Latin

Tapagan - 10

Total number of words is 3897
Total number of unique words is 1908
35.3 of words are in the 2000 most common words
49.7 of words are in the 5000 most common words
57.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ads place
Atda artykmaç bolýar diýdiler.
— Menden başga kim bar?
— Barmyş öz-ä.
— Kimdigini aýtmadylarmy?
— Özi bilýändir diýdiler.
— Wah, men bilemok-da. Bilsem sorajak däl-ä.
Göwheriň ýene bir tapaganyň bardygy hakdaky pikiri Atdany oýlandyrdy.
Kimdigini biljek boldy. Obanyň ähli adamyny ýekän-ýekän ýatlap çykdy. Ýöne
bilmedi. Hemra illew bilýän eken ol tapagy...
Şol günüň ertesi daňdan daşardan uwwuldymy, iňňildimi — bir ses eşidilen
ýaly boldy. Atda tapagan hasyr-husur geýnip daş çykdy. Görse, gapynyň agzynda
ýüzüni piserdip, Syrtlan baý dur.
103
— Bo-how, Syrtlan baý, özüň geläýdiňmi? Ýüz-gözüň dagy näteňet...
Syrtlan janawar, keýereýin diýse gulak ýok, bulaýyn diýse — guýruk, onsoň ol
uludan bir demini alan ýaly etdi-de, şol duran ýerinde çöküp, garysyny ýassandy-da
ýatyberdi. Şol ýatyşyna-da, käte bir başyny göterip, daş-töwerege birhili howatyrly
seredýär.
— Näme üçin geldiň ir bilen?
Syrtlan baý ýuwaşja çyňsady.
— Ir bilen öldi habary getirilýär. Näme, Mergen aga öläýdimi?
Syrtlan ýene çyňsady-da, ýöräp ugrady.
— Garaş, köwşümi geýeýin. Haý, bende, bolmandyr. Hut düýnem gürläp
otyrdy-da. Bu dünýä ynam ýok diýýär kakam. Dogry eken şol. Haý, görgüli
ýogalypdyr-ow. Onuň ölümine men sebäp bolaýdym öýdýän. Ony düýn melise diýip,
jenaýatçy diýip gorkuzaýdym öýdýän. Kakama onuň ölenini aýdaýsammykam? Aý,
ýok, ilki gözüm bilen görüp gaýdaýyn. Belki, agyr kesellän bolsa näbilýäň. Anygyna
ýetmän, hiç kime hiç zat aýtmaýyn — diýip, Atda tapagan hüňürdenip, Syrtlan baýyň
yzyna düşdi.
Aý, ýok, Syrtlan baý Mergen aganyň öýüne däl, obanyň çetine —
gündogarlygyna bakan barýar. Eý, Hudaý, hiç kim duşmasyn-da, Duşsa näme diýjek,
it bilen bir ýerik barýan diýjekmi. Obanyň gündogaryndaky jaryň deňinde bir çukuryň
ýanynda saklandy. Çukuryň içinde gyzyl reňkli tozan sorujy maşyny görenden,
nämäniň nämedigine düşündi.
Atda tapagan Hemra illewiň ýitigini öýüne eltdi.
— Hemra aga, bu nähili bolýar-aý? Men indi siziň şu maşynyňyzy üçünji gezek
tapyp berýän. Näme, siziň şuny ýitirmekden başga işiňiz ýokmy?
— Näme bu? — diýip, Hemra illew geňirgendi.
— Siziň tozan sorujy maşynyňyz.
Hemra illewiň jozzuk gyzyl ýüzi bir agardy, bir gögümtil reňke öwrüldi.
Demgysmadanmy, nämedenmi, hassyldap, agyr-agyr dem aldy.
— Mende onuň ýaly maşyn ýok.
— O nähili ýok? Men size öňem tapyp getirip berdim. Siz, maňa sagbol
aýtdyňyz. Aragam içirjek bolduňyz.
— Ýok, ýok.
— O nämäniň ýok-ýogy? Öz tozan sorýan maşynyňyzy tanaňzokmy?
— Tanamok, bizde beýle zat ýok. Düşnüklimi saňa? — diýip, Hemra aga
töweregine garanjaklady. — Şu näletsiňmişi şu ýerik getirýärkäň seni biri gördümi?
— Aý, ýok, görmedi öýdýän.
— Onda şuny alan ýeriňe elt-de goý. Sen munuň ýaly gerekmejek zady tapyp
ýörme, eger zat tapman oňmaýan bolsaň, onda diňe arassa pul tap.
— Men hiç ýerigem eltjek däl.
— Onda, inim, indi gaýrat et-de, şuny tapmajak bol. Gürrüň ikimiziň aramyzda
galsyn. Men saňa ynanýaryn — ogullarymyň biri eli egrilik edip, şuny biriniňkiden
getiripdir. Menem şundan dynjak bolýan. Senem ony zyňan ýerimden tapyp getirýäň.
104
Inim, durmuşda hemme zady tapybermeli däl. Tapmaly däl, görmeli däl zatlaram bar
durmuşda. Käbir zady tapsaň, başyňa belany satyn aldygyň bolar.
— Agamjan, men tapamok. Muny Syrtlan baý tapdy.
Hemra illew gulaksyz-guýruksyz ite seretdi-de, hyrçyny dişledi:
— Çagalaryň muňa tapagan it diýmeleri çyn-ow onda.
Atda tapagan Göwheriň «Saganaly obasyna bir tapagan ýeterlik» diýdiler
diýmesini ýatlap hyrçyny dişledi. Göwheriň ata-enesinden öýkeledi.
