Latin

Üç nokadyň biri - 08

Total number of words is 3894
Total number of unique words is 2052
31.6 of words are in the 2000 most common words
45.4 of words are in the 5000 most common words
52.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Bizi sylany Allah sylasyn. Dözmez ýaly ogluma näme bolýarka, işalada bilen men köp zatdan habarsyzam?
— Ogluňamy?…
Selman sözüni nädip dowam etdirjegini bilmedi. Ol käsesindäki çaýyny
owurtlady-da:
— Men turaýyn. Wagtyňam alaýdym öýdýän? — diýdi.
— Wagt näme aldyrýan zatmy, mollam? Alyp bolýan zat bolanda her
kim ony horjun-horjun alyp beýlesine basyp goýmajakmy?
— Ol aýdýanyňam dogry. Biz wagty däl-de, wagt bizi alyp barýar.
Hernä ahyretde hasaba çekilemizde ýüzümiz gyzmaly bolmasyn. Dowzah
oduna ýanmaly bolmaly.
— Aýdanyňyz gelsin mollam, gelip duruň.
Gaýdyp ýüzüni görmen diýse-de, Selman Gara Durmaz bilen soňam
kän sataşmaly boldy. Hatda ömür tanapy ýolnanda-da, onuň iň ýakynynda
duran adam Gara Durmaz bolup çykypdy.
6-njy bölüm
…Ölenler ýer bilen onuň aşagynda aýlanyp dur, diriler üstünde.
Mundan on asyr öňem şeýdip aýlanypdyr, kyýamatahyr
gopaýmasa, ýene on asyrdanam dünýe şeýder aýlanar durar…
Adamsy bilen Gara Durmazyň arasyndaky bolan gürrüňi eşidip,
Gülnesibe Samady düýpsüz guýa gaçyp barýan ýaly gördi. Ony hiç kim
halas edip bilmejek ýaly duýuldy. Keseki bolansoň hiç zadyň öz elindenem
gelmejekdigine boýun boldy. «Maral ejesi bolup ogluny gorap bilmänsoň,
men näme edeýin? Gara Durmazyň ogluny kowalap ýörmesi dogry bolsa
bildiňmi? Öz çagasyny olam bizçe gowy görýändir. Iň gowusy
goşulmazlyk». Emma hernäçe goşulmaýyn diýse-de, her gezek Samady
görende onuň çygar çybyk bilen edil ýüregine urulýan ýaly bolup gidýärdi.
Şeýle günleriň birinde Gülnesibe jorasyny gaty şadyýan garşylady. Ol
edil: «Jora jan, şadyýan geçmeli günlerimizi howsala gaplan özümizden
başga adam däl. Seret ahyryn töweregiňe, Horezm erikleri ýene gülläpdir.
Ýaz şemaly edil azatlyga goýberlen tussag ýaly haýsy tarapa ösjegini
bilenok, bir eýläňe geçýär, bir beýläňe. Biz ikimiz bolsa, pürenjegimize
bürenen ýaly öz galagoplugymyza bogulyp otyrys» diýjek ýalydy. Ol
jorasyna ýakynrak egil diýip yşarat etdi-de, gulagyna göwresinde caga
galandygyny pyşyrdady.
— Alla jan, gudratyňa döneýin. Şunça garaşdyň.
— Alla jan doga-dileglerimizi kabul etdi. Seniň ýaly naçarlaryň
alkyşlaryndan men ahyry şu güne ýetdim. Alla jan hemme zady
görýändirem, eşidýändirem.
— Dogan jan, indi sen özüňe seredewergin. Wah, kime öwretjek bolýan
o zatlary!? Alla jan berdim diýip berewersin.
— Şeýle bolsun-da hernä. Bilýäňmi näme Maral jan, göwräňde çaga
galan günleri sen kime köp mähir bilen baksaň, çagaňam şoňa meňzärmiş.
Sen şu günler Samady köpräk meň ýanyma ugradawergin. Men balamyň
ogulam bolsa, gyzam bolsa Samada meňzänini isleýän.
— Wah, Samat jan kakasyndan sypyp bilse siziň öýüňize ylgaýa-la…
Jorasyndan bu begençli habary eşidip öýlerine dolanyp gelýän Maral öz
göwresinde çaga galan günlerini ýatlady.
O wagtlar Garam nähili gowudy?! Daşymda edil şu güle gonýan ary
ýaly pyrlanardy. Hem ynjytmajak bolardy, hem balymy sorardy. Onuň
mähri gyş garyny eredip maýsalary «elinden çekip» ösdürýän ýaz gününiň
mähri ýalydy. Nirä gitdi ol mähriň Garam? Kime aldyrdym men ony?
Yhlasyňy boş etmedim, söýgüňi jogapsyz goýmadym. Gujagyňa
bagrymdan üzüp daň ýyldyzy ýaly ogul bäbek berdim, az boldumy? Men
nädeýin Allah bize birini berdi. Birim bar, müňim bar. Birem bolsa, müňe
degýändir Samat jan. Jigijigi bolaýsa menem begenjek. Näme üçin örteýäň
meni, ýüregimiň oduny az görüp, oňa köz goýýarmyň? Samadym
göwrämde galanda men diňe saňa köp bakypdym, diňe saňa mähir
beripdim.
