Latin

Taryhy Gazawat urşy - 2

Total number of words is 3630
Total number of unique words is 2066
30.3 of words are in the 2000 most common words
44.0 of words are in the 5000 most common words
51.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
geçensoň, biz olaryň üç ýüz ýard öňümizden atlaryny maýdalyna goýberip,
arkaýyn gidip barýandyklaryny gördük. Olar üstümize çozýarlar-ow diýip,
howsala-da düşmändirler. Biz ýene-de olaryň yzyndan kowduk. Ýene-de öňki
ýagdaý gaýtalandy. Biziň meýdan gazlary ýaly kowalaşyp ýörşümiz kazaklary
kejikdirýärdi. Şol sebäplem kowgyny goýbolsun edip, iki gapdal üçinem ýitgisiz
tamamlanan gysgajyk atyşykdan soň düşelgä dolandyk. Ýomutlaram bizi
gorkaklaryňam gorkagy hasap edýändiklerini bildirmek üçin, kinaýaly gülşüp,
yzymyza düşdüler. Olar has golaýa gelende ok atan bolýardyk. Türkmenler bizi
düşelgäniň ýarym mil golaýyna çenli ugradyp, ýitirim boldular.
Yzymyza gaýdyp gelýärkäk, mergenleriň atan okundan wepat bolan iki sany
türkmene düşdük. Olardan başga meýdanda ölen adamyň jesedi ýokdy. Ruslar
bolsa, alty adamsyny ýitirdi. Şeýlelik bilen, türkmenleriň peýdasyna çözülen
tutluşyk tamam boldy.
Howa eredip barýardy. Biz berkitmä gelip, ýaragymyzy aýyrdyk-da, agaçlaryň
kölegesindäki halyçalaryň üstüne süýndük...
BÖWŞEŇLIK
Geçen günki tutluşyk türkmenleriň uruşmagy başarýandygynyň subutnamasy
boldy. Eger olar başlaýyşlary ýaly dowam eden bolsalar, onda olaryň uly üstünlik
gazanaýmaklaram mümkindi. Biz türkmenlere kembaha garaýandygymyza kemsiz
düşündik. Olar göwnüýetmezçilik edilýän duşmanlaryň hilinden däldi. Biz ertesi
günem berkitmede çöp başyny galdyrman ýatyrkak, türkmenleriň bir topary
ýaraşyk baglaşmak maksady bilen geldiler. Soň men olaryň teklipleriniň kabul
edilmändigini bildim. Olar bary-ýogy üç hepde mundan ozal bu ýerlerden geçip
giden Orenburg otrýadyny parahat kabul edenlerini aýdyp, ruslara
duşmançylyklarynyň ýokdugyna ynandyrmak isleýärdiler. Olar bize uzak ýoldan
getiren köp mukdardaky gawundyr miwelerini, süýtdür çöreklerini bahasyny
almazdan, açyk göwün bilen hödür edýärdiler.
Soň bir gezek graf Şuwalow maňa biziň ýomutlaryň ýurdunda ot berip ýören
mahalymyz öz adamlary bilen Köneürgenjiň golaýynda türkmenler bilen dostlukly
ýagdaýda ýaşandyklaryny gürrüň berdi. Birnäçe ýomut gelip, oňa Golowaçýowyň
goşunynyň garşysyna işjeň goranyş ylalaşygyny baglaşmagy teklip edipdir. Olar
«Biz siziň bilen dostlukly şertnama boýun bolduk. Indi sizi egindeş hasaplaýarys.
Häzir biziň garşymyza türküstanly ruslaryň bir taýpasy uruş edýär. Bu uruşda siz
biziň arkamyzy almaly. Sebäbi biziň duşmanymyz siziňem duşmanyňyz» diýip,
sadalyk bilen haýyş edipdirler.
GARPYŞYK
Biziň dynç alyp ýatyşymyza gün öýläne sandy. Gün gijigip ugranda general
Golowaçýow türkmenleriň özlerine gaçybatalga tapan ýerleri baradaky
maglumatlary ýygnap, indiki hüjüme taýýarlyk görüp başlady. Garaňky
11
gatlyşansoň, oduň başyna ýygnanan esgerleriň arasyna bäş-alty mil aralykdaky
türkmenleriň üstüne daňyň alagaraňkysynda hüjüm edilip, olary gapyllykda
basjakdygymyz barada hyşy-wyşy gürrüňler ýaýrap ugrady. Ol gürrüňleriň
çynlygy agşam sagat onlaryň töweregi hüjüm etmek baradaky buýruk yglan
edilenden soň belli boldy. Buýrukda goş-golamy goramak üçin birnäçe esgeri
goýup, sagat birde hüjüme geçilmelidigi aýdylýardy. Aýdyşlaryna görä, türkmenler
Ýylanlynyň aňry tarapynda düşlemäge hyýallanýardylar.
Sagat on birlerde, hemmeler ýatmaga giden mahaly birnäçe gezek atylan tüpeň
sesleri ümsümligi bozdy. Biz hüjüm başlanandyr öýdüp, ýaraga ýapyşdyk. Ýöne
ýene töwerege ümsümlik aralaşdy. Garawul duran esger bir garanyň assyrynlyk
bilen emedekläp gelýänini görüp tüpeň atanyny habar berdi. Töwerek imisalalyk
bolany üçin, biz ýene-de özümizi düşege okladyk.
