Latin

Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 2

Total number of words is 3353
Total number of unique words is 1496
24.7 of words are in the 2000 most common words
36.1 of words are in the 5000 most common words
42.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
beýleki ýewropoly alymlar hem gyzyklanypdyrlar. Nemes alymy Rihard Karutsyň
1911-nji ýylda Leýpsigde nemes dilinde çykan kitaby soňra «Среди киргизов и
туркменов на Мангышлака» diýen at bilen Sankt-Peterburgda rus diline terjime
edilip çykarylýar. Onda «Samsyk möjek hakynda taryh» diýen basnýa, «Ýalançy
we baý hakynda taryh» diýen gülkili kyssajyk, Hoja Nasreddine degişli üç anekdot
we «Müň bir gijäniň» ýordumlary bilen bagly bäş sany erteki berilýär.3
1913-nji ýylda Türküstana syýahat eden W. N. Gartaweldiň «Среди сыпучих
песков и отрубленных голов» atly ýol ýazgylar kitabynda «Gökdepäniň alnyşy
hakyndaky aýdym» ýerleşdirilipdir4. Ony gypjakly Annak molladan ýazyp alyp,
terjimeçilere rus diline geçirdipdir. Kitabyň «Tekelerde halylar, aýdymlar we
ertekiler» diýen bölüminde türkmenleriň aýdymlara, ertekilere bolan söýgüsi,
olaryň durmuşdaky orny barada pikir aýdylýar5. Awtor «Nar agajy»,
«Dosmuhammet we Bibi», «Gül – Seýdah», «Garyp – Şasenem», «Aýjemal» ýaly
halk aýdymlary ýazyp alypdyr. Awtor «Ýadur han» («Eşege öwrülen han») atly
ertekiniň mazmunyny beýan edýär. Şular bilen birlikde aýdymlar barada-da,
ertekiler barada-da käbir ylmy pikirleri ýöredýär6.
XX asyryň başlarynda türkmen halk döredijiligini toplamakda, çap etmekde
we halk arasynda oňa bolan garaýyşlary döretmekde Aşgabatda türkmen we pars
dillerinde çap edilen ilkinji türkmen gazeti bolan «Закаспийская туземная
газета» atly gazetiň hyzmaty uly bolýar (gazetiň türkmen bölüminiň ady rusça
atlandyrylypdyr). Gazetiň neşir edilen 1914-1917-nji ýyllardaky sanlarynyň
haýsysyny alsaň-da, nusgawy edebiýatyň, halk döredijiliginiň meselelerine
bagyşlanan makalalary, olardan nusgalary görmek bolýar. Gazetiň işjeň
habarçylaryndan biri Alyşbeg Aliýew «Sowallara jogap» diýen makalasynda
okyjylara halk arasyndaky gürrüňleri gazete ýazyp ibermeklerini haýyş edýär: «...
her kesde nätüýsli gürrüň bar bolsa, şu Aşgabatda basylyp çykýan türkmen
gazetiniň adresine, ýagny basylýan jaýyna hem ýazyp gönderseler, bir wagtdan soň
olardan hem bir türkmenlerimize ýagşy bir ýadygärlik galjakdyr. Gadymkylardan
galmadyk nagl ýok»7. Gazetiň başga bir sanynda okyjylara şeýle ýüzlenme bar:
«Hemme türkmenlere biz sizden towakga edýäris, siz bize mesele taryhy gürrüňler,
edebi we folklor eserleri – N.S.) ýazyp iberseňiz, ol meseleleri hem biz
basmahanada basdyrsak, ol meseleler ýüz ýyldan hem aramyzdan ýitjek däl. Köne
Фарфоровский С. В. Трухмены (туркмены) Ставрополсько губернии. – Казан, 1911, с.5
Фарфоровский С. В. Из фольклора Северного Кавказа. – 1914.
3
Карутц. Р. Среди киргизов и туркменов на Мангышлака (перевод Е. Петри). – Санкт-Петербург (senesi
görkezilmändir), с.173-174.
4
Гартавельд В. Н. Среди сыпучих песков и отрубленных голов (путевые очерки Туркестана. 1913). –
Москва, 1914, с. 31.
5
Şol ýerde, с. 71.
6
Şol ýerde, с.74-78.
7
«Закаспийская туземная газета», 1915, 27 январь.
1
2
12
adamlardan alnyp galynmasa, onda ol meseleler aramyzdan ýitjek.»1 Halk
eserleriniň toplanyp, gazetde çap edilse, uly ähmiýetiniň boljakdygyny
düşündirýän şeýle çykyşlar öz netijesini beripdir. Hatly-sowatly türkmenler halk
arsynda aýdylýan taryhy gürrüňleri, ertekileri, rowaýatlary, dessanlardan bölekleri,
şorta sözleri, şygyrlary, nakyllary, matallary we beýleki görnüşdäki halk döredijilik
eserlerini ýazyp gazete iberipdirler. Gazet ýerli awtorlaryň uly toparyny halk
eserlerini toplamaga höweslendirmekde, öz daşyna jebisleşdirmekde we olaryň
ýazyp iberen folklor eserlerini çap etmekde bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary
bitirýär.
