Latin

Üç nokadyň biri - 03

Total number of words is 3809
Total number of unique words is 2117
32.0 of words are in the 2000 most common words
44.9 of words are in the 5000 most common words
51.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
sakaldaş, şonda-da ýola çýkypsyňyz. Ýa-da derman-beýleki almaga Urfa
barýarmydyňyz?
— Aý, hawa, däri-derman köplük etmez, onam alarys. Urfada atam
pahyryň dosty bolmaly, şonuň bilen görüşmäge barýan.
Biraz çaý owurtlap sorag-ideg etmek gezegi As-Samada geçdi:
— Bu biçäräň Allaha ýalbaryp iki günläp gözýaş dökmesi nämedendi?
Syr ýa-da gybat ýaly görünjek bolsa aýtmaň.
— Aý, ýok-la… Faruhyň kakasyna Ahad ussa diýerdiler.
— Bagdadyň uly metjitlerini salan Ahad ussamy?
— Edil özi. Faruh oň ýeke ogly bolmaly. Ýeke ogul bolansoň atasy ony
ussaçylygyň agyr işine dözmän bir ökde köwüşçä şägirtlige beripdir. O
bende: «Agyr daşlary meň göterenim besdir. Molla-müftülere mesi
tikibem, gör, goňşymyz bizden gowy ýaşaýär. Ýylyja jaýyndan çykanok»
diýer eken. Şoňa höwes edibem ogluny köwüş ussasy edipdir. Faruh
atasynyň bu edenini ýalňyş bilýär. Hiç içinden çykanok. Metjit gurup biljek
eller porsy gaýyşy oýnap geçmeli. Men bu köwüşleri garramsoňam tikip
bilerdim ahyryn. Çagalygymdan kiçijik daşlary biri-biriniň üstüne örjek
bolup geçirerdim. Kakam ony görmän duranokdy. Ýadyma düşýär, bir
gezek ýanyma gelip, ullakan elleriniň aýasyny görkezip, ondaky
gabarçaklar bilen meni gorkuzdy. Seňem eliň şuň ýaly ýaryk-ýaryk,
gabarçak-gabarçak bolar diýdi. Menem ynandym. Özi ýaly abraýly ussa,
onda-da Allahyň ýerdäki öýüni gurýan ussa etmäge derek meni köwüşçi
etdi» diýip, menden ýaşy kiçi bolansoň, Bagdatdakak içini döküp kän
gürrüň berdi. Ol birhiliräk adam. Bir ýurda barsa-da, owadan metjitleri
synlap aglaberýär. Ilkibadalar atasyny ýatlap aglaýarmyka diýerdim. O
bolsa özüniň ussa däldigine gynanjyna aglaýan eken. Çagaly-çugaly adama
meňzeş däl, sähel bahana tapsa aglamak häsiýeti bar-da. Ýöne özi gaty
ýüregi ýuka, kesirräk diýmeseň, gowy adam. Urfa-da hiç gaýdasy gelmedi.
«Käbäni görmäge gitmäge derek dini başgalara köwüş satmaga gidýäs»
diýýär. Käbä gitmek dilde aňsat. Oňa harjy gerek, sagat jan gerek. «Dini
başgalar bilen eden söwdamam maňa düşmez» diýýär. Näme sen olara
selle oranmaga derek kellelerine geýýän zatlaryny satýaňmy?
Musulmanyňam aýagy şol bir aýak, başga dindäkiňem aýagy şol bir aýak.
Dogry dälmi?
As-Samat gürrüňdeşiniň sowalyna ýylgyryp oňaýdy. Şemsi sözüni
tassyklamak üçin başga mysallara ýüzlendi:
— Ine siz tebip adam. Bilýänsiňiz ahyryn, adam haýsy dinde bolandada ýüregi bardyr. Kellesinde gözleri, gulagy, pikiri bardyr. Allah bendesini
başga dine ynanýany ýa-da hatda hiç bir dine ynanmaýany üçinem kemli
ýaratmandyr, Öz nygmatlaryndanam kesmändir ahyryn. Hemmämize
köwüş geýmegem öwredipdir, beýleki eginbaşlary geýmegem bildiripdir.
Onsoň men näme üçin bir üýtgeşik köwüş tiksem ony diňe musulmanlar
geýsin diýip bilerin? Ýa, ine siz lukmanlar, bir derdiň dermanyny tapsaňyz
ony diňe musulman üçin diýip tapýan dälsiňiz ahyryn?
As-Samat tassyklaýjy äheňde baş atdy.
— Aý, garaz şeýdip, jedelleşip-jedelleşip ony zor edip diýen ýaly men
alyp gaýtdym. Bolsa-da gulak asdy. Hernä sagalawersin. Ýolda galaýsa
özümi günäkär ýaly duýjak.
— Adama ömür Allahdan berlendir. Ynsanyň ölümem, diriligem öz
elinde däldir. Çünki bizden janymyzy diňe ony beren alyp biler.
— Eger uruşda birine ýarag çeksem, öldürsem men günäkär
bolarynmy?
— Seniň günäň niýetiň bilen kesgitlener. Sen onuň ölümine sebäpkär
bolanyň üçin günäkärsiň. Özüňi goradyň, iliňi, diniňi goradyň, balaçagalaryňy goradyň. Özüň ölmejek bolup, iliňi-ýurduňy, diniňi
basgylatmajak bolup, çagalaryňy ýer-ýesir etmejek bolup sen garşydaşyňy
öldürmeli bolduň. Bu ýerde seniň günäň ýok, belki sogabyň bardyr.