Maral aňynda biygtyýar ogly bilen adamsyny deňeşdirdi. Ýüz keşbi
kakasyna meňzeýän ogly ulalyp jellat bolaýjak ýaly göründi. «Günde
biriniň ýa başyny, ýa elini çapyp gelip, meň ýaly ýanýoldaşynyňam
ýüregine tygsyz ýara salyp gezermi? Ýok, ýok. Alla jan, gutar meni bu
beladan! Bir jellada mährimi berdirip, ýene bir jelladam elim bilen
ulaltdyrar ýaly men näme günä etdim?» Maral agyr oýlar bilen öýüne geldi.
Gara Durmazyň Samada: «Ýeke bolaýýaň, ýogsam-a etjegimi bilýän-le…
Meň bagtyma bir ogul olam şeýle lellim bolaýmalymy diýsene…» diýip
käýinşini Maral köp gezek eşidipdi.
Gara Durmaz ýüreginde käýarym oýanýan mähremligine Maralyň
dyňzap duran söýgüsi bilen jogap berjek bolanda, bu sözleri bilen yşk
odunyň üstüne tüýkürip, öçürip gidýärdi. Gara Durmazyň bolşy «Şunça
özüňi horlanyň haky şu» diýýäne meňzeýärdi. Maral öz bagtyny özi
depeläp, laýyndanam guburyna goýuljak kerpiçleri özi guýýan ýalydy.
Naçar ýüregi ezilip gün-günden horlanýardy. Käwagtlar ol Gara Durmaz
bilen uzak ýaşaşyp bilmerin öýdüp gorkýardy. Eýmenç netijelere gelýärdi.
Entejik ölmän şu dünýede gezmegiň ýeke-täk ýoluny on iki ýyl bäri giripçykyp ýören oýüňi taşlap başga birinden bagtyny gözlemekde gören
gezeklerem bolardy. Ony etmäge-de namysy-ary, edep-terbiýesi ýol
bermeýärdi. Ol göze görünmeýän zynjyrlar bilen baglanyp günlerini
zyndanda geçirýän ýalydy. Iň ýanam, ol bu zyndana bäş-on ýyllyk däl-de,
ömürlik taşlanypdy. «Bolmanda günler çaltyrak geçip, oglum bir adam
bolup ýetişsedi. Kakasyndan şarpyk iýip ýörmeden halas bolsady».
Günleriň welin öz ýöreýşi bardy. Mytdyldap barýan dünýe biriniň
gyssananyna ýa ýene biriniň ony azajygam bolsa haýallatjak bolmasyna
bakmaýar.
Aýy-güni dolup Gülnesibäniň gyz bäbegi boldy. Gülnesibe begenjine
Allaha şükür edip: «Il-günüň alkyşy bilen bäbekli boldum» diýip, dilinden
düşürmeýän sözlerini Maralyň ýanynda ýene bir gaýtalady. Maral durup
bilmän: «Alkyş bilen seni bäbekli eden Allah, ärimiň alan gargyşlary bilen
meni oglumdan jyda etmäbilseýdir» diýdi.
— Maral jan, agzyňdan haýyr aç. Ol gargyş alýan däldir. Özüni gargyş
tutanyňam gargyşy bolarmy? Gargyş tutmadyk, Hudaý urmadyk adam
çapgyýassygyna barasy ýok.
— Şunça-da bir gargyş tutan bolarmy? Ol günde köşkden ýüzüne kül
urulan ýaly bolup gelýär. Öýe gelip arkaýyn naharyny iýip bilenok. Ýene
Samada gözi düşüp, özüne gelýär.
— Horezm uly ýurt. Günäkärler köşge ähli welaýatlardan getirilip dur.
Dünýeler düzelişer enşalla. Samat janam indi kakasynyň «uruşlary» bilen
öwrenşip barýarmy?
— Olam urlup-urlup güň bolaýdy öýdýän. Men-ä nämä ýanjagymam
bilemok. Gara nägehan…
Maral bogazy dolup sözüni soňlap bilmedi. Gülnesibäniň göwünlik
bermelerini sesini çykarman diňledi. Sesini çykarmanam öýüne gaýtdy.
Gülnesibe onuň gidişini halamady.
Adamsyna «Gara nägehan» diýenine — öz sözüne öz ýüregi gyýlyp
giden Maral özüni hakyky betbagt adam hasap etdi. Şu güne çenli diňe
zeýrendirip gezen betbagtçylygy bir çelek gara nebite öwrülip üstünden
eňterlen ýaly boldy. Ol özüniň çakmak daşynyň ýekeje uçgunyna ýanyp
gidip biljekdigini gözi bilen gördi. Şu wagta çenli özüne bagtygara diýmesi
häzirkisiniň ýanynda oýun ýalydy. Ol şonuň üçin jorasynyň ýanynda uzak
oturyp bilmändi. Onuň ýolboýy ýüregi ýanyp barýardy. Onuň göwnüne,
ajal gerşine münüp ot belasy bilenem özüni gamçylap barýan ýalydy. Ol
öljekdi. Ölüp halas boljakdy. Misli özüni dünýä inmedik ýaly, haçanam
bolsa bir wagt, ýene on asyrdan dünýä täzeden gelmäge rugsat alan ýaly
duýdy. Ana şonda, ýene on asyrdan parahat durmuşyna täzeden
başlamakçydy. Beýle zatlar mümkin däldir diýip pikirem etmeýärdi. Gaýta
tersine, kimdir biri oňa şeýle mümkinçiligi döretmäge söz berip duran
ýalydy. Ýol boýy şeýle duýgular bilen ol howlularyna ýetdi.