1914-1917-nji ýyllarda Aşgabatda işlän «Закаспийского кружок любителей
археологии и истории» atly ylmy jemgyýet hem ylmyň birnäçe ugurlary bilen
birlikde türkmen halk döredijiligini öwrenmekde belli bir işleri edýär. Bu ylmy
jemgiýetiň özüniň ýörite neşiri bolup, onda agzalaryň ylmy habarlary, dokladlary
çap edilýär. Olaryň biri F. A. Mihaýlowyň türkmenleriň taryhyna degişli işidir.
Onda türkmenleriň Nedir şa döwründäki durmuşy, meşhur serkerde Keýmir kör
barada gürrüň edilýär.2 Awtor ony ýerli halkyň hekaýatlary esasynda ýazypdyr. A.
Alyýewiň «Zakaspiý oblastynyň geçmiş durmuşyndan» diýen işinde hem gyzykly
maglumatlar berilýär. Ol «türkmen» adynyň gelip çykyşy barada pikir ýöredip, bu
barada ýaşululardan eşiden rowaýatyny getirýär3. Kružogyň neşirinde Hojaly
Molla Myratberdi oglunyň «Zakaspiý oblastynyň türkmenleriniň taryhyndan»
diýen makalasy hem çap edilipdir. Ony I. A. Belýaýew rus diline terjime edipdir.
Terjimäniň yzynda arap ýazuwyndaky türkmençe nusgasy hem ýerleşdirilipdir.
Işde taryhy maglumatlar köp bolsa-da, onuň beýan edilişinde folklorçylyk äheň
güýçli. Awtoryň beýan edýän wakalary halk gürrüňlerine esaslanypdyr.
Aýratynam, onda Keýmir kör toplumly hekaýatlar agdyklyk edýär.4 Kružogyň
türkmen halk döredijiligi babatda bitiren hyzmatlarynyň arasynda I. A. Belýaýewiň
ýaremezan aýdymlary baradaky etnografik oçerki has ähmiýetlidir. Onda
ýaremezanlar barada ylmy işler bilen olardan nusgalar hem berilýär. Şeýlelikde,
Zakaspi kružogy türkmen folklorynyň şol döwürdäki toplanyşynda we
öwrenilşinde möhüm orny eýeledi diýip hasaplamak bolar.
XX asyryň başlarynda birnäçe awtorlaryň işlerindäki we dürli neşirlerdäki
türkmen döredijiligine dahyly bolan materiallar folklora bolan belli bir
garaýyşlaryň kemala gelip başlandygyny, munda toplaýjylyk işiniň esasy orunda
bolandygyny görkezýär. Şunuň bilen birlikde I. A. Belýaýew, A.N. Samoýlowiç
ýaly belli alymlar türkmen folklorynyň meseleleri barada has giň ylmy nazary
barlaglary alyp bardylar.
I. A. Belýaýewiň türkmen folkloryndan toplan materiallary, käbir ylmy
häsiýetli işleri okuw kitaplarynda, gazet sahypalarynda, ylmy kružogyň
neşirlerinde jemlenýär. Alym «Русско-туркменский словарь» kitabynyň
«Закаспийская туземная газета», 1915, 13 oктябрь.
Протоколы заседаний и сообщения членов Закаспийского кружка любителей археологии и истории
Востока. Вып. I (1914-1915). – Асхабад, 1915.
3
Протоколы... Вып. 2 (1915-1916). – Асхабад, 1916.
4
Протоколы... Вып. 2 (1915-1916). – Асхабад, 1916.
1
2
13
sözbaşysynda sözlügi taýýarlamak üçin türkmen ertekilerinden, aýdymlaryndan,
nakyllaryndan we meşhur şahyrlaryň goşgularyndan peýdalanandygyny aýdyp
geçýär.1 Sözlükde iki ýüz töweregi türkmen nakyllary we obrazly aňlatmalary
getirilipdir. Alymyň «Грамматика туркменского языка» atly okuw kitabynda
hem türkmen halk döredijildiginden nusgalar ýerleşdirilipdir. Awtor öň olaryň hiç
ýerde çap edilmändigini belleýär.2 Kitapda ýigrimi töweregi nakyl ulanylypdyr.
Mundan başga-da «Buz üstünde tozan arama», «Üç sany ogry şanyna nakyldyr»
we «Mekir aýaz» atly ertekiler ýerleşdirilipdir. Halk döredijiligine degişli
«Türkmenler çaýy içýär» diýen material özüniň gyzyklylygy bilen tapawutlanýar.
Alymyň Zakaspi kružogynyň neşirinde çap edilen «Туркменские колядные
песни» diýen işinde mukaddes oraza aýy we bu aý bilen baglanyşykly däpdessurlaryň, aýdymlaryň beýany barada gürrüň edilýär. Ýaremezan aýdymlary
bilen bagly dessuryň geçişini beletlik bilen suratlandyrýar. Büzmeýin obasyndan
toplan sekiz bent ýaremezanyny türkmençe we onuň rus diline ussatlyk bilen eden
terjimesini getirýär.3 I.A. Belýaýewiň bu işi çap bolup çykansoň, bada-bat
jemgiýetçiligiň, alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Gazetlerde işiň ähmiýetini beýan
edýän makalalar çap edilýär4.
