Latin

Robinzon Kruzo - Turkmen - 33

Total number of words is 3784
Total number of unique words is 2187
28.5 of words are in the 2000 most common words
39.8 of words are in the 5000 most common words
46.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bardy. Ozal ömrümi gaflatda geçiripdirin, Alladan gorkmakdan geçen, onuň
barlygyndan hem bütinleý gapyl bolupdyryn. Enem-atam maňa ýagşy edep-ekram
beripdi; Gudraty Güýçliniň eradasyna haýran galyp, gorky duýmagy, ybadat-tagat
etmegi, tebigatymyň zerurlyklaryny hem-de panydan baka göçenimde gerek boljak
närseleri gulagyma guýjak bolup yhlas edipdi. Arman, men deňizçilik kärine ir baş
goşdum, Taňrynyň ýaradan iň bir eýmenç tebigy hadysalary bilen elmydama ýüzbeýüz gezýän-de bolsa, deňizçiler Hudaýdan gorkmak babatda iň bigäne halk bolýar;
diýýänim, deňizçilik durmuşyna irki ýaşda ýüz urup, deňizçi ülpetlerim bilen
oturyşyp-turşup başlanymdan soň, olar ýaňsylaşyp gülşüp, onsuzam sähelçejik dini
ynanjymyň soňuna sogan ekdi; men howp-hatarlary äsgermän, ajala dogry garap,
şonça uzak wagtyň dowamynda özüm tetellilerden özge jemende bilen gürrüň
edişmäge ýa-da ýagşy sözleri, juda bolmasa, ýagşylyga ýykgyn sözleri eşitmäge hiç
hili mümkinçilik tapman ýörşüme, tüýs ýedi derýanyň suwuny içen diýleni bolup
gitdim.
Ýagşylyga degişli her bir zatdan, özümiň kimdigimden, kim bolmalydygymdan
şeýlebir kör ýaşapdyryn welin, Sale şäherinden gaçyşym, portugal gämibaşynyň meni
öz gämisine kabul edişi, Braziliýada gurply hojalyk gurnaýşym, Angliýadaky goşgolamlarymy äkeldişim ýaly iň bagtyýar pursatlarymda hem, ne dilimde, ne-de
göwnümde «Hudaýa şükür» diýen senaly sözler bolmandy; başymdan inen ýowuz
külpetler wagtynda-da Biribardan dileg etmek ýadyma-oýuma düşmezdi; iň bärkisi
«Eý, Taňrym, maňa rehim et» diýmelidirem öýtmezdim. Onuň adyny diňe ant içen
hem-de küpür geplän mahalymda ulanýardym.
Aýdyşym ýaly, geçmişimde ýaşan şol biweç, doňýürek ýaşaýşym barada ençeme
aýlap aňymda elhenç pikirler köwsar urdy. Degre-daşyma seretdigimçe, şu ýere
gelelim bäri, nähili ylahy ýalkawlaryň meni gurşap alany, Biribaryň maňa nähili
jomartlyk bilen eçilýäni, agyr etmişlerimi bagyşlap, gazabyna duçar etmeýäni,
gaýtam Onuň öz nygmatlaryny depämden gumralaýyn guýup, bolelinlikde baýnadyp
ýaşadýany barada oýlanýardym. Şeýlelikde, Beýik Biribaryň öz dergähinde
tobalarymy kabul edip, maňa ýene-de köp sahawatlar etjegine ynam döredýärdi.
Şol zatlary aňymda öwrüp-çöwrenimden soň, häzirki ýagdaýymda takdyra ten
bermelidigimi, şeýle hem şu günüme tüýs ýüregimden şükür etmelidigimi; eden
ýazykly etmişlerim üçin temmi berilmäni sebäpli, bu jan tende durdugyça, nägile
bolmaga hakymyň ýokdugyny; aslynda, bu ýerde mynasyp däl nygmatlarymyň
ençemesiniň hözirini görüp ýörenimi; ýer ýumruklap, günümden zeýrenip oturman,
gaýta keýpim daş ýaryp, birgiden ylahy gudratlar arkaly her günki iýip-içgim boltelki tapylyp durany üçin, otursam-tursam Haky ýat edip, alkyş-sena
okamalydygymy; ylla diýersiň, gözli çeşme deýin yzly-yzyna ýagdyrylyp gelýän
gudratlar arkaly, azyk-suwluga mätäç bolmazlygymyň gargalaryň Ylýas pygamberi
290
naharlamagyndan pes ahwalat däldigini; dünýäniň janly-jemende ýaşamaýan haýsy
künjegine düşenimde-de, şu taýdan has gowy bolardy diýip biljek ýerimiň
ýokdugyny; bu taýda ýekesiräp, içim gysýan-da bolsa, janyma howp saljak wagşy
ýyrtyjylaryň, gazaply börileriň ýa-da gaplaňlaryň, zäherli jandar-lardyr ir-iýmişleriň,
etimi çişe düzüp, süňkümi gemirjek wagşy adamhorlaryň ýokdugyny birin-birin göz
öňüme getirip, halyma şükür etdim. Gepiň keltesi, ýaşaýşym bir tarapdan, gussaly-da
bolsa, beýleki tarapdan, Ýaradanyň ýalkamagyna mynasyp bolupdym. Ine-gana
ýaýnap ýaşamak üçin kem zadym ýokdy, Biribaryň maňa eçilen eşretlerine we maňa
garaşyk edýänine çuňňur göz ýetirip, öz göwnümi hoşlap gezibermelidim. Şeýlelikde,
bu meseleleri paýhas elegimden geçirip, gündelik durmuşa gümra boluberdim.
