Latin

Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 3

Total number of words is 3275
Total number of unique words is 1222
25.0 of words are in the 2000 most common words
35.4 of words are in the 5000 most common words
41.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
загадки»8,
«Türkmen
matallary»9,
«Туркменский
10
художественный фольклор» diýen makalalarynda türkmen halk döredijiliginiň
dürli meseleleri barada söz açylýar.
Türkmen edebiýatynyň we halk döredijiliginiň öwrenilişine uly goşant goşan
alym, akademik Baýmuhammet Garryýewiň (1914-1981) ylmy döredijilik
mirasynyň agramly bölegi halk döredijiligine degişlidir. Ol halk döredijiliginiň
hemme görnüşleri boýunça diýen ýaly ýygyndylary taýýarlaýar ýa-da
taýýarlamaga gatnaşýar. Onuň M. Sakali bilen taýýarlan «Тысяча туркменских
«Sowet Türkmenistany» g., 1946, 24 maý.
Kitapda: Aýal-gyzlaryň aýdym we läleleri. − Aşgabat, 1941.
3
«Sowet Türkmenistany» g., 1949, 29 dekabry.
4
«Sowet Türkmenistany» g., 1940, 30 mart.
5
«Sowet Türkmenistany» g,. 1941, 6 aprel.
6
г. «Туркменская искра», 1941, 31 март.
7
«Sowet edebiýaty» ž., 1943, №2.
8
Изв. ТФАН. СССР 1946, №3-4.
9
Kitapda: Türkmen halk matallary. − Aşgabat, 1948.
10
Изв. ТФАН СССР, 1948, № 2-3.
1
2
21
пословиц и поговорок» (1945), ýene-de M. Sakali we K. Osmanow bilen
taýýarlan «Türkmen nakyllary» (1949) «Туркменские пословицы и поговорки»
(1954, 1961, 1980) atly kitaplary nakyllar boýunça iň kämil ýygyndylar
hasaplanýar. «Türkmen halk aýdymlary» (1944) «Totynyň hekaýatlary» (1945,
1962), «Рассказы попугая» (1945, 1963), «Monjugatdy» (1948), «Türkmen
hüwdüleri» (1948) ýygyndylary bolsa, halk döredijiliginiň aýry-aýry görnüşlerine
degişli işlerdir. Alymyň halk dessanlaryny we «Görogly» eposyny çapa
taýýarlamakda hem goşandy uludyr. Onuň taýýarlan «Hüýrlukga – Hemra» (1941,
1950), «Asly – Kerem» (1943), «Melike – Dilaram» (1946), «Саят и Хемра»
(1971) ýaly ýygyndylary okyjylar üçinem, halk döredijiligini öwrenijiler üçinem
gymmatly boldy. Alym «Görogly» eposynyň hem ylmy tekstini taýýarlap, ony rus
diline terjime edýär. Bu iş 1983-nji ýylda Moskwada «Гѐроглы: туркменский
героический эпос» diýen at bilen (türkmençesi bilen bilelikde) neşir edilýär.
Bulardan başga-da alym halk döredijiliginiň dürli nusgalaryny öz içine alýan
«Gülälek» (1944), «Туркменское народное творчество» (1945), «Hapyz aga»
(1975), «Dana sözler» (1978) atly ýygyndylary taýýarlaýar. Alymyň neşir eden
ýygyndylary türkmen halk döredijiliginiň altyn hazynasyna goşulýar.
B. Garryýewiň halk döredijiliginiň nazary we amaly meselelerine degişli
ylmy garýyşlary onuň örän köp sanly makalalarynda, ýygyndylara ýazan
sözbaşylarynda, kitaplarda, monografiýalarda jemlenýär. Alymyň köp ýyllyk
zähmetiniň jemi bolan «Эпический сказания о Кѐр-оглы у тюркоязычный
народов» (M., 1968) atly monografiýasy «Görogly» eposyny öwrenişe uly goşant
boldy. Monografiýada «Görogly» eposynyň döreýşi, milliligi, türki halklaryň
arasyna ýaýraýşy düýpli derňelýär. Alym halk döredijiliginiň beýleki meseleleri
boýunça ylmy garýyşlaryny «Gelin-gyzlaryň gözel poýeziýasy» (1975), «Türkmen
edebiýat folklorynda aýal-gyzlaryň obrazy» (1975), «Türkmen halk nakyllary»
(1976), «Läle. Monjugatdy. Hüwdi» (1977) «Altyn däneler» (1982) ýaly
kitaplarynda we ýüzlerçe makalalarynda beýan etdi.
B. Garryýew halk döredijiliginiň orta mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda
okadylmagy üçin hem aladalanýar. Orta mekdepler üçin ýazan türkmen
edebiýatyndan okuw kitaplarynda, hrestomatiýalarynda halk döredijiligine orun
berýär. Metbugatda muňa degişli usuly makalalar bilen çykyş edýär. «Monjugatdy
žanry – mekdep-wuzlarda»1, «Nakyllar okuw – terbiýeçilik işinde»2 atly
makalalary, «Türkmen folkloryndan usuly gollanma» (1947) atly kitapçasy alymyň
halk döredijiligi bilen bagly usuly-okuw işleriniň nusgalarydyr. 3
B. Garryýew türkmen halk döredijiligini öwreniş ylmynyň kemala gelmegine
we ösmegine uly goşant goşdy. Onuň bu ugurdaky işleri halk döredijiligini
öwrenijiler üçin özboluşly mekdep boldy. Onuň ýolbaşçylygynda halk
döredijiligini öwreniji ýörite hünärmenleriň uly topary döredi.
