Latin

Robinzon Kruzo - Turkmen - 16

Total number of words is 3837
Total number of unique words is 2101
29.9 of words are in the 2000 most common words
44.3 of words are in the 5000 most common words
52.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
döwrüň dowamynda ýabanylaryň bu ada gelip gidendiklerine, ýüzlerçe ýabanynyň
kenara çozup geljekdigine ynanman duramokdym. Ýöne bu ähtimallykdan hiçhili
habarym bolmandy, men asyl gorkmalydyr hem öýtmändirin. Ol howp şolugyna
duran-da bolsa, meniň göwnüm bir ýaly bolupdyr. Howpdan bihabar bolamsoň, ol
edil ýok ýaly, gülüp-oýnap gezipdirin. Bu ýagdaý örän peýdaly pikirleri, ylaýta-da
aşakdaky pikiri kelläme getirdi. Perwerdigär ynsanlary dolandyranda, olaryň wakalar
hakyndaky garaýyşlaryny we maglumatlaryny şeýlekin dar çygyrda gabap goýmak
bilen, gör, nähili ýagşylyk edipdir. Adam ogly san-sajaksyz howplaryň arasynda
ýaşap ýörýär. Eger ol şol howplary öňünden görsedi, onda onuň halys akyly çaşyp,
hezili gaçardy. Daş-töweregini gallap alan howp-hatarlaryň hiç haýsysyny
bilmeýändigi, hadysalaryň arka ýüzüni görmeýändigi sebäpli, adam bende örän
parahat we asuda ýaşaýar.
Şu oý-pikirlere gümra bolup ýatyşyma, men bu adada hiç bir zatdan gypynç etmän,
arkaýyn gezip ýören wagtym, şunça ýyllap nähili uly howpuň astynda ýaşandygym
barada çynlakaý oýa batdym. Meni ýabany adamhorlaryň eline düşmekden, iň bir
pajygaly heläkçilige duçar bolmakdan, belkem, bir baýryň gerşi, ullakan bir agaç ýada gijäniň düşmegi halas edip galandyr. Olar meni geçi ýa-da pyşdyl awlanymdaky
ýaly tutup, edil meniň kepderleri ýa-da ýylkyçy guşlary öldürip, etini iýmegi jenaýat
hasap etmeýşim ýaly, meniň özümi öldürip, iýmegi jenaýat hasap etjek däldiler. Men
nähili betbagtçylyklardan halas bolandygymdan bihabar ýaşapdyryn ekenim. Munuň
üçin, men öz bendelerini gorap saklaýan Biribara tüýs ýüregimden şükür edip, Onuň
huzyrynda tagzym etmedim diýsem, bimamla bolaryn. Ol garaşyk etmedik bolsady,
meniň ol rehimsiz ganhorlaryň gysajyna düşjegim gutulgysyzdy.
Bu pikirlerim birneme köşeşeninden soňra, betpäl mahluklaryň, ýagny wagşylaryň
edim-gylymlary hakynda oýlanmaga başladym. «Külli älem-jahanyň hikmetli
Perwerdigäri näme üçin öz käbir bendeleriniň şu zeýilli adamzat sypatyny ýitirip,
hatda barypýatan mahluga öwrülip, öz jynsdaşlarynyň etini iýjek derejede öz başyna
goýberýärkä?» — diýip, men öz-özüme ýüzlendim. Ýöne bu netijesiz soraga (şol
wagtlykça) jogap tapyp bilmedim. Soňra «Bu ýabanylar dünýäniň haýsy böleginde
ýaşaýarka? Ol ýer meniň adajygymdan näçeräk uzaklykdaka? Öýlerini taşlap,
nämäniň hatyrasyna şunça ýol söküp gelýärkäler? Nähili gaýyklary barka? Olaryň şu
ýere gelşi ýaly, menem ýol şaýymy guratlap, olaryň ýaşaýan ýerine baryp görsem
niçik bolarka?» diýen sowallar kelläme ýagyp ugrady.
Men ýabanylaryň ýurduna baran mahalym näme edip, näme goýjagym, olaryň eline
düşäýsem maňa näme boljagy ýa-da üstüme çozaýsalar nädip gaçyp sypjagym barada
pikirlenjek bolup azara-da galmaýardym. Ol zatlar beýle-de dursun, men asyl o taýyk
baryp ýetmegiň, ýerlileriň islendik bir taýpasy üstüme hüjüm edäýse, goranyp aman
galmagyň mümkindigi-däldigi dogrusynda hem oýlanmaýardym. Bagtym getirip,
ýabanylaryň eline düşmän sypaýanymda-da, aňyrda näme iýip-içjegim, haýsy kurs
boýunça ýüzüp gitjegim hem belli däldi. Bu pikirleriň hiç haýsysy ýadyma-oýuma
137
düşmeýärdi, ýöne öz gaýygym bilen materige ýüzüp barmak baradaky arzuwym
welin, barha güýçlenýärdi. Men öz şol wagtky ýagdaýyma bolup biläýjek iň
betbagtçylykly ýagdaý hökmünde garaýardym. Ölüp dynaýmakdan başga elimden
geljek zat ýokdy. Göwnüme bolmasa, materigiň kenaryna baryp ýetsem, nähilidir bir
kömege duş geläýjek ýalydym. Belkem, Afrikanyň kenarýakasyndaky ýaly, tä adam
ýaşaýan bir ýeriň üstünden barýançam, gury ýeri gyraklap gidibersem biçeme boljak
däldi. Kim bilýär, ýol ugruna meni hem alyp gitjek bir ýewropaly gämä duş gelerin.
