Latin

Robinzon Kruzo - Turkmen - 35

Total number of words is 3768
Total number of unique words is 2240
27.9 of words are in the 2000 most common words
40.8 of words are in the 5000 most common words
47.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Adamyň ömri Biribaryň nähili geň-töwra oýnagy diýsene! Agyp-dönýän hadysalaryň
gujagynda adamzat oglunyň duýgulary, gör, nähili pynhan çeşmelerden şaglap
gaýdýar! Şu gün söýýänimizi erte ýigrenýäris; şu gün yşkyna düşüp, ugrunda sersepil
bolýan närsämizden erte gaçyp sypsak kaýyl bolýarys; şu günki süýji arzuwmyzdan
erteki gün gorkujygymyza, zährämiz ýarylara gelip, syçanyň hini müň tylla dönýär!
Ine, bu gezek men şol gylyk-häsiýetiň janly nusgasyna öwrüldim, çünki mundan ozal,
meniň esasy gaýgy-gussam — adamzat jemgyýetinden üzňe, çar tarapym aňyrsynabärsine göz ýetmez umman bilen gurşalyp, janly-jemendä nazarym düşmän, imisala
durmuşda bendi bolup ýaşamakdy. Biribar meni aýatdaky gullarynyň içinde il sanyna
goşulyp ýaşamaga, beýleki janly-jandarlarynyň arasynda gezip ýörmäge mynasyp
görmedik bolarly. Şol sebäpli hem, men ýekeje adam ogluna ýüzüm düşse, onda ol
meniň ölümden dirilige dolanyşym, hatda Allanyň çäksiz rehim-şepagaty bilen biçak
ýalkanyşym bolar öýdüp, arzuwlar kölünde gulaçlap ýüzýärdim. Indi bolsa, adama
duşarmykam öýdüp, saňňyldap, janym bokurdagyma gelýärdi, şu ada gadam basan
adamyň sähelçe kölegesine ýa-da aýak yzyna gözüm düşdügi, ýedi gat ýeriň teýine
girmäge taýýardym.
Adam durmuşynyň birsyhly üýtgäp durmasy şeýle bolguç bolýar; başky
aljyraňňylykdan az-kem aýňalanymdan soň, bu ýagdaý meni örän köpsanly sowallara
gönükdirdi. Men Beýik Biribaryň bimöçber hikmetini, şu bolup geçýän işlerde şol
Ylahy hikmetiň haýsy netijelere syrygýandygyny öňünden bilmegimiň mümkin
däldigi barada oýlandym. Diýmek, men Ýaradanyň eradasyna garşy aýak diräp
durmaly däldim, meni owalbaşdan özi ýaradandygy üçin, Onuň öz hikmetine görä
maňa doly höküm we ygtyýar etmäge şübhesiz haky bardy. Mülkünde baş-başdaklyk
edendigim sebäpli, Biribaryň meni öz hikmetine görä, islendik bir güzaba sezewar
etmegi hakdy. Men bolsam, eden etmişlerim zerarly, Allanyň huzurynda Onuň
gazabyna kaýyl bolmalydym. Soňra men Biribaryň diňe bir adalatly däl-de, eýsem,
barça zada hökümi ýöreýän Kadyrdygy barada, maňa temmi berip uwlundyryşy ýaly,
eger islese, ýalkap hem biljekdigi hakynda pikirlendim. Eger Perwerdigär meni
ýalkanmaga mynasyp görmese, onda meniň gyşarnyksyz borjum, Onuň eradasyna
bütin durkum bilen tabyn bolmakdan ybaratdy. Beýleki bir tarapdan bolsa, Ondan
umydymy üzmän, Oňa ybadat etmegim hem-de Onuň gündelik buýruklaryny we
emrlerini göwün rahatlygy bilen ýerine ýetirmegim hem meniň üçin parzdy.
Şol günden soň şu zeýilli oý-pikirlerim sagatlarça, günlerçe, hatda hepdelerçe we
aýlarça dowam etdi; ýeri gelende, bu ahwalat hakyndaky ýorgutlarymyň ýüze
çykaran bir üýtgeşik netijesini aýdyp bereýin. Günlerde bir gün, daňdanyň ümüştamyşlygynda ýorgandan kellämi çykaryp ýatyşyma, wagşylar gara beräýse
başymdan injek howp dogrusynda oýlanyp, bar keýpime sogan dograldy. Şol
barmana, ylahy kitapdaky: «Dertli günüňde Maňa sygyn, Men seni halas ederin, sen
bolsa Maňa alkyş okap, şükür edersiň» diýen aýat güpbe ýadyma düşdi. Men muňa
gül-gül açylyp, ýorganymdan sogrulyp çykdym, meniň diňe bir ýüregim ýerine
gelmän, eýsem, özü-mi halas etmegini diläp, tüýs ýüregimden, yhlas bilen Ýaradana
308
ýalbaryp, mynajat etmäge-de ragbat tapdym. Men dileglerimi soňlap, keramatly
kitaby elime aldym-da, ony açan ýerimde ilkinji duş gelen aýaty okadym:
«Ýaradanyň gullugynda gaýym bol, ýagşy umytdan el üzme, Men seniň köňlüňe
giňlik bererin. Hakyň dergähinden zynhar daşlaşma». Şol sözleriň göwnümi nähili
galkyndyrandygyny düşündirmek mümkin däl. Men şükranalyk duýgusyndan
pürepürlenip, kitaby bir gapdala goýdum. Süňňüm ýeňläpdi, indi aýak yzly wakany
ünji etmeýärdim.
