Latin

Üç nokadyň biri - 05

Total number of words is 3780
Total number of unique words is 2109
30.9 of words are in the 2000 most common words
44.1 of words are in the 5000 most common words
50.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gelende Gara Durmaza kakaň artykmaç gowy adam eken diýdi.
Maral şonda kakasyny-ejesini ýeke goýup, ýaş başyna durmuşa
çykmaga howlugan ekendigine düşündi. Ol Gara Durmazdan nägilelik
tapyp beýle pikir etmändi. Ýekelik özbaşyna düşende, sähel wagtyň içinde
ene-atasyz galan mahaly Maral özüni günäli duýdy. Göwnüne kakasy bilen
ejesi: «Seň edişiň şu bolsa, biz seň edişiňdenem beterini edäýeris» diýip,
dil düwşen ýaly boldy. Bu gyjytly pikirini Maral çalt kellesinden kowsada, ene-atasynyň ölüminde özüni günäkär ýaly duýmasyny kalbyndan
aýryp bilmedi. Indi görmegeý Gara Durmazyna gana-gana bakyp ýüregine
teselli beräýmese, Maralyň dünýede başga dert paýlaşjagy galmandy.
Gara Durmaz öýlenenden soň hasam görmegeýleşen ýaly görnýän,
syratly, döşi gapak ýaly, garyn ýerine gujurly bili guşak bilen guşalan esger
ýigitdi. Onuň diňe bili däl, pikirlerem çugdamdy. Kän geplemegi
halamazdy. Marala monjuk sowgat beren güni nädip beýle hereketleri edip,
beýle dil açanyna soň-soň özi haýran bolardy. Özüne şol gün Maralyň
görküniň dil açdyrandygyna ol boýun alykdy. Şonda Maral diňe bir dilini
däl, bagtynam açan ýaly bolupdy. Alabaharyň täsirinden goňras topragyň
keşbini üýtgedip, ýaşyl lybas geýnişiniň geňlik bolmaýyşy ýaly, bir
nätanyş gyzyň bir bakyşda ozal tanamaýan ýigidiniň ýüregini eredip gidişi
geň däl. Ol diňe ýigide, gyza geň. Mümkin ýaz gününiň ýylysy bilen ýaşyl
lybasa girişi topraga-da geňdir. Ýöne ony aýdara toprakda dil ýok, bilbiller
saýraýar diýäýmeseň.
Gara Durmaz bilbilleriň saýraýşyny öňem eşiderdi, emma oňa beýle
täsindir öýtmeýärdi. Bilbiliň kiçijik göwresine seredip: «Ol bu dünýä şeýle
üýtgeşik owazy paýlasyn diýip ýörite döredilen guşdur» diýdi. Soň bolsa
öýündäki Maraly hakynda oýlandy. Onuň sähel salymyň içinde ene-atadan
aýrylyp, ýetim galanyna gynandy. Gelni Merwdäki durmuşyny Gürgenje,
ene-atasyny bolsa özi bilen kakasyna çalşan ýaly göründi. Ol ömründe
birinji gezek özüni biriniň daýanjy diýip duýdy. Bu duýgy ony ýigitlikden
çykaryp uly adama öwren ýaly boldy. Şeýle-de öz ýaşyndan agras
görünýän Gara Durmaz özüni hasam salyhatly alyp barmaga çalyşdy.
Köşkde janpenalaryň etmesi hökman bolan maşklary oňa oglan oýunjagy
ýaly bolup başlady. Ol öz pişesini özüne kiçi görüp ugrady. Muňa
janpenalaryň arasynda ýeke-täk öýli-işikli bolmagam täsir etse edendir.
Ýöne bir gezek bir maşgy ýerine ýetirende has kösenişini görüp
ýoldaşlaryndan dili duzlusy: «Öýlenme diýdimä men saňa, şepe» diýip
çetine degmäge başlady. Gara Durmaz maşklary äsgermezçilik edýäni üçin
kösenýän diýip hasap edýärdi. Dostlary bolsa muňa başgaça düşünýärdiler
hem gülüşýärdiler.
Ahyry bir gün bu degişmelere çydaman, kakasyna köşkde başgarak iş
tapdyrmazmyka diýdi. Kakasy bar zada belet ýaly, ondan öňki işiňe näme
boldy diýibem soramady. «Azajyk gaýrat et, saňa gowy iş tapyp goýaryn»
diýdi. Ýöne atasynyň diýýän «gowy işine» geçmänkä oňa janpenalaryň
täze toparyny ýygnamak, olara ýolbaşçylyk etmek tabşyryldy. Bu bolsa
Gara Durmazyň tüýs höwes edýän zadydy. Ol şäheriň çeýeräkdir öýden,
ýaňy murty taban ýetginjeklerinden on sanysyny daşyna toplady.
Janpenalaryň baş emeldaryna olaryň kimlerdigi, kimleriň çagasydygy,
haýsy tiredendigine çenli toplan maglumatyny eltip berdi. Ýetginjekleriň
diňe birisiniň daýysyny şübheli görüp, çalşyrmalydygyny aýtdylar. Galan
dokuzysy ny bolsa maşk geçmäge çagyrybermeli edildi. O birinem
bolaýjak diýlen oglana çalşyp, Gara Durmaz ilkinji ýygnanyşygyny
geçirdi.