On ikinji kyssa
HYÝALYŇ HAKYKATA ÖWRÜLIŞI
— Meniň saňa gürrüň berjek wakam otuzynjy ýyllarda bolupdy. Men ol
wagtlar sekiz-on ýaşlarymdaky oglanjykdym — diýip, uly ýola düşülensoň, Gurban
Gurbanowiç howlukman gürrüň bermäge başlady. — Meniň kakamam, ejemem bir
gün basmaçylar «Sen şuraýy» diýip, atyp gidipdirler. Menem atjak ekenler welin, men
ol mahal atamyň öýünde — başga obada ekenim. Soň men atamyň elinde galdym. Bir
gün öýümize üç sany atly geldi.
— Üç sany atly diýdiňizmi, Gurban Gurbanowiç? Olar meniň gören atlylarym
bolaýmasyn?
— Ýok, ol seniň gören atlylaryň däl, ol wagt sen entek dünýä hem inmändiň —
diýip, Gurban Gurbanowiç Tapagana şübheli seretdi. Gaýyp başlygyň: «Atda
Owganystanda kellesine birazajyk zeper ýetirip geldi» diýen sözüni ýatlady.
— Olar tylla getirdiler gerek?
Gurban Gurbanowiç ilkinji gezek görýän dek, Atda ýene tiňkesini dikdi.
— Ataňyzdan rugsat alyp, ol üç atly öýüňizde şol tyllalaryny gömdüler.
Gurban Gurbanowiç aňk boldy, yzyna gaňrylyp Atda tapaga seretdi durdy.
Maşyn ýoldan çykyp, peslik bilen alaşakyrdy bolup gitdi. Oýuň içinde bir gyra
gyşarybam saklandy.
Gurban Gurbanowiç boljak iş bolandan soň, özüne geldi:
— Tapagan dirimiň?
— Diridirin, ýoldaş komandir.
— Hudaýjan saňa bir hiç zat bolmasyn. Meniň ýaly birinji sekretary her ýerden
tapsa bolar, ýöne seniň ýaly fenomen ýa birdir, ýa ikidir. Hiç bir bilgijem sençe
ýokdur-la. Ýöne türkmen öz fenomeniniň gadyryny bilýän halk däl. Daşary ýurtda
doglan bolsaň, sen bireýýäm millioner bolardyň. Halk seni depesine täç ederdi.
Lputenzak ýaly, dünýä belli bilgiç bolardyň.
Gurban Gurbanowiç daş çykyp, Atdanyň oturan yzky gapysyny açdy.
— Özüň çykyp bilermiň?
— Maňa hiç zadam bolmady.
105
Gurban Gurbanowiç Atdanyň synalaryny barlaşdyryp çykyp, soň birneme
rahatlandy.
— Maşynyňyza biraz zeper ýetäýipdir öýdýän.
— Maşyn hiç-le, Tapagan jan, maşyn hiç. Biz aman galdyk. Hudaý bizi
ýalkady. — Birinji sekretar bu sözüni keseki biriniň eşiden bolmagyndan howatyr
edýän dek, töweregine garanjaklady. Çöketligiň — oýuň içinde özlerinden başga iňlär
siňegiň ýokdugyny anyklap, biraz rahatlandy.
Hana, öňde Kösäniň guýusy görünýär.
— Bilýäňizmi näme, Gurban Gurbanowiç, Çärjew — Kerki ýolunyň, ine, şu
deňinde betbagtçylyk kän bolýar. Obamyzdaky Hojageldi diýen ýaşulynyň Begenç
diýen bir är ogly hem ine, şu ýerde awariýa düşüp ýogalypdy. Ýaşuly Begenji uly
ogly Osmandanam gowy görerdi. Bar baýlygym seniňki diýerdi. Begenjem
Çärjewden kireýine tutan ýeňil maşyny bilen gelýän eken. Iki sany prisepli traktory
ýetip geçen «Žiguly» öňden gelýän ýük maşynyna baryp urýar. Begençden başga hiç
kime hiç zat bolanok.
Men size şu wakany ýöne ýere gürrüň beremok. Çärjew — Kerki ýoly gurlanda
şu ýerde ýol mazarlygyň üstünden geçirilipdir. Ölenleriň ruhy adamlaryň bu günäsini
hiç geçip bilmeýän bolarly. Şol ýerdäki merhumlaryň ruhlary ilkagşamlar ýola çykyp,
käte bigünä adamlardan ar alýarlar. Günäliniň oduna bigünä ýanmaly bolýar. Kakam
«Ajal ýola çykdy» diýýär. Hakykatynda bolsa, ýola çykan ýoluň aşagynda galan
merhumlaryň ruhlary. Köp gürleýär diýmäň, meniň size esasy diýjek bolýan zadym,
özem soňky ýyllar gelen netijäm, Owganystanda biziň käbir ofiserlerimiziň
diýdimzorlugyny görenimden soňky netijäm — SSSR edil şu ýol deýin, merhumlaryň
jesetleriniň üstünden guruldy. Şonuň üçin sowet ýolam edil şu ýol deýin bizden ar
alýar. Ikimiziň edil şu ýerde ýoldan çykmagymyz ýöne ýere bolmaly däl. Bu ýerdäki
ruhlar bize geçirimlilik etdiler.
Gurban Gurbanowiçiň ýene ýüregi ýarylan dek boldy. Töweregine
garanjaklady. Hiç kimiň ýokdugyny anyklasa-da, eşiden gürrüňiniň hatarlydygy üçin
köşeşip bilmedi.