Eger beterinden beteri bolup, janymdan el üzmeli bolaýsam, onda şu ýalançynyň
azabyndan-güzabyndan dyndygym boljakdy. Okyjynyň bir meselä üns bermegini
towakga edýärin. Meniň şol ruhy ahwalym — halys kelebiň ujuny ýitiren pähimpaýhasym bilen bisabyr häsiýetimiň miwesidi. Uzak wagtdan bäri dowam edip
gelýän howsalalarym hem-de gark bolan gämä baranymda başdan geçiren
lapykeçligim ýüregimdäki ody birsyhly ölçerýärdi. Şol gämide näçe wagtdan bäri
tüýs ýüregimden arzuw edip ýören zadyma, has dogrusy, meniň bilen gepleşip, meniň
nirede ýerleşýändigimi hem-de bu ýerden nädip gidip boljakdygyny aýdyp biljek diri
adamlara sataşmaga örän golaýlaşypdym. Şu hili pikirler meniň ýüregimi
mynçgalaýardy. Akyl parahatlygym, Beýik Allatagala bolan tabynlygym we Ondan
gelýän hökümlere imi-sala garaşyp oturmak häsiýetim birhili paýawlan dek bolupdy.
Materige bakan gaýykly ýüzüp gitmek baradaky islegimden başga bir ýere ünsümi
sowmaga mende hiçhili erk-ygtyýar ýok ýalydy. Ol isleg meni şeýle bir aldymberdime salýardy welin, asyl onuň garşysynda durar ýaly däldi.
Iki sagatdan gowrak wagtlap aňymy gozgalaňa salan oý-pikirler şeýle bir ganymy
gaýnatdy welin, içimdäki adatdandaşary tolgunma zerarly ýüregimiň urşy çaltlanyp
ugrady. Men göýä ysytma tutan ýaly gagşap ýatyşyma, pikir ýadawlygyndan ýaňa
halys sütünim süýnüp, süýji uka gidip, düýş gördüm. Huşumdaky howsalaly pikirler
düýşüme girendir öýdüp çaklamagyňyz mümkin. Ýöne ol beýle bolmady. Men
düýşümde ne-hä ol pikirleri gördüm, ne-de olar bilen baglanyşykly zatlary. Ol
düýbünden başga hili düýşdi. Men, adaty bolşy ýaly, ir bilen galajygymdan çykyp,
ýöräp barýarmykam diýýän. Men birdenkä iki sany gaýygyň kenara ýanaşandygyny
we gaýyklardan on bir sany ýabanynyň düşendigini gördüm. Olar öldürip iýmek üçin
başga bir ýabany adamy ýesir edip äkelipdirler. Birden ýaňky ýesir tarsa ýerinden
turdy-da, güýjünde baryny edip, aýagaldygyna gaçmaga başlady. Ukynyň arasynda,
ol adam howlymyň öň ýanyndaky gür tokaýjyga gaçyp gizlenýärmikä diýýän. Men
onuň ýeke özüdigine we yzyndan kowup gelýän kowguçylaryň ýokdugyna görüp,
öňünden çykyp, oňa ýylgyryp seredýärmikäm, köşeşdirjek bolýarmykam diýýän. Ol
meniň öňümde dyza çöküp, özüne kömek etmegim üçin ýalbarýan ýalydy. Onsoň
men oňa öz merdiwanymy görkezdim-de, haýatdan dyrmaşdyryp, howlynyň içine
saldym we gowaga eltdim. Soňra ol meniň hyzmatkärim boldy.Men ol ýabanyny öz
ygtyýaryma geçirenimden soňra: «Ine, indi materige bakan ýüzüşe çyksa-da bolar.
Hyzmatkärim losman bolar we näme etmelidigini, ýabanylara şam bolmazlyk üçin
haýsy jelegaýlardan gaça durmalydygyny, nirä baryp, nirä barmaly däldigini
öwreder» — diýip, içimi gepletdim. Şol pursatda-da, men ukudan oýandym. Men
düýşümde halas bolmak umydyndan dörän begenjimden ýaňa şeýle bir aýdyp-diýip
138
düşündirip bolmajak ýakymly täsirleri başdan geçirýärdim welin, ukudan oýanan
wagtym onuň ýöne bir düýşdügine göz ýetiren badyma, örän lapykeç bolup, gam
laýyna batdym.
Emma welin, şondan soňra, men şeýle netijä geldim: ýagny, bu ýerden gaçyp sypmak
üçin meniň ýeke-täk çykalgam bir ýabany adamy ele salmak bolup durýardy. Eger
başaryp bilsem, adamhorlaryň öldürip iýmek üçin, elini-aýagyny daňyp getirýän
ýesirlerinden birini halas etjek bolmalydym. Ýöne bu planymy amala aşyrmaga
päsgel berýän bir kynçylyk bardy: maksadyma ýetmek üçin ýabanylaryň tutuş bir
otrýady bilen garpyşyp, olary uçdantutma gyrmagyň hötdesinden gelmelidim. Munuň
özi barypýatan pähimsizlikdi, bolaryndan bolmazy ýakyndy. Üstesine nähak ýere gan
dökmegiň adalatly bolup-bolmajagy barada hem juda ikirjiňlenýärdim. Öz janymy
halas etmek üçin şonça adamyň ömür tanapyny üzmek meniň ýüregime endiredýärdi.
