Latin

Robinzon Kruzo - Turkmen - 14

Total number of words is 3726
Total number of unique words is 2236
27.9 of words are in the 2000 most common words
39.6 of words are in the 5000 most common words
47.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
goýmakçy hem boldum. Olar alaw tutaşdyryp, ody ýakan badyna, däri ýarylyp,
golaýda duranlaryň barynyň külüni göge sowurjakdy. Ýöne, birinjidenä, mende baryýogy ýekeje çelek däri galypdy, onsoň munça därini ýele sowurmaga dözmedim,
ikinjiden bolsa, däriniň tüýs ýabanylaryň emini beräjýek pursatda partlajagy
gümanady, alaw tutaşan mahaly oduň gapdalynda hiç kim ýok bolsa, partlama
uzagrakda duran ýabanylaryň gulagyny gapyp, ýüzüni-gözüne külden dolduryp, bir
aljyraňňylyk döreder. Ana, bar bolany, ojagaz tüweleý üçin olar bu adadan aýagyny
kesmez. Şonuň üçin, men bu hyýalymy bir ýaňa goýdum. Soňra, men tüpeňlerimiň
üçüsine-de ok sürüp, gyrak-bujakda amatlyja bir ýerde bukuda ýatsam nähili bolarka
diýip pikirlendim. Men ganly şagalaň gyzyşyp, ýabanylaryň meý-mes bolan pillesi,
olaryň üstüne yzly-yzyna seçme ýagdyraryn. Şonda, her atyşda olaryň iki-üç
sanysyny dagyn öldürjek ýa-da ýaralajak bolaryn. Onsoň başagaýlykdan peýdalanyp,
gamamy syraryn-da, üç sany sapançam bilen ýabanylaryň üstüne okdurylaryn. Bar,
şolar ýigrimi adam bolaýanda-da, gürrüňsiz, hemmesini edil palaç ýatyran ýaly gyrýapyr ederin. Men bu hyýala ençe hepdeläp maýyl bolup gezdim, hatda ol soňabaka
şeýle bir aňymy eýeläp, ýygy-ýygydan düýşüme girip başlady; men ukymda tüpeň
atyp, ýabanylar bilen tutluşyga girýärdim.
Kelläme üýtgeşik-üýtgeşik pikirler gelip duransoň, men ýabanylary didiwana
mündürmäge çemeli bukalga tapjak bolup, ençeme günläp günbatar kenarýaka
gatnamany çykardym. Men zol-zol baryp durandygym üçin, indi ol kenara bäş
barmagym ýaly belet bolup başlapdym. Meniň paýhasym ar alyş hyjuwyndan ýaňa
püre-pürlenip, ol mahluklaryň ýigrimi-otuz sanagyny gyzyl-ýaýyrt edip, paýhynlap
taşlaýsam diýýärdi. Çägesöw kenarda çaşyp ýatan eýmenç süňk-saňklary görüp tüýs
myrryhym tutup, jynym atlanýardy.
Men ahyrsoňy baýryň ýapysynda bir pynhan köwjagaz tapdym, o taýda ümsüm
oturyp, ýabanylaryň gaýyklary gözýetimde peýda bolýança garaşsa boljakdy. Olaryň
uzakdan garasy göründügi, hol beýleräkde ösüp oturan topbak agaçlaryň arasyna
ýüwrüp baraýmalydy. Agaçlaryň birinde meni doly gizläp biljek ullakan, hoňkaryp
duran köwek bar ekeni. Şol köwekde jaýlaşyp, adamhorlaryň rehimsiz pişesini
boýdan-başa synlap, olaryň kellesinden arkaýyn nyşana alyp biljekdim. Onsoň olar
119
bir ýere hümerlenişen wagty, atan okumyň sowa geçmejegi ikuçsuzdy. Eýýäm birinji
atyşda olaryň üç-dört sanysynyň ýere sermäge doly mümkinçiligim boljakdy.
Şeýlelikde, men hut şol meýdançada öz planymy amala aşyrmagy ýüregime
düwdüm-de, iki sany muşket bilen ýönekeý aw tüpeňimi sypap-sermäp, çaknyşyga
taýynlyk görüp ugradym. Muşketleriň her birine iki sany gurşun gülle bilen dört-bäş
sany sapança okuny saldym; aw tüpeňime bir gysym iri seçme guýup,
sapançalarymyň her birine dört sany ok sürdüm. Şeýlelikde, ikinji we üçünji
atyşlaryňam ok-därisini tükel jemläp, ýörişe çykybermäge taýýar boldum.
Men öz söweş planymy göwnejaý bişirip, hyýalymda öwran-öwran ýerine ýetirip
görenimden soňra, her gün ir säher bilen, öz galajygymdan üç mil gowrak
aradaşlykda ýerleşýän şol baýryň depesine gatnap başladym. Şol depede «ada bakan
gelýän ýa-da golaýjykdan geçip barýan gaýyk-ýene gözüme ilmezmikän» diýip,
irikgä bolup oturýardym. Men iki-üç aýlap juda eserdeň gözegçilik etdim, ýöne her
gün agşamlyk üýtgeşik bir gaýyga-ýenä gözüm düşmän, öýüme lapykeç gaýdyp
gelýärdim. Soňabaka bu ynjyk iş halys ýüregime-bagryma düşüp ugrady. Diliňde
aňsat — günuzyn ýa deňzin ýakasyna çiňerilip oturansyň, ýa-da alys gözýetime, bir
eýläk-bir beýläk dürbi tutup duransyň, şonda-da kenardan geçen, asyl-ha uç-gyraksyz
okeanyň hiç bir ýerinde gaýyga çalymdaş çirim ýaly gara nokatjyk hem gözüňe
ilmez.