Samat kakasy köşkde mahaly howlularynda özüni erkin duýdy. Häzir
hatda penjiräniň aňyrsyndan oňa naýynjar bakyp oturan ejesiniň gözlerem
ýokdy. Hiç kim ony gynanokdam, hiç kim oňa gynananokdam. Özüni
hasratyň deňzinden halas etjek halka elini ýetiren ýaly duýdy. Bu halka
Samadyň gözüne eneňden-ataňdan arany üzmek ýaly göründi. Şu wagta
çenli howluda ýeke galan gezekleri, gaýta özüni nirä sokjagyny bilmän
horlanardy. Kakasy köşkden gelip urşuna başlasyn welin, bu ýekelikden
alyp çyksa bolýar. Emma bu gün ol ähli derdiniň dermanynyň ýekelikde
ekendigini gördi. Bu duýgusyna begendi. «Hiç kim gelmesedi, häzirki
ýapyşan halkamy hiç kim elimden almasady» diýdi. Häzir onuň gözüne
kakasynyň Alabaýam mähremleşen ýalydy. Samat kakasynyň edişi ýaly
itiň kellesinden sypajak boldy. Ite golaýlaşyberende gorkusy oýanyp
durdy. Soň Alabaý ajygan bolaýmasyn diýip öýden bir bölek et alyp çykdy.
Hakykatdanam, günüň dowamynda ite hiç zat berilmändi. Şu günler
kakasynyňam işi başyndan agdyk bolmaga çemeli. Eti gören Alabaý
dyzap-dyzap zynjyryndan boşady. Ol göz açyp-ýumasy salymyň içinde
gaçmaga-da ýetişmedik Samadyň üstüne böküp, elindäki eti aljak boldy.
Daýaw itiň badyna Samat arkan serlip gitdi. Elindäki et zyňylyp bagyň
düýbüne düşdi. Eti nazarlap gaýdan it
golaý gelende Samadyň
etişibildiginden ellerini kelemenledendenmi, nämemi eti gözünden
sypdyrdy. Arkan ýykylan Samadyň üstünde et gözläp aýaklaryny peşedi.
Hiç zat tapmanyna gahar edibem, et ysly ele agyz saldy… Alabaý Samady
gowy çeýnäýmeli bolupdy. Hernä kimdir biri ýetişip, onuň üstüne bedre
doly suwy eňterdi. Bir ädikli aýagyň itiň böwrüne depýänini çala gören
Samat özünden gidip çaşdy. Ony itiň agzyndan alan kakasy Gara
Durmazdy.
Ol elindäki gamçysy bilen itini saýgylap-saýgylap ýerine daňdy. Ýogsa
ol Alabaýy urmaga dözjek adam däldi. Geçen uruşda garşydaşyny gemreni
üçin Gara Durmaz onuň ýüzlerinden ogşapdy. Samat şonda kakasynyň
şeýdip mähir bilen özüni ogşanyny ýadyna salyp bilmändi. Bu gün bolsa
ol Alabaýyny öldir ýaly ýenjip durdy. Beýtmek itiň geljekki ykbalynyň
ýüzüne atanak çekmekdi. Sebäbi eýesinden taýak, gamçy iýen itiň bady
gaçýar, uruşganlygy gowşaýar, ol ýuwaşaýar. Eýesinden gamçy iýmek ite
täsir edýän bolsa, kakasyndan şarpyk iýmek ogly, gör, näder? Ýüz-gözleri
gara gan bolup ýatan Samada uran şarpyklary Gara Durmazyň häzir
ýadyna-da düşenokdy. Ol itiň penjesiniň, ýiti dişleriniň ogluna salan
ýaralaryny görýärdi. Wagt geçip bitse-de, olaryň yzlary Samatda ömürlik
tagma bolup galar. Her kim itiň dyrnaklarynyň yzlaryny görüp «Ýüzüňe
näme boldy?» diýip sorar. Kakasynyň şarpyklarynyň yzlaryny hiç kim
görmez. Çünki olaryň tagmasy Samadyň ýüregindedi.
Gara Durmaz itini daňyp köskde bile işleýän tebipleriniň üstüne
ylgady.Şondan kän salym geçmänkä ajal atyna atlanyp gözi ýer görmän
gelýän Maral howla girdi. Gana bulaşyp, henizem özüne gelmän ýatan
Samat ony derrew şü dünýesine gaýtaryp getirdi. Şeýdip oglunyň başyna
düşen betbagtçylyk ejesiniň boýnundan ildim eden başga bir
betbagtçylygyň öňüne böwet boldy.
— Waý, oglum. Ýeke dikrarym, nämboldy saňa? Gana gark bolan öýä bu öý. Waý, aýtsana, kim seni beýle gana bulady. Perişdeler bize göz
görkezýälermi? Kakaň döken ganlarymy ýüzüňdäki ganlar. Ýa kakaň
özümi seni beýle persala eden?
— Hawa, kakasy. Kakasyndan başga ýagyň ýokdur seň.
