Latin

Üç nokadyň biri - 09

Total number of words is 3764
Total number of unique words is 2113
32.1 of words are in the 2000 most common words
43.7 of words are in the 5000 most common words
51.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
arkadaýnjam, näzikligem, berkligem bardy. Ol Samadyň bäbekkä aňsataňsat düşürip bolmadyk kakasynyň gujagynyň dünýesidi. Ol ýaňyja
galpagy syrylan akja kellesini sypap, kakasyna: «Edil seň kelläň-dä»
diýýän ejesiniň söýgi dünýesidi. Arman, ol dünýäni Samat elýeterinde-de
bolsa, aýdyň görüp bilmeýärdi. Ejeň bilen kakaň seni şeýle dünýede-de
ýaşadypdylar diýsek, onuň bize-de «Ýalan sözlemäň» diýäýmegi ähtimal.
Samat mojugyny dakynmady. Öýde bir çüýden ildirdi-de goýaýdy…
Hernäçe jan etse-de, Samadyň ýüzüniň görkini alyp durjak,
sakalsapysyndan başlap tutuş dulugyny kesip geçýän ýarany yz goýman
gutular ýaly etmek Şehdi tebibe başartmady. Samadyň ýüregindäki
ýaralaryň yzy bolsa, has çuňdy. Üstesine-de, o ýara melhem ýapýanam
ýokdy. Gaýta, ejesi bilen kakasynyň biri-birinden öýkeli bolup ýörüşleri
onuň ýarasynyň ýüzüni dyrçanaklaýardy. Ol şol it ýaran günündäki
erkinligi küýseýärdi. Mejnun bolup jerenleriň arasynda çölde ýatasy
gelýärdi. Namazlyga münüp gözden gaýyp bolasy gelýärdi. Indi Gülnesibe
daýza-da bäbegine başagaý. Ýarasynyň gowy gutulanyny biläýse kakasy
ýene uruşlaryna başlar. It uruşlaryna äkider. Ejesem ýene öňküsi ýaly,
penjiräň aňyrsyna geçer-de, aglamaga başlar. Samat bu ýagdaýlardan
çykalga gözleýärdi.
«Kakama uruşjak däl diýsem näderkä? Gynanar. Ejem bilen bir
ýaraşsadylar. Şonda ol ejemi näme üçin urduka? Meni ýeke goýup gideni
üçindir. Ýene men günäkär. Alla jan, kömek etsene maňa…»
Samadyň garaşyşy ýaly, Gara Durmaz onuň ýanynda bolmasyny
köpeltdi.
— Näme monjugyňy dakynmansyň? Ýaraňa degýärmi?
— Ýok.
— Monjuk dakynar ýaly men gyzmy diýsene! Ejeň-dä. Hany haçan
«Gündogar söweşimize» başlarys?
— Kaka şo nämä gerek?
Samat bu soragyň dilinden sypanyna birhili boldy. Ol onuň kakasyna
etjek täsiriniň nähili boljakdygyndan çekinýän ýaly seretdi. Gara Durmaz
oglunyň bigünä bakyşynyň öňünde durup bilmedi. Ýüzüni sallap, sesini
çykarman oturdy. Içinden gaharyna «Saňa gerek bolmasa maňa-da gerek
däl» diýip turup gidibersemmikäm diýdi. Soň gaharyny basyp, onuň
özüne-de gerekdigi üçin: «O seni adam eder» diýdi.
— Men ýogsa adam bolmarynmy?
— Bolarsyň. Bolup bilseň meň ýaly bolarsyň.
— Şo bolýa-da.
— Bolanok şol. Ýadyňdan çykarma — şol bolanok. Näme üçin
bolmaýandygynam meň ýaly bolaňda bilersiň. Sen haçan ulaljak?
Bu soragy Samadyň özem özüne berýärdi. Jogabyny welin bilmeýärdi.
Bir görseň ol uly ýalam. Boýy ejesiniň boýuna golaýlapdyr, bir görseňem
gözüniň ýaşynam saklap bilmeýän çaga.
— Kaka, men bilemok, men bilemok haçan ulaljagymy? Men ulalmaly
däl bolaýmaýyn, kaka?
Samadyň ýene gözüne ýaş geldi. Ol ony ýaşyrjak bolup öýe ylgady. Ol
ylgap barşyna ejesiniň ýene penjiräniň aňyrsyndan seredip oturanyny
gördi. Elinde daş bolsa häzir penjiräniň aýnalaryny kül etjekdi. Samat bu
gezek öňler edişi ýaly kiçi jaýa geçip aglap içini boşatmaga durmady. Jaýa
girenden özüni nalajedeýin ýaly duýdy. Yzyna dolandy. Bogazyna dykylyp
gelen agysyny saklamaga bir ýerde gaýraty bar bolsa jemledi. Parahatlaşan
ýaly bolup howlularyndan çykdy. Köçäň gatnawy, keseki ýüzler onuň
agysyna böwet bolmaga kömek etdi. Biraz ýöränden soň, ýüregi küýseýän
erkinligini ýolda gördi. Ýol haýsy tarapa sowulsaňam bar, onuň kiçileri uly
ýollara sapyp uzap gidip otyrlar. Islemeýän ýeriňden daşlaşdyrýarlar,
barasyň gelýän ýere bolsa eltýärler. Ýollaryň adamsyz wagtam ýok, hem
töwerekde bir adamam ýok ýaly her kim öz ýoly bilen. Samat bu erkin
ýoluň nirä çenli barýanyny aňynda aýlady. Gülnesibelerden geçip
kerwensaraýa barýar, ondanam aňryk gitseň daş ýurtlara gidýän kerwen
ýoluna sapýar. Kerwen ýoly bolsa seni isleseň Ruma, Şama, isleseň
Nişapura, isleseň Bagdada elter…
Gara Durmaz oglunyň turup gidenine näme etjegini bilmedi. Onuň
howludan çykyp barýanyny görüp saklasammykamam diýdi. Ýene: «Daş
gitse, Gülnesibelere barar. Gitjek ýeri nire?» diýip içeri girdi. Maral
oglunyň ilki öýe girip, soňam çykyp gitmesini halamady. Gara Durmazdan
«Samada näme boldy?» diýip sorajagam boldy, ýene dilini dişledi. Ol
adamsy öýe giren dessine oglunyň yzyndan daşaryk çykdy. Ogly
Gülnesibelere golaýlaberende yzyndan ýetdi.
