Latin

Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 1

Total number of words is 3378
Total number of unique words is 1600
24.8 of words are in the 2000 most common words
36.5 of words are in the 5000 most common words
43.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
NURY SEÝIDOW
TÜRKMEN
HALK
DÖRDIJILIGINIŇ
ÖWRENILIŞI
GYSGAÇA OÇERK
http://kitaptm.com
Golýazma hukugynda
Seýidow N. Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi.
Gysgaça oçerk − Aşgabat, 2018. − 40 sah.
Türkmen halk döredijiliginiň öwreniliş taryhyna bagyşlanan
bu gysgaça oçerkde türkmen folkloryny öwreniş ylmynyň döreýiş
çeşmeleri, gözbaşlary we kemala gelşi beýan edilýär. Dürli
döwürleriň folklorçylyk işleri, ylmy tejribeleri, pikir-garaýyşlary
seljerilýär. Halk döredijiligini toplamakda, neşir etmekde we
ylmy taýdan öwrenmekde mynasyp işler bitiren şahsyýetleriň
hyzmatlary aýdyňlaşdyrylýar we bahalandyrylýar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly
adyndaky Dil we edebiýat institutynda az nusga bilen çap edilen
«Türkmen halk döredijiliginiň taryhy» atly kitaba girizilen bu iş
ynsanperwer ylymlar boýunça iş alyp barýan ylmy işgärlere,
aspirantlara, şeýle hem milli medeniýet, türkmen halk döredijigli
bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetleýär.
© Seýidow N. 2018.
TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGINIŇ ÖWRENILIŞI
1. Türkmen halk döredijiligini öwrenişiň gözbaşlary
Türkmen halkynyň taryhynyň gadymy bolşy ýaly, onuň halk döredijilik
eserleri hem öz döreýiş gözbaşlaryny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Halk
aňynyň ösüşiniň netijesinde, taryhyň dürli döwürlerinde dörän eserler wagt
geçdigiçe kämilleşdirilýär, ösdürilýär. Halkyň şeýle eserleri döredip, ony
dynuwsyz kämilleşdirip durmagy, toplap aňynda saklamagy, dil üsti bilen
nesilden-nesle geçirmegi, ýörite ýazgylarda galdyrmagy – bularyň hemmesi
halkyň öz döreden eserlerine bolan gyzyklanmalarynyň, garaýyşlarynyň,
pikirleriniň we aladalarynyň netijesidir. Eger şu aladalar bolmadyk bolsa, taryhyň
jümmüşinde dörän halk döredijilik eserlerimiz biziň günlerimize gelip ýetmezdi.
Munuň özi halk döredijiligini öwrenişiň gözbaşlarynyň hem has irki döwürlerden
başlanýandygyny, olary toplamak, sada görnüşde bolsa-da öwrenmek işiniň ilkinji
nobatda halkyň özüne, halkyň içinden çykan belli-belli akyldarlardyr alymlara
degişlidigini görkezýär.
Türkmen halkynyň taryhyna, edebi mirasyna, ýazuw ýadygärliklerine ser
salnanda, halk döredijiligini toplamagyň, taryhy, edebi, filosofiki we beýleki
meseleler işlenende onuň nusgalaryndan peýdalanmagyň baý däplerini görmek
bolýar. Türkmen halkyna degişli taryh, dil, edebiýat baradaky gadymy ýazuw
ýadygärliklerinde halk döredijilik nusgalary dürli görnüşde ýüze çykypdyrlar. Bir
tarapdan aýratyn çeşmelerde mifler, legendalar, rowaýatlar, şygyr bölekleri,
nakyllar getirilýär, beýleki tarapdan awtorlaryň işlerinde olar derňelýän nusgalar
hökmünde peýdalanylýar. Öň aňda we dilde dowam edip gelýän halk döredijilik
mazmunlary ýazuw ýadygärliklerinde belli bir ulgamda jemlenýär we olar ýene-de
özüniň geljekki ösüşinde şolardan gözbaş alyp gaýdýar. Şeýlelikde, ýazuw
ýadygärlikleri, golýazmalar halk döredijiliginiň taryhy ösüşiniň hereketlendirijisi
bolup durýar, öňden bar bolan halk döredijilik mazmun bilen soňra döreýän we
ösýän mazmunlaryň arasynda köpri bolmak hyzmatyny ýerine ýetirýär. Ýöne şol
ýazuw çeşmelerindäki maglumatlaryň hemmesine arassa halk döredijilik nusgalary
diýip baha berip bolmaz. Çünki adamzat aňynyň irki basgançalarynda zatlara,
hadysalara garaýyş bitewi bolupdyr.1 Halk döredijiligi jemgiýetçilik aňynda
filisofik, dini, taryhy we ylmy mazmunlaryň, özbaşdaklaşmadyk, dürüşde
mahalynda olaryň gatlarynda ýaşapdyr.
1
Nuralyýew D. Çeper mazmunyň differensirleniş prosesi. – Aşgabat: Ylym, 1975, 6 s.