Görnükli gündogarşynas, türkmen edebiýatyny öwrenmekde ägirt uly işler
bitiren A.N. Samoýlowiç XX asyryň başlarynda Türkmenistanda birnäçe gezek
ylmy saparda bolup, türkmen halkynyň edebi we folklor mirasyndan baý
maglumatlar toplaýar. Gürrüňi edilýän döwre çenli gündogary öwrenijileriň hiç
biri-de A.N. Samoýlowiç ýaly türkmen halk döredijiliginiň materiallaryny köp
toplamandy, onuň ylmy-nazarýet meselelerine içgin aralaşmandy. Ol türkmen
folklorynyň hemme görnüşlerinde diýen ýaly öz barlaglarynyň yzyny goýdy.
A. N. Samoýlowiçiň turkmen folklory boýunça aýratyn işleriniň biri
«Загадки Закаспийских туркменов в русском переводе» atly işidir. Bu işde
alym özüniň 1902-1906-njy ýyllarda Türkmenistanda bolanda Ahaldan, Marydan,
Çelekenden toplan matallaryny ýerleşdiripdir. Olary beýleki türki halklaryň
matallary bilen deňeşdiripdir.5
A. N. Samoýlowiçiň «Хивинский рассказ про Аннамурат бабу»,6 «Pişik
efsanasy»7, «Три туркменских саказки в русском переводе»,8 «Краткая опись
среднеазиатского-турецких сказок и сказаний»,9 «Сказка «Сорок небылиц»
по туркменскому, узбекскому и киргизскому вариантам»10 ýaly işleri türkmen
ertekilerine degişlidir. Alym bu işlerde türkmenleriň arasynda bolanda ýazyp alan
ertekilerini rus diline terjime edip beripdir. Olaryň käbirlerine gysgajyk giriş
Беляев И. А. Русско-туркменский словарь. – Асхабад, 1913, с.2.
Беляев И. А. Грамматика туркменского языка. – Асхабад, 1915, с. 3.
3
Протоколы... Вып. 1. – Асхабад, 1915.
4
«Асхабад», 1915, 10 сентябрь; «Туркестанские ведомости», 1916, 31 март.
5
Живая старина, 1909, вып. II-III, с.33.
6
Живая старина, 1908, вып. IV, с. 490-494.
7
Живая старина, 1910, вып. I-II. с. 121-128.
8
Кафманский сборник – Москва, 1910, с.118-128.
9
Живая старина, 1912, вып. II-IV, с. 533-537.
10
Живая старина, 1912 вып. II-IV, с. 477-484.
1
2
14
sözüni berip, çap edilýän erteki barada öz garaýyşlaryny, nirede, haçan we kimden
ýazyp alandygyny beýan edipdir. Ertekileriň käbirleriniň üstünde bolsa, ýörite
ylmy-barlaglar geçiripdir.
A.N. Samoýlowiçiň rowaýatlar we halk gürrüňleri boýunça toplan
materiallary hem az bolmandyr. «Из хивинских сказаний о животных»1 diýen
işinde garlawajyň adamy ýylandan halas edişi baradaky belli rowaýat berilýär.
Mundan başga-da Ybraýym Halyl bilen bagly täsin rowaýat hem şu işde
getirilipdir. Daşkentde neşir edilýän «Средняя Азия» atly edebi-taryhy neşirde
hem «Пальван ата и грешница», «Как Мулла-Гаиб спась музику и поэзию»
diýen rowaýatlary ýerleşdiripdir2.
Alymyň «Легенда о Коркуд и Кор-оглы» diýen işinde türkmen eposlarynyň
gahrymanlary hakynda gürrüň edilýär.3 Bu işdäki pikirler Abulgazynyň
«Türkmenleriň şejeresi» eseri esasynda ýöredilýär. Ýöne alymyň garaýyşlary entek
bu eposlar barada barlaglaryň doly ýüze çykmadyk halatyndaky ilkinji
çaklamalardyr.
«Туркменский заговоры»4 atly işiň sözbaşysynda alym doga
sanawaçlarynyň halk döredijiliginde, yrymlarynda tutýan orny, nähili ýagdaýda
haçan okalýandygyny beýan edýär. Üç sany sanawajy türkmençe we rusça
ýerleşdiripdir.
Alymyň türkmen nakyllary boýunça eden işleri çap edilmän, şahsy arhiwinde
galypdyr. Ol türkmen nakyllarynyň 200-ýe golaýyny toplapdyr. A.N.
Samoýlowiçiň ylmy arhiwini öwrenen alym D. Nuralyýew bu barada gymmatly
maglumatlary berýär5.
A.N. Samoýlowiçiň entek türkmen halk döredijiliginden materiallaryň doly
toplanmadyk wagtynda bu ugurda alyp baran işleri, olaryň üstünde geçiren düýpli
ylmy barlaglary şol döwür üçin uly ähmiýete eýedi. Hut şonuň üçin A.N.
