Latin

Üç nokadyň biri - 11

Total number of words is 3797
Total number of unique words is 1936
31.2 of words are in the 2000 most common words
44.4 of words are in the 5000 most common words
50.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
o düýşlere atalygam, Mahmydam, Kemaletdinem goşulyp Gürgençde bile
ýaşap ýören ýaly bolýardylar.
Samat ejesinden kakasyny köp ýatlardy. Aňynyň jümmüşinde
öýlerinden çykyp gitmäge, esasan, kakasynyň jellatlygynyň sebäp
bolandygyny göterip gezse-de, Samat kakasy bilen aňynda edil ýanynda
ýaly gürleşip gidiberýärdi. Mümkin, kakasynyň oňa, onuňam kakasyna
aýdyp ýetişmedik zatlarynyň köp bolanlygyndan şeýle bolýandyr.
— Kaka senem meni gowy görýänsiň ahyryn?
— Dagy näme oglum. Menem kiçijikkäm seň ýalydym, senem ulalaňda
meň ýaly bolarsyň. Ikimiz bir ahyryn.
— Ýok, kaka, men jellat bolman.
— Ol öz işiň. Menem indi seň jellat bolanyňy isläp baramok.
Şu ýerde onuň gürrüňine Kemaletdin goşuldy.
— Jellatdan tapawudyň näme? Jellat, näme-de bolsa, günäkärleri
çapýar. Sen häzir bigünä ölüleri kerçäp ýörmänmisiň näme?!
— Men olary dirileriň peýdasyna…
— Jelladam eden işini ölüler üçin diýip edenok. Ol dirileri
jenaýatkärlerden saplaýar.
— Kaka, şeýlemi?
Bir ýerden Mahmydam goşuldy:
— Sen näme ýöne ata şeýlemi, kaka şeýlemi diýip dursuň, öz kelläň
ýokmy?
— Men entek bilemog-a?
— Kim bilýändir öýdýäň? Her kim öz pikirini aýdýar. Gördüň-ä
Kemaletdini diňleseň, biz öz zähmetimiz üçin hak alaýmaly. Atamy
diňleseňem biz pul üçin işlemeli däl.
— Eje, gitmesene, biziň gürrüňimiz ýüregiňe düşýärmi? Gülnesibe
daýzam nähili?
— Gülnesibe daýzaň geläýseň seni öýerjek diýip garaşyp otyr. Gyzam
tapyp goýdum diýýär.
— Entek Kemaletdini öýermeli. Folomeý daýy? Sen bärde näme
işleýäň?
— Sen meniň oglum bolmaly, şony aýtjakdym. Kakam diýip ejem diýip
Gürgenje gidäýmegin.
— Folomeý daýy, sen meni näme etjek? Görýäň-ä meň kakam bärde,
ejem bärde. Men entek şolara özümiň näme üçin gerekdigimi bilemok.
— Olaram meň bärdedigimi görsünler. Sen maňa oglum bolanyň üçin
gerek. Sen meň oglum, gürrüň gutardy.
Kakasy ýuwaşlyk bilen Samadyň gulagyna pyşyrdaýar:
— Bolýar diýäý. Ýöne sünnete ýatyrlanyňy bildirdäýmegin.
— Bolýar, Folomeý daýy, men saňa-da ogul bolaýaryn. Men
atalygymyňam ogly, kakamyňam ogly, seňem ogluň…
Aňyrdan birbada onuň tanamadyk adamsam oňa elini uzadyp «oglum»
diýip gygyryp dur. Ol barha ýakynlaşyp, gitdigiçe-de gaty gygyrýar. Bir
seretse ol Kemaletdiniň almajak bolan näsagy…
Nobatçylykda oturan ýerinde irkilen Samat ýalpa gözüni açdy. Görse,
hakykatdanam şol näsag «oglum, oglum» diýip gygyrýar. Samat ylgap
onuň ýanyna bardy. Oňa bir owurt gaýnadylyp sowadylan suwdan içirdi.
O bende rahatlanyp aňyrsyna bakdy-da, uka gitdi. Samat muňa birhili
boldy. «Meni ogul edinjek bolýanlaram bu maksatlaryna ýetip bilseler
şeýdip aňyrsyna bakaýarmykalar?»
Samat gören düýşüni dowam etdirjek boldy. Ol ýene gözüni ýumup
kakasyny, ejesini, Folomeý daýyny gürletjek bolup gördi. Olara «Sizem
soň aňryňyza bakyp ýatyberjekmi?» diýdi. Olar Samadyň bu soragyny geň
gördüler, emma seslerini çykarmadylar.
Başga bir ýorgany serpilen näsagyň üstüni ýapyşdyryp ýörkä, birden
kakasy gelip:
— Bu bendäň ýagdaýy agyr ýaly? — diýdi.
— Hälem bäri bakyp durşy, kaka. Düýn göräýen bolsadyň. Atam
böwreginde daş bar diýýär.
— Ýadaňokmy, oglum, beýdip ýörmeden?
— Ýadaýan-la… Onda-da hammalçylykdan gowy.
— Hemmesine-de men günäkär. Jellat etjek bolup başyňa ne günleri
saldym.
— Ýok, kaka sen özüňi gynama. Sen şeýtmedik bolsaň, menem bärlere
düşmezdim. Ibn Kahhar atama-da duşmazdym. Bilýäňmi, men eýýäm kän
keselleň bejerilişinem öwrendim. Kaka, kaka, men saňa bir zat
aýdaýynmy? Ýöne gorkaýmagyn. Mahmydyň aýdany dogry, biz atam
bilen ölen adamyň içinem kesdik. Hol Folomeý daýyň.
