Latin

Üç nokadyň biri - 04

Total number of words is 3820
Total number of unique words is 2089
32.0 of words are in the 2000 most common words
44.9 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
arassa akyly ynjalmaýan ýüregini hiç köşeşdirip bilmeýärdi.
Ýene-de köp derdiň dermany wagt bolup çykýar. Wagtyň geçmegi bilen
Folomeýem köşeşdi. Ol köp ýurtlary, köp şäherleri gezip, baran ýerinde
talabançylygam, hammalçylygam etdi. Çekmäge kesekiň ýüküni tapyp
bilse armany bolmady. Erbet düýş görmesem ýuwaş-ýuwaş galyşdy. Oňa
indi bir wagtlar özünden göwnühoş gezen adam diýer ýaly däldi.
Gaşlarynyň arasy ýakynlap, egri burny hasam ulalan ýalydy. Seçelenip
duran gara saçlary derrew çalardy. Eginleri gysylyp, boýny içine giden
ýaly boldy. Diňe iri süňkbaşy onuň şol öňki Folomeýdigini ýatladýardy.
Öňküsi ýaly dünýäni sallançak duýup ýaşamasa-da, kawagt-käwagt
Folomeýde özüni oňaryp ýaşamaga bolan höwesi oýnardy. Bir ýurtda ol
bir daýhan gyzyna tas öýlenipdem. Ýene-de bir bahana tapyp öýlenmändi.
Ol indi deňziň ýumşak şemalyndanam jana ýakymly mylaýym aýala
duşmaryn öýdýärdi. Beýle bagta köpler ömrülla ýetip bilmän ýörkä, iki
gezek bagtym çüwer ýaly men kimmişim diýerdi. Iň esasysy bolsa, öýlenip
bir obada çöküp galmak onuň üçin oglundan tamasyny üzdügi boljakdy.
Ol-a bir öý eken, Folomeý şol tamasyny tutuş dünýä bilenem çalyşjak
däldi. Oglunyň diridigine bolan ynamy onuň beýnisiniňem, ýüreginiňem
iň gizlin öýjüklerinde ýitmän saklanyp durdy.
Ak deňziň ýumşak çägesöw kenarynda arkan ýatyrka onyň ýalaňaç
garnyny çäge bilen örten bolýan oguljygy birden-birden ýanynda ýaly göz
öňünde janlanyberýärdi. Birdenem, oglunyň enesiniň gujagynda emip
ýatan ýerinden gözjagazynyň gytagyny aýlaýan bäbekligi göz öňüne gelip,
görüp duran zatlarynyň ýerini tutýardy. Ybadathana girip Folomeý eli
şemli çokunýan wagtlary diwara çekilen şekilleri ogluny göz öňüne getirşi
deý janly, ýanynda ýaly göresi gelerdi. Emma bar yhlasy puç bolup, ol
muny başaryp bilmezdi. Olardan oglumy tapyp beriň diýip edýän
haýyşynyň bitmeýäninem şondan görerdi. Soňa-baka ol ybadathanadaky
şekilleriň arasynda aýaly bilen ogluny görmäge başlady. Bu ony gorkuzdy,
oglum öläýdimikä diýdirdi. Şondan soň ol ybadathana barmasyny kesdi.
Ýöne ol beýdeni bilen halas bolup bilmedi. Aýaly bilen oglunyň şekillerini
perişdeleriň arasynda görmegi üçin beýik ybadathanalaryň depesindäki
haçyna gözüniň düşmegi, ybadathanalarda kakylýan jaňlaryň sesini
eşitmegi ýeterlikdi. Ogluny perişdeleriň arasynda görmegi göze ýakymly
bolsa-da, Folomeý ony çürt-kesik islemeýärdi. «Oglumy perişdeler ýanyna
alypdyr» diýmek, onuň üçin oglunyň küle öwrülýänçä ýanyp gidenini
boýun almakdy.
Folomeý uly ybadathanaly şäherlerden gaçmaga başlady.
Ybadathanasyz kiçijik obalarda-da güzeran kyndy. Gaça-gaça ol
musulmanlaryň ýurduna aralaşdy. Kerwende barýanlara kömekleşip,
kerwensaraýlarda ýatyp-turup musulmanlar bilenem öwrenişdi, arap
dilinde pattyk-suttuk düşünişip başlady. Biraz güni kynragam bolsa,
ybadathanalardaky şekilleriň arasynda ogluny görmekden gutuldy.
Soň Bagdatda Samada sataşdy. Samada gözi düşenden onuň süňňi
gowşap gitdi. Tas egnindäki ýüküni gaçyrypdy. Özüne näme bolanyna
welin düşünip bilmedi. Samady ozal gören ýüzlerine meňzetjek boldy.
Emma ony birinji sapar görýärdi. Oglanyň ýaňagyndaky ýaranyň yzy
ünsüni çekendir öýtdi. Emma ol beýle däl eken. Folomeý şol gije ýene düýş
gördi. Düýşünde ogly gözüniň alnynda ulalyp Samada öwrülýärdi-de:
— Näme, tanamadyňmy, men seniň ogluň ahyryn — diýip, gözünden
gaýyp bolýardy.
Gören düýşüne haýran bolan Folomeý göz astyndan Samady synlap
başlady. Ondan ýaşyny sorap hasaplap görse, oglunyňky bilen deň gelýär.
