Latin

Suramy galasy - 3

Total number of words is 3962
Total number of unique words is 2007
35.0 of words are in the 2000 most common words
47.7 of words are in the 5000 most common words
54.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bilen täjiň aşagyna baran gyzy-da, Guliswardini-de, özi üçin eliňden gelenini eden, ajaýyp
hormata mynasyp Osmany-da oňat gör- meýärdi. Durmuşhan diňe baýlygy, ady söýýärdi we bular
üçin özüniň iň gowy duýgularyndan geçipdi. Onuň ähli arzuwlary ýerine gowuşjak bolup durka:
baýap, atly-abraýly, hiç kime garaşsyz boljak bolup durka, ol söýgini nätsin? Bu eşretleriň özüne
nähili gymmat düşjekdigi 1
1 Utananlarynda ýa bir zada geň galanlarynda, gruzin aýal-gyzlary, adatça şeýdýärler.
barada bolsa, ol pikir hem etmeýärdi. Biçäre Osman aga! 01 ölemde Durmuşhan ýatlar, başyma
sadaka berer we mazarymyň üstünde oturyp gözýaş döker diýen umyt bilen, oňa öz emläginiň
ýarysyny beripdi. Keçmaňlaý Osman aga! Ol öz çaklamalarynda nähili öte düşdi.
Toýdan iki aý geçensoň, Osman aga ber- jek diýen emlägini bermek üçin Durmuşhany Stambula
alyp gitdi...
Durmuşhan kenarda durup, Krymdan geljek bagana ýükli gäminiň gelerine garaşyp durdy, ol
garaköli baganalary hem onuň merhum ho- jaýyny sargyt edipdi. Durmuşhan nädip köpräk pul
düşürip bolarka: baryny ýerinde satsam- mykam ýa harydy Gürjüstana äkitsemmikäm diýip pikir
edip durdy.
01 göwnüne geňeşenden soň «Ilki şu ýerde sataýyn, soň hem Gürjüstana gideýin» diýen netijä
geldi.
Ine, şeýdip, Durmuşhan Stambulda galdy we sekiz aýlap şol ýerde boldy, özi-de söwda şeýle bir
gyzyşdy welin, şol salymyň içinde aýalyny bir gezek-de ýatlamady, oňa özi barada habar-hatyr
bermedi.
Sekiz aýdan soň Durmuşhan Stambuldan öýlerine gaýdyp geldi. Ozi bilen hem tutuş bir kerwen
gymmatbaha ýüpek parçalar alyp geldi. Durmuşhan Stambula gidende yzynda ogly bolupdy. Aýal
görgüli Durmuşhan bege- nip, çaganyň ejesini gujaklar, mäkäm ogşar öýdýärdi. Emma
Durmuşhan ýöne bir ogluna seretdi-de, ýylgyryp, aýalyndan:
— Entek çokundyran-ha dälsiňiz? — diýip sorady.
— Ýok. Biziň Gogiýamyzyň çokundyran ata bolasy gelýär.
— Gogiýaňy-zadyňy bilemok! Sen oňa oglumy çokundyrmak üçin meniň bir knýaz
Çagyrjakdygymy aýt.
— Saňa knýaz nämä gerek? Gogiýa öz adamymyz ahyryn; men-ä onuň peýdasy köp degermikä
diýýän.
— Bu zatlara seniň akylyň ýetmez. Sen öz işjagazyňy bil-de, meniň işime goşuljak bolma.
— Barybir, knýazlar bilen aramyzyň bol- majagyny men öňünden aýdyp goýýaryn.
— Sen nireden bilýärsiň? Şeýle atly-abraýly adamyň gabat gelip, saňa kuma diýeni, aýalynyň seni
beýleki aýallardan ýakyn görüp, hoş söz aýdany nämä degmeýär. Onsoň ogluň ulalanda, knýaz
onuň aladasyny etse kim bilýär... Heý, seniň muňa akylyň ýetmeýärmi?
— Şeý diýip, Durmuşhan ogluny nähili ter- biýelejekdigi barada arzuw edip başlady. Ynha, bir
görse, ogly atyň üstünde otyr, ol özüni ço- kundyran atanyň ýanyndaky adamlaryň arasynda
Meýdanyň ortarasynda ullakan bir daş ýatyr, onuň üstünde bolsa kümüş kubok dur. Bir knýaz
atyny ýüzin salyp barşyna oňa tüpeňini çenäp atýar, emma oky hata geçýär. Ynha, başga biri
atyny çapyp barýar. O-ho! Munuň hem oky hata geçýär. Durmuşhanyň kumunyň nobaty ýetdi: ol
atyny çapyp barşyna tüpeňiň näşesini gysdy. Emma ol hem nyşana degmedi. Ynha, ahyrsoňy
onuň ogly çapyp ugrady. 01 çakganlyk bilen tüpeňini eline alýar, çenäp atýar, kubok ýykylýar.