Sagat birleriň töweregi bizi ýene-de tüpeň sesi oýardy. Tüpeň sesiniň yzyndanam
aýylganç adam sesi töwerege ýaýrady. Biz ýaraga ýapyşyp, az wagtlyk
aljyraňňylykdan soň, ýerli-ýerimizi eýeledik. Bu gezekki goh ýöne ýerden
turmandyr. Garawul garaňka duwlanyp, örän ýakyn gelen gara tarap tüpeňini
boşadypdyr-da, yzyndanam gylyjyny aýlapdyr. Onuň şeýdeni gowam bolupdyr.
Sebäbi onuň töwereginde duşmanlaryň birnäçesi emedekleşip ýör eken. Bu
wakadan soň, Golowaçýow hüjüminiň wagtyny sagat üçe çenli yza geçirdi. Häzir
hüjüme başlasak, türkmenlere öz üstlerine abanýan howp baradaky habaryň ýetjegi
ikuçsuzdy.
Sagat üçleriň töweregi bizi ukudan oýardylar. Biz iki ýüz arabadan ybarat
goşumyzy ýygnap, boş meýdançanyň daşyna halka etdik-de olary goramak üçinem
üç ýüz esgeri goýduk.
Goşun öňe süýşüp ugrady. Men ýanymdaky iki-üç sany esger bilen türkmenleri
üstümiziň gapyl basmaklarynyň mümkindigi barada pikir alşyp barýardym. Birden
aýylganç gygyryşýan adamlaryň gorkuly sesleri, at aýaklarynyň güpürdisi, oklaryň
şuwwuldysy beýnimizi sarsdyrdy. Töweregi wagşy, ar alyjy sesler gaplap aldy.
Düzlük türkmenlerden doludy. Oklaryň şuwwuldysyndan, ürken atlaryň
güpürdisinden, goh-galmagaldan ýaňa gulagyň perdesi ýarylsam diýýärdi. Ýalaňaç
gylyçlar atylýan oklaryň ýagtysyna ýalpyldap gidýärdi. Biz esli wagtlap
uruşmakdan-a geçen, gaýta töweregimize aňk bolup, näme edýänimizem
bilemzokdyk. Diňe general Golowaçýow pyýada goşunadyr artilleriýa hüjüme
geçmäge buýruk berenden soň, biz nirä barýanymyzam aňşyrman, olaryň yzyna
düşdük. Biz urşujylaryň ortasyndadyk. Eýýäm top sesi kesilipdi. Türkmenler şeýle
bir ýakyndadylar welin, atylýan top oklary näçe pessaýlap atylsa-da, olaryň
kelleleriniň üstünden geçýärdi. Şonuň üçinem türkmenler top oklaryndan ullakan
zyýan çekenokdylar. Tüpeň sesleri öňkä görä gürelip ugrady. Kämahal
garaňkylygyň içinde gazaply ýüzlerdir gylyçlaryň ýalpyldysy peýda bolup, yz
ýanyndanam ýitip gidýärdi. Goh-galmagal öňküden on esse dagy artypdy.
Kazaklar aljyraňňylyga düşüp, ýuwaşlyk bilen yza çekilýärdiler. Eýlede-beýlede
ruslaryň hataryny böwsen türkmenler başa-baş söweşe girýärdiler. Başagaýlygyň
içinde men general Golowaçýowy gözden ýitirdim. Men ony soň gana boýalan
halyna buýruk berip duran pursady gördüm. Türkmenler ony ýaralapdyrlar. Onuň
ýanyndaky ştab serkerdesiniňem kellesinden gan akýardy.
12
Birden kazaklar dowla düşdüler-de, meni hem öz hatarlary bilen südürläp, yza
okduryldylar. Bu ýönekeý yza çekilmä meňzänokdy. Men henize çenli beýle dowla
düşen adamlary görmändim. Diňe ýertitrände şeýle ýagdaýa düşmek mümkindi.
Polkowniklerini ýitiren kazaklaryň ýüzlerinde gorky alamaty bardy. Munuň
ýeňlişdigine gyrgynçylykdygyna men soň düşünip galdym.
Ýomutlaryň ýüwrük atlarynyň deminden birimizem aman sypyp biljek däldik.
Daňyň alagaraňkysynda berkitmämiziň ýerleşýän tarapyndan at salyp gelýän
türkmenler aýyl-saýyl görünýärdi. Biz gabawa düşüpdik.