Folomeý oglunyň bir ýerinde haly, täji ýa-da meňi bar bolsa ýadyna saljak
boldy. Emma başarmady. Gaýta, ogluny göz öňüne getirjek boldugyça, ol
Samada meňzäp barýardy. Onuň ýaňagyndaky, ellerindäki ýaraň yzlary
Folomeýiň ynamyny artdyrýardy. Ol Samatdan ýaraň yzlaryny görkezip:
«Bular näme?» diýip sorap gördi. Samadyň: «Kiçijikkäm it ýardy» diýip
beren jogabyna ol ynanmady. Diňe Samadyň grekçe bilmeýänligi ony biraz
üýşendirdi.
— Ol ýaňy dil çykarypdy ahyryn, kim bilýär ene dilini unudandyr?
Şeýle bolaýanda-da, bärlerik ol nädip düşüp biler? Men nädip düşdüm?
Ykbalda nämeler bolmaýar — diýip, Folomeý öz-özüni ynandyryp
barýardy.
Ol musulmanlaryň ýurduna düşmeginem Hudaýyň ogluny tapjak ýerine
eltmesi diýip düşündi. Hasam Samadyň öz ene-atasy barada hiç zat
bilmeýändigi ony begendirip, ýüregindäki heýjanlar ony däldiredip
barýardy. Ol Samady saklap «oglum, oglum» diýäge-de, gujaklap bagryna
basmaga hyýallandy. Emma bir güýç onuň döşünden iten ýaly, sakga
durdy. Samadyň bakyşyndan perzentlik duýgusynyň sähelçejik ýylysynam
duýup bilmedi. Gaýta tersine, ondan sowuklyk urýardy. Bir-iki sapar oňa
ýagşylyk edende Samadyň garaýşy üýtgän ýalam boldy. Arman, onuň
ýoldaşynyň haýýarlygy, daşyna märeke üýşürmegi Folomeýiň badyny
aldy. Arapçany oňat bilende ol şol gezek Samadyň öz ogludygyny
hemmelere äşgär etjekdi. Onam başarmansoň gaharyna ýumrugyny düwüp
ol ýerden daşlaşypdy.
Samadyň bil agyrysy gutulansoň onuň bilen çola ýerde düşünişmegi
ýüregine düwen Folomeýiň derrew gahary ýatyşdy. Ol agyr ýüki egnine
alansoň, ýüzüni ýerden galdyryp bilmän barşyna, içinden Samat bilen
gürleşýärdi. Olar bir-birini tanap gujaklaşýardylar. Soň Samadyň özi
gürrüň berip oturan ýaly, onuň Bagdada düşüşiniň gyzykly wakalaryny
özüçe düzerdi. Özüniňem nähili horluklar görüp ony gözländigini Samat
ýanynda ýaly oňa gürrüň bererdi. Ol indi Samat däl-de Mesaýdy. Ol hatda
oglunyň Mesaý adynyň Sam bolşunam öz ýanyndan delile getirip bilýärdi.
Onuň mydam ýany ýoldaşly ýalydy. Onda-da nähili ýoldaş — şunça ýyl
aýralyk çekip didaryna zar bolan ogly!
Folomeý ýolda ugurdaş barýan, ýeňsesini gören ýetginjeklerine-de
Samatdyr öýdüp birnäçe gezek aldandy. Samadyň biliniň gutulanyny ol
bilýärdi. Ony ýanynda ýoldaşy ýokka, çola ýerde saklap gürleşmäge welin
Folomeý ýaýdanjaňlyk edýärdi. Köplenjem, ol ýeke gezip ýören Samada
egni ýüklükä gabat gelerdi, ýüksüzkä-de Samat ýeke däldi.
Birdenem ol aňynda ýanyndan aýrylmaýan Samada hakykatda
sataşman başlady. Şol galmagaldan soň biri-birini itden beter ýigrenýän
Samadyň ýoldaşyndanam ony sorap biljek däldi. Onuň ýanda-da başga bir
oglanyň bolup ýörenini görüp, Folomeý hasam aljyrady. Ol Samady ýörite
gözlemäge başlady. Beýleki hammallaryňam Samat hakynda berýän
gürrüňlerine ynanar ýaly däldi. Ony biri ogullyga alanmyşmy,
şypahanadamyşmy? Emma hany şol şypahana diýip sorasa-da, hiç kim
aýdyp bilenokdy. Samat bilen kitap düşürşen ýoldaşy oňa şypahanany
görkezip biljekdi. Ýöne olam şol galmagalyň şaýady bolansoň, Samada
gowusyny etjek bolup Folomeýe hiç zat aýtmady.
Şol bir wagtky oguljygy ýaly Samadyňam onuň gözünden dirije uçup
gitmegi Folomeýe agyr degdi. Ol edil tutaýmaly bolan bagtyny elinden
aldyran ýaly boldy…
Bu wakalary Folomeý Ibn Kahhara gürrüň berýän mahaly Samadyň öz
ogly bolup biljekdigini tassyklatmaga çalyşýardy. Samada baglan umydy
onuň üçin derdinden sagalmakdanam wajyp görünýärdi. Emma Folomeý
bu barada Samadyň ýanynda dil ýarmazlygy haýyş etdi.
— Eger sizden sagalyp çykyp bilsem, Samat bilen özüm gürleşerin.
Eger o diýenim bolmasa, Sam kakam öldi diýip gynanmaly bolmasyn.
