Latin

Sud Edilişi - 4

Total number of words is 831
Total number of unique words is 551
37.8 of words are in the 2000 most common words
50.0 of words are in the 5000 most common words
55.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
görendigini ýazypdyr. Üstesinde-de ertesi Lebedinskaýada sülçüler bilen gelip, hökümi dogry hasaplaýandygy,
günäsiniň geçilmegini soraýandygy barada haýyşnama
ýazmagy maslahat beripdir. Aklawjy bolaýşyny diýsene!
Bir ministrlige garaşly sülçüler derňew geçirýärler, şol
ministrligiň goşunlarynyň tribunaly sud edip höküm
çykarýar. Aklawjy hem olaryň tarapynda. Ýeri onsoň
muňa neneň oňat taýýarlanylan spektakl diýmejek?!
Harby tribunalyň özleriniň diýenlerinden çykyp
bilmejekdigini sülçi-de, ministrligiň jogapkär işgärleride B. Garryýewe ençeme sapar gönüläp aýdypdyrlar.
Şeýlelikde, derňew täzeden başlanýar. Ony, elbetde,
ýene-de şol ministrligiň işgärleri alyp barýarlar. 1955nji ýylyň 10-njy fewralynda 13 sagat 50 minutdan
17 sagat 40 minuda çenli edilen soragda professor
özüni uklatmaýandyklary barada arza prokurora arza
76
ýazandygyny, emma ol arzanyň gelip sülçi Leonidowyň
eline düşendigini aýdypdyr. Şonda Leonidow oňa: «Men
seni mydamalyk uklar ýaly hem edip bilerin» diýip
haýbat atypdyr. 1952-nji ýylyň dekabrynda uklandygy
üçin B. Garryýewi bäş gije-gündiz kansere salypdyrlar.
Sülçiniň ikiçäk mahallary özüne «duşman», «itiň biri»
diýen ýaly sözler ulanyp sögýändigini, yz galmaz ýaly
ýumşak ýerlerine urýandygyny görkezipdir. Professor
soňra bular barada inisi Nura hem gürrüň beripdir.
Has aýdyň bolar ýaly soraglaryň biriniň protokolyny
dolulygyna getirmegi makul bildik.
«Günäkärlenýän
Garryýewden edilen
Baýmuhammet
Atalyýewiç
SORAGYŇ PROTOKOLY
1955-nji ýylyň 14-nji fewraly.
Aşgabat şäheri.
Soragyň başlanan wagty 13 sagat 30 minut.
Soragyň tamamlanan wagty 17 sagat 47 minut.
Sowal: 1955-nji ýylyň 11-nji fewralynda beren
görkezmeleriňiziň üstüne näme goşmak isleýärsiňiz?
Jogap: 1955-nji ýylyň 9-njy we 10-njy fewralyndaky
soraglara 1953-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda meni
77
çagyranda Leonidowyň kagyzdan tabyt edendigini
dilden ýatlap geçipdim. Ýöne 1955-nji ýylyň 11nji fewralyndaky soragda men bu barada aýtmagy
unudypdyryn. Häzir özümiň beren görkezmelerimiň
üstüni ýetirmek isleýärin.
1953-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Leonidowyň
diýşi ýaly arza ýazmazymyň öň ýanynda, ol, Leonidow
kagyzdan tabyt ýasady we ony görkezip, şaýatlaryň
görkezmelerini boýun almadyk halatymda, şonuň
(tabydyň) meniňki boljakdygyny aýtdy.
Sowal: Ýene näme görkezmek isleýärsiňiz?
Jogap: 1953-nji ýylyň 2-nji fewralynda Leonidow
meni kabinetine çagyrdy. Leonidow maňa kagyz we
galam berip, arzany dowam etdirmegimi talap etdi.
Men arzany ýazdym, soňra bolsa Leonidowyň talap
edişi ýaly onuň käbir ýerlerini taşlap, täzeden göçürdim.
1953-nji ýylyň 3-nji fewralynda sülçi Leonidow
meni ýene-de kabinetine çagyrdy, şol ýerde ministriň
adyna iberen arzamy onuň talap edişi kimin ýazyp
tamamladym.
1953-nji ýylyň 5-nji fewralynda Leonidow meni
ýene çagyrdy, basym prokuror Pronçenko geldi. Şonuň
78
ýanynda Leonidow maňa özümiň arzalarymda beýan
edenlerimi tassyklaýandygymy görkezýän jogaplar
ýazylyp goýlan soragyň protokolyny berdi we gol
çekmegimi teklip etdi.
Men jogaplary özümiň ýazmak isleýändigimi aýtdym.
Leonidow muňa razy bolmady. Prokuror Pronçenko
jogaplary meniň özümiň ýazmagyma rugsat bermegi
Leonidowa teklip etdi.
Haçan-da Leonidow sowallar ýazylan soragyň
protokolyny uzadanda gorkaklyk edendigimi,
geljegimden howpurganyp, özüm barada nädogry
görkezmeler berendigimi çaltjak oňa ýazdym we
Leonidowyň ýanynda stoluň üstünde ýatan arzalarymy
almakçy boldum. Men olara-da şunuň ýaly bellik
etmekçidim, ýöne arzalary almak maňa başartmady.