General Golowaçýowy gözleýändigi bildirip duran şazada Ýewgeniý öňümden
dazyrdap geçip gitdi. Onuň elinde tüsseläp duran sapançasy bardy. Soň eşidip
otursam, olam gabawa düşüp ýaralanypdyr. Türkmenler onuň janpenasyny
öldüripdirler. Onuň özi bolsa, iki adamy atyp öldürip, zordan sypypdyr. Men
kazaklaryň arasyndan saýlanmagy makul bildim. Men nädip duşmanlar bilen
ýüzbe-ýüz bolanymam duýman galdym. Garaňka gark bolup oturan günbatardan
bitertip hatarly duşman atlylary eňip gelýärdi. Olaryň gazaply garaýagyz ýüzleri,
ýalaňaç gylyçlary atylýan oklaryň ýalkymyna çala saýgardýardy. Men häzir syn
edip durmagyň wagty däldigini bilip, ilkinji gezek sapançamy duşmana tarap
boşatdym-da atymyň başyny yza öwürdim. Şol mahalam çep tarapymyzda pyýada
goşunyň bir rotasy peýda boldy. Ofiserleriň birine gaçyp barýan rotany tanaplap
diýen ýaly yza öwürmek başardypdyr. Men begenjimden uçaýjak bolup, wagt
ýitirmän, olaryň arkasyna geçdim. Olar: «Ot aç!» diýlip buýruk berlenden soň,
ýaraglaryny taýynlap, hatara durdylar. Tüpeňler yzly-yzyna boşady. Ýomutlar
şeýle bir ýakyna gelipdiler welin, edil esgerleriň aýagynyň aşagyna atlaryndan
agyp düşýärdiler. Sag tarapymyzdan top oklaram ýagyp başlady. Ýöne şol pursat
ýagyp başlan ýagyş töweregi aýdyňlaşdyrdy. Serpilip ugran garaňkylykdan
türkmenleriň ýüwrük bedewlerini çapdyryp, gözden ýitip barýanlygy
saýgardýardy. Men töweregime göz aýlan mahalym, birnäçe ofiserlerdir kazagyň
general Golowaçýowyň töwereginde heşerlenişip duranlaryny gördüm. Galan
kazaklar bolsa, her ýerde-her ýerde toplanyşyp durdylar. Pyýada goşun üç ýüz metr
töwerege ýaýrapdyr. Topçular bolsa, gaçyp barýan duşmanyň yzyndan atjaklaryny
ýa-da atmajaklaryny bilmän ýaýdanyşyp durdylar. Söweş tamam bolupdy.
SÖWEŞDEN SOŇ
Meniň golaýymda iki-üç sany öli we üç-dört sany ýaraly rus esgeri ýatyr. Azajyk
aňyrrakda döşünden parran geçen okdan wepat bolan polkownik Ýesipow Georgiý
lentasyny gana boýap, topragy gujaklapdyr. Men onuň bilen söweşiň öň ýanynda,
ýagny ýarym sagat mundan öň salamlaşypdym. Onuň sowan meýdi inimi
düýrükdirdi. Men general Golowaçýowyň niresinden ýaralananyny bilmek
maksady bilen, onuň baýdagy pasyrdap duran ýere ugradym. Ol gara gana boýalan
ak eşiklidi. Onuň gylyçdan ýara düşen eli hasa bilen saralandy. Ýöne oňa
garamazdan, ol ýeriň üstünde ynamly otyrdy. Biz meýdana aýlanyp ölüleri we
ýaralylary sanadyk. Türkmenleriň jesedi sergi bolup ýatyrdy. Olaryň biri uzyn
taýagyň ujuna berkidilen egri oragy henizem berk gysymlap, goýberenokdy. Ol
aýak ýalaň, başy açyk, ýüpekden tikilen agymtyk köýnek-balaklydy. Adaty
13
bolmadyk ýarag bilen rus atyjylarynyň garşysyna iteklän ruhy, gahar-gazaba
ýugrulan ýigrenji onuň rehimsizden gödek keşbinde doňup galypdyr. Beýleräkde
üç-dört sany türkmeniň jesedi biri-birine ýaplanyp ýatyr, dört-bäş sany türkmen
bolsa öz ajaýyp atlary bilen ýer bagyrtlapdyrlar. Atlaryň biri ok degen eýesine
kömek etjek bolup synanyşan mahaly öldürilene meňzeýärdi. Çägelikdäki çugdumçugdum bolup ösüp oturan pessejik haşal otlaryň içinde ýarpy göwresi görünýän
adamlaryň sany-sajagy ýokdy. Ýöne türkmenleriň içinde ýaralysy, iňläp ýa-da
kömek sorap gygyryp ýatany ýokdy. Men muňa haýran galdym. Türkmenler
mydama-da öz ýaralylaryny taşlamazlyga çalyşýardylar. Ýöne ýap-ýaňy bolan
söweşde ýaralanan ýoldaşlarynyň baryny alyp gitmäge türkmenleriň mümkinçiligi
bolmandy. Biz wepat bolan türkmenleriň sanyny üç ýüze ýetirdik. Soňra mälim
bolşuna görä, wepat bolanlaryň jemi sany bäş ýüze golaýlan eken. Ýomutlaryň
diňe gylyçdyr orak bilen ýaralanandyklary sebäpli, ölen we ýaraly bolan ruslaryň
sany kyrkdan geçenokdy.
Bu ýerde başga edere iş bolmansoň, yzymyza dolandyk. Az salymdanam baglygyň
içinden geçýän Ýylanly ýoly bilen atymyzy çapdyryp barýardyk. Ýylanlynyň dişdiş bolup duran gazaply galasy görnende, biz heniz ýarym sagadam ýöremändik.
Ýol şäheriň daşyna aýlanýardy.
YZ ÇALYŞ
Ýylanlyda özbekler ýaşaýar. Olar bilen bolsa biziň hiç hili duşmançylygymyz ýok.