Şol pikirleriň, gorkularyň we ünji-aladalaryň alas-gopaslygynda, birdenkä: «Bu
zatlaryň ählisi öz hyýalbentligimden bolaýmasyn diýen pikir kelläme geldi. — Belki,
ol aýak yzy meniň özümiňkidir, soňky gezek gaýykdan düşüp, kenara çykanymda
galandyr» diýip içimi gepletdim. Meniň ýüregim giňedi we gözüme salgym
görnendigine, onuň öz aýak yzymdan başga hiç zat bolup bilmejekdigine ynanyp
ugradym. Şu sapar gaýygy görmäge baranymda, ýörän ugrumdan öňki gezegem öýe
gaýdyşyn geçen bolsam, näbilýäň? Hakykatdan-da, gaýygyň ýanyna baranymda, nirä
aýak basyp-nirä basmandygymy çürt-kesik aýdyp biljek däldim. Öňi-soňy, şol aýak
yz-a özümiňkidir. Diýmek, men misli al-arwahlary görendigi barada hekaýat toslap,
soňundanam, ilden beter özi gorkup ýören ýelýürekler ýaly jögüsirän bolmaly.
Şondan soň meniň az-kem ýüregim suwlanyp, ogrynça daşaryk esewan etmäge
başladym, sebäbi üç gije-gündizläp galajykdan kellämi çykarmaga het edip
bilmändim. Açlykdan ýaňa halys gözüm gögerip, eňkim agypdy; öýümde iküç sany
arpa çöregi bilen suwdan başga suwytly azyk ýokdy. Her gün agşamky endigime
görä, geçileri sagmalydygymy hem bilip durdum, ýelinleri dyňzap duran ol
janawarlar sagymdan mahrum bolup, juda kösenendirler. Dogrudan-da, olaryň käbiri
eýýäm sagymdan galyp, süýdi çekiliberen eken. Şol sebäpli, dogrusy, öz kölegämden
tisginip duran hem bolsam, aýak yzynyň diňe meniňki bolup biljekdigine pugta
ynanyp, az-kem ekezlendim-de, howlymdan girip-çykmaga başladym. Sürini sagmak
üçin telärli howlyma ugradym. Ýöne gorkujygyma pişik basyşyny edip, şeýlebir
hüşgärlik bilen zol-zol yzyma garanjaklaýardym welin, islendik pursatda sebediýenäni başymdan aýlap, ökjäni götermäge taýýar bolup barýardym. Bu bolşumy
kesesinden synlan adam hökman meni ýa-ha bir pyssy-pyjurlyk edendirin ýa-da dek
ýaňyja tokaý jynlaryna sataşandyryn öýderdi. Aslynda, munuň özi hakykatdy.
Herniçik-de bolsa, men birnäçe gün şeýdip gatnanymdan soň, üýtgeşik bir zada
gözüm kaklyşman, birneme arkaýynlaşdym we bu geň ahwalatyň öz hamhyýalymdygyna has-da ynanmaga başladym. Eger deňziň ýakasyna ýaňadan gidip,
aýak yzyny öz aýagyma deňäp, olaryň ediljek ekiz taýydygyny hut öz gözüm bilen
göräýsem dagyn, onda göwnümdäki iňkis duman syrylan ýaly boljakdy. Emma welin,
ol ýere baran mahalym, men gaýykdan düşüp gaýdanymda şol aýak yzynyň duran
ýerinden asla ýöremändigime äşgär göz ýetirdim. Üstesine-de, öz aýagymy aýak yzy
bilen deňeşdirenimde, aýagymyň ondan ep-esli kiçidigini gördüm. Bu iki ýagdaý
meniň kellämi täze howsalalardan doldurdy we biçak sussum basylyp, hezilim gaçdy.
Endamymy şagga der basyp, edil ysytma tutan ýaly, galpyldap ugradym. Öýe tarap
germeçläp ýola düşenimde, adajygyma bir topar, iň bolmanda, bir adamyň gelip
düşendigine eýýäm ynanýardym. Gepiň kelte ýeri, men piliň gulagynda uklap
309
ýörüpdirin — asyl, adada menden başga-da adam-gara ýaşaýan bolsa nätjek. Indi
ahmal bolup, gapyl galmajak bolmaly, ýöne goranmak üçin, näme edip, näme
goýjagyňy welin, biler dagy eder ýaly däl.
Päheýde welin, adam görgüli ýüregine dowul düşende, gör, nähili gülkünç netijelere
geler eken! Howsala ony pähim-paýhasyň halas bolmak üçin salgy berýän ugurýollaryny ulanmakdan mahrum edýän eken. Ine, aýdyşym ýaly, meniň kelläme ilki
gelen hyýal — ýabany adamlar agyllarymyň üstünden baryp, sürä darap, bu ýerik ýol
ýasaýmasyn diýen ätiýaç bilen, agyllarymy ýykan-ýumran edäge-de, ähli öýdeçi
geçilerimi jeňňeliň içine kowup goýbermek boldy. Ondan başga-da, arpadyr şalydan
agyzlary tagam tapan ýalmawuzlar zol-zol gatnap durmasynlar diýip, ekin ekýän
atyzlarymy köwüşdirip, bozup çykmakçy hem boldum. Bu taýda öý-öwzar
bardygyny görüp, öz ugruma çykarlar diýen howatyr bilen, tokaýdaky telärli
howlymy içindäki çadyry-zady bilen bilelikde ýerinde ýumurtga togalaýmaly
etmäge-de hyýallandym.