Ýöne ýekeje haýyşym, ony meň ýanymda köpräk bolar ýaly et hem birden
öläýsem soňky demimde ony görüp öleýin…
Bu agyr söhbetden soň näsaga göwünlik berip Ibn Kahhar ony
rahatlandyrmaga çalyşdy. Samadyň onuň ogly bolup biljekdiginem birnäçe
gezek tassyklady. Ibn Kahhar adamyň näme-de bolsa ýüreginden arzuw
eden zadynyň hasyl bolmagynyň derdini ýeňledýändigini, hatda ölüm
howply kesellerdenem açylyp gitmegine sebäp bolýandygyny kän görüpdi.
Şonuň üçin Samadyň ogly bolup çykmagynyň Folomeýi halas edip
biljekdigine Ibn Kahhar begendi. Ýöne onuň bu zatlary «Sam bilmesin»
diýenine garşy bolup bilmedi.
Ibn Kahhar köp oýlanyp, dogrudanam, bu barada Samada häzir aýtmak
ir diýen netijä geldi. Ol öz ýanyndan: «Folomeý biraz gowulaşandan soň
Sama tanadylsa netijeli bolar. Ýogsa gury Samyň ýüregini ýaralanym
galar» diýdi. Emma belli bir karara-da gelip bilmedi. «Sam kakasynyň
kimdigini ol dünýeden ötenden soň bilenden, goý, soňy nähili gutarsa-da,
dirikä bileni gowy bolmazmy? Näme wagtynda aýtmadyňyz diýse näme
jogap bererin?»
Ibn Kahhar gysanmaç bu syryň anygyna etmegiň alajyny gözläp
başlady. Emma ugur tapmady. Folomeýiň ýagdaýy gowulaşyp ugraryna
indi ol garaşmakçy däldi. Samady ýanyna çagyrdy. Ondan gaty çynyna
tutup ene-atasy barada sorady. Samat ýüzüni aşak salyp «bilemokdan»
başga jogap bermedi. Synçy Ibn Kahhar Samadyň boýnundaky alaçany,
alaça dakylan monjugy öz eli bilen köýnegiň daşyna çykardy-da:
— Muny kim dakdy? — diýip sorady.
Samat jogap bermedi.
— Oglunyň boýnundan bular ýaly zady diňe ejeler dakyp bilýär. Sen
aýtmaly bolarsyň. Sen bolmanda ejeňi gören bolmaly. Aýtmasaň meni
sylamadygyň hasaplaryn.
— Men hökman biriniň ogly bolaýmalymy? Meň ejemiň, kakamyň
kimdigi nämä gerek? Olar maňa gerek däl bolsa siz olary näme etjek? Meň
kakam ýok diýdim-ä. Men ejesiz. Atam, ýa siz meň atamyňam bolmanyny
isleýäňizmi? Bu monjugam… bu monjugam…
Tüýsi üýtgän Samat boýnundaky monjugy kellesinden çykarjak boldy.
Emma geçmänsoň onuň ýüpüni üzmäge dyrjaşdy. Ibn Kahhar onuň eline
ýapyşdy. Samat saňňyldap durdy.
— Hany rahatlan, oglum. Bolýar aýtmasaň aýtma. Ýöne mojugyňa
degme. Hany dursana oglum.
Ibn Kahhar Samady güýç bilen özüne çekip, gujaklap saklady.
Agalaýan Samat:
— Atam, gerek däl şolar. Menem olara gerek däl. Alla jan adamlary
ene-atasyz ýaradan bolsa bolmazmydy?
— Beýle sözleri diýme oglum. Köşeş, sen meň akylly oglum ahyryn.
Al, suw iç. Şu wagt ters zatlary aýdyp durşuň ýaly, eneň-ataňa gezek
gelende-de ýalňyşýan bolaýma? Gowusy, men saňa Folomeý daýyň
hakynda aýdyp bereýin. Ol saňa öz ogludyr öýdüp ýör.
Atalygynyň mylaýymlygyndan ýuwaş-ýuwaş ýüregi giňän Samat
Folomeý daýyň başdan geçirenlerini haýran bolup diňledi. Emma bu
wakanyň soňunyň özi bilen gutarýanyna welin, onuň ýüzi üýtgedi. Ibn
Kahhar oňa özüçe düşünip:
— Kakaňy gutulansoň bärik işe alarys. Mendenem aýrylyşmarsyň,
güzeranyňyzam gowulanar — diýdi.
Samat:
— Ol meň kakam däl. Meň kakam… meň kakam köşkde. Jellat bolup
işleýä… Kakam ulalamda menem jellat etjek bolýan eken. Atamam jellat
bolupdyr. Kakama-da kärini ol öwredipmiş. Kakamyň niýetini maňa ejem
aýtdy. Biz Gürgençde ýaşaýardyk. Ejemiň Gülnesibe diýip Bagdatly jorasy
bardy. Men olarda arapçany öwrendim. Bir günem men Bagdada barýan
kerwene goşulyp, öýmüzden gaçdym. Enem-atamyň kimdigi hakynda hiç
kime gürrüň bermezlige elime Kuran alyp öz öňümde ant içdim…Menden
mundan artyk zat soramaň, atam — diýip, gürrüň beren Samat ýaşdan doly
gözlerini ýerden galdyrmady.
Ibn Kahhar oňa göwünlik berip:
— Bir gezeklikçe Allah bagyşlar. Antyňy men bozdurdym. Goý, günäsi
maňa bolsun. Allah keremlidir. Ol öz bendelerini bagyşlaýandyr, olara
kömek edýändir. Häzir sen git-de dynjyňy al. Soň gürleşäýeli — diýdi.
