. Gara Durmaz
ýene üsgürmäge başlady. Ibn Kahhar ysgyn-mejalsyz Gara Durmazy
öýlerine ýetinçäler alty-ýedi gezek goltugyna girip oturdyp, dynjyny berip
gitmeli boldy.
Gan gatyşykly üsgülewüklerden ýaňa mydama diýen ýaly onuň
agzynda ganyň tagamy durardy. Häzir gapdaldan akýan buz ýaly ýabyň
suwuna her gezek agzyny çaýkandanmy agzynyň tagamy üýtgedi. Birhili
ajan ýaly boldy. Gara Durmaz oňa ötüp barýan ömrüniň ajymtyk
tagamydyr diýip düşündi. Ol Ibn Kahhara-da Hudaý tarapyn janyny
almaga iberlen perişdedir diýdi. Samadyň Bagdada gidişi, gelşi hakyndaky
gürrüňler Gara Durmaz garagol çagany aldap sünnete ýatyrjak bolup
aýdylýan erteki ýaly bolup eşidildi. Edil ertekidäki ýaly bu zatlaryňam
soňy gowulyk bilen gutarmalydy. Şonuň üçinem diňleýän ertekisem öz
oglunyň gatnaşmagynda täsin edilip aýdylyp berilýärdi.
Ibn Kahhar başyny ýaýkan mahaly Gara Durmazyň uzak
ýaşamajakdygyny bilip başyny ýaýkapdy. Çünki öýkeninden gopýan
lahta-lahta ganlar bejerip bolmaýan hem ötüşenden soň uzak ýaşatman
bellisini edýän keselden habar berýärdi. Häli bu ýoldan zyndana tarap
uçaýjak bolup barýarka kalbyny gaplan howsalasy Ibn Kahharyň ýadyna
düşdi. Hakykatdanam, gurruk guýudan çekip çykaryp gelýän adamsy
guýynyň agzyna ýetiberende umyt tanapy üzülip, gaýtadan garaňky
guýynyň düýbüne düşjekdi.
Keseliň öňünde çäresiz galan mahaly, tebipleriň ejizlemekden gaçýan
ýaly, başga bir dertliniň aladasyny etmäge başlamak häsiýetleri Ibn
Kahhara-da mahsusdy. Olara basym jany sogrulmaly näsag döwlen çüýşe
mysalydy. Döwlen çüýşeden bolsa geçilýär. Gara Durmaza Ibn Kahharyň
edip biljek ýekeje kömegi bardy, ol hem amanadyny horlanman
tabşyrmagyna hemaýat etmekdi. Köplenç halatda Gara Durmaz ýaly
öýkeni çüýränleriň horlanyp jan berýärdigini ol bilýärdi.
Ibn Kahharyň başga esasy aladasy bardy, ol hem Samatdy. Kakasynyň
ölümini görüp, onuň ýene-de akylynyň üýtgemegi mümkindi.Ol munuň
öňüni almak üçin näme etse dogry boljakdygyny bilip bilmedi.
Gyssanjyna: «Iş-ä bitirdim. Gürgenje gaýtmasak bolmaýarmy?» diýdi.
Bagdatdakalar Samadyň bärik gaýtmajak bolşuny ýatlady. Emma soňky
tüýkülik sakal ezmeýär, häzir näme etmeli?
Samatlaryň öýi görnenden Ibn Kahhar Gara Durmazy bir gara daşyň
üstünde oturtdy-da «Men Maraly alyp geleýin» diýip, gaty-gaty ýöräp
gaýtdy. Ol Gara Durmazy goýup öýe gelende-de näme etjegini bilmeýärdi.
Emma iki bolup duýdansyz gapydan giräýseler, ýagdaýyň has erbet bolup
biljekdigini onuň köpi gören gara başy salgy berýärdi. Uçup barýan ýaly
özünden şeýle çalt daşlaşýan Ibn Kahharyň yzyndan garap, Gara Durmaz
onuň göz görkezmek üçin asmandan inen perişdedigini içinden ýene-de bir
gezek tassyklady. Ibn Kahhar gaty-gaty ýöräp gelse-de, gapa ýetende
badyny gowşatdy. Gapyny ýuwaşlyk bilen açyp, howla girdi. Erbet üýrüp
ony ilki garşylan ýene Alabaý boldy.