Şu planyň garşysyna kelläme gelen tutaryklary ozal aýdyp berendigim sebäpli, indi
olary gaýtalap oturmakçy däl. Aslynda, men bu ýere gelýän ýabany adamlaryň meniň
janyma howp salýandygy, ellerine düşäýsem, meni gowrup iýjekdigi, şol hili
ölümden aman sypmak üçin etjek islendik synanyşygymyň, sözüň hakyky
manysynda, meniň özümi goramaklygym diýlip hasap ediljekdigi, olaryň özi üstüme
çozuş etse-de, etmese-de, barybir bir gün öz janymy halas etmek üçin olary öldürmeli
boljakdygym barada birgiden sebäp sanap biljekdim. Ýöne, barybir, öz başymy
gutarmak üçin adam ganyny dökmeklik maňa örän eýmenç bolup görünýärdi. Şonuň
üçinem, men bu pikir bilen kän wagtlap ylalaşyp bilmedim.
Şeýle-de bolsa, men öz-özüm bilen dygysyz çekeleşip, bir o ýana, bir bu ýana agypdönenimden soňra, ahyrsoňunda, meniň halas bolmak baradaky alawlap tutaşýan
islegim kellämde at salýan beýleki delillerdir sebäplerden üstün çykdy. Onsoň men
her edip, hesip edip, şol ýabanylaryň birini ele salmagy pugta ýüregime düwdüm.
Indi bu plany nädip amala aşyrmalydygy hakynda oýlanmalydy we ol diýseň kyn
meseledi. Kelläme hiç hili göwnejaý pikir gelmänsoň, men ýabanylaryň kenara haçan
gelýändigini bilmek üçin hemişe garawulçylyk çekmeli hem-de şol wagtky şertlere
görä hereket edip, galanyny wakalaryň ösüşine galdyrmaly diýen netijä geldim.
Şonlukda men mümkin boldugyça ýygy-ýygydan kenarýakada garawulçylyk
çekmäge başladym. Bukalgama şeýle bir köp gatnaýardym welin, ahyrsoňy ol meniň
halys ýüregime düşüp ugrady. Men şeýdip bir ýarym ýarym ýyldan gowrak garaşyp
gezdim. Şol döwrüň aglaba böleginde, men her gün diýen ýaly, ýabany adamlaryň
gaýyklaryny görjek bolup, adanyň günbatar we günorta-günbatar ujuna gatnaýardym.
Ýöne içiňi ýakaýyn diýen ýaly ýekeje gaýyk hem göze ilmeýärdi. Soňabaka, bu
şowsuzlyk örän lapymy keç edip, janymy ýakyp ugrady. Ýöne, elbetde, ozalky
lapykeçligimiň tersine, men bu gezek öz planymy bir gyra goýmadym. Gaýtam, men
oňa ikelläp ýapyşdym. Gaýyklaryň gelşi näçe gijikdigiçe, meniň hyjuwym şonça
möwç alýardy. Bir söz bilen aýdanyňda, şindi ýabany adamlar bilen ýüzbe-ýüz
bolmak baradaky höwesim ozallar olary görmekden, olaryň gözüne ilmekden gaça
durmaga bolan meýlimden has rüstem gelýärdi.
Mundan başga-da, men «ýabanylaryň birini, belkem, ikiüç sanysyny ele salyp gul
edinäýsem, onda olar bir diýenimi iki gaýtalatman işlemegi hem-de maňa gyýa göz
139
bilen seretmezligi öwrederin» diýip, göwün ýüwürdýärdim. Men şol işi bilen gümra
bolup ýörşüme, ençeme aýlar aýlanyp, günler dolanypdy, ýöne ne gelýän bardy, nede gidýän. Meniň ähli arzuwlarym we planlarym puç bolupdy. Indi ençe wagtdan bäri
ýabany adamlar gara bermeýärdi.
Şol planlarym bilen bir ýarym ýyl töweregi güýmenip gezenimden soň, men indi
olaryň ýöne bir gury hyýaldygyna ynanyp başlapdym. Şol günleriň birinde ir säher
bilen adanyň meniň ýaşaýan tarapymdaky kenarynda azyndan bäş sany boş gaýygyň
durandygyny görüp haýran galdym. Olarda ýüzüp gelen ýabanylar nirädir bir ýere
siňen bolmalydy. Ýabanylaryň sanynyň köp bolmagy meniň bar hasaplarymy bulambujar etdi. Men olaryň gaýyga hemişe dört ýa-da alty adam, käteler bolsa has köp
bolup münýändiklerini eýýäm bilýärdim. Men ýigrimi-otuz sany adamyň garşysyna
ýeke özüm näme etjegimi kesgitläp bilmän, elimi-aýagymy ýitirip, galajygymda
aljyraňňy we çalam-çaş halda ýere çökdüm. Emma, her niçik-de bolsa, öňden
taýynlap goýan goranyş meýilnamamy berjaý edip, islendik hüjüme gaýtawul
bermäge taýýarlanyp ugradym. Men ýabanylaryň sesleri gelermikän diýip, esli salym
diňşirgenip garaşyp duranymdan soň, takat edip bilmän, tüpeňlerimi merdiwanyň
gapdalyna söýedim-de, adaty bolşy ýaly, iki aşyrymda merdiwana dyrmaşyp,
gaýanyň depesine ýetdim. Ýöne, duşmana görünmejek bolup, kelläm ýokaryk zomap
çykyp durmaz ýaly edip saklandym. Men elime dürbimi alyp, synlamaga başladym.