— Hawa, onsoň näme bar eken onuň içinde?
— Içindemi? Aý, gyzykly däl.
— Aýdaý, menem bileýin-dä.
— Bendäň damarlaryndan gan ýöremändir. Gan ýürege barmalysyndan
az barypdyr. Gany ýürek aýlaýar-da. Soňam adamyň içinde hapadan doly
garny bar, jylkyldap duran bagry bar. Böwregem bar eken. Men atama
«Ýürek bilen bu hapa garyn bir göwrede nädip ýerleşip bilýär?» diýsem ol
maňa: «Adamyň ýasalşy şeýle. Şonuň üçin islendik adam ak ýürekden
gowy işem edip bilýär, garnyndakydanam beter hapalygam» diýdi.
Bir ýerden Mahmydyň sesi geldi:
— Näme kakaňy aldaýaň. Atam saňa garyn bilen ýüregiň arasynda
perde bar diýdi, başga hiç zat diýmedi.
— Mahmyt, ýaňy özüň diýdiň-ä kelläň ýokmy diýip. Hökman «Atam
şeýle diýdi, kakam beýle diýdi» diýip durmaly däl, özüňem pikir etmel-ä.
Näme, ýogsa ýalanmy, adamyň gowy işem, erbet işem edip bilýändigi?
Sen meni kakamyň ýanynda utandyrjak bolarsyň öýdemokdym.
— Menem saňa kakaň ýanynda…
— Men ýalan sözlemedim, ýalan sözlemedim. Onsoňam, bu meniň
düýşüm. Kaka meni silkeme, urma kaka. Men ýalan sözlejek bolmadym.
Bir zatlar saňa düşündirjek boldum, kaka. Dep diýen ýeriňe depeýin kaka.
«kiýa-da» diýmelimi kaka…
Samady egninden silkip oýaran Kemaletdindi. Ol nobatçylygy
çalyşmaga gelipdi.
— Baý, ýatak bolupsyň-aý.
— Ýaňy irkilen bolaýmasam.
— Irkileňde şeýle ýatýan bolsaň, çyndan uka gideňde seni oýarybam
bolmaz. Bolýar, bar ýeriňe gidip ýat.
Samat ýerine geçip ýatyp bilmedi. Kakasy bilen diwary, garry erigi
depişleri göz öňüne geldi durdy. Ýumruklaşanlarynda degen urgudan
burnunyň ganaýşy ýadyna düşdi. Edil şo wagtkysy ýaly, burny gyzyp gitdi.
Biygtyýar burnuna baran eli gan boldy. Ol çalt turup burnuny ýuwmaga
durdy. Emma ýuwany bilen gan saklatmady. Ol burnuna dykmaga pagta
gözläp ýörşüne Mahmydy oýardy.
— Eý, saňa näme bolup ýör? Dünýäni gara gan edipsiň-ä. Ata, ata.
Atasy gelip Samadyň gyzgynynyň galanyny gördi. Derrew kellesine
sowuk suw akydyp ýuwdy. Burnuna arassa pagta dykdy. Näsaglary taşlap
gaýdan Kemaletdin Samadyň kellesini arkan tutup gördi. Emma gan
agyzdan geldi.
— Ata, pagtanam aýraly, degmäli. Bu gan çykmaly gandyr.
— Şeýlemikä? Bolýar, degmäň aksyn.
Samada legene egil diýdiler. Ol eglensoň pagtany burnundan aýyrdylar.
Gan esli akdy. Ibn Kahhar gorkup başlady. Samadyň ysgyndan gaçýany
bildirýärdi. Ol Samadyň başyny sypap hem ony rahatlandyrjak bolýardy,
hem özüni rahatlandyrýardy.
— Gorkma oglum, häzir dammasy durar.
— Men ýalan sözlemedim gerek atam?
Samat atalygy özüne düşünýändir öýtdi. Emma ol hiç zada düşünmedi.
Gaýta Samadyň ysgyny gaçyp samrap ugrandyr diýip pikir etdi. Gan welin
şol damyp durdy. Ol muňa uzak seredip durup bilmedi.
— Mahmyt, sen ýanynda otur. Eger özünden gitjek bolsa, derrew meni
gygyr. Kemaletdin senem aýrylma ýanyndan. Men öz ýerimde.
Ibn Kahhar jaýyna baryp bir sagatlyk gum sagadyny gurdy. Şeýle
ýagdaýlarda gan diňmese burnuň içindäki inçejik damarlaryň gan
goýberýän ýerlerini ýakýan derman taýýarlady.
Gözüni ýumaýmasa diňe ganynyň legene damyşyndan başga zady
görüp bilmeýän Samadyň Mahmyt bilen jedelini dowam etdiresi geldi.
Emma gürlemegem aňsat däldi.
— Mahmyt, düýşüňde ýalan sözleseňem, ýalan sözledigiň bolýarmy?
— Geplemän bir ýatsana. Mydam şuň ýaly sorag tapýaň.
— Ýok, sen aýt.
Mahmyt öz pikiriniň Samat üçin gaty zerurdygyna özelenşinden
düşündi.
— Aý, düýşdir-dä. Ýalan sözlemeseň gowy bor welin, düýşüňi özüňden
başga görýän ýok. Düýşüňde ýalan sözleseň, özüňe ýalan sözledigiň bolýada. Özüňden başga o ýalanyň hiç kime täsiri ýok. Şonuň üçinem oýalykda
ýalan sözlän ýaly erbet bolmaly däl. Şeýle dälmi, Kemaletdin?