Aýalynyň sesine gahary depesine uran Gara Durmaz beýlede ýatan
gamçysyny nädip ýene eline alanyny, edil itini urşy ýaly aýalynam nädip
urmaga başlanyny özem bilmedi. Onuň bilen bile gelen tebipleriň biri Gara
Durmazyň eline ýapyşjak boldy. Maral bolsa gaçjagam bolman «Ur, öldür
meni» diýip gygyryp durdy. Gerşine eginlerine degýän gamçylaryň awusy
onuň ýüregini sowadýan ýalydy. Ol asyl dikeleýinem diýmeýärdi. Gara
Durmaz ony depip ýere ýazdy. Tebipler Samady taşlap Gara Durmazy iki
bolup saklamaga dyrjaşdylar. Olaryň biri ara girdi. Gamçyň inmesi
kesilenden soň guma bulaşyp ýatan Maral dikeldi, kürsäp öýe girdi. Diňe
şondan soň tebipleriň biri Samadyň ganlaryny süpürişdirmäge durdy.
Maral Samadyň kakasy bilen «Gündogar söweşine» girýän wagtlary aglap
seredip oturýan penjiresiniň agzyna bardy.
Gara Durmaz Marala barmysyňam diýmän, esgi almaga öýe girdi. Diňe
şondan soň elleri saňňyl-saňňyl titireýän Maral daşary çykdy. Eline ilen
matany iki bolüp alyp çykan adamsynyň indi onuň bilen işi ýokdy. Tebipler
Samadyň ýaralaryna näme etjeklerinem bilmeýän ýaly, onuň bir sagyna,bir
çepine geçýärdiler. Gara Durmaz oglunyň kellesinden göterip oňa bir zatlar
ysgadýardy, suw içirjek bolýardy. Esgi gerek diýen tebip ýyly suwam
gerek diýdi. Näderini bilmän zowzuldap duran Maral ýyly suw almaga
ylgady. Özüne gelen Samat agyrysyna çydaman iňläp ejesini çagyrýardy.
Maral gorkusyndan oglunyň ýanyna golaýlabam bilenokdy. Ol Gara
Durmazyň eline ýene gamçy alaryndan gorkanokdy. Ol häliden öz gerşinde
oturan ajalyň, boş gitmejek bolup, oglunyň gerşine münmesinden
gorkýardy. Samat ýene özünden gitdi.
Tebipleriň biri gyssanjyna «öýe salalyň» diýdi. Gara Durmaz tebipleriň
aljyraňňylygyny syzdy. Itiň ýiti dyrnaklary Samadyň eşiklerinden geçip
garnyny, çep aýagynyň buduny, gulagynyň öň ýüzünden göze zeper
ýetirmän dulugyny dilişdiripdir. Samadyň çep eliniň aýasyndan aç itiň ýiti
dişi geçipdir. Tebipleriň iň gorkýan zady garyndaky ýarady. Eger içgoşlara-da zyýan ýeten bolsa, çagany halas edip bilmejekdiklerine
tebipleriň gözi ýetip durdy. Samady jaýa salýançalar tebipleriň biri Gara
Durmaza Şehdi tebibi çagyrmasalar bir bolmasy işiň bolaýmagam mümkin
diýdi.
Şehdi tebip kärine ussatlykda öňüne adam geçmeýän tebipdi. Gara
Durmaz kakasy heniz dirikä köşkden kowlan Şehdi tebibi görmese-de, o
barada eşidipdi. Gürgençde o tebibi tanamaýan ýokdy. Gara Durmaz
gyzgynyna «kim bolsa şol bolsun çagyryň» diýdi. Emma tebipler onuň
gapysyndan baryp bilmejekdiklerini aýtdylar. Çagyryň diýen Gara
Durmazyň özem tebibi alyp gelmäge gitmekden çekindi.Çünki hiç kimden
ýüz görmän, hemmeleriň ýüzüne gelýän gönümelligi üçin, käbir
şöhratparaz kärdeşleri ony ýamanlap, köşkden gyrakladypdylar. Şonuň
üçinem Gara Durmaz «Şonsuz bolmazmyka?» diýip gördi. Emma
ýaýdanara ýagdaý ýokdy. Tebipler Samady indi özune-de getirip
bilmeýärdiler. Maral pürenjegini atynyp, öýden atylyp çykyp gitdi. Ol göni
Gülnesibelere bardy. Çünki ol Selmanyň Şehdi tebipler bilen
gatnaşýandygyny bilýärdi. Az salymdan tebibi öňüne salyp Selman geldi.
— Haý, ýalýagylary diýsänim. Size köşgüň mugt puluny iý diýseň.
Görünmäň gözüme.
Halypa tebibiň elinde ýetisen köşk tebipleri ondan beýle gepleri
eşitmäge taýýardylar. Şonuň üçin olar derrew birýana çekilselerem, Gara
Durmazdan rugsatsyz ol ýerden gidip bilmediler. Şehdi tebip derrew öz
işine girişdi. Ol hemmeleriň gözüniň alnynda garyndaky ýarany täzeden
ýuwup, ýarykdan daşyna çykyp duran iç-goşlary emaý bilen içine saldy.
Tebipleriň birine gahar bilen ýaranyň agzyny eliň bilen tut diýip buýurdy.
Özi bolsa gapyrjagyndan iňňe sapak çykardy. Olary erbet ysly sywa
çaýkady. Soň bolsa sapagy iňňä sapyp, edil ýama ýamaýan ýaly Samadyň
derisiniň ýyrtylan ýerini biri-birine çatmaga başlady. Garyndaky ýarany
tikenden soň Samadyň başujuna geçdi.
— Haý, iýeni haramlar! Kim size munuň ýüzüni beýle ýak diýdi.