Ibn Kahhar öýden çykyp gidenden soň Gülnesibe içeri girip bir salym
süýji ukuda ýatan Samat bilen Maralyň başujunda oturdy. Ol ukuda ýatan
Samady gana-gana synlady. Onuň ýaňagyndaky ýaraň yzy has besse-besse
bolup göründi. Onuň gözüne ýaraň yzy Samady beýleki deň-duşlaryndan
tapawutlandyrmak üçin Allah tarapyndan berlen nyşan ýaly boldy.
Göwnüne onuň saçlary ýüpekden, şol ýüpek saçlaram ýüzüne, has göze
ýakymly, heniz görülmedik bir nur çaýylan boýnuna dökülip durdy.
Gujagynda ogly ýatan Maralyň ýüzüni Gülnesibe beýle rahat görnüşde
heniz görmändi. Bu rahatlyk adamyň ýetip bilmeýän hem pynhan syr ýaly
ýüreginiň jümmüşinde saklap, ömürboýy arzuw edýän rahatlygy bolsa
gerek.
Gülnesibäniň gözlerine ýaş aýlandy. Ol emaý bilen ellerini ýüpek
saçlara ýetirdi. Onuň gözüniň ýaşy alabaharyň çygy, ýumşak el bolsa
pyntyk ýarýan ýaz şemaly ýalydy. Pyntyklaram dilinmeli, ýapraklaram
oýanaýmalydy.
— Maral jan, tur. Samat jan, oglum turuň. Turuň kakaňyz gelýär.
Samat ýalpa gözüni açyp «Hany?» diýip sorady.
— Ataň ony getirmäge gitdi, oglum. Turuň çaý içeliň. Olar gelinçä süýji
nahar bişireliň.
Maral Gülnesibäň diýip duran zatlaryna ynanman:
— Akylyňdan azaşdyňmy gyz? O bende ony nädip boşatsyn?
Gülnesibe Gara Durmazy satyn alar ýaly pul tapylanyny aýtdy.
— Daşaryk bir çykalyň.
— Onça pul nireden tapyldy?
Samat kakasy daşarda garaşyp duran ýaly, çalt çykdy. Maralam,
Gülnesibe-de onuň yzy bilen çykdylar. Daşarda ýylgyryp duran Gülnesibe:
— Maral jan, çykalga tapyldy. Mendäki howlyň pulunyň üstüni
ýetirmäge Ibn Kahharda pul bar eken.
Maral şonda-da düşünmedi.
— Maral, o jaýyň puly bolmaly ahyryn.
Begenjine näme işleýänini bilmeýän Gülnesibe içindäki puluny Ibn
Kahhara berip goýberen boş pul torbajygyny ylgap öýden alyp çykdy.
Bularyň sesine Rabiýajygam oýandy. Ol ejesiniň bolşuna, begenşine
seredip-seredip:
— Eje kakam gelýärmi? — diýip sorady. Gülnesibe oňa:
— Hawa gyzym, hawa — diýip jogap berdi.
Birden Samadyň kellesine bir damja suw damdy. Ol depesine seretse,
Ibn Kahharyň kesen üzüm çybyklaryndan suw damypdyr. Samat oňa
känbir ähmiýedem bermän, ejesine Bagdatdan atalygynyň kakasyny satyn
almak üçin ýanyna pul alyp gaýdanyny gürrüň berip, Gülnesibäniň
begenjine goşuldy. Oňa häzir elde-aýakda saklatmansoň, daňylmaly bolan
Samatdyr diýseň ynanar ýaly däldi.
— Eje, şol öňkiň ýaly towukly palaw bişiräý-dä.
— Wah, oglum, öýde oňa tüwem ýokdur, käşirem ýokdur, horazam.
— Bazara gidip alyp geläýeýin.
— Hany oňa pul, oglum?
Gülnesibe ara goşuldy.
— Puluň bir alajy bolar. Ýör, oglum bazara gideli. Ejeňem biz gelinçäk
gazany ýuwuşdyrsyn, düşekleri çykarsyn.