Ýabanylar, bolmady diýeniňde, otuz adam töweregi eken. Men olaryň kenarda ot
ýakyp, etmi,nämemi, bir zatlar bişirmek bilen başagaýdygyny gördüm. Olaryň anyk
näme bişirýändigini, nähili bişirýändigini aňşyryp bilmedim. Olaryň hemmesi oduň
daşynda halka bolup, öz wagşy dessurlaryna görä, birgeňsi böküşip, towsuşyp tans
edýärdiler.
Men dürbim bilen olary synlap durkam, soýmak üçin getirileni mese-mälim bolup
duran, eli-aýagy daňylgy iki sany görgüli biçäräni gaýygyň içinden süýrekläp
düşürendiklerini gördüm. Serdesse ýa-da tagta gylyç bilen urdularmy, nämemi,
ýesirleriň biri şolbada palçyldap ýere ýazyldy. Ýabanylaryň adam öldürişi şeýle
bolarlydy. Iki-üç sany adam derrew onuň iç-goşuny çykaryp, etini böleklemäge
başlady. Beýleki görgüli bolsa, öz nobatyna garaşyp, bir gapdalda som-saýak bolup
durdy. Edil şol pursatda, el-aýagynyň ýüpi çözülip, özüni az-kem erkinlikde duýan
ýaňky ýesir, ýüreginde dörän ýaşamak umydy bilen, birdenkä öňe okduryldy-da,
çägeli kenaryň ugry bilen ýazzyny berdi. Ol şeýle bir çalt ylgaýardy welin, gözüňe
ynanar ýaly däldi. Ol göni maňa, has dogrusy, meniň howlymyň ýerleşýän
tarapyndaky kenara bakan ýüzin salyp gelýärdi.
Boýnuma alaýyn, onuň maňa tarap şapadaňlap gelýänine gözüm düşen wagty,
ýabanylaryň barysyny yzyna düşüp gelýändir öýdüp, meniň huşum başymdan göçüp,
ýüregim agzyma geldi. Gören düşýümiň birinji bölegi oraşan bolup çykypdy. Şoňa
seretseň, onda ýüwrüp gelýän ýabany meniň tokaýjygyma gaçyp gizlenmelidi. Emma
welin, men düýşümiň ikinji bölegine, ýagny ýabanylaryň gaçgagy yzarlap bu ýere
gelmejekdigine bil baglap biljek däldim. Men, her niçik-de bolsa, öz postumy
taşlaman garaşyp başladym. Kowguçylaryň iki-üç sanydygyny görenimde, men azkem dogumlandym. Gaçyp gelýän ýabanynyň kowguçylary tozana garyp, ep-esli
140
öňden gelýänini görüp, doly arkaýynlaşdym. Ol ýene ýarym sagatjyk şol tizligini
saklap gaçyp bilse, onda onuň gaçyp sypjagy äşgär görnüp durdy.
Gaçha-kow bolşup gelýän ýabanylar bilen meniň galajygymyň arasynda bir buhtajyk
düşýärdi (okyjynyň ýadynda bolsa, hekaýamyň başynda gämiden goş-golam
daşaýşym barada gürrüň berenimde, ol buhtajyk hakynda aýdyp beripdim). Men
gaçgak biçäräniň hökman şol buhtajykdan ýüzüp geçmelidigini, ýogsam onuň ele
düşjekdigini äşgär gördüm. Ol daşgyn wagtydygyna garamazdan, ýüzüniň ugruna
özüni suwa urdu-da, takmynan otuz gulaçda bärki kenara çykdy we ýene
aýagaldygyna ylgamaga başlady. Kowguçylar buhtajyga ýeten mahaly, olaryň iki
sanysy derrew suw böküp ýüzüp ugrady. Üçünji ýabany ýüzüp bilmeýän bolara
çemelidi, ol kürtdürip durdy-da, öz ýoldaşlarynyň yzyndan garady. Soňra bolsa,
äwmezeklik bilen mytdyldap, yzyna dolandy. Munuň bähbide çekendigi bahym belli
boldy.
Suwa böken iki kowguçynyň bärki tarapa ýüzüp geçmek üçin gaçgakdan iki esse köp
wagt sarp etmeli bolandygy meniň ünsümi çekdi. Birdenkä şu wagt özüme
hyzmatkär, belkem, dost ýa-da kömekçi gazanmak iň amatly pursadyň gelendigi
barada mylaýym pikir meni biygtyýar gurşap aldy. Hakykatdan-da, Biribaryň özi
meni bu görgüli bendäniň janyny halas etmäge çagyrýan bolmalydy. Men derrew
merdiwandan düşüp, onuň düýbünde gaýa söýäp goýan iki sany muşketimi garbap
aldym-da, ýene ýokaryk gaýanyň depesine dyrmaşdym. Soňra gaçgagyň öňüni
gyýalap, deňze tarap ylgadym. Men baýryň ýapgydyndan gönüläp eňaşak
okduryldym we gaçgak bilen kowguçylaryň göni arasyna baryp düşdüm. Men
gaçgagyň yzyndan zowladyp gygyranymda, ol ýalta bärisine garady-da, ilkibaşda,
göwnüme bolmasa, menden kowguçylardan gorkuşyndan bäş beter gorkup giden ýaly
boldy. Men elimi bulaýlap, ony özüme tarap çagyrdym we kowguçylara bakan
alňasaman ýöräp ugradym. Olaryň öňden gelýäni golaýyma ýetiberende, men ur-tut
öňe topuldym-da, ony tüpeňin gundagy bilen urup, ýere ýazdym. Men beýleki
ýabanylar sesini eşider öýdüp, tüpeň atasym gelmedi. Aslynda, tüpeň sesini
ýabanylaryň munça aralykdan eşitmegi onçakly mümkin däldi, onuň tüssesi hem
görünjek däldi, ýöne men barybir çekinýärdim. Yzdan gelýän ýabany ýoldaşynyň
ýykylanyny görüp gorkdumy-nämemi sakga durdy welin, meniň özüm onuň üstüne
eňdim. Ýöne, golaýlaşan wagtym, onuň elinde ok-ýaý bardygy we ýaýyny maňa
çenäp, peýkam atmaga çemeleşýändigi gözüme ildi. Onsoň men öňürtmeli boldum
we ony bir okda ýere serdim.