— Bir jenaýatçy birini öldürse, jelladam jenaýatkäriň başyny kesse, biri
günä gazanýar beýlekisi sogapmy?
— Jenaýatçy diýýänimiz anyk jenaýatçy bolsa, ýagny Allahyň edenine
garşylyk hökmünde Onuň ýaradanyny öldürse ol uly günä gazanar. Şeýle
günä iş edeniň başyny alanam sogap gazanar. Ýöne durmuşda hemme zat
beýle anyk bolanok, şol ýaman.
— Aý, hawa-da… Adam öldürmeden daş edewersin. Ine, siziňki
sogaply, adamlaryň ömrüni uzaldýaňyz.
— Ýok Şemsi, Allahdan berlen ömri ynsan nädip uzaltsyn? Men ömri
uzaldyp bilýän bolamda, kakamyň ömrüni, ejemiň ömrüni, ýa ajal alan
çagajyklaryň ömrüni uzaltmazmydym? Beý diýsem «Onda siz nämä
gerek?» diýäýme.
As-Samat degişmä salyp ýylgyrdy-da, ýene gürrüňini dowam etdirdi:
— Tebipçilik dünýe döräli bar, kyýamatahyra çenlem bolsa gerek.
Ölmejek adam ýok. Her kimiň haçan öljegem belli däl. Emma
haýwanlardan tapawutlylykda bize Allatagala aň beripdir. Hemmämiz
ölümiň gutulgysyzdygyny bilibem, derman ýasaýas, ajalymyz ýetinçä
birnäçe kesellerden halas bolýas. Hiç kim «öňi-soňy ölmeli bolsa
beytmäliň» diýmeýär. Çünki bir gün uzak ýaşap bilse ynsana eden
günälerini ýuwmaga bir günlük mümkinçiligi artýar. Biz tebiplere şonuň
üçin sogap ýazylaýmasa.
— Eger sogap çykmajak ynsan bolmasa näme?
— Ony kesgitlemek ynsana berlen däldir.
— Onda näme üçin olar biri-birlerine gaharlanyşýarlar, öýke-kine
edýärler, ýarag çekýärler?
— Bular ynsanyň kemçilikleridir, şeýtanyň bolsa ýeňişleridir…
Olar esli salym ömür, ölüm hakynda pikir aýdyşyp oturdylar. Faruhyň
dermanlaryny taýýarlap içirmäge meşgul bolmasa, ýa eline kitap alaýmasa
As-Samada başga güýmenere zat ýokdy. Şemsem gününi geçirerlik
güýmenjäniň gözlegindedi. Mallary otaryp, öz iýjek-içjeklerini taýýarlap,
şol zatlaryň arasynda-da As-Samada berjek sowallaryny aňynda
jemleýärdi. Bu üç kişi çöl-beýewanda kerwenden üzülip galman wagtdan
ýolnan ýalydylar. Işsizlikleri, wagtlaryny «itekläp» geçirmeli
bolýandyklary üçin olar iki-ýeke uçup geçýän guşlardan başga janlyjemendesiz çölüň içinde hasam ýalňyz görünýärdiler. Guşlara bolsa bu
adamlar üns bereniňe-de degmeýän gara nokatjyklardylar…
Wagtdan ýolnup galan üç nokat… Olar çöl beýewanyň içinde dünýäniň
soňuna ýetilmedik sözlemiň gam-gussaly, dowamyny özüňe oýlanmaga
goýýan belgisi ýaly bolup galan üç nokat…
Munça bolanyna görä, üç nokatdan bir nokat As-Samada has ýakyn
baralyň. Ol kim? Onuň diýýän «mytdyldap barýan dünýäsine»
düşünmesegem, belki onuň bir nokadyna düşüneris.
2-nji bölüm
…Ölenler ýer bilen onuň aşagynda aýlanyp dur, diriler üstünde.
Mundan on asyr öňem şeýdip aýlanypdyr, kyýamatahyr
gopaýmasa, ýene on asyrdanam dünýe şeýder aýlanar durar…
As-Samadam ähli ynsanlar ýaly ene garnynda ilki nokatjyk bolup
emele gelipdi. Iň soňunda ömrem onuň bir nokada dirär. Ol: «Hasabam şol
iki nokadyň arasynda bar» diýip, elindäki kitabyny ýapdy.
Mundan on asyr öň geçip giden, millionlarça nokatlaryň içinde ilki
gözümize kaklyşan üç nokadyňam içinden saýlan nokadymyz As-Samat
atalygy Ibn Kahharyň şypahanasyny ýatlap otyrdy. O wagtlar ol on bäş
ýaşyndady. Adynyň öňündenem «As» sözi getirilmeýärdi. Hatda Samat
adam doly tutulman, Sam diýerdiler. Oňa-da onuň özi günäkärdi. Ady
soralanda «Sam» diýip jogap beripdi. Birbada bu at eşidenleri
geňirgendirse-de, soň «Sam bolsaň Sam ekeniň-dä» diýýän ýaly, her kim
ylalaşar giderdi. Il üçin tapawudy näme, ýüzlenere adyň bolsa bes. Sam
bol, Şam bol, Lam bol, hiç zat üýtgänok. Hemmeler onuňam özleri ýaly bir
nokatdygyndan habarly, muňa boýunalyk ýaly görünýär.