Samat atalygynyň ýanyndan gidip bilmedi.
— Bolýar onda, gel Folomeý daýyňa derman taýýarlaly.
— Atam, men ejemem, kakamam ýok hasabynda görýän… Meň
gaçanym üçin kakam ejemi öldüren bolmagam mümkin…
— Sen aglama oglum, sorag-ideg bilen baryny bileris.
Ibn Kahhar Samady ýuwaş-ýuwaş köşeşdirdi.
— Ata Folomeý daýy musulman däldir ahyryn, men oňa nädip ogul
bolaýyn? Folomeý daýy gutuljak bolsa…
— Ýok oglum, ýalan sözlesek bolmaz. Sam, men seň akylyňa ynanýan.
Sen häzir Folomeýe ogul bolmaga taýýar bolup dursuň. Öz eneň-ataňdan
bolsa ýüz öwürýäň. Olaram seni edil Folomeýiň öz ogluny gözleýşi ýaly
gözläp ýören bolsalar bildiňmi? Bar, oglum, sen bu zatlar barada gowuja
oýlan. Soň ikimiz belli bir netijä geleli.
Ibn Kahhar tebip bolansoň adamlary hristianlara, jöhütlere ýa-da
butparazlara känbir bölüp ýörmeýärdi. Onuň göwnüne hemmeleriň
ynanýan Allasy bir ýalydy. Samat özüniň musulmandygyny aýdanda, onuň
sünnete ýatyrylandygy güpbe ýadyna düşdi. Ibn Kahhar Samadyň
ýüreginiň düşüşendigine gowy göz ýetirip, tabşyryk bermäge durdy. Ol
tabşyryklary bermände-de Samat Folomeýi kakasy ýaly görüp hyzmat
etmäge taýýardy. Üstesine, ondan grekçänem öwrenýärdi.
Folomeý gutulyşýan ýalam etdi. Böwregi gowulanyp, ýüzüniň çişleri
gaýdyşdy. Emma Ibn Kahhar onuň ýüregindäki kemden gorkýardy.
Ahyrynda-da, Samat bilen näçe yhlas etselerem, olara Folomeýi agyr
derdinden halas etmek başartmady…
Ýogalmazyna bir hepde çemesi galanda o bendäň ýanyna Ibn Kahhar
bir haýyş bilen bardy. Emma haýyşyny aýtmazyndan öň, şypahanany
açyşy hakynda uzyn gürrüň berdi. Onuň welin Samat hakynda eşidesi
gelýärdi. Samadyň bärde işde galmagyna sebäp bolan halallygy hakyndaky
gürrüňi bolsa, bäş-alty gezek gaýtalatdyryp-gaýtalatdyryp diňläpdi. Ol şo
wakany Ibn Kahhara ýene bir gezek aýtdyrdy. Ibn Kahhar wagtynyň
gadyryny gaty bilýän adamam bolsa, Folomeýiň göwnüni ýykmady. Çünki
onuň häzirki etmekçi bolýan haýyşy örän çökderdi. Ol Folomeýden birden
ýogalaýan ýagdaýynda jesedini kesmäge rugsat aljak bolýardy. Hernäçe
kynam bolsa, beýleki adamlaryň derdini bilmek, keselleri bejermek üçin
zerur bolansoň, ol özüne zor salyp haýyşyny aýtdy.
Folomeý:
— Dirikäm meni pelek dogram-dogram dogrady, ol az boldumy?
Ölemsoňam sen kesjekmi?.. — diýdi-de, beýlesine öwrülip ýatyberdi.
Ibn Kahhar ýüzüne urlan ýaly bolup ýerinden turdy. Otagdan
çykyberende Folomeý ony çagyrýan şekilde yşarat etdi. Folomeý bir wagt
obasynda «ýeke öýli» adyny alşyny ýatlady. Ol muny şol gyşyň
betbagtçylygy başyna inen gününden soň gaty kän ýatlapdy. Şol ýangyn
sebäpli goňşularyna müňkürlik etmekden geçen, özüniň ýeköýli bolup
gezeni üçin olary razy etjek bolýardy. Öň başgaň ýumşuny kyn gören
Folomeý, indi käbir zatlary aýdylmasa-da ederdi. Hatda hammalçylyk edip
ýören wagtlaram iň arzan hem iň güýçli hammal oldy. Diňe iýjegine
ýetirinip bilse, başga zadyň aladasyny etmeýän Folomeý hammal tutmaga
puly ýetmedik gartaşan adamlaryň ýüküni mugtuna, taňryýalkasyn alybam
göterşer ýörerdi. Häzirem ol kesirlik, men-menlik edýän bolaýmaýyn
diýip, Ibn Kahhary saklapdy. Ölmezinden öň iň soňky haýyş bilen ýüz
tutan, üstesine-de mugtuna derdini bejermäge şunça zähmetini sarp eden
adamyň haýyşyny bitirmän goýbermäge onuň bogny ysmady. Eger ol Ibn
Kahhary yzyna dolamadyk bolsa, bu eden işi şeýle dözümsizlige ýeten
Folomeýi ajaldanam beter horlap bilerdi.
Yzyna dönen Ibn Kahhar ýene oňa golaý oturdy.
— Menden sorap oturman, ölemsoň etjegiňi edibereňde bolmadymy?
Ýa, direlip ýakaňdan ýapyşaýar öýtdüňmi?
