Latin

Üç nokadyň biri - 07

Total number of words is 3809
Total number of unique words is 2092
33.4 of words are in the 2000 most common words
45.9 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
näme edip ýörenine düşünmän, üýşenip, ogluna seretdi. Samat elini sokup
kapasadaky guşjagazlaryň birini tutup daşyna çykardy.
— Jellatlar şeýdip adamyň kellesini alýalar.
Samat elindäki guşuň kellesini sogrup taşlap goýberdi. Ol bir kellesi
ýolnup pasyrdap ýerde ýatan guşa seredýärdi, birem ejesine. Maral çalt
turup ogluny garsa gujaklady.
— Muny nädäýdiň oglum? Goý, indi aglama, bazardan başgasyny
alaýarys.
— Eje, kakam näme üçin jellat? Maňa guş gerek däl. Sen şony aýt.
— Goý hany oglum, jelladam bolma-la biri. Halamasaň men kakaň
bilen gepleşäýerin. Ol men aýtsam jellatlykdan çykar…
Samadyň barmagynyň ujunda galan bir damja gan akja köýnegine
çyrşaldy. Ol gözünden akýan ýaşy sylanda eliniň gany ýüzüne-de degdi.
— Oglum, ýüzüňi gan edipsiň, ýör ýuwaly…
Samadyň köýnegine degen gana gözi düşüp:
— Toba essaprallah, çykan ýeke damja gan welin, durşumyzy gan etdi
— diýdi. Içinden bolsa: «Kakaň dökýän ganlary bizi gark etmese-de
ýagşydyr» diýip pikir etdi.
Köýnegini çykaryp, ýüzüni ýuwup duran Samat:
— Eje, men ölsemem jellat bolman — diýdi.
— Kim saňa jellat bol diýýär oglum? Wah, kakaňam jellat boljak däldidä, balam.
— Onda kim ony jellat etdi?
Maral «Ataň» diýip bir sözde jogabam berip biljekdi. Emma bu ýerde
oglunyň atasyndanam beter Maral özünem günäkärleýärdi. Ol Samada:
— Adam bir suwa atylan gaýykdyr, akym nirä bolsa şo ýana-da akar
gider — diýip jogap berdi. Soň içinden Gara Durmaz bilen bu barada
ýamaşgan gürleşmegi ýüregine düwdi.
Gara Durmaz Maralyň aýdany bilen jellatlykdan çykarly däldi. Ol:
«Jellat bolmak jenaýatçy bolmak däl, işimiň näme kemi bar? Men-ä
öwrenşibem barýan» diýip jogap berdi. Maral oglunyň eden işini gürrüň
berdi. Gara Durmazda ol diňe gahar döretdi. Bu ýerde Maralyňam günäsi
bar ýaly üstüne gygyrdy.
— Men bigünä guşjagazlaryň kellesini alamok, düşüneňokmy sen
şoňa? Ili awundyryp ogurlyk edeniň elini ýa zyna iş eden haramzadanyň
kellesini çapanym üçin men gynanamogam, özümi günälem hasap
edemok. Gaýta adalatyň ýaragyna öwrülenime haýbatlanýan, özümi
buýsançly duýýan.
Maral näme diýjegini bilmedi. Adamsynyň jellatlyga öwrenişdigiçe öz
ýakyn adamlaryna ýat adamlar ýaly garap başlanyny aýtjak boldy. Emma
bu gürrüňiň netijesiz boljakdygy görnüp durdy. Ol erkek kişi, aýallardan
tapawutlylykda häsiýetlerinde ýowuzlyk bolmalydyr diýip pikir etdi. Belki
şol ýowuzlyga ýetdigiçe erkek kişi hakyky erkek kişä öwrülýändir. Olaryň
aýal adamdan artykmaçlygam belki şol ýowuzlyklarydyr.
Gara Durmaz Maralyň beren gürrüňini hiç ýadyndan çykaryp bilmedi.
Ol özüniň çetine deglen, sen jellat diýlip kemsidilen ýaly boldy. Samadyň
jellatlyga garaýşyny birinden eşidendir öýtdi. Özüniň jellatdygyny oňa kim
aýtdyka? Bu barada Samadyň özünden soramak ýagdaýy has-da
çylşyrymlaşdyryp biler. Ejesinden eşiden bolmagy mümkin däl. Ýa köçede
bile oýnaýan çagalary «Seň kakaň jellat» diýip azar berdilermikä? Ol
jellatlyga işe durmanka aýaly bilen eden maslahatyndan soň oňyn netijä
gelenem bolsa, şeýle maslahatlary etmek erkek kişä gelişmeýär, aýalyňa
maslahat salmaga çenli kiçelmegiň zyýany soň bildirýär diýen netijä geldi.
Maralyň özüni haýran edip jellat bolmagyna razyçylyk bermeginiň bu
meselede esasy itergi bolandygy üçin beýle pikir etmändi. Ol beýle pikire
aýallaryň maslahatyna gulak assaň, birnäçe günden öz beren maslahatynyň
tersine ýöremegem talap edip biljek ekendigi üçin gelipdi.. Bu bolsa onuň
Marala bolan garaýşyny hasam sowatdy.