Samoýlowiçiň işleri türkmen halk döredijiligini öwrenşiň taryhynda aýratyn
orunda durýar.
Tutuşlygyna alanyňa XX asyryň 20-nji ýyllaryna çenli türkmen halk
döredijiligine dahylly toplaýjylyk, neşir, ylmy barlag işleriniň ähmiýeti uly bolup,
olar soňky ýyllarda türkmen halk döredijiligi boýunça ýörite ylmyň döremegine
esas boldy.
1
Живая старина, 1910, вып. III, с. 271-274.
Средняя Азия, кн. VII. – Ташкент, 1910, с.81-87.
3
Записки Восточного отделения Императорского Русского археологического общества. – СанктПетербург, 1910, т. XIX, вып. IV, с. 4-5.
4
Живая старина, 1912 вып. II-IV, с. 117-124.
5
Nuralyýew D. Akademik A. N. Samoýlowiç türkmen еdebiýaty hakynda. – Aşgabat: Ylym, 1971, 18-19 s.
2
15
4. XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda türkmen halk döredijiliginiň
toplanylyşy we öwrenilişi
Türkmen halk döredijilik eserlerini guramaçylykly ýagdaýda toplamak, ony
ylmy jähetden öwrenmek, sözüň doly manysynda, XX asyryň 20-nji ýyllarynda
başlandy. Elbetde, bu ýagdaý döwrüň durmuşy-taryhy, syýasy şertleri bilen bagly
boldy. Şol döwürde Türkmenistanyň, türkmen halkynyň durmuşynda bolup geçen
taryhy wakalar syýasy, durmuş, ykdysady ugurlarda bolşy ýaly, jemgyýetiň ruhymedeni gurşawynda hem düýpli özgerişlikleriň ýüze çykmagyna getirdi.
Türkmenistanda sowet hökümetiniň döredilmegi bilen, ýurtda sosializm gurluşygy
başlanýar. Sosializm gurluşygyň esasy şertleriniň biri bolsa, medeni öwrülişigi
amala aşyrmakdy. Medeni öwrülişigiň çäklerinde sowatsyzlygy ýok etmek
wezipesi goýulýar. Mekdepler üçin mugallymlar, medeniýetiň dürli pudaklarynda,
ylymda, işläp biljek taýarlykly işgärler ýetişdirilip ugralýar. Russiýanyň ylmy
merkezlerinden rus we beýleki halklardan bolan hünärmenler Türkmenistana gelip
işläp başlaýarlar. Okuw kitaplary, gollanmalar we beýleki häsiýetdäki kitaplar çap
edilip ugralýar. 1925-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýaty açylýar. Birnäçe gazetžurnallar neşir edilip başlanýar. Olarda ýurduň syýasy-jemgiýetçilik, halk hojalyk
meselelerine degişli materiallar bilen birlikde, dil, edebi miras, däp-dessur, sungat,
taryh ýaly ruhy baýlyga degişli bolan işler hem çap edilýär. Olaryň arasynda
türkmen halkynyň folklor mirasyna, oňa bolan garaýyşlara, folkloryň toplanyşyna
we öwrenilişine degişli hem birgiden materiallar bar.
Halk döredijiligi toplamaklyga we öwrenmeklige döwlet derejesinde üns
berlip başlanýar. Sebäbi türkmen edebi dilini emele getirmekde, halkyň taryhyny,
däp-dessuryny, dünýägaraýşyny öwrenmekde halk döredijilik eserleri çeşme bolup
durýar. Şeýle bolansoň, halk döredijiligini toplamak we öwrenmek işi türkmen
dilini, taryhyny, etnografiýasyny, edebiýatyny, sungatyny öwrenmek hem bu
ugurlardan material ýygnamak işi bilen ugurdaş alnyp barylýardy. Türkmenistanda
ilkinji ylmy edaralaryň döredilmegi bu işiň ilerlemegine şert bolýar. 1924-nji ýylda
Halk magaryf komissarlygynyň ýanynda Döwlet alymlar geňeşi we Döwlet
muzeýiniň ýanynda Ülkäni öwreniş jemgiýeti, 1925-nji ýylda Türkmen ylmy
barlag instituty döredilýär. 1927-nji ýylyň ahyrynda bu üç sany ylmy edara
birikdirilip Türkmen medeniýeti instituty döredilýär we ol ýurduň ýeke-täk ylmy
merkezine öwrülýär.1 Institutyň birnäçe bölümleri bilen birlikde taryh, etnografiýa,
dil, edebiýat, sungat bölümlerinde halk döredijiligini toplamak, neşir etmek we
öwrenmek işleri alnyp barylýar. Dil we edebiýat bölümi türkmen diliniň sözlügi
üçin dil materiallaryny, halk döredijiliginiň erteki, nakyl, atalar sözi, läleler ýaly
nusgalaryny, nusgawy edebiýatdan nusgalary ýygnamak bilen meşgullanýar.
