Latin

Suramy galasy - 1

Total number of words is 3913
Total number of unique words is 2138
32.0 of words are in the 2000 most common words
44.0 of words are in the 5000 most common words
51.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Daniel Conkadze
1830-njy ýylda Gruziýanyň öňki Duşeti uýezdiniň Kwawili obasynda eneden boldy. Onuň
daýhan maşga- lasyndan gelip çykan kakasy ruhany bolupdyr. D.Çonkadzäniň çagalyk ýyllary obada geçipdir. Şadyýan, synçy çaga özi bilen önüp-ösen adamlary, olaryň
durmuşyny, häsiýetini, adatla- ryny bütin ömrüne ýadynda saklapdyr. Ol özüni gurşap alan
tebigatyň — dag gerişleriniň we Aragwi jülgesiniň gözel- liklerine-de maýyl boldy, soňrak
bolsa şonuň esasynda “Suramy galasy” atly eseriniň ýordumyny ýaýbaňlandyrdy.
Esasy käri mygallymçylyk bolan D. Çonkadze edebiýata hem wagt sarp etdi.
Ömür tanapy örän ir üzülen ýa- zyjynyň edebi mirasynda «Suramy galasy» ýeke-täk
eserdir. Şeýle hem ýazyjynyň Russiýa Ylymlar akademiýa- synyň tabşyrmagy boýunça
rusça- osetinçe sözlügi düzmäge gatnaşan- lygyny-da, terjime bilen meşgullanan- dygynyda, Demirgazyk Kawkazda ýaşaýan daglylaryň halk döredijiligini ýygnamak boýunça uly
işler bitirendi- gini-de bellemek gerek.
D.Çonkadze döredijiliginiň tüýs gülläp ösen wagty, 1860-njy ýylyň 16- njy iýunynda
Tbiliside aradan çykýar.
Suramy galasy
Dostlaryma bagyşlayaryn.
Öten ýyl tomus Tiflisiň ýakyp barýan yssydan halys bolan adamlary şäheriň çetle rinde salkynlar
ýaly ýer gözleýärkäler, birnäçe ýaş ýigit, şol sanda siziň sadyk guluňyz hem derýanyň aňry
ýanynda, Ançiskati kilisesiniň garşysyndaky Gumlukda1 her gije duşuşyp duralyň, şol ýerde hem
tä giç agşama çenli wagtymyzy hoş geçireliň diýşip maslahat etdiler. Şol maslahatymyz boýunça,
biziň her birimiz gezegine gruzin durmuşyndan bir rowaýat ýa-da hekaýat1 2 gürrüň bermelidik.
Biziň ülkelerimizde jöwzaly günlerden soň düşýän ajaýyp agşamlaryň biridi. Ýaş ýigitler ýaňyja
derýa suwa düşüp çykypdylar; olaryň käbiri häzir çaý içýärdi, käbiri geýnip durdy, galanlary
bolsa dyzynyň aşagyna tari3 goýup hiňlenip, bir zat çalyp oturan D. B-niň daşyna üýşüpdiler. Çaý
içip, hyzmatkärler agşam na- haryny taýynlamaga duranlarynda, özleriniň bu gije hekaýa
eşitmändikleri ýaş ýigitleriň
ýatlaryna düşdi; olar bu gün hekaýany kim aýtmaly-da-kim aýtmaly boluşdylar; görüp otursalar,
olaryň hemmesi aýtmak gezegini geçiren ekenler. Birine ýalbardylar, ikinjisine ýalbardylar, emma
gürrüň bermäge döwtalaby tapylmady. Onsoň bije atmaly boldy; biziň birimiz ýerinden turup:
«Isilo, bisilo, şroşano, gwritilo...»4 5 diýip sanaşdyrdy-sanaşdyrdy-da, Niko D-niň üstünden
düşdi.
— Ýaşasyn Niko! Gutlaýarys! — diýşip, oglanlar ýerli-ýerden gygyryşdylar.
— Ýok, gardaşlar, bu gün siz meni bagyşlaň. Dogrusy, taýýarlanmamsoň, men size näme gürrüň
berjegimi bilemok.
1 Bu yer Kura deryasynyň cep tarapynda, Awlabar gerşiniň ete- ginde yerleşyar. Gadymy yadygarlikleriň biri hokmunde, ol şu gunlere cenli
saklanyp gelen. Ancishati kilisesi bolsa sag kenarda yerleşyar. Aşakda gurruňi ediljek Muhran-Batoniniň oyi-de şol yerde, Barataşwiliniň koprusiniň
yanynda yerleşyar.
2 Daniel Conkadze 50-nji yyllarda Tiflisde edebiyat gurnagyny doredipdir. Bu powestiň prologynda duş gelyan adamlar hem şol
gurnagyň agzalary bolmaly.
3 Tari - tarly saz guraly.
4Gruzin cagalarynyň sanayan sanawajy.
5Guliswardi-turkmence «yurek guli» diymekdir. Gysgaldylyp tutulanda «Wardo» diyilyar.
— E-eý, Niko dost! Allany çagyr-da «Bir bar eken, bir ýok eken» diý-de başlaber, yzynyň bolsa
bir zady bolar — diýip, Seko nesihat beriji äheňde aýtdy.
— Ýeri bolýar-da... Beýle bolsa, gulak goýuň! — diýip, Niko gürrüňine başlady.
