Latin

Üç nokadyň biri - 01

Total number of words is 3678
Total number of unique words is 2135
28.6 of words are in the 2000 most common words
41.4 of words are in the 5000 most common words
48.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ylýas AMANGELDI
ÜÇ NOKADYŇ BIRI
(Roman)
Türkmenistanyň Prezidenti
Beýik Saparmyrat TÜRKMENBAŞYNYŇ
ölüm jezasyny ýatyrmak hem-de
her ýylyň Gadyr gijesinde
günä geçmek baradaky
Permanlaryna bagyşlanýar
Aşgabat
«Ruh»
2002
UDK 94361
A 63
Amangeldiýew Ylýas
A 63 Üç nokadyň biri (Roman).
A. «Ruh», 2002. — 280 sah.
Ylýas Amangeldiniň bu romany Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ölüm jezasyny
ýatyrmak hem-de her ýylyň Gadyr gijesinde günä geçmek hakyndaky Permanlaryna
bagyşlanypdyr. Ol şeýle hem Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasyndaky
her sözleminiň bir romanlyk many göterýändiginiň özboluşly tassyklanmasydyr. Eserdäki
gahrymanlaryň ata-enä söýgüsi, perzentlik borjy ýaly şahsy häsiýetleriniň üsti bilen asyrlaryň
ruhy, döwürleriň arabaglanyşygy, umumy adamzat meselelerine aralaşylýar. Eserde ynsan
gatnaşyklarynyň üsti bilen günä, toba, etmiş, temmi, jenaýat, jeza ýaly düşünjelere özüne çekiji,
özboluşly garaýyş bar. Adamyň ynsanperwerlige ymtylyşynyň sagdyn jemgyýet gurmakda
esasy güýçleriň biridigi täsirli açylyp görkezilýär.
Mukaddes Ruhnamada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň öňdengörüjilik bilen belleýşi
ýaly, «Eden etmişiň üçin jogap soraýan dünýä bu». Ýazyjy şu pikiri hem eserde täsirli açmagyň
hötdesinden gelipdir.
Kitap Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň
«Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine hödürlenýär.
KBK 94 Tür.7
TDKP ¹ 62
© «Ruh» neşirýaty 2002 ý.
ÜÇ NOKADYŇ BIRI
Ylýas Amangeldiniň ýakyn günlerde çapdan çykyp okyjylar
köpçüligine ýetiriljek bu romany Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň
ölüm jezasyny ýatyrmak hem-de her ýylyň Gadyr gijesinde günä geçmek
hakyndaky Permanlaryna bagyşlanypdyr. Ol şeýle hem Beýik Saparmyrat
Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasyndaky her sözleminiň bir
romanlyk many göterýändiginiň özboluşly tassyklanmasydyr.
Eserdäki gahrymanlaryň ata-enä söýgüsi, perzentlik borjy ýaly
şahsy häsiýetleriniň üsti bilen asyrlaryň ruhy, döwürleriň arabaglanyşygy,
umumy adamzat meselelerine aralaşylýar. Eserde ynsan gatnaşyklarynyň
üsti bilen günä, toba, etmiş, temmi, jenaýat, jeza ýaly düşünjelere özüne
çekiji, özboluşly garaýyş bar. Adamyň ynsanperwerlige ymtylyşynyň
sagdyn jemgyýet gurmakda esasy güýçleriň biridigi täsirli açylyp
görkezilýär.
Mukaddes Ruhnamada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň
öňdengörüjilik bilen belleýşi ýaly, «Eden etmişiň üçin jogap soraýan dünýä
bu». Ýazyjy şu pikiri hem eserde täsirli açmagyň hötdesinden gelipdir.
Romanyň türk diline edilen terjimesi Türkiýäniň mededniýet
Merkeziniň geçiren romanlar ýaryşynda ikinji baýrakly orna mynasyp
boldy.
Sözbaşy ýerine
Eliňizdäki eserde beýan edilýän wakalary taryh bilen gabat getirip
bilmeseňiz ol taryhy däl-de, şu güni görkezýän eserdir. Eger wakalar biziň
günlerimizde däl-de, haçanam bolsa bir taryhy asyrda bolup geçipdir
diýseňiz diýmek bu kitap taryhydyr. Aslynda taryha öwrülmejek döwür
ýok. Düýn şu gün üçin taryh, şu günümizem ertirimize. Dünýä mytdyldap
barýar. Güneşiň her aýlawy taryhyň bir sahypasy bolup geçip dur. Ol ne
taryh ylmyna sygýar, ne-de taryhy ýazgylara. Eger isleseňiz, ähli kitaplar
ýaly bu kitabam eliňiziň aýasynda saklap ahyry okap çykarsyňyz. Iň soňky
sahypasyny ýapybam oňa depesinden seredip oturandygyňyzy duýarsyňyz.
Ol size mytdyldap barýan dünýäniňem depesinden garamaga kömek etsedi
hernä. Çünki ondaky wakalar mundan on asyr öň bolup geçen wakalar.
Mundan on asyr öň!
1-nji bölüm
…Ölenler ýer bilen onuň aşagynda aýlanyp dur, diriler üstünde.