Gaçgak görgüli gözüniň öňünde iki duşmanynyň-da ýere ýykylyp ölenini gören
wagty aýak çekdi-de, tüpeňiň sesinden we çabrap giden ýalnyndan gorkup,
dikilgazyk ýaly sömelip duruberdi. Ol ne-hä aňyrlygyna ädim ädip bilýärdi, ne-de
bärligine. Ýöne, sähel tebil tapdygy, meniň ýanyma gelmän ökje götärli görünýärdi.
Onsoň men oňa gaýtadan gygyryp, ýanyma gelmegi üçin elim bilen yşarat etdim.
Ýabany adam muňa düşündi-de, maňa tarap azajyk ýöräp saklandy, soňra ýene
azajyk ýöräp, ýene saklandy. Şol wagt men onuň özüni ýesir düşen hasap edip, edil
iki sany duşmanyny ölürişim ýaly, özüni hem öldürjek bolýandyryn öýdüp
galpyldaýandygyny saýgardym. Men ony ýene-de öz ýanyma çagyrdym we elimi
141
bulaýlaşdyryp, başardygymdan ýüreklendirmäge çalyşdym. Ol öz janyny halas
edendigime minnetdarlyk bildirýändiginiň alamaty hökmünde her on, on iki ädimden
bir dyzyna çöküp, barha we barha golaýyma geldi. Men oňa hoşamaý seredip
ýylgyrdym we has-da ýakynlaşmagyny yşarat etdim. Ahyrsoňy, ol ýanyma geldi we
ýaňadan dyzyna çöküp, ýeri ogşady. Kellesini ýerde goýup, aýagymdan tutdy-da,
kellesiniň üstünde goýdy. Çaky, bu hereket onuň maňa hemişelik gul bolmaga ähdipeýman edýändiginiň alamaty bolmalydy. Men ony ýerinden turuzdym-da, üstibaşyny kakyşdyrdym we başardygymdan arkaýynlaşdyrmaga synanyşdym.Ýöne,
meniň entek etmeli işlerim bardy, sebäbi tüpeňimiň gundagy bilen urup ýere ýykan
ýabanym ölmän, ýöne seňseläpdi. Ol indi ýuwaş-ýuwaşdan essine aýylyp ugrapdy.
Men elimi uzadyp, onuň heniz ölmändigini, halas eden ýabanyma görkezdim. Onsoň
ol düşnüksiz dilde maňa birzatlar aýdyşdyrdy. Düşünip bilmesem-de, onuň aýdan
sözleri gulagyma örän ýakymly eşidildi. Çünki, öz sesimi hasap etmäniňde, ýigrimi
bäş ýyldan gowrak wagt bäri ilkinji gezek adam sesini eşidipdim. Emma, şu wagt bu
zatlaryň pikirini edip oturmagyň wagty däldi. Seňselän ýabany adam özüni dürsäp,
eýýäm dikelip otyrdy. Men öz ýabanymyň oňa gözi düşüp, gorkmaga başlandygyny
gördüm. Onsoň, ony köşeşdirjek bolup, ikinji muşketimi ýerde oturan ýabana
çenedim. Şonda meniň ýabanym (men indi ony şeýle atlandyrýardym) kemerime
gysdyrylgy ýalaňaç gama tarap elini uzadyp, ony bermegimi ümleşdirdi. Men hem
oňa gamamy berdim. Ol gamany alyp-alman, duşmanynyň üstüne okduryldy we
Germaniýadaky islendik jellada gaýra dur diýdirjek çalasynlyk bilen onuň kellesini
edil pyzlawuk kädi ýaly togalap goýberdi. Henize, bu güne çenli tagta gylyçdan
başga zat görene çalym etmeýän bu ýigidiň sowuk ýaraga şeýle ussatlyk bilen erk
etmegine men örän haýran galdym. Elbetde, wagtyň geçmegi bilen men ýabanylaryň
tagta gylyçlary bir urguda kelläni, goly kesip taşlar ýaly, berk agaçdan kesgir we agyr
edip ýasaýandygyny bildim. Ol işini bitirensoň, göwnühoş halda ýyrşaryp,
ýanymageldi-de, bir topar düşniksiz hereketler edişdirip, ýaňky ýabanynyň kellesi
bilen gamany gülçüldedip aýagymyň astyna oklady.
