Latin

Üç nokadyň biri - 13

Total number of words is 3831
Total number of unique words is 2016
32.1 of words are in the 2000 most common words
46.3 of words are in the 5000 most common words
53.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
diňe bir Maralam däl özüniňem kalbynda birden-birden döreýän
ikirjiňlenmeleri bilenem tutluşyp, iň soňunda-da ýeňip, Samat kemala
gelende «Gör, men oglumy nädip ýetişdirdim» diýip, guwanç bilen aýtmak
isläpdi.
Ussat küýzegäriň eline düşen uýtgeşik palçykdan ýönekeýje küýze
ýasap, ony peje salasy gelmez. Ol ondan boýny uzynja küýze ýasap görer,
göwnüne ýaramaz. Soň ony bozup tutawajy owadanja küýze ýasar. Ýene
eden işini palçygyndan pes görüp, göwni ýetmän bozar. Palçygyny täzeden
eýläp, ýene bir zatlar ýasaşdyrar. Belanyň körügem ýasaýan zatlarynyň
gowşaklygynda däl-de, ussanyň eline düşen şol üýtgeşik palçygyndan
aýrylşasy gelmeýänligindedir.
Gara Durmazam Samada gezek gelende şeýledi. Ol ogly bäbejikkä
gujagyna alanda şeýle duýgyny başdan geçiripdi. Alty ýaşaýança ol ony
«Ýerde goýsam islenýär, howada goýsam poslaýar» edip saklady. Jellat
bolan günlerinden başlap bolsa,
ogluna bolan özündäki
dözmezçilikleriniňem jelladyna öwrüldi. Ogluna urýan şarpyklary
küýzegäriň eýi ýeten palçygyna urýan şapbady ýalydy. Şol şarpyklar, ruhy
urgular Gara Durmazyň ýüregini berkitse-de, Samady dözümsizlikden
döreýän geçirimsizliklere alyp barýardy. Ol kakasynyň ýumruklaşma
oýunlarynda uly ejirleri çekýärdi. Özüne degýän ýumruklaryň
awysyndanam beter, kakasyna ýumruk urmak has agyrlydy. Göwnüne her
ýumrugy kakasyny erbet kemsitse-de, kakasy onuň hatyrasyna çydajak
bolýan ýaly görünýärdi. Çünki onuň özi kakasynyň hatyrasyna etmejek
herketlerini etmegiň jebrini çekýärdi. Onsoň kakasy näme üçin onuň
hatyrasyna özüne dözmesin? Emma soňabaka onuň gözüne kakasynyň
ejesine berýän azarlary has artýan ýaly görnüp ugrady. Ejesiniň gözýaşlary
onda kakasyna gezek gelende geçirimsiz bolmak duýgusyny oýardy. Özüni
it ýaranda, hamala ejesi ýaran ýaly kakasynyň ejesini urup durşuny görüp,
çydap bilmän özünden gidipdi…
Ine, indem ol şol kakany küýseýär. Gökden uçup barýan bulutlaryňam
ugry Gürgenje tarap, arkadan ösýän şemalyňam, hatda asmandaky
günüňem ugry Gürgenje tarap. Samadyň göwnüne, kakasy atly öňünden
çykaýjak ýaly boldy. Birdenem ol atynyň ýüzüni yza öwrüp, gamça basdyda ötägitdi. Kakasynyň gaçyp barşyny yzyndaky düýede oturan atalygy
görýärmikä diýip, Samat yzyna gaňryldy.
Ibn Kahhar öz pikirlerine gümra bolup barýanam bolsa, Samadyň yzyna
gaňrylanyny gördi. Ol agtygyna hoşamaý ýylgyryp bakdy. Samat onuň hiç
zady görmeýänine düşündi. Samat bu görnüşiňem asyrlaryň ruhlary ýaly
ýene diňe özüne görünýänini bildi. Kakasynyň giden ugruna seretse, ol
eýýäm gözden ýitip gidipdir. Birden dodagy kepän Samat suw gabyna elini
ýetirip birki owurt suw owurtlady. Onuň atalygynyň ýanyna geçip gürrüň
edesi geldi. Atalygyna özünde bolup geçýän zatlaryň baryny gürrüň beresi
geldi.
«Atam asyrlaryň ruhyny görendigime ynanarmyka? Ýa jynlardyr
diýermikä? Ata jan, ol ruhlaryň owadanlygynyň ýanynda biz özümiz
jynlara meňzeýäs. Men haýran galýan, bizden ýasalyp, olar nähili şeýle
owadan bolup bilýärler?»
— Oglum, ynsanlarda aýratyn owadan reňkler bardyr — ýagşylyk
etmek reňki, minnetdarlyk reňki, pidagärlik reňki. Bu reňkleriň gözelligine
hiç bir zadyň reňki taý gelip bilmez. Asyrlaryň ruhlary şol reňkler bilen
bezelýändir. — Oňa jogap berýän hyýalynda ýanyna gelen atalygydy.
— Atam, senem gördüňmi asyrlaryň ruhuny?
— Olary görmeýänler azdyr. Görmedik bolýanlar welin kändir.
— Ata, olar meni üstlerine mündürip bökdürdiler. Kiçijikkäm
kakamam meni şeýdip bökdürerdi. Ol meni ýokaryk-ýokaryk zyňardy.