Mundan on asyr öňem şeýdip aýlanypdyr, kyýamatahyr
gopaýmasa, ýene on asyrdanam dünýe şeýder aýlanar durar…
On asyr mundan öň. Çöl-beýewan. Aňňat-aňňat gum depeleri. Bu
ýerleriň şeýle-de seýrek ot-çöpüni içiňden geçip barýan aýazlara goýman,
ýekeje gijäniň sowugy urupdyr. Ikindä inen güýz Gününiň solgun reňkine
ähli zat goňras görünýär. Ýerdäki gum depelerem, gündogardan süýşüp
gelýän bölek-bölek bulutlaram. Gözüň eglenere zat görnenok. Diňe bir
bölek kerwen depelerden aşyp, bulutlar bilen ugurdaş günbatara tarap
barýar. Emma bu garyp görnüşiňem öz baýlygy bar — ol artykmaç
zatlardan halas. Bulutlaryň süýşüşi, kerweniňem akyp gidip oturşy olary
biri-birine çalymdaş görkezýär. Düýeleriň üstündäki ynsanlaryň
ömürlerem edil şu görnüş ýaly akýar geçýär, akýar geçýär. Olaryň
bulutlardan tapawudy ýok diýseňem boljak welin, iki gün ýol arasy öňde
ýene bir bölek adam kerweni talamak üçin peýläp ýatyr. Bulutlarda beýle
häsiýet ýok. Olar biri-birlerine ýamanlyk etmeýärler. Bulutlar ýer-gögüň
arasynda her zadyň özüniň iň uly baýlykdygyna adamlardan gowy
düşünýän ýaly.
Geliň, başyna bela geljek kerwene ýakyn baralyň. Uzakdan biri-birine
şeýle meňzeş görünýän gum depelerem ýakyndan synlasaň tapawutly.
Ynsanlar-a hasam. Orta gürpde barýan bir düýäniň ýüki beýlekilerinden
has ýeňil. Onuň üstünde inçemik, at ýüzli, uzyn saçlary çalaran ýolagçy
otyr. Bu adama As-Samat diýýärler. Ylym adamsy. Bütin ömrüne… Geliň,
gowusy oňa has ýakyn baralyň.
As-Samat, ugurlaram bir bolansoň bulutlar bilen goşulyşyp uçasy
gelýän ýaly, häli-şindi asmana bakýardy. Uzak ýolda kitap okamakdanam
ýadap, häzir aňyny öz erkine goýberipdi.
«Näçe köp bolsalaram, bu bulutlarda ýagyş damjalary ýok. Gar
ýagdyrardanam olar ysgynsyz görünýäler. Belki olar bir ýere toplansalar,
toplanan ýerlerinde garmy, ýagyşmy, ýagmyr ýagdyrsalaram ýagdyrarlar.
Ýöne olar toplanjaga-da meňzänok. Wagt mysaly hemmesiniň ugry bir
tarapa, akyşlaram okgunly. Ýok, hiç bir manysyz beýle okgunly akmak
mümkin däl. Kim bilýär, olar bir ýerlerde toplanýandyrlar, lemmer-lemmer
bolup. Bir ýerlerde tutuş gögi tutandyrlar. Ana, şol ýerde-de ýagýandyrlar.
Tozga-tozga gara, bolmanda ýagyşa öwrülip ýagandyrlar… Mundan öňki
on asyr, mundan soňky on asyr, müňläp-müňläp asyrlar lemmer-lemmer
toplansa… şonda näme ýagarka? Damja-damja salymlar, birgiden ömürler
ýagarmyka? Kyýamatahyr diýilýän ýa şeýdip başlanarmyka?..»
Bagdatdan Urfa ýola düşen, elli ýaşy arka atan As-Samat edýän
pikirlerinden hasam üşän ýaly boldy. Münüp barýan düýesiniň ýyly
örküjine bagryny berip ýylynjak boldy. Kerweniň iň yzyndan barýan
düýedäki jaňyň sesine diň saldy. Döşüni itip dem aldyrýan öýkenleriniň
işleýşi bilen jaň sesi, münüp oturan düýesiniň ädimleri sazlaşyp, on iki
süňňüne rahatlyk getirjek ýaly etdi. Ol töweregine garandy. Töwerek demdüýtsüz ýatyr. Onuň bu ýatyşyna hiç zada parh etmeýär diýjegiňem, ýa-da
bir zadam sypdyrmajak bolup ünsli diňşirgenip ýatyr diýjegiňem biler ýaly
däl. Ünsüni çeken goňras bulutlar bilen reňkdeş tümmek-tümmek gum
depeleriniň ýöräp barýan kerweniň deňinden akyp yzda galyp gidip
oturyşy As-Samady biygtyýar ýene asmana bakdyrdy. Ýer asmanda,
asmanam ýerde ýaly göründi.
«Toba estagfuryllah. Gudratyňa döneýin. Beýle dünýäni diňe Sen
ýaradyp bilersiň. Bizmi oňa akyl ýetirip biljek? Ýerem, asmanam,
pursatjyklardan düzülen ömürlerem, asyrlaram Seniň gudratyň. Edeniňe
ýüz-de-müň şükür, etjegiňe-de sabrym bar…»
As-Samat lemmer-lemmer bulutlardan tozgalap garyň, şabyrdap
ýagyşyň ýagyşyny göz öňüne getirse-de, howanyň üýtgemegini islemedi.