— Hawa, siziňki dogry, ýaňralar diýsänim.
Ysgyndan gaçyp gözi ýumlan Samadyň gulagyna Kemaletdiniň
aýdanlary başgaça bolup eşidildi:
— Sen ýalňyşýaň Mahmyt. Bu dünýede iň erbet zat özüňi aldamakdyr.
Başgalaň ýanynda ýalan sözlemekdenem özüňe ýalan sözlemek has kyn.
Özüni aldajak bolanda adam wyždanynyň üstünden ätlemeli bolýar. Elbet,
wyždany dag ýaly adamlar ondan ätläp bilmänsoňlar özlerine-de, özgelerede dogrusyny diýerler. Wyždanlary bölejik tezek ýaly adamlar bolsa,
ondan derrew ätlärler-de, şol ýalan sözlär durarlar. Soň olar ýalan
sözleýänlerinem unudyp, diýip oturanlaryna özleri ynanarlar.
— Men beýle ýalançylyk barada soramadym. Kemaletdin, sen özüňi
horlaýan pikirleri aýdýaň.
— Sam, hany rahatlansana.
— Ata, senem geläýdiňmi? Men ýalan sözlemedim-ä, ata.
Samadyň burnunyň gany durupdy. Emma gyzgyny galýardy. Ibn
Kahhar onuň maňlaýyna goýdurýan öl matasyny tiz-tizden çalyşdyrýardy.
Soňabaka düşnüksiz samramasynam goýup Samat «Kemaletdin,
Kemaletdin» diýip Kemaletdini çagyrmaga başlady. Kemaletdin onuň ot
ýaly elinden tutup, ýetisibildiginden: «Men ýanyňda, jigim jan, men
ýanyňda» diýýärdi. Samat eşitmeýän ýaly, onuň adyny tutup çagyrmasyny
goýmaýardy. Kemaletdin onuň naýynjar çakylygyna nädip jogap berjegini
bilmeýärdi. Ahyry üstüne egilip, ony gujagyna gysdy. Samat Kemaletdini
hasam berk gujaklady.
— Gitme, ýanymdan gitme, men seni gowy görýän.
Şundan soň rahatlanan ýaly Samat samramasyny goýdy. Elini onuň
tirpildeýän damaryndan aýyrmaýan Ibn Kahhar Samadyň rahatlanmasyny
halamady. Mahmyda buýraýmalyka töweregini unudan tebip ylgap
jaýyndan ýürege kuwwat beriji derman getirip dilsiz-agyzsyz ýatan
Samada içirdi. Ol edil ukuda ýalydy. Ýaşuly tebibiň näderini bilmän
aljyrap ugrady.
— Allahym garaşyk et, ýolma gunçamyzy! Ogullarym, bir zat ediň, ol
ölýär. Kemaletdin, Mahmyt.
Emma ogullary name etjeklerini bilmeýärdiler. Birden Kemaletdin
özüne gelen ýaly bolup Samadyň kükreginiň üstünden ýüregini
owkalamaga durdy. Mahmyt bolsa bir wagt atasynyň öwredişi ýaly
Samadyň boýundamaryny owkalaýardy. Ibn Kahhar ýene öz jaýyna
ylgady. Ýene bir derman garyp içirjek boldy. Samat ýuwdunmadanam
galypdy.
— Jan oglum, şuny ýuwut. Ýalbarýan, ýuwudaý-da.
Onyň guýýan dermany dem-düýtsüz ýatan Samadyň guran
dodaklarynyň arasyndan daşyna dökülýärdi. Ol bu dünýeden hiç zady
islemeýäne meňzeýärdi.
Kemaletdin gaty gygyryp:
— Iç şuny — diýdi.
Samat Kemaletdiniň sesini uzaklardan bir ýerden gelýän ýaly çala
eşitdi-de, gözüni agdardy. Ibn Kahharyň agzyna guýup duran dermanyny
ýuwutdy. Kemaletdin onuň kükregini owkalamasyny goýmaýardy. Samat
elini gymyldatdy. Soň gözüni açdy. Onuň oglan göreçleri hol aňyrdan
görünýärdi. Samat, hakykatdanam, aňyrdan — ölüm tarapdan dirilige tarap
garap ýatan ýalydy. Ibn Kahhar dermanyndan oňa ýene içirdi. Samat
ysgynsyz: «Kaka» diýdi. Ibn Kahhar onuň elinden tutup «Indi ýat oglum,
ukla» diýip, iki-üç gezek ýüzünden sypady. Onuň tirpildeýän damaryny
tutup duran Kemaletdin «Rahatlaşýar» diýdi. Samadyň ýürek urşy kada
geldi. Ol uka gitdi.
— Ata, bu näme kesel boldugy bolýar?
— Adamyň bedeninde bolmaly ganyň möçberi bar. Ol bolmalysyndan
azalsa adam ysgyndan gidýär. Ýüregiň işlemesi kynalýar. Adamda güýç
gutarýar. Men ýöne onüň burnunyň ilki nämeden gananyny bilemok.
Ganynyň basyşy üýtgän bolaýmasa. Bolýar, geçdigi bolsun. Alla jan bize
Samy gaýdyp berdi. Mahmyt başga işleriňi goý. Samyň ýanyndan aýrylma.
— Ata, Kemaletdin bolaýsyn Samyň ýanynda.
