Latin

Üç nokadyň biri - 10

Total number of words is 3834
Total number of unique words is 2095
32.7 of words are in the 2000 most common words
46.0 of words are in the 5000 most common words
53.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
etmedi. Gaýta özi-özüni gark edýän ýaly, meýletinlik bilen şol doňaklyga
çümüp ugrady. Hakykatdanam, ýadaw beýni özüni halas etmek üçin bu
dünýäni duýmasyny goýdy. Gara Durmaz doňan ýaly, sejdedäki
ýagdaýynda bir ýana agdy.
Maral agşam namazy golaýlanda ýüregine howsala düşüp, ogluny
ýoklap başlady. Ilki bilen Gülnesibelere baryp gördi. Gülnesibe şu gün
uzyn günüň dowamynda Samady görmändigini aýtdy. Belki juma
namazyndan soň ymam Selmanyň ýanynda galandyr? Agşam namazyny
okamak hem Selmandan Samady soramak üçin Maral Gülnesibelerden
çykyp metjide bardy. Namazdan soň sorap-idese, Selman juma namazyna
ymamlyk edenden soň metjitde uzak eglenmän gidipdir. Samadam onuň
ýanynda eken.
«Olar nirä gitdikä? Öýlerine geläýjek ýaly? Eý Hudaý, öýle wagty
gidişlerine agşam düşübem olar ýok. Gülnesibe-de olardan habarsyz.
Köşge gidip kakasyna habar beräýsemmikäm? Ýok, ol Selmany şeýle-de
halap baranok. Aýdanym bilenem köşki taşlap oglunyň gözlegine ylgasam
ýok-la. Wah, oň ogul nämesine gerek. Ýumruklap-ýenjip, ýa itine
çeýnetdirip ogluna gün görkezdimi? Selman ony indiki görjek
azaplaryndan halas etmek üçin gizläp ýören bolaýmasyn? Men ýene
Gülnesibäni göreýin. Ol hökman bir zat bilýändir». Maral garaňky
gatlyşyp barýanam bolsa Gülnesibelere gitdi. Gara Durmazam işinden
haçan gelse geläýmelidi. «Gelse gelipler geçsin-le, oglumdan gowy däl»
diýse-de, ilki öýüne baryp Gara Durmaza çaý demläp basyryp goýdy.
Maral ýel ýaly bolup Gülnesibelere bardy. Ol Samady şol ýerden
tapmakdan heniz umydyny üzmändi. Emma öýde gyzjagazy bilen
Gülnesibeden başga adam ýokdy. Maral göwnüne gelen pikirleri aýdyp,
hernäçe özelenip sorasa-da, Gülnesibe adamsynyň niredediginden,
Samady bir ýerde gizlemekçi bolýandygyndan habarsyzdygyny gaýtalap
durdy. Maral Gülnesibeden öýkelejek ýaly edibem gördi. Emma onuň hiç
zatdan habarsyzdygy çyn bolmaga çemeli. Öňi-soňy, eger Samady Selman
gizlänem bolsa, Gara Durmazyň güýç ulanyp ony tapdyrjagy gürrüňsizdi.
Eger ikisi bile gizlenen ýa-da bir ýana gaçan bolsalaram, Gara Durmaz
Gülnesibä gün bermez.
«Ol-a meň ýaly öýkelän bolup oňmaz. Bu zatlary Selmanam-a pikir
edendir. Onda ol oglumy alyp nirä gitdikä? Myhmançylyga giden ýerine
äkiden bolaýmasyn? Belki Samat jan eýýäm öýdedir?».
Maral öýüne ylgady. Ýolboýy ogly gelmedik bolsa Gara Durmaza näme
jogap bererin diýip oýlanyp laýyk jogap tapyp bilmedi. Emma öýe ýetip
gapynyň açylanyny görüp begendi.Onda-da barşyna öe girmän daş işikde
diňşirgendi. Öýden hiç bir ses gelmeýärdi. Ol ýuwaşlyk bilen içeri girdi.
Gara Durmazyň öz jaýynyň bir burçunda düýrlenip ýatanyny gördi.
Samady gözläp beýleki jaýlara seredişdirdi. Samat ýokdy. Maral näme
etjegini bilmän iki jahan owarrasy boldy. Çünki Gara Durmazy turzup oňa
oglunyň ýokdugyny aýdaýsa uly gohuň turjagyny bilýärdi. Özi turup
Samdyň ýokdugyny bilse-de näme üçin wagtynda maňa aýtmadyň diýip
ýene gamçy iýjek Maraldy. Ol ejirli sagatlaryny süýndürip, näme etjegini
bilmän durdy. Ýassyksyz-zatsyz, dyzyny döşüne çekip uklap ýatan
adamsynyň ýüzüne seretdi. Maral onuň ýerine geçmän şeýdip ýatyşyny
birinji gezek görýärdi. Onuň şol bir ýüzi, şol bir agyrlygy. Ol adamsyny
atdanlykda oýaranlardan bolmak üçin çäýnek-käseleri şakyrdadybrak
aýyrdy. Oýanmadymyka diýip, howsalaly yzyna bakdy. Gara Durmaz
oýanmady.
Onynça-da gapy kakyldy. Maral muňa Samatdyr öýtdi. Dünýäni
unudyp gapa tarap ylgady. Bärden barşyna «Samat» diýip gygyrdy. Emma
oňa gapyny has batly kakmak bilen jogap berdiler. Muňa garaşyp ýatan
ýaly Gara Durmazam öýden çykdy.