Bäş ýyl mundan öň, on bäş ýaşyndaka Gara Durmazam kakasynyň üsti
bilen şeýle topara düşüp, ilkinji gezek köşge çagyrylypdy. Köşge diýilsede, olara entek köşgüň giň howlusynyň bir çetinde ýerleşýän maşk
jaýyndan başga ýere bir ädimem ätmäge rugsat edilmeýärdi. Ýöne olar
geljekde gulluk borjuny ýerine ýetirmekden boşadylýardylar hem ujypsyz
bolsa-da, aýlyk haky tölenýärdi. Gara Durmaz toplan oglanlary bilen
gemirşip — türgenleşip, wagtyň nähili geçişinem duýanokdy.
Daşarda bolsa pasyllar gezekleşip, lybaslar çalşyp, durmuş aýlanyp dur.
Onuň aýlanmasy diňe bir adamlara däl, topraga-da bir ýylylyk getirýär, bir
doňaklyk. Gyş maýyl gelip ýer doňmadyk ýyllary hasyllylyk pese gaçýar.
Ýere gömlüp gizlenen mör-möjekler doňup gyrylmansoň çalt köpelýär,
bereket bolsa azalýar. Ynsanam şeýle hala geläýmesin diýip bir doňdurlyp,
bir eredilip durlan bolaýmasyn? Biziň mysal alan nokadymyzy göwresinde
götermäge başlan, boýy uzynam bolsa naşyja görünýän Maral,
hamylalygyndan ýaňaklary hal atyp, häzir hasam näzli görnüşe gelipdi.
Gürgenje ilki düşen güni ýyly mähir görüpdi. Soň ene-atasy ýogalyp
aýraçylygyň sowugyny gördi. Häzir bolsa, göwresinde janlanan
dowamatyň täsirini duýup ýylady.
4-nji bölüm
…Ölenler ýer bilen onuň aşagynda aýlanyp dur, diriler üstünde.
Mundan on asyr öňem şeýdip aýlanypdyr, kyýamatahyr
gopaýmasa, ýene on asyrdanam dünýe şeýder aýlanar durar…
Maral özünde bolup geçýän üýtgeşmäni adamsyna buşlady.
Türgenleşdirýän oglanlaryny ýatlap ýatan Gara Durmaz muňa begenjinden
dünýäni unutdy. Ol dikelip häzir hereketleri bilenmi, söz bilenmi Maralyň
has göwnünden turaýjak zady tapmak isledi. Näz edip ýatan gelnini mahir
bilen ogşady Soň oňa «Oglumyz bolar» diýdi. Soň bolsa: «Oglumyz bolsa
kakaň adyny dakarys» diýip, Maraly begendirmekçi boldy. Maral muny
ters kabul etdi. Onuň göwnüne: «Özüň seredersiň, özüň ulaldarsyň, kakaň
adyny dakaýarys» diýlen ýaly eşidildi. Birinji gezek Gara Durmazdan
göwün edip gözüne ýaş aýlady. Emma jaý garaňky bolansoň, Gara Durmaz
muny görmedem, gelniniň nämeleri göwnüne getirip ýatanyny duýmadam.
Gara Durmaz diňşirgenip ýatyşyna, ogluny häzirki taýýarlaýan
oglanlarynyň arasynda ýaly görmek isledi. Ýaňy jan giren çaganyň nähili
keşpde boljagynam aňynda aýdyňlaşdyryp bilmänsoň bu oňa başartmady.
Gelnine ýüzlenip:
— Haýsymyza gaty meňzärkä? — diýip sorady.
Bu sowal Maralyň öýkesini zym-zyýat etdi.
— Ogul bolsa saňa meňzesin, gyz bolsa maňa.
— Ýaňy ogul diýmedikmi näme?
— Samsyjak sen ony nirden bilýän?
— Bilýän diýdimmi, bilýän. Oglumyz bolar gerek? Bolýa diý.
— Bolýa. Onda senem maňa bir zada bolýa diý.
— Bolýa diýeýin, aýt.
— Oglumyz bolsa-da, gyzymyz bolsa-da, kakamyň ýa ejemiň adyny
dakmaly.
— O nämüçin?
— Ilki bolýa diý.
— Bolýa diýeýin-le welin, men-ä o bendelere hormat hem saňa gowy
bolarmyka diýdim.
— Ilkije çagamyz at dakylan bolmasyn-la. Soň dakaýarys. Men-ä
kakamyň ady dakylan çagany nätjegimem biljek däl.
— Nätmeli bor?! Emdirsiň, ulaldarsyň.
— Birden aglaýsa nätjek?
— Aglasamy…
Gara Durmaz «aglasa diňerdä» diýmekden zordan saklandy. Ol
Maralyň gaty duýguçyldygyny tanamaga ýetişipdi. Ol gelni sähel zadam
göwnüne alyberer öýdüp gorkýardy. Maral adamsynyň uzyn boýnundan
goluny geçirip:
— Gördüňmi, Garam. Kakamyň adyny daksak, ony aglatman ulaltjak
bolarys. Ilkije çagamyzda olam bize kyn düşer.
— Bor-da. Ýöne at dakylan dälleri agladyp, ugruna seretmän ulaltmaly
diýlen zadam-a ýokdur.
— Gorkma, men seň çagaňy ýele-güne dözmän ulaldaryn…
Şeýle gowy geljegi garaşýan çaga dünýä inýänçä, Marala hypbat baryny
görkezdi. Gara Durmaz göwreli aýallara kömek edýän, göbegene bolup
ýören bir tebip daýza barada eşidipdi. Ol aýala bagdatlymyşyn diýýärdiler.