Şu oý-pikirler, aslynda, kenardan öýe dolanyp gelen ilkinji gijämde hem kellämde
bardy; şol sapar aňymy agdar-düňder eden howsalaly gorkularym entek täzedi we
meni müň dürli hyýala salýardy. Şeýlelikde, haýsydyr bir howpa uçramakdan
gorkmak — göze dürtülip duran howpdan gorkanyňdan on müň esse beter bolup,
haýsydyr bir näbelli howpdan howatyr etmegiň salýan agramy şol howatyry döredýän
howpuň öz agramyndan has çökder bolar ekeni. Iň ýaman ýeri hem, ylahy dergähden
umydygär bolup, özümi Biribara tabşyrmak pikiri indi ýüregime teselli bermeýärdi.
Men özümi diňe bir palestinalylaryň azar ýamanyny berýänliginden däl-de, eýsem,
Ýaradanyň özünden ýüz öwrendiginden zeýrenip nalaýan Saul patyşa ýaly
duýýardym, çünki bu gezek, öňler edişim ýaly, meni penalap, halas etmegi üçin
Hudaýy çagyrmandym, Onuň beýikligine sygnyp, kalbyma ynjalyk berjek täre ýüz
urmandym; ýöne şeýden bolsadym, iň bolmanda, şu täze, howply açyşyma mertlerçe
döz gelip, belkem, has aýgytlylyk bilen ondan baş alyp çykardym.
Men pikir ummanyna gark bolup oturyşyma, uzakly gije çirim etmän, daň atmazynyň
öňüsyrasy uka gidipdirin. Halys akylym çaşyp, melullyk basmarlanyndanmynämemi, garaz, sarsman ýatypdyryn. Ukudan oýananymda, öňkülerimden has
şähdaçykdym. Indi men alňasaman, parahat pikirlenip ugradym we öz göwnüme
geňeşdim-de, yklymyň alkymynda ýerleşip, bahar ysy bark urýan, dürli-dürli ir-iýmiş
bitip, çeşme-çaýlar şarlaşyp ýatan bu uçursyz owadan ada meniň göz öňüne getirişim
ýaly, bütinleý adam-garasyz bolup bilmez diýen netijä geldim. Hakykatdan-da, bu
ýerde oturymly ýaşaýjy ýogam bolsa, yklym tarapdan her tüýsli gaýyklaryň kä ýörite
bir etsem-petsem bilen, käte garşydan öwüsýän ýeliň ugruna düşüp, belkem,
zoraýakdan şu adajykda duralga tapýan bolmagy ähtimaldy. Indi adada on bäş ýyldan
bäri ýaşap ýörende bolsam, hiç hili adam yzyna gözüm kaklyşmandy. Şondan çen
urup görseň-ä, megerem, şol döwrüň içinde, setanda-seýranda, äwüp-säwüp bu ýere
adam-garanyň aýagy düşenem bolsa, onda olar bu adada öý-öwzar gurup, ornaşmaga
mümkinçilik ýokdugyny aňlap, dessine yzlaryna gitmek bilen bolandyrlar. Yklymda
ýaşaýan ýabanylar kämahallar ygyp-sagyp, gaý-tupana sataşyp, nalaç şu ada gelip
düşýän bolmaly. Olaryň käýarym gaýtgyn başlaýança ýa-da jahan ýagtylýança
310
garaşmak üçin, aňry gitse bir gije-ýarym gije düşleýän bolmaklary ahmal. Ana, şo
pille gelmişek ýabanylaryň üstünden bardygyň, Hudaý tutdugy boljakdy. Indi men ol
peläketleriň gury ýere gelip düşen wagty gaçyp gizlener ýaly, gizlin gaçybatalga
tapmagyň aladasyny etmelidim.
Şondan soň men gowagy çendenaşa köwüp, berkitmäniň gaýa sepleşýän ýeriniň daş
ýüzünden gapy açanyma bijaý ökünip başladym. Men mazaly ölçerip-dökdüm-de,
başda gürrüň berşim ýaly, on iki ýyl töweregi mundan ozal diwaryň daş ýüzüne iki
hatar agaç eken ýerimden ýarym aýlaw görnüşinde ikinji bir berkitme diwaryny
gurmagy ýüregime düwdüm. Agaç nahallaryny juda gür oturdan ekenim. Men olaryň
gowuzrak ýerlerine sütün kakyşdyryp çykdym welin, ine, görsem, ol has ýygjam we
berk haýada öwrüldi duruberdi. Ana, şeýdibem, ikinji diwary kän bir emgenmän
taýýarlap dyndym. Şeýlelikde, indi öýümiň daşyny iki sany diwar goraýardy, daşarky
diwary bölek pürsler, köne-sana urganlar we çemeliräk gören islendik akyr-ukurym
bilen jebis berkitdim we giňligini gol sygaýar ýaly edip, ýedi sany kiçijik gözara
goýdum. Diwaryň içerki düýbüne gowakdan gum baryny çekip beýgeltdim-de,
üstünden ýöräp, basgylap, ykjam demrikdirdim. Şol ikarada gämiden alyp gaýdan
ýedi sany muşketim ýadyma düşüp, olary gözaralara ýerleşdirip çykmagyň hyýalyna
mündüm. Men muşketleriň her birini aýratyn paýandalara berkidişdirip, misli top
düzen ýaly hatarlap goýdum. Indi meniň iki minutyň içinde yzly-yzyna ýedi sany
muşketden ot sowrup biljek atyşhanam bardy. Şu ikinji diwar doly taýyn bolýança,
tutuş bir aýlap ölerimi-galarymy bilmän zähmet çekdim. Şoňa deňiç özümi birsyhly
howp astynda duýýardym.