Kesilen üzümlerden ýene bir damja Samadyň boýnuna damdy. Ol ony
ýene süpürip goýberdi-de:
— Ýör, Gülnesibe daýza — diýip, begenjine eýýäm howludan çykdy.
Gülnesibe:
— Maral jan, Rabiýany aldap alyp galaweri. Bar gyzym, Maral ejeň
saňa aýdym öwretjek diýýär.
Özüniň galaýmalydygyna düşünen ýaly, Rabiýa Maral ejesiniň
gujagyna gysyldy. Gülnesibe bir kiçiräk goş torbasyny eline alyp,
Samadyň yzyndan ýetdi.
Maral Rabiýajygy yzyna tirkäp gazan ýuwdy. Ol köpden bäri atarylman
duransoň, tozan basyp giden gazandaky hapany aýyryşy ýaly, Gara
Durmaz bilen aralaryna ýelmeşen hapany aýryp bilýän bolsady, oduň
üstüne goýulmaga-da kaýyl boljakdy. Ol öz günäsini şol hapalary
ýelmeşen badyna ýuwup, arassalap bilmändiginde görýärdi. Şol ala
monjuklar bilen başlanan durmuş kitabyndan Marala Gara Durmazdan
aýraçylykda ýaşan dört ýyly goparylan dört sahypa ýaly bolup durdy. Ine,
bu günem, gopsa-da ýitip gitmedik şol dört sahypadan soňky wakalar şol
kitaba ýazylyp ugralmalydy. Maral şol kitabyny üýtgeşik harplar bilen
täzeçe ýazmaga höwes bilen girişesi gelýän ýaly, köçeden biri geçse
gapylary açyljak ýaly garanyp başagaý bolup ýördi. Gap-gaçlary
taýýarlaşdyrýardy. Düşekleri çykaryşdyrýardy. Öýem syryp-süpüreýin
diýip içeri giren mahaly Alabaýyň üýrýän sesi geldi. Ol ylgap daş çykdy.
Gapyň agzynda ýeke Ibn Kahharyň duranyny görüp, tisginip gitdi. Göýä
dowamyny ýazmakçy bolan kitabyny elinden alyp, kimdir biri bihaýalyk
bilen nokat goýaýan ýaly boldy.
— Uýam, gorkma. Gara Durmazy men ýadansoň ýolaýyrtda oturdyp,
özüm habar edeýin diýip gaýdyberdim. Hany Samat, o turdumy?
— Hawa, Gülnesibe bilen bazara zat almaga gitdiler.
— Oňaraýypdyrlar. Uýam, Gara Durmaz gaty horlanypdyr.
Keselläpdirem bende. Ýöne sizi görmek nesibesinde bar eken. Ýagty
jahana çykdy. Uýam, adam başy daşdan gaty diýleni-dä. Ýör ony alyp
gaýdaly. Ýa özüm alyp geläýeýinmi?
— Şeýdäýseňizläň, oňa çenli men çaý demläýin.
Maral Ibn Kahharyň näme diýjek bolanyna gaty düşünmedi. Onuň
gepden-sözden many çykararlyk ýagdaýam ýokdy. Ol görüşmekden
umydy üzülen adamsy bilen sähel salymdan ýene ýüzbe-ýüz boljakdygyna
aljyraýardy. Şu dört ýylyň içinde adamsynyň öňünde eden dogrularynyýalňyşlaryny terezä mündürip gezen Maralyň täzeçe ýaşamak, ömür
kitabyny täzeden, owadan harplar bilen doldurmak höwesi kellesinden
uçup gitdi. Oňa «Hany, entek sen öňki ýazanlaryň hasabatyny bir ber»
diýlen ýaly boldy. Ol häzir özüni jogap soralmak üçin dik durzulyp,
ýanyna-da garşydaş tarap getiriljek ýaly duýýardy. Iň ýamanam bu sud
edilmäň özüniňmi ýa-da Gara Durmazyň peýdasyna gutarany gowy, şony
kesgitläp bilmeýärdi. Är-aýalyň durmuşynyň terezä mündürilmegi eýýäm
iki tarap üçinem utulyş bolmaga çemeli. Bu çekimde tereziniň ýeňil
tarapynda bolan müýnürgäp, agyr tarapynda bolanam heşelle kakyp biljek
däldi. Gaýta tersine, eňil gelen agyr geleniň depesinden garajak ýaly bolup
durdy.