Ejem daşymyzdan gorkardy. Men gorkmazdym. Ýöne bir gezek ol meni
ýokaryk zyňdy-da, gapman gidiberdi. Ýadyňa düşýärmi, meni erigiň
üstüne çykaryp, soňam düşürmän gidipdi. Ana, şo gezek. Şondan bärem
men beýige çyksam gorkýardym. Emma asyrlaryň ruhy bökdürende
gorkmadym. Indi kakama duşsam, meni näme üçin erigiň üstünde taşlap
gidenini sorajak. Başga-da köp zatlary sorajak. Kakamy göresim gelýär,
ata.
— Sabyr et oglum, näsibäňde bolsa, kakaň bilen görüşersiň. Häzir bolsa
ýat-da dynjyňy al. Düýäň üstünde ýatyp bilýäňmi?
— Ýatyp bilýän ata, ýatyp bilýän.
Samat nädip uka gidenini bilmän galdy...
Gürgenje barýan kerwen deňziň ýakasynda düşledi. Howanyň yssysyna
garamazdan, deňziň suwy sowukdy. Deňiz tarapdan ösýän ýakymly,
çyglyja howa jana şypa berijidi. Samat deňizde el-ýüzüni ýuwup oturşyna
atalygyna sowal berdi:
— Ata, seret, deňziň nähili owadan gök reňki bar. Şol reňkden
goşawujyma aljak bolýan welin, elime suw alynýar-da, reňkini alyp
bilemok. Bu näme üçin beýlekä?
— Deňziň öz reňki ýokdur oglum. Oňa asmanyň reňki düşüp gök
görünýär. Ol ümürli gün çal reňkdedir, gije görseň gara reňkde.
— Şeýle ullakan deňiz bolubam reňksizmi?
— Hawa.
— Men onuň reňkini alyp bilmeýän bolaýmaýyn, ata?
Samat ellerini çuňraga sokup, ýene-de goşawujyna suw alyp gördi.
Emma ýene elindäki suw reňksizdi. Ibn Kahhar Samadyň bolşuna çala
ýylgyrdy-da, ol göwnüne almaz ýaly, bu meselä başga tarapyndan bardy:
— Birden seniň ataň — menem reňksiz bolaýmaýyn? Seň reňkiň maňa
düşüp şondanam reňkli bolýan bolaýmaýyn? Hany, meniň reňkimden aljak
bol.
— Ýok ata, sen men ýokkamam bardyň ahyryn.
— Mümkin o wagtlar men Kemaletdinden ýa Mahmytdan reňk
alandyryn.
— Onda Mahmytda ol reňk nirden döredi. Sende ýok zat onda nädip
bolup bilsin?
— Bilmedim. Men diňe bir zady bilýän, mende reňk ýok.
— Atam, siziň saçyňyzda, sakalyňyzda ak reňkler bar ahyryn.
— Saç-sakal ol bir tüý. Men diňe tüý däl ahyryn.
— Ata, bildim, bildim. Biziň bedenimizde gan bar. Olam bize reňk
berýär hem ýaşadýar. Şo erbet ýaraman ýatamda menden köp gan gitdi
diýipdiňiz.
— Bolup biler Sam jan. Ganda uly syrlaň ýatan bolmagy mümkin. Diri
guşy kesseň gan çykýar. Gatap galan guşy kesýärsiňem welin, gan ýok ýaly
hiç zat akmaýar. Ölüp gatap giden guşuň gany nirä gitdi? Diri guşy ýumşak
sakladýan ýa onuň içindäki ganymyka? Onsoňam, bilýärmiň oglum, gany
dökmän saklasaň ol garalýar, hem goýalýar, gaty zada öwrülýär.
— Ata, men kakamyň ýanyndakam gandan gorkýardym. Burnumdan
çala gan çykdygy janym çykyp barýan ýaly bolýardym. Emma,
şypahanada welin, näçe gan görsemem gorkmadym. Men gana düşünjek
boldum. Belki kakamam ganyň nämedigine düşünjek bolany üçin ondan
gorkan däldir. Ol bir gezek ejeme «Jellat nähak gan dökmez» diýdi. Nähak
gan nähili bolýarka? Olam gyzylmyka, ýa başga hilimikä?
— Ýok oglum, olam gyzyl bolmaly. Ýöne onuň öz aýratynlyklary bar.
Ol ýerde ýatmaýar. Özüni dökeniň yzyna düşýär, yzarlaýar. Gündiz
huşundan çykmaýar, gije düýşünden. Özüni dökenden aryny alýar. Ol
gorkunçdyr, balam. Nähak gan dökmekden gorkmaýanyň imany ýokdur.
Onuň şu dünýesem berbatdyr, o dünýesem. Diňe bir nähak gan däl, nähak
edilen işem şeýledir. Hatda birje sözi nähak aýdandanam sorag
soralýandyr. Çünki nähak söz nähak işlere itergi berip biler. Nähak
sözünde Hakyň ady bar. Hakyň, Allahyň öňünde «nä» sözüniň goýulmagy
Allahdan däl, Hakyň halamajak zady diýmekdir. Allahyň özi gorasyn bizi
nähak hereketlerden, nähak sözlerden, nähak gan dökmekden. Omyn.
— Omyn.