Uzak ýolda birsydyrgynlyk ýürege düşgünjem bolsa, her günüň bir hili
öwsüp durmasyndan kän gowy. Belki adam ömründe-de şeýledir. Ynsan
her gününiň geçen gününe meňzemezligini hernäçe islese-de, çaýkanýan
deňziň tolkunlary ýaly wagt her gün bir ýana oklap dursa, ynsan berlen
ömrüniň ýarsynam ýaşamaga çydamasa gerek.
«Allahyň gudratyny duýmak, hem Onuň edenine şükür etmek»bilen
özüni kyýamatahyryň pikirini etmeden az salymlygam bolsa halas eden
gartaşan göwräň irkilesi geldi. Pikirleri gününe goýsa diňe irkilmek däl, ol
süýji uka gitjekdi. Emma ýaşy gaýdyşdygyça ynsanyň isleg-hyýaly
hakykatdan daş düşmäge başlar eken. Gol bulaýan garrylykdan gelen
ukusyzlyk hem-de agyr pikirleri bilen geçip barýan orta ýaşyň süýji uka
bolan islegi As-Samadyň ýadaw aňynda garpyşdy.
«Mundan ozalky uzak ýollary uklap ýeňerdim ahyryn. Maňa näme
bolup ýörkä?» Ol ýene asmana bakdy. Gözleri asmana baksa-da, beýnisi
üstüne pursatlaryň damjalap ýagşyny, geçip giden hem ýene gör näçe
mertebe gelip geçjek asyrlary gören ýaly tisginip gitdi. Ýa Bagdatda galan
halypasynyň diýýänleri başyna gelip ýörmükä?
«As-Samat, başyňa şeýle bir pursat geler, gudratyň döreden gudratyny
däl-de hut onuň özüni görersiň. Gudraty görersiň. Ol ýangyndan soň küli
görmek däldir. Ol hut oduň özüni görmekdir, ýalynyň howruny teniň bilen
syzmak däl-de, lowlap ýanmakdyr…»
Hakykatda welin, As-Samat özüniň üşejek bolýanyny duýdy. Bu ýa
hassalanmagyň nyşanymyka? Ol egnindäki donuny ýuka görüp,
horjunyndan ýapynjasyny çekip aldy. Ony arkasyna atyp, düýbünden
başga zatlaryň pikirini etmäge synanyşdy. Çünki onuň «ýanasy»
gelmeýärdi. Megerem, şonuň üçindir, halypasynyň ony Bursadaky uly
sopynyň üstüne ugradany?! Ol aýrylyşmazynyň öň ýany: «Sen Bursa bar.
Ol ýerdäki pirim saňa bir şarpyk çalar. Ine, şonda aňyňdaky artykmaç
pikirleriň ählisi çykar. Belki, şondan soň Allahym saňa gudratyň özüni
görmek nesibesini berer. Bar, ýoldaşyň Hak bolsun» diýipdi.
«Şarpyk çalnar ýaly men oglan-uşagam-a däl».
Özüne «oglanam-a däl» diýen As-Samat pikirleriniň ugruny üýtgetmek
niýeti bilen ýaşan ömri, geçen günleri hakynda oýlanmaga başlady. Kitap
göçüriji hatdadyň näçeräk sahypa ýazanyny saldarlap görşi ýaly, ol köpi
geçen ömrüniň sahypalaryny aňynda hasaplap gördi. Bu oňa birbada süýji
geldi. Bu süýjüligiň nämedendigini düşündirmek kyndy. Ýaşyň elliden
geçip, bärden aňryň golaýdygyny duýmakda näme süýjülik bolup biler?
Mümkin, şonça ýyly arka atyp bilenligiň süýjüligidir? Ömrüň ýazyny,
tomsuny, güýzüni görüp, gyşynyňam gyrasyndan girip ugranlygyň
süýjüligidir? Bulutlaram, bulutlara meňzeş gum depelerem ýatlamalara
ulaşan As-Samadyň gözüne ilmän başlady.
Onuň hakydasynda ejesi janlanjak ýaly etdi. O pahyryň göwnüni ýykan
günleri ýadyna düşüp, As-Samat islemese-de ömründen ýyrtyp aýyrasy
gelýän sahypalaryny gördi. Ol diňe ejesi bilen baglanyşykly däl, başga-da
birnäçe kalbyna ezýet berýän sahypalary görse-de, okamajak bolýan ýaly
agyr gabaklaryny ýumdy. «Şeýle islemesemem näme üçin ilki şolar
ýadyma düşýärkä? Ömri ahyr bolýança her gününi saýlap ýaşap bilmeýän
ynsana bolmanda geçen günleriniň islänini ýadyna ýazyp, islemediginem
bozmak berlen bolsa bolmaýarmy. Demiň sogrulýança, isle-isleme, her
güni ýaşap geçmeli. Soňam olarda eden etmişiňi aňyňa ýazmaly. Öz
beýniňe, öz eliň bilen… ýazmaly».
Iki depe aşmankalar As-Samada aýyply sahypalaryny ýapmak başartdy.
Ilki badalardy, o ýatlamalaryň gatynyň gaýta-gaýta açylyp, her etmişiň
özeniniň gözlenen günleri. Şonda enäniň ýazykly ogluny aklajak bolup
«Oglumyň niýetinde beýle zatlar ýokdy. Ony al kakdymy, şeýtan
azdyrdymy, bir bela boldy» diýşi ýaly, ol niýeti bilen goranjak bolupdy.
Hatda bir salym goranypdam. Emma bir gün bir kitapdan adamlar aňyna
gelip geçen günäli niýetleri üçin soraga çekilmezler diýip okady.