Bujagaz eljagaza näme jellathanadaky çapylýan eldir öýtdüňizmi? Bu
ýarany ýuwaş-ýuwaş bitirmeseň hamlar çekilip erbet yz galar ahyryn,
barmaklaram işlemez, bihepbeler diýse. Ýa bar öwrenenleriňiz gitdimi
kelläňizden. Bu dermanyňyzyň oduna çaga çydajakmy?
Ol ilki Samadyň ýüzündäki ýarany ýene bir ýuwdy. Soňra arassa
esginiň üstüne ýag gatyşykly melhemi çalyp, onam ýaranyň üstüne ýapdy.
Ýapgysy gaçmaz ýaly, daşyny sarady. Soň ol butdaky ýarany tikmäge
girişdi. Häliden hiç zady duýman ýatan Samat buduna iňňe sanjylanda
özüni duýup aýagyny çekjek boldy. Şehdi tebip göwni bir ýaly ýylgyryp:
«Jan oglum, jany bekje oglum, şeýdip garry tebibi begendir ahyryn» diýip,
Gara Durmaza ýüzlendi. «Hany bas aýajygyny». Aýagyň ýarasyny tikip
bolandan soň, çeýnelen ele geçdi. Ony esli salym bogunma-bogun elden
geçirdi. «Süňk-ä zyýan ýetmandir, çöregiňiz bitin eken. Damarlaň ýarasam
ýuwaş-ýuwaş bitişer» diýip, Samadyň ýüzüne ýapan ýapgysy ýaly
melhemli ýapgyny eliň iki tarapyndanam goýup sarady. Soň iýmden doýan
horaz ýaly dikeldi. Ol özüne garry tebip diýse-de, elli ýaşlaryndaky
adamdy.
— Men size gözüme görünmäň diýmedimmi näme? — Ol bu gezek
çyny bilen köşk tebiplerine haýbat atmaga başlady.
Rejäň geň däldigini aňan Gara Durmaz derrew işdeş ýoldaşlaryny
taňryýalkasyn aýdyp ugratdy. Ol yzyna öwrülip gelende Şehdi tebip:
— Hany aýt indi, ogluňa näme boldy? Haýsy it ýardy? Ýa urşup dagy
etdimi? Çekinme-de, dogryňy aýt, bärde indi ýat adam ýok — diýdi.
Jaýda özüni bilip ugran oglunyň kellesini dyzyna alyp aglap oturan
Maral, doga sanamasyny goýmaýan Selman galypdy.
Gara Durmaz:
— Ýok-la, uruşmany oňarjak zatmy şü?! Öz itim çeýnedi — diýdi.
Gara Durmazyň «şü» diýmesi Şehdi tebip känbir ähmiýet bermese-de,
Maralyň ýüregine baryp sanjylypdy. Şehdi tebip:
— It ýarandan urlan bolsa gowy bordy. Hany itiňi görkez — diýip, Gara
Durmazyň öňüne düşüp daş çykdy.
Alabaý keteginiň golaýyna gelen adamlara ähmiýetem bermän gamçy
degen, awap duran ýerlerini ýalap ýatyrdy. Başga günler töwerege belli bu
uruşgan it özüni synlamaga gelýän adamlary tarsa ýerinden turup
garşylardy.
Itiň Samady ýaran ýerinde ejesiniň boýnuna dakan ýekeje monjugy
ýatyrdy. Gara Durmaz ony derrew ýerden galdyrdy. Ähmiýetli bir zat tapan
ýaly ony kündükden suw akydyp ýuwdy-da, jübüsine saldy. Şehdi tebibem
Samadyň ýykylan ýerlerine seredişdirdi. Bagyň düýbünde gyzaryp ýatan
zady görüp, allaniçigsi boldy. Tebibi gorkuzan, güýzüň ilki gaçyran
ýapraklarynyň arasynda bulaşyp ýatan gyzyl et, Samadyň hälki ite bermäge
alyp çykan etidi. Gara Durmaz onam ýerden galdyrdy. «Et berjek bolan
eken-ow» diýdi. Soň bolsa ony itiniň öňüne oklap goýberdi. Öňüne et
oklanar diýip garaşmadyk Alabaý çalt dikeldi. Uzakly günüň aç iti bölek
eti iki agyzda ýuwutdy. Şehdi tebip onuň daýaw göwresine, eti lak-luk
atyşyna başyny ýaýkap:
— Itiň-ä tüýs it eken. Ogluňa-da seret weli, şü itiňe-de seret. Eger ol
öläýse, ogluňam öler. Ölenem öleni, jaýlabam bolmaz, ýakmaly borsuň.
Oňa guduz keseli diýýäler. Erbet ýokuşýandyr. Eger itiň ölmese, ogluňada zat bolmaz enşallasa. Melhemleri goýup giderin, ejesi wagtal-wagtal
daňysyny täzeläp dursun. Menem geler duraryn.
Tebip içeri girip Marala melhemleri goýdy. Ýene-de bir topar zat
tabşyryp Selman bilen çykyp gitdi. Öýde arkasyna gamçy degen Maral,
köşkde kelle kesenem az bolup öýünde-de itini, aýalyny gamçylamaly
bolan Gara Durmaz, hem itiň agzynda öläýmeli bolan Samat galdy. Gara
Durmaz gözüniň ýaşy diňmeýän Maralyň çybynyny ýararyna garaşdy.