— Oglum, Gülnesibe daýzaňlara barýarmyň?
Samat ejesine jogap bermedi.
— Oglum, ýör öýe gaýdaly… Ýa Gülnesibe daýzaňlaň bir käse çaýyny
içäýelimi?
Samat ýene sesini çykarmady. Ol häzir ýöräp barýan ýolunyň
kerwensaraýdan geçip uly kerwen ýoluna birigişini görmekçidi. Emma
häzir ol mümkin däldi. Göwnündäkini ejesine düşündirip biljek gümany
ýokdy. Maralyňam ogluna aýdasy gelýän zatlary kändi. Emma olam näme
üçin kakasyndan ýüzüniň sowukdygyna, ony jellat bolmaga özüniň
itekländigine, indem oňa puşman edýändigine ogly düşünmez diýip hasap
etdi. Şeýdip, daşyndan görmäge biri-birine ýakyn eneli-ogul, hersi öz
dünýesinde barýardylar. Ogly ejesiniň, ejesem oglunyň yzyna düşüp
Gülnesibe daýzalara barmaga-da, yzlaryna dolanmaga-da taýýardy. Onuň
haýsyny edenlerinde-de ikisi üçinem tapawudy ýokdy. Çünki olaryň
ikisiniňem barasy gelýän ýerleri öýlerem däldi, Gülnesibe daýzalaram.
Emma anyk nirä barmakçydyklaryny bolsa, ikisem bilmeýärdi. Her kimem
gidere ugur tapmasa öýüne dolanýar, bularam yzlaryna dolandylar.
Şol günüň gijesi Gara Durmazlaryň öýünde agyr geçdi. Gara
Durmazam, Maralam, Samadam uzak wagtlap ýatyp bilmediler. Olar bir
bitewi halkany arzuw edýän üçburçluk ýalydylar. Ol burçlaryň üçüsem
halkanyň emele gelmegi üçin biri-birlerine goşulyp ýazgynlyga
ýetmelidiklerini bilýärdiler. Muňa içeriniň iň kiçi agzasy, ýaňy on iki ýaşan
Samadyňam akyly ýetýärdi. Emma goşulyşmaklyk mümkin däl diýen
düşünjeleri bilenem olar galtaşan ýerini gyýýan ýiti burça öwrülipdiler.
Olaryň hersi öz ýazgynlygyny ýalňyzlykda görýärdi. Ynsana ýalňyzlyga
ýetmegem ýazgynlyga ýetenden aňsat däl bolmaga çemeli. Her burç iki
tarapyndanam — Samat ejesi bilen kakasyna, Gara Durmaz ogly bilen
aýalyna, Maral ogly bilen adamsyna baglanandylar. Baglaýjy taraplaryň
döwülmegi bolsa, burçlaryň ýitmegine getirjekdi. Olar öz barlyklarynyň
biri-birlerine baglanmagy bilen emele gelýändigine düşünmeýän
ýalydylar. Bu pikiriň dogrudygynam kim bilýär? Adam gatnaşyklary şeýle
bir çylşyrymly welin, olara hatda depesinden seredibem belli bir zat aýdyp
bolmaýar. Ata — ene — ogul — bu üçlügem häzir düşen günlerinden belli
bir çözgüdi görüp bilmänem ahyry uka gitdiler. Ertir olaryň hersi
damardaky ganyň ýürek urgusynyň badyna aýlanyp durşy ýaly, öz ömür
damarlarynda aýlanmaga başlarlar. Ol urgynyň kimi nireden çykarjagyny
ýüregi ilkinji herekete getirenden özge hiç kim bilip bilmez.
Ol gün juma günüdi. Samat metjide diýip çykyp barýarka düýnki
kakasynyň beren monjugyny asan ýerinden aldy-da, jübüsine saldy. Juma
namazyndan soň, Selman daýysynyň ýanyna baryp içini dökmekçidi.
