Latin

Sud Edilişi - 3

Total number of words is 3361
Total number of unique words is 1909
29.2 of words are in the 2000 most common words
40.5 of words are in the 5000 most common words
46.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
men onuňam görkezmelerini inkär etdim. Sebäbi şaýat
şol ýyllarda meniň göwnüçökgünlikli garaýyşlarymy
doly goldaýardy, frontdaky we tyldaky ýagdaýlar barada
51
antisowet, töhmetçilikli sözleri aýdýardy. Ýüzbe-ýüz
duşuşykda graždanin şaýadyň göwnüçökgün, antisowet
garaýyşlary ýaýradandygymy paş edip, özüniň meniň
bilen bilelikde eden şunuň ýaly etmişleri barada dil
ýarmandygy janymy agyrtdy. Onsoňam men şaýadyň
antisowet pikirleri barada aýtmak biderek bolar, hiç
kim maňa ynanmaz hasap etdim.
Şaýadyň men tarapdan göwnüçökgün, antisowet
garaýyşlaryň aýdylandygy baradaky görkezmeleriniň
dogrudygyny tassyklaýaryn...
Graždanin ministr, şu gün men öz inisiatiwam
boýunça duşmançylykly antisowet işim barada dogruçyl,
akgöwünli, öz ellerim bilen ýazylan görkezmeleri berip
başladym. Bu görkezmeleri men dowam etdirerin. Şoňa
görä-de şu görkezmelerimi meniň derňew işime çatmak
hem-de harby tribunal meniň işime seredende olary
nazar almak baradaky haýyşymy unutmazlygyňyzy
haýyş edýärin.
B. Garryýew
1953-nji ýylyň 31-nji ýanwary
Arzany kabul edip alanlar:
TSSR DHM-niň derňew bölüminiň naçalnigi döwlet
52
howpsuzlygynyň podpolkownigi
(KUZNESOW)
TSSR DHM-niň derňew bölüminiň otdeleniýesiniň
naçalniginiň orunbasary, döwlet howpsuzlygynyň
maýory
(LEONIDOW)»
Şundan soň B. Garryýew şular ýaly arzalary ýene-de
ýazypdyr. Arzalary ýene-de Kuznesow bilen Leonidow
kabul edip alypdyrlar. Şolaryň biriniň aşagyna «1953nji ýylyň 3-4-nji fewraly» diýlen sene goýlupdyr.
Hormatly okyjy, şu senä üns ber. Ol oýlanmaga
mejbur edýär. B. Garryýew bu arzany nirede ýazdyka?
Türmäniň kamerasyndamy ýa-da sülçiniň kabinetinde?
Näme sebäbe görä arzanyň aşagyndaky senede iki gün
görkezilipdir. Dogry, mugallym ony iki günde-de,
belki ondanam köp wagtlap ýazyp biler. Şeýle bolsa
arzanyň iň soňky nokady goýlan güni görkezmek
ýeterlik dälmikä? Arzany kabul edenler hem bu barada
aýtmandyrlar. Munuň özi mugallymyň bu arzalary
ýeke özüniň, öz erkine ýazmandygyny aňladýar. B.
Garryýew 2-nji fewralda-da şu zeýilli arzalaryň birini
ýazypdyr. Diýmek, bu ýerde galplyk, diýdimzorluk,
güýç ulanmak, mejbur etmek bolaýmaly. Soň munuň
53
özi hakykatdanam şeýle bolup çykýar. Ol barada ýenede gürrüň ederis.
Nury aganyň aýtmagyna görä, Baýmuhammet
Atalyýewiç ozalam türmäniň howasyndan «dem
alyp» görüpdir. Tejende işläp ýörkä, ony kakasy bilen
bilelikde-de türmä salypdyrlar. Tejene bolsa olaryň
maşgalasyny baý-kulak hökmünde sürgün edipdirler.
— Bizi respublikamyzda özümiz haýsy raýony
islesek, şoňa gitmeli etdiler. Tejene gitmegi makul
bildik. 1929-njy ýylyň 29-njy aprelinde Tejene bardyk.
Ikinji Babadaýhan oba Sowetiniň Baraklar obasynda
ýerleşdik. Şol ýerde daşkyrak garyndaşymyz bardy.
Öýümizi otla ýükläp äkitdiler. Sygrymyzy, ýabymyzy
garyndaşlarymyzyň biri sürekläp alyp bardy. Gowuja
ýaşap ýördük. Baý strahowaniýe agentliginde dilmaçlyk
edýärdi. Ol aýaly bilen şäheriň gyrasynda özbaşdak
ýaşaýardy. Bir gün kakam bilen Baýy tutdular. Ikisem
Tejeniň türmesinde ýatyr. Men oba Sowetinden Baýyň
bizden aýry ýaşaýandygy barada sprawka alyp eltip
berenimden soň, Baýy boşatdylar.