Samat çygly çäge kenaryň gyrasyny syryp biraz ýöredi. Aýakyzyna
seretdi. Ol bir setir hat ýalydy. Yzyna atalygynyň ýanyna gaýtdy. Ýene-de
bir setir hat ýazylan ýaly boldy. Ol ýene yzyna dönüp öňküsindenem uzaga
gitdi. Deňziň kenaryna päkize, ýetginjek aýaklar üç setir hat ýazdy. Her
basan ädimi, aýagynyň yzy oňa bir many berip duran ýaly boldy. Emma
olarda nähili many bar, bu Samat üçin çözülmejek syrdy. Ol deňziň
kenaryna yzlary bilen hat ýazyp ýörkä, kakasynyň aňynda goýan yzlaryny
okamaga çalyşdy. Olardan özüçe birnäçe nähaklaryny çykaryp
gözýaşlaryny dökmän bilmedi. Ol şol erikden düşürilenden soň içki
jaýlaryna geçip, ýüzüni ýassygyna tutup aglaýşy ýaly, içi boşaýança
aglady. Bu gezek onuň gözýaşlaryny deňiz öz şor suwuna gardy, gizledi.
Sesini deňiz tolkunlary töwerekde hiç kime eşitdirmän alyp gitdiler.
Ümmülmez deňiz kenarynda onuň ýüzünem görüp bilen bolmady. Sowuk
suwuna ýüzüni ýuwanda deňiz ony doly köşeşdirdi. Çagalygynyň
ýassygynyň reňkem häzirki deňziň reňki ýaly göm-gökdi.
Agysynyň iň soňky nokadyna çenli deňze goýup, ynsan nazary bilen
garasaň öňkülerinden tapawut etmeýän, deňiz üçin bolsa düýbünden
başgaça setiri aýak yzlary bilen goýup, Samat atasynyň ýanyna geldi.
— Ata, biz haçan Gürgençde bolarkak?
— Indi az galdy, oglum.
— Ata, kakamy halas etjek bolarysmy?
— Dagy näme, oglum.
— Näme üçin? Nämäň hatyrasyna, ata?
— Allahyň haky üçin, Allah ryzasy üçin, balam. Sen bilýänsiň ahyryn,
pygamberimiziň «Jennet siziň ene-atalaryňyzyň dabanynyň astyndadyr»
diýen mübärek sözlerini. Sen muňa nähili düşünýädiň?
Samat jogap bermedi. Deňziň kenarynda galan, tolkunlaryň ogşaýan öz
aýak yzlary göz öňüne geldi. Ibn Kahhar sözüni dowam etdirdi:
— Şu deňiz çägesiniň seniň aýagyň aşagyna düşelişi deý, eneatalaryňyzyň dabany agyrmaz ýaly, aýaklarynyň aşagyna düşeliň diýdigi
dälmi?
— Diňe enem-atam bolany üçinmi?
— Dagy näme, oglum? Sen ýazyklaryny geç diýip olara Allahdan iman
dilemejekmidiň? Sen olary dowzah oduna ýakma diýip Allaha
ýalbarmajakmydyň? Seniň bagyşlamadyk günäňi Allah neneň bagyşlar?
— Men bagyşladym, atam jan.
— Onsoňam…
onsoňam,
kimiň
ýazyklydygyny,
kimiň
ýazyksyzdygyny bir Allah biler. Oglum, belki Allah kakaňa dowzahy
görkezmejek bolup, bu dünýede zyndany görkezendir. Seniň kakaň eden
nähak işleri üçin şu dünýede jezasyny çeken adam bolsa bildiňmi? Emma
kakaň ýanyna getirilip goly çapylmansoň, ogurlyk edip günä torbasyny
galňada-galňada göni dowzaha barjaklaryň dat gününe. Kakaň elindäki
aýpaltada näçe günä bar bolsa, kakaňkam şondan kän däldir. Çünki ol
başga biriniň eline palta bolup düşdi. Palta bolsa adamzada gerek.
Kimiňem bolsa biriniň rysgy palta bolmakdan berilýär. Tutuş adamzadyň
günäsi näçe bolsa kakaň günäsem şondan kän däldir.
Samat ýuwaşja ses bilen:
— Deňizde balyklaryň beýle günäsi ýok, howada guşlaryň beýle günäsi
ýok, ýerde agaçlaryň beýle günäsi ýok — diýdi. Atasy onuň başyny döşüne
goýup:
— Adamzat olardan tapawutlylykda ömrüniň ahyryna çenli
synagdadyr. Çünki Alahyň ýanynda onuň gymmaty başgadyr. Ýerde
agaçlaryň şahalarynyň şemala şuwlaýan sesleri, gökde guşlaryň ganatynyň
sesi, suwda balyklaryň, bu tolkunlaryň sesi Allah üçin edil adamzadyň
ömrüniň sesi ýaly ähmiýetli däldir. Olaryň sesi biziň ömrümiziň sesiniň
ýanynda diňlenmeýän adamyň gepi ýalydyr. Biz şunça ýyl ýaşap ömrümiz
bilen nämäni aýtdyk? Allah biziň begenemizde näme diýjegimizi eşitmek
üçin begendirýär, gynanamyzda näme diýjegimizi eşitmek üçin
gynandyrýar. Biz ahyretde ömrümiziň hasabatynyň boljakdygyna şükür
etmelidiris. Ömründen bihabar galan, ömrüne baha berilmedik bolmaz.
Adamzadyň her biri şeýle ähmiýetlidir. Bu dünýede yz goýman ýöremek
mümkin däldir, oglum — diýdi.
Kerwen ýene-de ýola düşdi. Çaltyrak kakasyna, ejesine gowşasy
gelensoň, Samada düýeler has haýal ýöreýän ýaly bolup göründi. Onuň
göwnüne düýeler mytdyldap ýöreýärdi, Güneş mytdyldap dogýardy,
mytdyldabam ýaşýardy. Dünýe mytdyldap aýlanýardy.