Daş-töwerege esewan bolmak üçin her gün depä gatnap ýörşüme, öz söweş meýlimi
amala aşyrmaga biçak höwesjeň çemeleşýärdim. Şol wagtky badym bilen, gözümi
gyrpman, ýigrimi-otuz sany ýalaňaç wagşyny uçdantutma pürreläp biljekdim.
Aslynda welin, olaryň ganhor däp-dessurlary barasynda heniz akylly-başly pikirlenip
hem görmändim. Ýerli adamlaryň görlüp-eşidilmedik bu wagşy edähediniň döreden
gorkusy sebäpli, meniň ýüregimde ýigrenç ody lowlaýardy. Ýoluny urduran ol
näkesler Perwerdigäriň hikmetli hökümleri bilen agyp-dönýän şu dünýede öz ýigrenji
we bibaş haý-höweslerinden başga ýol görkeziji tapyp bilmän, ylahy külpete sezewar
bolandyrlar. Onsoň olar, ähtimal, ençeme asyrlaryň dowamynda, öz-başlaryna galyp,
elhenç etmişlere ýüz urandyrlar, biçak gorkunç däp-dessurlar edinendirler.
Allatagalanyň özugruna taşlan şu üzňe tebigatynda, ol ýabanylar adamzada mahsus
bolan sypatlary ýitirip, jähennem mahluklaryna öwrülipdirler. Emma welin, ýaňky
aýdyşym ýaly, men her gün irden depä gatnap, biderek köwüş tozduryp ýörmekden
halys bez bolamsoň, ýabanylary öldürmek baradaky pikirim hem üýtgäp ugrady. Men
nähili işe ýüz urjak bolýandygym barada indi has sowukganly we pähimli oýlanyp
başladym. «Olara jenaýatkär diýen bolup, janlaryny alar ýaly, sen näme, kazykelanmydyň ýa-da jellatmydyň?! Merhemeti soňsuz Allatagala belli bir hikmet
boýunça olara şunça asyrlap hiç hili temmi bermändir. Olaryň bu bolup ýörüşleri diňe
Allanyň olar barada beren hökümlerini birek-birekde amal etmekden ybarat ahyryn.
Heý, olaryň towugyňa yok diýlen ýeri boldumy? Ýeri, onsoň, ýabanylaryň alyp
barýan başly-barat, gandöküşikli söweşlerine, ýowuz däp-dessuryna burnumy
sokmaga meniň näme hakym barka?» Men bu meseläni ýygy-ýygydan serimde aýlap,
öz-özüm bilen gürleşýärdim: «Dek şu ýagdaý üçin Biribaryň nähili höküm
berendigini näbilýäň? Olaryň adam etini iýmegi jenaýat hasap etmeýänlig-ä şübhesiz.
120
Özlerine adaty zat bolup görünýän bu elhenç pişe olara wyždan azabyny bermeýär.
Ýabanylar ony jenaýatdyr hem öýtmeýärler, şeýlelikde, biziň edýän etmişlerimizde
bolşy ýaly, ylahy adalatyň tersine gidýärler. Olar söweşde ýesir düşen bendileri
öldürmegi öküz soýança-da görmeýärler. Edil biziň goýun etini hezil edip iýşimiz
ýaly, olaram adam etini sümürýärler».
Men bu ýagdaý barada pikirlenip, birmeýdan böwrüme diň salyp oturdym-da, özümiň
göz-görtele bimamladygym barada netijä geldim. Ýabanylar meniň ýazgarýan
terzimdäki ganhorlar däldi. Söweşde ýesir düşen bendileri, agyn bolmasa, gylyçdan
geçirýän hristianlaryň ganhorçylygy bilen deňäniňde, olaryň adam öldürşini ýüzüňe
sylaýmalydy. Ýewropada hatda gylyjyny tabşyryp, boýun synan uly-uly goşunlaryda, aman bermän, durşuna paýhynlap taşlaýardylar ahyryn.
Üstesine, ýabanylaryň öz bir-birilerine şonça çygyrsyz, wagşy çemeleşýändigine
garamazdan, adam eti iýilýän ganly meýlisiň maňa ýagşydan-ýamandan galtaşýan
ýerem ýokdy. Olar maňa zorluk-sütem etmändi. Bardy-geldi, olar üstüme hüjüm
edip, zerurlyk ýüze çyksa, onda men, elbetde, özümi goramak üçin olar bilen
harçaňlaşmaly bolardym. Emma men ýabanylaryň el ýeterinden şeýle bir uzakda
ýaşaýaryn welin, olar asyl meniň barlygymdan hem bihabardyrlar. Şonuň üçinem,
men barada olaryň hiç hili ýaman pygyllary bolup biljek däldi. Ýeri, onsoň olary
gapyllykda basyp, käkilik ýaly awlamak ynsaba sygjak zatmy beri? Beýtmeklik
Günorta Amerikada millionlarça ýerli indeýi gyrgyna salan ispanlaryň eden elhenç
etmişleriniň ählisini unamaklygy aňlatjakdy. Butlara çokunýan wagşy indeýler
birentek rehim-şepagatsyz, ýowuz däp-dessurlary berjaý edýärdiler. Ylaýta-da,
adamlary öldürip, öz hudaýlarynyň ýoluna gurban edýärdiler. Emma welin,
ispanlaryň eden gabahat işlerine seredeniňde, olary bigünä hasaplasa-da boljakdy.