Gara Durmazyň ilki saýlan on oglanyndan geçirilmän galdyrylany şol
aýalyň adamsynyň daşgynrak garyndaşy bolup çykypdy. Ymam Selman
diýilýän ol adamyň asly gürgençlimişem diýýärdiler, bagdatlymyşam
diýýärdiler. Nirelem bolsa, ymam Selmanyň bilimini inkär edip bilmän,
ýurduň müftüsi şäheriň bi çetinde, kerwensaraýa golaý bir ýerdäki metjidiň
ymamlygyny oňa ynanypdyr. Häzir Gara Durmazy metjidem, ymamam
gyzyklandyranokdy. Oňa gelnini görkezer ýaly aýal tebibi gerekdi. Soragideg edip olaryň öýüni tapmak aňsat düşmedi. Öz ýanyndan her soran
adamsy oňa: «Aýal tebipleri bilen gyzyklanyp başlapsyň-ow. Men saňa
öýlenme diýmedimmi» diýäýjek ýalydy. Hernä, soraýan adamlary beýle
wakalary başdan geçirenler bolandanmy, hiç kim oňa gülmedi. Yzyndan
gürrüňini edip gülen bolmasalar, ýüzün-ä gülmediler. Ýüzüne
gülenlerinde-de, Gara Durmaz aýal tebibini tapmagyň hatyrasyna, bir
gezek- ýarym gezek gyzarmaga kaýyldy. Ahyry ol öýi tapandan soňam
Gara Durmaz gapyň agzyna gelip kütrdürip durdy. Aýalyny yzyna
düşüripmi, öňüne salypmy, öýe nädip girende dogry boljagyny bilmedi.
Onuň ýagdaýyna düşünen Maral:
— Meň özüm bararyn. Sen çykynçam ho kölegede garaşaý — diýip,
ony agyr synagdan halas etdi oturyberdi.
Kölegede oturan ýerinden Gara Durmaz öz bolup ýörşüni göwnüne jaý
görmedi. Içinden «Bäbegimiz bolansoň dagy men öýüň ýükçi eşegine
öwrülmesemem biridir» diýdi. Maşgalaly bolup ýaşamagyň hatyrasyna
munça-munça görgülere çydamaga onuň kaýyl bolasy gelenokdy. Köşkde
jigit bolup ýören halyna, aýalyny süýrekläp ýörmegi kiçilik bilýärdi.
Göwnüne, köçeden geçip barýan adamlaram onuň bu ýerde näme üçin
gazarylyp duranyna belet ýalydylar. Aňyrrakdan gelýän bir ýetginjege
tälim berýän oglanlaryndan birimikä diýen Gara Durmaz, özüni tanatmajak
bolup, alabasga galdy. Hernä däl eken. Ol ýetginjegiň geçip gitmesi Gara
Durmazyň kalbynda dörän ile gülki, görene gürrüň bolmak howsalasyny
basmaga kömek etdi. Içinden: «Meň bilen kimiň näme isi. Işi bolaýandada näme aýyp zat edýänmi? Daşlaryndan hekgeren bolsalaram, hemme
kişiň ilki aladasy aýaly bilen çagalary. Şolar üçin olar gul bolmaga taýýar.
Asyl gul bolup ýörlerem. Barmagyňy çommalt diýseň ile. Özüni oňarmaz
welin, başga biriniň üstünden gülüp bilse armany ýokdur. Öýlenip bilmän
ýörenlere näme gerek diýsene. Öýlenip bilseler ilden öň öýlenjekdirler
welin, öýlenenleň üstünden gülen borlar»
Esli salymdan bu pikirleriň sebäpkäri Maralam çykdy.
— Gowy aýal eken.
— Özüňe näme diýdi, sen ilki şony aýtsana.
— Gorkuly zat ýok diýdi. Içiň süýşjek bolupdyr diýýär. Günaşadan
gelip içiňi daňdyryp gitmeli borsuň diýdi.
— Şeýdip günaşa gelip durmaly bormy?
— Dagy näme? Çaga geregimiz çynymyz bolsa, gelmeli borus.
— Özüň geläýmeseň, men-ä işimden sypynyp bilmen.
— Gorkýanam-la gyz meň-ä ýeke özüm gelmäge.
— Kakama ýoldaş bol diýäýeýin bolmasa.
— Ýo-geý, goýaweri. Aýyp bor-a. Gorksamam gelerin-dä, nädeýin.
Gara Durmaz bu güzapdan sypanyna begendi. «Kakama diýäýeýin»
diýse-de, onuň öz bolup ýörşünden iň gaty utanýany kakasydy. Ol hatda
gijelerine gelni bilen ýatyrka, beýleki jaýda kakasynyň ýeke özüniň sallah
ýatandygyny göz öňüne getiribem utanardy. Irden bile oturyp çaý
içselerem iýen-içeniniň nirä gidýänini bilmezdi. Kakasyndan gaçarak
oturanyny kem görmezdi. Oglunyň bu ýagdaýyna kakasy başgaça düşünip
gelnine: «Meň çaýymy ýatýan jaýyma eltäý. Gara Durmaz bilen çaýyňyzy
siz bileje içäýiň. Şeýtseňiz maňa-da gowy, özüňize-de gowy bor» diýdi.