Ähli adamlar: «Bu çalasyn ýigit kimkä?» diýşip, geň galýarlar, ol patyşanyň hem göwnünden
turýar. 01 onuň ene-atasy kim diýip soraýar, şonda hökümdara: ol Durmuşhan Samaladzäniň ogly
diýip habar berýärler. Gör, Durmuşhan şonda nähili bagtly bolar! Ýa-da, ynha, başga bir zat: onuň
ogly ýigitkä monah bolup saçyny gyrkdyrýar. Onuň ýüzi, gör, nähili owadan! Gör, onuň dogany
janyndan syzdyryp okaýşyna ço- kunmaga gelenler demini alman gulak salýarlar, käte garry
adamlaryň horkuldylary eşidilýär. Ýigidiň çokundyran atasy katolikosa duşanda, öz çokundyran
oglanyny öwýär. Katolikosyň ýigi- de syny oturyp, öz ýanyna alýar, ony igumen, arhimandrit,
ahyrsoňy hem ýepiskop edýär. Ine, onsoň Durmuşhanyň ýepiskop ogly at üstünde otyr, depesinde
bolsa tug pasyrdaýar, ol kilise goşunyny patyşa kömege alyp barýar. Ähli adam- lar: «Bu ýaş
ýepiskop kimkä?» diýşip soraşýarlar. «Bu Durmuşhan täjiriň ogly». Gör, Durmuşhan şonda nähili
bagtly bolar. Kim bilýär, belki, onuň ogly katolikosam bolsa bolaýar. Baý, şonda dagy
Durmuşhan bir knýaza-da tagzym etmez!
Ertesi Durmuşhanyň tutýan çokunma toýy üçin Suramyda ýagly-ýagsyz çörek bişirmeýän
çörekhana galmady. Aýtmaklaryna görä, çokun- ma toýy diýseň dabaraly bolupdyr. Durmuşhan
Gürjüstanda ýa-da Türkiýede duş gelýän ähli na- harlardan bişirdipdir; Suramydan bir günlük ýolda ýerleşen obalardan uludan-kiçä çagyrylmadyk bolmandyr. Oglany şol wagtlar Surama gelen
knýaz Kaýhosro Abaşidze1 çokundyrypdyr.
öz çokundyran oglanyna krepostnoýlaryň tutuş bir maşgalasyny peşgeş beripdir.
Bu jomart peşgeşe jogap diýip, Durmuşhan knýaza üsti gymmat baha mataly arap atyny iberipdir.
Guliswardi görgüliniň okan haty hem, ine, şol wagt ýazylypdyr.
Wiý, ol Guliswardi... Ony biz ýatdan çyka- raýypdyrys. Biz ol hakda häzir gürrüň bere- ris.
Kiçijik Zuraby (Durmuşhanyň oglunyň ady Zurabdy) wagtlaýynça şu ýerde galdyralyň, goý, ol
birneme ösüp-ulalsyn. Biz onuň bilen gowy ýigit bolup, kakasynyň guwanjy, ejesiniň umydy,
birtopar owadan aýal-gyzlaryň ah çekip göwün ýüwürdýäni bolup ýetişeninde, ýene-de duşuşarys.
5-nji baş
Gürrüň berilýän wakalar bolup geçýärkä, Awlabarda1 2, Suri — Karapet3 kilisesiniň gündo- gar
tarapynda, dagyň süýr depesinde, iki otagly ýalňyz tamjagaz otyrdy, şol tamyň günbatara bakyp
duran iki sany äpişgesi bardy, emma ýagly kagyzlar ýelmengi bolansoň, olardan hiç zat
görünmeýärdi. Eger bu tamjagazyň daşyny birneme tertibe salsaň, kagyz ýerine aýna goýup,
diwarlary suwasaň, ol gelşigine gelýäýjekdi. Bolmasa, onuň şol wagtky ýagdaý- da bolup oturyşy
tutuk we gamly görünýärdi — diýip, indiki gürrüňçi söze başlady.
Ýanwar säheridi. Şemal şuwlap, gar tozgalary äpişgelere urýardy. Kiçijik tamjagazda ýaşaýan iki
sany dul aýal ýaňy ýerlerinden turupdylar; olaryň biri otagyň içini süpürip ýördi, beýlekisi bolsa
belka derisinden tikilen possunjyga do- lanyp, çukuryň içindäki közügip duran kömre aýagyny
çoýup otyrdy. Biriniň ýaşy ýetmiş töwerekleri bardy; ol garrylykdan birneme küý- keripdir, emma
onuň ýaşka hiç neneň däldigi ýüzünden görnüp durdy. Beýlekisi, daşyndan göräýmäge, otuz bäş
ýaşdan geçmedik ýalydy, onuň ýüzi hordy, burny uludy, ýylgyrjaklap duran ýukajyk dodaklary
bardy; onuň gözleri
1 Kaýhosro Abaşidze - XVIII asyryň aýaklarynda, XIX asyryň başlarynda ýaşap geçen belli feodal. Onuň mülki Suramydan Baržomi
deresine çenli uzalyp ýatar eken.
2 Awlabar - köne Tiflisiň bir etraby.
3 Barataşwilli ýapyýokarsynyň golaýyndaky ermeni kilisesi, häzir ol gadymy ýadygärlikleriň biri.
içiňden geçip barýardy. Onuň zady pikir etmän gün görýän aýallardan däldigi görnüp durdy.
— Ýok, eje jan, men mundan artyk çydap bilemok. Ynha, nätseňiz men bar. Başga bir iş
edenimden gowusy ýok — diýip, ýaş aýal kempire ýüzlendi.
— Näme üçin, gyzym? Seni näme howsa- lalandyrýar?
— Käte şeýle bir bozulýan welin, nätjegimi bilemok.
— O näme üçin beýle bolýar?
— Ýanyňa adam gelýär. Onuň kyn güne düşenliginem sen görüp dursuň... 01 aglaýar, ýalbarýar,
dogryňy aýdýanlygyňa ant iç- dirýär, sen bolsaň, Hudaý bilsin, nämeler otaryşdyrýarsyň.
