Latin

Üç nokadyň biri - 12

Total number of words is 3745
Total number of unique words is 2024
31.8 of words are in the 2000 most common words
44.7 of words are in the 5000 most common words
51.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
şykgyldy soňam her gezek monjuklar biri-birine degip seslenende
Samadyň ýadyna düşdi durdy. Ol kalbyny gussa batyran bu
ýatlamasyndan, pikirlerinden saplanjak bolup beýlesine agdaryldy.
Samadyň içki dünýesem häzir bir eýläk agdarylýardy, bir beýläk. Ol
Gürgenje - ata-enesiniň ýanyna gitjeginem bilmeýärdi, gitmejeginem.
Ibn Kahhar Samadyň gün-günden gutulyp barýanyny görüp dursa-da,
onuň bilen Gürgenje gitmek barada gürrüňi gozgamaga howlukmaýardy.
Bir seretseň, ol bu meseläni öz ýanyndan çözüp, indi oňa dolanyp gelmejek
ýaly görünýärdi. Bir gezek ol Samadyň ýanyna gelip şypahananyň
gürrüňini etse, ýene bir gezek Kemaletdinde bolup geçen üýtgeşmä
begenjini aýdýardy. Hakykatdanam, Samadyň ýanyndan gije-gündiz
aýrylmaýan Kemaletdiniň häsiýeti ýumşap, mähremleşen ýalydy. Samat
ýarawsyzka göz bolsun diýip Kemaletdiniň ýatýan ýerini atalygy onuň
ýanyna geçirdipdi. Emma, Samat gutulansoňam, ol düşegini öňki ýerine
alyp gitmedi. Ikisi maý tapsalar birigerdiler, uzak-uzak gürrüň ederdiler.
Şol gürrüňleriň täsirinden boldumy, Kemaletdin işine yhlasyndanam beter
adamlara bakyşy, nazary üýtgedi. Ibn Kahhar, eger Samat göwnäp
Gürgenje gitmeli bolaýsa, şypahanany Kemaletdine goýup arkaýyn gidip
biljegine begendi.
Gördüm diýse-de, bir gün Kemaletdin söz berşi ýaly, Samady Sara bilen
tanyşdyrmaga alyp gitdi. Belleşilen ýere baranlarynda Sara heniz
gelmändir. Şypahanadan zordan sypyp gaýdan ýaş lukmanlara Bagdadyň
tozanly köçesinde biri geljek diýip garaşyp durmaga wagt ýokdy.
Kemaletdin darygyp ugrady.
— Mydam şeýle-dä. Bir gezegem garaşdyrman gelenok.
— Aý, gyzlar bilen iş salyşsaň günüň şüdür.
— Näme sen gyz bilen iş salşyp gören ýaly, günüň şüdür diýen bolýaň?
— Görüp durun-da. Näçe wagt bäri durus şu taýda, görene göz bolup.
Öýleneňsoň dagy näder?
— Näder, öýdenem çykmaz.
— Men-ä oýun edýän. Öýden çykarman saklamarsyň. Häzir geler
welin, edil ala-baharyň gary ýaly, pagyş-para erärsiň.
Kemaletdin Saraň gelýänini gördi. Hakykatdanam, üýtgeşik bir waka
bolaýjak ýaly, ony görenden ýüregi gürsüldäp urmaga başlady. Zordan
Samada: «Gelýär» diýip ümlemäge maý tapdy.
Saraň ýüzi ýarpy ýapykdy. Emma şonda-da onuň owadanlygy bildirip
durdy. «Mümkin ýüzüniň ýarpy ýapylyp, diňe ala gözleriň görünýändigi
ony has owadan görkezýändir? Kim bilýär, ýüzüni doly açsa ondanam
owadan bolar. Gyzlar näme üçin beýle owadan bolýarkalar?
Kemaletdinem görmegeý-le. Şu wagt hasam görmegeýleşen ýaly.
Pyşyrdan bolup, näme diýjek bolýarka? Men gowusy bulaň ýanyndan
aýrylaýyn». Samat bir bahana bilen olardan yza galdy.
Ol Saranyň ýüzüniň ýarpy ýapyklygyny dünýäniň ýüzüniň ýarysy
açyk, beýleki ýarysynyň ýapyklygyna meňzetdi. Samat geçen günleri
dünýäniň ýüzüniň açyk bölegine deňedi. Ertirki güni, sagady, minudy
welin görjek gümanyň ýok. Bu ýapyklyk özüne çekýär, imrindirýär…
Kemaletdin «Atamyz bizi gözläýmesin» diýip hoşlaşanlaryndan soňam:
«Wiý, bir zady aýtmagy ýadymdan çykarypdyryn. Sen baryber, men seň
yzyňdan ýeterin» diýip, Samady ýeke ugratdy.
Samat Bagdadyň darajyk hem adamsyz köçeleri bilen öýlerine gaýtdy.
Sam daş düşelen ýoldan ýüzüni galdyrman barýardy. Birden, hyýalynda
ejesi ýanyna geldi.
— Oglum, nämä gaýga batdyň?
— Eje, men öz çagasyny urýan ejeleri kän gördüm. Olardan näme üçin
beýdýänlerini sorap bilmedim. Sara-da Kemaletdiniň ogullaryny urar.
— Ony näbilýäň?
— Göwnümedirem welin, şeýle bolaýjak ýajy. Hem üýtgeşik gowy
görer, hem urar. Men bu gezek ýalňyşsam begenjek, ýöne nädip beýle
bolup bilýär?