Emma namazdan soň ymam Selmana näme diýjeginem aňynda toplap
bilmedi. Ymamam nirädir gyssanýana meňzeýärdi. Emma şonda-da
Samada gözi düşüp, onuň bilen elleşip görüşdi. Hal-ahwal soraşdy. Gitjek
ýerleri ugurdaş bolansoň, Selman Samady çaga görmän ýoldaş edinip alyp
gitdi. Selmanyň gözüne Samat ýadaw beýniňe dynç berýän ýumşak, hoştap
ysly bir gül çemeni ýalydy. Ol ony gujagyna alyberesi geldi. Emma şeýle
mähir bilen bakylýanyndan utanýan ýaly, ýüzüni galdyryp bilmän barýan
Samat gujagyňa alyp göterilýän ýaşdan bir mahal geçip gidipdir. Dünýäniň
agyny-garasyny saýgaryp ugran oglanyň uly adamlarda bolşy ýaly, başy
gowgalydy. Emma Samat ýagdaýyny özi düşündirme-gä beýle-de dursun,
Selman «Saňa näme bolýar?» diýip gönüläp soranda-da jogabyny bererden
ýaşdy, çagady. Samada häzir Selman bilen iç döküşse, öz çagalygyny
boýun almakdan başga netijäni bermejek ýaly boldy. Hernä Selman ondan
hiç zat soramady. Metjitden biraz saýlananlaryndan soň ol Samada
«Metjide gelip dur» diýip başga tarapa sowuldy. Samadam öýlerine dälde, kerwensaraýa tarap gidýän ýola düşdi. Kerwenleriň uzak ýola
ugraýşyny synlasy geldi. Bu gezek ony ejesem saklamady.
Kerwensaraý eşekleriň, gatyrlaryň, düýeleriň, adamlaryň sesinden ýaňa
dagdan inen şaglawuk ýaly uly ses bolup, güwläp durdy. Bu ýerde arabam
bardy, parsam bardy, türkem, kürtem bardy. Hatda hindi hebeşilerem
ellerini galgadyşyp ýerli millete gepini düşündirjek bolşup ýördüler.
Kerwenler sap-sap derwezeden çykybam durdylar, giribem. Şäherden
çykyp barýan düýeleriň hataryna Samat gözigidijilik bilen bakdy. Olar şu
gün Gürgençden ugrap ertir, gör, nirä bararlar? Samat özüni şol düýeleriň
biriniň üstünde ýaly gördi. Düýeleriň sokduryp sazlaşykly ädýän
ädimlerini ol guşlaryň ganat kakyşyna meňzetdi. Gum depeleriniň
üstünden düýeler durnalaryň hatary ýaly gaýyp barýardy. Iň öňdäki düýede
bolsa kerwenbaşy bolup Gülnesibe daýzanyň ertekisindäki goltugy
namazlykly ýaşuly barýardy. Samada onuň ýüzi tanyş däldi emma
ýylgyryp bakyşy tanyşdy. Ol: «Eý oglan» diýip gygyrdy.
Samat hyýaly bilen hakykatyň garyşyp gidenine allaniçigsi bolup,
tisginip gitdi. Ony gabat garşysyndan bir ýaşuly ýanyna çagyrýardy. Samat
onuň ýanyna bardy.
— Oglum, biraz ýüküm bar daşaşyp bilmezmiň? Hammallaryňam
boşuny tapyp bilmedim. Siz bir beg ogluna-da meňzeýärsiňiz. Eger
ýalňyşan bolsam, bagyşlaweriň.
Samat ýaşuly adamyň özüne «bagyşlaň» diýmesine utanyp gitdi.
— Agam, Allah bizi bagyşlasyn. Göterip biljek ýüküm bolsa
göterşeýin.
— Allahdan gaýtsyn oglum. Diýere adam tapmadym, kerwenem
bahym ugrajak. Biziň ilde, Bagdatda ýüküňi göterşip berjekler düzümdüzüm durýarlar.
Samat arapçalap:
— Siz Bagdatdanmy? — diýip sorady.
— Hawa, senem Bagdatdanmy?
— Ýok, men Bagdady görmegiň arzuwynda. Arapçanam şoň üçin
öwrendim.
— Bagdat gowy ýurt. Nesibäňde bolsa görersiň.
Samat näme diýjegini bilmedi. Emma oňa häzirki mümkinçiligi
sypdyraýsa uly bir bagtyny elinden gidiräýjek ýaly duýuldy.
— Agam, menem alyp gidip bilmermisiňiz. Agam, men Bagdatda-da
size kömekleşip bilerdim.
— Ýa, senem oňararýaň-aý. Bagdatda haçan kerwen gelerkä diýip
garaşyp duranlar känkä men ýükümi düşürtmäge adamy şu taýdan
äkideýinmi?!
— Ýalbarýan, atam!
— Sen maňa ýalbarma. Sen kerwenbaşyň ýanyna ylga, ol düýekeş
gözleýärdi.
— Düýekeş näme boldugy?
— Ýolda düýeleriň otuny-suwuny berşersiň. Kim näme buýursa şonam
edersiň. Bu-da ýükümi daşaşanyň haky.
— Men pul gerek däl diýdim ahyryn.
— Al-al, bu seniň gazanjyň. Gazanan zadyňy bolsa hökman almalydyr.
Samat eline berlen puly aldy-da, kerwenbaşynyň ýanyna ylgady.
Kerwenbaşyny razy etmegem aňsat düşmedi. Ol Samadyň ýüzündäki,
elindäki ýaralary görüp, gaçgakdyr öýtdi.
— Gaçgak bolamda siz maňa kömek etmeli dälmi agam?
— Oňly adam gaçgaklyk etmez.
— Öňi-soňy men siziň kerweniňizden galman.