— Beden seniňki Folomeý, senden birugsat men ony kesip bilmen.
— Tenden janym çykansoň o bir boş haltadyr-da. Halta-da bir zada
ýaraýar, jesediň ýarajak zadam ýok.
— Sen gaty gowy aýtdyň. Boş halta zada ýaraýarka şunça ýyllap iň
gymmatly zady — janymyzy, ruhumyzy göterip gezen jeset hiç zada
ýaramaýan zada öwrülermi?
— Beýle bolsa sen ony neneň kesjek?
— Men şonuň üçin eýesinden rugsat soraýan. Onsoňam men öňküsi
ýaly tikerin. Iň soňunda-da bu etmişim üçin Allahdan günämi geçmegini
soraryn. Hem bu işiň başga bir bendäň janyny halas etmäge peýdasynyň
degjekdigine ynanýan.
— Sen maňa aýt, siziň diniňizde men o dünýä tenim ýaraly barsam
günäkär görünerinmi?
— Men ony aýdyp biljek däl. Ýöne öz bilşimçe o dünýä biziň ruhumyz
barar.
— Onda men nätseňem razy… Ýöne Sam muny bilsin…
— Eger meniň bilşim ýalňyş bolsa, şonda näme?
— Şonda-da razy…
Ibn Kahhar Folomeýiň ýanyndan çykyp, ondan alan razyçylygyna
begenjni özünde öçürip bilmeýändiginden gözüne ýaş aýlandy. Şeýle käre
özüni bagyş edendigine ilkinji gezek gynandy.
Faruh oýandy. Ol tirsegine direnip dikeldem. Muny görüp As-Samat
gürrüňini tapba kesdi-de, Faruhyň ýanyna bardy. Şemsem onuň
alkymyndady. As-Samat Faruhyň arkasyna ýassyk goýdy. As-Samat oňa
açöze içirerin diýip taýýarlan dermanyny berdi. Günorta ýakyn Faruhyň
ýagdaýy has gowulaşdy. Ýolçulygy dowam etdirmegi onuň özi teklip etdi.
Mümkin boldugyça çaltyrak ýola düşmäge olary ýanlaryndaky azyksuwluklarynyň çäkliligem mejbur edýardi. Şemsi dosty rahat ýaplanyp
gider ýaly, horjunlardan ýürek ýasady. Faruhy oňa mündürdiler. As-Samat
oňa agyrylaryňy ýeňledýän hem uka gidirýän dermanlary içirdi.
Üsti ýükli düýeleri biri-birine tirkap ýola düşdüler. Münüp barýan
düýelerinden başga-da, iki düýede köwüş, iki düýede bolsa kitaplar — AsSamadyň goşlary bardy. Iň öňe Şemsi geçdi, onuň yzyndan Faruhyň
düýesini, hassany görüp gider ýaly As-Samadyň düýesinem onuňka
tirkediler. Soň üsti ýükli düýeleri yz-yza tirkemäge girişen Semsini Faruh
saklady. Ol köwüş ýükli düýeleriň yzyna tirkelen kitap ýükli düýeleriň
ýerlerini çalşyr diýip, Şemsä aýtdy. Şemsi ýylgyryp dostunyň aýdyşy ýaly
etdi. Ýarym sagat çemesi ýörelenden soň, As-Samat Faruhyň ýagdaýyny
barlap görmek üçin düýeleri saklatdy. Faruh dünýäni bilmän, rahat uklap
ýatyrdy. Ol düýeleriň durup-ugranynam duýmady.
3-nji bölüm
…Ölenler ýer bilen onuň aşagynda aýlanyp dur, diriler üstünde.
Mundan on asyr öňem şeýdip aýlanypdyr, kyýamatahyr
gopaýmasa, ýene on asyrdanam dünýe şeýder aýlanar durar…
As-Samadyň ejesine Maral diýerdiler. Ol merwli bir täjiriň ýeke
gyzydy. Kakasy ony gowy görüp golaý aralara söwda gidende ýanyna
alardy. Baý täjir perzendiniň ýekeligindenem beter onuň gyzdygyna
gynanardy. Emma, aýnanyň göni ýüzüne urlan şöhläni döwüp, başga ýana
ugrukdyryşy ýaly, Maralyň kakasam ýüregindäki gynanjyny döwüp,
gyzyna bolan söýgüsine öwürýärdi. Näçe ýüzüne şöhle gaty düşse, olam
ony şonça gaty döwýärdi. Gyzy «Ogul bolan bolsam menem äkiderdiň»
diýip göwnüne getirmäge ýetişmänkä oňa:
— Seňem meň bilen gidesiň gelýärmi, gyzym? — diýerdi.
Baran ýerinde-de ilki harytlar Maral üçin alnardy. Özüni kakasynyň
şeýle gowy görýändigini bilensoň, Maralam ondan kem galmajak bolardy.
Kakasynyň islegini bilmäge çalşardy. Ony özi üçin kyn ýagdaýa salmajak
bolardy. Şonuň üçin baran bazarlarynda harydyň bahasyny eşitmän
kakasyna «alaly» diýmezdi. Ýeke gyzyna näme alyp berende-de baýlygy
artyp-kemmejek täjir muňa gülerdi. «Sen bahany nä bilýäň?» diýerdi.
Şonda-da Maral içinden bellän bir bahasyndan gymmat zady kakasyna
aldyrtmajak bolup halamadyksyrardy.