— Sen meniň şol çalan şarpygymy henizem unudaňokmy? Ol meňem
ýadymdan çykmaz. Bagyşla, oglum. Seniň ýaňagyňa urdugym, öz
ýaňagyma urdugym dälmidi ýogsa?!
— Bagyşla, eje…
— Oglum, sen kakaňy halas etmeli galanynyň bir alajy bolar.
— Kakamy? Nädip eje?
Samat ejesiniň näme üçin jogap bermeýändigini biljek bolup
töweregine garanjaklady, emma eýýäm ejesi gaýyp bolupdy. Diňe hol
aňyrdan Kemaletdiniň ýetip gelýäni göründi.
Ibn Kahhar Gürgenje gitmäge Samat göwnemez öýtmeýärdi. Şonuň
üçin-de daş ýola ugralmazyndan öň Kemaletdin bilen ýene-de bir gezek
gürleşmegi makul bildi. Gyzza-gyzza diremän arkaýyn gürleşmek
maksady bilen Kemaletdini ýanyna çagyrdy.
— Samy Gürgenje äkitmekçi bolýanymy biýänsiň.
— Haçan ugraýaňyz, atam? Samat göwneýärmi?
— Göwnemez öýdemok. Kerwen bolan güni gidibermeli welin, men
bärsini kime goýjagymy bilemok.
— Atam, bolmasa Sam bilen men gidäýeýin? Ol meň bilen gitmäge has
göwünjeň bolar.
— Ýok, özüm gitmesem bolmaz. Onuň kakasynyň meselesi saňa
çözdürmez.
— Bolmasa şypahana Mahmyt ikimiz serederis-dä.
— Olam bolardy welin, hany sen diş bejerjek dälmi?
— O meselänem çözmän ýörüs, diş üçin ýer açaly diýip ýördük.
— Ýer açsam sen oňa geçjekmi?
— Atam özüňiz diýdiňiz ahyryn? Şondan bäri men diş hakynda ýene
köp zatlary okadym. Ata, diş garalyp ugrandan, oňa düşen gurçugy aýryp
daşy gaplansa nähili bolar?
— O nädip?
— Bilmedim nädipdigini, ýöne meň sogurýan dişlerimi bir görüň.
Daglap goýberýän dişlerimem abat. Soň öz-özleri owranyp gidýäler.
— Görýän welin, seň diş bilen meşgullanjagyň çynyň-da.
Kemaletdin atasynyň sözlerinde närazylyk alamatyny syzdy.
— Atam, näme men ýalňyşýanmy? Kitaplarda…
— Oglum, Samyň ýüregini owkalaýşyňy sen haýsy kitapdan okadyň?
Men döş kapasasynyň üstünden ýüregi owkalap bolýandygyny
bilmeýärdim.
— Menem ony hiç ýerde okamadym. Gyssanjyma özümem bilmedim
näme edýänimi.
— Allah salgy berendir ony.
— Şüküralhamdulullah.
— Sen, tüweleme, indi öz başyňy özüň çarap biljek. Gelýän juma güni
sadaka edeliň, men saňa pata berjek.
— Atam! Allah yhlasymyzy kem etmesin.
— Omyn. Soň bazar gününiň ertesi Gürgenje ugraýan kerwen bar, Sam
bilenem şoňa çenli belli bir netijä geleris.
— Bolýar atam.
Kemaletdin atasynyň ýanyndan guş bolup çykdy. Onuň göwnüne
aýaklary ýere degmeýän ýalydy. Gelşine Samady gujaklady. Samat aňkataňka bolup:
— Men saňa Saraň däl-how — diýdi.
Kemaletdin oňa «çüş» edip soňam atasynyň pata berjek diýenini aýtdy.
Bu gürrüňleri eşidip duran Mahmydam ylgap gelip agasyny gujaklady.
Samadam durup bilmän, olary gujaklady. Olaryň üçüsem bir göwre ýaly
bolup, bökjekläp aýlanmaga durdular. Köpräk aýlananlaryndan boldumy,
nämemi, aýrylşanlarynda olaryň üçüsem entirekläp gitdiler. Kemaletdin
bilen Mahmyt entirekleýişlerine gülşüp aýak üstünde zordan saklandylar.
Samat bolsa saly gowşaklygyndan entirekläp gidişine arkan ýykylyp,
ýeňsesini gaty ýere degirdi. Ol ýene özünden gitdi. Ýaňy garalyp ugran
burnunyň aşagyndan gan göründi. Mahmyt gorkusyna «ata» diýip gygrdy.
Samat entirekläp barýarka kaksynyň gelenini gördi. Ol:
— Kaka, meni tutsana, ýykylýan — diýip gygyrdy. Emma kakasy ony
tutmakdan geçen, gaýtam şol öňki edişi ýaly burnuna ýumruk bilen urdy.
Samat «kaka» diýip çiň arkan gaýtdy...
10-njy bölüm
…Ölenler ýer bilen onuň aşagynda aýlanyp dur, diriler üstünde.
Mundan on asyr öňem şeýdip aýlanypdyr, kyýamatahyr
gopaýmasa, ýene on asyrdanam dünýe şeýder aýlanar durar…
Birdenem ol ýene-de Kemaletdin, Mahmyt dagy bilen aýlanmaga
başlady. Birdenem olaryň hersi ullakan erik gülüniň bir ýapragyna
öwrüldiler. Aşakdan atasy «Munyňyzdan oýun bolmaz, düşüň aşak» diýip
gygyrýardy.