Ispanlaryň ýerli indeýleriň ýurdunda ýel öwüsdirişleri barada şol döwürlerde hatda
Ispaniýanyň özünde-de, Ýewropanyň beýleki hristian ýurtlarynda-da çäksiz ýigrenç
hem-de ýazgaryş bilen gürrüň edilýärdi. Olaryň garawsyz ilaty görlüp-eşidilmedik
zalymlyk bilen gyran-jyrana salyp, nähak gan döküşleri ne-hä Allanyň, ne-de
bendesiniň öňünde bagyşlanjak zat däldi. Şol döwürlerde islendik bir ispanyň ady
hemme adamzat halklarynda we hristian ymmatynda gorky hem-de howsala bilen
agzalýardy. Ispaniýa şalygyna bolsa, rehim-şepagat duýgularyndan daşlaşan, tüýs bir
ejizeganym, ýagşylyk barada hiç zat bilmeýän doňýürek adamlary ýetişdirýän ýurt
hökmünde garalýardy.
Bu oý-pikirler meni örän iňkise goýdy, has dogrusy, pälimden gaýtardy. Men durabara gaýtmyşym edip, wagşylaryň üstüne çozmak baradaky pikirimiň telekdigine
düşündim. Özleri sürnüp gelmese, olaryň şagalaň-topalaňy meniň nä azaryma
diýsene?! Meniň işim sapalak atyp, busurylyp gezibermekdi. Eger olaryň özi meniň
üstümden gelip, hüjüme geçäýseler, ana, onsoň gurt oýnuny görkezmelidi.
Başga bir tarapdan, arynyň öýjügini gorjamak meniň özümi halas etdigim däl-de,
gaýtam, öz aýagymdan palta urdugym boljakdy. Sebäbi, diňe bir gezekde ada gelip
düşen ýabanylary däl-de, eýsem, şondan soň kenara geljek islendik ýabanylar
toparyny, birini sypdyrman, kaklap biljegiňe ynamyň bolmaly. Eger olaryň biri gaçyp
sypagada, bolup geçen wakany öz obasynda gürrüň beräýse, müňläp-müňläp
121
adamhor wagşylar öz urugdaşlarynyň aryny almak üçin bu ýere bosuşyp gelmezmi!
Şonda tepbediň okaldy biläý! Beýdip, ýatan ýylanyň guýrugyny basmagyň hajaty
näme?!
Men şu zatlaryň ählisini paýhas eleginden geçirip, ahyrsoňunda, ýerlilere güpbassy
gurmagyň, herniçik-de bolsa, adamçylyga we öz ahlak ýörelgelerime sygmajakdygy
barada belli-külli karara geldim. Men her edip-hesip edip, olaryň gözünden gizlenip
gezmelidim. Olarda «Adada adam ýaşaýan eken-ow» diýen çaklama döremezligi
üçin, hiç hili alamat, yz galdyrmaly däldim.
Şol göwnejaý çözgüdimiň üstüne din-ygtykat hem goşulansoň, birnäçe
nukdaýnazardan, ol bigünä bendeleriň ganyny dökmek baradaky rehimsiz niýetleriň
meniň borjuma girmeýändigine ynandym (öz ýanymdan olary bigünä hasap
edýärdim). Özleri bir-birleriniň kekirdegine münüp, jenaýat edip ýörseler, men
nädeýin. O jenaýatlar şol taýpalaryň öz boýnunady. Men bu meseläni bütin taýpatirelere, halklara hökümini ýöredýän Allatagalanyň eradasyna tabşyrmalydym.
Elbetde, halk bolup edilen etmişlere nähili jeza berjekdigini, köpçülikleýin edilýän
pyssy-pujurlyklara nähili köpçülikleýin derdi-belalary inderjekdigini külli jahanyň
Eýesi öz hikmetli eradasy bilen kesgitleýär. Men bu ýagdaýy indi şeýle bir aç-açan
görýärdim welin, günädigi göze dürtülip duran bir zada — göre-bile jenaýat etmek
hasaplap boljak şol etmişe ýüz urmandygym sebäpli, çäksiz begendim. Dyzyma
çöküp, meni şol zeýilli jenaýatdan alyp galan Allatagala yhlas bilen, tüýs ýüregimden
alkyş okadym. Onuň hemişe medet berip, meni ýalkamagyny, şol wagşylaryň eline
düşürmezligini, öz ömrümi halas etmek üçin äşgär bir ylahy alamat bolmasa, şol işe
el gatmakdan meni daşda saklamagyny dileg etdim.
Men şondan soň bir ýyl töweregi şeýle pikirde gezdim. Şol ülhitlere ýolda-yzda
sataşmakdan gaça durdum. Gözüm düşse, özüme erk edip bilmän, garpyşyga
girerimden çekinip, depä gatnamamy bes etdim we olaryň ada geleni-gideni bilen
asla gyzyklanmadym. Men diňe gaýygymy öňki goýan ýerimden alyp gaýtdym-da,
ony adanyň gündogar ýakasyna getirip, üstüne beýik gaýalyk abanyp duran bir
ykyşak duralgajykda salyp ýygşyrdym. Akym sebäpli, ýabanylaryň bu ýere gaýyk
ýüzdürip gelmäge ýürek etmeýändigini men edil aýnada gören ýaly bilip otyrdym.
