Latin

Suramy galasy - 2

Total number of words is 3994
Total number of unique words is 2156
30.7 of words are in the 2000 most common words
41.8 of words are in the 5000 most common words
47.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Türk sellesiniň ujuny ýokary galdyryp, maňlaýyndaky derini süpürip, pikirli:
— Sebäbinimi? — diýdi. — Sebäbini hä- zir düşündiräýerin. Siz maňa öz durmuşyňyz barada
gürrüň berdiňiz, indi bolsa, men size öz durmuşym barada gürrüň bermeli. Aýtmak- laryna görä,
başga biriniň ýanynda derdiňi dökseň, onda onuň gylla ýarysy egsilýärmiş.
Hany, göreli, bu şeýlemikä. Ýagşy ýigit, bu siziň ýüregiňize düşmezmikä diýýärin.
— Ýa, goýsaňyzlaň, elbetde, düşmez!
— Indi meniň adym Osman aga — diýip, «türk» söze başlady.
— Ertir, ertir — diýşip, oglanlar gygyryşdylar. — Ertir Alekseý aýdyp berer.
Şondan soň Seko gutarmaly boldy.
3-nji baş
— Ýaş ýigit, siziň adyňyz näme?
— Durmuşhan.
— Heý, Aragwanyň deresinde bolup görüpmidiňiz?
— Ýok, hiç haçan bolmandym.
— Beýle bolsa, siz meniň göwnüme, ýeriň iň ajaýyp künjekleriniň birinde bolup görmedik ýaly.
Şol ýerde, derede, edil derýanyň gyrasynda Bodorna we Naoza obalarynyň arasynda G. obasy bar.
Bu oba uly däl, emma daş-töweregi giden üzümlik bolansoň, ol daşdan uly oba ýaly bolup
görünýär. Şol obada meniň kakam ýaşaýardy. Meniň şum bagtyma ol krepostnoýdy. 01 zähmetsöýer adamdy, iki jüp öküzi, birnäçe sagylýan sygry we bir ýarym desýatin1 meýdany tutup
du- ran üzümi bardy. Kakam obamyzyň iň sylanýan adamsydy, şonuň üçin goňşularyň arasyndaky
bolup geçýän dawa-jenjelleriň, möhüm işleriň biri-de Zalikosyz (meniň kakamyň ady şeýledi)
çözülmeýärdi. 01 wagtlar, gör, nähili gowudy! Ýer sürülýän wagty boýuntyrygyň üstüne münüp,
gaýgysyz-ünjüsiz «Orowela» gygyrýarkam, men öküzlere nähili şatlyk bilen «tap, hişşuw!» diýerdim. Ol günler — meniň ýazyksyz günlerim, wyždanymyň päk günleri geçdi. Ine, şol oglanjyk,
öküzçiň buýrugy boýunça «Orowelany» aýdýan oglanjyk ýoldaşlarynyň gözüne basym ýüz
ýanyçaryň baştutany, uly baýlygyň eýesi boldy. Emma indi ol hristianiniň gany bilen betnam
boldy. Wah, şol geçmişimi şol öküzçi oglan bolup, edip berýän işim üçin bary-ýogy bir araba
desse alýan wagtlarymy gaýtaryp getirip bolýan bolsa, men munuň üçin ähli zatlarymdan
geçerdim.
Ýöne meniň bu bagtym az wagtlyk boldy. Bir gezek kakam desse boglan meýdana ugrady. Ynha,
gaýdyşyn, üsti desseli arabanyň öňünde ýöräp gelýärkä, kert eňňitleriň birinde öküz- lerini saklap
bilmändir. Janawarlar togalanyp
gelýärkäler, kakamy-da ýykypdyrlar, arabanyň tigirleri kakamy mynjyram-mynjyram edipdir. 01
ölensoň biziňki tersine bolup ugrady. Knýaz ilki bilen bejerip bilmersiňiz diýen bahana bilen
üzümlerimizi elimizden aldy; soňra ýeke- ýekeden ählije öküzimizi aldy, ahyrsoňy hem ejeme
gyrnak bolup, mülküme göçüp gelmeli diýip buýruk berdi.
Garamaňlaý ejem! Onuň öý-öwzar bilen hoşlaşanda, hapa bolşuny bir gören bolsadyňyz! Eý,
Taňrym, maňa azar bermäň, maşgalamy dargatmaň diýip, ol hojaýyna nähili ýalbary- plar çykdy!
Emma knýazyň gulagyna gurşun guýlan ýalydy.
«Aglar, aglar-da dynar!» diýip, hojaýyn pikir edýär. Olar bizi adam hasap etmeýärler, biziň hem
söýüp, ýigrenip bilýänligimize düşünmeýärler. Olar bizde ýürek ýokdur öýdýärler, bizi ähli
düşünjeden mahrumdyr öýdýärler.
— Saňa ene ýalbarýar! Goý, Alla seniň çagalaryň başyny dik etsin! Ähli keramatlylaryň hatyrasy
üçin bizi öz ugrumyza goý! — diýip, ejem oňa ýalbardy. — Heý, mendenem bir gyr- nak
bolarmy, jenap öýünde nähili düzgün bol- malydygyndan dagam başym çykanok ahyryn. Gaýtam
öýümde bolsam, men saňa çagalarym bilen köp hyzmat edip biljek ahyryn. Özümiz kül iýip oňaly
welin, hasylymyzyň ählisini saňa bereli, ýöne sen maşgalany dargatma. N eresse jikler im-eý!