«Eger günäli niýetiň üçin jogap bermeli däl bolsa, arassa niýetiň üçinem
aklanmarsyň. Niýetiňde näme bolandygyna garamazdan, günänem,
sogabam eden hereketiň bilen gazanarsyň. Adam Atany eden etmişi üçin
Allah behiştden kowup täzeden synagdan geçirdi. Bir gadaganlygy bozany
üçin, Adam Ataň diňe özem däl, ähli kowmy synagdan geçmeli boldy. Biz
gadaganlyklaryň, gör, näçesini bozandyrys… Ýene-de ogul-gyzlarymyzyň
görjegi gowy bolsun diýip dilegem edýäris. Men kakamyň günäleri üçin,
ogullarym meniň günälerim üçin synagdan geçmeli bolup gidip otyr…
Haçanam bolsa bir asyrda bir nesil günä işlerden el çekmegi
başararmyka? Eger başaraýsa, ondan soňraky nesil synaglardan azat
bolarmy? Eý Allahym, bu bagta ýetjeklerem barmyka? Ýa bu synag
dünýäsiniň aýlanmasyny goýup, kyýamatahyryň gelmegi bolaýarmyka?
Şeýle bolanda-da, ol beýik tamamlanyş, nähili beýik jemleme bolardy!
Adam Atanyň tobasyny kabul edip, oňa ýene-de kowulan ýerinden orun
beren Keremli Allahym ahyry bir nesliň haramdan el çekip bilendiginiň
hormatyna ähli adamzadyň günäsini bagyşlar! Surnaý çalynyp başlanmaly
bolsa, kyýamat diýilýän toý bolaýmasyn? Hakykatdanam, bu dünýede
ýaşaýyş şeýdip togtajak bolaýmasyn? Näme üçin biz kyýamady dowzahyň
gapysynyň açylmasy ýaly göz öňüne getirýäris? Asyrlary aýlap, nesilleri
dünýä inderip, jennete mynasybyny bir ýana, dowzahylaryny bir ýana edip
saýlap oturmagyň pursadynyň ahyry gelip ýetmegi näme üçin toý bolmaly
däl? Goý, men günäli bolaýyn, emma elimde kararym bolar. Allahymdan
gelen buýrugy alyp bilsem, dowzaha gitmeli bolamda näme?! Iň esasysy
ol buýruk iň adalatly buýrukdyr. Ähli neberämiň synalmalarynyň
tamamlanandygyny aňladýan buýrukdyr. Biz bir ynsanlar. Hemmämiziň
başymyzdan geçenler dürli-dürli bolsalaram, ýeke sözde – synagda
jemlenýär. Biz synaldyk, özümize mynasyp netijänem aldyk. Emma bu
synagy guran Keremli Allahym onuň şowly gutararyny islär ahyryn…
Biz, synagdan geçýänler, näme üçin ömrüň, ömürleriň, asyryň,
asyrlaryň soňunyň toý bilen jemlenmegini islemeýärkäk? Näme üçin men
aýyply günleri ýaşadym? Günlerde günä ýok. Näme üçin men sogap işleri
etmeli günümde günä işe baş goşdum? Özüm bilmezden, özüm
düşünmezden, nesillerimiň bu dünýä inmegini, onuň ajysyny-süýjüsini
datmagyny, kyýamatyň entek-entek gelmezligini isläp bilkastlaýyn günä
gazandymmykam?..
Mis özüne hernäçe «Men näme üçin altyn däl?»diýse-de, ýene
misliginde galýar. Üstünden hernämeler guýup gaýnadanyň, gowranyň,
köýdüreniň bilenem misiň altyna öwrülmeýändigini sen gördüň ahyryn.
Toba et, toba et. Günäleriňe puşman et…»
As-Samat şeýdip, ähli adamlar ýaly puşman edip, aýyply günleriniň asla
gatyny açasy gelmezdi. Açsa-da diňe ýyrtyp aýyrmak niýeti bilen açardy.
Diňe köpümizden tapawutlylykda şeýle niýet bilen As-Samat olary köp
açdy. Duşmany ýaly darady. Emma näçe ýyrtjak boldugyça-da aýyplary
aňynda berkärdi. Beýleki sahypalaryň arasynda iň köp açylýany bolansoň,
olar her gezek jikme-jigi bilen janlanyp, has beter gözüne dürtülerdi. Her
gezek «Kim-kimi ýyrtarka, hany göreli» diýip, olar As-Samadyň içinden
urup, etini serpip süňküni gazalardy.
Bu sahypalardan nädip dynjagyny bilmeýän As-Samat bir gezek
«Derdimi paýlaşsam ýeňlär» diýip, olardan birini iň ýakyny — atalygyna
gürrüň berjek bolupdy. Emma şobada üstüne agyr utanjyň abanyp
gelýänini syzypdy. Şeýdibem ol öz aýbyňy paýlaşyp bolmaýandygyna, ony
diňe özüňde çüýredip bolýandygyna düşünipdi hem mümkingadar olara
özüňi çüýretdirmejek bolmaly diýen netijä gelipdi.
