Latin

Üç nokadyň biri - 02

Total number of words is 3738
Total number of unique words is 2175
28.8 of words are in the 2000 most common words
41.8 of words are in the 5000 most common words
48.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
jogap edip, iki-ýeke iner bozlady. Ala-hasyrdylyk döredip saklanan
kerwen, uly bir gerşi ýassanyp düşledi. Nerler-düýeler çökdüler. Oýa
girileninden boldumy, ýeliň bady gowşady. Galyň bulutlar Günüň
ýaşanyny ýa-da ýaşmanynam doly aňdyrtmaýardy. Ine-de, azançy azana
gygyrdy. Elli töweregi adamyň başy jemlenip, iki hatara düzüldi. Ymam
öňe geçip jemagata namaz okatdy. Sapar namazlary bolansoň ikindi bilen
agşam jem edilip okalsa-da, ybadat uzaga çekmedi. As-Samat göwnüne
gelen ünjüden ýaňa namazlaryny nädip okanynam bilmedi. Ol içinden:
«Biz tupandan gorkymyza ikindimizi agşam namazyna jem etdik. Kybla
bakyp Allaha ýalbarmalykak, bir oýy penalap gaçdyk. Biziň bu edenimiz
dogry ýaly, harasatdan halas bolduk. Ýelem ýatdy. Ýa Allahym biziň nähili
hereket etjekdigimizi görmek, synamak üçin bu tupany turuzdymyka?
Günämizi geç, bendeleriň bilen deň bolma, Taňrym! Beterinden sakla.»
Her kim sag-aman ýolagçylygy gutaryp öýlerine başbitin dolanmagyň
dilegini etdi. Ýagşyň ýagaryndan howatyr edýän adamlar gyssanmaç ýerliýerine dargadylar. Diňe bir ýolagçy töweregi boşap galsa-da, kellesini
sejdeden kä galdyryp, kä goýup dogasyny goýmaýardy. Köplenç, uzyn
dilegler edip, iliň soňuna galýan As-Samadam turup barşyna oňa tarap
garandy hem içinden: «Allah yhlasymyza görä dileglerimizi kabul etsin»
diýdi. Gijäniň garaňkysyna diňe ullakan çäge gerişleri saýgardýardy.
Käýerde-käýerde ösüp oturan keltejik sazaklaryň çyplaň şahalarynyň
ysgynsyz şuwwuldysy, bady gowşasa-da, ýeliň doly ýatmanlygyndan
habar berýärdi.
As-Samat düýesiniň ýanyna gelip, atalygyndan özüne miras düşen eketäk zadyny — ullakan öküz derisini aşagyna düşendi. Iki düýe arasy yzdan
gelýän, As-Samat bilen ýola düşülmeziniň öňýanlary tanyşan Eziz ýüküni
ýazdyryp onuň ýanyna geldi. Eziziň mährem bakyşy bardy. Bu bakyşyň
manysy giňdi.
Ol «Sag-aman gelýärmisiňiz, agam, ýagyş ýagaýarmyka?»diýip saglykamanlyk soraşmakdan başlap, «Isleseňiz çaý getireýine» çenli mylaýym
söz atyşmalaryň baryny öz içine alýardy. Edil çekimli harplary ýazylmaýan
arap ýazuwyndaky ýaly, As-Samat bilen ondan ýarpy ýaş kiçi Eziziň
arasynda-da, täzelikde tanyşanam bolsalar, köp zatlar aýdylman
düşünilerdi. As-Samat Eziziň bu düşbüligini gowy görerdi.
As-Samat Eziziň gözlerinden okan sowalyna jogap gaýtardy:
— Bulut ýagmaz, buýruk ýagar. Allahdan bidin çöp başy gymyldaýan
däldir.
— Agam, Allaha imanyň berk bolmagy üçin Ony tanamak, Oňa
ynanmak, düşünmek gerek diýýärsiň. Özleri ýaly ynsanlara ynanmaýanlar,
ynsana düşünmeýänler, ynsany tanamaýanlar Haktagalany neneň
tanasynlar?
— Atam: «Herki zatda tertip bardyr. Tertibiň bozulan ýerinde ähli zat
manysyny ýitirýändir» diýerdi. Adamzada ynanman, düşünmän, tanaman
Ýaradana ynanmak, düşünmek, Ýaradany tanamak mümkinmikä beri?
Çünki tertip ýitýär.
— Eger gudrat tertipde bolsa, Güneş …
Eziziň sözüni soňlap bilmän goýmasyna As-Samat ýylgyrdy. Eziz onuň
ýylgyrmasyna düşünip, ýere bakdy. Ol tä As-Samada duşýança ýyldyzlara
çokunyp gelipdi. Ene-atasam ýyldyzparazdylar. Hakyky, imanly adama
duşuryp dogry ýola salany üçin ol her namazynda Allaha şükürler aýdardy.
As-Samada ýagşy dilegler edip doga okardy.
— Güneşiň, ýyldyzlaryň tertibi Allahyň gudratyny görkezýän tertipdir,
Eziz. Eger şol gudrat bolmasa ýyldyzlaryň hersi bir ýaňa dargap kül bolup
giderler.
As-Samat bu sözlerini örän ynamly aýtdy. Ara dymyşlyk düşdi. Eziz bir
zat aýdasy gelýän ýaly ýoldaşynyň ýüzüne naýynjar baksa-da, gürrüňiň
ugruny bozmaga çekinip, sesini çykarmady. As-Samat ýagdaýy derrew
aňyp:
— Näme aýtjakdyň, inim? — diýdi.