Gara Durmaz gara daşyň üstünde oturyp Ibn Kahharyň yzyndan garap
otyrka howlularynyň gapysyna gözi düşdi. Ol gözlerine ynanmajak boldy.
Esewan bolsa, köçe-de öz köçeleri. Hatda üstünde oturan daşam onuň
köşge barýarka, köplenç, aýagyny goýup ädiginiň gonjuny basyşdyrýan
dasydy. Ol şol wagtky ädiginiň hapasy häzir eşigine ýokaýjak ýaly, zöwwe
ýerinden galdy.
— Bu meni öýüme näme üçin getirip ýörkä? Maraly näme üçin
çagyrjakka? Ýa ilki öýüni görsün, öz ýüregini özi gyýym-gyýym gyýsyn
diýýärmikä?
Gara Durmaz bütin ömrüni köşge baglap, şondan başga arka diräre
dostam, ýoldaşam gazanman, gaýta şol köşk diýip ymam Selmandanam
ýüz öwrenine örtendi. Birden onuň şol bir wagt tälim beren oglanjyklary
ýadyna düşdi. Ýöne olaryňam hatda atlaram hakydasynda galmandyr. Gara
Durmazyň kellesine birden ümdüzine gaçmak pikiri geldi. Emma oňa-da
gaýraty çatman, ýene özüni daşyň üstüne goýberdi.
«Meni indi halas etmek ýok. Meni halas etmegem gaýta beterinden
beterini görkezmek bolar. Ajalym bokurdagymda oturyp katra-katra
ganymy daşyna çykaryp otyrka men neneň halas bolup bilerin? Goý
Maralam, Samadam görsünler gelip ýeten nokadymy. Belki peýdalaryna
bolar. Sen gaçjak bolma. Zyndandakaň gaçmaň pikirini etmediň, bu ýagty
jahandan nirä gaçjak?.. Wah, çäresizligimiň maňa diýdirip oturan sözlerine
seret…»
Birden ol uçup diýen ýaly gelýän Ibn Kahhar gördi. Ol oňa uç tapyp
bilmedik pikirlerinden gutarjak halasgäri ýaly göründi. Ol gelşine
ýuwaşlyk bilen Gara Durmazyň goltugyna girip göterdi.
— Ýör, aýalyň öýde çaýyňy demläp garaşyp otyr.
— Aýtsana, sen meni näme üçin alyp gaýtdyň?
— Saňa aýalyň, çagalaryň garaşýany üçin alyp gaýtdym. Näme, olary
görjegiňe begeneňokmy?
— Wah, men begenýän-le, olar begense.
— Näme üçin begenmesinler?! Olar sen sag-aman geldiň diýip öýüňde
palaw bişirjek bolýarlar.
Gelenine palaw bişiriljekdigine şindem ynanmaýan Gara Durmaz Ibn
Kahharyň öňüne düşüp gapydan girdi. Bu gün howludaky gaýdagaýmalaşyklaryň artmagyndan biynjalyk tapan Alabaý gapydan gözüni
aýyrman zynjyrynyň daşynda aýlanýardy. Ol eýesini tanaman ýene üýrdi.
Gara Durmaz tanyş sese ýalt etdi. Howlynyň bir çüňkünde özüne garap
üýrüp duran itine gözi düşüp, azatlyga çykanynyň hakykatdygyna ynandy.
Göni itiniň ýanyna bardy.
— Alabaý, tanamadyňmy? Senem tanar ýaly bolmansyň?
Alabaýyň eýesini tanap bolaýşyna Ibn Kahhar haýran galdy. It janawer
eýesiniň öňünde guýrugyny bulap, naýynjar çyňsaýardy. Gara Durmaz
onuň gazan ýaly ullakan kellesinden sypady. Soň ysgynsyz yzyna döndi.
Maralyň ýüzüne garady. Adamsyny şeýle hala düşendir diýip göz öňünede getirmedik Maral aňk bolup durdy. Ol häzir edil Alabaýyň eýesini
tananda bolşy ýaly bolmaga taýýardy. Gara Durmazyň ösen gaşlary şeýlede içine çöküp giden gözlerini hasam aýlganç keşpde görkezýärdi. Olara
gözi düşen Maral ýere bakdy. Bolmanda aglap aýagyna ýykylsam diýdi.
