Latin

Suramy galasy - 4

Total number of words is 1872
Total number of unique words is 1120
40.5 of words are in the 2000 most common words
53.3 of words are in the 5000 most common words
60.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
paralan adam eliňe düşdi. Sen oňa nähili jebir bermekçi? Öldür- jekmi? Ýok, ölüm az bolýar. Goý, şu
ýigrimi ýylyň içinde meniň çeken jebrim ýaly jebir çeksin ýörsün!»
Palçynyň jogabyny eşitdiren batlaryna, wezir şähere tarap at saldy we öýlerine-de sowulman, göni
Wardonyň ýanyna ugrady.
— Hany, enem, pal at-da, näme etmelidigini salgy ber.
— Sen wezirmi? — diýip, Guliswardi so- rady.
— Hawa.
— Beýle bolsa seniň kysmatyň agyr ekeni, seniň boýnuňa agyr jogapkärçilik düşüpdir. Biçäre
jenabym! Seniň wezir bolýan wagtyň erbet boldy. Eý, Taňrym, bu gözüme görünýän- ler näme? Biziň
garypja Gürjüstanymyzdan size näme gerek? Eý, merhemetli Taňrym, biziň näme günämiz bardy,
näme üçin sen bize beýle rehimsiz daraşýarsyň! Işimiz gaýtdy. Biziň üstümize sansyz-sajaksyz leşger
süýşüp gelýär. Eý, keramatly Taňrym, derdimizi dep edip, günämizi bagyşlaweri. Eý, toba, olaryň
rehimsiz gyraýyşlaryny! Ynha, görüp otyryn! Berme, bagtygara, ogluňy berme! Wah, aldy-da haram
ölmüş! Ýetişewer, jenabym, kömek ber, bolmasa, biziň ählimiz heläk bolýarys.
— Men nätmeli? Hany, aýt! — diýip, wezir aljyraňňylyga düşdi.
— Görýärin, görýärin — diýip, Wardo sözüni dowam etdirdi. — Duşmanlar Su- ramy galasynyň
daşyny garynja gurşan ýaly gurşaýarlar. Ony tizräk, tizräk salyň, duşman leşgerini saklap biljek diňe
şol. Eger ony salyp bilmeseňiz, duşman basym bu ýere — Tifli- se gelýär. Taňrym, şonda biziň
başymyza ne günler düşerkä? Iň bolmanda, jenabym, öz çagalaryňa bir haýpyň gelsin, olary kapyrlara
parçalatmaga berme.
Şeý diýip, Wardo möňňürmäge durdy.
01 çyny bilen agladymy, habarym ýok, ýöne ýigrimi ýylyň içinde ol jögülik etmäni bir kemsiz
öwrenipdi. Onuň ýanynda häzirkije meşhur artistleriň dagy näme!
— Men nätmeli? Basymrak aýt, nätmeli? — diýip wezir gygyrdy.
— Her edip, hesip edip, Suramy galasyny salmaly.
— Men ony saljak bolýaryn welin, ol eýýäm birnäçe sapar ýykyldy. Men nätsemkäm?
— Düýbüni söküşdirip, ony iki tirsek dagy çuňrakdan goýdur. Onsoň ruhanyny çagyr-da oňa doga
okat. Ýöne maňa görünýän bu zat näme? 'Taňrym, men günäkäriň günäsini geç! Jenap, hanjaryňy
sogur-da, şu ýeriň özünde meni öldürip, bir gowy iş et. Meniň pal atmaga başlan günüme nälet siňsin!
Jenap, maňa gulak asma, meniň häzirki aýtjak zatlaryma gulak gabartma. Wah, ýok-la diňle, gowuja
diňle! Sen muňa düşünmeli, Gürjüstanyň ykbaly, onuň ýeňmegi şuňa bagly.
— Taňrynyň haky üçin, basymrak aýdaweri.
— Gala diwarynyň arasyna bir ýaş ýigidi, ata-enesiniň ýeke dikraryny, Durmuşhanyň ogly Zuraby
salyp suwamaly.
— Ýeke dikrar Zuraby? Seniň aýdýanyň näme, kempir? — diýip, wezir tolgunmadan ýaňa
gygyrdy.