Bir gün ejem Baýyň gyzy bolupdyr diýip, eşejigini
münüp gitdi. Iň kiçimiz Seýidem elinde, Aba ikimiz
öýde galdyk. Ir bilen oba döküldiler. Bize-de «Hiç
54
ýana gitmäň. Mal-garaňyzy meýdana goýbermäň»
diýip geçip gitdiler. Onsoň gelip Aba ikimizem türmä
äkitdiler. Mallarymyzy sürdüler. Ejem öýe gelse, biz
ýok. Goňşy-golamlar bolan ýagdaýy aýdypdyrlar. Ejem
ýene yzyna Baýlara barýar. Ertesi türmä geldi. Tejeniň
türmesem adamdan doly.
Ol mahal kakamy Aşgabadyň türmesine türmesine
geçiripdiler. Baý hem Aşgabada gaýdypdy. Sarahs
taraplardan tutulyp getirilenlerem jemläp wokzalda
wagonlara basdylar. Şonda erbet aglaşyk boldy. Tussag
edilenler, ugradýanlar hemmesi aglaýar. Müň adam
dagy birden aglasa, gaty erbet bolýan ekeni. Şol agy sesi
şunça ýyllar ötse-de, gulagymdan gidenok. Hemmäni
Aşgabadyň golaýyna getirip düşürdiler. Ejem ýaş
çagaly bolansoň ulagly alyp gaýtdylar. Bizi bolsa elleri
ýalaňaç gylyçlu, atly soldatlar öňlerine salyp, sürüp
gelýärdiler. Aýyň ýagtysyna gylyçlary ýalp-ýalp edýär.
Respublikanyň ähli ýerinden ýygnalan adamlary
Aşgabatda häzirki respublikan harby komissariatyň
ýerleşýän ýerine jemlediler. Howa sowuk. Köpüsiniň
aýakgaby, geýimem ýok. Kakamy hem getirdiler.
Ýygnanan jemendäniň ählisini goýun ýüklän ýaly
wagona basyp, Syrderýa sary iberdiler. Ýük otlularyda. Iýgi-içgi ýok. Buşukmaga-da goýberenoklar.
55
Amyderýadan geçenimizden soň gapyny açdylar. Çörek
berdiler. Her wagona starosta bellediler. Garyndaşy
bolanlar ony-muny berýärler. Wagonlardaky adamlar
dürli milletiň wekilleri. Orslaram, malakanlaram,
başgalaram kän.
Nury aganyň Syrderýada lagerde gören görgüleri
baradaky gürrüňleri diňläniňde, depe saçyň üýşüp
gidýär. Sürgün edilenleri Syrderýa stansiýasyna eltip,
gije aý-aýdyňda garyň üstüne döküpdirler. Goşa örküçli
düýelere mündirip lagerlere äkidipdirler. Ýalaňaç
sährada adamlar açlykdan ölüpdir. Ýaş çagalar basym
gyrlypdyr. Garahassalyk başlapdyr. Ýuwnup-ardynmak
barada gürrüňem ýok. Içmäge-de suw ýetenok. Olar
«Nižniý Hansk» diýen sowhozda, 5-nji OGPU-nyň
4-nji lagerinde bolupdyrlar. 8-10 ýaşly çagalar hem işe
gitmeli ekeni. Işe çykmasa, çörek bermändirler. Nury ol
ýerde ýetginjeklere brigadirlik edipdir.
– Aýakgabymyz galoşdy. Bir gezek ejem pahyr garyň
içinden gelýärkä aýagyndaky galoşyň gaçyp galanyny
bilmändir. Ýatlar ýaly bolmady. Ýaz çykandan soň
garyň garahassalygy başlady – diýip Nury aga sözüni
dowam etdirýär. – Bitimizi şänik ýaly edip, bahara
ýetdik. Büre köpeldi. Geň gören zadym büre bitleri
iýýän ekeni. 1933-nji ýylyň 23-nji awgustynda Baý bizi
56
alyp gaýtdy ol dowzahdan. Maýyp diýip sprawka alan
ekeni. «Aşgabat şäherinde ýaşamaga hukugyňyz ýok»
diýdiler. Şonda-da Aşgabatda galdyk. Gidrotehnikuma
okuwa girdim.
Nury aga gidrotehnikumda uzak okamak miýesser
etmändir. Bir gün okuwa gelse, sosial gelip çykyşyny
gizlänligi üçin diýip okuwdan çykarylýandygy barada
buýruk asyp goýupdyrlar. Nury gürleşip görmek niýeti
bilen mugallymlaryň ýanyna barmakçy bolupdyr. Ýöne
okap ýörenleriň biri oňa gözlerine görnäýse, egnindäki
eşikleriniňem alynjakdygyny duýdurypdyr. Tehnikum
okuwçylara penjek, botinka berýän ekeni. Nury duran
ýerinden yzyna gaýdýar we bir aýdan soň industrial
politehnikuma ýerleşip, okap başlaýar. Bir ýyldan soň
Nuryny şäher sowetine deputat saýlapdyrlar. Nury agada häzire çenli deputatlyk mandaty saklanyp galypdyr.