— Aý, hiç… agam tebip, menem dert çekip ýörün…
— O nähili dert?
— Birden-birden içim towlap gidýär.
— Hany, arkan ýat şu ýerde.
Eziz biline berk baglanan pully haltajygyny çözüp bir ýana goýdy.
Eşigini ýukaldyp As-Samadyň görkezen ýerinde süýndi.
As-Samat öňünde arkan ýatanyň garnyny basyşdyryp gördi.
Köýneginiň üstünden basany bilenem kaýyl bolmady. Ol Eziziň teniniň
ýumşak ýylysyna känbir ähmiýet bermän, iç-goşlardaky üýtgeşmelere
ünsüni jemläpdi. Elleri aşgazanyň agyryly ýerlerine baranda bedeniň
biynjalyk tirpildisini syzýardy.
Eziz bolsa sakalynyň agy garasy bilen deňleşip ugran ýaşulynyň özüne
şeýle ýakynlaşmasyndan hem özüni utanýan ýaly duýardy, hem rahatlyk
tapýardy. Soňa-baka çekinjeňligem aýrylyp, As-Samadyň basyşdyrmalary
oňa hoş ýakyp başlady.
— Agam, dermanyň eliň ýaly, basdygyňça hoş ýakýar.
As-Samat Eziziň sözüne çalaja ýylgyrdy. Garradygyça elleriniň süňke
öwrülip barýanyny duýýan As-Samat atasy pahyryň «Eliň ýakymly»
diýýän döwürlerini ýatlady. O bende ýene: «Lukman bolmak üçin ilkinji
dört şert bardyr. Birinjisi pähimiň, düşünjäň, hüý-häsiýetiň, ikinjisi gözüň,
nazaryň, üçünjisi diliň, gep-sözüň, dördünjisi bolsa eliň, ähli hereketleriň
ýumşak, mylaýym bolmaly»diýerdi.
Atalygy pahyr oňa ýaňy on bäş ýaşanda, mundan ýigrimi bäş ýyl öň öz
bedenini basyşdyrdyp görkezipdi. Ondan öňem As-Samat atalygynyň
ellerini-aýaklaryny, arkasyny ençeme gezek owkalapdy. Emma şol gezek
atalygy oňa ynsanyň göze görünmeýän öýkeni, ýüregi, aşgazany hakynda
aýdyp berip, garnyna, döşüne basdyrypdy, gulagyny goýduryp ýüreginiň,
öýkeniniň sesini diňledipdi. Atalygyny ýatlan As-Samat Eziziň haçan uka
gideninem duýmady. Eliniň aşagyndaky nähoşuň rahatlanyp, gözüni süzüp
ýatyşyndan hoşal As-Samat biraz ýadasa-da, Eziziň aşgazanyny owkalap
berdi. Soň ýüzin ýatyryp arkasyny, bilini owkalady. Bäşilenji gün dowam
edýän ýolagçylygyň ýadawlygyndan soň, As-Samadyň mylaýym elleriniň
täsiri bilen derdi ýeňlän Eziz rahat uka gidipdi. As-Samat owkalamasyny
bes etdi. Süýji ukuda ýatan Eziziň üstüni örtdi. Onyň nurana ýüzüne gözi
düşende nädip uludan demini alanyny özem bilmedi.
«Eý Allahym, gudratyňa döneýin, ynsany Sen nähili owadan
ýaradypsyň! Bu gözlere seret, açykka-da owadan, ukudaka-da…»
As-Samadyň atalygynyň öldürilen goýun kellesini bişirip, ony böleklere
bölüşi hakydasyna geldi. Ol gözi özbaşdak bir tabaga çykaryp:
— Seret oglum, ynsanyň gözem şu pisintdir. Bu göz almasy, bu göreç.
Göreji kessek içinde suwuklyk bar… Onuň nähili görýändigini düşündirip
bolanok. Emma içinden geçýän şöhleleri saýlap bilýän, görýän göreçdir —
diýipdi.
Ondan bäri geçen ýyllaryň içinde gaty köp zatlary okan, öwrenen AsSamat atalygy bilen hyýalynda söhbetini dowam etdirdi. Atalygynyň sesi
gulagyna gelip duran ýalydy.
— Oglum, hemme zadyň çöwresi ýüzi ýaly owadan däldir. Hol ýatan,
keşdelenen pul haltajygynyň çöwresem terslin-oňlyn geçen sapaklardan
doludyr. Ýöne ynsan, bu başga. Ynsanyň kellesi beýni bilen pikirlenýär,
göz bilen görýär, burun bilen dem alýar, dil bilen sözleýär, agyz bilen
iýmitlenýär. Bularyň baryny, başga-da gaty köp zatlary özünde jemleýän
kelle nädip işleýär? Onuň güýji biziň görüp duran ýüzümizde däl, ýeňsedede däl. Özeninde. Ony diňe çöwrüp görüp bolar. Emma ynsan ogluna bu
başartmaz. Edil bişip oturan alma miwesine suwuň nireden, nädip
barýandygyny görjek bolup agajy çapan ýaly bolarys. Kelle bu zatlara
çapmazdan, çowürmezden düşünip bilýändigi üçin owadan. Onuň başarnygynyň nämededigini biz görmeýäris. Çünki ol çöwre tarapda, bize
görünmeýän tarapda bolmaly. Ynsanyň çöwresi özündenem owadan
bolmaly, eger ol hakyky boljak bolsa…
— Hakyky däl adamy tanamada iş bar!