Ýerlere ylmy saparlar guralyp, institutyň işgärleri baran ýerlerinde özlerine
materiallar iberip biljek habarçy toparlaryny döredýärler. Institut öz işgärleriniň we
habarçylarynyň güýji bilen materiallaryň uly toplumyny ýygnaýar.
Абдалов О., Аннаклычев А., Бердыгылыҗов М. Культура Туркменской ССР за 25 лет. – Ашгабат:
Туркменгосиздат, 1950, с. 63.
1
16
Şeýlelikde, 20-nji ýyllarda Türkmenistanda täze okuw jaýlarynyň, neşirýatyň,
metbugatyň, ylmy edaralaryň döredilmegi, olarda işläp biljek hünärmenleriň
ýurdumyza gelmegi we ýerli hünärmenleriň ýetişip ugramagy türkmen halk
döredijilik eserlerini toplamak, öwrenmek we neşir etmek işine şertler döredýär.
Şu döwürde halk döredijiliginiň käbir görnüşlerinden ýygyndylar neşir edilip
ugralýar. Muňa Muhammet Geldiýewiň 1925-nji ýylda neşir edilen «Makal we
matallar ýygyndysy» (babalar sözi), Alyşbeg Alyýewiň «Ertekiler» kitaplary
degişlidir. M. Geldiýewiň kitabynda nakyllaryň 500 töweregi, matallaryň 50
töwregi ýerleşdirilipdir. Alym nakyllary 48 sany tematik topara bölüp beripdir.
Çapa taýýarlaýjy sözbaşyda ýygyndyny «Müň-de bir makal» ady bilen çap etmegi
niýet edinendigini, ýöne çaphahanyň mümkinçiligine görä, bu niýetiniň başa
barmandygyny ýazýar.1 Şundan görnüşi ýaly, M. Geldiýewiň elinde şol wagt
nakyllaryň uly toplumynyň jemlenendigini bilmek bolýar. A. Alyýewiň toplan
«Ertekiler» ýygyndysynda bolsa 10 sany erteki berlipdir.
Türkmen edebiýatyny öwrenmekde uly işler bitiren Abdylhekim
Gulmuhammedow (1879-1931) 1927-nji ýylda «Saýatly – Hemra» dessanyny çap
etdirýär. «Saýat ile Hemra destany, türkmen milletiň XV asyrdaky ahwallaryny
aňladýan destanlardan» atly bu kitapda alymyň düýpli ylmy sözbaşysy
ýerleşdirilipdir. Onda türkmen halkynyň taryhy, edebi mirasy barada umumy
barlaglar bilen birlikde «Saýatly − Hemra» dessanyň dörän döwri, ýordumlary,
gahrymanlary barada gürrüň edilýär. Alym bu dessanyň geljekde türkmen
edebiýatyny öwrenijiler üçin material bolmak bilen birlikde, türkmen edebiýatyna
kembaha garaýanlara jogap hem boljakdygyny belleýär2. A. Gulmuhammedowyň
1931-nji ýylda neşir edilen «Материалы по Средне-Азиатским литературный
памятникам» diýen işinde alymyň özüniň halk arasyndan toplan köpsanly
golýazmalary hakynda maglumat berilýär. Şolaryň arasynda «Saýatly – Hemra»,
«Hüýrlukga – Hemra», «Şasenem – Garyp», «Görogly» ýaly halk dessanlaryň
golýazmalary hem gabat gelýär.
20-nji ýyllardan başlap, türkmen dil biliminiň ösmegine uly goşant goşan
alym Aleksandr Petrowiç Poseluýewskiý (1894-1948) türkmen halk döredijiliginiň
ylmy hem amaly meselerine bagyşlanan işleriň hem birnäçesini döretdi. Onuň
«Стихотворный ритм гокленских народных песен» (1928) atly kitaby halk
döredijiliginiň läle görnüşi boýunça ilkinji we doly görnüşli ýerine ýetirilen ylmy
işdir.
A.P. Poseluýewskiniň halk döredijiligine degişli köp sanly makalalaryň
ilkinjisi «Песни туркменсих женщин»3 atly makaladyr. Onda alymlar tarapyndan
ýygnalan aýdymlar hakynda durulýar. Türkmen gelin-gyzlary tarapyndan ýerine
ýetirilýän hüwdüleri, läleleri toplamagyň meseleleri hakda gürrüň edilýär.
Geldiýew M. Makal we matallar ýygyndysy (babalar sözi) – Poltorask: Türkmenistan döwlet neşirýaty,1925, 1 s.
Saýat we Hemra destany. Türkmen milletiniň XV asyrdaky ahwallaryny aňladýan dessanlardan Polterasskiý:
Türkmendöwlet neşir – 1927, 16 s.
3
г. «Туркменская искра», 1926, 31 март.
1
2
17
«Собирание туркменского фольклора»1 diýen makalasynda alym halk
döredijiligini toplamagyň ähmiýetini açyp görkezýär. Bu işiň halkyň dilini,
taryhyny, däp-dessuryny öwrenmekdäki, milli medeniýeti ösdürmekdäki ornuny
kesgitleýär. Halk döredijiliginiň görnüşleri, olary halk arasyndan ýygnamagyň,
ýazyp almagyň ýollary hakynda gürrüň edýär.