1953-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenitsan
SSR Döwlet howpsuzlygy ministrliginiň we
ministrligiň goşunlarynyň harby prokuraturasynyň
ýolbaşçylary Baýmuhammet Garryýewi aýyplaýyş
hatyny tassyklapdyrlar. Onda mugallymyň üstüne
ýüklenmedik günä ýok. Sosial gelip çykyşyny gizläp,
partiýa giripdir. Hakykatda bolsa ol uly söwdagär
baýyň ogly ekeni. 1941-1945-njy ýyllaryň urşunda
57
SSSR ýeňiläýse, milletçilikli toparlanyşygyň agzalary
Türkmenistanyň buržuaz Türkiýä birleşdirilmegini
isläpdirler. B. Garryýew Aşgabatda döredilen antisowet
toparlanyşygyň ýolbaşçylarynyň we ideologlarynyň
biri bolupdyr. Ol şu toparlanyşygyň agzalary M.
Kösäýew, O. Abdalow we beýlekiler bilen ençeme
ýyllaryň dowamynda partiýa we Sowet döwletine garşy
guramaçylykly işjeň göreş alyp barypdyrlar. Görer göze
«halk» eposlary, «taryhy» eserler diýen bolup, reaksion,
buržuaz-milletçilikli ideýalary metbugatda hem ilat
arasynda wagyz-nesihat edip gelipdirler we şuňa
meňzeşler.
Sud
seljermesi
bary-ýogy
ýekeje
günde
tamamlanypdyr. 1953-nji ýylyň 13-nji martynda
ýustisiýanyň polkownigi Korobowiçiň başlyklyk
etmeginde TSSR DHM-niň goşunlarynyň harby
tribunaly B. Garryýewi sud edýär. Halk oturdaşlary
döwlet howpsuzlygynyň polkownigi Kolodýažnyý
we döwlet howpsuzlygynyň uly leýtenanty Lapşin.
Kapitan Samarskiý sekretarlyk edipdir, kiçi leýtenant
Sarkisow dilmaç. TSSR DHM-niň goşunlarynyň harby
prokurorynyň kömekçisi Pronçenko hem-de aklawjy
Lebedinskaýa gatnaşypdyrlar.
Gepiň gysgasy sud B. Garryýewi günäkärlemek
58
üçin subutnamalar ýeterlik hasap edýär. TSSR Jenaýat
kodeksiniň iki maddasy boýunça günä bildirilip,
olaryň her biri boýunça 25 ýyl zähmet-düzediş lagerine
ibermäge höküm edýär. Ýöne edilen jenaýatyň jemini
nazara almak bilen, azatlykdan mahrum etmegiň
möhletini 25 ýyl diýip belleýär. Ähli emlägini konfiksläp,
5 ýyl hem hukukdan kesmeli edilýär.
Sud şonuň ýaly-da B. Garryýewi «Zähmet Gyzyl
Baýdak» ordeninden mahrum etmek baradaky haty
SSR Soýuzynyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumyna
ibermegi karar edýär. Ony 1941-1945-nji ýyllarda
çeken gahrymançylykly zähmeti üçin diýen medaldan,
halk magaryfynyň otliçnigi nyşanyndan, TSSR
Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň we SSSR Ylymlar
akademiýasynyň Hormat hatlaryndan mahrum edýär.
Kassasion tertipde ýazylan arza netijesiz bolýar.
Orta Aziýa okrugynyň DHM-niň goşunlarynyň
harby tribulany şol ýylyň 3-nji aprelinde hökümi öňki
güýjünde galdyrmak barada kesgitnama çykarýar. Şol
kassasion arzada B. Garryýew özüne berlen jeza bilen
doly ylalaşmaýandygyny ýazyp, günäsiniň geçilmegini
haýyş edipdir. Bu şikaýat arzasynyň nähili ýazylandygy
barada giňräk durup geçeliň. Her niçigem bolsa bigünä
halyna 25 ýyl iş kesilmegini dogry hasap etmegi geň
59
ahyryn. Sowuk ülkelerdäki zähmet-düzediş lagerine
gelenden mugallym ýokary instansiýalara özüniň nähak
basylandygy barada ençeme hat ýollapdyr. SSKP MK-a
iki gezek, SSSR-iň baş Prokuroryna, SSSR-iň Baş harby
prokuroryna, SSSR Ylymlar akademiýasynyň prezidenti
A. N. Nesmeýanowa ýüz tutupdyr. Şol hatlarda ol köp
zat barada gürrüň beripdir.
B. Garryýew özüniň sud edilişinde sosialistik
kanunçylygyň we sowet adamynyň konstitusion
hukugynyň bozulandygyny görkezýän iki fakta ünsi
çekipdir. Suduň yz ýanyndan kassasion tertipdäki
arzasyny sülçiniň mejbur edip ýazdyrandygyny
görkezipdir. Höküm çykarylanyndan soň sülçi
Leonidow onuň ýanyna etaplaýyn türmä dört gezek
(bir gezek Mihalýan bilen) gelipdir. Ol mugallymyň
kassasion şikaýat däl-de, günäsiniň geçilmegi
barada haýyşnama ýazmagyny ündäpdir. Şeýle etse,
maşgalasynyň golaýynda galdyrmaga söz beripdir.
Şondan soň B. Garryýew özüni Aşgabadyň zähmetdüzediş koloniýasynda galdyrmak we ylmy işde
ulanmak baradaky haýyş bilen TSSR döwlet howpsuzlyk
ministrine ýüz tutupdyr. Emma görşümiz ýaly, hiç hili
peýda bolmandyr. Ony uzaga iberipdirler. Moskwa
ýazan arzalarynyň birinde öz işini sökmegiň kyn
60
düşjekdigine, sebäbi respublikamyzda giňden tanalýan
adamlaryň oňa dahyllydygyna gowy düşünýändigini
görkezipdir.