— Size gyssagly köşge gelmeli diýlen buýruk bar.
— Häzir, geýindigim barýan.
— Ýok biz sizi alyp gitmeli.
— Näme boldy beýle? Häzir geýineýin, bile gitmeli bolsa, bile
gidäýeris.
Gara Durmaz öýe girişine Maraly çagyrdy.
— Samat ýatyrmy? Degme ýatsyn. Onyň seň gorkajygam. Ondan meň
kärimi ýöreden bolmaz. Aý, geregem däl-le. Başga-da kär gyt däl. Hany,
arkaýynçylykda üç bolup maslahat ederis-dä… Sen häzir Gülnesibäň
ýanyna git. Düýn köşkde Selman öldürildi. Şehdi tebibem… Irden,
namazdanam öň köşge adam alyp barsyn, men olaň jesetlerini çykarmaga
kömek edeýin. Ýöne aglap-eňräp ýörmäň… Diliňize, özüňize berk boluň.
Kysmatlarydyr-da bendeleň. Bolýar, men gitdim.
Esgerleriň öňüne düşup garaňka siňip giden adamsy Maraly haýran etdi.
Ol häzirki däl, gadymky Gara Durmazdy. Sesiniň mylaýymlygy,
gözündäki gussa… Onuň şol gadymkysy ýaly öz hoşlaşyşyny edip
«Bolýar, men gitdim» diýmänine näçe ýyl bolduka? Şeýdip hoşlaşmak bu
gün onuň nireden ýadyna düşdükä? Maral bu zatlaryň hemmesini öz
gorkusyndandyr öýtdi. «Meňem başym çaşyp barýar öýdýän. O nämeler
diýdi? Gülnesibe…» Ol daşaryň garaňkysyna seretmän Gülnesibelere
tarap ugrady.
Gülnesibe-de bu gijäni ýatman geçirdi. Agşamara Maralyň aýagy ot
basan ýaly bolup Samady gözläp gelmegi onuň howsalasynyň başy boldy.
Maralyň soň gelip Selmanyň juma namazyny okadandan soň metjide-de
barmandygyny aýdyp eden düşnüksiz gürrüňleri hasam alada goýdy.
«Selman Samady näme üçin gizlesin? Maňa-da aýtman, heý Samady alyp
bir ýurtlara gaçyp gidermi? Maral Selmana beýle işleri edendir öýdüp
nähak günä göterýär. Onda Selman nirä gitdikä? Ýa Samada ýüregi awap,
bir işler edäýdimikä? Näme etse-de, menden habarsyz etmejek ýaly».
Gülnesibäniň iki gözi gapydady. Gujagy bäbeklikä ýeke goýup
adamsynyň şeýle garaşdyrmasyny ol näme bilen delillendirjegini
bilmeýärdi. Selman aňsat-aňsat ýaban ýatmazdy. Eger biriniňkide
galaýjagam bolsa, hökman habar ibererdi. Bu gije welin ne habar bar, ne
özi. Maral gelip gideli bäri tolgunmasy galmaýan Gülnesibe oturyp-turup
karar tapanokdy. Sähel zada tisginip gidýärdi. Samadam, Maralam gaýgy
edýärdi. «Samat tapylmasa Gara Durmaz ony öldürmese-de biridir» diýip
göwnüne getirip durka gapy çalaja tykyrdady. Ol gapyny çalt açdy.
Gapynyň agzynda Maral ýüzüni ak tam edip öýe girip bilmän durdy.
— Çaltyrak gir, gapyny gulplaýyn. Gelse-de açyp bilmez.
— Ajal gelse gapyň gulpuna seretmeýän eken, jora jan.
— Bir alajy bolar, gorkma.
— Nä alajy bolsun, ölümiň. Ol gaçsaň tutýar, bukulsaň tapýar.
— Selmana näme bolduka, olam şindem gelenok. Dur men çyrany
öçüreýin.
— Çyramyz bireýýäm öçdi, bireýýäm öçdi. Selmanam indi gelmez, jora
jan.
— Maral düşnükli aýtsana, Selman näme üçin gelmez?
— Diýibilmesem nädip diýeýin, aýdyp bilmesem nädip aýdaýyn,
Nesibe jan.
Maral jorasyny gujaklap hunybirýan aglamaga durdy.
— Näme bolanam bolsa, sen aýt. Hany Sel-man? Samat tapyldymy?
— Ýok, Nesibe jan, Samatdan gördüm-bildim ýok. Selmany bolsa... —
Maral şum habary birbada aýdyp bilmän sojap-sojap aglady: — Selman
köşkde öldürilipdir. Gara Durmaz ertir namazyndanam öň geliň jesedini
çykarmaga kömek edeýin diýdi. Diliňize bek boluň, aglap-eňremäň diýdi.
Bagtymyz ýatandyr, jora jan.
— Gara Durmazyň özi häzir nirede?
— Köşge alyp gitdiler.
Maral şu wagta çenli dogumly, hiç bir kynçylykdan basylmajak ýaly
bolup görünýän Gülnesibäniň eginleriniň gysylyp, bir gysymjyk aýala
öwrülenini gördi. Emma bu uzaga çekmedi. Gülnesibe ýene öňki keşbine
geldi. Gaýta öňküsindenem dogumlanyp, garadangaýtmaz sypata girdi.