Hassalaryň ýanynda geçiren ilkinji gijeki nobatçylygy As-Samadyň
ýadyndan çykar ýaly bolmandy. Ýarygijeden agansoň, onuň bilen
nobatçylygy çalyşmaga Ibn Kahharyň uly ogly Kemaletdin gelmelidi.
Şypahanada agyr hassa ýokdy. Onsoň nobatçylygyň beýle bir agyr
bolmajagyny Samat bilýärdi. Şonuň üçin gije okaryn diýip, ýanyna grek
dilini öwredýän kitabynam alypdy. Näsaglara içirmeli dermanlaryny
paýlap bolansoň, bir çetdäki nobatça berlen otaga geçip, eline kitabyny
aldy. Biraz okansoň, ilkinji nobatçylygyň jogapkärçiligindenmi, nämemi,
rahatlanyp bilmän, näsaglara ýene bir aýlanyp gelmäge çykdy. Emma,
näsaglaryň otagyna ýetmänkä atalygynyň mydama gulply durýan otagynyň
açykdygyny gördi. Ibn Kahhar onda diňe gijelerine işlärdi. Çalarak açyk
galan gapydan atalygynyň bir zada dümtünip oturany göründi. Samat
känbir ýaýdanybam durman «Ata» diýip gapyny açdy. Atalygy tisginip
gitdi. Onuň gara gan ellerini görüp, Samat çekildi. Ibn Kahhar derrew
ýagdaýa düşünip, ogullygyna ýüzlendi.
— Hä Sam. Gapyny açdyň gir içeri. Gorkma men gandan derman ýasap
otyryn.
Samat gandan däl-de, atalygynyň gana bulaşyp oturyşyndan üýşenipdi.
Tördäki agaç sekiniň ýokarsyna berkidilen deriniň ýuzundäki şekili
görende welin, ol hakykatdanam gorkdy. Ol adamyň iç-goşlarynyň
şekilidi. Samat ýokary başdaky ýüregiň owadan şekilini, aşakdaky
böwrekleri gören badyna tanady.
— Sam men seni bärik biraz soň getirjekdim. Allah başgaça bolanyny
isledi. Seret oglum, bu adamyň içki gurluşy. Men ony ynsanyň çöwre
tarapy diýip atlandyrdym. Ony görmek maňa aňsat düsmedi. Adamyň
başga biriniň zadyny birugsat almaga hakynyň ýokdugyny belki sen
mendenem gowy bilýänsiň…
Ibn Kahhar on bäş ýaşly oglana ýöne ýere «Mendenem gowy bilýänsiň»
diýmändi. Ol gaty göwnühoş wagty Samadyň arkasyna kakyp «halalja
oglum» diýerdi. Çünki Samadyň ogullyga alynmagyna halallygy sebäp
bolupdy…
Ibn Kahhar mundan iki ýyl öň daş ýurtlaryň birinden bäş düýe ýüki
kitap, däri-derman getiripdi. Ýüki düşürişip öýe daşar ýaly oglan kömegi
gerekdi. Onuň gözi müşderi gözläp ylgap ýören Samada düşdi.
— Heý oglan, özüň ýaly birini tap-da, bäri gel.
Samat derrew ýoldaş tapyndy. Iki oglan bolup Ibn Kahharyň görkezen
ýüküni düşürdiler. Soň olar kitaplary öýe daşadylar. Gün günorta ýetdi.
Şonda-da Ibn Kahhar kitaplarynyň ýanyndan bir ädimem aýrylman hem
oglanlaryň işleýişlerini synlaýardy, hem ýüküne esewançylyk edýärdi. Iş
doly bitendensoň Ibn Kahhar hammallary ýanyna çagyryp, olar bilen
hasaplaşmaga durdy. Ol Samada on bäş, ýanyndaky oglana bolsa on dinar
berdi. Samat özüne berlen puluň bäş dinaryny yzyna gaýtaryp:
— Bu maňa haram bolýar — diýdi.
— Sen halal-haramy nirden bilýäň? Men saňa puly ak ýürekden,
ýoldaşyňdan köp işläniňi göremsoň köp berýän.
— Siz ak ýürekden berseňizem, men ak ýürekden alyp biljek däl. Biz
işe deň başladyk deňem gutardyk. Siz alym adam, halaly-haramy her kim
öz ýüregine laýyklap kesgitlemeli dälmidir näme?
— Saňa muny kim aýtdy?
— Hiç kimem aýdanok, özüm bilýän.
Oglanyň sözune Ibn Kahhar ýylgyrdy. Döwrüniň uly din alymlarynyň
halal-haramy kesgitlemek üçin uly-uly kitaplar ýazýandygyny ol bilýärdi.
Şeýle kitaplaryň bir-ikisini ol okabam görüpdi. Emma Samadyň pikiri ýaly
sada hem düşnükli aýdylan pikire duşmandy. Işine yhlas edişi bilen
göwnüni awlan, soňky sözleri bilenem üstüni ýetiren Samady Ibn Kahhar
şypahanasyna işe almagy karar etdi. Öýsüz-öwzarsyz, hatda ene-atasynyň
kimdiginem bilemok diýýän Samady Ibn Kahhar soň ogullyga alypdy…
Häzir bolsa Samat atalygynyň iň syrly otagynda görýän zatlaryna
haýran bolup durdy. Atalygy oňa bir wajyp zady düşündirmekçi bolýardy.