12-nji bölüm
…Ölenler ýer bilen onuň aşagynda aýlanyp dur, diriler üstünde.
Mundan on asyr öňem şeýdip aýlanypdyr, kyýamatahyr
gopaýmasa, ýene on asyrdanam dünýe şeýder aýlanar durar…
Samadyň mytdyldap aýlanýar dýýän dünýesi ýene-de biraz aýlanandan
soň, Gürgenjiň metjitlerinde gygyrylýan azan sesi eşidildi. Gündogaryň
owazy ýaly, mydama-da owadan eşidilýän azan sesi ertir namazyna
çagyryşdy. Kerwensaraýdan çykan ataly-ogul ilki bilen namaz okamak
üçin Selmanyň ymamlyk edýän metjidine bardylar.
Samadyň gözi töweregindedi. Ol tanyş ýüzleri gözleýärdi. Alagaraňky
metjitde sanaýmaly adam bardy. Olaryňam köpüsi Samat dagy bilen bir
kerwende gelenlerdi. Her kim azan aýdylandan soň, ertir namazynyň
sünnetini berjaý etmäge durdy. Sünnet okalandan soň, parz namazynyň
azany aýdyldy. Öňe uzyn boýly, ak selleli ymam geçdi. Samat ýaş
bolansoň, ýaşululara hormat edip hataryň çeträginde duranyna gynandy. Ol
namaz gutaran badyna ymam bilen gujaklaşjakdy.
Ýaňy ýedi ýaşyndaka, Gülnesibe daýzadan arapça «Allah» diýip
ýazmany öwrenip ýören wagtlary Samada ilkinji namaz okatdyranam
ymam Selmandy. Ol şonda ömründe ilkinji gezek, metjidiň içi adamdan
dolam bolsa, Samat bilen gujaklasyp «Şular ýaly päk çagalaryň hormatyna
Allah namazymyzy kabul etsin» diýipdi.
Ymam Selman Samat üçin üýtgeşik adamdy. Onuň üýtgeşikligi
ululygyndady. Uly adam bolmak diýilýän zat, Samat üçin ymam Selman
bolmakdy. Onuň uzyn boýuna, uzyn barmakly ullakan ellerine Samat
gözgidijilik bilen bakardy. Kakasynyň ädim ädişine höwes edişi ýaly,
ymam Selmanyň töwir galdyranda ýüzüne sylýan ullakan ellerine höwes
ederdi. Özüni it ýaranda gözüni açyp ilki göreni ejesini gamçylap ýören
kakasy, soňam ymam Selmanyň aladaly ýüzi bolupdy. Ol şonda içinden:
«Ymam Selman daýy meni häzir metjitde namazdan soň gujaklaýşy ýaly
gujaklasady» diýipdi. Ýarasyz, it ýarmadyk elini uzadypdam welin,
Selman oňa düşünmedik ýaly, şol ysgynsyzja elden tutup oňaýypdy.
«Näme üçin ymam Selman daýyň özi meni gujaklamaýarka? Ejemden
utanýarmyka, ýa kakamdan çekinýärmikä?» Hakykatdanam, Selman
Samady hernäçe eý görse-de, hatda Samat gutulandan soňam ony
gujaklamandy. Naşyja, sähel maý berse boýnundan asyljak çagany
gujaklaman saklanmak Selmana kyndy. Şonda-da ol birdenkä Gara
Durmaz: «Öz çagaňy gujakla» diýäýjek ýaly, diňe Samadyň egnine ullakan
ellerini atardy-da oňardy. Diňe bir gezek, olam Samadyň ilkinji gezek
jemagat bilen namaz okan gezegi mährini saklap bilmändi.
Belki häzir gujaklar? Samat boýunyňam ösendigine göz ýetirjek bolýan
ýaly, göwresine seretdi. Namazyny yhlas bilen berjaý etdi. Samat ymamyň
jemagata tarap ýüzüni öwrerine garaşdy. Uly begenç bilen uýan ymamy
bärsine öwrülende, onuň Selman däldigini görüp bir hili boldy. Ol
çekinjeňlik etse-de Selman daýysy bilen gujaklaşjakdy ahyryn. Ondan
«Allah kabul etsin» diýen sözleri eşitjekdi. Gujagyna dolup ejesi, kakasy,
Gülnesibe daýzasy hakynda soraşdyrjakdy. Emma eýesniň elinden süýji
iýmäge öwrenen taýçanagyň ýat adamy görüp kürtdürip durşy ýaly, ymam
Selmanyň ýerine başga bir ymamyň namaz okadandygyny görüp, ýüzüne
urlan ýaly boldy.
«Ymam Selman daýym ýarawsyz bolaýmasyn?» diýip, özüni
köşeşdirjek boldy. Atalygy Ibn Kahhar ymamyň başga adam ekendigini
eşidip, Samada göwünlik berdi. Ýanynda bile namaza duran ýerli bir
adamdan metjidiň öňki ymamy hakynda sorady. Ol adam «Bilemok» diýip
howlukmaç gitdi. Ibn Kahhar ýene birki ýaşuludan sorap gördi. Soran
adamsy «Bilemokdan» başga jogap bermän, ýüzüni başga ýana
sowaýýardy. Hemmeler sowukdy.