1-nji baş
— Hanha, hol jaýy görýärmisiňiz? — diýip, Niks elini ullakan jaýa tarap uzatdy. — 01 MuhranBatoni knýazlarynyň köşkleri bol- maly.
— Hawa, hawa, bilýäris! — diýşip, ýaş ýigitler jogap berdiler.
Indi ol köşkler haraba öwrüleňkirläpdir. Olary eýeleriniň näme üçin taşlandyklaryny we näme
üçin seretmeýändiklerini bilemok. Emma bu tam sapaly günleri hem başdan geçiripdir. Bir
wagtlar ol biziň şäherimizdäki iň owadan jaýlaryň biri bolupdyr, bu ýer- den ýoly düşen her bir
adam ony görmäge barypdyr. Aýtmaklaryna görä, Muhran- Batoniniň öýündäki ýaly syratly,
owadan, edepli hyzmatkärler hiç ýerde bolmandyr. Patyşanyň özi hem şeýle hyzmatkärleriň
bolaýsa diýipdir. Bu hyzmatkärleriň içinde Durmuşhan diýen çalasyn we görmegeý bir ýigit
bolupdyr, ol Muhran-Batoniniň öz ýörite hyzmatkäri eken, ondan başga ol ýerde Guliswardi5
diýen bir gyz hem bolupdyr, Guliswardi knýaz aýalynyň iň eý görýän çorusy eken.
Maňa bu hekaýatlary gürrüň beren mer- hum enekäm şol gyzyň owadanlygyny, baý, bir
taryplaýard-ow: derek boýly, jeren gözli, barmaklary hem gamyş ýaly diýýärdi, bir söz bilen,
Seko, Guliswardiniň owadanlygy seniň Katoň dagyň hem çaky bolmandyr.
— Hawa! Onsoň olar biri-birlerini-de söýen- dirler. Yzy nähili bolupdyr? — diýip, Seko alyp
göterdi.
— Hawa, olar biri-birlerini söýüpdirler, özi- de şeýdip diňe Gündogarda söýüp bilýärler.
Ýogsa-da bagyşlaweriň: şeýdip, diňe Guliswardi söýýän eken, Durmuşhanyň duýgulary barada
bolsa gürrüňi entek öňde ederis. Guliswardi görgüli ony jany-teni bilen söýüpdir. Onuň bar
guwanjy şol söýgi bolupdyr. Kuranyň boýun- daky şu aşagynda oturan agaçlarymyz olaryň
söýgüleri barada aýdyşan gürrüňlerini, gör, näçe gezek eşidipdirler. Gury söze baý etse-de,
Durmuşhanyň ýüreginde onuň diňe ýüregine düwüp ýören zadyny aýt- maga amatly pursat gözläp
ýörenini gyz pahyr hem güman etmändir.
Bir gezek Durmuşhan bilen Guliswar- di hemişekileri ýaly şu ýerde duşuşyp, özleriniň geljekleri
barada gürrüň açanlarynda, Durmuşhan birden:
— Gülüm, sen meniň nirelidigimi bir bilýärmiň? — diýip sorapdyr.
— Beýle-de bir sorag bor oguşýan, hawa, bilýärin.
— Men — imeretin, özümem serete- li knýazlarynyň krepostnoýy, edil sen ýaly çorynyň ýeke
ogly bolmaly.
— Ýeri, bolaňda näme? Gaýtyp, söýgü- lim, sen meniň gözüme öňküdenem eziz görünýäň.
— Eýsem, sen meniň bu ýerlere nähili düşüp ýörenimi bilýärmiň?
— Ýok, bilemok. Hany, gürrüň ber, ezi- zim.
— Bir gezek meniň häzirki hojaýynym Imeretiýada1, öňki hojaýynymyňkyda myh- mançylykda
boldy. Men bir zat diýip olaryň keýp çekip oturan tamlaryna girmeli boldum. Täleýim ters gelip,
men knýaz Muhran-Batonä ýaraýypdyryn, onsoň ol meni taryplady. Şeýdip, garymym gazyldy
oturyberdi. Ertesi knýaz Muhran-Batoni öýüne gaýdanda, meni onuň hyzmatkärleriniň ýabysynyň
syrtyna mündürip, onuň yzyna düşürdiler. Şol wagt ejem pahyryň dady-perýat edişini, näzlim, bir
gören bolsadyň! Bütin oba bolup oňa göwünlik berdiler, emma ol köşeşmedi. Men samsyk bolsam
şol wagt näme üçin ejem beýle çarp urýarka diýip geň galýaryn. Ejemi iň soňky gezek
görýänligimi men nireden bileýin? Şundan soňky gören görgülerime, Wardom, akyl ýetirer dagy
eder ýaly däl! Açlyk, ýalaňaçlyk, urlup-sögülme — bir söz bilen, siziň Kartaliniýaňyzda görmedik
görgim galmady. Öýde biri bir zat etse, hök- man günäkäri men. Ogurlan kim? Imeretin. Döwen
kim? Imeretin. Üstünden gülünýän kim? Imeretin. Urlup, keýpden çykylýan kim? Imeretin. Ýene
şol. Imeretinleriň üstünden gü- lünýän gürrüňleriň edilmesi nämeden? Şol ga- raw gaýtmaýan
oglanjygyň gaharyny getirmek üçin... Bu ýagty jahana indereni üçin, Wardom, gözümden ajy ýaş
döküp, telim gezek Hudaýa nalyş okadym. Eger-eger göwünlik beräýenleri
näteňet! Taňrynyň özi hem meniň ýüregime teselli berip bilmeýärdi, sebäbi men ony tanamaýardym. Şeýdip, Wardom, saňa sataşýançam, dünýäde derdimi paýlaşmaga adam bolmady...