— Menem häzir gideýin. Sen gyzymyň ýanynda bol. Gapyny kim
kaksa-da açmagyn. Çyranam öçür. Men çalt dolanjak bolaryn.
Bu dogumly aýal adamsy bazara gidip olam yzyndan ýüküni
göterişmäge gitmeli ýaly, Maraly haýran edip gözden ýitdi.
Gülnesibe köşge gelende töweregi goşun gurşapdyr. Ol atlylaryň
arasyndan geçip köşge nähili ýakynlajagyny bilmän durka: «Gülnesibe
hanym» diýip biri gygyrdy. Bu atly esger öň bir gezek gije gelip Selmany
öýden alyp gidipdi. Şonda Selmany öýüne çagyran emiriň uly wezirinden
biri eken. Bu gije gelmejegini aýdyp giden Selman ertesi namazdan soň
gelip: «Emiriň ýanynda şeýle akylly adamlaryň barlygam gowy zat» diýip
gijeki myhmançylygyndan hoşaldygyny gürrüň beripdi. Gürrüňiniň
arasynda ol weziriň adynam aýdypdy. Gülnesibäň häzirki niýeti şol weziri
görüp, Gara Durmazyň habarynyň anygyna ýetmekdi. Emma adyny tutup
gygyrýan atlyny ol tanamady. Gülnesibe tanamasa-da, häzir tanaýanlardan
bolmalydy.
— Hanym, täze emir sizi irden hemmeden öň kabul etmekçidi. Sizi alyp
gelmegi maňa buýurdy.
— Irdene goýup oturman häzir kabul edende bolmazmyka?
— Men ony derrew bilip geleýin, hem siziň geleniňizi aýdaýyn.
Nöker köşge gitdi. Gülnesibe özüniň beýle alada bilen gurşalmagyny
geň gördi. «Täze emir diýýäni kimkä? Öňki emire näme bolduka?» diýip,
içinden pikir öwürýän Gülnesibe uzak garaşmaly bolmady. Ony goragdan
geçirip köşge alyp bardylar. Tagtyň üstünde oturan täze emir — Selmany
öýünde myhman alan wezir bolup çykdy.
— Ymam Selman ýaly adamlar bu dünýä seýrek gelýär. Şeýle adamyň
ýanýoldaşy bolmagam uly bagt. Biz onuň bilen, köplenç, bir-iki sagat,
ýekeje gezegem uzak gije söhbetdeş bolduk. Şonda-da ol beýik
adamkärçiligi, dury paýhasy, çuňňur ylymy bilen ýüregimize ornap, onda
baky orun aldy. Size bolsa onuň bilen bütin ömri bile geçirmek bagty
ýetdiripdir.
Adalatsyz, azgyn, ýurdy talap gezen hökümdary hiç bir gan dökmezden
agdarmak başartmady. Şol dökülen ganyň içinde ymam Selmanyň hem
gyrmyzy ganynyň bardygyna men hem çyn ýürekden gynanýaryn, hem
ýüregimiň jümmüşinde begenjim bar. Çünki bu işde başyny gurban edenler
şehitdirler. Olar Syrat köprüsinden geçirilmän, sorag-jogap azaplaryny
görmezden behişde bararlar.
Ýere bakyp, gözleriňizden dür kibi damjalaryňyzy dökmäň. Siz
başyňyzy dik tutmaga haklysyňyz. Ymam Selmanyň ady ýurduň taryhyna
altyn harplar bilen ýazylar. Häzir gynançdan ýaňa para-para bolýan
ýüregimizde onuň adyny baky götereris. Ertir öz şehitlerimize biz iň
ýokary mertebeleri berip iň uly öwlüýäçylykda ýere depin ederis. Emma,
özleri bolmasa-da, olaryň ady köçelerimize, şäherlerimize dakylar. Onuň
yzynda galanlary köşk öz üpjünçiligine alar. Siziň islendik haýyşyňyzy
ýerine ýetirmäge biz özümize uly sogaplar gazanmaga berlen mümkinçilik
ýaly gararys…
Mundan artyk çydap bilmän, aýagynyň ysgyny gaçan Gülnesibe köşgüň
daş düşeginiň üstüne özüni goýberdi. Täze emir: «Suw getiriň» diýip
gygyrdy. Getirilen suwy tagtyndan düşüp Gülnesibä öz eli bilen uzatdy.
— Sag boluň, kyblaýy älem. Bir damja ganymy geçseňiz sizden
haýyşym bar.
— Gözüm üstüne.
— Öňki emiriň jellady Gara Durmazyň başyny aldyrmazlygyňyzy
haýyş etmekçi bolýan.
— O näme üçin hanym? Ol…
— Bilýärin, kyblaýy älem. Sözüňizi soňlaman goýup näme diýmekçi
bolandygyňyza düşünýärin. Ýöne ol bütin ömrüne diňe buýrulan ýumşy
edip ýaşady. Näme günä edilen bolsa-da, ol oňa bilkastlaýyn goşulan adam
däldir. Şonuň üçinem, geliň, bizem bilkastlaýyn onuň başyny almalyň.
Doly azat etmeseňizem, onuň ganyny geçip, ömürlik zyndana taşladyň.
— Bolýar hanym.Siziň islendik haýyşyňyzy ýerine ýetirmegi boýun
alanym üçin, onuň başyny almaly diýip çykaran permanymy ömürlik
zyndana atmaly diýen perman bilen çalşyrýaryn...