Ýyrtasy gelýän sahypalarynyň yzy bilen As-Samadyň kynçylykda, jepa
bilen geçen günleri aňyna geldi. Bu günleriň sahypalarynda harplar
irimçikdi. Olar agyr geçenem bolsalar, aýyply sahypalar ýaly
ezmeýärdiler. Tersine, basgançaga çykyp barýanyň ýadadygyça ýokary
galýandygyny duýşy ýaly, näçe agyr günleri ýaşadygyça adam pahyr
berkleşýärmikäm, polat ýaly taplanýarmykam diýer eken. Olaryň agyrlygy
gaýta, deňiňden geçensoň lezzetem berýär. O günlerde suwa basylyp iýlen
gaty çöregiňem tagamy başgady. Öňem biri ogluny uzak ýola salanda
biline çörekli düwünçegi daňyp:«Muny bal bolanda iýgin» diýip
tabşyranmyş. Oglan her ajyganda çöregini elläp görüp: «Heniz bal
bolmandyr» diýip kän garaşanmyş. Ahyram çydaman, çöregini suwa basyp
iýmäge oturypdyr. Görse, çöregiň tagamy baldanam süýjümiş.
Bu rowaýaty bir sözlemde aňyndan geçiren As-Samat dokuz ýaşyndaka
ilkinji gezek kerwene goşulan gününi, hiç kim ýanyna almansoň, küpürsäp
ýatan tozan ýolda düýelerden galmajak bolşuny, ahyram biriniň dözmän
ýanyna alşyny ýatlady. Çaň basan ýaňagyndan akan gözýaşlaryna çenli
ýatlady.
Elbetde, o günleri ýatlamagyň lezzeti içi mähirden doly, keşdelenen
ýaly bezemen bagtly sahypalar bilen deňeşdireniňde hiç zat. Bu gezegem
şeýle günlerini ýatlap ugrandan, As-Samat ejesini gördi. Ýöne bu gezek
onuň gözleri has mähribandy. Ejesiniň sap ýüpekden işip dakan alajasy
häzirem boýnunda ýaly, As-Samat elini nädip alkymyna ýetirenini bilmän
galdy. Soň bäbejikkä ýassanan ýassygyna işşekçer çykansoňam dulugyny
goýşy ýadyna düşdi. Soň kakasy… Kakasy pahyr… Kakasynyň ölmeziniň
öň ýanynda pyşyrdan iň soňky sözleri As-Samadyň gulagyna geldi.
«Samadym, garadan dogan agymsyň sen, gijeden gelen gündizimsiň.
Tümlügimiň ýagtysy…»
As-Samadyň agyr gabaklary ýene-de ýumuldy. Bu gezek olar soňky
ýatlamalarynyň döreden şekilleriniň beýnisinden çykyp gözüniň
deşiklerinden akyp gitmesiniň öňüni aljak bolup ýumulana meňzeýärdiler.
Emma ol şekiller aňsat-aňsat beýnini terk etjek şekiller däldiler. Hem
süýjüdiler, hem ezizdiler, hem agyrlydylar. Şol agyry sebäpli As-Samat o
günleri öz gününe goýmaga mejbur boldy. Dogrusy, o günleriň özi AsSamady gününe goýup, beýniň iň pynhan öýjüklerine siňip gitdiler. Olaryň
gidenine däl-de, As-Samat ömrüniň biçak köp sahypalarynyň düýbünden
okalmaýandygyna ahmyr edip, uludan dem aldy. Edil ýaşalmadyk ýaly,
olar unudylan günlerdi.
As-Samat tutuş kitaba baha berjek boldy. Umumylaşdyrara esas bar —
olary ýazan özüdi.
«Ýerden seretseň, bu bulutlaram agyr ýaly. Ýene olary asman göterýär.
Ynsanyňam dünýä inip ýaşan günleriniň ýüküni aslynda diňe ynsan çekip
biler. Her kimiňem ýüki özünde. Keseden seredýänlere olaryň şu gum
depelerinden tapawudy ýok.»
Bir ussat sülçiniň jenaýatça pynhan syrlaryny aýtdyryp durşy ýaly, AsSamat içi-içinden geçýän ömür ýüpüniň bir ujuny eline alyp, çözlemejek
ýerlerine çenli çözüp otyrmykam diýdi. Ýogsa ýaňam ömür tanapyny
çözlemek oňa süýji bolup görnüpdi. Emma häzir çözledigiçe aňyrsy
köpelýän ýatlamalaryndan gorkup, As-Samat bu pişesinden el çeksem
diýdi. Ýöne gidere ýeri ýok – düýesi kerwene tirkelen, kerwen bolsa
durman şol gidip otyr. Hatda düýäňden düşseňem ýene-de yzyňa
münäýmeseň gitjek ýeriň ýok. Ömür ýolagçylygam şonuň ýaly.
As-Samat halasgärini gözleýän ýaly, töweregine garandy. Emma
gözleri hiç zatda eglenmedi. Gaýta goňras goýy reňkli çäge tümmekleri
tolkunlar mysaly ony ýene pikirleriniň içine oklady.
«Aslynda ömür ynsana berlipmi, ýa ynsan ömre, baş çykarar ýalam däl.