— Nätjek bulary ýatlap? Hany, bes et! Seniň Wardoň buýruk edýär! — diýip, gyz onuň sözüniň
arasyny ýolup, oňa bir posa ber- di welin, ömründe şeýle posa görenimiz az-az bolsa gerek. Bolbol, Durmuşhan bol!
— Durmuşhan, meniň kelläme näme geldi diýsene? Toýdan soň hojaýynlardan rugsat alyp, üç
aýlyk möhlet bilen siziň watanyňyza gideris. Seniň ejeň pahyr, gör, nähili begener.
— Aýratynam ol gülüm Guliswardini elte- nime begener, şeýle dälmi!
— Mümkin.
— Häzir ol dirimikä bir? Onsoň, ejemiň ýanyndan gaýdyp şu ýere gelenimizden soň, näderis,
Wardo? — diýip, Durmuşhan pikire batyp sorady.
— Sen ýene öňkiň ýaly hyzmatkär bolarsyň, men bolsam hanyma hyzmat ederin.
— Wagt geçip, sen ýaly owadan çagamyz bolar. Sen ony alada edinip ösdürersiň ... Näzlim, şonda
sen oglumyzy oňat görersiň gerek?
— Diýseň-dä! Janym-tenim bilen oňat göre- rin — diýip, Wardo bada-bat jogap berdi.
— Indi sen bir zady pikir et, kimdir biri seniň hojaýynyň ýanyna gelip, ondan oglumyzy soraýdyda, şonda nätmeli borka?
Bu sowala Guliswardi allaniçiksi boldy. Ça- gam elimden alnar diýip, pahyrjyk ýatsa-tursa pikir
etmeýärdi. Birneme böwrüni diňländen soň, Wardo:
— Bu bolup biljek zat däl! Meniň bikäm näme işleýär? Näme, ol meniň arkamy tutmaz
öýdýärmiň? Ýok, bu bolup bilmez — diýip, jogap berdi.
— Ýok, sen knýaginýamyz ölüp, täze gelen bikämiz seni bir sebäp bilen halamaýan, söý- meýän
hasap et. Şonda sen näme ederdiň?
— Ah, Durmuşhan, beýle bolup biljek gümany barmy? Mundan meniň ölenim gowudyr.
— Dünýäde bolup bilmejek zat ýokdur, näzlim. Hojaýynymyzyň gullarykak, biziň bagt garasyny
görjek gümanymyz ýokdur. Sen öz bibiňe aýt: eger ol seni gowy görüp, seniň alnyň açylmagyny
isleýän bolsa, goý, ol seni erkinlige çykarsyn. Bolmasa, ol maňa öýlenjek däl diýýär diý.
Şu giirrüňden soň bir hepde geçdi, aşyk- magşuklar ýene-de şol öňkiije ýerde duşuşdylar.
Durmuşhanyň rugsat haty eýýäm kisesindedi.
— Ynha dälmi, Durmuşhanym?.. Biziň çagalarymyzy sataslary ýok diýip, men saňa aýtdym
ahyryn! Hany, indi sen aýt: haçan biz toý ederis?
— Howlukma, Wardom! Birneme sabyr et. Howlugandan peýda ýok.
— Toýy yza çekmäge sen ýene nähili bahana tapdyň, meniň akyllym? Ýöne sabyr et, sabyr et
diýip ýör! Bir ony bahana edinýär, bir muny.
— Wah, nury-didäm, men seniň bagtyň barada alada edýän ahyryn, sen bolsaň ýene meniň
iistiimden giilýärsiň! Hamana, gunçam, men saňa aýalym diýmäge howlukmaýan ýaly. Ýok, indi
döwür şeýle: eger bagtymyzyň dur- nukly bolmagyny isleýän bolsak, ýene birneme garaşandan
gowusy ýok.
— Sen indi nämäni bahana edinýäň? Aýtda!
— Darykma, Wardom, meniň diýýänlerime pugta gulak as, şonda sen meniň mamladygyma göz
ýetirersiň.
— Hany, basymrak aýtsana!
— Dogry, Wardom, biz indi erkin adamlar... Emma sen biziň egnimizdäki egin-eşiklerden başga
hiç zadymyzyň ýoklugyny bilýärsiň ahyryn!
— Bolmanda näme! Sen-ä ýene öňki ýaly hojaýynyňa, menem bikäme gulluk ederis.
Güzeranymyzyňam bir zady bolar! Şu çaka çenli oňupdyrys-a!
— Ýok, hiç kime boýun burman ýaşar ýaly zadymyz bolýança, biziň erkinligimiziň o diýen
gymmaty bolmaz.
— Eý, Taňrym! Onda biz näme iş etmeli, Durmuşhanym?
— Sen hiç zat etme. Öňkiň ýaly bibiňe hyzmat ediber, men bolsam... men gitmeli. Men gidip
birneme işlemeli. Maňa Allaň özi garaşyk eder, Wardom! Men ýazyp-bozup bilýän, birnäçe dilde
gepläp bilýän, hünärim bar. Pul gazanyp baýaýyn, onsoň ýene gaýdyp gelerin. Baý, şonda men
seni keýp edip öperin-ow, nury-didäm.
Şeýle diýdi-de, ol gyzyň boýnundan elini dolap alyp, gözlerinden mähirli ogşady.