Emma jaýdaky görýän zatlarynyň täsirinden agtygynyň häzir özüne
düşünmejekdigini Ibn Kahhar derrew aňdy. Içinden: «Goý, töweregindäki
zatlar bilen öwrenişsin» diýibem sozuni jemlemän goýdy. Samat haýran
galyp adamyň iç gurluşynyň şekillerine bakýardy. Olar iki sanydy. Biri
ýüzin ýatan, beýlekisi bolsa arkan ýatan adamyň şekilleridi. Ol adam
süňkleriniň biri-birine birigişiniň şekillerini öňem görüpdi. Emma …
Samat özem bilmän garynlaryny, billerini elleşdirdi. Ýanynda duran Ibn
Kahhar oňa çyzgyda düşünmesi kyn bolan öt haltasyny, dalagy
görkezişdirdi. Soň aşgazany, kyrk garyny, içegeleri görkezdi. Adam bilen
haýwanyňkyň tapawutlaryny aýtdy. Bir kitap çykaryp maýmynyň içgoşunyň şekilini görkezdi. Samadyň birden başy aýlanjak ýaly boldy.
Atalygy ony daşaryk alyp çykdy. Ol atalygyndan bir sowal bermäge rugsat
sorady.
— Soraber oglum, mundan öň rugsat soraňokdyň, ya bir wajyp zatmy?
— Ata, hakykatdanam, adamyň şeýle arassa ýüregi bilen hapa garny bir
göwrede ýerleşýärmi?
— Hawa oglum, ýöne Allatagala olaryň arasyna berk perde goýupdyr…
Atalygynyň şypahanasyda näsaglara däri-dermanlaryny içmäge
kömekleşip, suw diýene suw berip, agyr hassalaryň hapalaryna çenli
aýyrmaga kömek edip ylgap ýören Samadyň günleri, biri-birinden kän
tapawudam etmän şol geçip durdy. Ýetişibildiginden grekçäni öwrenýärdi.
Dermanlaryň ýasalşynda ölçegleriňe gaty berk bolmalydygy ony özüne
çekerdi. Ibn Kahharyň syrly iş otagyna bolsa ol indi islän wagty girip
bilýärdi. Indi ony gulplajagam bolmazdylar. Ibn Kahharyň ony öň näme
üçin gulplap saklandygy Samada düşnüksiz bolup galdy. Ol atalygynyň
görkezişi ýaly elini gursagyna goýup ýüregini diňlärdi. Tirpildeýän
damarlarynyň urgusyny sanardy. Tebipçilik oňa tas ähli zady unutdyrypdy.
Bir günem Samat adamyň erbet horlanyp jan berşini görmeli boldy.
Beýle aýylgançlygy ol ozal hiç görmändi.
Ol adam Samada
hammalçylykda geçen günlerini ýatladan Folomeý grekdi.
Şypahanada agyr hassalar özbaşdak saklanardy. Olara gözegçiligi
Muhammet ibn Kahharyň özi ederdi. Folomeý çabalanyp ugrandan
ýagdaýy aňan ibn Kahhar ylgap baryp dyzy bilen arkan ýatan hassanyň iki
egninden berk basmaga durdy hem Samady çagyrdy. Ýogsa on sekiz ýaşan
uly ogly Kemaletdin Samatdan has ekabyrdy. Kemaletdiniň jigisi
Mahmydam Samatdan bir ýaş uludy. Samat atasynyň sesiniň gelen ýerine
ylgady. Ylgap baryp Folomeýiň ýatan otagyna girdi. Emma näsagyň
haýkyryp gygyrmasy ony duran ýerine çüýlenen ýaly etdi.
Atasynyň sesini halaman ylgap gaýdan Kemaletdin Samadyň deňinden
geçip, janhowluna urunyp atasyny aljyradyp barýan Folomeýiň ellerini
tutjak boldy. Başartmady. Atasy oňa «üstüne mün» diýip gygyrdy.
Kemaletdin onuň üstüne atlaýyn mündi. Mahmydam ylgap gelşine
ýatanyň aýaklarynyň üstüne özüni atdy. Agzy köpükläp gara dere batan
Folomeýiň ullakan ala gözleri hanasyndan çykaýjak bolýardy. Ol
Kemaletdine-de, Mahmyda-da, hatda olaryň atasyna-da barmysyňyzam
diýenokdy. Uzyn-uzyn gygyrýardy hem öz dilinde grekçeläp
ýetişibildiginden gürleýärdi:
— Kim indi maňa kömek eder? Taňrymy? Hany onuň kömegi? Etsin
kömegi bar bolsa, men ölüp barýa-a-an. Öldüm, öldüm. Ýa meni öldürýän
oň özümi, ýa men duşmanymdan kömek soraýanmy?
Töweregindäkiler grekçäni gowy bilensoň, Kemaletdin onuň agzyny
tutjak boldy. Emma Ibn Kahhar gahar bilen onuň eline kakyp goýberdi.
Folomeý:
— Ol maňa näçe güzaplar görkezdi. Sallançagymyň ýüplerini ýakdy.
Meni otdan alyp suwa oklan bolsa, balama onam etmedi. Kül bolynça
ýakdy, ýakdy. Ýandym, ýandym. Öz günümi özümiň aýlaýanymy
görübilmediňmi? Iň bahylyň bahyly sensiň. Görip senden öňe geçmez.