3
Oguzlaryň-türkmenleriň VI-VIII asyrlarda döreden Göktürkmen döwletiniň
döwrüniň taryhy-edebi ýazuw ýadygärligi bolan Oguz-Orhon ýazgylary köp
babatda halk döredijilik eserleriniň häsiýetlerini, alamatlaryny saklaýar. Daşlaryň,
gaýalaryň ýüzüne, mazarlaryň üstüne, gap-gaçlaryň beýleki zatlara gadymy runik
ýazgysy bilen ýazylan şol ýazgylarda döwrüň wakalary, aýry-aýry hanlaryň ömür
beýany, ýörişleri, döwlet dolandyryşlary ýaly maglumatlar beýan edilýär.
Watançylyga, gahrymançylyga ýugrulan, ynsan durmuşynyň we ahlagynyň dürli
taraplaryny görkezýän sözleriň ýörite ýazuwda galdyrylmagyny taryha, däpdessura, edebiýata, folklora bolan irki garaýyşlaryň ýüze çykmagynyň delili
hasaplamak bolar. Muny ýazgylardaky: «Diýjek sözlerimiň baryny ebedilik daşa
çyzdyrdym. Oňa seredip şu günki türki halky, begleri siz biliň. Köşge tabyn begler
siziň ýalňyşmagyňyz mümkindir. Men ebedilik daş dikdirdim. Tabgaç
hanlygyndan çeper ussa getirtdim, ony çeper bezetdim. Meniň sözümi ol
ýoýmady»1 diýen sözler hem tassyklaýar.
Türkmenleriň-oguzlaryň gelip çykyşy, ýaýraýşy, döwletleri baradaky
rowaýatdyr hekaýatlardan düzülen «Oguznama» kitaby sap halk döredijilik
häsiýetini saklaýar. Halk özüniň legendar nesilbaşysy Oguz han we onuň nesilleri
hakynda mifleri, legendalary, hekaýatlary döredip, olary «oguznama» adalgasy
bilen aňladypdyr. Olar ilkibaşda, esasan, dil üsti bilen ýaýrapdyr. Soňabaka
«Oguznamanyň» mazmuny, nusgalary köpelip, uly giňişlige ýaýrapdyr we dürli
dillerde birnäçe gadymy kitaplaryň gatlaryna siňipdir. Şol kitaplaryň awtorlary
oguzlar hakynda rowaýatlary toplapdyrlar, hertaraplaýyn öwrenipdirler we şondan
soň olara öz garaýyşlaryny siňdirip, belli bir derejede işläp, taryhy we beýleki
mazmunlary beýan etmek üçin ulanypdyrlar. Şol akyldar, alym kişileriň folklory
toplamak işleri, oňa bolan gyzyklanmalary, döredijilikli çemeleşmekleri halk
döredijiligini öwrenişiň ilkinji basgançaklardyr.
Häsiýeti boýunça «Oguznama» ýakyn bolan «Kitaby dädem Gorkut» eseri
hem oguz durmuşyny beýan edýär. Eposyň uzak emele geliş etaplarynda halk
arasynda öňden aýdylyp gelinýän oguz ili baradaky eserleriň esas bolup hyzmat
edendigini bellidir. Gorkut ata ýaly halkyň içinden çykan dana alym tarapyndan şol
halk döredijilik eserleriniň mazmunlarynyň çeperleşdirilip, şygyr bilen bezelip,
bitewi eser görnüşine getirilmegi halkyň ýa-da aýratyn adamlaryň çeper söze,
edebiýata, halk döredijiligine gyzyklanmalarynyň we garaýyşlarynyň bolandygyny
görkezýär.
Garalyp geçilen maglumatlar halk döredijiligini öwrenijilik işi barada kesgitli
delilleri bermeýän-de bolsa, olardan bu işiň sada ýüze çykmalaryny görüp bolýar.
Emma edebi geçmişimizde halk döredijiligini ýörite toplamak we öwrenmek
barada maksat goýlup, guramaçylykly edilen işler hem bar. Oňa XI asyrda ýaşan
türkmen alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat et-türk» («Türki dilleriň
diwany») atly meşhur kitaby degişlidir. Iş esasan türki taýpalaryň dil
aýratynlygyna bagyşlanan hem bolsa, ony halk döredijiliginiň toplanyşyna we
1
Rejebow R. Gadym türkmen edebiýaty. – Aşgabat: Ylym, 1991, 23 s.
4
öwrenilişine degişli ilkinji kitap hasaplamak bolar. Alym sözleriň manysyny, gelip
çykyşyny, manylarynyň üýtgeýşini düşündirmek bilen birlikde, türkmen we
beýleki türki taýpalarynyň nakyllary, şygyr bölekleri, rowaýatlary ýaly halk
döredijilik eserleriniň uly toplumyny kitabyna girizipdir. Kitapda 300 töweregi
nakyl, 200-den hem köp şygyr bentleri, dürli mazmunly rowaýatlaryň ençemesi
jemlenipdir. «Diwany lugat et-türk» kitabyndaky edebi-folklor nusgalarynyň
köplügi Kaşgarlynyň diňe bir dil öwreniji däl, eýsem onuň halk döredijiligini
öwreniji alym bolandygyny mälim edýär. Muny türkmen edebiýatyny öwreniji
alym Ý. E. Bertelsiň Mahmyt Kaşgarlyny «türki folklory ilkinji barlan barlagçy»1
diýip, atlandyrmagy hem tassyklaýar.