Ejem şeýle diýdi-de, bizi öz bagryna basdy.
— Sen bilip goý! Men gürrüňi köpeldip oturmagy halaýan däldirin! Ertiriň özünde şu ýerde gazyk
bol! — diýip, knýaz buýruk ber- di, şol ýeriň özünde hem tazysynyň gülkünç oýunlaryna gözi
düşüp, ha-ha-haýlap güldi.
Ejemiň hesret çekip duran wagtyndş-çykan bu gülki, baý, maňa aýylganç bolupf göründ- ow!
Adam däl-de, adamyň içine giren Şeýtanyň gülýändigine meniň gözüm ýetdi. Beýle pur- satlarda
diňe şeýtan şeýle gülüp biler!
Hemmesini jikme-jik gürrüň berip, ýüregiňize düşüp oturmaýyn. Ertesi bizi araba mündürip,
knýazyň huzuryna äkitdiler. Biz hojaýyn aýalyň ýanyna bardyk. 01 bizi synlap çykansoň, meni we
gyz jigimi ony-muny etdir- mek üçin, öz ýanynda goýmaklygy buýurdy. Ejemi çörek bişirilýän
ýerde goýdular. Biz
Desyatin-metr olcegi yokka ulanylan olceg, 1.09 ga barabar.
şundan soň, bäş ýyllap şeýle ýaşadyk. Seniň özüň hem hojaýyn elinde hyzmat edipsiň, şonuň üçin
bu gullugyň maňa nähili görgi berenligine sen aňsatja düşünersiň. Emma adam her bir zada, hatda
dowzah oduna-da öwrenişip bilýär diýýärler. Onsoň wagtyň geçmegi bilen biz hem öz
ýaşaýşymyza öwrenişip gitdik, ilki mundanam beter bolar diýip çak edenimizdenmi-nämemi, oňa
kaýyl hem bolaňkyrladyk.
Bir gezek biziň hojaýynymyzyň öýüne Ka- hetiýadan bir ruhany myhmançylyga geldi. Men
agşam naharyny çekip ýörkäm, knýazyň meni myhmana görkezýänligini aňdym. Ruhany meni
başdan-aýak synlap çykdy-da, hojaýynym bilen pyşyrdaşyp başlady. Näme üçindigini-hä bilemok
welin, myhmanyň maňa seredýän wagty meniň inim jümşüldäp, depe saçym üýşüp gitdi. Üstüme
howp abanýanlygyny ýüregim derrew syzdy.
Ertesi knýaz meniň ejemi çagyrdy-da, jigim ikimiziň ýol şaýymyzy tutmagyny tabşyrdy. Biz
ruhany bilen gitmeli bolupdyrys.
— Näme üçin, jenap?
— Näme üçin diýýärmiň? Aý, ýöne olary satanym üçin-dä.
Bu habary men edil öňden bilýän ýaly ka- bul etdim, şonuň üçin hem öz ykbalymdaky bolup
geçjek üýtgeşikliklere eýýäm öwrenişip gitdim. Emma iň geň görmeli zat, ejemiň hem
aglamaýanlygy boldy. 01 diňe çalarak tisgindi- de, meniň boýnumdan gujaklap, bagryna basdy.
Men onuň elleriniň sandyraýandygyny we buz ýaly sowukdygyny duýdum.
Emma birazajyk salymdan soň, ol eýýäm hojaýynyň aýagyna ýykylyp ýatyrdy we diňe oglundan
hemişelik aýra düşürilýän enäniň ýalbaryşy ýaly ýalbarýardy. Knýaz öz hyzmatkärlerine ony güm
edip çykarmaly diýip buýruk berdi. Ejem ýerinden turdy-da, hojaýyndan: «Çagalaryň şaýyny
haçana çenli tutmaly» diýip sorady. Knýaz bize: «Ertire çenli taýýar bolup durmaly» diýdi.
Gijäniň bir wagty, hemmeler süýji ukudaka ejem ýerinden turdy-da, ýuwaşlyk bilen meni oýatdy.
01 maňa öýden daşaryk çyk diýdi we meniň özüne garaşmaly ýerimi salgy berdi. Bir salymdan
soň ol gyz jigimi hem alyp, meniň ýanyma çykdy.
1 Kldis-Ubani-köne Gnjziýanyň bir şäheri.
2 Priçastiýe-hristian adatlarynyň biri.
— Hany, balalarym, Allany çagyryp, ýola düşeliň! — diýdi we bizi çokundyryp, yzyna tirkäp
ýöräp ugrady.
Güýzüň ümürli-dumanly gijesidi. Meniň ejem: eger yzymyzdan kowaýsalar, kowgy bizi sümme
tokaýlyklardan gözlär diýen netijä geldi we şonuň üçin Tiflis ýoly bilen ýöräp gitdi. Daňdanlar biz
Gartiskar jeňňeline ýetdik. Şonda ejem bize gür ýaprakly uzyn dubuň üstüne çykyp, gizlenip
oturmagy tabşyrdy. Biz uzynly günümizi agajyň üstünde oturyp geçirdik, garaňky gatlyşanda
bolsa ýere düşüp, ýolumyzy dowam etdirdik; basym biz şähere geldik.