Dolanybam gaýgy-hasrat çekmedim.
Adada ýaşap ýörenime köp wagt bolany sebäpli, gämiden gury ýere daşan
zatlarymyň birentegi gutarypdy, harap bolupdy ýa-da ulanmaga ýaramly möwritini
ötüripdi. Öň gürrüň berşim ýaly, meniň syýam bellibir wagta çenli ýetdi. Oňa azajykazajykdan suw goşup ulanyp ýördüm welin, ol barha öçügsilenip, ahyrsoňunda
kagyzyň ýüzünde yz galdyrmasyny bes etdi. Syýa şeýdip gutarýança deňiç,
başymdan geçen üýtgeşik wakalary aýy-güni bilen birsydyrgynja edip, gündeligime
ýazýardym. Günlerde bir gün şol belläp goýan ýazgylaryma göz aýlap otyrkam, ilki
bilen başymdan geçen her dürli wakalaryň bolan günleriniň örän geň ýagdaýda gabat
gelýäni ünsümi çekdi. Günlere sähet-bisähet diýip, yrym edýän bolsadym, derwaýys
günlerimiň ählisini uly bilesigelijilik bilen telläp çykmagym hem mümkindi.
Ilki bilen, deňiz ýüzüşine gitmek üçin enem-atamdan, dost-ýarlarymdan gaçyp, Hall
şäherine baran günüm bilen birmeňzeş günde Saledäki garakçylara ýesir düşüp gul
edildim. Ýarmut aýtymynda gark bolup barýan gämiden gaçyp gutulan günüme gabat
gelýän günde Sale şäherinden barkasly gaçyp gaýtdym. Doglan günümde, ýagny
sentýabr aýynyň 30-ynda, ýigrimi alty ýaşymy dolduran pillämde, Biribaryň gudraty
bilen heläkçilikde janymy gutaryp, şu adanyň kenaryna düşdüm. Şeýlelikde, meniň
ýazykly durmuşym we ýalňyz günlerim şol bir günüň özünde başlapdyr.
Syýanyň yzy bilen nanym, ýagny gämiden alyp gaýdan külçelerim hem baýady. Bir
ýyldan gowrak wagtlap, günde ýekeje külçe bilen ölmez-ödi oňňut edip, çöregi biçak
tygşytly ulanypdym. Şonda-da, barybir, öz hasylym ýetişýänçä, arly ýyl diýen ýaly
çöreksiz galdym. Emma munda-da şükür etmäge düýpli esas bardy, sebäbi gudrat
bilen arpaly-nanly bolupdym, ýogsam iki elimi burnuma sokup galybermelidim.
Egin-eşiklerimiň hem şylhasy çykyp ugrapdy. Içki geýim diýeniň-ä, beýleki
deňizçileriň sandyklaryndan tapan çyzmykly köýneklerim bar diýmeseň, başga
tetärigim ýokdy. Olary hem biçak aýawly saklaýardym, çünki köplenç diňe köýnek
geýmeli bolýardym. Umuman, deňizçilerden galan geýim-gejimleriň arasynda şol
otuz-otuz bäş sany köýnek maňa hezil berýärdi. Mende deňizçileriň geýýän galyň
şinelleri bardy, ýöne bu ýeriň yssy howasynda olary egniňe sokup boljak däldi.
Aslynda, munuň ýaly tüp yssyda egin-eşik geýmegiň o diýen hajaty hem ýokdy.
Emma adada ýekeje özüm bolsam-da, ýalaňaç gezip ýörmäge höwesek däldim,
höwesek bolaýanymda-da, beýle edip biljek däldim. Sebäbi ýalaňaç gezip
bilmeýänimiň ýene bir emmasy bardy. Çuw ýalaňaç bolsam, ýeňiljek eşikli gezen
291
mahalymdakyň tersine, günüň jöwzasyna çydam edip biljek däldim; çünki tenimiň
açyk ýerleri jokrama yssa çydaman pakgaryp, gabarçak-gabarçak bolýardy. Köýnek
geýenimde bolsa, onuň içinden howa geçip, ýelejireýärdi-de, ýalaňaç
wagtymdakydan iki esse dagyn salkynladýardy. Ýalbyrap duran Günüň astynda
kelleýalaňaç gezmäge-de teý öwrenişip bilmedim. Bu ýerde jöwza şeýlebir ýakypýandyryp barýardy welin, şlýapa ýa-da şyrdak geýmesem, dik depämden düşýän
Günüň şöhlesi kellämi deşip gelýärdi. Şyrdajygymy geýen pillämde welin, ýaňky
kellagyry edil el bilen aýrylan ýaly bolýardy.
Şol küýlere gümra bolup, egin-eşik diýip ýören şylhalarymy bellibir saýhala salmaga
hyýallandym; ähli gursakçadyr keltekçelerimiň halys takyry çykypdy. Indi elimdäki
deňizçi şinellerinden we beýleki mata-marlyklardan keltekçe ýasanmaga synanyşyp
görmegiň aladasyny etmelidim. Şeýlelikde, tikinçilik bilen meşgullanmaga, has
dogrusy, elime ilen zady gyrkyşdyryp, elem-ebtat çatyşdyrmaga başladym welin, äl,
bir emelsiz sölitäň bar-da. Bolsa-da, çynymy edip, ahyryn iki-üç sany täze keltekçe
tikindim, çakym çak bolsa, olar esli wagt derdime ýararlydy. Jalbar tikinmek barada
aýtsam bolsa, şondan soň näçe wagtlap dyrjaşsam-da, ol iş maňa el bermedi.