Halk döredijilik nusgalaryny ýörite toplan, olary kitap görnüşinde miras
galdyran akyldarlarlaryň ýene biri XI-XII asyrlarda ýaşan türkmen alymy Mahmyt
Zamahşarydyr. Onuň 4461 sany gadymy nakyllary öz içinde alýan «El-mustaksa
fil-emsäl» («Nakyllary derňeýji») atly kitaby, ýene-de nakyllara degişli «Sewäirulemsäl» («Nakyllaryň bilezigi») kitaby bolupdyr. «Nuzhetul-mutenis» («Dostlukly
gezelenç») kitaby bolsa, çeper hekaýalary, şygyrlary, hadyslary we käbir edebi
parçalary öz içine alypdyr. «Newabigyl-kelim» («Meşhurlaryň sözleri») diýen
kitaby hem gysga pähim-paýhaslardan we edebi parçalardan ybarat bolupdyr.
«Paýhasly sözler» kitabynda bolsa, 253 sany çeper beýan edilen pähim-paýhasly
sözler jemlenipdir. Alymyň uly göwrümli «Rabigul-abrar» («Ýagşyzadalaryň
bahary») taryhy, edebi we ylmy eserlerden saýlanan ýygyndy bolup, ol folklor
häsiýetini saklaýar. 2 Akyldarlaryň, meşhur kişileriň sözlerini, öwüt-nesihatlaryny,
pentlerini, nakyllardyr atalar sözlerini, tymsallary, kiçijik hekaýatlary özünde
jemleýän bu kitapdaky çeper gymmatlyklary alym özünden öňki alymlaryň ýazan
kitaplaryndan we halk arasyndan toplapdyr.
Şulardan görnüşi ýaly, Mahmyt Zamahşarynyň agzalyp geçilen eserlerindäki
maglumatlar akyldarlaryň aýdan pähimleriniň toplanmasy, halk arasynda ýörgünli
gürrüňleriň, ýagny halk döredijiliginiň jemlenmesi bolup durýar. Şuňa görä,
Mahmyt Zamahşaryny köne kitaplaryň gatlaryndan, halk arasyndan pähimpaýhaslary toplan, olara täzeden ganat, kuwwat berip, ylmy taýdan işläp, ýörite
kitaplarda jemlän alym hasaplamak bolar. Elbetde, Zamahşarynyň eserleri arap
dilinde, ýöne onuň toplan edebi-folklor maglumatlaryny arap halkyna degişli edip
bolmaz. Olaryň arasynda beýleki halklaryňky bilen birlikde, türkmen halkynyň
hem edebi-folklor nusgalary bar. Türkmen alymy köplenç çeper-ruhy
gymmatlyklary toplanda milli aýratynlyklara üns bermändir. Esasy zat, alymyň
halk döreijilik eserleriniň ýitip gitmezligi üçin aladalanyp, olary toplap we
kitaplarynda ýazyp, taryhda beýik hyzmaty bitirenligidir.
XVI asyryň ýazuw ýadygärligi bolan Muhammet Alynyň «Oguznama»
nakyllar ýygyndysy hem türkmen folklorynyň toplanyşyndan we kitaba – ýazuwa
geçirilişinden habar berýän köne türkmen dilindäki gymmatly golýazmadyr. Ol
Bertels Ý. Sowet soýuzynda türkmen klassyky edebiýatynyň öwrenilişi. // Kitapda: Magtymguly (şahyryň
ömrüne we döredijiligine degişli makalalar). – Aşgabat: TDN, 1960, 144 s.
2
Ilmämmedow R. Türkmen parasadynyň miweli daragty. // Kitapda: Mahmyt Zamahşary. Ýagşyzadalaryň bahary.
– Aşgabat: Miras, 2004, I jilt, 327-334 s.