Nury aganyň aýtmagyna görä, professorlary tussag
etmek üçin iň bolmanda respublikanyň hökümetiniň
ýolbaşçylarynyňbiriniň goly gerek. Biz professor
B. Garryýewiň işinde şunuň ýaly dokumente gabat
gelmedik. Ýöne uly wezipeli adamlary ýygnajak
bolanlarynda degişli ýolbaşçylardan, mysal üçin,
uly harby naçalnikleri basmak üçin harby ministr
Woroşilowdan ygtyýar alandyklary barada okyjylar
merkezi metbugatdan okandyrlar.
Moskwada işläp ýören Nury Garryýew agasyna
kömek etmek üçin ylgama kemini goýmandyr. Ozaly
bilen oňat aklawjy tapypdyr. Aklawjy suduň ýalňyşyny
bada-bat ýüze çykarypdyr. Iki madda boýunça
günäkärläp, hersi boýunça 25 ýyl diýilmegi eýýäm
sud praktikasynda ýalňyşlyk. Diýmek, 50 ýyla höküm
edildigi bolýar.
Aklawjy derňewde edilen jebir-sütemler barada
gürrüň gozgalanda diňe hakykaty aýtmalydygyny
düşündiripdir. Jikme-jik ýazmalydygyny, elbetde, sütem
etmek köp gezek gaýtalanan bolsa, wagtyny, detallaryny
61
ýada salmagyň ýeňil düşmejekdigini, ýöne ilkinji gezek
berlen jebri-jepanyň hiç wagt unudulmaýandygyny
aýdypdyr.
Nury aga bular barada agasyna habar beripdir. Beriýa
atylandan soň, zähmet-düzediş lagerindäkiler bilen
seýregem bolsa hat alyşmaga, ony-muny ibermäge
rugsat edilipdir. Şol iberilýän zatlaryň arasyna bilinmez
ýaly edip türkmençe ýazypdyrlar. Professor lagerden
iberen arza-şikaýatlarynda edilen sütemler barada
görkezipdir. Ine, olaryň biri:
«SSR SOÝUZYNYŇ YLYMLAR AKADEMIÝASYNYŇ PREZIDENTI akademik A. N. NESMEÝANOWA
TSSR YA-nyň ozalky habarçy-agzasy, professor B. A.
GARRYÝEWDEN
Hormatly prezident!
Meniň şahsy işim bilen tanyşmaga mümkinçilik
tapmagyňyzy we meniň reabilitirlenilmegime ýardam
etmegiňizi haýyş edip Size ýüzlenýärin. Sebäbi bu işde
şeýle bir ýagdaýlar bolup, sowet ylmynyň bähbitleriniň
goragynda durýan edaranyň ýolbaşçysy hökmünde ol
ýagdaýlar sizi gyzyklandyrmalydyr.
15 ýyldan gowrak men türkmen filologiýasy
62
boýunça derňew işlerini geçirdim, şonda 1945-nji
ýyldan 1952-nji ýyla çenli TSSR YA- yň Taryh, dil we
edebiýat institutyna ýolbaşçylyk etdim. Häzirki wagtda
bolsa geçmişiň edebi-folklor ýadygärliklerine tankyt
tarapyndan otrisatel baha berilmeginiň tipiki pidasy
boldum...
Orientalistikada XI-XII asyrlaryň ýadygärligi
hökmünde belli bolan «Gorkut ata» 1951-nji
ýylda ilki başda Azerbaýjanda, soňra awtomatik
suratda Türkmenistanda milletçilikli we halklaryň
dostlugy ruhuna duşmançylykly eser hökmünde
baha berilmegini tutaryk edinip, Aşgabatda heniz
çapdan çykmadyk kitabyň redaktory bolan meni
garaşylmadyk ýagdaýda buržuaz-milletçisi diýip
yglan etdiler. Şondan soň meni partiýadan çykardylar.