Şeýle gezimler, şeýle bazarlar, şeýle söwdalar içinde iki aýakly iki
günde diýleni, täjiriň gyzam göze görnüp ugrady. Ejesi keselbendräk
bolansaň, kakasy Maraly «Ejeň ýanynda bolaý gyzym» diýip ýanyna
almasyny selçeňletdi. Maralyň özem öz ýagdaýyna düşünip, kerwene
aslyşyp ýörmekden utanyp ugrady. Täjir gyzynyň ulalýanyna hem
guwanýardy, hem gynanýardy. Aýna ýüregi birden-birden ezilip agyrmany
çykardy. Bir gezek söwdadan dolanyp gelýärkä, ýurtlaryna
golaýlaberenlerinde uzyn gün diňe gyzyny, gyzyndan başga hiç zady
ýatlamandygyny, başga zadyň pikirinem etmändigini bilip galdy. Indiki
ýolagçylygynda-da, ýaňy on ýedisine ýeten Maraly Gürgenje alyp gaýtdy.
Gürgençde kakasynyň myhman ýeri köşkde işleýän baý adam eken. Ol
adamyň seredişi Maraly utanyp ýere garamaga mejbur etdi. Ony hernä içeri
giren kakasy görmedi. Ol adam içinden: «Ogluma laýyk maşgala eken»
diýipdi. Gyz maşgala gowy bolanda, her kim ony öz ogluna laýyk görýär.
Esasy zat welin gyzyň özüni barjak ýerine laýyk görmeginde. Arman,
towsup duran gyz ýüregi saklatmaýardy. Oňa öz ölçegini bilmek iň kyn
meseledi. Dogrusy Maral bu zatlar hakynda pikirem etmändi. Diňe ertesi
gün barlan öýüň ogly Gara Durmaz bazara gidenlerinde ýoldaş bolan
mahaly özüniňem bu meseläni çözmeli boljakdygyny syzdy. Ýaş ýigidiň
olar bilen bazara gidermen bolmagynyň öý eýesiniň ilki görendäki ýiti
nazary sebäplidigini aňşyrdy. Biygtyýar özüni Gara Durmaza deňäp gören
boldy. Kellesine gelen bu pikire Maral oýun ýaly garadygyça çynyrgap
barýardy. Ony birhili utanjaňlyk basdy. Beýleräkden barýan ýigidiň
ýüzüne bakyp bilmese-de, onuň her ädiminiň sesine, her ädimde-de
egnindäki ýüpek donunyň enaýy ygşyldap gidişine diňşirgenip barýardy.
Bu täsinlik oňa bazarda näme alyp näme goýýanyny bildirmedi. Kakasam
içiňi ýakaýyn diýen ýaly, öý eýesi bilen itiňmi, atyňmy, bir zadyň
gürrüňine gyzygyp, gyzy bilen däldi. Gara Durmaz Marala gitdigiçe
ýakynlaşyp monjuk saýlaşan bolýardy. Aljak zatlaryny söwdalaşmaga
kömek edýärdi. Ýigidiň yhlasyny halamadyk täjir çaltyrak bazardan
çykmagyň gaýgysyny edip ugrady. Bärik gelýärkäler «Elguşyňy
uçuraýmasaňam ýagşydyr. Gürgenjiň dogumly ýigitleri bar» diýip gyjyt
beren ýoldaşyna gözi düşüp, ony saklady. Özüňe alan zatlaryňdan maňa-
da al diýip, haýyş edip, eslije pul berdi. Garaşylmadyk ýerden Gara
Durmaz:
— Bolmasa, men bu agam bilen gidip söwdasyna kömekleşäýeýin —
diýdi.
Täjir muňa begenip:
— Şeýtsene ogul — diýdi.
Gara Durmaz täjiriň ildeşi bilen köpçülige siňip gitdi. Maral Gara
Durmazyň yzyndan garap galdy. Onuň ak telpegi, tutuş göwrä mähir
çaýýan uzyn boýnu, gyzbakary has owadan göründi. Gara Durmazyň
kakasy oglunyň beýdip gitmeginden näçe närza bolsa-da, syr bermedi.
Assyrynlyk bilen Maralyň oglunyň yzyndan garap galyşyny görüp, onuň
göwni açyldy. Täjir bolsa ýigit aralaryndan gitdi diýip ynjaldy. Içinden:
«Betgümanlyk etjek bolaýypdyryn, Allahym günämi geçewersin. Ýigidiň
ýüreginde hiç zadam ýok eken-le» diýdi. Gara Durmazyň eýýäm gyzyna
monjuk sowgat etmäge ýetişeninden bihabar täjir, onuň Maralyň ýanyndan
gidenine şükür etdi.
Kakasy dagydan biraz yza galyp, ýüpek matalary synlaýan Maralyň
ýüzi lap-lap gyzýardy. «Meň harydymy al-da, meň harydymy al» bolşup
gygyryşýan bazardaky söwdagärleriň gohy ýaly, Maralyň aňynda-da
pikirler biri-biriniň öňüne düşjek bolup düşnüksiz galmagaly
döredýärdiler. Maralyň kellesine adama oglan eşiginiň gowy gelişýändigi
hakyndaky pikir gelýärdi. Kiçijikkä oglan boljak diýip, aglap ejesine oglan
köýnek tikdirişi ýadyna düşýärdi. Ejesi şonda «Yryma-da gowy gelýär,
belki yzyňdan ogul jigiň bolaýady-da» diýip, oňa oglan eşigini tikip
geýdiripdem. Birdenem onuň aňyna bir baý ýat ýurtda kakasy bilen gezip
ýörkä: «Hiç milletiň eşiginiň türkmenleriňki ýaly özüne gelişýäni ýok»
diýeni geldi. Kakasy şonda gülüp: «Özüň türkmen bolanyňdan şeýledir»
diýipdi.