Kerwendäki täjirleriň biri: «Gaçgak bolanda býze näme?» diýse, ýene
biri: «Gaçgak adam gündiziň günortany gelip kerwene goşuljak bolasy
ýok, sizem bir çagaň gürrüňini uly zada öwürdiňiz. Ugrajak bolsak,
ugralyň» diýdi. «Ugralyň» diýen kerwenbaşy Samada sesini çykarmady.
Samadam olar bilen bile ýola düşdi. Birbada pyýada-da bolsa ol kä
ylgaşlap, kä ýöräp kerwenden galman gelýärdi. Emma, gitdigiçe düýeleriň
bady gatalýan ýaly bolup ugrady. Şäherden gowy saýlanan kerwenden
galaýsa, nä günlere düşjegi belli däldi. Kerwenbaşy bolsa oňa barmysyňam
diýmeýärdi. Samat ýadap ylgaşlamaga ýaraman barha yza galyp ugrady.
Düýäň üstünde barýanlaryň kimisi eýýäm ýatypdy. Oýalaram Samady
tanamansoňlar, Samadam olara hiç zat diýmänsoň, sessiz-üýnsüz geçip
barýardylar. Ahyry ýolagçylardan biri oňa «Oglum» diýip gygyrdy.
Ýadawlykdan hem deňinden düýeleriň geçip gidip durşundan aljyrap ugran
Samada bu ses asmandan, älemden gelen ýaly boldy. Bu şol ýaşuludy,
Gülnesibäniň ertekisindäki ýaşula meňzeýän, Samada ýükümi göteriş
diýen ýaşuludy.
— Atam, men galýan. Ýetişip bilemok. Kömek et maňa, atam!
Ýaşuly gapdalda gatyrly bir adama oglany al diýip gygyrdy. Ol adam
gatyryny saklap, Samady ýanyna mündürdi. Daljygyp dili damagyna
ýelmeşere gelen Samada uzadylan bir owurt suw arzuw eden
erkinligindenem, ýolda taşlanman kerwene alynandanam gymmatly
göründi. Gürgenjiň buz ýaly bir owurt suwunyň şeýle uly gymmatlyk
ekendigini ol häzirem duýmaýardy. Ol janynyň aram tapanyny bilýärdi.
Öýünde içse içip, içmese serpip goýberýän suwy şeýle gymmatlyga
öwrülen bolsa, yzda galan ejesiniň gymmaty, gör, nähili göterilendir?!
Erkinlikdäki ýol azaby bolsa tas ony daljykdyryp, gum garbadypdy. Biraz
rahatlaşan Samat yzyna gaňryldy. Gatyryň üstünden oňa inçe tozanyň
arasyndan biri-birini gyssaşyp barýan ýaly görünýän düýelerden başga hiç
zat görnenokdy. Uzakdaky gözýetim bolsa salgym ýaly gum gerişleri bilen
gurşalandy. Öňde-de, çepde-de, sagda-da şol bir görnüş. Taraplar biribirleriniň şekillerini aýna düşen şekil ýaly gaýtalaýardylar. Dört tarapam
deňlenen Samat görnüşleriň ortarasyna düşen mysalydy.
Ol düýn nirädir uzaklara äkidýän ýola düşmäge höwes edip barýarka
yzyndan ýetip saklan ejesini ýatlady. Şol wagt ejesiniň yzyndan gelip
ýetmegine Samat gynanypdy. Içinden: «Gitsediň, yzyňdan hatda ejeňem
ýetip bilmesedi» diýipdi. Häzir şol diýeni kabul bolup, ejesem yzyndan
ýetmez ýaly öýlerinden, howlularyndan, köçelerinden, Gülnesibelerden,
Selman daýynyň metjidinden şeýle daşlaşandygyna Samat näme üçindir
begenmedi. Gaýta howsala düşen ýaly bolup, jübüsindäki monjugy
çykaryp boýnuna dakdy. Ony eliniň aýasynda ýylytjak bolýan ýaly,
gysymlady. Mümkin, şol ýeke monjukdan mähir ýylysyny isläp ony
gysymlandyr? Kim bilýär? Diňe bir zat — ol hem şeýle ýyla mätäçdigi
onuň ýüzünden görnüp durdy. Emma häzir onuň ýüzüne bakýan ýokdy. Öň
ýanyndaky düýede barýan garry irkilipdir, gatyrda oturanyňam ünsi ýolda
bolmaga çemeli. Ol Samady ýanyna alaýanda nägilelik bilen bakyp, suw
diýende-de suw uzadypdy. Suw gabyny yzyna alandan soň bolsa, onuň
üçin Samadam birdi, içi ýükli horjunam. Hatda horjuny gaçar öýdüp onuň
yzyna garanmagy mümkin, Samadyň aladasyny edip welin boýnuny
öwürjege-de meňzemeýärdi. Şeýle ýeke taşlananyna Samat çala göwün
etjegem boldy. Ýene şular almadyk bolsa, ilersi-gaýrasy aňşyrtmaýan
suwsuz çölde ýeke galmagynyňam bolup biläýjek zatdygyny göz öňüne
getiren Samat öýkesini unutdy. Ol yzynda galanlaryň özüni
ýoklaýyşlaryny, gözlemäge başlaýyşlaryny hyýalynda janlandyrjak boldy.
Emma Samat gidenden soň Gürgençde bolup ýören wakalar on iki ýaşly
çagaň göz öňüne getirip biljek wakalary däldi.
7-nji bölüm
…Ölenler ýer bilen onuň aşagynda aýlanyp dur, diriler üstünde.