Samat:
— Ata, sen bize käýýeme, biziň üçümize-de pata ber, biz şu ýerde
galaly - diýdi…
Atasy Samada huşa getiriji derman ysgatdy. Ol özüne geldi, esgidäki
gany gördi:
— Ata jan, ýene burnum ganaýarmy?
— Häzir ony ganamaz ýaly ederin, ýöne sen çydajak bolgun. Kör
hasasyny bir gezek aldyrar. Öňki ýaly ganyňy gidirmeris.
Ibn Kahhar Samady iş otagyna getirtdi. Agaçjygyň ujuna pagta sarady.
Pagtanam bir dermana batyrdy-da, Samadyň gan gidýän burnuna dykdy.
Samadyň burnunyň içinde ot ýanan ýaly boldy. Atasy tabşyransoň
Kemaletdin bilen Mahmyt Samadyň el-aýagyny berk tutup durdylar.
Burnundaky agyra çydaman Samat bir «waý» diýip gygyryp bildi. Şol
bada-da giň ýagtylygyň içine düşdi. O taýy şeýle bir ýagty hem durudy
welin, aşakda çala görünýän ýer şary üstünde uly ýangyn turan mysaly,
tüssä gurşalyp çala görünýärdi. Bu ýerdäki ähli zatlar ýagtylykdan ýasalan
ýalydylar. Howada, töwereginde gaýyp ýören erik gülleri dür mysalydy.
Hanha, bişen gyzyl alma uçup ýör. Ol şeýle bir ýagty, içindäki tohumy,
çigitleri görnüp dur. Pyntyklaryň içinde görünýän ýapraklary-da ýeke-ýeke
sanap oturmalydy. Olaryň arasynda älemgoşardan ýasalana meňzeýän
tegelek tabaklar uçup ýördi. Älemgoşardan tapawutlylykda olarda gara
reňklerem bardy. Olaryň käsiniň gyrasy gädikdi, käsiniň jaýrylan ýeri
bardy, käsiniň şöhlesi öçükdi, käsi lowurdap durdy. Samat olary eline alyp
görjek boldy. Emma eli o zatlaryň içinden geçip ditdi. Eline zat ilmedi.
«Bular nämekä?» diýip pikir edenden, beýnisindäki pikirleriň hereketini
görüp duran ýaly olardan jogap eşidildi:
— Biz asyrlaryň ruhy. Biz älemgoşardan däl senden, ondan, sizden
ýasalýarys. Sen özüňe bir seret.
Sam özüne seretdi. Onuň urup duran ýüregi daşyndan görnüp durdy. Içi
hapaly aşgazanam bar. Bagyry, öýkenleri, damarlaryndan ganyň akyşyna
çenli görnüp dur. Ol göwräni ikä bölýän syrly perdäni sypap gördi. Onuň
hiç ýerinden deşik ýa ýyrtylan ýerini tapmady. Samat indi töwereginde
uçup ýören güllere-de, miwelere-de üns edenokdy. Özünden başga zat
bilen işi ýokdy. Ol:
— Ata, sen meni eşidýärmiň? Sen nirede? — diýip sorady.
Atasy:
— Men bärde, ýanyňda, näme diýjek bolýaň?
Samat atasyny görmedi.
— Men seni göremok, atam. Sen meni görýäňmi?
— Görýän oglum, görýän.
— Atam, ine, şu perdede syr bar. Görýäňmi şuny? Ol biziň nebsimizi,
garnymyzy, ähli hapalarymyzy ýüregimiziň, beýnimiziň, niýetimiziň
päkligine garyşdyrman saklaýan perde bolmaly. Adamyň garnyna söýgüsi
ulalyp, nebsi artdygyça bu perdä ägram düşýär. Ol sozulýar, ýukalýar.
Ýerine ýetirmeli işini doly amal edip bilmän başlaýar. Ilkibaşdaky gowy
niýetler bozulyp ugraýar. Men bu syrly perdede açylyp ýapylyp duran agyz
bardyr öýdýärdim. Ol beýle däl eken. Gowy adamlarda ol edil
bileklerindäki güýçli damarlar ýaly berk, kuwwatly, galyň bolýan bolmaly.
Käbir adamlarda bolsa, olar gulagyň perdesi ýaly ýukalyp gidipdir. Ony
aşakdan nebis daraklap ýukaldýan bolmaly, atam. Ony berkidip
kuwwatlandyrýanam ýürekden gaýdýan arassa ganymyz, dury pikirlerimiz
bolmaly. Biz bu syrly perdäni ýene öwreneris. Maňa muny asyrlaryň ruhy
salgy berdi, atam.
Samadyň diňe soňky sözlemi dasyny gurşap duran Ibn Kahhara,
Kemaletdine, Mahmyda açyk eşidildi. Olar muňa nähili düşünjeklerini
bilmediler. Atalygy Samadyň maňlaýyndan öpdi. Samada bolan yssy
mähri bogazyna dykylan Ibn Kahhar häzir Samadyň diňe maňlaýyndan
ogşabam oňjak däldi. Emma ol bogazyna dykylan şol mähri nädip yzyna
gaýtarjagyny, köşeşdirjegini bilmän, Samadyň ýumşak saçlaryny sypap
maňlaýyndan ogşapdy. Samat atalygynyň beýtmesini özüni doly diňläni
üçin edendir diýip düşündi. Samadyň aňy ýerine gelip, öňki dünýäsine
dolandy.