Diwarly meseläni birýaňalyk edenimden soň, onuň daş ýüzündäki örän giň
meýdançada şol öňki söwüde çalymdaş, gowy düýp tutup, derrew ýapraklaýan agajyň
syrdambitin pürslerinden oturdyp, has dogrusy, kakyp çykdym. Olaryň sany ýigrimi
müň düýbe dagyn baryp ýetdimikä diýýän. Özi-de, duşmanlar daşky diwara hüjüm
edäýse, olaryň ýaşajyk agaçlary penalanyp gizlenmezligi hem-de meniň olary elimiň
aýasyndaky ýaly synlap bilmegim üçin, diwaryň göni daş tarapyndaky giň zolagy
alaň-açyk edip goýdum.
Şeýlelikde, iki ýylyň içinde öýümiň öňünde kiçeňräk jeňňel peýda boldy, ýene bäşalty ýyldan biçak gür ekilen ol agaçlar ok ursaň geçmejek sümme tokaýlyga öwrüldi.
Indi yns-jyns, hiç kim bu tokaýyň aňyrsynda öý, onda-da giden bir howly bardyr
öýdüp, ýatsa-tursa güman hem etjek däldi. Tokaýjygyň içinden ötüp-geçmäge
ýodajyk goýmandygym sebäpli, howlyma iki sany merduwan bilen girip çykýardym.
Birinji merduwany gaýanyň somalyp çykyp duran pessejigräk bir gerşine söýäp,
ýokaryk dyrmaşýardym-da, merduwany çekip, şo taýda goýýardym. Soňra ikinji
merduwandan howlynyň öň ýanyna düşýärdim. Merduwanlaryň ikisinem aýryp
goýan wagtym, elini-aýagyny döwdürmän meniň töweregimden inip biljek adam
ýokdy. Bardy-geldi bir gäbi azan gaýanyň gerşinden aşyp geçäýende-de, ol, barybir,
daşarky diwaryň daş ýüzüne gelip düşjekdi.
Şeýlelik bilen, men janymy howp-hatardan goramak üçin adamzat pähiminiň salgy
berýän ähli çärelerini amala aşyrdym. Şo wagtlar men diňe öz ýanymdan alabasga
311
düşüp, şoňa görä hereket edende bolsam, şol howpsuzlyk çäreleriniň biderek
bolmandygyna hekaýatymyň dowamynda siziň özüňiz hem magat göz ýetirersiňiz.
XII bap
Men gorag desgalaryny gurmak bilen meşgullanýan döwrümde beýleki işlerimi hem
gözden salmaýardym. Çaklaňja geçi sürim hakynda çäksiz aladalanýardym, sebäbi
olar islän wagtym elýeterli geýim-gejim hem-de azyk çeşmesi bolmak bilen
çäklenmän, eýsem, meni ýabany geçileriň yzynda seňkildäp ýadamakdan-da halas
edýärdi. Şonuň üçin bujagaz sürimden el ýuwup, ýaňadan öýdeçi geçi ýetişdirmek
maňa juda kyn düşjekdi.
Hut şol maksat bilen, akylly-başly oýlandym we geçilerimi başybitin saklamak üçin
diňe iki sany çykalganyň bardygyna göz ýetirdim. Birinji çykalga, çemelije bir
künjek tapaga-da, ýerasty gowak — körpeç gazyp, her gije geçileri şoňa salyp
goýmakdy, ikinjisi bolsa, mümkingadar gizlinjek, bir-birinden üzňe ýerlerde iküç
sany aýratyn agyljyk salyp, hersine bäş-alty sany ýaşajyk çebişdir owlagy gabap
goýmakdy. Şonda eger bir betbagtçylyk sebäpli esasy sürim tutuşlygyna gyrlaýandada, agyljyklardaky owlaklardan sähel wagtyň içinde täze süri köpeldip ýetişdirmek
maňa o diýen kyn boljak däldi. Şonuň üçin irginsiz zähmet hem-de idi-yssuwat talap
edýändigine seretmezden, men şu gelen netijäme iň oýlanyşykly pikir hökmünde
garadym.
Şol çözgüde laýyklykda, men adanyň iň bir gözden çeträk künjeklerini agtarmaga
başladym we ahyrsoňy tüýs göwnümdäki ýaly bir çolaja ýeriň üstünden bardym. Bu
ýer, öň aýdyp berşim ýaly, birwagtlar adanyň gündogar tarapyndan öýe dolanjak
bolan gezegim ýolumy ýitirip, azaşan gür tokaýlygymyň jümmüşinde ýerleşýärdi. Üç
akr töweregi meýdany tutup ýatan bu çygly meýdançanyň daş-töweregini gabsap
oturan belentli-pesli agaçlar misli tebigy aýmança ýaly bolup durdy. Herniçik-de
bolsa, haýat aýlamak üçin öňki agyldaky ýaly gijesi-gündizi garzynmak zerurlygy
ýokdy.