— Hawa, Zuraby! 01 diwaryň arasyna salnyp suwalmaly. Bolmasa, diwaryň durjak gümany ýok.
Eý, gara ýer, darka bölün-de meni ýuwut. Men bu sözleri neneň agzymdan sypdyrdym- kam! Eý,
görgüli ejem, sen näme üçin meni adamlaryň şum bagty üçin dogurdyňkaň!
— Nätjek-dä, ene, sende günä ýok! Sen, näme, görýän zadyňy aýdýarsyň — diýip, aňk bolan
wezir dillendi. 01 çuň pikire gidip, köçä çykdy we şol ýeriň özünden öýlerine-de sowulman yzyna
ugrady.
— «Wezir meniň Durmuşhanyma oňat sowgat alyp barar! Beýle peşgeşi kimiň beren- ligini
Durmuşhan sorarmyka beri? Goý, sada garyp gyzyň elinden gelýän zady görsün. Bes et, ýürek.
Alladan ýüz öwrenime, ynha, ýigri- mi ýyldyr. Ol gazaba müner diýip, sen meni gorkuzjak
bolma!»
7-nji baş
Biziň wezirimiz gaýgyly gömüşde içini geple- dip, yzyna — Surama barýardy. Gün bolsa ynsan
hesretleriniň üstünden gülýän ýaly, şadyýan şöhle saçýardy. Görnüşi ýaly, onuň ýerdäki durmuş
bilen işi ýokdy.
Wezir Surama gelen dessine, diwaryň köne tekinini söküp, çukury iki tirsek çemeleri çuňrak
gazmaly diýip buýruk berdi. Elbetde, bu buýruk şo bada ýerine ýetirildi. Ertesi gün doga okalyp,
diwaryň täze tekini tutuldy we tä çukuryň erňegine çenli daş örüldi. Weziriň gurrandazyň soňky
beren maslahatyny aýtmaly wagty ýetdi.
Käte hökmürowanlaryň-da wezipeleri agyr bolýar. Bu elhenç işe baş goşmazlyk üçin we- zir öz
wezipesini başga birine begenip-begenip bererdi! Emma bu boljak zat däl. Watan howp astynda,
ýürek sesini çykarmaly däl. Watan üçin müňläp-müňläp adam ölenden, goý, onuň ýeke özi ölsün!
Şeýle deliller bilen özüni dür- säp, wezir ussalary çagyrdy.
— Siz Beronyň her bir buýrugyny gürrüňsiz ýerine ýetirmelisiňiz! Kim ýaýdanjyrap dursa, kimiň
eli sandyrasa, ony meniň adamlarym hak öýüne tabşyrjakdyrlar. Eşidýärsiňizmi? — diýip, ol
kerpiç örüjilere ýüzlendi.
— Eşidýäris, jenap! — diýip, ussalar jogap berdiler.
— Baryň onda. Meniň size başga aýtjak zadym ýok. Sen bolsaň, Bero, entejik gal — diýip, wezir
baş ussa ýüzlendi.
— Buýruň, jenap!
— Berom, menden idili zat eşidesiň ýok — diýip, wezir söze başlady. — Meniň häzir saňa aýtjak
zadym şeýle bir elhenç welin, geplemäge zordan dilim barýar.
— Nätjek-dä, jenap! Buýruň, maňa ýakymly bolarmy, ýakymsyz bolarmy, mende işiň bök- denji
bolmaz. Meniň janymy aýamajagymy siz bilýärsiňiz ahyryn.
— Diwaryň arasyna diri adamy salyp su- wamaly — diýip, knýaz çalt-çalt gürledi.
— Ýok, jenabym, maňa bu işi tabşyrmaň — diýip, Bero aljyraňňylyga düşüp gygyrdy.
— Näme edeli, dost! Watany halas et- mäge pida gerek. Bolmasa, bize gala salmak başartmaz.
Diýmek, taýýar bol. Häzir bolsa gaýdyber.
«Eý, Hudaý! Adamyny dirije suwamaly-da!» diýip, ussa weziriň ýanyndan çykyp gelşine
gepletdi.
Wezir bolsa nökerlerini çagyryp, olara ýag- daýlary birin-birin aýdyşdyryp, bir topar knýaz
ogluna galanyň salynýan ýerine Zuraby alyp gelmeli, tutup, el-aýagyny saramaly we kerpiç
örüjileriň eline bermeli diýip buýruk etdi.