Soň-soňlar men knýazyň biziň yzymyzdan kowanlygyna, ejemiň kowum-garyndaşlary bo- lan
Pşawiýa gaçman, Tiflise tutduryp ugraýşyna men telim ýola geň galdym. Emma biz giji- räk
hojaýynyň bir topar it alyp yzymyzdan çykanlygyny eşitdik. 01 bizi Pşawi ýolundan gözlän ekeni.
Munuň şeýle boljakdygyny ejem öňden gören ekeni, şonuň üçin hem ol bizi şähere alyp geldi.
Tiflisde geçiren ilkinji hepdämiz şeýle bir agyr boldy welin, biz tas açlygymyzdan ölüp- dik.
Obadan alyp gaýdan azyk-owkatymyz üçünji gün diýlende gutardy. Biz dilegçilik etjek bolup
gördük, emma bize hiç zat ber- mediler, sebäbi gedaýçylyk hem ökdeligi talap edýär, onsoň hem
biziň geçip barýanlaryň ýüregini gyýaýjak şikesimiz ýokdy.
Emma gudrat hiç haçan adamyny kömek- siz taşlamaýar. Bir hepde geçenden soň, ejem bizi bir
grege hyzmatçy edip berdi, özi bolsa Kldis-Ubanidäki1 kiçijik jaýy kireýine alyp, satar ýaly çörek
bişirip ugrady. Men size bir zat aýtmagy unudypdyryn: ejem soralanda ermenidirin diýdi, bize
hem ermeni atlaryny dakyşdyrdy. Özüne Matua diýdi, maňa Karapet, gyz jigime hem Şuşana
diýdi. Şunuň ýaly edip, biz bäş ýyl töwerekleri ýaşadyk.
Gyz doganym ulalyp, ejem ony ermeni ogla- na durmuşa çykardy, bir ermeni buthanasyna
gatnaýardyk, emma şol bäş ýyyň içinde ne men, ne ejem — hiç birimiz priçastiýede1 2 bolmadyk. Ermeni buthanasynda priçastiýe kabul etmäge wyždanym çatmaýardy, onsoň hem
prowaslawdygymyzy bilseler, bize priçastiýe däbini ýerine ýetirtjek hem däldiler. Gürji
buthanasynda bolsa öz üstümizi özümiz açarys oydup, doga okamaga yurek edip bilmedik. Bir
gezek uspeniyaniň oň yanynda ejem her zat bolsa-da, men pricastiye dabini kabul etmeli diyip
aytdy. Men ondan doga okalyarka nire- den gelip cykyşymy ruhana aydaymagyn diyip soradym.
Ejem razy boldy, emma cydam edip bilmedi we wadasynda durman, ahlisini ruhana gurruň berdi.
Hut şol gunuň ozunde biziň us- tumize natanyş adamlar cozup, el-ayaklarymyzy bagladylar-da,
oňlerine salyp, surup ugradylar.
Bizi alyp baryarkalar, men ejemiň oz gunasine duşunip yanyanlygyny gordum: ol nazary bilen
menden gunasini gecmegimi sorady. Gorguli ejem_
Biz agyr sutemler cekdiren knyazyň oňunde gelip durduk, onsoň ol azala goşmaly diyip buyruk
berdi. Hawa, hawa, okuz yaly edip azala goşmaly diydi. Bizi kellamizi boyuntyryga sokmaga,
okuzleri bilen bile azal cekmage me- jbur etdiler. Emma knyaz bulary hem az gordi, sebabi
okuzler azaly juda hayal cekyardiler, biz hem entek guycden duşmandik. Ertesi guni ol ejem bilen
meni harmana akitmegi tabşyrdy, bizi dowek dowyan carhyň tagtasyna goşup, ozi-de ustune
mundi we okuzlerini surup ugrady. Bir- neme dync alayyn diyip, adimiňi hayallatdygyň, onuň
cybygynyň awusy yuzuňi yalap gecyardi. Hey, şeyle yagdayda adam, onda-da ejemiň şol wagtky
haldan duşuşi yaly, ysgyn-mydardan galyp halys bolan adam uzak gidip bilermi? Emma ejem on
gezek aylanyp cykdy we bir gezek hem hyk-cok etmedi. Yone biz on birinji aylawa
başlanymyzda, ol birden entireklap gitdi, yykyldy we gaydyp yerinden galmady.
Pahyry arkayyn olmage-de goymadylar: knyaz ony jogulik edendir oytdi we turuzmak ucin cybyk
bilen saygylap başlady. Şeydip, urgynyň aşagynda ejem jan berdi.
— Ony-da cykaryň. Goryaňiz ahyryn: ol taysyz galdy — diyip, knyaz eli bilen meni gorkezdi.
Meni boşatdylar. Agşamaralar men yykyldym we uzynly gijelap gygyryp cykdym. Gownume
bolmasa, men diriligime dowzaha atylan yaly boldum. Agşam ozumden gidipdirin, şondan soňky
bolan zatlar yadyma duşenok. Gorup otursam, meni gyzdyrma tutan eken. Nahililik bilen
bolanyny bilemok welin, uc hepdeden soň, men gozumi acdym. Keselden başy cykmayan,
sagalyancam idi-yssywat eden bir ayal maňa gyzdyrma tutup yatan diňe sen dal diyip aytdy. Jayda
menden başga-da keselli yatan eken, olardan ucusi dagy olupdir hem. Olenleriň arasynda knyazyň
ilkinji ogly hem bar eken.