Haýal etmän işe girişdim we bir aýa ýetip-ýetmän tebigy aýmançany birkemsiz
haýata öwrüp, täze agyly taýýarladym. Indi öňki agyldan geçileri sürüp
getiribermelidi, ýöne gepem, ana, şondady — o zaluwatlar agyldan çykdygy, jaýtarylyp, daga bakan ýazzyny beräýse, ber onsoň habaryňy! Emma bar zat gül ýaly boldy,
ozalky sarç geçilerden bäri ençeme nesil çalşansoň, indikiler ýuwaşapdyrlar. Men
muňa begenip, derrew süriniň içine girdim-de, on sany geçi bilen iki sany serkäni bir
çete aýryp, täze agyla bakan sürdüm. Men olary agyla goýberdim-de, kemi-kösti
galmasyn diýip, aýmançany ýaňadan birlaý elden geçirmegiň ugruna çykdym.
Alňasaman, öz maýdalyma işläp, ýene birnäçe güni şol iş bilen meşgullanyp
geçirdim.
Men adam aýagynyň ýekeje yzy sebäpli, peşeden pil ýasap, şu giden kösençliklere,
hupbatlara döz gelip ýördüm; aslynda welin, henize çenli adada hiç hili janlyjemendä gözüm düşenok. Indi iki ýyldan bäri edil it ýassanan ýaly, salym suw
üstündedi, ozalky ynjalygym ýokdy. Iňňäň üstünde oturan dek, hemişe biriniň bet
312
niýetinden gorkup ýören adamlar meniň bu ýagdaýymy has takyk göz öňüne getirip
biler. Gorky zerarly ýüze çykan galagopluk, gynansam-da, meniň din-ygtykat
baradaky pikirlerime ýaramaz täsir etdi, sebäbi wagşylardyr adamhorlaryň eline
düşmek gorkusy ruhumy dyngysyz elendirip, elmydama gorkuda bolamsoň,
Ýaradanyň öňünde kaýyllyk bilen tagzym edip, el açmaga kän bir maý tapyp
bilmeýärdim. Dumly-duşum howp-hatar bilen gurşalan dek, her gije: «Haçan
ýabanylar üstümi basyp, ezenegimden süýrekläp, etimi çişe düzerlerkä» diýip,
sähelçe çybşylda zöwwe ýerimden galyp, daňymy zordan atyryp ýörşüme, Biribaryň
huzurynda ine-gana gol götermäge tagapyl edip bilmeýärdim. Şol döwürde men öz
tejribämden bir zada anyk göz ýetirdim — aljyraňňylyga düşüp, gorkup däl-de,
eýsem, parahat pikirlenip, kanagata, söýgüdir muhabbete ýugrulyp ybadat edeniň bir
başga bolýan eken. Adam oglunyň abanyp gelýän bir betbagtçylygyň howatyry bilen
Hudaýyň öňünde dileg-doga edişi, demini sanap ýatan bendäniň toba-tagsyryndan
kän bir tapawutlanmaz ekeni, sebäbi bedeniň ysmaz bolşy ýaly, şol hili alas-gopaslyk
akylyňy çaşyrýar. Akyl çaşgynlygy bolsa, bedeniň maýyp-müjrüpliginden has çökder
bolýar. Ýaradan öňündäki ybadat borjuňy ýerine ýetirmek üçin, beden saglygyndan
öňürti akyl sagdynlygy gerek ahyryn.
Ýeri, bor-la, indi hekaýamyza dolanyp geleliň. Kiçeňräk geçi sürüsini täze agyla
göçürip dynamsoň, men tutuş adany aýlanyp, şoňa çalymdaş ýene-de bir bukuja ýeriň
gözlegine çykdym. Şol günleriň birinde adanyň iň günbatar çetine gitdim. Öň bu ýere
gelip görmändim. Onsoň, oňa-muňa esewan edip, peýwagtyna ýaýylyp ýatan gök
deňzi birsellem synladym. Şol barmana, göwnüme bolmasa, alys gözýetimde gözüme
bir gaýyk kaklyşan ýaly boldy. Men gämiden galan sandyklaryň birinden birki sany
dürbi tapypdym, ýöne olar şol wagt ýanymda däldi. Onsoň ýaňky gözüme kaklyşan
garaja nokady saýgarjak bolup, şunça çiňerilip seretsem-de, gaty uzakda bolandygy
sebäpli, onuň gaýykdygyny-däldigini aýyl-saýyl edip bilmedim. Baýryň eňňidinden
aşaklygyna düşdügimçe, ojagaz nokat gözden gaýyp bolup gitdi welin, men ony
owarram etdim-de, indikile dürbimi alman, gezelenje çykmazlygy ýüregime
düwdüm. Men, dogrudan-da, henize-bu güne deňiç şu jelegaýa aýak sekmändim.
Onsoň adanyň çetindäki şol baýyrdan düşüp, kenara tarap ýöredim. Men kenara
baryp, degre-daşyma göz gezdirdim we adada adam aýagynyň yzyna duşmagym,
meniň pikir edişim ýaly, onçakly geň zat däldigine şobada düşündim. Indi görüp
otursam, Biribar aýratyn garaşyk edip, meni adanyň wagşylaryň gelmeýän tarapyna
düşüräýen eken. Ýogsam, men beýleki gury ýerde ýaşaýan ýabany adamlaryň
uzagrak ýüzüşlere çykan mahallary, häli-şindi şu ýerdäki aýlagda düşläp,
gaýyklaryny goýýandyklaryny bireýýäm bilerdim. Asyl, ol adamhor äteňetler bu
taýda öz wagşy däp-dessurlaryny berjaý edýän bolsalar nätjek?!