— Bolýar. Ol-a hasam gowusy. Şypahanaň işlerine sen ýetişermiň?
— Ýetişerin atam.
Kemaletdin Samadyň sähel salymyň içinde reňkini ýitirip saralan
ýüzüne bakyp oturdy. Olar ikiçäk galypdylar. Kemaletdin onuň elini
aýasyna alyp owkalap oturşyna:
— Sam, meň sam-sam samsyjak jigim. Sen meni nämäme gowy
görýäň? Käşgä seň diýýän adamyň bolsam men. Atam meni dişçi edip
kowup dogry edýär. Men siziň hiçiňizçe-de ýoga. Bilýäňmi näme, men indi
diňe senden mysal aljak. Bir işi etmeli ýa etmeli däl bolamda özümden Sam
näderdi diýip sorajak. Onsoň seniň edäýjek hereketiňi etjek. Sen ýöne
gutul, bolýamy! Men saňa onsoň Saranam görkezerin. Ol şeýle bir gowy,
oňa sen hakda aýdybam berdim. Eger atam diş bejer diýip araňyzdan
aýyrsa sen ýuwaşlyk bilen meň ýanyma geçäý. Aý, ýok, atam seni gaty
gowy görýär. Ol seni ýürek bejerýän etjek diýýär. Sen meň ýanyma gelip
durarsyň-da.
Samat Kemaletdiniň sözlerini eşitmeýärdi. Ol ejesi bilen Gürgenjiň ak
patrak gülli erikliginiň içinde bukuldym oýnaýardy. Ýapragam
çykarmanka ak güle bürenen erikler birden-birden ak selleli adamlara
öwrülýärdiler. Birdenem ýene öňki eriklikleri. Samat töweregine aňalyp
durşuna tutuldy. Arkasyndan gelen ejesi ony garsa gujaklaýar:
— Indi sypmarsyň, köşejigim. Men seni indi hiç kime bermen, hiç
ýerigem ugratman.
— Eje, eje. Men atamdan «Gülnesibe daýzamy tanaýaňmy» diýip
soradym. Bagdatdan diýdim. Olam «Bagdatly Gülnesibe bolup bilmez»
diýdi. Men «Näme üçin?» diýsem «Bagdatlylaryň adynda «gül» sözi
gelmeýär» diýdi. Ol ýöne Nesibe bolaýmasyn diýdi. Menem «Ýok,
Gülnesibe» diýdim. Onda ol «Ýa Bagdatdan däldir ýa-da adyny
üýtgedendir» diýdi. O nähili beýle bolýar-aý?
— Olaň bagdatlydygyny diňe biz bilýäs. Olar başgalara Gürgenjiň
töweregindäki bir şäherden göçüp geldik diýýäler. Sen ony bileňokmydyň?
— Ýok.
— Olaryň bagdatlydygyny hiç kim bilmeli däl, balam. Selman daýy
bilen olar özlerini tanatman ýaşaýarlar.
— Olar adamlar bilen bukuldym oýnaýarlarmy? Eje, goýber ýene
bukuldym oýnaly-la. Men bukulaýyn, sen tap.
— Ýok, oglum, bu gezek men bukulaýyn, sen tap.
Samadyň ejesi gözünden gaýyp boldy. Birden erikleriň gülleri ak gara
öwrüldiler-de onuň üstüne ýagmaga başladylar. Şeýle bir ýagýardylar
welin, gözüňi açdyranokdy. Birdenem gül gutaran ýaly diňdi.
Hakykatdanam, erikleriň şahasynda gül galmandyr. Güle derek ýümşak
gar owunjaklary şahalara keşde bolup gonupdyr.
— Gar, gar, aýtsana sen näme üçin ýagýarsyň?
— Ähli hapalyklary özüm ýaly arassa etmek üçin ýagýaryn.
— Onda näme üçin ereýäň?
— Ähli yhlasymyň biderekdigini görüp, içimiň ýangynyna ereýän.
— Sen içim ýanýar diýýäň, men-ä üşeýän.
Samadyň sagyna agdarylyp aýaklaryny ýygyrşyny gören Kemaletdin
ylgap galyň ýorgany getirdi. Ony Samadyň öňki ýorganynyň üstünden
ýapdy. Bu Kemaletdiniň öz ýorganydy. Kemaletdin Samadyň ýatyşyna
seredip, özem ýanyna geçip, arkasyndan gujaklap ýatasy geldi. Emma
birden biynjalyk edäýmäýin diýip ol oturan ýerinden gozganmady.
Onsoňam ýyljak ýorgana girse, uklaýmagam ahmaldy. Kemaletdin şeýdip,
wagtam unudyp kän oturdy.
Samat birhaýukdan soň gözüni açdy. Ol gapdalynda ýylgyryp oturan
Kemaletdiniň elinden tutdy. Samadyň gowy gören, begendiren, hatda
gynandyran adamsynyňam elinden tutmak häsiýeti bardy. Ol şeýdende
ýüregi köşeşerdi. Begense begenji eliniň üsti bilen tutuş bedenine ýaýran
ýaly bolardy. Gynansa, gaharlansa ters duýgulary öçürýän täze bir tolkun
tutan elinden bedenine geçip ony köşeşdirerdi. Şonuň üçin ol atalygyna:
«Eliň ýürek bilen gönüden-göni baglanşygy bar bolaýmasyn» diýipdi.
9-njy bölüm
…Ölenler ýer bilen onuň aşagynda aýlanyp dur, diriler üstünde.