Gülnesibäni köşgüň atly arabasy bilen öýüne getirip gitdiler. Şol wagt
Selmanyň ymamlyk eden metjidinden ertir namazynyň azanyna
gygyryldy. Bu azan sesinden boldumy, ýa-da öýüne gelip ýetim galan
gyzyna gözi düşenden boldumy, ýa bu ýat ýurtda ýeke-täk iç döküşýän
jorasy Maraly görüpmi, Gülnesibe eňräp-eňräp aglady. Ýüzin düşüp aglap
ýatan jorasynyň başujuna geçip Maralam hem öz agysyny, hem jorasynyň
agysyny aglamaga durdy. Olary indi diňdirip biljek güýç ýok ýalydy. Agy
seslerine oýanan gyzjagaz ilki dikelip aňk-taňk boldy. Hiç zada
düşünmänsoň olam aglamaga durdy. Gyzynyň sesi Gülnesibäni dikeltdi,
Maraly gözýaşlaryny süpürişdirip çagany gujagyna almaga mejbur etdi. Öz
agysy bilen ululara sesini goýduran çagaň özem uzak aglaman diňdi.
Ertir namazyndan soň uzaga çekdirmän şäherde jarçylar döwlet
ýolbaşçylygynyň täzelenendigi hakyndaky habary ýaýratdylar. Ondan soň
köşkdäki uly wezirleriň biriniň, goşunda ady belli serkerdäniň, ymam
Selmanyň hem Şehdi tebibiň duşmanlar tarapyndan şehit edilendigi
hakynda habar berildi. Ýurtda ýedi günlük ýas yglan edilip, şehitleri uly
dabara bilen jaýladylar. Ýedi gün ýas tutan mahallaram, hatda şehitleri
öwlüýäde jaýlan mahallaram şäheriň ilaty biri-birinden döwlet
agdarlyşygy hakynda täzä-täze habarlary eşitmegiň, eşidenlerini
eşitdirmegiň keýpinde ýaşaýardy. Görenä ýok welin, eşidilip oturylsa
emire garşy dil düwşenler iki topara bölünipdir. Biri häzirki emir bolan
weziriň topary, beýlekisi bolsa öldürilen weziriň topary. Häzirki emir
döwlet agdarlyşygynyň edilmegine bir gün galanda, soň tagt dawasy
bolmasyn diýip emiriň hut özüne beýleki topara girýänleri elinje satanmyş.
Şeýdip ol hem-ä geljekki garşydaşyndan dynypdyr, hem emiriň ynamyna
giripdir. Emiriň goragçylaram hakyky duşmanlary ele saldyk diýip
arkaýynlaşypdyrlar. Pursat arap duran täze emir wagty geldi diýip, emiri
öz eli bilen öldürip tagta geçenmiş.
Bu myş-myşlar şäher ilatynyň içinde möwç ursa-da, şol pajygaly gün
gijesi bilen urulmaga-ýenjilmäge, hatda ölümine-de razy bolup oturan
Maraly gyzyklandyrmaýardy. Ol ogly Samat hakynda hatda «myşmyşam» eşitmeýärdi. Ilkibada onuň göwnüne oglam Selman dagy bilen
tutulyp jezalandyrylandyr diýen gorky geldi. Ýaş çaga ölüm jezasy
berilmese-de, gamçy bilen urlup goýberilmegi bolup biljek zatdy. Şeýle
jeza berilse olam hökman aýdylaýjak ýalydy. Gülnesibe taze emirden Gara
Durmazyň gara başyny dilände, ol jezalandyrylanlaryň arasynda jelladyň
ogly bar bolanlygynda hökman aýdardy. Şonuň üçin Gara Durmaza
ýeňillik berip biljekdigini tekrarlardy. Selman, mümkin, Samady gaçyryp
ýetişendir? Hiç zat anyk däldi. Samat hakynda ýeke-täk habar bardy, olam
bir adam ony kerwensaraýyň ýanynda görüpdir…
Boşan jaýda Maralyň ýeke özi gugaryp galypdy. Dek düýnem ol bu jaýy
terk edip gitmegiň alajyny tapyp bilmän otyrdy. Häzir bolsa çar tarapy
açyk. Ony saklajagam ýok, gitdiň diýip gözlejegem ýok. Çar ýany açygam
bolsa, ol hatda ýiten oglunyň gözlegine-de gidip bilmän otyrdy. Çünki bir
gezek däl, birnäçe gezek şu öýe düşen gününe nälet okanam bolsa, boşap
galansoň giňän ýaly görünýän bu jaý bir aýratyn güýç bilen ony özünden
goýbermeýärdi. Ol güýç bendilikde ýatan Gara Durmazyň ejizliginiň güýji
däldi. Maral oňa dözmezçilik etjege meňzemeýärdi.
Hanha, Samadyň ýöremäni öwrenjek bolup büdüräp ýykylanja ýeri.
Hanha, onuň kakasyna galpajygyny syrdyran ýeri. «Eje arapça Allah diýip
ýazyp bereýinmi?» diýip diwaryň ýüzüne bir enaýyja edip «Allah» diýip
ýazan ýeri. Mümkin, şu zatlardyr ony bu ýere ýüpsüz baglap oturan? Ony
bu ýerde saklaýan ýalňyzlygy ýalydy.