Emma ol ýüzleri, elleri, garynlary, aýaklary saralgy oglundan gözüni
aýyrman otyrdy. Ol misli oglunyň abat galan ýerini gözleýäne meňzeýärdi.
Gara Durmaz özi başlamaga-da gep tapmady. Häzir näme diýse ters boljak
ýaly bolup durdy. Samadyň zol gurap duran dodaklary bir zatlar
pyşyrdaýardy. Maral kiçijik çäýnegiň jüründiginden onuň agzyny
ölleýärdi. Gara Durmaz bu dymyşyklyga çydap bilmän beýleki jaýa geçdi.
Döşüni ýassyga goýup süýndi. Maralyň oglunyň ýaraly kellesini gujagyna
alyp oturşy, oňa öz ejesini ýatlatdy.
Ýaňy on bäş ýaşlarynda köşkde maşk geçýän wagtlary Gara Durmazy
at süýräpdi. Münüp oturan aty edil aýagynyň aşagyndan duýdansyz uçan
torgaýdan ürküp, çarpaýa galdy. Atyň jylawyny boýnuna atyp arkaýyn
oturan Gara Durmaz şobada atyň aşagyna düşdi. Gara Durmazyň bir aýagy
üzeňňiden sypman, eslije süýreldi. Hernä ädigi aýagyna ulurak bolansoň
aýagyny çekip alyp bildi. Süýrelip barýarka onuň ýeňsesi daşa degip
kellesi çapyldy. Kellesiniň gany saklatman şonda çaşypdam. Öýde özüne
gelse, ejesi edil Maralyň oturşy ýaly ýüzünden gözüni aýyrman oturşyna,
şol çäýnekden suw içirýärdi. Ýarasy ýeňsesinde bolansoň ol Samat ýaly
arkanam ýatyp bilenokdy. Ejesi pahyr bir gün däl bir hepdeläp şeýdip
oglunyň kellesini dyzyndan düşürmän oturypdy. Ýoldaşlary soramaga
gelende ejesiniň aýagyny ýassanyp ýatmaga utanyp, ondan sypjak bolşy
Gara Durmazyň şu günki ýaly ýadyndady…
Gara Durmaz Samadyň perişan halynda, onuň kellesini gujagyna alyp
gyýylyp oturan Maralynyň gözýaşlarynda öz günäsini görýärdi. Ol özüni
aýalyna uran gamçylary üçin ýa-da öz öwredýän zatlaryny kynlyk bilen
kabul edýän oglunyň maý tapsa gözüne görünmejek bolşynda
günäkärlemeýärdi. Ol bu zatlara gyşy aýazy üçin günäkärläp bolmaýşy
ýaly bir zat diýip düşünýärdi. Öz ýowuzlygynyň ählisini Samadyň ertir
adam bolmagyna gerek diýip düşünensoň bu zatlarda öz günäsini
görmeýärdi. Ol şu öýüň eýesi bolany üçin özüni günäkär hasaplaýardy. Bu
pikirinden ol hasam ýowuzlaşdy. Birdenem şol kellesini tutup oturan
ejesine gahar edişi ýadyna düşdi. Işdäki howsalalary, çapylýan kelleler,
emiriň ony öz ýanyna çagyrmaýandygy, bu günki waka Gara Durmaza
kelebiniň ujuny ýitirdipdi. Ol hatda häzir Maral günäkärmi ýa özi,
şondanam baş çykaryp bilmeýärdi. Dogrusy şondan baş çykaryp bilse,
onuň göwnüne galan zatlar öz-özi çözülip gitjek ýalydy.
Ol ýene oglunyň ýatan jaýyna bardy. Maralyň edil ejesi ýaly henizem
şol bir oturşyny üýtgetmän oturşyny görüp, özüm günäkär diýen netijä
geldi. Içinden Marala «Bagyşla» diýäýsemmikäm diýdi. Emma kakasynyň
beren sapaklary oňa-da ýol bermeýärdi.
Maral ýüzüni galdyrmasa-da, aňynda Gara Durmazy şol bir wagt
bazardan monjuk alyşlaryndaky ýaly görüp durdy. Emma häzir Gara
Durmazyň ýüzi gülenokdy, görmegeýem däldi. Elinde-de monjugyň ýerine
düwün-düwün bolup duran gamçysy bardy. Maral Gara Durmazyň bu
şekilindenem gözüni aýryp bilmeýärdi. Ol oňa düşünmäge çalyşýardy.
Onuň özüne garşy ýene onuň özünden delalat gözleýärdi. Ol şol öňki Gara
Durmazy gaýdyp alyp biljegini bilse, bilbil bolup saýramaga taýýardy.
Emma düşünişmek üçin dil ýaraýsa bilbile däl-de, ýylanyň agzyna barýan
serçä meňzärin öýdüp gorkýardy. Şol gorkusy bilen köçä oklanan daş
bolup ýatjakdy welin, Gara Durmazdan daşda durmakçydy. «Indi bize
düşünişmek ýok. Bazarymyz sowuldy. Monjugymyz üzüldi». Birden
Maralyň Samadyň boýnuna dakan şol ýeke monjugynyň ýokdugyna gözi
düşdi. Samady oýarmajak bolup, emaý bilen daşaryk çykdy. Monjugy
gözläp Samady itiň ýaran ýerine aýlandy. Garry erigiň aşaklaryna
seredişdirdi. Itine ýal berip oturan adamsyndan monjugy soramaga beýlede dursun, onuň ýüzüne-de garamady. Hiç zat tapmanam ýene öýe girdi.