Mundan on asyr öňem şeýdip aýlanypdyr, kyýamatahyr
gopaýmasa, ýene on asyrdanam dünýe şeýder aýlanar durar…
Kemaletdin Samadyň gözüni açanyna begenip ýylgyrýardy. Ol derrew
atasynyň oýananda içirgin diýen dermanyny Samada içirdi. Onuň gözüni
açanyny atasyna, Mahmyda buşlady. Olaram işlerini taşlap Samadyň
ýanyna geldiler. Hersi Samadyň bir elinden tutdy. Samat göwnündäkini
bilýän ýaly, olaryň bu hereketine çalaja ýylgyran ýaly etdi-de, ýene gözüni
ýumdy. Sebäbi onuň ýanyna ýene ejesi gelipdi.
— Eje, eje, sen meni gundagda ulaltdym diýýäň. Hany onda görkezdä
meni nämä dolanyňy?
— Wiý, oglum, seň arlyjaklaň ýyrtylyp gitdi-dä.
— Meni bir arlyga ýyrtylýança dolan dälsiň-ä? Ýyrtylman galany
bardyr-a, birjigini tapyp görkezäý-dä.
— Goýsana oglum, arlygyňy näme etjek? Men olary başga zatlara esgi
edip ulanandyryn, ýyrtylyp, zyňylyp gidendir.
— Eje, bilýäňmi näme? Her kim ilki gar ýaly kiçijik, arassaja bäbek
bolandygyny biler hem ony ýadyndan çykarmaz ýaly, diwara gerilýän
halylara derek öz arlyklaryndan birini gerip goýsalar, nähili gowulyk
bolardy. Şeýle dälmi, eje?
— Men seň ýassananja ýassygyňy ýygnap ýörün.
— Bilýän eje, hany ol, meň şony ýassanasym gelýär. Mydam, her gije,
her ýatamda.
— Bolmaly oglum, bolmaly, häzir tapaýyn.
Ejesi Samadyň gözünden ýitdi. Kemaletdin gyzgyny galyp, ýene-de
«eje» diýip samrap başlan Samadyň kellesinden tutup suw içirdi. Samat
rahatlanan ýaly etdi. Ol «eje» diýip gygyrsa-da, ýanyna eli gamçyly kakasy
geldi.
— Bermen ýassygy.
— Kaka, ol meňki ahyryn!
— Bolanda näme. Ýassanarsyň, köneldersiň, ýyrtylar gider. Näme, ol
diňe saňa gerekmi? Ol maňa-da gerek.
— Hany seň özüňki, kaka?
— Maňa bermediler…. Maňa bermediler… Maňa bermediler…
Kakasam ýitip gitdi.
— Ejemem ýassygymy getirmedi. Gije düşüp gitdi ahyryn. Ýyldyzlara
seret patrak ýaly bolupdyr. Meň ýatasym gelýär. Ýassyksyz nädip
ýataýyn?
— Ýatyp näme etjek? — Bu Kemaletdiniň sesidi. — Ýyldyzlara
seretseň ukydan açýar-a.
— Ýok, men ýatjak. Ýyldyzlar gar bolup ýagsa näderis?
— Olar erigiň güli däl, ýagmazlar. Içip görjekmi, atam saňa erigiň
gülünden derman ýasapdyr.
— Ýok, bu erigiň gülünden ýasalan däl, ýyldyzlardan daman damjalar.
— Ýene içjekmi?
— Köp içjek, köp içjek. Suw…
Kemaletdin suw dileýän Samada ýene birki owurt içirdi-de, onuň
kellesini ýassykda goýup, atasyny çagyrmaga ylgady. Ol atasy bilen
gelende gözleri hanasyndan çykyp gelýän Samadyň dik oturanyny
gördüler. Samat ýassanyp ýatan ýassygyny bir ýana zyňypdyr. Ibn Kahhar
Samady gujaklap ýerinde ýatyrdy. Samat Kemaletdiniň yzyna goýan
ýassygynda ýatmajak bolýardy. Ony eli bilen itýärdi. Atalygy ony zor bilen
diýen ýaly ýatyrdy. Samat birden «eje» diýýärdi, birden «kaka» diýýärdi,
birdenem «ata» diýip atalygyny gujaklaýardy.
Ibn Kahhar Kemaletdine bir dermanyň adyny tutup şony getir diýdi. Ol
rahatlandyryjy dermandy. Samat dermanly käsä açgöz ýapyşyp şobada
başyna çekdi. Soň ýylgyryp «Ýyldyzyň suwy, ýyldyzyň suwy. Kemaletdin,
Mahmyt içip görjekmi?» Mahmyt Samadyň uzadan boş käsesini elinden
aldy. «Iç-dä, näme içeňok, ýaman gowy. Ata, ata jan, iç diýsene
Mahmyda» Samat ýarymýaş aglamaga başlady. Atasy Mahmyda: «Iç»
diýdi. Mahmyt boş käseden içen boldy. Emma Samadyň oň bilen eýýäm
işi ýokdy. Ol gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp aglaýardy. «Men
kakamyň ýanyna gitjek, öz ýurduma gitjek. Kama-da, ejeme-de ýyldyzyň
suwundan berjek»
Ibn Kahhar Kemaletdine:
— Kuranyňy al — diýdi.
Mahmyda bolsa şäheriň belli sazandasyny çagyryp gel diýip buýurdy.