— Nätjek-dä, gyzym. Bu biziň ata-babamyz- dan bäri gelýär.
— Men ol garyp gyza şu gün maslahat bereýin diýip boýun bolupdym... Gije düýşümde hemmesi
aç-açan bolar diýipdim... Meniň bolsa düýşüme giren zat bolmady. Men oňa indi näme diýerin?
Ol häzir geler.
— Haýsy gyz? Birhili hakydama gelenok.
— Şol düýnki gelip, aglap giden owadan gyz-da...
— Ah, şeý diýsene! Men o wagt daş çykypdym. Oňa näme bolupdyr?
— 01 söýýän oglanynyň aldap gidenligini, öýlenjek diýip öýlenmänligini gözýaş döküp, maňa
gürrüň berdi.
— Etjek alajyň barmy, şeýle güne düşýän azmy näme?
— Onuň pikir edişine görä, beýle gün diňe öz başyndan düşen ýaly — diýip, ýaş aýal gaýgyly
gepledi.
— Oňa näme gerekmiş?
— Men ondan arymy alasym, meni köýdürişi ýaly, edil ýüregini paralasym gelýär. Muny nädip
etmelidigini maňa öwret diýýär.
— Senem oňa näme diýjegiňi bilen dälsiň? Sen, akmak, özüňem agladyňmykaň diýýän.
— Ýogsa-da, meniň möňňüriberesim geldi... Ýene-de arpalary ýaýradyşdyran bolup, Go- risjwari
ybadathanasyna, Arbadaky keramatly Gýeorgä çokun, olar seniň göwnüňe degen adamyň çäresini
görerler — diýdim.
— Sen ony daşrak ýere ibermeli ekeniň; beren maslahatyňy tutup bilmez ýaly Sparsan- gelozini
ýa-da Lomisini, ýa-da Laşarisjwardini salgy bermeli ekeniň.
— Wah, onuň şol git diýen ýerime-de gidesi gelenok. 01 «Alla bilen ikimiziň aramyzda indi
dahylly zadymyz ýok. Sen maňa niýetimiziň al-arwahlar bilen, olaryň güýji bilen bitjek zadyny
öwret» diýýär.
— Sen oňa näme diýdiň?
— Men näme diýeýin? Şu gün gel diýdim, ynha, indi ol häli geläýer, şindi geläýer diýip, garaşyp
otyryn, özüm bolsam, geläýse, näme diýjegimi hem bilemok.
— Oňa paly özüm atyp görjek diýýä diý.
Olaryň şeýleräk gürleşip oturan wagtlary
Guliswardi hojaýyn aýalyndan soraşyp, bularyň ýanyna ugrady. Bu onuň Durmuşhanyň öýlenenligini eşiden gününiň ertesidi.
Sowukdan ýaňa elleri doňup giden Gulis- wardi tamjagazyň gapysyny kakdy.
— Kimsiň? Giriber!
— Bagyşlaweriň, men sizi bimahal azara goýýaryn — diýip, Wardo öýe girdi.
Kempir:
— Zyýany ýok, balam! Bärräk süýş, ýylyn
— diýdi.
Guliswardi süýşdi, köwşüni çykardy, tagta çykdy we ýorgan süýşürip, oduň başynda oturdy.
Guliswardi ýylynandan soň, ýaş aýal:
— Ynha, eje, gürrüňini berýän gyzym, şu
— diýip, gürrüňe başlady.
Kempir Guliswardini synlady.
—Utançsyzyň beýle owadan gyzy taşlaýşyny! Oňa mundan artyk näme gerekkä? Ertekiler- däki
şa gyzyny taparyn öýtdümikä?
Guliswardi utanjyna ýüzüni sallady, gözle- rine ýaş aýlady.
— Gam çekmäňi bes et, gyzym. Beýle güne ilkinji düşýän sen däl — diýip, kempir gürledi.
— Hawa-la, ýeke sen däl-le! — diýip, kempiriň gyzy tukatlyk bilen gaýtalady.
— Indi sen näme etsem diýýäň, guzym?
— diýip, garry sorady.
— Muny öz gyzyňdan soraý, ol bilýändir.
— Oňa biwepadan ar almany öwret — diýip, ýaş aýal aýtdy.
— Ar almak günä bolar, guzym. Allaha sygyn, göwnüňe degen adam bilen haklaşdyr diýip
Hudaýa ýalbar.
— Ýok, ene jan. Arymy menifl özüm al- maly. Onda-da meniň köýdürenligimi biler ýaly edip
almaly. — Biz nätsekkäk, guzym? Ynha, men saňa bir zat aýdaýyn: ar almak mümkinçiligi ýokka,
birazrak. garaşmak gerek.
— Men ömrüm ötinçä garaşmaga taýýar, ýöne ahyrsoňy ýüregine bitmez ýaly ýara salyp bilsem
bolýar.
— Beýle bolsa men saňa nähili maslahat bereýin diýsene?
— Hany, aýt.
— Pal atmany öwren. Biziň senedimiziň ähli syrlaryny bileniňden soň, göwnüňe degen oglany
nähili jezalandyrmalydygyny seniň özüň hem bilersiň, razymy?
Birneme göwnüne geňeşenden soň, Gulis- wardi:
— Bolýar, razy — diýdi.
— Ýok, guzym, razyçylyk bermäge howluk- ma. Ilki bilen göwnüňe oňat geňeş.