Düýnüm, ondan öňki geçen günler, şu günüm, ertirim, geljekki günler
düzüm-düzüm bir düzüme düzülipdir. Zynjyr halkalaryndan geçen ýaly,
men olardan geçip gidip otyryn. Bir günem halka gutarar. Men onuň haçan
başlananyny bilmeýşim ýaly, haçan gutaranynam bilmän galaryn. Ýolunan
zynjyr şakyrdap ýere gaçar. Halkalar biri-birine degip ses eder. Ýürek
urmasyny goýar, öýken ýellenmezem, boşamazam. Damarlarda ganyň
akmasy togtar. Görüp otursaň, ynsan ömri gutulgysyz ölümden
gutulmagyň bir alajyny gözleýäniň ýoluna meňzeýär. Zynjyr halkalarynyň
altyn, kümüş, mis, iň soňunda-da pis halka öwrülip gidip oturşy, halkalaryň
daralyp dura-bara geçmesiniň kynalşy ynsany ölüme razy bolar ýaly derejä
eltýär. Ölümine kim bäş gün, kim bäş ýyl galanda, kimse bolsa ýigrimi bäş
ýyl öňünden boýun bolýar…
Bu dünýe nähili pany?! Ölüm sebäpli däl. Ýaşalan ömrüň — seniň yhlas
edip ýazan sahypalaryň güýz ýeline pasyrdap, gyşda garyň astynda
galjakdygyna, ýaz çagbasyndan deşim-deşim deşilip, tomsuň jöwzasyna
çürşjekdigine gynanýaň. Ýyl geçdigiçe ol sahypalaryň mährem
harplylarynam, irimçik harplylarynam, hatda ýyrtasyň gelen
sahypalaryňam okar ýaly bolmaz. Ýene on asyrdan bolsa, olaryň
ýazylanam bilinmez…
Okalmajak kitaby ýazmakmy onda, ýaşaýyş?
Ony özüň welin okaýaň. Isleseň-islemeseň okaýaň. Tä gözleriň baky
ýumulýança hem ýazýaň, hem okaýaň.»
As-Samat hatdatlaryň gözümiz kütelmesin diýip maşk edişlerini — gün
dogup gelýärkä gündogara däl-de, günbatardaky gözýetime garap jahanyň
ýagtylyşyna bakyp oturyşlaryny ýatlady. Ýa ömre düşünjek bolup, onuň
başlangyjy däl-de, gutarşy hakynda köp oýlanmak paýhasyňy ýiteltmek
üçin edilýän maşkmyka? Ol ömür hakyndaky pikirlerine «maşk»diýenini
özünden gaty gördi. Öňden barýan düýelere lapykeç seretdi. Öz-özüne içiň
ýansyn diýýän ýaly, ýene-de pikirini dowam etdirdi.
«Bu düýeleriň üstünde oýaly-ukuly oturan adamlaryň hersi bir kitapmy
onda? Açylmadyk, açylmajak, belki açylmalam däl kitaplar… Olary diňe
ýazdyran Ýazyjy kyýamatda okar. Biz bolsa, muňa düşünmän,
ömrümizden halamadyk sahypalarymyzy ýyrtyp, göwnümizden turan
sahypalaryny bolsa özümiz ýaly «kitaplara» okatjak bolýarys. Görümsizlik
edip başga bir bendäniň «sahypalaryny» agdaryşdyryp okajak, olara syn
berjek bolýarys…»
Ömür kitabynyň daşynyň çagalyk bilen ýalpyldadylyp, ölüm bilen
gatadylandygyny As-Samat gözi bilen gören ýaly boldy. Onuň ýüzüne
çekilen şekildäki gerlen sallançak çalaja yrgyldap dur, ortada-da tabak. Hol
aňyrda sallançakbagylary biri-birine baglanan birnäçe sallançak, şonça-da
tabak, soň aýry-aýry duran tabytlar… Bu kitabyň daşlygynda
gatylykdanam beter sowuklyk bardy. Ol sowuklyk galtaşaýsaň tisgindirjek
sowuklykdy. Ýüzüne ýylanyň gowy çekilen ýaly. Açardan-agdarardanam
agyr.
«Ol ýagşa-gara galany bilen bozuljak-sozuljak kitap däl. Dünýäň
özünden berk. Men bolsam olardan halamadyk sahypalarymy goparjak
bolýan?! Oňa ýagşa-gara galyp çüýrär diýip gynanýan. Haý, akmak ynsan
diýse! Biz olary özümiz ýazdykmykak beri? Olary ýaşanymyzdan,
ýazanymyzdanam beter, soň kyýam durup kyýamatda özümiz okap
bermeli bolsak… Bir oturyny, nokadynam sypdyrman ähli sahypalaryny
okamaly bolsak… Eý, Hudaý…»
As-Samat bar pikirlerini kowup ýatjak boldy. Emma ömür kitaby ýene
göz öňüne geldi. Ýatyp bilmejekdigine gözi ýetip, ýatlamalaryny erkine
goýberdi. Çagalygyny ýatlady. Şol wagtlaram ol irkilesi gelende süýji uka
gidýänlerden däldi. Çagalykdan ukyny ýigrenmegi öwredipdiler. Ol ukyny
hem ýigrenerdi, hem özi üçin elýetmez hasaplardy. On-on iki ýaşlarynda,
ukyň iň şüýji döwürlerinde bir gezek däl, birnäçe gezek uklap galyp, soň
oýananda çörek paýyny töweregindäki ýetim çagalaryň iýenini görüp,
gaharlanyp, uka sögünip, ýuwdunyp galypdy. O döwürlerde bazarda
hammallara kömekçilik ederdi. Hammal ýoldaşyna müşderi tapyp bererdi.