«Türkmenistanyň halk magaryfy» ž., 1975, №7.
«Türkmenistanyň halk magaryfy» ž., 1978, №1.
3
Alymyň türkmen edebiýaty we folklory boýunça ylmy zähmetleriniň doly sanawy «Baýmuhammet Atalyýewiç
Garryýew» (Aşgabat, Ylym, 1987) atly bibliografik görkezijide berilýär.
1
2
22
Halk döredijiligiň ajaýyp eseri «Gorkut ata» eposynyň öwrenilişi we neşir
edilişi türkmen edebiýatyny we halk döredijiligini öwreniji alym, professor Mäti
Kösäýewiň ady bilen baglanyşyklydyr. Alym eposy çapa taýýarlap, onuň
gysgaldylan görnüşini «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 1945-nji ýyldaky sanlarynda
çap etdirýär. Epos 1951-nji ýylda köp nusga bilen neşir edilýär. Kitabyň başynda
M. Kösäýewiň ylmy sözbaşysy ýerleşdirilýär. Emma epos şolbada döwrüň syýasy
ýolbaşçylarynyň zorlugy bilen zyýanly eser hökmünde halka ýaýradylman ýok
edilýär. Şunuň bilen Türkmenistanda ýaňy döräp ugran «Gorkut atany» öwrenişiň
ilkinji ädimleri gussaly tamamlanýar.
M. Kösäýewiň 40-njy ýyllardan başlap, halk döredijilik ýygyndylarynyň
birnäçesini taýýarlamaga gatnaşýar, redaktirleýär, sözbaşy ýazýar. 1941-nji
ýyldaky «Göroglynyň» neşir edilmeginde hem onuň zähmeti uludyr. Alym halk
döredijiligini toplamak bilen hem yzygider meşgullanýar. Onuň «Magtymguly
hakdaky rowaýatlar» (1959) atly kitabynda şahyr hakdaky toplan rowaýatlary
ýerleşdirilipdir. M. Kösäewiň halk döredijiligine degişli ylmy makalalary
metbugatda yzygider çap edilýär. Onuň «Gorkut ata», «Görogly» eposlary,
«Şasenem – Garyp» dessany hakdaky düýpli barlaglarynyň jemi «Edebiýat barada
söhbet» (1972) atly kitabynda orun alypdyr. Alym edebiýatdan ýazan okuw
kitaplarynda, hrestomatiýalarynda hem halk döredijiliginiň meselelerini beýan
edýär, onuň ajaýyp nusgalaryny ýerleşdirýär.
Türkmen halk döredijiliginiň dessan, erteki, şorta söz, rowaýat ýaly
görnüşlerini çapa taýýarlamakda N. Hojaýew, K. Osmanow, P. Agalyýew, B.
Kerbabaýew, Ý. Nasyrly ýaly halk döredijiligini öwrenijiler uly işleri bitirýärler.
40-njy ýyllarda N. Hojaýew tarapyndan «Şasenem – Garyp» (1940-1948), «Nejep
oglan» (1948) (P. Agalyýew bilen bilelikde) dessanlary, K. Osmanow tarapyndan
«Çagalar üçin ertekiler» (1944), P. Agalyýew tarapyndan «Myraly we
Soltansöýun» (1941), B. Kerbabaýew tarapyndan «Saýatly Hemra» (1941)
dessany, «Myraly» (1948), Ý. Nasyrly tarapyndan «Ependi» (1941) ýygyndylary
neşir edilýär. Bular köp görnüşli halk döredijilik hazynasyna goşant bolýar.
50-nji ýyllardan başlap halk döredijiligini öwreniji taýýarlykly alymlaryň,
ylmy işgärleriň sany artýar. Halk döredijiliginiň aýratyn görnüşlerine, meselelerine
bagyşlanan ylmy işler, monografiýalar köpelip ugraýar. Ýygyndylaryň neşir edilişi
ýygjamlaşýar.
Belli edebiýatçy alym Halyk Görogly türkmen halk döredijiliginiň dessandyr
epos görnüşlerini öwrenmekde, bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirdi. Meşhur halk
dessany «Şasenem – Garybyň» gelip çykyşy, çeperçiligi barada düýpli ylmy işini
ýazdy. Ol 1955-nji ýylda «Шасенем – Гарыб» народный дестан» ady bilen
Moskwada neşir edildi. Alymyň «Огузский героический эпос» (1976),
«Взаимосвязи эпоса народов Средней Азии, Ирана и Азербайжана» (1983)
atly monografiýalarynda türkmen halk döredijiliginiň has giň meseleleri orta
goýulýar we çözülýär. «Туркменская литература» (1972) atly kitabynda we çap
edilen köp sanly makalalarynda türkmen dessanlary, eposlary barada gymmatly
maglumatlar berilýär.