— Ony Allahyň özi tanar. Sen hemmeleri gowy diýip kabul et. Ica
pygamber «Günäkärleme, günäkärlenersiň» diýýipdir. Ýaşym gaýdyşdy
diýip sen birini günäkärleseň Allah seni günäkärlär. Sen diňe söý,
Ýaradanyň hatyrasyna söý. Çünki saňa ynsanyň çöwre tarapyny görmek
berilmändir. Gözüň gözelligi gabakda ýa göreçde däl-de,
görýänligindedir…
As-Samat düýe halyklaryndan birini aşagyna atynyp beýleräkde
ýatarman boldy. Ýoldaşyny oýarmajak bolup hernäce jan etse-de bolmady.
Şübela ýalbarsa-da, oýaly-ukuly Eziz: «Sen ýeriňe geç, menem ýerime
gideýin» diýip, öz düýesiniň ýanyna gitdi. Eziz gidensoňam As-Samadyň
uzak wagtlap gözüne uky gelmedi. Ýogsa bir adamyň derdini eli bilen
aýyrdy. Ýene bir alkyş aldy. «Maňa dünýede başga hiç zat gerek däl. Indi
bir rahatlanyp ýatyberemde bolmaýarmy? Ýa bu dünýäň özüne menden bir
zatlar gerek? O geregiňem ahyr bir gün alarsyň-da, häzir bir günüme goý».
Dünýe bilen gepleşip ýatan tebip, ahyry çägä daman damja ýaly uky siňip
gitdi.
As-Samat ertesi azançynyň sesine oýandy. Gyssanmaç täretini aldy.
Azanyň aýdylan ýerine, jemagat bolup namaza duruljak ýere bardy. Ilki
sünneti okaldy. Kamat aýdylyp parz namazyna durulmakçy bolnanda gür,
uzyn, gara sakally ýolagçynyň ýüzüni ýerden galdyrman aglaýanyny
gördüler. Belki köşeşer diýýän ýaly, ymam namaza başlaman güýmendi.
Ol adam ýüzüni ýerden götererli däldi. Ymam gaty sesi bilen namaza
başlady. Ýaňky adam hasyr-husur ýerinden turup, ymama uýdy. Emma
namaz okalyp bolnandan soň ol ýene aglamasyny dowam etdirdi.
Kerwenbaşy As-Samada ýüzlenip:
— Tebip aga, sen ol bendäni köşeşdirip bilmezmiň? Görýänsiňiz ol
eýýäm iki gün bäri şeýdip özüni horlap gelýär — diýdi.
As-Samat:
— Kime ýalbaryp aglaýan bolsa ony şolam köşeşdirer, ogullar. Eger
Allah ryzasy üçin aglaýan bolsa dilegleri kabul bolup, ýüregine giňlik
geler. Eger jemagat meni görsün diýip aglaýan bolsa basym köşeşer,
jemagat ony gördi. Eger tebip kömegi gerek bolsa men kömek etmäge
taýýar — diýip, ol adama garşy ýuwaşjadan ýöräp ugrady.
As-Samat ýüzüni kybla öwrüp aglamasyny dowam etdirýän ol adamýň
sag tarapyndan baryp, elini egnine goýdy. Onuň şol bir aglap oturşydy. Sag
elinden tutup ony ýerinden turuzjak boldy. Ol elini yzyna çekip aldy-da,
aglamasyny gataltdy. As-Samat onuň çekip alan elinden ýene bir tutdy-da,
onuň özdiýenli, kesir gözleriniň içine dikan seretdi. Nazarlar kaklyşdylar.
As-Samadyň garaýşyndan ejizlän uzyn sakalyň boýny buruldy, sesini
tapba kesdi. As-Samat: «Allah saňa şypa bersin… Düş yzyma.»diýdi-de,
gelşi ýaly yzyna dolandy. Uzyn sakalam ýerinden turdy-da, erkini ýitirip
onuň yzyna düşüp gaýtdy. Kerwenbaşynyň deňine ýetende As-Samat agyr
ýüzüni galdyrdy, ýöne sesini çykarmanam öz düýesine tarap ugrady. Üçdört ädim yzy bilen gelýän uzyn sakal adamyň agy gatyşykly
hynçgyrmasyny ol göýä eşitmeýän ýalydy. Düýesiniň deňine ýetenden soň
yzyna gaňryldy. Uzyn sakal özüni lampa aşak goýberip, emedekläp gelşine
onuň aýagyndan ogşamaga çalyşdy.
Gözlerinden boýur-boýur akýan ýaşam sylman, As-Samada ýüzlenip:
— Eý, jenabym, kim bolarsyň? Ýaşdan doly gara gözlem seniň gury
goýun gözleriňden ejiz geldi. Iki gün agladym, ýalbardym, Allaha dilegimi
kabul etdirip bilmedim, seniň bolsa iki sözüň meniň iki günki ybadatymdan
güýçli geldi. Elimden däl ýüregimden tutduň, pirmisiň ýa pire gol
berenmisiň, kimsiň jenabym? Kyrka ýeten gara başym elli ýaşan kämil
başyň öňünde gul bolmaga taýýar — diýdi. Onyň soňky sözleri sesli
agysyna garyşyk çykdy.