Uc yyl gecdi. Knyaz meniň bilen yaraşdy, sebabi hem, cak edişime gora, ol mende bir peydaly zat
barlygyny gordi. Ynanar yaly bolmasa-da, ol meni wepaly hyzmatkar edinesi geldi, hatda ol meni
wepaly daldir diyip guman hem etmedi. Ha-ha-ha! Ejesi boyuntyryk salnyp, halys edilen adamdan
wepalylyga garaşyp!.. Bay, bu jenaplar tasin adam bolyarlar-ow!
Men yigrimi bir yaşymy doldurdym. Knyaz ayalynyň hyzmatkarleriniň arasynda Nato atly bir gyz
bardy. Ozi-de orta boyly, goňras sacly, gar dek yuzli, hunji dişli şeyle bir syratly, gozel gyzdy.
Gozleri-ha has hem ajapdy. Olary şu wagt nahili edip suratlandyrjagymy bilmeyarin. Uzak wagta
ceken ayralykdan soň gaydyp geleňde ejeň saňa syn edişi yadyňdamy?
— Men ejemi bilemok — diyip, Durmuşhan jogap gaytardy.
— Wiy, bagyşlaweri, unudayypdyryn!... Natonyň gozleri hem maňa, ine, şeyle seredyardi. Olar
asman yaly mawydylar, edil asman yaly syrdan doludylar. Şol gozleriň bakyşy maňa mahirli
degyardi, şeyle hem ozune-de mahir bil- dirmegini talap edyardi, ol bakyş gownuňe bol- masa:
«Bay, seniň gowudygyňy!» diyyan yalydy. Nato maňa bakanda, men Hudaydan: bu entekler
menden gozuni ayyrmawersin diyip dileyardim; emma gorguli Nato utanc-hayany taşlap, gorene
syn edip duran gyzlardan daldi.
Onuň hyzmatkar bolup, knyazymyzyň aya- lynyň hem hanym bolup dogulmagynyň diňe
tebigatyň yalňyşydygyna meniň gozum oňat yetyardi.
Bir gezek hanymyň otagyna Nato ikimiz hem barayan ekenik. Knyaz ayalynyň ugry yokdy. 01
Nato namedir bir zat alyp gelmegi buyurdy. Gyz ylgap, buyrulan yumşy bitirmage gitdi, emma ol
getir diylen zady bada-bat tapyp bilmandir. Hyzmatkar gyz gaydyp gelende, knyaz ayaly:
— Ah, sen yuzugara, ah, sen hayasyz mahluk! — diyip, onuň ustune gygyryp ugrady. — Iymeli
zat bolsa-ha sen ony bireyyam tapardyň! Name ucin size zehinimi yandyryp yorun diysene? Sen
meni basym incekeselli edersiň. Yok, sen bihayany sataymasam bolmaz! Mundan beter cydara
halym yok.
— Hanym, Allanyň haky üçin, günämi geçiň. Tapyp bilmedim, hut jenabymyzyň öm- ründen ant
içýärin.
— Bu haramzadany görseňizläň! Ýalan söz- läp ugradygy birinden ant içip başlaýar!
— Ýok, Alla şaýatdyr, ýok...
Diýjek bolýan zadyny diýmäge Nato gözýaş päsgel berdi.
Men mundan artyk seredip durup bilmedim we ol ýerden ylgap çykyp gaýtdym. Biraz wagtdan
soň, howla Nato hem çykdy. Men ondan zordan:
— Nato, hanymyň saňa azar ýamanyny berýär öýdýän? — diýip soradym.
— Hawa-la, käte-hä öz-özümi öldüreýin hem diýýän — diýip, ol jogap gaýtardy we ýene
aglamaga durdy:
— Aglama, Natom, goý. Alla bardyr. Gerek zadyň bolsa meniň ýanyma geläý: men seniň üçin
elimden gelenini ederin. Şu günden başlap, sen meniň uýam, men bolsam seniň agaň. Se- bäbi
men hem edil seniň ýaly ýetim adam.
Nato maňa nähili minnetdarlyk bilen seretdi diýseňizläň!
— Agam! — diýip, ol meniň elimden ýapyşdy, meni ogşady we çym gyzyl bolup, öýlerine ylgap
gitdi.
Meniň ýüregim tyrsyldap ugrady, özi-de uýa öpüşindäki tyrsyldaýşyndan üýtgeşik tyrsyldady.
Sebäbi Nato ikimiziň ýaşymyzdaky gany bir bolmadyk erkek adam bilen aýal maşgalanyň
arasyndaky dostluk, hiç zat päsgel bermese, adatça, är-aýallyk bilen gutarýar.
Men söýgi ysytmamy suratlandyryp, sizi irizip oturjak däl, dogrusy, häzir olar ýadyma hem
düşjek däl.
Biri-birimizi söýüp başlanymyzdan soň, esli wagt geçdi, ine, onsoň, bir gezek çemine geti- rip,
knýazdan öýlenmäge rugsat bermekligini soradym.
— Nämeler samraýaň, ýigit? Öýlenjek? Gör, munuň göwünjiginiň isleýän zadyny!
— Örän haýyş edýärin, jenap!
— Onsoň sen kime öýlensem diýýärsiň?
— Öý işlerini edýän gyza, jenap!
— Öý işlerini edýän gyza?
— Edil özi.