1
5
geçmişde halk döredijiligini, onuň nakyllar ýaly žanryny ýörite toplan, ýazan
adamlaryň bolandygyny görkezýär. Taryhda şeýle halk döredijilik eseleriniň
toplanyp, ýörite ýygyndy görnüşinde taýýarlanan işler az bolmandyr. Bu barada
Muhammet Alynyň nakyllar ýygyndysyny çapa taýýarlan alym A. Baýmyradow
şeýle ýazýar: «XV asyrdan başlap oguz nakyllaryny ýygyndy görnüşinde
taýýarlamak ymykly ýola goýlupdyr. Türk alymlary oguz nakyllarynyň XIII
asyrdan XX asyryň ortalaryna çenli 140-a golaý ýygyndysynyň taýýarlanandygyny
ýlmy taýdan subut edipdirler.»1
Orta asyr we nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň haýsy biriniň
döredijiligine ser salnanda-da, olarda halk döredijilik eserleriniň düýpli orun
eýeländigini görmek bolýar. Akyldar şahyrlar halk arasyndan eşidip ýa-da dürli
çeşmelerden okap bilen halk döredjilik nusgalaryny ol ýa-da beýleki tarapdan
işleýärler, ösdürýärler. Olardaky ýordumlary, mazmunlary öz eserlerine esas edip
alýarlar. Muňa degişli mysallar edebiýatyň taryhynda juda köp. XI asyryň türkmen
alym-şahyrlary Ýusup Has Hajyp Balasagunlynyň «Kutadgu bilig» («Bagta
besleýän bilim»), Ahmet Ýugnakynyň «Hibatul hakaýyk» («Hakykatyň gapysy»)
atly ahlak-didaktik mazmunly eserlerine halk nakyllarynyň, pähim-paýhaslarynyň
mazmunlary siňdirilipdir. XII-XIII asyrlarda ýaşap geçen türkmen şahyry Alynyň
«Kyssaýy Ýusup» eseri, XIII-XIV asyrlarda ýaşap geçen türkmen şahyry
Nasyreddin Rabguzynyň «Kysasy Rabguzy» eseri dini rowaýat-kyssalaryň
esasynda ýazylypdyr. XV-XVI asyrlarda ýaşap geçen türkmen şahyry Patyşa
Hojanyň «Gülzar», «Miftakl adl» («Adalat açary») eserleri hem Gündogaryň we
türkmen halkynyň baý folklor mirasyndan döredijilikli peýdalanmagyň ajaýyp
nusgalarydyr.
Nusgawy edebiýatymyzyň taryhyna nazar salanymyzda, folkloryň ol ýa-da
beýleki taraplary bilen iş salyşmadyk şahyryň azdygyna göz ýetirip bolýar. XVIII
asyryň türkmen şahyry Döwletmämmet Azady özüniň meşhur «Wagzy-Azat»
kitabynda öňe sürýän pikirlerini köplenç rowaýatlardan mysal alyp berkidýär.
Bulardan başga-da şahyr öz eserlerinde folkloryň nakyllar žanryndan hem ýerlikli
peýdalanypdyr. Bu ýagdaý, «birinji tarapdan, Azadynyň türkmen halk
döredijiligini gowy bilendigini aňlatsa, ikinji tarapdan, folklordan köp zat
öwrenendigini görkezýär».2
Andalybyň «Ýusup-Züleýha», «Leýli-Mejnun», «Babaröwşen» ýaly birnäçe
dessanlary folklor ýordumlary esasynda döredilipdir. Onuň «Oguznama» poemasy
oguzlaryň gelip çykyşy, taryhy, durmuşy baradaky halk rowaýatlarynyň
esasyndadyr. «Sagdy-Wakgas», «Nesimi» poemalarynyň ýordumlary hem
folklorçylyk häsiýetini saklaýarlar. Şabendäniň «Şabähram», «Gül-Bilbil»,
Magrupynyň
«Seýpelmelek-Methaljemal»,
Mollanepesiň
«Zöhre-Tahyr»
dessanlary öz ýordumlary boýunça folklora degişlidir. Magtymgulynyň eserlerinde
folkloryň köp görnüşleriniň döredijilikli işlenendigini görmek bolýar. Şulardan
görnüşi ýaly, orta asyr we nusgawy şahyrlarymyz öz döredijiliklerinde folklora uly
1
2
Baýmyradow A. Oguznama – dananama. // «Garagum» ž., 2005, №1.
Türkmen еdebiýatynyň taryhy. – Aşgabat: Ylym, 1975, t. 2, k. 1, 43 s.
6
ähmiýet beren bolsalar, folklor ýordumlaryndan döredijilikli peýdalanan bolsalar,
onda olaryň folklory toplandyklaryndan we öwrenendiklerinden habar berýär.
Diýmek, geçmişdäki akyldar şahyrlary folkloryň ýitip gitmezligi üçin uly
hyzmatlar bitiren, olary toplan we kitap sahypalarynda beýan eden folklory
öwrenijiler hasaplap bileris.
Biziň köp sanly folklor dessanlarymyzyň «Rawylar andag rowaýat kylarlar,
kim...» («Aýdyjylar şunuň ýaly gürrüň-rowaýat aýdýarlar...») diýlip başlanmagy
folklor eserleriniň belli-belli adamlar tarapyndan ýörite aýdylandygyny görkezýär.
Bularyň özi folklor eserlerine bolan garaýyşlaryň ilkinji gözbaşlarynyň halkyň
özünden gaýgýandygy baradaky pikirimizi ýene bir gezek tassyklaýar.
Edebi-medeni taryhymyzdaky şu maglumatlar halk döredijilik eserlerine
bolan garaýyşlaryň irki döwürlerden bäri bardygyny görkezýär. Elbetde, gürrüňi
edilýän döwürde folklor ylmy esasda, nazarýet taýdan öwrenilmeýär. Muny ol
döwürden talap edip hem bolmaz. Ýöne folkloryň döräp, ösüp başlamagy bilen,
onuň öwreniliş ýagdaýy hem halk arasynda özakymlaýyn görnüşde, käwagt käbir
awtorlar tarapyndan ýörite görnüşde, käte haýal, käte işjeň ýagdaýda ýüze çykyp
gelýändigini aýdyp bileris. Şonuň üçin türkmen folklorynyň öwreniliş taryhy
barlag edilende bu ýagdaýy hasaba almak zerurdyr.