As-Samat:
— Estagfyrallah! Tur ýeriňden. Allahdan özgäniň öňünde dyza
çökmegil. Gözýaşlaryňy syl. Allahdan özgäniň öňünde gözýaş dökmegil.
Allahdan özgeden tamakin bolmagyl. Tur ýeriňden — diýip, onuň
goltugyndan göterdi. Emma ysgyny gaçan ýolagçy onuň gujagynda
özünden gitdi.
As-Samat Ezizi kömege çagyrdy. Ýakynda bolansoň, ol tiz ýetişdi.
Onynça ol adamyň öz ýoldaşy hem geldi. As-Samadyň ysgadan däridermanlary huşuny ýitirip ýatan adamy özüne getirdi. Emma ol
ysgynsyzdy, aýagynyň üstünde durup bilmeýärdi. Onuň ýoly dowam
etdirmäge haly ýokdy. As-Samat ony heniz ýygnabam ýetişilmedik deriň
üstünde ýatyrtdy. Derrew çaý gaýnadylmagyny buýurdy.
Bu gezek kerwenbaşy ýola düşmäge taýýarlyga has uzak wagt berdi.
Kerwenbaşydan gelen çapar Urfa çenli bir günlük ýoluň galandygyny,
emma ol ýoluň iň howply bölegidigini, isleseler näsagy düýäniň üstünde
ýatyp gider ýaly şertiň hem döredilip bilinjekdigi hakynda habar getirdi.
Näsagyň ýoldaşy, eger kesel howply bolmasa As-Samada kerwenden
galmazlygy haýyş etdi. Özleriniň bolsa biraz dynç alanlaryndan soň
garaba-gara kerweniň yzyndan baryberjekdiklerini aýdyp, As-Samady
ýola salmakçy boldy. As-Samat onyň bilen razylaşmady. Olar kerwenden
bölünip galdylar.
— Ýol howply bolsa, agam, belki menem galaryn? — diýip, Eziz AsSamada ýüzlendi.
— Ýok Eziz. Eger ajal dogry gelen bolsa men-ä bu bendäni halas edip
bilmerin, senem meni. Sen Allahy çagyr-da, kerwenden galma. Goý, Allah
bizi Öz penasynda saklasyn.
— Belki Urfada sataşarys. Görüşýänçäk hoş galyň — diýip, hoşlaşan
Eziz kerwene goşulyp gitdi. Aslynda ol indi bu ýaşuludan aýrylyşsa, soň
aňsat-aňsat sataşmajakdygyny bilýärdi. Çünki As-Samadyň beýleki
ýolagçylar ýaly söwda-satyk üçin ýola düşmändiginden habarlydy. Şu gün
bolmasa ertir onuň bilen hoşlaşmaly boljakdygyny bilensoň, Eziz
kerwenden galmazlyk kararyna gelipdi.
Kerwen barha uzaklaşyp, ýuwaş-ýuwaş gözden ýitip gitdi.
Nabatly çaýyň başynda As-Samat agyr kerwenden galmaly eden
ýoldaşlary bilen tanyşdy. Olar Bagdadyň eteginde ýaşaýan köwüş ussalary
bolup çykdylar. Urfada köwüş gymmatmyş diýip eşidip gaýdypdyrlar. Biriki owurt çaý owurtlap gözüni açmaga ýaran uzyn sakalyň ady Faruh,
ýoldaşynyň ady Şemsi eken. Şemsiň gürrüň bermegine görä, ýola
çykylandan üç gün soň Faruh işdäm zat alanok diýmäni çykarypdyr.
Şondan bärem käwagt bir suw içäýmese hiç zat iýmändir.
— Bagdatdakagam Faruh şeýdip zat iýmän gezerdi. Ýone uzak ýol
halys ysgynyny alaýdy. Onuň siziň yzyňyza düşüp gaýdanyny gördüm.
Edil beýle haly teňdir öýtmämsoň çaltyrak düýeleň ýüküni uraýyn diýip
ýerime gidişimdi. Basym gutulşar-la hernä?
— Enşallasa gutular. Derdini beren Allah dermanynam berer. Gaýgy
etmäň. Häzir biraz ýatyp ukusyny alsyn.
As-Samat kitaba güýmendi. Emma Faruhyň ýaşyny saklap bilmeýän
gara gözleri ony gününe goýanokdy. Atalygynyň öwredişi ýaly ýiti seredip
As-Samat olary özüne boýun egdiripdi. Gözüň täsir ediji güýjünden
çykaran badyna-da Faruh özünden gidip çaşypdy. Bu As-Samady
gorkuzdy. Çünki göz täsirini şeýle güýçli kabul edýän adamyň özüne gelip
bilmän ölüp gidýän ýagdaýlarynyňam bolup bilýändigini atalygy gaýtalapgaýtalap kän aýdypdy. «Allahy çagyryp aglaýan bendesini men diňdirdim.
Bendesi gudraty mende gördi. Elini yzyna çekip almadyk bolanda, menem
bile Allaha ýalbarjakdym. Meni inkär etdi diýibem ony göz täsirime
düşürdim. Men-menlik etdim. Ony öňümde dyza çöküp ýalbarar ýaly
etdim. Beýderçe men kim? Allahyň maňa beren güýjüni Onuň ryzasy üçýn
ulanmadym.