— Gürgençliler ýäz çykanyny bilmeýän ýaly-la — diýip, Ibn Kahhar
ýüzi salyk Samat bilen degşen boldy.
Samat sesini çykarman öýlerine tarap barýardy. Ol atalygyna
«Ýolugrunda Selman daýylaryň öýleri bolmaly, onam görüp geçäýeli»
diýdi. Hanha, onuň kakasyndan gaçyp köp gezek gelen howlusy.
Derwezesem üýtgemändir. Gülnesibe daýzanyň ertekilerini diňlände
aňyrsynda daşary däl-de, ertekileriň gahrymanlary görünýän penjireler.
Samada olaryň hemmesi mähriban göründi. Ony çagalygyna dolady. Ol
ylgap baryp derwezäni kakdy. Aňyrdan «Kimsiň?» diýip bir nätanyş
aýalyň sesi geldi. Samat allaniçigsi bolup gitdi. Ýene gündogaryň däbine
eýerip, öý eýesini sorady:
— Bize ymam Selman gerekdi.
— Biz beýle adamy tanamzok. Bu öý Japar täjiriň öýi.
Samat näme jogap berjegini bilmedi. Ibn Kahhar:
— Sen başga öýe baran bolaýma? Näçe ýyl geçipdir, ýalňyşansyň
belki? — diýdi.
— Ýok, men bu öýe öz öýmüzdenem gowy belet.
— Öz öýňüzi bir taparmyň?
— Taparyn atam. Men hiç zady bulaşdyramok, başymam aýlananok.
Ymam Selman daýylar meň yzymdan Bagdada giden bolaýmasynlar?
— Adamlar ymamlaryndan habarsyz bolsalaram tebiplerini
bilýändirler. Bulardan Şemsi tebibi soraly.
Ibn Kahhar geçip barýan birinden Semsi tebibi sorady. Ol adamam
gaşyny çytyp «Bilemok» diýip jogap berdi. Gitdigiçe ýaş kalbyny gorky
gaplaýan Samat Ibn Kahharyň: «Dogrudanam, Gürgençde gyş çykmandyr
öýdýän» diýýän sözlerini çala eşidýärdi. Onuň gorkudan hem
tolgunmakdan ýaňa gulaklary gapylan ýaly boldy. Ol öýlerine eltýän ýola
düşüpdi. Öýlerine çenli ýüz ädim çemesi galypdy. Ol özüniň Ibn
Kahhardan gowy arany açanynam duýanokdy. Kyrk… ýigrimi bäş… on…
bäş… bir… Samat sakga durdy-da: «Bu jaýa girmäge meň hakym barmy?»
diýip soraýan ýaly, yzyna garandy. Ibn Kahhar ýigrimi-otuz ädim çemesi
yzda galypdy. «Maňa garaşjak bolma, giriber» diýip, ol Samada ellerini
galgadyp yşarat etdi. Samat gapylaryna seretdi-de, aýaklary ädilmeýän
ýaly ýene yzyna gaňryldy. Ibn Kahhar ýene şol bir yşaratyny gaýtalady.
Samat gapylaryna tarap öwrüldi-de, iň soňky ädimem ätdi.
Derwezedäki gapy gulply däl eken. Ol Samadyň bar güýjüni jemläp
aýgytly itmesine şarkyldap açyldy.
On-on bäş adim aňyrda dört-bäş ýaşlaryndaky enaýyja çaga, gapyň
şakyrdysyna oýnap oturan oýnuny goýup, bärik seretdi. Samat bu garaşylmadyk görnüşe aljyrady. Onuň gulagyna itiň tanyş sesi geldi. Onýança
jaýdan «Ýat ýok bol» diýip, ejesi çykdy.
— Samat… Samat jan!
— Eje!..
Samat ylgap baryp ejesiniň gujagyna doldy. Ol edil körpeçden çykan
guzy ýaly dünýäni unudyp, ejesinden başga hiç zady görmeýärdi. Balasyny
bagryna basyp duran Maralyň birden essi aýyldy. Onuň göwresi Samada
saklatman başlady. Samat başardygyndan emaý bilen ejesini oturtdy.
Gülnesibäniň haçan jaýdan çykanyny, haçan ýanlaryna gelenini Samat
duýman galdy.
— Suw al çaltyrak, Samat jan.
Samat ylgaşlap jaýa girip suw alyp çykdy. Hemme zatlar mundan dört
ýyl öňki duran-duran ýerlerinde bolansoň, Samadam özüni dört ýyl yza
oklanan ýaly duýdy. Emma suw alyp gelýärkä Ibn Kahhara gözi düşüp,
ýene şu günki gününe dolandy. Ibn Kahhar egnindäki horjunyndan bir
zatlar çykarýança Gülnesibe Samadyň getiren suwundan birazyragyny
Maralyň ýüzüne serpdi. Galanyny bolsa, özüne gelen Marala içirdi.
— Ýerden çykdyňmy, gökden iýndiňmi Samat jan? Gelsene, oglum!
Samat ýene ejesiniň gujagyna doldy.
Ibn Kahhar gapydan gireli bäri özüni öldüräýjek bolup üýrýän ite hiç
kim barmysyňam diýenokdy. Maral oňa naýynjar bakdy. Adamsy göz
öňüne geldi. Köpek birzatlar syzyp üýrmesini goýdy. Günäli ýaly ýüzüni
aşak saldy-da, uzyn süýnüp ýatdy. Gülnesibe gyzy Rabiýýany gujagyna
aldy. Hasaba alardanam çalt, emma şeýle täsirli geçen dymyşyklygy
Gülnesibe bozdy.