Gara Durmaz kakasynyň beýtmesine oglum çaýyny arkaýyn içsin diýip
edendir öýtdi. Emma ýene-de kakasy o jaýda ýeke özi çaý içip otyrka,
gelinli kişisiräp Maralyň ýanynda çaý içmäge-de utandy. Ýeke özi içse oda birhili. Ýene Maralyň: «Çaýyň sowaýa» diýmesi ony gelniniň ýanyna
alyp barypdy.
Ýaş çatynjalygyň şuňa meňzeş aladalary bilen olar ýene bir ynsanyň
dynýä inmegine sebäp boldular. Maral sol günaşa gatnamaly bolan öýüne
günde barmanam kyn görmedi. Gaýta tersine, şol öýe barmadyk güni
Maral bir zadyny ýitiren ýaly bolup gezdi. Özüni Gülnesibe diýip tanadan
bagdatly tebip bilen olar ýakyn jora boldular. Mümkin, muňa Maralyňam
ýerliginiň başgadygy täsir edendir. Kim bilýär, Maral göwresinde göterip
ýören bäbeginiň hatyrasyna bu gatnaşygyň düýbüni berkden tutandyr.
Gülnesibe-de Maraly ilki gelen gününden gowy gördi. Ýogsa onuň
ýanyna kömek sorap gelýänleriň yzy üzülenok diýen ýalydy. Emma olaryň
hiç birisi Maral ýaly onuň öýüniň töründen orun alyp bilmändi. Gülnesibe
çaganyň dünýä injek günleri ýakynladygyça Marala «Gelme meň özüm
baraýyn» diýdi. Marallara bir-iki sapar bardam. Ýöne Gürgençde aýal
tebibi gaty az bolansoň ol köpe ýetmeli bolýardy. Günde diýen ýaly bir
çaga göbegenelik etmeli bolýardy. Gülnesibäniň ýetişiksiz gününi görüp
duransoň Maral «Ýöresem özüme-de gowy ýaraýar» diýerdi-de, özi
geläýerdi. Diňe soňky hepdede Gülnesibäň özi gün yrman Marallara
gatnady. Onda çaganyň dünýä inmesi kyn bolar diýen gorky bardy. Bu,
hakykatdanam, şeýle boldy. Bolsa-da, sag-aman jahan ýagtysyna gözi
awuşapmy, ýa-da şol ýagtyny görýänçä çeken horluklaryndanmy, ýa-da
adamzada düşnüksiz bolan bir sebäpdenmi hemmeler ýaly jägildäp ýene
bir ynsan dünýä geldi. Olam hemmeler ýaly bir adyň eýesi bolmalydy,
ulalmalydy, hemmeler ýaly bir käriň eýesi bolmalydy, öýlenmelidi,
hemmeler ýaly yzynda nesil galdyryp dünýeden ötmelidi. Hemmeler
ýaly… Çünki azu-kän hemmelere berilýän bir ömür oňa-da berlipdi. Olam
bu aýlanyp duran dünýäniň bir nokadydy. Bu zatlardan bihabar bäbejik
häzir özüne degişli berilmeli ilkinji zadyň — näzikligi, terligi bilen
açylmadyk gunçaka diňe Gara Durmaza bagyş edilen göwüsleriň özüne
uzadylaryna garaşyp ýatyrdy. Ol indi tä dyzyna galýança diňe şoň bilen
ýaşamalydy. Iýmitinem şondan almalydy, gurbatynam, boýunam şondan
almalydy. Özüne dakara at gözläp, arlyjaklaryny täzeläp, ýaňajyklaryndan
öpüp başagaý bolup ýörenlere ol özi üçin esasy zadyň nämedigini aglap
ýatlatmaly bolýardy.
Ertirlik çaýyny ýeke özi içmäge başlaly bäri, ýekeligini öz täleýinden
däl-de ogly bilen gelninden göresi gelip duran, dünýä inen öz
dowamatynyň atasy oňa at dakmakdanam özüni çete çekdi. Bäbejige
babasynyň adyny dakaýyň diýenem kabul edilmänsoň, hasam döşünden
itilen ýaly boldy. Emma dişler adam garradygyça azalsa-da, aňyrsyndaky
dili saklamaga has başarjaň bolýarlar. Saç-sakalyň agy köpelip başlar
çalardygyça, huşuny ýitirse-de, syryna berk bolýarlar. Onsoň ilkije ogluna
gözi düşen Gara Durmaz kakasynyň halyny hatda aňybam bilmedi.
Bäbekleriniň dünýä inmegi üçin kän aladalar edip, oňa göbegene bolan
Gülnesibäniň hormaty Gara Durmazyň öýünde hasam artdy. Maral
bäbgine näme at dakjagyny jorasy bilen maslahatlaşdy. Onuň maslahaty
bilenem bäbege Ibn As-Samat, gysgaça Samat ady berildi. Şonda
Gülnesibe jorasyna indi çagaňyzyň bolmazlygy mümkin diýip ýaňzytdy.
O wagtlar Maral bu söze känbir ähmiýetem bermedi. Onuň üçin esasy zat
ilkije ýüzi düşen çagasynyň sagdynlygydy.