Samat bu gezek uzak ýatmady, agşama galman aýak üstüne galdy. Ýöne
kellesinde erbet agyrlyk duýýardy. Gözüniň öňünden asyrlaryň ruhlary
geçip gidýärdi. Olar şol aýlanyşyp ýördiler. Bu gaty owadan görnüşdi.
Emma uzak seretdirmeýärdi, başyňy aýlaýardy.
Samat uly bir syr aýdýan ýaly, çete çekip Kemaletdine «Asyrlaryň
ruhuny» görýänini aýtdy. Kemaletdin «O nähili?» diýip, geň galdy. Samat
olary suratlandyrmaga durdy. Emma sözüni gutarmanka Kemaletdin
gülüp:
— Jigim, atam seň burnuňy güýçli derman bilen ýakdy. Dermanyň
güýjünden gözüň öňünde halkalar döreýär. Gorkma, aýrylar. Gel ikijigimiz
şerbet içeli — diýip, şerbet getirmäge gitdi.
Samada halkalardan ses eşidildi:
— Sen biz barada hiç kime aýdybam oturma. Saňa ynanmazlar. Biz
häzir seň gözüňden ýiteris.
— Bir zat sorasam bolmazmy?
— Çaltyrak sora.
— Näme üçin siz dürli-dürli? Biriňiz öçügsi, biriňiz lowurdap
dursuňyz, biriňiz gädik, biriňizde jaýryk bar?
— Biziň reňklerimiz, ölçeglerimiz, tizliklerimiz, barýan ugrumyz
meňzeşdir. Her asyryň ruhy özünde ýaşap geçen adamlardan ýasalýar.
Saňa gädik görünýän ýerlerimiziň reňki ýokdur. Olar manysyz, ömürlerini
boş geçiren adamlardyr. Jaýryklar ynsanlaryň düşünişmezlikleridir,
atalaryndan närza ogullaryň, ogullaryndan närza atalaryň salan
ýaralarydyr. Lowurdap duranlarymyz aýratyn öwüşgin bilen ýaşan, ömrüň
gymmatyny bilen, onuň manysyna düşünen adamlardyr. Öçüklerimiz onuň
tersine ylymda-bilimde, ruhyýetde yza gaýdyp, göýdük bolan nadanlar.
Nebsi öňüne düşen, dawa-jenjellerde ýaşan, ynsan gymmatyny pese
gaçyran adamlardyr…
Asyrlaryň ruhlary ýitip gitdi. Ýüzüni galdyrman şerbetini içip oturan
Samat elindäki käsäniň boşanyny gördi. Kemaletdin oňa: «Ukladyňmy?»
diýende, oýalykdan uka dolanyp gelen ýaly boldy. Kemaletdin onuň
goltugyna girip düşegine geçirdi. Samat süýji uka batdy. Daňa golaý
asyrlaryň ruhlary gelip, ony alyp gitdiler. Samat o halkadan o halka — ol
asyrdan beýleki asyra böküp oýnady. Olar şeýle bir towusdyrýardylar
welin, ol uçup barýan guşlaryň deňine ýetýärdi. Soň ondanam beýige
galýardy, hatda aşakdaky ýer togalagy ýüzügiň gaşy ýaly kiçelip
görünýärdi. Ol özüniň agramyny ýitirip, gaýyp ýörşüne haýranlar
galýardy. Onuň bökýän asyrlarynyň gitdigiçe ýüzi solup, jaýryklary
köpelip başlady. Samat saklanjak boldy. Çünki indiki basjak asyry
jaýryklarynyň köplüginden ýaňa onuň ýelek ýaly gaýyp ýören göwresinem
göterjek däldi. Samat ol asyrdaky jaýryklara garap, özüni müýnli ýaly
duýdy. Eglip jaýryklary bejerjek boldy. Emma tabagyň ýüzi gury bolansoň,
jaýryklar bitmeýärdi. Samat gyssanyp, eline tüýküligini çaldy. Emma
peýdasy degmedi. Göwnüne bolmasa, gaýta jaýryklar ulalan ýaly boldy.
Dürli reňkleri ýüzünde öwüşgin atyp duran asyr tabagynyň jaýryklaryndan
ýaňa gözüniň alnynda pytrap gitjegini görüp Samat gyssandy. Ol aglamaga
başlady. Gözüniň ýaşy bilen jaýryklary suwajak boldy. Emma gözýaşa
eýlän palçygy sähel salymda guraýardy-da, Samat ony jaýryklara çalmaga
ýetişip bilmeýärdi. Özüni emelsiz ýaly duýýardy. Birdenem tabagyň
ýüzüne maňlaýyndan bir damja der damdy. Deriň daman ýeri ýylmanyp
gitdi. Samat der saçmalydygyna düşündi. Ol tabagyň üstünde pelpelläp
ýörşüne gara der bolup işledi. Bu gezek onuň yhlasy ýerine düşýärdi.
Tabagyň jaýryklary bitişip, reňkleri lowurdap, ýüzi nurlanyp barýardy. Bir
ýerden azan sesi geldi. Samat süllümbaý derläp oýandy.
11-nji bölüm
…Ölenler ýer bilen onuň aşagynda aýlanyp dur, diriler üstünde.
Mundan on asyr öňem şeýdip aýlanypdyr, kyýamatahyr
gopaýmasa, ýene on asyrdanam dünýe şeýder aýlanar durar…
Oýa ýatan Kemaletdin Samadyň gözüni açanyny görüp elinden tutdy.