Samadyň şojagaz ýazgysyny jaýy timarlan ussalaram bozman
geçipdiler. Maral häzir ol ýazgyny Käbäniň daşyny ogşaýan ýaly ogşap
aglaýardy. Samadyň uly ýola düşüp gidip barşyna yzyna gaňrylyp
garanyşy göz öňünde janlanýardy. Ol Samady Gülnesibelere ýetmänkä
yzyna düşürip alyp gaýdan gezegi ony şeýle şekilde görüpdi. Şonda Maral
ogluna soňky gezek göz öňünde galar ýaly derejede has ýiti sereden
bolarly:. «Yzyňa gaňrylyp-gaňrylyp, ýüregimi gaňryp goparan balam,
nirdesiň?«
Gülnesibäň barlygam bir gowy zat. Ýogsa özüni oduň içinde galan ýaly
duýýan Maral näme etjeginem biljek däldi. Maral Gara Durmazyň bir
çemçe ganyny Gülnesibäniň hut täze emiriň özünden diläp alandygyny
eşitdi. Ol muňa haýranlar galdy. Adamsynyň kellesini kesen jelladyň
günäsiniň geçilmegini Gülnesibäniň näme üçin haýyş edendigine hiç
düşünip bilmedi. Beýle zady özüniň asla başarmajagyny boýun alyp,
Gülnesibä taňryýalkasyn aýtdy:
— Bilýänsiň, men Gara Durmazy itinden beter ýigrenýärdim.
Samadymyň ýitmeginiň o-da uly günäkäridir. Samat ondan sypjagyny
bilse, her zat etmäge taýýardy. Maňa-da ol çyragly günümiň öňüni gabap
duran gara bela ýalydy. Birdenem ol bela ýumruldy welin, oňurgamyň
ýülügi ýolnan ýaly bolaýdy. Ony seň näme üçin ölümden halas edeniňi
bilemok. Bu eden ýagşylygyňy men ömrüm ötinçä hyzmatyňda gezsemem
yzyna gaýtaryp bilmen. Alladan gaýtsyn, jora jan.
— Aýdanyň gelsin Maral. Gara Durmaz ölmedi, Samadam diridir
enşallasa. Selman bolsa indi ýok, onuň gyzy Rabiýa ýetim galdy. Bu bir
Allahyň buýrugydyr-da. Selmana Bagdada göçeli diýemde: «Men bu
ýurtdan göçüp bilermikäm? Bärik baky galmaga gelen ýaly bolup durun»
diýipdi. Wah, indi düşünýän oň näme diýjek bolanyna. Şo wagt welin:
«Oýun etme» diýipdim. Ol meniň ýüregimiň bagydy, arkamyň dagydy.
Yzynda ogly galanam bolsa, beýle gynanjak däl. Men oňa ogulam dogrup
berip bilmedim. Samat jan ýaly oglum bolsa diýýärdim.
— Samat seňem ogluňdyr. Men muny seniň derdiňi ýeňletjek bolup
diýemok. Enesi bolup ene ýüregimden aýdýan.
— Men saňa ynanýan Maral. Häzir ýanymyzda bolsa seňem, meňem
ýarama melhem bolardy. Elimiz çagaly ony gözläp tapmagam ikimize
başartmaz. Gözlegine iberer ýaly adamymyzam ýok. Gowgalar ýatyşansoň
emiriň ýanyna baryp Gara Durmazy goýber diýip görjek, belki başa barar.
Onsoň oň özi gözlär. Maral jan, Gara Durmaza eden kömegimi geň görme.
Ol jellat halyna köşgüň syryny açyp, bize ymam Selmanyň ölendigini
habar berdi, ertesi günem onuň jesedini gaçyrmaga elden gelen kömegini
etjegini aýtdy. Meňem ýüregim edil şonuňky ýaly etdenkä, eden
ýagşylygyna ýagşylyk etmejek bolsam, şol bölejik etiň çüýräp ugradygy
bolýar…
Gülnesibäniň Gara Durmazy bendilikden boşatmak hakyndaky pikiri
birbada başa barmady. Beýle işler aňsat başa barmaýar diýip özlerine
göwünlik berýän iki naçar her gije diýen ýaly Samady ýatlap, oňa şo gün
näme bolup biljekdiginiň hasabyny çykarardylar. Emma hasaplaryň bary
çözgütsiz galýardy. Gülnesibe Maralyň haýyşy bilen jaýlaryny satyp onuň
ýanyna göçüp geldi. Jaýyň puluny olar Samadyň gözlegine harçlarys diýip
ýygnap goýdular…
8-nji bölüm
…Ölenler ýer bilen onuň aşagynda aýlanyp dur, diriler üstünde.
Mundan on asyr öňem şeýdip aýlanypdyr, kyýamatahyr
gopaýmasa, ýene on asyrdanam dünýe şeýder aýlanar durar…
Yzynda ejesiniň, kakasynyň ne günlere düşendigini eşiden güni Samat
birinji gezek atalygynyň erbet gaharlananyny gördi. Bu onuň özi bilen,
Gürgençden gelen habar bilen bagly dälem bolsa, Samat üçin
garaşylmadyk zatdy. Atalygynyň gaharyny getiren onuň uly agtygy
Kemaletdindi…
Pukara geýnen iki sany adam özlerindenem şylha geýimdäki bir
bendäni şypahana getirdiler. Olary garşylap ýerleşdirmeli Kemaletdin:
— Agalar, günämizi öteweriň, şypahanamyzda ýer ýokdur — diýdi.