Gara Durmaz Maraldan sorap, hakykatdanam, Samada köçedäki bile
oýnaýan çagalaryň täsiriniň ýetenini bildi. Marala ogluny «köçä
kowmazlygy» tabşyrdy. Şeýdip öz hamraklygyndan dynjak bolup, dertazarda wagty oglunyň ejesiniň ýanynda jellatlyk hakynda aýdan zatlary
barynyň üstüne urna boldy. Oglundan üzülmek oňa aňsat başartdy
duruberdi. Ol indi ogluna keseki biriniň «Adam et» diýip goýup giden
çagasy ýaly garap başlady. Köçede bile oýnaýan deň-duşlarynyň «Seň
kakaň jellat» diýmekleri, munuň bolsa dogry bolup çykmagy Samat bilen
kakasynyň arasynda geçilmez galany dikeltdi.
Gara Durmaz aýpaltany kakasyndan alyp öz eli bilen el çapyp gören
güni Maral onuň bilen kakasynyň çaý başynda edýän gürrüňlerini
tötänlikde diňlemeli bolaýdy. Emma Maralyň göwnüne, atdanlykda-da däl,
erkek kişiler öz gürrüňlerini oňa ýörite eşitdirjek bolan ýaly göründi. Olar
erigiň kölegesinde çaý içip otyrdylar. Maral bolsa beýleräkde Samadyň
eşijeklerini ýuwýardy.
— Eger çapýan eliň tanaýan adamyň, garyndaşlaň eliniň biri bolaýsa?
— Tanaýan bolaňda näme? El egrilik etmesin. Seň borjuň çapmak. Sen
permany ýerine ýetirýäň. Seň tanaýan adamyňa ýeke-täk edip biljek
kömegiň, jellatlygyňy bar ussatlygyňy jemläp, has yhlasly ýerine ýetirmek.
Elbet, bu saňa aňsat düşmez. Oňa derek olar agyrylarynam duýup
ýetişmezler. Şonuň üçinem her gezek işiňi öňkiňden gowy berjaý etjek
bolmaly. Ýene bir on gün gaýrat etseň, ökdelärsiň. Soň meni başga işe
geçirerler, ýeke özüň işlemeli bolarsyň… Garyndaş, beýleki gürrüňini
unut. Adamyň iň ýakyn garyndaşy garny, oňam içi hapadan doludyr.
Gowusy köşge gideli, biraz eliňi işlet. Aýpaltany edil öz sag eliň ýaly
duýýançaň türgenleşmeli-dä.
Olar Maralyň edilen gürrüňiň baryny eşidenini aňman çykyp gitdiler.
Mümkin, aňandyrlar-da, aňmadyk bolandyrlar, görendirler-de görmezlige
salandyrlar. Maral ilkinji gezek adamsynyň işe diýip öýden çykyp gidip
uzyn gününi nähili geçirýändigini göz öňüne getirdi. Hatda Samat bir
guşuň kellesini ýolup «Ine kakamyň edýän işi» diýip görkezende-de
ogluny köşeşdirmegiň aladasy bilen ol edil beýledir öýtmändi. Ol jellat
bolmagyň nämedigine düşünip, ilki başda Gara Durmaz bu barada dil
ýaranda garşy durmanyna puşman etdi. Emma indi giçdi. Adamsy öz
aýpaltasyny «sag eli ýaly» duýmaga çykyp gidipdi. Erkekler çykyp
gidenden soňam ol ýüregi jigläp köp oturdy. Göwnüne teselli gözläp,
derdini paýlaşmak üçin Gülnesibelere gitdi. Birdenem Maral özüni ýersizýere howsala düşen ýaly duýdy. Käşgä Gara Durmazyň jellat bolanyny şu
gün eşiden bolsady. Olam däl. Gara Durmaz bu barada hatda onuň özüne
sala-da saldy ahyryn. Adamsynyň geçen işine buýsanan günleri eden
pikirlerini häzir içinden gaýtalap gördi. Emma olar gülkünç eşidildi. Kim
bilýär ýene birnäçe günden häzirki bolup baryşam, jorasyna içini döküşem
gülkünç bolar? Ol şonda şeýle gülkünç ýagdaýlara düşenine gynanyp,
aňyrsyna çykyp bilmez?!
Hernä öýünde Gülnesibeden başga hiç kim ýok eken. Maral adamsynyň
jellat bolandygyny jorasyna nädip aýtjagyny bilmedi. Onuň gaty
tukatdygyny görüp, Gülnesibe öz ýanyndan Maraly adamsy ynjydandyr
öýtdi.
— Ýerimiz giň, bizde biraz bol, nädersiň gadyryň artaýsa?!
Maral sesini çykarmady.
— Hany entek çaý içeli.
Maral çaý başynda Gara Durmazyň jellat edilip işe bellenilendigini
aýtdy.
Maral Gara Durmazyň häsiýetiniň üýtgeýşine çenli gürrüň berdi.
Gülnesibe onuň beren gürrüňini üns berip diňledi. Soňam hiç zat bolmadyk
ýaly:
— Jellatlygam biri etmelidir-ä, Maral? Özi kyn görmeýän bolsa,
işlesin-dä. Käri şo bolansoň, biraz häsiýediniň sowuk boljagy, çagasynabeýlekä kän eliniň degmejegi düşnükli. Aýal adam ýanýoldaşynyň
kömekçisidir. Darykma-da, meni diňle.
Ol sözüni böljek bolan Maraly saklap gürrüňini dowam etdi.
— Ýöne bu barada başga adamlaň ýanynda kän gürrüň etme.
— Jora jan, men gorkýan.