Ýaňky aýdyşym ýaly, men baýyrdan düşüp, kenara ýeten badyma, haýran galmakdan
ýaňa agzymy açyp, doňup galdym. Meniň inim düýrügip, depe saçym dim-dik boldy
— kenardaky çägelikde çakyr kelleçanak diýermiň, el-aýak diýermiň, garaz, her dürli
süňk-saňklar pytraşyp ýatyrdy. Hol beýleräkde ot ýakylýan ullakan bir çukur garalyp
durdy. Ony halkalap, tegelek edip gazypdyrlar. Çaky, bu ýabany adamlar taýpa-taýpa
bolarly. Olar birek-birek bilen söweşip, ýeňlen tarapdan ýesir düşenleri daňyp şu ýere
313
getirýän bolmaly. Soňra bolsa, şu çukurda labyrdadyp äpet ot ýakýandyrlar-da,
ýesirleri öldürip, olaryň etinden şagal mesligini guraýandyrlar.
Gören zatlarymyň täsirinden saplanyp bilmän, agaç ýuwdan ýaly somalyp durşuma,
birbada öz üstüme abanýan howp barada pikir etmändirin. Adamzat tebigatynyň
näme sebäpli beýle aýylganç ownap, şunuň deýin birehim, ýowuz wagşylyga baryp
ýetýändigi hakyndaky agyr oý-pikirleriň arasynda ähli gorkularym ýadymdan çykyp
gidipdir. Şunuň ýaly wagşylyklar baradaky gep-gürrüňleri, myş-myşlary kän
diňläpdim, ýöne ony hiç haçan öz gözlerim bilen görmändim. Men bu elhenç görnüşe
uzak seredip bilmän, ýüzümi başga tarapa sowdum; ýüregim erbet bulanyp, essim
aýyljak boldy, şonda aşgazanym biygtyýar ýygryldy-da, ögäp, gaýtardym. Men azkem aýňaldym, ýöne bu ýerde mundan artyk eglenip biljek däldim. Onsoň, howul
bela — sowul bela, men aýagaldygyna ylgap, dem salymda baýryň depesine baryp
ýetdim we ondan aňyrlygyna — öýe bakan ýola düşdüm.
Men adanyň şol böleginden biraz daşlaşanymdan soň, birsellem aýak çekip, demimi
dürsedim. Onsoň bütin durkum bilen kaýyllyga gurşalyp, ýüzümi asmana tutdum we
gözümden boýur-boýur ýaş döküp, meni şu tetelli gözi gyzyl ýyrtyjylaryň arasynda
däl-de, dünýäniň başga bir künjeginde ynsan şekilli ýaradandygy üçin Ýaradana
hamdy-sena etdim. Häzirki mydarymy juda çökder görüp, şunça ýyllap eňräp gezende bolsam, keremi çäksiz Biribar meniň şükür etmegim üçin, şu oňňudymyň içinde,
gör, nähili ýagşy nygmatlary gizläp goýan eken. Bularyň baryny bir ýaňa goýanyňdada, ýowuz günlerimde Ýaradanyň barlygyny ýada salyp, Onuň medetinden umydygär
bolup, kalbymyň aram tapyşyny hiç bir zada deňäp boljak däldi. Şol duýgynyň
berýän sagadaty başymdan inen-u-injek ähli külpetlere em bolýardy.
Şeýdip, ýagdaýyma şükür edip, galajygyma dolanyp geldim we öz howpsuzlygym
babatda öňkimden has arkaýynlaşdym. Çaklaýşyma görä, wagşylar bu ada ony-muny
gözläp gelmeýärdiler, asyl-ha, olaryň hantama zady ýokdy. Sebäbi olar kän gezekler
timisgenişip, adanyň tokaýlyk künjeklerinde seňkildändirler, ýöne ähtimal, meňki
bolsun diýer ýaly, zada duşan däldirler. Adada ýaşap ýörenime eýýäm on sekiz ýyl
bolup barýardy we men soňky döwre çenli hiç hili adam yzyna gabat gelmändim,
diýmek, özüm bir säwlik goýberäýmesem, onda häzirkim ýaly gizlenip, ýene
şonçarak wagt ýaşap biljekdim. Indi meniň ýeke-täk alada etmeli zadym — tä adam
şekilli ynsanlara duşýançam, öz ýaşaýan ýerimi, ekin-dikinimi we agyllarymy ýabany
adamhorlaryň gözünden gizläp, hemişe hüşgär gezmekdi.
Barybir, şol alkakmyş wagşylara, olaryň adamçylyga sygmajak lagnaty däpdessuryna — bir-birleriniň etini oda daglap, süňküni gemirmeklerine bolan
ýigrenjimiň çeni-çaky ýokdy, aňrym bärik gelip, birden-birden içim-bagrym
tütäberýärdi. Şeýle bolansoň, men iki ýyl çemesi bellibir çygyrdan çykman, gizlenip
ýaşadym. Çygyr diýýänim, gowagyň öňündäki howlymyň, jülgedäki telärli mülkümiň
hem-de tokaýyň jümmüşindäki täze agylçamyň aralygyna düşýän ýerlerdi. Ol çygra
diňe şol ýerdäki geçilerim ölüp galaýmasyn diýip, çendan-ýarym köw-söw edip
gaýdýardym. Ýaňky aýdyşym ýaly, dowzahdan çykan şol pis mahluklary şeýlebir
ýigrenýärdim welin, asyl şolaryň mysalasyna ýüzüm düşeninden, Melgun bilen aşyk
atyşanymy kem göremokdym. Şol iki ýylyň dowamynda men köwjagazda ýygşyryp
314
goýan gaýygymy görmäge ýeke gezegem gitmedim. Oňa derek, başga bir gaýyk
ýasanmagyň kül-külüne düşdüm. Birdenkä, şol ýuwhalara pete-pet bolaýmaýyn diýen
gorky bilen, gaýygymy adanyň bu tarapyna sürüp getiräýmäge bognum ysmaýardy.