— Muňa pikir edip oturasy zat ýok. Maňa sütemkärimi ýok etsem bolýar, başga zat gerek däl
— Nämä baş goşýanlygyňy bilýäňmi beri, guzym? Göwnüme bolmasa, bilmeýän ýaly. Ýeri, saňa
nähili edip aýtsamkam: sen şu gün- den başlap, bütin dünýäden araňy üzýärsiň. Şu minutdan
başlap, sen jadygöý, albassy bolýarsyň. Adamlaryň ýanynda sen adam däl-de, adam bi- len
melgunyň ortalygyndaky bir zat bolýarsyň. Bular barada sen pikir etdiňmi bir?
— Maňa pikir edip oturasy zat ýok.
— Ýok, sen şu gün ýene bir gezek oýlan. Eger başarsaň, Hudaýa çokun... Ertir bolsa maňa gelen
netijäňi aýdarsyň. Şoňa çenli hoş, sag bol.
Şunda hem olaryň gürrüňi gutardy. Gulis- wardi öýlerine gaýtdy.
Guliswardi otagdan çykanda ýaş aýal:
— Biziň bir kem zadymyz şudy. Öz günüňi zordan aýlaýan wagtyfl kesekiniň aladasyny boýnuňa
almaň näme diýsene? — diýip, teýe- neli gürledi.
— Men biziň senedimiz ony gorkuzar, erbet niýetlerinden el çekdirer diýip pikir edipdim. Emma
görnüşi ýaly, görgülijik oýun etmeýär eken.
— Ýeri, sen indi nätmekçi? Görýärmiň, ol men ýaly namart däldir!
— Näme, sen ol gowy edýändir öýdýärmiň? Tenini hapalandan soň, onuň indi ölesi gel- ýär.
— Her näme diýseňem, ol mert aýal eke- ni. Özüni heläklese-de, ol duşmanyndan aryny aljak.
— Biziň senedimizi öwrenäýende hem onuň nähili edip aryny aljakdygyny bir bilsemdim.
— O nähih? Näme, sen oňa öwretjek dälmi?
— Ýok. Men ol bir ýyldan soň öz hyýalyndan el çeker, ýene-de ak
ýürek aýal bolar diýip umyt edýärin. Biz hristian janyny dowzah jebir- lerinden halas ederis we
bilip bolmaz, munuň üçin bizi Alla ýalkasa-da ýalkaýar.
— A eger ol bir depen ýerini depip, öwrediň diýip dursa nätjek?
— Diýende näme, öwredäýerin, bilýänje zatlarymy öwrederin, onsoň öz bilimini nähili ulanaryn
diýse ulanybersin. Onsoňam gyzym, bu gyzyň bize gerek ýeri hem bolar. Sen onuň knýaz öýünde
hyzmatkärdigini bilýärsiň ahyryn. 01 pal atdyrasy gelýän aldamlary biziň ýanymyza iberip,
döwüm çörek gazanmaga bize kömek eder.
Olar şeý diýşip gürleşip bolýançalar Gu- liswardi öýlerine dolanyp bardy. Ol ugrubir bibisiniňkä
girip, özüni erkinlige goýbermegini haýyş edip başlady.
— Näme üçin, Wardo? Ýa-da menden göwnüň galdymy? — diýip, knýaz aýal so- rady...
— Ýok, bibim. Göwnümiň galmanlygyna Allanyň adyndan ant içýärin — diýip, Wardo
aljyraňňylyga düşüp sorady.
— Näme üçin sen taşlap gidýärsiň? Belkem, biri seniň göwnüňe degýändir? Aýdaý maňa, gyzym?
— Ýok, ýöne...
— Ýeri, onda näme? Erkin bolmaklyk saňa nämä gerek boldy, aýt, hany, basymrak?
— Belkem, şonda maňa oňadrak ýigit söz aýdar — diýip, Guliswardi gözýaşyň arasynda zordan
gepledi.
— Näme diýdiň, Wardo?
— Belkem, şonda men oňadrak ýigide çy- karyn — diýip, Guliswardi gaýtalady.
— Eger şeýle bolýan bolsa, onda sen ertiriň özünde erkinlige çykarsyň. Munuň üçin agla- mak
nämä gerek? Şu gün agşam adamym gelen dessine men oňa aýdaryn. Ertir hem hatyňy bereris.
Sen onsoň nirede ýaşarsyň?
— Daýzamlarda.
Biçäre Guliswardi! Ömründe ilkinji gezek ýalan sözlemeli boldy. Şu çaka çenli ol bir gezegem
ýalan sözlemändi.
Ertesi, erkinlige çykanlygy baradaky hatyny alyp, Guliswardi biziň Awlabaradaky tanyş
tamjagazymyzyň gapysyny kakdy. Içeriden: — Giriber — diýdiler.
Girme, görgüli Guliswardi! Çokun, Allany kömege çagyr, melgunyň ýüzüne tüýkürip, yzyňa
dolan!
Eşidenok ... Girdi. Guliswardi görgüli!
— Ýeri, guzym, nähili netijä geldiň? — diýip, kempir sorady.
— Men-ä öwrensem diýýärin — diýip, Guliswardi jogap berdi.
— Berekella, görýän welin, sen meniň ýaly däl — diýip, kempiriň gyzy gygyrdy.
— Bu ýerde näme gowy zat bar? Siz, biçäre- ler, ikiňizem entek ýaş bolýarsyňyz, ganyňyz
gyzyp.. — diýip, kempir jogap berdi. — Bol- ýar, guzym — diýip, ol Guliswardä ýüzlendi.