Gaýygymy mundan beýläk ýelkensiz ulanjakdygym sebäpli, indi geregi bolmasa-da,
gaýyk üçin ýasalan ýelkendir bogaldagy, şo taýda goýan ähli akyr-ukurlarymy hemde labyra çalym edýän tilsimady ýygnaşdyryp alyp gaýtdym. Tilsimat diýýänimiň
sebäbi — oňa ne labyr diýip boljakdy, ne-de bir leňňer (ondan gowuragyny ýasamak
maňa başartmady). Gepiň tümmegi, adada gaýyk ýa-da adam bardygyny aňladyp
biljek iň bir ownujak yşaratdyr, yzam galdyrmajak bolup, men olaryň barysyny
aýyrdym.
Mundan başga-da, hälki aýdyşym ýaly, howlymdan çykman oňýardym, daşaryk
setanda-seýranda, diňe geçileri sagmak, tokaýdaky çaklaňja sürime idi-yssuwat
etmek ýaly zerur işler üçin çykýardym. Tokaýdaky agylym adanyň beýleki çetinde
bolansoň, ol howp-hatardan uzakdy. Ýabanylar käte ony-muny gözläp aýlansalar
aýlanýandyrlar, emma olaryň adanyň jümmüşine hiç haçan aralaşmaýandygy,
kenardan onçakly daşlaşmaýandygy görnüp durdy. Elhenç gorka düşüp, seresaply
122
ýaşap başlan günümden bäri, olaryň ýene-de telim sapar ada gelip-gidendigi
şübhesizdi. Kämahal öňki arkaýyn ýaşaýşymy göz öňüme getirenimde, gorkudan
ýaňa endamym jümşüldäp gidýärdi. Elim diňe ownuk seçme guýlan ýekeje aw
tüpeňli, ýarym-ýalaňaç, adanyň dürli künjeklerinde «näme tapyp bolaýarka» diýip,
saga-sola aňkarylyp, gorky-ürküden bihabar, keremara gezelenç eden bolup
ýörýärdim. Şonda, «wäh» diýen ýaly, alkymymyň aşagyndan ýabanylar pete-pet
çykan bolsa, näderdim?! Şol ýekeje aýak yzyna derek on bäş-ýigrimi sany ýabany
duş gelip, mekgäme münen bolsa, onda nähili bolardy! O äteňetler biçak ýyndam
bolansoň, iki ädim ädip ýetişmänkäm, meni gabyrdadyp basjaklarynyň ujy iki däldi.
Bu pikirler meniň iýenimi-içenimi awy edip, kellämi çaşyrýardy. Bu bolup
oturyşyma, özümi goramak üçin hiç zat edip bilmejekdigim, nalaçlykdan aňňalak
gapjakdygym, indi şunça pylan-pismidany ölçerip-döküp, taýýarlyk gören-de bolsam,
barybir ýabanylardan döwümiň pes geljekdigi barada oýlanyp, meni elhenç
näumytlyk gaplap alýardy. Kämahallar bu ýagdaý örän uzaga çekýärdi. Emma welin,
ahyrsoňunda, meni şunça görünmez derdi-belalardan aman saklan, özbaşyma hiç
haçan sypyp bilmejek çoçgarlarymdan halas eden Allatagala şükür etmeli diýen netijä
geldim. Dogrusy, men şol bela-beterleriň bardygyndan, hatda bolup biljekdiginden
hem bihabardym. Şükür etmeklik mundan ozal başymdan inen howp-hatarlarda
Biribaryň goragyny ilkinji ýola görüp başlan gezegimdäki bir hakykaty ýadyma
düşürdi. Hakykatdan-da, her tüýsli göze görünmez betbagtçylyklar, gör, nähili
gudratlar arkaly bizden sowlup geçýär! Çykgynsyz ýagdaýa düşüp, «Şu ýoldan
gitsemmikäm ýa-da bu ýoldan?» diýip, ýaýdanyp, ikigöwünli bolup durkak, gizlin bir
ses bizi öz saýlan ugrumyza däl-de, beýleki ugra gönükdirýär. Heý, şoňa üns
beripmidiňiz? Akyl-paýhasymyz, tebigy meýlimiz, belkem, öz tutan maksadymyz
belli bir ýoly salgy berip duran-da bolsa, haýsy gözbaşdan nädip gelenini, nähili
güýjüniň bardygyny bilip bolmaýan bir geň-enaýy duýgy «Beýleki ýoldan git» diýip,
böwrüňe dürtekleýändir. Soňundan, öz akylymyza eýerip, göz öňüne getiren
ýolumyzdan giden bolsadyk, onda tüýs bir heläkçiligiň üstünden barjak ekendigimize
düşünip galýarys. Şu hili ençeme oýlardan soň, men özümçe bir ýörelge kesgitledim.
Bir işe baş goşup-goşmazlyk, bir ýoldan gidip-gitmezlik barada ýüregim gizlin bir
duýgyny syzsa, aňymda bir üşük dörese, onda ýüregimdäki şol duýgy bilen
aňymdaky üşükden başga tutaryk gözläp oturman, şol pynhan buýruga doly eýerip
başladym. Şol ýörelgäniň getiren şowlulyklaryna men öz durmuşymdan, ylaýta-da, şu
çola adada geçiren soňky ýyllarymdan näçe diýseň mysal getirip bilerin. Men ozallar,
häzirkim ýaly seljeren bolsam, ünsümi çekip biljek başga-da kän-kän ýagdaýlary
başdan geçirendirin. Ýöne «Hiçden giç ýagşy» diýipdirler. Men öz durmuşlary edil
meniňki ýaly adatdandaşary ýa-da biraz sadarak wakalar bilen geçen akylly-başly
adamlara, islendik göze görünmeýän paýhas çeşmesinden gelse gelibersin, Allanyň
şunuň ýaly pynhan buýruklaryna gulak asmaklaryny maslahat berýärin. Men ol
paýhas çeşmelerini çintgäp oturmakçy däl. Megerem, dogry düşündirip bilmerin.