— Tapagan, inim, Tapagan jan. Pensiýa çykmagyma ýarym ýyl galdy. Pensiýa
çykýançam, sen meniň ýanymda beýle gürrüň etme. Men bütin ömrümi mazaryň
üstünde oturan dek sandyrap geçirdim, gorkup geçirdim. Meni sen beri gorkuzma.
Seniň ýaş başyň bar. Beýle gürrüňleri dagy-duwara etme. Yzyňy tapmarsyň. Men
köpi gören adam. Meniň maslahatymy alaý. — Gurban Gurbanowiç Atdadan gözüni
aýyrman durşuna, başky gürrüňini ýatlady. — Sen olaryn öýüň içinde tylla
gömendiklerini nä bilýäň?
— Diňe tylla gömendiklerini däl, olaryň size tüýdük berendiklerinem bilýän.
— Sen ýokduň-a?! — Birinji sekretar özüniň bu ýöntem sözüne gyzardy.
— Şol üç atlynyň dagyň eteginde atylandygyny siz gözüňiz bilen gördüňiz...
— Bilýän bolsaň, gaýdyp oturmaly hem däl ekenik-dä. — Gurban Gurbanowiç
gum üýşmeginiň üstünde oturdy. — Onda sen tyllalaryň niredediginem bilýänsiň?
106
— Bilýän. Eger meni şol tyllalary tapmak üçin alyp barýan bolsaňyz, onda biz
boş gaýtmaly borus. Biz ol tyllalary tapyp bilmeris. Sebäbi ol tyllalar asmanda, ýoldaş
komandir.
— Asmanda?! Düşünmedim?
— Ol tyllalar buluda öwrüldi, ýoldaş komandir.
— Sen meniň üstümden güljek bolýaňmy?
— Ýok, güljek bolamok. Men size hakykaty aýdýan. Siz maňa düşünmediňiz
öýdýän. Men size düşündireýin. Siziň gürrüňini edýän tyllalaryňyzy bir gurply adam
tapdy. Ýöne şol tyllalar onuň bagtyny ýatyrdy. Ony tapan adamyň ýedi ogly bilen bir
gyzy bar eken. Tylla onuň ogullarynyň baryny sandan çykardy. Barysy diýen ýaly
süpük tirýeki boldy. Bir ogly azarlap, ejesiniň boýnundaky tylla monjugy aljak bolup
ýalbardy. Ejesi bermedi. Soň ol ejesiniň döşünden urupdyr pyçagy, öldürdim edibem
onuň boýnundaky tylla monjugy üzüp äkidipdir. Ejesiniň çöregi bitin eken, ölmändir,
ýöne şondan soň maýyp bolup galyp bilmän ýatyr. Oglunyň bu etmişini gören goja-da
süpük ogluny pyçakdan geçirip, soňundan özem azapdan dynypdyr. Onuň bir ogly
daşary ýurtda ýogalypdyr. Üç-dört ogly türmede, neşe bilen atuw jezasyny alan
bolmaly. Garaz, kelläňizi agyrdyp oturmaýyn, şol üç kişiniň tyllasy bir hojalyga gan
çaýkady.
— Bä, şeýle diýsene asyl.
— Şeýle, ýoldaş komandir.
— Onda o baýlykdan men hiç zat hantama bolmaly däl-dä?
— O näme üçin hantama bolmaly däl?! Şol baýlykdan, eger meniň Syrdaşym
aldamaýan bolsa, size bir zad-a ýetýär. Nämedigini häzir anyk aýdyp biljek däl.
— Syrdaşym diýýäniň kim bolmaly?
— Hä, olmy? Duýgym aldamasa diýdigim-dä.
Gurban Gurbanowiç üçin «duýgym aldamasa» diýen sözem düşnüksizdi. Ýöne
ol düşünmese-de düşünenden bolup baş atdy.
— Men size bir geň zat aýdaýynmy?
— Geň zat aýdaýynmy diýmäň näme. Aýdan ähli zadyň meniň üçin geň
ahyryn. Şonuň üçin geň zat aýdaýynmy diýmän, näme aýdasyň gelse, çekinmän göni
aýdyber.
— Şol baýlyklardan maňa-da bir ülşi ýetýär. Ýöne özüme ýetýän zadyň
nämedigini anyk bilemok. Men size öňünden aýdaýyn, maňa nähili baýlyk
hödürlense-de, şol siziňkidir, ýoldaş komandir. Meniň hiç hili hantamaçylygym ýok.
Gaýyp başlygyň aýdyşy ýaly, siziň möhümiňizi bitirip bilsem, maňa iň uly serpaý,
baýlyk, ana, şol.
— Iň aýylganç betbagtlyk adama baýlykdan gelýän eken-ow — diýip, Gurban
Gurbanowiç öz başyna hüňürdedi.
Olaryň düşen ýagdaýyny gören şofýorlar kömege ýetişdi. Olary derrew ýola
salyp goýberdiler. Ýöne Gurban Gurbanowiç içini hümledip barýardy. Uzak ýoluň
dowamynda ol soňky aýdan sözüni özbaşyna hüňürdenip gaýtalady: «Iň aýylganç
betbagtlyk adama baýlykdan gelýän eken-ow...»
107
— Men saňa ýüregimi açaýyn, Tapagan. Birinji sekretar diýseler, hemme zada
ygtyýary ýetýän adamdyr öýdýärler. Seniňem hiç bir zada ygtyýaryň ýetenok.