— Beý diýsem gorkma. Nämeden gorkjak? Öz eli ýa, öz gara başy
çapyljak däl, onsoň gorkar ýaly näme bar? Gaýta arkaýyn ýaşa. Hany,
çaýyňy owurtla. Gaýyn atam gowy diýmeýämidiň näme?
— Wah, jora jan, diýsem diýen bolaýýadym. Erbet diýenim bilen
gowlanjakmy näme ol? Şo-da oňa şol işi tapan. Şunça ylgap hyzmatyny
etsemem, ondan «gelnim jan» sözüni eşitmedim. Edil ýallap ýören iti ýaly.
Itini gör, özüni gör. Kakam bilen ejem pahyram meň şulara düşenime
gynanjyna olendir. Wah, öz aýajygym bilen geldim-dä.
— Maral jan, beýle bolmazlar. Biz göçüp geläýemizde senden bagtly
adam ýokdy. Iki gepleseň bir gepiň Garaňdy. Sag-aman ogla gözüň düşdi.
«Oglum bolsa armanym ýok» diýip, ýanyma senden kän gatnan ýokdyr.
Birdenem bagtyňa daş ýagan däldir.
— Nädeýin-dä, jora jan. Gözden boldumy, dilden boldumy, dünýäm
çepbe çöwrüldi. Käwagta gowulygamyka-da diýýän. Ol hakyky erkek kişä
öwrülen ýaly bolaýdy. Öň bir zat etjek bolsa, menden maslahat sorar
durardy. Indi onam goýdy.
— Näme bolsa-da, bähbitlisi bolsun. Ine, Samat jan ýetişer, saňa gowygowy arap kitaplaryny okap berer. Samat jan bilen köpräk güýmenerler
bolmasa.
— Wah, onam läliksiredýäň diýip günüme goýanok …
Aýallaryň iň agyr derdiniň maşgalasyndaky düwünlerdigini, aýallara iň
gerekli tebibiň şol düwünleri çözýän tebipdigini bilensoň, Gülnesibe diňe
biçäre naçarlaryň iç keselleriniň tebipçiligini etmän, maşgalasynda bolýan
kynçylyklary ýeňer ýaly, gelene göwünligem bererdi. Başardygyndan şol
düwünleriň çözülmegine-de kömek etjek bolardy. Emma köplenç
başartmansoň, bu derdiň ýeke-täk emi wagt diýip hasaplaýardy. Ol häzir
Marala-da şol emi salgy berdi.
— Maral jan, sabyr et. Gara Durmazyň häsiýeti gowy diýýädiň. Seniň
ýüregiňdäki ýyly onuň kalbyndaky doňaklygy ýaz şemaly ýaly ereder.
Sabyrly bol hem diňe öýüňe yhlas et. Bazarda içi pully haltajygyňy
aldyrsaň bilerdiň jelladyň nähili gerekdigini. Jellat tapylman, dözmezçilik
ediljegini bilseler, ogrular adamlary öýlerinde-de oturtmazlar. Gara
Durmazyňam ýüregi bekeşip öwrenişýändir, işläp ýörendir. Gaýta sen oňa
kömek et. Öýde dynjyny ber…
— Ýüregi daşdan biri bilen ýaşaşmak dilde aňsat…
Maral jorasy bilen ylalaşmadam, garşysyna-da gitmedi. Dogrusy, näme
üçin garşysyna gitsin? Oňa gaýta arka gerekdi. Ol jorasy bilen iç döküşip
esli oturdy. Soň öýüne gaýdyp, ýol boýy sessiz aglady.
Öýde Samatdan başga hiç kim ýokdy. Olam ejesiniň Gülnesibelere
äkitmänine öýkelän bolup, hat ýazmagy öwrenmäge dümtünip otyrdy.
Maral ogly bilen ýaraşan boldy. Öz külbike barmagyny oglunyň
külbikejigine ildirip: «Palta gerekmi, gylyç» diýdi. Samadam ejesiniň
gamgyn hem ýalňyz ýüzüne seredip: «Maňa şolaryň hiçsem gerek däl, eje»
diýdi. Maral ähli söýgüsi bilen ogluny bagryna basdy.
Gara Durmazyň kakasy edil bilen ýaly, palatsyny ogluna tabşyrandan
soň, uzak ýaşaman dünýeden ötdi. Ol ogluny jansyzlar toparyna
ýerleşdirmek hakyndaky arzuwyna ýetip bilmedi. Gara Durmaz kakasynyň
asgynlap ýören günleri bu işlere kimiň seredýändigini kakasyndan sorady.
— Emiriň hut özi.
— Emirden soň kim?
— Mendim oglum. Ýöne bu barada hiç kimiň ýanynda dil ýaraýmagyn.
Seni öz ýanyma aljakdym, ýetişmedim. Bilemok, sagalsam… ýetişsemem
ýetişerin. Seni emire teklip edip gördüm, bir gezek. Umuman, garşam
bolmady-da, anyk zadam aýtmady. Entek ir gören bolmagy mümkin. Şu
durkuňy sakla-da işläber. Bu gün bolmasa, ertir ýanyna çagyrar. Meň
ýerime kimi bellär, olam belli däl. Ýöne sen ony biljegem bolma. Köşk
işgärlerinden islendigi, hatda garawullara seredýänem şol bolup biler.