Awlaýan jandarlarymyň ählisini, ýagny dört aýakly haýwanlaryň derisini ýygnap
goýýanymy ozal aýdypdym. Derileri ýüzüp alýardym-da, uzyn taýaklar bilen
dartdyryp, Günüň aşagynda serip goýýardym. Käbiri gurap, şeýlebir gataýardy we hiç
bir derdiňe ýaradar ýaly bolmaýardy, beýleki deriler bolsa, birkemsiz gurap, diýseň
ajaýyp bolýardy. Men olardan ilki bilen özümi ýagyşdan gorar ýaly, deriniň tüýlek
tarapyny daş ýüzüne çöwrüp, ullakan şlýapa tikdim. Ol tüýs göwnemakul bolup
çykdy welin, men şol derilerden bir laý eginbaş edinmegi ýüregime düwäge-de, ýel
çalmaga gaýym edip, bir keltekçe, birem dyzymdan bolup duran balak tikindim.
Olary hem tüýüni daşyna edip, giň edip tikdim, sebäbi özümi aňzakly sowukdan dälde, howur alýan petiş yssydan goramalydym. Täze tikinen soýkalarymyň juda eleşan
bolanyny boýun alaýyn, sebäbi agaç ussaçylygyna duran ýerim bolsa, onda tikinçiligi
dagyn özüňiz biliberiň. Emma herniçik-de bolsa, şolary geýdim welin, heziller
edinäýdim, ylaýta-da, şabyrdap ýagyş ýaganda diýsene! Keltekçäm bilen şlýapamyň
tüýleri daş ýüzünde bolansoň, indi eger-eger eziljek aladam ýokdy.
Şondan soň saýawan ýasanjak bolup, örän köp wagt hem-de zähmet sarp etdim. Ol
maňa juda gerek bolýany sebäpli, otursam-tursam bar küýüm şony nädip
ýasamalydygy boldy. Braziliýada saýawanyň nähili ýasalýanyny görüpdim, ol ýurtda
jokrama yssy başlan çaglarynda adamlar hezil edip saýawan göterýärdi. Meniň
ýaşaýan adam ekwator çyzygyna golaý bolansoň, bu ýerdäki yssy Braziliýanyň çeniçaky däldi. Häli-şindi daşary çykmaly bolýanym üçin, saýawan hem ýagyşly, hem
güneşli howada maňa tüýs gerek zatdy. Irginsiz hysyrdanyp, ahyrsoňunda saýawana
meňzeşräk bir zady tasa getirdim. Aslynda synym oturar ýaly saýawan ýasanýançam,
iki-üç sany saýawana ýeterlik matadyr derini ber-bibat edipdim. Ýöne ahyrsoňy öz
islegime kybap bolan saýawan ýasamagyň hötdesinden geldim. Emma ony açypýapmak görgi boldy. Saýawany diňe açyk durar ýaly edip ýasap boljakdy. Ýöne
şonda açyk saýawany diňe depäme tutup gezäýmesem, ony başga hili ýanymda
göterip biljek gümanym ýokdy. Beýdip, depäň saýawanly tentirekläp ýörmek bolsa,
292
ýeňil-ýelpaý iş däldi. Şeýle-de bolsa, ýaňky aýdyşym ýaly, iň soňunda özüme
çemeliräk, açylyp-ýapylýanja saýawan edinmegi başardym. Onuň daş ýüzüne tüýlek
deri tutdum welin, ol indi misli gapynyň öňündäki bassyrma deýin ýagyş suwlaryny
bir ýana akdyryp goýberýärdi, Günüň jöwzasyndan saýalap serginlik berýärdi. Indi
men tebit alýan ýalynly yssyda hem salkyn howadakydan has arkaýyn gezelenç edip
bilýärdim. Gerek bolmadyk wagty bolsa, ony ýapagadan, goltuga gysdyraýmalydy.
Şeýlelikde, men adada wagtyhoşlyk bilen agaýana ýaşap geziberdim. Özümi
lükgeligim bilen Biribaryň eradasyna tabşyryp, Onuň takdyryna doly ten beripdim.
Bu ahwal durmuşymy adamlar bilen ýaşanyňdakydan has gözelleşdiripdi, adam-gara
bilen gümür-ýamyr edişesim gelip, ýüregim gysan çagy bolsa: «Ýeri, öz oýpikirlerim bilen içgin sözleşmek ýa-da hatda kalbym joşup, dileglerimde (eger şeýle
diýmek dogry bolsa) Hak bilen kelam alyşmak, eýsem, dünýäde adamzat
jemgyýetiniň iň bir bagtyýar pursadyça ýokmudyr?» diýip, öz-özüme sowal bilen
ýüzlenýärdim.