Adamlara işläň, bu işi eýle ediň, bu işi beýle ediň diýmekden başga hiç bir zada
güýjüň ýetenok. Biziň raýonymyzda-da ýetimler öýi bar. Ol öýe berilýän kömek ýok,
her gezek ony göremde çagalygym öňümden çykan dek bolýar. Ýokary instansiýalara,
gör, näçe gezek hat ýazdym. Hiç hili bitiren goşum bolmady. Soň şol gömlen tylla
ýadyma düşdi. Tyllalary pula öwrüp, ýetim çagalara geýim-gejim, telewizor alyp
bereýin diýen pikire geldim. Men şol çagajyklara kömek edip bilmejekdigime
gynanýan.
Atda Gurban Gurbanowiçiň zeýrenmesini halamadyk bolarly, gürrüňiň
gutararyna garaşyp durman, içki pikirini daşyna çykardy.
— Meniň sizden bir zat sorasym gelýär, ýoldaş komandir. Soňky döwürde
Kakow meniň düýşüme juda köp girýär. Özem adamlara süýt paýla diýip azar berýär.
Menem adamlara süýt paýlap ýörmegi gelşiksiz hasaplaýan. Ol diňe bir düýşüme däl,
pinek edip otyrkam hem ýanyma geläýýär.
— Kim ol Kakow diýýäniň?
— Men onuň bilen bile Owganystanda gulluk etdim diýipdim-ä. Ol ýogaldy.
Ikimiz dogan okaşdyk. Ol näme üçin maňa şeýle bir köp görünýärkä?
— Men düýşe ynanmaýaryn, ýorup hem bilmeýärin. Ýöne bir zady aýdyp
biljek. Ol saňa köp görünýän bolsa, onuň hökman bir sebäbi bolmaly.
— Näme sebäbi bolup biler onuň?
— Näme sebäbiniň boljagyny anyk aýdyp biljek däl. Belki, onuň ruhy senden
nämedir bir zada tamakindir. Ol seniň nämedir bir zat etmegiňi isleýändir. Sen oňa
näme söz beripdiň?
— Ikimiz bir günde öýlenmegi ähtleşipdik. Eger birimiz ölsek, onda beýlekä
kömek etmegi hem ähtleşipdik.
— Maşgalama kömek et diýýän bolaýmasyn?!
— Men onuň maşgalasyna näme kömek edip bilerin?
— Maşgalada bir erkek kişi bolsa gowy ahyryn.
— Wah, olaryň maşgalasynda erkek kişi köp ahyryn. Kakow doganlarym kän
diýýärdi. Men ondan näçe erkek doganyň bar diýip soramandyryn.
— Nesip bolsa, ertir Kakowlaryň öýüne bararys. Şonda onuň senden näme
haýyş edýändigi belli bolar.
Gurban Gurbanowiç ilki myhmanhana bardy. Atda bilen ýeke agyz hem
gürleşmän çaý içdi.
Birinji sekretar Atda bilen gürleşdigiçe, onuň bolşuny synladygyça
geňirgenmesi artdy.
Atda Gurban Gurbanowiçe nädip ýaranjagyny bilmän alakjaýan ýalydy. Ýöne
özüne hyzmat edilmegini, gönüläp aýdanyňda ýaranjaňlyk edilmegini birinji gezek
görmeli däl. Ýöne Atdanyň yhlasy onuň birinji sekretarlygy üçin däldi. Ol bir Gurban
Gurbanowiç üçin däl, goňşy otagdaky nätanyş kişiler üçin hem aladalanyp ýör.
Gaýnag galdy, goňşulara gerek bolaýmasyn diýip, düňk-düňkläp gitdi.
108
«Goňşularymyz nädip çaý içip bilerkäk?» diýip otyr ekenler, men wagtynda
ýetişäýipdirin diýip Atda begenjini içinde saklap bilenok. Stoluň üstündäki galan bäşon kempudy hem: «Olar çaýy kemput bilen içseler, gowy bolar» diýip alyp gitdi.
Çilim satylýan ýeri ýokmuka diýseler, Atda çilim çekmek isleýän bilen paý-pyýada
şäherçäniň dükanyndan çilim getirmek üçin gitdi. Ähli dükanlar ýapyk eken. Atda bir
geçip barýanyň iki gap çiliminiň bardygyny bilip, ondan bir paçkasyny satyn alyp
beripdir. Ine, çilim tapylaýdy diýip, begenmek begenýär.
Gurban Gurbanowiç hil bir iş bitiren dek ýylgyrjaklap gelen Atda seredip, «Sen
nähili adam-how, inim?» diýip, içini gepletdi. Atda, ylla onuň iç gepletmesini eşiden
dek, begençli gürledi:
— Ol sag bol diýdi.
— Saňa sag bol gerekmi?
— Ol gowy adam-a Gurban Gurbanowiç. Şeýle bir gowy adamlar bar. Men
mydama gowy adamlara duşýaryn. Olara başardygymdan ýagşylyk edesim gelýär.
Elimden gelýän zat bolsa ýok meniň.
Gurban Gurbanowiç ýoldaşyny birlaý synlap, ýuwaşja gürledi:
— Onda ýataly indi.
Gurban Gurbanowiç ertir irden Atdany gullukdaşynyň öýüne eltdi. Olaryň
barmaly obasy şäherçeden uzakda däl eken.
Ine, biri-birine meňzeş türkmen öýleri. Öýleriň galabasy bişen kerpiçden. Atda
öz obasyny ýatlady. On alty sotuk ýer azlyk edýän ýaly, ähli kişi odunyny, gowaça
çöpüni, otuny köçe tarapa basypdyr. Şonuň üçin, aslynda giň köçe darajyk bolup
galypdyr.