— Meniň diýenim bolsun diýip dursuň, bizde boluber. Belki, Hudaý, sen soň gelen netijäň barada
ökünmeli bolmaýadyň-da.
— Ertiriň özünde goş-golamlarymy getirerin
— diýip, Guliswardi jogap berdi. Şondan soň ol bir ýyllap palçylaryň hyzmatynda boldy, emma
olaryň oňa öwreden zatlary bolmady.
Kempir:
— Entek ol ýaş, kellesindäki biderek hyýal çykar welin, günäli işimize başyny sokanymyz üçin,
öz-özi alkyş okar — diýýärdi.
Emma ýyl geçdi, Guliswardiniň bolsa öz niýetinden el çekenligi duýulmaýardy.
Şol ýylyň aýagraklary palçy kempir öldi. Ýaş palçy bolsa, indi Guliswardini goýbermezligi
ýüregine düwdi we oňa öz senetleriniň ähli syrlaryny öwretdi. Az salym geçenden soň, sada halk
Wardo atly palçy barada gürrüň edip ugrady.
On ýyldan soň Guliswardi, dogrusy, öňki Guliswardiniň kölegesi hor ýüzüni çym ak edip, iki
gatly jaýyň gymmat bahaly halylar ýazylan ýagty otagynda otyrdy we gelip-gidýänlere pal atyp
berýärdi.
Diňe atly palçy bilen maslahatlaşmak üçin gelen bäş-alty sany kartalin we kahetin knýazy
nobatlaryna garaşyp, beýleki otagda otyrdylar.
— Bu ýerde men özüme näme gerekligini aýdyp bilemok — diýip, bir ýaş knýaz gyzyň
Wardonyň ýanyna gelip aýtdy we çym gyzyl bolup, ýüzüni sallady.
— Onda, ynha, şol jaýa baraýyň, men hem häzir bararyn.
40 1.201:
Gelen aýal çykyp gitdi. Wardo ýanyna baranda, ol oňa:
— Dogrusy, enem, hesretlerimi saňa nähili gürrüň berjegimi bilemok — diýdi.
— Näme üçin, guzym! Näme boldy?
— Sen meniň hesretlerime düşünmersiň. Maňa diňe meniň gören günümi gören adam düşüner...
Sen bolsaň maňa söýgi diýilýän zady bilmeýän ýaly bolup görünýärsiň.
— Söýginimi? Hawa, ol barada meniň bilýän zadym ýok — diýip, Wardo gaýgyly gürledi.
— Men hem şeýlemikä diýýärin! Ýöne sen maňa kömege ýetişmeseň, men ölýärin. Hut
Ýaradanyň haky üçin, enem, sen meni halas et — diýip, howsala düşen gyz Wardo ýalbardy. 01
palçynyň elini alyp, ony togap etdi.
— Seniň söýgüliň kim bolmaly?
Gyz onuň adyny aýtdy.
— Aglama! Alla bardyr, bir alajyny iýip, saýlap alan oglanyň seni söýer ýaly ederis. Ýöne sen
meni toýuňyza çagyrmalysyň.
— Wah, hökman-la, hökman-la, şol diýenim bolsa bolýar, ant içýärin.
Guliswardi gyzyň haýyşyny hiç hili jadysyz- zatsyz bir hepdeden kanagatlandyrdy.
Guliswardiniň öňki bibisi onuň täze senedi barada eşidip, ony öz hoşamaýlygyndan mah- rum
etmeg-ä beýlede dursun, hatda ondan öz ärinden gorkuşy ýaly gorkup, palça:
— Hany, Wardo, maňa pal atyp ber, Aleksandrym şu wagt näme işleýärkä? Ynha, bir aýdyr, men
ondan hat-habar alamok — diýdi.
Guliswardi arpalaryny ýaýradyşdyrdy.
—Aleksandr, bibim, häzir meýdanda atyny säpjedip ýör. Ýaş rysarlaryň at üstünde edýän
oýunlaryna patyşanyň özi keýp edip seredýär. Ynha, Aleksandr atynyň jylawyny ýazdyrdy.
Teýmuraz Barataşwili onuň yzyna düşdi, «jiri- ti'» taşlady. Halal biziň knýaza! 01 jiritini ga- pyp,
atyny yzyna dolady. Dep, Teýmuraz, atyňy dep! Ynha, hä diýmän Aleksandr seniň yzyňdan
ýetýär... O-ho! Biziň ýaş knýazymyz jiriti taşlady welin, olam edil Teýmurazyň arkasyna düşdi!
Hökümdar Aleksandr öwdi... Görýäňizmi, hanym, patyşa siziň Aleksandryňyzy öwdi! Siziň başga
näme armanyňyz bar?
— Besdir, janym, Taňry ýalkasyn — diýip, haýran galan knýaz aýal jogap berdi.
Guliswardiniň pal atyşyny gürrüň berip ýü rege düşüp oturjak däl. Ýöne şol wagtyň içinde onuň
adamzat tohumyna ysnat getirýän köp zatlara göz ýetirendigini aýtmalydyryn.
Ýene on ýyl geçdi. On ýyl dilde aňsat. Şol wagtyň içinde biziň bu hekaýatymyzda tanyş bolmak
miýesser bolanlaryň köpüsi ölüp-ýitip gitdi. Diňe baş gahrymanlar: Durmuşhan, onuň aýaly,
ýalňyz ogly, atly palçy Guliswardi dagy galdylar. Olar edil söweş meýdanyna döwüşmäge taýyn
iki bäsdeş ýaly bolup galdylar.