23
Halk döredijiliginiň nakyllar we atalar sözi görnüşi boýunça giňişleýin ylmy
barlaglary geçiren Kakaly Berkeliýewdir. Onuň bu ugurda ýerine ýetiren işi
«Türkmen nakyllary we atalar sözi» (1958) ady bilen neşir edilýär. Ol nakyllary
we atalar sözüni toplap çap etmek işlerini hem ýerine ýetirýär. «Nakyllar we atalar
sözi» (1961), «Türkmen nakyllary we atalar sözi (1983) atly ýygyndylar onuň
zähmetiniň netijeleridir. K. Berkeliýew halk şygyretine degişli ylmy barlaglary
alyp baran alymdyr. Onuň «Halk döredijiliginde däp-dessur poýeziýasy» (derňew
we tekstler) (1985) diýen işinde halkyň däp-dessury bilen baglanyşykly
aýdymlaryň, bentleriň halk döredijiligindäki orny beýan edilýär. Ol «Türkmen halk
döredijiligi boýunça görkezijini» (1980) hem düzüjidir. Onda XX asyryň başyndan
1960-njy ýyla çenli döwürde halk döredijiligine degişli edilen işleriň sanawy
berilýär. Alym halk döredijiligi boýunça toparlaýyn işleri, ýygyndylary
taýýarlamaklyga hem gatnaşýar. Onuň halk döredijiliginiň dürli meselelerine
degişli köp sanly makalalary döwürleýin metbugatda, ýörite neşirlerde çap edilýär.
Goçum Gurbanowyň «Türkmen halk matallary» (1960) atly monografiýasy
matallar boýunça ýerine ýetirilen ilkinji we ýeke-täk doly işdir. Alym matallaryň
has doly ýygyndysyny toplap «Türkmen matallary» (1962) ady bilen çap hem
edýär. Ol «Türkmen halk ertekileri» (1959) atly ýokary okuw mekdepleriniň
talyplary üçin gollanmany hem taýýarlaýar.
H. Hanow, O.Ýazymowyň «Halk döredijiligini toplaýanlara gollanma»
(1955), A. Seýidowyň «Türkmen hak döredijiligi» (bibliografik görkeziji) (1969)
atly kitapçalary halk döredijiligini toplaýanlara we onuň bilen gyzyklanýanlara,
usuly kömek, gollanma boldy.
Alymlar halk döredijiliginiň şahyrana eserleri boýunça monografik hem
tekstologik işleriň birnäçesini ýerine ýetirdiler. R. Nazarowyň «Beýik Watançylyk
urşy ýyllarynda türkmen halk şahyrana döredijiligi» (1960), «Oktýabr
rewolýusiýasyndan öňki türkmen halk poýeziýasy hakynda» (1965), B. Weliýewiň
«Türkmen halk poýeziýasy» (1983), K. Berkeliýewiň «Halk döredijiliginde däpdessur poýeziýasy» (1985), G. Ylýasowanyň «Türkmen halk döredijiliginde däpdessur poýeziýasy» (Toý aýdymlary hem agylar) (1973) atly kandidatlyk
dissertasiýasy halk döredijiligiň şygryýet görnüşindäki eserleriniň öwrenilişine
goşant boldy. «Türkmen halk şahyrana döredijiligi» (1956, toplan we sözbaşy
ýazanlar A. Taýymow, B. Ahundow), «Türkmen aýdymlary» (1960, toplan A.
Nazarow), «Läleler» (1960, toplan çapa taýýarlan we sözbaşy ýazan S.
Annanurowa), «Çemen» (1962, sözbaşy ýazan S. Annanurowa), «Küşdepmeler»
(1971, toplan çapa taýýarlanlar A. Oraztaganow, R. Garaýew), «Gelin-gyzlaryň
şahyrana döredijiligi» (1982, çapa taýýarlanlar A. Durdyýewa, A. Baýmyradow),
«Türkmen toý aýdymlary» (1985, toplan çapa taýýarlanlar A. Oraztaganow, A.
Abubakyrowa) ýaly birnäçe ýygyndylar okyjylary halk döredijiliginiň şahyrana
görnüşleri bilen tanyşdyrdy. Bulardan başga-da olar dürli neşirlerde,
antologiýalarda ýerleşdirildi.
Türkmen halk döredijiliginiň dürli meselelerine, dürli görnüşlerine degişli
birnäçe ylmy işler ýazyldy. S. Kurenowyň «Stawropol türkmenleri hem-de olaryň
24
medeni baýlygy» (1962) atly işinde Stawropolly türkmenleriň halk döredijiligi
barada gyzykly maglumatlar berilýär. N. Şükürowyň «Türkmen folklorynda
halkyň dünýägaraýşynyň şöhlelenişi» (1970) A. Baýmyradowyň «Türkmen folklor
prozasynyň ewolýusiýasy» (1982) atly işlerinde bolsa halk döredijiliginiň taryhy,
döreýiş etaplary, olarda hakyň dünýägaraýşynyň beýany ýaly meseleler giňişleýin
derňew edilýär.
Halk döredijiliginiň ýazuw edebiýaty bilen bagly meseleleri bolsa K.
Taňrygulyýewiň «Türkmen çagalar edebiýaty we halk döredijiligi» (1970), A.