2. XIX asyrda daşary ýurtly alymlaryň, syýahatçylaryň türkmen halk
döredijiligini toplamakdaky we öwrenmekdäki hyzmatlary
XIX asyrdan, hatda ondan öňki döwürlerden bäri dünýäniň alymlary türkmen
halk döredijiligine üns berip gelipdirler. Dürli maksat, dürli sebäp bilen türkmen
iline aýak basan daşary ýurtlular halk arasyndan eşiden, toplan eserlerini gymmatly
ruhy baýlyk hökmünde kitaplarynda, ýol ýazgylarynda beýan edipdirler. Olara öz
garaýyşlaryny siňdiripdirler, şeýlelikde, bu ugruda ilkinji ylmy barlaglar ýüze
çykarylypdyr. Türkmen halk eserleri köp ýurtlarda asyl nusgada we dürli dillerde
neşir edilmek bilen dünýä ýaýrapdyr.
Türkmen halk döredijiligine degişli ilkinji ýazgylaryň biri rus patyşa
goşunynyň ofiseri Nikolaý Murawýowyň (1874-1866) «Путешествия в
Туркмению и Хиву в 1819 и 1820 годах» diýen kitabyndaky türkmen halkynyň
meşhur «Şasenem – Garyp» dessanynyň gysgaça mazmunydyr.1 Bu kitap fransuz
we nemes dillerine terjime edilýär2 we türkmenleriň «Şasenem – Garyp»
dessanynyň mazmuny XIX asyryň birinji ýarymynda bütin Ýewropa mälim bolýar.
Iňlis leýtenanty Aleksandr Bornusuň (1805-1841) 1834-nji ýylda iňlis dilinde
Londanda neşir edilen, soňra 1848-nji ýylda rus diline terjime edilip,
«Путешествие в Бухару» ady bilen Moskwada neşir edilen kitabynda hem
türkmenleriň ýazuwly edebiýaty, halk döredijiligi barada az-kem maglumatlar we
nusgalar berilýär. Kitapda Baýmuhammet we Duşkun atly şahyrlaryň «Teke
1
2
Муравьев Н. Путешествия в Туркмению и Хиву в 1819 и 1820 годах. – Москва,1822, ч. I, c.152-153.
Бартольд В. В. История изучения Востока в Европе и Россия. Изд. 2-е. Л., 1925, с. 258.
7
türkmenleriniň kürtlere ýüzlenip aýdan aýdymy»1, «Kürtleriň teke türkmenlere
ýüzlenip aýdan aýdymy»2 diýen şygyrlar bilen birlikde, «Görogly» eposyndan hem
bir aýdym getirilýär.3 Olaryň terjimesi berilýär. Ýöne onuň «Görogly»
eposyndandygyny bilmändir, goşgynyň manysyna hem düşünmändir. Oňa at
hakyndaky aýdym hökmünde düşnüpdir. Şol terjimäniň asyl nusgadan tutuş
mazmunynyň ýoýluşyny D. Nuralyýew öz barlaglarynda anyk görkezýär we ol
şygryň eposyň «Kempir» şahasynda Agaýunusyň dilinden aýdylýan «Bedew atly,
demir donly Görogly» diýen aýdymdygyny aýdyp, deňeşdirme geçirip, aýdymyň
asyl nusgasyny dikeldýär.4
Polýak gündogary öwreniji alymy we şahyry Aleksandr Hodzko-Boreýko
(1804-1891) Russiýanyň Eýrandaky konsuly wezipesinde işlän ýyllarynda pars,
Orta Aziýa, türkmen edebiýatyny öwrenmek, ýygnamak bilen meşgullanýar. Ol
«Görogly» eposynyň bir nusgasyny, türkmen we başga-da birnäçe halklaryň
meşhur şahyrlarynyň goşgularyny, aýdymlaryny ýazyp alypdyr. Şol materiallary
esasynda onuň 1842-nji ýylda, Londanda, iňlis dilinde «Specimens of the popular
poetry of Persiya» atly kitaby çap edilýär. A. Hodzkonyň bu kitabynyň çykansoň,
onuň «Görogly» eposyna degişli bölegi dessine nemes, fransuz dillerine terjime
edilýär. 1856-njy ýylda epos S. S. Penn tarapyndan «Кер-оглы восточный поэтнаездик. Полное собрание его импровизаций и присовокуплением его
биографии» ady bilen rus diline terjime edilip, Tibliside neşir edilýär.