Maral özi bilen düşünişmek üçin çykandyr öýden Gara Durmaz oňa bir
zatlar diýmekçi boldy. Emma golaýynda köw-söw edip ýörse-de, Maralyň
özi bilen däldigini görüp dilini dişledi. Maral öýe girip barýarka yzyndan
garap: «Maňa bir zat diýdirjek bolup şeýdýär» diýip, gaharlanyp galdy.
Maralyň dilini ýuwudan ýaly bolup ýörmegi Gara Durmaza hemme zatdan
agyr degdi.Ol ähli tesellini ýene dert başy Alabaýyndan tapýardy. Itiniň
öňünde goýan höregini dilini şalkyldadyp iýşine uly lezzet alýan ýaly
bakyp oturardy. Daşyndan seredip onuň kellesine nähili pikirleriň gelip
geçýändigini aňar ýaly däldi. Ol oglum ölmesin diýip itine gowy
seredýärmi ýa ony uly uruşlara taýýarlaýarka bakymyny ýetirişini edýärmi,
Maral üçin düşnüksizdi. Dogrusy oglunyň ýaralarynyň daňysyny
täzelemekden başga zada baş galdyrmaýan Maral özüne düşünjek
bolýandyr am öýdenokdy.
«Men Marala düşünjek bolup başymy agyrdyp ýörün. Ol welin maňa
bir eýýäm düşünendirin öýdýär. Oň üçin Alabaýam bir, menem. Beýle
dälem bir diýip gör?! Bolýar, Alabaý diýseň Alabaýyň bolaýyn. Diňe ogluň
ulalyp emirlige ýetende oňa siňdiren zähmetimi, ýakan janlarymy ýatlasaň
bolýar. Aýdylypdyr ahyryn «Aty at edinçä eýesi it bolar» diýlip. Atym at
bolsa, men it bolmaga kaýyl».
Samat ilkinji on günde erbet horlandy. Şol günler Şehdi tebip onuň
ýanyndan aýrylmady. Tebibiň yhlasy ýerine düşdi. Elinde itiň dişleriniň
yzy galdy diýäýmeseň, Samadyň barmaklary doly işleýärdi. Aýagyndaky
ýarasam, köşk tebiplerini gorkuzan garnyndaky ýara-da tiz bitdi. Emma
Samadyň ýüzündäki ýaraň gutulmasy kyn boldy. Soňabaka iriňläp ýüzüne
suw ýgnanýan ýarasynyň agyrsyna çydaman, Samat kellesini ýere urmany
çykardy. Şehdi tebip melheminiň düzümini hernäçe üýtgetse-de ýaraň
alajyny tapmaýardy. Her gezegem: «Men dört aýakly itiň salan ýaralaryny
bir eýýäm bitirdim. Iki aýakly itleň salan ýarasyny bitirip bilemok» diýip
käýinýärdi.
Dulugyndaky ýara sebäpli Samada ýatan ýerinden çaý-suw içmegem
uly dertdi. Ýarasynyň çişinden, agyrysyndan ýaňa zordan agzyny açýan
Samada ejesi: «Emgegiňdir oglum, garnyňdaky ýara gutuldy, bu-da
gutular» diýip göwünlik bererdi. Emma Samat her gezek agzyny açmaly
bolanda, agyra çydaman gözlerinden boýur-boýur akýan ýaşy saklap
bilmezdi. Kakasy muny görende: «Haý, ejem ogly, ýene aglap
başladyňmy?» diýip, gyjalat bilen ony diňdirjek bolardy. Şonuň üçin
Samat kakasy bar wagty naharynam iýmezdi. Käwagt Gara Durmaz ogly
bilen ýakynlaşjak bolup:
— Hany, pälwan ogul, ýaralaňňy maňa-da görkez-dä — diýerdi. Emma
Samat ýüzüni kese sowardy-da ýatybererdi. Kakasyny her görende it ýaran
mahaly ýaralarynyň agyrysynam unutdyran, ejesini eli gamçyly urup duran
şekili onuň göz öňünde biygtyýar janlanardy. Nazarlar bilen döşünden
itilýän Gara Durmaz oýun edişjek, degişjek bolardy. Bu bolsa Samadyň
hasam gaharyny getirerdi. Öz-özünden dişleri berk gysylyp, ýumruklary
düwler giderdi. Edeni tersine bolýan Gara Durmaz oglunyň özünden has
daşlaşýandygyny duýdy. Ony hamala it däl-de, kakasy ýaran ýalydy.
Samadyň beýlekiler — ejesi, goňşulary, Gülnesibe, hatda käwagt bir ony
soramaga gelýän ymam Selman dagy bilen göwnaçyk bolşuny, özüne zor
salyp diýen ýaly gepleşmäge dyrjaşyşyny görüp Gara Durmazyň has
gahary gelerdi. Misli aýaly başlyklaýyn ogluny özüne garşy öjükdirýän
ýaly olaryňam gelmesini gabanyp başlady. Oglunyň bolşy Gara Durmazam
ondan sowatdy. Gara Durmaz öz ýanyndan: «Gutulaňsoň erkek kişi ýaly
ikiçäk düşünşerin» diýen karara geldi. Bu günler onuň şeýle-de işi ýetikdi.
Ahyry Samadyň dulugyndaky ýara-da bitdi.