Türkmeniň haýsy aýratynlygy bar diýilse, Atdanyň, ilki bilen, ýatlasy gelýäni,
berlen ýeri az görüp, ýerini ýene artdyrjak boluşlary. Adamlardan kanagat göterilipdir
diýmeleri ýöne ýere bolmaly däl. Ol-a on alty sotuk eken, kyrk alty sotuk berilse-de,
ol ýer türkmene azlyk eder diýip, Atda içini gepletdi. Soňam hyrçyny dişledi.
Olar iki gat owadan jaýyň deňine gelip saklandylar. «Kakow dagy gaty baý
hojalyk eken» diýip, Atda içini gepletdi. Iki gat jaýy buharaly ussalaryň gurandygy
haşamlaryndan, keşdelerinden görnüp dur.
Beýle köşk türkmen obalarynda köp däl ahyryn. Atda birinji gezek görýär şeýle
owadan öýi.
Köçe bilen iki gat jaýyň aralygynda beýik üzüm dalbary bar. Üzüm dalbary
belent küňreli derwezä baryp direýär. Derwezeden giň howla girilýär. Ondan aňyrda
mellek uzap ýatyr. Mellege kartoşka, ýorunja, gawun, garpyz, pomidor ekilipdir. Sag
tarapda mellegiň soňuna çenli limonlyk uzap gidýär.
Giň howluda hiç kim ýokdy.
Atda tapagan öwran-öwran gygyrdy.
— Geldi aga, ah-ow, Geldi aga!
Hiç kim jogap bermedi.
109
Goňşy howludan çykan eli hasaly garryja mama olara bakan ugrady. Ol iki
nätanşy tanajak bolup, çiňerilip-çiňerilip seretdi. Tanap bilmedi. Barybir,
närazylygyny aýtdy:
— Siz, näme, ölen kişiniň adyny tutup gygyryp dursuňyz. Bu näme etdigiňiz
boldugy?
— Geldi agalaryň öýi diýdiler-ä şu howla?
— Diýenlerinde näme?
— Kakowlaryň öýümi şu?
— Kileň ölenleriň atlaryny tutýaňyz welin, siz o dünýäden dagy gelen dälsiňizdä hernä?
Onuň bu sowalyna jogap berip bilen bolmady. Goňşy mama jogabam isläp
durmady, ol öýe girdi. Esli wagtdan soň goňşy mama yzyna bir owadan gyzy tirkäp
daş çykdy.
Ol gyza nazary kaklyşan Atda tapagan agyr ýüküň aşagynda galan dek
ýegşerildi.
Aýaklary titredi.
Bütin göwresi lagşady.
Mydama parahat ýüregi bütin ömründe urmadygyny edil şu mütdet urup
dynaýjak bolýan dek, dük-düküni şeýle bir gataltdy welin, dükgüldisi bilen Atdanyň
agzyndan göni çykaýarly göründi.
Geplemek ukybyny ýitirdi.
Beýle perizadyň öňünde nädip gürlejek? Ýok, gürläp bolmaz!
Gurban Gurbanowiç kömege ýetişdi.
— Men size şu ýigidi getirdim, jigim. Bu ýigit seniň doganyň Kakow bilen
Owganystanda bile gulluk edipdir. Dogan okaşypdyrlar. Doganyňyzyň ýogalanyndan
bu ýigidiň habary bar. Ýöne halyňyzdan habar soramaga geldi.
— Siz Atageldimi? — diýip, owadan gyz birgeňsi seretdi.
Bagtygül Geldi gyzy. Ýaňy mekdebi gutaran gyzy muhabbetli durmuşyň
güzaply şarpygy bütinleý üýtgetdi. Ynha, indi dört aý bäri giň öýe, ýogalan
doganynyň bäş sany çagasyna — daýylaryna — baş bolup otyr. Ejesi
Aýsoltan eje eziz perzendiniň süteminden soň ömürlik maýyp bolupdy. Indi
onda ne mydar, ne-de ragbat bar. Gyzy ony iýdirip, gurjak ýaly saklap otyr.
Türkmen aýyn bolmasa, Hudaýdan ogul dilär, gyzy sana goşmaz. Ýöne
başyň ýassyga ýetende saňa idi-yssywat etjek ogluň bolmaz eken. Ol
oturylyşykdan oturylyşyga gider eken. Gyzyň welin, ýanyňdadyr, Bagtygül
deýin janyny beräýjek bolar eken. Gyzyň gadyry bir başga eken. Muňa
türkmen düşünse-de, henize-şu güne çenli düşünmezlige salyp gelýär. Gyzyň
edýän hyzmatyny ata-enä hiç bir ogulam etmez. Bagtygül durmuşa çykmak
hakda pikirem edenok. Nädip etsin?! Ol ejesine, daýyjyklaryna eýe durmaly
ahyryn.
110
— Üç-dört ýyl mundan öňem bu hojalyk şu jelegaýlarda iň gurply, iň döwletli
hojalykdy. Göreniň gözi giderdi. Soň ýa gözden boldy, ýa dilden. Betbagtçylyk birden
bomba düşen ýaly, bu hojalygy tozduraýdy. Soňam betbagtçylyk bu öýüň üstünden
ýoluny aýyrmady. Bu öýe düşen betbagtçylyk akyla sygar ýaly däl. Hiç kimem
ynanmaz. Aýsoltan goňşy gaty çydamly aýal eken. Gelniniň ölümine-de, ogullarynyň
ölümine-de, adamsynyň ölümine-de çydady. Böwründen sokulan pyçaga-da döz
geldi. Ýöne körpe ogly Kakow janyň tabydyny bir giden esger ýalpyldap duran demir
gapyrjaga salyp getirenlerinde welin, Aýsoltan görgüli çydap bilmän bagyryberdi.