X bap
Şondan soňky bäş ýylyň içinde hiç hili üýtgeşik waka bolmady. Ömrüm şol bir ýerde,
öňki durkunda birsydyrgyn geçip durdy. Bir ýyla ýeterlik azygymy öňünden ammara
basyp goýmak maksady bilen, arpadyr şaly ekmek, üzüm ýygyp, kişmiş sermek ýaly
ýyllyk işlerimiň, ýa bolmasa, awa-şikara çykmak ýaly gündelik endiklerimiň gapdaly
bilen esasy meşgullanan işim ýamaşgan bir gaýyk ýasanmakdy. Ahyrsoňunda gaýygy
birkemsiz timarlap, boldum etdim. Onuň duran ýerinden kiçijik aýlaga çenli giňligini
alty fut, çuňlugyny dört fut edip, uzynlygy ýarym mile dagy ýetjek ýap gazdym-da,
täze gaýygymy suwa goýberdim. Ozalky ýasan taýmylym, ony deňze nädip
goýberjegim barada öňünden ölçerip-dökmänim sebäpli, mähnet bolupdy. Hernäçe
çarp ursam-da, ony deňze eltibem, ýap çekip, deňiz suwuny onuň alkymyna getirip
bilmän, halys ädim ýanansoň, indikime berk bolup, ikilenç gaýyk ýasanymda özüme
göz bolsun diýägede, ony duran-duran ýerinde taşlap gaýtmaga mejbur bolupdym.
Dogrusy, indiki gezekde deňze ýarym milden has ýakyn zolagy ýer ýykyp gözlesemde, gabarasy täze gaýyga kybap geljek agaç tapyp bilmedim. Teý-ahyr üstünden
baran agajymdan aýlajyga çenli aradaşlyk ýarym mil töweregidi, şeýle-de bolsa,
«Kör hasasyny bir aldyr» diýleni, men ählije zady ýedi ölçäp bir kesdim-de, mazaly
änigine-şänigine ýetip, şol aralyga insizje ýap çekip boljagyna ymykly göz ýetirdim.
Şondan soň, ýene uly höwes bilen gaýyk ýasamaga girişdim. Gaýyk taýýar bolýança,
tas iki ýyllap diýen ýaly irginsiz zähmet çeksem-de, zeýrenmän işledim. Galybersede, açyk deňze ýüzüşe çykyp biljegime besleýän umydym maňa gujur-gaýrat
berýärdi.
Emma çaklaňja gaýygym ýüzüşe taýýar bolan dessine, onuň ilkibaşda göz öňünde
tutan niýetimi amala aşyrmak üçin juda ejiz geljegine akyl ýetirdim; diýjek
bolýanym, muňa münüp, kyrk mil gowrak uzaklykda salgymlap oturan gury ýer
bölegine çenli ýüzüp gitmäge bognum ysmady. Şeýlelikde, gaýygymyň kiçidigi
zerarly şol ýere gitmek niýetimden gutarnykly el çekdim we dolanybam şonuň
293
pikirini etmedim. Ýöne adanyň daşyndan aýlanyp çykmaga täze hyýal döräninde
guşgunym göterildi. Çünki ozal gürrüň berşim ýaly, men adany pyýada kesip geçip,
onuň beýleki tarapyna baryp görüpdim; şol kiçijik syýahatymda duş gelen açyşlarym
bolsa, adanyň beýleki ýerlerine-de aýlanyp görmäge uly gyzyklanma döredipdi. Ine,
indi meniň öz gaýyjagym bardy. Onsoň adanyň daş-töweregine ýüzüşe çykmak üçin
ýüregim atygsap başlady.
Şol maksadymy amala aşyrmak üçin juda eserdeň oýlanyşyp, gaýyga kiçeňräk
bogaldak dakdym we gämiden alyp gaýdyp, ammarda küdeläp goýan bölek-büçek
ýelkenlerimden pugta ýörmeşdirip, ykjamja birini tikindim. Şeýlelikde, ýelkeni
bogaldakdan asdym-da, gaýygyň ýüzüşini barlap gördüm we onuň deňizde ajaýyp
ýüzjegine magat göz ýetirdim. Şondan soň gezelenç üçin äkitmeli boljak azykowkadymy, gerek-ýaragymy, ok-därimi we gaýry zatlarymy ýagyş-ýagmyrdan we
deňiz suwunyň syçramagyndan ätiýaç edip, guruja saklamak üçin gaýygyň öň we yz
tarapyna iki sany guty, has dogrusy, sandyjak ýasap, jebis çüýledim. Tüpeňimi salyp
goýmak üçin gaýygyň iç ýüzünden insizden uzyn çukanak ýer oýdum. Ol çukanagyň
üstüne-de tyrkyldadyp ýapaýar ýaly ýörite bir gapajygy ýonup taraşladym welin, ine,
indi tüpeňim çyg çeker diýip howatyr etmese boljakdy.
Saýawanymy-da gaýygyň yzky bölegine bogaldak ýaly edip mäkämläp goýdum
welin, ol misli telärjik kimin meni Günden penalady duruberdi. Ana, şondan soň,
mahal-mahal ýüzüşe çykyp ugradym, ýöne açyk deňze çykmaýardym-da, aýlajygyň
golaý-goltumynda köw-söw urýardym. Ahyrsoňy, kiçijik şalygymyň degre-daşyny
aýlanasym gelip, halys ýüregim üzülip baransoň, adanyň daşyna ýüzüş etmegiň
pikirine mündüm. Şoňa laýyklykda, goşumy düwdüm-de, gaýygymy ýüzüşe şaýlap
başladym. Ýigrimi-ýigrimi bäş tegelek arpa çörek (has dogrusy, zagara) diýermiň,
tümmek bir piti gowurmaçlanan tüwi diýermiň (ol tüýs meniň höregimdi), ýa
bolmasa, bir çüýşejik rom, ýahnalanan geçi eti diýermiň, birden ýene aw edäýmeli
bolsam diýip, esli däridir seçme diýermiň, garasaý, birkemsiz ýüklendim.
Deňizçileriň sandygyndan alyp galan şinellerim okyjynyň ýadyna düşýän bolsa
gerek. Birini düşek, beýlekisini bolsa, gije ýatanymda ýorgan edinerin diýip,
şolardanam iki sanagyny gaýyga okladym.