Eý, toba, gaýygymda jülpüldän bolup gelýärkäm, meni deňziň ortarasynda
gapjaýsalar, tomaşany şonda görersiň!
Herniçik-de bolsa, ýabanylaryň meni tapmak howpunyň ýokdugyna bolan ynamym,
wagtyň geçmegi bilen, meni gaýgy-ünjüden birkemsiz saplady. Men ýene-de edil
öňkülerim ýaly ýaşap ugradym. Ýöne ýekeje bir tapawut bardy — indi men
hüşgärligi elden bermän, ýabanylaryň gözüne ilmezlik üçin örän ätiýaçly gezýärdim.
Ylaýta-da, olar adada kaňkaşyp ýören mahaly atanlykda eşidäýmesin diýen ätiýaçdan
ötri, tüpeň atmamy hem goýupdym. Hernä, wagtynda geçileri eldekileşdirip, süri
köpeldenim bähbide çekipdir; indi tokaýyň içinde sermenekläp, ýabany geçileri
kowalap, tüpeň atyp ýörmek aladam ýokdy. Şol wakadan soň äwip-säwip, iki-ýeke
geçi tutsam tutandyryn, olam duzakdyr gürpbasdy bilen; şunlukda, ýalňyşmaýan
bolsam, şol iki ýylyň dowamynda birje gezegem tüpeňimiň mäşesini gysmadym.
Ýöne, barybir, ony ýanymdan goýmaýardym. Ondan başga-da, gämiden galan üç
sany sapançamyň, iň bolmanda, ikisini elmydama geçi derisinden ýasalan gaýyş
kemerime gysdyryp goýýardym. Gämiden alyp galan ullakan gamalarymyň birinem
ýörite tiken tasmajygymdan ildirip, bilimden asýardym. Şeýlelikde, guşagyma iki
sany uzyn nilli sapança gysdyryp, bilimden ýalaw ýaly gamany sallap, apaň-apaň
basyp ýöränimde, meniň haýbatymy bir görsediňiz, bularyň üstesine-de, öň
suratlandyran ýarag-enjamlarymy we sallam-sajak, ylhanaty ebtimi hem göz öňüne
getirip görüň.
Şeýlelikde, ätiýaçlyk çärelerini hasap etmäniňde, meniň durmuşym bellibir döwürde
ozalky parahat we asuda akymyna gaýdyp geldi. Bu zatlaryň hemmesi, başgalaryňky
bilen deňäniňde, meniň ýagdaýymyň has öwerlikdigini barha aýdyň görkezýärdi,
ýogsam, Biribar meniň maňlaýyma ýaşaýşyň başga birgiden külpetlerini hem ýazyp
bilerdi ahyryn. Dogrudanam, tutuş ýer ýüzündäki adamlar özlerini hemişe has
belentdäkilere deňäp, zeýrenişip ýörmän, tersine, öz hal-ahwallaryny has agyr hemde pes ýagdaýdaky adamlaryň ýagdaýyna deňänliginde, onda dünýeler düzelip, arzaşikaýatlar, gör, nähili azalardy!
Häzirki ýagdaýymda meniň onçakly mätäç zadym ýokdy, sebäbi, göwnüme bolmasa,
ýabany wagşylardan gorky ede-ede, indi gündelik gerek-ýaraklara hysyrdanyp
ýörmekden mazaly elim sowaşyp, oýlaptapyjylygym kütelişipdi. Şonuň üçinem men
ençe wagtdan bäri üstünde çorba sowadan täze bir güýmenjämi goýbolsun edipdim
— gönüläp aýtsam, men arpa dänelerini irimçik üwäge-de, şondan az-owlak piwojyk
gaýnadyp bolmazmyka diýip, gultunyp ýördüm. Ol hälki bir barypýatan hamhyýallyk eken, şol türkanalygym üçin men soň-soňlaram özümi kötekledim ýördüm.
Piwo gaýnatmak üçin maňa birnäçe goşmaça serişdäniň gerek boljakdygyny
bilmändirin, bilenimde-de, olary tapjak gümanaň barmy diýsene?! Öňi bilen, ony
saklamaga çelek gerekdi, çelek ýasajak bolşumyň ýabygorlydygy barada bolsa, men
eýýäm gürrüň berdim. Näçe günläp, hepdeläp, hatda aýlap çyr-çytyr dyrjaşsam-da,
çelek ýasamak maňa eýgertmändi. Ol hiç diýeniňde-de, mende piwo ýasar ýaly ne-hä
315
bir hmel, ne-de ony aldyrmak üçin maýa, ne-de bir gaýnadar ýaly gazan bardy. Ýöne,
eger ýabany adamlardan bolan gorky-ürki ara düşmedik bolsady, onda şol kem
zatlaryň başyny jemläp, belkem, piwo ýasamagyň hötdesinden gelerdim, çünki bir
ýüregime düwüp, başyny başlan islendik işimi gutarman goýýan halatym örän seýrek
bolýardy.