A. Hodzko kitabyň başynda ýörite giriş makalasyny ýazypdyr. Alym onda
epos, türkmenleriň legendar folklor gahrymany Görogly barada maglumatlary we
öz garaýyşlaryny beýan edýär.5
Belli rus alymy Nikolaý Çernyşewskiý A. Hodzkonyň «Görogly» baradaky işi
rus dilinde çykansoň, oňa syn ýazýar. Ol 1856-njy ýylda «Современник»
žurnalynyň 10-njy sanynda çap edilýär. N. G. Çernyşewskiý Göroglyny milli
gahryman we milli şahyr diýip atlandyrýar. Alym Göroglynyň goşgularynyň
gymmaty hem çeperçiligi barada: «Onuň (Göroglynyň – N. S.) harby aýdymlaryna
Gündogarda ýokary baha berilýär, ...goşgularynyň güýçli, täsirli dili, joşgunly
labyzlylygy başga dile geçirip bolmajak bir tüýsli geňligi, ynamly sazlaşygy
düzýär»6 diýip ýazýar.
«Görogly» eposy bilen gyzyklanan, ondan käbir aýdymlary terjimede we asyl
nusgada rus neşirlerinde çap eden rus alymlarynyň arasynda A. P. Arhipowyň we I.
A. Bereziniň atlary hem bellidir. A. P. Arhipow 1846-njy ýylda Maňgyşlakdaky
türkmenleriň arasynda bolanda galan täsirlerini, ýazgylaryny, toplan etnografik we
folklor maglumatlaryny 1848-nji ýylda Sankt-Peterburgda çykýan «Известие
Российский географическое общество» diýen neşiriň dördünji goýberilişinde
Борнс А. Путешествие в Бухару. – Москва, 1848, ч. III, с. 166-167.
Şol ýerde, с. 84-85.
3
Борнс А. Путешествие в Бухару. – Москва, 1848, ч. III, с. 84-85.
4
Nuralyýew D. Türkmen halk döredijiligine ýewropalylaryň garaýyşlary. // «Edebiýat we sungat» g., 1964,14-nji
1
2
mart.
Ходзько А. Кер-оглы восточный поэт-наездик. Полное собрание его импровизаций и присовокуплением
его биографии (пер. с англ. С. С. Пенн). – Тифлис, 1856.
6
Чернышевский Н. Г. Полное собрание сочинений. Т. XVI (дополнительный). – Москва,1953, с. 647.
5
8
çap etdiripdir. Şol ýerde alym «Görogly» eposyndan bagşylaryň aýdan bir
aýdymyny sözme-söz terjime edip ýerleşdiripdir. Ol eposyň «Kempir» şahasyndan
«Näbilsin» atly şygyrdyr.1
Gazan we Peterburg uniwersitetleriniň türki diller boýunça professory Ilýa
Nikolaýewiç Bereziniň (1818-1896) «Турецкая хрестоматия» diýen üç tomluk
kitabyň 1862-nji ýylda Gazanda çykan ikinji tomunyň birinji goýberilişinde
türkmen edebiýatyna degişli goşgularyň hem birnäçesi ýerleşdirilipdir. Onda
birnäçe türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgulary bilen birlikde, «Görogly»
eposyndan hem «Serdar gerek», «Çisgin olar», «Ýigide» we «Köňlüm» atly dört
şygyr ýerleşdirilipdir.2
XIX asyrda Orta Aziýa halklarynyň, şonuň bilen birlikde türkmen halkynyň
dili, taryhy, durmuşy we medeni dünýäsi barada düýpli barlaglar geçirenleriň biri
wenger alymy Armeniý Wamberidir. Ol Eýrana we Orta Aziýa syýahat edende
toplan maglumatlary esasynda «Путешествие по Средней Азии» atly kitabyny,
başga-da onlarça ylmy-barlag häsiýetli işlerini ýazýar. Olarda türkmen
edebiýatyna, halk döredijiligine degişli nusgalary, garaýyşlary, ylmy pikirleri
görmek bolýar. Alym türkmenleriň çeper eserleri söýýändigini, ertekidir taryhy
gürrüňleriň halk arasynda meşhurlygyny şeýle sözler bilen beýan edýär:
«Agşamlaryna, esasan, gyş günleri olar (türkmenler – N.S.) jadyly ertekileri, dürli
taryhy gürrüňleri diňlemegi söýýärler, haçan-da bagşy Göroglyny, Aman mollany
ýa-da olaryň mukaddes saýýan şahyry milli şahyry Magtymgulynyň aýdymlaryny
aýdyp başlanda kanagatlanma has ýokary galýar».3
Türkmen halk döredijiliginiň käbir görnüşleri boýunça edilen işler hakynda
gürrüň edilende görnükli rus alymy Nikolaý Petrowiç Ostroumowyň (1846-1930)
ady aýratyn ýatlanylmaga mynasypdyr. Ol Daşkentde işleýän döwründe
«Пословицы туземного населения Туркестанского края»4 diýen kitabyny çap
edýär. Alym nakyllary özbekleriň, türkmenleriň, gazaklaryň, gyrgyzlaryň we
beýleki halklaryň arasyndan toplapdyr. Olary milli taýdan tapawutlandyrman, ýerli
halkyň nakyllary diýmek bilen çäklenipdir. Şeýle bolansoň, kitapdaky nakyllar
beýleki halklar bilen birlikde türkmen halkyna hem deň derejede degişlidir. N. P.