TSSR YA-nyň habarçy-agzasy diýen atdan mahrum
etdiler. Meniň we ähli maşgalamyzyň yzarlanylmagy,
gözden düşürilmegi, menden aç-açan öç alynmagy
bilen tamamlanyldy: 1952-nji ýylda men şol ýylyň
özünde howul-hara çörňelen fiktiw iş boýunça TSSR
DHM organlary tarapyndan tussag edildim. Meniň
töweregimde gurnalan oňşuksyzlyk, ylmy-barlag
işlerime birtaraplaýyn baha berilmegi we 2-3 sany
şaýadyň – prowokatorlaryň haýsydyr bir antisowet
63
sözleri diýendigim baradaky ýalan görkezmeleriniň
alynmagy netijesinde hiç haçan etmedik jenaýatlarymda
günäkärlendim. Meniň şular ýaly jenaýatlar edendigimi
subut eder ýaly subutnamalaryň ýeterlik we ynandyryjy
däldigine gözüni ýetirmek bilen, derňew ähli gujurgaýratyny we ugurtapyjylygyny şol fantastiki jenaýatlara
baş goşandygymy boýun almaga mejbur etmäge
gönükdirdi. Şu niýet bilen türmede meniň garşyma
derňewiň sowetler ýurdunda ýol berilmesiz metodlary:
fiziki güýç ulanmak, uzak döwrüň dowamynda
ukudan galdyrmak, nejislik bilen üstüňden gülünmegi,
yzygiderli nerwleriňi oýnamak ulanyldy. Bir tarapdan,
boýun almasam, menden we maşgalamdan gazaply
öç alynjakdygy bilen gorkuzdylar, beýleki tarapdan,
«ak ýürekden boýun alsam» basym boşadyljakdygym
we ş. m. barada ýalandan söz berdiler. Lükgeligine
ylma berlen, ozal sud edilmedik, DHM-niň içerki
türmesinde şunuň ýaly ýagdaýa ömründe ilkinji
gezek sezewar edilen adam, ýagny men ýygy-ýygydan
keselleýärdim. TSSR DHM-niň käbir wezipeli işgärleri
tarapyndan şeýle bir terrorizirlenildim we aldandym
welin, ýalan şaýatlaryň heňe gelmeýän görkezmelerini
üç aýdan gowrak wagtlap inkär edenimden soň olary
«boýun almaga» mejbur boldum. Derňew meni öz
64
günälerimiň üstüni açan häsiýetdäki arzalary ýazmaga,
şonuň ýaly-da berilýän soraglara jogaplar derňewiň
özi tarapyndan (sülçi Leonidow, derňew bölüminiň
naçalnigi Kuznesow, döwlet howpsuzlygy ministriniň
orunbasary Kuznesow) ozalyndan ýazylyp goýlan sorag
etmeleriň protokollary diýilýänlere gol çekmäge mejbur
etdi. Hatda kassasion arzada hem men derňewiň diýen
sözlerini ýazdym. Onda «hökümi dogry hasaplaýaryn
we onuň ýatyrylmagyny gazanmagy niýet etmeýärin...»
diýen ýaly tassyklamalar häsiýetlidir. Şular ýaly
tassyklamalaryň we bu «dokumentiň» tutuşlygyna
derňewe ýokarda durýan instansiýalary bulaşyklyga
salmak üçin zerur bolandygy görnüp durandyr. Özi-de
bu dokument TSSR DHM-niň goşunlarynyň tribunaly
maňa ähli emlägimi konfiksläp, bäş ýyllap hukukdan
kesmek we 25 ýyllap zähmet-düzediş lagerinde
tussaglykda saklamak barada höküm çykarandan
soň ýazyldy. Harby tribunalyň mejlisinde bolsa men
derňewiň zor bilen gol çekdiren zatlaryny mehaniki
suratda gaýtaladym.
Şu ýerde şaýatlar diýilýänleriň ýalan görkezmelerini
getirmegiň we olar hem-de olaryň arkasynda duranlar
bilen meniň gatnaşyklaryma anyk häsiýetnama
bermegiň hajaty ýok. Olaryň hereketleriniň hakyky
65
motiwini barlamakdan aňsat zat ýok. Şonda şahsy
öýke-kineler, konkurensiýa we bäsleşik esasynda
meniň bilen duşmançylyk edýänleri görersiňiz,
maşgalanyň aryny almak adaty boýunça hereket
edýänlerem taparsyňyz. Bularyň hakykatdanam
şeýledigini meniň işime täzeden, obýektiw derňew
geçirilende subut ederin. Diňe bir maňa ýöňkelýän
antisowet gürrüňler, buržuaz-milletçilikli garaýyşlar
däl, eýsem müň ýyla golaý mundan ozal döredilen
edebiýat we folklor ýadygärliklerini neşir etmek arkaly,
hamala, meniň bilgeşleýin baý-feodal jemgyýetini
(delil – men baýyň ogly!) ideallaşdyrandygym, yslam
dinini propagandirländigim we şuňa meňzeşler barada
günäkärlenmegimem hiç bir jähtden esassyzdyr. Ol
ýadygärlikler ylymlar akademiýasynyň we döwlet
neşirýatlarynyň respublikanyň ýolbaşçy instansiýalary
tarapyndan tassyklanylýan planlaryna girizilendir.
Ýöňkelýän günäleriň näderejede ýerliksizdigine,
hökümiň näderejede gazaplydygyna we düşnüksizdigine
bolmanda şu faktlaram şaýatlyk edýär.
Derňew we sud, şonuň ýaly-da meniň ýalan şaýatlarym
köne jemgyýeti ideallaşdyrmakda aýplamak üçin esasy
tutaryk hökmünde baý maşgaladan gelip çykandygymy
ýanjaýarlar. Özümiň kulak maşgalasyndandygymy inkär
66
etmän (ýogsa-da kakam Sowet häkimiýetiniň ilkinji
ýyllarynda obamyzdaky ilkinji mekdepde müdirlik etdi
we 1939-njy ýylda işçi mahaly aradan çykdy), meniň
we biziň maşgalamyzyň sowet häkimiýetiniň ýyllary
içinde ýeten derejesine ýetmegiň başga hili gurluşda
asla ýadyňa-oýuňa getirmegiňem mümkin däldigini
nygtamalydyryn. Kommunistik partiýanyň milli
syýasatynyň saýasynda Sowet döwletiniň maňa şeýle
bilim berendigini, mähriban ýurdumda şunuň ýaly
maddy abadançylyk we sosial ýagdaý döredendigini,
köne, patriarhal Türkmenistanda bu barada meniň
arzuwam edip bilmejekdigimi aýtmagam ýeterlikdir.