Emma, munuň ruhlar arasyndaky özara üm alyşmagyň, bedenli we bedensiz
närseleriň gizlin habarlaşmasynyň subutnamasy bolup durýandygy, şol subutnamany
bolsa hiç haçan puja çykyp bolmaýandygy gürrüňsiz hakykatdyr. Şu esasda, çolaja
123
adadaky soňky ýyllarda başymdan geçen we ýatlamaga mynasyp ahwalatlary ýeri
gelende aýdyp bererin.
Soňky döwürde üstümi basmarlan ünji-aladalaryň, meni birsyhly ynjalykdan
gaçyrýan howp-hatarlaryň, öz gün-güzeranymy gowulandyryp, dokuzymy düzüw
etmek üçin meşgullanýan oýlap tapyşlarymyň, taslamalarymyň soňuna sogan
ekendigini aýtsam, okyjy geňirgenip durmazmyka diýýän. Men şindi howpdan
ýaýdanjyrap, iýip-içginiň, nahar-şoruň aladasyny edip bilmeýärdim. Tarkyldysyny
ýabanylar eşider öýdüp, ne-hä çüý kakyp, ne-de bir agaçdyr odun çapyp bilýärdim.
Hut şol ünji sebäpli, tüpeňem atyp bolmaýardy. Iň keçje ýeri bolsa, tüssäniň
gündizine örän uzak aralykdan görnüp, meniň syrymy äşgär etmeginden çekinip, ot
ýakyp bilmän, bijaý kösenýärdim. Şol zerarly, gap-çanak, şybyk ýaly otda taplamaly
zatlary tokaýyň içindäki täze tapan ýerime alyp gitdim. Günlerde bir gün şo taýdan,
ýeriň aşagyna, edil däliz ýaly, çuň girip gidýän bir tebigy gowak tapan wagtym, örän
begendim. Ol gowagyň agzyna gelen ýabany adam hernäçe gözsüzbatyr bolsa-da,
gowagyň içine girmäge bogny ysjak däldi. Hakykatdan hem, bu garaňky sürene
meniň ýaly ygtybarly gaçybatalga gözläp ýören biri bolaýmasa, girip biljek adam
ýokdy.
Men agaçkömür ýasamak üçin äpet gaýanyň düýbünde gögeren agaçlaryň ýogyn
şahalaryny paltalap durkam, tötänleýin şu köwegiň üstünden barypdym (tötänleýin
diýýän welin, men indi, şu hili wakalaryň Alla tarapyn bolýandygyny bilýärdim).
Ýöne ilki bilen kömrüň nämä derkar bolandygyny aýdyp bereýin. Ýaňky aýdyşym
ýaly, men öýümiň golaý-goltumynda ot ýakmaga gorkýardym; emma welin, çörek
bişirmän, ýagly-ýüzli biş-düş etmän oňalga etmek mümkin däldi. Şeýle bolansoň,
men odun ýakyp, agaçkömür ýasamagy ýüregime düwdüm. Angliýada ýogyn pürsleri
bir çukura sokup, üstünem howa geçmez ýaly bajakly gum bilen ykjam basyryp, olar
tä kömre öwrülýänçe, aşagynda pessaý ot ýakýandyklaryny ozal görüpdim. Men
kömür doly taýýar bolansoň, ody söndürýärdim-de, kömürler mazaly sowaşansoň,
halta gapgaryp, öýe alyp gaýdardym. Agaçkömrüň tüssesi bolmaýardy, şonuň
üçinem, nahar-şor diýermiň, toýun gap-gaç bişirmek diýermiň — indi arkaýyn ot
ýakybermelidi.
Indi gowakly waka dolanyp geleliň. Ine, bir gün kömür ýasaýan ýerimde agaç çapyp
ýörkäm, çyrmaşyp ösen gyrymsy agaçlaryň aňyrsynda bir köwegiň hoňkaryp, garalyp
durandygyny gördüm. Mende köwegiň içine girip görmäge güýçli bilesigelijilik
döredi. Onsoň men gyrymsy şahalary eýläk-beýläk sowuşdyryp, zordan köwegiň
agzyna baryp ýetdim. Onuň beýikligi iki adam boýy dagy bardy, arkaýyn dik durup
boljakdy. Ýöne şonda bir ahwalat bolup geçdi. Gowagyň agzyndan düşýän öçügsi
ýagtylyk diwaryň ýüzünde ýaldyr-ýuldur edýärdi. Men sermenekläp biraz öňe bakan
ýöredim-de, gowagyň tüm-garaňky bolup duran düýpki künjegine seretdim. Bir
görsem, ynsmy-jynsmy, nämedigini Hudaý bilsin, bir üýtgeşik jandaryň ot kimin
lowurdaýan iki sany ullakan gözi misli ýyldyz ýaly gyrp-gyrp edýär. Muňa gözüm
düşüp, zähräm ýarylan ýaly bolup, asyl, gowaga girenim bilen yzyma atylyp
çykanym des-deň boldy.
124
Emma men ýene az salymdan özümi dürsedim we «Haý, akmak diýsänim, ýigrimi bir
ýyl bäri şu çola adada ýeke özüň ýaşabam, gel-gel, indi arwah-jyndan gorkýarmyň?