Körpe oglunyň ölümine çydap bilmedi görgüli.
Atda goňşy mamanyň gürrüňine nähili düşünjegini bilmedi:
— O nähili jaýladylar?
— Nähili jaýlanar? Berýän soragyň nähili seniň, ogul! Türkmeniň däbi-dessury
boýunça jaýladylar.
— Owganystanda ony men öz elim bilen jaýladym ahyryn. Ine, ine, ine —
diýip, Atda tapagan ellerini görkezdi. — Men Kakowy, ine, şu ellerim bilen jaýladym.
Onsoň siz ony nädip jaýlap bilýäňiz.
— Onuň tabydyny getirdiler.
— Onuň tabydy ýokdy ahyryn.
— Diýýäniň näme seniň, ogul? Tabytsyzam bir bolarmy?
— Wah, siz meni gepletmäň. Onuň nähili aýylganç ýogalandygyny men bu
gyzyň ýanynda aýdyp durmaýyn.
— Soň ony çykaryp alyp gaýdan bolaýmasynlar. — Gurban Gurbanowiç
gürrüňe goşuldy.
— Men kimiň iberilenini, kimiň şol ýerde jaýlanylanyny gowy bilýän ahyryn,
Gurban Gurbanowiç!
Içerden:
— Bagtym, aý, Bagtym! — diýen ysgynsyzja ses çykdy.
Ol sese Atdanyň depe saçy düýrügip gitdi.
Kakowyň ejesi!
«Ejemi görüp gaýt!» diýip, Kakow, gör, näçe gezek Atdadan haýyş etdi!
«Ejemi göresim gelýär, şeýle bir ejemi göresim gelýär. Ýöne ejemi hi-iç görüp
bilemok. Göwnüme, ol keselläp ýatan ýaly bolup dur. Ynansaň, men şu ýaşa çenli
özüm kän gezekler keselledim, ýöne pylan ýerim syzlaýar diýip, ejemiň aýdanyna,
düşekde nähoşlap ýatanyna gabat gelmedim. Hudaýjan, ejem indem kesellemesin.
Atda jan, ikimiz dogan ahyryn. Sen ýaltanman, ejemiň halyndan habar almaga barýan
diýip pikir et. Aýsoltan eje, ýagdaýyň nähili diý. Men seniň ogluň diý. Kakow ogluň
hem sag-gurgun diý...»
— Eje, men bärde! — Bagtygül ýeňil gopdy.
Atda içerik girip giden Bagtygülüň yzyndan seredip durşuna Kakowy göz
öňüne getirdi. Kakow ýylgyrjaklap, oňa minnetdarlyk bildirýän dek baş atdy.
111
— «Ikimizem körpe ogul. Bizi öýerenlerinde ejelerimiziň nähili
begenjekdiklerini sen göz öňüne getirýäňmi?» diýip, Kakow sorardy. Hyýalynda bir
gözel ýar bilen toý tutardy. Onuň arzuwy, köplenç, toý tutmakdy.
— Atageldi, sizi ejem çagyrýar.
Atda, näme üçindir, özünde müýn duýdy. Öz günäsini boýun almaga barýan
dek, gorky bilen içerik girdi. Iç işikde aýak çekdi.
Giň otag. Içerde ünsüňi eglär ýaly hiç zadyň ýoklugy üçin bolmagy mümkin,
otag juda giň görünýär. Üç sany owadan lýustra hem kiçi ýaly görünýär.
Şeýle giň otagda üç-dört düşekçäniň üstünde Aýsoltan eje bir gysym bolup
ýatyr.
Atda Kakowyň tabşyryklaryny ýatlady.
— Eje, salawmaleýkim, men ogluň Atageldi. Men ýagdaýyňy soramaga
geldim. Kakow ejemiň ýagdaýyny sorap gaýt diýdi. Kakowyň özi sag-gurgun. Siz
Kakowy alada etmäň.
Gözleri içine çöküp giden, durşuna süňk bolup ýatan ene solgun nazaryny iç
işikde aljyrap duran deşli ýigide dikdi. Bu ýigit enä nätanyş däl. Ene bu ýigidiň
Kakow jan bilen harby eşikde gujaklaşyp düşen suratyny köp görüpdi. Şondan bäri
ene oglundan soňky galan nyşany ýanyndan aýranok ahyryn. Körpe oglunyň ýazan
ähli hatlaryny, suratlaryny ýassygynyň aşagynda saklaýar, haçanda ejizlik üstüni
basanda oglunyň Atageldi bilen gujaklaşyp düşen suratyna seredýär-de, ejizligi
gözýaşa öwrüp, çykaryp goýberýär. Indi oňa seretmände-de, onuň göz öňünde surat
doňup galypdyr.
Ine, körpe oglundan janly nyşan gaşynda dur. Körpe ogly başga bir goç ýigide
öwrülip, gaşynda dur. «Men siziň öz ogluňyz» diýip aýdyp dur. Ogluň diri bolsa,
özem şeýdip gapyňdan gelip dursa, näme üçin ejizlejek, näme üçin aglajak?! Bu gün
ene aglamaly däl, bu gün ol şatlanmaly, çünki onuň iki ýyldan gowrak wagt bäri
gijesini gündiz edip garaşýan körpe ogly gapysyndan geldi ahyryn.