Ýöne ony has geň galdyran zat — meniň beýleki ýabanyny şonça aradaşlykdan nädip
öldürendigim boldy. Ol eli bilen ümleşdirip, şol jesediň ýanyna barmaga rugsat
sorady. Menem özümçe ümläp, oňa rugsat berdim. Ol jesediň ýanyna bardy-da,
haýran galyp synlamaga durdy. Meniň ýabanym ony bir eýlesine öwürdi, bir
beýlesine öwürdi. Gülläniň böwsüp geçen ýarasyny synlaşdyrdy. Gülle göni
kükrekden parran geçip, yz ýasapdyr ekeni. Kän gan akmansoň, içerki ganama
bolandyr diýip çaklamak boljakdy, sebäbi jeset bireýýäm sowapdyr ekeni. Ol jesediň
ýanyna bardy-da, haýran galyp synlamaga durdy. Meniň ýabanym öliniň ýaýyny we
peýkamlaryny alyp ýanyma geldi. Men ol ýerden daşlaşmak üçin yzyma öwrüldim
we oňa-da «yzyma düş, başga kowguçylaryň gelmegi ahmal» diýen terzde elimi
salgaşdyrdym.
Şol wagt, ol beýleki ýabanylar aňtap geläýen ýagdaýynda, meýitleri görmez ýaly,
olary çägä gömeli diýip, eli bilen her hili yşaratlar edişdirdi. Men hem «bolar» diýen
äheňde şol bir hereketleri gaýtaladym. Onsoň ol işe girişdi we sanlyja salymyň içinde
eli bilen çägäni köwüp, bir adam sygarlyk çukur gazdy. Soňra birinji ölini süýräp,
142
çukura taşlady-da, üstüne çäge sürdi. Ol beýleki ölini hem şeýdip çägä duwlady.
Ýalňyşmaýan bolsam, ýabany iki jesedi on bäş minut çemesi wagtyň içinde jaýlap
dyndy. Onsoň men ony gaýtadan çagyryp, galajygyma däl-de, adanyň beýleki
ujundaky gowagyma alyp gitdim. Şeýlelikde, men düýşümiň soňky böleginiň oraşan
bolmagyny, ýagny ýabany adamyň meniň tokaýjygyma gaçyp gelmeginiň öňüni
aldym.
Gowaga baran wagtymyz men oňa çörek bilen bir hoşa kişmiş hödür etdim, içmäge
suw berdim. Sebäbi ol gaçan wagty, ýadap, halys tapdan gaçan ekeni. Ýabany mazaly
iýip-içip, gurplanansoň, men oňa yşarat edip, gowagyň künjegindäki şaly sypaldan
düşelen düşejigimi we ýorganymy görkezip, ýatyp dem-dynjyny almagyny ümledim.
Bu ýere meniň özüm kämahallar ýatmaga gelýärdim. Görgülijik ümsüm düşege
süýndi-de, şol bada süýji uka gitdi.
Ol görmegeý, on iki süňňi jaýba-jaý, boýy-syraty gelşikli, edil guýlan kenek ýaly
berdaşly ýigit ekeni. Daş keşbine seretseň, ol ýigrimi alty ýaşlarynda bolmalydy.
Onuň ýüzi ýakymlydy, hyýrsyz ýa-da gyňyr däldi, erkek adama mahsus bolan
gaýduwsyzlyk bardy. Şeýle-de bolsa, ol ylaýta-da ýylgyran wagty onuň keşbine edil
ýewropalylaryňky ýaly mylaýymlyk we ýumşaklyk çaýylýardy. Onuň uzyn gara saçy
ýüň ýaly buýra-buýra däl-de, gönüdi. Uzyndan gelen giň maňlaýy bardy. Endamynyň
reňki hüýt-gara däl-de, garaýagyzdy. Ýöne, ol braziliýalylar, wirjiniýalylar we
Amerikanyň beýleki ýerli halklary ýaly sargylt öwüsýän myrtar garaýagyz reňkde
däl-de, ýaldyrap duran külreňk zeýtun reňklidi. Nähili düşündirjegimi bilemok, ýöne
onuň ten reňkinde örän täsin öwüşgin bardy. Onuň ýüzi tegelek dolmuşdy. Kiçijik
burny hebeşileriňki ýaly paşşyk däldi. Biçüwli agzy, inçe dodaklary bardy. Seteran
dişleri misly şirmaýy dek lowurdaýardy.
Ol ýarym sagada golaý uklap, has dogrusy, irkilip gözüniň awusyny alansoň,
gowakdan çykyp meniň ýanyma geldi. Men gowagyň beýle ýanyndaky agylda geçi
sagyp otyrdym. Ol maňa gözi düşeninden ylgap gelip, ýene ýere süýndi. Maňa
minnetdarlyk duýýandygyny görkezmek üçin kiçigöwünlilik bilen her dürli geň-taň
hereketler edişdirdi. Ol iň soňunda başyny aýagymyň ýanyna ýere goýdy we ozal
edişi ýaly beýleki aýagymy galdyryp, kellesiniň üstünde goýdy. Soňra bolsa,
ömürboýy maňa nähili hyzmat etjekdigini görkezýän hem-de hormaty, tabynlygy we
hyzmat etmegi aňladýan hereketler etdi. Men onuň aýtmak isleýän zatlarynyň
köpüsine düşündim we ondan göwnümiň bitendigini, hoşal bolandygymy
ümleşdirdim. Sähel salymyň içinde men onuň bilen gepleşmäge başladym we meniň
bilen gepleşmegi öwredip ugradym. Ilki bilen, men oňa Anna diýip at goýandygymy
düşündirdim. Men ony hepdäniň anna güni halas edipdim we şol günüň hormatyna öz
ýabanyma şeýle at goýupdym. Soňra, meniň oňa «hojaýyn» diýen sözi öwretdim, ol
sözüň meniň adymdygyny düşündirdim. Şeýle hem, oňa «hawa» we «ýok» diýmegi
hem-de şol sözleriň manylaryny ýat tutdurdym. Men oňa toýun küýzede süýt
hödürledim we oňa görkezmek üçin, küýzeden süýt içdim, süýde nan batyryp iýdim.