— Baý derläpsiň-aý. Ýogsa yssama däl. Baý-bow, eşikleňem ölmyžžyk. Bu durşuňa täret almaga gitseň üşärsiň. Häzir men saňa gury eşik
bereýin.
Samat Kemaletdiniň getiren köýnegini geýmek üçin egnindäkini
çykarjak boldy. Köýnek Samadyň teninden aýrylyşmajak bolup, meni
çykarma diýýän ýaly endamyna ýelmeşip durdy. Ol uzyn bolansoň,
çykarmasy hasam kyndy. Kemaletdin Samadyň köýnegini çykaryp bilmän
horlanyp durşuny görüp, kömekleşmäge durdy.
— Nädip beýle derläp bildiň? Köýnegiň öl-suw-a.
Hernäme-de bolsa, köýnegi çykardylar.
— Samat seniň endamyň lowurdap dur-la?
— Aý, derlänime ýylpyldaýandyr-da. Äbersene köýnegi.
Samat çalt geýnip durşuna:
— Seň ýadyňa Sara düşýändir — diýip, gülen boldy.
— Ýok, ýöne men beýle teni heniz görmändim. Seniň teniň älemgoşar
ýaly öwsüp dur. Köýnegiňi galdyryp seret.
— Goýsanaý oýnuňy. Namaz geçýär. Ýör, täret alaly.
Kemaletdin täret alýarkalaram Samatdan gözüni aýryp bilenokdy.
Samadyň goşarlary, bilekleri, hatda aýaklaram öwüşgin atyp durdy.
Hemişe bolşy ýaly, Mahmyt täret jaýyna Kemaletdin dagy çykyp
gelýärkäler girdi. Kemaletdin öňünden barýan Samatdan gözüni aýyrman
diýen ýaly tirkeşip namaz jaýyna geldi. Atasy ertir namazynyň sünnetini
okap durdy. Samadam, Kemaletdinem namazlaryny okamaga durdular.
Namazdan soň Kemaletdin Samady atasyna görkezjek boldy. Ýene-de
utanyp o jaýa geçdiler.
— Kemaletdin, meni günüme goýsana. Kellämem agyranok,
bedenimem gurşanok.
— Ýogsa-da gurşmaz. Ol lowurdap dur-a. Sen özüňe bir seret.
Asyrlaryň ruhunyň özüňe seret diýenleri Samadyň ýadyna düşüp,
gorkusyna özüne seretdi. Emma bu gezek hiç hili üýtgeşmäniň ýokdugyny
görüp begendi.
— Sen köýnegiňi galdyryp gör.
Samat utanyp: «Bar gitsenaý» diýdi. Kemaletdin onuň garşylygyna
bakman köýnegini galdyrdy. Emma bu gezek ol öňki lowurdyny görmedi.
— Arkaýynlaşdyň dälmi? Atam saňa pata berer welin, oňa seni öýer
diýip aýdaryn.
— Akylly boleý sen. Aýdaram şü. Sam, Sam… belki sen diňe derläňde
ýaňky ýaly ýaldyraýansyň?
— Kemaletdin, ýalbarýan, şo gürrüňi goýsana. Ikimiz bileje Gürgenje
gideli, men saňa ýolda baryny gürrüň bereýin.
— Gitjekmi?
Samat başyny atdy.
— Seni atamyň özi äkitjek diýýär. O taýda seň kakaňy halas etmeli
diýýär.
Samadyň ýüzi sallandy.
— Hemmesi gowy bolar. Alada etme. Biz gowusy sadaka taýýarlanaly.
Töwerekleri arassalaly.
Olar daşaryk çykdylar. Mahmyt bir zady daňmak üçin külterlengi ýüpüň
ujundan kesip aldy-da, jaýa girip gitdi. Biraz salymdan yzyna çykdy-da,
ýüpden ýene kesip almakçy boldy. Golaýynda duran Kemaletdin oňa:
«Öňki keseniňi nätdiň?» diýdi.
— Gysga boldy.
— Getir-de ujuna daňaý.
— Düwün bolýar.
— Çözülmez ýaly edip daň, düwnüň näme zyýany bar?
— Birden çözüläýse?
— Sen berkje daň. Dagy oklaýjakmy öňki keseniňi.
Mahmyt agasynyň öwredişi ýaly etdi. Samat Kemaletdine:
— Durmuşda gysga kesileniň, daňyljak ýeriňe ýetmäniň üçin bir ýana
oklanmakdan erbet zat ýok bolsa gerek — diýdi.
— Hawa-da… Başga bir özüň ýaly gysga gelen ýüp bilen
daňylaýmasaň.
— Şol daňylmak öýlenmekmikä?
— Ýene maňa degjek bolýaňmy?
— Şol düwün çözüläýse iki tarapam müýnli ýaly bolup galar. Tä
ömürleri ötýänçä…
— Olar daňylman biri-birine täzeden işilse bolardy.
— Ony etmek üçinem ýüpleriň ikisem öňki işimlerinden sökülmeli. Soň
gaýtadan işilmeli. Bu-da aňsat däl. Ýüpleriň biri sökülip beýlekisi
sökülmese-de bolman duruberýär.
— Men-ä sökülerin Sara sökülse. Inçejik taryma çenli sökülerin.
— Sen düşünýäň. Kakam welin düşünmändir.