Gara Durmazyň çala sandyraýan sesi ony beýtmekden saklady. Ol zordan
«Gurgun oturanmysyňyz» diýip ýetişdy. Birden tutan üsgülewigi oňa
sözüni dowam etdirtmedi. Dowamly hem agyr üsgürip durşuna göwresini
göterip bilmän, Maralyň gabat öňünde iki dyzyny epdi. Maralyň öňünde
dyza çökmegine üsgülewigi sebäp boldumy ýa-da Gara Durmaz muny
isläp etdimi, diňe özi bilýär. Aýaly bir zat aňan ýaly, şobada onuň arkasyna
aýlanyp maňlaýyndan tutdy. Gara Durmaz süňke öwrülen elini Maralyň
mährem eliniň üstünden goýdy. Söz tapmaýan diliň ýerine gepläp ol eller
biri-birinden ötünç soraýardylar. Olaryň ömürboýy göteren ýüreklerindäki
mähirleri şol ellere geçen ýalydy. Olar: «Ine, meniň söýgim. Men seni
elmydamam söýýärdim, nähili güne düşsemem, ýene-de söýerin. Ine,
meniň söýgim» diýip, ellerini bir-biriniň üstünde goýana meňzeýärdiler.
Ol ellerden häzir ähli ukyplary alnyp, diňe söýgiňi aňlatmak ukyby goýlan
mysalydy. Häzirki pursatda ýüregiňem, beýniniňem, gözleriňem…
bedeniň ähli agzalarynyň söýgi ilçileri şol ellerdi. Bu bir gudratdy. Ol eller
hem bagyşlaýardylar, hem bagyşlanýardylar, hem söýýärdiler, hem
söýülýärdiler, hem düşünýärdiler, hem düşündirýärdiler, hem
sözleýärdiler, hem diňleýärdiler.
Ibn
Kahhar
horjunyndan
dermanlaryny
çykaryşdyrýardy.
Üsgülewiginiň arasy kesilende Gara Durmaza derman içirjekdi. Şol elleriň
derman bolmadyk derdine başga hiç bir dermanyň kömek etmejegini ol
bilmeýärmikä?
Şo mahal bazara gidenlerem geldiler. Karz-kowal bilen toplan pullaryna
olar alyp bilen zatlaryny alypdyrlar. Ýyljyraklap gapydan giren Samat
eýmenç horlanyp diňe süňki galan kakasyna gözi düşüp, birhili bolup gitdi.
Ol ejesi maňlaýyndan tutp duran kakasynyň öňüne geçdi-de duruberdi.
Gara Durmazyň söýgä öwrülen elleri Maralyň ellerinden aýrylyp,
perzendine tarap uzady. «Garadan dogan agymsyň sen, giçeden gelen
gündizimsiň. Tümlügimiň ýagtysy…» diýesi gelýän juw ak eller titir-titir
titireýärdi. Ol elleriň Samady özüne çekip gujagyna gysmaga zordan güýji
ýetdi. Onuň bar gurbatyny başarmajak zadyna eden yhlasy alypdy. Ol dil
däldi sözläre, ol ýönekeý bir eldi. Pyşyrdabam bolsa dillerem öz borjuny
ýerine ýetirdiler. Gözlerem öz borjuny ýerine ýetirdiler — olaryň ak ýagy
gujagyna ýakynlap gelýän perzendiniň synasyna siňdi. Öz borjuny ýerine
ýetirýän gulaklaram şol pursat diňe Samadyň dem alşyny, ýüreginiň
gürsüldäp urup durşuny, onuň ÝAŞAÝANDYGYNYŇ sesini
diňleýärdiler. Beýnem öz borjuny ýerine ýetirdi — Allaha şükür etdi.