Soňra oňa ýaňky iýip-içişimi gaýtalar ýaly bir bölek çörek berdim. Ol bolşy-bolşy
ýaly edip, süýdüni içip, çöregini iýdi-de, özüniň biçak hoşal bolandygyny ümleşdirip
düşündirdi.
143
Men gijäni onuň bilen gowakda ýatyp geçirdim; daň atyp, jahan ýagtylan dessine
men oňa yzyma düşmegini, özüne geýim-gejim berjegimi ümläp düşündirdim. Ol
muňa biçak begendi, sebäbi ol çuw-ýalaňaçdy. Biz onuň iki sany ýabanyny gömen
ýerine ýeten mahalymyz, ol göni şol ýere barmagyny çommaltdy. Ol asyl guburlaryň
ýeri belli bolar ýaly ýörite çelgiler goýan ekeni. Ol ümleşdirip, jesetleri gazyp
çykaryp, etini iýeli diýip yşarat etdi. Men muňa biçak gaharlanyp, ýüzümi-gözümi
çytdym. Beýle zada aňrym bärik gelip, ýüregimiň bulanýandygyny äşgär etdim.
Onsoň, oňa «bärik gel» diýen terzde elimi salgadym welin, ol gulak asyjylyk bilen
ylgap ýanyma geldi. Men ony duşmanlarynyň gidip-gitmändigini biler ýaly baýryň
depesine alyp çykdym. Men dürbimi çykaryp, ýabanylaryň düşlän ýerine birlaý
synladym, olaryň ne özleri, ne-de gaýyklary göze ilýärdi. Olaryň yzda galan iki sany
ýoldaşlaryny gözlejegem bolman, bu ýerden ýüzüp gidendikleri mese-mälim görnüp
durdy.
Emma men ol açyş bilen ynjalmadym. Indi has batyrgaýlanypdym, ýüregim
bilesigelijilik bilen gürsüldeýärdi. Men öz hyzmatkärim Annany ýanyma alyp, onuň
eline gama bilen ýaýy tutdurdym, peýkamly sagdagy egninden asdym. Ol peýkam
atmaga biçak mergen ekeni. Men iki sany tüpeňi özüm alyp, üçünjisini hyzmatkäre
götertdim. Şeýlelikde biz iki bolup, adamhor wagşylaryň meýlis guran ýerine bakan
ýola düşdük. Olar barada has anyk maglumat ýygnamagy ýüregime düwüpdim. Ol
ýere baryp ýeten mahalymyz kenardaky elhençligiň yzlaryna gözüm düşende,
gorkudan ýaňa dili gurap, doňup galdym. Hakykatdan hem, ol örän eýmenç görnüşdi,
iň bolmanda ol meniň üçin şeýledi. Annanyň bolsa göwni bir ýalydy. Çägesöw
gumaşagyň ähli ýerinde adam süňkleri sergi bolup ýatyrdy, toprak gan bilen
ýugrulypdyr. Eýläk-beýläk çala iýlen, ütüm-ýolum edilen, oda daglanan tokga-tokga
adam etleri zyňlypdyr. Wagşylaryň öz duşmanlaryndan üstün çykmagynyň şanyna
guralan ýeňiş meýlisiniň ähli alamatlary görnüp durdy. Men üç sany kelleçanak, bäş
sany el, üç-dört sany aýak süňki bilen ýene birgiden beden agzasyny gördüm. Anna
ümleşdirip, ýabanylaryň meýlisde iýmek üçin dört sany adam getirendiklerini, olaryň
üç sanysynyň iýlendigini we barmagy bilen özüni görkezip, dördünji adamyň
özüdigini düşündirdi. Gep salgysyndan, iki sany goňşy taýpanyň kethudanyň arasyna
tow düşüpdir-de, soňy urşa ýazypdyr. Anna-da şol taýpalaryň birine degişli ekeni.
Onuň taýpasy ýeňlişe sezewar bolup, köp adam ýesir düşüpdir. Ýeňijiler ellerine
düşen ýesirleri iýmek üçin, dürli-dürli ýerlere meýlis guramaga gidipdirler. Bu ýere
gelen topar hem şolaryň biri ekeni.
Men Anna ähli kelleçanaklary, süňkleri, et böleklerini we beýleki beden agzalaryny
bir ýerik üýşürip, üstünde ullakan ot ýakyp, hemmesine küle öwürmegi tabşyrdym.
Men Annanyň ol etlere agzyny suwardyp, ýalmanjyraýandygyny, onuň henizem
adamhorlyk edähedinden üzňeleşmändigini gördüm. Ýöne meniň beýle zat barada
sähelçe pikirlenmegi, iň ýönekeýje bir alamatyny görmegi nähili ýigrenýändigimi
belli edemsoň, ol şol häsiýetini ýüze çykarmaga het edip bilmedi. Sebäbi, eger şonuň
ýaly zada milt edäýse ony öldürjekdigimi eýdip-beýdip oňa ýaňzydypdym.
Biz ol işi birýüzli edip, galajyga gaýdyp geldik. Onsoň men wagt ýitirmän
hyzmatkärimi eginbaşly etmegiň ugruna çykdym. Ilki bilen, men oňa gämide heläk
144
bolan biçäre topçynyň sandygyndan tapan kendir jalbarymy berdim. Eýlesinibeýlesini gyrkyşdyryp ýamaşdyrdym welin, ol Anna ylaýyjak şapylaşyp duruberdi.