— Samat, sen kakaň hakynda kän gürrüň bermeýäň. Näme, ol
erbetmidi?
— Kim kakasyna erbet diýer?
— Hawa-da, menem kakamdan galyp atam bilen ýaşanymy gowy
gördüm, emma kakama erbetdi diýip biljek däl.
— Hemme zat şol syrly perdä bagly. Eger ol hapa bilen arassanyň
arasyny berk bölüp bilmese, bary bulaşýar. Gowulardanam erbetlik çykýar.
Garaşylmaýan hereketi nädip edeniňi özüňem bileňok.
— Şeýle-dä… Atamy käýitdirenim ýadyňa düşýärmi? Şonda o
gelenlere nädip ýer ýok diýenimi özümem bilmändirin.
Samat bu gezek Kemaletdine jogap bermedi. Ol uçup ýören asyrlaryň
ruhlaryny ýatlady. Ondaky jaýryklar göz öňüne geldi. Asyrma-asyr şol
jaýryklaryň artyşy ýadyna düşdi.
­— Kemaletdin, sen kakaňy günäkärleme, goý, ogullaryňam seni
günäkärlemesinler. Suwda balyklar ene-atasyny ýa-da neslini
günäkärleýärmi, gökde guşlar ene-atasyny ýa-da neslini günäkärleýärmi,
ýerde agaçlar öz miwesini, miweler bolsa içlerinden jan suwuny akdyran
şahalaryny günäkärleýärmi? Ýok. Çünki olar biri-biriniň öňünde
günäkärem däl. Bize näme üçin bu başartmaýar? Ýogsa biz olardan
düşünjeli ahyryn, Kemaletdin?
Kemaletdin bu sowala näme jogap berjegini bilmedi. Çünki ol sowal,
soňunda ady tutulýanam bolsa Kemaletdine berlen sowal däldi.
Owallar kakasynyň ýerine ejesini ýatlanyny kem görmän, kakasy
hakyndaky pikirlerini mydama kowup gezen Samat, soňky günler
kakasyny köp ýatlardy. Kakasynyňky ýaly giň hem berk basyp ädimlejek
bolşy, oňa bildirmän aýagynyň yzlaryny belläp, ädim arasyny ölçäp görşi
hakydasynda janlanardy. Şonda Samadyň öz ädiminden kiçiräk iki ädimi
kakasynyň bir ädimine gabat gelerdi. Ädimini başardygyça giň açyp,
aýaklaryny kakasynyň aýak yzlarynyň deňine ýetirerdem. Beýtse-de ýöräp
bolmaýardy. Çaltyrak kakasy ýaly ulalasy gelerdi. Kakasynyň köşge
geýýän owadan donuny sypap görerdi. Duldan asylgy gylyç, hernäçe
özüne çekse-de, ony gynyndan çalaja çykaryp görmäge-de gorkardy. Ol
kakasyndanmy ýa-da gylyçdan gorkaýanyny anyk bilip bilmezdi. Samat
üçin o döwürlerde olaryň tapawudam ýokdy. Olaryň ikisem gorkunç
görnerdi. Samat alty ýaşandan kakasy oňa sen indi uly adam diýmäge
başlady. Bir gezek bolsa «ejemogly» diýip käýýedi. Näme üçin käýýeleni
Samadyň ýadyna düşmeýärdi. Ejesiniň ogly bolany üçinmi? Ol muny
ejesinden sorap gördi. Maralyň bolsa o günler özüni günäkärläp, Gara
Durmazyň göwnüni awlamaga çalyşýan günleridi. Ýedi ýaşlaryndaky
ogluna kimiň ogludygyny — ejesiniň ogludygyny ýa-da kakasynyň
ogludygyny düşündirmek kyn boldy.
— Oglum, kakaň seni gowy görýär. Seňem ulalyp, özi ýaly bolaryňy
isleýär. Ol seni menden gysganýar.
— Meni nädip gysganjak? Men ulalsam, kakam ýaly bolmarynmy
ýogsam?
— Bolarsyň, oglum. Şonuň üçinem sen oň diýenini etmeli.
— Edýän-ä eje.
— Mendenem daşrakda bolmaly.
— O nädip?
— Bar, oglum, sen oýna, kakaň bilen özüm gürleşerin.
Samada şol gün ejesi oýnawaç gylyç alyp berdi. Samat begenip ony
dakynyp gördi. Soň bolsa:
— Eje muny nädip oýnamaly? — diýip sorady.
Ejesi oňa nädip oýnamalydygyny görkezjek bolup, gylyçjagazy
gynyndan çykardy. Ony Samadyň ýassygyna sünjen boldy-da:
— Ana, ýassygyň öldi — diýdi.
Samat ylgap baryp ýassygyny gujagyna gysdy:
— Beýtme eje, men beýdip oýnajak däl. Bu meň ýassygym.
Ýassygymy öldürme, eje!
— Ýassyga hiç zat bolmaz muň ujy ýoga.
Samat bilindäki gyny çözüp taşlady. Soň ýassygyny tutuş göwresi bilen
penalap üstünde ýatdy.
— Bolýar, bolýar. Getir muny gynyna salaly. Sen ony ýöne biliňe
dakynaý.
Samat sesini çykarman ejesiniň ýanyna geldi. Ýene-de biline dakylan
gylyja seretdi. Ejesi bolmadyk bolsa, gylyjy dakynjak däldi. Ol bili gylyçly
öýden çykdy. «Meni oýna» diýýän ýaly, gylyç onuň aýaklaryna urulýardy.