Hökümdarlygymyň ýa-da isleseňiz, ýesirligimiň altynjy ýylynda, noýabr aýynyň
altysy güni ýüzüşe ugradym. Ol çaklanymdan has uzaga çekdi. Adanyň özi onçakly
uly bolmasa-da, onuň gündogar tarapyna golaýlanymda, käsi suwuň aşagynda, käsi
suwdan çykyşyp duran ulgam-ulgam gaýalyklaryň giden bir ýalpaklygy emele
getirip, iki liga çemesi aradaşlygy tutup, ummana bakan süsňäp gidýänine gözüm
düşdi. Ondan aňyrlygyna bolsa, ürgün çägeli saý ýer ýarym liga töweregi uzalyp
gidýärdi. Şol dilkawdan aýlanyp geçmek üçin, açyk deňze tarap esli ýüzüp, uly
öwrüm etmeli boljakdym.
Ilkibaşda şol ýalpaklygy görenimde, ummanyň jümmüşine baka näçeräk böwür
bermeli boljagymy çen urup bilmedim, üstesine-de, kenardan bir uzaklaşaýsam yza
dolanyp biljegim gümana bolansoň, kelebiň ujuny ýitirdim-de, kenara golaýlaşdym.
Ýola düşmänkäm, gämiden galan döwük bir leňňerden özümçeräk bir labyr ýasap,
gaýyga salyp goýupdym. Ana, şol labyry suwa taşladym-da, gaýygy duruzdym.
294
Labyryň tanapyny gaýyga göwnejaý oradym-da, tüpeňimi elime alyp, suwuň içi bilen
ýöräp, kenara çykdym. Golaýdaky beýik baýra dyrmaşdym welin, ol ýerden ýaňky
dilkaw edil eliň aýasy dek görnüp duran ekeni. Onsoň ýüregime daş baglap, dilkawy
aýlanyp görmeli diýen netijä geldim.
Baýryň depesinde eglenip, deňze esewan edip durşuma, güýçli we diýseň çasly bir
akymyň gündogarlygyna bakan batly akyp, hatda gaýalyk dilkawa çenli gelip
ýetýänini saýgardym. Ol akymy birsellem üns berip synladym, sebäbi birden şoňa
düşäýsem, meniň üçin azda-kände hatarly bolmagy ahmaldy. Bady bilen açyk deňze
sary bir ykdyryp äkidensoň, ada dolanyp gelmegiň hyllalla boljagy göze dürtülip
durdy. Hernä, öňünden depä çykyp, saga-sola äňedenim bähbide çekipdir, ýogsam
aksaň akyp gidibermeli boljak ekeni. Asyl, şeýle akym adanyň beýleki gapdalynda-da
bar bolsa nätjek. Ýöne ol has daşrakdan akýardy. Mundan başga-da, edil
kenarýakanyň alkymynda girdap sebäpli köwlenip akýan biçak güýçli garşydaş akym
hem bar ekeni. Birinji akymdan aýlanyp geçmesem dagy alajym ýokdy, şonda
girdabyň garşydaş akymy meni kem-kemden kenara ýakynlaşdyrjakdy.
Men şol ýerde labyr taşlap, iki gün garaşmaly boldum, çünki gündogar, günortagündogar tarapdan hälki akymyň tüýs tersine güýçli şemal öwsüp, dilkawyň üstünde
aňňat-aňňat gomlar gopgun baryny turuzýardy. Şonuň üçinem zarp bilen gelip urýan
tolkunlardan ýaňa kenara golaýlar ýaly däldi, daşraga ýüzseňem akym elesledip,
enter-pelegiňi öwürjekdi.
Ikinji gije harasat kiparlap, deňze asudalyk aralaşdy welin, men ertesi ir säher bilen
täzeden ýola düşdüm. Emma bu geleňsiz hereketim ähli howul-hara, gögele dargalar
üçin tüýs sapak alarlyk boldy. Sebäbi dilkawa ýetenim hem şoldy welin, heniz
kenardan gaýygymyň boýuça-da daşlaşyp ýetişmänkäm, elhenç çuňluga we harazyň
gatlasy ýaly eýmenç hokurdap akýan çasly akymyň ortarasyna baryp düşdüm. Akym
gaýygymy şeýlebir okgunly akdyryp ugrady welin, hernäçe synanyşsam-da, ony
akymyň ugrundan çykaryp bilmedim. Şol aralykda, çep tarapymdaky girdabyň
garşydaş akymyndan barha we barha uzaklaşýanymy gördüm. Maňa kömegi deger
ýaly şemal hem öwüsmeýärdi, arrygyňy gynap, kürekläniňdenem üýtgeşik haýyr
ýokdy. Men «indi barysy gutardy» diýip, dünýäden tamamy üzeňkirläp ugradym;
sebäbi adanyň iki ýakasynda-da çasly akýan akym bardy we men birnäçe liga aňyrda
olaryň ýaňadan birleşjegini misli aýnada gören ýalydym. Ana, onsoň şony tepbediň
okalyp, gelmez ýola gitdigiň hasap edäýmelidi! Şol iki arada bu ýagdaýdan halas
bolmak üçin hiç hili çykalga-da tapmaýardym. Indi ardurja heläk boljagym
şübhesizdi, muňa asuda çaýkanyp ýatan deňiz däl-de, eýsem, açlyk sebäp boljakdy.