— Oň üçin sizde günä ýok. Başga şypahana baraýmaly bor-da.
— Şedäýmeseňiz, agalar…
Olar yzlaryna çykyp gitdiler. Samat şypahanada boş ýeriň bardygyny
bilýärdi. Emma oňa agasy ýaly adamyň işine goşulmak bolmaýardy.
— Uf-f, hernä atam gelmänkä gitdiler-aý. Jübüsi pulsuzlardan bizaram
bolduk-how. Folomeý daýydan ýaňy dyndyk diýsek, ýene biri gelýär.
Kemaletdiniň soňky sözleri Samada ýakmady. Onýança şypahananyň
gapysy batly açyldy. Her ädiminde, her hereketinde parahat bolmaga
çalyşýan Ibn Kahharyň gapyny beýle batly açmasynyň ýönelige däldigi
bellidi. Onuň yzy bilen Kemaletdiniň kabul etmedik näsagyny getirdiler.
Nätanyş adam üçin eşidilsin diýlip gatyrak aýdylan ýaly bolsa-da, Ibn
Kahharyň henize çenli beýle çasly gürlänini görmedik Kemaletdinem,
Mahmydam, Samadam zöwwe ýerlerinden galdylar:
— Kemaletdin, näsagy ýerleşdirip bilmezmiň?
— Baş üstüne, ata.
Ol näsagy boş düşekli jaýa alyp ugrady.
— Soň meň ýanyma gel. Siz ikiňizem geliň.
Ibn Kahhar köplenç ýapyk durýan otagyny açyp, şypahanadaky
işgärlerini ýanyna ýygnady. Işgär diýer ýaly üýtgeşik adamam ýokdy. Iki
agtygy bilen ogullyga alnan Samat halypa tebibiň jaýyna bardylar.
— Balalarym, siz ýönekeý bir ynsanlar dälsiňiz. Siziň beýlekilerden
tapawudyňyz bolmadyk bolanda, hiç kim size janyny ynanmazdy.
Balalarym, bize beýleki ynsanlar näme üçin janyny ynanýar? Olar näme
üçin söýgüden hem alaçsyzlykdan doly gözleri bilen biziň gözümiziň içine
garap, ýykylyp barýarkalar biziň golumyzdan tutýarlar. Çünki Allah o
bendeleriň derdini ýeňletmek, ýetmedik ajaldan alyp galmak üçin bizi delil
edipdir. Eger bizem ysgynsyz bendäniň uzan elini görüp elimizi gizlesek
ýa-da uly umyt bilen ýaňy ýapyşanlarynda bir çüýrük şaha ýaly şarta
döwülsek nähili bolar? Kemaletdin sen bu barada oýlanmanmydyň?
— Oýlanypdym atam.
— Hawa, nähili oýlandyň?
—…
— Çekinme-de aýt.
— Aýtsam atam, men aňym bekäp, başga biriniň agyrsynyň
nämedigine düşünelim bäri siziň diýýän ysgynsyz adamlaryňyza golumy
uzadyp gelýän. Kakamyz mundan artyk çydamok diýip gidende-de
Mahmyt ikimiz şu şypahanada, siziň ýanyňyzda galdyk. Şonda siz meni
bagryňyza basyp «uly tebip ederin enşalla» diýipdiňiz. Bu günem siz
menden şahanyň çüýrükligi hakynda soraýarsyňyz.
— Sen näme onuň sebäbini bileňokmy?
— Bilýän atam. Bilenim üçinem şu gezek içimdäkileriň baryny
aýdaýyn diýdim.
— Seret, ýöne aýtjak zatlaryň Samyň syrly perdesinden aşakdan
gaýdaýmasyn.
— Siz tebip, dert nirede bolsa-da bejermeli bolarsyňyz. Atam, dogry
sözi sözlemegi maňa siz öwretdiňiz. Içiňde gowy bolsun erbet bolsun hiç
zady ýaşyrmazlygy siz maňa öwretdiňiz. Häzirki aýtjaklarymy men öňem
köp gezek ýaňzydypdym. Şu günki waka-da meniň şol aýdanlarymdan
netije çykarylmansoň bolup geçdi.
— Sen nähili netijäni isleýärdiň?
— Derdini bejertdirmäge harjysy bolmadyklary biz keselhana almaly
däl. Ine, meniň netijäm. Gijeler ýatman porsy içegelerini ýuwup berenim
üçin, ol kim bolsa-da, öz zähmet hakymy ondan talap etmäge men hakly.
Mahmyda, Sama serediň, gije nobatçy bolan günleri ýöräp ýörkäler uklap
barýarlar. Siz köçeden getirilen haýsydyr bir Folomeý daýy bilen bizi
kakamyz ölen ýaly hoşlaşdyrýaňyz. Bize gezek gelende-de…
— Tüket. Kim ýene şeýle pikir edýär?