Baýmyradowyň «Seýdi we halk döredijiligi» (1976), M. Çaryýewiň «Magtymguly
we halk döredijiligi» (1983) ýaly birnäçe işlerde öz beýanyny tapdy.
Halk döredijiliginiň sanawaç, ýaňyltmaç, şorta söz ýaly görnüşlerine degişli
hem ýörite işler ýazyldy. Muňa A. Durdyýewanyň «Türkmen folklorynda
sanawaçlar we ýaňyltmaçlar žanrlarynyň aýratynlyklary» (1986) Ş.
Halmuhamedowyň «Söweşjeň satira» (1975) «Türkmen ýumorynyň we
satirasynyň žanr özboluşlylygy» (1977), «Gülkiniň güýji» (1978), «Türkmen
ertekilerinde halk satirasynyň çeper tärleri» (1984), «Система образов
туркменской сказочной сатиры» (1990) atly kitaplary degişlidir.
Alymlar topary tarapyndan ýazylan «Türkmen halk döredijiligi boýunça
oçerk», (1967) «Türkmen folklorynyň häzirki zaman ýagdaýy» (1975), «Türkmen
folklory häzirki zamanda» (1976) atly işlerde bolsa türkmen halk döredijiliginiň
ähli görnüşleri, döwür bilen baglanyşygy barada maglumatlar berilýär.
Halk döredijiliginiň nusgalarynyň neşir edilişi yzygiderli dowam edýär.
«Ýomaklar we degişmeler» (1964), «Agyl doly akja guzy» (1964), «Garagalpak
türkmenleriniň nakyllary» (1968), «Altyn hazyna» (1977), «Ibn Sina hakda
rowaýatlar» (1983), «Magtymguly hakynda rowaýatlar we legendalar» (1983)
«Hazynaly horjun» (1988), «Ýedigenim ýedi ýyldyz» (1989, 1-2 kitap) ýaly
onlarça kitaplar halk döredijiliginiň köp görnüşlerini öz içine alýar.
Türkmen halk döredijilik ylmynda ertekileri öwrenmekde we neşir etmekde
uly üstünlikler gazanyldy. M. Sakaliden soň, Ş. Halmuhamedow, B. Weliýew, A.
Baýmyradow ýaly alymlar ertekileriň ylmy meselelerini işlemekde özboluşly ugur
döretdiler. Ş. Halmuhamedowyň «Türkmen ertekilerinde durnukly çeperçilik
däpleri» (1980) atly monografiýasynda ertekileriň ylmy meseleleri giňden
öwrenildi. Alymyň «Türkmen ertekilerinde halk satirasynyň çeperçilik däpleri»
(1989) «Система образов туркменской сказочной сатиры» (1990) atly işlerinde,
ertekiler barada ýazan köp sanly makalalarynda, ýygyndylara ýazan
sözbaşylarynda ertekiler hertaraply derňewe alynýar.
Ertekileriň aýry-aýry görnüşleri boýunça hem ylmy işler ýerine ýetirildi.
Muňa A. Baýmyradowyň «Haýwanlar hakdaky türkmen ertekileri (Barlaglar we
tekstler) (1986), B. Weliýewiň «Türkmen folklorynda durmuşy ertekileriň gelip
çykyşy» (1990) ýaly işler degişlidir.
Ertekiler boýunça Ö. Abdyllaýew tarapyndan «Türkmen halk döredijiliginiň
erteki žanry» (1977) diýen talyplar üçin okuw gollanmasy hem döredildi.
25
Ertekileri neşir etmekde hem tejribe toplandy. 1954-nji ýylda «Туркменские
народные сказки Марыйского района» atly kitap neşir edilýär. Onda N. K.
Dmitriýewiň, O. I. Şaskaýanyň N. F. Lebedewiň 1930-njy ýylda Maryda
ekspedisiýada bolanda toplan ertekileri ýerleşdirilipdir. Soňra türkmen halk
ertekileri birnäçe gezek özbaşyna kitap edilip çykarylýar. B. Çaryýarow bilen G.
Ataýewiň çapa taýýarlamagynda «Türkmen halk ertekiler ýygyndysy» (1955), A.
Gowşudowyň, N. Kürräýewiň, A. Taýymowyň çapa taýýarlamagynda «Türkmen
halk ertekileri» (1959), N. Şükürowyň çapa taýýarlamagynda «Hutdy-Humar»
(1980), Ş. Halmuhammedowyň çapa taýýarlamagynda «Şamar» (1984), B.
Weliýewiň çapa taýýarlamagynda «Türkmen halk ertekileri» (1986), A.
Baýmyradowyň çapa taýýarlamagynda «Akylly gyz» (1988) ýaly birnäçe
ýygyndylar okyjylary ertekileriň baý toplumy bilen tanyşdyrdy. Ertekiler dürli
garyşyk ýygyndylarda hem, rus dilinde özbaşdak görnüşde hem birnäçe gezek
neşir edildi. «Türkmen halk ertekileri» (1-nji tom – 1978, 2-nji tom – 1979, 3-nji
tom – 1980) atly üçtomluk ýygyndy bu ugurda edilen iň bir düýpli hem göwrümli
iş hasaplanýar. Ol N. Atdaýew, G. Nazarow, Ş. Halmuhammedow, M. Çaryýew,
Ý. Nurlyýew tarapyndan taýýarlanylýar. Bu üçtomlugyň her biri ertekileriň bir
görnüşini: haýwanlar hakyndaky, jadyly we durmuşy ertekileri öz içine alýar.