Sowet gurluşyna duşmançylykly duýgular dörär
ýaly mende hiç hili şahsy «maddy» esaslar ýokdy
we bolubam biljek däldi. Watan öňündäki borjuma
düşünip, men ylym we magaryf meýdanynda sowet
jemgyýetine aňrybaş peýda getirmäge çalyşdym. Şonuň
bilen birlikde şahsy durmuşymda we işlerimde ol ýa-da
beýleki ýalňyşlaryň, geçmişiň ol ýa-da beýleki şahyry
barada bişişmedik pikir ýöretmeleriň bolandygyny
inkär edemok. Ýöne olar ýaman niýet netijesinde ýüze
çykan däldir. 1948-nji ýyla çenli ýekeje-de türkmen
professor bolmadyk respublikamyzda ylmyň ösüşi
bilen meniň kämilleşendigimi aňladýandyr. Ynha,
67
meniň biografiýamdan – ylmy-pedagogik işimden anyk
faktlaryň käbiri.
Milletim türkmen, 1914-nji ýylda doguldym,
ýaşlygymdan rus mekdebinde we maşgalasynda
terbiýelendim. TSSR-iň wuzlarynyň üç fakultetini
tamamladym. 1942-nji ýylda Moskwa döwlet
uniwersitetinde kandidatlyk dissertasiýasyny goradym
(1943-nji ýylda çap edildi), 1948-nji ýylda bolsa
SSSR YA-nyň Dil we pikirleniş institutynda filologiýa
ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini almak
üçin dissertasiýa goradym. 1939-1952-nji ýyllarda
türkmen diline, edebiýatyna we halk döredijiligine
bagyşlanylan işleriň 100-den gowragyny neşir etdirdim
we çapa taýýarladym. Olaryň arasynda XVIII asyr
şahyrlary Azadynyň we Magtymgulynyň ömri hem-de
döredijiligi hakyndaky monografiýa, türkmençe-rusça
we rusça-türkmençe sözlükler, XI-XIX asyrlara degişli
edebiýat we folklor ýadygärlikleriniň 50-ä golaýy,
türkmen dili we edebiýaty baradaky makalalaryň
onlarçasy bar. («Sowet edebiýaty», «Izwestiýa TFAN
SSSR», «Izwestiýa AN TSSR» žurnallarynda, «Edebiýat
ensiklopediýasynda», tom II, Moskwa, 1939-njy ý.,
«Uly sowet ensiklopediýasynda», Moskwa, 1948 ý., tom
55 we başgalar). Olardan başga-da okuw kitaplarynyň
68
we hrestomatiýalaryň 11-sini (olaryň altysy TSSR-iň
wuzlary üçin) taýýarladym, rus klassyklarynyň (N.
W. Gogolyň we beýlekileriň) eserlerini türkmençä
terjime etdim. Ylymdaky we magaryfdaky zähmetim
hökümet sylaglary, SSSR YA-nyň haty bilen bellenildi.
1951-nji ýylda bolsa TSSR YA-nyň habarçy-agzalygyna
saýlanyldym.
Emma meniň tussag edilmezimden öň ýanynda
Aşgabatda şeýle bir ýagdaý döredilip, XI-XIX asyrlaryň
meniň gatnaşmagymda neşir edilen edebiýatlarynyň
ählisi diýen ýaly zandyýamanlyk bilen reaksion, dini,
baý-feodal eserler diýip yglan edildi. Derňewe kömek
bermek maksadynda döredilen, rewolýusiýadan ozalky
folklor-edebiýat eserlerine baha bermek baradaky
komissiýa hem şunuň ýaly ugry ýöretdi. Bu döwlet
ähmiýetli mesele — edebi miras baradaky mesele
Bütinsoýuz ylymlar akademiýasynyň we SSSR Ýazyjylar
soýuzynyň gös-göni hem-de ýolbaşçylyk etmek arkaly
gatnaşmagy bilen bir taraplaýyn däl-de, üstünlikli we
obýektiw çözülip bilner hasap edýärin.