Şonda agyr ýüklere güýji ýetmese-de, özüne güýji ýetmelidi — uklamaly
däldi. Uklap galanyň müşderisiniň başga bir çem gelen bilen gidýänini ol
köp görüpdi. Müşderini gidirmek bolsa, hammal üçin jübüsindäki puluny
aldyran bilen deň. Eger gazanç etjegiň çynyň bolsa il ýatanda-da, ýadaw
hammal dostuň uklap dynjyny alýarka-da, sen aýak üstünde bolmaly. O
günler ýaş Samady taplan günlerdi. Ony gyzgyn gordan çykaryp, sowuk
suwa sokan günlerdi…
Soň, bagty çüwüp bir uly alym ony ogullyga alypdy. Emma şonda-da ol
setanda-seýranda bir gezek bolaýmasa, arkaýyn ýatyp, doýa uklamandy.
Çünki onuň atalygynyňam ýigrenýäni uky, ýatagan adamlar eken.
«Atam… Ýogalanyň bäri eýýäm on ýyl geçdi. Sen islendik süteme
çydasaňam, şunça wagtlap ukyda ýaly hereketsiz ýatmaga nädip
çydaýarkaň? Bir gijäniň ukusyny uzak görerdiň. Ine, indem ýyllap
ýatyrsyň. «Bu dünýäniň ukusy bilen o dünýede-de hasaplaşyp bilerin,
emma o dünýede maňa «Ýaşaman ýatyp geçiren wagtlaryň şu, al ýaşa»
diýip gaýtadan ýaşara pursat beren bolmaz» diýerdiň. Ýa garrylygyň
ukusyzlygy diýdirýärmidi saňa-da o sözleri? Ýaşamak — garramak —
ölmek — ömür kitaby... Ýaşamagyň nämesi gowy, ölmegiň nämesi erbet?
Bularyň ikisem deň derejedäki barlyk ýaly bolup dur, Urfa bilen Bagdat
ýaly. Bagdat ýaşaýyş, Urfa ölüm...»
Bu deňeşdirmesine As-Samadyň hasam egni gysyldy. Dirilikden ölüme
barýanyny boýun alasy gelmeýän ýaly, özüne basalyk berip,
deňeşdirmesini delillendiren boldy. «Bagdady men gördüm, köçelerine
çenli belet, Urfa welin görmedik-bilmedik ýerim. Bar bilýänim o ýerde dini
başgalar ýaşaýar hem ol ýerde gelenime begenjek atamyň dosty bolmaly.
Ölüm ýurdunda-da gelen adama begenjekler barmyka? Dirileriň
gelerine garaşyp ýatan ölülermikä begenjekler? «Dirikäm eden
ýagşylyklaryny ýerine salyp bilmedim. Häzir olam biziň dünýämize
gelipdir. Kömegime mätäçdir, garşylaýyn, eýe çykaýyn» diýip, her kim bu
dünýede özüne kömek edenleri o dünýede razy etmek üçin garşylap
ýörmükä? Meni kim garşylar? Atammy? Aý, ýok, ol maňa bu dünýede eýe
çykdy. O dünýede men ony gözlemäge borçly. Kakammy? Oňa men näme
ýagşylyk etdim, o dünýede öňümden çykar ýaly?! Gaýta ýük boldum.
Ejeme-de şeýle. Oglumyz boldy diýip begenişleri ýaly, oglumyz öldi, biz
bilen deňleşdi diýip begenäýmeseler bendeler…
Tebipçilik edip, tanyşu-nätanyş dirikäler dertlerini ýeňleden bendelerim
öňümden çykaýmasa? Men şonda o bendelere: «Maňa kömek etjegiňiz
çynyňyz bolsa, kakama, ejeme, atama, ýakynlaryma duşuryň meni»
diýerin. Ýöne bu dünýede duşurýanyňam aýyrýanyňam Haktagala bolşy
ýaly o dünýede-de, Allahymdyr bizi bir-birege sataşdyrjak. Ýa öň gidenler
bolarmyka soň gidenlere goluny uzatjak? Eger şeýle bolsa, ilki öňümden
çykjaklar göwnüne degenlerim, ýüregini ynjydanlarym, ýaramaz düýş
bolup gijeler ýatyrmadyklarym bolaýsa men näderin? Abat eline çapylan
elini, çapylan kellesini alan bendeler garşyladylarmyka kakam pahyry?!
Toba estagfyrallah, toba estagfyrallah, toba estagfyrallah... Bize
Pygamberimiz garaşýandyr. Bize sorag-jogap garaşýandyr. Bize dowzah
ýa jennet garaşýandyr. Biz ynsanlary o dünýede biri-birimize bir
garşylatdyrma. Dowzahyňa sal welin, Özüň bize eýe bol. Öz ýaradanlaryňa
Özüň eýe çyk. Sogaba ýakyn, günäden daş et, Allahym!»
Soňky bäş ýylyň içidir ölüm hakynda köp oýlanýan As-Samat
pikirlerinden halys basylyp, Kurandan bir uzyn süräni içinden okamaga
durdy. Köp gaýtalan sazlaşykly setirleri öz-özünden As-Samadyň diline
gelip barýardy. Dyngy bermesiz ýerinde demi ýetmän säginmezlik üçin ol
her aýatyň soňunda salkyn güýz howasyny kükregi dolýança işdämen
sorýardy. Bir ýere jemlenip ugran bulutlar howany gowy agraldanam
bolsa, bu onuň nepesini durlady, göwnüni açdy. Ol hatda tozan gatyşykly
ýeliň ýuwaş-ýuwaşdan güýjeýäninem duýmady. «Ynsan beýnisine ýene on
asyrdanam Allaha sygynmakdan hem göze görünmeýän howadan gowy
derman tapylmaz. Allahyň gudratyna döneýin, edenine şükür».