— Edil özi diýsene... — diýip, knýaz meniň sözümi ýaňsa aldy. — Eýsem, sen dünýäde meniň
hyzmatkärimden başga gyz tapmadyňmy?
—Nädeýin-dä, jenap, ony meniň sulhum alýar.
— Näme?! Sulhum alýar? Şeý diýsene! Bu haýsy knýazyň ogluka-aýt! Onsoň başga sulhuň alýan
zady ýokmy, zähmet görme-de, aýdaweri?.
— Jenap!
— Gümüňi çek. Bu bolup biljek zat däl! Men köşkdäki gyzy goýberip bilmen, onsoň saňa-da
öýlenmäge ýol bermerin. Sen maňa şu ýerde gerek.
Nädip men onuň kejine gaýdaýyn? Knýazyň otagyndan çykan wagtymdaky ýagdaýa duşmanym
hem düşmäwersin. Nato maňa daşarda garaşyp dur eken. Meni gören dessine ol ähli zady aňdy we
entek ýekeje söz hem diýmänkäm aglap başlady.
Ine, meniň knýaz bilen eden gürrüňim, maňa bagt getirmeli gürrüň, meniň ähli görgülerimiň
gözbaşy boldy. Sebäbi oň özünden gaça du- rulýan Nato baş galdyrmaýan ýaly bolup görünýän
knýaz meniň haýyşymdan soň oňa seredip başlady we görnüşi ýaly, ol gyzy halan bolara çemeli.
Bir gezek men toýly meseläni nädip ýola goýup bolarka diýip pikir edip otyrdym. Birden şol wagt
Nato ylgap geldi-de, boýnuma bökdi.
— Nador, Allanyň haky üçin, maňa kömek et, men nätjegimi bilemok! Knýaz maňa bir tüýsli
üýtgeşik seredýär... Men gorkuberýärin. Men onuň gözüne ýakan bolara çemelim. Hany, maňa
aýt: men nätsemkäm?
Onuň bu sözlerinden kelläme gan inip gitdi.
— Ondan gaça dur, onuň gözüne görünme- jek bol — diýip, men oňa maslahat berdim.
— Men munsuz hem gözüne görünmejek bolýan-la. Oňa boýun bolanymdan ölüp-ýitip gidenimi
gowy görýärin. Hany, onsoň nädeýin? Soň nätmeli bolarka?
— Soňrakysyny soňra görübereris. Allanyň özi garaşyk eder.
Şol günüň özünde knýaz Natonyň yzyna düşmäge synanyşypdyr, emma Nato onuň gatan
sözlerine jogap gaýtarmandyr.
Esli wagt geçenden soň, ol meni ýanyna çagyryp, maňa özünifi şäherde ýaşaýan bir dos- tuna hat
eltip, ondan jogabyny alyp gel diýdi. Men şähere ugradym. Bu hatda knýaz meni bir- näçe
hepdeläp öýe goýbermäň diýip ýazypdyr.
Esli wagt geçenden soň, maňa knýazyň hatyny okap berdiler we obaňa gaýdyber diýdiler. Men
bularyň näme maksatlar bilen edilendigine şobada düşündim. Obamyza ýetip barýarkam, bir garry
kempire duşdum. Men ondan:
— Ene, biziň Natomyzyň ýagdaýynyň nähi- lidigini-hä bilýän dälsiň? — diýip soradym.
— Wah, oglum, sen sorama, men aýt- maýyn.
— Näme boldy? Aýt, ene, horlama!
— Ine, şeýle boldy: knýaz oňa lak atyp ugrady. Oňa razy bolmakdan Nato boýun ga- çyranda,
pälazan garry güýç ulanyp, ony haýbat bilen razy etjek bolupdyr. Gyz pahyr ilki çydajak
bolupdyr, emma ahyrsoňy çydaman, gaharyna özüni suwa taşlapdyr. Ony, ynha, şu ýeriň özünden,
Naoza obasynyň ýokarragyndan tapypdyrlar.
Onuň soňky sözlerini ahyryna çenli diňlemän, men knýazyň üstüne eňdim.
— Näme bar? Saňa näme boldy? Ýüzüň- gözüň dagy näteňet, arwahyňky ýaly gyşaryp dur-la? —
diýip, ol gygyrdy.
— Hany Nato?
— Hudaý bilsin! Köpeý ogly, bularyň hem- mesi seniň hilegärlikleriň bolsa gerek!..
Men özümi elim hanjarly onuň üstüne zyňdym.
— Edýäniň dagy näme, haramzada?! Ýetişeweriň, öldürýärler — diýip, knýaz gygyrdy.
Bu onuň iň soňky aýdan sözleri boldy. 01 demini sanap başlady. Knýazyň gykylygyna hanym
ylgap geldi. Bu elhençlige allaniçiksi bolup çirkin ses etdi we yzyna — otagyna tarap ylgaşlap
gitdi. Onuň sesini eşidenimde, ýene kimden ar aljaklygym ýadyma düşdi. Men onuň söbügine
düşdüm. Ylgap onuň bo- lýan otagyna girenimde, onuň göwresi bilen penalap, ogluny gujaklap
oturanyny gördüm.
— Nador, meni öldür welin, meniň Gogoma rehim et, seniň öňüňde onuň günäsi ýok — diýip,
knýaz aýaly ýalbardy.
— Meni öldürme, meniň saňa eden zadym ýok! — diýip, oglanjyk gaýtalady.
Emma olaryň ýalbarmalary meniň gulagyma hem ilmeýärdi...