Ýöne şeýle-de bolsa özbekler gaharly ýüzümize, Golowaçýowyň gana boýalan
eşigine, boýnundan asylan ýaraly eline gorky bilen seredýärdiler. Biz şähere
girmän, onuň diwarlaryny syryp, demirgazyk günbatara tarap ýörişimizi dowam
etdirdik. Ýarym sagat geçip-geçmänkä-de çöllügiň gyrasyndan girdik. Biz çöllügiň
etegindäki kä çägelige, kä düz ýere düşýän egrem-bugram ýol bilen gidip
barşymyza, çak edişimize görä, Ýylanlydan bäş-alty mil uzaklykda goş ýazdyran
türkmenleriň üstüni gapyllykda basmagyň maslahatyny edýärdik. Söweş tamam
bolan badyna, gözden uçan türkmenleri üç-dört sagatlap gözlesegem tapyp
bilmedik. Sagat dokuz töwerekleri çep gapdalymyzda, göz ýeter-ýetmezde alňasap,
arany açyp barýan ýomutlara gözümiz düşdi. Ýarym sagat geçip-geçmänkä-de,
öňümizdäki düzlügiň ýüzi türkmenlerden ýaňa mygyldy boldy. Eger soňky bolýan
wakalary söweş atlandyrmak mümkin bolsa, kiçeňräk söweşem boldy.
Türkmenleriň köp sanlysy daş-töweregimizi gurşap alansoňlar, biz çar
tarapymyzdanam esewan bolup, hüjüme taýynlanmaly bolduk. Biziň pyýada
goşunymyzyň esgerleridir mergenlerimiz penalanmaga amatly bolan ýaplaryň
kenaryna özlerini oklady. Ýomutlar irdenki ýeňlişlerine garamazdan, biziň goşun
hatarlarymyzyň arasyna batyrgaýlyk bilen at çapdyryp gelýärdiler. Biz olaryň
düşlän ýerine ýakynlap ugranymyzdan, her edip, hesip edip uruşmaga ýaramsyz
adamlaryna gaçyp ýetişmäge mümkinçilik bermek üçin ýolumyzy kesjek
bolýardylar. Bu olara başardýardam. Çep gapdalyny mergenler, sag gapdalyny
atlylar penalaýan pyýada goşun öňe hereket etse-de, böwsülen hatarlaryny
doldurmak ýa-da ýörişiň ugruny üýtgetmek üçin, her ädimde diýen ýaly
saklanmaga mejbur bolýardy. Ýomutlar irki söweşden soň, pyýada goşundan
14
çekinselerem, kazaklaryň olardan döwleriniň pesdigini aňypdyrlar. Olaryň
kazaklaryň üstüne eden batyrgaý hüjümlerini diňe pyýada goşun ara düşensoň
saklamak başartdy. Ýomutlar iki-üç sagatlap biziň daş-töweregimize ýaýrap,
gykylyklaşyp, öz pelteli tüpeňlerinden ok atyp, hüjüm edip durdular. Olaryň biziň
üstümize aýgytly çozuş etmek niýetleri ýokdy. Olaryň esasy maksady biziň
hereketlerimizi togtatmakdy.
Bir gezek ýoldan üç ýüz ýard daşlykda ýykylan jaýyň gapdalynda ýomutlaryň bäşalty sany atlysyna gözümiz düşdi. Biz olara tarap tüpeňlerimizden her näçe ok
atsagam, bitleriniň burnunam ganatman atlaryny çapdyryp gitdiler.
General Golowaçow biziň bir ýarym mil çepimizde olaryň birnäçe toparyny görüp,
Orenburg otrýadyna duýdurmak üçin, on-on iki sapar top atmagy buýrdy. Çak
edilişine görä, bu otrýad duşmanyň sekiz-on mil aňry tarapyndan olary gabawa
salmak üçin ýakynlaşyp gelýän bolmaly. Soň görüp otursak, biziň duýduryş üçin
atan top oklarymyz ýomutlara gaty uly zyýan ýetiripdir. Ol oklar kiçeňräk oýtumda
goş ýazdyran ýomutlaryň göni üstünden düşüpdir; ähli zatlaryny taşlap, gaçyp
gitmäge olary mejbur edipdir. Biz bolsa olaryň goş ýazdyran ýerlerini gözläp
ýördük! Biz bu zatlary ertesi gün Orenburg otrýadynyň adamlaryndan eşitdik. Olar
şol oýa ýeten mahallary taşlanyp gidilen birnäçe ýüz arabanyň, ýomutlaryň
jesetleriniň, köp sanly goş-golamlaryň üstünden barypdyr. Görgüliler atylýan
oklardan ýaňa ölülerini-de ýygnamaga ýetişmän, bar zatlaryny owarram edip,
gaçyp gidipdirler. Tapylan goşlaryň arasynda 1840-njy ýyldaky Perowskiniň
betbagtlyga uçran ekspedisiýasy bilen Angliýanyň adyndan Hywa giden leýtenant
Şekspiriň alyşan köp sanly hatlary tapyldy. Leýtenant Şekspir ruslar bilen
hywalylaryň arasyndaky dawaly jedelleri parahatçylykly çözmäge ýardam bermek
üçin Hywa gidipdi.
Tapylan hatlaryň arasynda iňlis ilçisi lord Palmerstonyň rus häkimiýetini habardar
etmek üçin alan görkezmesiniň göçürmesi hem bar eken. Ol hatda eger Russiýa
Hywany özüne birikdirse, Angliýanyň Russiýa garşy urşy başlajakdygy hakynda
aýdylýardy. Ol hatlaryň tapylan ýeriniň üstünden baran biziň toparymyz däldi.