Dogrusy, men kenarda ullakan pyşdyl tapyp, zordan göterip, gaýygyň içine
taşlapdym. Ondan başga-da, men toýun küýzelerimiň birini süýji suwdan dolduryp,
ýanyma alypdym. Emma müňlerçe liga ýüzseňde, ada-ýenä gabat gelip bolmajak,
aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän bu uçsuz-gyraksyz ummanda ykdyrylyp ýören
bedibagta ojagaz suwuň näme bolsun diýsene?!
Şonda men adam oglunyň şum täleýini öňküsindenem bäş beter etmegiň Ýaradanyň
ýanynda juda aňsat işdigine anyk göz ýetirdim. Çolaja, tukat adajygym indi gözüme
ýeriň ýüzündäki iň ajaýyp mesgen bolup görünýärdi. Göwnüm şo taýyk ýamaşgan
295
dolanyp barmagy arzuwlap näler telwas edýärdi. Men naýynjar halda, ada bakan iki
elimi uzadyp: «Eý, sahawatly çöl-beýewan! Indi hiç haçan saňa gözüm düşmez. Wah,
edenim bar bol-a, men bir iki jahan owarrasy şormaňlaý, ýeri, nirä alakjap barýaň
diýsene?» diýip, delmuryp gygyrdym. Soň öz gadyrbilmez häsiýetimi teýeneläp
ugradym; ýekelikden zeýrenip, hüňürdäp, goýar ýerde goýmazdym; indi bolsa, şol
kenara barmak üçin tutuş dünýe malyndan geçmäge taýýardym! Adam pahyr çig süýt
emen-dä, ömür edähedidir, tä beterine duşaýýança gününden närazydyr, elindäki
eşretleriň hözirine diňe olary elden aldyransoň düşünýär. Aýdyşym ýaly, ýüzümi üç
ýuwlan ak esgä döndürip, nähili hopuganymy aýdar-diýer ýaly bolmady. Mähriban
adajygymdan (indi ol maňa şeýle görünýärdi) daşlaşyp, ümmülmez ummanyň
jümmüşine tarap eýýäm iki liga töweregi ygyp gidipdim. Boljak iş bolupdy, yza
dolanmakdan ymykly el üzüpdim. Şeýle-de bolsa, halys sütünim süýnüp, tapdan
düşýänçäm, aldygyna kürek işledip, gaýygymy demirgazyk tarapa, ýagny häzirki
akymyň garşydaş akyma galtaşýan ýerine tarap ugrukdyrdym. Günorta bolup, Gün
dik asmandan agyp başlan çaglary, göwnüme bolmasa, günorta-gündogar taýdan
gelýän adaja öwüsgin ýüzümi sypap giden ýaly boldy. Muňa biraz süňňüm ýeňläp,
keýpim göterildi. Ylaýta-da, ol şemal güýjäp, ýene ýarym sagatdan mylaýym ýele
öwrülip, batly şuwlap başlanda şatlanyşymy bir görsediňiz. Şol çaka deňeç eýýäm
adadan esli uzaklaşypdym; şonda sähelçe ümür göterilip, howa bulutlanan bolsa,
ugrumy ýitirip, çem gelen tarapa ygyp gidibermeli bolardym, sebäbi kompasym
gaýykda däldi. Adany bir gözden ýitiräýdigim, gaýdyp onuň haýsy tarapda
ýerleşýänini biljek umydym ýokdy. Ýöne Hudaý diýen ýerim bar bolarly — arassa
asmanda kir-kimir ýokdy. Onsoň hasyr-husur bogaldagy dikeldip, ýelkeni galdyrmak
bilen boldum-da, akymdan sypmak üçin, başardygymdan demirgazyga bakan
ýüzmäge synanyşdym.
Bogaldagy dikeldip, ýelkeni galdyrdym welin, gaýygym ýüzüp başlan dessine, suwuň
aýna ýaly ýaldyrap durşundan çen urup, akymyň lummurdysynyň üýtgäp başlanyny
gördüm. Sebäbi akymyň güýçli ýerinde suw bulançak bolýar. Suwuň durulygyny siňe
synlap, akymyň, hakykatdan hem, bir sebäp bilen gowşap ugranyna göz ýetirdim. Az
salymdan ýarym mil çemesi gündogar tarapda deňiz tolkunlarynyň geriş-geriş
gaýalyklara baryp urulýanyny saýgardym. Görüp otursam, ol gaýalyklar akymy ikä
bölýär ekeni. Bölünen akymyň esasy goly gaýalary demirgazyk-gündogarda
galdyryp, günorta tarapa akýardy. Beýleki gol bolsa, gaýalardan yzyna serpigip,
güýçli burgun döredýärdi-de, ýaňadan demirgazyk-günbatar tarapa diýseň çalt
akýardy.
Meniň nähili şatlananyma, megerem, diňe jelladyň kündesine münüp, boýny
syrtmakly durka günäsi geçilen ýa-da ganhor garakçylaryň elinden ahyrky pursatda
halas edilen, ýa bolmasa, şonuň ýaly islendik apatdan sag-aman başyny gutaran
adamlar düşünse gerek. Gaýygymy girdabyň emele getirýän ýaňky garşydaş
akymyna salan pilläm, begenjimden ýaňa hut uçaýjak bolşumy bir görsediňiz! Barha
güýjeýän ugurdaş ýele edil çaga ýaly begenip, ýelkeni pasyrdadyp açdym welin,
şadyýanja ýelkenim şol bada gübürdäp çişdi we gaýygym garşydaş akymyň güýçli
daşgynyna goşulyşyp, mähriban adajygyma bakan zymdyrylyp ugrady.