Mundan on asyr öňem şeýdip aýlanypdyr, kyýamatahyr
gopaýmasa, ýene on asyrdanam dünýe şeýder aýlanar durar…
Gara Durmaz şol gün öýüne giç geldi. Gaty ýadawdy. Maral heniz ony
beýle sypatda, beýle ýagdaýda görmändi. Onuň bolup ýörşi durmuş
gowgalardan halys basylyp ýaşamakdan bizar bolan ýaly, emma kimdir
birem, «ýaşarsyň, ýaşa» diýip yzyndan itip barýan mysalydy. Ol bu gün
birinji gezek dört adamyň kellesini bir günde çapmly bolupdy. Hut emiriň
öz buýrugy bilen günäkärleriň ählisiniň jezasy bir günüň dowamynda
berilmeli edilipdir. Olar köşge garşy baş götermäge synanyşyk eden
emeldarlar, hem olaryň ýaranlarydy. Gara Durmazyň beýnisi bekärçe
bolupdy. Ol dört däl sekiz adamyň kellesini bir günde çapanda-da özüni
beýle horlajak adamlardan däldi. Emma şu günki çapylan kelleler onuň
häzire çenli çapan ähli elleriniň, kelleleriniň jemindenem agyr düşdi.
Iki sany tebip bilen Gara Durmaz adatdakysy ýaly jeza meýdançasynda
jeza beriljeklere arkaýyn garaşyp durdy. Ol şeýle bir arkaýyndy welin,
häzir el çapmalymy ýa-da kelle çapmaly, tapawudy ýokdy. Esasy zat näme
bolsa-da, çaltyrak bolup geçse, iň gowusy şol. Emma, näme üçindir,
jezalandyryl-jaklary getirmän egleýärdiler. Gara Durmaz onsuzam
ýalpyldap duran aýpaltasynyň ýasy tarapyndaky göze ilmeýän gyljagazlary
süpüren boldy. Onuň bu hereketi ýaranjaň biriniň haýyş etmek üçin uly bir
emeldaryň ýanyna baranda, onuň eşigindäki göze görünmeýän hapajyklary
ýaranjaňlyk bilen kakyşdyran bolşyna meňzedi. Hakykatdanam, häzir iş
şol aýpaltadan bitmelidi.
Gara Durmaz, köplenç, jeza berjek adamlarynyň ýüzüne seretmezdi.
Oňa derek hiç wagt ýerinden üýtgemeýän çapgynyň durşuna, şeýle-de her
gezek onuň öňüne ýazylyp goýulýan mata üns bererdi. Jezalandyryljaklar
getirilenem bolsa, tebipler matany henizem ýazmandyrlar. Ol gahar bilen
gabagyny galdyryp, tebiplere seretdi. Olar aljyraň-ňydylar hem iki gözleri
jezalandyrmak üçin meýdança getirilenlerdedi. Gara Durmazam biygtyýar
olara seretdi. Seredeni bilenem «Hi-i» edip içini çekenini bilmän galdy.
Daňylgy gözleriň dördüsem «hi-i» edilen tarapa öwrüldiler. Gözler
daňylgam bolsa görjek, agyzlar daňylgam bolsa sözlejek bolýan ýalydylar.
Bu aljyraňňylygy duýup nökerbaşy «Jellat» diýip gygyrdy. Hemme zat
ýerli-ýerine gelen ýaly boldy. Tebipler derrew matany ýazdylar, esgerler
birinji kelläni çapgyýassyga goýdular. Ol emiriň uly wezirlerinden biriniň
gara başydy.
Gara Durmaz kakasy pahyryň «Tanaýan adamlaryňy jezalandyrmaly
bolaňda işiňe has hem ünsli bolgun. Sen hökmürowanyň hökümini berjaý
edýänsiň, garşyňdaky bolsa owaly Allahyň, soňam Onuň ýerdäki wekiliniň
gazabyna duçar bolan bendedir. Seniň işiňe has ünsli bolup, buýrugy has
göwnejaý ýerine ýetirmegiň tanşyňa edip biljek iň soňky kömegiňdir»
diýenlerini ýatlady.
Gara Durmaz özüni rastlap, aýpaltany ýalaňaç boýundan inderdi. Palta
işi bitirdim diýýän ýaly, düňk edip çapga baryp degdi. Aşagyna çäge
düşelen meýdançada aýak sesem eşidilmezdi. Zyňylyp giden kelle ýazylgy
matanyň üstüne keseräk düşdi. Emma ondan misli bu ýerde diňe paltadan
ses çykmaly ýaly düňküldi-beýleki eşidilmedi. Kellesiz galan göwräny
çeträkde ýazylan çadyryň üstüne süýrediler. Tebipleriň biri kelleli matany
düýrläp aýyrdy-da, başga birini ýazdy. Gara Durmaz paltasyndaky gany
öňünden taýýar edilip goýlan esgä sylmagam tas unudypdy. Onýança ikinji
tanyş kelle-de çapgyda häzir edildi. Ol köşgüň abraýly goşun
serkerdeleriniň biridi. Köşkde oňa hemmeler gatnaşan uruşlaryny ýatlap
hem hormat, hem gözigidijilik bilen garardylar. Häzir bolsa onuň
depesinden aýpalta ýyldyrap bakýardy. Ine-de, ol ýene bir gezek düňk etdi.