Gowakdaky zat näme-de bolsa, seň özüňden gorkunç däldir» diýip, öz-özüme
käýindim. Şondan soň birneme haýbatlanyp, elime ýanyp duran otly kesindini
alagada, gaýtadan gowaga girdim. Kesindini ýokaryk göterip, üç ädim ädenim hem
şoldy welin, birdenkä biriniň erbet agyry sebäpli iňleýän adamyňka çalymdaş, haşlap
batly dem alanyny eşidip, depe saçym düýrükdi. Soňra hamana biri samraýan ýaly,
üzlem-saplam ses geldi-de, bir näbelli jandar wähhildäp uludan dem aldy. Men
birerbet tisginip, yza çekildim. Endamymy şagga sowuk der basdy. Kellämde
şyrdagymyň ýokdugam bir gowy zat, ýogsam, kirpi ýaly syh-syh bolan saçlarym ony
hökman ýere gaçyrardy. Men başardygymdan özüme basalyk berdim we Allanyň her
bir pursatda, her bir ýerde bar bolup, her bir zada höküm edýändigini ýadyma
saldym. Onuň meni gorajakdygy barada oýlandym. Onsoň az-kem batyrlanyp,
usullyk bilen öňe bakan ätledim. Men kellämden ýokarraga göterip duran otly
kesindimiň salýan ýagtysyna bir lagar düşen äpet serkäniň aýagyny kakyp, urnup
ýatandygyny saýgardym. Ýaşy bir çene baran ol janawaryň peýmanasy dolup, ölüm
pillesi ýakynlaşan eken. Men ony daşaryk süýrejek bolup, ýerinden gozgadym. Garry
serke ýerinden turjak boldy, emma başarmady. Soňra men «Goý, şu ýerde ýatybersinle» diýip oýlandym, ol heniz jany barka, edil meni gorkuzyşy ýaly, bu gowaga
girmäge synanyşan ýabanylaryň hem ýüregini ýarmagy mümkindi.
Men gorkymdan az-kem aýňalyp, degre-daşymy synlamaga durdum. Gowak örän
darajyk eken. Onuň ululygy takmynan on iki fut töweregidi. Gowak tegelek diýsem,
tegelek däldi, inedördül diýsem inedördül däldi. Ol adam eli degmän, tebigy
hadysalar arkaly köwlen bolmaly. Ondan başga-da, men gowagyň düýp tarapynda
aňyrlygyna gidýän bir sümelge bardygyny gördüm. Sümelge şeýle bir pessejikdi
welin, içine girmek üçin dört aýakda emedeklemeli boldum. Onuň nireden baryp
çykjagy hem belli däldi. Ýanymda şem bolmansoň, men sümelgä girmegi şol
günlükçe goýbolsun etdim we ertir çakmagymy, içi gorly tabany, ýany bilenem üçdört sany şemi alyp, bu ýere gaýtadan gelmegi ýüregime düwdüm.
Aýdyşym ýaly, ertesi öz ýasan alty sany şemimi alyp, gowaga geldim (men indi
geçileriň içýagyndan örän ajaýyp şem ýasap bilýärdim, ýöne peltä derek, şemlere
käýarym köne letdejik ýa-da garaýag siňen sapajyk, käýarym bolsa, çitçitä meňzeş bir
ösümligiň guran gabygyny işip goýýardym). Men gowagyň düýbündäki insizje
sümelgä girenimden soň, ýokarda aýdyşym ýaly, emedekläp on ädim çemesi gitmeli
boldum. Bu ötelgäniň uzynlygyny, onuň nirä alyp barýandygyny bilmän, munça
aralygy geçmek, dogrusy, meniň üçin örän soňuny-saýmaz töwekgelçilikdi. Men
ýoluň iň dar ýerine baryp ýeten wagtym, birdenkä, beýikligi ýigrimi futa barabar
ullakan bir giňişlige gözüm düşdi. Lap edip aýtdygym däl, ýöne men adada ýaşan
döwrümde henize-bu güne çenli munuň dek ajaýyp görnüşe gabat gelmändim.
Gowagyň depesi, ylla diýersiň, gümmez ýaly tegelenip, diwarlary tekiz ýaýylyp
gidýärdi. Men üst-başymyň gumuny kakyşdyryp, dikeldim-de, haýran galmakdan
ýaňa öwwelip duruberdim. Elimdäki iki sany şemiň şuglasy diwaryň ýüzüne düşüp,
set müň dürli öwşün atyp oýnaklaýardy. Men «Eý-ho, bu al-elwan lowurdylar
125
nämekän — lagly-jowahyrmyka ýa-da bahasyna ýetip bolmajak başga daşlarmyka?
Belkem, ol altyn-kümüşdir!» diýip içimi gepledýärdim.
Gowagyň içi alagaraňky bolsa-da, ol örän ajaýypdy. Düýbi tekizjek, gurudy, bir
tüýsli ownujak jyglym daşlar düşelendi. Ýakymsyz ysly ýa-da zäherli jandarlar göze
ilmeýärdi. Diwarlarda we gümmezde yzgar çekip, çygjaryp ýatan ýer ýokdy. Bir
ýaman ýeri, — onuň girelgesi darajykdy, ýöne oňa derek bu gowak howpsuzdy, tüýs
meniň gözläp ýören gaçybatalgamdy. Şeýlelikde, gökdäki dilegim ýerde gowuşdy.