Şu duşuşyga intizarlygy enäni ölümden alyp galypdy. Ýogsam Ezraýyl ony,
gör, näçe sapar ýany bilen äkitjek boldy. Bir sapar-a Ezraýylyň yzyna düşüp
ugrapdam, ýöne Ezraýylyň gapysynyň agzyndan yzyna gaýdypdy.
Ene mejalsyz nazaryny Atdadan aýyrman ýatyrdy. Mährini gandyrmakçy
bolýan dek, ony boýdan-başa synlady. Synlady, synlady, ýigide mähiri oturdy. Baryp
bagryna basaýyn diýse, mejaly ýok, hoşamaý söz aýdaýyn diýse, tolgunmakdan ýaňa
zybandan aýryldy. «Geldiňmi, oglum» diýmekçi boldy. Ýöne dili zybana gelmedi.
Sözi diňe düşnüksiz bir pyşyrdy boldy-da galaýdy.
Bagtygül kömege ýetişdi.
— Geleniňize ejem biçak begendi. Tolgunyp gepläp bilmän otyr. Ol size
«Geldiňmi, oglum» diýýär.
— Geldim men, eje. Sizi görmäge ýörite geldim. Hal-ýagdaýyňyzy soraýyn
diýip geldim. Näme etmeli bolsa, kömekleşmeli bolsa, men taýýar diýmäge geldim.
Eje, siz hiç zady gaýgy etmäň. Men siziň üçin elimden gelen kömegimi gaýgyrmaryn.
— Ýakynragyma gel, oglum — diýip, Aýsoltan eje pyşyrdady.
112
Bagtygül Atda ýüzlendi:
— Ejemiň ýanyna geliň.
Atdanyň çekinjeňlik bilen gelip oturmasyny synlap oturan ene ýuwdundy. Elini
çalaja galdyrdy.
Bagtygül:
— Ejem size elini uzadýar.
Atda Aýsoltan ejäniň ellerini çalaja gysdy.
— Aýsoltan eje, men Atda. Atageldi men. Kakow bilen size kän gezek hat
ýazypdyk ahyryn.
— Atageldimi sen? Atageldi janmy sen? Kakow janyň dogany ahyryn sen —
diýip, Aýsoltan eje pyşyrdady.
— Siz ylla meniň ejeme meňzeýärsiňiz. Ikiňiz ylla bir almany iki bölen ýalak.
Kakow: «Ejem jan, ejem jan» diýip, sizi juda gowy görerdi. Sizi dilinden düşürmezdi.
— Kakow janym mydama çyrçyklyjady. Ulalansoňam men onuň yzyndan
galmazdym. Bir zat bolaýmasyn diýip gözden-dilden, otdan-çöpden goradym. Sähel
salymam gözden salman saklardym ony. Olam gözümden uçdy-da gitdi. «Goralan
göze çöp gaçar» diýleni boldy.
— Garaşmandym... Bar zat birden boldy, eje — diýip, Atda Aýsoltan ejäniň
sandyraýan ellerini ýene gysdy. — Men Aýsoltan ejemi görüp gaýdybereýin diýdim.
— Wah, meniň balama näme boldy? Balama näme boldy meniň? Meni taşladyda gidiberdi ol — diýip, Aýsoltan eje möňňürip goýberdi. — Kakow janym, nirelerde
galdyň sen? Gijeler ýatman, sypap-sermäp, apalap-apalap nä günlükde ýetişdirdim
ahyryn men seni. Wah, oňa bir zatlaryň bolanyny ýüregim syzdy meniň. Onuň sesini
eşitdim-ä men. Ýöne men biçäre. Men saňa ynanýan, balam, ol meni ýatlandyr. Ol
ejem jan, ejem jan diýip geçendir. Wah, men oňa şirin janymy berjek ahyryn. Ol öz
janyna jebir etmeli däl eken-ä! Ol meni taşlady-da gidiberdi-le? Meniň gözýaş döküp,
sargaryp-soljagymy bilmedimi ol. Ol nädip öläýdi?! Nädip meni taşlap gitdi. Eý,
Hudaý, meni nä günlere saldyň sen. Mende näme ýazyk bar. Yhlasymdan,
halallygymdan başga nämäm bar meniň. Men çydap bilemok. Men dünýä sygamok.
Tumaýak galdym-a men. Hany, meniň dag ýaly ogullarym? Hany, meniň ogullarym?
Birem ýog-a ýanymda.
— Eje jan, aglamasana — diýip, Bagtygül gözüni ýaşlap hamsykdy.
— Aýsoltan eje, aglamasaňyzlaň. Men siziň ogluňyz ahyryn. Kakowyň ýerini
tutmaga geldim-ä men — diýip, Atda gözüne ýaş aýlady.
Bagtygül ejesini köşeşdirjek bolup elewredi:
— Eje, köşeşsene. Eje, beýtmesene. Bular uzak ýol söküp gelipdir.
Aýsoltan eje öwran-öwran ýuwdundy.
— Men seni görenimden tanadym, oglum. Seniň suratyň bar ahyryn bizde.
Bagtygül ejesiniň ýassygynyň aşagyndan birnäçe surat çykaryp, olaryň birini
Atda uzatdy:
— Kakow bilen düşen suratlarymyz — diýip, Atda tapagan biygtyýar ýylgyrdy.