— Öýe gireliň. Men derrew çaý goýaýyn.
Ibn Kahhar:
— Bagdatda-ha beýle howada öýden daşaryny gowy görýärler.
— Agam, siz bagdatlymysyňyz — diýip Gülnesibe ondan arapça
sorady.
Ibn Kahharam arapçalap oňa «Hawa» diýdi. Öýden düşek çykarmagam
ýadyndan çykaran Gülnesibe, arap dilinde Ibn Kahhar bilen hal-ahwal
soraşmaga durdy. Maral oglunyň kellesini egniniň üstünde goýup,
saçlaryndan sypaýardy. Samadyň başyny sypaýan elleriniň hereketlerem,
gozlerinden akýan ýaşlaram özünden biygtyýardy. Samat ýüzüni ýerden
galdyranokdy. Kiçijik Rabiýa ejesiniň köýneginden çekip:
— Bu meň kakammy, kakammy? — diýip ýetişibildiginden soraýardy.
Maralyň nazaryndan utanan ýaly kellesini iki aýagynyň üstünde goýan
Alabaý bolýan wakalary beýnisine ýazýan dek hiç zady gözden
sypdyrmajak bolup seredip ýatyrdy. Ýere bakyp oturşyna göz astyndan ite
seredýän Samadyň göwnüne, Alabaý diňe oňa bakýän ýalydy. Ol
Rabiýanyň «Bu meniň kakammy, kakammy?» diýip berýän soragyny
özem bilmän gaýtalap ejesine Alabaýy görkezýän ýaly boldy. Ejesi oňa
hawa-da diýip bilenokdy, ýogam. Samadyň itiň başyny sypasy geldi. Ol
ýerinden turdy-da, ite garşy ýöräp ugrady. Alabaý tarsa ýerinden galyp,
aýylganç üýrmäge başlady. Emma Samat onuň sesine durarly däldi. Itiň
üýrmesi onuň gulagyna «Oglum, oglum» diýýän kakasynyň sesi bolup
eşidilýärdi. Onuň gözüne kakasy eline-aýagyna daňylan zynjyrlardan
sypjak bolup dyzaýardy hem ýetişibildiginden «Oglum» diýip gygyrýardy.
Samadyň ite ýetmegine sähelçe galanda Maral onuň yzyndan ýetip
arkasyndan gujaklady.
— Dur oglum, nirä barýaň?
— Eje, kakam bilenem salamlaşaýyn-da. Eje, men kakamam gowy
görýän. Çyndanam gaty gowy görýän. Goýber eje. Men oňa aýdaryn, ol
indi senem, menem urmaz. Gamçysyny gizlärin. Ony zynjyrlaryndan
boşadaly. Ol zynjyrlaryna çolaşýar, eje.
Ibn Kahharam ýetip gelip it bilen Samadyň arasyna düşdi. Alabaý ýat
görüp Ibn Kahhara hasam erbet üýrýärdi. Onuň ýiti dişleri, ýokary-ýokary
galdyrýan penjeleri Ibn Kahharyň donuna sähelçe ýetmän gaýdýardy.
— Eje, sen eşideňokmy, ol meni çagyrýar. Goýberiň meni. Goýber
diýýän. Men kakamyňam ogly, goýber diýýän. Atam meni saklamasana.
Sen kakamy boşatmaga geldiň-ä. Boşat-da. Meni näme üçin saklaýaň.
Hanha, kakam. Ol indi bize golaýjykda. Bagdatdakak daşdadyk. Kaka jan,
bular meni goýberenok. Sen gaharlanma, bularam meni gowy görýäler.
Samat aglap ýalbarmaga başlady.
— Eje jan, jan ejem, goýberäý-dä. Kakamy elläpjik yzyma gaýdaýyn.
Men saňa-da ogul boljak eje. Kakam janam meni bäbekkäm gujagyna
alýardy diýip özüň aýtmaýarmydyň? Eje, ol meni bökdürýädem gerek?
Eje, hany seniň monjugyň, hany söýgiň? Hany ol, ýa ýitirdiňmi? Gör, eje,
men ýitirmedim, ýitirmedim. Sen welin ýitiripsiň. Neneň kakamy daňmaga
dözdüň? Beýtmeseň bolmaýarmy? Zynjyr kakamyň boýnuny kerter
ahyryn?
Ibn Kahharyň, ejesiniň, Gülnesibäniň köşeşdirjek bolup aýdýanlary
onuň gulagyna-da ilenokdy. Gülnesibäniň getiren suwly käsesinem kakyp
goýberdi. Käse hol beýläk zyňylyp döwüldi.
— Sen näme, Gülnesibe daýza maňa gan içirjek bolýaň? Ol Selman
daýymyň ganymy? Onam sen dökensiň. Men seň saçyňy gyraryn. Sen
Bagdatdanam däl ekeniň. Bagdatda Gülnesibe bolmaýa, maňa atam aýtdy.
Sen aldawçy, aldawçy. Kaka jan, bizi aldaýalar. Sen jelladam däl,
aldaýalar.
Samat Ibn Kahhardan üstaşyr ellerini uzadyp Gülnesibäniň saçyndan
ýapyşjak bolýardy. Ellerini, aýaklaryny galgadyp depirjikleýärdi. Ibn
Kahhara Samady saklamak barha kyn düşüp başlady. Ol Gülnesibä «Ýüp
getir» diýip gygyrdy. Gülnesibäň getiren ýüpi bilen Samady daňmaga
durdy.