Ýöne bu zatlar Maralyň nirden ýadyna düşüp, näme üçin aňynda «goh
turuzýarka?» Matalary synlan bolup ýörşüne Maral aňynda kakasy bilen
şol jedellerini dowam etdirýärdi. «Kaka, gör ahyry, Gara Durmaza
egnindäki eşiginiň şeýle gelşip durşuny!»
Gara Durmazam özüni has görmegeý görkezjek bolýan ýaly, Maralyň
göz öňünde janlanyp ýylgyryp gidýärdi. Onuň bu ýylgyrmasy monjuk
alanlarynda Maralyň gözüne ildi. Şoňa çenli ol çöldäki teşnäniň bir owurt
suwy küýseýşi ýaly, Gara Durmazyň ýüzüne gana-gana bakmak islese-de,
gyz utanjalygy sebäpli ýüzüni galdyryp bilmän gelipdi. Ýüzüni galdyran
mahalam Gara Durmazyň ýüzi, kellesinde ak telpegi bolandanmy, Maralyň
gözüne ýagtylyk saçýan ýaly bolup göründi. Ol ýagtylyk Maralyň
ýülüklerine çenli ýetip, süňňüni gowşatdy. Gara Durmazyň saýlap uzadan
monjugyny Maral alman bilmedi.
Gara Durmaz:
— Bu saňa Gürgençden sowgat bolsun, bahasyny özüm töledim —
diýende, Maral özüne gelen ýaly bolup monjugy yzyna goýjagam boldy.
Emma:
— Senem maňa bir zatjyk sowgat edersiň-ä — diýen Gara Durmazyň
ýylgyryp durşuny görüp Maral özüni ýitiripdi.
Onýança-da kakasy dagynyň ýetip gelýänine gözi düşen Maralyň
bildirtmän monjugy ýygnamakdan başga alajy galmandy.
Bu waka Maralyň aňynda şol gaýtalanyp durdy.
Şol gije-de Gara Durmazyň kakasy oglyna degen bolup niýetini açyk
aýtdy.
— Myhman gyzy neneň gördüň? Ony alyp galaýsak nädýä? Ejeň
pahyram bolmansoň, toýuňy çaltlaşdyraýsam diýýän.
Gara Durmaz utanan bolup sesini çykarmady.
— Hany utanan bolma-da, ýürejigiňdäkini aýt. Ýa başga bir göz öňünde
tutýanyň barmy?
— Aý, kaka gyz nämä geregaý?
— Sen maňa biderek sorag berme-de, meň soragyma jogap ber.
Myhman gyzy, nesibämizde bolsa, alaýsak näder?
— Edeniň bor kaka.
Gara Durmazyň kakasy oglundan bu jogaby aljagyny öňündenem
aňýardy. Indi meseläni gyzyň kakasy bilen çözmek gerekdi.
Täjir öý eýesiniň teklibini bir bada gaty görjek ýaly edip «ýok» diýdi.
Soň ýene myhman edebini saklap, gaharyna basalyk etdi.
— Ejesi bilen maslahatlaşman beýle meseläni çözüp bolmaz. Ogul
bolan bolsa başga gürrüň, gyz ejesiniňkidir — diýdi.
— Mende-hä maslahatlaşara oglumdan başga adam ýok. Tiziräk gelin
edinmesek horlanýas. Ejeleriniň ýogalanyna bir ýyl boldy. Dogry aýdýaň
ejelerini razy etmän bu işi edip bolmaz. Ýöne meseläni uzaga çekdirmän
çözsek ýagşy. Hany, men hökümdardan haýyş edip göreýin. Eger rugsat
etse senden galman Merwe gitsem nädýär? Gerek bolsa oglumam alaýyn.
Täjir öý eýesiniň dyzmaçlygyny gaýtarjak boldy.
— Beýle howlukmaçlyk nämä gerek? Ejesi bilen maslahatdan soň
özüm habar iberäýerin.
— Dost, bile duz-emek bolup ýörenimiz bir ýyl däl, iki ýyl däl.
Gürgenje düşseň gapymdan gelip dursuň. Milletimiz bir, dinimiz bir.
Mende ýa içerimde kemçilik gören bolsaň aýt, zady gaty görmäýin. Ýa
meň bilen iş salşyp zyýan çeken ýeriň bolsa, ony aýt. Ýok, deň
türkmendiris diýseňem, gapyňy toý diýip açmagyma garşy bolma. Özüňi
meň ýerime goý-da göräý, içerä eýe gerek, göz eden gerek. Gyzyň bal iýip,
ýüpek geýer. Gara begimem emirimiziň janpenalarynyň biri. Köşge giripçykyp ýörse, geljekde hasam abraýly bolar. Alla işlerimizi ugruna etsin.
Allaha şükür, Gürgençde tanymal adamlaryň biri bilen garyndaşlyk açýaň.
Bilýän, ýeke gyzyňdyr, eliňden çykarasyň gelýän däldir. Ýöne eliňden
çykardygyň bolmaz dost, gyzyň islän wagty görme-görşe baryp durmaga
gurbumyz çatman durmaz. Onsoňam araň ýakynyna-daşyna seretme-de,
ýüregiň ýakynlygyna seret. Ýakynyňda bolanda näme, gyzyň güni gowy
bolmajak bolsa? Ýa men ýalňyşýanmy?