A.P. Poseluýewskiý halk döredijiligini il içinden ýygnamagyň guramaçysy
bolýar. Ol 1927-1932-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň dürli etraplaryna
gurlan sekiz ekspedisiýa gatnaşýar, olaryň birnäçesine ýolbaşçylyk edýär. Şol
döwür onuň halk döredijiligi boýunça toplan materiallary esasynda ýazan
«Лингвистическая экспедиция ГУС-а»2, «На забытом участке культурного
фронта»3, «Dil-edebiýat ugrunda «Türkmenkultuň» eden işleri»4, «Опыть
коллективной работы»5 ýaly birnäçe makalalary metbugatda yzygiderli çap
edilýär.
Alym Türkmenistanda halk döredijilik işleriniň meseleleri dogrusynda şol
wagtky respublikanyň çäginden daşarky merkezi ylmy neşirlerde çykyş edip
durýar. Muňa onuň «Советский фолкьлор» atly tutumly neşirde ýerleşdirilen
«Фольклорная
архив
Туркменского
государственного
научно6
исследовательного института» diýen işi we beýlekiler mysaldyr.
Alym «Türkmen folkloryny derňäp öwreniş»7 diýen makalasynda türkmen
halk döredijiliginiň öwreniliş taryhy barada ilkinji maglumatlar berdi.
«Туркменское народное творчесво»8 atly makalasynda bolsa, halk döredijilik
eserleriniň mazmuny, formasy, çeperçiligi, žanr aýratynlyklary, olaryň döreýş
döwürleri barada ilkinji derňewler geçirdi.
Alymyň bütin folklor mirasy, onuň folklor baradaky ylmy-nazary pikirleri şu
güne çenli folklor öwrenijiler üçin mekdep bolmagynda galýar. Şonuň üçin halk
döredijiliginiň öwreniliş taryhy hakynda gürrüň edilende alymyň bu ugurdaky
işleri mynasyp orunda goýulmalydyr.
20-30-njy ýyllarda halk döredijiligine degişli birnäçe awtorlaryň makalalary
gazet-žurnallarda çap edilýär. O. Sandronyň «О чем поѐт туркменка?»9, A.
Oblonskiniň «От богатырских сказаний к песням Октября»10, W. Tihonowiçiň
«Идеология и быть»11, Ş.Kurbanow bilen G.Karpowyň «Устное народное
творчество туркмен»12, O.Täçnazarowyň «Türkmen şura edebiýaty we dil bilen
aýdylýan halk edebiýaty»,13 A.Ahundow Gürgenli bilen R. Alyýewiň «Türkmen
ж. «Туркменоведение» , 1927, №2.
ж. «Туркменоведение», 1928, №2.
3
ж. «Туркменоведение», 1930, №6-7.
4
«Türkmen medeniýeti» ž., 1930, №3.
5
ж. «Туркменоведение», 1931, №3-4.
6
ж. «Советский фолкьлор»,1935, №2-3.
7
«Turkmenistan şura edebiýaty» ž., 1934, №3.
8
«Sowet edebiýaty» ž., 1944, №1-2.
9
г. «Туркменская искра», 1928, 8 март.
10
ж. «Туркменоведение», №1930, № 10-12.
11
ж. «Туркменоведение», 1930, № 6-7.
12
ж. «Туркменоведение», 1931, № 7-9.
13
«Türkmenistan şura edebiýaty» ž., 1934, №1-2.
1
2
18
folklory we onuň hilleri»1, H.Çaryýewiň «Folklory ýüreklilik bilen öwreneliň»2, A.
A. Kekilowyň «Ýazyjy we folklor»,3 Ş.Batyrowyň «Bagşy halkyň
aýdymçysydyr»4, «Türkmenistanyň halk döredijiligi»5, E.Jumaýewiň «Sungat we
halk döredijiligi6, R. Seýidowyň «Folklor we onuň ähmiýeti»7, M. A. Sakaliniň
«Sowet Türkmenistanyň halk döredijiligi»8 ýaly onlarça makalalar ýörite halk
döredijiliginiň meselelerine bagyşlanyp ýazylypdyr. Türkmen halk döredijiligi
hakyndaky birnäçe makalalar Türkmenistandan daşarda, şol wagtky umumysoýuz
neşirlerde hem çap edilipdir. Olardan O. I. Şaskaýanyň «Мотивы женской доли в
туркменской лирике»9, «Туркменская колядные песни в связи с бытом и
религиозными верованиями»10, A. Fadeýewiň «Туркмения»11, P. Skosyrewyň
«Устная литература Туркмении»12 ýaly işlerini görkezmek bolar. Elbetde, olaryň
mazmunynda, hatda köpüsiniň atlarynda hem şol döwrüň syýasy garaýyşlaryny,
düşünjelerini görmek bolýar. Muňa garamazdan, olar milli halk döredijiligini
öwreniş ylmynyň kemala gelýän ilkinji etaplarynda entek bu ugurdan düýpli
monografiýalaryň, doly barlaglaryň ýok wagtynda ähmiýetli bolup durýar. Ady
agzalan makalalaryň hemmesi jemagata halk döredijiliginiň nämedigini, onuň milli
medeniýetdäki ornuny, mazmunyny, ony öwrenmegiň ähmiýetini açyp görkezýär.