— Ýeri, bolýar-da, rast şeýle bolanyny gowy
'Suramy - Gruziýanyň gadymy şäheri, ol Suramy geçidiniň go- laýynda ýerleşýär.
görýän bolsaň, gitme diýip durjak däl. Sen onsoň haçan gitmekçi? — diýip, uly gaýga batan
Guliswardi sorady.
— Gijikdirip oturasy iş ýok. Her bir sypdyrylan sagat biziň bir-birimize gowuşmaly minutymyzy
daşlaşdyrýar. Iň gowusy, men alňasaýyn. Ertiriň özünde-de ýola düşeýin.
— Ertiriň özünde? Diýmek, görgüli Durmuşhanym, sen ertir ýola düşmekçi-dä! Sen hakda kim
alada edip, geýim-gejimleriňi kim ýuwup-ýamap bererkä? Eger birden näsaglaýsaň, saňa kim
serederkä?
Şeýle diýip, Wardo onuň maňlaýyndan ogşady.
Ogşa, görgüli Guliswardi, söýgüliňi mähir bilen öp, duşuşygy uzaga çekjek bol, sebäbi bi seniň
bagtyň iň soňky minutydyr! Seniň diliň hiç haçan gaýdyp söýgi sözlerini gaýtalamaz. Sen häzir
ölüp-ýitip gitseň gowy bolardy, Wardo! Diliňde hoşlaşyk sözleri, ýüregiňde päk söýgi bilen sen
edil çaganyň uka batyşy ýaly, iinjüsiz-zatsyz ölüp giderdiň, seniň mazaryňa gynanç gözýaşlary
damardy. Indi bolsa?.. Ýöne welin, öňdäkini görjek bolmak nämä gerek?..
Ertesi Durmuşhan bezemen geýnip, haşamly ýarag dakynyp, gara ata atlanyp, şäherden çykdy.
Giden gününden dogry bir aý geçenden soň, ol Guliswardä birinji hatyny iberdi, onsoň üç ýylyň
dowamynda Guliswardä her aýda ýazdy durdy. Her hatynda Durmuşhan özüniň basym
barjaklygyny habar berdi.
Bu üç ýylyň içinde bir topar zat bolup geçdi, ýagty jahanda köp zat üýtgedi. Diňe Guliswardiniň
ýüregi üýtgemän galdy. Onuň ýüreginde Durmuşhana bolan şol päk söýgi möwç urdy. Bir topar
men diýen ýigitler oňa oňat görünjek, oňa öýlenjek bolup ýören hem bolsalar, Wardo öz söýgüsini
unutmady.
Şol wagt Durmuşhan näme işler etdi?
Tiflisden gidenine iki ýyl geçenden soň, ol öýlenip, uly toý etdi we Suramydaky1 gaýynyňka
göçüp bardy.
Şeýlelikde, üç ýyl geçdi. Bir gezek knýaz aýaly Wardony ýanyna çagyryp, ýüz görül- ýän aýnany
getir diýdi. Gyz buýrulan ýumşy ýerine ýetirdi. Bibi aýna seredip, zülple- rini sypalaşdyrdy,
kellesine geýen zadyny düzedişdirdi we Guliswardiden:
— Niçik, Wardo, meniň owadanlygym öňkimçe barmy? — diýip sorady.
— Hawa-la, gözümiň röwşeni, sen örän owadan, goý, ähli gözeller seniň öňüňde tag- zym
etsinler! — diýip, Wardo onuň elinden ogşady.
— Beý diýmäweri, gyzjagaz, sebäbi sen hem şolaryň biri. Sen hem owadan.
— Bolamda näme, men onuň üçin ulalyp- kiçelýänmi näme? Sizi menden oňat görýän barmy
näme?
— Bilýän, bilýän, Wardom, sen gowy gyz, üstesine-de örän owadan, şonuň üçinem saňa öýlenjek
bolýan ýigitleriň hetdi-hasaby ýok.
— Wah, beý diýmeseňizläň, bibim! Bolmasa, men Durmuşhana arz ederin — diýip, Wardo
ýylgyryp jogap berdi.
— Seniň Durmuşhanyň hem geler wagty gelmedi. Şundan soň oňa wepaly bol-da ýör- dä! 01 seni
düýpden unutdy. Men ol birine öýlenipdir diýip eşitdim...
— Besdir, bibim, siz hemişe meni şeý diýip gorkuzýarsyňyz. Goý, öýlense öýlenibersin! Näme, ol
ýeriň-gögüň diregimi? Maňa hiç zat bolasy ýok, ol bolmasa ýene biri.
— Ynha, muňa hä diýýän, Wardo. Siziň birek-birege gowuşmagyňyzy Hudaý halamadyk bolara
çemeli; belki, biri-biriňizden göwnüňiz hoş bolmazdy, şonuň üçinem Allatagala sizi biribiriňizden aýra salypdyr. Nätjek-dä, keýgim, mert bol, sabyr-takatyň üçin seni Taňrym ýal- kar.
Durmuşhan-a beýle-de dursun, eýsem ondan gowurak ýigitleriň hem saňa ýetseler, armanlary ýok.