113
Eý, Hudaý, şeýle pursatda adamyň bar ünsi gözýaş döküp, panydan perýat
edýän naçar enede bolaýjak ýaly. Owganystanda gulluk edip dogan dek ysnyşan
Kakowyň wepat bolmasyny ýatlap Atda tapagan gam laýyna bataýjak ýaly. Kakow
ýogalansoň ol birki aýlap edil dälirän dek bolup gezipdi. Häzir şol pajyganyň ahy
çekilýär ahyryn. Ýok, Atda tapagan garry enäniň ysgynsyz, sandyrawuk elinden tutup
durşuna, eýjejik Bagtygülden gözlerini aýryp bilmän, doňan deýin seredip dur. Onuň
eýjejikligine seretdigiçe seredesi, ol eýjejiklikden ganasy geldi. Ýöne goç ýigit ähli
gözellikden gansa-da, gyz gözelliginden, onuň bendiwan edýän näzijek
hereketlerinden ganyp bilmedi. Gaýtam, synladygyça synlasy geldi.
Onuň sesiniň mylaýymdygyny, owadandygyny, mähirlidigini! Onuň
ýuwaşjadan ejesine diýen sözleri Atda tapaganyň on iki süňňüni bogunma-bogun
sökdi-de, lagşadyp, Aýsoltan eje deýin mejalsyz kişä öwürdi goýaýdy.
«Şeýle owadan uýam bar diýip Kakow maňa aýtmandy».
Atda tapagan öz sesine tisginip gitdi. Ejesiniň gözýaşyny süpürip oturan
Bagtygül Atda tapaga mähirli nazaryny dikdi welin, onuň Aýsoltan ejäniň gapdalynda
mejalsyzlykdan ýaňa ýatybermesine sähelçe galdy. Arkasyny diwara söýedi. Atda
tapagan galan ömrüni şol diwara minnetdar bolup geçmeli boldy. Ol öň gyzlara beýle
melullyk bilen seretmezdi. Ünsem bermezdi asyl. Öýlenmeli ýaşyň ýakynlaşyberse,
şeýle duýgy oýanmasa-da oýanmazdy, eger Deýkaý ýegen gelip gyzlar hakdaky
leksiýasyny okamadyk bolsa. Eý, Hudaý, Deýkaýy köp diňlemedigem bir gowy,
ýogsam gyz görse aňalyp ýörmelem boljak bu Atda tapagan. Gözele aýdan sözleri
Atda tapagyň göz atuwynda janlandy. Megerem, Gözel Atda tapagyň şol sözlerini
halandyr. Ol ümsüm diňledi oturdy ahyryn. Eger şol sözleri Kakowyň uýasyna aýtsaň
nähili bolarka? Bu-da aňk bolup diňlärdi öz-ä. Wah, Kakowyň uýasy bolýa-da.
Ýogsam-a... Ýok, ýok, beýle owadan gyz boş däldir. Hökman halaşýany bardyr.
«Halaşýany barmykan-aý?! Durmuşa çykan bolaýmasyn?!»
Kakowyň uýasy ýene Atda tapaga geň galyp bakdy. Onuň nazary Atdanyňky
bilen tapyşmady. Içki pikirini daşyna çykaranyna utandy. Biçak utandy, «Atda, özüňi
ele al. Masgara bolup oturma» diýip, Atda tapagan öz-özüne käýindi.
Goňşy mama kömege ýetişdi:
— Bagtygül görgüliniň göreni görgi bolaýdy. Kolhoza işe gidýär. Ejesiniň
içeri-daşarsyna ýetişip otyr. Entek durmuşa çykanok, halaşýanam ýok. Bagtygül
bolmasa, bu öý gaty çökjek. Onsoň, Bagtygül durmuşa çykmak hakda oýlanybam
bilýän däldir.
Atda tapagan Bagtygülüň sahypjemalyna hyrydarlyk bilen bakdy. Içinden ony
ejesiniň atlandyryşy ýaly atlandyrdy: «Bagtym, Bagtym, gör, nähili owadan at! Bu
gyza öýlenen, Hakykatdan-da, bagtly bolar, muňa Bagtym diýip ýüzlener». Ol edip
outran pikirlerinden utanyp, surata seretdi. Bagtygülüň elleri degen surat! Ol ylla
Bagtygülüň eline elini degren dek saňňyldady. Içki pikirini gapdalynda oturanlaryň
duýmagyndan, daşyna çykarmagyndan ätiýaç edip, hyrçyny dişledi. Eý, Hudaý jan,
adamlaryň biri-biriniň içindäki pikirini bilmeýändikleri nähili gowy. Bilseler, adamlar
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Tapagan - 11
  • Parts
  • Tapagan - 01
    Total number of words is 3819
    Total number of unique words is 2056
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Tapagan - 02
    Total number of words is 3836
    Total number of unique words is 2080
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Tapagan - 03
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2115
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Tapagan - 04
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2065
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Tapagan - 05
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 1950
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Tapagan - 06
    Total number of words is 3843
    Total number of unique words is 1930
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Tapagan - 07
    Total number of words is 3842
    Total number of unique words is 1940
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Tapagan - 08
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 1997
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Tapagan - 09
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1955
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Tapagan - 10
    Total number of words is 3897
    Total number of unique words is 1908
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Tapagan - 11
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 1988
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Tapagan - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 1980
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Tapagan - 13
    Total number of words is 3853
    Total number of unique words is 1962
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Tapagan - 14
    Total number of words is 3802
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Tapagan - 15
    Total number of words is 2335
    Total number of unique words is 1369
    35.4 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.