Kemaletdin Samada golaý oturyp Kuran okamaga başlady. Samat onuň
eline ýapyşdy. «Menem okajak» diýdi. Kemaletdin onuň Kurana eli
ýetmez ýaly, yza süýşdi. Gyssanyp açan ýerinden okamaga başlady. Samat
Kemaletdiniň her okan aýatyny yzyndan gaýtalaýardy. Samat olaryň
arasynda Kuran okamaga iň ökdesidi. Ol Kuranyň köp ýerlerini ýatdan
bilensoň, Kemaletdine-de garaşman ondan ozduryp ýatdan aýtmaga
başlady. Kemaletdin Samada päsgel bermän okamasyny goýdy. Samadyň
ýeke özi zarynladyp Kuran aýdýardy. Ibn Kahhar onuň Kurany şeýle
owadan okanyny eşitmändi. Ol aýdylýan aýatlaryň täsiri bilen Samadyň
hassalygynam unutdy. Samadyň Kurandan okaýan ýeri Ýusup pygamberiň
başyna düşen wakalaryň beýan edilýän ýeridi. Ibn Kahhar gözýaşlaryny
saklap bilmeýärdi. Ol ilki Kemaletdine käýinmeli bolan gezegi, häzirem
ikinji gezek içinden garrap, ýüreginiň ýukalanyny boýun aldy.
Mahmydam sazandany alyp geldi. Ibn Kahhar sazanda bilen baş atyp
salamlaşdy. Gözýaşyny süpürdi. Özüne geldi. Samadam Ýusup süresini
tamamlady-da, sesini çykarman ýatdy. Kemaletdiniň elinden berk gysyp
oturşy diýäýmeseň, onuň ýatyşy parahatdy. Ibn Kahhar sazandadan
mylaýym, gussaly sazlary çalmagy haýyş etdi. Samadyň hoş owazyndan
soň sazyň sesi ýumşak şemalyň yzy bilen ýagyp başlan ýyly ýagyş ýaly
damjalap başlady. Samat hoş owaza meýmiredi. Onuň ýanyna ýene ejesi
geldi.
— Tapdym oglum, arlyjagyňy tapdym.
— Dolasana eje meni şol arlygyma. Muň ysynyň gowujadygyny!
— Ýok oglum, sen indi ulaldyň. Sen bärik gelmeli. Kakaňam saňa
garaşýar. Men seň arlyjagyňy ýygnapjyk goýaryn. Gülnesibe daýzaň tapyp
goýan gyzy saňa bäbejik getirip berer. Menem şonda agtyjagymy seň
arlyjagyňa dolaryn. Sen ýaraňok oglum. Kerweniň gitjek gününe çenli ataň
dermanlaryny iç-de gutul. Biz saňa garaşýas, balam.
— Bor eje. Onda senem ýanymda otur-da saz diňläý.
— Men seň ýanyňdan aýrylmasam name oglum. Seň Kuran okaýşyňam
diňledim.
— Ýene okaýynmy? Men «Allah» diýibem ýazyp bilýän eje. Ýazyp
görkezdim-ä saňa eje.
— Hawa, hawa. Gowusy, men seni hüwdüläýeýin oglum?
— Bäbejikligimdäki ýalymy?
— Hawa, dagy näme!
Çalynýan saz Samadyň gulagyna ejesiniň hüwdüsi bolup eşidilýärdi. Ol
uka gitdi. Şol ýatyşyna gowy garaňky düşýänçä oýanmady. Onuň
ýanyndan bir ädimem aýrylman, uzak gün elinden tutup oturan Kemaletdin
pahat ýatan Samadyň ýüzüne bakyp oturşyna öz çagalygyny, hakydasyna
çala gelýän ejesini, kakasyny, atasynyň üzüm ýolup berşine çenli ýatlady.
Ol geçenlerini şeýle bir ýatlady — ýatlap biljek ýekeje wakasynam
hakydasyndan sypdyrmazlyga çalyşdy. Şeýdibem geçen günlerini ikinji
gezek ýaşan ýaly boldy. Samat gözüni açanda, özüni iki gezek ýaşadyp
bilen adama taňryýalkasyn aýdýan ýaly, onuň ýara yzly ýaňagyndan
ogşady. Samadam onuň boýnundan gujaklap pyşyrdady:
— Maňa näme boldy?
— Ýaramadyň, jigim.
— Sen maňa jigim diýäýdiňmi?
— Sen meň jigim-dä.
— Men gutularynmy?
— Basym gutulýaň. Rahatja ýat. Häzir men atamy çagyryp geleýin.
— Ýok, çagyrma, men utanýan. Men atamyň ýanynda beýdip ýatyp
bilmen-ä?
— Bolýar. Sen onda ukla.
— Kemaletdin, maňa suw beräý-dä.
— Häzir.
Kemaletdin Samada suw bilen atasynyň içir diýen dermanynam içirdi.
Bu uky dermanydy. Samat ony içip, ýene uka gitdi. Kemaletdin Samat
bilen eden gürüňlerini ýene-de derman içirenini birin-birin atasyna aýtdy.
Kemaletdiniň aýdýanlarynyň çyndygyna göz ýetirjek bolýan ýaly, atasy
bilen Mahmyd uklap ýatan Samadyň ýüzüne bakdylar.