Gara Durmaz ymam Selman bilenem tanyşdy. Olar bäbeklerine
ýaşuzyn bola diýmek üçin Gara Durmazlara myhman boldular. Selman
Gara Durmazy juma namazyny okamaga ymamlyk edýän metjidine
çagyrdy. Şoňa çenli Gara Durmaz juma namazlaryna köşgüň golaýyndaky
uly metjide barardy. Soň, çetiräkde bolsa-da, Selmanyň ymamlyk edýän
metjidine gatnap ugrady. Ilki baran gezeginde ol Selmanyň mylaýym sesli,
wagyz etmäge şeýle ökdeligini görüp begendi. Soňabaka Selmanyň diňe
özüne däl, töweregine-de täsir edişini görüp, bu täsirde öz paýam bar ýaly
bolup gitdi. Oňa oturan ýerinden öz doganymyka diýdi. Namazdan soň
onuň bilen gujaklaşyp salamlaşdy. Agşam naharyna öýüne çagyrdy. Ol öz
tälim berýän ýetginjeklerine-de juma namazyny ymam Selmanyň
metjidinde okamagy, onuň wagyzlaryny diňlemegi maslahat berdi.
Çakylygy kabul eden Selman şol gün agşam Gara Durmazlara geldi.
Muňa adamsyndanam beter Maral begendi. Emma Gara Durmazyň kakasy
welin onuň bilen örän sowuk salamlaşyp, öz jaýyna geçip gitdi. Näme
üçindir ol bu gezek göwnündäkini gizlejegem bolmady. Gara Durmaz öz
myhmanyna kakasynyň äsgermezçiligiň bäri ýanyndan gaýdan bu
sowuklygyny gaty görjek boldy. Emma Selman hiç zat bolmadyk ýaly,
göwnaçyk ýylgyryp oturansoň, Gara Durmazam kakasynyň bolşuny
görmezlige saldy.
Myhmanyny ugradandan soň Gara Durmazy kakasy ýanyna çagyrdy.
Ol ogly bilen uzak gürrüň edibem oturman, tälim bermek üçin ilki saýlan
oglanlaryndan yzyna gaýtarylanyň kimdigini ýatlatdy. Ol oglany
Selmanyň daşgyn garyndaşlaryndan biridigini Gara Durmaz bilýärdi.
Emma onuň Selmanyň garyndaşy bolandygy sebäpli köşge
goýberilmändigini bilmeýärdi. Kakasy sözüni jemläp:
— Aýallar gatnaşsa gatnaşsyn. Olaram daşrak dursa kem däl welin,
gatnaşyklary has çuňlaşaýdy. Emma sen onuň metjidinde-de kän görünme.
Beý diýsem ertir ýüzüňi öwrüp oturberme. Ýuwaşlyk bilen, sypaýyçylykly
daşlaş, goý, ol hiç zady aňmasyn. Bu gürrüňi aýalyňam bilmeli däldir.
Meniň aýdanlaryma düşündiň dälmi?
— Düşündim.
Gara Durmaz öz jaýyna geçip, kakasynyň aýdanlary hakynda köp
pikirlendi. Onuňky dogrudy. Eger köşkde işlemekçi bolsaň, köşgüň
halamaýan adamlary bilen gatnaşykda bolmak bolmaýardy. Selmanyň
köşgüň näme üçin halamaýandygy bolsa Gara Durmaza, hatda onuň
kakasyna-da anyklatdyrmajak syrdy. Umuman alaňda, düşnükli. Selman
ýurt üçinem, köşk üçinem şübheli adamlaryň arasyna girýän bolmaly.
Mundan aňyrsyny anyklajak bolmak gerekmi beri? Kakaň diýeni bilen
bolubermekden dogrusy ýok.
Gara Durmaz kakasynyň tabşyryşy ýaly syr bildirmezlik üçin indiki
jumada-da Selmanyň ymamlyk edýän metjidine bardy. Şelman bilen
uzakdan baş atyşyp salamlaşdy. Gara Durmaz bu gezek metjide özünden
başga kimiň gelenligine-de assyrynlyk bilen göz aýlady. Gara Durmazdan
başga-da köşkden Selmany diňlemäge gaýdýan ýedi-sekiz emeldar bar
eken. Olar Gara Durmaz bilen bu gezek mähirli salamlaşdylar. Ol bu köşk
emeldarlaryna öňki gezeklerde näme üçin gözüniň ilmändigine haýran
galdy. Dogrusy, olar köşk eşiklerini ýönekeý lybasa çalşandyklary üçin
köpçüligiň içinde känbir tanadybam barmaýardylar. Özleriniňem hersi bir
çeträkdedi. Olaryň maksatlarynyň nämedigine — ybadatlaryny berjaý
etmägemi ýa-da jansyz bolup gelenlerinem kesgitli aýdaýmak kyndy. Gara
Durmaz olar bilen baş atyp salamlaşsa-da salamlaşdy welin, şol bir wagt
Marala köçede garaşyp durandakysy ýaly, ähli tanyş gözler diňe özüne
gönükdirilen mysaly oňaýsyzlyga düşdi.
Selman bu gezek jeza hakynda wagyz etdi. Gara Durmaz Selmanyň
sözleriniň asyl manysyny aljak bolup sypdyrman diňledi. Çünki tanyş
gözler özi bilen gyzyklanýan bolsalar, hakykatda olary nämäniň
gyzyklandyrýandygyny Alla bilsin welin, Gara Durmazy Selman
gyzyklandyrýardy.
«Mähriban jemagat! Şu gün siziň bilen ynsanperwerligiň gürrüňini
etmekçi. Mysalym jeza bolar. Ýogsa ynsanperwerlik bilen jeza bir ýere
sygyşmaýan ýaly. Bir ynsany ýüz gamçy urmak bilen jezalandyrmak ýada on ýyl azatlykdan mahrum etmek nire, ynsanperwerlik nire?