Şeýle hem ol goşuna taýýar bolup durmagy we gerek bolsa, bu aýylganç wakanyň bolup geçjek
ýerini gurşap almagy tabşyrdy...
Gam çekmäge birjik-de esasy bolmadyk Durmuşhan öýlerine tukatlanyp, ýüregi gyýlyp gelýärdi.
Özüniň söwda işlerini ol gaty şowuna salypdy, onuň gapjygy puldan dos-doludy, ol öýlerine,
maşgalasynyň ýanyna, oglunyň ýanyna gaýdyp gelýärdi. Göwnüňe bolmasa, oňa gam çekmäge
esas ýok ýalydy, emma, ýürek syzgyr bolýar diýýärler.
Surama ýetip gelýärkä salnyp gutaraňkyrlan gala uzakdan gözi düşende, Durmuşhan:
«Bä-hä, bular oýun etmeýärler! Gör, nähili gala salypdyrlar! Erbet urşa garaşylýan bolara çemeli.
Ýöne welin, maňa barybir, men öz işimi ýola saldym... Bu galany saldyrýan kimkä? Zurab ony öýe
çagyrdymyka? Oňa öýe göçüp geläý diýmeli eken, soň-a peýdasy degerdi. Ýöne mensiz Zurab,
näbileýin, muny edäýse: entek ýaşrak bolýar, peýdasyny bilmeýär. Öýe gelen badyma, men ony
nahara çagyraryn; tanyşlyk açaryn: eger oňa bir gowy Stambul zadyny dagy bagyşlaýsam, ony
düýpden özüme çekerin».
Şeýle pikirlere gümra bolup, Durmuşhan öýlerine ýetdi. Hyzmatkärleri we obadaşlarynyň bir
topary ony tutuk ýüz bilen garşy aldy- lar.
Bu näme boldugyka? Öňler uludan kiçä begenişip, onuň öňünden çykardylar, daşyny alardylar,
kim atyny tutardy, kim atyny alyp giderdi... Bu gezek bolsa, öňküleri ýaly garşylasalar-da, näme
üçindir, hemmeleriň ýüzi salyk görünýärdi. Birden Durmuşhanyň ýüre-
gi sarsyp gitdi. 01 maşgalasynyň başyna bir belanyň inenligini syzdy.
— Näme boldy? Eýgilikmi beri? — diýip, ol sandyrawuk sesi bilen sorady. — Hany, aýal nirede?
Oňa:
— Öýe giriberiň, ol şo ýerde! — diýip, jogap berdiler. Durmuşhan otagyna girdi. 01 ýerde ýere
ýazylan halynyň iistünde gara geý- nen bir topar kempir otyrdy. Durmuşhanyň aýaly hem olaryň
arasyndady. Ony, göwniiňe bolmasa, bir irginsiz pikir basmarlap, näme- dir bir zady hakydasyna
getirjek bolup jan edýän ýalydy. Gapdalda gara lybasly, eli haçly ruhany durdy.
Durmuşhan doňan ýaly gatap galdy; onuň ýiizüne öli reňki urdy. 01 mejaldan gaçyp, tagta özüni
goýberdi.
— Meniň başyma nä bela indi? Basym- rak aýdaweriň! — diýip, ol ýarymýaş bolup gygyrdy. —
Aýdyň, meni beýle horlamaň!
Ol heniz hem iň erbedi bolan däldir, takdyryň Zuraba rehimi gelendir diýip tama edýärdi. Agynyň
arasynda aýallar oňa ähli bolan zatlary gürrüň berdiler.
Durmuşhan şobada on ýaş garrady.
— Heleý, hany meniň oglum? Hany, meniň Zurabym? Näme üçin onuň bilen, bar mydaryň Zurab
bilen, özüň hem ölüp gitmediň. Bar umydym, bar guwanjym, oglum Zurab jan, meniň bagtym ýatdy.
Belki, oglum, sen öz ýoldaşlaryň göriplikleriniň pidasy bolansyň? Sebäbi sen olaryň iň gowusydyň
ahyryn! Näme üçin sen olara: meni goýberip, garry kakamy öldüriň diýmediň? Eý, gözümiň göreji,
seniň olara näme etmişiň bardy? Wah, bagtym ýatdy- la, bagtym ýatdy-la!