Samat şol ýatyşyna ýerinden galyp bilmän ýene iki gün ýatdy. Üçülenji
gün onuň gutulyşýany bildirip ugrady. Mahmyt oňa: «Ýyldyzyň suwy,
ýyldyzyň suwy» diýip degip dermanlaryny içirýärdi. Samat onuň bolşuna
ýylgyryp oňaýýardy. Ol ýaraman ýatyrka bolup geçen zatlar hakynda
soralsa «ýadyma düşenok» diýip oňaýýardy. Diňe atasy haýyş edensoň,
Kuran okap berenimi bilýän diýerdi. Ejesiniň hüwdüsini diňlänini welin
aýtmaýardy. Ibn Kahhar Mahmydy, Kemaletdini ýanyna çagyryp «hiç
zady ýatlatjak bolmaň» diýip tabşyrdy. Şonda-da Kemaletdin ikiçäk
galanlarynda Samatdan:
— Meň boýun alan zadym ýadyňa düşýärmi? — diýip sorady.
— Ýok.
— Hiç zat, hiç zat ýadyňa düşenokmy?
— Ýok diýdimä-how.
— Bolýa, özüm ýadyňa salaýyn. Men saňa bir gowy gyz görkezjek
diýdim.
— Maňa gyz gerek däl. Gowy gyz bolsa özüň gör.
— Ýogsa-da seň üçin däl. Öz gowy görýän gyzymy.
— Hä, Saranymy? Biz ony Mahmyt bilen bireýýäm gördük.
— Haý garagollar diýse… Nähili, gowumy?
— Ýyldyzyň suwy ýaly.
— Çynyňmy? Şol basym seň gelnejeň bolsa bilýäňmi?
— Eý-ho, toýam ederis-hä?
— Bilýäňmi, oň gowja jigisem bar.
— Ony Mahmydam bilýä.
— Mahmydyň bileni hiç, oň özi kimi halasa şo bor.
— Mahmyt eýýäm… çüşş… oň bilen hatam alyşyp ýör.
— Haý garagol diýsänim. Aý, saňa-da gowusyny taparys.
Goňşy jaýda işläp oturan Ibn Kahhara bu gürrüňdeşlikden diňe
Samadyň gülküjigi eşidilýärdi. Ol muňa begenjine, işinem goýup hezil
edip diňşirgenip oturdy. Bu eşidilýän gülki sesleri oňa bilbiliň
owazyndanam müň esse ýakymlydy. Ibn Kahhar üçin bu gülkiler bilen
deňleşip biljek hiç bir owaz ýokdy. Ol Allahyň edenine şükür edip, doga
okady. Soň Kemaletdini ýanyna çagyryp, Samady ýadatmazlygy tabşyrdy.
Hiç zat ýadyma düşenok diýse-de, Samat bolan zatlaryň köpüsini
bilýärdi. Ol diňe şol görenleriniň manysyna düşünip bilmeýärdi. O zatlaryň
akylynda nähili bolup geçendigi hakynda pikir ediberse gorkup başlaýardy.
Ibn Kahhar onuň gözüni halanokdy. Ol entek daşyny gurşan arwahjynlardan doly saplananok diýýärdi. Şonuň üçin bir tabakda ýüzärlik ýakyp
tütetdi. Ony şypahananyň ähli künjegine aýlady. Soň jaýynyň daşyndanam
üç gezek aýlady. Bir salym şypahana tüssä büreldi. Sam birden özüni
ýanyp duran jaýyň içinde ýaly duýdy. Ikiýana ylgaýan Folomeý daýyny
gördi. Ol:
— Folomeý daýy men bärde, men bärde — diýip, hernäçe gygyrsa-da,
Folomeý ony görmän deňinden geçip durdy. Onýança ejesi Gülnesibe
daýza bilen gelip oňa: «Bukul» diýdiler. Beýle ýandanam kakasy gelip,
ony oturan düýesiniň üstünden sogrup aldy-da, atyna kese basyp Gürgenje
tarap alyp gitdi.
Samat oýanyp gözüni ýalpa açdy. Gorkdy. Gapy açylsa içerik kakasy
giräýjek ýaly boldy durdy. Ahyry gözüne görünýän, düýşüne girýän
zatlardan baş çykarar diýip, ýaňky gören düýşüni atalygyna gürrüň berdi.
Atalygy Samady üns berip diňledi. Soň olary bir-bir ýormaga oturdy:
— Folomeý daýy bolup gözüňe görnen erbet güýçler, keseller bolmaly.
Onuň seni görmändigi gowy zat. Ejeň bilen o daýza — aýallar bizi
ýolumyzdan azaşdyrýan zatlardyr. At bolsa düýşde myratdyr. Onda-da
kakaň gelip seni atyna mündürip alyp gitse gaty gowy düýş, pygamberler
ýorgudy bolsun balam, myradyňa ýetersiň. Biz basym Gürgençde bolarys,
ejeňem, kakaňam alyp geleris.
Ibn Kahhar eden ýorgudyna bolmanda baş ataryna garaşa-da, Samat
jogap bermän, ýüzüni aşak saldy. Samada ejesini, kakasyny ýatladyp,
olaryň ýanyna gitsek dogry bolar diýen gürrüňi etmekden Ibn Kahhar
entegem ir diýip pikir etdi. Samadyň kellesine agram salmagy ýene-de
derdiniň gozgamagyna getirip biljekdi. Şonuň üçin ol: «Her zadyň öz
nesibeli güni bardyr. Howlukmaly» diýip, mähir bilen Samadyň başyny
sypap gitdi.