Ony nädip oýnajagyny bilmän Samat kän kösendi. Gylyjny gynyndan
çykaryp agajyň şahasyna salan boldy. Agaçdan bir ýaprak tänip gaçdy. Bu
oýun Samada ýaramady. Ol bilindäki gylyjyny beýläk zyňyp goýberdi.
Bir gün kakasy ony beýik erik agajyna mündürdi. Erikleriň sowlan
wagty bolansoň, Samat agaja mündürilip özünden näme islenýänine
düşünmedi. Kakasy ony şol ýerde goýdy-da gylyjyny dakynyp köşge gitdi.
Samat bir salym erigiň üstünde oturdy. Soň ondan düşesi geldi. Emma ol
ýerden biri düşüräýmese, düşer ýaly däldi. Ol ejesini çagyrdy. Ejesi hä
bermedi. Ejesiniň özi çykar öýdüp gygryp ýadan Samat garaşmaga
başlady. «Ogluňy erikden özüm gelip düşürýänçäm düşüräýmegin» diýlip
tabşyrylansoň, ejesem öýden çykyp bilmän otyrdy. Daşaryk çyksa, Samada
dözmän ony erikden düşürjegini bilýärdi. Muny etdigem agşam Gara
Durmazdan gep eşitmei boljakdy.
Samat ejesini çagyra-çagyra aglap başlady. Ol kakasyny ýadyndan
çykarypdy. Öýden çykyp özüni düşüräýmeli halyna, ejesiniň kömege
gelmeýşini has gaty görýärdi. Birden onuň kellesine « Indi ejem gelip
düşürjegem bolsa, düşmäýin» diýen öýkeli pikir geldi. Hatda ejesi geläýsede eli ýetmez ýaly ýokaryk dyrmaşmaga hyýal etdi. Emma ýokaryk
çykmaga-da gorkdy. Garaňky gatlyşyberende kakasy geldi.
— Ýeri-how, ejemogly, aglaman otyrmyň? — diýip, ony agaçdan
düşürdi.
Samat içinden: «Men seňem ogluň däl, ejemiňem» diýip, aglaýanyny
bildirmejek bolup jaýa girdi. Öýde ejesiniň aňyrsyny bakyp oturanyny
gördi. Emma ýanyna barmady. Onuň ejesi bilen işem ýokdy. Ýassygyny
gözleýärdi. Ejesi «Näme gözleýäň?» diýse-de, jogap bermeýärdi. Ahyry
beýleki jaýa geçip, tapan ýassygyna ýüzüni goýdy-da, aglady. Ýassyk oňa
edil mähriban adam ýaly, iň ýakyn adamsy ýaly garaşýan kömegini
berýärdi — hem ýüzüni ýapýardy, hem gözýaşlary özüne siňdirýärdi, hem
sesini töweregine eşitdirmeýärdi.
Daşky jaýdan ulularyň sesleri gelýärdi:
— Degme ýatsyn, ulalar.
— Sen ahyry däliredersiň çagany.
— Özüm bilýän näme edýänimi. Sen arkasyny alan bolup, sandan
çykarmasaň bor. Ýa seni tutaklap ýör, ýa Gülnesibäni. Heý, özi ýaly
oglanlar bilen oýnaýanyny görýäňmi şoň?
— Şu töwerekd-ä özi ýaly çaga-da ýok. Köçä kowma diýýänem-ä özüň.
— Ýa köçä kowaýmaly, ýa ýanyňdan aýyrmaly däl diýlen zat ýoga. Ol
meň ýüzüme göni bakyp bilenok.
— Begen-dä gaýta. Gözüň içine jikgerip dursa näderdiň.
— Ana, şonda begenerdim. Hakyny gidirmez. Ur diýseň öldürer.
Ulularyň gürrüňi Samada gowy eşidilýärdi. Samat kakasynyň soňky
sözleriniň manysyna düşünmese-de, onuň özünden ýowuzlygy
isleýändigini aňdy.
Kakasynyň özüne ur diýende öldürmegi öwretjek bolup eden yhlaslary
göz öňünde jikme-jik janlandy. Samat şol düşüp bilmedik eriginiň böwrüne
çaga aýaklary bilen ýersiz-ýere «kiýa» diýip depmeli bolýardy, dişini
gysyp kakasyny ýumruklaýardy, ondan ýumruk iýýärdi. Kalbyndaky
söýüp sylamak duýgusy kakadan gorkmak duýgusyna, soň kakaňdan
göwnüň döwülmesi, kakaňy ýigrenmek duýgusyna çenli baryp ýetipdi.
Çünki şeýdip asyrlaryň ruhuna jaýryk salýandyklaryny o günler ne onuň
kakasy bilýärdi, ne-de özi. Bir seretseň, o jaýryk gutulgysyz ýalam bolup
dur. Biziň suwda ýüzýän balyklarça-da, howada uçýan guşlarça-da,
miwesini bişiren almaça-da ýokdugymyz üçin o jaýryklar gutulgysyz
ýaly…
Samat şol jaýrygy bitirmegiň hatyrasyna atalygy bilen Gürgenje ugrady.