Ynsanperwer adama jeza berilmez. Beriläýse-de ol jezalandyrmaga
hukuklynyň ýalňyşlygy ýa-da günäsidir. Onsoň ynsanperwerligiň gürrüňi
gidýärkä, jeza hakynda aýtmak gerekmi beri? Emma, gynansagam, jezadan
sowlup geçýän ynsan ýok bolsa gerek. Päli düzüw, kalby päk adamlaryň
özleri jeza çekmeselerem, günälini jezalandyrmaga mejbur bolýan
halatlary bolýar.
Onsoňam, jeza çäresi halkyň, ýagny biziň hemmämiziň adymyzdan
bellenilýär, kanunlaşdyrylýar. «Döwletde tertip-düzgüniň saklanmagy
üçin jeza gerek. Onuň haýsy günäkäre näçe we nähili bolmalydygyny, goý,
kazylar kesgitlesinler. Olaryň çykarjak kanuny hemmelere deňlik bolsa, «Il
bilen gelen toýda-baýram». Günä eden egni bilenem jezasyny çekmeli
bolar» diýýäris. Şeýdibem belleniljek jeza bilen ylalaşýarys, ony
makullaýarys, oňa dahylly bolýarys.
Jenaýat etmän ýaşamak aňsat däl. Emma kanuny bozup ýaşamak
ondanam kyn. Çünki jenaýat eden adamyň başy mydama howsalada,
gorkuda, gowgada bolýar. Şeýle adamda eden jenaýaty ýüzi gatan ýara
dönýär. Ol öz derdine öwrenişýär, ýuwaş-ýuwaş agyrysyny ýadyndan
çykarýar. Emma gatynyň aşagyna ýygnanan iriň ony çüýredip ugraýar.
Etini, ganyny, damarlaryny çüýreden iriň süňke ýetýär. Mundan artyk
mümkin däl. Ýöne, ýene bir zat mümkin däl, ol hem indi ýaranyň melhemi
ýok, lukmany ýok.
Ýara näme üçin iriň ýygnady? Onuň eden günäsini Allahdan başga
bilýän ýokdy ahyryn? Adamlardan diňe biri bilýärdi, olam özi. Günäniň
iriňli ýara öwrülmegi üçin adama ony ýeke özüniň bilmegem ýeterlik eken.
Indi ol adam: «Ýaramyň ýüzi gatamanka gelip jeza çäresi bilen tenimden
onuň özenini sogursaňyz, elimi çapsaňyz bolmadymy?» diýip azar çeker.
Ol indi jezany ynsanperwerlik däl diýmez. Ýogsa günä işe meşgulka
edenini ýaşyryp, jezadan gaçan hut onuň özüdi... Hernäçe gaçsa-da, adama
özünden gaçyp gutulma ýok...
Emma misli özleri ýok ýaly, eden jenaýatlary üçin özlerini
horlamaýanlar, eden günäleriniň ejirini çekmeýänlerem barmyka? Ýa olar
halkyň, jemgyýetiň bedenine düşen ýaramykalar? Özüň ýara bolsaň, ýara
saňa näme etsin?.. Megerem dowzah ody şol ýaralaryň guradylmagy üçin
döredilendir.
Bir gezek hezreti Pygamberimiziň ýanyna bir erkek, bir aýal maşgala
aýry-aýrylykda gelip: «Zyna iş etdim, jezamy ber» diýipdir. Pygamberimiz
erkek kişini iki gezek dürli bahanalar bilen yzyna gaýtarypdyr. Üçünji
gezek gelende sahabalaryna «Serhoş ýa akylyndan azaşan diwana
bolaýmasyn» diýip, ony barladypdyr. Emma ol serhoşam, diwana-da däl
eken. Pygamberimiz zyna edene Kurany Kerimde bellenilen daş bilen urup
öldürmek jezasyny nälaç buýrupdyr.
Zyna iş etdim diýip gelen aýal maşgalany bolsa, «Dokuz aýdan soň gel,
göwräňde çaga galan bolmagy mümkin» diýip ugradypdyr.
Hakykatdanam, aýalyň dokuz aýdan çagasy dünýä inipdir. Aýal ýene
pygamberimiziň ýanyna gelip jezasyny sorapdyr. Şondan soň ol hem daş
bilen urlup öldürilmeli edilipdir. Aýaly jezalandyrýarkalar, daş zyňanlaryň
biri hapa sögünipdir. Pygamberimiziň muňa gahary gelip: «Häzir şol
aýalyň tobasyny şu ýeriň ähli ilatyna paýlasaň, hemmesiniň dowzahdan
halas bolmaklary üçin ýeterdi» diýen manydaky sözleri aýdypdyr.
Erkek kişi jezalandyrmaga duranlarynda gaçmakçy bolupdyr. Emma
yzyndan zyňylan düýäň süňki kellesine degip, ony ýykypdyr. Muny gören
Pygamberimiz: «Gaçyp gutulan bolsa bolmaýarmy»diýen manydaky
sözleri aýdyp, bolan waka gynanypdyr...