Şonuň üçin hemmelere deň bolgun. Halanmaýanlaryň ýanyna barma, hiç
kime-de syryňy ynanmagyn. Hemme kişi saňa öz ynamdar adamsydyr
öýtsün, düşünýäňmi?
— Düşünýän, kaka.
Bu Gara Durmazyň kakasyndan alan iň soňky tabşyryklarydy.
Maral gaýnatasy ýogalandan soň ýaşaýyşlary gowulyga tarap üýtgär
öýtdi. Ol merhumyň belli günleri sowlandan soň, Gara Durmaza «Indi
kakaň ýok bu käriňi taşla diýsem näderkä?» diýip oýlandy. Emma diýip
bilmedi. Ol Gara Durmaz bu gürrüňi halamaz diýibem çekinmedi-de,
özüniňkiň dogrudygyna ynamy bolmansoň sesini çykarmady.
Gara Durmaz kakasy ýogalandan soň özüni haçan hökümdar çagyrarka
diýip kän garaşdy. Kakasy öz ýerine kimiň goýuljagy bilen
gyzyklanmagyn diýse-de, bu syr baradaky eşidýän myş-myşlaryny
eleginden geçirip görýärdi. Emma hiçisini göwnüne jaý görmeýärdi. Edil
kakasynyň ýerine bolmasa-da, şol topara çagyrylaryna tama bilen
garaşýardy. Ol ýönekeý bir garaşmagam däldi. Jansyzlaryň toparyna
goşulmak üçin kakasynyň ýerine bellenen adamyň özüni emire teklip
etmeginiň gerekdigini bilýärdi. Şonuň üçinem köşkdäki emeldarlaryň
islendigi bilen gepleşende, özüni topara aljak ýolbaşçy bilen gepleşýän
ýaly tutmaly bolýardy. Ol her görşen emeldaryna ýönelige görşen däldir,
meni synap görýändir diýip çaklardy, hem ertesi onuň netijesine garaşardy.
Bu gala-gopluk onuň beýnisine agram salyp başlady. Ol görnüp, gepleşip,
umyt döredip gidýän janly salgymlaryň içinde ýalydy. Hakykatda bolsa,
ony jansyzlaryň toparyna almak isleýänem ýokdy, barlaýanam. Her kimiň
derdi başyndan agdykdy. Iki ýyllap köşk edil ganyň üstünde oturana
dönüpdi. Hökümdaryň garşysyna dildüwşüklik gurnaýanlar köpeldi. Gara
Durmaz haçan iň soňky gezek el çapanynam ýadyndan çykardy. Diňe
kelle, kelle, kelle…
Dartgynly geçen şol ýyllar Gara Durmazyň bähbidine boldy. Ony kärine
ökdeledip, hakyky jellada öwürdi. Kärine ökdeledigiçe-de, bu dünýäniň
içindäki başga bir dünýäde ýaşaýana meňzäp barýardy. Maralyň söýgüsi,
yhlasy onuň gözüne-de ilmeýärdi. Köşk emeldarlarynyň ýa tötänden
sataşyp, ýa iş bilen gelýänleriniň «gürrüňlerinden» netije çykmadygyça,
Gara Durmazyň özüne gahary gelip, diňe ogluny mertebesi beýikleriň
arasyna goşmak hakyndaky arzuwlaryny hakykata öwürmäge yhlaslanyp,
ýüregi düşüşýärdi. Ertir oglunyň uly wezipelere öz güýji bilen ýetmegi
üçin elinde baryny edýärdi. Kähalatlarda «üýtgeşik terbiýäniň» hatyrasyna
edýänlerinde öte geçýärdi. Emma, näçe öte geçdigiçe-de, özüne henizem
bärden gaýdýan diýýärdi.
«Çagany hemmeler ýaly terbiýeleseň, hemmeler ýaly bolubam ýetişer.
Polat ýenjilip-ýenjilip taplanýandyr. Men diňe oglumy däl, özümem
taplamaly. Ýüregimdäki sygyr hamraklygyny aýyrmaly». Şeýle pikirler
bilen Gara Durmaz aga-gara gowy düşünip ugran Samadyň dulugyna
dözümliligini, ýowuzlygyny ösdürjek bolup ýersiz-ýere şapbat çalyp
goýberýärdi. Ogly aglabam bilmän, gözüne ýaş aýlap gitjek bolsa, tutup:
— Näme warryklaýaň. Senem ur — diýip, Samadyň çaga elleri blen
tüýlek ýaňagyna urdurardy.
«Ine şeýdip bilýäňmi?» diýip, ýokaryk bökup, gapyda ösüp oturan garry
erigiň ýogyn şahasyna depip, eliniň tersi bilen urýardy. Bu oýunlar
Samady gorkuzýardy. Ol gijelerine basyrganyp oýanmany çykardy. Ejesi
Maral görgüli oglunyň ýatmadyk gijeleri nätjegini bilenokdy. Gündizlerine
bolsa, kakasynyň ony ýanyndan aýyrman «adam edişine» guwanardy.
Ýumruklaşmalar başlanda bolsa, seredip durup bilmän öýe girerdi.
Biraz soň Gara Durmaz ogluny it, horaz uruşlaryna äkidip başlady.