Bu sözleriň näme üçin aýdylýanlygyna Guliswardi düşünmedi, emma ol bir zadyň barlygyny
aňdy. Dogrusy, söýýän ýigidi özün- den ýüz dönderer diýip, gyzyň kellesine-de gelmedi, emma ol
Durmuşhan ýesir düşendir ýa ölendir diýip pikir etdi. Bir bolmasy işiň bolanlygyny syzyp we ajy
habary eşitmekden gorkup, Wardo bu gürrüňi başga ýana sowjak boldy, emma saklanyp bilmedi
we munuň anygyna ýetmek üçin knýaz aýalynyň ýuwaşja syzdyrýan zadyny, hamana, öňden bäri
bilýän kişi bolup, şeýle diýdi:
— Etjek alajyň barmy, bibim, Hudaýyň özi gowy bilýändir... Meniň maňlaýyma ýazylyşy
şeýledir-dä, nätjek, çydaýmaly bolar-da...
— Diýmek, näme aýtjak bolýanymy sen eýýäm bilýärsiň-dä?
— Hawa, bibim, birki günlükde eşitdim... Ýöne neneň bolandygyny bilemok.
— Boljak iş bolupdyr, keýgim. Ynha, Durmuşhanyň haty. Meniň nebsim agyryp, muny saňa şu
çaka çenli eşitdirip bilmedim... Hapa bolma, gyzym... Ynha, öňräk ýene-de bir dworýan saňa söz
aýtmaga geldi...
Knýaz aýaly şeýdip, Guliswardini köşeşdirjek bolýança, gyz Durmuşhanyň hatyny okamaga
durdy.
Ynha, onuň hatynyň anyk göçürmesi.
«Sereteli knýazynyň gyzy, beýik Muhran- Batoniniň aýaly, hanym Mariama, onuň aýagynyň tozy
Durmuşhan Samaladzeden salam, goý, onuň ähli gaýgy-hesretleri meniň başyma düşsün.
Salamdan soňky sözüm budurki, eý, merhemetli hanym, men siziň ýanyňyzdan gaýdyp, söwda
baş urdum. Dürli ýerlerde bol- dum we öz-özüme: Wardo mätäçlik çekmez ýaly, hojaýynymyza
ýük bolmaz ýaly, bira- zrak pul toplap, jaý edineýin diýdim. Emma elime birazrak pul düşüp, öýe
gaýdaýyn diýip ýörkäm, bir gezek Suramyda ýaşaýan bir daýhanyňkyda ýatyp geçmeli boldum.
Şonda Wardo ýazan hatlarymda gürrüň beren şepäm gyzyma öýlen diýip, ýalbaryp goýmady. 01
gyz onuň çokundyran gyzy eken, şonuň üçinem ol onuň ykbaly hakynda alada edýän eken. Men
bolmaz diýip, onuň göwnüne degip bil- medim we şol daýhanyň gyzyna öýlenip, onuň
maşgalasynyň hataryna goşuldym. Ine, ýagdaýlar şeýle, hanym! Men Guliswardä öýlenmekçidim,
emma muny Hudaý halamadyk bolara çemeli. Bir oňat adama durmuşa çyksyn, islän zadyny hem
bermäge taýýar diýipdir diýip, oňa meniň adymdan aýdyň, eger men barada bilerin diýseňiz, onda
meniň ýagdaýlarym gül ýaly, aýalymyň hem ýaňyrak ogly boldy».
Bu hat gyzy ýyldyrym kakan ýaly etdi. Durmuşhanyň öýlenenligini habar berýän ýerine ýetende,
Wardonyň gözi garaňkyrap gitdi, ol özüni lampa aşak goýberip, sag elini maňlaýyna diredi.
Başyny egip, ýüzüniň gan- petini gaçyryp oturyşyna, Wardo hasrat heýke- line meňzedi. Şol
minutda ol şeýle bir owadan, şeýle bir owadan göründi welin, knýaz aýaly oňa agzyny açyp,
gyzyň maňlaýyndan ogşady. Emma Wardo gymyldamady hem.
— Wardo, gyzym, saňa näme boldy? Ço- kun, keýgim — diýip, knýaz aýaly onuň duluklaryny,
gulaklaryny supurdi. — A-yu, adamlar! A-yu, jemagat, yetişeweriň.
Onuň gykylygyna gyzlar ylgaşyp geldiler; olaryň komegi bilen Wardo zordan essine getirildi. Ol
gozlerini acyp, uludan bir demini aldy.
— Cokun, Wardo, gaygy-hesretiňi gum eder yaly, Hudayy cagyr — diyip, knyaz ayaly ony razy
etjek boldy. Emma Wardo onuň gowunliklerini eşitmeyardi; ol hork-hork edip aglayardy.
— Gorguli Wardo! Dostlar, onuň yatan yeri yagty bolsun diyip iceliň. Bu gunlukce besdir!
— Icmedige jerime jamyny hem icirmeli
— diyip, biziň birimiz gygyrdy.
— Goy, şeyle bolsun!
— Goy, aytsyn! — diyip, beylekiler gygyryşdyiar.
— Onsoňmy? Şol gun adamlar Guliswardiniň belli palcy bilen pyşyrdaşyp duranlygyny
gorupdirler...
Birnace minut gecip-gecmanka, kahetin cakyry bilen merhum Aleksandr Cawcawadzaniň1
goşgulary sebapli yaş yigitler, Wardonyň yatan yeriniň yagty bolmagy ucin icjek bolup oturandyklaryny yatlaryndan cykardylar. Yaşlyk olum barada pikir etmani halamayar we ony yada
salyan her bir zady kabul etmeyar.