Göribem ýasan sensiň… Mesaý, Mesaý… Sam… Hany Sam?.. Alla meni
öldürýä-ä-ä, Sam. Öldüm… Hany Sam? Sam… Sam…
Atalygynyň gazaply sesinden gorkan Samat, özüne gelip, ylgap ilki
atalygynyň ýanyna bardy. Näsag towlanyp iňlemäge başlady. Ol
Kemaletdiniň elinden sypaýjak-sypaýjak bolýardy. Mahmyt janhowluna
urunýan hassanyň aýaklarynyň üstüne tutuş göwresini atsa-da, ejizdigi
bildirip durdy. Aýaklar ýygrylanda ol ýokary galýardy, uzadanda aşak
gaýdýardy. Ýüzi duw-ak bolan Samadyň birden gözüniň ýaşy paýrap gitdi.
Samadyň şondan soň dili açylyp «Folomeý daýy» diýip gygyrdy. Baryp
onuň ýüzlerinden, gözlerinden ogşaşdyrdy. Şol bir wagt gözünde galan
äpet ýumruklaryň üstünde ýaňagyny goýdy. Janhowluna urunýan
Folomeýiň berk düwlen ýumruklary ýazylmasa-da, Samadyň ýaňagy
degen badyna hereketlenmesini goýdy. Emma indi giçdi. Samat titir-titir
titireýärdi. Özüni saklap bilmän, hassanyň bir kellesinden, bir
aýaklaryndan gujaklaýardy. Folomeý käwagt iňňildiň arasynda «Taňrym,
taňrym» diýýip Allasyny hem «Sam, Sam» diýip Samady çagyrýardy.
Onuň ýumuk gözleri Samadyň üstünde ot-elek bolşuny görmeýärdi.
Ibn Kahhar ähli ýogalýanlaryň başynda edişi ýaly, kelemeýi şahadat
getirmäge durdy. Urunmaň bady gowşap, atasam ümlänsoň Kemaletdin
soňky demlerini süýjüdip-süýjüdip kükregine sorýan Folomeýiň üstünden
düşdi. Folomeýiň dem alşy ömürboýy howasyz ýerde saklanyp edil häzir,
öldüm-öldüme gelende arassa howa çykarylan ýalydy. Hernäçe sorsa-da
oňa howa azlyk edýärdi.
Kemaletdinem atasyna goşup çala ses bilen kelemeýi şahadaty
gaýtalaýardy. Mahmydam hassany göyberip dikeldi. Diňe Samat ýüzüni
galdyrman hynçgyryp aglaýardy. Ol soňky demini sanap ýatan bendäniň
aýagyndan berk gujaklapdy. Hem inçejik sesi bilen «Folomeý daýy, sen
güýçlüdiň ahyryn. Gaýrat et ölme. Şu gezek ölme soň atam bir derman
içirer welin gutularsyň. Gaýrat et Folomeý daýy» diýip ýalbarýardy. Başga
hammallaryň ýanyna barmaga milt edip bilmeýän ýüküni bir arkasyna alyp
bilse dyzyna galýan, daşyndan durşy bilen gujurmyka diýdirýän
Folomeýiň bolsa gabaklaryny açmaga güýjüniň ýetmeýşine gahary
gelýärdi. Şol gahary bilen ol iň soňky gezek silkindi. Hernäçe özüne agram
salsa-da açdyrmadyk gabaklary jan bedenden çykansoň öz-özi açylyp
gitdi. Ýöne indi oňa gözüniň açylanam, ahyrynda-da ganyp bilmedik bu
dünýäniň howasam, özem, hiç zadam gerek däldi. Ibn Kahhar onuň
maňlaýyndan öpüp «Razy bol» diýdi. Açylan gabaklary ýumdurdy.
Agtyklaram yzly-yzyna baryp atalarynyň edişi ýaly dem-düýtsüz ýatan
bendäniň maňlaýyndan öpdüler. Ýalbarmasy aga ýazan Samadyň welin şol
ýatyşydy. Mahmyt ýuwaşlyk bilen ony galdyrdy-da, otagdan alyp çykdy.
Bu wakadan soň Samat bir hepdeläp agzy uçuklap, gyzdyryp ýatdy. Ol
Folomeýi, hammallykda geçen günlerini tebipçilige gyzygyp
unudyberenine gynanýan ýaly dynuwsyz ýatlaýardy. Ol şol günler
göterşen ýükleriniň agramyna çenli ýatan ýerinden syzýardy. Ol ýükler
häzir gelip horja aýaklarynyň dyzlaryna agram berip gidýän ýaly bolýardy.
Folomeý daýy welin nähili daýawdy.
Işeňňir, ukusyna sak hem daýaw adam bolansoň, onuň müşderisiz
wagty ýok diýen ýalydy. Beýleki hammallaryň içinde oňa bahylçylyk
edýänlerem bardy. Hasam Samadyň ýoldaşy ony halamazdy. Çala işsiz
durduklary: «Bagdadyň ähli ýüki Folomeý gregiň gerşindedir-le. Bize zat
ýetesi ýok» diýerdi. Folomeý gregiň Bagdada nädip düşenini bilýän adam
ýokdy. Arap dilini çalgyrdrak bilendenmi ýa-da häsiýeti dymmarakmy, ol
beýleki hammallaryň wagyr-şagyryna känbir gatyşmazdy. Diňe işini
bilerdi. Şonuň üçinem egniniň ýüksüz wagty ýok diýen ýalydy.