Aýatdan soň doga-dileg bilen «Allahuekber» diýip elini ýüzüne ýetiren
As-Samat ýürekden şükür edip okan süresiniň sogabyny edil ýanynda ýaly
duýan kakasynyň ruhuna bagyş etdi. Ýüzüne sylan ellerine
kakasynyňkydyr öýdüp, allaniçigsi boldy. Ol eller şol iň soňky gezek gören
süňke dönen hor, gün görmedik ak ellerdi. Olaryň edil şo wagtkysy ýaly
ysgynsyzlygydy. Mejalsyz bolansoňlar mähirli hereketlenýärdiler.
Kakasynyňkydygyny tanabam olardan gorkanyna As-Samat ahmyr etdi.
«Kakamyň ellere öwrülip gelen ruhy, belki-de oglunyň gorkanyny görüp
gaýyp bolup gidendir? Ölenleriň ruhy bu dünýede-de ýanymyzdan
aýrylmaýarlar, o dünýede-de ilki öňümizden çykjak şolar bolsa gerek?!»
As-Samat kakasynyň ruhuny gaçyranyna gynanyp, münüp barýan
düýesiniň örküjini penjeledi. Töweregine garanjaklady. Asmany gaplan
agyr bulutlaryň nirä göçýäni bildirmeýärdi. Açyk meýdanda harasadyň
gaty çalt süýşýändigini bilse-de, As-Samat howanyň üýtgeýşini
duýmanyna haýran galdy. Agyr kerwenýň düýelerem ýelden howatyr
edýän ýaly, uzagy nazarlap, ýüzlerini kese sowýardylar-da, uzyn
dodaklaryny şalkylladyp, hümläp goýberýärdiler. Kerweniň jarçysynyň
sesi As-Samadyň gulagyna ildi. Ol bogazyna sygdygyndan gygyryp,
kerweniň aýakujuna tarap jar çekip barýardy.
«Aha-how, jemagat, ikindi namazy agşam namazyna jem edilip okalar.
Howada harasat turmak howpy bar. Agşam namazyna çenli kerwen
saklanjak däldir-le-haw. Penalar ýaly amatly ýere ýetmelidiris-le-haw.»
«Öz-özüme başagaý bolup, bu bulutlaryň akyşynyň harasadyň
alamatydygynam duýmandyryn. Harasat tursa kerwen ondan gaçyp
gutulyp bilermikä? Biz başbitinligimizi namaza durup Allahdan dilemeli
dälmidiris? Allahyň penasyndan ygtybarlam bir pena bolarmy?»
Kerweni sag-aman Urfa aşyrmagyň aladasynda barýan kerwenbaşy
öňräkde ýelden goranar ýaly bir oýuň bardygyny bilýärdi. Ol içinden şol
oýa garaňky gatlyşmanka ýetip bilse harasat gaty aýylganç bolaýmasa,
kerwen aman galar diýip pikir öwürýärdi.
***
Kerwen ýol aldygyça, ýeliňem bady artýan ýalydy. Asmandaky bulutlar
As-Samadyň diýşi ýaly, lemmer-lemmer bolup bir ýere toplanyp, haçan
ýere dökülse-dökülibermeli hala gelipdiler. Ýeliň arkadan ösýändigi öňe
gitmegi ýeňilleşdirýärdi. Şonda-da uzak ýola ilki goşulan ýaş düýeler
hatarda saklatmajak bolýardylar. Olaryň eýeleri pyýadalap baryşlaryna
owsaryň ujuny goşarlaryna berk baglapdyrlar. Eýelerini süýräýmeseler
düýeleriň gidibiljek ýeri ýokdy. Burunlaryna ýel düşse olaryň adamlary
süýremegem gaty daş däldi. Emma burunlaryna degýän taýaklar olara bat
alara maý bermeýärdi. As-Samat münüp oturan düýesiniň bular ýaly
ençeme gaýlary gören garry düýedigine begendi. Ol düýesiniň ýyly
örküjini ýassanyp, ýere-de düşmän Hudaýy çagyryp barýardy.
Hernä kerwen bölünmän, kerwenbaşynyň peýleýän oýuna-da gelip
ýetdi. Ine-de, kerwenbaşy bir elini göge göterip yşarat etdi-de, münüp
oturan erkeginiň başyny çekdi. Başlarynyň çekilenini halaman ýa-da oňa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Üç nokadyň biri - 02
  • Parts
  • Üç nokadyň biri - 01
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2135
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 02
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2175
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 03
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2117
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 04
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2089
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 05
    Total number of words is 3780
    Total number of unique words is 2109
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 06
    Total number of words is 3782
    Total number of unique words is 2063
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 07
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2092
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 08
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2052
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 09
    Total number of words is 3764
    Total number of unique words is 2113
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 10
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2095
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 11
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1936
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 12
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2024
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 13
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2016
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 14
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2086
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Üç nokadyň biri - 15
    Total number of words is 2549
    Total number of unique words is 1600
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.