Şeýlelikde, türkmen jemgyýetçiliginiň öňünde
meni masgaralamak üçin ähli tagallalar edildi. Ol
jemgyýetçilikde bolsa diňe bir loýal sowet graždany
däl, eýsem alym hökmünde-de, ýalandan salyhatlylyk
69
etmekçi bolman aýtsam, belli bir meşhurlyga eýe
bolupdym. Graždanin we alym hökmünde meniň şeýle
garalmagymdan heý-de bir peýda gelýärmi diýen sowal
ýüze çykýar. Hatda harby tirbunalyň gazaply hökümi bilen
üstüňe atanak çekilen şahsy durmuşymy, ynsan ömrüni
we meniň bedibagt maşgalamyň maşgalabaşysynyň
(ýer titremesi döwründe men aýalymy we bäş çagamy
ýitirdim) ömrüni bir gapdala goýanymyzda hem şundan
Sowet döwletine we sowet ylmyna neneňsi peýda gelýär
diýen sowaly bermek ýerliklidir. Meni terbiýelemek,
ylmy bilimleri we kwalifikasiýalary ele almagym üçin
döwletiň harç eden puly, dogrusy, millionlap manatlar
bilen ölçelýär. Men bolsa şondan soňam bergimi elim
lepetkeli, ýapyk, aýratyn düzgünli lagerde bermäge
mejbur bolýaryn. Meniň fiziki ukyplarym bolsa
noldan sähelçe ýokarydyr... Meniň hünärim boýunça
sähelçe adam işleýär (biz bary-ýogy 3 sany filologiýa
ylymlarynyň doktorydyk). Geçmişde medeniýetde
yza galan türkmen halkyna özüniň intelligensiýasynyň
ilkinji kadrlaryny, ýaş ylmy işgärleriň ilkinji otrýadyny
ýetişdirmäge mümkinçilik berendikleri üçin meniň
halkym Sowet hökümetine, beýik rus halkyna tükeniksiz
minnetdarlyk bildirýär we muňa adalatly guwanýar.
Hut şu ýagdaýda maňa we maňa meňzeşlere täze, has
70
ýokary ylmy-teoretiki derejede durýan işleri döretmek
arkaly kemçilikleri düzetmäge mümkinçilik bermegiň
ýerine olaryň tussag edilmegi we kemsidilmegi Sowet
döwletiniň haýyrly başlangyçlaryna, inisiatiwasyna
kölege salmaýarmy? Meniň watandaşlarym, meni
işlerim boýunça tanaýan ylmy-edebi jemgyýetçilik,
ebetde, käbir görip, monopoliýa topulýan elementleri
hasap etmäniňde, buržuaz milletçiligi, «milletleriň
guramaçylykly toparyna» gatnaşmak diýen ýaly
derňewiň özüniň oýlap tapyp, maňa ýöňkän
günäleriniň dogrulygyna ynanarmyka?.. Meniň milletçi
diýlip yglan edilip, türmä basylmagyma sebäp bolan
edebiýatyň ýurdumyzyň tanymal alymlarynyň hemde edebiýatçylarynyň birnäçesi — W. W. Bartold, G. I.
Karpow, A. Ý. Ýakubowskiý, Ý. E. Bertels, P. G. Skosyrew,
L. I. Klimowiç we beýlekiler tarapyndan işlenilip,
ýokary baha mynasyp bolandygyny siziň dykgatyňyza
ýetirýärin.
Edebi işlerime birtaraplaýyn baha berilmegi,
«şaýatlaryň» ýalan görkezmeleri esasynda DHM-niň
aýry-aýry işgärleri tarapyndan meniň garşyma derňew
işiniň emelleşdirilmegi netijesinde gazaply repressiýa
sezewar edilen mahalymdaky ýagdaýy men örän
umumylaşdyrylan derejede beýan edýärin. Ýöne men
71
zerurlyk ýüze çykan halatynda agzap geçen faktlarym
barada ähli jikme-jiklikleri gürrüň bermäge hem-de
maňa ýüklenen günäniň ýapa degmeýänini görkezmäge
taýýar. Bulardan başga-da käbir zatlar bolup, olar
hakynda diňe haçanda meniň işim täzeden derňelende
gürrüň berip bilerin.
Kommunistik partiýa we Sowet hökümeti ylmyň
gülläp ösmegi hakynda gündelik alada edýärler, onuň
kadrlaryny ýadawsyz üns-alada bilen gurşap alýarlar.
Sowet hökümetiniň baştutany G. M. Malenkow
partiýanyň XIX gurultaýynda hasabat dokladynda
sowet ylmyny has ýokary derejä götermegiň, ylmy
işde tankydy we göreşi ýaýbaňlandyrmagyň zerurdygy
barada aýtdy. Sowet ylmynyň diňe şeýle ýol bilen özüniň
dünýä ylmynda birinji orny eýelemek missiýasyny
ýerine ýetirip biljekdigini ýatlatdy.
SSSR Ylymlar akademiýasynyň graždan prezidenti,
size ýüz tutmagymy ünssiz goýmajakdygyňyza, meniň
işim bilen tanyşmagy mümkin hasaplajakdygyňyza we
degişli instansiýalarda oňa gaýtadan garamak barada
mesele goýjakdygyňyza men pugta ynanýaryn. Şeýle
etmek bilen, Siz aslyýetinde esassyz ýöňkelen günälerden
hem-de iňňän adalatsyz jezadan gutulmagyma ýardam
edersiňiz.
72
Tussag Baýmuhammet Atalyýewiç GARRYÝEW.
Taýşet şäheri, Irkutsk oblasty.
P/ý 215/6 – 048.
1953-nji ýylyň 5-nji sentýabry».