Samat gören düýşüne atalygynyň çyndan begenenini duýdy. Ol
ýorgudyny göwün rahatlygy üçin aýtmandygyny subut etjek bolup, ýörite
kitap getirip Samada: «Ýadama-da okap gör» diýdi. Samadyň okanlary
atasynyň aýdýanlary bilen deň gelýärdi. Samat atalygynyň oka diýip belläp
beren ýerleri bilenem çäklenmän, kitaby doly okap çykdy. Emma ondan
arlyk hakynda, ony halylaryň ýerine germek hakynda, bäbekliginden galan
ýassygy ýassanmak hakynda, ýalan hakynda, wyždan hakynda… öz göreneşidenleri hakynda ýekeje-de göwnemakul zat tapmady. Ol öz görenlerine
düýş däldir diýip pikir etdi. «Atam meniň öz ýurduma gidenimi isleýär.
Ejem-kakam Gürgenji taşlap bärik gelermi? Gelselerem, şypahanada
ýaşamazlar. Menem ýanlaryna alarlar. Bujagaz günümdenem dynaryn.
Enem-atam dirikä ýetim ýaly bolup ýörün, ýene-de şujagaz günüm diýýän.
Dagy nädeýin? Olar gelseler…»
Samat pikirini dowam etdirmedi. Ol ejesiniň çalan şarpygyny ýatlady.
Eli biygtyýar ýaňagyna ýetdi. Ýaňagyndaky ýaraň yzlary oňa ejesiniň şol
şarpygynyň ömrylla ýitmejek yzlary ýaly bolup gitdi. Soň ol alajasyndaky
monjuklaryny gysymlady. Hakydasynda Gürgenje dolandy, daşarda,
köçede oýnap ýören ýerinden gelip ejesine boýnundaky monjugy
görkezişini ýatlady.
— Eje, şu gözmonjugymaý?
— Gözmonjugy başga, göze meňzeş bolýar. Bu maňa gyzkam kakaň
alyp beren monjugyndan.
— Hä, şu monjukmy, eje?
— Hawa. Owadan gerek?
— Indi näme ony dakynaňok?
— Monjugy gyzkaň, gelinkäň dakynsaň gelişýär. Onsoňam, dakynsam
köneler-dä. Könelse-de, kakaň gynanar.
— Könelse başgasyny alyp beräýsin
— Indi muň ýaly gowy monjuk tapdyrmaz…
Ejesi bu sözleri aýdýarka begenjinden, kakasyna bolan söýgüsinden nur
saçyp duranuny, entek çaga bolsa-da, Samat görüpdi.
Soň bir gezek kakasyndan zeýrenip otyrka, Samat ejesine göwünlik
berjek hem şol gezekki nurana keşbini oňa dolap getirjek bolup, şaýsepleriň goýulýan gutusyndan monjugy çykarypdy. Ol ejesine görkezibräk
monjuklary sanan boldy. Boýnundaky alajasyny aýryp, ondaky ýeke
monjugy beýlekileri bilen deňeşdiren boldy. Monjuklary görüp
mähremleşmäge derek, ejesi olary boýnuna atylan syrtmaga deňedi. Şonda
Samadyňam birden gahary gelip:
— Onda munuň ýoguny çekeli-le, eje — diýip, monjugam, alajasynam
eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi. Ak-gara monjuk şagyrdap jaýyň bir
burçuna düşdi.
Ozalam adamsyndan zeýrenip, oglunyň ýanynda dil ýarmaly
bolaýanyna jany ýanyp oturan Maral zöwwe ýerinde turdy-da, Samadyň
dulugyna ilkinji gezek şarpyk çaldy. Beýle herekete garaşmadyk Samadyň
gözlerinden ot çykyp gitdi. Edenine puşman eden ejesi ony gujagyna
gysdy:
— Beýtme-dä, balam. Syrtmagam bolsa, kakaň salan syrtmagydyr. Ony
beýdip eliň tersi bilen zyňyp goýberme-dä…
Maral ogluny goýberip, ýüzin düşüp aglamaga başlady. Ol ogluna bu
monjuklary nähili eý görendigini, iller monjugy boýnuna dakynsa ol muny
ençeme gezek bagryna basandygyny, janly ýaly onuň bilen gepleşipler
gezenini aýdyp bilmeýänine aglaýardy. Samadyň bu zatlara düşünerden
ýaşdygy üçinem däl, ol sözler, ol duýgular hatda öz ogluňa-da aýdylýan
sözler, ýa duýgular däldi. Maral birden dikeldi. Turup monjugy zyňylan
ýerinden garbap aldy-da, müýnli oglunyň eglen boýnundan ogşady. Soň
monjugy batly silkip ýoldy. Eliniň badyna monjuklardan birnäçesi pytrap
gitdi. Eneli-ogul yzlaryndan ýagy gelýän ýaly olary gyssanmaç çöplediler.
Samat çöplän monjuklaryny ejesine gaýtaryp berdi. Maral sojap oturşyna
olary yzyna düzýärdi. Ol monjuklardan ýene birini alyp galyp Samadyň
alajasyna dakdy. Samadyň galpagy syrylanda şatlyk bilen dakylan
monjuga ejesiniň gözýaşyna ýuwlan ikinji monjuk «şyk» edip degdi. Şol
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Üç nokadyň biri - 12
  • Parts
  • Üç nokadyň biri - 01
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2135
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 02
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2175
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 03
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2117
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 04
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2089
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 05
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2109
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 06
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2063
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 07
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2092
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 08
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2052
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2113
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 10
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2095
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 11
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1936
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 12
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2024
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 13
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2016
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 14
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2086
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 15
    Total number of words is 2549
    Total number of unique words is 1600
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.