Hany, göreli, kim zor çykýarka...
6-njy baş
Aprel agşamydy. Gün ýaňyja Suramy dagynyň aňyrsynda gizlenipdi. Şol ýerden asman tarap böwsüp
çykyp, ony gyp-gyzyl reňke boýan Gün naýzalary gezelişip durdy. Tebigat Gün bilen hoşlaşyp
durşuna doňup galan ýalydy. Şemaljagaz çöp başyny gymyldatmaýardy. Diňe käte gije ýatar ýaly
amatlyrak ýer gözleşýän we şol ýerleriň üstünde bir-birleri bilen uruşýan närahat guşlaryň jürküldileri
eşidilýärdi. Ço- panlar gamçylaryny şarpyldadyşyp, aýdyma gygyryşyp, mallary oba sürüp gelýärdiler.
Mal janawar agylyna ýetmäge howlugýardy. Wagtal- wagtal gölelerini çagyrýan sygyrlaryň molaýan
sesleri eşidilýärdi.
Eginleri küýzeli aýallar içlerini gepledişip, suwly çeşmä tarap barýardylar.
Durmuşhanyň öýüniň öňünde, mahmal ýaly ýaşyl otuň üstünde gymmat bahaly haly ýa- zylyp
goýlupdy. Şol halyň üstünde bolsa biziň gahrymanymyz uzyn düşüp ýatyrdy. Onuň ça- larak
ýanan hortaň ýüzünden, edil şonuň ýaly hortaň damarlak elinden, hortaň göwresinden onuň
öýdeçil däldigi görnüp durdy, ýüzündäki ýygyrtlary, saçyndaky we sakgalyndaky ak gyllar onuň
hiç haçan işsiz galmaýanlygyna şaýatlyk edýärdi. Çekilen zähmetler, geçilen ýyllar öz möhürini
basypdy. Bu geňem däl, sebäbi biz häzir Durmuşhana ýokarda gürrüň berlen wakalardan ýigrimi
ýyl töwerekleri geçenden soň sataşýarys.
Durmuşhan arkan düşüp, çüýşe ýaly dury asmana seredip ýatyrdy. 01 asmana seredip,
seredip, pikire batdy. Durmuşhan öz ýaşlygyny, sal-sal eşikli gezen wagtyny, çem geleniň urupsögüp ýören wagtlaryny ýatlady. Ol özüniň Guliswardi bilen ilkinji duşuşygyny-da, onuň söýşünide ýatlady.
«Gör, ol biçäre meni nähili söýýärdi. Eger ol bolmadyk dagy bolsa, knýaz maňa erkinlik hatyny asyl berjek
däldi. Söýýän kişi bolan bolup, men, gör, nähili akyllylyk etdim! Ýogsa-da, ol hakykatdan hem söýeniňe
degýärdi. Bahym barjak diýip, men ol gör- gülini näçe ýyllap aldadym. Hawa, ýadyma düşýär, soňky
hatymda men oňa pul ibe- reýin diýipdim. Näme üçin ibermedimkäm? Hawa-da, oňa pul nämesine gerek?
Pul özüme zerurrak gerek... 01 pahyrjyk häzir niredekä? Garrap, akyly çaşyp gitdimikä diýýärin! 01 meni
henizem ýatlaýarmyka? Aý, näbileýin. Belki, bir sadarak oglana durmuşa çykyp, çaga baryny dograndyr.
Onsoň ol geçmişi ýatlap nätsin... Görgüli Osman aga! Imany hemra bolsun diýip, bir gezek bir aýatyny
okan bolsamdym, onuň hatyrasyna bir şem bir goýan bolsamdym! Utan, Durmuşhan! Pa- hyr saňa öz
emläginiň gylla ýarysyny berdi, bagtyň üçin sen diňe şoňa minnetdar bolmaly... Ýöne, dogrusy, ynha, Alla
bar, men pulumy gysganamok, ýöne muňa hiç elim degenok. Nätjek-dä! Stambulda ol, gör, nähili gözgyny
görünýärdi! Bir zat barada dileg edýän ýaly, ol maňa, gör, nähili seredipdi! Ony jaýlamak meniň üçin agyr
iş däldi ahyryn! Hawa, men günäkär, onuň öňünde meniň günäm örän uly...» diýip, Durmuşhan içini
gepletdi.
— Salawmaleýkim, kaka — diýip, gap- dalynda ýap-ýaňy atyny çekip, ondan böküp düşen ýaş
ýigit Durmuşhana ýüzlendi.
— Zurab, oglum! Geläýdiňmi! — diýip, Durmuşhan ýaş ýigit ýaly çalasyn ýerinden galyp, ogluny
ogşady. — Ýeri, oglum, näme pişe gaýyrýarsyň! Gurgun gezip ýörmüň?
— Sag bol, kaka, mesdirin. Hany, ejem nirede?
— 01 öýdedir. Näme, sen heniz ony göreňokmy?
1 Jiriti - at üstünde oýnalýarka, birek-birege çapylyp barylýarka berilýän zat (telpek, naýza we ş.m.).
— Ýok, men göni seniň ýanyňa gaýdyber- dim.
— Berekella, olgum! Sen ilki bilen kakaň guwanjy bolmalysyň. Ýeri, näme gep-gürrüň bar?