Men täze açyşyma begenjimden ýaňa, aýagym ýere degmeýärdi. Onsoň mähetdel
etmän, esasy goş-golamlary şu gowaga çekmegi ýüregime düwdüm. Ylaýta-da, därili
çelegimi, ätiýaçdan saklap ýören ýaraglarymy, ýagny, üç sany aw tüpeňimiň ikisini,
jemi sekiz sany muşketimiň üçüsini alyp gaýtdym. Şonlukda, galajygymda diňe
daşarky diwaryň gözaralaryna düzülip goýlan bäş sany muşketim galdy. Eýläkbeýläk gezelenje çykan wagtyň olaryň islendigini egniňe atyp gidibermelidi.
Men täze mesgenime ok-därilerimi daşap ýörkäm, birwagt deňizden tapan çelegimiň
üstünden bardym. Içindäki däri öl bolansoň, ony ellemän goýupdym. Onuň gapagyny
açyp gördüm. Suw çelegiň çar künjeginden biraz aralaşypdyr-da, şojagaz burçdaky
çyg çeken däri saň gaty bolup doňupdyr. Ortadaky däriler bolsa, edil şänigiň içindäki
maňyz ýalyjak gup-gurulygyna duran eken. Şeýlelikde, men çelegiň içinden altmyş
funta golaý gowy däri çykardym. Bu meniň üçin bijaý ýakymly waka boldy. Onsoň
men «nä döwür, nä zamana» diýip, galajygymdaky birnäçe funt däriden galanyny
syryp-süpläp gowaga daşadym. Ok ýasaýan gurşunlarymy hem alyp gaýtdym.
Men indi özümi ertekilerdäki adam aýagy sekmejek gowaklarda, gaýalaryň
köweginde ýaşaýan gadymy döwler ýaly göz öňüne getirýärdim; şu gowakdan
çykman otursam, onda bäş ýüz sany ýabany ýer ýykyp gözlände-de, meni tapyp
biljek gümanasy ýokdy. Bardy-geldi, meni tapaýanlarynda-da, bu ýere hüjüm etmäge
olaryň bogny ysmasa gerek.
Aýak kakyp ýatan garry serke içerki gowagy tapan günümiň ertirligi gowagyň
agzynda amanadyny tabşyrdy. Ony süýräp allowarra äkidenimden, şol ýatan ýerinde
gömenim maňa has aňsat göründi. Onsoň maslyk yslanaýmanka, çuň çukur gazyp,
serkäni ýere duwladym.
XIII BAP
Meniň adada ýaşap ýörenime eýýäm ýigrimi üç ýyl dolup barýardy. Men bu ýere, bu
ýerdäki ýaşaýşa şeýle bir öwrenişipdirin welin, eger ýabanylar ara düşüp, ynjalygymy
gaçyrmadyk bolsady, onda ömrümiň galan günlerini şu adada geçirmäge, hatda
gowakdaky garry serke ýaly ýere süýnüp, soňky demim sogrulyp çykýança şu ýerde
ýaşamaga ikelläp razydym. Men wagtymy öňkülerden has şadyýan geçirmek üçin,
her dürlüje oýunlar, güýmenjeler oýlap tapýardym. Eýýäm bilşiňiz ýaly, men
ilkibaşda öz Totujama geplemegi öwredipdim; ol şeýle bir enaýyja hekgildäp,
owadanja, düşnüklije jedirdeýärdi welin, men gülüp heziller edýärdim. Ol meniň
ýanymda ýigrimi alty ýyl ýaşady. Onuň soňra näçe ýyl ýaşanyny bilmedim, ýöne
Braziliýada totyguşlaryň ýüz ýyl ýaşaýandygy barada gürrüň eşidipdim. Meniň
126
köpegim bolsa, on alty ýyllap örän mähirli hem-de wepaly ýoldaş boldy we
ahyrsoňunda diş-dyrnakdan aýrylyp, garrap, öz ajalyna öldi. Pişiklerim barada
aýtsam, olar ýyrtyk haltadan dökülen dek şeýle bir köpelipdiler welin, barja azykowkadymy ogurlap, dökän-saçan edip, halys ulukjyn açýardylar. Onsoň, olaryň
birentegini tüpeňläp, ýoguna ýanmaly bolupdym. Gämiden getiren pişiklerimiň ikiside ölensoň, galan pişikleri elime ilen zat bilen ýelmäp, kowalap, aç saklap ýöremsoň,
ahyrsoňy olar hezil bermejegime düşünip, howludan gaçyp, tokaýy mesgen
tutundylar. Emma men olaryň arasyndan iküç sany gowy görýänje pişijigimi özüme
öwrenişdirip, alyp galypdym. Ojagazlar meniň maşgalama goşulyşyp gitdiler. Ondan
başga, men ýanymda elmydama iküç sany owlajyk hem saklaýardym, olary öz elim
bilen iýmläp, öwrenişdirýärdim. Onsoň, meniň ýene-de iki sany totyguşym hem
bardy, olaryň ikisem gowy gepläp, «Robinzon Kruzo» diýip bilýärdi, ýöne Totujanyň
gepleýşi bir başgady. Täze totyguşlarym bilen edil Totujama gyzyklanyşym ýaly
gyzyklanmadym. Adada ýaşan döwrümde haýsy görnüşe degişlidigi näbelli birnäçe
deňiz guşuny tutup, eldekileşdirdim. Uçup ötägitmezleri ýaly, birbada olaryň
ganatlaryny gyrkdym. Howlymyň daş ýüzüne oturdan şahajyklarym gol ýaýradyp,
goýry kölegeli gür tokaýjyga öwrülipdi. Öýdeçi bolan guşlarym şol agaçlaryň
pessejik şahalarynda uçup-gonup, höwürtgeläp, ýaşap ýördüler. Bu ýakymly görnüş
meniň göwnümi göterýärdi. Şeýlelikde, ýabanylaryň eline düşmek gorkusyny hasap
etmeseň, onda men öz halymdan hoşal bolup, messan gezip, gurgun ýaşap ýördüm.