Şol arzalaryň biriniň burçuna meniň ruçkamdan syýa
damandygy ýadymda. Şonda men arzalary grky astynda,
özümiň we garyndaşlarymyň janyndan howatyrlanyp
ýazandygymy prokurora düündirdim.
Pronçenko Leonidowyň tarapyna geçdi we ýazan
arzalarymdan el çekäýsem, günämi boýun almasam,
tribunalyň meni ölüme höküm etjekdigini, şeýle
höküm çykarylmagyny gazanjakdygyny, özüniň
79
garalaýjy bolup çykyş etjekdigini aýdyp, haýbat atdy.
Meniň entek aglamaly, dyza çöküp rehim edilmegini
soramaly boljakdygymy, ýöne gözýaşlaryň nepiniň
degmejekdigini aýtdy. Pronçenko hem gowy we
ýaramaz lagerleriň bardygyny agzady.
Soňra derňew bölüminiň naçalnigi Kuznesow geldi
we ol hem maňa haýbat atmaga başlady.
Basym Kistow geldi. Kistow öňki äheňinde beren
maslahatlaryny gaýtalady.
Men nähilidir bir erbet ýagdaýa düşdüm we agladym.
Kabinete başga-da adamlar girip çykýardy, kimlerdigi
anyk hakydamda däl.
Kistow kimedir birine derman getirtdi, men ony
içdim. Haýbat atmalar we töwella etmeler dowam etdi.
Şonda arzalarymy tassyklap we günämi boýun alyp,
protokola gol çekdim, şeýdenimden soň meni kamera
ugratdylar.
Soragyň protokolyny okadym, meniň sözlerim
esasynda ýazylan jogaplar dogry (B. A. Garryýewiň
goly).
80
Sorag eden: TSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky
DHK-nyň derňew bölüminiň uly sülçüsi, kapitan
(BUÇIN)»
Şol ýylyň 11-nji maýynda kapitan Buçin ýüklenilýän
günäleriň birnäçesiniň aýrylýandygy barada karar
kabul edipdir. Ýöne welin ony doly aklamak barada
gürrüň ederden entek irdi. Stalin aradan çykan,
Beriýa atylanam bolsa, duşmanlara rehimsiz bolmak,
hüşgärligi elden bermezlik ruhy dowam edýärdi.
Men B. Garryýewiň şol ýagdaýda-da sülçüleriň
garşysyna çykyp, bigünädigini subut etmäge bolan
sähelçe mümkinçiligem elden gidermändigine telpek
goýýaryn. Ýogsam 20-30-njy ýyllaryň elhençliklerini
başdan geçiren adam tizden-tiz boýun egäýjek ýaly.
Otuzynjy ýyllarda bolsa üçlükleriň bigünä adamlary
neneňsi gyrandygy baradaky dokumentleriň käbiri
bilen tanyşmak we makala ýazmak maňa miýesser etdi.
Şol ýyllarda adamlary nädip türmä basandyklary
barada aşakdaky ýaly anekdot hem aýdýarlar. Syýasy
tussaglar bir-birine özleriniň nähili günä ýüklenip
basylandygyny aýdyp berýärmişler. Emma olaryň
biri sesini çykarman oturanmyşyn. Ondan hem
başdan geçirmelerini gürrüň bermegini sorapdyrlar.
81
Ol näme üçin tussaghana salnandygynyň sebäbini
bilmeýändigini aýdyp, şulary gürrüň beripdir:
«Meniň özüm ussa. Bir gün raýkoma çagyryp,
jaýy ýyladyş sistemasynyň işlemeýändigini aýtdylar.
Men barlap gördüm. «Ýeri, nähili?» diýdiler. Menem
«Sistemany çalyşmaly» diýdim. Bar bolany şol. On
ýyl iş kesdiler. Ynha, indem siziň araňyzda». Hawa,
şu ýagdaýlardan habarly-da bolsa B. A. Garryýew
sülçüleriň garşysyna gitmäge batyrlyk edipdir.
Bu gezek B. A. Garryýewiň işine Türkmenistan SSR
Ýokary sudunda Sapardurdyýewiň başlyklyk etmeginde
(halk oturdaşlary Abramow hem-de Kanşin) ýapyk sud
mejlisinde garalýar. Suduň mejlisi Aşgabat şäheriniň
Stalin raýonynyň halk sudunyň 2-nji uçastogynyň
jaýynda 1955-nji ýylyň 31-nji oktýabry — 5-nji noýabry
aralygynda bolup geçýär. Professor deslapky derňewdede, sud mejlisinde-de özüni günäkär hasap etmändir.
Mugallymyň ýakynlary oňat aklawjy tutmagyň
aladasyny edipdirler.
82
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Sud Edilişi - 1
    Total number of words is 3395
    Total number of unique words is 1891
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Sud Edilişi - 2
    Total number of words is 3331
    Total number of unique words is 1874
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Sud Edilişi - 3
    Total number of words is 3361
    Total number of unique words is 1909
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Sud Edilişi - 4
    Total number of words is 831
    Total number of unique words is 551
    37.8 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.