Şol döwürde A. N. Samoýlowiç hem türkmen edebiýatynyň meseleleri bilen
birlikde halk döredijiligine dahylly birnäçe işleri ýazýar. Onuň «Из истории
туркменской литературы»13, «Шейбаны-хан и Боз-оглан»14, «Очерки по
истории туркменской литературы»15 atly işleri türkmen edebiýatyny we halk
döredijiligini öwreniş ylmynda aýratyn ähmiýetli bolup durýar.
Türkmen saz sungatyny öwrenjiler W. Uspenskiý bilen W. Belýaýewiň
«Туркменская музыка» atly iki tomluk kitabynyň 1928 we 1936-njy ýyllarda
neşir edilmegi halk döredijiligini öwrenişe goşant boldy. Kitap, esasan, türkmen
aýdym-saz sungatyna bagyşlanan hem bolsa, onda birnäçe halk aýdymlarynyň
tekstleriniň ýerleşdirilmegi, bagşylar, aýdymlaryň döreýşi hakynda gyzykly
maglumatlaryň berilmegi köp derejede halk döredijiligini öwrenijiler üçin material
bolup durýar.
1937-nji ýylda «Ependi» we «Bir bar eken...» diýen atlar bilen iki sany
ýygyndy çap edilýär. Birinji ýygyndyny Ýakup Nasyrly çapa taýýarlar we oňa
sözbaşy ýazýar. Onda türkmenleriň arasynda Ependi ady bilen belli bolan halk
«Türkmenistan şura edebiýaty» ž., 1935, №5-6.
«Şuralar Türkmenistany» g., 1935, 30 mart.
3
«Sowet edebiýaty» ž., 1938, №3.
4
«Sowet edebiýaty» ž.,, 1938, № 6-7.
5
«Sowet edebiýaty» ž., 1940, № 10.
6
«Sowet edebiýaty» ž., 1938, №2-3.
7
«Sowet edebiýaty» ž., 1939, №6.
8
«Sowet edebiýaty» ž., 1939, №11.
9
ж. «Советский фольклор», 1934, № 1. вып. 1.
10
ж. «Советская этнография», 1936, № 2-1.
11
ж. «Советская этнография», 1934, № 1-2.
12
ж. «Литературный критик», 1935, №6.
13
г. «Туркменская искра» 1927, 18 февраль.
14
«Туркменоведение» 1923, № 6-7.
15
Туркмения, т.1, Ленинград, 1929.
1
2
19
döredijilik gahrymany bilen bagly şorta sözler jemlenýär. A. Ahundow Gurgenli
tarapyndan taýýarlanan «Bir bar eken...» ýygyndysy bolsa türkmen ertekileriniň 37
sanysyny öz içine alypdyr.
Halk döredijilik eserleriniň toplanyşy 20-30-njy ýyllarda aýratyn
guramaçylykly ýagdaýda bolýar. A.P. Poseluýewskiniň ýolbaşçylyk eden, gatnaşan
ekspedisiýalary, N. K. Dmitriýewiň ýolbaşçylygynda Mary etrabyna guralan
ekspedisiýa netijesinde örän köp sanly halk döredijilik eserler toplanýar. Bu iş
bilen diňe bir alymlar, hünärmenler meşgullanman ýerlerdäki höwesjeň toplaýjylar
hem meşgullanýarlar. Olardan Gypjak obasyndan Aga Durdy ogly, Aşgabat
şäherinden Ata Allaşukurow, G. Taganow, Hojaly Amanýaz ogly, A. Nepesow
ýaly birnäçe halk döredijiligini toplaýjylaryň atlary bellidir.
1937-nji ýylda Dil we edebiýat instituty tarapyndan Ata Çepow bagşylardan
«Görogly» eposyny ýazyp almak üçin Daşoguza ylmy sapara iberilýär. Ol Tagta
etrabynda (häzirki Görogly etraby) ýaşaýan dessançy bagşy Pälwan bagşydan
«Göroglynyň» birnäçe şahasyny ýazyp alýar. Bu bolsa soňra eposy neşir etmeklige
esas bolýar.
20-30-njy ýyllarda halk döredijiliginiň toplanyş we öwreniş işlerinde
gazanylan üstünlikler soňra bu ugurdaky ylmyň doly derejede kemala gelmegini
üpjün edýär.
5. 40-80-nji ýyllar halk döredijiliginiň neşir edilişinde
we öwrenilişinde aýgytly etapdyr
Bu döwürde halk döredijiliginiň ähli görnüşleri diýen ýaly aýratyn kitap edilip
köpçülikleýin neşir edilýär. Halk döredijiligine degişli ylmy makalalar bilen
birlikde köp sanly ylmy işler, monografiýalar ýazylýar.