— Kaka jan, menem daňýalar. Entek sizi bir edişime serediň. Maňa
beýle eje gerek däl. Men, näçe horlansamam, sizi ýadymdan çykarmadym.
Atam bilen şonça ýol söküp geldik. Ata jan, sen bir bu işigaýdanlara
goşulma-da. Goýberd-ä meni. Men saňa näme ýamanlyk etdim.
Kemaletdin, gel, ýetişsene. Kemaletdin seni kim daňdy? Mahmyt senem
daňylgy-la. Atam, olary näme üçin daňdyň? Bilýän atam bize gaçar
öýdýär. Biz gaçmarys. Gaçmarys gerek? Ata daňma-da, göýberäý-dä.
Hana Kemaletdinem gaçmarys diýip dur-a.
Samadyň elini-aýagyny daňdylar.
— Wah, şu wagt Selman daýym geläýse? Ullakan elleri bilen siziň
bujagaz ýüpüňizi ýolum-ýolum ederdi. Selman daýy… Selman daýy…
Bolmasa, iň soňkuja gezek geläý.
Gülnesibe Samadyň Selmany çagyryp gygyrýan sesinden durup
bilmedi. Oň özem adamsyny şeýdip gygyryp çagyrmaň arzuwyndady. Eger
şeýdip bilse, ýüregindäki ýarasy irňi bilen, özeni bilen sogrulyp çykyp
gitjek ýalydy. Emma indi hiç haçan bu arzuwyna-da ýetip bilmejek
Gülnesibe bir gyrada häliden bäri näçe aglasa-da, sesine gulak asylmadyk
gyzyny gujagyna alyp diňdirjek boldy. Emma gyzam diňerli däldi.
Gülnesibe ony alyp öýe girdi.
Maral ogluna näme bolanyna düşünip bilenokdy. Ony köşeşdirjek
bolýardy. Ibn Kahhar horjunyndan dermanlaryny çykaryp garyşdyryp
durşuna, Marala öýden ýorgan çykardyp Samadyň üstüni ýapdyrdy.
— Ogluma näme boldy?
— Häzir, häzir uýam. Ýadapdyr, ýadapdyr… Ýatyp-tursa gutular.
Ýassygam getiriň-dä.
Samadyň urnup ýatyşyna dözmän, ejesi onuň elinden tutdy. Samat
daňylgy eli bilen ejesiniň elinden ýapyşdy. Maral Ibn Kahharyň ýassyk
diýenini getirmek üçin turjak boldy. Emma sakyrtgaň aýaklary ýaly boş
barmaklar onuň elini goýbermedi.
— Samat jan, goýber, men saňa ýassyk getireýin.
— Aldama, sen meň ýassygymy öldürdiň. Gylyçlap öldürdiň.
— Ýok oglum, öýde bar, goýber getireýin.
Samat goýbererli däldi. Onuň inçejik barmaklaryna güýç gelip, ejesi
sypjak boldugyça berk gysylýardy. Maral eliniň agyrsyna çydap bilmän
«goýber» diýip nädip azymly gygyranynam bilmedi. Ejesiniň gaty çykan
sesi Samady ýuwaşatdy. Ol ejesiniň elini goýberdi. Ibn Kahhar maý tapyp,
oňa derman içirdi.
Samat daňylaly bäri birinji gezek petiräp hanasyndan çykyp barýan
gözüni ýumdy. Ýanyna kakasy geldi.
— Ýat oglum, ýat. Daňylyp ýatmagyňam öz lezzeti bardyr. Sen bu
lezzeti başga hiç ýerden almarsyň. Ýat oglum, menem ýataýyn.
— Ýataly kaka. Daňsalar daňyp geçsinler. Rahat ýataly. Sen ýöne meni
taşlap gitme, köşge diýibem gitme, zyndana diýibem…
Samat dermanyň güýji bilen uka gitdi. Ibn Kahhar ýuwaşlyk bilen
ýüpleri gowşatdy. Biraz soň doly çözüşdirdi. Samat oýanyp, üstüne abanyp
duran Ibn Kahharyň boýnundan boşanan elleri bilen gujaklap aglamaga
başlady.
— Goý, oglum, goý aglamaňy, aýyp bor. Ýör öýde ýataý.
Samat indi Ibn Kahhara gulak asýardy. Olar tirkeşip öýe girip ugradylar.
Maralam eli ýassykly olaryň yzyna düşüp öýe girdi.
Öýde Samadyň halyna ýüregi gyýlyp, gujagynda gyzy, busan gögerçin
ýaly jaýyň bir burçunda bir gysym bolup oturan Gülnesibe Ibn Kahhar
yşarat edensoň daşary çykdy. Töwereklerinde kökenek bolup ýören Maral
ogluna ýatar ýaly düşek atyp, ýassyk goýdy. Bu otagyň bir wagtky ýüzüni
ýassygyna berip aglan otagydygy hakydasynda janlanan Samadyň gözüne
ýaş aýlandy. Şol, birwagtkysy ýaly aglaýanyny bildirmejek bolup ýüzüne
ýassyk tutdy, ýüzin düşüp ýatdy. Maral köşegini tapan maýa ýaly
rahatlanyp oglunyň başujunda çökdi.