Emma şol iki arada meniň oýlap tapyjylygym düýbünden başgaça bir ugra syrykdy
oturyberdi. Men indi gije-gündiz «Şol gana suwsan ýabany ülhitleri öz wagşy şadyhorramlygynyň üstünde basyp, birnäçesini tükgerdä­gedän, mümkin bolsa, olaryň
iýmek üçin äkelen biçäre görgülisini halas edip bolmazmyka» diýen pikiriň kü­ýünde
gezýärdim. Şol päliýamanlary gyr-ýapyr etmek ýa-da iň bolmanda, dolanyp şu ada
köwlenmezleri ýaly, gözleriniň oduny almak üçin oýlap tapan, aňymda aýlan hiledir
sapalaklarymy jikme-jik ýazjak bolsam, kitabyň göwrümi ulalar gider. Emma
uzakdan kesekleşmegi göz öňünde tutýan şol hile-pirimleriň hiç birisiniň-de başa
barmajagy eýýämden äşgärdi. Sebäbi meniň hut özüm şagalaň wagtynda şol ýerde
bolmalydym. Beý diýseňem, mergenlikde menden kem durmajak, eli naýzaly, oklyýaýly, ýigrimi-otuz sany pyýada bilen döwüm deň gelermidi beri?
Men ýabanylaryň ot ýakýan ýeriniň aşagyny köwäge-de, bäş-alty funt däri gömüp
goýjagam boldum. Olar ot ýakan badyna däri ýarylyp, golaýda duranlaryň barynyň
külüni göge sowurjakdy. Ýöne, birinjiden-ä, mende bary-ýogy ýekeje çelek däri
galypdy, onsoň munça därini ýele sowurmaga dözmedim, ikinjiden bolsa, däriniň
tüýs ýabanylaryň emini beräýjek pursatda partlajagy gümanady, alaw tutaşan mahaly
oduň gapdalynda hiç kim ýok bolsa, partlama uzagrakda duran ýabanylaryň gulagyny
gapyp, ýüz-gözüni külden dolduryp, bir aljyraňňylyk döreder. Ana, bar bolany,
ojagaz tüweleý üçin olar bu adadan aýagyny kesmez. Şonuň üçin men bu hyýalymy
gapdala goýdum. Soňra: «Tüpeňlerimiň üçüsine-de ok sürüp, gyrak-bujakda,
amatlyja bir bukuda ýatsam nähili bolarka?» diýip pikirlendim. Ganly şagalaň
gyzyşyp, ýabanylaryň meý-mes bolan pillesi olaryň üstüne yzly-yzyna seçme
ýagdyraryn. Şonda, her atyşda olaryň iküç sanysyny dagy öldürjek ýa-da ýaralajak
bolaryn. Onsoň başagaýlykdan peýdalanyp, gamamy syrarynda, üç sany sapançam
bilen ýabanylaryň üstüne okdurylaryn. Bar, şolar ýigrimi adam bolaýanda-da,
gürrüňsiz, hemmesini edil palaç ýatyran ýaly gyr-ýapyr ederin. Men bu hyýala ençe
hepdeläp maýyl bolup gezdim, hatda ol soňabaka aňymy şeýlebir eýeläp, ýygyýygydan düýşüme girip başlady; men ukymda tüpeň atyp, ýabanylar bilen tutluşyga
girýärdim.
Kelläme üýtgeşik-üýtgeşik pikirler gelip duransoň, men ýabanylary merdiwana
mündürmäge çemeli bukalga tapjak bolup, ençeme günläp günbatar kenarýaka
gatnamany çykardym. Men zol-zol baryp durandygym üçin, indi ol kenara bäş
barmagym ýaly belet boldum. Meniň paýhasym ar alyş hyjuwyndan ýaňa
pürepürlenip, ol mahluklaryň ýigrimi-otuzyny paýhynlap taşlaýsam diýýärdi.
Çägesöw kenarda çaşyp ýatan eýmenç süňk-saňklary görüp, tüýs jynym atlanýardy.
Men ahyrsoňy baýryň ýapysynda bir pynhan köwjagaz tapdym, o taýda ümsüm
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Robinzon Kruzo - Turkmen - 36
  • Parts
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 01
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2162
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 02
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2147
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 03
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2209
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 04
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2093
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 05
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 2138
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 06
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2143
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 07
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2126
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 08
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2119
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 09
    Total number of words is 3884
    Total number of unique words is 2182
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 10
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2145
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 11
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2126
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.7 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 12
    Total number of words is 3828
    Total number of unique words is 2246
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 13
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2229
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 14
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2236
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 15
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2129
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 16
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2101
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 17
    Total number of words is 3913
    Total number of unique words is 2014
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 18
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1970
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 19
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2126
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 20
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 1919
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 21
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2034
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 22
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2122
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2202
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 24
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2193
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 25
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2140
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 26
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2221
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 27
    Total number of words is 3870
    Total number of unique words is 2037
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 28
    Total number of words is 3873
    Total number of unique words is 2095
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 29
    Total number of words is 3887
    Total number of unique words is 2144
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 30
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2149
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 31
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2207
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 32
    Total number of words is 3912
    Total number of unique words is 2159
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 33
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2187
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 34
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2253
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 35
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2240
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 36
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2228
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 37
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2137
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 38
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2128
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 39
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1957
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 40
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 1929
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 41
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2109
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 42
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2011
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 43
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1975
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 44
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2033
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 45
    Total number of words is 3892
    Total number of unique words is 2069
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 46
    Total number of words is 40
    Total number of unique words is 40
    57.5 of words are in the 2000 most common words
    72.5 of words are in the 5000 most common words
    75.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.