Belki Allahyň Özüdir meni onuň ýanyna ugradan? Men gitmekçi
däldim ahyryn. Ony yzyma düşürip alyp gaýtmagy maňa Allahyň
buýrandygyny inkär edip bolarmy? Şeýtmedik bolamda onuň gözýaşyny
kim saklardy? Allah onuň derdniň şypasyny meniň elim bilen häzirem
berip durmanmy näme? Ähli buýruklar Allahdan gaýdýar diýýänler her bir
eden günä işi üçin her ynsanyň özi jogap bererem diýýärler. Nirede men
Allahyň emrini berjaý etdim, nirede-de özüm günäkär boldum, nädip
açyklamaly?
Şunça ýaşap ýogsa sen ony açyklap býleňokmydyň As-Samat? Öz eden
günäsini özi bilmezem bir adam bolarmy?! Günä iş eden wagtyň ony ilden
öň özüň duýup, ýüregiň jigläp dur ahyryn. Keremli Allah ýazygymy geç.
Günäkär men. Sen günäkärleri Bagyşlaýjysyň.» As-Samat günäsiniň
geçilmegini diläp, uzyn doga okady.
Faruh rahat ýatyrdy. As-Samat onuň maňlaýyna elini goýdy. Faruh
düşürgäp ýüzüni çytdy. Ol düýşünde maňlaýyna bir ýagtylygyň gonanyny
gördi. Faruh ýüzüni nirä öwürse-de, ýagty aýrylmaýardy. Ol ony elläp
görjek boldy, eline hiç zat ilmedi. Faruh ynsan dilini bilýän janly zat ýaly,
oňa sowal berdi. Beren sowalyna ýagtylygyň jogap berip duruşam Faruhy
geňirgendirmedi.
— Sen kim?
— Men nur.
— Nämäniň nury?
— Ynsanyň nury.
— Mundan öň seni görmeýädim-le?
— Gözüň gapykdy. Gözli kördüň.
— Ýalan. Gözlerim açykdy, görýädimem. Meň kör bolasym gelenok.
— Sen hem saňa meňzeşler gözleri açykka kördürler. Çünki siz körlere
görünýän zatlary görmeýärsiňiz.
— Körlerem bir görermi?
— Körüň görýäni gözlä görünmez.
— Körleriň görýäni tümlük.
— Sen şol tümlügi gördüňmi? Kör tümlügini? Şemaly görmeýäniň üçin
ösmeýär diýme, guşlara gürlemeýändir, daşlara diňlemeýändir diýme. Ýeri
gazsaň ýer çykar, pikirden pikir.
Faruh maňlaýyna gonan nuruň ýuwaş-ýuwaş özünden daşlaşyp
ugranyny gördi. Gyssanyp ony saklajak boldy emma eline ýene hiç zat
ilmedi. Ol elini galgadyp oýandy. Başujunda elini maňlaýyna goýup AsSamadyň oturanyny gördi. Elini onuň eliniň üstünden goýup, ýene gözüni
ýumdy. Pyşyrdap As-Samada ýüzlendi:
— Siz kim?
— As-Samat Bagdatly.
— Ozal seni görmändirin-le… Ýa kördümmikäm?
— Bagdat uly şäher onda müňläp adam bar.
— Siziň ýalysy bäşdir ýa ondur. Men adamlaryň ýüzlerine däl
aýaklaryna garap ýaşadym. Ýüzlerden köwşi gowy tanaýan… Ýene özüme
kör däldirinem diýýän… Siz tümlügi gördüňizmi? Kör tümlügini? Şemaly
görmeýäniň üçin ösmeýär diýme, guşlara gürlemeýändir, daşlara
diňlemeýändir diýme. Ýeri gazsaň ýer çykar, pikirden pikir…
As-Samat Faruhyň soňky şözlerine düşunmedi. Oňa gyzgyny galansoň
samraýandyr öýtdi. Gyzgyny gaýtarýan dermanlaryndan taýýarlap içirdi.
Faruh gözüni açdy. As-Samat onuň elinden tutdy. Faruhyň eli gyzgyndy.
Özüne zor salyp gürlejek boldy. As-Samat barmagyny onuň dodagyna
ýetirip, gürleme diýip yşarat etdi. Faruh ýene gözüni ýumdy. As-Samat
näsaga elinden geljek kömegi berdi, gözünden geljek kömegi berdi,
dilinden geljek kömegi welin etmändi. Ol Faruha ýüzlenip mylaýym
gürlemäge başlady:
«Ýaşaýşyň görkem Allahdadyr, erkem. Ol islendik zady garşylygy bilen
çalşyryp bilýändir. Gijäni gündiz bilen, gyşy ýaz bilen, garany ak bilen,
şowsuzlygy şow bilen, dertleri sagalmak bilen. Derdi sagalmak bilen
çalşyrmak Onuň uly gudratlaryndandyr. Bu gudraty görkezmek üçin Ol
dermanlary döretdi. Bedenimizi, ruhumyzy agyr derdinden sähelçejik
dermanyň güýji bilen halas etmek diňe Allahyň gudraty bilen bolup biler.