Samatdan arkaýynlaşan Ibn Kahhar eneli-ogly iki-çäk goýup, daş
çykdy. Gülnesibe-de rahatlansyn diýip onuň gujagyndaky Rabiýajyga lak
atan boldy. Rabbiýa ylgap gelip onuň boýnuna bökdi. Ibn Kahhar
ýetişibildiginden «Kaka» diýýän Rabiýajygy gujagyna aldy:
— Men seň ataň balam, ataň.
— Ýok kakam, kakam.
Çagajyk Ibn Kahharyň egnini ýumruklap aglamaga durdy.
— Bolýar oglum, kakaň.
— Kakam.
Gülnesibe gyzyny Ibn Kahharyň gujagyndan aljak boldy, ol etmedi.
Özüni oňaýsyz duýan Gülnesibäň öýden düşek çykarmalydygy ýadyna
düşdi. Eýwana ýazylgy düşekleriň birini alyp daşaryk ýazdy. Ibn Kahhar
Rabiýany gujagyndan düşürmän düşege geçdi.
— Samat Bagdatda-da bir gezek şeýle boldy. Ýatyp tursa gutular.
Ýadawlykdan beýnä agram düşüp bolýar.
— Aýrylsa bolýa-la. Özi bir dertlije çaga-da. Bagdada gitmeziniň
öňýanlary şu it ony erbet ýardy. Ýaralary üç aýlap gutulmady. Ýogsa oňa
Şehdi tebip pahyryň özi seretdi.
— Şehdi tebip ýogalan eken-ow.
— Hawa Selman ikisi, ýene-de köşkden iki adam. Samady ýitiren
günümiz köşkde şehit edilipdir.
Bu wakany diňläp Ibn Kahhar ýogalanlara aýat-töwür etdi.
— Takdyrlarydyr-da bendeleň.
— Hawa-da…
Kerwensaraýdan ýükleri getirtmelidi. Samatdan arkaýynlaşsa-da, Ibn
Kahhar ony bu halda goýup bir ädimem ädip biljek däldi. Ol «Hany sabyr
edeli, bir alajy bolar-la» diýip özüni rahatlandyrdy. Soň bolsa iti görkezip:
— Janawer horlanypdyr — diýdi.
Gülnesibe:
— Dört ýyl bäri bizi ýatdan-ýamandan goraýan howludaky ýeke erkek
şol. Onam satyn aljak bolup gelenem kän boldy — diýip, dört ýylyň içinde
bärde bolup geçen wakalary birin-birin gürrüň berdi.
Ibn Kahhar ondan Gara Durmazy iň soňky gezek haçan görenlerini
sorady.
— Dört ýylyň içinde ony ýeke gezegem görüp bilemzok. Ýöne yzyndan
Maralyň elten zatlaryny alýarlar. Ýagdaýy gowy diýibem jogap berýärler.
— Biz ony satyn alyp bilmeýärismi?
— Ýurtdan göçüp gitmek şerti bilen satyn alsa bolýar, ýöne olam gaty
gymmat.
— Näçe?
Nesibe bendilikde ýatany azat etmek üçin tölenýän tölegi aýtdy. Ibn
Kahhar öz içinden hasap çykardy. Ýany bilen alyp gaýdan barja puly oňa
ýetmedi. Ol lapykeç dymdy. Gülnesibä syr bermejek bolup hem möhümi
töwereginden bitäýjek ýaly daş-töweregine garanjaklady. Ýokarsyna
bakdy.
— Dalbaryň üzümlerem-ä kesilmändir.
Gülnesibe geçen ýyl goňşularynyň kesip berenini, bu ýyl o bendäňem
eliniň degmeýänini aýtdy.
— Hany, gaýçy bar bolsa alyň, özüm keseýin. Rabiýa jan senem ejeň
bilen öýe girdejik ýat.
Gaýçy getiren Gülnesibe gyzyny ýatyrmak üçin öýe alyp girdi. Ibn
Kahhar eşigini ýeňledip, Gülnesibäniň tapyp gelen merdiwanyna çykyp
üzümleri kesmäge girişdi. Ol biri-biriniň içinden geçip gidýän, bilmeýän
adama haýsysny kesip haýsysyny goýsamkam diýdirip aljyratjak
çybyklardan gaty aňsat baş çykaryp, olaryň gysgaltmalysyny gysgaldyp,
düýbünden aýyrmalylaryny düýbünden aýryp barýardy. Emma öňünde
duran esasy meselelerden welin, nädip baş alyp çykjagyny bilmeýärdi.
«Samady bärde goýup gidip bilmen. Ejesinem alyp gitsek kakasynyň
aladasyny kim eder? Özüm asla galyp biljek däl. Wah, pul azlyk edýär-dä.
Bärde gazanç etmäge-de ýagdaý ýok. Alyp gaýdan kitaplarymy satsam, oda näme pul çykarjak, belli däl. Şehdi tebibem öldürilen bolsa meni
kitaphana goýberen, kitaplarymy çalşanam tapylmaz. Gülnesibäň bagdatly
bolsaň bärde özüňi tanatmanyň gowy diýmesi has erbet. Täze emiriň ýakyn
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Üç nokadyň biri - 14
  • Parts
  • Üç nokadyň biri - 01
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2135
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 02
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2175
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 03
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2117
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 04
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2089
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 05
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2109
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 06
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2063
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 07
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2092
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 08
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2052
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2113
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 10
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2095
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 11
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1936
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 12
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2024
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 13
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2016
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 14
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2086
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 15
    Total number of words is 2549
    Total number of unique words is 1600
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.