Gara Durmazyň item ölmedi. Maral oglunyň boýnuna dakan
monjugynyň ýitenine nätjegini bilmeýärdi. Birbada monjugy ol Gara
Durmaz tapyp alandyr öýtdi. Emma ol tapsa dak diýip yzyna beräýjek
ýalydy. Ogly gowulaşan soň süpürýän bahanasy bilen barmak basar ýaly
ýerinem goýman, howlynyň içini gözläp çykdy. Emma monjugy ýer iýen
ýalydy. Maral birden: «Monjugy haram it ýuwudan bolaýmasyn?» diýip
oýlandy. Hapasy bilen çykarar diýip, Gara Durmaz itini gezmäge äkidende
itiň ýatagynam gözläp çykdy. Bary netijesiz.
«Monjuk nämäň alnyndan. Ol-a ýeke monjuk eken, şol düzümi bilen
ýitende-de indi gynanara zadym galmady».
Maral aýak üstüne galan oglunyň özünden sowuklygyna has örtenýärdi.
Ýogsa iki aýa golaý wagtlap ol Samadyň ýanyndan aýrylmandy. Iýjegini
agzyna tutup beripdi. Gijelerine ýarasynyň agyrysyndan ýatyp bilmän
iňleýän oglunyň derdini ýeňledere-de elinden zat gelmänsoň, kän gezek
sessiz aglan Maral ene mährine mynasyp jogap alyp bilmedi. Ol muny
Gara Durmazdan gaça durmasynyň Samada-da täsir edýändiginden
görýärdi. Onsoňam aýal biçäräniň süýjüdilip içilen çaýyň käsäniň
düýbünde galanynyň serpilip goýberilşi ýaly «serpilmesine» öwrenişipdi.
Ony birnäçe gezek adamsy hem söýüp, hem özünden itekläpdi. Samadam
erkek oglan. Ejem-ejem diýer, islän günem ejesiniň ýüregini boş goýup,
höwürtgeden uçan guş ýaly uçar gider.
Maral Samadyň hatyrasyna, onyň ene ýüreginiň ýylysyna ýylynyp
ýaşamagynyň hatyrasyna Gara Durmaz bilen öňkim ýaly bolaýynam diýip
görýärdi. Emma gün geçdigiçe bu kyn düşýärdi, olar biri-birlerinden
daşlaşýardylar. Bu gezek «Är-aýalyň urşy ýaz gününiň ýagşy» bolup biljek
däldigi barha äşgär görünýärdi.
Ogluny it ýaran güni Gara Durmazyňam ýüregi çeýnelipdi. Tebip
ýoldaşlary her gezek oglunyň halyny soranlarynda «Aýalyň bilenem
oňşugyň gowumy?» diýlip soralýan ýaly bolýardy. Maşgala durmuşy
hakynda üznüksiz, soňy gelmeýän pikirler ony horlaýardy. Öz ýanyndan
«Jellatlygy taşlap it ýetişdirip satsam näderkä?» diýip gördi. It uruşlarynda
berilýän baýraklaram köpelmek bilendi. Ol bu pikirini sypaýyçylyk bilen
Maralyň ýanynda gozgajak boldy. Emma Gara Durmaza Maral:
«Beterinden beterini tapýaň. Näme etseň şony et, indi maňa tapawudy ýok»
diýäýjek ýaly göründi.
Ol maşgalasyndaky demini tutup barýan agyr howadan diňe it
uruşlaryna gidende halas bolýardy. Itleriň üýrýän sesleri, olaryň
ýeňilmejek bolup görkezýän gaýratlary, garşydaşyň ýiti dişine döz gelip
bilişleri Gara Durmazy göwnüçökgünlikden halas edýärdi.
Maksada ýetmek üçin it ýaly erjel bolmalydygy hakynda ol Samadyň
ýanynda gürrüň açdy. Samat kakasyna jogap bermedi. Näme üçindir,
kakasyna Gülnesibe daýzaň ertekisini aýdyp beresi geldi. Emma edil
özüniň it hakynda aýdýanlaryny diňlemeýşi ýaly, kakasynyňam özüni
diňlemejegine ol düşünip durdy. Birden Gara Durmaz edip oturan
gürrüňini goýdu-da, jübüsindäki monjugy çykaryp ogluna berdi. Ony özi
oglunyň boýnuna dakaýmaga çekindi. Samadam ony dakynman, bir salym
elinde oýnady. Gara Durmaz ähli aýtjagyny monjugyny bermek bilen bir
gezekde aýtdym hasap edip, oglunyň ýanyndan turdy. Gidip barşyna-da:
«Dakyn, ýogsa ýitirersiň» diýdi. Hakykatdanam, monjuk Samady häzirki
düňle ýaly bolup ýörşünden alyp başga bir dünýä oklan ýaly etdi. Ol ýekeje
monjugyň täsiri bilen üýtgän duýgularynyň nähili dünýä düşenine-de göz
ýetirip bilmedi. Onda mähribanlygam, ýumşaklygam, hemaýatam,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Üç nokadyň biri - 09
  • Parts
  • Üç nokadyň biri - 01
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2135
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 02
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2175
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 03
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2117
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 04
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2089
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 05
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2109
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 06
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2063
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 07
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2092
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 08
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2052
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2113
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 10
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2095
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 11
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1936
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 12
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2024
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 13
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2016
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 14
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2086
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 15
    Total number of words is 2549
    Total number of unique words is 1600
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.