Irdenki bolan wakalardan elheder alan ýola beletler gaçyp gidipdirler. Biz bolsa
türkmenleriň düşelgeleriniň nirede ýerleşendigini takyk bilemzokdyk. Şonuň
üçinem biz olaryň iki mil çepinden geçip gidipdiris.
Günortanaralar biz suwy çöllüge siňip gidýän Annamyrat ýabynyň boýuna ýetdik.
Ol ýerde Hywa hanynyň ýomutlaryň üstüne ýöriş eden mahallary gurduran
galasynyň üstünden bardyk. Ol galanyň meýdany on akra golaýdy. Käbir ýerinde
beýikligi on ädime ýetýän gala hiç zat kär etmändir diýen ýalydy... Biz galanyň
içinde goş ýazdyrdyk. Galanyň abatlygy üçin general Golowaçýow ol ýerini
amatly hasaplap, günüň galan bölegini şol ýerde geçirmegi ýüregine düwdi.
Bu pursatdan peýdalanyp, ýomutlar gaçmaklaryny dowam etdiripdirler. Biz olaryň
gapdalyndan geçip giden mahalymyz ýomutlar yzlaryny towşanlaryňky ýaly
bulaşdyryp, biziň geçip giden ýolumyz bilen yza ― günorta-gündogara tarap
tutdurypdyrlar. Gije-gündiz ýol ýöränsoňlar, ýomutlara bizden ep-esli ara açmak
başardypdyr.
Ertesi daň atandan, biz olaryň söbügine düşdük. Biz az öldürilen ýatan rus
esgerleriniň üstünden bardyk. Ol esgerler garawul goýlupdy. Ähtimal, gije
15
ýomutlar olaryň üstüni gapyl basandyrlar. Biz ýolda diňe ertirlik edinmek üçin
azajyk wagt düşläp, uzakly gün gaçyp barýanlaryň yzyndan kowduk. Goşgolamymyz az bolany üçin biz çalt hereket edýärdik. Biz ýene-de Ýylanlynyň çep
tarapyndan geçip, kiçijik oazisden soň, açyk düzlüge düşdük. Düzlük gazylan
ýaplardan doludy. Olaryň şu asyryň başyndan ekerançylyk meýdanlaryny
suwarmak üçin ulanylan bolmagy ahmaldy. Gözýetimde tozan turzup, gaçyp
barýanlaryň galasyny gören mahalymyz, gün ýanyny ýere beripdi. Şonuň üçinem
kowgyny goýbolsun etdik.
Bol suwly ýabyň kenarynda goş ýazdyranymyzdan soň, kazaklar atlaryna iým
gözläp, düzlügiň içine pytrap gitdiler. Olar berkitmeden bir mile golaý uzaklykda
ýomutlaryň ýaňyja orup goýan at harmanynyň üstünden barypdyrlar. Kazaklaryň
düzlükde dagynyk ýagdaýda gezip ýörmekleri aýylganç waka bilen gutardy. Ýerli
milletden bolan ýolabelet hemmelerden arany açan kazaklaryň birini ýomutmyka
diýip atypdyr. Ol agyr ýaralanansoň, hirurgyň elinden gelenini edendigine
garamazdan, iki sagat geçip-geçmänkä jan berdi.
KOWGY
Biz ertesi ir bilen ýörişi dowam etdik. Tiz wagtdanam gaçyp barýanlaryň galdyryp
giden zatlary duşup başlady. Ýoluň ugrunda howlukmaç taşlanyp gidilen üsti ýükli
arabalar durdy. Eýeleriniň yzyna eýgermedik sygyrdyr göleler molaşýardy.
Çatmanyň içinde öldüriljek pursadyna gorky bilen garaşyp oturan, diňe süňk bilen
ham bolup galan kempir ― hasasyna söýenip durşuna bürgüdiňki ýaly gözleri
bilen bizi synlaýan sandan galan garry görünýärdi.
Golowaçýow türkmenleriň yzyndan ýetmäge, başartsa, olary söweşmäge mejbur
etmäge buýruk berdi.
Atly goşun yzynda tozan bulutlaryny galdyryp, gözden ýitdi. Pyýada goşun bolsa,
ýuwaşlyk bilen öňe süýşüp ugrady. Ýarym sagat töweregi ýöränimizden soň,
öňümizi suwly ýap kesdi. Bu ýerde biz iniňi jümşüldedýän sahnany synlamaga
mejbur bolduk. Ýomutlaryň öý-goşlary ýüklenen ýüzlerçe araba daş-töwerekde
pytrap ýatyrdy. Gaçyp barýanlar ýabyň darajyk köprüsinden goşlaryny geçirip
bilmän bar zatlaryny taşlap gidipdirler. Olaryň käbiri ýa-ha atlarynyň ýoklugy
sebäpli, ýa-da ruslar özlerine rehim eder öýdüp, bu ýerde saklanypdyrlar. Ýöne
kazaklar olary ele salyp çapym-çapym edipdirler.
Generalyň we onuň ştabynyň bu ýerde az salym saklanjagyna garamazdan, men
atymy öňe sürüp gitdim. Çar-tarapda mas ýüklenen arabalar, dagap ýatyrdy.