Meýdanda ösýän ot-çöpüň ýa-da bir daş syzyntysynyň dertlä derman bolup
biljegini Allah salgy bermese lukman nireden bilsin? Ol dertliler sagalsyn
diýip derman ýaratdy. Onuň sagalmagyny islän detrlileri bir delil bilen
sagalar gider. Ajal peýmanasy dolanlara bolsa, çäre ýokdyr. Çünki ajalam
Allahdan gaýdýar. Bendesinden diňe sabyr-takat islener. Guşa ganaty
beren ony galgatmagam öwreder, uçuraram, gonduraram. Takatdyr biziň
ganatlarymyz. Takatly bolmak sussuň peselip ýolda ýatan daşa öwrülmek
diýmek däldir. Alyma açyşlar getiren, bizi ertire ýetiren, kalpdan şeýtany
ýitiren, günä-sogapdan ötüren takatdyr. Allaha şükürler aýdyp takat
etmekdir…
Faruhyň barmaklarynyň dartylyp duran damarlary gowşady. Ýumulgy
gözlerden ýaş syrygmaga durdy. As-Samat olary gataňsy barmaklary bilen
süpürdi, sözüni dowam etdi:
— Özüňi horlama, Faruh. Allah seniň ýoluňy nury bilen ýagtyldar.
Meniňem günämi geç. Allaha ýalbaryp säherde nalyş etdiň, päsgel beren
men boldum. Öt günämi…
Faruh gözüni açdy.
— Kim kimden ötünç soraýar?.. Ömürboýy hyzmatynda gezmeli
adamym menden ötünç soraýar… Eger ölsem, ähli gazanan sogaplarym
siziňki bolsun. Eger diri galsam, soňky gazanjak sogaplarymam siziňki
bolsun. Allah meni synamak üçin size duşurandyr…
— Allah bizi her bir zada synag ücin duçar edýär. O synaglarda kim
sogap gazansa, kim günä gazanýar. Paýlaşylany bilen sogap azalmaz.
Menem ähli sogaplarymy saňa bagyş edýärin. Ynsan ynsan bilen
razylaşyp, ynsan ynsandan razy gezmelidir. Sen menden razy bolawergin.
Ertir, enşallasa, aýak üstüne galarsyň, soň ikimiz günä-sogabyň jedelini
köp ederis.
As-Samat öňdäki gijäni sag-aman geçirip bilseler, Faruhyň ölüm
howpundan halas boljakdygyny aňýardy. Faruhyň gözlerinden ýene ýaş
akmaga başlady. Tebibiň her sözüni üns bilen diňläp duran Şemsi gyssanyp
dostunyň gözýaşlaryny sylýardy hem onuň bilen razylaşyp hoşlaşýardy.
As-Samat onuň ýeňinden çekdi.
— Çykmadyk janda umyt bardyr. Belki dostuňyz ölmez. Gorkmaň hem
aglamaňyzy bes ediň. Bu adam panydan arany açsa-da, belki jennete
barýandyr. Sen bolsa aglaýaň… Gowusy Faruhyň üstüni gowuja ört. Häzir
menem bir derman içireýin. Entek öňünde görjek günleri bar bolsa, derläpderläp açylar…
Şemsi tebibiň aýdyşy ýaly etdi. As-Samat kiçijek haltajyklaryndan
dermanlaryny çykaryşdyryp olardan käbirini bir-birine garyşdyrdy. Demir
gapjagazda olary gaýnatdy. Soň içi dermanly demir gaby sowuk suwda
sowatdy. Taýýarlan dermanyna azajyk suw garyp, näsaga icirdi.
— Emiň-ýomuň şu bolsun!
As-Samat näsagyň başujunda çök düşüp oturşyna uzyn dogalar okap,
Allahy çagyrmaga başlady. Onuň sesi elindenem mylaýymdy. Şemsi
okalýan dogalaryň owazyna özüni aldyryp, dünýäni unutdy. Onuň ýadaw
aňynda wagt, menzil ölçegleri ýitdi. Ol häzir diňe biri-biriniň yzyna
sepleşip gidýän doga-dilegleri eşidýärdi. Şeýle jadylaýjy ýagdaýy ol
Bagdatda uly sazandany diňlände başdan geçiripdi. Şonda ony sazýn diňe
heňi özüne bendi eden bolsa, häzirki diňleýän dogalarynyň hem heňi, hem
sözi jadylaýjydy.
Bizi ýokdan bar etdiň eý Kadyr Allah, barlygmyzy dowamly et.
Dowamly beren ömrüňi günäsi az, sogaply et.
Pälimize päklik ber, kalbymyza kanagat
Ynam ber, umyt ber, güýç ber, gurbat ber,
şirin janlar amanat.
Ýaza ynanan pyntyklar ýaly,
Güýze ynanan ýapraklar ýaly,
Gyşa ynanan ak garlar ýaly,
Asmana ynanan guşlar ýaly
Diňe saňa ynanýan kalplara açyl.
Keremiňden eçil Keremli Allah!
Dertli bendäňe derman, lukmanyna yhlas ber.
Amanada hyýanat etdirmäwer ellere,
Hem gybaty etdirmäwer dillere.
Danalara durulyk ber, gutar bigänäni nadanlygyndan,
Batyl gözi açylmaz, görmeýän göz kör däl eken,
Ker gulagy açylmaz, eşitmeýän ker däl eken,
Görýän göze körlük etdirme, eşidýän gulaga kerlik,
Gyzgyn ýüregi buz etme, halal yrsgalda kemlik,
Ynsan nurun görsün gözler,
Ynsanyň mährem sesinden gulaklar gansyn
Ýylasyn ýürekler, Allahym!
Bir-birine uzan gollar bezär by jahany
şol gollara kuwwat ber!