Kerwen uly kerwendi, ýol bolsa örän uzak. Ibn Kahhar Gürgençiň
kitaphanasy, ol ýerdäki tebipler bilen alyş-çalyş etmek üçin diýip iki düýe
kitabam aldy. Bir düýä bolsa dürli dermanlary, azyk-suwluklaryny
ýüklediler. Samat kitap ýükli düýeleriň birine mündi, atalygy bolsa
beýlekisine. Bu ýol Samadyň dört ýyl mundan öň geçen ýoludy. Şo
wagtam ýazyň günüdi. Töweregem al-ýaşyldy. Münüp oturan düýesem
edil şol wagtky düýä çalymdaş. Diňe bir zat tapawutlydy, Samat häzir
şondaky giden ugrunyň tersine barýardy. Şol wagt ol öz ýakynlaryndan
gaçypdy. Yzyndan kakasynyň kowup ýeterinden, yzyna dolaryndan
gorkup barýardy. Häzir bolsa ol ýakynlary bilen duşuşmaga barýardy.
Ejesindenem beter kakasyny göresi gelýärdi.
Samat atalygynyň şypahanasynda burnundan gan gidip erbet horlanan
mahaly Kemaletdiniň ýanynda bolaryny has isläpdi. Ýogsa, sypahanada
galmaly ediläýen wagtlary, Kemaletdiniň özüne «köçeden ýygnalan»
diýeninem eşidipdi. Ibn Kahhar ony eşitdimi ýa-da eşitmänkä öňünden
gaçdymy, garaz, Kemaletdinem, Mahmydam çagyryp şolaň ýanynda
Samady ogullyga alanyny, olaryň üçüsiniňem dogandyklaryny aýdypdy.
Kemaletdin bu doganlygy ýüregine sygdyryp bilmändi. Muny Samat
duýan dek Kemaletdinden gaçarak durup, Mahmyt bilen ekiz taýy ýalydy.
Olar şeýdip iki ýyl gezdiler. Emma jygba-jyga gelende, gyssananda Samat
Kemaletdiniň elinden tutdy, oňa baglandy. Häzirem «ejem, ejem» diýip
kakasyna «ejemogly» diýdiren Samat, öňki boluşlarynyň tersine kakasyny
küýseýärdi. Ol çyny bilen her namazda kakasyna duşmagyň dilegini
ederdi. Asyrlaryň ruhy ýene gözüne görünäýse, başga hiç zady soraman
kakasyny sorajakdy.
Kaka üçin, hatda Gara Durmaz üçinem balasyndan eziz hiç zat ýokdy.
Ol zyndandan öňem şeýledi, häzir zyndandakada. Ol köşkde egni zer bilen
keşdelenen donly, haçan hökümdaryň buýrugyny ýerine ýetirmeli
bolarkam diýip garaşyp otyrka-da, soň haçan hökümdaryň buýrugyny
berjaý etmek üçin meni çagyrarlarka diýip alagaraňky zyndanda otyrka-da
ogluny ýatlardy. Durmuşynyň çeppe çöwrülip, gymmatlyklaryň
orunlaryny çalşyran döwründe-de ogluny küýseýşinde känbir tapawut
bolmady. Olaryň ikisinde-de gorky bardy. Köşkde işläp özüni saýlantgy
adamlaryň hatarynda tutýarka-da, zyndana taşlanyp, itiniň ýalagyndanam
erbet tabakdan suw içmeli bolýarka-da Samada garaýşynda gorky bardy.
Köşkdekä ol lellim hem nalajedeýin ogly kemala getirmekden gorkardy.
Häzir bolsa şunça ýyllap ýüreginde gizlenen ogluna bolan söýgüsiniň
talabyny berjaý etmek, bolmanda birje gezek oglunyň ýüzüni görmek
isleginiň öňüne özüniň ogluna biçäre halda görünmekden gorkusy böwet
basýardy. Ýogsa ol ogluny, hakykatda, zyndanyň diwarlaryny görýän ýaly
görmegiň özi üçin jennetiň gapysyny gören ýaly bagtdygynam bilýärdi.
Emma şonda-da «Tur, ogluň seni görmäge gelipdir» diýsler, oňa tarap öz
erkine bir ädimem ädip biljek däldi. Ol şu halynda ogly bilen ýüzbe-ýüz
görüşmegi özi üçin bagyşlanmajak aýyp hasap edýärdi. Ol hatda gara
ädigini lowurdadyp köşge işe gidip gelýän mahallaram, ilki bilen oglunyň
öňünde özüni oňarmaýan ýaly görünmekden çekinerdi. Iň ýamanam, şol
döwürlerde oglunyň bedenini berkidip, paýhasyny ýowuzlaşdyrmaga
çalyşýarka bu edýän işleri üçin Samadyň aýratyn duýgur çaga kalbynyň
öňünde haçanam bolsa bir gün jogap bermeli bolaýmaýyn diýen gorkusy
bardy. Onuň bu gorkusy göreşmäge orta çykan pälwanyň orta çykdygy
ýeňer diýip bil baglaýanlaryň öňünde garşydaşyndan ýeňlip masgara
bolmak gorkusyna meňzeýärdi. Ýöne, ýeňäýse welin «Nätdim?» diýip
keýp etjeginem göz öňüne getirip durdy. Ol şonda garşysyna gidýän Maral,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Üç nokadyň biri - 13
  • Parts
  • Üç nokadyň biri - 01
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2135
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 02
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2175
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 03
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2117
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 04
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2089
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 05
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2109
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 06
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2063
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 07
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2092
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 08
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2052
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2113
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 10
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2095
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 11
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1936
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 12
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2024
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 13
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2016
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 14
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2086
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 15
    Total number of words is 2549
    Total number of unique words is 1600
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.