Kysmatyna kaýyldygy görnüp duran goltugy çagaly segsen ýaşlaryndaky kempir
ýoluň ortasynda ýygrylyp otyrdy. Onuň gözlerini ýumup oturyşy depesinden injek
gylyjy görmäge gurbaty çatmaýanyňka meňzeýär. Ol agtygyny elinden sypdyrjaga
çalym etmeýärdi. Azajyk aňyrrakda ýyrtyk-ýyrtyk giň köýnekli owadan ýaş gelin
arabanyň aşagynda ýüzüni gara-gan edip otyrdy. Men erbet zady göwnüme
getirmän oňa pul uzatdym. Ol pulumy yzyna zybyrdadyp zyňdy-da sojamaga
başlady...
Azajyk aňyrrakda, ýoluň ýakasynda ýüzüni gylyç japan garry aýal ýatyrdy. Onuň
başynda topbusy bolmansoň, erkek adamdyr öýdülen bolmagam ahmal. Erkek
16
göbeklä garşylyk görkezýänine ýa-da görkezmeýänine garamazdan, rehim
etmezlik barada ýörite buýruk bardy. Bu meniň gören ýaralylarymyň arasyndaky
ýeke-täk aýaldy. Men iki mile golaý şunuň ýaly elhençlikleri synlamaly boldum.
Ýöne öňde on-bäş ýigrimi sany ýomuda gözüm düşüp, aňry gitmäni goýbolsun
etdim. Men bu ýerde goşunyň gelerine garaşyp durkam, şol töwerekde aýlanyp
ýören atly türkmen peýda boldy-da maňa garşy gaýtdy. Elinde taýakdan başga zat
bolmasa-da onuň bolup gelşi örän hyrsyzdy. Men sapançama ýapyşdym. Emma ol
menden birjigem çekinmän, iki sapançalydygyma, tüpeňlidigime garamazdan,
üstüme hüjüm etmäge hyýallanýan ýaly, öz gorkunç gara gözleri bilen gazaply
seredip, on ädim öň ýanymdan geçip gitdi. Men ilkibada ruslaryň edişi ýaly, oňa
taýagyny taşlatdyryp, özüme boýun etmek isledim. Ýöne onuň gaýduwsyzlygy, hiç
zatdan çekinmezligi meni aňk etdi. Onsoňam, ýaragsyz adamyň üstüne sürünmek
namartlyk boljakdy. Ol maňa barmysyňam diýmän gözden ýitip gitdi.
Onýança goşunam yzymdan ýetdi. Biz, şeýdip, ýene dört-bäş mil öňe ýöredik.
Biziň öňümizden köp sanly goýun sürüleri, sygyrlar, düýeler çykýardy. Ýöne
ýörişiň dowamynda ýekeje atyňam ele salynmazlygy geň galmazça däldi. Bu
türkmenleriň atlaryny janlaryndanam eý görýändigini aňladýardy. Ýesir alnan ýada öldürilen türkmenleriňem atlary bolmansoň, şeýle güne düşen bolmaklary
mümkin. Men kazaklaryň üýşüp duran arabalary talaýandygyny görüp, olaryň
edýän işini synlamak üçin, şol tarapa ugradym. Tiz wagtdanam iki sany ýomudyň
jesediniň üstünden bardym. Üç ýaşlaryndaky gyzjagaz jesetleriň arasynda duran
ýerinden çaga mahsus ýygralyk bilen talaňçylyga seredip, sojap durdy. Onuň bu
ýerde galsa, suwsuzlykdan öljegi ikuçsuz bolansoň, men ony öňümden çykan
ilkinji aýala gowşurmak maksady bilen atymyň öňüne aldym. Az salymdan ýene
bir gyzjagaza gözüm düşdi. Men öňümdäki gyzjagazy ýoldaşym Çertkowa
tabşyrdym-da ýaňky gyzjagaza tarap ugradym. Ol görgüli bilmezlikde aýagyny
gylyja gyýdyrypdyr. Ýarasyna çäge bary siňensoň onuň aýagy gaty agyrýan borly.
Ýöne gyzjagazyň gözünde nem ýokdy. Ol kakasynyňky ýaly gara, hyrsyz,
bilesigeliji gözleri bilen kazaklaryň arabalary talaýyşlaryny synlaýardy. Men ony
ata mündürmekçi bolamda ol gaçdy. Onsoň men atdan düşüp, ony kowalap tutmaly
boldum. Men tä tatarça bilýän sözlerimiň baryny aýdyp, ony köşeşdirýänçäm ol
dyrnaçaklap, däbşenekläp, meniň bilen gitmekden boýun gaçyrdy. Menden zyýan
görmejegine gözi ýetensoň welin, boýumdan gujaklady-da süýji uka gitdi.
Görgülijigiň üst-başy edil şu wagt hapa suwly kölçä girip çykanyňka meňzeýärdi.
Men ony gujaklap, gülkünç ýagdaýda esgerleriň hatarlarynyň arasyna aýlanyp
ýördüm. Köp wagt geçmänkä, edil gymmat bahaly daş tapan ýaly kiçijik bir gyzy
goltuklap ýören ştab ofiserine duşdum. Biz sagat on birlerde atlara dynç bermek,
ertirlik edinmek üçin goş ýazdyrdyk. Türkmenler çar-tarapa pytrap gidipdirler.
Diňe birnäçe mil öňde atly türkmenleriň birnäçesi üýşüp durdy. Olaryň üstüne
çozuş edeniň peýdasy boljak däldi. General Golowaçýow ýomutlaryň ýaşaýyş üçin
ýaramly zatlarynyň köp mukdaryny basyp alansoň, ýörişi tamamlap, yza ―
Ýylanla dolanmagy makul bildi...