2-nji baş
Ertesi yaş yigitler, oňden gurlenilişi yaly, yene yygnanyşdylar. Hemmeler Nikonyň gurruňini
dowam etdirmegini sorap başladylar. Emma indi gezek onuňky daldi, şonuň ucin ol gurruň
bermekden boyun gacyrdy. Gorup otursalar, onuň yzyndan Seko E. gurruň bermeli eken. Seko
ozune kan garaşdyryp durmady, ol telpegini gyşyk geydi-de, aybogdaşyny gurup, uns berip
diňlemeklerini sorap:
— Indi, dostlar, birneme yza gaydalyň — diyip, soze başlady.
Her bir diylen zada degip, her bir diylen zada garşy cykmak hasiyeti bolan, şonuň ucin hem
«myrtar filosof» diyip atlandyrylyan Aleksey II-miz:
— Yza cekilmeli, gardaşlar, daşyny almaly
— diyip gygyrdy.
1 Aleksandr Çawçawadze-belli gruzin şahyry-romantigi (1786-1846).
— Eger yalňyşmayan bolsam, biziň Wardomyzyň soygulisi Durmuşhany jenap Niko ullakan bir
yolda goyup gidipdi. Tiflisden cykyp, Durmuşhan... Gowusy, duruň, men ilki bilen onuň nesil
şejeresi barada gurruň bereyin —Seko yene soze başlady.
— Ay, sen-a yaman daşa urduň! — diyip, Aleksey soz gatdy.
— Aleksey, bes et, yogsam gurruň berme- rin.
— Aleksey! Jerimani unutma. Jerime şahy bizde tayyar dur — diyşip, yoldaşlary gygyryşdylar.
— Bolyar-da, yeri onsoň?
— Durmuşhan ilki bilen Adam ata, How eneden, onsoň hem Nuhdan gelip cykypdyr, yene
kimden gelip cykanlygy yadymda yok, hawa-how, ol yene Wardo gurruň berşi yaly, knyaz
Sereteliniň koşgundaki gyzdan gelip cykypdyr, ozem knyazyň agtygy bolupdyr. Durmuşhanyň
ejesi gorguli knyazyň on sekiz yaşly oglunyň gozune yakayypdyr, şonuň netije- sinde hem yuzi
goja Sereteliniň yuzune calym edip duran Durmuşhan dunya inipdir.
Hemişe arassa geynuwli, duşbuje, salamat- lyja oglan knyazyň ozunden başlap, soňky kazajyga
cenli hemmaniň guwanjy boldy. Ony birine bermage knyaz razy bolar diyip, hic kim
oslamayardy. Şonuň ucin oglanyň knyaz Muhran-Batona bagyşlananlygy malim bolanda, her kim
elinden ogly ya dogany alnan yaly hapa boldy. Garry knyazyň Durmuşhany beyle aňsat
bermeginiň sebabi barada taryh sesini cykaranok. Yogsam, ol oglany gurruňsiz soyyar- di, yygyyygydan onuň bilen oynayardy, soyup taryplayardy. Onuň oglany gowy goryanligi başga zatda-da
gorunyardi: Durmuşhany ejesiniň gujagyndan alyp gaydanlarynda, garry knyazyň sag tay murty
sandyrapmyş, kabirleriniň gownu- ne bolmasa, ol gozune yaş hem aylapmyş.
Herki zadyň duyp sebabine goz yetirme- gi gowy goryan koşk adamlary: yogsa-da Durmuşhany
Muhran-Batona name ucin bagyş etdilerka diyip, bowurlerini diňlap, şeyle neti- ja gelipdirler:
birinjiden, knyaz ogluna howly gyrnagy bilen iş salyşmagyň nahili erbet netijeleriniň barlygyny
gorkezmekci bolandyr, ikinjiden bolsa, knyaz ogly bilen yşkbazlyk ede- ni ucin, ol Durmuşhanyň
ejesiniň gozuniň oduny almak isländir. Şol howly hyzmatkärleri-hä: ogluny ýitirenine kiçi knýaz
onçakly gynanyp hem durmady diýýärler. Şol Durmuşhany äki- den günleri ol laçyn awlamaga
çykyp, wagtyny diýip-aýdardan şatlykly geçiripdir. Muňa derek Durmuşhanyň ejesi pahyr
oglundan aýrylyp uzak ýaşamady: şondan bir ýyl geçensoň, ol inçekeselden öldi. Durmuşhanyň
soňky durmuşynyň nähili geçişini bolsa, siz eýýäm düýnki gürrüňden bilýärsiňiz. Ol edil ugruna
goýberilen hossarsyz çaga ýaly ösüp-ulaldy.
Ilkinji horaz gygyrandan soň, Durmuşhan ýerinden turup, Allany ýatlady...
— Ynha, seniň munyň ýalman böküşi — diýip, Alekseý gygyrdy.
— Nätjek-dä, «myrtar filosof», men heniz sende mantyk okuwyny geçemok-da — diýip, Seko
jibrindi.
— Aýdyber, aýdyber, oňa baş galdyrma! — diýip, diňleýjiler gygyryşdylar.