Bir gezek Folomeý ýa ýadawlygyndan, ýa-da Samada dözmedi bir baý
müşderini olaň üstüne iberdi. Samat begenip, ylgap ýoldaşyny çagyryp
geldi. Soňam birki sapar ol Samada iýer ýaly zadam beripdi. Muny görüp
ýoldaşy Samady ondan gabanyp başlady. «Sen meň gaharymy getirip,
şujagaz ýükem göterip bilmediksirän bolup Folomeý gregiň ýanyna ýoldaş
bolup geçjek bolýaň» diýip, igenýärdi. Samadyň ýaşyna görä däl
namysjaňlygy bardy. Ol günäsiz ýerinde günäkärlenmegine gahar edip,
gep çekeninden ýük çekenini gowy gördi. Göterip bilmejek ýüklerini
dyzap-dyzap göteren gezekleriniň birinde bilini agyrtdy. Iki günläp
ýerinden galyp bilmän ýatdy. Onuň ýatyşyna dözmän iýer ýaly zat getirýän
Folomeýi ýoldaşy gödek sögüp kowdy. Samat ýatan ýerinden Folomeýiň
arkasyny aljak boldy.
— Ýat sen bir gömül-de. Ýogsa-da it ýenjen ýaly ýenjip senem kowar
göýbärin — diýip, ýoldaşy Samada gygyrmaga durdy.
Samat ýenjilmekden gorkanokdy. Aslynda Folomeýiň arka durup
ýençdirmejeginem, kowulany bilenem Folomeý bilen birikse gününiň has
gowy geçjeginem ol bilip durdy. Emma häzir heňkirip dursa-da,
ýoldaşynyň Samat gidäýse nähili kyn güne düşjegi welin belli däldi. Ol
adam kerwensaraýda gidere ugur tapman durka Samady ýanyna alan
adamdy. Bagdada gelip ilkinji gezek Samat şu adamyň ýanynda çörekden
doýýança iýipdi. Indem ony taşlap bir gregiň yzyna düşüp gitmek Samadyň
etjek işi däldi. Ol bilini ýoldursa ýoldurjakdy welin muny etmejekdi.
Folomeýem Samadyň ýoldaşyny bir uranda ýere ýazyp biljekdi. Onuň
haýýarlyk edip: «Samady azdyryp ýanyna aljak bolýar» diýenini eşidende,
tas ýekedaban ýaly ýumrugyny işe-de girizipdi. Daşyna üýşen beýleki
hammallar ony zordan sakladylar. Hernäçe daýaw bolanda-da, ýat itiň
guýrugy ýamzynda bolýar. Folomeý ýerli araplar bilen jedele girmäge
çekindi ýa adamkärçilik etdi, garaz Samada getiren zatlaryny ýerde goýdyda, çalt yzyna öwrülip, adamlaryň arasyna garylyp gitdi. Samat ýatan
ýerinden şol äpet ýumruklaryň yzyndan seredip galdy.
Folomeý gözden ýitip gidenden soňam hapa sögünmesini goýman
geçene göz bolup duran ýoldaşyny köşeşdirmek üçin Samat: «Tä
ulalýançam ýanyňdan gitmäýin» diýip söz berdi. Hakykatda welin, bu
wakadan soň Samat onuň ýanynda bir günem işleşesi gelmedi. Ýoldaşy
köşeşip, onuň bilini owkalap berip oturşyna: «Garrylyk ýaman edýär.
Ýogsa men saňa zaram boljak däl-le» diýdi.
Ol adam Samady islän wagty kerwensaraýda özüni ekläp bilmän ylgap
ýören ýetginjekleriň birine çalşyryp biljekdi. Emma olaryň hiç birine
göwni ýetmeýärdi. Olaryň birini ýalta görse, beýlekisine ogrudyr öýderdi.
Bir günem Samat gelip hammalçylygy taşlaýan diýende, ol bar zadyny
ýitiren ýaly boldy. «Gitseň horlanarsyň» diýip gördi. Içinden «Maňa bergiň
bar» diýip saklaýsammykam?» diýdi. Emma beýtmäge bogny ysmady.
Gaýta: «Gitmänkäň garnyňy doýurjakmy?» diýip, oňa hödür-kerem etdi.
Ataly-ogul ýaly razylaşyp hoşlaşdy. Iň soňunda-da: «Býrden bärlerik
dolansaň, gregiň ýanynda işläp ýöreniňi göräýmäýin» diýip tabşyrdy.
Şeýdip ol ýoldaşy bilen öýkeleşmän aýrylyşdy.
Ýoldaşy hernäçe tabşyrsa-da, Folomeýe ýene bir sataşmak, hatda ol jan
berende-de ýanynda bolmak, şol bili agyryp ýatyrka getiren bir döwüm
çöreginiň hakyna, islendik garşydaşyndan aryny alyp bermäge taýýar
bolup düwlen, arkasynda dag bolup durjak şol äpet ýumruklary
taňryýalkasyn aýdyp ogşamak, aýaklaryndan gujaklap aglamak Samadyň
bagtynda bar eken.
Şol wakanyň üstünden bir ýyl geçip-geçmänkä Folomeyi Samat
şypahanalarynda gördi. Ol Samady gören badyna tanap gujaklady.
— Men indi gutularyn. Allah meniň halyma dözmän, meni halas etmek
üçin bu ýerlere getirendir. Sam men indi gutularyn gerek?
— Gutularsyň, enşalla.
— Bilýäňmi näme, seni men kän gözledim. Ýoldaşyňdan sorasam, bir
adam işe alypdyr, kimdiginem tanamok, niredediklerinem bilemok diýýär.