Üçünji kesilmeli kelle Şehdi tebibiň kellesidi. Gara Durmazyň elinden
öljekdigi Şehdi tebibe gaty täsir edipdi. Entek gözleri, agyzlary
daňylmanka bir sözünde: «Bu pelegiň oýnuna baksana. Bir tanamaýan
adama başymyzy aldyraňda bolmadymy? Olam özüni gynamazdy, bizem»
diýdi. Goşunda gulluk eden ýanlaryndaky serdar oňa: «Gara Durmazyň
özüni gynajagyny näbilýäň? Onuň ýüreginiň daşy besse-besse bolup gatap
galandyr. Aýagyňdaky köwşüňden enaýy däldir» diýdi.
— Onam diýme, serdar. Olam ynsan balasydyr. Gül ýaly oguljygy bar.
Ýüregi köwüş ýaly adamlarda beýle çaga bolup bilmez.
— Çagaň öz durmuşy, kakaň öz durmuşy. Öýlenseň aýalyň Allah berse
çagany ekiz-ekizdenem dograr. Gyzyl ýaly kakalaň ýüzüni gara edip ýören
ogullary ýokmy näme? Çaga diýilýänem synalmak üçin dünýä gelenleriň
biri. Kakasyz, ejesiz ýetim ulalsalaram, olara ýetim ulaldyňyz diýilmez.
Emma ýüregiňi köwüş ýaly edip öz çagaňy özüň ýetim ýaly ulaltsaň,
jogabyny bermeli bolarsyň.
— Serdar jellada nämä gaharyň gelýär? Onda günä ýok ahyry.
— Men günäkäri gözlämok, tebip.
Mundan soň gürrüňdeşligiň häzir hiç kime ýakmajagyna düşünip, Şehdi
tebip soraglaryny içinden özüne berdi, soraglarynyň jogabynam özi berdi.
Şehdi tebibiň beýleki ýoldaşlary häzirki ýagdaýlarynda her kime özünden
ýakyn söhbetdeşiň ýokdugyna düşünen ýaly, seslerini çykarman otyrdylar.
Şehdi tebip diňe agzy-gözi daňylandan soň, özi bilen sorag-jogap
alyşmasyny goýdy. Ondan açyk galan gulaklaryny işletmek talap edilýän
ýaly boldy. Gara Durmazyň «hi-i» etmesi ony allaniçigsi etdi.
Garawulbaşynyň «jellat» diýip gygyrmasy oňa ynsan sesiniň şeýle
aýylganç, şeýle ýaramazam bolup bilýändigi bilen haýran etdi. Soňra
aýpaltanyň ikinji düňküldisini eşidip, özüne geldi.
Tebip öz kellesini özi çapdyrman goparjak bolýan ýaly, iki ýana
çaýkaýardy, silkeýärdi. Mümkin, ol iň soňky gezek ýagty jahany görjek
bolýandyr? Ýa-da kellesini Gara Durmaz çapjakmy ýa başga biri, şony
biljek bolýandyr? Ol düýn onuň ogluny ölümden gutarypdy ahyryn?!
Mümkin, ol häzir Gara Durmaza kömek etjek bolup dyzaýandyr? Oňa şu
wagta çenli bilmedik, Şehdi tebip aýdaýmasa başga hiç kimden eşitmejek
hakykatyny eşitdirmekçidir? Mümkin, Gara Durmaza Şehdi tebip yzynda
galjak durmuş bilen ýeke-täk baglaýjysy ýaly garap, bir topar zatlary
aýdasy gelýändir? Agzyny boşatjak bolup yhlas etmegi, çabalanmasy
şondan bolaýmasyn? Onuň soňky sözi bilenem çäklenmän, gürlejek
bolma-gynyň sebäbi şudur belki?
Gürlejek bolýanyny kim bilýär? Mümkin, ol görjek bolýandyr — Gara
Durmazyň gaşynda gaşlaryny çytyp, eli aýpaltaly durşuny görjek
bolýandyr? Şony görüp onuň özi iň soňky deminde şu wagta çenli düşünip
bilmän gelen hakykatyna düşünmek isleýändir?!
Onýança-da, tebip depesini aýylganç bir gaty zada degrenini bildi. Ol
gaty zat kellesiniň süňküni owan Ezraýylyň eli ýaly bolup görnüp gitdi.
Şular ýaly bolanda ulanylýan gürzüni alyp, esgerleriň biri onuň kellesine
urup goýberdi. Kelle çapylmanka gana boýaldy. Özünden giden tebibiň
gara gan kellesini çapgyýassygyna goýdular. Çal kelle gürlejegem bolman,
görjegem bolman, bar islegi şol gürziň urgusyny iýmek ýaly, indi rahat
ýatyrdy. Ýene-de öz dilinde aýpalta gepledi.
Soňuna galan ymam Selmandy. Ol ölüminiň ýakynlaýandygyny barha
ýiti duýýardy. Selman ajal hakynda köp oýlanardy. Käbir adamlara
öljekdikleri özüne ýalan ýaly görünse-de, Selman ony görýärdi. Ony
görmegi üçin adama gözüniň daňylgy ýa-da açyk bolmagam tapawut
etmeýärdi. Şeýle aç-açan zadyň şeýle aç-açanlyk bilenem özüne tarap
gaýdyp häzirem şeýle ýakynyna gelendigi ony tolgundyrýardy. Ol şu
wagta çenli ajala täze gapynyň açylmagy diýip düşünip gelipdi. Ol gapy
ýogalan adamyny garaňkydan ýagtylyga çykarmalydy.