Nähili bardyň, dostlaryňa duşduňmy? Olar näme diýýärler?
— Soramagyn, kaka! Bu tekepbir knýaz ogullarynyň gaýdyp ýüzlerine seredesim ge- lenok.
— Olar näme diýip göwnüňe degdiler?
— Bir söz diýdigim ýa-da olaryň oýunlary- na goşuldygym, olar gyrgydan gaçýan ýaly güsürdäp
gaçýarlar-da: «Ine, saňa gerek bolsa! Toýnakly atyň gelen ýerine, gysajyny süýräp leňňeç hem
geler eken!» diýýärler.
— Bu näme üçin beýle bolýar? Olaryň senden nämesi artykmyş? Baýmyşlarmy,
owadanmyşlarmy, alan terbiýeleri artykmyşmy ýa senden batyrmyşlarmy?
— Hiç zatlaram artyk däl.
— Onda olara näme gerekmiş? Olaryň di- llerine çolaýan zady näme?
— Gelip çykyşlaryny çolaýarlar.
— Hüm, gelip çykyşlaryny çolaýarlar diý- sene... gelip çykyşlaryny... — diýip, Durmuşhan içini
hümletdi. — Hany, sen olardan sora: haýsynyň kakasy öz zähmeti bilen ýerli, kre- postnoýly
bolupmyş? Çem gelen knýazyň mülki ýaly mülk edinmäge kimiň puly barmyş?
— Bu barada olar pikir etmeýärler — diýip, Zurab jogap berdi.
— Sen muny olaryň gulagyna guýmalysyň. Uly serpaý ýapar öýdüp ogullaryny çokundyrmagymy soraýan olaryň atalary dälmi näme? Özlerine pul gerek bolanda, olar tagzym edip üç
bükülýärler. Wah, olar meniň kimligimi entegem bilerler, ýöne sen maňa bir zady aýt: sen
hökümdaryň gözüne-hä ilen dälsiň?
— Ýok, onuň öňünde tapawutlanmaga maý bolmady, ýöne soňky wagtlar näme üçindir uruş
hakynda gürrüň edip başladylar. Ynha, eger uruş başlanaýsa... Kimifi şir, kimiň pyşdyldygy
şonda-ha belli bolardy.
— Oglum, ataňy ýüzügara etmersiň diýip tama edýärin. Ýöne seniň diýýäniň näme? Dogrudanda, uruş bolaýarmyka? Kim bilen bolarka?
— Bilmedim. Idili bilýän ýok.
— Oglum, gowy habar-ha getirmediň. Sebäbi uruş söwdanyň duşmany bolýar. Eger birden ol
turaýsa, biziň işimiz gaýdýar.
— Kaka, maňa şeýle bir igenýärsiň welin, hamana uruş turuzýan men ýaly.
— Ýeri, bolýar, bolýar, oglum! — diýip, Durmuşhan gam laýyna batdy.
Zurab kakasyny goýup, ejesiniň ýanyna ugrady. Gidip barýan oglunyň yzyndan seredip,
Durmuşhan onuň syratly, berdaşly göwresine syn etdi we öz-özünden göwni hoş bolup ýylgyrdy.
«Ähli knýaz körpeleriniň Zurabymy görüp bilmeýänlikleri geň zat däl! Olaryň haýsy biri onuň bilen
bäs edip biljek?» diýip, Durmuşhan guwanç bilen içini gepletdi; emma onuň küýi şol bada söwda işine
gitdi. — Oglumyň getiren habary ýakymly däl. Eger ertiriň özünde em- lägimi halas etmegiň ugruna
çykmasam, meniň tozdugymdyr. Onsoň Durmuşhandan dworýan bolan bolmaz!..
Ertesi güni Durmuşhan ir bilen turup, atyna atlandy we ýanyna üç sany hyzmatkär türküni alyp,
Stambula ugrady.
Durmuşhan özüniň mal-mülküni halas et- mäge barýar, emma täleýiniň ters geljek bolup
duranlygyndan ol habarsyz.
Durmuşhanyň gideninden birazrak wagt geçenden soň, patyşa öz ýanyna birinji we- zirini çagyryp,
oňa Gürjistanyň serhetlerine aýlanyp çykmaly diýip buýruk berdi. Patyşa gerek bolan ýerinde gala
saldyrmagy per- man etdi. Wezir ýola düşdi, serhedi gözden geçirdi we galanyň Suramyda
salynmagyny zerur diýip tapdy. Şol salymyň özünde daş çekip başladylar, hek bişirdiler we howulhara gurluşyga başladylar.
— Ine, indi maňa-da özümi görkezmäge wagt ýetdi — diýip, Zurab gurluşyk gidýän ýere bir topar
araba ýollady.
Emma geň zat! Galanyň diwaryny iki-üç gez galdyrdyklary, ol uly zenzele edip çökýärdi we
ýykylýardy. Göwnüňe bolmasa, bir ýowuz güýç galany salmaga päsgel berýän ýalydy. Ruhanyny
çagyryp doga okatdylar, emma munuň hem peýdasy degmedi: diwarlar ýenede aşak çökdi. Her
hili edilip görüldi, emma hemmesi biderek çykdy: diwar şol ýykylyp durdy. Näme alaç etmeli?
— Palça ýüz tutulsa näderkä? — diýip, kimdir biri teklip girizdi.
— Palça ýüz tutmaly, palça — diýşip, weziriň ýanyndakylar alyp göterdiler.