Halk dessanlaryny toplamakda, neşir etmemekde we ylmy taýdan
öwrenmekde 60-njy ýyllardan başlap S. Annanurowa, A. S. Mirbadalýewa, M.
Kösäew, B. Ahundow, K. Seýitmyradow, B. Mämmetýazow, A. Durdyýewa, S.
Garryýew, B. Weliýew ýaly alymlar birnäçe işleri ýerine ýetirdiler. Aýry-aýry
dessanlar kandidatlyk dissertasiýalaryň temasy-meselesi bolup, töwerekleýin
öwrenildi. A. S. Mirbadalýewanyň «Türkmen dessany «Hüýrlukga – Hemra»
(1962), B. Mämmetýazowyň «Türkmen halk dessany «Saýatly – Hemra» (1963),
S. Gutlyýewanyň «Türkmen halk dessany Nejep oglan» (1967) we A.
Durdyýewanyň «Türkmen halk dessany Asly-Kerem» (1970) diýen temalardan
ýerine ýetiren kandidatlyk dissertasiýalary dessanlaryň öwrenilişine uly goşant
boldy. Bulardan başga-da B. Weliýewiň «Stawropol türkmenleriniň dessanlary»
(1980), S. Garryýewiň «Türkmen eposy, dessanlary we Gündogar halklarynyň
epiki döredijiligi» (1982), S. Gutlyýewanyň «Türkmen halk dessany Nejep oglan»
(1981), A. Durdyýewanyň «Asly Kerem» dessany doganlyk halklaryň arasynda»
(1991) atly işleri dessanlaryň dürli meselelerinden ylmy maglumatlar berýär. S.
Gutlyýewa ýokary okuw jaýlarynyň talyplary üçin «Hüýrlukga – Hemra» dessany»
(Çärjew, 1990), «Nejep oglan» dessany» (Çärjew, 1990), «Saýatly Hemra»
dessany» (Çärjew, 1991) we «Asly – Kerem» dessany» (Çärjew, 1991) atly
gollanmalar tapgyryny hem döretdi. Alymlaryň dessanlaryň neşirlerine ýazan
sözbaşylary, çap edilen köp sanly makalalary hem türkmen dessanlarynyň ylmy
taýdan öwrenilişinde uly ähmiýete eýe boldy.
Türkmen dessanlarynyň köpüsi birnäçe gezek neşir edildi. Olaryň hili
neşirden neşire kämilleşdi. «Şasenem – Garyp» dessany 1957-nji ýylda (çapa
taýýarlan N. Hojaýew), 1959-njy ýylda (çapa taýýarlan B. Ahundow) we 1979-njy
ýylda çap edildi. «Şasenem – Garyp» dessanynyň bir nusgasy bolan «Helalaý –
26
Garyp» dessany bolsa 1966-njy ýylda S. Annanurowanyň taýýarlamagynda çap
edilýär. «Saýatly-Hemra» dessanynyň 1960-njy ýyldaky neşiri M. Kösäew, 1978nji ýyldaky neşiri bolsa B. Mämmetýazow tarapyndan taýýarlanylýar. «Hüýrlukga
– Hemra» dessanynyň neşirlerini bolsa B. Garryýew (1950), A. S. Mirbadalýewa
(1963) dagy taýýarlaýarlar. «Saýatly – Hemra» we «Hüýrlukga Hemra» dessanlary
bilelikde 1980-nji ýylda «Iki dessan» ady bilen hem neşir edilýär. «Nejep oglan»
dessanynyň neşirlerini bolsa B. Ahundow (1960), K. Seýitmyradow (1977)
taýýarlaýarlar. Bulardan başga-da «Kasym oglan» (1976, çapa taýýarlanlar, M.
Kösäew, B. Ahundow) «Kasym oglan. Göwher gyz we Şiraly beg» (1976, çapa
taýýarlanlar B. Mämmetýazow, A. Durdyýewa) ýaly dessanlar neşir edilýär.
«Görogly» şadessany halk döredijiligini öwreniş ylmynyň hemişe esasy
meselesi bolup geldi. Ýigriminji asyryň 30-40-njy ýyllaryndan başlanan şadessany
toplamak, neşir etmek, öwrenmek işi soňky ýyllarda hem dowam etdi we bu işde
uly üstünlikler gazanyldy. Türkmen halk döredijiligini öwreniş ylmynda aýratyn
göroglyşynaslyk pudagy emele geldi.
«Göroglynyň» 1941-nji ýyldaky ilkinji neşirinden soň, garaşsyzlyk döwrüne
çenli şadessan 1958, 1980, 1983, 1990-nji ýyllarda birnäçe gezek neşir edildi. Bu
neşirleri taýýarlamaga N. Aşyrow, B. Ahundow, A. Taýymow, N. Kürräew, A.
Gowşudow, M. Kösäýew, D. Haldurdy, B. Garryýew, N. Gullaýew, B.
Mämmetýazow, A. Durdyýewa, Ş, Halmuhammedow, K. Seýitmyradow dagy
gatnaşdylar.