Soňra men oňa geçiniň derisinden, başardygymça, bir keltekçe tikip berdim (indi
meniň tikinçiligim hiç neneň däldi). Towşan derisinden tikilen ykjam, owadan
başgaby kellesine geýdirdim. Şeýlelikde, ony birkemsiz geýindi diýip hasaplasa
boljakdy. Özüniň edil hojaýyny ýaly geýnendigine begenýändigi ýüz-gözünden
bildirip durdy. Dogry, ol birbada özüni biçak ebeteýsiz duýdy. Jalbar geýmek ony
juda biynjalyk edýärdi. Keltekçäniň ýeňleri onuň eginlerini, goltuklaryny gysyp
durdy. Men eşikleriň gysyp agyrdýan ýerlerini az-kem giňeldişdirdim, onuň özem
uzagyndan öz täze lybaslaryna gowy öwrenişip gitdi.
Öýe gelenimiziň ertesi güni hyzmatkärimi nirä ýerleşdirsemkäm diýip pikirlenip
ugradym. Hem onuň, hem-de meniň arkaýyn ýaşamagymyz üçin, howlynyň iki
haýatynyň arasyndaky boş ýere kiçijik çadyr gurdum. Şol zolagyň gaýa direýän
ýerinde gowaga girilýän sümelge bardygy üçin, sümelgäniň biraz iç tarapyna gabsa
goýup, ýasy tagtalardan gapy ýasadym. Gapy gowaga tarap açylyp-ýapylýardy. Men
gije düşdügi ol gapyny sürgi bilen içinden ýapyp goýýardym we merdiwany
howlynyň iç ýüzüne geçirýärdim. Şeýlelikde, Annanyň içerki diwardan aşyp, howla
girmegi mümkin däldi, aýdaly, giräýeninde-de, onuň güpür-tapyryna men hökman
ukudan oýanjakdym. Sebäbi içerki diwaryň üsti tutuş çadyrymy saýalap duran,
baýryň gerşine baryp direlýän uzyn pürslerden ýasalan bassyrma bilen doly
ýapylandy. Pürsleriň üstüne insizje tagtalara derek, ýogynja şahalar keseligine
oklanandy. Olaryň üstünden bolsa, gamyş ýaly berk şaly sypallaryndan küde-küde
basyp, galyň bassyrma ýasapdym. Bassyrmanyň diwara direýän bir gyrasynda
merdiwana münüp-düşer ýaly bir deşik açyp, ol ýere ýokarlygyna açylmaýan,
aşaklygyna zor salnan wagty bolsa, dikaşak güpürdäp gaýdar ýaly duzakly gapajyk
goýupdym. Ýaraglarym barada aýtsam, gije ýatan mahalym olaryň barysyny hemişe
öz ýanymda saklaýardym.
Annanyň maňa bolan hyjuwsyz, öýke-kinesiz, päkýürekli, boýun synyjy baglylygy
bardy. Ol edil perzendiň kakasyna baglanyşy ýaly, maňa tüýs ýüreginden
baglanypdy. Onuň islendik ýagdaýda, her näme bolanlygynda, meni halas etmek üçin
öz janyny orta goýjakdygyny çekinmän aýdyp biljekdim. Bu barada
şübhelenmezligim üçin onuň ençeme hereketlerine salgylanmak mümkindi.Men
gysga wagtyň içinde ondan goranmak üçin alada galyp ýörmeli däldigime göz
ýetirdim.
Men onuň bu bolşuna seredip, ýygy-ýygydan haýran galyp oýa batýardym.
Takdyryndan sowal soralmaýan Biribaryň öz höküm ýöredýän işlerinde öz ýaradan
bendeleriniň aglaba bölegini öz ruhlarynyň tap ýetirjek güýçlerinden, öz ukyplaryny
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Robinzon Kruzo - Turkmen - 17
  • Parts
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 01
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2162
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 02
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2147
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 03
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2209
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 04
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2093
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 05
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 2138
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 06
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2143
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 07
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2126
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 08
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2119
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 09
    Total number of words is 3884
    Total number of unique words is 2182
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 10
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2145
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 11
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2126
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.7 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 12
    Total number of words is 3828
    Total number of unique words is 2246
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 13
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2229
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 14
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2236
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 15
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2129
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 16
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2101
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 17
    Total number of words is 3913
    Total number of unique words is 2014
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 18
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1970
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 19
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2126
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 20
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 1919
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 21
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2034
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 22
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2122
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2202
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 24
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2193
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 25
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2140
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 26
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2221
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 27
    Total number of words is 3870
    Total number of unique words is 2037
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 28
    Total number of words is 3873
    Total number of unique words is 2095
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 29
    Total number of words is 3887
    Total number of unique words is 2144
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 30
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2149
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 31
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2207
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 32
    Total number of words is 3912
    Total number of unique words is 2159
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 33
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2187
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 34
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2253
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 35
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2240
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 36
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2228
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 37
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2137
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 38
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2128
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 39
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1957
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 40
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 1929
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 41
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2109
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 42
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2011
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 43
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1975
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 44
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2033
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 45
    Total number of words is 3892
    Total number of unique words is 2069
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 46
    Total number of words is 40
    Total number of unique words is 40
    57.5 of words are in the 2000 most common words
    72.5 of words are in the 5000 most common words
    75.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.