Belli ýazyjy Ata Gowşudow ertekileri, halk aýdymlaryny toplamak, çap
etmek, «Görogly» eposynyň ilkinji neşirini çapa taýýarlamak bilen birlikde, halk
döredijiliginiň dürli meseleleri barada birnäçe ylmy makalalar ýazyp, ylymda
mynasyp yz galdyrdy. Onuň çapa taýýarlan türkmen halk ertekileriniň iň kämil
nusgalarynyň 50-sini öz içine alýan «Türkmen halk ertekileri» atly ýygyndysy
1940-njy ýylda neşir edilýär. Şol ýyl onuň Ata Salyhdan ýazylyp alnan ertekileri
we şorta sözleri «Dynç alyş wagty» ady bilen çap edilýär. A. Gowşudowyň toplan
läleleri, hüwdüleri, monjugatdylary we agylary «Aýal-gyzlaryň aýdym we läleleri»
ady bilen 1941-nji ýylda kitap bolup çykýar. Şol ýyl onuň tertibe salyp, çapa
taýýarlan «Görogly» eposy hem neşir edilýär. Onda A. Çapowyň Pälwan bagşydan
ýazyp alan nusgalary peýdalanyp, eposyň 13 sahasy ýerleşdirilipdir. A. Gowşudow
1948-nji ýylda neşir edilen «Türkmen halk matallary» atly ýygyndyny
taýýarlamaga hem gatnaşýar.
A. Gowşudow «Magtymgulyda halk döredijiligi hem watançylyk»1,
«Magtymguly we halk döredijiligi»1 ýaly makalalarynda ýazuw edebiýaty bilen
1
SSSR YA-nyň Türkmen filialynyň habarlary, №1942, №3.
20
halk döredijiliginiň baglanyşygy meselesiniň üstünde durýar. «Türkmen aýalgyzlarynyň döredijiligi»2 atly makalasynda halk döredijiligiň birnäçe görnüşleri
barada ylmy pikirler aýdýar. A. Gowşudowyň «Görogly» eposy baradaky ylmy
garaýyşlary onuň «Halkyň gahrymançylykly eposy – Görogly»3 diýen
makalasynda jemlenýär.
Türkmen halk döredijiliginiň erteki görnüşini toplamakda, neşire
taýýarlamakda, rus diline geçirmekde we ylmy taýdan düýpli öwrenmekde Mariýa
Sakali aýratyn hyzmatlary bitirýär. Alym 1940-njy ýylda neşir edilen «Türkmen
halk ertekileri» atly ýygyndyny düzmäge gatnaşýar we oňa sözbaşy ýazýar. M.
Sakali 1948-nji ýylda «Туркменские сказки» ady bilen neşir edilen ýygyndyny A.
Gowşudow bilen taýýarlaýar. Ertekileri rus diline geçirýär we oňa giňişleýin
sözbaşy ýazýar. Bu neşir soňra 1955-nji ýylda çykan adybir ýygynda esas bolýar.
M. Sakaliniň ertekiler hakyndaky ylmy barlaglary, makalalary onuň
«Туркменский сказочный эпос» (1956) atly monografiýasynda jemlenýär. Onda
türkmen ertekileriniň sýužetleriniň köpdürliligi, olaryň aýdylyş we ýaýraýyş
şertleri, stilistik aýratynlyklary öwrenilýär. Alym dünýä folkloristikasynyň tejribesi
esasynda türkmen ertekileriniň ulgamly görkezçijisini düzýär. Ertekileriniň
düzümini, sýužetlerini, toparlaryny, çeperçiligini öwrenmekde uly ähmiýeti bolan
bu görkezgiç kitabyň ahyrynda ýerleşdirilipdir. Mundan başga-da kitapda türkmen
ertekiçileri Ata Salyhyň, Ogulgerek Gowşudowanyň we Durdy Gylyjyň halk
döredijilik eserlerini ýerine ýetiriş usullary, olaryň erteki repertuarlary hakynda
maglumat berýän işleri hem kitaba girizilipdir.
M. Sakaliniň halk döredijiliginiň beýleki görnüşleri boýunça hem birnäçe
işleri bitirýär. Onuň ««Тысяча туркменских пословиц и поговорок»» (1945),
«Türkmen halk matallary» (1948), «Türkmen nakyllary» (1949) ýaly ýygyndylary
toplamaga, düzmäge, sözbaşy ýazmaga gatnaşýar. Alymyň «Türkmen folklorynyň
hazynasy»4, «Türkmen folklorynda aýallaryň obrazy»5, «Туркменские народные
пословицы»6, «Отечественная война в народном творчестве Туркмении»7,
«Туркменские
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 3
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 1
    Total number of words is 3378
    Total number of unique words is 1600
    24.8 of words are in the 2000 most common words
    36.5 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 2
    Total number of words is 3353
    Total number of unique words is 1496
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    42.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 3
    Total number of words is 3275
    Total number of unique words is 1222
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    35.4 of words are in the 5000 most common words
    41.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 4
    Total number of words is 2869
    Total number of unique words is 1223
    25.1 of words are in the 2000 most common words
    36.5 of words are in the 5000 most common words
    43.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.