Ibn Kahharyň elleriniň titiränini Samadyň birinji gezek görşüdi. Ol
ikiçäk galyp Folomeý daýyň jesedini kesende-de gaty arkaýyndy. Şonda
galpyldap uçaýjak bolýan Samady köşeşdirip: «Sen gorkmaly dälsiň. Ine,
bir gün menem ölerin. Şonda menem sen kesersiň. Seret, bendäň ýüregine,
damarlary gara gan bilen dykylypdyr. Sag böleginde çiş bar…»
diýişdirýärdi. Keselleriň atlaryny aýdýardy. Bedende ganyň aýlanmasynyň
togtamagyna nämäniň sebäp bolanyny görkezýärdi. Maňlaýyndaky biraz
çygy diýäýmeseň, atalygy adatdakysy ýaly parahatdy. Häzir welin der
ondan şaglap akýardy. Megerem, hakyky agtygy bolanda Samat Ibn
Kahhary baryp gujaklardy hem onuň edişi ýaly köşeşdirmäge çalşardy.
Emma Kemaletdin bilen Mahmydyň ýanynda ol göwnündäkini edip
bilmedi. Ol bir atalygyna, bir ýere seredip, nätjegini bilmän durdy. Emma,
näme üçindir, edil gorkýan ýaly ol hatda Mahmyda tarabam göz gytagyny
aýlap bilenokdy. Özi günäkär ýaly Mahmydyňam ýaňy garalyp ugran
murtlarynyň aşagynadan düwme-düwme der çykýardy.
— Atam, Kemaletdin ýalňyşypdyr. Ol ýeriň boşanyndan habarsyzdyr.
Kemaletdin…
— Kemaletdiniň näme edenini özüm gowy bilýän.
— Atam, ol harjymyzyň ýetmezçilik etmezligi üçin aýdýar.
— Näme, biz kösenýäsmi? Bu getirilýän hüşür-zekatlar, sadakalar
azmy?
Kemaletdin durup bilmän, ýene söze goşuldy:
— Biz haçana çenli kim näme getirerkä diýip gedaý ýaly garaşmaly.
Köşkden berilýän puluň gelmesi galdy. Zekadyňyzy, şypahana aýdandiýeniňizi beriň diýip täjirleň üstüne barmaga-da biz-ä indi utanýas.
— Bir näsag bendäni köçä kowmaga utanaňok-da, zekat ýygnamaga
utanýaňmy? Onsoňam dilegçilik etsem men edýän. Ýa sen Allahyň haky
üçin diýlip berlen zady almaga-da utanýaňmy?
Ýok sen ýüregiňdäkini aýdaňok, Kemaletdin. Aýdybam bilmersiň.
Häzir men saňa ýüregiňi açyp görkezeýin. Döşüň ýarylar, çydagyn. Sen,
ogul, garyp-pukaralary ýuwundyrmagy hapa görýäň. Saňa öýünde gülap
suwuna ýuwnup gelen näsaglar gerek. Yzyndan garyndaşlary nohutlyja
kişmiş getirýän näsaglar gerek. Olar hatda seni äsgermejek bolsalaram,
daşlarynda pyrlanýaň. Ýa sen olaryň özleriniň däl-de, nohutly
kişmişleriniň daşynda aýlanýarmyň? Şonda alybilenje nohutly kişmişiňi
beýle ýanyňda çaýyny gury içip ýatan pukaraň öňünde goýsadyň. Sen ony
etmäňsoň, o pukara bendeleriň nazaryndan gorkýaň. Sen hatda, Samy…
Sen… sen…
Ady tutulanda biri yzyndan iteklän ýaly Samat bir ädim öňe ätledi-de,
atalygynyň sözüni bölüp ara goşuldy. Ol özi hakynda ýakymsyz sözi
eşitmekden gorkýan ýaly gyssanmaç gürledi:
— Atam, Kemaletdin ýalňyşyna düşünendir.
— Sam, sen oň arkasyny aljak bolma. Bolýar, siz ikiňiz baryň
näsaglaryň ýanyna.
Samat bilen Mahmyt ýüzlerini sallap jaýdan çykdylar.
— Indi näme bolarka?
— Bilmedim. Gowulyga bolasy ýok. Biz bir atamyzy käýitmäli.
Olar öz işleri bilen gitdiler. Jaýda galan Ibn Kahhar Kemaletdini
günäkär işgär hökmünde däl-de, öýlenibermeli ýaşa ýeten agtygy
hökmünde ýanyna geçirip oturtdy.
Ol:
— Öň bir gezek seň kakaň bilenem edil şu ýerde, şeýdip ikiçäk galyp
gürleşipdik. Hernäçe jan etsemem, ikiçäk gürrüň köplenç maňa
başartmaýar. Häzirem ikimiz biri-birimize düşüneris öýdemok. Sen
Mahmyt, ýa Sam däl. Özbaşyňa öý tutunmaly ýaşa ýetipsiň. Şonuň üçin
sen indi menden göwün edibem bilýäň. Ine, şolam meni gorkuzýar.
— Atam, men senden ömrüm ötinçä razydyryn. Heý, menem senden
göwün ederinmi? Gaýta şu gün men sizi gynandyrdym. Günämi ötüň atam.
Ibn Kahhar içinden: «Ýok bu gün däl, has öňräkdendir meni
gynandyranyň» diýjek boldy. Ýene-de agtygynyň ogluna görä
hoşgylawlygyna begendi.
— Kesirligini edip giden kakaň ýaly sen täjirçilige baş urjaga
meňzemeýäň. Bu dünýede adamlaryň saglygyna kömek etmekden başga
hiç zadyň aladasyny etmejek adamlaryň sanyny artdyrjak bolup saklan
şägirtlerimiň gaty köpüsinden agzym bişdi. Şolaryň içinde seniň kakaňam
bardygyna men häli-häzirem gynanyp ýörün. Onda zehinem bardy ýogsa.