Soňky ýyllarda B. Garryýew, P. Kiçigulow, B. Mämmetýazow, A.
Durdyýewa, B. Weliýew, A. Baýmyradow, A. Garryýewa we beýleki alymlar
«Görogly» şadessanyny hertaraplaýyn derňeýän monografiýalary, kitaplary çap
etdirdiler.
Porjan Kiçigulowyň «Görogly hakda söhbet» (1978) atly kitabynda
şadessanyň öwrenilişi, halk döredijilikde tutýan orny, watançylyk ideýalary ýaly
meseleler derňelýär we indi öwrenilmeli meselelere üns çekilýär.
«Göroglyny» öwreniji belli alym B.Mämmetýazow bu ugurda ylmy
kitaplaryň birnäçesini ýazdy. Alym A. Durdyýewa bilen bilelikde «Türkmen halk
eposynda prozanyň orny» (1976) atly işini döretdi. «Görogly» eposy we onuň
häzirki zaman ýagdaýy» (1979) atly monografiýasynda şadessanyň žanr we ideýatematik aýratynlyklary deňeşdirme usulynda derňew edilýär. Kitabyň aýratyn
bölüminde bolsa, şadessanyň bagşylar tarapyndan aýdylyş ýagdaýy hakda hem
maglumat berilýär. «Görogly eposynyň döreýşi hakynda» (1982) diýen işde bolsa,
şadessanyň döreýşi, onuň dürli halklardaky nusgalary bilen baglanyşygy, onuň
sýužetiniň döreýşine, ösüşine esas bolan taryhy wakalar giňden barlag edilýär.
Bulardan başga-da alym şadessanyň çeperçilik meselelerine dahylly «Görogly»
eposynyň poetikasy hakynda» (1984) işini hem ýazdy.
Alymlar B. Weliýew «Görogly» eposynyň Stawrapol warianty (kandidatlyk
dissertasiýa – 1973), A. Baýmyradow «Epiki obrazda ewolýusiýa. «Görogly»
eposyndaky Öweziň obrazynyň mysalynda» (1980), A. Durdyýewa «Görogly»
eposynda fantastika» (1981), A. Bekmyradow «Göroglynyň yzlary» (1988), A.
27
Garryýewa «Поэтическая система эпоса «Героглы» (1990) atly işleri bilen
göroglyşynaslygyň kemala gelmegine we ösmegine uly goşant goşdular.
XX asyryň 40-nji ýyllaryndan 90-njy ýyllaryna çenli döwürde türkmen halk
döredijiliginiň öwreniliş we neşir ediliş taryhy boýunça edilen şu gürrüňler bu
döwürde halk döredijiligi boýunça ýörite ylmyň dörändigini görkezýär.
6. Türkmen halk döredijiliginiň Garaşsyzlyk ýyllarynda
neşir edilişi we öwrenilişi
Türkmenistanyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy durmuşyň ähli ugurlarynda
täzelenişiň, ösüşiniň başyny başlady. Ýurduň, halkyň ykbalyna düýpli täsir eden,
ösüşe tarap aň öwrülişigini üpjün eden bu beýik taryhy hadysa türkmen halk
döredijiligini öwreniş ylmy üçin hem bagtly hem şöhratly taryhyň aýdyň ýoluny
açdy. Garaşsyzlygyň ýigrimi ýylynyň içinde milli ruhly halk döredijiligini öwreniş
ylmymyz ajaýyp üstünlikler gazandy. Türkmen halk döredijiligini öwreniş
ylmynyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşini iki döwre − birinji hem ikinji
onýyllyklar boýunça beýan etmek maksadalaýykdyr.
Garaşsyzlygyň ilkinji on ýylynda öň öwrenilmedik, az öwrenilen ýa-da
öwrenilmesi, çap edilmesi gadagan edilen birnäçe edebi-folklor eserlerimiz barada
ylmy-barlag we neşir işleri ýaýbaňlandy. Bu babatda halk döredijiliginiň genjihazynasy bolan «Gorkut ata» şadessany boýunça ýerine ýetirilen işleriň özi hem
giňişleýin gürrüň edilmäge degişlidir. Entek ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe
bolmanka, 1990-nji ýylda «Gorkut ata» şadessany neşir edilip, halka ýetirilýär.
1951-nji ýylda M. Kösäewiň çapa taýýarlan bu neşiri Garaşsyzlyk ýyllarynda üç
gezek (1994, 1999, 2000) gaýtalanyp neşir edildi.
Alymlar «Gorkut ata» şadessanynyň golýazmalaryny doly öwrenip, asyl
nusgadaky bolşuny saklap neşir etmäge girişdiler. Filologiýa ylymlarynyň
doktorlary A. Annanurow bilen T. Guzyçyýewiň şunuň ýaly neşiri 1995-nji ýylda
«Kitaby dädem Gorkut» ady bilen neşir edilýär. Bu şadessanyň Drezden
nusgasynyň ylmy tekstidir.
Eposyň okyjylara, ylmy jemgiýetçilige ýetirilişi neşirden neşire kämilleşýär
we has doly görnüşe eýe bolýar. 1997-nji ýylda «Kitaby dädem Gorkut we
hekaýaty oguznamaýy Gazan beg we gaýry» diýip atlandyrylan şadessanyň iki
nusgasyny öz içine alýan neşiri çap edildi. Ony filologiýa ylymlarynyň doktory A.