Şeýle «gezelençlerden» Samadyň ýüzi ak tam bolup gelýärdi. Ol itleriň
urşundanam beter olaryň daşyna aýlanan adamlaryň biri-birlerini edil it
ýaly gemiräýjek boluşlaryndan gorkardy. Şol goh-galmagallardan çetde
durmaýan kakasynyň hyrsyz, aýylaganç ýüzi esli wagtlap göz öňünden
gitmezdi. Eýýäm ýaşy on ikä ýetip, namaz okap ýören bolansoň ol
halasgärini namazlykda görerdi. Alty-ýedi ýaşlaryndaky ýaly ejesiniň
gujagyna gysylyp, «Eje gorkýan» diýip aglap köşeşip bilmezdi.
Maral ogluny Gara Durmaz jeza berilýän ýere äkidýändir öýdüp
gorkdy. Ogly hiç zat gürrüň bermänsoň, ol bu barada Gara Durmazyň
özünden sorady.
— Äkidemde näme? Şu gün äkitmesemem ertir äkiderin. Sen ony halys
ejemogly edipsiň. It urşundan gorkýar-a seň onyň.
— Entek ýaş ahyryn, bolmasa biraz ulalansoň äkidäý. Gije-de
basyrganyp ýatyp bilenok.
— Hemmesem senden, oňa arapçany öwretjek bolmak nirden kelläňe
geldi. Biziň neberämizde kellesine selle orap çagasyny ekläni ýok. Olam
molla bolmaz. Gülnesibe oňa kiçijikkä öwretdi öwretjegini, indikisi näme?
— Arapçany öwrenmek mollaçylygy öwrenmek däl ahyryn. Menem
ogluma ymam bolsun diýip duramok. Kakam pahyram arapçany araplaryň
özi ýaly bilerdi. Oglumam täjirlik eder, ýurt gezer. Çagaka öwrenenleri oňa
ýeterlik bolmaz. Gülnesibe-de şeý diýýär. Ol Samada başga bilimlerem,
hasap-hesibem öwredýär…
Gülnesibe Samady bäbekliginden gujagyndan düşüresi gelmezdi. Kä
günler, Gara Durmazyň öýde bolan wagty jorasy gelmese, içi gysyp özi
Marallara gelerdi. Gelşine-de bar güýmenjesi Samatdy.
Ol Marala:
— Ine, ogluňa arapçany öwrederin welin, onuň kimiň çagasydygynam
bilmezler. Men oňa özüme eje diýmänem öwrederin.
— Hakyň bardyr jora jan. Sen bolmadyk bolsaň, o balama ýüzümiň
düşmezligem mümkin eken.
— Onçasyny biljek däl. Men bolmasam başga biri sebäp bolardy. Gara
Durmazlaryň neberesiniň dowam etmegini islän Alla jan ýoluny tapardy.
Men bir bu ýerde sebäp. Şonda-da, çynymy aýtsam, Samat jan öz çagam
ýaly bolup dur. Beý diýsem gabanaýmagyn.
— Aýtdym-a ogul seňkidir diýip.
Maral soň-soňlar bu gürrüňi ýatlap, Gülnesibä: «Wah, hakykatdanam,
Samat meň oglum bolandan seň ogluň bolan bolsa bolmaýarmy» diýerdi.
Gülnesibäniň jadyly ertekileri Samadyň dünýede iň gowy görýän zadydy.
Olaryň hemmesini Samat ýatdan bilýärdi. Gülnesibe daýza olary arapça
aýdyp berende has hem täsirli bolardy. Şolardan biri Samadyň aňyna has
çuň ornapdy. Ine, ol erteki:
Gury ýeriň dörtden biriniň hökmürowanlygyna ýeten Soltan jar
çekdirdi. «Menden beýik derejä, meniňkiden uly baýlyga ýeten kim bar
bolsa ýa özi gelsin, ýa özüniň kimdigini, nirededigini aýan etsin, men
baraýyn. Eger baýlygynda, mertebesinde meni ýeňen erkek kişi bolsa
gyzymy bereýin, eger gyz maşgala bolsa ýeke perzendime mynasyp
görlüp, beýik derejeli maşgalanyň hormatly agzasy bolar. Özi gelip ýeňlen
bolanja baýlygyny meniň patyşalygymyň haýryna geçirmeli bolar. Meni
üstüne barmaga mejbur edip ýeňleniň başy ölümli bolar»
Bu habara hiç kim seslenip bilmedi. Ne gelen boldy, ne çagyran. Emma
Soltan köşeşmeýärdi. Ol oýlanyp: «Mendenem beýik derejedäki,
mendenem baý adam gyzymy nätsin, oglumy nätsin. Onuň mätäç zady
ýokdur. Men gowusy başgaça jar çekdireýin» diýen karara geldi. «Menden
beýik derejä, meniňkiden uly baýlyga ýeten kim bar bolsa ýa özi gelsin, ýa
özüniň kimdigini, nirededigini aýan etsin men baraýyn». Bu gezek ýeňeneýeňlene nämäň garaşýandygy barada kelam agyzam aýdylmaýardy. Emma
şonda-da patyşanyň huzuryna gelmäge milt eden adam bolmady. Soltan,
belki, daş ýurtlardan çakylyk geler diýen tama bilen kän garaşdy. Dünýäniň
dört künjüne aýlanan söwda kerwenleri diňe Soltanyň ýurduna, baýlygyna,
güýjüne-kuwwatyna taý gelip biljek döwleti görmändiklerinden başga
habar getirmeýärdiler.
Bir günem köşgüň gapsynda egni ýönekeý donly bir pukara adam peýda
boldy. Ol köşk emeldarlaryna çekilen jary eşidip gelendigini aýtdy.