Ostroumow bu işini soň hem dowam etdiripdir. 1891-nji ýyldaky «Сборник
материалов для статистики Сыр-Дарьинской области» diýen neşiriň birinji
tomunda öňki kitapdaky nakyllaryň dowamy berlipdir. Bu ýygyndynyň sözbaşynda
hem alym nakyllary, halk döredijiligini toplamagyň usullary, terjime etmegiň
meseleleri dogrusynda durýar.5
Görnükli gündogary öwreniji alym Wladimir Wasiliýewiç Bartold (18691930) XIX asyrda türkmenleriň «Gorkut ata» eposyny düýpli öwrenmek we çap
etmek işiniň başyny başlaýar. 1893-nji ýylda Sankt-Peterburgda çykýan «Записки
1
Nuralyýew D. Türkmen еdebiýatynyň dostlary. – Aşgabat: Ylym, 1977, 11 s.
Березин И. А. Турецкая хрестоматия. – Казан, 1862, т. 2, вып. I, с. 89-90.
3
Вамберий А. Путешествие по Средней Азии. – Санкт-Петербург, тип. Ю. А. Бокрана, 1868, с.158.
4
Остроумов Н.П. Пословицы туземного населения Туркестанского края. – Ташкент, tипо-литография С. И.
И. Лахтина, 1888, с.1.
5
Сборник материалов для статистики Сыр-Дарьинской области. – Ташкент, 1891, т 1, с. 2.
2
9
Восточного отделения Императорского Русского археологического общества»
atly neşiriň VIII tomunda alymyň «Китабы Коркуд» diýen işi berilýär. Onda
«Борба богатыря с ангелом смерти» atly sözbaşy makala bilen eposyň «Döwhä
goja ogly Däli Domrul boýuny beýan eder» diýen boýunyň asyl nusgasy we onuň
rusça terjimesi ýerleşdirilýär. Awtor sözbaşyda diňe agzalan boý barada gürrüň
etmän, tutuş epos barada birnäçe meselelere degip geçýär. Eposyň üstünde baý
deliller, çuňňur pikirler bilen töwerekleýin barlag geçirip, gürrüňini şeýle jemleýär:
«Hezire çenli kiçi aziýalylaryň ähli täze dörän, halka ýaýran garakçylykly (?) (biziň
pikirimizçe, «gahrymançylykly» bolmaly – N. S.) aýdymlary (dessanlary)
çeperçilik derejesi we ahlak arassalygy boýunça... «Gorkuda» deňeşdirgisiz durýar»1.
W.W. Bartoldyň bu işine seslenme hökmünde şol döwürde Aşgabatda işleýän
alym A.G. Tumanskiýniň (1861-1920) «По поводу «Китабы Коркут» atly
makalasy ilki Aşgabatda2, soň Sankt-Petеrburgda3 çap edilýär. W. W. Bartold bilen
H. G. Tumanskiý «Gorkut ata» eposy barada maglumat berýän şahsy hatlar hem
alşypdyrlar. W. W. Bartold soň «Коркут» atly başga bir makalasynda4 A. G.
Tumanskiniň özune iberen «Gorkudyň gabryny gazma» diýen nakyl bilen bagly
rowaýatyň mazmunyny getirýär.
W. W. Bartold eposyň üstünde işlemegini dowam edip, onun birnäçe boýuny
rus diline terjime edýär. «Derse han ogly Bugaç han boýuny beýan eder»5, «Salyr
Gazanyň ewi ýygmalandygy boýuny beýan eder»6, «Baýburanyň ogly Bamsibirek
boýuny beýan eder»7 diýen eposyň aýry-aýry boýlarynyň terjimesi ady görkezlen
neşiriň dürli ýyllardaky sanlarynda çap edilýär.
W. W. Bartold eposyň ähli boýlaryny 1925-nji ýylda terjime edip tamamlaýar.
«Gorkut ata» boýunça ylmy-barlaglaryna degişli ilkinji makalalarynyň esasynda
«Турецкий эпос и Кавказ» atly jemleýji ylmy işini ýazýar. Gözbaşyny XIX
asyrdan alyp gaýdan alymyň bu ugurdaky zähmetleri «Книга моего деда
Коркута»8 atly kitapda jemlendi. Bu işler «Gorkut ata» eposynyň öwrenilişiniň
taryhynda hiç wagt ähmiýetini ýitirmeýän öçmejek sahypalarydyr.
XIX asyr boýunça türkmen folklorynyň toplanyşy we öwrenilişi babatda
garalyp geçilen şu maglumatlar, nusgalar, ylmy garaýyşlar türkmen folkloryny
öwrenişiň ilkinji ädimleridir.
Записки Восточного отделения Императорского Русского археологического общества. –
Петербург, 1893, т. VIII, вып. III-IV, с. 207.
2
Закаспийское обозрение. 1885, 12 январь.
3
Записки..., 1896, т. XI, вып. I-II, с. 269-272.
4
Записки..., 1896. Т. IX, вып. I-II, с. 272-273.
5
Записки..., 1899. Т. XI, с. 175-193.
6
Записки..., 1900. Т. XII, с. 37-59.
7
Записки..., 1904. Т. XV, с. 1-38.
8
Книга моего деда Коркута. – М., Л.: Изд-во АН СССР, 1962, с. 11-120.