Professoryň özi we ýakynlary tarapyndan yzly-yzyna
ýazylan arzalaryň täsiri duýlup ugrapdyr. Moskwada
işläp ýören Nury Garryýewe harby prokuraturadan
çakylyk gelipdir. Şonda işdeş ýoldaşlarynyň «Bu
nämäniň alamaty?» diýen manyda gözlerini tegeläp,
özüne geň nazar bilen seredişlerini ýatlaýar. Nury
aga Moskwada harby prokuratura baranda, ony
gowy kabul edipdirler hem-de B. Garryýewiň işi
bilen tanyşandyklaryny aýdypdyrlar. «Bu işde harby
jenaýatyň düşnügi ýok» diýipdirler we işi SSSR-iň Baş
prokuroryna ibermekçidiklerini mälim edipdirler.
Ol ýerden SSSR Soýuzynyň Ýokary sudunyň
harby kollegiýasyna gözegçilik tertibindäki protest
iberilipdir. Protestde işde ýol berlen kemçilikler birinbirin görkezilipdir. Neşir edilen eserlere ekspertiza
geçirilmändigi, kanunçylygyň bozulan halatlary
bellenilipdir. Harby tribunalyň M. Kösäýew bilen
73
O. Abdalowyň iş boýunça çykarylan hökümiň, şol
mejlisde B. Garryýewi jenaýat jogapkärçiligine çekmek
barada kabul edilen kesgitnamanyň jenaýat-prosessual
kodeksiniň gödek bozulmagy hasap edilýändigine
üns çekilipdir. M. Kösäýew bilen O. Abdalowyň işi
hem höküm çykarman, täzeden derňew geçirmäge
ibermäge degişli ekeni. Protest şu aşakdaky setirler
bilen tamamlanýar:
«SSSR-de soýuz we awtonom respublikalarda
sudlaryň işiniň guralyşy baradaky Kanunyň 16-nji
maddasyna goldanyp,
HAÝYŞ EDÝÄRIN:
Baýmuhammet
Atalyýewiç
Garryýewiň
işi
boýunça Türkmenistan SSR DHM-niň goşunlarynyň
harby tribunalynyň 1953-nji ýylyň 13-nji martynda
çykaran hökümini, Orta Aziýa okrugynyň DHMniň goşunlarynyň harby tribunalynyň 1953-nji ýylyň
3-nji aprelinde çykaran kesgitnamasyny ýatyrmaly we
işi gaýtadan derňew geçirmek üçin SSSR Ministrler
Sowetiniň ýanyndaky Döwlet howpsuzlygy komitetine
ibermeli.
SSSR-iň Baş prokurorynyň ýerine (A. WAWILOW).
1953-nji ýylyň 1-nji iýuly».
74
Ýöne munuň bilen iş tamam bolaýmandyr. Diňe
bir ýyldanam gowrakdan soň, 1954-nji ýylyň 13-nji
oktýabrynda SSSR Ýokary sudunyň harby kollegiýasy
ýustisiýanyň gwardiýa polkownigi Stuçegiň başlyklyk
etmeginde (çlenleri ýustisiýanyň polkownikleri
Komow we Borisenko) Baş prokurory protestini
kanagatlandyrypdyr, hökümi ýatyryp, işi gaýtadan
derňemäge iberipdir.
Indi berin hakykat dabaralanar öýdýärsiň. Emma
professor ýene-de köp-köp aýlary bendilikde ötürmeli
bolar. Höküm ýatyrylandan soň, SSSR-iň Baş
prokuroryna ýazan şikaýatynda B. Garryýew özüne
edilen sütemler barada has anygrak gürrüň beripdir.
Harby tribunalyň mejlisi hakyky spektakla dönüpdir.
Öňünden mazaly bişirilen ssenari boýunça hereket
edilipdir. «Diýenimizi etmeseň, garyndaşlaryňam
basarys» diýip gorkuzylyp, ählisini boýun almaga
mejbur edilen mugallyma ýene-de bir psihiki täsir
edilipdir. «Seni diňe partiýadan çykarmak baradaky
kararyň esasynda atuwa bermek mümkin» diýipdirler.
Sud mejlisinde bolsa 10-a golaý eli awtomatly soldatyň
arasyna alyp äkidipdirler. Hamala, ölüme höküm
ediljek agyr jenaýatçy kimin.
Harby tribunalyň mejlisi ýapyk geçirilip, oňa
75
maşgalanyň
çlenlerinden,
dost-ýarlardan
hiç
kim gatnaşdyrylmaýar. Tanyş ýüze gözüň düşjek
gümany ýok. Sudda Leonidow, Mihalýan, Kistow,
Kuznesowlaryň ikisi-de professoryň ýüzüne garap
oturypdyrlar. Ýaňy-ýakynda senden sorag eden, zorluk
bilen gol çekdiren adamlar garşyňda otursa, ozal boýun
alan zatlaryňy gaýtalaman dagy nätjek?! Professor
aklawjy Lebedinskaýany şol ýerde özüniň ilkinji gezek
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Sud Edilişi - 4
  • Parts
  • Sud Edilişi - 1
    Total number of words is 3395
    Total number of unique words is 1891
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Sud Edilişi - 2
    Total number of words is 3331
    Total number of unique words is 1874
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Sud Edilişi - 3
    Total number of words is 3361
    Total number of unique words is 1909
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Sud Edilişi - 4
    Total number of words is 831
    Total number of unique words is 551
    37.8 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.