Emeldarlar gyzyl-gyran gülşüp: «Haý çarwa çopan, mal-garaň bilen
boluberseň bolmadymy? Soltany-älem seniň ýalylar bilen görüşmez»
diýdiler. Emma ol adam göwni bir ýaly: «Siz soltanyňyza meniň gelenimi
aýdyň. Görüşmese öz işi, men hiç zat ýitirmeýän. Ýöne onuň ýitirjegi köp
bolar» diýdi. Soltan gelen myhmany üç gün hezzetläp, soň ýola salmagy
buýurdy.
Bellenilen üç günem üç ýuwdum suw ýaly geçdi gitdi. Myhmany ýola
salmakçy boldular. Emma ol: «Soltanyňyz şeýle beýik derejeli bolýan
bolsa, özünden zory näme üçin gözleýärkä? Ýok zat gözlenmeýär. Ýok
zady gözlär ýaly, näme ol kemakylmyka? Şu soragyma jogap berse men
gidibererin» diýdi. Bu sözleri eşiden Soltan birbada gaharlanjak ýaly etdi.
Hak sözi aýdana gahar edenden Soltan boljakmy? Soltanlyk paýhasy oňa
myhmany huzuryna getirmeklerini buýurdyrdy.
Myhmany getirdiler. Soltan ony hiç bir myhmanyndan pes tutman ör
turup salamlaşmaga gaýrat tapdy. Onuň bilen hal-ahwal soraşyp:
— Myhman ýigit, ilki biziň baýlyklarymyzy göreli, soň zerur hasap
etseň seniň ýurduňa gidäýeris — diýdi.
Daşyndan görmäge uly ýurduň eýesine meňzemeýän myhmana çakylyk
bilen gelendir diýmäge esas bolmasa-da, Soltan soltanlar edebini saklady.
Syn bilen berlen baha birbada ýalňyşdyryp biler. Belki, bu bizi synamak
üçin horaşaja geýnendir? Kim bilýär, ýolda bir bela uçran bolmagam
mümkin. Onuň pikirini tassyklaýan ýaly, myhman baş atdy. Soltan akyl
wezirine ümläp, baýlyklary getirmegi buýrdy.
Bir başdarak getirdiler. Ýarysy altyn, ýarysy kümüş ol darak baş
darardan biraz ulurak görünýärdi. Soltan daragy görkezip:
— Myhman, üns berseňiz daragyň jemi ýigrimi dört dişi bardyr. Onuň
altyndan ýasalan on iki dişi gündizdir, kümüş dişleri gijedir. Men onuň
bilen her gün gün doganda we gün ýaşanda häsiýetimi daraýaryn — diýdi.
Daragy äkitdiler. Soň bolsa üsti ak parça bilen örtülen bir gutyny
getirdiler. Soltan gutyny açyp, içinden ululygy adaty erikleriň ikisi ýaly
altyndan erik çykardy. Ol şeýle bir ussatlyk bilen ýasalypdyr, welin, misli
ýaňyja ýuwulyp äberilen ýaly ýüzünde suw damjalary buldurap durdy.
Soltan ýeňillik bilen ony iki ýardy. Içinden daşdan ýasalan, emma
hakykymyka diýdirýän şänigi çykardy. Soň bolsa şänigem iki açdy. Onuň
içinden bolsa ak maňyz çykdy. Şänigiň gymmat bahaly daşdan ýasalan
maňzyny eline alan Soltan:
— Adam her bir zatda onuň asyl özenine, maňzyna ýetmäge
çalyşmalydyr. Men bu erigi maslahat-mejlislerimde öňümde goýýaryn
hem aýdylan gepiň manysyna ýetmelidigini unutmazlyk üçin şeýdip onuň
maňzyny elime alýaryn — diýdi.
Soň myhmana tutawajy zer bilen bezelen gamçyny getirip görkezdiler.
— Bu gamçy menden ýeňlen on iki duşmanymyň, basyp alan on iki
döwletimiň soltanlarynyň arkasynda yz goýan gamçydyr.
Soltan özünden göwnühoş halda gamçyny eline alyp, sary ädiginiň
gonjuna çalaja kakan boldy. Soň gamçysynam goýman myhmanyny yzyna
düşürip, köşgüň howlusyna çykdy. Howlynyň kybla tarapynda köşkden
biraz kiçirägem bolsa, ondan on esse kaşaň salnan türbe (mawzoleý)
göründi. Soltan myhmanynyň öňüne düşüp türbä çenli ýetmiş ädim
töweregi ýodajygy geçdi. Ol ýönekeý bir ýodajyk däldi. Onuň al-ýaşyl
öwsüp duran mermer basgançaklary bardy. Iki tarapynda bu jelegaýlarda
ösmeýän, gyşyn-ýazyn gök öwsüp duran iki-üç ýaşyndaky agaçlar,
agaçlaryň arasynda gezekleşip açylýan reňbe-reň güller ösýärdi. Gülleriňagaçlaryň aňyrsyndan dürli reňkler bilen öwşün atýan suw
çüwdürimlerinden müşki-anbar ysy gelýärdi. Enaýyja çyralar,
şamçyraglar, daşdan doňdurylan şekiller ondan ýöräp barýan adama
ertekiň içindemikäm diýdirýärdi. Türbe has owadandy. Lowurdap duran
diwarlaryň ýüzüne çekilen nagyşlardan gözüňi aýyrmak kyndy. Türbäniň
ortarasynda altyndan edilen ullakan seki bardy.