Şu ýerde esasy zada ünsüňizi çekmek isleýärin, Pygamberimiz nämä,
näme üçin gynandyka? Bu sowala her kim özüçe jogap berip biler. Meniň
pikirimçe, ol biçäreler jemgyýetiň ahlagyna düşen iriňli ýara öwrülmän, şu
dünýede jezalaryny çekmäge boýun bolup gelen ynsanlardylar. Töweregini
çüýredýän iriňe öwrülmänkäler öz jezalaryny almaga olar müňdebir
kaýyldylar. Şol kaýyllyk olaryň ahlagyny tämizläpdi. Beýle tämizlige
bolsa aňsat-aňsat ýetilmeýär. Onuň gymmaty bütin ömrüne ymmatynyň
dowzahdan halas bolmagyny diläp gezen Muhammet Pygamberimiz
sallualeýhi wesselleme has aýandyr.
Gadyrdan musulman doganlarym! Biziň her birimiz Allahyň ryzasyny
gazanmagyň aladasy bilen ýaşamalydyrys. Pygamberimiziň ýanyna gelen
biçäreleriň düşen güni ýaly güne düşmekden biziň her birimizi
Allatagalanyň Özi gorasyn. Şeýtanyň päline gidip şeýle güne düşäýsegem
jemgyýetiň ahlagyna düşen iriňli ýara öwrülmänkäk, bizden çykýan iriň
sebäpli töweregimiz, goňşy-golamlarymyz, bala-çagalarymyz çüýremänkä
jezalaryny almaga müňdebir kaýyl bolup gelen ynsanlardan bolalyň. Biziň
çekjek jezamyza, goý, pygamberimiz gynansyn.»
Wagyzdan soň ymam juma namazyny hutbasyny aýdyp okatdyrdy.
Gara Durmaz hiç bir şübheli zat görmese-de, Selmanyň iriň, töweregiňi
iriňletmezlik hakynda aýdanlary başga ýerlerde eşidilýän gürrüňlere känbir
meňzemeýärdi. Gara Durmaz kakasynyň diýşi ýaly, şol gezekden soň
ymam Selmanyň metjidine barmasyny goýdy. Emma başga günleriň
birinde ikindi namazy mahaly, metjitde adamyň iň az wagtydyr diýip,
Selman bilen «sypaýyçylykly salama» baryp gaýtdy. Şondan soň bolsa,
ymam Selman bilen gatnaşygyny doly kesdi.
Ymam Selmanam oň niýetini biri öňünden habar beren ýaly, hasam
sypaýyçylykly arany açdy oturyberdi. Edil beýle bolaýar öýtmedik Gara
Durmaz ymam Selmany görmänine bassyr on gün geçensoň, bir synasy
ýolnan ýaly bolup gitdi. Ol her gezekki azanda, juma namazlarynda ymam
Selmany bolmanda bir görsedim diýen islegiň gitdigiçe özünde
güýjeýändigini, emma şol islegini kanagatlandyraýsa onuň aňyrsynda
ýatan kakasyna duýdurman ymam bilen gizlin gatnaşyga geçmek pikirine
hem eýeräýmeginiň mümkindigini duýdy. Hasam şol niýeti-päli düşnüksiz
adamlardan onuň ymam Selmany gorasy gelýärdi. Bir tarapdan bolsa
köşkden kowulmak, şeýdibem diňe bir özüne däl kakasyna-da zyýan
ýetirmek howpundanam gorkýardy. Özüniňem, oglunyňam köşge giripçykmagy, güzeran aladasyny etmän, hernäme-de bolsa, tapawutlyrak
ýaşamak üçin kakasynyň ömür ýolunda gaty köp kynçylyklara döz gelmeli
bolandygyny Gara Durmaz doly bilmese-de, çalarak bilýärdi. Bir zat welin,
eger köşge girmesiz ediläýseler bu masgaraçylyga çydap bilmän
kakasynyň ölüp gitjegi aýandy. Gara Durmaz dostlugyň hatyrasyna
töwekgelçilik edip, beýle howpy üstüne almakdan çekindi. Näçe kyn
düşse-de, ymamy unutmagy, aňyndan öçürmegi ýüregine düwdi.Bir gezek
Maral ondan:
— Selmany köpden bäri myhmançylyga çagyraňok-la? Ýa Samat
janam alyp özümiz gidäýeli — diýip sorady.
— Aý bor-la, şol ymamsyzam günümiz geçer-le. Gidesiň gelse, özüň
gidäý.
Maral bu jogaby halamasa-da, adamsynyň ýüzüne gelip hiç zat diýmedi.
Erkek kişileriň öz dünýäsi bar. Oňa aýallaryň känbir goşulybermesi bu
milletiň däbinde halanmaýardy. Gara Durmazyň çagasyna bolan yhlasyny,
aýalynyň hiç zatdan kösenmezligi üçin edýän aladalaryny göreňde ondan
göwün eder ýalam däldi. Ol işden sypyndygy öýüne gelip beýleki erkek
kişileriň etmeýän zadyny — ogluny gujagyna alyp, howlularynda aýlanar
ýörerdi. Bir gezek şeýdip ýörkä oňa kakasy gabat geldi. Köşge diýip ýaňy
çykyp gidensoň, ol kakasy beýle çalt yzyna dolanar öýtmändi. Kakasynyň
gelenini görüp, ogrulykda tutulan ýaly utandy. Kakasam geplemän içini
ýakyp ýörşüni edip, oňa zadam diýmedi. Göwnüýetmezçilik bilen
gülümsiredi-de, öz otagyna girip gitdi. Maralam ylgap gelip, Samady
kakasynyň gujagyndan aldy. Ýöne eýýäm giçdi. Gara Durmaz gaharly:
— Göteremde näme boljakmyş-aý? Götersem öz oglumy göterýän —
diýip, Samady Maraldan ýene yzyna aljagam boldy. Emma Maral bermedi.