Zyndandan, garaňkylykdan, ömrüňi inkär edip garaňky burçda öleniňem
iki günden soň biliner ýaly ölmekden öňüne düşüp alyp gaýdan adamyň
ynsam bolsa, jynsam bolsa ýagşy niýetli ekendigine düşündi. Özüniň bu
dünýäniň täsin myhmançy-lygyndan kowlup goýberilmän, yzynda
şäniginde özünden geçen tohumy göterjek perzendiniň galýandygyna
şükür etdi. Bu bolsa ýene on asyrdanam aňyrsy Gara Durmaza barýan bir
närsäniň bu dünýä gelen myhmanlaryň arasynda bolup biljekdigine
umytdy. Şol umydy bilenem beýni Allaha şükür etdi. Mejalsyz göwre-de
endiräp öz borjuny berjaý etdi — bu dünýe-de özüne iň ýakynyň kim
bolandygyny görkezip, tassyklap, subut edip iň soňky güýjüni goýup ogly
Samady özüne gysdy. Ýüregem öz borjuny ýerine ýetirdi — ol iň soňky
urgusyny özünden ilkinji tirpildisine güýç, gönezlik, gözbaş alyp gaýdan
perzent ýüreginiň gürsüldüsine goşup urdy. Ol muňa şeýle bir güýç sarp
etdi, damarlar ýarylyp ganlar agyzdan-burundan çogup gitdiler.
Gara Durmaz iň soňky deminde çala üsgürjek ýaly etdi. Aňyrdan
dyňzap gelen gan gujagyndaky Samadyň arkasyna syçyrap gitdi.
Borçlaryny ýerine ýetiren agzalar işlemesini goýdular. Ragwaty giden
gollaryň şalkyldap özüni goýbermesinden nämäň nämedigini aňşyran
Samat kakasyny gujagyndan goýbermedi. Ibn Kahhar ýetişip Gara
Durmazyň arkasyndan tutdy. Gulaklaryndanam gan gelýän Gara Durmaz
oglunyň gujagynda jan berdi…
Samat kakasyny her hili görnüşde göz öňüne getirse-de, şeýle hor, şeýle
ejiz hem şeýle eziz sypatda görerin öýtmändi. Öňki edenli, etli-ganly
göwräniň ýerine häzirki inçelen kakasy Samada zyndandan başga adam
bolup çykan ýaly görkezipdi. Ejizliginden mährem görünýän kakasynyň
täze keşbi Samady begendiripdi. Özüni bileli kakasyna jan diýmedik Samat
birinji gezek gujagyna gysylyp durşuna oňa bir zat bolanyny aňyp «Kaka
jan» diýip gygyrdy.
Samat ýere ýatyran kakasynyň ynsan reňkini ýitirip agaran ýüzüne, ozal
ýagly ýaňaklaryň arasynda känbir özüne çekmeýän, häzir bolsa gözlerem
ýumuk bolansoň baş pol ynanylan artist ýaly öňe çykyp, deşiklerinden gan
akyp duransoň hasam ähli nazarlary özüne güýçli sorýan burnuna
seredýärdi. Köýneginiň ýeňi bilen ony süpürişdirmäge synanyşdy. Oňa
çenli iň soňky gan damjalary kakasynyň gulaklaryndanam geldi. Gülnesibe
emaý bilen Samady yza çekdi-de, Gara Durmazyň agzyndan-burnundan,
gulaklaryndan akan gany süpürip durşuna: «Ganyň içinde ýaşady, ganyň
içinde-de jan berdi biçäre» diýdi.
Maralyň aglamakdan ýaňa suwy çekilen guýa dönen gözleri Samadyň
al gana boýalan arkasyndady. Ol oglunyň şeýle gana boýalanyny diňe şol
it ýaran güni görüpdi. Zyndandan çykan Gara Durmaz howla ilkinji
ädimini ätlände Maral onuň amanadyny tabşyrmaga ýakyn gelenini syzyp
içinden: «Ýüzünde öliň reňki bar» diýipdi. Şondan bolmagam mümkin
Gara Durmazyň ölümi Marala bolaýmaly waka ýaly bolup göründi. Ol diňe
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Üç nokadyň biri - 15
  • Parts
  • Üç nokadyň biri - 01
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2135
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 02
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2175
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 03
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2117
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 04
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2089
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 05
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2109
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 06
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2063
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 07
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2092
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 08
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2052
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2113
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 10
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2095
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 11
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1936
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 12
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2024
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 13
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2016
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 14
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2086
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 15
    Total number of words is 2549
    Total number of unique words is 1600
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.