Onsoň daşaryk çykdym-da, ata münüp, gamça basdym. Agşamaralary yzymdan kowgy
ýetdi. Emma yzymdan ýetenleriň hiç biri meni tutjak hem bolmady, öldürjek hem bolmady.
Tersine, olar maňa Ahalsihä1 gaçmagy masla- hat berdiler. Men olaryň maslahatyna gulak saldym
we üçünji gün diýlende şol ýerde bol- dum. Ahalsihede men haýal etmän müftiniň ýanyna baryp,
oňa pygamberiň dinini kabul edesim gelýänini aýtdym. Ertesi men dabaraly suratda hristian
dininden çykyp, Muhammet pygamberiň dinine girdim. Ýerli türk emel- darlary meniň üstümi
sowgat-peşgeşden dol- durdylar. Olar maňa Stambula gidip, ýanyçar bölümine ýazylmagymy
maslahat berdiler. Men ol ýere gidip, ýanyçar boldum. Dogrusyny aýt- sam, daşdan göräýmäge
meniň ýaşaýşym gülala- güllükdi. Emma ýüregimde nähili hesretleriň gopýanlygyny diňe Hudaý
bilýärdi.
Ýazyksyz çagany öldürmegim we dinden çykmagym maňa ynjalyk bermeýärdi. Şol eden
günälerim meni şu günlere deňiç horlap gelýär. Toý-tomaşada, söweş meýdanynda, düýşümde,
oýalykda — hemme ýerde meniň öňümde «Men saňa näme etdim, näme üçin sen meni öldürdiň?»
diýip, gana bulaşyp ýatan oglanyň keşbi dur.
Näçe gezekler men söweşde ölüm gözledim! Ýigrenji durmuşdan dynjak bolup näçe gezek-ler
men näme bolsam bolaýyna salyp, jeňiň ortasyna girdim! Emma duşman oklary maňa degmedi;
ölmegiň deregine men gaýduwsyz esger diýen şöhrat gazandym we bahym ýüzbaşy boldum.
Emma ynsap şol öňküsi ýaly horlaýar. Ýadym- dan çykaraýyn diýip, kärimi üýtgetdim, söwda baş
goşdum we oňatja baýadym. Emma bu hem meni ynsabymyň horlamagyndan dyndarmady.
Taňrym, meniň günälerim bir wagtlar bir geçirilermikä? — diýip, Osman aga birneme
dymyşykdan soň ýuwaşja gürledi we şol ýeriň özünde hem: — Bir syrly ses-hä maňa ýok,
geçilmez diýýär — diýip, sözüniň üstüni ýe- tirdi. Durmuşhan:
— Hudaý bardyr. Eger çynyň bilen ökünseň, geçilmejek günä bolmazmyşyn diýip eşitdim —
diýdi. Osman aga içini gepledip:
— Ýok, meniň günäm geçilip bilinmez — diýdi.
— Gaýgy edip ýörme-de, Hudaýa sygyn — diýip, Durmuşhan gaýtalady.
1 Ahalsihe-Gruziýanyň günorta böleginde gadymy şäher. Powestde günüň berilýän wagt ol türk häkimliginde eken.
— Ýeri, bolýar-da! Eger ýüregiňe düşen bolsam, bagyşla — diýip, Osman aga ajymtyk ýylgyrdy
we öz hyzmatkärlerine atlary häzir- lemeli diýip buýruk berdi.
— Sen biziň bilen gitjekmi? — diýip, ol Durmuşhandan sorady. — Seniň geljegiň barada ýolda
gürleşeris.
— Men siz bilen gitmäge taýýar.
Birnäçe minutdan soň olar atlaryna atlandylar-da, ýola düşdüler.
— Ynha, bar bolany. «Gaýgy-gamy goýup geldim, bar şatlygam alyp geldim».
Alekseý sözüni tamamlanda oňa:
— Wiý, bu zatlary sen aýtmaly däldiň — diýişdiler.
— Onda kim aýtmaly?
— Knýaz-liberal aýtmalydy.
Knýaz-liberal diýip biz D.-e aýdýardyk,
sebäbi ol daýhanlaryň azat bolmagynyň baryp ýatan tarapdarydy we krepostnoý düzgüne degişli
her bir zady ilden öňürti eşiderdi.
— Goý, ol ertir gürrüň bersin.
— Ertir knýaz-liberal gürrüfi bersin! Taýýarlanyber, knýaz-liberal, ýöne gaýrat et-de, sadarak
gürle, dabaraly jümleler bolmasyn..
— Meni şeýle bir gorkuzdyňyz welin, indi men krepostnoý düzgüni barada ýekeje söz hem
aýtman — diýip, knýaz-liberal jogap berdi.
Gürji ertekileri, adatça, şeýle sözler bilen tamamlanýar.
4-nji baş
— Kum, bir netijä gel diýýärin, pikir edip oturasy iş ýok.
— Hüm, hüm... Äh-eý, heleý, çişligi beýle- sine agdaryp goýber, görýän ahyryn, ol gara köýük
bolup gidipdir.
— Hany, sen başga ýana sowma-da, maňa jogap ber!
— Sen näme diýýärsiň-ä, dost?
— Belli bir netijä gel — meniň çokundyran gyzymy äre ber diýýärin!
— Wah, men gelen bolsa berjek-le.
— Ynha, men seniň ýanyňa şony berseň diýip geldim.