Gözleri daňlyp dünýe garaňkylyga öwrülende Selman şol pikirleri
tassyk bolup, häzirem ýagty-lygyň gapysy açyljak ýaly çalaja begendem.
Emma, ýene-de az salymam bolsa, bu dünýede ýaşamaga bolan islegi
şunça ýyl garaşdyryp dünýä inenine üç gün bolan gyzjagazynyň şekilinde
onuň hakydasyndan gitmeýärdi. Onuň daňylgy gözleri gundalgy
bäbeginden başga hiç zady görmeýärdi. Daňylgy dili öz-özi bilen diňe şol
bäbeginiň gürrüňini edýärdi. Aýalyna onuň adyna Rabiýa dakaly diýip
aýtmaga ýetişeni üçin dünýä inip etmeli iň wajyp işini eden ýaly
begendirýärdi.Gara Durmazyň «hi-i» edip içini çekmegi oňa bäbeginiň
salançagyndan ýykylanyny habar beren ýaly, gorkunç eşidildi. Ol
bäbeginiň sallançakdan gaçyp barşyny gördi. Edip biljek kömeginiň
ýokdugyndanmy ýa-da daňylgy gözlerine bu wakanyň görnüp bilşine
haýran bolupmy, hereket-siz doňup galdy. «Jellat» diýlip aýylganç gygyrylmagy sallançakdan gaçan bäbek heniz ýere ýetmänkä wakany dyrpytrak etdi. Selmanyň gözleri ýene garaňkylyga dolanyp geldi. Ol
garaňkyda bolsa Selman ýaşamasynyň dowam edýändigini görýärdi. Ol bir
halypasynyň ölümi düşündirende ulanan deňeşdirmesini ýatlady:
«Ýumurtganyň içinde ýatan jüýjäniň daşyny gurşan gabygy çokup ýaryp
ýagty jahana, bilmedik, görmedik, ýumurtgadan çykaýmasa asla
düşünibem bilmejek dünýäsine düşüşi ýaly, adamam ölenden soň
görmedik, bilmedik, hatda düşünibem bilmejek dünýesine düşýär».
Selmana düňküldäp eşidilýän aýpaltanyň sesi şol garaňky ýerden ýumurtga
gabygyny çokýan jüýjäniň çüňküniň sesi ýaly bolup eşidildi. Ol täze dünýä
düşjegine hasam berk ynandy. Bütin ömrüne nämekä diýip gelen rahatlygy
aýaly Gülnesibäniň gara saçlary bolup gözüne döküldi. Gara saçlar onuň
gözüni gapmaga derek mylaýym rahatlygy getirdiler. Köňül, ýürek nämekä
diýip öz ýüregini köp gezek göz öňüne getirjek bolan Selmana ýüregem
göründi. Ol ak arlyga dolangy eljagazlaryny dynuwsyz hereketlendirip
ýatan bäbejigidi. Ol bäbekmi ýa ýüregimi — ýüregimi ýa bäbek diýen
soragy özüne bermeýärdi. Çünki akylyňy haýran edýän görnüşde olaryň
ikisem bir zada öwrülipdiler. Selman ajalam gördi. Ol hakykatdanam gapy
eken, aňyrsy nurdan doly gapy. Onuň kellesini eltip şol gapynyň işigine
goýdular. Selman begenjinden kelemeýi şahadat getirdi. Kelemesini
gaýtaryp bolansoň, çalaja süýşdi-de kellesiniň çapgyda ýatyşyny hasam
rahatlandyrdy. Aýpalta bu günlükçe iň soňky gezek ses etdi.
Kim bilýär, iň soňky gezek däldir, çunki entek Günüň ýaşmagyna wagt
bardy.
Gara Durmaz her elinde bir kelleli düwünçegi göterip öňünden barýan
tebipleriň deňinden geçip bilmedi. Ol kelleler ýöne bir kelleler däldiler.
Çapylandan soňam olaryň deňinden geçäýmek aňsat däldi. Olaryň biri
bilen söhbetdeş bolup, birine gözügidijilik bilen garap, ýene birine alkyş
baryny aýdyp, hatda duz-emegem bolan Gara Durmaz öz egnindäki
kelläniň şolardan nämesiniň artykdygyny görüp bilmedi. Tapawut Gara
Durmazyňky egninde, olar bolsa düwünçekde gana bulaşyp ýatyrdylar. Ol
kelleleriň Gara Durmazyňkydan kysmaty ýaman eken. Kim bilýär, içindäki
pikirlerem… Bir zat welin belli, olar içindäki pikirleri sebäpli özlerini
göterip ýören göwrelerinden jyda düşüpdiler. Nähili aýylganç!
Olara goşulmanyna Gara Durmaz şükür etdi. Ymam Selmanyň
metjidinde häzirki düwünçekde ýatan kelleleriň beýleki üçüsi, ýene-de
alty-ýedi adam ymam Selmany alyp bir ýere gidipdiler. Olar şonda Gara
Durmaza-da ýör diýdiler. Çagyrýanlaryň örän mertebeli adamlardygyna
garamazdan şonda ol bir bahana tapyp galypdy. Mümkin, özüni olar bilen
oturardan pes görendir. Häzir welin olar Gara Durmazyňkydan pesde —
düwünçeklerde ýere sallanyp barýardylar. Şol gün oňa bahana tapdyran
kakasynyň tabşyrygy bolupdy. Onuň halasgäri ýene kakasy bolup çykdy.