Wezire baryp habar etdiler. Bu pikir onuň göwnünden turdy. Indi iň atly-owazaly gurrandazlaryň
haýsysynyň ýanyna gitmeli diýen meseläni çözmeklik galdy.
— Awlabarly Wardonyň ýanyna gitmeli — diýşip, birtopar adam biragyzdan gygyrdy.
— Onuň bilmeýän zady ýok. Bir gezek ol meniň bilen Hudaýdan başga hiç kimiň bilmeýän
zadyny-da bildi — diýip, biri ses- lendi.
— Mende-de şeýle ýagdaý boldy — diýip, ikinji birisi alyp göterdi.
— Mende-de. Mende-de — diýşip, ýerli- ýerden gygyryşdylar.
— Meniň aýalym hem bir gezek onuň ýanyna gidip gelip, täsin-täsin zatlary gürrüň berdi —
diýip, ahyrsoňy weziriň özi hem dillendi.
— Geliň, onda onuň ýanyna birini iberip göreliň, goý, ol pal atyp görsün — diýip, weziriň
ýanyndaky knýazlaryň uluragy teklip girizdi.
— Näçe tiz bolsa, şonça-da gowy — diýip, wezir razylaşdy.
Weziriň nökerlerinden bir ýaş knýaz şobada atyna atlandy we öz hyzmatkärlerini alyp, niredesiň Tiflis
diýip, atyny gamça basdy, knýaz Guliswardiniň ýanyna gelende, bir topar adam pal atdyrjak bolup,
oňa garaşyp oturan ekeni. Özüne möhüm döwlet işiniň tabşyrylanlygyny syzýan ýaş ýigit pert-pert
gepläp, oturanlaryň ählisini kowdy we palçynyň ýanyna bardy.
— Oglum, saňa näme gerek? — diýip, Wardo sorady.
— Meni seniň ýanyňa wezir iberdi. Bize sen häziriň özünde maslahat ber!
— O nähili maslahat, oglum?
Ýaş ýigit oňa ýagdaýy düşündirdi; ýigit
aýtjak zadyny aýdyp bolanda, Guliswardiniň ýüzi ýyrşaryp gitdi.
«Eliňden bir iş gelýän bolsa, ynha, indi wagtyň ýetdi, Wardo!» diýip, ol öz ýanyndan içini
gepletdi.
— Beýle köp pikir edip oturma-da, Wardo. Çaltrak bir zat aýt — diýip, ýaş ýigit ony
howlukdyrdy.
— Ýok, oglum, alňasap iş edip bolmaz, alňasap gala-da salyp bolmaz. Hany, sen maňa baryny
başyndan başla...
— Ýene nämäni bilesiň gelýän bolsa, basym- rak soraşdyr — diýip, ýaş ýigit gygyrdy.
— Sen maňa aýt, Suramyda Durmuşhan atly söwdagär ýaşaýarmy?
— Ýaşaýar.
— Onuň ogly barmyka?
— Bar, özi-de menifi deň-duşum, ýoldaşym. Zurab gaty oňat ýigit.
— Ýagşy. Onda sen git-de, wezire habar ber onuň özi ýanyma gelýänçä, hiç zat aýdyp biljek däl.
Oňa aýt, eger Gürjistana eýgilik isleýän bolsa, ol gelsin.
— Sen nähili aýal! Hany, bir zat aýt, hiç zatsyz men weziriň ýanyna dolanyp baryp bilmen!
— Ýok, oglum, men saňa hiç zat aýdyp biljek däl. Iň gowusy, biderek wagt ýitirme- de, basymrak
ugra, Gürjüstanyň ykbaly häzir seniň eliňde.
Şeý diýdi-de, ol ýaş ýigidi zor bilen diýen ýaly itekläp gapydan çykardy.
— Eýsem onda men nädeýin, wezire näme diýeýin?
— Onuň özi gelsin diýýär diý. Bu örän zerur diý!
Ýaş ýigit atyna atlanyp, yzyna, — Surama tarap çapyp gitdi.
Guliswardi içini gepledip, otagyna gaýdyp geldi we şol sagadyň özünde «Ertir geliň» diýip,
beýleki gelenleri öýlerine gaýtardy.
Şol agşamyň özünde şähere «Wardonyň ýa- nyna goşundan bir çapar gelip, pal atdyrypmyş, ol
gidensoň bolsa palçy bir hili suslanyp, yn- jalykdan gaçypmyş» diýen habar ýaýrady.
«Ynha, Wardo, ahyrsoňy ar almak pursadyň ýetdi! Ynha, indi nätmelidigiň görner. Ojagyň
gömülsin, Durmuşhan! Näme üçin sen meni bu giine saldyň? Işim gaýtdy! Men indi öz-özümi heläk
etmeli boljak—diýip, gurrandaz içini gepletdi we hork-hork edip aglamaga oturdy. Birneme soňrak
ýene dowam etdirdi. — Ah, namart-eý! Näme, gorkup başladyňmy? Ynha, Wardo, seniň ýüregiňi
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Suramy galasy - 4
  • Parts
  • Suramy galasy - 1
    Total number of words is 3913
    Total number of unique words is 2138
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Suramy galasy - 2
    Total number of words is 3994
    Total number of unique words is 2156
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Suramy galasy - 3
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 2007
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Suramy galasy - 4
    Total number of words is 1872
    Total number of unique words is 1120
    40.5 of words are in the 2000 most common words
    53.3 of words are in the 5000 most common words
    60.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.