Ýolda duşan bäş-alty sany aýala howandarlyk eden gyzjagazymy ýanlaryna
almagy haýyş edip ýüzlenenimde olar öz çagalaryňam nätjeklerini
bilmeýändiklerini aýdyp, garşylyk görkezdiler. Olaryň hersiniň ýanynda dört-bäş
17
çaga bardy. Men olaryň ýagdaýyna düşünip, gyzjagazy özüm bilen berkitmä alyp
gitdim. Elbetde, ony çem gelen ýerde taşlap gitsemem, edenime däl diýjek ýokdy.
Ýöne şeýtjek bolsam, ony çöllügiň içinde şagallara şam boljak bolup duran
pursady alyp gaýtmazdym. Men gyzjagazy kime berjegimi pikirlenip, onuň üçin
ýomutlaryň goşlarynyň arasynda dagap ýatan pagtadan arabanyň aşagynda düşek
ýasadym. Lukmanyň kömegi bilen onuň ýaraly aýagyny ýuwup, daňyşdyrdym.
Ýarasyny daňan mahalymyz, gyzjagazyň çydamlylygyna haýranlar galdyk. Çäge
siňen, azyp iriňlän ýarasyny arassalap, daňan mahalymyz agyry ýüregine ornap
gidýän bolsa-da, ol aglamady. Ony gowuja synlamak maksady bilen, ýüzüni
gazaşdyryp, ýuwamda onuň eýjejik bir gyzjagazdygyny gördüm. Men oňa suw
hödürlämde suwa açgözlük bilen topuldy. Bu onuň günüň dowamynda ýeke-täk
iýip-içen zady bolsa gerek. Olja alnan sygyrlardan saglyp alnan süýdüň
satylýanyny görüp, gyzjagaz doýar ýaly süýt satyn aldym. Süýtden ganan çagajyk
süýji uka gitdi. Men bu edermen gyzjagaza şeýle bir öwrenişdim welin, onuň
ejesini tapan mahalymam, ony öz ýanymdan goýberesim gelmedi. Ejesi çagajygy
bagryna basyp oturan ýerinden maňa minnetdarlyk bildirmek üçin, ýekeje gezegem
öwrülip seretmedi. Eger meniň birden gerek bolaýmasyn diýip, talap alan çaga
eşiklerimi oňa geýdirenimi, ýene-de on-on iki ýyldan ol gyzjagaz durmuşa çykanda
haladyna goşant bolup biljek gyzyldan edilen şap-sepi berenimi göz öňüne tutsaň,
gyzjagazyň ejesiniň maňa beren «taňryýalkasyny» göwne jaý däldi. Henäme-de
bolsa, gyzjagaza hossar çykan kapyra onuň öz ýüreginiň töründen minnetdarlyk
bildirenine ynanasym gelýär.
Ýörişiň dowamynda ýesir alnan elli-altmyş sany aýala islän ýerlerine gitmäge
rugsat berdiler. Esgerlere bolsa, derde ýarajak zatlary alyp, galanlaryny otlamaga
buýruk berildi. Buýrugy kazaklar höwes bilen ýerine ýetirdiler. Olar, esasanam,
halylary, ýüpek daňylaryny, geýim-gejimleri, kümüşden ýasalan şaý-sepleri
talaýardylar. Ýoluň üstünde esgerleriň gerekmejek hasaplap zyňan zatlary ―
egrilmedik ýüpekler, köne halylar, çägä garylan bugdaý, mesge, öý goşlary çaşyp
ýatyrdy. Olardan ýaňa aýak basara ýer ýokdy. Sada türkmenleriň uzak ýyllaryň
dowamynda peýdalanyp, hemralaryna öwrülip giden köp sanly ýakymly
ýatlamalara ýugrulan, ata-babalaryndan ýadygärlik galan zatlarynyň guma bulaşyp
ýatanyny göreňde ýüregiň gyýlyp gidýärdi. Aýallaryň ýykan-ýumran bolan
zatlaryň içinden öýlerine ýaramlylaryny saýlap, gözden ýaş döküp oturyşlaryny
göz öňüne getirseň, hasam erbet bolýarsyň. Ýöne mundan erbedine-de duşýarsyň.
Ine, üç sany ýomudyň jesedi ýatyr. Dört ýaşdan sekiz ýaşa çenli bolan çagalar
olaryň daşyna egrilişip otyrlar. Olaryň ekabyry ― kiçijik gaýduwsyz oglanjyk
başardygyndan beýlekileriň aladasyny edýär. Ol öýlerinden galanja pagta, ýüpek
böleklerinden, elem-tas keçelerden, halylardan arabanyň aşagynda ýatar ýaly ýer
edinmek bilen gümra. Men onuň ýanyna atymy sürüp baran mahalym onuň çaga
ýüreginiň ýigrençden dolandygyna birjikde şübhelenmedim. Ýene ýigrimi ýyldan
çagajygyň özlerini nähili ýigrenendigine «kapyrlaryň» gözi ýetmegi gaty ahmal.
Men olara tapan gaýmaklarymy getirip berip, esgerleriň çagajyklaryň gaçybatalga
tapan arabasyny otlamazlygy barada aladalanyp, olary öz mähribanlary bilen
gyrak-byjaksyz çöllükde galdyryp, goşunyň yzyna düşdüm.