Kakasynyň maslahatyny tutmadyk bolanda, häzir oňam kellesiniň
düwünçekde bolmagy gaty ähtimal eken. «Kelleler» ony öz gününe
goýmaýardy. Ertirem çapylmaly kelleler bolar. «Döwlete garşy gitmek
nämäňize gerek diýsene. Käşkä ýaş-ýeleň bolsaňyz? Hiçiňizem menden
kemakyl-a dälsiňiz. Selmanyň dagy yzynda şunça ýyl arzuwlap ýeten
balasy galdy. Eý Hudaý, bu işi meniň elim bilen etdirmäňde bolmadymy?»
Gara Durmaz öz ogluny ýatlady. Emma ýerine onuň ýaralarynyň üstüne
eglip tenini mata tiken ýaly tikip oturan Şehdi tebip geldi. «Köşk tebiplerini
ugradyp gelemsoň «Indi hemmämiz özli-özümiz» diýipdi. Meni özüniňki
hasap edýärdi. Men bolsam onuň kellesini çapdym. Kakamyň öwredişi
ýaly, yhlas bilen çapdym. Dagy nätmelidim? Paltamy taşlap
gaçmalymydym? Gaçyp nirä gitjek? Takdyryndan gutulan barmy? Gaçyp
gutulyp bolýan bolsa, o bendelerem çapgyýassygyndan gaçmaz-mydylar?
Allahym gowusyny edewersin».
Gara Durmazyň pikirlerini agşam namazynyň azany bozdy. Ol bu gezek
namaza has jogapkärli, Allahyň öňünde sejdä gitmek üçin, Ondan dileg
etmek üçin duranyny has ýiti syzyp durdy. Ol ýüregi bilen namazyny okap,
Allahdan bela-beterlerden goramagyny, eden tobalaryny kabul edip günäýazyklaryny geçmegini diledi.
Öýüne gelende ony kalbyna aralaşan boşluk ýaly ýekelik garşylady.
Kakany bilen açylmansoň, ýanyndaky açary bilen gulply gapyny açmaly
boldy. Maral dagynyň öýde ýoklugynam duýmady. Aşhanada üsti
basyrylgy goýlan çaýyny öňüne aldy. Çaý sowabam ýetişmändir. Diňe
onuň haçan demlenenini biljek bolup öňüne alan ýaly, Gara Durmaz
käsesine guýan çaýyndan ýekeje gezek owurtlady. Göwnüne häzirki ähli
hereketlerini kimdir başga biri etdirip duran ýalydy. Maral dagyň henize
çenli beýdip giçlik öýden çykan wagty ýogam bolsa, Gara Durmaz muňa
ünsem berenokdy. Häzir ol ýekelige zardy. Çagalary gelmänkä başyny
basyryp ýatmak üçin ýerine geçjek boldy. Çünki Maral gelip: «Neneň şeýle
adamlaň kellesini çapmaga eliň bardy? Nädip indi Gülnesibäň ýüzüne
seretjek? Men çapmadyk bolsam, başga biri meň kellämem bile çapardy
diýjekmi? Şehdi tebibe neneň dözdüň? Ol seň ogluňy ölümden
gutarmadymy näme? Beýdip geleniňden-ä kelläň çapylyp, gelmedik
bolsaň gowy bolardy» diýäýjek ýalydy. «Ýatybam bu soraglardan halas
bolup bolmaz. Eý Allah, maňa dogry ýoluňy görkez. Günäkär bolsam,
jezamy ber. Kyýamatahyra goýma, men çydamaryn».
Gara Durmaz kybla bakyp dyzyna çökdi. Oturan ýerinden kellesini
sejdä goýup aglamaga başlady. Ol jeza jaýynda gözleri daňylgy tanyş
ýüzlere gözi düşüp «hi-illdäp» içine çeken sähelçejik deminiň azaryndan
halas boljak bolýardy. Şol bir ýuwdum howa onuň gursagyna dykylypdy,
bogazyny bogupdy. Her dürli pikirleri, iç gepletmeleri, esgä dolangy
kelleleriň arasynda öz kellesiniň ýokdugyna şükür edibem şol dykyny
aýryp bilmändi. Ine, ahyry özüne-de jeza diläp Allaha ýalbarmaga
oturanda ýüregine giňligiň aralaşýandygyny syzdy. Ol Selmanyň jeza
wagzyndaky biçäreler mysalydy. Gara Durmazyň hasratdan-gaýgydan,
agyr pikirlerden, agysyndan ýadan beýnisi doňup başlady. Gara Durmaz
beýnisi uka gidýärmi, ýa dilegi kabul bolup, jezasyny çekip, bu dünýe bilen
hoşlaşýarmy düşünip bilmän, erkini gidirip ugrady. Beýnisiniň doňmagy
ony gorkuzmady. Ol bu ýagdaýyndan çykjak bolup hiç bir hereketem
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Üç nokadyň biri - 10
  • Parts
  • Üç nokadyň biri - 01
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2135
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 02
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2175
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 03
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2117
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 04
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2089
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 05
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2109
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 06
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2063
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 07
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2092
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 08
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2052
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2113
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 10
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2095
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 11
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1936
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 12
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2024
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 13
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2016
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 14
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2086
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 15
    Total number of words is 2549
    Total number of unique words is 1600
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.