— Durmuşhan, mert bol! — diýip, ruhany ohy köşeşdirjek boldy. — Sen biziň halasgäri- mizi
ýada sal, ol biziň üçin näçe jebirler çekdi. Sen başga, müdimilik ýaşaýşyň-da bardygyny ýada sal.
Sen Zurabyň bilen şol ýerde tapyşyp, şol ýerde müdimi bile ýaşarsyň.
— Heleý! Hany, meniň Zurabym? Näme üçin sen ony goramadyň? Hany aýt, nire- de biziň
Zurabymyz? — diýip, Durmuşhan agysyny ýazdyrman sorady.
— Ah, bir ýada salyp bolsady! Bir zatjagaz-a diýjek boldum weli, unudaýdym — diýip, aýaly oňa
öçügsi, manysyz nazaryny dikdi.
— Bagtym ýeser boldy! Çyragym söndi!
— diýip, Durmuşhan uly ili bilen ses etdi.
— Näme üçin ol maňa beýle jeza berýärkä? Men kime ýamanlyk edipdirin? Meni öldü- ren
bolsalar bolmaýarmy!.. Emma ony näme üçin öldürýärlermiş?.. 01 hiç kimiň göwnüne degmedi
ahyryn, özi-de kepderi ýaly arassady. Bagtym ýatdy. Zurabym, bagtym ýatdy!
— Besdir, Durmuşhan! Agyňy goý! Janyňy ýakanyň bilen etjek zadyň ýok — diýip, oňa
töweregindäkiler göwünlik berdiler.
— Janym sag bolsa, oglum, duşmanyňy gözläp taparyn, seni beýle jebirlere sezewar eden adamy
taparyn. Tapaýdygym weli, dat gününe!
— Durmuşhan, Isa bize duşmanyň günäsini geçmegi öwredipdir. Hajyň ýüzünde durka-da
duşmanlaryna ybadat edip, ol bize görelde gör- kezdi — diýip, ruhany nesihat berdi.
Emma, ruhanynyň sözleri peýda etmedi. Durmuşhan eýýäm şähere gidip, Zurabyny öl- düren
palçyny gözläp tapmagy we onuň wezire beýle aýylganç maslahat bermeginiň sebäbini soramagy
ýüregine düwüpdi.
Hakykatdanam, adat boýunça abraýly maşgalanyň ýaşulusy hökmünde, edilişi ýaly ogluna aýat hem
okaman, kilisä hem barman, Durmuşhan ertesi güni atyna atlanyp, ýola düşdi. Tiflise gelip, ol duş
gelen adamlardan ilki bilen palçy Wardonyň nirede ýaşaýanlygyny sorady. Şol wagtlar Guliswardiniň
abraýy şäheri tutupdy, iň kiçijik çagalara çenli onuň öýüni bilýärdiler. Durmuşhanyň ilkinji duşan
adamy oňa Guliswardiniň öýüni salgy berdi. Durmuşhan şol bada salgy berlen ýere ugrady.
— Başlanýar, dostlar! Häziriň özünde gök gübürdäp, ýyldyrym çakjak. Häzirräk boluň!
— diýip, Alekseý ýaňsa alyp goýberdi.
— Nälet siňsin saňa, Mefistofel — diýip, gürrüňi üns berip diňläp oturan Seko jogap berdi. —
Ýeri, onsoň, ýeri onsoň!
— Durmuşhan Guliswardiniň öýüne gelip,
palçyny sorady. Ony Wardonyň ýanyna alyp gitdiler. Geň zat, olar biri-birlerini tanamadylar,
aýrylaşanlary bäri olaryň ikisi-de örän üýtgän ekeni.
— Siz bilen ikiçäk oturyp gürleşip bolma- zmyka? — diýip, Durmuşhan söze başlady.
— Näme üçin bolman. Ynha, elimi boşadaýyn, onsoň men siziň hyzmatyňyzda — diýip, Wardo
jogap berdi.
— Eger mümkin bolsa, galan adamlar çyksynlar. Men siziň bilen köp zat barada gürrüňleşmekçi
— diýip, Durmuşhan tolgunma bilen aýtdy.