296
Garşydaş akym meni ada bakan bir liga çemesi ýakynlaşdyrdy, ýöne akymyň meni
ilki ummana ykdyryp äkiden ýerine däl-de, şonuň iki liga töweregi demirgazygyna
getirdi. Şeýlelikde, men ada golaýlaşan wagtym, başdaky ýüzüşe çykan ýerimiň göni
ters tarapyna — adanyň beýleki ujuna baryp düşenime göz ýetirdim.
Şol garşydaş akymyň kömegi bilen bir liga töweregi ýol geçenimden soň, ol kemkemden paýawlap, pessaýlady-da, meni mundan aňryk beýle kösemedi. Şeýdip, iki
sany uly akymyň, ýagny meni ummana sürüp äkiden günorta akym bilen bir liga
beýle ýanymdaky demirgazyk akymyň aralygynda, adanyň garagörnüminde, eliň
aýasy ýaly tekiz, imisala deňizde sopbaş özüm galdym oturyberdim. Şemal henizem
öwsüp duransoň, men gaýygymy göni ada tarap burdum, emma hälki tizligim indi
esli gowşapdy.
Öýlän sagat dört uçurlary, entek adadan bir liga daşlykda ýörkäm, şu külpeti
başymdan inderen, ýokarda suratlandyryşym ýaly, günortalygyna uzalyp gidýän,
belanyň körügi bolan şol gaýalyk dilkawyň akymy has günorta bakan sowup,
demirgazyk tarapda başga bir garşydaş akym döredýänini anykladym. Ol akym
demirgazyga bakan towlanyp-towlanyp, örän çasly akýar ekeni, ýöne herniçik-de
bolsa, ümzügim günbatara bolansoň, onuň bilen ýolum ugurdaş düşmeýärdi. Onsoň,
men güýçli öwüsýän ýelden peýdalanyp, demirgazyk-günbatara tarap ýaý beräge-de,
şol akymyň ortarasyndan parran böwsüp geçdim. Ýene bir sagat töweregi wagtdan
kenaryň bir mil golaýyna, deňziň asudaja ýerine aralaşdym we hä diýmän gury ýere
aýak basdym.
Çägelik kenara aýagym galtaşan badyna, dyzyma çöküp, meni halas edeni üçin şany
beýik Hudaýa alkyş okap, şükür etdim-de, bu adadan gaýykly gaçyp gutulmak
baradaky ähli hyýallarymdan el çekmegi pugta ýüregime düwdüm. Soňra ýanymda
galanja azyk-owkadym bilen ýürekselik edindim-de, gaýygymy kenarýakada şahalary
suwa degäýjek bolup, egrelişip oturan bir topbak agajyň aşagyndaky bukuja ýere
salyp ýygşyrdym. Uzaga çeken ýüzüşiň argynlygyndan ýaňa halys lejim çykansoň,
bir gapdala gyşaryp, süýji uka gitdim.
Oýananymdan soň, gaýygym bilen nädip öýe dolanarkam diýip, uly alada galdym.
Biçak gözüm gorkansoň, gelen ugrumdaky howp-hatarlara indi juda beletdim.
Beýleki ugra, ýagny adanyň günbatar tarapyna bolsa, meniň asla beletligim ýokdy.
Ikilenç bir kelkelä-de eger-eger başymy sokjak gümanym ýokdy. Şeýlelikde, Gün
dogup, jahan ýagtylansoň, günbatar ýakany syryp, öýe bakan ýöremeli diýen netijä
geldim. Soň işim düşen mahaly gelip münmegi hyýal edip, öz «ak guşumy» arkaýyn
goýup gider ýaly, howpsuzja aýlajyk gözläp, kenaryň boýuna esewan edip, ýola
rowana boldum. Ýakany syryp, üç mil çemesi ýol ýöränimden soň, diýseň ajaýyp bir
aýlagjygyň üstünden bardym. Ol adanyň jümmüşine bir mil töweregi aralaşyp
gidýärdi, barha çürelip gidýän insizje künjegine bolsa, bir kiçijik çeşme gelip
guýulýardy. Şol ýerde tüýs meniň gaýygym üçin elin niýetlenip gurlana çalym edýän
örän imisala düşlegjigiň bardygyny gördüm. Gaýygymy şo taýyk getirip, göwnejaý
berkitdim-de, haýsy jelegaýa gelip düşenimi biljek bolup, kenara çykdym.
Görüp otursam, bu ýer birwagt pyýadalap gelip giden ýerime juda ýakyn eken. Onsoň
diňe tüpeňimi hem-de Günüň gyzan tamdyr ýaly laplaýan epgeginden goranmak üçin
297
saýawanymy aldym-da, «niredesiň öýüm» diýip ýola düşdüm. Deňizdäki galagoply
syýahatymdan soň, indi maýdaja ädimläp, seýran edip barmak göwnüme juda hoş
ýakýardy. Agşamara jülgedäki telärli howlyma baryp ýetdim. O taýda hemme zat
duran-duran ýerinde, gülala-güllük ekeni, çünki tokaýdaky bu öýümi hemişe gül
pürkülen ýaly, örän tertipli saklaýardym.
Agaç haýatdan aşdym. Ýadawlyk zerarly halys endam-janym syrkyrap duransoň,
birsalym bilimi ýazaýyn diýip, haýadyň kölegesine süýnen badyma uka gitdim. Näçe
wagt ýatanymy bilemok, ýöne, ynha, «Ýatanyň üstüne turan gelmesin» diýlişi ýaly,
ukynyň arasynda kimdir biriniň «Robin, Robin, Robin Kruzo! Görgüli Robin Kruzo!