— Adam her kim bolanda-da, ahyry ölmeli. Kimiň jesedi it-guşa şam
bolýar, kimiň jesedi ýangynda galyp ýanyp kül bolýar. Kimiňkini suwda
balyklar iýse, kimiňkini ýerde gurçuklar gemirýär. Men öz jesedimi şeýle
ýagdaýlaryň hiç birine dözemok. Ol men ölemden soň şu altyn sekiniň
üstünde «Honha, şol Soltan» diýlip görkeziler ýaly, mum içinde üýtgemän
ýatsyn. Sen meniň bu pikirimi neneň görýäň, myhman?
Myhman berlen soraga bada-bat jogap bermän, edep bilen dymdy. Soň
mylaýym sesi bilen söze başlady:
— Eý, Soltan, soltany ilki haýwandan, soň özi ýaly ynsanlaryň
arasynda tapawutly edýän onuň ruhunyň baýlygy. Ondan soň, has soň malmülk, altyn-zer baýlygy. Olar söz baýlygyndanam, duýgy, rehim-şepagat
baýlygyndanam, söýgi, mähir baýlygyndanam, aň-paýhas baýlygyndanam
soň gelýär. Siz ýaňy häsiýetiňizi daraýandygyňyzy aýdyp, altyn bilen
kümüşden ýasalan darak getirdiňiz. Ýumşak häsiýetiňiz altyn-kümüş
dişleriň arasyndan akan mahaly onuň tertipleýjisi kim? Darak kimiň
elinde? Mugallymyňyz, jenabyňyz kim? Gyzyl-kümüş — daragyň
dişlerimi, ýa-da özüňizmi özüňize jenap? Menem häsiýetimi daraýaryn.
Siziňki ýaly diňe bir ertir-agşamam däl, bäş wagtyna daraýaryn. Ine meniň
daragym — diýip, myhman goltugyndan namazlyk çykardy-da, sözüni
dowam etdi.
— Meniň jenabym Haktagala. Men Onuň öňünde hasabat berýärin.
Meniň sogaplarymam, günälerimem Ol kesgitläp goýdy. Onuň gadagan
edenlerini edemde günä, parzlaryny berjaý edemde sogap gazandygym
bolýar. Diňe Onuň kesgitlemegi bilen men öz günä-sogaplarymy
seljermäge çalşaryn. Onuň mübärek Kelemeleri — Kurany Kerimiň aýatsüreleridir meniň häsiýetimi daraýan daragymyň ýiti, altyn-kümüşdenem
gymmat dişleri. Çünki ähli barlyk bilen birlikde menem Ol ýaratdy.
Siz örän baý ekeniňiz soltan, hem şonça-da garyp ekeniňiz. Bu pany
dünýäniň maddy baýlyklary saňa soltanlyk bilen bile nesip edipdir. Emma
siziň iman baýlygyňyz juda az eken — diýipdir-de, ýaňky adam
goltugyndan çykaran namazlygyny kybla tarap ýazypdyr. Soň onuň üstüne
geçip «Allahy ekber» diýibem gözden gaýyp bolupdyr…
Şeýdip gaýyp bolasy gelýän Samat ol otagdan ol otaga ýöräp geçen
bolardy. Ejesiniň daragyny alyp dişlerini sanap gören bolardy. «Darak
kimiň elinde? Mugallymyňyz, jenabyňyz kim? Gyzyl-kümüş — daragyň
dişlerimi, ýa-da özüňizmi özüňize jenap? Menem häsiýetimi daraýaryn.
Siziňki ýaly diňe bir ertir-agşamam däl, bäş wagtyna daraýaryn. Ine, meniň
daragym» diýerdi. Soň kakasynyň köşge geýýän lybaslaryny görkezen
bolup «Soltany ilki haýwandan, soň özi ýaly ynsanlardan tapawutly edýän
onuň ruhunyň baýlygy. Ondan soň, has soň mal-mülk, altyn-zer baýlygy.
Olar söz baýlygyndanam, duýgy, rehim-şepagat baýlygyndanam, söýgi,
mähir baýlygyndanam, aň-paýhas baýlygyndanam soň gelýär. Siz örän baý
ekeniňiz soltan, hem şonça-da garyp ekeniňiz» diýip namazlygyny
ýazardy. Namaz wagty dälem bolsa, kybla bakyp ýazan namazlygyna
geçip, özüne şol pukaramykam diýerdi. Indi oňa diňe gaýyp bolaýmak
galýardy. Emma her näçe islese-de, ol gaýyp bolup bilmeýärdi. Kä
gezekler ol ony şeýlebir islärdi welin, hakykatdanam gaýyp bolup
gitdimmikäm diýerdi. Soň bolsa munuň hyýalyndadygyna gynanjyndan
gözüne ýaş aýlap namazlykdan düşerdi. Hakyky durmuş ony ýene çekeläp
başlardy. Kakasynyň özi bilen gyzyl ýumruga girip ýörmesi, ejesiniň kä
gijeler aglap ýatmaýşy, Gülnesibe daýzanyň oňa her görende howsalaly
bakyşy, özüniň kakasyndan bahana tapyp bilse gaçyp ýörşi ertekileriň
aňynda oýarýan duýgulary bilen bir ýere sygyşmaýardy. Ol, başaryp bilse,
şu dünýesini islendik wagt terk edip, ertekiler dünýäsine gitjekdi. Emma
bar gidip bilýän ýeri Gülnesibe daýzalarydy. Öýlerine barsa, kakasy söweş
tälimlerini öwretmäge başlar. Eli taýakly, zynjyrly şol uruş oýunlaryny
Samat hemme zatdan beter ýigrenýärdi. Kakasynyň welin keýpi göterilip,
gözleri gyzaryp gidýärdi. Kakasyna duşmajak bolup nahar iýmäge-de ejesi
käýinip durmasa, gelmezdi. Ýuwaş-ýuwaşdan onuň bilen has ýowuz
daraşýan kakasy soran wagtym öýde tapyl diýip tabşyrdy.