1
Санкт-
10
3. XX asyryň başlarynda türkmen halk döredijiliginiň
toplanyşy we öwrenilişi
XIX asyryň ahyrynda Türkmenistan Russiýa birikdirilenden soň, rus patyşa
häkimeti ýurtda öz agalygyny berkitmek üçin ülkäni hemmetaraplaýyn öwrenmek
işini ýaýbaňlandyrýar. Russiýanyň ylmy merkezlerinde taýýarlanan gündogary
öwreniji alymlaryň, ofiserlerdir çinownikleriň, mugallymlardyr beýleki hünärdäki
adamlaryň uly topary Türkmenistana gelip işläp başlaýarlar. Ýurtda ýerli rus
mekdeplerini, ylmy kružoklary açmak işleri amala aşyrylýar. Ýerli rus mekdepleri
üçin okuw kitaplaryny, gazetdir beýleki neşirleri çap etmek ýola goýulýar.
Rus alymlary ülkäni öwreniş işleriniň çäklerinde türkmen halk döredijiligini
toplamak, olary çap etmek, öwrenmek işlerini hem alyp barýarlar. Şolaryň täsiri
bilen bu işe ýerli höwesjeňler, ilkinji türkmen aň-bilim ýaýradyjylary hem
goşulýarlar.
XX asyryň başlaryndaky türkmen halk döredijiligine degişli işleriň arasynda
Sadykbek Agabekowyň (1866-1944) işi aýratyn ýatlanylmaga degişlidir. S.
Agabekow Türkmenistanda işlän döwründe ýerli halkyň diline, halk döredijiligine
üns berýär. Onuň bu ugurdaky zähmeti «Учебник тюркменского наречия с
приложением сборника пословиц и поговорок тюркмен Закаспийской
области» diýen işinde öz beýanyny tapýar. Bu dil öwrenýänler üçin okuw kitaby
bolsa-da, onuň ahyrynda türkmen nakyllarynyň we atalar sözüniň iki ýüze golaýy
ilki arap hatynda türkmençe, soň rusça berlipdir. Awtor nakyllary dil öwrenmek
okuwy üçin material hökmünde ýerleşdirenem bolsa, olaryň mazmuny boýunça
halk parasadyny obrazly görnüşde beýan edýändigi bilen gyzyklydygyny ýazýar.1
Şol döwürde Stawropol ülkesinde ýaşaýan türkmenleriň hem halk döredijiligi
barada käbir işler edilipdir. Tiflisde çykýan «Сборник материалов для описания
местностей и племен Кавказа» diýen neşiriň 1908-nji ýyldaky goýberilişinde
stawropolly türkmenler barada maglumat berýän materiallar bar. Şol neşiriň birinji
bölüminde A. Wolodiniň «Трухменская степ и трухмены», ikinji bölüminde «Из
туркменской народной поэзии» atly işleri ýerleşdirilipdir. Olaryň ilkinjisinde
awtor türkmen ülkesi, türkmenleriň taryhy, durmuşy, medeniýeti we beýleki
taraplary barada giň maglumatlar berýär. Beýlekide bolsa, awtoryň toplan
aýdymlarynyň, nakyllarynyň we matallarynyň birnäçesi asyl nusgada we rusça
terjimesinde berlipdir2.
S. W. Farworowskiniň «Трухмены (туркмены) Ставропольско губерни»
diýen kitabynda türkmenleriň ruhy medeniýeti, edebi folklor mirasy barada hem
maglumatlar berilýär. Awtor sözbaşyda halkyň toý, ýas, baýramçylyk
dessurlaryny, adatlaryny ertekilerini, nakyllaryny, ynançlaryny, halk tebipçiligini,
gadymy kosmogonik rowaýatlaryny we beýlekileri entek giç dälkä ýazyp almagyň
Агабеков С. Учебник тюркменского наречия с приложением сборника пословиц и поговорок тюркмен
Закаспийской области. – Асхабад, 1904, с. 3.
2
Володин А. Трухменская степ и трухмены. Из туркменской народной поэзии. // Сборник материалов для
описания местностей и племен Кавказа. – Тифлис, 1908, отд. 1, с. 1-98. Отд. 2, с. 49-57.
1
11
zerurdygyny belleýär1. Mundan başga-da, ol «Из фольклора Северного
Кавказа»2 diýen kitapçany hem çap etdiripdir. Onda käbir türkmen ertekileriniň
tekstleri berlipdir.
XX başlarynda türkmenleriň durmuşy, medeniýeti bilen ruslardan başga-da
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 2
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 1
    Total number of words is 3378
    Total number of unique words is 1600
    24.8 of words are in the 2000 most common words
    36.5 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 2
    Total number of words is 3353
    Total number of unique words is 1496
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    42.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 3
    Total number of words is 3275
    Total number of unique words is 1222
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    35.4 of words are in the 5000 most common words
    41.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiliginiň öwrenilişi - 4
    Total number of words is 2869
    Total number of unique words is 1223
    25.1 of words are in the 2000 most common words
    36.5 of words are in the 5000 most common words
    43.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.