— Ýok, gadyrdan, men oňa gyzymy berip bilmen?
— O näme üçin?
— Sebäbi, birinjiden-ä... Ah, sebäbi azmy? Sebäpleri bar-da.
— Her niçigem bolsa, näme sebäbi bar? Ýa-da seniň göwnüňe oglanyň ugry ýokmy?
— Ýok, oglan oňat, ýöne weli...
— Aý, «weliniňi» goýsana!
— Wah, ol ýersiz-ýurtsuz, ýeke çykan oglan-da.
Bu sözleri eşidip, myhman tenine tiken çümen ýaly, ýüzüni bürüşdirdi.
— Ýeke çykan bolanda näme? Oglanyň göwnüňden turmaýanlygynyň bar sebäbi şumy? Onuň
meniň ýanymda bolýanlygyna bary-ýogy iki ýyl geçdi, ol eýýäm ýüz onluk dagy ga- zandy.
Nämesi kemmiş?
— Gowy-la, gowy-la... ýöne sen meniň bir gyzymyň barlygyny bilýärsiň ahyryn... Ynha, şonuň
üçinem men oňa mynasyp ýigit göz- leýärin.
— Seniň pikiriňçe, oňa kim mynasypmyş?
— Allanyň bereni bolar-da. Men ony atdan- sordan galan dworýana bermäge-de kaýyl-la.
Şu ýerde myhman ýene ýüzüni çytdy.
— Elhepus! Dworýan diýeniň düýpden başga mesele. Ol her näçe garybam bolsa, onda iň
bolmanda bir kazak bilen bir hyzmatkär gyzyň tapyljagy belli. Ana, onsoň, onuň aýaly suwy-da
özi getirmeli bolmaz, hamyry-da özi etmeli bolmaz.
— Weý, näme, meniň gerçegimiň aýaly çöregi özi bişirer öýdýärmiň? Näme ol hyz- matkär
edinip bilmez diýýärmiň?
— Näme edinip bilmän, ýöne ol hyzmatkäre hak tölemeli bolar, dworýanyň hyzmatkäri bolsa hut
onuň özüniňki.
— Eger şeýle bolýan bolsa, men oňa ertiriň özünde bir topar krepostnoý satyn alaryn.
— Aý, alýan bolsaň alyber. Alla ugruna etsin!
— Şonda bir gyzyňy berermiň?
— Bilmedim. Ýöne welin, kum, ol ýeke çykan! Men maşgalaly adam, meniň dostlarym hem bar,
duşmanlarym hem. Men olaryň ýa- nynda meniň, ine, şeýle giýewim bar, aňyrsy hem şeýle diýip
öwünesim gelýär.
— Biderek zat, kum. Şeýle bir toý ederin welin, öňýeten knýaz ogly şeýle toý bolaýsa diýip
höwes eder.
— Munuň peýdasy näme?
— Peýdasy, birinjiden, duşmanlaryň gözüne gum gapdyrýarsyň. O
sowda girişip, altyn yygnap başlar, puluň bolsa ahli zat edip bolyanlygyny ozuň bilyarsiň!
— Emma puluň onuň aňyrsyny uytgedip biljek gumany yok.
— Munyň dogry, yone atly-atly adamlar hem onuň gunune howes edip, karz pul aljak bolup onuň
oňunde pelesaň ursalar natjek?
— Ah, sen şol oz eňegiňe tutup otyrsyň. Allanyň haky ucin, sen bir gurruňi goy.
— Name, eysem meniň gurruňim galat- my?
— Belki, galat hem daldir, yone ol dere- ja yetjek bolsa, Durmuşhana set muň onluk gerek bolar.
— Onuň şonca puly bolar hem.
— Nireden bolsun?
— Oz cekyan zahmetinden bolar, ol edenini bilyan yigit! Yene-de ondan-mundan bolan yeri bolar,
yone olary tapjak-biljek ozum bolayyn. Men oňa oz emlagimiň yarysyny berayjek.
— Name ucin?
— Bu meniň oz işim. Allanyň diyeni bilen boljak diyip, men saňa aytdym ahyryn. Belki, meniň
gunam-de gecilse geciler.
— Wah, yene seniň oz eňegiň. Bu samramalaryňy sen hacan goyarkaň?
— Olenimde.
— Allanyň haky ucin, gurruňleriňi goy.
— Her nicigem bolsa, sen maňa jogap berersiň gerek?
— Soň, soň bir gezek. Gel, entek bir şamlyk edineli. E-hey, barmysyň hany; sacaklary-zatlary
yazyşdyr.
— Bu «soň-soňuňy» men bir yyllap eşidip gelyan.
— Nadeyin-da, gadyrdan kum, hic yuregi bire baglap bilemok... Munuň ucin sen meni
olduraymersiň ahyryn...
Roždestwo gijesi Suramyda gurji «dar ba- zisinde», yanyp duran oduň başynda oturan iki sany
gartaň adam, ine, şeyle gurleşyardiler. Gurruňdeşleriň biri, siziň eyyam bilşiňiz yaly, biziň
tanşymyz Osman agady, ol Durmuşhana sataşandan soň, ony ozune hyzmatkar edinipdi; ikinjisi
bolsa suramy dayhanydy, adyna-da... yone welin size adynyň nama geregi bar?