— Size gerek bolsa, şeýdäýeris — diýip, Guliswardi Durmuşhanyň tolgunmasyna üns bermedi: ol
adamlary beýle ýagdaýda görmäge öwrenişipdi.
Birnäçe minut geçenden soň, Durmuşhan bi- len Guliswardi çola otagda ikiçäk otyrdylar.
— Gaýrat et-de aýt — diýip, Durmuşhan gürrüňe başlady. — Suramy galasynyň diwarynyň içine
meniň oglumy salyp suwamaly diýip, wezire salgy beren senmi?
Durmuşhan bu sözleri aýdanda, Wardo elini bildirmän ýassygyň aşagyna sokdy we hanjary barlap
gördi.
— Hawa — diýip, Wardo oňa diýseň ar- kaýyn jogap berdi.
— Näme üçin, näletsiňen! Näme üçin? 01 saňa näme etdi?
— Oňadrak synla, Durmuşhan! Nä, meni tanamadyňmy? Sen meniň ýüregimi öldürdiň, menem
seniň ogluňy öldürdim. Indi ikimiziň algy-bergimiz ýokdur.
— Asyl bu, näletsiňen Guliswardi, senmidiň? — diýip, Durmuşhan ýuwaşja gürledi we onuň
üstüne topulyp, iki eli bilen bogazyndan tutdy.
— Wah, ýakynragyma gel, Durmuşhanym! Men bu pursada ýigrimi ýyldan bäri garaşyp gelýän!
— diýip, Guliswardi ony gujaklap, arkasyndan hanjary dikdi.
Bir-iki sagat töwerekleri geçenden soň otaga giren hyzmatkärler olaryň ikisiniň hem ölüp
ýatanlygyny gördüler. Olar iki aşyk ýaly birbirlerini berk gujaklaşyp ýatyrdylar. Görnüşi ýaly, Durmuşhan hem, Guliswardi hem ajal
penjesinden sypjak bolmandyrlar.
Akylyndan azaşandan soň, Durmuşhanyň aýaly şol Suramy galasyna gitsem diýdi durdy. 01 o
ýere ýygy-ýygydan gatnardy, esli salym diwaryň düýbünde diňşirgenip durardy we ahyrsoňy içini
hümledip: «Ah, bir ýada salyp bolsady!» diýip, gözgyny halda öýlerine gaýdardy.
Şeýdip, üç ýyl töwerekleri geçdi, ony gurşap alan hasrat kem-kemden dumanyň sowluşy ýaly
sowlup ugrady.
Bir gezek Zurabyň ejesi endik edişi ýaly Suramy galasynyň öňünde oýa çümüp durdy. Birden ol
ýürekgyýyjy çirkin sesini edip:
— Wah, oglum, Zurab jan, bagtym-a ýatdy — diýip gygyrdy we özünden gitdi.
Mejaldan gaçyşan göwre täze urga döz gelip bilmedi. Görgüli gaýdyp özüne gelmedi.
Watan goragynda gynançly ölüm bilen ölen ogluň enesi hökmünde ony abraýly jaýlady- lar.
Aýtmaklaryna görä, Zurab neressäniň suwalan ýerinde galanyň diwary hiç haçan guramaýarmyş,
ondan suw damjalary gözýaş ýaly bolup damyşyp durmuş.
Ýene, aýtmaklaryna görä, Aý-aýdyň gijelerde bir gara geýnen, hüwjük saçly aýalyň Suramy
galasynyň töwereginde, diwaryň düýbünde gezmeläp:
— Huzyryňa geldim, Suram galasy,
Gulak goyup, eşit ahy-nalamy.
Diwaryňda diri goyup suwaldy.
Baky pena bolup, gora balamy.
— diýip, aglap ýörenine duş gelmek bolýarmyş.
Terjime eden Daňatar BERDIÝEW

You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Suramy galasy - 1
    Total number of words is 3913
    Total number of unique words is 2138
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Suramy galasy - 2
    Total number of words is 3994
    Total number of unique words is 2156
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Suramy galasy - 3
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 2007
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Suramy galasy - 4
    Total number of words is 1872
    Total number of unique words is 1120
    40.5 of words are in the 2000 most common words
    53.3 of words are in the 5000 most common words
    60.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.