Gaty köp zatlary öwrendem. Emma, näme üçindir, bir adamyň derdini
ýeňletmegi beýleki bir adam köplenç, kyn görýär. Biriniň teniniň ýarasyny
bejermek üçin öz sagdyn ýeriňden kesilip alynmagyna razy bolmasaň,
tebip bolup bolmaýar. Men saňa muny öňem köp düşündiripdim ahyryn.
— Hawa atam, men muny bilýärin.
— Bilmek bir başga, bileniňi berjaý etmek bir başga. Ýöne, gel, ikimiz
bir maslahata geleli. Saňa men isleseň şypahanaň bir burçundan, isleseň
başga bir ýerden bir otag açyp bereýin. Sen onda adamlaryň diňe dişini
bejerip ber. Görýänsiň dişim agyrýar diýip gelýänler, köplenç, seniň
diýýän adamlaň. Sen diş kesellerinden gowy başam çykarýaň.
— Atam, bu siziň meni kowdugyňyzmy?
— Ýok. Meniň düşünişimçe bir şypahanada ähli keselleri bejerjek
bolmak dogry däl. Uzagyndan öýken keselleri, iç keselleri diýibem
böleklere bölüneris. Görýäň-ä diňe süňk kesellerini bejerýän tebipleriň
başga-da känligi biziň işimizi nähili ýeňledýär.
— Bolýar atam. Şu wagta çenli siziň gelen netijäňiziň garşysyna
gitmändim.
— Ýok, eger göwnüňde çiglik bar bolsa, başarman öýdüp çekinýän
bolsaň aýt.
— Atam, men razy.
— Bu gürrüňi men seň bilen öňräkden etjekdim. Bu günki wakany
görmezlige salyp, ýa-da ikiçäk käýinibem geçirse bolardy. Ýöne hem size,
hem özüme sapak bolsun diýdim.
Bu gelnen netijä biraz gynanan Samada atasy bilen başga bir has agyr
gürrüň garaşýardy. Ol Kemaletdiniň dişçi edilmeginiň «sebäpkäri» bolan
hassany ýuwundyryp, geýimlerini täzeläp durka, Mahmyt gelip ony
atalygynyň çagyrýanyny aýdyp gitdi. Ol ýaňy ýanyndan ugradan
atalygynyň ýene näme üçin çagyryp biljekdigi hakynda oýlanyp, böwrüni
diňläp bärden bardy. Atalygynyň şadyýan ýüzüne gözi düşüp, geň galdy.
— Balam, bu adam bize Gürgençden habar getiripdir.
Samat atasynyň ýanyndaky adamy ilkinji gezek görýärdi.
— Şumy seň gürgençli ogluň? Hany, bärräk gel. Sen salamy
bilmeýärmiň?
Samat aljyrap: «salowmaleýkim» diýip, onuň bilen görüşdi.
Atalygynyň öz syryny bu nätanyş adama näme üçin açandygyna
düşünmedi. Atalygy:
— Oglum, çekinme, bu-da seniň ataňdan pes adam däldir. Bu bize siziň
öýňüz barada Gürgençden habar getirdi. Gözüň aýdyň, ejeň diri. Ýöne o
ýerde emir täzelenip, kakaňy ömürlik zyndana atdyrypdyr.
— Ejem sebäplimikä?
— Aý-ý, beýle däldir-le. Onuň ýaly gürrüňi men-ä eşitmedim.
Hatda ejesiniň diridigine begenjinem Samadyň daşyndan aňar ýaly
däldi.
— Balam, indiki kerwen bilen özümiz Gürgenje gidibersegem boljak.
Ejeňi bärik alyp gaýdarys. Başaryp bilsek, kakaňam zyndandan çykarjak
bolarys.
Samadyň şol bir dymyp durşudy. Ibn Kahhar gürrüňi dowam etdirmegiň
häzir wagty däldigini duýup Samada «Soň maslahatlaşarys, işiň bilen
boluber» diýdi. Bu «Sen eneň-ataň ýanyna gitmekçimi ýa-da ýok, şony
çöz» diýildigidi.
Üç-dört günläp atalygy Samadyň ýanynda onuň garaşýan gürrüňini
gozgamady. Ol gürrüňe beýle bir ähmiýet bermeýän ýaly bolup gezdi
ýördi. Samady welin ol içinden igledip barýardy. Ol diňe ejesi, kakasy,
Gülnesibe daýzasy, ymam Selman daýysy… Gürgenç bilen ýaşaýardy.
Özüni bir günäkärlese bir aklaýardy. Bu pikirler ony şeýle bir gurşapdy
welin, özüni ýaran ite çenli hemme zady aýyl-saýyl hakydasynda
aýlaýardy. Her gije diýen ýaly öýlerini düýşünde görýärdi. Ol düýşler,
köplenç, tä uka gidinçä edýän pikirleriniň dowamy bolardy. Ýöne, geň zat,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Üç nokadyň biri - 11
  • Parts
  • Üç nokadyň biri - 01
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2135
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 02
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2175
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 03
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2117
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 04
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2089
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 05
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2109
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 06
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2063
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 07
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2092
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 08
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2052
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2113
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 10
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2095
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 11
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1936
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 12
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2024
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 13
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2016
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 14
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2086
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 15
    Total number of words is 2549
    Total number of unique words is 1600
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.