— Ikinji horazdan soň, Durmuşhan ýerinden turup, Allany çagyrdy, athanadan at çykardy,
arassalady, arpa berdi! Soň hem ony eýerledi. Onýança Guliswardi hem işsiz oturmady, ol
Durmuşhany ýola salmagyň ugruna çykdy. Horazlar üçünji gezek gygyranda, Durmuşhan çekini
gowşadyp, eýeriň üstüne horjun atdy we atyna münüp, ýola çykdy. Nirä? Eger siz şol wagt
Durmuşhanyň özünden niräk barýarsyňyz diýip soran bolsaňyz, ynanaýyň, ol jogap berip biljek
däldi. Bu barada pikir etmäge onuň wagty barmydy näme? Onuň diňe bir arzuwy bardy: Tiflisiň
onuň gulçulygynyň janly nusgasy ýaly bolup duranlygy, başyndan geçiren agyr günleri- ni Tiflisiň
ýada salyp duranlygy, ahyrsoňy hem onuň azat durmuşyň lezzetinden dadasy, öz eden işi barada
hiç kime hasap okamaýan, edesi gelen zadyny edýän adamyň duýgusyny bilesi gelýän- ligi üçin
basymrak Tiflisden çykmalydy. Ynha, onsoň, meniň Durmuşhanym hem gidip barýar... Onuň at
üstünde oturyşyny dagy görseňizläň! Eýsem, ol atly dworýana meňzemeýärmi näme? Hawa-da,
onuň gorkýan adamy barmy näme, onsoň ol neneň özüni arkaýyn, dogumly tut- masyn? Kim oňa
gödeksi zat diýsin? Dworýan bolmanda, onuň näme kemi bar!
Durmuşhanyň kellesine şeýle pikirleriň ençemesi gelip geçdi, şonuň üçin ol Dzegwä1 2 geleninide duýman galdy. Emma syýahatyň
bir täsin tarapy bar: başda ýolagçynyň keýpi näçe kök bolsa-da, birnäçe menzil geçip, az- kem
ýadanda, onuň ýüregi erbet gysyp başlaýar. Şonda ol ýa aýdyma gygyrýar, ýa-da çuň bir pikire
gidýär.
01 aýdyma gygyranda, ýüregi böküp duran ýalydy, oýa batanda bolsa, juda hapa bolup gelýän
ýalydy. Emma bu ýalançy täsirdi; hakykatda bolsa ýolagçynyň içini gepledip gelşi onuň hyýal
kölüne batanlygy üçindi: ol «bolsady» ekýärdi, bolmajak zatlary arzuw edýärdi, şonuň üçinem
onuň göwni hoşdy, mundan hem beteri, ol bagtlydy.
Dzegwä ýetip barýarka, Durmuşhanyň hem oý-pikiri, ine, şular ýalydy. Ynha, onuň öňünde altyn
öwüsýän bugdaý meýdany; şemal onuň bilen edil ýigidiň utanjaň gyz bilen oýun edişi ýaly oýun
edýär. Şemal bugdaý başyna gysmyljyrap, onuň gulagyna söýgi sözlerini aýdýar, ol bolsa utanyp,
şemaldan çekilýär. Ynha, günortanyň jöwzasynda agajyň aşagynda üýşüşip duran goýunlar. Gör,
çopanyň özünden göwni hoş bolup saz çalşyny, gör, onuň öz tüýlek köpegini taryplaýşyny!
Hojaýynynyň bir sözüni-de sypdyrmajak bolýan ýaly, köpek ony üns berip diňleýär! Ynha, on
jübüt öküz şol «Orowelanyň2» sesine meýdanda azal dartyp ýör. Hojaýyna bir syn ediň! Onuň
öküzleri «tap- hişşuw» ediň diýip, talabanlara tabşyryk beren wagtyndaky guwanyşy ýaly hut
Kreziň özi hem guwanan däldir. A öküzler! Saza goşup tans edýän tejribeli tansçylar ýaly, olaryň
talabanyň aýdymyna aýak goşup baryşlaryna bir syn ediň! A biziň gäwmişimiz! Gör, onuň
keşleriň arasyndan parasatly we çuň pikirli görnüş bilen ýöräp barşyny, edil oňa Pifagoryň
teoremasyny subut etmekçi bolýan ýaly.
Hol daşdaky bilbiliň sesini eşidýärsiňizmi? Ker ýa doňýürek bolaýmasaň, onuň söýgi nagmasyny
aňşyrmak kyn däl, şeýle halatlarda garry bolsaň ýaşlygyňy, ýaş bolsaň söýgüliňi ýatlaman durup
bolanok, sebäbi ýaş ýigit bolsa, onuň söýýän zadynyň bolmazlygy mümkin däl. Durmuşhan hem
özüniň Guliswardisi bilen geçiren göz açyp-ýumasy salymlaryny ýadyna saldy. Onuň göwnüne
bolmasa, ol ony söýýän ýalydy, hawa, ol häzir ýeke bir Guliswardini söýmän, eýsem bütin jahany
bagryma bassam diýýärdi.
1 Dzegwi-Mshet şäheriniň ýanyndaky oba
2 «Oroweia»-talabanyň aýdymy
«Ah, birnäçe tanap ýeriň bilen bir-iki jüp öküziň bolup, ýanyňda-da Guliswardi otursady» diýip,
Durmuşhan içini gepledýärdi.
Emma onuň pikirleri başga ýakymsyz bir pikir bilen çalyşdy: Durmuşhanyň etsem diýýän
zatlarynyň ählisi üçin pul gerekdi, pul bolsa onda ýokdy. Knýaza gulluk edip, kynlyk bi- len, belki
hem galplyk bilen ýygnan sanlyja onluklary-da onuň göwnüne düwýän zatlaryny etmäge ýetjek
däldi... Ol öz ýagdaýynyň göz- gynydygyna diňe şu wagt düşünip galdy.