— Aýdýanlaryň dogry, dost. Men ýöne gaty howlukmaly diýjek
boldum.
Täjir uly ýurduň köşk emeldarlarynyň biriniň ýanynda ýüregindäkini
aýtmakdan çekinýärdi. Onuň teklibine ýok diýeni bilen «gök
ýykylmajagyny» bilse-de, täjir ony gaty inçelik bilen etmelidigine
düşünýärdi. Täjir şu wagta çenli onuň öýüne wezipesini däl-de,
paýhaslylygyny sylap gelerdi. Onuň arada durup edip beren birnäçe
söwdalaram täjire eslije bähbitler getiripdi. Gyzynyň şundan abraýly ýere
düşmejegine-de, täjiriň gözi ýetip durdy. Düýnki bazara gidenlerinde onuň
ogluna betgümanlyk edenine gynanypdy. «Görýän welin onuň oglunyň
gyzymy sulhy alan ýaly. Beýle ýagdaýda aýak diremek gowulygyň
üstünden eltmez. Göwnüme bolmasa, gyzymyňam nazary üýtgän ýaly.
Ejesine-de ýagdaýy düşündiräýmeli bolaryn-da. Gyz maşgala ahyry birine
ýazylmaly-da. Hany, entek Maral bilen gepleşip bir göreýin»
Täjiriň häzir hiç zady boýun alasy gelenokdy. Ol «ejesi bilen
maslahatsyz bolmaz» diýip tapan gepinde durmagy karar etdi.
— Ejesem sen razy bolsaň ýok diýip durmaz. Gyzyň göwnemez öýdýän
bolsaň, şu gije oň bilen maslahat et. Ýok diýse, ýok diýdigi bolar. Bu
gürrüňler hamala bolmadyk ýaly bolsun. Ýöne gyzyň, tüweleme,
kakasynyň diýeninden çykjak gyza meňzänok. Şonda-da erkine goýgun,
ynjytmagyn. Men-ä Gara begimden «razydyryn» diýenini eşitmedik
bolsam bu gürrüňi gozgajagam däldim. Ejesi «ýigidi görsem gowy
bolardy» diýmez ýaly Gara Durmazy ýanymyza alaýaly. Oňam Merwi
gördügi bolar-da.
— Aý, ogluň galyberse-de bor-la…
Bu gudaçylyk gürrüňinden soň, täjirem gyzyna ýagdaýy duýdurdy.
— Eger närza bolsaň, işli adamyny kösäp ýörmäli — diýdi.
Gyzy utanyp:
— Ejem biler — diýdi.
Gyzynyň beý diýmesiniň razyçylyk berdigidigine kakasy bada-bat
düşündi. Hakykatdanam, elguşuny elinden uçuranyny bildi. Içinden
«Entegä seni söýjekdim, gyzym» diýdi. Maral ör-gökden gelip «Meni
şeýle ýaşkam, şeýle daş ýere çykaraýjakmy?» diýer öýdüpdi. Emma Gara
Durmazlaryň gapylaryndaky gülläp oturan eriklerine çenli gözi giden
Maral, kakasynyň aýdýanlaryny oňa bildirmese-de, begene-begene
diňledi. Onuň gözleri häzir kakasynam görenokdy, ejesinem. Olar diňe
ýylgyryp duran Gara Durmazyň keşbini görýärdiler.
Şeýdibem sähel günden soň Maral gürgençli boldy. Maraly bendi eden
erik gülleri miwä öwrülip, suwlary ýaňy süýjemäge ýetişipdi. Dadaýyn
diýip ilki erigi ýolan günem ol ýurtlaryndan erbet habary aldy. Çalt gelen
toý kakasynyň öýüne üst-üste ýas alyp geldi.
Täjiriň ömri gyzynyň durmuşa çykmagyna bagly ýaly eken. Ýeke
gyzyny çykaransoň, o bende uzak ýaşamady. Maralyň ejesem ozal
gepleşilip goýlan ýaly, adamsynyň kyrky sowulan badyna dünýeden
gaýtdy. Kakasynyň ýasyna gelen Maral, ejesiniňem ýasyny sowmaly
boldy. Bu ýaslara gürgençlilerem gelip, uly abraý alyp gitdiler. Täjiriň ähli
baýlygy ýeke-täk mirasdüşeri gyzyna berildi. Maralam o baýlykdan
kakamdan ýadygärlik diýip diňe bir kümüş müçenegini aldy. Galan
zatlaryň ygtyýaryny gaýynatasyna geçirdi. Gara Durmazyň kakasam olary
tutuşlygyna ýerli ilatyň garyp-pukaralaryna paýlatdy. Özem tä dünýeden
ötenleriň esasy möwsümleri sowulýança şo ýerde boldy. Gara Durmaz
kakasynyň bu hereketinden diýseň hoşal boldy. Maralam Gürgenje gaýdyp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Üç nokadyň biri - 05
  • Parts
  • Üç nokadyň biri - 01
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2135
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 02
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2175
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 03
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2117
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 04
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2089
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 05
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2109
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 06
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2063
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 07
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2092
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 08
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2052
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2113
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 10
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2095
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 11
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1936
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 12
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2024
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 13
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2016
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 14
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2086
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 15
    Total number of words is 2549
    Total number of unique words is 1600
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.