— Meni näme etjekdiň, Folomeý daýy?
— Neme.. Bile işläli diýjek boldum, ýoldaşyňy halaman gidensiň
öýtdüm. Birden-birden seni göresim gelip ýüregim gysdy. Kä günümi dagy
bir ýükem ellemän seni gözläbem geçirdim. Biderek ýere horlanýansyň
öýdüp ýörüpdirin.
Folomeýiň asyl ýurdy Ak deňziň kenarlarydy. Ol daýhan adamdy.
Deňziň ýumşak howasyna obalarynda ekin gowy biterdi. Şol ekinlerini
satyp, maşgalasy bilen hiç zada zar bolman ýaşap ýördi. Özüni bu
dünýäniň sallançagynda ýaly duýýardy. Ol öz «sallançagyny» deňziň
köplenç hoştap ösýän ýumşak şemaly üwreýärmi ýa-da şol şemaldanam
ýumşak gelni, aňşyryp bilmeýärdi. Hem özüni şeýle keýpihon duýup:
«Sallançagymyň bir ýanynda deňizden ösýän şemal, bir tarapynda-da
näzeninim oturyp, iki bolup üwreýän bolaýmasalar» diýerdi.
Folomeýiň bir häsiýetini obadaşlary halamazdylar. Ol gapysyndan
ýumuş bilen geleniň işini hiç göwnäp bitirmezdi. «Ýok» diýip haýyşly
geleniň ýüzüni almasa-da, başga biriniň işini etmäni kyn görýändigini
aňdyrardy. Özem hiç kimiň gapysyndan haýyş bilen barmazdy. Bu
arkalaşyksyz häsiýedi üçin oňa obadaşlary «ýeke öýli» diýerdiler. Bir
gezek obada bile ulalan ýoldaşlarynyň biri oňa: «Bu häsiýetiň göwräňe
gelşenok» diýdi. Folomeý ol obadaşyny gaty sylansoň «Göwräm bilen
näme işiň bar» diýip, göwnündäki jogaby bermän sypaýyçylyk etdi. «Aý,
her kimiň bir dünýä inişi bar-da. Ile ýük bolmamsoň, kesekiňem ýüküni
çekesim gelenok. Her kim özüni oňaryp gezse, hemmeleňem özüni
oňardygy bolar, şeýle dälmi?» diýen boldy. Obadaşam başyny ýaýkadyda: «Her kim özüni oňarsa oňa ýetesi zat barmy. Her kime-de öz ýüküni
çekerlik kuwwat bersin-dä, Hudaýym»diýdi-de, gidiberdi.
Dogrusy, oba içinde käwagt biri ýowar edäýmese, ýa goňşy-golam
tohumy ýetmän bir gysym tohum soraýmasa dilegçilik edip, ýa özüni
oňarman ýörenem ýokdy. Onsaň Folomeýiň arkalaşyk etmekden gaça
durmagy kynçylykdan gaçybam däl-de, özüni oňaryp ýaşamagy
başarýandygyny ile tassyklatjak bolmaga meňzeýärdi. Onuň bu
häsiýetinden men-menligiň ysy gelýärdi.
Emma bir ýylyň gyşy Folomeýiň başyna agyr betbagtçylyk getirip, ony
sallançakdan ýykylan ýaly etdi. Ýogsa ol ýerleriň gyşy ýowuz gelmezdi,
gelşi yalam çalt geçer giderdi. Şonda-da gyş, gyş bolýar... Şol gyşa
Folomeý azyk şaýynam, odun şaýynam hemişekisi ýaly ýeterlik toplap
gelipdi. Ýöne betbagtçylygyň ýanynda ynsanyň taýýarlygy hiç zat eken.
Ilki dört ýaşlyja oguljyklary nähoşluk tapdy. Ol aýaga galyberende-de
aýalynyň gyzgyny galyp düşege baglandy. Folomeý aýalynyň halynyň
teňdigini görüp, tebip çagyrmaga gidermen boldy. Tebibi goňşy obadan
getirmelidi. Tebibe gidip gelýänçä, näsag aýalyna göz-gulak bolmagy
goňşy öýleriň aýallarynyň birinden haýyş etse-de boljakdy welin, ol
Folomeýiň «göwresine gelişjek däldi». Ol: «Çalt gidip gelerin, gelýänçäm
hiç zat bolasy ýok-la»diýip, gelýänçä jaý sowamaz ýaly peje salyp bilen
odunyny salyp gitdi. Hernä tebip obada eken. Emma onuň Folomeýe
kömegi degmedi. Tebibi alyp gelýärkä obalarynda uzakdan görünýän
ýalyna gözi düşüp, Folomeýiň ýüregi jigläp gitdi. Ýanýan onuň öýüdi.
Ol okdurylyp, ylgap gaýtdy. Öňünden çykan oba dälisi Fişkaň sözleri
onuň gulagyna-da ilenokdy. Fişka ylgap barýan Folomeýden galman,
bolan wakany gürrüň berýärdi:
— Şeýle bir ýanýa, seýle bir ýanýa. Beýle zady gören ýokdur. Pöwf
edip atylyp ýanýa. Beýle zady gören ýokdur. Ýene on asyrdan görmekleri
mümkin. Görerler, görerler. On asyrdan adamlar ot oýnar. Ana, şonda
mundanam beterini görerler. Men bilýän, görerler. Sen nämä ylgaýaň?