18
Biz yza dolanyp barýarkak, duş gelen bar zady ýakyp ýandyrýardyk. Meniň başda
agzan suwsuz ýabymyň boýuna ýetenimizde, bu ýerdäki dagap ýatan arabalaryň
talanandygyny gördük. Bu ýerde galan aýaldyr çagalar bolsa ýitirim bolupdyrlar.
Soň görüp otursak, olaryň az sanlysy henizem şu ýerde ekeni. Meni bir zat örän
haýran galdyrdy. Kazaklar käte talaňçylyklarynyň arasyny kesip, çagajyklara çörek
hödürläp, suw içirip, ýene-de öz işlerini dowam edýärdiler.
Men Golowaçýowyň baýdagyny görüp, jykyr-jykyr gülen gyzjagaza şol öňküje
oturan arabasynyň üstünde otyrka gabat geldim. Bu wagt iňrik garalyp gelýärdi. Ol
görgülijik bolsa uzakly gün jokrama yssyda hiç zat iýip-içmän, özüniň
äkidilmegine garaşyp geçiren borly. Men pytrap ýatan zatlaryň arasyndan peýnir
bölegini tapyp, oňa getirip berdim. Iň kynam oňa suw berer ýaly, gap tapmak
boldy. Ol ýerde bäş-alty ýüze golaý araba münderlenip durdy. Olara ot berlensoň,
töwerekdäki arabalara-da ot düşüp başlady. Görsem gyzjagazyň oturan arabasynada ot düşüpdir. Men ony howpsuzrak ýere geçirip, gyzjagazy kime tabşyrjagym
barada oýlanyp ugradym. Dogry, golaýda üç-dört sany aýalam bardy. Ýöne olar
gyzjagazy uzakly gün idemänsoňlar, indem olara bil baglap boljak däldi. Iňrik
bolsa kem-kem garalýardy. Ýomutlaryň bu ýerde ertirden bäri gara bermejegi
bolsa köre hasady. Töwerekde köp sanly şagallaryň uwwuldysy eşidilýärdi...
HARBY TÖLEG
Ýomutlar düýbünden derbi-dagyn edilip, olaryň köp sanly mallary olja alyndy.
Gyşa niýetläp basyp goýan bugdaýlary, azyk önümleri ýok edildi. Ýaşaýan
obalarynyň ýerinde bolsa diňe kül üýşmekleri galdy. Ýörişiň dowamynda
obalaryna dolanmagy we boýun egmegi hyýallaryna-da getirmezlikleri olaryň
tekepbir ruhunyň mizemändigini görkezýärdi. Olar tä Kaufman Buharanyň üsti
bilen Daşkende tarap ýola düşýänçä birnäçe hepde çölüň içinde entäp, itiň gününi
gördüler. Kaufman maňa olaryň Hazaryň kenarynda Etrekde ýaşaýan teke
türkmenlerine özlerini tekeleriň ýurduna kabul edilmegini sorap, öz ilçilerini
ýollandyklaryny gürrüň berdi. Tekeler eger ýomutlar olara raýat bolmaga boýun
bolsalar, olar üçin Hazaryň kenarynyň we Etregiň gapysynyň açykdygyny
aýdypdyrlar... Kaufmanyň maňa aýdan zatlary çyn bolanlygynda, ýomutlaryň iň
bolmanda az sanlysynyň ol ýerik göçüp gidendigine ynanýaryn.
Kaufman goş ýazdyrandan soň, Hywa türkmenleriniň beýleki tireleriniň hem bir
hepdäniň içinde harby töleg tölemeklerini talap etdi. Eger olar aýdylany etmeseler,
ýomutlaryň gününe duçar boljakdyklaryny duýdurdy. Olar Kaufmanyň üstüne öz
serdarlaryny iberip harby töleg tölejekdiklerini, ýöne berlen möhleti uzaltmagy
soradylar. Kaufman tölegiň möhletini on dört güne çenli uzaltdy.
Türkmenler her öýden on bäş tylla ýa-da 4 funt sterling we 1 şilling
ýygnamalydylar. Garajalar bolsa, her öýden ýigrimi tylla ýa-da 5 funt sterling bilen
7 şilling tölemäge borçly edildi. Türkmen tireleriniň tölemeli salgytlary jemi
42,500 funt sterlinge barabardy. Bu san nemesleriň fransuzlardan ýygnan
salgydyndanam köpdi. Onuňam üstesine, türkmenler fransuzlardan has garyp
ýaşaýardylar.
19
Birki günden türkmenler bahasy birnäçe müň manada barabar bolan kümüş
pullary, bilezikleri we başga şaý-sepleri iberipdirler.
Birnäçe günden soň berkitmämizde geň galdyran waka boldy. Türkmenler pullary
bolmansoň, atlaryny, düýelerini, halylaryny ýetmezlerini dolmak üçin äkeldiler.
Getiren zatlaryny olar biziň ofiserlerimize gymmat bahadan satyp başladylar.
Ruslaryň köpüsi ajaýyp türkmen atlarynyň ölemen aşygydy. Ol atlar geçen
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Taryhy Gazawat urşy - 3
  • Parts
  • Taryhy Gazawat urşy - 1
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2073
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Taryhy Gazawat urşy - 2
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2066
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Taryhy Gazawat urşy - 3
    Total number of words is 575
    Total number of unique words is 424
    46.3 of words are in the 2000 most common words
    55.4 of words are in the 5000 most common words
    60.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.