Olar agşam naharyny edinmage oturdylar. Ilkinji bolup stoluň başyna biziň atsyz oy hojayynymyz
gecdi, onsoň onuň ayaly, gyzy gecdi, iň soňunda hem Osman aga gecdi.
— Boldy-la, atam, bes etseňizlaň — diyip, gyz utanjyndan yuzuni aşak saldy.
— Jogusirap oturasy iş yok. Sebabi bu ba- rada gurruň acanymda, sen heziller edyarsiň ahyryn.
— Bes ediň, yogsam hazir cykyp gidyarin — diyip, gyz eli bilen dyzyna urdy.
— Meniň saňa tapan yigidimi sen bir gorsediň!
— Gabyra gitsin. Maňa ar gerek dal.
— Name ucin?
— Sebabi gerek dal.
— Yok, her nicigem bolsa, name ucin gerek dal? Sen monastyra girip, sacyňy-ha gyrkdyr- makcy
bolyan dalsiň?
— Yok.
— Onda name ucin seniň durmuşa cykasyň gelenok?
— Islamok. Men ejemiň yanynda galjak.
— Diymek, şeydibem oyde garrap gitjek- da?
— Hawa.
— Yeri, onda geregem dal, gyzym, gaharyň gelmesin — diyip, Osman aga yylgyrdy.
— Maňa beyle zatlary aytmaň, onsoň meniň gaharym gelmez.
— Wah, men seni bilyan-le, kakaň seni durmuşa cykarmakcy bolsa, sen, elbetde, boyun
towlarsyň. Yone men saňa yigit tapaysam, sen şoňa-da razy bolmazmyň?
— Bolman.
— Name, sen yone «yok» diyip otyrsyň- la? Hany, Durmuşhan, barik gel-le — diyip, Osman aga
yzyna, gapa tarap gaňrylyp gygyrdy.
Durmuşhan girdi.
— Hany, dogumlyrajyk bol-da, bu gyzy op, eliňdaki nika yuzugiňi hem oňa ber — diyip, Osman
aga onuň gulagyna pyşyrdady.
Durmuşhan ylgap gyzyň yanyna bardy-da, ony opdi we yuzugini oňa berdi.
— Ey, Taňrym-ey! Edayen zadyňyz dagy nahili? — diyip, ejesi gulkusini kesip, barma- gyny
dodagyna yetirdi1.
Gyzyň kakasy myhmana gaharly seretdi. Osmanyň gozlerinde yaş peyda boldy. Pahyr men hem
şeydip Nato bilen bagtly bolsam bomayarmy diyip, icini gepletdi...
— Bu na boluş, dost? Meniň yuzumi gara edip, ustesine-de aglayarmyň? Name, utanc yadyňa
duşaydimi? i nsoň Durmuşhan hem
— Ýok, kum, meniň gözýaşlarym ondan däl. Hany, meniň gyzymy çagyr, girsin... Giýewiň bilen
gutlaýaryn! Durmuşhan, bärik gel, otur. Häzir seniň gelinligiň geljek...
— Siz görýän welin, oýun edýän-ä dälsiňiz? — diýip, kakasy ýylgyrdy.
— Oýun näme işlesin: hany, indi sen bize gyzyňy bermejek bolup bir gör! Allanyň adyndan ant
içýärin, edil bütin obanyň öňünde masgara eder goýaýaryn...
— Hawa-da, heleý, dogrudan hem, etjek zadyň ýok... Bar, gelinligi alyp gel!
— Heý, ur-tut beýdip goýberibermeli bo- larmy? Men saňa entejik howlukmaly diýip aýtdym
ahyryn.
— Oňat zady yza çekip ýöresi iş ýok — diýip, Osman aga ara goşuldy.
Birazrakdan soň gyzy çykaryp, Durmuşhanyň ýanyna miindiirdiler.
— Ah, men entek howlukjak däldim, ýöne bir bolansoň, etjek alajyň ýok. Alla ýaryňyz bolsun,
balalarym, hoş günüňize guwanmak maňa miýesser etsin — diýip, gyzyň kakasy ýaşlara pata
berdi.
— Baryň-da, onuň elini togap ediň — diýip, Osman aga olara akyl öwretdi.
Ýigitdir gyz ýerlerinden turup, ilki öý eýesiniň, soňra hem Osman aganyň elini ogşadylar.
— Alnyňyz açyk bolsun, balalarym — diýip, Osman aga başlaberjek bolanda, gözüne ýaş
aýlandy, onsoň ol sesini çykarmady.
Ertesi güni täzeligi Suramy obasynyň töwerekle- rinde uludan-kiçä gürrüň etmedik bolmady.
Ýene birazrak wagtdan soň Durmuşhanyň toýuna bu obanyň dumly-duşundan adam dökühp
ugrady.
Ynha, Durmuşhan kilisede heýkeliň öňünde durup, özüniň gyzy söýjekdigine, oňa wepaly
boljakdygyna kasam edýär. Ýöne ol öz ada- glysyny hakykatdan hem söýýärmidi? Ýok, ol ýany
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Suramy galasy - 3
  • Parts
  • Suramy galasy - 1
    Total number of words is 3913
    Total number of unique words is 2138
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Suramy galasy - 2
    Total number of words is 3994
    Total number of unique words is 2156
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Suramy galasy - 3
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 2007
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Suramy galasy - 4
    Total number of words is 1872
    Total number of unique words is 1120
    40.5 of words are in the 2000 most common words
    53.3 of words are in the 5000 most common words
    60.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.