Gyz bir naçar, bagtyny aç, ýigidine wepa ber,
Gussadan gutar gojany, bir pursatlyk sapa ber.
Jomartlyk ber beglere, garyp baýlygy kanagat,
Kanagatyn kem etme,
Ýa kadyr Allah!
Bet niýetden, bahyl bakyşdan, gyjalatdan, töhmetden halas et bendäňi.
şa tagtyny halas et öwülmekden, döwülmekden
Sarsmasyn daglar,
Köl ber guwlara,
Köz ber, bir bölejik köz ber hossarsyzyň ojagyna,
Uzak ýollarda ýolagça, mysapyra ýat illerde gol ber!
Ýetim gözi ýerdedir galdyr başyny.
Enäni balasyndan, balany enesinden yrak etme,
Kime düşünmese-de atasyna düşünsin ogullar,
Dillermizi düşnükli et, ýapylmasyn açyk ýollar.
Jenaýatsyz, jellatsyz il ber!
Dilegim diňe Saňadyr,
Dilegleri kabul eden diňe Sensiň, diňe Sen!
Başym saňa sejde, ýa Rabbim, Allah!
Her bendäňe Söýgiň bar, her bendäňde Nuruň bar,
Her bendäň Senden gaýtdy hem ýene Saňa barýar,
Bu ýoluňda azaşdyrma, ýa Allah!
Omyn!
As-Samat şol gününi derman ýasap geçirdi. Emma Faruh bäri bakarly
däldi. Günorta ýakyn onuň endamyna gyzamyk ördi. As-Samat ony görüp
begendi. Çünki dert belli bolansoň, ony bejermek ýeňillesýär. Öňde
howply gije bar. Näme ücin gijelerine näsagyň derdiniň gündizkisinden
beterleşýändigine As-Samat akyl ýetirip bilmeýärdi. Düşeginden galman
ýatan hassa gündiz ýadandyr diýer ýaly däl. Gaýta tersine, gündizki edilen
emler oňa rahatlyk getirjek ýaly. Ýa-da ýyldyzlaryň täsiri barmyka? Saly
suw üstündäki derdi agyr bende gijäniň gündiziň tapawudyny bir
bilýärmikä? As-Samat ünsüni başga zada sowjak bolup, Faruhyň petir ýaly
gyzaran ýüzüne seretdi. Ol öten agşam ukuda ýatan Eziziň ýüzüne şeýdip
seredip, ynsany owadan ýaradany üçin Allaha şükürler aýdypdy. Häzirki
ýatana welin, owadan diýer ýaly däldi.
Faruh samramasyny goýmaýardy. Men nurduryn diýip maňlaýyna
gonan zat häzir onyň göwnüne bütin endamyna ýaýraýardy. Ol ozalkysy
ýaly soraglaryna düşünmesi kyn, emma anyk jogaplary berýärdi. Dogrusy
ol jogaplar Faruh üçin düşnüksiz däldi. Gaýta tersine, ukudan oýanandan
soňam şol jogaplaryň täsirinden çykyp bilmezdi. Birden-birden syrly
söhbetdeşine ol As-Samatdyr öýderdi hem bularyň bary oýalygynda bolup
geçýärmikä diýerdi. Emma, eger ol As-Samat bolsa, näme üçin öžüne nur
diýýär? Nädip ol ýagtylyga öwrülýär-de maňlaýyma gonýar, tutuş
bedenime ýaýraýar? Sesiň As-Samadyňkydygy welin açyk. Faruh soňky
söhbetdeşligini ýatlady. Haýran galaýmaly, şol şöhbetler sözme-soz onuň
aňynda galardy. Ol ynsan ömründe setanda-seýranda bolup geçýän ýatdan
çykmajak söhbetdeşlik ýalydy.
— Geleniň gowy bolaýdy, ýüregim ýanyp durdy.
— Gitmekden gelmek gowy. Sen maňa düşünýäň, menem gelýän.
— Sen maňa düşünýäň, şondan meňem saňa düşünýänim. Wagtyň bar
gerek, öňkiň ýaly çalt gitmersiň gerek?
— Men wagt ölçegini bilmeýärin. Meniň üçin aralygam ýok. Men
gelmeýärinen, gitmeýärinem. Sen maňa ýakynlaşyp-daşlaşýaň.
— Sen howadamyň, ýerdemiň? Eger howada bolsaň guşlar, bulutlar
seni kesip geçýärmi? Ýyldyrym seni ýaralanokmy?
— Olar mende ýaşaýarlar.
— Sen olarsyz oňup bilersiňmi?
— Düşünmedim?
— Olar bolmasa saňa nähili bolar?
— Olar bar. Menem bar. Senem bar. Bar zat nädip ýok bolup biler?
— Eger birden…
— Seň aňyňda tüweleý turjak bolýar. Tüweleý - topalaňçylyk. Tüweleýi
men halamaýaryn.
— Bagyşla. Güller solýar, ynsanlar ölýär. Dünýäniň şeýle gurlandygyna
gynanjyma senem gynandyrdym.
— Ölmek ýok bolmak däldir. Gül solmaýar. Durmuşyňa-da sen,
köplenç, gül ýaly diýýärsiň. Ýaşamagy söýýärsiň. Sen bu dünýäniň
gözelliklerine begenýärsiň. Olary güle meňzedýärsiň. Gül ýüregiňde
açylyp dur.
— Sen ony gördüňmi?
— Men ony yralap geçdim.