Köşkde jeza beriljek adam tapylmadyk günleri Samat üçin iň kyn
geçýän günlerdi. Şeýle günlerde mydama öýde bolýan kakasy ony bir
ädimem ýanyndan sypdyrmaýardy. Kakasy köşkden gelip ony gözlemeli
bolaýdygy, Samat şarpyk iýmäge taýýar bolaýmalydy. Şonda-da Samadyň
Gülnesibäniň ýanyndan aýrylasy gelmezdi. Ýüzüne çalynýan şarpyklardan
ýaňa ýaňaklary dym-gyzyl gyzarar durardy. Hernäçe urulsa-da, Samada
aglamak gadagandy. Ol gahary gelse hasam wagşylaşýan kakasynyň
aýdanlaryny kemsiz etjek bolup jan edýärdi. Emma, her näçe yhlas etsede, şarpyk datmadyk güni bolmaýardy. Kakasynyň «Gündogar söweşi»
diýip atlandyrýan güzaplary tamamlanandan soň, Samat ejesindenem
utanjyna ýeke özi bir jaýa geçip owum-owum bolan aýaklaryny, ellerini
tutup aglardy.
Jorasynyň ýanyna gelen Gülnesibe-de bu wakalaryň birnäçe gezek
şaýady bolupdy. Ol Samada kömek etjek bolup, adamsy Selmandan Gara
Durmaz bilen gürleşip görmegi haýyş etdi. Emma Gara Durmazyň özi
Selmanyň ymamlyk edýän metjidine baraýmasa, bu ikisine köçedebeýlekide duşuşmak kyndy. Olar jemgyýetiň aýry-aýry gatlaklarynyň
adamlarydy. Edil deňziň düýbünde ýüzýän balyklar bilen onuň ýüzünde
ýaşaýan balyklar ýalydylar. Şonda-da Selman bir wagtky dostluklaryny
ýatlandan bolup, Samadyň ýagdaýynyň çökderdigini aňyp Gara Durmaz
bilen gürleşmek üçin onuň öýüne geldi.
Gara Durmaz ony bir wagtky kakasynyň garşylaýşy ýaly sowuk
garşylady. Ol sebäpli oglyna berýän sapaklaryny goýmaly boljakdygyna
gahary geldi. Ataly-ogul bu gün ýumruklaşmagy öwrenýärdiler. Selman
Gara Durmaza maşklaryny dowam edibermeklerini haýyş edip, özüniň
gyssanýan ýeriniň ýokdugyny aýtdy. Emma Selmany görenden «Bar gitde ýuwun» diýip, ol ogluny boşatdy. Özem ýuwnup geldi-de, göwünligöwünsiz myhmany bilen çaý içmäge oturdy. Selmanyň Gara Durmazyň
ýanyndan çaltyrak gidesi geldi. Aýalynyň haýyşy bolmadyk bolsa, ol bu
gapydan geljegem däldi. Häzirem bireýýäm turup gitjekdi. Ol özüni edil
iňňäniň üstünde oturan ýaly duýýardy. Herniçigem bolsa, sabyr edip, giň
göwrümlilik bilen soze başlady:
— Ogluňyza bu öwredýän zatlaryňyzyň peňdasy bardyr-da hernä?
Gara Durmaz içinden «Peýdasy bolanda-bolmanda saňa näme? Men
senden adamlaryň bir gulagyndan girip, beýleki gulagyndan çykyp gidýän
wagyzlaryň peýdasy bardyr-da hernä diýip soramoga. Geziber-dä tesbiňi
sana-da» diýse-de geplände, başga zat diýdi:
— Şu gün peýdasy degmese ertir deger, ertir peýdasy degmese on
asyrdan deger. Bizä bilemzogam welin, şu dünýede okalan dogaň o
dünýede peýdasy degjek bolsa, muňam birzada peýdasy deger-le.
— Gara Durmaz men seni sylaýan. Gowuja ogluňyz bar. Şoňa
dözmänem ýanyňa geläýdim…
Gara Durmaz içinden: «Aý, hawa-da, özüňde çaga bolmasa başga
biriniň çagasynyň gaýgysyny eden bolmaly-da» diýse-de:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Üç nokadyň biri - 08
  • Parts
  • Üç nokadyň biri - 01
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2135
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 02
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2175
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 03
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2117
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 04
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2089
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 05
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2109
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 06
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2063
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 07
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2092
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 08
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2052
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2113
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 10
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2095
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 11
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1936
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 12
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2024
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 13
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2016
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 14
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2086
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 15
    Total number of words is 2549
    Total number of unique words is 1600
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.