— Aýby ýok, Hudaý bardyr! Iň kyny — şol näletsiňmiş gulçulykdan dynmakdy. Indi ähli zat
özüme bagly! — diýip, Durmuşhan içini gepletdi we etmeli zatlary barada pikir edip başlady.
Böwrüni diňläp bolandan soň, Durmuşhan bir täjire satyjy bolup işe durmaly diýen netijä geldi.
Emma kime durmaly? Söwdanyň ösen wagty bolan biziň günlerimizde hem her näçe akylly bolsada, nätanyş adama täjirlerden iş tapmak aňsat däl. 01 wagtlar-ha bu has hem kyndy, aýratynam
ýersiz-ýurtsuz Durmuşhan ýalylar üçin kyndy. Emma Durmuşhan beýle kynçylyklardan
gorkýanlardan däldi.
«Näme biderek kelle çişirip! Meni işe alan bolsa-ha bolany! Bolmasa-da ýabymy, ýaragymy
sataryn-da, üstüne ýygnanja pullarymy goşup, oňa bir ýerden dükan açaryn... Meniň özüm täjir
bolup, satygçy edinerin». Oglan, çakyr süz, «Ýok, ene, özüme-de gymmat düşdi, beýle bolsa
maňa galýan peýda ýok» diýip, ol öz ýanyndan alyjylar bilen gürleşdi.
Durmuşhan ýol bilen şeýle pikirlere gümra bolup barýardy, birden onuň gözi öň ýanyndaky çeşmä
düşdi. 01 ýer oňa düşlemäge örän amatly bolup göründi. Sebäbi Durmuşhan ertirden bäri hiç zat
iýmändi, ol atdan düşdi, horjuny aldy we ýabysyny duşap, ota goýberdi. Soňra ol horjuny çözüp,
onuň içinden çörek, peýnir çykaryp, otuň üstüne saçak ýerine ýaglyk ýazyp, iýip başlady.
Durmuşhan garnyny ömründe ilkinji gezek hojaýyn agzyndan galan galyndylardan däl-de, öz
döwüm çöreginden doýurdy, döwüm gury çörek, gör, nähili süýji bolup göründi!
Ynsan durmuşy örän tasin guralan! Käte adam özüne durmuş ýoluny seçip alýar, emma birden
oslanmadyk zat ony seçip alan ýolundan sowýar- da, otursa-tursa ýadyna düşmeýän ýere alyp
gidýär. Ynha, Durmuşhanyňkam şeýle boldy.
Iýip-içip boldy-da, ýabysynyň dynjyny al- manlygyna göz ýetirip, Durmuşhan ädigini çykardy we
irkileýin diýip gyşardy. Şol salymyň özünde çeşmäniň ýanyna üç sany türk ýetip geldi.
Durmuşhan ilkibada olary özüni talajak bolýan garakçylardyr öýtdi we olara gaýtawul berjek
bolup, ýaragyna ýapyşdy. Türkler çeşmäniň gyrasyna geldiler-de, Durmuşhana salam berip, atdan
düşdüler.
— Ýaş ýigit, soraýanymyz üçin bagyşlaň, siz nireden gelýärsiňiz? — diýip, türkleriň
ýolbaşçyragy sorady.
— Tiflisden, jenabym! — diýip, Durmuşhan jogap berdi.
— Siz Tiflisiň özündenmi?
— Size nähili aýtsamkam: özünden diýseň hem bolýar, özünden däl diýseňem.
— Bu nähili beýle bolýar?
Durmuşhan olara özüniň bütin ömrüni
başdan-aýak gürrüň berdi. Durmuşhan sözüni gutarandan soň, türk:
— Ýigit, saňa bagtly diýmeli, sebäbi sen gulçulykdan adam ganyny dökmän halas bolupsyň.
Beýle bagt her kime ýetdirip dur- maýar. Eý, Taňrym! Bu çaga maňa ýatsam- tursam ynjalyk
berenok! Ol gije-gündiz meniň göz öfiümde dur, men ondan gaçyp nirede giz- lenjegimi bilýän
däldirin... Bir wagtlar menem bagtlydym, bir wagtlar menem göwnümde çigit ýalyjak hem kirsiz
asmana seredip bi- lýärdim, indi bolsa... Indi men ganhor, dinden çykan! Onsoň asman meniň
günämi geçermi? — diýip, öz başyna hümürdedi.
Durmuşhan oňa haýran galyp seretdi.
— Siz näme diýjek bolýaňyz? Hiç düşünip bilýän däldirin, ýöne men siz türk dälmikäňiz diýýän.
— Hawa, men gürji — diýip, «türk» gaýgy- ly aýtdy.
— Onda näme, siziň egniňizdäki türk köý- negi-le? Özüňizi alyp barşyňyz-zadyňyz hem edil türk
adamsynyňky ýaly-la?
— Munuň hem öz sebäbi bar.
— Onuň nähili sebäpdigini soraýsam, gödek- lik etdigim bolaýarmyka?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Suramy galasy - 2
  • Parts
  • Suramy galasy - 1
    Total number of words is 3913
    Total number of unique words is 2138
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Suramy galasy - 2
    Total number of words is 3994
    Total number of unique words is 2156
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Suramy galasy - 3
    Total number of words is 3962
    Total number of unique words is 2007
    35.0 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Suramy galasy - 4
    Total number of words is 1872
    Total number of unique words is 1120
    40.5 of words are in the 2000 most common words
    53.3 of words are in the 5000 most common words
    60.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.