Aşyrow taýýarlaýar. Bu neşire çenli şadessanyň Watikan nusgasy alymlaryň
arasynda gürrüň edilse-de, türkmen jemgiýetçiligine tanyş däldi. Ýogsam, bu
nusga XX asyryň 50-nji ýyllarynda ýüze çykarylypdyr. Ol A. Aşyrowyň tagalasy
bilen ýurdumyza getirilýär. Şeýlelikde, şadessanyň öňki Drezden nusgasy bilen
täze ele salnan Watikan nusgasynyň ylmy tekstleri taýýarlanyp neşir edilýär.
Okyjylar şu neşiriň üsti bilen ilkinji gezek şadessanyň Watikan nusgasyny okap
bildiler.
28
1999-njy ýylda Ankarada şadessanyň hemmetaraplaýyn kämil we doly neşiriň
ýene biri «Gorkut ata» ady bilen çapdan çykýar. Bu kitabyň aýratyn ähmiýetli
tarapy onda öň neşir edilen hem edilmedik nusgalaryň jemlenmegidir. Kitaby M.
Kösäewiň neşiri, A. Aşyrowyň neşiri we A. Rahmanowyň toplan halk nusgalary
we beýlekiler düzýär. Ondaky halk nusgalarynyň köpüsi okyjylara ilkinji gezek
ýetirilýär, birnäçesi bolsa, öň gazet-žurnallarda bölekleýin görnüşde çap edilipdi.
Şadessanyň ähli nusgalarynyň bir kitaba jemlenip çap edilmegi onuň neşir
meselesinde gazanylan ýokary derejedir.
«Gorkut atanyň» Ankara neşirinden soň, ol Türkmenistanda ýene iki gezek
neşir edildi. Olaryň soňkusy Türkmenistanyň ýaşulularynyň 2001-nji ýylyň
fewralynda geçen X maslahatyna gatnaşyjylara sowgat hökmünde berildi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda «Gorkut atany» neşir etmekde gazanylan üstünlikler
ony ylmy taýdan öwrenilmegine esas boldy. R. Rejebow, A. Bekmyradow, A,
Gylyçdurdyýew, A. Aşyrow, A. Annanurow, G. Ballyýew, A. Rahmanow we
beýleki birnäçe alymlar dürli döwürde «Gorkut atanyň» barlaglaryna degişli ylmy
makalalar bilen metbugatda çykyş etdiler. R. Rejebow özüniň «Gadym türkmen
edebiýaty» (1991) diýen kitabynda tutuş bir uly bölümi «Gorkut ata» şadessanyna
bagyşlapdyr. A. Gylyçdurdyýewyň «Gorkut ata» (1990) atly kitapçasynda hem
şadessanyň käbir meseleleri boýunça ylmy garaýyşlar beýan edilýär. P.
Aýdogdyýew filosofik nukdaýnazardan «Türkmenleriň «Gorkut ata» eposynda
halkyň dünýägaraýşynyň şöhlenelişi» (1995) diýen temada dissertassiýa işini hem
ýazdy.
1999-njy ýylda Aşgabatda «Gorkut ata» kitabynyň 1500 ýyllygy halkara
derejesinde bellenilip geçildi. Şunuň netijesinde alymlaryň zehini hem ünsi täzeden
«Gorkut ata» gönükdi.
Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynda «Gorkut ata – 1500 ýyl» at
bilen geçirilen ylmy maslahatda şadessanyň barlaglaryna degişli edilen çykyşlaryň
köplügi, gozgalýan meseleleriň dürliligi, täze pikirlere-gözleglere baýlygy, ylmy
derňewleriň çuňlugy bu ugurdan netijeli işleriň alnyp barylýandygyny görkezdi.
Şol ylmy maslahatda edilen çykyşlar toplanyp, «Gorkut ata – 1500» (1999) ady
bilen makalalar ýygyndysy görnüşinde kitap edilip çykaryldy.
Şol ýylyň sentýabr aýynda «Gorkut atanyň» 1500 ýyllygyna bagyşlanan ýene
bir halkara ylmy maslahat bolup geçdi. Dünýäniň köp ýurtlaryndan bu ylmy
maslahata gatnaşan alymlar türkmen halkynyň bu beýik taryhy-edebi
ýadygärliginiň barlanmagyna we jikme-jik öwrenilmegine degişli özleriniň soňky
ylmy işleri barada pikir alyşdylar. Bu halkara simpozium «Gorkut atanyň» häzire
çenli dünýäniň gündogary öwreniji alymlarynyň arasynda aýratyn gyzyklanma
döredýändigini görkezdi. Şadessanyň 1500 ýyllygy bellenilýän günlerinde
moskwaly alym, türkmen edebiýatyny öwrenmekde köp işler bitiren Halyk
Göroglynyň «Gorkut ata» baradaky ýazan düýpli işi – «Oguz gahrymançylyk
eposy» türkmen diline terjime edilip, okyjylara ýetirildi. «Gorkut atanyň» 1500
ýyllygynyň bellenmegi gorkutşynaslygyň şanly taryhynda aýdyň sahypa boldy.