— Güller solmaýan bolsa, ölmek ýok bolmak däl bolsa, aýtsana, dirilik
gowumy ýa ölüm?
— Dirilige taý geljek zat ýok. Ölümem deňi-taýsyzdyr. Ýöne onuň
gözelligini sen soň görersiň.
— Aýtsana gyzgynlyk näme, sowuklyk näme?
— Olar biri-birine duşmandyrlar. Olar ýaraşanlarynda salkynlyk emele
gelýär.
— Begeneňde nädip gülýäň, gynanaňda aglaýşyň nähili?
— Begenemde ýagyş getirip aglaýaryn, gynanamda epgek ösdürip
gülýän.
— O nähili?
— Begenjiň geçip gitjekdigine, geçip gitjek zada-da begenmeli
bolýanyma gynanýaryn. Gynanjyň peýdasyzdygyna, peýdasyz zada-da
gynanandygyma gülýärin.
— Aýtsana nur, sen kimlerden hoşal?
— Başyny sejdä goýup iman dileýänlerden.
— Seni gara tütünler hapalaýandyr, nädip ýuwunýaň?
— Içerileri ýylydýan ojaklaryň ýalyny bilen ýuwunýan.
— Nähili häsiýetli ynsanlary halamaýarsýň?
— Adyl patyşanyň raýaty bolubam ýene onuň täjine göz dikýänleri.
— Olardan beterlerem barmy?
— Allahyň rehmetlerini, nygmatlaryny görüp-iýibem sübhede
ýaşaýanlardan beteri ýokdur.
— Adama öňünden gelen duşman howplumydyr ýa-da yzyndan gelen?
— Adamyň iň howply duşmany özünden gelen nebsidir.
— Iň päk ynsanlar haýsylar?
— Elbetde, pygamberler.
— Ýene?
— Ýene-de pygamberler. Ondan soň pygamberleriňem ynsandygyna
düşünip, olary özlerine nusga edinenler.
— Gybat-töhmet senem köýdürýärmi?
— Arman, olar maňa söndürtmeýär.
— Gyş gowumy ýaz?
— Gyşyna doňlary çözmek, ýazyna pyntyklaryň agzyny açmak gowy…
Faruh soňky sözleri birki sapar gaýtalady. «Doňlary çözmek,
pyntyklaryň agzyny açmak gowy». Ol indi As-Samadyň berýän
dermanlarynyň tagamyny duýýardy. Tebip bilen gürleşesi gelýärdi. Emma
tebip henizem barmagy bilen onuň dodagyna basyp gürlemezlige yşarat
edýärdi. Gijäniň geçmeýşine haýran galyp, ol ýyldyzlara garap ýatyrdy.
As-Samadam, ýoldaşy Şemsem bireýýäm uklan bolsalar gerek.
Emma As-Samadyňam ukusy tutmaýardy. Ýogsa ol indi Faruhdan
arkaýyndy. Şonda-da bir agyr howsala onuň ýüreginden çykanokdy.
Gije bir gündize deňleşsedi…
Ýer bir gijelik aýlandy. Irden As-Samat namazdan öňürti Faruha
esewan etdi. Daňa golaý uklan Faruh süýji ukuda ýatyrdy. As-Samat muňa
begenip, derrew namazyny okady. Şemsinem oýarman, öçeňkirlän ody
ulaltdy. Mis kündük sähel salymda gaýnady. Çaýyny demlendi. AsSamadyň hereketlerine Şemsem oýandy. Olam ilki Faruhyň başujuna
bardy. Soň namazyny okap, As-Samada golaý oturdy.
— Tebip aga, hassamyz bäri bakan ýalymy? Ýatyşy rahat eken.
— Hawa, inşallasa indi gün-günden gowulanar.
— Tebip aga…
— Adymy tutsaňam bolar. Ikimiz deňeçerräk bolaýmaly. Senem dört
müçän-ä gören bolsaň gerek, Şemsi aga?
— Bizdenem bir aga bolarmy? Biziň bilenimiz -bitenimiz köwüş, güngüzeran aýlamak.
— Halal zähmetem Allaha ybadatdyr diýerdi atam.
— Ataňyza kim diýerdiler.
— Hakyky öz atamy görmedim. Meni atalygym ulaltdy. Muhammet Ibn
Şefik.
— Siz Muhammet Ibn Şefigiň ogullygymy?
— Hawa.
— O bende jaýlananda bizem Faruh bilen ugratmaga barypdyk.
— Hawa bendäni Bagdat sylap bildi. Baran ýerem sylasyn-da hernä.
— Beýle adamlaryň jaýy jennetdir. Bendäň ýogalanyna baryp näçe ýyl
geçdikä? Onuň iki sany ogly bilen bir ogullygy barmyş diýdiler.
— Hawa ogullaram bar. Olar Bagdatda atalarynyň şypahanasyny
ýöredýärler. Bendäň aýrylanyna-da on ýyl boldy.
— On gün ýaly-da. Wagtyň geçäýşini. Sizem-ä güýçli tebip ekeniňiz
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Üç nokadyň biri - 03
  • Parts
  • Üç nokadyň biri - 01
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2135
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 02
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2175
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 03
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2117
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 04
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2089
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 05
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2109
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 06
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2063
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 07
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2092
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 08
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2052
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2113
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 10
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2095
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 11
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1936
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 12
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2024
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 13
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2016
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 14
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2086
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 15
    Total number of words is 2549
    Total number of unique words is 1600
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.