Barsaňam seredip durarsyň. Baryp oguljygyňy halas etjeksiň. Bar hany,
göreli, bärden baryp towuk ýalyjak busup duraýmazmykaň? O taýda ot bar,
pöwhülläp ýanýan ot…
Fişiň aýdýany dogry bolup çykdy. Agaçdan salynan jaý söndürder ýaly
däldi. Jaýyň töweregine üýşen oba adamlary ody öçürmekden elli bizar
onuň öz jaýlaryna geçerinden heder edýärdiler. Olaryň oda ýakynlap
bilmän durmaklary Folomeýiň häsýeti sebäpli däldi. Häzir ol hiç kimiň
ýadyna-da düşenokdy. Adamlar ody öçürmekden ejizdiklerini boýun alyp,
onuň ýanyşyna tomaşagär bolup durdylar.
Folomeýiň «sallançagymy üwreýär» diýýän deňiz şemaly häzir
Folomeýe ýamanlyk edip ody üfläp duran ýalydy. Folomeý öýüniň
daşyndan bir-iki gezek aýlandy-da, özüni lampa aşak goýberdi. Bolan işde
özünden başga günäkärläre adam tapmady. Emma şonda-da içinden:
«Göripler günümi görüp bilmediler. Ýogsa beýle-de bir ot bormy? Ýanyp
başlanda ony gören bolmadymyka?» diýip, töweregindäki obadaşlaryna
garanjaklady. Ody bada gören baram bolanda, indi üýtgejek zat ýokdy.
Folomeý Fişkaň towugy ýaly bir salym busup oturdy. Diňe ýangynyň bady
gowşap, jaýa ýakynlaşara ýagdaý döränden soň, Folomeý özüni oda urdy.
Aýalynyň jesedini süýräp çykardy. Yzyna ylgady. Emma oglundan derek
tapmady. Belki daşaryk gaçyp çykandyr diýip goňşularynyň ýüzüne
naýynjar bakdy. Emma gördüm-bildim diýen bolmady. Diňe Fişka bir
sözünde «Ogluňy gördüm, gaçyp gitdi» diýse, bir sözünde-de «Ýanandyr,
ýanandyr, ýene on asyrdanam ýanar» diýip kellä gelmejek zatlary
samraýardy.
Obadaşlary Folomeýe eýe çykdylar, aýaly pahyry jaýladylar. Kim
bilýär oňa içinden «Indä ile goşulsaň gerek»diýenem bolsa bolandyr,
emma onuň ýüzüne hiç kim hiç zat diýmedi. Folomeý her gijesini çüýüň
üstünde ýatan ýaly geçirse-de, bir hepdeläp obadaşlarynyňkyda bolmaly
boldy. Her kim oňa «Gyş geçer täze jaý salarys» diýip göwunlik berýärdi.
Emma ol jaýyň gaýgysyny etmeýärdi. Onuň göwnüne oguljygy bir ýerden
ylgap çykaýjak ýaly bolup durdy. Ol obanyň töweregindäki ot-çöpleriň
düýbüne çenli umyt bilen garap gezdi. Ol ogly ýanyp küle öwrülendir
diýen pikire asla ynanmagam islemeýärdi. Gijelerine ogly düýşune girerdi.
Düýşünde peltejik dili bilen ogly «Men bäýde, men bäýde» diýip
gygyrýardy. Folomeý tisginip oýanyp, aglamaga oturardy. Bu düýşi bir
däl, üç-dört gezek gaýtalandy. Bir gezek bolsa ol düýşünde gara köýük
bolup ýatan aýalyny gördi. Aýaly ýatan ýerinden oglunyň adyny tutup
«Mesaý, Mesaý gaç, daşa gaç» diýip gygyrýardy. Ogly gaçyp gelip
kakasynyň gujagyna dolýardy…
Bu düýşden soň Folomeý obaň popunyň ýanyna bardy. Pop onuň beren
gürrüňlerini bölmän diňledi. Ahyrynda-da göwünlik berip:
— Belki ogluň diridir. Ýöne sen ony öz obaňdan tapmarsyň. Bu
golaýlarda bar bolsa, tapylarça wagt boldy. Sen ony daş ýurtlardan gözle,
Allanyň gudratynyň çägi ýokdur — diýdi.
Folomeýem obalaryndan göçüp gitse özi üçin gowy boljagyny bilýärdi.
Häzire çenlem ony obasynda saklan «oglum tapylaýmasyn» diýen
umydydy. Popuň sözlerinden soň, ol belli bir karara gelip obadan göçdi.
Emma ol oglundan umydyny üzüp göçmändi. Dogrusy, onda göçüpgöçmez ýaly ekin ýeri diýäýmeseň, hiç zady galmandy. Ekin ýeri bolsa
onuň ýadyna-da düşenokdy — ol ogluny gözläp goňşy obalara aýlanýardy.
Dört ýaşly çaganyň obadan çykyp gaçmagyndan, onuň ýanyp duran jaýdan
çykyp bilmän ölen bolmagynyň has bolup biläýjek zatdygyna düşünse-de,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Üç nokadyň biri - 04
  • Parts
  • Üç nokadyň biri - 01
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2135
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 02
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2175
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 03
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2117
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 04
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2089
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 05
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2109
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 06
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2063
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 07
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2092
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 08
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2052
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2113
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 10
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2095
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 11
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1936
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 12
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2024
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 13
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2016
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 14
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2086
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 15
    Total number of words is 2549
    Total number of unique words is 1600
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.