29
Türkmen halk döredijiliginiň ýene bir ajaýyp eseri «Görogly» şadessany üçin
hem Garaşsyzlyk şertleri aýdyň ýol açdy. 1996-njy ýylda «Görogly eposynyň 8
tomunyň neşir edilmegi Garaşsyzlyk ýyllarynyň türkmen halk döredijiligini
öwreniş ylmynyň taryhynda ajaýyp sahypa boldy. Ankarada neşir edilen bu
tomluklara «Göroglynyň» otuz şahasy girýär. Olaryň köpüsi öň okyjylara
nämälimdi. Dessanlaryň tekstleriniň türk we türkmen dillerinde berilmegi bolsa,
şadessany tutuş türki dilli halklaryň okap bilmegine şert döredýär. Şadessanyň
tekstini düzüji alymlar B. Mämmetýazow, Ş. Halmuhammedow, S. Ruzumbaýew,
K. Seýitmyradow, A. Durdyýewa, A. Öräew, B. Welbaýramow köp nusgaly
dessanlaryny çapa taýýarlamakda häzirki zaman dünýä folkloristikasynyň ylmy
talaplaryndan ugur alypdyrlar. «Göroglynyň» şu neşiri barada wagtynda
metbugatda birnäçe makalalar bilen çykyş edildi. Olardan B. Mämmetýazowyň
«Halk eposynyň ajaýyp nusgasy»1, A. Orazowyň «Görogly» eposynyň ylmy
teksti»2, K. Nurbadowyň «Göroglynyň Görogly bolşy»3, G. Geldiýewiň «Görogly
– ak ýola düşdi»4 ýaly birnäçe makalalarda eposyň bu neşiriniň ähmiýeti
aýdyňlaşdyrylýar.
«Görogly» şadessanyny öwrenji belli alym, filologiýa ylymlarynyň doktory,
professor B. Mämetýazowyň 1992-nji ýylda neşir edilen «Туркменский
героический эпос «Гѐроглы» atly monografiýasy Garaşsyzlyk döwründe
şadessany öwrenmekde edilen esasy işdir. Munda şadessanyň örän köp meseleleri
barlag astyna alynýar. Rowaýatlaryň, hekaýatlaryň «Göroglynyň» türkmen
nusgasyna esas bolmagy, şadessanyň türki halklaryň arasyndaky sýužetler bilen
baglanyşygy, onuň žanr taýdan özboluşlylygy, şadessanda kyssa bilen şygryň
çeperçilik aýratynlyklary, häzirki zamanda şadessanyň bagşylar tarapyndan
aýdylyşy ýaly meseleleriň toplumy barlaga alynýar we ylmy netijelere gelinýär.
Türkmen halk dessanlaryny neşir etmekde hem üstünlikler gazanyldy. Halk
döredijiligini toplaýjy we öwreniji Ata Rahmanowyň taýýarlan «Şasenem-Garyp»
(1992) diýlip atlandyrylan kitapda onuň özüniň toplan dessanyň ýedi sany nusgasy
berilýär. «Şasenem-Garyp», «Aýsenem-Garyp», «Aý peri», «Helalaý-Garyp»,
«Baýsenem-Garyp», «Handan gyz» we «Uz peri» diýlen şol dessanlar ilkinji gezek
okyjylara ýetirilýär. «Myraly hem Soltansöýün» 1992 dessany hem K.
Borjakowa tarapyndan çapa taýýarlanyp neşir edilýär. «Türkmen halk dessanlary»
(1993) atly iki tomlugyň birinji tomuna «Näzdepe», «Melike-Dilaram», «HelalaýGaryp», «Kasym oglan» dessanlary girizilipdip. Olar alymlar A. Garryýewa, K.
Berkeliýew, K. Seýitmyradow tarapyndan çapa taýýalanypdyr. «Ybraýym-Halyl»,
«Gülpam», «Hatamtaý», «Muhammethanapiýa» dessanlaryny öz içine alýan ikinji
tomuny bolsa, A. Aşyrow bagşy Gurt Ýakubyň dilinden ýazyp alyp çapa
taýýarlapdyr. Öň neşir edilmedik «Tulum hoja» (1993) dessany hem B. Weliýew
tarapyndan çapa taýýarlanyp, okyjylara ýetirilýär. «Ymam Huseýin» (1995)
dessany hem özbaşdak kitap edilip çykaryldy. A. Durdyýewanyň 1998-nji ýylda
«Aşgabat» g., 1997, 28-nji ýanwar.
«Watan» g., 1997, 11-nji fewral.
3
«Türkmenistan» g., 1997, 4-nji mart.
4
«Edebiýat we sungat» g., 1998, 26-njy noýabr.
1
2
30
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 4
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 1
    Total number of words is 3378
    Total number of unique words is 1600
    24.8 of words are in the 2000 most common words
    36.5 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 2
    Total number of words is 3353
    Total number of unique words is 1496
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    42.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 3
    Total number of words is 3275
    Total number of unique words is 1222
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    35.4 of words are in the 5000 most common words
    41.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 4
    Total number of words is 2869
    Total number of unique words is 1223
    25.1 of words are in the 2000 most common words
    36.5 of words are in the 5000 most common words
    43.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.