Sen nirede, Robin Kruzo? Hany, sen? Nirede gezip ýörsüň?» diýen sesine allaniçigsi
bolup, hopugyp oýandym. Meniň gökden düşen ýaly nähili aňk-taňk bolanymy göz
öňüne bir getiriň.
Irden bir salkyn gaýygy kürekläp, günortandan bärem paý-pyýada ýol geçip, mazaly
lütüm çykansoň, birbada agyr ukudan açylyp bilmän, äm-säm bolup oturyşyma, biri
düýşüme girendir öýtdüm. Ýöne ýaňky ses «Robin Kruzo, Robin Kruzo» diýip, halys
tükezzibana tutup, goýar çende goýmady welin, men huşuma gelip başladym. Şol
bada-da depe saçym düýrügip, tarsa atylyp turdum. Gözlerimi elek-çelek edip,
töweregime garanjaklap görsem, asyl, haýadyň üstünde joňkarylyp, totujygym oturan
bolsa nätjek. Ýaňky hetjikläp oturanyň şol garagoldygyna derrew düşündim. Sebäbi
men totuguşum bilen şonuň ýaly naýynjar dilde gürleşýärdim, oňa şol hili sözleri
öwredýärdim. Bu jümleleri ol tiz ýat tutýardy we meniň barmagymda hekgildäp
oturyşyna, çokjasyny ýüzüme ýakynlaşdyryp: «Görgüli Robin Kruzo! Hany, sen?
Nirede gezip ýörsüň? Bu ýere nädip düşdüň?» diýen sözleri we ýene şoňa meňzeş
öwreden zatlarymy aýdyp gygyrýardy.
Ýöne onuň totuguşdugyna, başga hiç kim bolup bilmejegine göz ýetirenimden soň
hem, esli wagt aýňalyp bilmedim. Ilki bilen totuguşyň bu ýere nädip gelenine, ondan
soň, başga bir ýere däl-de, näme üçin şu telärli howla gelenine haýran galdym. Şeýlede bolsa, ýaňky sesiň eýesiniň Totujadan başga hiç kim däldigini bilip, ýüregim
ynjaldy. Onsoň oňa bakan elimi uzatdym-da: «Totuja» diýip, adyny tutup çagyrdym.
Göwnaçyk guşjagaz uçup gaýtdy-da, edäheti boýunça, başam barmagyma gonup,
meniň bilen gepleşmäge başlady: «Görgüli Robin Kruzo! Men bu ýere nädip
düşdüm? Öň nirede boldum?» Ol meni täzeden görenine örän şatlanan bolarlydy,
onsoň ony alyp öýüme gaýtdym.
Şunluk bilen, deňizdäki gezelenjimi belli-külli soňlap, ep-esli günläp öýde demimidynjymy aldym we başymdan geçen howply ýagdaýy inçeden yzarlap, ymykly
ölçerip-dökdüm. Gaýygym adanyň bu gapdalynda bolanda, şowuna düşäýjek ekeni;
ýöne ony getirmegiň hiç hili ugur-ýoluny tapyp bilmedim. Adanyň gündogar
kenaryna indi belet bolanymsoň, dagy-duwara şol tarapdan ýüzüp geçmek hyýalym
ýokdy. Ol barada sähelçe diňirgendigim, inim jümşüldäp, ganym gaçyberýärdi.
Adanyň günbatar tarapy barada aýtsam, o taýynyň nä jüre ýerdigine düýbünden
näbeletdim. Ýöne akym gündogar tarapdaky ýaly güýçli akýan bolsa, onda ýene-de
adadan daşlaşyp, açyk ummana ygyp gitmek howpunyň ýüze çykjagynyň ujy iki
däldi. Şeýlelikde, şol iňkis bilen, gaýyksyz oňňut etmäge kaýyl boldum, ýogsam ony
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Robinzon Kruzo - Turkmen - 34
  • Parts
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 01
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2162
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 02
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2147
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 03
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2209
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 04
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2093
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 05
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 2138
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 06
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2143
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 07
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2126
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 08
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2119
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 09
    Total number of words is 3884
    Total number of unique words is 2182
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 10
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2145
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 11
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2126
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.7 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 12
    Total number of words is 3828
    Total number of unique words is 2246
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 13
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2229
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 14
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2236
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 15
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2129
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 16
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2101
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 17
    Total number of words is 3913
    Total number of unique words is 2014
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 18
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1970
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 19
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2126
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 20
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 1919
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 21
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2034
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 22
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2122
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2202
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 24
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2193
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 25
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2140
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 26
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2221
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 27
    Total number of words is 3870
    Total number of unique words is 2037
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 28
    Total number of words is 3873
    Total number of unique words is 2095
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 29
    Total number of words is 3887
    Total number of unique words is 2144
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 30
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2149
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 31
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2207
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 32
    Total number of words is 3912
    Total number of unique words is 2159
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 33
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2187
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 34
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2253
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 35
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2240
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 36
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2228
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 37
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2137
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 38
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2128
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 39
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1957
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 40
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 1929
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 41
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2109
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 42
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2011
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 43
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1975
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 44
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2033
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 45
    Total number of words is 3892
    Total number of unique words is 2069
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 46
    Total number of words is 40
    Total number of unique words is 40
    57.5 of words are in the 2000 most common words
    72.5 of words are in the 5000 most common words
    75.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.