Bermänem gowy boldy. Gara Durmazyň kakasy bir zatlar almaga gelen
bolmaga çemeli, öýden ýene yzyna çykyp köşge tarap ugrady. Ýüzugra ol
oglundan:
— Näme sen bu gün boşmy? — diýip sorady.
— Ýok, häzir menem çykjak.
Gara Durmazyň jogaby kakasyny gyzyklandyrybam baranokdy. Onuň
soragy «bar köşge ugra» diýdigidi. Gara Durmaza bolsa öýi köşkdi. Maral
bilen olarbu gün Samadyň galpajygyny syrmakçydylar. Samat ejesiniň
gujagynda oturşyna kakasynyň kellesinden syrýan saçlaryna haýran bolup
bakýardy. Olary elläp görýärdi. Etegine dökülýän galpaklar köpeldigiçe,
Samadyň ynjalygy gaçyp ugrady. Ol kakasynyň kellesini gijiletmesini
goýaryny isleýärdi. Onuň daşaryk gidesi geldi. Emma ulular onuň islegine
bakman, öz etjeklerini edip otyrdylar. Ahyry Samat aglamaga durdy.
Kakasy onuň kellesine ýene-de suw akytdy. Goýberilermikäm öýden
Samadyň muňa hasam gahary geldi. Has gaty aglamaga başlady. Ejesi bir
ýerden owadan ala monjuk getirdi. Samat oňa güýmenjek ýaly edende ýene
galpagyny syrmaga durdular. Samady indi kellesinden gaçýan saçlary
gyzyklandyrmaýardy. Ol eline berlen monjugam zyňyp goýberdi. Hernä şu
ýerde kakasy ony öz gününe goýup aýryldy. Ejesi onuň kellesini
süpürişdirip, ýene bir ýuwdy. Soň bolsa oňa täzeje köýnek geýdirdi.
— Gara, bul-a edil sen bolaýdy. Gaşjagazlaryny çytan bolşuny?
— Öýkeleklig-ä saňa çekipdir.
— Men näme, öýkelekmi? Özüň öýkelek.
— Monjugyňam-a ol bir ýerik zyňdy.
— Samsyjak diýsänim, meň monjugymy nämä zyňýaň?
Samat zyňan ýerinden monjugy aldy-da, ony oýnamaga oturdy. Maral
bir ak, bir gara sapakdan alaja ýşdi. Soň bolsa Samadyň elindäki monjugy
alyp, ony üzdi. Hernäçe seresaply boljagam bolsa, üzülen monjuk pytrap
gitdi. Maral olaryň biri ýitäýse uly baýlygy ýitjek ýaly, gyssanyp
monjuklary çöpledi. Onuň hereketlerini synlap çaý içip oturan Gara
Durmazam Maralyň monjuklary üzmesini halamady.
— Näme etjek bolýäň?
— Ogluma göz degmez ýaly alaja dakjak .
Maral derrew işen alajasyny monjuklaryň birinden geçirdi-de, uçlaryny
düwüp Samadyň boýnuna dakdy. Samatjyk muňa begenip, boýnuna
dakylan monjugy kakasyna görkezmäge ylgady. Kakasy kaka bolmagyň
lezzetinden ganyp bilmän, ogluny gujaklady. Maral olara golaý barman
durup bilmedi. Oglunyň ýaňyja syrylan akja kellesinden tutup:
— Seretsene, edil seň kelläň-dä —diýdi. Onuňam begenji
oglunyňkydan peslär ýaly däldi.
Indi çagaňyz bolmaz diýende, Gülnesibe ýalňyşman eken. Bir aýagy
köşkde, sypynsa-da öýüne gelip gujagyna alýan kakasynyň, mähri bilen
çoýup, söýgüsi bilen ýylydýan ejesiniň ýeke dikrary bolan Samat alty
ýaşady. Maral oglunyň ne oglan, ne gyz jigisiz ýeke ulaljagyna
gynanjyndan Gülnesibäniň ýanyna gatnap: «Heý, munuň çäresi
bolmazmy?» diýip kän özelendi. Gülnesibe: «Bu zatlar Allahyň elindedir.
Samat jan dünýä inende ýatga erbet zyýan düşdi. Men elimde baryny
etdim, Maral jan. Bilip bolmaz, ýaşyňyzyň soňunda, ýa-da ýene on-on iki
ýyldan perzende ýüzüňiz düşmegem mümkin. Allahym ugruna etsin.
Allaha ýalbar, Allahdan diläli, belki dileglerimiz kabul bolaýady-da. Maral
jan, meňem ilkije çagam şeýdip kynlyk bilen dünýä indi. Ojagazyň bir
kemjagazam bar eken. Uzak ýaşamanam jennetiň guşuna öwrüldi. Şondan
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Üç nokadyň biri - 06
  • Parts
  • Üç nokadyň biri - 01
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2135
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 02
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2175
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 03
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2117
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 04
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2089
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 05
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2109
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 06
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2063
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 07
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2092
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 08
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2052
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2113
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 10
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2095
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 11
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1936
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 12
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2024
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 13
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2016
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 14
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2086
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 15
    Total number of words is 2549
    Total number of unique words is 1600
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.