Emma meniň täleýim başgaça ýazylan ekeni; başymdan geçen şu hekaýat bilen
tanşan her bir okyjy şeýle netijä gelse nädogry bolmaz. Biz ömürboýy elhenç
gorkudan gaça dursak-da, başymyzdan inýän käbir agyr külpetler köplenç halatda
biziň halas bolmagymyza ýol açýar we şolaryň üsti bilen kynçylyklardan baş alyp
çykýarys. Men bu hakykata öz ömrümden gaty köp mysal getirip bilerin. Ylaýta-da,
adadaky sopbaş durmuşymyň soňky ýyllarynda başdan geçiren wakalarym örän täsin
boldy.
Şeýlelikde, adadaky ýigrimi üçünji ýylymyň dekabr aýy hem gelip ýetdi. Günorta
ýarymşarda Günüň gyşky säginişi başlapdy (howa tüp-yssy bolansoň, gyş düşdi
diýmegem geňräkdi). Diýmek, biliňi berk guşap, orak möwsümine başlamalydy.
Ençeme günläp ekinli atyzlara gatnap, zähmet çekmelidi. Men şol günleriň birinde
daň bilen öýden çykyp, atyza bakan ugradym. Birdenkä, menden iki mil töweregi
uzakda, adanyň kenarynda, onda-da ýabanylaryň ot ýakýan ýerinde däl-de, eýsem,
meniň ýaşaýan tarapymda, ullakan oduň ýanyp gübürdäp durandygyna gözüm düşdi.
Men edil serpmeden gaýdan ýaly boldum. Onki süňňüm birden gowşap, yza gaçyp,
özümi howlynyň daş ýüzündäki tokaýjyga urdum-da, göze ilmejek bolup, ýere
ýapyrylyp ýatdym. Ýöne men tokaýjygyň içinde-de özümi arkaýyn duýmadym.
«Ýabanylar adada sümsünişip, birdenkä, arpaly meýdanyň üstünden baraýsa, orlan
ýerleri, eden işlerimi, abzal-gurallarymy göräýse, olar derrew bu ýerde adam
ýaşaýandygyna düşünerler, onsoň meni tapman goýmazlar» diýip, sandyr-sandyr
edýärdim. Men şol alas-gopaslyk bilen, bukdaklap, öz galajygyma tarap eňdim.
Diwardan aşamsoň, göze dürtülip durmasyn diýip, merdiwany ýokaryk galdyrdym.
Soňra howludaky zatlary hasyr-husur ykjamlap, goranyşa taýýarlanmaga başladym.
127
Men daşarky diwaryň atyşhanasyna ýerleşdirilgi toplarymyň hemmesine ok
salyşdyrdym (gözaralarda duran muşketlerimi şeýle atlandyrýardym). Sapançalarymy
häzirledim we ýetişibildigimden Allany çagyryp, Ondan medet diläp, ýabanylar bilen
iň soňky demime çenli söweşmegi ýüregime düwdüm. Men şeýdip, iki sagat çemesi
sary-sadylla bolup garaşdym, ýöne «bar, gör» diýmäge aňtawçylarym ýokdy. Şonuň
üçinem, daşarda nämeler bolup geçýändigini aňşyryp bilmän, ikibaka
zowzanaklaýardym.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Robinzon Kruzo - Turkmen - 15
  • Parts
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 01
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2162
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 02
    Total number of words is 3787
    Total number of unique words is 2147
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 03
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2209
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 04
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2093
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 05
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 2138
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 06
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2143
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 07
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2126
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 08
    Total number of words is 3876
    Total number of unique words is 2119
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 09
    Total number of words is 3884
    Total number of unique words is 2182
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 10
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2145
    27.8 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 11
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2126
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.7 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 12
    Total number of words is 3828
    Total number of unique words is 2246
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 13
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2229
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 14
    Total number of words is 3726
    Total number of unique words is 2236
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 15
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2129
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 16
    Total number of words is 3837
    Total number of unique words is 2101
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 17
    Total number of words is 3913
    Total number of unique words is 2014
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 18
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 1970
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 19
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2126
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 20
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 1919
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 21
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2034
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 22
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2122
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 23
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2202
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 24
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2193
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 25
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2140
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 26
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2221
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 27
    Total number of words is 3870
    Total number of unique words is 2037
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 28
    Total number of words is 3873
    Total number of unique words is 2095
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 29
    Total number of words is 3887
    Total number of unique words is 2144
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 30
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2149
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 31
    Total number of words is 3882
    Total number of unique words is 2207
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 32
    Total number of words is 3912
    Total number of unique words is 2159
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 33
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2187
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 34
    Total number of words is 3789
    Total number of unique words is 2253
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 35
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2240
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 36
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2228
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 37
    Total number of words is 3829
    Total number of unique words is 2137
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 38
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2128
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 39
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 1957
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 40
    Total number of words is 3888
    Total number of unique words is 1929
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 41
    Total number of words is 3779
    Total number of unique words is 2109
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 42
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2011
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 43
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1975
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 44
    Total number of words is 3754
    Total number of unique words is 2033
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 45
    Total number of words is 3892
    Total number of unique words is 2069
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Robinzon Kruzo - Turkmen - 46
    Total number of words is 40
    Total number of unique words is 40
    57.5 of words are in the 2000 most common words
    72.5 of words are in the 5000 most common words
    75.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.